Latin

Keseki - 14

Total number of words is 3763
Total number of unique words is 2215
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geýmeli?.Agabegiň aýaly-ha ondan ýaşy uluragam bolsa,daş-iç girip-çykanda
donsuz.Belkem, Akmaral öz ile äşgär ýagdaýyny basyrmak üçin dona bukulýandyr?
Häzir don bilen ýapdyň-da, ýene birki aý geçensoň nätjek? Ýa seni ýeneki birki aýa
ýetirmezleremmikä?..
Näme üçin Akmaral kepbä tarap seretmän, yzyna aýlandy? Belki-de, ol oba
ýaýran gürrüňden bihabardyr? Habarly bolsa, günäkär hasap edilýän bilen ýagdaýy
maslahatlaşmagyň gamyny iýerdi ahyryn.Gepleşmäge-sözleşmäge mümkinçilik döräp
dur.Hut üç gün mundan ozalam ol töwerekde hiç kimiň ýokdugyndan peýdalanyp,öz
bişiren unaşyndan ýesire bir tabak getirip gitdi.Syryny açmaýar welin,onuň Blokwiliň
janyna haýpy gelmeýärmikä?
Dörän hem döreýän sowallar Blokwili däli etdi.Aýak ýygnanyp,adamlaryň ýatar
wagty bolýança-da jogapsyz galýan sowallaryň sany köpeldi.
*
* *
130
Günorta naharyny iýip bolan Blokwil Akmaralyň öýden çykyp, kepbä tarap
gaýdandygyny gördi.Ol nahardan boşan tabagy alyp gitmek üçin gelýärdi.
--Siz
meniň ýanyma gelmäge hossarlaryňyzdan gorkmadyňyzmy,
Akmaral?—diýip, Gulam gajaryň gtiren habaryny kellesinden çykaryp bilmeýän
Blokwil soragynyň ýapyk manysyna Akmaral düşünýändir öýdüp swal berdi.
Sowalyň manysyna dogrudanam düşünmeýändigi üçin Akmaral ýarym oýun,
ýarym çyn bilen:
--Men zärtdan gorkýanlardan däl—diýdi.
--O nä sebäbe beýle?
--Iň kyn hem iň gorkuly zat ölüm diýýäler.Ölümden gorkýanlaram ölümden
başga kynçylyklaryň hemmesinden azat bolansoň,ölümden başga kynçylyk bardyr
öýtmeýän adamlardyr.
Blokwil Akmaralyň näme ücin beýle diýýändigine gulagyna ýeten habar
netijesi hakynda pikir etmek arkaly düşündi.
--Ol dogry.Agyr günden ölümem ýeňildir.Ýöne siz entek ýaş ahyryn?
Ýaşajak bolmaly.Durmuşdan lezzet aljak bolmaly.Erkin adam durmuşdan lezzet
alyp bilmese,özi günäkär.
Gep-gürrüň bilen ýesiriň içgysgynç ýagdaýyna ýeňillik bermek islän Akmaral
nahardan boşan tabagy eline alanam bolsa, samanyň üstünde dyz epdi.
--Durmuşda lezzet ýok,ezýet bar,Jorj.
--Akmaral,siz naçe ýaşyňyzda?—diýen sowal,başlanan gürrüňe dahylsyz
ýaly bolup ýaňlandy.—Biziň ilimizde aýalyň ýaşy-ha soralmaýar welin...
--Her iliň öz däbi bardyr-da.Ýogsam,ýaş soraşmak aýyp zatmyşmy? Men
ýigrimi ýedi ýaşymda.Sen näçäňde?
--Men bir müň sekiz ýüz otuz üçünji ýylda Normandiýada doglupdyryn.
--Sen menden alty ýaş dagy uly bolýaň-da?
Akmaralyň Ýewropa ýyl hasabyndan baş çykarmaýandygyna düşünen
Blokwil:
--Ýok,beýle däl—diýdi.--Çylşyrymlyrak edip aýdaýdym öýdýän.Men ýigrimi
sekiz ýaşymda.
--Aý,onda,ikimiz ýaşyt diýsegem bolýa.
Şondan soň Akmaral dymdy. Blokwil Gulam ýesirden eşiden habaryna
geçmek islese-de, gepi nämeden başlamagyň ebeteýini tapman garaşdy. Emma
pereňli garaşsa-da,Akmaral esasy gürrüňe-de geçmedi,dymyşlygam bozulmady.
Gaýtam, ýesiriň özi geplemeli boldy.Ol başga-da gep tapmansoň,kepbäniň açyk
duran agzyndan dury asmana seretdi, gökde ýyldyz görünmese-de:
--Asmanda her kimiň öz ýyldyzy bolýamyş—diýip, ýerliksizräk dillendi.
--Meň ýyldyzym ýokdur…
--Hökman bolaýmaly,Akmaral,hökman.
--Ýerde bagty bolmadyk adamyň asmanda ýyldyzy bolarmy!
«Bu näme üçin esasy meselä geçmeýärkä? Ýa-da Gulam gajaryň habary...
Şeýle bolaýanda-da, bu näme üçin tabagy alyp gidibermän eglendýärkä?» Ol özüni
hem ýanap tapylan gürrüňiň magadyna ýetmek isledi,özüniň sebäpkär däldigine
gözi ýetip durka sebäpkäri bilmek has-da gyzykly boldy. Bolsa-da kyn sowaly
bermekden saklandy, dymyp oturmazlyk üçinem güýmenjelik gep gözledi.Gep
131
hem gerek mahaly tapylmaýar ekeni. Şeýtse sebäbini bilmek isleýän meselesiniň
üstünden barylar öýden Blokwil zoňtarrak sowaly diline getirmeli boldy.
