Latin

Keseki - 30

Total number of words is 3876
Total number of unique words is 2051
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nurjanyň toýunda iýersiňiz. – Ol düwünçegi ýene yşgaba salyp goýdy.
– Kölli jan, bar, balam, daşardan goltugyňy dolduryp odun getir.
Men geň galdym. Sebäbi yssa çydap bolmaýardy. Kän mahal geçmänkä, garrynyň
özi odunyň nämä gerekdigini aýdaýdy.
– Ertir üçimizem ak eşege atlanyp, Samsykýaba gideris. Samsykýapda Annatäçler
bar. Şolaň ýanynda-da edil suw perisi ýaly bir gyz maşgala bar. Adyna-da Aýşa
diýýäler. Guda bolup gaýdarys. Nurjanym gelen badyna aňyna-maňyna garaman toý
ederis. Indi bolsa pişmejik bişireliň. Her işde ýagşy umyt ýagşydyr. Bizem toý zadyň
başyny ýagşydan – pişmeden başlalyň.
Ertesi gün guşluk bolanda, Kölli ikimizi gaňňa ataran garry ak eşegi idip ýola
düşdi. Aždaram bizden galmady. Asyl Mamur ene ony galdyrjagam bolmady. Şeýdip,
üç tirkeşik bolup, günortanlar Annatäç daýzalara baryp düşdük.
285
Mamur enäniň gyz diýýäni Annatäç daýzalaryň duldegşir goňşulary ekeni.
Oglanlyk-da, öýde oturyp bolýamy! Gapydan geçýän ýabyň boýuna çykdyk. Şolam
Samsykýap diýilýän ýap ekeni. Kölli ikimiz «Samsykýap» sözüni gaýtalap kän
gülüşdik. Soňam edil ýabyň gyrajygyna baryp oturdyk. Ol biziň obamyzyň ýaplary ýaly
bir ýap ekeni. Onuň hiç ýerinde akyllylygam, samsyklygam duýulmaýardy. «Bu obaň
ýaby samsyk bolsa, adamlary-ha hasam samsykdyr. Näme üçin Mamur ene bu oba
gudaçylyga geldikä?» diýip, Kölliniň beren soragyna men jogap gaýtaryp bilmedim.
Talyň kölegesinde Samsykýaba kesek atyp otyrkak, gapdalymyzdaky paýapyldan
arkasy haltaly bir gyz geçip gitdi. Ol gyz diýseň owadandy. Dogrusyny aýtsam, biziň
obamyzda hiç kimiň ýetip bilmedigi Umsa-da onça ýokdy. Emma edil şol mahal biz
onuň Aýşadygyny bilmeýärdik.
Ak eşegiň daňylgy ýerinde gezip ýören Aždaram biziň ýanymyza geldi. Ol
endigine görä agyr kellesini öň aýaklarynyň üstünde goýup gözüni süzdi.
Kän mahal geçmänkä, jöwenligiň içinden oglanjygyň sesi geldi.
– Aýşa, eşegiň teblesi nirede?
Arkasyndaky haltany sygyr dölä ýaplan gyz, ýadaw ekenimi nämemi:
– Men nä tebläň çopanymy? – diýip janagyryly ýaly, gaharly ses bilen jogap
gaýtardy. Şondan oň Aýşa gyz biziň ýanymyza gelip, paýapylyň üstünde oturdy-da,
elini ýuwmaga durdy. Ol birden aşak oturanda köýneginiň ýelginine suwuň ýüzünde
tolkunjyklar emele geldi. Gyzyň ot ýygyp, gök reňke boýalan elleri ýuwulandan soň
ýüzünden bulut aýyrlan Aý ýaly tämiz boldy.
Meniň mekirje däldigim-dä:
– Aýşa, biz saňa Nurjan üçin gudaçylyga geldik – diýenimi özümem duýman
galdym. Kölli böwrüme hürsekledem welin, giç boldy, men eýýäm diýmesiz zady
diýipdim.
Ýaňy ýüzüni ýuwmaga oturan ulugyz «päh» diýlen ýaly ýalta bärisine bakdy-da,
gulaklaryna ynanman, maňa tarap çüýjerilip seretdi.
– Näme diýdiň-ä, myrryh?
Bular ýaly gepi kän eşidip ýörmämsoň, gyzyň derrew jogabyny berdim.
– Men myrryh däl. Men Orakgeldi agaň ogly Orunguly.
Meniň düşündirişim bilenem gyz ýumşamady.
– Boýnuň gursun almaň sapagy ýaly.
Elbetde, şol mahallar doýa garynlar oňly doýmansoň boýunlaram almaň sapagyna
meňzese meňzeýändir, ýöne, barybir, men gyzyň sözlerine çynym bilen kemsinip
durmadym. Sebäbi gyzam diýýän sözlerini kemsitmek üçin diýmeýärdi, assyrynlyk
bilen ýylgyrýardy. Şonuň üçinem boljagy boldy diýip, öňki habarymy has düşnükli
edip ýene bir gezek gaýtaladym.
– Pagta ýygym gutaryp, çöp-çapym başlanansoň, biz seni gelin edip alýas, Aýşa...
Bu gezek Köllem böwrüme hürseklemedi.
286
Gyzyň jogaby perte boldy.
– Bar, arabaňy daşda tigirle.
– Biz arabaly däl, eşekli geldik, ak eşekli. – Meniň jogabym gülkünç bolandyr-da,
gyz bu gezek sesli güldi.
