Latin

Keseki - 28

Total number of words is 3791
Total number of unique words is 2146
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Pursatdan peýdalanan Serwiboý hasanaklap maşyndan düşdi-de, baldyryna çenli ýeten
suwuň içinden dört-bäş ädensöň gury ýere çykdy.Ol aňyrrak baryp, aşak oturdy-da, iki
dyzyny gujaklap hem hünübirýan aglady,hemem zarynlady:
--Sen meni nä günlere saldyň, Togtamyş jan? Sen meni nähili hapa şagala şam etdiň,
mähribanym? Seni ne döw çaldy, ne al kakdy, ezizim? Sen meni indi Hakberdi ýaly
nejisiň hapa penjesine rowa gördüňmi? Saňa näme boldy. Sen öňki Togtamyşlygyňa
dolanmazmyň, Togtamyşym?
Gelin agyly zeýrenjini goýan badyna gulagyna Hakberdiniň sesi eşidildi.
--Men-ä erkek eşekdirin welin, Serwi gelin, diliňe berk bolmasaň, öwlüýä kessin,
özüň masgara bolarsyň...
265
*
--Şeýdip, senem käte biziň gapymyzda-da görün ahyryn!—diýip, gudasynyň ýetip
gelýänini gören Ogulaý ýeňňe ony daş işikde garşylady. Olar eginlerine kakyşyp
görşensoňlar, içerik girip oturdylar. Birki minutlyk saglyk-amanlyk soraşygyndan soň
nahar aladasy bilen ýerinden turan öý eýesini Altyn ýeňňe syýnyndan çekip saklady.
--Otur, guda.Meň üçin bu gezek alada galma. Men başga bir alada bilen geldim.
Altyn ýeňňe gülümsüremek bilen tolgunýandygyny gizlejek bolsa-da, edýän
hereketiniň ýasamarakdygy bildirdi durdy.Çünki onuň bu gezekki sapary gyzynyň
düşen ýagdayny seljermek bilen baglydy.
--O diýeniň-ä bolmaz welin, otur diýseň, häzrlikçe oturaýyn... Gudamy hezzethormatsyz gaýtaryp bilmen-ä..
--Hezzet-hormaty soňa goýyp, ogluň bilen gelniň işden gelmäkäler, ikiçäk gürrüň
edeli...
Gürrüňiň näme hakda gidýändigini öňünden bilýän Ogulaý ýeňňe gep öwürjegem
bolmady.
--Näme diýjek bolýanyňy aňýan, Altyn guda. Aňýanym üçinem seň bilen
gepleşmäge öňünden ýaýdanýan.—Ogulaý ýeňňe diňe ýaýdanmak däl, günäsini boýun
alýan günäkär ýaly gudasynyň gözüne garap bilmän, ýüzüni aşak saldy.Şondan soň
onuň gulagynda Sazaklydan göterilin gelnen sowal ýaňlandy.
--Öýüňde näme harasat gopýa, guda?
Ogulaý ýeňňe ogly bilen gelniniň arasynda gopýan harasatyň ilkinji ýeňiljek
şemalynyň öwsüp ugranyny ilden-günden, Altyn gudadanam öňürti duýan adam.Şol
şemalyň kem-kem güýjäp, ahyry ýakymsyz şuwwulda öwrülen sesi Ogulaý ýeňňäni
indi kän mahal bäri rahat ýatyrmaýar. Bolsa-da ol gudasynyň öňünde derrew içini
döküp durmady-da:
--Bir zatlar-a aňýan—diýip, hörpi aşagrakdan tutdy.—Ýöne anygyna ýetip bilemok,
Altyn jan...
--Menem şoň anygyna ýetäýsem diýip gaýtdym ýanyňa.
“ Beýle sen bir çaý içim salym gelip-gideniň bilen ýagdayyň anygyna ýetäýjek
ekeniň!—diýip, Ogulaý ýeňňe içini gepletdi.—Men gije-gündiz bulaň arasynda
bolubam näme maksat tutýandyklaryna düşünip bilmän ýörün”
--Men, heý, delalaty degäýmezmikä diýip, molla gidip täleýlerine-de garadyp
geldim...“Aralaryna tow düşüpdir” diýýä.
Altyn ýeňňe gudasynyň eden hereketini, aýdanlaryny tassyklap başam atdy-da,
birdenem, ondan göwni galan ýaly kirşini gataltdy.
--Meňk-ä, häzirlikçe gury sözdür, guda. Beýle ýagdaý uzaga çekiberse...
