Latin

Keseki - 07

Total number of words is 3734
Total number of unique words is 2211
29.7 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Blokwiliň ýany eýýäm tomaşahana öwrülipdi.Şu mahalky alada başdan agdyk
pursatda-da,geçip barýan gyssagly atly bolsun,pyýada bolsun,pereňlini synlaman
ötmedi.Niredendir bir ýerden peýda bolan eli taýakly küýki ýaşuly hem Blokwiliň
ýanynda ýörite saklanyp,ony çaga bilesigelijiligi bilen nazaryndan geçirdi.”Bä-äý,onda
şü adam şol ýetmiş iki dil bilýän pereňli bolmaly-da! Sypaty-ha başga adamlardan
ullakan parhlanybam baranok welin,Taňry nazar salsa, bolubermeli-dä!”
Küýki ýaşuly birdenem ýesirden ünsüni bölmeli boldy.Onuň nazary kaklyşan
ýagdaý ýetmiş iki dil bilýän adamdanam täsin bolup göründi.Boýy çakdanaşa
kelte,togalajyk türkmen özünden üç esse dagy daýaw serbazy öňüne salyp gelýärdi.
Häzir gülkä-şatlyga orun ýokdugyna garamazdan,daýaw ýesir bilen ony öňune
salyp gelýän kiçijik türkmene gözi düşen Blokwil hem özünden erksiz ýylgyrmaga
mejbur boldy.Ýesiriň epeý-epeý ädim urup,gaýşarylyp gelşini görende pereňli ony
sypaýylardan ýa-da begzadalardan bolsa gerek diýip çaklady.Eli arkasyna daňylgy
diýäýmeseň,ol gajar ýesire-de asla meňzemeýärdi,seýle çykan,yzy janpenaly öňbaşça
çalym edýärdi.Çişip duran alkymy,gymmatbaha mawutdan tikilen geýimi,näme
üçindir,batga-da çümmedik kaşaň gara ädigi onuň barjamly maşgaladandygyny habar
berýärdi.
Selçeň sakgalyny ýere degrip diýen ýaly gülen küýki goja ýaňsylaman durup
bilmedi:
--Han ogul,sen o serbazy ýeke özüň ele saldyňmy ýa-da ähli kowumgaryndaşlaryň bilen üýşüp tutduňmy? Öz müçäň-ä beýle daýaw gajary tutardan ejiz
ýaly!
Gojanyň ýaňsylamasyna gahary gelen türkmen temegini ýokaryk tutdy:
--Gep adamyň müçesinde däldir,agam.Seň Gowşut hanyňam daýaw däl
ahyryn.Gep edermenlikdedir.Men mundan daşgary ýene dört sany gajaryň kellesinem
togaladym.
Küýki goja ýaňsylama gülküsini ýene gaýtalady.
--Aý,o diýeniňe men ýaly küýki bendesi ynanaýmasa,Hudaýyň özi-hä ynanmasa
gerek,inim.
Ýesiri öňüne salyp gelýän türkmen öz aýdanynyň dogrudygyny Hudaýa-da,küýki
goja-da ynandyrmak üçin,bendi gajaryň syrtyna çalarak depip göýberdi.
--Gatyrak ýöre,haram gajar!
62
Ýesir birden yzyna aýlandy-da,ala gözlerini petredip türkmene gazap bilen
garady.
Türkmeniň inçe sesi ýasama haýbata ýugrulyp çykdy.
--Menden taýak iýmejek bolsaň,aýdylanny et,gajar.Ýogsam..
Özüçe köp ýok adamyň kemsidiji haýbatyny eşitmek ýesiriň degnasyna degdi.Ol
gyp-gyzyl bolup bir silkinende, gollaryna baglanan örme ýüp telim bölek bolup ýere
gaçdy.
Gajaryň terziniň bozulmagyndan eýmenen türkmen sandyrady,gaçmaga-da
meýillendi.Emma bolýan waka üns bilen seredip duran küýki gojanyň ýiti nazary
onda,boýy kiçi adamlarda köplenç bolaýgyç boş gedemlik oýardy.
--Näme sen ajalyňa howlykýaňmy?—diýip,türkmen ýasama haýbat atdyda,ýesiriň syrtyna çalarak depip goýberdi.
Ýesir gajar «Arym köýenden imanym köýsün» diýlenini etdi.Ol sag elini bat
bilen aýlanda,türkmen ýer bagyrtlady.Gajar şondan başga hereketem etmän, ýesir
serbazlaryň üýşüp oturan ýerine tarap öz peýwagtyna ýöräp gitdi.
--Hä,almytyňy aldyňmy?—diýip,küýki goja
gep ataýmaly pursady
sypdyrmady.—Beýle daýaw gajary özüň ele salmanyňy gorenimdenem bildim-ä men.
Ýerinden turan türkmene yzyna gaňyrylyp, gazap bilen garasa-da,gajaryň sesi
parahat çykdy:
--Meni sen ýesir alaňok,akmak.Meni sen ýalyň üçüsem alyp bilmez.Meni ýesir
alan siziň bala-çagalaňňyzyň gözýaşy boldy.
--Ine,bu başga gep!—diýen küýki goja ynjaldy.
*
“ Ýnymdaky parslar bolmadyk bolsalar,men
özümiň
boşadylmagymy gazanyp biljekdim.Ýöne tekelere gowy
görünmek üçin olar meni satdylar.”
