Latin

Keseki - 09

Total number of words is 3764
Total number of unique words is 2119
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýtmazdy.Ýöne bularyň öz iýýänlerem...” Öz iýýänlerem ölmez-ödülik haldaka kimdir
birine el ýaly çörek berilmegi-de ullakan hezzetdi,ullakan hormatdy. “Belkem,Akmaral
ol çöregi-de öz agzyndan kesip getirendir?” Şeýle çaklamadan soň eline alan çöregi
Blokwiliň gözüne üýtgeşik hörek ýaly bolup göründi.Ak bugdaýdan bişirilen çöregiň
özboluşly ysy oňa hoş ýakdy,ozalam taýyn işdäsi hasam açyldy.Şol mahalam ol öz
iýmeli paýyny getirip Akmaral aç galandyr öýdüp çaklady.Hem şol pikir,hemem
81
tozanly jöwenligiň içinde çörek iýip oturyşy ony utandyrdy.Ol özüni ýetim çaganyň
rysgalyny iýen adam ýaly hasap etdi.
Blokwil soňky döwüm çöregi agzyna salanda,asmandan iýnen ýaly
bolup,duýdansyz halatda Eýemyrat peýda boldy.Ol çöp-çalamyň içi bilen ýöräp
gelenem bolsa,tä alkymyna gelýänçä aýak sesini gizleýşi Blokwil haýran galdyrdy.
Eýemyrat ýesiriň ýanynda uzak hem durman,yzyna aýlandy.Emma tä öýüne
ýetýänçä onuň aýak sesi Blokwile eşidildi durdy. ”Gelende eşidilmedik aýak sesi
gidende näme üçin eşidilýärkä?”
Kän mahal geçmänkä, gara öýler tarapda gep-gürrüň başlandy.Eýemyradyň aýaly
daş çykdy.Adamsy öňa bir zatlar diýdi.Jöwenlige tarap seredip geplän aýal onuň
jogabyny berdi.Bir ýerden Akmaral peýda boldy.Agabeg oňa-da bir zatlar
diýdi.Akmaralyň sesi pessaý çykdy.Eýemyrat öňa barmagyny çommaltdy,jöwenlige
tarap elini salgady,ýene Akmarala ýüzlendi.
Blokwil işikde üç adamynyň arasynda bolup geçen sözleri düşnüksiz gepleşikden
özi üçin düşnükli many çykardy.Ýesire çörek berlenini aňan Eýemyrat öňi bilen öz
aýalyndan: “Sen pereňlä nan eltip berdiňmi?” diýip soraýar.Annabibi beýle iş
etmändigini aýdýar.”Onda kim oňa nan berdi?” diýen sowalyň jogaby Akmarala
syrygýar...Bolan wakanyň şu ýerine çenli eden çaklamasynyň hakykat bilen bap
gelmelidigine Blokwil ynanýar.Emma Akmaralyň näme jogap tapandygyny çaklamak
welin oňa başartmaýar.Ol pereňliniň Agabegine “Nany elten men” diýip, mert jogap
berensoň, yzyna dolandymyka ýa-da eden hatasyny boýun almadymyka?
Akmaralyň nähili jogap gaýtarandygyna garamazdan,el ýaly çörek üçin aýallaryň
ikisiniňem ýakymsyz sözleri eşitmegine sebäp bolany zerarly Blokwil özüni müýnli
duýdy.Ol kellesini köýneginiň ýakasynda gizläýjek bolup,ýygrylyp oturyşyna öz-özüne
käýindi.Ol özi sebäpli beýle gopgunyň gopjakdygyny öňünden aňan bolsa,aç ölerdi
welin,çörege elini uzatmazdy.
Aladasyny başyndan uçurmak islän pereňli ýene oraga ýapyşdy.Orak hem ony
öňki pikirden daşlaşdyrmady.Ol bir döwüm çörek üçinmi ýa-da ýesiri ýesirlik
derejesinde saklamak maksady bilenmi, dörän ýakymsyz waka barada oýlanaoýlana,nähili hereket edýändiginem aňşyrmady.Hatda ol gyltyzragam bolsa,oragyň elini
kesendigini-de çep eliniň barmaklarynyň arasy gan degip şypyljyranyndan soň aňyp
galdy.Gany duýsa-da,agyryny duýmady.Utanç,pikir ten yzasyndan üstün geldi.Onuň
indiki oýlanmasy işi gutaryp,özüniň kepbä dolananyndan soň bolup biljek waka
baradady: Blokwil gapa barýar.Agabeg öýden çykýar.Ol aýalynam,Akmaralam ýanyna
çagyrýar.Olary ýesir bilen ýüzleşdirýär.Gysaja salnan Akmaral hakykaty boýun almaga
mejbur bolýar.Eýemyrat onuň üstüne heňkirýär.Düşnüksizem bolsa,Agabegiň hatda
paýyş sözleri agzyna alandygam hakykat.Akmaral Blokwile tarap seredýär.Blokwil
sebäpli gepe galan görmegeý maşgalanyň owadan gözlerinde ýesire ýigrenç alamaty
görünýär.Iň aýylganjy hem şol.Utanç,ökünç girdabynyň astynda galan pereňli şol
mahal ölmäge-de razy...
