Latin

Keseki - 16

Total number of words is 3773
Total number of unique words is 2079
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýörmäge maý bolmaýardy. Ol Gojuk Mergeniň saz çalşyny bary-ýogy üç-dört gezek
diňläp görüpdi. Bolsa-da mukamçynyň nepis barmaklarynyň perdeleriň üstünde
oýnaklaýşy Aýparçanyň göz öýünde hemişe saklanýardy. Şu mahal bolsa sazandanyň
barmaklary başgaça, bolmalysyndan has üýtgeşik hereket edýän ýalydy. Gojuk
Mergeniň çep eli aşak düşüp ugranda, sag eli şabram kakuwa başlady, sazyň gidişi
tizlendi, owaz üýtgedi. Şondan soň Aýparçanyň gulaklary şol sazdan başga ses üçin
gapyldy. Şu mahal ýyldyrym çakyp, gök gürlese-de ol eşitjek däldi. Çünki ol täze
mukamyň ilkinji diňleýjisidi. Ol mukam täze bolanlygynda-da, heniz eşidilmedik
bolanlygynda-da, başga zada niýetlenip döredilen bolsa, Aýparça gelne beýle täsir
etmese-de etmezdi. Ol mukam gowy niýet, ýagşy umyt bilen ynsanyň dünýä inmegine
bagyşlananam bolsa, Aýparçanyň gulagyna Gojuk Mergen ikisine bagyşlanan hasrat,
gaýgy, gözýaş mukamy ýaly bolup duýuldy. Şonuň üçinem ol owaz ilkinji kakuwdan
ýürek paralap, dünýäni endiredip başlady. Saz diýilýän, howada gaýyp ýören garlawaç
ýaly ýeňiljek bolmaly zadyň götermesi hylalla, egniňi çökerip barýan aýylganç
agramynyňam bardygyna Aýparça şu gün, ömründe ilkinji gezek şaýat boldy. Şol agyr
ýük ýaş gelniň güýçli gerdenini owdy, kül-uşak etdi, ony ýyllaryň aňyrsyna taşlap,
bimahal garratdy. Aýparça şol pursatdan soň özi bilen näme bolup geçýänine akyl
ýetirip bilmedi. Dutaryň sadap sapy, sadap sapynyň üstünde oýnaklaýan barmaklar
doňup galdy. Diňe olar däl, öýüň içindäki ähli zatlar, öýi öz içinde saklaýan älemem
doňdy. Aýparçanyň gulagyna girensoň buza dönen owazyň bir ujy baryp onuň bagryna
basyldy, sazyň çümen ýerinden göze görünmeýän çeşme döredi. Çeşme suwy doňan
sazyň ugry bilen ýokarlygyna dyzady. Gojuk Mergeniň eli, dutaryň sapy dury
salgymyň, ýuka ümrüň içinde kä ýitdi, kä peýda boldy. Sazyň jadysyna gark bolan
gelniň sag eli özünden erksiz hereket edip başlady, boş sallançak ýeňillik bilen yraň
atyp ugrady.
Şol mahal gara öýüň gapysyndan ilki uzyn taýak, soňam uzyn boýly adam göründi.
Taýagam, taýagy tutup duran adamam öý eýeleriniň gözüne ilmedi. Gapyda aýak çeken
adam salam berdi. Taňry salamyna hiç kim jogap gaýtarmady. Öýdäkiler salamy
eşitmediler. Olar kerdiler. Öýdäkiler gapyda peýda bolany görmediler. Olar kördüler.
Öý eýeleri üçin häzir giň jahanda bir sallançak bilen bir mukam bardy, gaýry zatlar göze
ilmeýärdi. Olar ýaňy dikilen öýüň gapysyndan desbi-dähil gedaý geläýer öýdüb-ä, saz
bolmanda-da pikir etmezdiler. Bolsa-da, gapydan gedaýyň gelmegi asla-da geňdi. Köpköp ýollary söken, kän-kän gapyny kakan, dürli häsiýetdäki adamlara bakan gedaý
heniz-henize çenli beýle ýagdaýyň üstünden barmandy.
150
Torbasynyň çakdanaşa uzyn ýüpi ozalam pes däl, boýuny hasam uzyn edip
görkezýän gedaý gel diýilmese-de, entek ojak sudury hem ýok ojakýeriň öňünde
çommaldy. Soň ol dyzynyň üstünden gaçan taýagyny gözi kör ýaly, eli bilen sermäp
aldy-da, bar ünsüni sag dula, sag duldaky sallançaga, sallançagy üwräp duran gelne,
onuň gapdalynda basa oturyp, saz çalýan gara murtly ýigide gönükdirdi. “Näme üçin
sallançagyň öňünde saz çalýarka? Gyzamygy örüp bilmeýän çaga gerekdir diýsemem-ä
o çaga näsaga meňzänok. Näme beýdýäkäler. Bu nämäniň alamaty bolmaly? Bulaň
akyl-huşam-a ýerinde ýaly. Sazam...”