BOKWIL
“Ýeňşiňem öz hupbaty bardyr” diýip,uruş gutarmanka aýdylan bolsa,türkmenler
ynanmazdylar.Emma arzuw edilen uly ýeňiş hakykata öwrülensoň,olar başga bir
derdeseriň astynda galdylar.
Entek doly hasaplanmasa-da,gaçyp-tezip bendilikden başyny gutaranlardan gaýry
ýesir düşen serbazlaryň sany on sekiz müňe golaý bardyr öýdüp çakladylar.Özi ýesir
düşeni bilenem duşmanyň kalby ýesirlige öwrülmeýärdi.Elleri ýaragsyzdygyna
garamazdan,olardan ägä bolmalydy.Elbetde,bendilere ýorgan-düşek, per ýassyk
berilmeýärdi. Olaryň düşegi Merwiň topragy,ýapynjasy belent asmandy,iýýänlerem
öjmez-ödülik owkatdy.Onça adamynyň garnyny doýurmaga gury nan hem ýetmeýärdi.
Özleriniňem azyk-owkady ozalam arta-süýşe bolmadyk,Hemze Murzäniň goşun tartyp
gelmegi bilen ýylgallany-da doly ýygnap bilmedik tekeleriň alapalyk dänesi-de ýok
diýen ýalydy.Şonuň üçinem on sekiz müň agyzdan tizräk dynylaýsa kem däldi.
Teke aksakallarynyň köpüsi ýesirleri Hywadan,Buharadan gelmeli täjirlere
satmak barada oýlanardylar.Gul söwdasyndan habardar kişileriň çakyna görä,onça ýesiri
satyp, sanyny azaltmaga azyndan bir aý çemesi wagt gerek boljakdy.Hywaly,buharaly
nepkeşleriň bolsa Mara haçan döküljekdikleri entek belli hem däldi.
63
Bendileriň ýagdaýyna serenjam bermek,olary häzirlikçe obalara paýlaşdyrmak
işine esasy kethudalyk edýän Täçgök serdar bilen Amansähet serdardy.Ilhanlar,tire
ýaşululary bir hepde-on günläp näçe ýesir saklap biljekdikleri barada olara
duýduryp,bölünip berlen bendileri sürüp äkidýärdiler.
Gowşut hanyň hut öz görkezmesi bilen nirä,näçe ýesir ugradylandygynyň berk
hasaby alynýardy.Bihasap zat ýokdy.Ýeňiş gazanyldy diýibem,öňüňe-yzyňa garaman
hereket edibermeli däldi.Horasan welaýatynyň hökmürowany Hemze Mürze Hişmet
Döwläniň tugunyň synany bilen arkasy güýçli tug gutardygy bolmaýardy.Eýranda
Horasandan başga-da welaýat kändi.Eýranda Hemze Mürzeden başga Nasretdin şa-da
bardy.Onuňam türkmenlere bolan garaýşy bellidi.Garrygalanyň Monjukdepesinde galan
ahmyryny Maryda çykarmak islegi başa barmadyk Nasretdin türkmenleri indi-hä aslada ýadyndan çykaryp bilmeli däldi.
Özüni iki tarap üçinem dostam,duşmanam hasaplamaýan Blokwili türkmenlerem
duşman okunmaýan ýalydylar.Onuň bu günu-saba bendilikden boşadylaýmagynyňam
ahmaldygy barada gajarlaryň arasynda myş-myş bardy.Käbirleri bolsa ol gürrüňiň ilki
kimiň agzyndan çykandygyna çenli aýdýardy.Hakykatda bolsa ol gepler çaklamady.
Blokwil oňa düşünýärdi.Şonuň üçinem ol özüniň bendilikden boşadylmagyny sorap,
Gowşut nana ýüz tutmagy ýüregine düwdi.Emma onuň haýyşy Gowşyt han-a beýlede
dursun,ýesirleri üleşdiriji kethudalara-da iki günden soň baryp ýetdi.Ondanam hiç hili
netije çykmady.
* *
“…Merwde ýesirleriň sany hem olja alnan ýaraglaryň
mukdary
şeýle köp bolany sebäpli, bir guluň bahasy 500
manatdan 5 manada düşdi.”
M. Alyhanow-Awarskiý.
/ “Merw oazisi hem oňa eltýän ýollar”)
18000 eýranlynyn ýesir alnan ýeňşinden soň, bir guly 3 ýa-da
4 tylla satyn almak bolýardy.
A..Wamberi.
/ “Orta Asyýa syýahat”./
Žorž Blokwil özüni saýry saýýany sebäpli bolsa gerek,Tährana nesibesi çekeli
bäri hiç kim bilen ýiti jedele-de girmändi,hiç kimiň göwnüne-de degmändi.Şeýle pursat
döräýse-de, ol yza çekilmegi kiçilik bilmeýärdi.Şonuň üçinem ol özüni eýranlylaryň
türkmenlere satmaklarynyň manysyna oýlana-oýlana düşünip bilmedi.Iň esasy geňlik
hem onuň ýesirlikde galdyrylmagy bilen gajarlaryň utýan zady ýokdy.
Blokwil türkmenleri duşman hasaplamaýşy ýaly,özüni olaryň bendisi hem
saýmaýardy.Asyl ol bendidigine-de ynanmaýardy.Gaýtam, ol tekeleriň baş hanynyň
huzuryna düşjekdigine,onuňam özüni azat etjekdigine örän bil baglaýardy.Şoňa gorä-de
Blokwil häzirki başa düşen kynçylygy gaty gysga wagtlyk hasaplap,oňa döz gelmeli
etdi.