Gyzymyzam janymyza barabar görýändiis. Men seni gorkuzjak bolamok, ýöne Arça
seýsiň nähili gyzma adamdygyny özüňem az-kem bilýänsiň, guda. Ol bir doňsa...
--Men indi gorkudan-ürküden geçdim, Altyn.
Altyn guda geplejek bolanda, daşişikde bir aýalyň görünmegi onuň badyny aldy.
Gelýän aýal öýünde-de etmäge ullakan işi bolmansoň, Ogulaý ýeňňäniň ýanyna
hälimi-şindi oturmaga gelýän Owadantäç goňşudy.Onuň peýda bolmagy iki gudanyň
arasynda ýaňy başlanan dartgynly bolmaly gürrüňiň arasyny kesdi. Ýöne arasy
kesilende-kesilmände-de gudalaryň gürrüňiniň nähili gutarjagy öňünden bellidi.
266
Olaryň biri gyzyňyň rahat ýaşamaýandygy üçin öz nägileligini beýan etmelidi,
beýlkisi hem şol nägileligi ýok etmek üçin elinden gelýän çäräniň ýokdugyny
aýtmalydy.Iki guda agşama çenli oturyp çekeleşse-de, şondan gaýry gelner ýaly
netije ýokdy.
*
Togtamyşyň Serwi gelin meselesinde tutan maksadyna ýetmek üçin şu mahala
çenli guran oýunlarynyň hiç birindenem islän netijesi çykmady.Ýogsam ol uly adama
gelişmejek hereketlerdenem gaýtmady, akylly-başly adamyň diline getirmejek
sözlerini-de dile getirdi. Edýän hereketlerinden netije gazanmasa-da, Togtamyş tutan
maksadyndan yza tesmedi, pälinden gaýtmady.Ol Serwiboý bilen gepleşende-de
onuň göwne degmäge tutarygy ýok ýekeje sözünem çişire-çişire uly ýapyşalga
edindi. Garaz, Serwiboý gelniň süýjüsi ajydy, bişirýän nahary duzly bolsa şerebedi,
duzsuz bolsa dury suwdy, şol iki bahana ýok bolsa “tagamsyz” diýen bahana
tapylýardy.
Irden işe ugran Togtamyş daşardan bir zat alyp gelýän gelnine daş işikde gabat
geldi.
--Şu gün-ä howaň çigregem bar.Özüňem gaty çyplaň geýnipsiň, Togtamyş—
diýip, Serwiboý adamsyna rehimdarlyk etjek boldy.—Men-ä bäş minut daşarda
boldum welin, üşäberdim. Kelte kurtkaňy alyp beräýeýin?
Kelte kurtkanyň gerekdigini ýa-da gerek däldigini aýdyp oňaýmaly Togtamyş
Serwiboýuň adaty adamçylyk hereketindenem öz bähbidi üçin peýdalanmak isledi.
--Howanyň çigregi ýokdur-da, seň öz gyzgynyň gaçandyr. Sowuk bamyşmy?—
diýse-de, ýalazy meýdanda gün gyzýança ýukajyk penjek bilen oňjak bolsa
üşejekdigine Togtamyş ýekeje minut ýaly daşarda güýmenende-de göz ýetirdi. Emma
öz telegine telek diýmäge bogny ysmdy.
Ýüzüne urlana dönen Serwiboýam bu gezek geplemän geçibermek islemedi.Olam
özüniň adamçylyk mertebesini goramalydy ahyryn.
--Ýeri, bu iki ortada beýle gödek gep tapmak nämä gerekdi?
Serwi gelin adamsynyň göwnünden turmaz ýaly hiç hili ýuwan ýa-da owadan
gep aýtmadygam bolsa Togtamyş:
--Olar ýaly kelpez sözlerem maňa derkar däl--diýdi.
-- Men näme etsemem, näme diýsemem, seň üçin ters bolaýýa-la, Togtamyş?
--Onyňam ýalan. Dürs zat nähili edip aýdaňda-da ters bolmaz.
--Saňa näme boldy? Düşünemok.Men seň bilen haýsy dilde gepleşsemkäm,
Togtamyş jan?
--Haýsy dilde gepleşseňem, sen maňa “jan” diýme, Serwiboý.Men şol sözi
ýigrenýän. Senden şol sözi eşitsem ýüregim bulanyberýä.
--Onda sen “jan” diý, men diňläýerin.Meň ýüregim bulanmaz.
