Latin

Keseki - 25

Total number of words is 3789
Total number of unique words is 2128
33.0 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gyzdurdy ene bir gyrada ýüzüni aşak salyp dur. Suda başlyklyk edýänem Söýün aga.
Söýün aga iň soňundan söz alýar:
Sen Gyzdurdy enäniň çep ýaňagynda peşehorda yzynynyň ýokdugyny bileniňden soňam
şeýle gabahat işe baş goşupsyň...
Men bagty ýatan ýalňyz kempire ýagşylyk etmek isledim...
Biz sen ýaly adamlaryň bagtypese nähili ýardam edýändiklerine belet. Saňa nälet bolsun,
nälet!
“Nälet bolsun!” diýen sözi agaçlar, daglar-daşlar ýaň salyp gaýtalaýar.
Märekäni iki tarapa bölüp, polisiýanyň maşyny peýda bolýar. Maşynyň rulunda oturan hem
ahmet ýegen...
Der basan Atamerdan oýanýar.
Ertesi irdenem görlen düýşüniň täsirinden çykyp bilmedik Aramerdan, çaý mahaly hem
garrynyň ýüzüne arkaýyn seredip bilmän oturdy. Ol düýnki işini dowam etmek üçin daş
çykdy.
Aramerdan ýaňy işe başlan badyna, howlynyň gapysy jygyldady-da, garaşylmadyk
ýerden Ahmet ýegen göründi. Ol Ahmediň beýle ir peýda bolmagynyň sebäbini gözledi.
Düýnki gürrüňiň yzyny yzarlap geldimikä? Öten agşamky düýş hakykatda dowam
etjekmikä?
─ Atamerdan, daýy, salowmaleýkim!
─ Salam.
Ahmet ýegeniň sesinden, çalarak ýylgyryp seredişinden many alsaň-a, hiç hili
ýakymsyz gürrüň ýa-da görlen düýşüň dowamy bilen baglanyşykly mesele bolmajak ýalydy.
Bolmasa kemem däl. Belkem, Ahmet ýegen nädogry pikir edýändigine düşünendir.
─ Irläpsiň-le, Atamerdan daýy?
─ Ol sowaly men saňa berjekdim welin, öňürdäýdiň...
─ Men senden ötünç soramaga geldim.
─ Agşam sesimi gataldanym üçin gaýtam men senden ötünç soramaly ýaly welin...
236
─ Ýok, beýle däl. Sen barmadyk bolsaň, men öz kalbymdaky ýalňyş pikirimi göterer
ýörerdim. Baranyň gowy boldy. Sen meni oýlandyrdyň. Men sen hakda ýalňyş pikir
edipdirin. Eger sen meniň çak eden adamym bolan bolsaň: “Ejeme bir zat bolaýsa, seni
ýaşatman” diýmezdiň-de, gaýtam, Gyzdurdy daýzama çaltrak “bir zat” bolmagyny islärdiň.
Şeýle dälmi?
─ Adamçylyk nukdaýnazaryndan garasaň dogry netijä gelipsiň, Ahmet ýegen.
Öten agşamky bolan ýakymsyz gürrüňden soň Atamerdanyň agzyndan “ýegen” sözüni,
onda-da ýaňsylanman, çyn bilen aýdylan sözi eşitmegi Ahmedi az begendirmedi.
─ Dogrudanam, meň eden çakymyň manysy gulagyna ýetäýen bolsa, daýzam pahyr nä
güne düşerdi!
─ Ýalňyşyňa düşünip ony boýun almagam mertligiň alamaty,Ahmet ýegen. Irden şol
mert habar bilen geleniňe men begenýän. Daýy-ýegeniň arasynda tow galmasa gowy-da.
─ Tow bolmaz, enşalla! – diýip, Ahmet ýegen begençli gepledi. – Men gitdim onda,
Atamerdan daýy.
─ Näme, ejem bilen salamlaşman gidiberjekmi sen?
Atamerdan Ahmediň girip giden gapysyna seredip durdy. Ahmet içerde kän
eglenmänem, daýzasy bilen tirkeşip daş çykdy.
Gyzdurdy ene howlynyň gapysyna tarap ýönelen Ahmet ýegene Atamerdanyň beren
sowalyny gaýtalady. Ahmede derek sowaly eşidip duran Atamerdan jogap gaýtardy.
─ Biz Ahmet ýegen bilen gadyrly salamlaşdygam, eje, gadyrly hoşlaşdygam.
─ Daýy-ýegen şeýle bolmalam-da.
Ahmet ýegen ýylgyryp barşyna:
─ Sag oturyň! – diýip gitdi.
Gyzdurdy ene ýegeni gidenden soň yzyna gitmän, oglunyň ýanyna bardy-da, garry tut
agajyna elini diräp, Atamerdanyň edýän işini synlamaga durdy.
─ Arma, oglum!
─ Bar bol, eje. Senem arma!
─ Aryp-armaz ýaly men näme iş edýämişim?
─ Girip-çykyp ýörmegem iş ahyryn.
─ Onuňam dogry. Adam garrasa, girip-çykmagam agyr iş ýaly bolýar eken. – Az-kem
dymyşlykdan soň ene goja tuda seretdi. – Atamerdan jan, şu şatut seň bilen gözlüje ýaşyt
diýsemem ýalňyşman.