Aýparça gelin özi oňly duýman, eliniň ýetişdiginden sallançagy üwreýärdi. Gojuk
Mergen bolsa, onuň tersine, edýän işiniň manysyny gowy bilýänligi üçin, sallançagyň
hereketini saz bilen kowalaýardy. Saz sallançagyň yzyndan ýeteňkirleýärdi, ýetibem
biljekdi. Emma Aýparça gelin sallançagyň bagyndan tutup duranam bolsa, Gojuk
Mergeniň göwnüne aýaly bilen sallançak hallan atyp gaçýardy, Aýparça ony
kowalaýardy. Ýöne ikisiniň arasy daşlaşmasa, golaýlaşmaýardy. Mukam bolsa
sallançakdaky çaga ýüzlenýärdi, ony ýaşaýşa çagyrýardy. Mukamçy içinden aýdym
aýdýardy:
Ýaşamaga erkli sen
Garaguma örkli sen.
Garaguma bagly sen,
Kalbyň şoňa bagla sen.
Il gülende gül, bäbek,
Il aglanda, agla sen.
Dogduk depe daglansa,
Gara bagry dagla sen...
Sallançakdaky çaganyň ejesi hem bir dutar çalýana, bir-de sallançak üwreýäne
aňk bolup seredip durdy.
“Sallançak mukamynyň” owazy bahar şemalyna öwrüldi. Ol şemal Lebabyň
ýakasyndan turup, seleň sähralaryň üsti bilen Hazar sary ugrady. Ol öz ýolunda gaty kän
zat gördi, köp zada sataşdy, il-halkyň halyna zaryn-zaryn aglady. Mukamyň yzyna
düşüp barýan Gojuk Mergeniň gözüniň öňünde gapdaly akja köşekli arwana peýda
boldy. Arwana bilen köşek uç-gyraksyz sährada ylgap barýar. Kimiň gaçyp, kimiň
kowýany belli däl. Gojuk Mergeniň düşünişiçe, köşek gaçýardy, arwana kowýardy.
Köşejigiň heniz bekeşmedik uzyn aýaklary diýen etmeýäne meňzese-de, biçak ýeňil
gopýardy. Şeýlelikde, akja köşek barha ara açýardy. Arwanany gözünden sypdyran
sazanda heňi köşejigiň aýak sesine goşjak bolýardy. Köşek gaçdy, saz kowdy. Emma
akja köşegiň yzyndan gudraty güýçli saz hem ýetip bilmedi. Akja köşek kem-kem
daşlaşyp, ýuwaş-ýuwaşdan gara nokafa öwrüldi-de, ahyram salgymyň içindäki gara
nokada öwrüldi. Ýüwürmekden aran arwana balasyndan aýra düşüp, salgyma tarap
umydygär seredip durdy... “Sallançak mukamy” tamam boldy. Sähradan yzyna dolanan
Gojuk Mergen özüne geldi.
Del adamynyň sesini eşiden Aýparça tisginip gitdi.
Dutaryny gapdalynda goýan Gojuk Mergwn gapa tarap äwmezlik bilen seretdi.
Gumak ýerde aýbogdaşyny gurap oturan selçeň sakally, hortaň adamynyň ýaşy
altmyşdan aňryny habar berýärdi. Gojuk Mergeniň özi oňa salam berip, ýerinden turdyda, goluny uzatdy.
151
Gedaý oturan ýerinden görüşdi. Gojuk Mergen onuň çep eline derek guran agaç
şahasyny ýa-da başga bir gaty zady gysymyllandyryn öýtdi. Ol duýgy mukamçynyň
ýüzüne täsir ýetirip, nazaryny üýtgedendir-dä, oňa sereden gedaý geplemäge mejbur
boldy.
─ Çep elim şeýleräkdir, inim! – Ol gös-göni bolup duran barmaklaryny ýokaryk
galdyrdy, sag eli bilenem çep eliniň tirseginden tutdy. – Şundan aşagy gymyldanok.
Barmaklammam epilenok. Şoň üçinem ömrüm ýandy. Indi şeýdip ýörün. – Ol
boýnyndan asylgy torba tarap baş atdy. – Muny men dereje diýip dakynamok. Nädeýin?
Garynjanam ynjydan däldirin öýdýän welin, elbetde, ýokarkyň göwnüne degen ýerim
bolandyr-da... Ýigrimi ýyl dutar çaldym, inim. Türkmeniň ähli sazyny bilýän. Ýöne
ýaňky sazy welin, şu mahala çenli eşitmedim.. O haýsy saz bolmaly, inim? Täzemi?
Gojuk Mergen oýlandy, sowala: “Ol-a, agam, meň täze tapan sazym bolmaly”
diýip, hakykatam bolsa, dogrusyny aýtmagy öwünmek bolar öýtdi..
Gedaýyň sazdan başynyň çykýandygyny aňladyp, hasrat bilen balkyldaýan gara
gözleri öňki berlen soragy sözsüz gaýtalady.
─ Näme diýsemkäm men saňa, agam. Öz-ä täze saz bolmaly. Biz oňa “Sallançak
mukamy” diýäýdik.
Selçeň sakgally ýaşulynyň gözüniň öňünde ozaldan belet sährasy birden ýaýylyp
gitdi. Gapdaly akja köşekli arwana Lebapdan çykyp, Hazara tarap ugrady. Akja köşegiň
boýnundan jaňa derek sadap saply dutar asylgy. Hiç kim perdesine basmasa-da, hiç kim
taryna kakmasa-da, gudraty güýçli dutar türkmenleriň heniz eşitmedik sazyny çalyp, giň
sährany owaz bilen dolduryp barýar. Obalarda, hatarlarda gapylaryň eňsisi syrylyp,
gundagdaky çagalar daş işikde peýda bolýarlar. Sadap saply dutar “Sallançak
mukamyny” çalýar. Sadap saply dutaryň owazyny diňlän çaga diňlemedik çagadan tiz
ösýär, çalt ulalýar, kesellemeýär, dümewlemeýär, bimahal ajala sezewar bolmaýar,
güýç-kuwwatly, arly-namysly, iline-gününe bähbitli adam bolup ýetişýar.
