Latin

Keseki - 17

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 2121
33.2 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýle täsinligem gizlin syrlarynyň barlygy üçin bolaýmasa”. Bu meselede Aýparça
özüni köşeşdirse-de, ozalky hyýaly onuň janyna aram bermedi. Ol öňki soragyny ýene
bir gezek gaýtalamaly boldy.
Arasyna wagt salnyp, bir soragyň iki gezek heçjiklenmegi Güljemalyň öňki ajy
ýylgyryşynyňam gaýtalanmagyna getirdi.
─ Sen erkek görmedik ulygyz däl ahyryn, dogan?
Güljemalyň bu jogaby-ha ozalam gaty syrly bolup görünýän ýagdaýy
öňküsindenem gyzykly etdi. Soragyň jogaby üýtgeşik bolmajagam bolsa indi ol
Aýparçany syrlar älemine çagyrdy. Güljemal dymdygyça, onuň aýtmaýan zady hasam
gyzykly bolup göründi. Aýparçany tutuş düýrmegi bilen bilesigelijilige öwürdi. Ol öňki
soragyny ýene gaýtalap durmajak bolup:
─ Ulugyz bolmanym üçin soraýan-da! – diýdi.
Güljemal jorasynyň bolşuna birbada nähili baha berjegini bilmedi. Aýparçanyň
ýagdaý bilen biçak gyzyklanyşyndan biriniň kemçiligini bilmäge howlugýan adamynyň
häsiýeti görünýän ýaly boldy.
Tebip aýgytly bir kesgit edenden soň, Güljemal öz ýagdaýyny jorasyndan gizläbem
durjak däldi. Ýöne, edil häzir ol iç dökmäge, ýüregini doly beýan etmäge degerli sözem
tapmady. Güljemal bireýýäm gallasy ýygnalyp, hoşasy çöplenen gün çogundan goňras
görnüşe girip ýatan nätekiz giň meýdana nazar aýlady. Ýa-ha ol şeýle sözleri dile
getirmek üçin ýörite taýynlanyp otyrdy ýa-da şol sözleriň tapylmagyna düzlükden suwa
tarap howlukman gaýdan sygyrlar sebäp boldy:
─ Sygram öküze görkezmeseň, göle berenok ahyryn, dogan jan.
Güljemalyň sesi pessaý çykanyam bolsa, Aýparçanyň gulaklary şaňlap gitdi. Ol
eşidenine ynanmaýan ýaly gapdalyna garady. Ynanmazlyga esas galmady. Öz agzyndan
çykan sözlere özi uýalan Güljemalyň bugdaýreňk ýüzi gyp-gyzyl bolupdy. Beýle
ýagdaýdan jorasynyň ünsüni bölmek islän gelin haýdap, ýüzüni ýuwmaga başlady. Akar
suwuň onuň ýüzüne ýol-ýodadan siňen, göze görünmeýän tot-tozany ýuwup äkiden
bolmagy ahmal, ýöne gelinlik utanjynyň daşa çykaran alamatyny welin, sowuk suw
aýryp bilmedi. Gaýtam, suw degen ýüze gün şöhlesi düşmek bilen gelniň gizlejek bolan
görnüşi ozalkysyndanam beter äşgär boldy.
Iň pynhan syr açylanda her kim özüniň ýakyn adamdygyny subut etmek üçin dälde, derdine ýeňillik isläp şeýdýär. Ýakyn saýylýan adamam şol ynama mynasyp jogap
gaýtarmaly, ýoldaşynyň derdini deň çekişmeli. Aýparça-da ýakyn jora hökmünde häzir
Güljemala delalat etmelidi. Emma Güljemalyň düşen ýagdaýy diňe bir ejiz gelin
Aýparçanyň däl-de hiç kimiňem medet berip bilmejek ýagdaýydy. Gaýtam, Aýparça öz
jorasynyň ýagdaýyna düşünýändgini, derdini paýlaşýandygyny aňladar ýaly degerli
159
sözem tapyp bilmedi. Şonuň üçinem ol sygyrlaryň suwa golaýlamagyny, başy
şypyrmaly uzynsatan çopanyň peýda bolmagyny kemem görmedi. Ol gyssanmaç
ýerinden turdy:
─ Turaly, Güljemal. Ýat adam ýetip gelýä, turaly!
Gyrasy gyrmyzy pürli ýandak haýatyna bezelen ýoda ýene iki jorany alyp gitdi.
Durmuşda düşnüksiz ýagdaý gaty kän bolýar. Aýparça şol hakda oýlandy.
Durmuşyň haýsy bir nokadyna seretseňem, bolmalysyndan üýtgeşik ýasalan ýaly bolup
dur. Ýogsam, ine, şujagaz ýodajyk dagy näme! Şunuňam ýasalyşy düşnükli däl. Dogry,
ýodany ok sürýän nil ýaly göni edip çekmek aňsadam däldir, zeruram. Ýöne şu ýodany
ilki salan adam näme sebäbe her iki-üç ädimden saga-sola gyşardyka? Ýa-da durmuşyň
düz meýdanyndan geçýän ýodajygyňam göni bolmaýandygyny tassyk etmek
isledimikä? Şol hakda oýlanan Aýparça ýol-ýodanam öz ykbaly bilen baglaşdyryp, içini
gepletdi: “Kä kişiniň öz ýodasy dogram bolsa, başga biriniň egri ýodasyna goşulyp
gyşaryp ötägitdýär”. Ol bu mysaly doglanda dogry ýola düşüp ugran Gojuk Mergeniň
dogmazak gelin bilen ömrüni baglansoň bulaşandygyny nygtamak üçin tapdy. Iki
maşgalanyň ikisem perzentlik babatda deň batbagtdy. Olaryň betbagtlyklaram är-aýalyň
bir-birege sataşandyklary sebäplidi. Eger-de, Güljemal başga kişä çykyp, Gojuk
Mergenem Aýparça öýlenmedik bolsa, eýýäm dört adamynyň ikisiniň bagty açyljakdy.