– Gök eşegiňiz haram öldümi?
Gör, gabadyna gelýän zady. Hakyt üç gün mundan ozal biziň gök eşegimiz ölüpdi.
Aýşanyň ol barada soraman bilşine men haýran galdym.
– Waý, bu gyzy! Sen gyz bolman, palçy bolaýma?
Bu sözlere Aýşa monça boldy.
– Siziň gök eşegiňiziň nädip öleninem bilýän men...
Men gyzyklandym.
– Nädip öldi? Hany, aýt-da!
– Batga batyp öldi.
– We-äý, mun-a bilmediň. Biziň gök eşegimiz kürreläp bilmän öldi.
– Kürräňizem öldümi ýa diňe eşegiňiz?
– Agzyňy haýyr aç, gyz. Boýny hyşaly akja kürrämiz dikirdäp ýör. Ynha, gelin
bolup baraňda özüňem görersiň.
Gyz meniň sözlerime hezil edinip güldi.
– Hudaý daş etsin, özüň göreweri haram kürräni.
Guýrugyny dik asmana göterip howlukman ýöräp barýan gara pişige gözi düşen
Aždar, hiç hili hereket edesi gelmese-de iň bolmanda, itligini bildirmek üçin göwünligöwünsiz hyňrandy. Bu bolsa Aýşa gyzyň ite üns bermegine sebäp boldy. Men derrew
söz gatdym.
– Şu it Nurjanyň iti-dä!
– Nurjan diýýäniň kim ol?
– Waý, bu gyzy, Nurjanyň kimdiginem bilenok. Mamur enäň ogly Nurjan-da!
– Itiň ady näme?
– Aždar.
Aýşa Aždary tanajak bolýan ýaly oňa tarap siňe-siňe seretdi.
– Aždaryň eýesem özi ýaly garrymy?
– Nurjanmy?
– Hawa, Nurjan.
– Sen näme samsyk ýaly-la? Nurjanam bir garry bolarmy. Ol ho-l, – men ýabyň
aňyrsyndaky jöwenlige el salgadym. – Jöwenler ýaly uzyn, ýaş.
– Siziň Nurjanyňyz näme işleýär? – diýip, indi gyz hasam gyzyklanyp başlady. –
Sygyr dag-a bakýan däldir?
– Sygyr bilen oň nä işi. Ol nemisler bilen uruşýa. Bilýäňmi, bir ýumrukda ol bäş
nemisi urup ýykýa. Nurjana mydalam beripdirler. Güýçli bolmasaň, mydal alarmyň?
Çöp çapymda gelýä özem. Gelen dessine-de seni oňa gelin edip äberýäs.
287
Öýden çykyp özlerine tarap ugran Mamur enä gözi düşen Aýşa gyz ýerinden tarsa
turdy-da, jöwenlige siňip gitdi.
XXX
Irden igde çöplemäge gitmelidik. Mamur enäniň aýtmagyna görä, indi, igdäni
hasam tiz, hasam kän çöplemelidik. Sebäbi Aýşa gyzyň hossarlary «Annatäç elti ara
girýän bolsa, soraşyp-ideşibem oturmarys. Ogluňyz gelen badyna, sähedini belläýeris»
diýipmişler.
Mamur ene pahyr, garrylyk basmarlanyndan bolsa gerek, birneme
öwünjeňräkdem. Ol şol mahalam öňki gelinligi bolan Umsany ýatlaýardy.
– Aňňal gyzyny bermese bermesin. Çynar ýaly boýy ba, piýala ýaly gözi ba,
tokmak ýalam dört örüm saçy ba. Ýörände-de ýeriň gaýmagyny bozmajak bolýan
ýalydyr...
– Saçy dört örüm däl, iki – diýip, men düzediş berdim.
Kölli ýene meni hürsekledi. Barybir, Mamur ene meniň düzedişimi eşitmän, sözüni
dowam etdi.
– Tüýs meniň Nurjanyma mynasyp maşgala. El işine dagam çeper ekeni. Gaýan
gaýmalary, salan pökgüjeleri edil ýylanyň agzyndan çykan ýaly.
Torbamyzy alyp, igde çöplemäge ugrajak bolup durkak, Aždar janygyp-janygyp
üýrmäge başlady. Ol indi kän mahal bäri beýle hyjuw bilen üýrmeýärdi. Şonuň üçinem
Mamur ene üşerilip durdy-da Köllä ýüzlendi:
– Kölli jan, daş çykyp, bir seret-le, näme, Aždar beýle gazaply üýrýä-le?
Köllüden öňürdip, men ylgap çykdym. Çep aýagy ýok, goltugy pişekli, harby eşikli
adam Mamur enelere tarap ýetip gelýärdi. Ol meni görüp, aýak çekensoň öýe tarap elini
salgady.
– Heý, ýigdekçe, Mamur enäň öýi şümi?
Men Aždaryň aýylganç üýrüşine aňkaryp, wagty bilen soraga jogap gaýtarmamsoň,
pişekli adam sesini gataltdy.
– Men saňa diýýän. Ýa ker açdyňmy? Mamur enäň öýi şümi diýýän saňa?
Men baş atyp, yzyma dolandym.
... Pişekli girensoň, Mamur ene salam alyp, öz oturýan duluna geçdi.
Pişekli adam taýaklaryny gapdalynda goýup, igdeli halta ýaplanyp oturdy.