Edip duran işinden ünsüni bölen Atamerdan garra üns berdi. Ol çep eli bilen şatuduň
köne agajyna ýapyşyp durdy. Goja tuduň töňňesiniň ullakan teňňe balygyň gerşine meňzeş
bölek-bölek bolup duran garamtyl gabagy kempiriň eliniň gasyn-gasyn ýygyrtlary bilen
çalymdaş bolup görünmegine Atamerdan haýran galdy. Ol assyrynlyk bilen öz eliniňem
ýeňse tarapyna seredensoň, ýene garrynyň elini synlady. Wagt nämeler etmeýär!
─ Özem iki düýpdi. Kakaň pahyr nahallary oturtdy-da: “Gyzdurdy, iki şatudyň biri
seňki, birem meňki” – diýdi. Ýer yranandan soň, iki tuduň biri derrew gurady. Şol guranam
kakaňky bolmalydyr... Yhna, indi biýem gurap gutarjak – Gyzdurdy ene öz eliniň ýeňsesiniň
hamyna meňzeş gabygy çalarak sypady. – Soňsuz zat ýok-da.
Enäniň şatuduň garrandygy hakyndaky gürrüňini özi bilenem baglap aýdandygyna
düşünen Atamerdan:
─ O tudy entek-entek guratmarys, eje! – diýdi. – Düýbüni ýumşadarys, wagtlywagtynda suw bereris...
237
Atamerdan aýtjagyny tut bilen baglap aýdanam bolsa, Gyzdurdy ene “at oýnatjak”
bolman göni gepledi.
─ Ömrüňdir-dä, oglum. Baky ýaşaýan barmy? Ýogsam, bujagaz güne ýetilensoň, bäş-üç
ýyl ýaşalaýsa-ha kem däl welin... agtyk gelin görerin diýib-ä hörpi aňyrdan tutup biljekgä.
Ýöne agtygyň özüne guwanyp biraz ýaşasamam kem görmezdim.
─ Gelniň bilen agtygyň-a şu gezek saňa garaşjakdyram. “Alyp gelgin” diýip
tabşyrdylar. Ýöne men şu ýerden baran badyma iki hepdeläp çöle gitmeli. Öýde bile bolar
ýaly, seni indiki gezek äkidäýeýin.
--Bolar, balam, bolar. – Ol ýene tuda seredip ýylgyrýar. – Öňümizdäki ýazda şu tuduň
tudanasyndan bir banka ýygnap, Balkan jana iberjek. Atasynyň özüni-hä görmek nesip
etmedi welin, onuň eken tudunyň miwesinden bir datsyn çaga.
Iki sany gepleşik epizod
1. Aşgabatdan günbatara tarap barýan otlynyň içi. Küpede Gyzdurdy ene, Atamerdan
hem orta ýaşly iki sany aýal bar. Atamerdan bir alada bilen daş çykýar. Onuň yzyndan
mähirli garap galan ene ýanyndaky aýallara çykyp gideniň kimdigini, nähili mährem
oguldygyny “gürrüň”berýär. Iki aýal kempiriň gürrüňini haýran galyp, kä baş ýaýkap, kä
tukatlanyp diňleýär. Olar özleri-de şeýle bagtyýar bolmak üçin Gyzdurdy enäni ýüzlerin
sylýarlar. Eli birki sany çüýşeli Atamerdan dolanyp gelýär. “Gep-gürrüň” gutarýar. Dört
sany bulgura suw guýan Atamerdan olary ýolagçylara paýlaýar. Gyzdurdy ene, elbetde,
guwançly tolgunýar.
2. Günbatardan Aşgabada tarap barýan otlunyň içi. Küpede Gyzdurdy ene, Ýazgül hem
iki ýaş gyz bar. Ýazgül bir alada bilen daş çykýar. Onuň yzyndan mähirli garap galan ene
ýaňky gelniň kimdigini nähili gowy maşgaladygyny, özüne mähremdigini gyzlara “gürrüň”
berýär. Gyzlar garrynyň gürrüňini aňk bolup “diňleýärler”, baş ýaýkaýarlar, kä gamlanyp, kä
şatlanýarlar. Ýazgül dolanyp gelýär. Ol kagyz gaba dolap getiren owadan almalaryny ortada
goýýar-da, öňürti garryny, soňam ýolagçy gyzlara hezzetleýär. Gyzdurdy ene elbetde,
guwançly tolgunýar.
***
Ömürboýy garaşyp, ýetilmesi gatybir mümkinem däl arzuwyna ýeten Gyzdurdy enä
ýetilmesi ap-aňsat bolaýmaly maksadyna ýetmek welin miýesser bolmady. Atamerdan
oglunyň suwa düşülmek üçin ýörite guran jaýjagazynda ýeke gezek ýuwunmagam oňa nesip
etmedi. Ol Orazly aganyň eken şatudunyň tudanasyny banka salyp, Nebitdagdaky mölegöz
agtygy Balkana dadymlyk hem iberip bilmedi. Kempir tudana bişmeginiň öňünçäsi ýanyny
ýere berdi. Oba adamlary gurt ýaly gurat hasap edilýän Gyzdurdy enäniň beýdip, birden
başyny ýassyga goýmagyny onuň gaty begenmegi bilen baglaşdyrdylar. Ol çaklamanyň
hakykat bilen bap gelýänini-gelmeýänini diňe Hudaý bilýärdi. Emma kempiriň indi aýak
üste galmajakdygy welin sada bendesine-de düşnüklidi. Çünki doktorlaram garrynyň
ýatyşyny gaty agyr hasapladylar.