Emma ikindinara ýesirini gapyda garşylan Agabegden Blokwiliň garaşan hereketi
çykmady.Onuň ýüzünde,gözünde öňkülerinden tapawutlanýan hiç hili gahar-gazap
alamaty görünmedi.Ol öz aýalynam,Akmaralam ýüzleşige çagyrmady. Ýöne onuň
düýnki eden hereketi welin gaýtalandy.Pereňli kepbä salyndy,aýaklary
gandallandy,türmäniň gözenegine meňzeş ýylgyn tuty ýene kepbäniň agzyna gapak
82
edildi.Samanhananyň bir böwrüni tutup ýatan akly-saryly kädiler ýene Blokwiliň
ýanýoldaşyna öwrüldi.
* *
Zyndanyň zeý ysy gelip duran agyr hem dymyljyk howasyndan ýyllar boýy
biregne dem alan bendiniň az salymlyk arassa howa çykarylmagyny hem özüne
tükeniksiz bagt hasap edişi ýaly,elini oraga kesdirse-de,çörekli meselede ýerliksiz azara
galanam bolsa,birki sagat jöwen kelleklemek Blokwiliň janyna birneme aram
berdi.Aýagyna
ýene dakylan gandalyň ýetirýän zeperinem duýmaýan ýaly
bolup,pereňli bu gije rahat ýatdy.Ol ýadap, ir uklaýşy ýaly, ir hem oýandy.Ozal ukudan
açylan badyna güni ýesirlik dünýäsiniň agyr howasyndan dem almakdan başlanan
bolsa,bu gezek gaty bir beýle-de bolmady. Gabagyny galdyran badyna onuň nazaryna
kaklyşan öz iliniň ysy gelip duran,gözüne yp-yssy bolup görnen zatlar boldy.Ol
Pariždäki owadan pişiginiň arkasyny sypaýşy ýaly edip,eline alan ullakan depderiniň
ýüzünden aýasyny ýöretdi.
Entek Gün dogmanka Eýemyradyň aýaly işikdäki guýudan suw çekmäge
durdy.Blokwil Goňur obasyna gelip,atdan düşen badyna-da,öňi bilen şol guýa üns
beripdi.
Kepbäniň gabat garşysyndaky guýynyň ýarym gulaç çemesi beýklikdäki erňegi
rejeli örülen ýylgyn çýbyklary bilen şeýle bir timarlanandy welin,onuň ökde ussanyň
elinden çykandygy bildirip durdy.
Blokwil Horasanyň ýollarynda-da,türkmen ilinde-de guýy baryny görüpdi,olaryň
bejerilişini üns bilen synlapdy,birneme artdyryp,çuňlugy kyrk gulaç diýilýän şaňlap ses
edýän guýularyňam agzyndan seredipdi.Ýöne bular ýaly erňegi tegelenip kesilen uly
agajýň owadan düýbüne meňzäp duran guýa ilkinji gezek şu ýerde gabat gelýärdi.Ol
galyň depderiniň üstünde bir bölek ak kagyz goýdy-da,gyýynyň suratyny çekmäge
başlady..
Blokwil surat çekmesini boldum edip,galam-kagyzyny bir tarapa goýan badyna
gara öýden çykan Eýemyrat kepbä tarap gaýtdy.Başy gara silkme telpekli,päkize garma
donunyň bili berk guşalan Agabeg gaty bezemen göründi.Ol gelşine-de gapynyň agzyny
ýapyp duran ýylgyny aýryp,gapdala söýedi.Şol mahalam Blokwil:
--Essalamaleýkum,Agabeg!—diýdi.
Salam alan Eýemyrat ýylgyrdy-da,özüne ýüzlendi.
--Biziň munymyz-a basym türkmençe-de jürlejek!
Blokwil öz Agabeginiň “Waleýkimessalamyndan” başga sözüne düşünmese-de,
Hangeçenden gaýdylan gününden bäri hojaýynynyň çyny bilen ýylgyranyna birinji
sapar şaýat boldy.
Kepbäniň ýeňsesine aýlanan Eýemyrat kän mahal geçmänkä-de, atlanyp geçip
gitdi.
Žorž Blokwil takdyryň maňlaýa ýazanyna kaýyl bolup,gol gowşuryp oturmaly
däldi. Beýtse onuň ýesirlikde bolmaly günleriniň sany öz erkine görä artyp gitmelidi.
Ol, iň bolmanda, ozüniň bendilikde ýörendiginiň,niredediginiň habaryny welin dostýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna ýetirmegiň gamymy iýmelidi ahyryn.Ýogsam,bu ýesir
bolçulygynda diňe öz gara başlarynyň aladasyny edýän gajarlaryň iň soňkusynyň öz
iline dolanmagyna
garaşyp otursaň,galan ömrüni Goňur mülkünde geçirmeli
bolmagyňam ahmaldy.Elbetde,Blokwil Horasanyň häkimligine-de,Nasretdin şanyň
83
diwanynyň haýbatly möhüri basylan wada-da bil baglaýardy.Ýöne özüniň ýesir
düşendigini
Pariže
habar edip bilse,ol habaryň Napoleona1 ýetjekdigine-de
ynanýardy.Her hal dworýan maşgalasyna degişlidigi sebäpli imperatoryň öz raýatynýň
ýesirlikden boşamagynyň aladasyny etjegi çyndy.Şol pikir bilenem pereňli ýesir ýene
galam-kagyza ýapyşdy.
“Merhemetli jenap Ýusup han!