--Akmaral, siz toý etdiňizmi?
--Meni ýakyndan tanasyň gelýärmi,Jorj?—diýende,keseräk oturan
Akmaralyň ýylgyrýandygy göründi.
--Dogrymy aýtsam,kän mahaldan bäri sizi tanamak işleýärdim.Adam öz
hormat goýýanynyň kimdigini doly bilmek isleýär...Siziň täsinligiňiz, pars dilini
oňat bilşiňiz mende bir topar sowal döredýär..
Blokwil Akmaral açylmaz öýtdi. Emma Akmaral gepläp başlady:
--Men on iki ýaşymdakam,alamana gelen gajarlaryň eline düşdüm,Jorj.On
iki ýaşly gyz bolup gitdim,on ýedi ýaşly gyz bolubam, yzyma dolandym..
Blokwil birden:
--Olar sizi biabraý etmän, yzyňyza gaýtardylarmy?—diýenini hem duýman
galdy.
--Şoň şeýle bolandygyna bir-ä ýokardaky Hudaý ynanýar,birem ýerdäki
men ynanýan. Başga hiç kim ynanmaýar. Öz garyndaşlammam ynanýandyr
öýdemok.Şoň üçinem men betbagt bolup galdym,Jorj... Bir gezek gajarlar maňa
biri bilen nika gyýjak boldular. Razylyk bermedim.Mertlik edilende “Mertlik
edildi” diýmeli.Ilki-hä, men razylyk bermänim üçin, şerigat düzgünini
bozmadylar, soňam Apbasaly üçin meň raýyma garamaly boldular..
--Apbasaly kim?
--Apbasaly meň Horasanda bendilikde bolan tirämiň kethudalarynyň biri
ekeni.Ony alamançylykda burkazlar ýesir alypdyrlar.Meni şol Apbasaly bilen
çalyşmaly etdiler.Ahyr çalyşdylaram.
--A, soň....
--Men seň garaşýan zadyňy çaklaýan, Jorj.Onam aýdaýyn.Şonça ýyl
gyrnaklykda bolup gelen maşgala kime derkar? Türkmenler ady zaýany maşgala
edinmeýäler... Enem-atam, men çagakam ýogalypdyr.Iň ýakyn garyndaşym meni
ýazlaga äkiden daýym.Bu ýerdäkiler meň doganoglanlam... Şeýdip,şü
garyndaşlammyň saýasynda saýalap ýörün.
Akmaral sözüni tamamlansoň, Blokwil:
--Biziň dilimizde siz ýaly maşgala «Garry gyz» diýýäler,Akmaral—diýdi.
--Şol söz türkmende-de bar...Maňlaýyňa Hudaý näme ýazan bolsa,şonam
görmeli-dä.
--Maňlaý maňlaýdyr welin, siz indi şeýdip,garry gyzlygyňyza ýaşap
ýörjekmisiňiz?
Blokwil şol sowal bilen esasy meseläniň üstünden barandyryn öýtdi.
Akmaral ýene uludan den aldy.
--Meň ýaşajagym, ýaşamajagym belli däl,Jorj.Garrygyz bolsaň, seni
kemsitjek bolýanam tapylýar. Özüňi kemsitdirip ýaşanyňdan öleniňem
gowudyr.Men bagty ýatan naçar.
--Düşünmedim.
Birdenem Akmaral özüniň gatyrak gidendigini duýup galdy:
--Men näme samrap otyryn-a?
--Bu gürrüňler samrama däl...
132
--Hawa-da,menem
kimdir birine ýüregimi açmaly-da.Ýogsam,ýarylyp
barýan .Birehim ýakyndan rehimdar keseki gowy ýene.
Akmaralyň soňky sözlerinde many kändi, belki olnuň Gulamyň aýdan habary
bilenem baglanyşýan bolmagy-d ahmaldy. Ýöne ol syry syr saklaýanyň özi
aýtmasa, kesekiniň biljek gümany ýokdy.
Akmaral dymdy.Dymmaýanda-da, ol barybir, Blokwiliň aýdyňlaşdyrmak
isleýän esasy syrynyň üstünden barmaýardy.
Pereňli ýene ony gepletjek boldy.
--Men hiç zada düşünemok,Akmaral.
--Düşünmeýäniňem gowy zat...
Eýemyradyň gapysy takyrdady.
--Gelnejem daş çykdy.
Kepbedäki gepleşigiň arasy bölündi. Eýemyradyň gapysy ýene takyrdady.
--Gelnejem öýe girdi.|
Şol adaty habar Blokwiliň Akmaralyň agzyndan eşiden iň soňky habary
boldy.
Ýesiriň kepbesi boşap galdy.
*
* *
Mämmedöwez pälwanyň säher namazynyň «Allahi ekberinden» soň töwerekdäki
öýleriň maýda çagalaryndan özgeleri aýak üstüne galýardy.Namaz okamaýan
adamlaram şol pursaty geçirip ýatsalar, biedeplik hasaplanýardy.Blokwile hem şol
düzgün endik bolup galypdy.