Ýany arwanaly, boýny sadap saply dutarly akja köşejigiň aýlanmaly gapysy,
ýetmeli ýeri gaty kän. Ol ummasyz Garagumy böleklere bölüp, çar tarapa barýan
kerwenleriňem yzyndan ýetmeli, çarwalaryňam ýaýlasyna aýlanmaly, suwda sal
sürýänlere-de görünmeli. Akja köşege sähranyň şemaly kömege gelýär, onuň uzynja
aýaklary ýere degmesiz ýerinde ýokary göterilýär, uzaklara uçup gidýär, sadap saply
dutaryň owazyny heniz eşitmediklere eşitdirýär.
Birdenem köşek bilen arwana gözden gaýyp bolýar. Olar görünmeselerem, sazyň
kakuwy köşegiň hem arwananyň aýak hereketlerini aňladyp owaz edýär. Kän mahal
geçmänkä, ilki akja köşek, soňam arwana ýaňadandan peýda bolýar. Arwananyň
üstünde adam sudury bar. Arwana golaýa geldikçe, üstündäkiniň ýüz keşbi durlanyp,
onuň asmandan inderilen perişdedigini aýan bolýar. Perişde gedaýa ýüzlenýär-de:
“Näme dilegiň bolsa aýt, bitireýin!”diýýär. “Bitirseň ýekeje dilegim bar...” “Olam,
gedaýçylykdan çykyp, baý bolmakdyr-da?” “Ýok, günämi öt welin, perişde bolsaňam
ýalňyşdyň, bilmediň. Dilegim şundan ybarat: sadap saply dutaryň çalýan “Sallançak
mukamy” ähli ýere ýaýrasyn, çagalar ölmesin, kesellemesin, güýç-kuwwatly bolsun. Bu
topraga hossar gerek!” Perişde ýylgyrýar: “Onyňy bitirerin welin, ýene näme dilegiň
bar?” “Torpagym hossarly bolsa, çagalar ölmese... maňa dagy zat gerekgäl”.
adam hyýal atyndan düşensoňam hakykat bilen arzuwyň arasyny açmak üçin,
arzuwyndan daşlaşyp bilmeýäni üçin, esli salym maňlaýyny tutup oturdy. Onuň giň,
152
emma betbagt maňlaýyndan eliniň aýasyna birsydyrgyn sarsgyn gelip başlady. Ol
sarsgyn adamlara gowulyk, ýagşy gün paýlamaga howlugýan akja köşejigiň
dabanjygynyň sarsgynydy. Gedaý öz beýnisiniň urgusyny şonuň bilen çalşyrdy.
Selçeň sakally adam öýden çykanda “Sallançak mukamynyň” şeýle boljakdygyna
umyt baglap gitdi. Onuň şeýle boljakdygy hem hakykatdy. Sebäbi türkmen sährasynyň
jarçysy gedaýdy. Gedaýlar adamlara ýamanlyk arzuw etmeýärdiler. Olar öz
ýagşylygyny halkyň abadançylygyndan gözleýärler, iliň arly--namysy, gujurly-gaýratly
perzentleriniň köpelmegini isleýärler. Şol perzentler ekin ekmeli, hasyl almaly, malgarany köpeltmeli, ýurtda gedaýçylygyň ýok bolmagynyň aladasyny etmeli. Şol
maksatlara ýetmek üçin türkmen sährasynda “Sallançak mukamyny” ýaňlanmaly,
Garagumuň perzentleri täze mukamyň pendinden ganmyly.
3
Welaýat hany Rahymy Gojuk Mergeniň başynyň ýassykdadygyny eşiden badyna,
hut şol habaryň gelmegine garaşyp ýören ýaly, öz dosty hem ýakyn maslahatçysy
Bagtyýar begiň yzyndan adam ýollady. Bagtyýar gelýänçä, jaýda ýeke galan han hem
geçmişini ýatlady, hemem geljegini göz öňüne getirdi. Geljek hakda oýlananda ol
dünýäniň süýji-süýji eşretleri, saglyk-salamatlyk göz öňe getirmedi. Sebäbi han häzir
beýle zatlara mätäç däldi, geljekde-de şeýle bolar öýdüp berk ynanýardy. Rahymy
hanyň arzuw edeni türkmen sährasyndaky Gojuk Mergeniň sadap saply dutary boldy.
Ol dutar han otagynyň nepis halylara bezelen diwaryna söýelen badyna Rahymynyň
durmuşynda ýyllar boýy arzuw edip gelen durmuşy başlandy. Sadap saply dutaryň ele
salynagy bilen onuň welaýatynyň baýlygy artmady. Ýöne şol dutaryň kömegi bilen
Rahymynyň aýdany aýdan boldy, diýeni diýen. Onuň arzuwynda gezip, ýetip bilmän
ýören derejesi şoldy. Şu mahala çenli ol öz welaýatynda çykaran permanlaryny
gorkynyň gözi, sütemiň ýüzi bilen amala aşyrýardy. Indi bolsa, ol kynçylyklar gutardy.