Ol Aýparçanyň aýgyt edişi boýunça şeýledi. Durmuşyň düşnükli hem düşnüksiz
çylşyrymlylyklary hakda, emeli döredilen hemem öz-özünden dörän kynçylyklary
hakda baş agyrdan gelin gepleýäninem, pikir edýäninem aňşyrman:
─ Durmuş-da! – diýip, uludan demini aldy.
Jorasynyň ýagdaýyny özüniňkiden gowy hasap edýän Güljemal esli salymdan soň
soň gepledi:
─ Sen bir durmuşyňdan nägile bolmasana, Aýparça! Erkegiň ýa adyna
guwanmalymyşyn, ýa-da zadyna. Sen küpür bolma. Ömri ýanan diýip, maňa aýdarlar.
Aýparça “Ikimiziňem ýagdaýymyz deň” diýen ýalyrak gep tapyp, jorasyna tesilli
bermek isledi. Emma häliden bäri dil ýarmadyk Güljemalyň gepläsi gelip durdy. Ol içki
joşgunynyň öňüni aljagam bolmady:
─ Sen küpür bolma. Ömri ýanan diýip maňa aýdarlar. Sende-de perzent ýok,
mende-de. Ýöne, seň äriňi uly il tanaýa. Seň äriňi uly il sylaýa. Gojuk Mergeniň gelni
bolanyň üçin il senem sylaýa. Gojuk Mergeniň gelnidigiňe özüňem guwanýansyň.
Meňki bolsa, tersine...
Hawa, Güljemalyňky tersinedi. Märekede, üýşmeleňde äri gara berse, Güljemal
ýedi gat ýeriň astyna giräýjek bolýardy. Onuň äri hiç bir topara, ýaşululara-da, öz deňduşlaryna-da, ýaş kiçilere-de goşulmaýardy. Hiç bir topara girmän, ýeke özi çetde
galýan adamynyň adam bolmagygydy. Özüni sylaýan adamlar Güljemalyň ärini
sylamaýardylar, ondan daşrakda duranlaryny, gep-söz alyşmanlaryny kem
görmeýärdiler. Ol ýagdaý bolsa, özüçe ýok hallaryna, gabyrylyşyp ýören aýallaryň
öňünde Güljemalyň ýüzüni ýere berýärdi..
─ Meňki bolsa, tersine! – diýip, durmuşdan doýgun, özünden göwni geçgin
Güljemal ýuwduna-ýuwduna sözüni dowam etdi. – Men özümi pylanyň aýaly diýmägede uýalýan...
160
Aýparça Güljemalyň Gojuk Mergeni öwşüne ýürekden guwansa-da, jorasy hasam
göwnüçökgünlige urmazy ýaly delil agtardy. Birdenem ol hyrra yzyna aýlandy-da, asla
garaşylmadyk ýerden, özünrenem erksiz ýaly bolup:
─ Güljemal, sen maňa joramyň? – diýip, edil ýaş çaga ýaly tolgunyp sorag berdi.
─ Ýogsam näme! Sen nä ony şu gün bilmelimi?
─ Onda sen Gojuk Mergen ikimize bir çaga sowgt beräý-dä?—Bu haýyş
Aýparçanyň özüne-de bşga adamyň sesi bilen aýdylan ýaly bolup eşidildi.
Güljemal geplejeginem, dymjagynam bilmedi. Onuň gaýtadan gyzaran ýüzünde
geňgalyjylygyňmy ýa-da utanmaklygyň alamaty peýda boldy. Ol töweregine garap
durşuna bu ýerlere ömründe birinji gezek, özem asmandan düşene meňzedi.
Aýparçanyňam ýagdaýy Güljemalyňkydan gowy däldi. Kalbynda ýagşy adamlara
ýamanlyk ýok gelin ýaňky sözi diňe özi üçinem däl-de, özüne ýakyn adamyny,
adamlaryň arasynda gowulykda saýlanýan iki adamyny bagtly etmek üçin diýipdi. Şol
iki adam bagtly bolsa, Aýparça özüniň betbagtlygyny hasaba-da aljak däldi. Şol iki
adamynyň bagtlylygyna özi sebäp bolaýsa-ha, Aýparça iň bagtly adama öwrüljekdi.
Güljemal jorasynyň näme diýeniniň magadyna esli salymdan soň ýeten ýaly boldy.
Ýöne Aýparçanyň teklibine onuň nähili jogap gaýtarýandygy düşnüksiz bolup galdy.
Jorasyna ýagşydan-ýamandan söz diýmedik Güljemal ýodadan sowuldy-da,
Aýparçanyň gapdalyndan geçip, düzlüge tarap öwrüldi. Ol hereketiň gönüläp, tizräk öýe
ýetmek üçinmi, jorasy bilen bir ýoldan ýöremezlik üçinmi ýa-da garaşylmadyk teklibiň
getiren şatlygynyň tolgundyrany üçin edilendigem Aýparça düşnüksiz bolup galdy.