Mämmedöwez pälwan Blokwiliň bolýan ýerine örän seýrek gelýärdi.Şonuň
üçinem bu gün gojanyň namazyny tamamlan badyna kepbä tarap ýönelmegi pereňliniň
başyny her hili ýakymsyz çaklamalardan doldurdy. ”Sen bizi ile ryswa etdiň!”
diýäýse,oňa nähili jogap gaýtarmaly bolar? «Men günäkär däl» diýeniňe-hä bular,
barybir, ynanmazlar. Öten agşam Akmaral başyna inen howp barada näme üçin dil
ýarmady? Ýa-da bular eýýäm gutarnykly bir netijä gelip ýörmükäler?”
Goja golaýladygyça,Blokwil hernäçe merdemsirese-de,tolgunmaga başlady.
--Essalawmaleýkim,Agabeg! Saba haýyr bolsun!
--Haýyr bolsyn! Aman-esen ördüňmi?
Pälwan aganyň ýüz keşbine gözi bilen,sesine gulagy bilen baha kesen Blokwil azkem ynjaldy.Ýaşulynyň ýüzünde gahar,sesinde gazap alamaty ýokdy.Gaýtam,ol
öňkülerinden mylaýym görünýärdi.
..Iki-üç aý mundan ozal mellek işläp ýoren ýerine baranda, goja Blokwile garap:
«Pereňli molla,biz seni öýeräýsek,hähili görýäň?—diýipdi.—Eger sen öz diniňden ýüz
öwrüp, musulman dinini kabul etseň,biz seni öýeribem bilerdik». Şonda Blokwil: «Eger
men size öz diniňizden dönüp,biziň katolik dinimize giriň!» diýsem, nähili görersiňiz?»
diýen şert bilen ýaşulyny ýeňipdi. Şol gezegem Mämmedöwez pälwan oýun
etmändi,gaty
çyny
bilen
ýüzlenipdi.Umumanam,ol
gojanyň
oýun-henegi
halamaýandygyny,kalbynda ýok zady diline getirmeýän agras adamdygyny Blokwil
bilýärdi.
133
Şu mahalam Mämmedöwez pälwan geläge-de: «Molla pereňli,mert bol,günä
gazandyňmy,yzynda dur» diýäýse,näme jogap gaýtarmaly bolar? Eger ol Akmaral bilen
nikalaşmaga razylyk beräýse,öz dinindenem dönmeli bolar.Razylyk bermese-de,öz
janyndan
dynmaly
bolar.
“Bular
pul
hantamaçylygy
bilen
meni
öldürmeselerem,Akmaraly öldürerler.Meni bolsa...»
Ony bolsa yzyndan pul
gelip,nyrhy tölenenden soňam, öldürip bilerler.Barybir, türkmenler ar alman
goýmazlar.Ýa-da azatlyga çykansoň,öz ýurduna arkaýyn gidip barýan Blokwiliň
yzyndan iki sany atlyny ýollaýmak kyn zatmyşmy?
Pereňliniň
atan pikir oky bu gezegem howp nyşanasyndan sowa
geçdi.Mämmedöwez pälwan öz öýüne tarap elini salgap goyberdi.
--Molla pereňli,gaýry iş-aladaň ýok bolsa,ho keçäniň üstündäki kellekini bir tikip
bersene! Tüweleme,sen usully adam...Öz elimdenem gelmän duranok welin,indi
gözlerem çöňňelip başlapdyr...
Gojanyň haýýşyny eşidip,ýüki birneme ýeňlän Blokwil;
--Siz meni aldajak bolmaň,Agabeg!—diýip degişdi.—Telpegiň bir tüýüni
gymyldatman, üstündäki çäýnegi tüpeňläniňizde, siziň gözüňiz ýiti-de,kelleki tikmeli
bolanda görmeýämişmi?!
Mahabatlandyrylan gojanyň göwni galkyndy.
--Tüpeň başga,iňňe başga,molla pereňli—diýip,ýaşuly ýylgyrdy. Bir tüpeňiň
nilinden müň sany iňňe ýasap bolar. Onsoňam,gaty gyssaga düşse, depme ker
eşidyä,dyma kör görýä... Keçäniň üstunde biýzem bardyr,temenem…
Esasy alada birneme sowuldy hasap eden Blokwil Mämmedöwez pälwanyň
öýüniň kölegesine atylan keçä tarap ýeňil ädimläp gitdi.
Pereňliniň surat,karta çekip ýören elleri iňňe-temen işine-de ezberdi.Bir hepde
mundan ozal Eýemyradyň tutuş gününi sarp edip oňaryp bilmedik eýerini pereňli ýesir
sähel salymyň içinde edil çüý degmedik ýaly edip bejeripdi.
...Blokwil mumlan sapagyny temeniň gözüne sapan badyna gündogar tarapdan
peýda bolan dor atly,elli ýaşlaryndaky adam onuň ünsüni çekdi.Ol öýdäkilere-de
gelendigini duýdurjak bolýan ýaly,kelleki tikip oturanyň pessaý ses bilen beren
salamyna haýkyryp jogap gaýtardy.
Myhmanyň ýüzi gaty agyrdy.Onuň sylanýan adamdygyny öýden çykan
Eýemyradyň gol gowşuryp,gadyrly salamlaşyşyndanam çaklamak bolýardy.
Atdan düşen adam özi bilenem görşer öýdüp,Blokwil elindäki abzallaryny
keçäniň üstünde goýdy-da,gol uzatmaga häzirlendi. Emma aty tutulan hyýrsyz adam
Eýemyrat: «Ýaşuly ol öýdedir» diýensoň,pereňlä nazaram aýlaman,Mammedöwez
pälwanyň gapysyna ýöneldi.