Gyzdurdy enäniň ýagdaýynyň habary baran badyna Aşgabada gaýdan Atamerdan bilen
Ýazgül, oba-da sowulman, göni näsaghana geldi.
Garra seredýän doktor kempiriň ýagdaýynyň gaty teňdigini duýduryp, indi onuň uzaga
çekmejekdigini-de ýaşyryp durmady.
Atamerdan bilen Ýazgül başujuna baryp oturanda, olara gözi düşenden Gyzdurdy ene
gözýaş etdi. Atamerdan mertlige salsa-da, Ýazgül welin aýal ejizligini ýeňip bilmedi.
238
Garry birneme köşeşensoň onuň:
─ Göwnüň isleýän zady barmy, enesi? – diýen sowalyna kempir baş atyp jogap
gaýtardy.
─ Näme isleýän bolsaň, taparys, eje? – diýip, Atamerdanam gobsundy. – Gawunmy,
garpyzmy, üzümmi...
─ Ýekeje mar, balalam, ýekeje...
─ Näme isleseň, taparys, aýt, eje.
─ Islegim... meni öýe eltiň! – diýip, Atamerdanyň elinden tutdy. – Seň dünýä inen
ýeriňe baryp, aýagymy uzatsam. Ýazgül jan, ikiňizem ýanymda dursaňyz... Mende başga
arman ýok...
Näsaghanadan öýüne getirilen ene öz öwrenişen ýerinde ýatyrylansoň, Atamerdan bilen
Ýazgülem üstünde pelesaň urup duransoň, birneme kuwwatlanan ýaly boldy. Ahmet ýegen
hem gelip, daýzasynyň ýannda durdy. Ýöne kempiriň oňatlaşan
ýaly ýagdaýy uzaga çekmedi. Agşamyň düşmegi bilen garry göz-görtele pessaýlap
başlady. Onuň gözüne ýaş aýlandy, bir zat diýjek boldy, başarmady.
Ýazgül Atamerdana ümledi. Atamerdan has golaýyna süýşüp, garrynyň elinden tutdy.
─ Eje! – diýende, onuň sesi sandyrady. – Näme diýjek bolýaň, eje?
Ol ses gulagyna ilendigini aňdyran Gyzdurdy enäniň dodagynda çalaja ýylgyrylýan ýaly
görnüş peýda boldy. Ýazgülüň göwnüne bolmasa, ol diwardaky suratlara tarap seretdi.
─ M-men ... ra-razy...
Birdenem dodagyndaky ýylgyryş hassanyň tutuş ýüzüne çaýylyp Gyzdurdy ene doňup
galdy.
Gözi ýaşly Ýazgül enäniň ýüzüni ýaglyk bilen örtdi.
Garrynyň elinden elini aýran Atamerdan ýerinden turup, Ahmet ýegene seretdi.
─ Ejem-ä işini betirdi. Ahmet ýegen.
“Hemme adamam dünýäden şeýdip, ýylgyryp gidýämikä?” –diýip, Ahmet ýegen özözüne sowal berdi. Onuň gulagynda Atamerdanyň tabşyrygy ýaňlandy.
─ Sen derrew git-de, Söýün aga habar ýetir. Türkmençilikde edilýän zatlaryň
hemmesini deňli-derejeli berjaý etsin!
***
Ölmek bagt dälem bolsa, Gyzdurdy ene özüniň bagtly ölüm hasap eden maksadyna
ýetdi. Ähli zat onuň çak edişi ýaly, isleýşi ýaly ýerbe-ýer boldy. Onuň mazarynyň başyndaky
sowallaryň jogabyny Atamerdan gaýtardy. Ilkinji bir penje gumy hem mazara Atamerdan
taşlady. Ýüzlerçe adam öwülýäden gaýdanda-da, mollanyň tabşyrygy bilen gölegçileriň
öňüni hem merhumyň ogly çekip gaýtdy. Gyzdurdy enäniň ölenden soňky aladalary hem
deňli-derejeli abraýly geçdi. Oňa kempiriň ruhy hem şaýat bolandyr welin, garrynyň
obadaşlary-da az begenmediler. Gyzdurdy enäniň deň-duşlary bolsa, bu jahandan gitmeli
pursat gelende şeýle uly abraý, hormat-sylag bilen gaýtmagy Hudaýdan dilediler.
***
Gyzdurdy enäniň kyrky bellenen güni giçki otly bilen Ýazgüli Nebitdaga ugradan
Atamerdan yzyna dolandy. Onuň özi hem ertir öýlän bu ýere gelmeli skulptor bilen
duşuşandan soň, ýola düşmekçidi. Ozal gepleşilişi ýaly, Gyzdurdy enäniň mazarynyň
239
üstünde dikeltmek üçin Atamerdanyň buýruşy ýaly ýadygärlik ýasaýan skulptora edilýän
şekile çykýan harajatyň belli bir bölegi berilmelidi.
Emma nebitdagdan gelen telefon habaryndan soň Atamerdan Ogulbossan goňşynyň uly
ogluny Ahmet ýegeniň yzyndan ibermeli boldy. Ol Ahmet ýegen gelýänçä edilmeli işlerini
etdi: skulptora berilmeli puly sanap, stoluň üstünde goýdy, bir sahypa ak kagyza bolsa, uly
harplar bilen “Gyzdurdy Orazla ogly Atamerdandan” diýen sözleri ýazdy. Şol mahal hem
Ahmet ýegen içerik girdi.