Indi Rahymy han nabat ajy, temmäki süýji diýse-de, halk ynanýar. Han islese, halk
özüni oda-suwa-da urup ýör. Tut agajyndan ýasalan goşýumruk ýaly dutaryň gudratyny
görüň, gudratyny! Indi döwran dagyň aňyrsyndakylar näderkäler? Wah, o çarwalar hiçle, iş bärdäkilerde bar, bärdäkilerde. Rahymynyň entek bu ýerde görüşmeli, hasaplaşyk
geçirmeli adamlary kän. Ol hut iň ýokarkynyň özünden başlamakçy. Iki ýyl mundan
ozal şa Rahymyny mazaly törpüledi, yzyndanam it masgarasy etdi. Onda-da nähili
adamlaryň ýanynda? Rahymynyň dyrnagyna degmeýän adamlaryň ýanyna. “Sen,
Rahymy, syrtyň bilen pikir edýäňmi ýa kelläň bilen?”. Beýle sözi Rahymy enesinden
doglaly bäri eşitmändi ahyryn. Ol niresi bilen pikir edýänini entek hökmürowana
görkezer. Garaşybersin.
Sadap saply dutary ele salmak bilen, ähli aladasyny ýeňilleşdirerin hasap edýän
Rahymy han şol dutarda hiç hili jadynyň ýokdugy, onuň diňe ynamyna giren adamsy
üçin şeýle gudratly bolup görünýändigi hakda oýlanmaýardam, oýlanmak
islemeýärdem.
Daşarda aýak sesi eşidildi. Penjiräniň öňünden bir gara geçen ýaly boldy. Rahymy
han Bagtyýar gelen badyna görkezmek üçin penjiräniň edil gabadyndaky sandyjagyň
üstünde duran gutujygy alyp yzyna ýöredi. Ol giň jaýyň içinde ikinji ädimini uran
mahalam saklanyp, yzyna gaňrylmaga mejbur boldy. Şeýden badyna-da Rahymy han
eýmenmekden ýaňa tutuş göwresi bilen titräp gitdi, gorkudan onuň gözleri petredi. Esli
153
mahaldan bäri küýi-köçesi bolan sadap saply dutaram birbada onuň ýadyndan çykdy.
Elindäki guty halynyň üstüne gaçdy. Han bir dyzyny epip, aşak eglenem bolsa, gutyny
gözi bilen görmän, eli bilen sermäp tapdy, nazaryny bolsa penjiräniň öňünden aýryp
bilmedi. Ol ýaňky gören ahwalaty ýene bir gezek gaýtalanar öýtdi. Emma uzyn aýakly
sandyjagyň üstüni sypap giden el gaýdyp görünmedi. Rahymynyň gözüne kaklyşan zat
el bolup ele-de meňzänokdy-da, ujy barmakly gara kesewüdi. Esli salym aňk bolup
duran han gören wakasyny nämä ýorjagyny bilmedi. Gara kesewini sypap giden
sandyjagynyň üstünde gymmatly dermanyň durandygyny ýatlanda, hyýalynda her hili
çaklamalar peýda boldy.
Mundan ozal ýumuş buýurjak bolanda mydam häzir hammallaryny çagyraýýan
agyr hanyň özi bu gezek ýeňil gopup, gapa çykdy. Işikde hiç kim gözüne ilmänsoň, ol:
─ Diri adam barmy? – diýip, haýbatly gygyrdy.
Juda zerur ýagdaý bolaýmasa, Rahymynyň özüniň daş çykyp, beýdip
gygyrmajagyny bilýän adamlar töwerekdäki jaýlaryň gapylarynda häzir boldular. Bu
gezek hatda hanyň aýaly hem öýden çykdy. Emma han welin, hyzmata häzir adamlary
ýöne garaşdyrdy goýaýdy. Gazap bilen daşarda peýda bolan hanyň sesini çykarman,
ýöne gaýrak seredip durmasynyň manysyna hiç kim düşünmedi. Rahymy bolsa bagyň
gaýraky derwezesine ýetip barýan, düýşde görünýän ýaly aýylganç sudura aňk bolup
äňedýärdi. Onuň çak etmegine görä, penjireden uzan aýylganç gara eliň eýesi şol barýan
gapa ýapynjaly bolmalydy. Ol enindäki uzyn geýimi bilen aýala meňzeýärdi. Onuň
hereket edişine seretseň-ä, agramy hem bolmaly däldi. Gara sulba ädimem urman, ýöne
pessaý uçup barýana, ýapynjasynyň giň gollaram mähnet bürgüdiň ganatyna
meňzeýärdi. Gara ýapynjaly sulba derwezä ýetip-ýetmänem, ýere giren ýaly, zym-zyýat
boldy.
Şol aýylganç suraty synlan Rahymy bir gysgajyk doga okady-da, yzyndanam
pyşyrdady: “Ynsmyka-jynsmyka?.. Hudaý seni bir beladan-a gutardy öýdýän,
Rahymy?!”
Birdenem han ukudan açylan ýaly bolup:
─ Bagda del adam barmy? – diýip, hemme kişä deň sowal berdi.
─ Ýaňy bir gara ýapynjaly gedaý-ha aýlanyp ýördi – diýen jogap hany bir
tarapdan, ynjaltsa, beýleki tarapdan, iňkise gidirdi.