Myhmanyň atyny baglap gelen Eýemyradam şol öýe girdi.
Öýüň içinde edilýän gürrüň, aralykda durluk,gamyş ýok ýaly, daşarda hem açyk
eşidilýärdi.
--«Urşuň geňeşi ýok»,pälwan aga—diýip,öňürti myhman gepledi.—Bu arada
düşnüksiz gepem ýok.Syr diýip saklajak bolýanymyz uly ile ýaýransoň, syrlygyny
ýitirdi. Beýle ýagdaýy, aslynda gizläbem bolmaz. “Aý dogsa,älem görer”
--Dogry aýdýaň,Ýaýlym han.Ile-hä ryswa bolnandyr—diýip,Mämmedöwez
pälwan tutuk jogap gaýtardy.
134
«Adynyň gapdalyna «han» sözi goşulýan bolsa,ol,iň bolmanda,öz tiresiniň
hanydyr ýa-da gaty edenli adam bolmalydyr»—diýip, Blokwil netije çykardy.
--Günäkäri anyklamaly.—Ol Eýemyradyň sesi.
--Günäkär nämemiş!.—Ol myhmanyň sesi.—Garyndaş meň üçinem,siz üçinem
dep-deň garyndaş.Meň ýegençim bolsa,siziň üýaňyz.Oňa görä-de ýuwmarlaşan bolup
durman, açyk gürrüň edeliň. “ Ganjyk guýrugyny bulamasa,kopek oň yzyndan
ylgamaz”.
«Ganjyk» diýilýän düşnükli.Gürrüň Akmaral barada gidýär.Myhmanam
Akmaralyň daýysy bolmaly». Blokwiliň gözi biýz bilen temeniň ujunda bolsa-da,gulagy
öýüň içinde.Ol içerde gopup başlan harasadyň ýekeje şuwwuldysyny-da sypdyrman
diňlejek bolýar.
Eýemyrat öýdäkileriň ýaşkiçisi bolsa-da,öz diýenini gögertmäge çalyşýar.
--Bulanan guýruk görende,şol guýrugyň garyndaşlaryny sylamadyk köpegiň
maňlaýyndan ot bermeli.
--Kimmiş ol köpek?
«Mämmedöwez pälwan şeýle sowal berýän bolsa,Gulam gajaryň maňa ýetiren
habary nädogry bolmaly».
--Özünden sorap göreňzokmy?
--Sorajagam bolamzok,Ýaýlym han.—Myhmana Eýemyrat jogap gaýtardy.—
Depäňe çenli poha çümeňsoň,sorag-idegden ne hajat? Senem gelipsiň,indi uzaga
çekmeli däl.Siz dözmeseňiz, men dözerin. Siz gorksaňyz,men gorkman.
--Neneň-niçik bolýança,Goňurdan çykaraýsak näderkä?
«Goja akylly adam!» diýip,Blokwiliň daşardan goldany içerden goldanmaýar..
--Aýdýanyň näme, Mämmet kaka?
Ony Goňurdan çykardyňda,masgaraçylygyny nädip çýkarjak?
--Masgaraçylyk halta salnyp obadan çykarylýan zat däl-ä,Pälwan aga..
«Myhmanam akylly adamy goldaman,Eýemyrady goldaýar!"
--Men başga bir zady çak edýän.—Çak edýän,elbetde,Eýemyratdy.—Töhmet
atýan bolsam,Alla hatamy ötsün welin... Geçen hepdede pereňli ýerinde ýokka, kepbä
girdim. Kädileriň arasyndan içi nahar ýokly tabak çykdy.Tabagy kim eltendir öýdýäňiz?
Oň gündiz ugruna kepbäň gapysyndan barmaýanyny bilýäs.Päl düzüw bolsa,nämüçin
tabak gizlenmeli? Meni açyk türküledesiňiz gelýän bolsa,günäkär öz ýesirimiz...
Blokwil tisginip gitdi.Onuň kellekiniň alynky gaýşy diýip biýziň ujuny sokany öz
çep eliniň süýem barmagy boldy.Biýz yza çykanda peýda bolan al gan barmaklaryň
arasy bilen süýşüp, eliň aýasyna ýetdi..Pereňli birbada agyry-ynjy hem duýmady.
--Suw görmän,tamman çykarsak,öňki masgaraçylygymyzyň üstüne urna
bolmazmy? Maňa bir hepde-ýarym hepde puryja beriň.Ikisi bilenem özüm gürleşip
göreýin.Günä eden bolsa,pereňlem günäsinuň yzynda dursun.Ýogsam,gan nähak
dökülse,oň günäsiniň syrtynda özümiz durmaly bolarys.Beýle ganyň garamaty hasam
çökder geler.
Edil şu gün gutarmaly ömri ýene bir hepde uzaldylana dönen Blokwil
Mammedöwez pälwanyň sözlerinden soň barmagynyň yzasyny duýup başlady.Ol ganly
barmagy agzyna saldy.