─ Çagyran ekeniň, Atamerdan daýy...
─ Zerur alada çykdy, Ahmet ýegen. Men gyssagly iş ýerime gitmeli boldum. Ertir sagat
üçde bir hudožnik ýanyma gelmelidi. Onuň özem şähere günorta golaý dolanmakçy. Sen
öýde bol. Şu puly hem şu kagyzy oňa gowşurarsyň. Men oňa aňyrdan jaň ederin... Ynha-da
ejemiň howlusynyň açarlary...
─ Açarlary men nätmeli?
─ Açarlar indi seňki bolar. Howla-da özüň eýelik et, jaýa-da.
─ Sen näme?! – diýip, ör-gökden gelen ýaş ýigit aňk-taňk boldy.
─ Meň bu ýerde ýaşamak meýlim ýok
, Ahmet ýegen. Öwrenişen ýerim, halaýan işim, öýüm-öwzarym Balkanda. Ejemiň
ýylyny geçirip gidemsoň, men bu oba ýa gelerin, ýa gelmerin. Howlam, içindäki zatlaram
seňki. Ejem bolmasa, bärik aýagymam çekmeýä. Onsoňam, bu ýer indi meň üçin manysyz
boş ýaly. Ýöne, ejemiň gapysy ýapylmasyn... Senem ejemiň ýegeni ahyryn... Ertir hudožnige
gowşurmaly zatlaryňy özüň bir ýerde goý. Men-ä giçki otly bilen ýola düşerin.
Pullary ýazgy edilen kagyza dolan Ahmet ýegen beýleki otaga girip gidensoň,
Gyzdurdy enäniň krowatynyň gyrasynda oturan Atamerdan diwardaky suratlary synlamaga
başlady. Onuň nazary enäniň şekilinde saklandy. Garrynyň wertolýotdan düşen badyna
özüne tarap okdurylyşy Atamerdanyň göz öňünde janlansa, gulagynda “Balam, Atamerdan
jan!” diýen agy hem şatlyk gatyşykly ýiti ses ýaňlandy.
Atamerdanyň gözleri
nemlendi.
Ýanwar. 1997. Murgap
240
SERWI GELIN
(Gündogar powesti)
Aglamaklyk söýmeklikden nyşandyr,
Söýgini ödäne aglamak gerek.
D. HALDURDY
Haýsydyr bir döräýmegi ahmal keseliň öňüni almak üçin hemme kişä edilýän
sanjymy ýa-da mekdepde okaýarka geçirilen lukmançylyk barlaglaryny hasaba
almasaň, Togtamyş şu mahala çenli saglyk ýagdaýy sebäpli lukmana ýüz tutan adam
däl. Şonuň üçinem ol, gökden düşen ýaly bolup, hemme zada haýran galyp oturmasada, giň hem arassa zalyň ugrunda öz iş-aladalary bilen bir otagdan çykyp beýlekisine
girip ýören ak halatly adamlary göz synagyndan geçirip otyr. Bozoglan bilen bir
gapynyň öňünde lukmanyň çakylygyna garaşýan aksakal, öýkeli ýaly bolup:
--Inim, ýaş ýigit halyňa bu edaralarda seň nämişiň ba? Tebibe—lukmana men ýaly
alty müçäni birçak arka atan adam ýüz tutanda bolmyýamy?—diýdi.
--Durmuşdyr-da, atam—diýip, ýylgyran Togtamyş aňyrrakda bir gapynyň öňünde
çagasyny gujaklap oturan gelne tarap elini çalaja salgady.—Men-ä otuz ýaşap barýan
welin, anha, bir ýaşamadyk bäbegem lukmana garaşyp otyr.
--Onyňam dürs, inim—diýip, ýaşuly Togtamyşyň el salgan tarapyna seredensoň
gepledi. Şol mahal hem ýigit bilen aksakalyň garaşýan gapysy çalarak açyldy-da
“Mämmedow !” diýlen ses eşidildi.Ol Togtamyşyň çagyryldygydy.
Bu etraplarda adygan ýaşuly lukmanyň köpi görendigi agras sypatyndaam bildirip
durdy. Ol seredip oturan kagyzlaryny ýuwaşlyk bilen bir tarapa süýşürensoň, äýneginiň
üstaşyry Togtamyşa parahat, ýöne ötgür nazar bilen garady.Ýagdaýyň barybir uzaga
gitmän üstüniň açyljakdygy üçinmi, ýa-da aýtmaly habarynyň soňy ölüm bilen bagly
howply däldigi üçinmi, gelnen netijäni gizlin syra öwürjegem bolmady.
--Inim, maňa-ha ony saňa aýtmak, saňa-da ony menden eşitmek aňsat düşmez welin,
süýji ýalandan ýene ajy hakykat ýagşydyr...
Lukman entek esasy aýtjagynyň başyny başlamadygm bolsa, ýaňky gepiinden soň
indiki habarynyňam nähili manyda boljakdygyny çaklan , ozal özi hem şol howply
ýagdaýyň boljakdygyna çaklaýan Togtamyş:
--Ýagdaýy gizlejek bolup oturma, agam!—diýeninem duýman galdy.