Bu haty okap,Siziň geňirgenmegiňizem ahmaldyr.Emma düşen ýagdaýym meni
şu toprakda özüme iň ýakyn hem umyt baglaýanym hasap edýänim bolan Size ýüz
tutmaga
mejbur edýär.Ýagdaýyň nähilidigini bolsa men size aýdyp oturmaly däl.Siziň
özüňiziňem jennetiň hormatly töründe
oturmanyňyz belli.Tähranda baglaşylan
şertnama görä,eger-de türkmenlere ýesir düşäýsem, Fransiýa döwletiniň raýatydygym
hökmünde Eýran hökümeti meniň aladamy etmelidi.Emma şu güne çenli meniň
halymdan habar alýan adam ýok.
Eger-de Siz,merhemetli jenap Ýusup han,öz Watanyňyza sag-aman dolanyp
barsaňyz (onuň şeýle bolmagyny bolsa Hudaýdan dileýärin), baglaşylan şertnama
barada,meniň Merwiň Goňur diýilýän mülkünde Eýemyrat Agabegiň gapysynda
ýesirlikde ýörendigimi Eýran hökümetiniň wekillerine habar bermegiňizi ýa-da şu hatyň
mazmunyny Fransiýanyň Tährandaky ilçisiniň hut Özüne ýetirmegiňizi Sizden
towakga edýärin. Şu hatyň soňky ykbaly baradaky habar maňa gowuşsa, men Size
ömürlik minnetdar bolardym.Hudaý size ýardamçy bolsun!
Fransuz goşunynyň kapraly Žorž Anri Gulibef de Blokwil.
Merw welaýaty,Goňur mülki. 1860”
Blokwil haty dört epledi-de,tüňňerişip ýatan kädileriň arasynda gizledi.
Kepbe bilen gara öýleriň arasyndaky açyklyk pereňli üçin güýmenje meýdançasy
ýalydy.Çagalar ol öýden çykyp,beýlekä girselerem,daş işikde oýnasalaram, ýesir olaryň
ähli hereketini synlap oturýar.Türkmen çagalarynyň biri-birlerine seredişlerem,söz
gatyşlaram pereň çagalarynyňka çalymdaş.Bularyň Pariž çagalaryndan ähli tapawudy
gaty horaşa geýnişlerinde.Türkmen çagalarynyň towsaklaýyşlaram,jedelleşişlerem
pereňlä öz ilini ýatladýar.
Ana,gara öýleriň birinden Mämmedöwez pälwanam çykdy.Onuň şol düýnki,
öňňunky bolşy.Başynda ony has-da haýbatly edip görkezýän, tüýleri seçelenip duran
owadan gara silkmesi bar, dony hem ýasgynjaň alnan.Blokwil ol adamynyň öýden
çykan badyna ýasama ardynjyramasynyňam manysyna düşünýär.Goja ardynjyraýar
welin,goňşy öýlerdäki
aýallaryňam özara edip oturan gybatlary tamamlanan
ýaly,sesleri tapba kesilýär.Ýöne türkmen aýallarynyň alkymdan sallanýan ýaglyk bilen
agyzlaryny ýapmasynyň ýa-da ýaglygyň ujuny dişläp ýörmekleriniň manysyna pereňli
ýesir entek düşünmeýär.Şu golaýda ýaşaýan ýa-da guýa suw almaga gelýän ýaş
aýallaryň hemmesiniň agzy ýaşmakly bolsa-da,Akmaral welin ýaşynmaýar.Onuňam
sebäbi pereňlä düşnüksiz.Mammedöwez pälwan görünse,aýallaryň Akmaraldan özgesi
derrew ýaşmak dişleýär.Akmaral bolsa ol goja bilenem arkaýyn gepleşip ýör.Ol näme
üçin beýlekä? Pereňli ol syryň magadyna ýetmek isleýär.
Napoleon—Lui Napoleon /1808—1873/.1852-70-nji ýyllarda Fransiýanyň prezidenti. Napoleon Bonapartyň ýakyn
garyndaşy. (Awtor.)
1
84
Mammedöwez pälwan Eýemyradyň öýüniň gapysynda saklanyp,ýene emeli
ardynjyrady-da,bir zatlar diýişdirdi,soňam öýüne girip gitdi.
Annabibi öýden çykanda elinde agaç tabak bardy.Onuň kepbä tarap gaýdanyny
gören Blokwil Mämmedöwez pälwanyň eden hereketiniň,diýen sözleriniň manysyna
düşündi. Ýesiriň Agabegi öz bendisiniňem bokurdagyndan bir zat öturmeldigini
öýdäkilere ýatladyp gitmegi unudanam bolsa,ýaşuly ýatdan çykarman ekeni.
Annabibi içi üç-dört bölek gaýnan kädili hem bir bölek zagaraly tabagy kepbäniň
bosagasynyň öňünde goýup yzyna dolananda Blokwil:
--Apa!—diýip gygyrdy.Ol onuň aýal maşgala ýüzlenmek üçin bellän sözüdi.
Annabibi aýak çekdi.Ýöne oňa aýtmak islän sözlerini tapmadyk pereňli ellerini
owkalaşdyrdy.Ol şeýdip elini ýuwmagyň zerurdygyny aýtmak isledi.Emma mana
düşünmedik aýal ýene aňyrlygyna gitdi,kän mahal geçmänkä-de Akmaraly yzyna
tirkäp geldi.