--Gepi uzaltmalyň. Wagty hepdeläp-aýlap aňry çekibersek, özüňiz göbegene
bolar galarsyňyz.Men saňa bir hepde däl,iki gün puryja berýän, Pälwan aga.Nesip
135
etse,birigün agşamlyk ýene dolanaryn.Şoňa çenli bellisini etmeseň,meseläni gijäniň
garaňkylygy çözer.Men galan ömrümi namys ýüküni göterip geçirmekçi däl. Soňy hem
nirä barsa,şoňa barsyn.Kysmata ýazylany bardyr.Arym köýenden, goý, imanym
köýsün.Gel-gel,gapyňda gezip ýören guluň namysyňa degýän bolsa,seňem günäňi men
boýnuma alaýaryn,pälwan aga.Ýaýlym han ýükçüdir…
Galan ömri ýene iki güne direlen Blokwil şondan soňky boljak gürrüň bilen
gyzyklanjagam bolmady.Ol näme edýäninem bilmän,uýany boýnundan asyp kepbesine
tarap ugranda, gaýyş uýan bokurdagyny bogup,dem bermeýän ýaly boldy.
*
*
Serhoşa dönen Blokwil dörän ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin belli bir zadyň
pikirini hem edip bilmedi.Uzaga çeken kellagyrydan soň,saçlarynyň düýpleri üşeýän
ýaly boldy.Ol yssy kepbede kellesiniň üşemegini ýamana ýordy,gan basyşy üýtgändir
öýdüp, çep goşaryny gysymlady,öz ýanyndan mele saçynyň,iň bolmanda ýarysy
çalarandyr öýtdi.Ol düýnden bäri gören görgüsini şu mahala çenli çeken kyn
pursatlarynyň hiç haýsysy bilen deňäp bilmedi.
Sol ýagdaýda-da pereňli daşardan gözüni aýyrmaýardy,Mämmedöwez pälwanyň
kepbä gelmegine ýa-da özüniň çagyrylmagyna garaşdy.Emma öýläne çenli telim gezek
nazara ilenem bolsa,goja kişi kepbä tarap seretmeýärdem.''Näme üçin ol öz gepleşigini
iň soňky pursada goýjak bolýarka? Şeýtmek bilen näme utjakka? Ýa-da özüm üstüne
barsammykam?'' Blokwil soňky sowalyny nädogry tapdy,ozleri gürrüňe başlaýançalar,
işe goşulmasyz etdi.
Pereňli
Mämmedöwez pälwan ýaly durmuşyň gyzgyn oýunlaryny
sowykganlylyk bilen garşylamagy başarýan aksakalyň bardygyna-da müňdebir şükür
etdi. «Şolam meni Hudaýyň ýalkadygydyr.Ýogsam,bu gyzma türkmenler ýolbarsyň
aýak sanaýşyny ederdiler..''
Ol Pariždäki bir dostunyň hälimi-şindi gaýtalaýan
degişmesini ýatlady.Degişmede aýdylyşyna görä,towşanjyk tokaýyň içi bilen aýak
aldygyna gaçyp gelýärkä,öňünden çykan başga bir towşan gaçmagyň sebäbini soraýar.
«Yzymdan ýolbars kowalap gelýär.Ol kimiň aýagy bäş bolsa,şonuňam hemme
aýagyny goparýar» .”Beýle bolsa,sen näme azara galyp,gaçyp ýörsün? Seň aýagyň bäş
däl ahyryn?»-diýip, beýleki towşan geňirgenýär.Onda gaçyp gelýän towşan:
“Wah,dogan,ol öňürti aýaklaryňy goparyp,soňam sanamaga oturýar ahyryn” diýip,
başyny ýaýkaýar.
Gün dik ýokaryk çykyp,yssy has-da güýjedi.Oňa garamazdan,diňe şondan soň
pereňliniň kellagyrysy birneme gowşady Ol niç zada güýmenmek islemese-de, kagyzgalamyny eline aldy.Ullakan depderiň açylan ýerinde Akmaralyň ýylgyryp duran şekili
bardy.Pereňli ony yrym edensoň, ýylgyryp duran edip çekipdi.Zire-zire bolup duran
maydaja dişler Akmaralyň gözelligine görk goşýardy.Blokwil surata seredip oturyşyna:
«Men hiç zada düşünemok,Akmaral!-diýdi.—Sen näme üçin öz- özüňi köseýäň? Sen
name üçin meni gynaýaň? Sen näme uçin bu işde meň bilen bile çykalga gözlemeli
däl?»
Şekil,elbetde,dymdy,dymdygyça-da,
öňküsindenem
owadan
bolup
göründi.Pereňli oýlandy. Nepis şekil, ýyrtmaga dözer ýaly bolmasa-da, bölek-bölek
edilip zyňyldy.Akmaralyň kepbä getiren tabagyny gözläp tapan Agabeg bu suraty hem
tapar!
136
Suwsalar ýaly zat iýmedigem bolsa,Blokwiliň aňrysy suw talap etdi.Ol uýala-gorka kepbeden çykyp,guýa tarap ýöneldi.Edil dilleşen ýaly,şol mahal hem
Mämmedöwez pälwan daş işikde peýda boldy.Onuň hyýaly pereňli bilen
gürleşmekdi.Emma guýa tarap bäş-alty ädim äden goja saklanmaly boldy.Atlaryny ýol
gyrasyndaky agaja baglap, bärik gaýdan ýuka sakgally saryýagyz ýaşuly bilen,daşyndan
göräýmäge kyrka ser uran, inçesagtdan atýüzli adam peýda boldy.Ýaşuly göni
Mämmedöwez pälwanyň ýanyna geldi.Ýaş adam bolsa baş atyp salam berdi-de,näme
üçindir, aňyrrakda aýak çekdi.