-- Aýtsam, senden perzent önmeýä, inim—diýen, ýaşuly habaryny aýlap-öwrüp,
uzaga-da çekip durmady..-- Barlagyň beren netijesi şeýle.-- Ol aýdýan kesgitli
netijesiniň diňe özündenem çykmaýandygyny tekrarlajak bolýan ýaly ýap-ýaňy
gapdala süýşüren kagyzlaryny gaýtadan öňüne çekip, ikinji gezek seredişdirip otyrka
gepledi.--Derňew şony görkezýär... Oňa biziň dilimizde ozaspermiýa diýlýär. Ýstesnede, inim,özümem şu ýerde bir egne otuz alty ýyl bäri işleýän...
Doktoryň näçe ýyl işleýändigini habar bermegi-de hälki bir gep ugruna aýdylyp
goýberiläýen däldi, Ol habaryň ýaş ýigit üçin örän ýakymsyz manysy bolmalydy. Ol
habarda “Meniň gelen netijämiň gümürtik çykjak gümany ýokdur, ýene bir ýerlere ýüz
241
tutjak bolubam ýörmegin” diýen manysy
bardy. Ony eşitmek esasy habary
eşitmekden ýeňil däldi.
Entek ata bolmadyk ýigitleriň arasynda şeýle ajy hakykaty bileninden soň aragaşeraba urup gidýänleri-de, mertebe basgançagynyň iň aşaky sekilerine çenli pese
düşýänleri-de bolýardy. Emma Togtamyş welin, kesesinden garasaň, ýakymsyz habary
göwnübir, kaýyllyk bilen kabul edene meňzedi. Bu ýere ýüz tutmanka, barlagyň berjek
netijesini öňünden bilen ýaly onuň ýüzünde-gözünde gamgyn nyşan görünmedi, asyl
çalarak tolgunýana-da çalym etmedi. Daşyndan birbada şeýleräk görünse-de, onuň içki
dünýäsinde ýaz, tomus hatda, güýz pasly-da geçip, birden harasatly gyş başlandy.Ýene
bir hepdeden ýigrimi sekiz ýaşy dolýan ýigit entek ýaşalmaly müçeleriň üstünden böküp
garrylyga ýeten ýaly boldy. Daşy üýtgemese-de kalby gojalan Togtamyş özüni ýatdan
çykardy, kellesinde ”Serwi näder?” diýen sowal döredi. Togtamyş ol sowaly hyýalynda,
özi-özüne berendirin öýdüpdi. Emma ony hyýalynda däl-de, dilinde aýdandygyny
ýaşuly lukmanyň beren sowalyndan soň bilip galdy.
--Serwi diýýäniň kim ol?
--Serwi meň gelnim.
--Seýrek gabat gelýan gowy ady bar eken!
--Är aýalyny, aýal ärini öwse gowy-ha dälmiş welin, oň diňe ady däl, likmsn, özem
seýrek gabat gelýän, tapylgysyz maşgala, adamçylygam çaksyz gowy.
--Halaşyp toý etdiňizmi?
--Saýlanyp-seçilip, söýüp-söýdürlip alnan.—Ara düşen dymyşlykdan soň ýigit esasy
sowalyny berdi.--Indi näme etmeli bolar, agam??
--Hätmekden Allahym saklasyn!
Şol pursat ak halatly ýaş ýigidiň otaga girip, lukmana bir kagyza gol çekdirmegi
hem biraz güýmenmegi Togtamyşa Serwi bilen bolan bir wakany ýatlamaga pursat
döretdi. Ol waka iki juwanyň durmuş toýundan bir ýyl töweregi wagt geçensoň, şu
günki ýüze çykan waka ykbalda bardyr öýdüp eger-eger pikirem edlmeýärkä, özi-de
edil şu mahalky ýaly mylaýym bahar aýynyň bir güni bolupdy.Serwiniň sesi, Serwiniň
gaýtaran jogaby Togtamyşyň gulagynda hut şu mahal aýdylýan ýaly bolup gaýtalandy.
Şol mahal, belkem, ullakan many hem gözlenmän, berilen sowalyňam, entek durmuş
bilen baglaşdyrjagam bolunman gaýtarylan jogabyňam ünsem berilmedik hakyky
manysy häzir Togtamyş üçin göterip bolmajak agyr ýüke öwrüldi: Togtamyş bilen
Serwi daşarda ikiçäk oturup çaý içýärdiler. Gapdalda duran tranzistordam gulaga
ýakymly mukam ýaňlanýardy. Birdenem Togtamyş tranzistory öçürýär.Oňa geň galan
Serwi:
--Täsin saz çalnyp dur-a. Näme üçin ony ýatyraýdyň?—diýip sowal berýär.
Togtamyş ýylgyryp jogap gaýtarýar.
--Meniň saňa täsin sazdanam täsin bir sowalym bar...
--Aýt, eşideli.
--Dünýäde menden ýakynyň, menden eý görýäniň barmy, Serwi?
Togtamyşyň ýüzüne göni seredip oturan Serwi esli salym dymýar.
--Näme dymýaň? Jogap berip bileňokmy?
Serwi ýylgyrýar.
242
--Jogabym nagt welin, şony nädip ýerbe-ýer edip aýtmagyň ebeteýini tapamok.
Neme... Häzirlikçe iň ýakynym, iň eý görýänim ilki ejem, yzyndan kakam. Sen üçünji
orny eýeleýäň, Togtamyş. Razymyň?
--Elbetde, razy. Bolmanda-da ejeňden, kakaňdan öňe geçmejegimi sen aýtmanyňdada bilýädim.