--Öýňüze gitseň, ejeň saňa her gepinde jan diýer ýorer.Diňläsiň gelýän bolsa...
Erte-birigün zähmet rugsadyna-da çykyp biljek Serwiboý gelniň kellesine hut
Togtamyşyň şol gepinden soň atasy öýüne on-on iki gün gezmäge gitse, bärde
ýeke galan adamsy hem-ä birneme köşeşer, hemem ara wagt düşmegi bilen gelnini
küýsär diýen pikir geldi.
--Näçe gün rugsat berýäň?
267
--Näçe gün gitseňem, men garşy däl. Ömürlik gitseň-ä, hasam gowy bolardy.
Asla garaşylmadyk, eşiden badyňa başyny aýlap goýbermeli jogap Serwiboýa
hiç hili täsirem etmedi.Ýok, beýle bolar ýaly Serwiboý biparh, ötsüz däldi. Ýöne ol
beýle sözleriň Togtamyşyň ýüreginden çykjak sözler däldigine ynanýardy.Ol sözler
näsaglan, ähli zatda nägilelik döretdirýän, diňe başgalary däl, özüni-de ýigrendirýän
derde sataşan adamyň agzyndan çykmaly gep hasaplady.Beýle ýagdaý käbir işaladasy başyndan agdyk, zol-zol şowsuzlyga uçraýan adamlarda bolýarmyş diýip
Serwiboý ozal eşidýärdi. Halkaman aganyň hemme tarapdan dokuzy doly kiçi gelni
Togtamyşyňky ýaly ýagdaýa sataşansoň, lukmana gatnap özüni bejerdibem ýörmüş.
Bolsa-da, özüni sylap bilýän, gerek ýerinde tekepbir bolmagy-da başarýan häsiýeti
Serwiboýuň agzyna gulagynyň eşidenine mynasyp söz salyp berdi.
-- Atam öýüne özüň eltip gaýdarmyň?
Bu sowal entek-entekler eşidiler öýdülmedik, ýöne eşidilmegine sabyrsyzlyk bilen
garaşylan ýakymly habar bolup ýaňlanansoň, Togtamyş derrew dillendi.
--Baş üstüne!
*
Togtamyş-a Serwiboý atasy öýüne gitmäge razy bolar öýtmändi, Serwiboýam
Togtamyş özüni atasy öýüne äkider öýtmändi.Emma olaryň biriniň ýürekden isleýän,
beýlekisiniň asla islemeýän wakasy amala aşdy.
...Serwiboý bilen Togtamyş baranda, Arça seýis öýde ýok eken. Ikisiniňem
ýüzünde ýagdaýdan närazylyk alamaty duýulmaýan gyzy bilen körekeniniň bile
tirkeşip gezmäge gelmeklerine şatlanan Altyn ýeňňäniň şu pursata çenli biynjalyk
bolup ýören kalby aram tapdy.Ony hem Ogulaý gudasynyň üstüne ýörite gidip eden
gürrüňiniň beren netijesi hasaplansoň ol öz paýhaslylygyna-da buýsanman dyrmady..
Häzir oňa ýedi ýatdan sataşan giýewsi öz jigerinden önen gyzy bilen deňeçerräk
göründi. Ol Togtamyşy nirede oturtjagyny bilmän,
aýana-öwrüle, ahyram
otaglarynyň iň sarpaly myhmana mynasyby hasaplanýan, Arça seýsiň bolýan jaýy
saýlady.