– Mamur eje, saglyk-gurgunçylykmydyr?
– Şükür hudaýa – diýip, Mamur ene myhmanyň ýüzüne siňe-siňe garady. – Sen
meni tanasaňam, men seni tanamadym-la, hanym?!
– Men purontdan geldim, Mamur eje!
Garry görülmedik ýeňillik bilen ýerinden turdy-da, edil çagajyk ýaly bolup,
myhmanyň ýanynda, onuň ýüzüne seredip oturdy.
288
– Aýtsana, dünýäm, sen onda Nurjanam görensiň? Nähili ol sag-amanja gezip
ýörmi? Uruş haçan gutarýar? Haçan meň Nurjanym ýalňyz enesiniň ýanyna gelýär?
Aýtsana, dünýäm?
Myhman düşnüksiz bir ýagdaýda ilki Mamur enä, soňam biziň ýüzümize gözlerini
tegeläp seretdi. Ol ýagdaýa düşünen bolara çemeli.
– Mamur eje, Nurjandan kän mahal bäri hat gelenokmy?
– Ýyl ýarym dagy bolup ýören bolsa gerek. – Soňam Mamur ene uludan dem aldy.
– Hat gelmäni hiç-le, özi sag-aman dolansa, galany bilen men mydar etjek-le!
– Nesip bolsa geler-le – diýip, myhman aýtjak sözlerini gözleýän ýaly esli salym
ýere bakyp, dymyp oturdy. – Biz Nurjan bilen Kurskiý diýen şäheriň eteginde
aýrylyşdyk. Soň meň aýagymdan ýaraladylar. Şeýdibem gaýtmaly boldy. «Gel,
Nurjanyň ejesi bilen salamlaşyp gaýdaýyn» diýdim.
Şuny diýip, ugry bolmadyk myhman turmakçy boldy. Mamur ene onuň ýeňinden
ýapyşdy.
– Ilki-hä çaý-paý içmän gaýtmak bolmaz... Onsoň... balam, bi uruş haçan
gutarjakka? Bilmediňmi?
Myhman aşaky dodagyny dişledi.
– Çaýy, garry, ýene bir gelemde içerin... Urşam, indi uzaga çekmese gerek. Basym
gutarmaly.
– Uzaga çekmese bolýa. Galany bilen oňuşjak.
Myhman pişegine ýapyşdy. Mamur ene ony elinden tutup diýen ýaly, hormat bilen
ýola saldy. Garry öýe dolanyp gelensoň, aýagaldygyna gepläp başlady.
– Gördüňmi, Orunguly jan, Nurjanymyz mes-gurow diýýä. Hat ýazmaga oň eli
degýän däldir. Zeleli ýok, uruş basym gutarýan bolsa özi geler. Biz oňa çenli toýa
taýynlyk görübereris. Ýörüň, indi igde çöplemäge gideliň.
Biz daş çykjak bolup durkak gapydan Ypbat aga geldi. Ol inçejik hem sandyrawuk
ses bilen:
– Waý, Mamur, bagtyň ýatan ekeni! – diýip gygyrdy. – Çyragyň sönen ekeni,
Mamur.
Aňk-taňk bolan Mamur ene:
– Näme boldy, Ypbat? – diýip aljyraňňy ýagdaýda sorag berdi.
– Ýaňky gelen maýyp adam «Nurjanyň wepat bolanna bir ýyldanam geçdi» diýdi.
Ol saňa aýdyp bilmän gidipdir. «Kellesinden ok degip öz elimde jan berdi» diýdi.
Bagtyň ýatdy, Mamur!
Ypbat aga sözüni soňlap-soňlaman, keçäniň üstüne ýüzinligine ýykyldy. Mamur
enäniňem edil maňlaýyndan ok degen ýaly arkanlygyna gaýtdy.
Biz henize çenli jany sag, gurat, gürläp oturan adamynyň beýdip ýykylanyny
görmändik. Şonuň üçinem, ony galdyrmaga derek, aljyrap, işige degmän atylyp çykdyk.
289
Şondan soň tä bir hepde geçmänkä garryny görmedik. Görer ýaly hem bolmady.
Hopby işan owadan sesine bat berip, ertirden agşama çenli aýat okady. Tä Nurjanyň
ýedisi bellenýänçä, Mamur enelere adam bary geldi durdy, geldi durdy.
Şol gün gapydan atylyp çykamyzda, men elimdäki torbany goýmagy hem unudan
ekenim. Torbany yzyna gaýtarmalydy, onda-da, Kölliniň teklibi bilen, ony igdeden
dolduryp eltmeli etdik.
Ýedi gün geçip, sekizlenji diýlende Hopby işanam garry eşegine atlanyp, öýüne
gaýtdy. Şondan soň Mamur eneleriň garamçasy azaldy. Şonda günüň dowamynda,
daşarygam çykmadyk bolara çemeli, Mamur enemizi bir gezejigem görmedik.