64
Emma pereňliniň ýagdaýy barha agyrlaşdy.Ýesirleriň elini baglamaga hatda
ýüpem ýetmeýän halatynda, Blokwiliň goluny daňmaga zynjyram tapyldy. Üstesine-de,
Blokwil özüne iki guluň bahasyny,ýagny 464 pereň frankyny kesendiklerini bildi.
Blokwilde onça mukdardaky pul ýokdy.Onuň barlyrakdyr öýdüp çak eden
tanuşlaryndan karz almak islegi-de başa barmady.Türkmenlere ýesir düşen Abdyl Aly
handan onuň tamasy uludy.Ýöne,adaty serbazlardan üzňe saklanýan hem olardan
gowurak idi-yssuwat edilýän generalyň Blokwiliň bir gezek garnyny doýranyny hasap
etmeseň,esasy meselede delalaty degmedi.Emma pereňli bendi generaldan Hemze
Mürze bilen Gara sertibiň türkmenleriň eline düşmän,Maşada tarap gaçyp gidendiklerini
anyklady.
Abdyl Aly han bilen üçraşan gününiň ertesi Blokwiliň hem gul hökmünde
satylmaly ýa-da kimdir birine saklanmaga berilmeli günüdi.Şol gije ol öz ykbaly barada
öýlana-oýlana oňly ukusyny-da alyp bilmedi.Ol satylmak üçin Hywa,Buhara iberiljek
bendileriň hataryna goşmazlygyny Hudaýdan dileg etdi.
Blokwil üçin iň howplusy hem Mary bazaryndan gul satyn almak üçin eýýäm
gelip başlan täjirleriň eline düşmekdi Türkmenlerden arzan alnyp, Hywa ýa-da Buhara
aşyrylan pereňliniň yza gaýtmak meselesi Marydakysyndanam has kynlaşjakdy.Ýöne
erbetligiňem gowy tarapynyň bolşy ýaly,ýesir gajarlaryň Blokwili tütjar baý diýip gepgürrüň ýaýratmaklarynyň onuň üçin bähbitli netije beräýmegi-de mümkindi.Çünki
pereňliden lomaýrak pul ýonmak isleýän tekeleriň ony Hywa,Buhara arzan bahasyna
satman, özlerinde saklaýmaklary ýakyndy.Şeýlelikde Blokwil Hywa,Buhara atarylman
sypsa,bendileriň aladasyndan eli boşan Gowşut han bilenem, belki, duşuşyp bilerdi.
Tekeleriň baş hany huzurynda kabul etmäýende-de, Blokwil oňa hat üsti bilen
ýüz tutmagy kalbynda besleýärdi.Haçan ýazyljagy belli däl,ýazyljagy-ýazylmajagy-da
näbelli hatyň mazmunyny ol eýýäm kellesinde aýlaýardy. “Merhemetli jenap Gowşut
han..” Ýa-da: “Onuň Alyhezreti jenap Gowşut hana...”
Ýaşululary öňünden habardar edilen obalardan Merwiň Hangeçen bazary diýilýän
giň aýmançasyna adam bary ýygnanyp başlady.Özleriniň howpsuzlygy baradaky
aladany sähel salymam ýatlaryndan çykarmaýan aksakallaryň geňeşinde gelnen çözgüde
görä, türkmenlere ýesir düşen gajarlaryň ählisini bir günde bazara getirmeýärdiler.Olary
sanyna görä,telim topara bölüp,dürli wagtlarda Hangeçene alyp gelýärdiler.
Ýesirleriň aňyrsy gurpluraklary,kesilen nyrhy özleri töläp biljekleri hem serkerde
bendilerden dynmak meselesi birneme soňa goýlupdy.Olar töleg gelýänçä kanagat edip
garaşybam biljekdiler.Ýöne öz bendiliklerinden gaýry ýitirýän zatlary ýok hossarsyz ýada garyp ýesirler türkmenler üçin howpludy.Ýoksul bendileriň agyr günden dynmak
üçin gara güýje daýanaýmaklary-da ahmaldy.Şeýle howp döredip biljeklerden tizräk
dynmalydy.
Blokwiliň ýesirlik ykbalynyň hanja düşjekdigi anyklanjak wagty üleşligiň ikinji
gününe gabat geldu.Ony hem otuz-kyrk ýesiriň arasy bilen Hangeçene alyp bardylar.Ol
ozaldan tanyş gajarlara sataşaryn öýdüp,bendileriň hemmesini gözden geçirmäge
çalyşdy.Ýöne tanyş ýüze sataşmady.Emma ýesirleriň halynyň teňdigine welin göz
ýetirdi.Uruş gutaraly bäri geçen günleriň dowamynda olaryň hor-homsy ýaşandyklary
görňüp durdy.Üstesine-de,ýesirlik howasynyň ruhdan düşürendigi sebäpli,olaryň has-da
ejizländigi bildirýärdi. Ýaş bendilerem ýörände aýaklaryny süýräp alýan ýalydylar..