Otagyna dolanyp gelen Rahymy han içini gepletdi: “Entäp ýören gedaýa bu
derman nämä derkar bolduka? Gedaý derman agtarman, nanyň soragynda bolar ahyryn.
Gedaý halkynyň kesellemäge eli degmeli däl ahyryn. Hakyky gedaýam hiç mahal
ogurlyk etmez. Diýmek, ýaňky sulba hem gedaý bolman...”
Hany iňkise gidiren hadysa dermanly gutuny alyp, türkmen sährasyna atlanmaly
Bagtyýara-da hökman aýan bolmalydy. Şonuň üçinem dosty gapydan girenden Rahymy
han jadygöý ýaly bolup göze kaklyşyp giden gara ýapynjaly hakynda gürrüň berdi. Ol
öz gürrüňini şeýle sözler bilen tamamlady:
─ Gojuk Mergen sadap saply dutaryny bäş-alty ýyl megerem, on ýyl ömri bilen
çalşarmy, aşnam?
─ Ol näsagmydyr?
─ Näsag. Elbetde, men oň näsagdygyna begenemok. Özem türkmen tebiplerinde
şindi emi ýok derde ýolugypdyr. – Rahymy çep eliniň başam barmagy bilen süýem
barmagynyň arasynda saklan gutusynyň üstaşyry dostuna mekirleç nazar aýlady-da
154
ýylgyrdy. – Şujagazyň içinde Gojuk Mergeniň ýolugan derdiniň dermany bar. Oň
ömrüniň galan bölegi seň eliňde bolar. Özem dermany kabul etmese, şu ýagdaýynda
kyrk günden zyýat ýaşamaly dälmiş.
─ Bu söwda aýry gep...
─ Aýry gep. Bu söwda tokly söwdasy däl-de, ömür söwdasy, aşnam, ömür
söwdasy! – diýip, Rahymy ýene ýylgyrdy, birdenem gaty agras görnüşe girip, elindäki
gutujyga wehimli nazar bilen seretdi. – Jan süýjüdir, Bagtyýar beg, jan süýjüdir!
4.
Başga oba göçülip gelinmegi, bir tarapdan, Aýparça üçin kemem bolmady. Sebäbi
ol ýerde Aýparçanyň bile önüp-ösen, aý-aýdyň agşamlarda läle kakyşan, ümelere
gatnaşan, semene bişirşen jorasy Güljemal ýaşaýar ekeni.
Aýparça onuň haýsy oba düşenini anyk bilmese-de, Güljemal ähli zatdan
habarlydy, Aýparçanyň haçan, nirä, kime durmuşa çykanyna çenli bilýärdi. Çünki,
jorasam-a jorasy welin, Gojuk Mergeniň kime öýlenenine ol biparh garap bilmejekdi.
Gojuk Mergen üçin ilkinji gezek Güljemallara gudaçylyga barypdylar ahyryn.
Gudaçylyga gelindi habary eşideninden Güljemal uçursyz begendi. Sebäbi, onuň
höwesine ilkinji gabat gelen, ilkinji gezek onuň gyzlyk ýüregini gobsundyran Gojuk
Mergendi. Onuň görejine göreji kaklyşaly bňri geçen ýarym ýyly Güljemal özi däl-de,
başga Güljemal bolup ýaşapdy. Göwnüne bolmasa, şondan soň ot-çöplerem reňkini
üýtgedi, guşlaram has şirin saýraýan ýaly boldy, dem alynýan howa-da başga öwrüldi,
günlerem has gyzykly geçdi.
Gudaçylyga barylmazyndan esli ozal Gojuk Mergen Güljemallaryň goňşusynda saz
çalypdy. Şonda hem özi ýaly gyzlar bilen öýüň gözeneginde peýda bolan Güljemalyň
gözi ýaş sazandanyň gözi bilen tötänden çaknyşypdy.
Ol mahallar Gojuk Mergeni hiç kimem tanamaýardy. Güljemalyň hyýalynda bolsa,
diňe Gojuk Mergendi. Başga bir garyndaşlarynyň salgy bermegi bilen gudaçylyga
gelinse-de, Güljemal ony öýlenjek ýigitden gördi, begendi. Gözleriň çaknyşygynyň
netijesiz geçmňndigine gyz ynandy.
Emma, Güljemalyň atasy gyzyny Gojuk Mergene bermňge göwnese-de, onuň
Garawullaryň gelni bolmagyna garşy çykdy. Onuň: “Gaýynagasy şol gyzma Garawul
boljak bolsa, däl-le” diýenini Güljemalyň özem eşidip galdy. Şonda ol kakasyna “Kaka,
men Garawul bilen däl-de, Gojuk Mergen bilen ýaşamaly ahyryn. Gojuk Mergen oňat
ahyryn” diýip gygyraýasy geldi. Ýöne ol isleg arzuwlygyna-da galmaly boldy. Güljemal
arzuwyny eden Gojuk Mergeninden jyda düşdi. Ýöne, bir gapydan gaýdan Gojuk
Mergenler, şol bada başga bir gapyny, onda-da Aýparçanyň gapysyny açar öýdüp
Güljemal çakam etmändi. Şonlukda, ýaş mukamçy Güljemalyň jorasynyň paýyna düşdi.
Bolsa-da, Gojuk Mergeniň agras keşbi, mylaýym sypaty, ýakymly gözleri Güljemalyň
gözlerinde mizemez bahar ýaly bolup, baky surata öwrüldi.