Biz gapydan giremizde ene tükge düşüp ýatan ekeni. Öýe kimdir biriniň girenini
aňyp, ol ýuwaşjadan başyny göterdi. Geçen ýedi-sekiz günüň dowamynda biziň
garrymyz tanalmaz ýaly üýtgäýipdir. Ozal, kiçijigem bolsa, güne ýanan ýüzde
oýnaklaýan gara gözler çepiksije ene göwresinde çäksiz bir güýç-kuwwatyň
saklanýandygyny habar berýärdi. Ol gözler uly bagta, ajaýyp güne, tükeniksiz dabara
ynam bilen garaşýardy. Indi bolsa, şum ykbal atly zalym tebip Mamur enäniň ýüzüne
aýylganç neşterini sokup, sorup alan ganynyň ýerine solgun reňk goýberipdi. Garrynyň
alkymy sallanyp, ýüzem ulalan ýalydy. Öňki umytly hem dogumly gözler täk özi
endişeli garaňky zyndana düşen ýaly jansyzdy, umytsyzdy...
Gojuk obasynyň garry adamlarynyň köpüsi ýa kör, ýa küýki, ýa-da birhili sama
ýaly. Ulug aga aýtmyşlaýyn, uruş biziň obamyza edibilenini etdi. Men muny öz
obamyzy kemsitmek, obadaşlarymyň üstünden gülmek üçin däl-de, olara nebsim
agyryp, dözmän aýdýaryn. Olaryň üstünden gülmek kelläme-de gelenok, asyl-ha hut
güläýmeli ýerinde-de gülüp bilmeýärin.
Ine, Öwelek aga görseň, giň köpri bardyram welin, eşegini köprüden sürmän,
suwdan geçirjek bolup durandyr. Eşek geçmejek bolar. Öwelek aga bolsa, ony şaldyr
bilen saýgylar. Ahyram eşege diýenini etdirip bilmän: «Nepes jan bolaýan bols-a sen
geçäýerdiň welin!» diýip hyrçyny dişlär. Onuň Nepes janam gyrman urşunda galdy.
Hança aga bardyr. Käte daşaryk çykar-da, elektrik simlerine sereder. «Tok urýa
diýýäňiz welin, guşlaram-a otyr oň üstünde?» Ýa tok diýilýän zat guşy urman, diňe
adamyny urýamyka?.. Hawa-da gyrmanam guşy öldürmän, adamyny öldürdi...» Hança
aganyňam Pendigulusy bilen Durdygulysy «gyrman ýurduna gidip gelmedi».
Hanmämmet aga diýibem birimiz bar. Onuň-a dört oglunyň dördüsem
«gyrmanýada». O pahyr-a Güne seredibem gargynyp ýörendir.
Aňkar aganyň-a özi gyrman bilen duşuşan. Oň käbir häsiýetleri bilen
öwrenişiberipdirisem welin, käte gijäniň bir mahaly «Try-bo-ga-a!» diýip galmagal
turuzýa-da, zährämizi ýarýar.
Tyrry aga-da bir görseň-ä oňadam ýaly welin, kä ýyl beterlän mahaly, Ýazçaň
oýuna telim gün gatnap ýandak ýygar. Ýygan ýandagyny rejeläp küdelär. Gyş
düşübererem welin, uly bir daşkädini egnine atar-da «Kädi işdäsi baryň-a ýörüň-how!»
290
diýip küdesine tarap gider. Kädini küdäniň süýr depesinde goýup, aşagyndan otlar
goýberer. Ýeke özi bir tarapa çekilip, tä küde ýanyp bolýança, hezil edinip oda çoýunar.
Ahyram «oda gömen» kädisini tapman, «hork-hork» edip aglap oturandyr.
Hawa, Ulug aga aýtmyşlaýyn, «Gyrman urşy bize edibilenini etdi. Gojugy
sähneden doldurdy».
Biziň Mamur enemizem urşuň zäherini datmaly gojuklylaryň biri bolup galdy.
... Kölli igdeden doly torbany tärime söýäp goýdy-da, garrynyň bir zat diýerine
garaşdy. Mamur enäniň diýjek sözlerine biz beletdik. «Köşeklerim, uzak ýaşaň, ak gyz
ýoldaşyňyz bolsun!» diýerdi.
Bu gezek bolsa, bir torba igde eltsegem biz «ak gyzly» bolmadyk. Mamur ene
igdeli torbany görüp, biziň ýüzümize taýly gezek seretdi-de aglaberdi. Onuň gözýaşyny
görüp, bizem agladyk. Bu hem onuň geplemegine sebäp boldy. Ol iki elini ýere diräp,
kynlyk bilen galdy-da, biziň ýanymyza geldi.
– Goýuň, köşeklem, aglamaň! Nurjan wepat bolan däldir. O habar ýalandyr. O
geler. Aglamaň. Ynha, menem aglamok ahyryn. – Ene bize gözýaşyny görkezmejek
bolup direge duwlandy. Soňam ol bize bakyp ýylgyran boldy. Ýöne ol hakyky ýylgyryş
däldi-de, «içiýananyň gülküsi» diýen ýaly, öz göwnüni aldajak bolýan bagtypes enäniň
ýylgyryşydy.
– Ynha, uruş gutarar. Uruş gutardygam Nurjan geler. Toýam ederis.
Mamur ene öz göwnüni aldamak bilen bizi diňdirjek bolýardy. Şol bir mahalyň
özünde-de ýüregi ýagşy umytdan doly ene öz ýalan sözlerine özi ynanyp birneme
gujurlanan ýaly boldy. Ol tärime söýenip, torbadaky igdäni synlap gördi.
– Köşejiklem, muny halta gaplalyň!
Mamur ene igdeden püre-pür bolan haltanyň agzyny sypanda onuň inçejik
barmaklarynyň sandyraýandygyny gördüm.