65
Elleri arkasyna bagly müňläp ýesiriň,olaryň daşyndaky eli ýaragly türkmenleriň
arasyndan awşarlaryň kethudasy Ýusup han Blokwiliň gözüne ildi..Bu mahal adam
aýagyndan sowlup ýöremek,kimdir biriniň ýanyna ýetmek kynam bolsa,pereňli ýesir
awşar ýesiriniň ýanyna bardy.Emma olara uzak sözleşmäge maý bolmady.Baş atylyp
salamlaşylandan soň, Ýusup hanyň özi:
--Men seň eden ýagşylygyňy unutman,jenap!—diýdi.
“Eli arkasyna daňylgy guluň jenap bolaýşyny!”—diýip,içinden ýaňsylan Blokwil
zordan sowal bermäge ýetişdi.
--Ykbal seni hirä taşlady,han? Seni nireden gözlemeli?
--Men topazlar mülkünde.Alaşaýabyň boýunda.Meň tiz boşaýmagymam
ahmal. Horasandaky dost-ýarlar alada edýän ýaly.Azat bolsam,men seň eden
ýagşylygyňy ýerine saljak bolaryn,jenap.Gaýrat et!
Mähellä siňen Ýusup han ýesir “jenabyň” gözünden sumat boldy.
Kän mahal geçmänkä,ýene Blokwiliň göreçleri janlanyp gitdi.Ol oglanlykda bile
oýnan deň-duşuna sataşan ýaly bolup begendi,ýesirleriň arasynda palçykdan top ýasan
ýigdekçä nazary düşdi.Ol pereňlä tarap sereden ýaly boldy.Blokwil oglanyň ýollan
tanyş bakyşyna ýylgyryş bilen jogap iberdi Kesesinden garasaň, onuň ýagdaýy beýleki
ýesirleriňkiden elhalrak ýalydy.Blokwil oglanyň ýagdaýynyň erbet däldigine begendi.
Ýesir ýetginjegi yzyna tirkäp gelen,belent börüginiň maňlaýy bilen örtülen alyn
daňysynyň gyralaryndan hüžžük saçlary çogup çykyp duran garry aýaldy.Onuň iki sany
alyn dişiniň beýleki dişlerinden tapawutlanyp,syrtaryp durmasy garryny ýylgyryp ýören
ýaly edip görkezýärdi.
Eýýäm ýesirleriň arasyna ýaýran,Blokwiliňem gulagyna ýeten gepe görä,ol garry
bendi ýetginjegi özünde saklamaga ijaza almak üçin Hangeçene gelenmişin.Ilki
görendäki çaky ýalňyş çykmadyk Blokwil oglanyň söňky ykbaly bilen-ä hasam
gyzyklandy.
Garry aýal ýesir oglanyň elinden tutup diýen ýaly, üleşdiriji aksakallaryň ýanyna
bardy. .Aladasy başdan agdyk ýaşulylaryň hiç biri öňa ünsem bermedi.
--Haýsyňyž Sahyt pälwan bolarsyňyž?—diýip,garry aýal gaty gygyryp sowal
berdi.Ady soralan adam özüni tanadandansoň,kempir ýene sowal berdi.—Sen çeltek
tiresinden bolmalymy,han?
--Çeltekdirin.Bolamda näme?
--Menem çeltek.
--Çeltek bolsaň,habaryny beriber!—diýip,ýaşuly ýylgyrdy.
--Şü ýesir oglany maňa beriň!
--Näçe teňňäň bar?—diýip,kempirde teňňe ýokdugyny çaklaýan üleşdiriji gülüp
goýberdi.
--Mende teňňe näme işlesin?! Şü ömrüme men teňňäni daşyndan gören
bolaýmasam..
--Şo daşyndan göreniňden ňäçe teňňäň bar?
--Mende ýeke teňňe-de ýok.
--Teňňäň bolmasa,bazarda nä işiň bar?—diýip,ýaşuly ýene ýylgyrdy.
--“Pulsuz bazara barandan,kepensiz göre gir” diýjek bolýaňmy?
--Aý ýok,garyndaş. Bu ýesir bolçulygynda,bir gul üçin saňa kepen geýdirip
bilmeris-ä.
66
--Onda şu guly maňa beräýiň!—diýip,kempir ýesire tarap elini salgady.
-- Nä ony ogullyk aljak bolýaňmy?
--Mende ogulam ýok,han,gyzam.Täk özüm.Biýem bir ýetim neressemiş.Bu ýerde
ýerläp ýaşasa-ha ýaşar,ýerlemese-de, öz iline gider-dä.Gitmese-hä, ne ýagşy. Ölýänçäm
höwür bolar...
Gapdalynda duranlaryň biri Sahyt pälwanyň gulagyna pyşyrdady.
--Ýagşy!—diýip,oňa baş atan pälwan kempire ýüzlendi.—Oglany alyp
ötägit,garry.Ýöne haly çuwalda gizlän teňňeleňňi berk saklagyn..
Gajar oglan ýesirlikden ýesirlige gidýänem bolsa,Blokwil onuň yzyndan begençli
garap galdy...