--Ýöne, ýene birnäçe ýyldan soň seniň dördünji, bäşinji orunlara süýşmegiňem
ahmaldyr. Şonda ejem bilen kakamyň orny hem yza süýşermikä öýdýän.Sebäbi, men
şeýlebir çagany gowy görýän welin, kişi çagasyny görsemem, lak atman geçip bilemok.
Öz çagam dagy bolaýsa, saňa üns bermäge-de pursat tapmazmykam öýdýän. Senem
gaty görmersiň-dä hernä?
--Gaty görmen. Şeýdip altynjy orna geçirseňem, gaýtam begenerin...
Ak halatly ýigidiň gitmegi bilen ýatlama-da tamam boldy.
--Indi näme etmeli bolar, doktor?—diýip, hyýalynda durman aýlanyp ýören sowalyny
ýene mir gezek daşyna çykardy.Togtamyş öňki sowalyny gaýtalady.
Lukman ilki egnini gysyp, ara maý salansoň gepledi.
--Durmuşda çözgütsiz mesele bolmaýa, ini batyrt. Çykalga hökman tapylar. Ýöne
beýle meselede nä günlük bilen tapylar . Berlen ömri perzentsiz ýaşap ötürýän gytmy?
Togtamyş, lukmanyň ol sözleri öňünde oturan ýigide ykbalyň beren derdine tapylan
ilde ýok em hasaplaýan ýaly ynam bilen aýdyşyny geňräk gördi, görse-de, ol aýdylany
öz ömrüniň gutarnykly kesgitlemesi hasaplady.
--Meňki-hä düşnükli welin, gelin nätmeli bolar, agam? Onda günä ýok ahyryn...
Togtamyşyň sowaly doktoryň Serwi bilen gyzyklanmagyna getirdi.
--Bu meselede diňe tebigat günäkär welin... gelniň näçe ýaşynda? Şäherlimi,
obalymy?
-- Ol menden bir ýaş kiçi. Gum etegindäki “Sazakly” obasyndan. Kakasyna-da Arça
aga diýýäler..
--Arça türkmende seýrek gabat gelýän at.. Ol Arça seýis-ä däldir?
--Şol bolmaly.Tanaýaňmy?
--Ýok, göremogam. Ýegenim şol şol obada ýaşaýa. Sazala soňky gezek bäş-alty ýyl
mundan ozal barypdym... Arça seýsem gaýybana tanaýan diýsemem bolýa.. Öňler o
seýis barada hälimi-şindi gazetlere-de ýazýardylar. Her gezegem atyň ýanynda duran
birmeňzeş suratyny çap edýädiler...
Lukmanyň şondan soňky gadymy ussat seýisler, çapylýan bedewler barada aýdan
sözleri Togtamyşyň hyýalyndaky aladasy bilen garjaşyp, manysyz ses bolup eşidildi.Ol
tebigatyň goýberýän hatasymy ýa-da etmişi barada oýlandy. Bir adamyň ykbaly
nämemiş! Tebigat hata goýberse, zabunyna tutsa, tutuş dünýä-de bulaşar. Dünýä döräli
bäri dowam edip gelýän düzgün bozulaga-da, mylaýym baharyň yzyndan gelmeli
tomsa, güýze derek aňzakly gyş düşäýse, ýeriň üstündäki janly-jandar heläk bolmaly. Ol
çökder ýalňyş adam oglunuň eli bilen, islegi bilen düzelmeli iş däl. Hörpüni gaty
ýokardan tutan Togtamyş aşak düşüp, uly dünýä hakdaky deňeşdirmesini iki sany sada
ynsanyň ykbaly bilen baglap gördi. Alnan mysal kiçi ýaly hem bolsa, manysyna görä
uly dünýäniňki ýaly boldy. Iki sany adamyň birleşen ömri hem özbaşdak bir dünýädi.
Iki ynsanyň söýgi baharynyň yzyndan nesil dowamyny döredýän pasyl gelmese, olaryň
dowamat tanapy üzülmeli. Kalp söýgüsiniň, ten ysnyşygynyň, ahyrky manysy şol
dowamatlyga dowam döretmek. Şol bolmasa käbir adamlar üçin ömürem ýok,
243
maksadam ýok, durmuşyň şatlygy, lezzeti hem ýok.Togtamyş hem şeýle hasap
ýöredýän adamlaryň biri.
Togtamyş edýän pikiriniň bir böleginden başga bir bölegine geçip, özüne gelende,
lukmanyň Arça seýisdenem, çapylýan bedewlerdenem daşlaşandygyny bilip galdy.
--...Başa agyr iş düşse-de, terkidünýä bolmaly däl, inim. Şükür etmeli. Görogly
begiňem perzendi bolmandyr-a... Taňrynyň beren kesgitlije ömür ýoluny diňe hasrat
ýüküni göterip geçmeli däl.Biziň dünýä inmegimiziň özi peşgeş berilen bagt. Şol
bagty peýdalanmaly.
Nesihat berip, akylly sözler aýdyp Togtamyşy sen köşeşdirdiň-dä, lukman. Onuň
Serwisini,Serwyboýuny kim köşeşdirmeli? Onuň şol meselede köşeşmejegi dört ýyl
mundan ozal aýan boldy ahyryn.Özi baradaky şu günki üsti açylan aýylganç hakykaty
bilmedik bolsa, bireýýäm unudylan hasaplanýan waka Togtamyşyň, belki, ýadynada-da
düşmezdi.