– Indi iki halta boldy. Uruş gutarar. Nurjanam hökman geler. Iki halta igde ähli
ýere ýeter.
Şol mahal tüýnüge gelip gonan alahekge «Wakakga – wakakga» diýip ses etdi.
Mamur ene garaşylmadyk çalt hereket bilen dikeldi:
– Haýyr çagyr, haýyr çagyr! Haýryň bolsa, ýene çagyr!
Garrynyň göwnüni göterjek bolýan ýaly, alahekge ýene bir-iki gezek gygyrdy
welin:
– Ana, gördüňizmi? Haýyr çagyrdy, ýene çagyrdy! – diýip ene ýylgyrdy. Onuň bu
gezekki ýylgyryşy janlydy, umytlydy.
Şol günüň ertesi bolsa gerek, Mamur ene nirä barýanymyzam aýtman, bizem yzyna
tirkäp, hatardan çykyp ugrady. Ol ýolboýy: «Ynha biz urşuň haçan gutarýanynam,
Nurjanyň nämahal geljekdiginem bileris» diýen sözleri irginsizlik bilen gaýtalap
barýardy. Şol mahal Gojuk obasynda beýle soraga jogap berip biläýjek ýekeje adam
291
bardy. Olam Hopby işandy. Emma biz Hopby işanlara däl-ded, kolhozyň başlygy Sapar
agalara bardyk.
Biz baramyzda Sapar aga hem agyr bir zadyň pikirini edýän ýaly, öýüň ortarasynda
çiň-arkan düşüp, barmagyny dişläp ýatan ekeni. Hatda ol birbada öýüne adam
baranynam duýmady.
Başlygyň aýaly Ogulhesel daýza:
– Turaweri, Mamur enesi geldi! – diýen dessine Sapar aga syçrap turdy, salam
berdi.
– He-e, Mamur enäň ekdileri, sizem barmydyňyz? Geleweriň! – diýip, ol biziňem
göwnümizi awlady.
Mamur ene başlygy görensoň, saklanyp bilmedi. Ol hünübirýan aglamaga başlady.
Ogulhesel daýza-da aglady. Ýöne, Sapar aga welin, bir aşagyndan çykyp bolmajak
utanç iş eden ýaly, ýüzüni ýere salyp, keçäniň galdagyp duran ýüňünden çekeläp otyrdy.
Bölejik ýüň gopup, eline gelensoňam ony iki barmagynyň arasyna salyp, togalamaga
başlady.
– Sapar jan, indi bu habar çyn bolmaly bolarmy? Nurjanymyň gelmedigimidir,
balam? Ol meň ýekämdi ahyryn. Sen oň ýekedigini bilýäsiň-ä! Bu habar ýalan
bolaýmasyn? Çyn habar bolsa, öňi bilen, saňa aýdardylar-a. Bu habar ýalan
bolaýmasyn, Sapar jan?!
Sapar aga bir zat diýjek bolup ýüzüni galdyrdy-da, belli bir gep aýtmaga howatyr
edip, taýly gezek zoraýakdan ardynjyrady. Ol ýene elindäki, indi ýüpe öwrülen ýüňi
oýnap başlady.
– Düýn öýlän tüýnügime alahekge gelip oturdy, Sapar jan. Iki gezek wakyrdady.
Menem «Haýryň bolsa, ýene çagyr!» diýdim welin, alla ugruna edip ýene iki gezek
wakyrdaýdy. Nurjanymyň öleni ýalan bolaýmasyn, dünýäm? Ol meň ýeke perzendimdi
ahyryn. O dünýä – bu dünýä göz dikip oturanym şeýle bolaýmaly bolarmy? Ol diri
bolaýmasyn, ä? Uruş gutaransoň, birden geläýmesin? «Eje, salawmaleýkim!» diýip,
gapydan giräýjek ýaly bolup dur. Indi bi uruş haçan gutararka, Sapar jan? Haçan
gutararka, ä?
– Uruşmy? – diýip, başlyk garaşylmadyk ýerden dil ýardy.
– Hawa, hawa, uruş, balam. gyrman urşy. – Mamur ene öňe omzady. Onuň iki
gözem Sapar agadady, hantamady, ynjalar ýaly jogap isleýärdi. Emma Sapar aga-da
garra kanagatlanarly jogap berip bilmeýärdi. Çünki ol mesele Sapar aga ýaly kolhoz
başlyklarynyň sözi bilen çözülmeli mesele däldi-de, müňläp-müňläp adam jany bilen,
gurban bolýan adamlaryň sany bilen çözülmeli meseledi. Garry janykdy:
– Gutarar diýäýsene, dünýäm? Uruş gutarsa, Nurjanymam geler ahyryn. Haram
uruş gutarar diýäýsene, Sapar jan?!
Ogulhesel daýza takat edip bilmedi:
292
– Ýüregiň daşmydy, demirmidi, Sapar? Ýüregiň daş bolmasa, «gutarar» diýäýsene!
Ol ganym uruş ýene ýüz ýyllap gitmez ahyryn. Gutarar diýäýsene!
Sapar aga ýüzüni galdyranda oňa nebsim agyryp gitdi. Ol pahyryňam ýagdaýy
başgalaryňkydan öwerlikli däldi. Onuň köpi gören, könelişen gözleriniň owasy doldy,
ýuwdundy, bir zat diýmäge hyýallandy. Emma hiç zat aýdyp bilmedi.