Aýparçanyň garyndaşlary Garawulam, onuň beýleki hossarlarynam gowy tanaýar
ekenler. Emma göze görnen gyzy, onda-da Aýparça ýaly ady iliň dilinden düşmeýän
gözel gyzy öýüňde artyk saklamak öz aladaňy artdyrmakdy. “Pylanynyň gyzyny alyp
gaçypdyrlar. Pylanynyň gyzynyň adyna şek ýetiripdirler” diýen ýaly ýakymsyz habarlar
türkmen obalarynda hňlimi-şindi bolmasaa-da, käte-käte eşidilip durdy.
155
Ýanýoldaş meselesinde Güljemalyň bijesi şowsuz çykdy. Bu oba göçülip gelensoň,
Aýparça Güljemal özüne sowuk-sala garar öýdüp çak etdi. Aýparça elindäkini basyp
almadygam bolsa, herhal, Gojuk Mergen üçin ilki Güljemala söz aýdylypdy. Iki joranyň
perzentsizlik babatda dertleri bir meňzeş bolsa-da, ýanýoldaş meselesinde düýpden
tapawutlanýardylar. Aýparçanyň äri uly iliň sylaýan, perişde ýaly päk hasap edýän
adamsy bolsa, Güljemalyňky onuň tersinedi. Güljemalyň äri egba ýagdaky, süpüklik
derejesine ýetiberen tirýekidi, üstesine, onuň eli hem egridi, köpüň gözünden düşendi.
Şeýle ýagdaýdaky adamynyň ýaş gelni, onda-da kän ýyllar geçse-de, çaga ýüzi
düşmedik, durmuşyndan närazy gelni Aýparça bilen ýaňadandan sataşanyna çäksiz
begendi. Edilýän gürrüňler, ýatlamalar, Aýparçanyň degişmeleri Güljemala
wagtlaýynça bolsa-da, köşeşmäge, gam-hasraty az-kem unutmaga medet berýärdi.
Bir gezek iki gelin dilleşip, özlerini tebibe görkezmeli etdiler. Aýpaça-ha Gojuk
Mergeniň öýden telim günlik gitmeginden peýdalandy. Güljemal hem jorasy bilen onuň
aýal doganynyň ýaşaýan obasyna gezelenje gidýän adam boldy.
Tebip üç ýyl mundan ozal Gojuk Mergeniň Aýparçanyň üstüne getiren tebibidi.
Aýparça ony bosagadan ätlän badyna tanady. Emma Aýparça ýaly gelinleriň
ýüzlerçesini gören tebip myhmanyna ozalam bir gezek sataşanyny ýatlap bilmedi, her
geleni tanajak bolmagyňö onuň üçin zerurlygy-da ýokdy. Aýparça-da oňa tanyşlyk
berjegem bolmady.
Tebipleriň adamlaryň saglygynda bar bolan kemçilikleri doly kesgitlňp
bilmeýändikleri hakdy. Ýöne tebip hökmünde ynama girenleriň eden aýgydyna hiç kim,
has beterem, özlerini barlatmaga baranlar müňkür bolmaýardylar. Şonuň üçinem
tebipler kesel bilmek başarnyklaryna ýan bermejek dertler hakda-da kesgitli bir zat
aýdýar goýberiberýärdiler.
Bu gezek hem şeýle boldy. Tebip aýal Güljemala-ha çaga önmez ýaly hiç hili
derdiniň ýokdugyny, Aýparçanyň bolsa, çaga üatgysynyň kiçelip-kiçelip, “edil türşege
dönendigini” aýtdy oturybedi. Ozalam özünde kemçilik bardyr öýdüp çak etmeýän
Güljemal tebibiň aýdanyna ynanmazçylygam etmedi. Emma eşiden habary Aýparçany
welin aljyratdy. Ol elindäki kinniwanja käsä öý eýesiniň eşrepi ýaly edip guýup beren
bir owurt çaýyny keçä dökmän zordan saklady. Onuň göz öňünde Gojuk Mergen
janlandy. Beýle nesibäniň hudaý tarapyndan ýazylýandygyna ynanýanam bolsalar,
sähra türkmenleri dünýäden perzentsiz geçmegi gaty ýokuş görýärdiler, tüwmaýak
bolmagy aýylganç gargyş siňmegiň netijesi hasaplaýardylar. Şol hakda oýlanan
Aýparça perzentsiz ýaşap ýören, geçip giden adamlaryň kändigini ýatlasa-da, özünem
şolaryň biri hasap etse-de, biçak kemsindi. Ol özüni bir tarapda goýup, Gojuk Mergeniň
halyna haýpy geldi. Kimler perzentsiz ötse-de, Gojuk Mergeniň nesibesine beýle paý
düşmeli däldi. Gojuk Mergen Allanyň ölçäp beren ömrüni ýöne ýaşap geçäýmelileriň
hataryna girmeýärdi. Ol özi üçin däl-de, il-gün üçin ýaşaýardy. Onuň ady, nesli ýitmeli
däldi. Oňa hünärini dowam eder ýaly perzent gerekdi. Şonuň üçinem Aýparça gelin
tebibiň aýdanyna ynanmazçylyk etmese-de, öz ýagşy azuwyna ýapyşalga bolar ýaly yş
gözledi, tebibiň ýalňyşaýmagyna garaşar ýaly Aýparçada esasam bardy.