Blokwil Akmarala baş atyp salam berensoň:
--Eger-de elimi ýuwmaga,agzymy çaýkamaga suw bermeseňiz, men getirilen
owkady iýmen—diýdi.Şonuň yzyndanam, şeýle sözleri aýdyp,kepbäniň işiginde duran
iki aýalyň iňçe damaryny oýnamak isledi.—Men owkatdan ýüz öwrüp,aç otursam,siz
Taňrynyň öňünde günäkär bolarsyňyz.Owkat iýýänçäm, aýagymdaky gandalam aýryň!
Akmaral ýesiriň aýdanlaryny Annabibä düşündirdi.Annabibi başyny ýaýkady.
--Eýemyrat dädeň öýde ýokka,men muň gandalyna ýapyşyp bilmen,gyz.Onsoňam
men gandalyň açarynyňam nirededigini bilemog-a.Mämmer dädeň bilýän bolaýmasa.
Blokwil iki aýal maslahatlaşýança,özüniň nägileligini duýdurmak üçin ýüzüni
aşak salyp,torsarylyp oturdy.
Annabibi
Mämmedöwez
pälwanyň
öýüne
tarap
gitdi.Ol
aňryk
ýönelenden,pursatdan peýdalanmak islän Blokwil gyssanmaç gepläp başlady.
--Meň düýnki eden haýyşym siziň ýadyňyzdamy,Akmaral? Men ol haty ýazdym.
Anha,iki kädiniň arasynda dur.Hatda siz üçin hiç hili howply habar ýok.Men diňe
özümiň boşadylmagyma kömek edilmegini soraýan.Siz şol hatyň topazlar mülkünde
ýaşaýan Ýusup hana gowuşmagyna ýardam etseňiz,bir Taňry bendesine rehim
edip,sogap gazandygyňyz bolardy.
Akmaral yzyna gaňryldy.Annabibi gaýnagasynyň gapysyna ýetip barýardy.Onuň
eden hereketiniň manysyna düşünen Blokwil tiz ýerinden turdy-da,haty Akmarala
uzatdy.
Haty köýneginiň uzyn ýeňinde gizlän Akmaral ýüzüni aşak saldy.
--Şu hat barada biläýseler,meň başymdan niçiksi apatyň injekdigini sen bilýäňmi?
--Aňýan,Akmaral,aňýan.Ýöne gaýrat ediň! Sizi Alla ýalkar...
Kepbäniň agzynda eli açarly Mämmedöwez pälwan peýda boldy.Annabibi bolsa
kündük alyp geldi.
Eden hereketiniň netije berýändigine göz ýetiren Blokwil başlan syýasatyndan
has düýpli peýdalanmak isledi.
--Siz bu porsap duran kümede kimi saklaýanyňyzy bilýäňizmi,Agabeg? Beýle
hereketiňiz üçin siz uzagyndan hasabat okamaly bolarsyňýz,Agabeg.
Haýbatly ýaňlananam bolsa,ýesiriň sözleri ýaşula täsir etmedi.Bir durkuny-da
üýtgetmedik goja Akmarala ýüzlendi:
85
--Men muň gepine ýarpy-ýalta düşünýän,näme diýjek bolýanynam öňünden
aňýan.Ýöne sen muňa has düşnükliräk edip aýt.Göwnüne almasyn.Emma ki Nasretdiniň
otuz üç sany top süýräp gelen müň lek serbazyndan gorkmadyk teke aýagy gandally
gulundan-a hijem çekinmez diý.Bu bize syýasat etmesin. Öz ilinde şazada bolanam
bolsa, biz oňa ynanarys.Ýöne biýem häzirlikçe biziň iliň guludygyna ynansyn.Ýene
bir zady aýt.Hazir biziň öz ýagdaýymyzam ýesirleňkiden enaýy dal. Pereňli bilen
tirkeşip gelen ganojaklar günäkär hemmesine-de.Gajarlar gelmedik bolsa,pereňli öz
aýagy bilen bärik ýöremedik bolsa, bizem beýle agyr güne düşmezdik,pereňliniň
özem.Eýsem, munuň häzir şu ýerde oturmagyna özi günäkärmi ýa biz sebäpkär?.Şol
barada oýlansyn-da,bize bolan kinesini soň beýan etsin.
Aýdylany diňlän Blokwil çalaja baş atdy.Şol baş atma-da iki tarapa-da oňaýly
täsir etdi. Emma aýagy gandaldan boşadylsa-da, Eýemyrat gelýänçä, ýesir kepbeden
çykarylmasyz edildi.Şonuň üçinem Blokwile giň dünýäni dar kepbeden synlap oturmak
ýoly galdy.Onuň synlamaly dünýasi hem ýylgyn gapysy aýyrylan kepbäniň işiginden
görünän örüsi çäkli, üç sany gara öý,ojak,owadan guýy,süzmederi asylan haçjadan
başga zady ýok dünýädi.Sol iki arada aýallar öýden çykyp,öýe girýärdiler,käte hem
bigam çagalar iki tarapa at salyp geçýärdiler.Şonlukda, tä Gün uly guşluk ýerine
ýetýänçä, Blokwil özüne ölçelip berlen çäkli meýdana garap oturmaly boldy.
Günorta golaýlanda ýesiriň birmeňzeş görnüşli dünýäsine täzelik aralaşdy.Otuz
ýaşlaryndaky aýal bäş-alty ýaşly oglanjygyň elinden tutup,Eýemyradyň gapysynda
peýda boldy.Olaryň yzynda ýedi-sekiz ýaşly gyzjagaz hem bardy.