Gyrmyzy öwüsýän ýandak pürleriniň üstaşyry kem-kemden daşlaşyp barýan
Güljemalyň yzyndan seredip duran Aýparça eden hereketi bilen eý görýän jorasyny
ýitirjekdigine ýa-da ony özüne hasam golaýlatjakdygyna akyl ýetirjek boldy.
5.
Aýparça oýlandykça ýandakly ýodada aýak çekip, jorasyna aýdan sözleriniň
beräýmegi ahmal howply netijesinden barha daşlaşdy. Şonuň üçinem, ol tebibiň ýanyna
gidilmeginem, garaşylmadyk ýerden özüniň oýlap tapan täze çykalgasynam tötänlik
däl-de, alla tarapyndan ýörite iberilen rehimdarlyk hasap etdi.
Öýüň ownuk işlerini etmegiň aladasyny hyýalynda aýlap, ýorgandan çykmaga
meýillenip ýatan Aýparçany ýoluň ýadawlygy zerarly uky basmarlady. Derrewem
durmuşdaky alada düýşe öwrüldi. Ol Gojuk Mergen bilen egri oturyp, dogry
gürleşmäge başlaýar. Gojuk Mergen öz obadaşy Güljemala ilden gizlin öýlenmäge razy
bolýar. Ýöne Aýparça bolýan ýagdaýa düşünmeýär. Edilýän iş ilden gizlinem bolsa,
töwerek adamdan dolýar, okkesdirme geçjek atlar häzirlenýär, ýigitler bil tutýarlar.
Garaz, Güljemal bilen Gojuk Mergeniň gizlin bolmaly duşuşygy hakyky toý dabarasyna
aýlanýar.
Nika gyýylmazynyň öň ýanynda Aýparça öz jorasynyň ýanyna barýar-da: “Iň
soňky gezek duýdurýan, Güljemal, Gojuk Mergen ikimize bir çaga sowgat etmäge
bognuň ysmaýan bolsa, heniz giç dälkä dillen” diýýär. Närazy bolmak nire! Gaýtam,
Güljemal Aýparçanyň şu mahalky duýduryşyny gaty görjek bolýar. “Bognum
ysmazmy! Maňa ilkinji nika-da Gojuk Mergen bilen gyýylmalydy ahyryn. Arman,
bagtym oýanmady. Hiçden giç ýagşy. Eden ýagşylygyň, bildiren jorayk ynamyň üçin
meň saňa gaýtam ömrüm ötýänçä minnetdar borun, jora jan. Özüm Gojuk Mergene goç
161
ogul dogrup bererin. Ol seňem, meňem oglum bolar. Gojuk Mergeniňem yzy
ýitmez.Ikimiz jora ahyryn, Aýparça jan!” Aýparça bu ýagdaýa begenýär. Ýogsam
näme! Gojuk Mergeniň ilki baglanan bagtynmagyna-da, ahyr açylmagyna-da özi sebäp
bolýar.
Emma gyrmyzy donly, ak telpekli, çynar ýaly syrdam Gojuk Mergen bilen başyna
agyr kürte atylan, ak mapraç Güljemala nika gyýyp çykansoňlar welin, Aýparçanyň
ýagdaýy düýpden özgerýär. Onda özüniň garaşmadyk gabanjaňlygy döräp, nika gyýlan
öýüň daşyndan aýlanmaga başlaýar. Aýparça elewreýär, özüne ýer tapmaýar, dünýä oňa
dar görünýär. Ol öýüň daşyndan şeýle bir kän aýlanýar welin, soňabaka ýadawlykdan
ýaňa daljygyp başlaýar. Onuň dem almasy kynlaşýar. Adamlar bolsa, öýüne güni
getirilen gelniň üstünden gülýän ýaly bolýarlar, gygyryşýarlar. Dürli sesleriň arasyndan:
“Öýüň tüýnüginden suw guýmaly! Gamşy, durlugy aýyrmaly!” diýen sözler saýlanyp
çykýar. Näme üçin tüýnükden suw guýmalyka? Öýüň gamşy bilen durlugyny aýryp,
içinde ýatanlary masgara etmek meýilleri barmyka bulaň? Gojuk Mergen adamlara
näme ýamanlyk etdikä? Güljemal adamlara näme ýamanlyk etdikä?. Aýparça
adamlaryň boluşlaryna düşünip bilmeýär. “Hany, Aýparça? Aýparça gelin nirä gitdikä?”
diýen haýbatly sesler zol-zol gaýtalnaýar. Şol mahalam düýş tamam bolýar.
Aýparça oýananda çal tüsseden gaýry zat gözüne ilmedi. Ol hasanaklap ýerinden
turanda, dem alýan howasynyň ajymtykdygyny duýdy. Düýş bilen hakykatyň arasyny
oňly açmaga ýetişmedik gelin zordan gapa tarap süýşdi.
Aýparça gaplanan däl-de, tüsseden çykyp, yzyna garansoň bolýan ýagdaýa
düşünip galdy. Burugsap asmana göterilýän gara tüsse ýapynan alty ganat ak öýüň çala
sudury bildirýärdi. Öýüň daşy bolsa elleri kündüklidir tabakly adamdan doludy. Içi
suwly tulumy goltuklap duranam, süýräp geläýenem bardy.
─ Ot öýüň depesine çykýança ýatar ýaly seni hudaý tutdumy, gelin? – diýip, bir
ýaşuly sesine bat berdi.