Sapar aga derek Ogulhesel daýza gepläp başlady. Onuň Mamur enäni köşeşdirjek
bolup, göwnüni göterjek bolup ýalan sözleýändigi hem bildirip durdy.
– Mamur enesi, uruşda her hili zat bolýamyş. Biri ýykylyp özleriniňkiden galaýsada «öldi» habaryny iberýämişler. Atam öýümiň ýanynda-da biriniň ýaramaz habary
geldi, ýöne, bir aý geçmänkä özi dolanaýdy. Asyl ol garma-gürmede ýitäýen ekeni.
Nurjanam şeýle bolandyr. Nurjanyň-a, näme, ýaramaz habaram gelenok. Ol diridir,
Mamur enesi, o diridir. Uruş gutaransoň geler...
Mamur ene birneme köşeşen ýaly etdi-de, ýene Sapar aga ýüzlendi.
– Sapar jan, uruş gutararmyka, Nurjanym gelermikä, aýdaýsana?!
– Mamur ene – diýip, Sapar aga ahyr ýüregini bire baglady. – Nurjan geler-le.
Gyrmanam indi kowýas. Urşam tiz gutarar.
Göýä diýersiň, Sapar başlygyň aýdany bilen uruş gutaraýýan ýaly, ýaňky sözlerden
soň ýüregine giňlik aran garry begençli gözlerini tegeläp, bize tarap seretdi.
– Ana, köşeklem, men size uruş gutarar, Nurjanymyz geler diýmänmidim?!
Sapar aga hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Emma Mamur ene ony görmedi. Şonuň
üçinem ol başlyga tarap minnetdarlyk nazary bilen garady-da:
– Agzyňdan alla eşitsin, Sapar jan – diýdi. – Nurjan gelende içini hakyt şekerek
igdeden dolduryp toýpaý bererin men saňa...
Sapar aga şempa telpegini çümre geýip turuberdi. Sebäbi ol içi şekerek igdeli
toýpaý almajagyna gaty oňat akyl ýetirýär ekeni.
Şol wakadan soň Mamur enemiz aýratyn bir durmuş bilen ýaşamaga başlady. Ol
öňki katdyna ýetmese-de, birneme dogumlandy, hemişeki hysyrdysyna başlady,
çakdanaşa uzaga çeken urşuň gutarmagyna ynam bilen garaşdy. Oba adamlary bu
ýagdaýdan özleriçe many çykaryp: «Mamur pahyram ýeldirgäp ýör öýdýän»
diýenlerem tapyldy. Munuň rast bolaýmagam ähtimaldy. Sebäbi «Nurjan neresse hut öz
elimde jan berdi» diýip, akylly-başly epeý adam çyn habar getirensoňam, beýle umyt
bilen ýaşamak akyly dürs adamynyň başarjak zady däldi.
Bolsa-da, Kölli ikimiz-ä Mamur enemiziň akylyndan azaşan adam däldigine berk
ynanýardyk. Onuň gepi-sözi ýerbe-ýerdi. Diňe «Uruş haçan gutarýar?» diýen soragy
köpräk gaýtalaýar diýäýmeseň, gaýry aýdýan zatlarynyň bary sag adamynyň agzyndan
çykyp biljek sözlerdi.
Güýz aýlarydy. Buluçlardanmy-niredenmi biziň kolhozymyz bir kerwen gawun
satyn aldy. Ol gawunlar diýseň gowudy. Emma düýekeş Hepbeli ony gowudanam gowy
edip taryplaýardy. «Pendi topragynyň sähraýy meýdanynda boý alan gawun ýalam bir
293
gawun bolarmy?! Agzyňa ýetirmänkäň, gar ýaly bolup eräp gidýär. Basym şulardan
Hindistanyň patyşasyna-da bir kerwen iberjekmişler. Çynma-Çyna-ha eýýäm aýyrpalan
bilen ýollapmyşlar. Soňam ol gawun bir gyş dursun, iki gyş dursun, hut sapagyndan
ýaňy tänderilen ýaly mizemeýä».
Soňky sözler Mamur enäniň ýüreginiň teýine jaýlaşdy, şol gawunlardan iki
sanysyny Nurjanyň gelerine saklamakçy boldy. «Birden ol heniz gawun ternelemänkä
geläýse nädip bolar? Telim ýyl bäri balam gawunam dadyp gören däldir» diýip, ol iki
sany garrygyz gawuny zordan göterip getirdi. Onuň birini-hä şolbada kesip, biz bilen
iýdi, ikinjisiniň bolsa, daşyny alaja ýüp bilen torlap, düýp agajyň ýanyndan asyp goýdy.
... Ala baýtally ýolagçy başga ýerlerde halanmasa-da, Gojuk gowy görýärler. Biri
gökbogma bilen kesellese-de, hörezeklese-de ala baýtallydan em soraýarlar. Bu
ozaldanam gelýän düzgün ekeni. Ýöne, ala baýtallynyň abraýy uruş gutaransoň hasam
beýgeldi.
Şol bahar gününiň öýläni peýda bolan ala baýtally oba adamlarynyň ezeneginden
göterilen ýaly etdi. Adamlaryň ýüzlerinde telim ýyl bäri görünmedik ýylgyryş peýda
boldy. Goşa köpriniň ýanyndan görnen ala baýtally obanyň ilersinden girip,
gaýrasyndanam çykyp gitdi.
– Haý, jemagat, gözüň aýdyň! Gyrmanyň tugy ýykyldy! Gyrmanyň tugy ýykyldy!