Blokwiliň ilki ünsüni çeken zat gyzjagazyň şaýly tahýasynyň depesindäki otaga
boldy.Akja otaga inçesagt gyzjagazyň boýuny has-da uzyn edip görkezýär.Pereňli
otagany ýabany horazyň ýelegi bolsa gerek diýp çak edýär..Soň ol oglanjygy
synlaýar.Ol ýesiriň bu töwerekde görýän çagalaryndan tapawutlylykda öňatja
geýindirilendi.Blokwiliň höwesini oýaranam oglanjygyň arkasy şaýly kürtesidi.Onuň
başyndaky gara jähekli sary şypyrmasy-da kellesine laýyk edilip tikilendi.
Öýden çykan Annabibi gelen aýal bilen
eginlerine kakyşyp görüşdi,
oglanjygyňam, gyzjagazyňam başyndan sypady.Soň Akmaral peýda boldy.Ol hem
Eýemyradyň aýalynyň eden hereketlerini gaýtalady.Gelen aýal elindäki düwünçegi
Annabibä berdi.Şondan soň aýallaryň hemmesi öýe girdi.Oglanjyk bilen gyzjagaz bolsa
daşarda galdy.Töwerekden peýda bolan çagalar derrew olaryň daşyna üýşdi. Pereňli
ýesiriň içgysgynç dünýäsi jagyl-jugla doldy.
Esli wagtdan öý eýesi hatyn çanak-çemçelerini alyp,ojagyň başyna geldi.Blokwil
myhman üçin gazan ataryljakdygyna düşündi.Öý eýesini ýeke goýmajak bolýan ýaly,
myhman bilen Akmaralam ojagyň başynda peýda boldy.Üç aýal üç ýerden özara
gürrüňe başlady.Olar agyzlarynyň ýeişdiginden,gezek-gezegine,käte-de biri- birinden
öňürtjek bolup gepleýärdiler.Eýemyradyň aýaly bolsa şeýdeni bilen aýdan zadynyň
agramyny artdyrýan ýaly,geplän pursady elindäki ýaga bişip,garalyp giden agaç
çemçäni hem galgadýardy.
Blokwil aýallaryň hereketine höwes bilen syn edip oturdy.Köne kepbäniň içinde
özlerini synlaýan ýat adamyň bardygyny ýatdan çykaran aýallaryň agzy dek durmady.
Olaryň daş-töwerek,dünýä bilen işleri ýokdy.Aýallaryň bolşy Blokwili
ýylgyrtdy.”Gybata gyzan mahaly hemme milletiň aýallary-da birmeňzeş bolýar ekeni—
86
diýip içini gepleden ýesir
başyny ýaýkady.—Diňe dürli dilde gepleýäler
diýäýmeseň,hereketlerem, gyssanyp, çalt-çaltdan gepleýişlerem bir meňzeş...”
Eýemyradyň gapysyndaky guýynyň ýylgyndan edilen owadan sekisi diňe pereňli
ýesiri gyzyklandyrmaýar ekeni.Oňa myhman oglanjygam üns berdi.Ol dört-bäş sany
bolup bir zada güýmenip durkalar,ýoldaşlaryndan
bölündi-de,guýynyň agzyna
geldi.Oglanjyk arkasyny kepbä tarap öwrüp duransoň, kürtesindäki tumar,tumaryň
zynjyrjyk bilen baglanan düwmejiklerine çenli ýesire mese-mälim görnüp durdy.Çaga
hereketlenende, düwmejikler geň-enaýy ses edýärdiler.
Oglanjyk ýylgyn haýaty eli bilen sypalady,syn etdi,boýnuny uzadyp,guýynyň
içine seretjek boldy.Çaga bilesigelijiligi guýynyň düýbüne çenli görmek höwesini
döretdi.Ol ýylgyn haýatjygyň üstüne münmäge synanyşdy.
Blokwil bir ýakymsyz waka bolar öýdüp howatyrlandy.Caganyň edip başlan
hereketi şeýle howpuň döräýmeginiň ahmaldygyndan habar berýärdi.Ýylgyn haýatyň
üstüne çykan oglanjyk guýynyň içine seretmekçi boldy.Şol pursadam pereňliniň çak
eden howpy amala aşdy.Çaganyň çirkin sesi ojagyň başyndaky aýallaryň zenzelesi bilen
utgaşyp gitdi.
Aýallaram,oýnaşyp ýören çagalaram derrew guýynyň başynda peýda boldular.
Ýöne guýa gaçana kömek etmek üçin olaryň ellerinden gelýän zat ýokdy.Olarýňky diňe
galmagaldy.
Kepbeden atylyp çykan Blokwil iki bökende, guýynyň başynda häzir boldy.Ol
gabat geleni ýüzugra itekleşdirip,bir ujy ýokarky çarha bagly suw çekilýän ýüpe elini
ýerirdi.Töwerekdäkileriň gopguny ozalkysyndanam güýjedi.Ýüzüniň gan-peti gaçan
myhman aýal,çaşdymy-nämemi,Akmaralyň goltugyna gyşardy.
Galmagala Mämmedöwez pälwan daş çykdy.Onuň emeli ardynjyramasy hem
adaty güýjüni görkezip bilmedi,.Näme bolanyny çaklan goja haýdap guýynyň başyna
geldi. Şonda-da aýallaryň gohy kiparlamady.