─ Muny gara basandyr – diýip, başga biri Aýparça derek jogap gaýtardy.
Öýüň daşyndan ýokaryk göterilen ot tüýnüge ýetiberipdir. Gap-gaç bilen, arasy
kesilip serpilýän ujypsyzja suwam edil tebsiräp ymgyr çöle tomus ýagýan ýeňiljek
ýagyş ýaly öýüň üstünde dereksiz ýitip gidýärdi.
Iki sany özüne göwni ýetýän ýigit tüssä bürenen öýüň içine telim gezek girip
çykdy.
Olar ýorgan-ýassyk ýaly zatlardan göteribilenlerini daşaryk çykardylar. Ýigitleriň
biri soňky gezek tüssä çümüp gidende, megerem, sermeläp ýörkä eline ilendir-dä,
Garawulyň Gonjuk Mergene sowgat beren uzyn nilli gara tüpeňini alyp geldi.
─ Ot –oraz, hapa bolma, gelin!
─ Başa gelenini sowsun! –Aýallar Aýparça göwünlik berdiler.
Aýparçanyň nazary köpçülikden saýlanyp duran Güljemala kaklyşdy. Ol ýanyna
gelip, jorasyna göwünlik berenden geçen, gaýtam, ýylgyrýan ýalydy. Bu obanyň
aýallarynyň arasynda Aýparça üçin iň ýakyny Güljemal bolmalydy. Onuň jorasynyň
ýanyna gelmän, teselli bermän, beýdip durmasy asla düşnüksizdi. Aýparçanyň özi oňa
tarap ýöneldi. Emma ol jorasynyň ýanyna ýetmän, yzyna dolanmaly boldy. Özüne
golaýlan Aýparça dikanlap seredende Güljemalyň göreçlerinden ýakyn adamyň däl-de,
ganym duşmanyň garaýyşy duýuldy. Üstesine-de:
162
─ Hälki aýdanyň jogabyna garaşansyň. Meň berjek jogabymy öýüňden sora! –
diýdi-de, Güljemal çalt-çalt ädimläp, aňyrlygyna gitdi.
Şu gezek Güljemaly iň soňky sapar görýändigi, onuň ärinem alyp, erte-birigün bu
obadan göçjekdigi, şonluk bilen tä saçy agarýança oňa sataşmajakdygy hakda pikirem
etmedik Aýparça jorasyna bir zat diýjek boldy. Emma gamyşlygyň gapdalyndan Gojuk
Mergeniň görünmegi Aýparçany saklady. Öýüniň otlananyna şu mahala çenli diňe
gynanyp duran gelin birden howp astyna düşdi. Öý baý öýi, depseň yranmaz öý däldi.
Oňa garamazdan, içinde bar bolan emläk Gojuk Mergeniň halal zähmetiniň gazanjydy.
Bir topar goş-golamyň küle öwrülendigine Gojuk Mergeniň, elbetde, ýüregi
gyýylmalydy. Şol ýürek gyýylmanyň döremegine-de Aýparça, diňe Aýparça sebäp
bolupdy. Gojuk Mergeniň aýalyna käýinmäge, adamçylykdan çykyp, heňkiribermägede haky bar ýalydy.
Emma Gojuk Mergenden Aýparçanyňam, olara seredişip duran aýallaryňam
garaşan çaky çykmady. Iň bolmanda, onuň içki aljyraňňylygy, gynanjy hem daş
sypatynda duýulmady.
─ Öýüň-ä töwirini galdyrybermeli bolandyr! – diýip, Gojuk Mergen göýä bolýan
wakany görmeýän ýaly, ak köýneginiň bagjygyny daňmagy hem unudanlygy sebäpli
çep egni tüňküji bilen görnüp duran uzyn ýaşuly oňa habar berdi.
Gojuk Mergen atdan düşdi-de, jylawyny hem dutaryny ýanyna gelen ýigitleriň
biriniň eline tutduransoň, ýaşuly bilen görüşdi:
─ Bähbit bolsun, Sähet aga. Töwiri galdyrylsa, täze boljakdyr. – Ol emaý bilen
töweregine garady. – Ynsan janyna kast etmedi dälmi?
─ Hudaýa müň şükür, beýle-hä däl.
Adamlaryň arasyndan Aýparça gözi düşen mukamçy baş atdy/
─ Şol bolýa!
6
Goňşy öýde çaga dünýä inýärdi. Çaganyň dünýä inmesi kyndy, dünýä indermek
ondanam kyndy. Gojuk Mergen şol iki kynçylygyň ýygy-ýygydan gaýtalanmagyny
isleýärdi.
Aýalyň iňňildisiniň arasy bilen gojanyň gulagyna ýakymly bir ses geldi. “Gur-r!
Gur-r! Gur-r!”. Gojuk Mergen gulagyny ýassykdan aýryp, serpigi ýeňsä taşlanan
tüýnüge seretdi. Gara atanak bilen arasy kesilen dört asman göründi, emma
mukamçynyň görmek islän zady göze ilmedi. “Durna geçse, duluňy aç!”. Aýparça-da
bu gün-u-saba gözenegini açar. Maňa ýene bir tomsuň syrasyndan garamak miýesser
edäýjek ýaly”.
Gojuk Mergen hasap öwürdi, gözlerini süzüp, pasyllaryň sepini agtardy. Onuň
hasabyna görä, durnalar adaty döwründen bir hepde ir gelen ýalydylar. “Zeleli ýok.