Togtamyşyň kalbynda “Gelnen netijä gutarnykly ynanýaňmy, lukman?” diýen sowal
döredi. Ýöne doktora berilmedik sowalyň jogabyny onuň özi tapmaga synanyşdy hem
lukmanyň gelen netijesini hakykat bilen baglaşdyrmaga mejbur boldy. Serwiboý bilen
ýaşalan alty ýyl hem doktoryň gelen netijesiniň tarapyndady.
Lukmanyň otagyndan daş çykan Togtamyş uly daragtyň saýasynda aýak çekdi.
Ýapaklaryň pyşyrdysy adam sesine öwrüldi:
–“Inim, beýle ýagdaýa sataşan diňe sen däl. Durmuşda ondan beterräk pajygaly
wakalaram bolýar. Nesibedir.Onuň üçinen Taňrynyň beren ömrüni bagtly ýaşan adam
bolup tamamlamaly.
Gury söz bilen orak orsaň, bil agyrmaýar, lukman. Sen lukman bolanyň üçinem onuň
manysyna başga adamlardan düýpli düşünmeli ahyryn. Aýal maşgala dünýä enelik
bagtyna duçar edilmek üçin iberilýär.Şonuň üçinem bir perzendi dünýä inderip, onuň
ýaşajakdyhyna ynanyp ölmäge razy enelerem bar ahyryn. Serwýboý hem şolaryň biri
bolsa nädersiň, lukmam!
--Gelin nätmeli?
Lukmanyň sçyk başlan gürrüňi açyjkyk bilenem dowam etdi.
--Ol saňa bagly. Onuň gitmegem mümkin. Adamsy şeýle ýagdaýa düşen ýaş
gelinleriň köpüsiniň özi gidýär.
--Arça seýsiň gyzy hakykaty bilse-hä, asla-da gitmez, doktor.
--Sen şoňa ynanýamyň?
--Gaty ynanýan. Ýöne men özümi ýigrendirip, ony gitmäge mejbur ederin.
Jukman tisginip gitdi. Önelgesizlik meselesinde her hili çylşyrymly närselere şaýat
bolsa-da, ýaşuly lukman beýle ki çykalga gabat gelmändi.Şonuň üçinenm ol
Togtamyşyň gelen aýgydyna berýän bahasyny ýüreginiň teýinde saklamady.
--Diňe mert adam şeýle aýgyt edip biler.Ýöne netije bolmaýmasa.
--Nämüçin?
-- Sebäbi söýýäni özüňden daşlaşdyrmak söýmeýäni özüňe imrindirmekden kyndyr.
Söýgi diýlýän zat gepedüşmezdir, dälidir, sähnedir. Men seniň ýaňky çakyňa goşulýan,
Ýigrendirjek bolýanyň sebäbini bilse-hä, ol seni hijem terk etmez.”
Şeýdip, lykman bilen bolan gürrüň ýapraklaryň pyşyrdysynda gaýtalanan bolsa,
Togtamyşyň galan ömri hem şol gürrüňi gaýtalap ýörmelidi.
*
244
Heniz günem dogmandy. Mazutdan-ýagdan dokalan eşik geýnen ýaly üst-başy
garagäz Hakberdi traktorçy hem gelip daşardaky düşegiň gyrasynda aýak epen badyna,
Serwiboý gelniň getiren böwri mawy gülli çäýneginden käsesine çaý guýan Togtamyş
ýüzüni kürşertdi.
--Çaý diýip getiren dury suwuňy özüň iç!
Serwiboý günäkär ýaly:
--Bu gezegem çaýy mydama atyşym ýaly edip atdym-a—diýende johaby
çaganyňky ýaly bolup ýaňlandy.
Togtamyş başga tarapa seredip içýakgyç gepledi.
--Men saňa çaý atmansyň diýmedim. Men saňa “Çaýa derek getiren suwuňy özüň
iç” diýdim.
Gelin adamsynyň gödek ses bilen aýdan nägilesi üçin gaşyny-da çytmady. Sebäbi
indi alty ýyl bäri şol böwri mawy gülli çäýnegi günde üç gezek çaýkap süpürýänem,
günde üç gezek demleýänem diňe Serwiboýuň özüdi. Çäýnege näçeräk gaýnag suw
sygýandygyna, şol suwa näçeräk çaý atsaň gowy çaý bolýandygyna çenli onuň eli
yram edipdi. Bu gezegem çaýyň ýuwan ýa-da gaty ajy bolmaga haky ýokdy-da, ynjyk
Togtamyşyň oňa at dakmaga haky bardy. Ol sähel zatda-da yrsaramaga bahana,
öýkelemäge ýapyşalga, Serwiboýy kemsitmäge tutaryk gözleýärdi. Adamsynyň
hereketiniň esassyzdygyny bilse-de, Serwiboý häzirem onuň tersini dürs diýip kabul
etdi. Bu gezekki böwri mawy gülli çäýnek bilen bolan ýagdaý soňky bir aýyň
dowamynda bolan wakalaryň arasynda iň bir ujypsyzydy.Ýöne bu gezekki jana
ýakymsyz gepiň Hakberdi traktorçynyň ýanynda aýdylmagy welin, Serwiboýa ähli
ýakymsyzlyklardan beter täsir etdi. Ýaşy kyrkyň onuny haýalladyp ýörse-de, gözleri
ýeňles ýetginjegiňki ýaly mydama oýnaklap duran dul Hakberdini, salaty bolmasa-da,
oba adamlarynyň köpüsi halamaýardy.Obadaşlaram halamaýany üçinmi ýa-da onuň
özünde-de bir göze ýakymsyz batnyksyz görnüş barmy, Serwiboý gelniň hem ony
sulhy almaýardy; ýolda-yzda gabat gelse-de, aglaba gelinleriň edişi ýaly, çalaja baş
atyp salam berýärdi-de, ýüzüne nazaryny öwürmän geçiberýärdi. Ana, şol adamyňyň
ýanynda kemsidilmegi welin Serwiboý gelne gaty ýokuş degdi.Üstesine-de Serwiboý şu
mahalam Hakberdiniň; “Hak etdiň,Togtamyş. “Gamyşy gowşak gyssaň gol gyýar”.