─ Siz üç ýyl mundan ozalam-a meni görüpdiňiz, ýeňňe. Şonda-ha türşek-pürşek
agzamandyňyz...
Az-kem oýlanan tebip garşysynda oturan gelni haçan görendigini ýatlajak
boldy.,gelni nirede görenini ýatlap bilmese-de, oňa galat jogap beren däldigine welin
156
ynandy. Onda üuwarlamak, iki geplemek häsiýeti ýokdy. Şeýdäýmegiň juda zerur
halatlarynda-da, ol hakykaty bolşundan üýtgetmän aýdýardy.
Aýparça dikanlap sereden tebip eşiden sözlerinden nägile bolandygyny
nazaryndanam aňdyrdy.
─ Seň göwnüň üçin ýalan sözläp, Allanyň öňünde ikilik edip bilmen. Oýlanyp
geple, keýgim. Seni aldadym-da, ýokardakyny nädip aldaýyn? Ikimiziň sataşanymyz
çyn bolsa, üç ýyl mundan ozalam şu aýdanymyň tersine geplän däldirin. – Tebip aýal
birdenem öz-özüni barlap görjek bolýan ýaly, Aýparçanyň aýdany bilen çynlakaý
gyzyklandy. – Sen, gelin, üç ýyl mundan ozal diýýäň welin, üç ýyl mundan ozal meň öz
agzymdan şeýle söz eşidipmidiň?
Ondan bäri üç ýyl geçenem bolsa, şol mahal eşiden jogabynyň her sözi, her äheňi
Aýparçanyň ýadynda berk saklanypdy. Ol hakykaty aýtmaly boldy:
─ Öz agzyňyzdan eşitdim diýsem-ä ýalan sözledigim bolýa, ýeňňe.
Çakynyň dogry çykmagy bilen ganatlanan tebip haýbatly gepledi:
─ Beýle bolsa, ýalan sözläni başga ýerden agtar...
Aýparça gelin ýalan sözläniň häzir obadadygynam aýdyp biljek däldi. Ýöne, nirede
bolsa-da, Gojuk Mergeniň öz gelnini ýadyndan çykarmaýandygyna, çykarmajakdygynada Aýparça ynandy. Tebibiň beren jogaby Gojuk Mergeniň kimdigini, onuň Aýparça
nähili garaýandygyny ýene bir gezek dolulygyna açyp görkezdi.
Aýparça şol barada pikir öwürdi.
Şeýle ýürekli adamynyň aladasyny aýal näme bilen ýanaşdyryp biler?
Aýparça şol barada pikir öwürdi.
Aýparça Gojuk Mergeni halys ýürekden eý görýär. Tebibiň şu günki aýdan
täzeliginden soň-a, Aýparça onuň üçin janyny bermäge-de taýyn. Ýöne...
Ýöne onuň öýlenjek aýaly “Sallançak mukamynyň” manysyna düşünermikä? Şoňa
düşünilmese, Gojuk Mergeniň şol mukam üçin öz ähli bähbidiniň üstüne atanak
çekmäge razydygyna alynjak aýalyň akyly çatarmyka? Onuň ýygy-ýygydan öýünden
ýabany ýatmasynyň manysyna ýetermikä? Ýagdaýyna dürs düşünilmedik Gojuk
Mergen igläp öläýmezmi? “Sallançak mukamy” näder? Il-gün näder? Sähra şol sebäpli
mukamsyz galmazmy? Bize iliň gargyşy siňmezmi?
Aýparça şol barada pikir öwürdi.
...Iki gyrasy gyzylymtyl pürli ýandak bilen haýatlanan egrem-bugram ýodadan
tirkeşip gelýän gelinlerden ses – seda çykmaýardy. Ýöne dermanlary dürli hem bolsa,
dertleri bir iki joranyň näme hakda iç gepledýändikleri welin düşnüklidi.
Tebibiň öýünden çykylaly bäri agyr derdiň astynda goýan pikiriň gapdalyndan
Aýparçany başga bir düşnüksiz ýagdaýam heläk edýärdi. Ol hem tebibiň özi hakda
aýdanyny Güljemalyň göwnübir diňläp, soňam ne sesinde, ne daş sypatynda üýtgeşik
bir alamat aňdyrmanlygydy. Dogry, Güljemalyň öz durmuşyndan, ýaş başyndan neşä
urup, sandan çykan ärinden göwnüniň hoş däldiginden, ärine gözi düşenden onuň
keýpiniň bozulýanlygyndan Aýparça habarlydy. Şeýle-de bolsa, biçak ýakymsyz habar
beýle sowukganlylyk bilen garşylanar öýdüp, Aýparça çak etmändi. Belkem, bi
neşebent ärinden perzent edinmegem isleýän däldir? Belkem, bi... Aýparça yzyny pikir
etmäge-de gorkdy. Hyýalyna gelen duýgy Aýparçanyň özi üçin howply bolup duýuldy.
Emma Gojuk Mergen üçin köp-köp elhençlikleri göz ýumup geçmäge ol taýyndy.