– diýip, ol adam agzynyň ýetişdiginden gygyryp barýardy. Ol saklanmadam, hiç kimden
söýünjem almady. Asyl biz ol ala baýtally adamynyň kimdiginem tanaman galdyk.
«Gyrmanyň tugy ýykyldy!» Emma şol ýeke tuguň ýykylmagy üçin ýüz müňlerçe
goç ýigitleriň ýykylandygyny il bilen deň hatarda urşuň sütemini gerdeninde çeken
gojuklylaryň her biri bilýärdi. Ol ýeňiş pida bilen gazanylan ýeňişdi. Oňa garamazdan,
adamlaryň ýüzüne birden ýagty çaýyldy ötägitdi.
Hoş habar oba ýetenden, Kölli ikimiz Mamur enä buşladyk. Garry ikimiziňem
maňlaýymyzdan ogşady.
– Wah, diljagazyňyzdan aýlanaýyn, köşejiklem, diljagazyňyzdan öwrüleýin,
balajyklam! Ony size kim aýtdy?
– Bir ala ýabyly adam Döwlet ýegenleň ýanyndan girip buşlap gelýä!
Mamur ene agaç okarany igdeden dolduryp daş çykdy. Ol buşlukça söýünji
bermekçidi. Emma ala baýtally biziň deňimize ýetibem, bir-iki gezek gykylyklap,
saklanman geçip gitdi. Mamur ene bolsa, igdeli tabagyny gujaklap, onuň yzyndan garap
galdy. Kän mahal geçmänkä-de ol elindäki tabagyň igdesini Kölli ikimiziň üstümize
seçip goýberdi.
– Alyň balalam, çöpläň! Toý igdesi bolsun! Nurjanym indi ger.
Töwerege pytrap düşen igde ýygnap gutarardan känem bolsa, Kölli ikimiz, toýda
edilişi ýaly, bir-birimizi itekläp igde çöpledik. Mamur ene bolsa gapdalda durup, biziň
bolup ýörüşimize tomaşa etdi.
294
Urşuň gutarandygy aýan bolup başlady. Ala baýtallynyň gelen gününden bir aý
geçip-geçmänkä, Selim frontdan dolandy. Onuň yz ýanyndan Hojat bilen Garýagdy
geldi. Emma uruş gutaran gününiň ertesi peýda bolar diýip ynam bilen garaşan
Nurjanymyz welin, tomus aýlanyp güýz düşdem welin, gara bermedi. Şonuň üçinem
Mamur enäni aljyraňňylyk basmarlady. Ol uruşdan bireýýäm gelen adamlaryň ýanyna
ýaňadandan baryp, ozal soran zatlaryny täzeden soraşdyrdy. Şol bir jogap boldy: «Biz
Nurjandan Pskowyň eteginde» aýrylyşdyk».
Şondan soň Mamur ene urşuň gutarandygyna ynanmazçylyk edip ugrady. Nurjan
gelmese, onuň pikiriçe, uruş gutarmaly däldi. Ol Kölli ikimizden-ä urşuň haçan
gutarjakdygyny her günem soraýardy welin, biz ýokkak Sapar aganyň üstüne-de iki
gezek dagy gidip-gelen ekeni.
Aý aýlanyp, gün geçýärdi. Nurjan gelmeýärdi. Oňa görä-de bir mahal gutaran uruş
henizem dowam edýärdi.
Gara öýe golaýlamyzda Mamur enäniň biri bilen gürrüňleşip oturandygyny eşitdik.
Ýöne, näme üçindir, onuň gürrüňdeşi «hä», «hüm» diýmeýärdi. Asyl ol gapdalynda
irkiljiräp ýatan Aždaryň arkasyny sypalap, öz-özi bilen gepleşip oturan bolsa nätjek.
– Zeleli ýok, Aždarbaý, zeleli ýok! Garaşyber, ynha uruş gutaran badyna seň eýäň
geler, garaşyber. Şonda ikimizem ylgap, oň öňünden çykarys. Biraz tagapyl et,
Aždarbaý, tagapyl et!
Biziň baranymyzy gören Mamur ene geplemesini goýdy-da, öýe girdi. Heniz gyş
düşmese-de, howanyň birneme çigregi bar bolany sebäpli, ojaklarda ot ýakylýardy.
Ojagyň başyna geçemizsoň, Mamur ene ýene Nurjany ýatlady. Nurjanyň oglanka aglak
bolandygyny, kakasy pahyr diňdirjek bolanda diňmän, özi eline aldygy sesini tapba
goýaýýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.
Ene heniz gürrüňini soňlamanka biri içerik girdi. Ol diýseň görmegeý, şol döwrüň
ýagdaýyna görä bolmadyk, kaşaň geýnen ýaş ýigitdi. Ol gele-gelmäne:
– Garry, sen Mamur ejemi? – diýdi.
– Hawa, janym, men şolduryn.
– Şol bolsaň, gözüň aýdyň!
Mamur enäniň dili tutuldy. Çaýly käse elinden gaçyp, ojagyň gyrasynda şyglap
oturan tüňçäniň depesinden düşdi-de iki bölündi, yzgar gatyşykly kül guruma meňzäp
ýokary göterildi.
– Garry, gözüň aýdyň, Nurjan gelýä!