Togtamyş esli salym ýeke özi oturmaly boldy.Saçagyň üstüne getirilip goýlan,
oba ýerlerinde kän gabadam gelmeýän üýtgeşik kagyzly süýjülerem, hemme ýerde
gabat gelýän “haýwan köke” diýilýän haýwanlaryň şekline meňzedilip bişirilen
kökelerem, hatda öz halaýan çäýnegine meňzeş böwri mawy gülli ýarymlygam onuň
ünsüni çekmedi.Onuň maksady Arça aga-da gelmänkä, soňunam soň göreris-dä
diýip, ýola atlanmakdy. Ynha, Serwiboý gapydan görner-de: “Çaý içen bolsaň, nahar
bişýänçä-de garaşmaga wagtyň ýok bolsa, biz sag, sen salamat, Togtamyş!” diýer.Şol
hem Togtamyşyň wepaly söýgülisinden, öz eli bilen jyda düşýän Serwiboýundan
eşitjek iň soňky sözleri bolar.Ara kesilse-de, iň soňky aýdylan sözlerem, Serwiboýuň
hemme gelin-gyzlaryňkydan tapawutlanýan owadan hem juda mähriban ýüzi tä
ölýänçä Togtamyşyň ýadyndanam, ýüregindenem çykmaz.Ol aýralyk däl
aýrylyşygyň nusgasy bolup galar. Emma durmuş, has takygy Serwiboýuň durmuşy
dowam eder, ondan nesil öner. Ykbalyň döreden bu bulaşyk oýunlaryna Togtamyşyň
özünden başga hiç kim düşünmez, onuň manysyny başga hiç kim bilmez.Adamlar
beýle ýagdaýy diňe bagtlylygyň betbagtlylyga öwrülişi diýen many çykararlar,
onuňam sebäbini öz bagtyny öz eli bilen ýatyran Togtamyşdan görerler. Aýby ýok,
“Ýagşylyk etseň, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler” Togtamyşa beýle ykbaly
268
berenem şol Halygyň özi ahyryn.Togtamyşy häzrki ýoluna düşürýänem şol
Halykdyr.Togtamyş şol ýola-da, Halyga-da bil baglaýar.
Gapy açyldy. Emma “Bedew atly beg ýigidine” hoşlaşyk sözlerini aýtmaly
Serwiboýa derek onuň uzyn boýly, abaýpoş kakasy peýda boldy. Arça seýsiň
ýüzündäki şatlyk hem Altyn ýeňňäniňkiden pes däldi.
--Bo-how! Bu nä gowulyk?!.. Waleýkimessalam, köreken! Asyl ertirden bäri çep
gözüm çekdi durdy, çekdi durdy welin, asyl oň ullakan emmasy bar eken-da!.. Hany
görüşeli!
Arça seýii şeýtse salam alyş has-da gadyrly bolýan ýaly ‘waleýkimdäki” “a”
sesini hasam süýkdirip aýtdy.
Ýerinden tarsa turan Togtamyş edil häzirlikçe özüne gaýnatalyk edýän ýaşulysy
bilen iki elini hem uzadyp görüşdi.
--Tüweleme! Tüweleme!—diýip, giýewsiniň elini ýaş ýigitlerçe mäkäm gysan
ýaşulynyň şadyýan sesi jaýy doldurdy.
Gapydan boýnuny uzadan gaýnenesine tarap sereden Togtamyş onuň ýüzünde
hälki şatlygyndan nam-nyşan ýokdugyny bildi.
--Galmagalyň näme, seýis? Täze dogan Aý gördüňmi?—diýende, Altyn ýeňňäniň
sesi-de ýakymsyz çykdy.
Aýalynyň äheňine üns bermedik seýis gülümjüräp gepledi.
--Meň görýanimem bu öý üçin täze dogan Aý-da...
Cen ol Aýa näçe wagt guwanaýarkäň, ýaşuly!
-- Ýeke körekeni salamlaşmaga gelen gaýnataň galmagaly bilen işiň bolmasyn,
keýwany.
Gyzy ýagdaýyny aýdan bolsa, indi keýwanyň saňa “hä” diýäýermikä?
--Öň zamanlarda köreken gelen öýde ýörite damak kesilip, serpaý taýynlanar
eken.
( “Meň üçin damak kesmeli bolmaýmasaň, ýaşuly!”)
Çala açyk gapydan ýüzüniň ýaryny görkezip duran Altyn ýeňňe:
--Ol gadym zamanlarda, mert körekenler barka şeýle bolandyr—diýdi-de işigi
aňyrsyndan ýapdy.
Aýalynyň başga manyly aýdan gepine ýene üns bermedik Arça seýis:
--Bi döwrüň körekenlerem namart däldir, keýwany!—diýip, gapy aňyrsyndan
ýapylanam bolsa, aýalynyň jogabyny berdi.Soň ol ýene Togtamyşa tarap ýylgyryp
seretdi.—Toklam taýyn, pyçagam taýyn. Derrew şark-şurk edäýmelisi galýa.
Körekeni söwüşsiz ugradyp bolmaz. Köreken bahanasy bilen bizem murtumyzy
ýaglardyk hemem.
Togtamyş öz ýanyndan her etmeli-hesip etmeli welin, yzy ýigrenje barjak häzirki
hormaty söwüş-beýleki bilen çişirmeli däl diýen netijä geldi.Ýöne aýaly berk päsgel
beräýmese, söwüş meselesinde Arça seýsiň welin gara çynydy.