Gelen ýaşuly bilen garşy alan ýaşulynyň biri-birlerini tanamaýandyklary bildirip
durdy.Oňa garamazdan,öý-iç,mal-gara,hal-ahwal soraşyljakdygyny guýynyň başynda
duran Blokwil öňünden bilýärdi.Şeýle hem boldy.Ýesir suw içip bolýança, saglykamanlyk soraşygy dowam etdi.
Däbe görä Mämmedöwez pälwan tanamasa-da, geleni öýe çagyrdy.Emma ýuka
sakgally adam mürähedi kabul etmäge derek:
--Sizleriň döwletli ojagyňyzyň bosagasyndan ätlemäge entek hakym ýok bolsa
gerek—diýip asla garaşylmadyk jogap gaýtardy.
--O nä beýle?!—diýip,Mämmedöwez pälwan geňirgendi hemem nakyl getirdi.—
«Göni gelen jereniň iki şahyndan gaýry aýby bolmaz»,sakgaldaş.
--Bizleriň bigünä jerendigimizem entek belli däl.Dürs jaýyny aýtsam,bizler
depesinden dabanyna çenli günä batan adamlar bolýos..Oň uçinem daşaryňyzda adam
ornunda görüp gepleşseňizlerem,törüňizde kabul edilgençe görjek bizler.
--Bu niçiksi geň myhman!?—diýip,pälwan aga ýylgyrdy.
Gelen ýaşuly aýtjaklaryny öňünden tassyklaýan ýaly bolup,telim gezek baş atdy.
--Bizler müýnli bolanymyz üçin geldik,sakgaldaş..
Geň myhmanyň «müýnli» habaryny eşitmäge taýyn gojä:
--Beýle bolsa,aýdyberiň şu ýerde!—diýdi.
Şol mahal hem atýatak tarapdan gelen Eýemyrat myhman bilen salamlaşdy.
--Biýem meň inim bolmaly!—diýip,agasy Eýemyrada tarap elini salgady.—
Adyna Eýemyrat diýerler.
--Bizler kimiň Eýemyratdygyny,kimiň Mämmedöwez pälwandygyny ozaldan
ýagşy bilýos—diýip,ýaşuly köp zatdan habarlydygyny aýan etdi.
Myhman goja özüne tarap seredende, Blokwil baş atmak bilen, sessiz salam
berdi,özi-de her hili güýmenje tapan bolup,guýynyň töwereginden aýrylmady.
--Habaryňy aýdyber,miman! Mende inimden gizlin syr bolmaz.
--Bizleriň habarymyz iniňize-de degişli bolgansoň,Eýemyradyň gelgenide,gaýtam, ýagşy boldy.Ol duranam meň inim—Ýaşuly ýoldaşyna tarap elini
salgady.—Adyna Joraguly diýýos... Ana,agalar,iniler,geçen baharda biziň inimiz ketde
günä etdi, Akmaralyň göwnüne degdi. Biziň tohumumyzda klişi maşgalasyny kemsiden
erkek bolmandy.
--Mundan urup çykdy--Sakgalyny penjelä,aýdylana öziçe düşünen Mämmedöwez
pälwan inisiniň ýüzüne garady..—Hydyr diýenimiz hyrsa öwrüldi.
Eýemyrat ýagşydan-ýamandan söz diýmän,öz öýüne girip gitdi.
--Ýagdaý şundan ybarat,sakgaldaş. Özlerti-de ýazlagda bolganlarynda döwletli
gürrüňiň başyny başlanlar. Onuň soňy-da tersleşige barypdyr.Indi bizler şol tersleşiň
137
ahyryna düzedegaýsak diýýirys. Razy bolsaňyz öýke-kinäni geçip garyndaşlyk
diýýorys. Şol ýagşy niýet bilenem gapňyzdan gelip durduk.
Goja bir zat diýmekçi bolanda,Eýemyrat öýünden çykdy.Onuň öýe näme üçin
girip-çykanyna agasy üns bermedigem bolsa,myhman üns beren ekeni.Ol Eýemyradyň
elindäki sapança seretdi-de:
--Sen,inim,sapança alan bolup gelme--diýdi.—«Garry öküz pyçakdan gorkmaz”
diýipdir türkmen.Eger bizler sapançadan,pyçakdan heder edýon bolsak, öz aýagymyz
bilen bu jaýga gelmezdik.
Eýemyrat nagt jogabyny alanam bolsa,geplemän durup bilmedi.
--Näme diýmekçi bolýaň,aksakal?
--Elli gepden,belli gep. Öňi bilen-ä gyz maşgalanyň öwnüne degenimiz üçin
soramaga geldiok. Ondanam ötri ki...
Birek birege düşünmeýän iki ştarapyň her haýsysy öz ynamyna görä gepleýärdi.Bir
elini bykynyna ýetiren Eýemyrat teýeneli gep urdy:
--Sen,agam, bu ýerde «Hem ogry,hem rüstem» diýenlerini etjek bolma.Hem-ä sen
bizi kemsitmeli, hemem üstümize gelip,öz şertiňi goýmaly.Bize indi abraý
gerekgäl,namys gerek. Abraý gutardy.”Dawagäriň goňur bolmasyn” diýip
eşitmänmidiň?
Eýemyradyň haýbaty üçin myhman goja sarsmadam.