Waka edil tiz başlanyşy ýaly hem tiz gutardy.Goja-da bolsa,Mämmedöwez
pälwanyň entek berdaşly gollary,aýallaryňam kömegi oglanjygy bir eli bilen goltugyna
gysan Blokwile guýudan çykmaga ýardam etdi.
Üsti-başy şalpy-şaraň Blokwil guýudan çykansoňam, özüni ýitirmedi.Ol
oglanjygyň aýagyndan jüpläp tutaga-da,başşak silkdi.Çaganyň agzyndan,burnundan
suw döküldi.
Çagasynyň guýudan çykarylanyny görüp,birneme özüni dürsän aýal öňa tarap
atyldy.Emma Blokwil omuň giňden açylan gujagyny boş goýdy.Pereňli myhman aýaly
egni bilen çalarak kakyp goýberdi-de,öz dilinde bir zatlar diýişdirdi.Soňra ol oglany
ýerde arkan ýatyrdy-da,döşünden basyşdyrdy.Töwerekdäkiler onuň näme hereket
edýändiginiň manysyna düşünmediler.
Gözlerini açan çaga birdenem aglamaga başlady.
Blokwil ýylgyrdy.
Myhman aýal çagasyny garbap aldy-da,bagryna basdy.
--Hudaý seni maňa gaýtadan berdi.Nanym bitin ekeni!—diýip,ol agy gatyşykly
ses bilem samrady.
Mämmedöwez pälwan bolsa eýýäm kepbesine ýetip barýan Blokwiliň yzyndan
garady-da;
87
--Iş bitirdiň,iner ogul,iş bitirdiň!—diýdi.—Sen ýetişäýmedik bolsaň-a..--Birdenem
egnindaki donuny eline alan goja Blokwiliň kepbesine tarap ýöneldi.Ol kepbede donuny
goýup,aýallaryň deňinden geçip barýarka özbaşyna hüňürdedi.—Ahyr dünýäni
ýykjagam gep bilen gybatdyr..
*
*
Ýesir üleşliginde Eýemyrat goňuryň bagtynyň çüwendigini tutuş oba gürrüň
etdi.Ol gürrüňem öňküsindenem ulaldylyp,çişirilip, ýene pereňliniň aňyrsynyň uly
baýdygyna,Eýemyradyň depseň yranmajak döwletiň ustünden barjakdygyna
syrykdyryldy.Blokwiliň myhman oglanjygy göni gelen ajaldan gutarmagy-ha ol barada
öňki ýaýran badyhowa geplere birlän-ikilän ynanmaýanlary-da ynanmaga mejbur etdi.
Şonlukda,Pereňistandan Merwe düşen,ondanam,gel-gel, Eýemyrat goňuryň
nesibesinden çykan bendini görmäge höwesekleriň sany köpeldi.Bahasyna ummasyz
tylla kesilse-de,yzynda durmagy başarjak hossarly pereňlini Eýemyratdan ogurlap,has
gymmat satmaga meýilli kişileriň bardygy hakda-da “myş-myş” ýaýrady.Ol gepler
Eyemyradyňam gulagyna ýetdi.Şonün üçinem Mämmedöwez pälwan garşy bolsa-da,
gündizugry gandaldan boşadylan Blokwiliň aýagyna ýene gandal uruldy.Öwgi,taryp,boş
gep-gürrüň onuň sähel ýeňlän ýagdaýyny ýene agyrlaşdyrdy.
Indi telim gün bäri Blokwil ýagty jahany görmeýär diýen ýaly.Onuň uzak örüsi at
ýatagynyň aňyrsyna,aýak ýoluna gidip-gelmek.Onda-da ýa-ha Eýemyradyň özi, ýa-da
oglan-uşaklaryň biri ýesir tä kepbesine dolanyp gelýänçä, assyrynlyk bilen
garawulçylyk edýär.Soňky wagtlarda-ha gijäniň bir mahaly hem öýünden çykan mahaly
Eýemyradyň kepbäniň daşyndan öwrüm edip gidýandigini Blokwiliň özi-de duýýar.
Bir gün guşluk mahallary,Eýemyradyň özi öýde ýokka,olara ýene myhman
geldi.Atyny baglap,öýe tarap ýönelen kyrk ýaşlaryndaky,başy könelişen telpekli
adamyň goltugynda-da ullakan düwünçek bardy.Ol öýe ýetmänkä guýynyňam agzyndan
garap geçdi,başyny ýaýkady. ”Bu guýy ulyny-kiçini gyzyklandyrýar-aýt” diýip,Blokwil
içini gepletdi..
Myhman gapa barsa-da,içerik girmedi. Eýemyradyň aýaly daş çykdy.Olar kepbä
tarap gaýtdylar.Myhmanyň guşagyndanam sapança asylgydy.Urşuň bireýýäm
gutarandygyna garamazdan,ätiýajy elden bermejek bolýan türkmenleriň köpüsiniň
henizem ýanlarynyň ýaragly gezýändiklerini bilýänem bolsa,agras ýüzli, sapançaly
adamynyň özüne tarap gelýändigini gören Blokwil biynjalyk bolmanam durmady.
Gelen adam açyk ýüz bilen mylaýym ýylgyrdy-da,salam berdi.
--Waleýkumessalam,Agabeg!—diýen Blokwil hem ýylgyryşa ýylgyryş gaýtardy.