Indikisine sapak ediner” diýenini böwri mawy gülli çäмnegi göterip ugran Serwiboý
eşidip gitdi.
Hakberdiniň oba örmänkä Togtamyşyň ýanyna gelmeginiňem öz sebäbi
bardy.Togtamyş üç sany uly obanyň tutuş ekerançylygyny, mal-gara, hojalyga gerek
suw bilen üpjün edýän, derýanyň gyrasynda gurlan ona golaý mähnet nasosy
işledýänleriň ýolbaşçysydy. Şol nasoslar ýekeje gün işlemän dursa-da, üç obanyň üçüside eýýäm suw ýetmezçiligini duýýardy. Şonuň üçinem nasoslaryň biriniň bir enjamy
oňat işlemese, ony-da nobatçylaryň özleri bejerip bilmeseler,
Togtamyşy
gözläbermelidi. Hakberdi traktorçy hem näzir şolar ýaly bir möhüm alada bilen gelen
bolmalydy.Onuň bir ýatsa gaýtadan otlamasy hyllalla, şylhasy çykan “Moskwiç--412”
kysymly ýeňil maşyny ýeňil däl-de, agyr ýük maşynynyň gödek sesi bilen häzir köçäniň
gyrasynda hem tüsseläp hem tar-tarlap durdy
Çaýy gaýtadan demläp getirse-de, Togtamyşyň ýene bir ýok hokga tapyp,
özüniňem, gelniniňem keýpini bozjakdygy bellidi. Ýöne Serwiboý “ pyýada bolsa-da, “
bedew atly beg oglan” hasaplaýan adamsynyň birden häsiýetiniň beýle üýtgäp,
245
gylygynyň beýle ajamagynyň sebäbi bolmalydyr öýtse-de, nämedendigini welin
bilmeýär. Ýöne öz ene-atasynyň raýyna garaman, haýsy tarapyndan barsaňam,
megerem,Togtamyşdan belent bolmasa pes däl telim ýigidiň raýyny ýykyp guran
durmuşynyň ahyry özüni kemsitme derejesine çenli aşak düşer öýdüp Serwiboýyň
eger-eger hyýalyna-da gelmändi. Arzuw edilip ýetilen, telim nusgadan saýlanyp gurlan
süýji durmuş, göz degdimi, dil ýetdimi, birden çepbe çöwrüldi, Togtamyş düýpden
başga kişä öwrüldi, bü gün düýnküsinden erbetligi çykdy, ertiriniňem bu günkiden ibaly
bolmajagy bellidi. Togtamyş Serwiboý gelin babatda edýän hereketleriniň sebäbini
özünden gaýry hiç kim bilmeli däl, özünden gaýry hiç kim hiç mahal bilmezem öýdýär.
Ozalam ýürekden söýen, Serwiboý adyna tüýs mynasyp, ak derek ýaly gelnini, häzir
öňküsindenem zyýat söýýän gelnini bagtly maşgala etmek üçin Togtamyş oňa yza
iýdirmek ýoly bilen özüni ýigrendirmeli. Ol şondan gaýry çykalga ýok hasaplaýar..
Eýýäm bir aý töweregi wagtdan bäri Togtamyş özünden başga hiç kime düşnüksiz
maksadyny amala aşyrmagyň aladasy bilen ýaşaýar. Täze tapan nysaklaryny arasyny
üzmän dowam etdirberse, Togtamyşyň uzagyndan öz tutan maksadyna ýetäýmegem
mümkin. Näziklikden ýasalyp, näsiklik dünýäsinde ýaşasa hasam terlenýän gül
ýapragyna meňzeş söýginiň ýerliksiz kemsitmeleriň tasiri bilen solup, diňe awuly
tikeniniň galmagy-da ahmal. Beýle-beýle çoçgara çolaşmak hyýalyna-da gelmedik
Serbiboýa dörän ýagdaý bolmalysyndanam has beter täsir etdi, güni gam bilen dogup,
gam bilen ýaşmaga başlady. Ol ýakymsyz durmuş gündelik hakykat. Emma Serwiboý
hakykaty hakykat däldir hasaplaýar, ýagdaý tiz düzeler öýdýär.. Onuň çak edişine,
ynanyşyna görä, ýakymsyz düýşden soň ýene öňki ýakymly durmuş dowam etmelidi.
Togtamyşyň birden gylygynyň ajap başlamagy, onuň gelnine azar berýändiginiň
telim esse ulaldylan gürrüňi derrewem oba ýaýrady. Oba adamlary Togtamyşyň bolşuny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 26
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.