… Mal-gara derek bu gün adam satylýan Hangeçende söwda tiz gyzdy.Bazar
öňkülerindenem
şowhunlydy,galmagallydy.Ozal ýitgi ýa-da tapyndy barada
bogazlaryny gyrýan jarçylar bu gün: “Pylan aksakalda pylan hili gul bar..” diýip, habar
berýärdiler. Alyjylaryň köpüsi hem hywaly ýa-da buharaly täjirlerdi.Olar türkmenleriň
öz ýesirlerinden tizräk dynsalar,sonça şat boljakldyklaryny bilýändikleri
sebäpli,bendilere Hywa,Buhara bazarynyň göterýän nyrhyndan ýüz esse pes baha
hödürleýärdiler. Türkmenlerem, känbir çekeleşibem durman,tutulan ýerinden
kesýärdiler.Gul bazaryna öwrülen Hangeçeniň adam jellaplary ozal goýun-geçi
kökerilip taşlanýan ýerde alan bendilerini ikiden-üçden biri-birlerine baglap,daşyny
garawullap goýýardylar-da ýene yza eňýärdiler.Olar adam ykbalyny arzan alyp,gymmat
satmakdan hem nep görýärdiler hem keýp çekýärdier.Häzir olar guluň,gul däliň soňky
pellesiniň barybir ölümdigini-de ýada salmaýardylar.Olaryň ýadynda,aňynda diňe
teňňe bardy.Olaryň ynsabam teňňedi, wyždanam.Şonuň üçinem bir gula derek
ikisini,ikä derek üçüsini satyn alyp bilseler,şonça-da begenýärdiler.Olar mal bazarynyň
adam ykbalynyň bazaryna öwrülenine gaty şatdylar.
Satyn alnan adamlaram,edil satyn alnan mallar ýaly,dilsiz-agyzsyz haryda
aýlanypdy.Ýöne satyn alnan haýwanlar özleri bilen näme bolup geçýänine akyl
ýetirmeýärdiler.Olar üçin bir eýeden başga bir eýä geçmegiň parhy ýokdy,suwsasa,suw
tapylsa,ajygsa, ot tapylsa,dagy zat gerek däldi.Haýwan üçin haýsy ýurtda,haýsy gapyda
ýaşasa-da hiçdi.
Hangeçeniň bu günki harydy bolsa öz ykbaly hakda oýlanýan harytdy.Bendiler,açýalaňaç gezse-de, öz topragyny Watan edinjeklerdendi. Göwni päk adam üçin baýlyk
Watan däl-de,Watan baýlykdy.Bu günki aýylganç Hangeçen bazary Watan,ilgün,dogan-garyndaş barada öýlanýanlar üçin hasam aýylgançdy.
Birdenem Hangeçeniň taryhynda ilkinji gezek dörän ullakan gul satyşlygynyň
şowhuny kiparlady.Blokwiliň gözüniň kesýän aralygyndaky gul satýanlar hem gul
alýanlar ýesirleri bir tarapa sürüp alada galdylar.Giň Hangeçen iki gyrasy adamdan
haýat edilen ýola öwrüldi.Bazaryň köp hereketini geňgalyjylyk bilen synlaýan Blokwil
Hangeçene kimdir bir şöwketi belent kişiniň aralaşandygyny aňdy.
Kän mahal geçmänkä,adam haýatynyň egrelýän ýerinden oňat geýnüwli bäş-alty
sany atly peýda boldy.Olaryň öňüni çekip gelýän döşi gapak ýaly atyň üstünde eýere
ýelimlenen ýaly bolup,sarsman oturan agras adama gözi düşenleriň biri:
--Gowşyt han gelýä!!!—diýip,ol habary ile ýaýmak tabşyrylan ýaly, çasly gygyrdy.
Gowşut han diýen ady Merw urşy başlanmanka-da gajarlaryňam serkerdesinden
başlap,serbazyna çenli eşitmedigi ýokdy.Ýöne uruşdan ozal ol at hälki bir adaty
67
serdaryň ady bolup eşidilipdi.Üstesine-de,ol at elinden çölde mal bakmakdan gaýry
pişe gelmeýän, aňy ýuka çarwalaryň öňune düşäýen,özi-de sada çarwadan
tapawytlanmaýan adamyň ady hökmünde kabul edilýärdi.Häzir welin Gowşut hanyň
ady gajar ýesirlerine türkmenlere täsir edişindenem has belent täsir etdi.Bendileriň
göwnüne bolmasa,Hangeçen bazary häzir tutuşlygyna göze öwrülip,baş hana tarap
seredýän ýalydy.Gowşut hana nazary düşen ýesirleriň ählisi türkmenler häzir özleriniň
serdarynyň öňünde dyza çöküp,baş eger diýen ynam döredi.Olaryň özleri-de türkmen
hanynyň öňünde dyza çökmäge taýyndylar.Emma beýle bolmady.Atlylara geçer ýaly
ýol berlenem bolsa, şonça müň adamýn içinde baş hanyň,onda-da heniz görülmedik
ýeňiş gazanylmagynda ägirt uly paýy bar baş hanyň öňünde dyza çökmek-hä beýlede
dursun, gol gowşuran ýeke türkmen tapylmady.Şunça mahallap gündogar adamlarynyň
arasynda ýaşap,serdaryň öňünde tagzym edilişine günde telim gezek şaýat bolan
Blokwil beýle ýagdaýa geň galdy.