Sapançaly adam,göýä pereňli onuň aýdýanlaryna kössüz düşünýän ýaly,agras
sypata girip gepläp başlady:
--Allatagalalla: “Bendäm bendäme sebäp” diýipdir,Taňry bendesi.Seň eden
ýagşylygyňy biz ozal-ahyr unutmarys.Eger men ilagasy han bolan bolsam,seni
günübirin bendilikden boşadardym. Eger-de ki men howalasy belent baý bolan
bolsam,bahaňy artykmajy bilen töläge-de,seni öz iliňe atarardym.Menem özüň ýaly
pukara.Senden bir artykmaçlygym—men bendi däl..Oň üçin sen biziň
halal
kalbymyzdan çykaran serpaýymyzy kabul et.Az görme,Taňry bendesi.Başarsak, saňa
ýany torumly maýa bermeli welin...
88
Aýdylan zatlara düşünmese-de,Blokwil diňe mylaýym äheňe minnetdarlyk
bildirmek üçin baş atdy.
Aýtjagyny aýdan sapançaly adam düwünçegini çözdi.Düwünçekden silkme
telpek,garma don hem bir jüp hokga çykdy. Öňünde goýlansoň,Blokwil ol zatlaryň
özüne berilýän sowgatdygyna düşündi.Ol ýylgyrdy-da:
--Rahmet,Agabeg,rahmet!—diýdi.
Jogapdan hoş bolan adam:
--Ylahym ýamanlyk ýüzüni görmegeýsen!—diýip,yzyna aýlandy,ýene guýynyň
başyna bardy.Ol Eýemyradyň aýalyna bir zatlar diýişdirdi,soňam kellesini aşak
egip,guýynyň düýbüne seretdi,hyrçyny dişledi..Soň ol kepbä tarap garady-da, minnetdar
baş atdy.
Sapançaly adamyň bu ýere geleli bäri eden hereketinden Blokwil ony guýa gaçan
oglanjygyň kakasydyr ýa-da ýakyn hossarydyr diýen netije çykardy.
* *
Eýemyrat goňuryň gapysyndaky ýaly süýji suwly guýy tutuş obada-da başga
ýokdy. Ondan kän adam suw alyp gidýärdi.Kepbede daşaryk seredip oturýan Blokwil,
gaýry-da güýmenjesi bolmansoň,suwa gelýänleriň hemmesini göz synagyndan
geçirýär,olaryň her birine özüçe baha berýär.Suwa gelýänleriň kimi sada,kimi
ulumsy,kimi mekir...Aýallaryň arasynda söliteleri-de gabat gelýär.Olaryň käbiri
guýudan çekýän suwuny doküp-saçyp, uzyn köýneginiň etegini sykybermeli edip
gidýär.Käbir aýallar welin edil çeňklenen ýaly.Olar guýudan suw çekende-de,suwy öz
gabyna guýanda-da, ýeke damjasyny hem yrýa etmeýär.Ol aýallaryň ýere hormat
goýýan ýaly,assa basyp,aşak bakyp ýörişlerini-de keýpine synlaýmaly.Ýaş gelinleriň
başyndaky börük diýilýän zat welin pereňlini haýran edyär.Käsi şaý bilen bezelen,käsi
dürli reňkli ýaglyk bilen örtülen uzyn börügi,pereňliniň çak edişine görä, kelläňde
göteräýmegem aňsat bolmaly däl. Içi neneňsi ýeňil zatdan edilende-de, daşyndaky şaýsepiniň agramy bardyr ahyryn..
Pereňlini geň galdyrýan ýene bir zat bar.Ol hem ýaş aýallaryň saçlaryndaky jugur.
Ýap-ýaňy suwa gelen gelni synlan Blokwil agzyny açyp galdy.Saçyň ujundaky
jugur,näzik aýaklaryň ýeňil hereketine görä şeýle bir owaz edip gitdi welin,owadan
ädim uruş jugruň ýakymly owazynyň hasam ýakymly çykmagyna ýardam etdi.Nepis
zenanyň owadan sagrysynyň üstünden iki tarapa akanda şirin owaz döredýän juguryň
sesi pereňlini baş ýaýkamaga mejbur etdi.”Her iliň başga iliň adamyny haýran edýän
aýratynlyklary bolýar ekeni. Bu gödek çölde beýle näzikligiň döremegi nähili geň zat!”..
Düýn guýa jemi on iki sany adam geldi.Bu gün ikindi boluberenem bolsa,ýaňky
şaýly gelin ýedinjidi.Blokwil üns berýär welin,guýa diňe gelin-gyzlar,kämahalam on-on
iki ýaşly oglanlar gelýär.Erkek adamlar suw almaga gelmeýärler.
Emma jugurly gelinden soň gelenleriň biri Blokwiliň hasabyny bulaşdyrdy.Uzyn
boýly,kän mahal bäri sakgalyna päki degmedik hortap adam golaýlandan, Blokwil onuň
türkmen däldigini bildi.Pereňliniň özüni hasap etmeseň,Merw welaýatynda
türkmenlerden başga häzir diňe parslar ýaşamaly.Şol aýgyt gaty bir ýalňyşam däl.Şu
mahalky guýa geleniň türkmen däldigi bolsa eden hereketindenem bildirdi.Ol ýoldan
geçip barýan atla epilip hem gol gowşuryp salam berdi.Türkmenleriň beýdip
salamlaşmaýandyklary Blokwile bellidi.