Durnalaňňam bir hepde ir gelmesi kem däl. Ýogsam menem...” Goja yzyny pikir etmek
islemedi.
Durnalaryň gelmegi-de mukamçynyň hyýalynda goňşy öýde dünýä inýän çaga
bilen baglanyşdy. Ogul bolsa-ha, Durnageldi ýa-da Durnaguly daksalar. Gyzam bolsa,
Durnagözel. Ýöne Durna diýseňem gelişmän durmaz. Durna owadan guş ahyryn. Şol-a
hasam oňat bolaýjak ýaly. Owazly, ýakymly at bolardy. Gojuk Mergen ýaly köp ýol
söken, kän oba gezen adam azdyr welin, Lebap bilen Hazar aralygynda Durna atly
163
gyza-gelne şolam gabat gelmändi. Sazanda durnanyň sesine aşyk bolup ýaşanam bolsa,
onuň owazyna mynasyp gyz adynyň bolmandygyna şu mahala çenli üns bermän ekeni.
Eger-de, dünýä injek çaga at goýmak hakda goňşusy sala salaýsa, Gojuk Mergen durna
sözüni ýadyndan çykarmaz, çaganyň adynyň ýanyna hökman durna sözüni ýanar.
Durnaguly daksaňam gelşer, Durnagözel daksaňam...
─ Ata salawmaleýkim!
Aý, at hiç-le. At nämemiş? Özi adam bolsun, özi...
─ Ata salawmaleýkim!
Ikinji gezek has golaýdan çykan ses Gojuk Mergeni özüne getirdi. Ol ýanyna gelen
eli düwünçekli oglany on iki-on üç ýaşly bolsa gerek diýip çaklady
─ Waleýkimessalam! – Gojuk Mergen myhmanya elini uzatdy. – Hany, göreşeli,
han.
Gözleriniň öňi ümezläp duran goja görşen myhmanynyň elinden ýakymly ýylylyk
duýdy.
Oglan edep bilen görşenden soň, bir ädim yza çekildi-de, ýaşulynyň gabat
garşysynda aýbogdaşyny gurap oturdy.
─ Sen kim bolarsyň, köşek?
Oglan näme jogap gaýtarjagyny bilmeýän ýaly, mukamçydan az salymlyk ünsüni
bölüp, öýüň içine göz aýlady. Içeri onuň şu mahala çenli görüp ýören öýlerinden hiç bir
babatda tapawutlanmasa-da, oglan ähli zatlary nebsewürlik bilen synlady.
─ Adymy aýtsamam, meni tanamarsyň, ata.
Gojuk Mergen çalaja ýylgyrdy:
─ Sen meň agtygym bolýan bolsaň, menem seň ataň bolýan bolsam, birek-biregi
tanamaly borus ahyryn?!
Ýaşulynyň aýdan sözlerine oglanjygam ýylgyryp goýberdi:
─ Men seni tanaýan-la. Ýöne sen meni tanaňok, ata. Ejem iberdi.
─ Ejeňe kim diýerler? Ol kimiň gyzy, kimiň maşgalasy bolmaly?
─ Ejemiň adyny aýtsamam, kimiň gyzydygyny aýtsamam, tanamarsyň, ata.
Gojuk Mergen oglanjygyň ýüzüne çiňňerilip-çiňňerilip seretdi, ony gören ýüzüne
meňzedip bilmäni üçin hem:
─ Elhepus, bu ne ahwalat boldy, köşek?! – diýdi. – Ejeň adyny bilme men, atasyny
tanama men...
─ Ejem salamlaşyp gaýt diýip iberdi. “Nesýe mukam” diýseň diýseň, tanamlydyr
düidi.
Esli dymyp ýatansoň:
─ Mundan gelip çykdy-ow! – diýen Gojuk Mergen gözüni süzdi. –“Nesýe
mukamyň” tagmasy altynjy taýakda bolmalydyr. Indi düşnükli, köşek. Şol nesýe tagma
meni şu mahala çenli biynjalyk edýädi. Geleniň biçak gowy boldy. Soňa goýan bolsaň...
Elim diýen edýän bolsa, şu mahal saňa “Sallançak mukamyny” çalyp bererdim.
Arman... Gam çekme. Seň paýyň, saňa niýetlenen mukam entek özüň jahana gelmänkäň
çalnypdy. Şol seňkidi.
Goja dymdy. Onuň näme hakda pikir edýäni düşnükli bolmasa-da, oglanyň
gelenine uçursyz begenýändigi bildirdi. Onuň ýüzi ýagtylyp, bedeni gurplanan ýaly
boldy. Birdeneem ol ozalkylaryndan has çalt hem ýeňil hereket bilen dikeldi, sesem
durlandy.
164
─ Hany, balam, golaýragyma gel. Seň maňlaýyňdan bir sypap galaýyn .
Oglan ýeňil gopup, näsagyň ýanyna süýşdi. Şonda ol gataňsam bolsa,
sandyraýanam bolsa, gojanyň elinden salgyny beýan edip bolmajak mähir duýdy. Onuň
maňlaýyny nätanyş bir garrynyň eli däl-de, mähirden ýasalan gudrat sypalady. Oglan go
janyň hereketini öz mähriban ejesiniň hereketine meňzetdi. Ol gabagyny galdyranda
aksakalyň gözüniň owasynyň dolandygyny görüp galdy.