Gowşut han hem onuň ýany bilen gelen adamlar Blokwilden on bäs-ýigrimi
ädimlikde at başyny çekdiler.Pereňliniň oňa haýpy geldi.Sebäbi,birinjiden-ä, onuň
gajarlar bilen “it urşuny” gurap,akyla sygmajak ýeňiş gazanan serkerdäni golaýdan
synlamak höwesi bardy,ikinjidenem,Gowşut hanyň peýda bolmagy bilen kalbynda
dörän inçejik umyt hana golaýlamaga,onuň üns nazaryna ilmäge iterýärdi.Pereňliniň
tamasyna görä,beýleki bendilere meňzemeýän
ýesire hanyň nazary hökman
düşäýmelidi.Gajarlaryň arasynda pereňliniň bardygyny eşitmeli serdar onuň ykbaly
bilen gyzyklanmalydy. ”Gowşut hanyň bir nazar salany sebäpli, belkem, men
bendilikden boşaryn.Belkem, beýle uly hanyň bu gün gul bazaryna gelmegi meniň
boşamagyma sebäp bolmak üçindir. Onsoňam ol Fransiýanyň nähili döwletdigini
bilýändir ahyryn..” Blokwil başardygyça öňe süýşüp, Gowşut hanyň duran ýerine
golaýlajak boldy.
Gowşut hanyň
Hangeçeniň başga künçlerine näme maksat bilen
aýlanany,aýlanjagy açylman galan syr bolsa-da,bu ýere,dogumly-dogumly teke
aksakallarynyň gür ýerine gelmegi bir waka bilen utgaşdy.
Ýagdaýa görä yza çekilişen adamlar hanyň gelip duran ýerinde esli aýmança
döretdiler.Iki sany degenek eli arkasyna daňylgy gara murtly adamy şol aýmança alyp
geldi..
--Şü kişi,muň adyna Töre Mämmet diýýäler, Sugty obasynyň ilersinde ele
salyndy—diýip,öňe çykarylanyň ýeňsesinde peýda bolan üçünji bir adam Sahyt
pälwana seredip,hasabat okady--.Bir düýe oljany alyp,gaçyp barýar ekeni..
Baş hanam bolýan waka üns berip at üstünde oturansoň, hemem gepde gümürtik
goýmagy halamaýan Sahyt pälwan:
--Esasy ýazygy ňämede?—diýdi.—Düýe ýükünde näme bar ekeni?.
Beýle sowala öňünden taýyn adam,aýtjak zatlaryny asmanda gerlip göýlan kagyz
ýüzünden okaýan ýaly,ýüzüni ýokaryk tutup,pert-pert jogap gaýtardy:
--Bir top mawyt,iki sany ýüpek ýorgan,iki sany sapyna kümüş çaýylan hanjar,bir
misli myltyk...
Merw jeňinde gajarlardan türkmenlere galan olja sanardan kändi.Entek ele düşen
zatlaryň hemmesiniň jemi jemlenmese-de,toplanan malyň üçden bir bölegi-de tekeleriň
gara kelläni etege salyp, ýyllarboýy edýän alamançylygyndan düşýän zatdan müň esse
kändi.Şu güne çenli ýygnalan oljanyň içinde şirmaýy saply dembermez hanjarlaryň
68
ýüzlerçesi,naýzalaryň,çakmakly,misli tüpeňleriň müňlerçesi,goşa nilli peren
sapançalary, sowutlar,serpinjekler,şemhallar,otuz üç sany mis top,birnäçe mortir
bardy.Olardan başga-da,zer bilen bejerilen,şirmaýydan keştelenen egin-eşigiň,atlazdyr
ýüpek matalaryň,.ýüpek parçadan edilen ýorgan-ýassyklaryň,mawutdan tikilen harby
geýimleriň,çadyrlaryň san-sajagy ýokdy.Zer bilen haşamlanyp,ýüzüne altyn çaýylan
mukaddes kitaplar, müňlerçe at,düýe,gatyr,eşek...
Gowşut hanyň aýratyn nygtap çykaran möhürli permanyna görä,bendilerden
dynylyp,ýurda arkaýynçylyk aralaşýança,ele düşen oljanyň ýekeje harydy-da ýok
edilmeli däldi.Olja bilkastlaýyn el urana bolsa berk temmi beriljekdi..Söweş mahaly
eline olja düşen adamlaram ony yzyna getirmelidi.Olja tutuş ilata
paýlanmalydy.Dogumla ýa-da basyp aljaga ýol ýokdy.Baýlygyň esasy bölegi söweşde
wepat bolanlaryň maşgalasyna, garyp-gasarlara,uruşda tenine tyg ýarasy düşenlere
berilmelidi.Oljany halal paýlamak üçin tire-taýpalaryň kethydalaryndan,mollamüftülerden,kazylardan geňeşçiler,üleşdirijiler saýlanyp ýördi.
Emma olja ogurlan Töre Mämmet diýilýän adam özüni han permanyndan bihabar
edip görkezmäge çalyşdy.Dogry,ilçilikde olja ogurlan adamyň diňe Töre Mämmet däl
bolmagam ahmaldy.Ýöne häzirlikçe, ogurlygyň üstünde tutulan bir şoldy.Şonuň
üçinem onuň sapalagyna hiç kim yananmady.
--Han permanyny eşitmändigime ynanyň.Üstesine-de, bir pälazgynçylyk boldyda, aksakal. Pytrap ýatan zat kän bolansoň... Şeýtanyň alyna gitdim-dä...
Sahyt pälwanyň jogabyndan soň, Gowşut han at üstünde gamçysyny oýnap
oturyşyna pessaý gepledi.
--Pytrap ýatan zat diýeniňem galat,goçagym.—Ol «goçagym» sözüni hem
ýaňsylaýan ýaly aýratyn äheň bilen aýtdy.—Pytrap ýatan bibaha olja bolýan däldir.O
zatlara türkmeniň men diýen ýigitleriniň başy bilen nyrh tölendi.O zatlara
zenanlammyzyň gany bilen,bala-çagalammyzyň gözýaşy bilen hyrh tölendi.