89
Guýudan suw çekip bolan gajar özüne kimdir biriniň parsça söz gatanyny
eşidip,tisginip gitdi.Ol gapdala garanda,köne kepbäniň iç işiginde oturan adama gözi
düşüp salam berdi.
--Men seni tanaýan,Agabeg!—diýse-de,suw almaga gelen gajar kepbä tarap
ýöremäge milt etmedi.Ol toweregine garanjaklady.Öýden çykan Akmaralyň iki
bendiniň biri-birlerine seredişýändiklerini görenem bolsa,olara üns bermän, beýleki
gapa ümsüm girip gitmegi gajary rahatlandyrdy.—Siz hakda hemme kişi gürrüň
edýä,Agabeg.Asyl siz basyrylgy adam ekeniňiz,Biz sizi ozal tanamandyrys.
--Name,türkmenler meni özlerine han saýlamakçy bolýalarmy?—diýip,täk özi
içini hümletmekden irenşoň, geplemäge höwesek Blokwil gülüp goýberdi.—Menem
indi edil sen ýaly ýesir.Asyl sençe-de ýok..
--O nähili mençe ýok?! Sizi hemme adam tanaýa.Meň bolýan öýümdäki
agabegleriňem hemmesiniň gürrüňi siz hakda.
--Bolsa-da,meň günüm seňkiden agyr,doganjyk.Sen,ynha,yzyň garawulsyz-zatsyz
suwa-da gelip ýörsüň.Men bolsam,aýak ýoluna gidemde-de topugym gandally.Gije-de
gandaly gujaklap ýatmaly bolýan.
--Gandalyň
aýrylmaýan
bolsa,agramyň
bardyr,gereksiň.Gaçyrmajak
bolýandyrlar. Men kime gerek! Men bir bisowat hammal.Azat edip
goýberselerem,hanja gitmelidigimi bilmen.Baran ýerimde-de günümiň şundan gowy
bolmajagam hak zat.
--Diýseňem,erkin bendi bilen gandally bendiniň arasynda tapawut
bardyr,gardaş...Siziňkllerden näme habar?
--Näme habar bolsun,Agabeg?—diýip,gajar uludan dem aldy.—Yzyndan töleg
puly gelenler boşap gitdi.Men ýaly garyplaram Taňrynyň rehim etjek gününe garaşyp
ýör.
--Serkerdeler nirede?
--Başgasy hakda habar eşidemok.Hemze Mürze bilen baş sertib-ä aman-esen
Tährana baranmyş..
Gajaryň “Baş sertip” diýýäni Gowam ed-Döwle—Gara sertipdi.
--Aý,sizem öz iliňize gowşarsyňyz-la!—diýip, gajar göwňüçökgün gepledi.—
Siziň aladaňyzy etjek adam känmiş. Iş biz ýalyda bar.
--Hemmämizem azat bolarys—diýip,Blokwil gaty mysapyr bolup görünýän
gajaryň göwnüni götermek isledi—Türkmenlerem bizden tizräk dynaýsalar kem
görenoklar..
--Agzyňyzdan Hudaý eşitsin,Agabeg!
Bendi gajar Blokwil bilen baş atyp hoşlaşdy.Pereňli onuň yzyndan
nebsiagyryjylyk bilen garap galdy.
*
*
“... Aýagymyň astynda at bolsa,tekeleriň çäginden çykyp,
Jeýuna aşyp bilerdim. Bagtym çüwse, derýanyň çep kenaryny
syryp, Owganystana-da ýeterdim...”
BLOKWIL
Aradan gaty kän wagt geçse-de,Akmaralyň ýeke gezegem ýagşydan-ýamandan
gep atmagyň maýyny gözlemeýşi,günde telim sapar görşülýändigine garamazdan,iň
90
bolmanda, yşarat bilen sözleşmezligi Blokwiliň ozalam inçe umyt sapagyny hasam
inçeltdi.Daşda-içde peýda bolýan Akmaral kepbä tarap göz gyýtagynam aýlamaýan
ýalydy.
Beýle ýagdaýyň sebäbi Eýemyradyň hüşgärligi bilen düşündirllýärdi.Emma ol
Akmarala pereňlä tarap seretmegem gadagan etmändi.Bardy-geldi şeýle tabşyryk
berläýenem bolsa,pereňlä ýagşylyk etmek isleýän adam gapdaldan birki söz atyp
geçmäge maý tapardy ahyryn.
Blokwil boş geçen her gününiň agşamlygy ertire umyt baglap ýatsa-da,erte-de
täzeliksiz geçip gidýärdi.Akmaral bolsa diňe özünden umydygär bolup, köne kepbede
giňüni-sagadyny sanap oturan ýesir bardyram öýtmeýärdi.
Ine,bu günem irden Eýemyrat goňur bezenip-beslenip,dor atynyň ýörişine
guwanyp, keýpiçag ýola düşdi.Garyndaşy ugramanka daş çykyp,onuň bilen salamlaşan
Akmaral Eýemyradyň gidenini görse-de,kepbä tarap seretmedem.Soňra Akmaral guýa
suw almaga gelende, söz alşaýmak pursady hem döredi.Emma Blokwil söz gatmak
däl,salam bermäge-de çekindi.Ol öz janyndan gorkmaýardy-da,salam berenini kimdir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 10
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.