--Öňi bilen-ä,inim,bolan iş üçin dawa-jenjeleşip ýörmäliň. Bu ýerde namys
basylanýok.
--Oňa biz sizden gowy düşünýäs. Biz...
--Tüket,Eýemyrat!— Pälwan aga gazaply gepledi.—Özüňem,gaty tiz öýüňe girde,sapançaňy alan ýeriňde goýup gaýt. Sen gepe duşmez ekeniň.Abrýyň bary
dökülenden ýary döküleni ýagşy.
Eýemyrat gyzma-da bolsa, agasynyň hormatyny saklady.Ol sapançany goýmak
üçiun öýüne girip-çykmaly boldy.
--Ýüregi çişen adamyň halyna düşünýos.Ýöne,sakgaldaş,sizler dürs gep urýoňyz.
“Zeleliň ýaryndan gaýtmagam bir peýda”. Ýaalganam bolsa ile bolgusyz gep ýaýrasa
ýamany şol. Siz oba-da teýii galat gep ýaranyndan habarymyz bar.
--Kysmatdan gaçyp gutulma ýok—Mämmedöwez aga,näme üçindir,pyşyrdady.
--Kysmatdyr,kysmatdyr!—diýip,myhman ýaşuly aýdylany tiz tassyklady.—
Kysmatymyza ýazylmadyk bolsa,Alla sataşdyrmak islemedik bolsa,ýazlaga bir mahalda
çykarmydyk.Geliň,Allanyň halany bilen razylaşalyň!
--Siziň ýagdaýyňyz nähili?—Goja pälwan töwellanyň alynmagyna tarap
gyşarandygyny sowalyndan aňdyrdy.
--Bizlerde gizlin gep ýok, sakgaldaş. Joraguly otuza ýetip barýor. Ynha-ynha
bilen on sekiz-ýigriminini-de öýlenmän duşundan geçirdi. Özümiz çarwa halk.
Günemamyz mal-gara bilen dolanýor.Baýam däl,öýlänligini tapman oturan pukara-da
däl.Sebäp bilen seýil. Özüm-ä sizler ýaly adamlar bilen garyndaşlyk
açabilsem,nesibeden närazy boljakgä. Niýetimiz bähbide sapsa,ili ýygnap, toý berjek.
--Özüňiz haýsy ulusdan bolarsyňyz?—diýende, pälwan aganyň sesiniň hasam
mylaýymlanandygy bildirdi.
138
--Bizler,sakgaldaş,ärsarynyň uludepe urugyndan.Oturymmyz Şordepe obasy.
Tekäniňem wekil tiresiniň ýusup ulusy bilen garyndaşlykda durýos.Gyz alyp,gyz
berişýos.
Mämmedöwez pälwan öz gapysyna tarap elini salgady:
--Hany,sakgaldaş,indi öýe giräýeliň!
Myhman ýaşuly ýeňil basyp, öýe tarap ýöneldi.Joraguly bolsa,ýaşulularyň yzy
bilen girmän,öýüň kölegesine aýlandy...
Töhmet belasynyň agyr ýüküni egninden düşürse telim toý edençeräk görjek
Mämmedöwez pälwan meseläni özüçe çözdi.
Şol gün iňrik garalyberende,ýuka sakgally ýaşuly yzyna iki sany aýal maşgalany
hem tirkäp, ýene Mämmedöwez pälwanyň gapysynda peýda boldy.Esli mahal
geçensoňam,üç bolup gelen myhman dört bolubam ümüş-tamyşlyga siňip gitdi.
Žorž Blokwil şondan soň gaýdyp Akmarala sataşmady.Ol uly obada ýalňyz
galdy.
*
* *
“..Abdal
serdaryň
meni
Murgabyň
çep
kenarynda
ýerleşýän
topazlar tiresiniň
mülküne çenli ugratmaly atlylary bilen ýola düşdüm.
Töwertekdäki
öýlerden çykan kän sanly adam meni, esli ýere barylýança ýola saldy…”
BLOKWIL
1861-nji ýylyň noýabrynyň soňky günleriniň biridi. Gara ýüzi çytyk gara bulut
asman bilen zemini birikdirjek bolýan ýaly, ýere şeýle bir golaýlapdy welin, depäňden
gara gazan düňderilen ýaly bolup durdy. Burjy baglan älem iç gysdyrýardy. Emma şol
içgysgynç hem kalbyňda göwnüçökgünlik öýarýan gün Blokwiliň ýesirlikde geçiren on
dört aýynyň dowamynda hepde hasaplap, sagat sanap garaşan habaryny getirdi. Şol gün
Blokwil üçin aýratyn – goşa şatlykly gün boldy. Iki şatlygyň biri on dört aýlyk
ýesirlikden boşamak bilen deňeşdireniňde juda maýdady.Emma şol kiçijik şatlyk
Blokwiliň gamly kalbyna uly begenç saldy, argyn bedenine gurp berdi. Iň esasy hem şol
kiçijik begenç pereňli ýesiriň kalbyna bu ýowuz toprakda yhlasyň kömegi bilen biten
hem tä özi ölýänçä güli solmajak, ýapragy süllermejek bir desse çemen bolup girdi.
Blokwil ol çemeni tutuş ömründe gabat gelen birki sany iň ajaýyplygyň biri hasaplady.
Ol gözelligiň Akmaralyň näzik barmaklaryndan çykandygyna pereňli ýesir ynandy.Ol
ynanç hakykatdy.