Sahyt pälwan ýanyndaky ýaşulynyň ýüzüne garady.
--Sakgaldaş,muňa näme jeza bermeli bolar?
Pälwanyň sakgaldaşy ýüzlegräk bolara çemeli,ellerini owkalaşdyryp,üzlemsaplam gepledi:
--Name diýsemkäm? Muny... eden hatasy üçin çöle çykaryp kowaýmasak...
Başga näme diýeýin men?
--Başga näme diýmelidigini bileňokmy?
--Aý,han--diýip,hanyň kesgitli sesini eşiden ýaşuly aljyrady.—Menem muň
ýüzünden sypamog-a..
Ýaşulynyň aljyranyny duýan Gowşut han hem birneme gowşady.
--Muny çöle kowup,Hydyr gören çölümizi hapalamalyň... Bular ýalynyň haky
ölüm.Oňa eli egriniň özem düşünýändir. Ýöne uly ýeňiş hemmamiziň ýüregimize
birneme giňlik berdi.Şoň üçinem munuň kebzesini awundyryp, aman beräýiň..
--Kyrk gamçy!—diýip,märekäniň içinden biri gygyrdy.
Gowşut han ses gelen tarapa garaman gepledi:
--Kyrkmy,otuzmy.. ony aksakallar kesgitlär...
Baş han atynyň jylawyny silkdi.
Şondan soňky bolan wakany Blokwil görüp bilmedi.Goh-galmagal
köpeldi.Aýmança daraldy.
69
Olja ogrusynyň jezasy berlensoň,üleşleşik hem söwda dowam etdi.Nobat
Blokwiliň özüne-de ýetdi.Ol gajarlaryň ýaýradan gürrüňinden soň, öz daşy hyrydardan
dolar öýdüpdi.Emma
hortap pereňlä gul alyp satýan täjirlerden hyrydar çykany
bolmady
Ýesir üleşdirýän ýaşuly:
--Mämmedöwez barmy?—diýip gygyrdy.
--Haýsy Mämmedöwez?
--Mämmedöwez goňur.Mämmedöwez pälwan.
Orta boýly,kyrk ýaşlaryndaky adam märekeden saýlandy.
--Mämmedöwez pälwan-a ýok,ýaşuly.Men bar.
--Sen kim bolarsyň?
--Men Eýemyrat goňur..Mämmedöwez pälwanyň inisi bolmaly.
--Mämmedöwez pälwanyň inisi bolsaň,köp ýagşy!—Üleşdiriji Blokwile tarap
elini salgady.—Ana,hol,ýüz-gözi gajarlara meňzemeýän gul siziňki bolmaly.
Eýemyrat Blokwili başdan-aýak synlady.Hödürlenen ýesiriň gabarasyndan
göwni suw içmedik goňurly gödegräk gepledi:
--Näme,ýesir
itiň
pohy
ýaly
känkä,bize
iliňkä
meňzeş
gulam
ýetenokmyka,aksakal?
--Hakyň köýýän däldir, göňur.Aýdylanyny et-de,al-da gidiber! Soň maňa alkyş
aýdarsyň.Pälwan aga «Sahyt çeltek şeý diýdi» diýseň,özi düşüner.
--Bu mahal bir gul bereniň üçin alkyş alynýan döwür däl bolaýmasa,aksakal.
Häzir Hangeçende eşegiň tezegem guldan gymmat ahyryn.Oň üçinem bir gul berdim
diýip minnet etmeseňem bolardy.
--Agyr häşýetiňi görkezjek bolup durma-da,aýdylanny edäýsene,inim.Edil pälwan
agaň dogany däl ýaly... Özüňizem bu guly degerine-degmezine satyp goýberiberseňiz,
utularsyňyz.Şonam saňa aýdyp goýaýyn.
--Munyň tylla ýumurtga guzlaýan üýtgeşik towuk-ha däldir-dä? Ýaman öwdüňle,aksakal?
--Muňa pereňli ýesir diýýäler,goňur. Özem gaty bilimli adam bolmaly.
Eýemyrat gönüra on sany bilimli guldan bir daýhan gul zeryrdy.Ylymly gul
edinip,onuň oglan okatmak aladasy ýokdy.Goňurla ýer depýän,çil çekýän,joýa gazýan
gul gerekdi.
Blokwil gürrüniň özi hakda gidýänini aňyp,Eýemyrady elin synlady,oňa
kesesinden baha berdi.Eýemyrat diýilýän adamyň hamyrmaýasy ýumşak berlen
bolmaly däl.Ol gaty bir doňýürek bolmasa-da,aýdany aýdan mahaly,diýeni diýen
mahaly ediläýmese, ýeňseçukury tiz gataýana meňzeýär.
Eýemyradam öz gezeginde hödürlenen guly gaýtadan synlady.Synladygyça-da
ondan göwni geçdi..Asyl ol goňurlynyň halaýjak guluna çalymam etmeýär ahyryn.
Pereňliniň boýy-syraty ýerbe-ýer bolsa-da,eli piliň sapyndan tutjak ele meňzänok.
Sahyt pälwan Eýemyradyň islegini aňýanam bolsa,näme üçindir Blokwiliň
bilimli adamdygyny ýene bir gezek nygtady.