...Türkmençilikde geçip barýan ýat ötegçi, juda tebsiräp, çykgynsyz ýagdaýa düşen
bolaýmasa, ýaş gelinden ýa-da gyzdan suw dilese, gelşiksräk hasap edilýärdi. Emma
suwsap, agzy guran Gojuk Mergen şol ýazylmadyk kanuny bir gezek bozmaly boldy.
Ýöne şony bozany bilenem ol ildençykgynç iş edendirin öýtmedi. Indi ol gelne lak atyp,
gyza gyýa göz bilen garalýan ýaşdan geçipdi.
─ Uýam, aýak çekäýmeseň, bokurdagym gurandyr! – diýen sesi eşiden, maňlaýy
bilen bürenip, egninde küýze göterip barýan aýal saklandy.
Guýunyňkydygyny öz-özi aýdyp duran, ýogyndan talhyrak suwy owurtlaýan
mahaly, bürenjegiň astyndan görnen ala göze özünden erksiz seretmeli bolan mukamçy
küýzeden agzyny aýransoň, geplemän durup bilmedi:
─ Uýam, gözüň gaty hasratly görünýä welin, başyňa bir agyr ýagdaý-ha inen däldir
hernä seň?
Jogap gaýtarmaly gelin sazandanyň garaşmadyk sowalyny berdi:
─ Sen, agam, Gojuk Mergen diýilýän-ä dälsiň-dä? – Gelniň gözi däl, sesem hasrat
ýüküni göterene, şol sebäplem mahalyndan öň garrana meňzeýärdi.
─ Şol bolmaly. Ony nämeden çak etdiň?
─ Aý... – diýen gelin, hakykaty aýtmak islemeýän ýaly boldy. – Arkaňda dutar
bolansoň diýäýdim-dä.
─ Hudaýa şükür, arkasy dutarly diňe Gojuk Mergen däl, uýam. Türkmende dutar
göterýän kän. Känem bolawersin!
─ Kän bolawersin! – diýip, gelin ýolagçynyň aýdanyny gaýtalady-da, töwerekdäki
yns-jynssyz giňişligiň howasy azlyk edýän ýaly eginlerini titredip, uludan dem aldy.
Şol mahal guýy tarapdan, edil ýerden çykan ýaly bolup, gara ýapynjaly gedaý aýal
peýda boldy. Gojuk Mergen ony kän mahal bäri görmeýärdi. Şonuň üçinem ol ony
soňky gezek sataşanyny ýatlady.
Ýat obalaryň birinde gulak bary üýşüpdi.
“Sallançak mukamy” başlanjak bolup durka, dutara gönügen gara gözler öýe tarap
seretmeli boldular. Hiç kimden ses çykmasa-da:
─ Bu nä ahwalat?! – diýip, nägileligini bildiren öý eýesi gahar bilen ýerinden
turdy.
Öýüň ýeňsesinden:
─ Sypdyraýma!
─ Elini gaňyr!
─ Bagşyň ýanyna eltiň. Şo näme jeza buýursa, şonam ederis! – diýen haýbatly hem
aladaly sesler geldi.
Ozaldan tanyş gara ýapynja Gojuk Mergeniň gözüne ildi.
Göýä üste çozan agyr goşunyň serdaryny ele salan ýaly bolup, gara ýapynjaly
aýalyň ýapynjasynyň ýeňinden tutup gelýän iki ýigidiň biri dillendi:
165
─ Bagşy aga, sen biziň obamyza geleliň bäri şüýem golaýda köw-söw urup ýör
welin... – Diýjek zadynyň yzyny tapmadyk ýigit ýuwdundy. – Adamynyň içine girip
çykan ýok, bagşy aga. Muň matlabynyň nähilidigini kim bilýä...
Gedaýy tutup gelenler bagşa ýüzlenen bolsalar, öý eýesi hem jogaba garaşyp,
bagşynyň ýüzüne seretdip duran bolsa, sözüň aýgydy Gojuk Mereniňkidi.
Saz diňlejek bolup oturanlaryň arasynda-da mukamçynyň janynyň aladasyny edýän
kişi bolup gepläp galanam tapyldy:
─ Ägä bolmaly haw, adamlar! Ýekeje mukamçymyz bar.
─ Gedaý öz ýoly bilen ýöesin-dä.
Soňky aýdylan söz Gojuk Mergene hasam ýakmady. Ol jezasyna garaşýan günäkär
ýaly bolup, iki ýigidiň arasynda söm duran aýala tarap seretdi-de:
─ Jemagat! - diýdi. --Gedaýam adamdan döreýändir. Ähli kişi öz adamçylyk
borjuny berjaý edenliginde gedaýam döremezdi. Günemasyny dolaýan her adam mätäje
ýekeje sapak berse, jahanda asla-da gedaý bolmazdy...
Kimdir bir ýa-ha sazandanyň göwnünden turmak isledi, ýa-da dogrudanam gara
çyny bilen:
─ Bu bir düşnüksiz gedaý, bagşy aga – diýdi-de, ozal aýdylan sözleri gaýtalady. –
Oň ýüreginde näme gep baryny kim bilýä?
Mukamçy geplän adama däl-de, dutaryna seretdi:
─ Saz diňläp bilýän adamyň, ýüreginde saza ýer bar adamyň kalbynda ýaman
matlaba orun ýokdur.
─ Onda biz muny goýberibermelimi? – Gedaýy tutup duranlaryň biri adamlaryň
üstaşyry sorady.