Blokwiliň dünýäsini täzelemeli hoş habaryň Goňura gelmeziniň edil öň ýany şeýle
waka boldy. Içgysgynç kepbeden içgysgynç daşara seredip tukat halda otyrka, suw
almaga gelýänleriň biri Blokwiliň nazaryna ildi. Çalaja ýemsäp gelýäniň Eýemyradyň
döle gazdyran garyndaşynyň owadan gelnidigini pereňli şol bada tanady. Gelniň suw
almaga gelýändigi bellidi, ýöne onuň guýa tarap göni ýöremän, Blokwiliň kepbesine
tarap öwrüm edip, gysga ýoluny uzaltmasynyň manysy welin az salymlygam bolsa
düşnüksiz bolup galdy. Şol düşnüksizlik Blokwil üçin iň soňky demine çenli
unudylmajak sowgada öwrüldi-de, öňüne gaýyp geldi. Blokwiliň gözleri iki eplengi täze
139
tahýany gören bolsa, gulaklaryna Akmaral sözüni aýdan aýal sesi geldi. Tahýany
Blokwiliň öňüne taşlap geçen owagan gelin jorasynyň adyny tutmanda-da, ony kimiň
iberendigi düşnükli bolardy welin. Akmaralyň adynyňam tutulmagy Blokwili has-da
tolgundyrdy. Ol özüni Parijiň köçelerinde kellesi tahýaly gezip ýörendirin öýtdi,
Akmaralyň Blokwile türkmen tahýasyny geýdirmeli perişde diýýäni hem şol owadan
gelinmikä? Ol eýýäm guýudan suw çekip, yzyna gidip barýardy. Şoldur. Sebäbi,
aýtmaklaryna görä, perişdelerem örän görmegeý bolýarmyşlar.
Begençden, tolgunmakdan ýaňa şunça mahallap sygan kepbesine indi sygman oturan
Blokwil at aýagynyň güpürdisi gelen tarapa seretdi. Akmaralyň kän mahal bäri gapysy
açylmaýan gara öýüniň gapdalyndan peýda bolan iki atlynyň biri Abdal serdar
kepbäniň gapysyndan garap oturan Blokwile gözi düşenden:
--Jenap, men saňa hoş habar getirdim!'—diýip gygyrdy.
Blokwil bendilikden jenaplyga öwrülendigine entek ullakan ynam etmese-de,
Abdal serdar onuň gözüne buşlukçy adam däl-de, ertirden bäri älemi garaldyp duran
gara buludy ýaryp çykan Gün bolup göründi. Ýöne ol entek özüniň Maşatda ýaşaýan
ýewropaly dost-ýarlarynyň iberen töleg puly gelýänçä,Ýusup hanyň agasynyň, Abdal
serdaryň inisiniň hem ýene bir adamyň Saragta getirlip, özi üçin girew goýlandygyny
bilmeýärdi.
Abdal serdar atyny ýoldaşyna tabşyrdy-da, getiren hatyny eline alyp,
Mämmedöwez pälwanyň öýüne girdi. Geň galmaly ýagdaý--salym geçmänkä,
töwerekden adam bary gelip başlady.Eli hasaly garrylar,çagalaryny ýanbaşlaryna alyp
duran uzyn börükli aýallar, oglan-gyzjagazlar... Pereňli döle gazanda daşyna üýşen
çagalaryňam hemmesi bu ýerdedi.
Pälwan aganyň gapysynyň içinden ýapylanyna kän mahal geçmedigem bolsa, ol
Blokwile ýesirliginiň dowamyna barabar wagt ýaly bolup duýuldy. Açylmasy uzaga
çeken gapy ahyr açyldy.Abdal serdar bilen Mämmedöwez pälwan daş cykdy.
Abdal serdar Blokwiliň ýanyna bardy.Heniz görülmedik waka—iki sany erkek
adamynyň gujaklaşmagyna, ýaňaklaryndan ogşaşmagyna göňurlylar aňk bolup
seretdiler.
Eýemyrat goňur öýünden alyp çykan goşa nilli sapançany agasyna berdi. Pälwan
aga ony Blokwile uzatdy:
--Bi seň öz malyň bolmaly, taňry bendesi... eýelik et...
Sapançany eline alyp, az-kem oýlanan pereňli ony Mämmedöwez pälwana
uzatdy.
--Bu ýarag menden size ýadygär1. Men size çoh hormat goýdum, Agabeg...
Goşa nilli pereň sapançasyny kabul edip alan goja müýnli ýaly bolup ýylgyrdy.
Ol sapançany synlap durka, ýarym parsça, ýarym türkmençe gepledi:
--Seniň bu ýerde ejir çekeniň hakykat, molla pereňli. Biziňem ýesirimizi zabun
tutmaly bolandygymyzyň sebäbi hakda özüň oýlan. Özümiziňem gün-güzeranymyz
ýagdaýly bolansoň, senem hor-homsy ýaşadyň. Ol çyn. Kynçylygy deň çekişdiň. Olam
çyn. Indi o zatlary unut-da, öz iliňe aman gowuş.Ýoluň ak bolsun! Allahu ekber!2
Blokwiliň goşa nilli pereň sapançasy Mämmedöwez pälwanyň häzir Mary etrabynyň ''Hakykat'' daýhan birleşiginde
ýaşaýan nebererinden biri Kakageldi Jümmüýewiň maşgalasynda ýadygärlik hökmünde saklanýar.
2
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 15
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.