Mamur ene özüne gelen ýaly boldy. Ol myhmanyň boýnuna bökäýjek ýaly etdi-de,
bolan waka ynanmadyga meňzäp köşeşdi.
– Sen näme diýdiň-ä, hanym? – diýip, ol çalajadan sorady.
Ýaş ýigit owadan gözlerini oýnaklatdy.
– Ogluň gelýä diýdim. Buşluk hakymy ber!
295
– Sen kim bolarsyň. Haýsy obadan bolarsyň? Nurjanymyň gelýänini nireden
eşitdiň? Hany oň özi? – diýip, Mamur ene telim soragy yz-yzyna suňşurdy.
– Men Gojak Küläň inisi. Agam şu gün – ertir purontdan geldi. Ol ýaraly bolup,
Nurjan bilen bir gospitilde ýatypdyr. Seň ogluňam erte-birigün gelýä, – Şuny diýmek
bilen myhman yzyna aýlandy-da, gapa bardy. – Men-ä, garry, Çäşdepedenem birine
buşlukçy barýan. Agam «Ynjalsynlar, buşlap gaýt!» diýdi. Söýünjimi berseňiz ugrajak.
– Waý, jan balam, duraweri! Ynha, men saňa söýünji bererin. Geregiň söýünji
bolsun! Ähli dünýäm seňkidir, balam!
Buşlukçy iki sany kümüş bilezigi, bir gursakçany goltugyna salansoň çykyberdi.
– Duraweri! Duraweri! – diýip, Mamur ene onuň çigninden ýapyşdy. – Seň agaňy
haýsy obadan tapyp bilerin?
– Heşdekleň obasyna baryp, Goçak Küle diýseň, tanamaýan bolmaz. Özi salama
geljekdi welin, gelim-gidim bilen sypybam bilmedi.
Mamur enäniň bagtyny oýaran buşlukçy ýigit gyssanmaç çykyp gidensoň, bizem
öýde uzak oturmaly bolmadyk.
– Ýörüň, köşeklem, Heşdekleň obasyna ýeteliň! – diýip, garry öýden çykyberdi.
Heşdekleň obasy derýanyň gaýra kenaryndady. Bary-ýogy iki kilometrlik ýoly,
derýanyň köprüsi bolmany sebäpli, Mara baryp, aýlanyp gaýtmalydy. Emma Mamur
ene Mara ýönelmedi-de, göni derýa tarap gitdi. Biz onuň yzyna, Aždaram biziň
yzymyza düşdi. Üçimiz üç ýerden «Haý, Nurjan gelýä, buşluk!» diýip, obanyň içini alagoh edip barýardyk. Bir şatlyk alamatynyň bardygyny aňan garry köpegem kä
sagymyzda, kä çepimizde towsaklap ylgaýardy. Biz buşlugymyz üçin zadam alman,
diňe adamlara hoş habar paýlaýardyk.
Derýa golaýlamyzda, Mamur ene halys ýadady. Bolsa-da ol ylgawyny
gowşatmady. Demi-demine ýetişmän, sojap barşyna-da: «Men size aýtmadymmy? Ana,
gördüňizmi. Kölli jan. Uruş gutarar diýmänmidim size?! Nurjanym ýalňyz enesini
taşlap gitmez diýmänmidim? Geler diýmänmidim? Uruş gutarar diýmänmidim?» –
diýip, agzynyň ýetişdiginden gepleýärdi.
Gyşyň golaýlandygyna garamazdan, Murgabyň suwy örän kändi. Emma enäniň
perzende bolan söýgüsi, perzendini gören gözlere bir gezejik garamak höwesi mes
suwdanam, mümkin bolan heläkçilikdenem üstün geldi. Mamur ene barşyna, derýa
özüni oklady. «Gorkýaňyzmy?» diýýän ýaly nazar bilen biziň ýüzümize sereden
Aždaram, az-kem aýak çekensoň suwa girip gitdi.
Biz Mamur enemiz gark bolar öýdüp, kenarda zowzuldap durdyk. Emma garry edil
guzy ýaly ýüzüp, sag-aman o kenara baryp ýetdi. Ol suwdan çykansoň biziň
gykylygymyzy eşitse-de yzyna garaman, ýylgyndyr toraňňy tokaýçylygynyň içine girip,
Heşdekleriň obasyna tarap eňdi...
Nurjanyň diridigini eşiden gojuklylar begenip, iki bolup bilmediler. Mamur enäniň
öýüniň töweregi adamdan doldy.
296
– Alla öz penasynda saklan bendesini saklar ekeni!
– Ölme-de ýit!
– Geläýse bor gyrnak, başbogusyny tüýdüm-tüýdüm etmezmikäk!
Hesel eje oglan-uşaklara toýpaý berip eýýäm bir halta igdäni gutaryp barýardy.
– Iýiň, balalam, iýiň! «Ýagşy niýet – ýarym döwlet!». Toýa niýetledi, toýa-da
ýarady. Iýiň!
Ypbat aga eýýäm ojak gazyp ýördi.
– Bi ojak ýöne ýere gazylýan däldir, hany, Mamur sygryny soýmabilse soýmasyn!
... Hawa, ojak ýöne ýere gazylmaýar ekeni. Ypbat aganyň garader bolup gazan
ojagy Nurjanyň toý naharyny däl-de, Mamur enemiziň düşegaşyny bişirmeli boldy.
Gün ikindi ýerine ýetende, çala janly Mamur enäni Heşdekleň obasyndan bir garry
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 31
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.