Gijuk Mergeniň çak edişine görä, gara ýapynjaly gedaý ozalam ogryn-dogryn
“Sallançak mukamyny” diňleýärdi. Özi zyndanda däl halyna, para-peşgeş bermesiz sazy
hem gizlenip diňlemeli bolýan adam barypýatan betbagtdy. Gedaý aýalyňam özüni
itekledip, özüni kemsitdirip, ýetjek bolýan bagty bir mukam diňlemek bolsa, Gojuk
Mergen ony şol bagta ýetirmeli etdi.
─ Onda, biz muny itden çykaraýalymy, bagşy aga? – diýip, ýoldaşynyň sowaly
jogapsyz galdyrylansoň, ikinji ýigit sorag berdi.
─ Siz ony itden çykarmaň, ýigitler. Goýberiň, ýöne oň özünde saz diňlemek meýli
bar bolsa, dutara golaýrak otursyn.
Öý eýesi hem myhmanynyň ugrundan gopdy:
─ Taňry bendesi, bärräk geçäý! – diýip, ol gedaýa ýüzlendi.
Köpçüligiň garaşmaýan zady boldy – gedaý aýal görkezilen ýere, Gojuk Mergeniň
edil garşysyna geçip oturdy. Ýag çyrasynyň şöhlesi bir tarapdan düşýändigi sebäpli,
gedaýyň öz göwresinden telim esse ulalyp, günbatar tarapa uzan gara kölegesi dünýäniň
ýaryny tutan ýaly bolup göründi.
...Aşak bakyp, saz çalyp oturan Gojuk Mergen mukam soňlanyberende başyny
galdyrdy. Sazanda gedaýy synlamak üçin başyny galdyrmandy. Ýöne aýalyň
maňlaýyndaky ýapynjasynyň yşyna düşen şöhle onuň gözýaşy bilen çaknyşyp, goşa
ýyldyz ýaly ýyldyrap durdy. Gojuk Mergen şol goşa ýyldyzdan welin nazaryny aýryp
bilmedi. Ol goşa ýyldyz ötmesi kyn mähnet gara dagyň aňyrsynda galan garaňky
dünýäniň heniz sönüp ýetişmedik arzuwy ýaly bolup lowurdaýardy. Emma ol lowurdy
şatlykdan däl-de, hasrat göşýaşynyň güýjüznden emele gelipdi.
166
...“Sallançak mukamyndan” soň başga sazlar çalyndy. Emma gara tutynyň
aňyrsyndaky gözlere garap oturan mukamçy goşa ýyldyzyň şöhlesiniň ýuwaş-ýuwaşdan
öçüp, ahyram sönendigine şaýat boldy, tutuş dünýä garalana meňzedi. Gedaý aýal
emaý bilen ýerinden turdy-da, märekeden daşlaşdy. Ony diňe Gojuk Mergeniň nazary
ýola saldy. Çalajadan ädimläp barýan aýal kem-kemden uzaklaşyp, garaňky gijä goşuly,
onuň bir bö;egi ýaly bolup gitdi. Onuň kimdigini, nirä barýanyny bilýänem ýokdy,
soraýanam...
Şondan bäri kän mahal, gaty kän wagt geçipdi. Şonça wagtyň dowamynda gara
ýapynjaly aýal mukamça görünmändi. Ozalam köplenç agşamaralar ýa-da märekäniň
içinde gabat gelýändigi sebäpli, Gojuk Mergen ony şu mahala çenli elin synlap
bilmeýärdi. Şonuň üçinem ol küýzäni dyzynyň üstünde goýdy-da, pikir-küýüni gedaýa
tarap gönükdirdi. Ýüz-gözi ýapygam bolsa, wagtyň gündizligi üçin onuň ýaşynyň bir
çaka baran aýaldygyny çaklamak bolýardy. Onuň hor bedeni ýuka ýapynjanyň
aňyrsyndan mese-mälim bildirip durdy. Ädim urşundan bolsa, Gojuk Mergen oňa
altmyş töweregi ýaş berdi.
Golaýa gelensoň, atyň gapdalynda duran gelne ünsem bermeýän ýaly gedaý aýal:
─ Gojuk Mergen, sälämälik! – diýdi.
Salamy alan mukamçy ony başdan-aýak synlady.
Gedaýyň aýagy ýalaňaçdy. Döwlüp, özi gaçýança gaýçy görmedik dyrnakly,
kirden ýaňa kömür ýaly garalyp giden barmaklar, aýak ynsanyň, onda-da aýal
adamynyň bedenine meňzemeýärdi. Ol aýaklar ýalaňaç bolanda-da, yssyny-sowugy
duýmaly aýaklar däldiler.
Sazandanyň aýakdan başlap, ýokaryk galyp ugran nazary gönümel, giň halta ýaly
gara geýimi yzarlap barşyna iki sany köne hokga tutup duran agaç ýaly elde saklandy.
Gojuk Mergen zady geň göregen däldi. Bu gezegem ol görýän zadyna geňirgenmedi.
Ýöne öz-özüne: “Bu pahyr hokgany aýagyna dözmeýärmikä ýa-da aýagyny
hokgasyna?” diýip, sowal bermeli boldy. Çünki, gedaýyň elindäki aýakgapda ýöne
hokga ady bar bolaýmasa, hiç hili derek ýokdy.