157
Sulhy alan adamsy üçin aýal nämeler etmeýär! Ýogsam, üste aýal almaklyk,
aýallaryň ýüregi düşer ýaly şerigat tarapyndan kanunlaşdyrylýanam bolsa, ol meseläni
henize çenli ýekeje aýalam ak ýürekden makullan däl bolsa gerek. “Günim bilen ataňa
nika gyýlansoň, öýüň daşynda zowzuldap ýörşüme, buşugymam saklap bilmändirin”
diýip, garry enesiniň beren gürrüňini Aýparça şu mahal ýatlamaga mejbur boldy.
Egerde, üstüne, güni getirilse, Aýparça üçin agyr düşerdi, Gojugy gabanardy, özözüni gynardy. Emma garşy bolmazdy. Aýparçanyň atasy sebäp ýok ýerden iki gezek
öýlenipdir. Gojuk Mergen bolsa, başdaş aýalyndan perzent önmäni üçin şeýtmeli.
“Megerem, şeýdip, Güljemalam öz bagtyny oýarar. Özüni köşeşdirmek üçin bolsa,
hyýalynda Gojuga sataşan hasap edäýsin”. Aýparçanyň çak edişine görä, ömründe
garaşmadyk teklibini eşiden Güljemal teklibi berjaý etmekden boýun towlasa-da,
aýdylanyny gaty görmeli däldi. Çünki Güljemal Aýparçanyň jorasydy, derteşidi. Şeýle
teklibiň döremegini hem durmuş talap edýärdi. Jora-da jora kömek etmelidi. Güljemaly
hem şeýle teklibi eşitmäge durmuş mejbur edýärdi.
Iki jora gyrasy ýaşajyk tally ýapjagazyň boýunda dyz epdi. Olaryň dem
alyşlaryndan gaýry ümsümligi bozýan zat bolmany üçin akyp ýatan suwuň şildirdisi
hem dünýäni owazdan doldurýan ýalydy.
Ýapjagazyň aňyrsyndaky düzlükde mal bakyp ýören çopan bir kakabaş sygra tarap
taýagyny aýlap saldy-da: “Gysyr galmyş diýsänim!” diýip gargyndy. Günortanyň ümüştamyşlygynda onuň sesi telim esse ulalyp, uzaklara ýaýrap gitdi. Ýap boýunda oturan
iki gelne bolsa, ol sözler hasam agyr täsir etdi. Çopan ol gargyşy ekinçi sygra däl-de,
Güljemal bilen Aýparça gönükdiren ýaly boldy. Gelinleriň ikisi hem çopanyň sözi
hakda oýlandy. Dymyşyklygy welin, Aýparça bozdy:
─ Ak süýt berýän haýwana günortanyň çagynda beý diýip gargynmaly däl ahyryn!
Güljemal gelin alyslara uzalyp gidýän düz meýdana gözüni gyrpman seredip
oturşyna:
─ Gargalanda näme? – diýdi. – Ikimiz nä sygyr çopanyň gargyşy siňip şü güne
düşdükmi?
Jorasynyň ýüzüne garan Aýparça onuň tukatdygyny görensoň, çopanyň sözlerine
gaýtadan üns berendigine ökündi. Ýöne şeýtmek islese-de, Güljemaly häzirki edip
oturan pikirinden daşlaşdyrar ýaly, ony köşeşdirer ýaly sözem tapyp bilmedi.
Jogapsyz galdyrylany üçin Güljemalyň aýdan sözleri hem etmelisinden telim esse
artyk täsir etdi. Onuň şeýle bolandygyny ara düşen kän mahallyk dymyşlykdan soňam,
Güljemalyň öňki meselä dolanyp gelmegi tassyklady. Ol uludan dem aldy-da, ajy
ýylgyrdy.
─ Tebibiň özüme şeý diýjegini men öňündenem bilýädim, Aýparça. Öňündenem
bilýädim...
Tolgunçly, sesiň, ajy ýylgyrmanyň aňyrsynda gelniň içki dünýäsiniň galagoplulygy
gizlenip ýatyrdy. Betbagtlyga öňünden garaşylýan bolsa ol iki betbagtlykdy.
Jora bolsa-da, Aýparça Güljemalyň kän syrlaryny bilmeýärdi. Şonuň üçinem ol
eşiden geň habaryndan soň:
─ Näme üçin? - diýmäge mejbur boldy. – Seň tebipçilikden başyň çykanokdy
ahyryn?!
Güljemalyň sesi ýene sus çykdy:
─ Oň üçin tebip bolmak hökman däl, jora jan.
158
Sag eliniň aýasyny eňegine söýget edinen Güljemal dikanlap bir ýüzüne seretdi
welin, Aýparça gelin jorasyndan nazaryny aýryp, başga ýana äňetmeli boldy.
Güljemalyň bir pursatlyk garaýşynda bir ömürlik ökünç, näumytlyk, ynamsyzlyk
ýerleşýärdi. Ol garaýyş Güljemalyň bitginli göwresini-de ejiz görkezdi, eginlerinem
sallanan ýaly etdi. Emma ýagdaýyň ozaldan boýna alyklygyna garamazdan,
Aýparçanyň soragy jogapsyz galdy. “ kem, joraňdanam gizläp saklamaly bir syrdyr ol?
Bilesigelijiligi erkine goýmasa-da, Aýparça özüni saklamaga çalyşdy: “Güljemaly
menem gowy görýän. Ýöne adam eşitmez ýaly geň habar dälem bolsa, Gojuk ikimiziň
aramyzda bolýan ownuk gep-gürrüňleriň ählisini muňa aýdamok ahyryn. Durmuşyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 17
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.