--Bilimli molla ýasa ýaraýandyr,aksakal!—diýip,Eýemyrat kesä bakyp
gepledi..—Muňa derek bize iki sany körsowat gul beräýsene!
70
--Bu mahal mollasyny-müftüsini seljerip durmaga wagt ýok,inim—diýip,Sahyt
pälwan meseläni çözüldi hasaplady.—Neneň-niçik bolýança, biz bulaň başyny bozmaly
ahyryn.Häzirlikçe alyp git,nasap-hesibi soň çykarybiýris...

*
“… Duşmanyna gezek gelende rehim-şepagaty bilmeýän bu çarwalar
ýaly akgöwünli, bir-birine düşünýän halk ýokdur. Türkmenlerde
çopan bilen tirebaşynyň arasynda tapawut goýulmaýar”
BLOKWIL
Hemişeler Hangeçen bazaryndan çykyp,öňlerine mal-gara salyp gidýän
türkmenler bu gezek topar-topar gul sürüp gitdiler.Emma üleşdiriji aksakallar hernäçe
alada etselerem,nyrh meselesinde çekeleşmeselerem,maksatlaryna ýetip bilmediler.
Ýesir sany çak edilişi ýaly azalmady.
Obalara paýlanman,Hywa,Buhara täjirleriniň eline düşmän galan ýesirleriň esasy
bölegi Mary galasyna gabalyp,olaryň ykbalynyň çözgüdi indiki şenbe bazaryna
galdyryldy.Gala düşenleriň ýagdaýy hem ýeňil däldi--hapaçylyk,indi mazaly çigrän
güýz gijeleri,azyk-owkat ýetmezçiligi...Täjirleriň eline düşen bendilere bolsa aňňataňňat baýyrly hem soňunyň nireden alyp çykjakdygy-da näbelli agyr ýol garaşýardy.
Blokwili bolsa Mary galasyndan bir farsah demirgazykda ýerleşýäň goňur
mülküne tarap alyp gitdiler.Gonura eltýän ýol bilen gitmek diňe bir pereňliniň paýyna
düşmändi.Şol ýoldan Goňura,ondan aňyrdaky,bärdäki obalara ugran ýesirleriň sany iki
ýüzden az däldi.Eli arkasyna daňylgy ýesirleriň hemmesi pyýada barýardy.
Blokwil hem goly arkasyna baglylardandy.Ýöne ol pyýada däldi-de,Eýemyradyň
atynyň ardyndady.Elbetde,iki goluňam daňylgyka at ardynda oturmak kyndy.Bolsa-da,
özüň bendikäň,hojaýynyň bilenem bir dilde gepleşip bilmeýärkäň,diňe ümleşäýmelisi
galýardy.Blokwil ýüzi agyr Eýemyradýň üm bilinem raýyny ýykmakdan çekinmän
durmaýardy.Onuň bujagaz närahat ýagdaýyndanam beterine uçraýmagy ahmaldy.
Pereňli öz täze hojaýynynyňam ýüzüniň agyrdygynyň manysyna düşünjek
bolýardy.Asyl ol soňky günlerde ýüzi ýylgyryp ýören adama gabat gelmeýärdi.Ýesir
düşen gajarlarda-ha gülmäge,ýylgyrmaga hiç hili tutaryk ýokdy.Taňrynyň olara bagyş
eden soňky günleri hasrat bilen dogýardy,hasrat bilenem ýaşyardy,gije-de
şeýledi.Açlyk-horluk jepasynyň üstesine-de urna bolýan il-günden,Watandan aýraçylyk
olaryň ýüzüne ýylgyryş şemalyny çaldyrmaýardy.Uruş özleri üçin ýeňiş bilen
tamamlananam
bolsa, türkmenleriňem hanyndan başlap,oglan-uşagyna çenli
ýylgyrmagy unudypdylar..
Merw bazaryndan çykylyp,esli ýörelenden soň,edil ýoluň gyrasynda guma
bulaşyp oturan,örän pukara geýimli kempir Blokwiliň ünsüni özüne çekdi.Ol inçeden
uzyn hor elleriniň ujuna dakylan gara hoz ýaly bolup görünýän ýumrujaklaryny
goşalandyryp,gara ýeri tokmaklaýardy.Şeýdip ol öz kiçijik göwresindäki ullakan hasrat
joşgunyny üstünde gopýan harasatlara biparh garap ýatan gara topraga siňdirýändirin
öýdýärdi.Birdenem ol ýer ýumruklamasyny goýup,eliň aýasy ýaly ýygyrt düşen ýüzüni
ýokaryk tutdy-da, inçejik sesi bilen zarynlamaga başlady:
--Şu ýoldan giden nerlem gelmezmi-leý!?
Ikiden birini Taňrym gaýtarmazmy-leý!?..
71
Kempiriň ýagdaýy ony tanamaýan üçinem düşnüklidi.Megerem, ol öz ogullarynyň
söweşe giden ýoly bilen dolanmajakdyklaryna akyl ýetirýän bolarly--geçip barýan
ýesirlere-de,olaryň ýanyndaky atlylara-da kän ünsem bermeýärdi,kimdir birini
tanajagam bolmaýardy.Onuň ýedi ýoluň üstünde ýer ýumruklap oturmasy-da, boşap
galan tünegine sygman, giň dünýä çykan enäniň kalbyny gowzatjak bolşudy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 08
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.