Özünden ýaşy kiçidir öýdüp çak edensoň, Gojuk Mergen oňa:
─ Uýam! – diýip, ýüzlendi. – Uýam, sen kim bolarsyň, haýsy ulusdan, kimlerden
bolarsyň? Iliň-günüň, öýüň-öwzaryň hanjada bolar? Bala-çagaň, ilen-çalanyň ýokmudyr
seň?
Gedaý uludan demini alandygyny titräp giden eginlerinden aňdyrdy. Şondan soň ol
gepledi:
─ Meň ilim-günüm şu sähra, bagşy aga. Ýassygyn şu toprak, ýorganymam ýokarky
asman, bagşy aga. – Aýal ýer bilen asmany aňlatjak bolup, ilki-hä bir aýagyny
hereketlendirdi, soňam hokgasyz elini ýokaryk galdyrdy. Ol giň ýeňli elini
kelemenledende Gojuk Mergeniň aty ürkjek boldy.
Gedaý şony diýdi-de, gödeklige endik edip giden hereket bilen ýöräberdi.
Birdenem ol aýak çekdi:
─ Meň bala-çagamam ýok, Gojuk Mergen. Maňa hudaý perzent bermedi. Senem,
perzendim ýok diýip, gam çekmegin, Gojuk Mergen. Şu sähraň ähli perzendi seňki
bolmalydyr. Ile on ogully baýdan peýda ýok, senden peýda bar. Iliň göwnüni göterýän
seň sazyň. Şu halyma menem ýaşadyp ýören seň sazyň, Gojuk Mergen. Perzendim ýok
diýip, ýalan sözledim. Her gezek “Sallançak mukamyny” diňlänimde men bir
167
perzendimi hüwdüleýän ýaly bolýan, Gojuk Mergen. Şolam meni köşeşdirýä, şolam
meni öldürmän ýaşadyp ýör. Seň ölen günüň menem ölerin, Gojuk Mergen. Şoňa çenli
bolsa, ýaşajyk bolaryn.
Şondan soň gedaý aýal uzyn ellerini öňe uzadyp, doga okaýan ýaly bir zatlar
pyşyrdady-da, aňyrlygyna ýöräberdi.
─ Ol kim bolmaly, bagşy aga? – Düýşde görünen ýaly bolup giden edaýyň
yzyndan garap duran gelin sorag berdi.
─ Olam bir hudaý gargan adamdyr-da, keýgim. Şo pahyryň başga ýagdaýyny-ha
menem bilemok.
─ Hawa-da – diýip, gelin baş atdy. – Bu sährada hudaý gargan adam gytmy!
Küýzäni yzyna gaýtaran Gojuk Mergen minnetdalryk bildirägede, atyny sürjek
boldy weli, gelniň:
─ Dulumda seň sazyň çalnarmyka öýdüpdim... – diýip, aýdylmaly syryň soňuny
ýuwutmagy mukamça atyň jylawyny çekdirdi.
“Ala gözleň hasratynyň emmasy bar eken-ow!” diýip, içini gepleden ýaşuly eden
çakynyň dogry bolup çykanyna gynandy. Ol “Näme boldy?” diýen sowaly bermän,
hakykaty biljek boldy.
─ Adamlaň dulunda saz çalsak, bizde gaýry arman galanok, keýgim. Nesip etse, bir
gün seňem duluňda dutar ýaňlanar. Nesip ederem, enşalla...
─ Maňa nesip etmez, agam. Kime nesip etse-de, maňa nesip etmez. – Gelin ýene
sözüň maňzyna ýetmän durdy.
Gojuk Mergen adatça het edip bilmejek sowalyny dile getirmeli boldy:
─ Ile nesip edýän zat nesip etmez ýaly seni nä taňry ýazgardymy?
Mukamçy gönümellik etse-de etdi welin, derrewem şeýdenine ökünmeli boldy.
“Aýparça ikimizi nä hudaý ýazgarypmy? Aýdýanyň näme?.. Bizem-ä hudaýyň
garşysyna, iliň tersine gitmändik, ogrulyk-jümrülik etmändik, haram datmandyk. Belki,
bu gelinde-de şoň ýaly kysmat bardyr. Aýdýanyň näme seň!”
Emma ol gelniňki başgarak ekeni. Sazandanyň düşünşine görä, onuň ykbaly
Aýparçanyňkydan elhenç ekeni.
...Bahar aýy. Türkmen sährasynyň gözel nagyşlara, elwan reňklere beslenýän çagy.
Giň meýdandan gül-gülälek ysy gelýär. Küýzeli gelniň gürrüňini diňlän Gojuk
Mergeniň göz öňünde kyrk gulaç çuňlukdaky guýy göründi. Ussa bilen onuň ýanynda
duran adamlar öýlenenine ýaňy bir hepde geçen Nurguly şägirdi biline urgan dakyp,
guýa sallaýarlar. Şägirt otuz gulaç çemesi aşak goýberilenden soň guýynyň gorp atan
ýerini berkitmeli. Beýle çuňlukdaky guýa Nurguly ömründe ilkinji gezek girenok. Ýöne
ol şonça çuňlukdaky guýunyň seslenişine ömründe birinji gezek gabat gelýär. “Mahmyt
aga, guýy iňleýä!” diýip, Nurguly aşakdan gygyrýar. “Iňl;eýän bolsa, seni dyk, selin! –
diýip, Mahmyt aga ýokardan saňap berýär. – Janlyrak bol, janlyrak!”
Emma şägirt öz halypasynyň soňky tabşyrygyny berjaý edip bilmeýär. Endamyňy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 18
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.