--Men söwüş edildi hasaplaýan, Arça aga. Azara galmaň. Men uzak oturmakçy
hem däl. Yzda gyssagly işem bar. Söwşi indiki gezek iýäýeris.
--Işe gutarma ýok. Indiki gezegem, nesip etse, söwüş tapylar. Men gaty çynymy
aýdýan.
--Menem oýun edemok, Arça aga.
269
--Görýän welin, köreken... Hany, gaýneneň gelsin, maslahatlaşaly. “Ýüp syrygyp,
toýnukdan geçer!”—Şony diýmek bilen meseläniň esasy çösgüdiniň aýalynyň
elindedigini boýun alan Arça aga öz üstünden gülýän ýaly bolup ýylgyrdy.
Şol mahalam çala açylan gapydan Arça seýsiň “toýnuk” diýýäni—Altyn ýeňňe
ýene ýüzüni görkezdi.
--Hany, aksakal, bärik çyk!
Togtamyş beýle buýruk beriji äheň bilen aýdylan çakylykdan soň gapynyň
aňyrsynda hem bärisinde nähili topalaň turjakdygyny göz öňüne getirdi. Häzir Arça
aga ýönelige çagyrylan däldir.Maslahat salama gelen körekene toklumy ýa çebiş
ýykyp, söwüş etmelimi ýa-da etmeli dälmi diýen meseleden has ýokarrakdaky
perdeden başlanar. Serwiboý öz ýagdaýyny aýdar.Soň Arça aga dolanyp geler-de:
“Bu ne hekaýat boldy, ogul?” diýer.Hawa “köreken” diýmez, “ogul” diýer, ol sözi-de
ýaňsyly aýdar. Beýle sowala nädip jogap gaýtarmaly bolar?
Myhman esli mahallap janserek bolup garaşyp oturanyndan soň düýpden başga
adama öwrülip yzyna dolanan, ýüzüniň reňki öçgün Arça aga Togtamyşyň çakynyň
diňe soňky sözüni öňe geçirip:
--Ogul, bu ne hekaýat boldy?—diýdi.—Asyl söwüş edilmegine çynyň bilen garşy
çykýadyň welin, seniň söwüşlenmäge ullakan hakyňam ýok eken-dä. Maşgalaňda
näsazlyk dörän ýaly-la, ýagşy ýigit?
( “Men eýýäm “ýagşy ýigit” däl. Sen ony ýaňsylap aýdýaň, ýaşuly. Men oňa
düşünýän”.)
--...Bu nä gep boldy?
Berlen sowal gysga-da bolsa, öňünde durmak kyndy. Özi-de ol Arça aganyň
agzyndan çykýany üçin bolmalysyndanam has agyrlaşýardy. Ol sowala jogap tapmak
kyndy, ony Togtamyşyň özi tapmaly bolany sebäpli has-da kynlaşýardy. Herhal,
jogap okamaly adam ýagşu-ýaman geplemelidi.
--Beýle bolar öýdüp, ýatsak-tursak hyýalymyza-da gelenokdy welin, Arça aga, bu
zatlar, elbtde, Alla işidir-dä.Ýagdaýymyz-a şeýle. Serwiboý aýdandyr-la. Menem
gaýtalap oturmaýyn. Alla işidir.
--Sen ýarym muntda iki gezek Allaň synyndan ýapyşdyň. “Gaçanam Alla dyýr,
kowanam” etjek bolma, han...
(“ Bäş minudyň içinde söwüş iýmeli körekenlikden, ýaňsylanýan han boldum!”)
--Edil beýle-de däl, Arça aga...
--Onda näme? Zenanyn ýanýoldaşy onuň ýerdäki Allasydyr. Diýmek, bu işde
ýerdäki Alla günäkär. Şeýle bolýamy-ä?
--Arça aga, senem ikinji Alla bolup gören adam-a...
Arça aga ýerdäki Allanyň bendesiniň oturan tarapyna—gapa tarap seretdi.
--Arça henizem ikinji Alladyr.Syrtyny ýere uran däldir. Ýöne ol allalyk borjuny
mert berjaý edýän Alladyr. Sen ýerdäki Alla bolsaňam, öz bendäňi sylamaly, ony
kemsitmeli däl, ynjytmaly däl. Nähak ynjydylan bende ynjydan Allasyny sylamaýa...
Arça aga adam bolup geplese-de, ýerdäki alla bolup geplese-de hemme
aýdýanlary dogrudy. Togtamyş heniz bu ýere gelmänkä-de, Arça aganyň ýa-da Altyn
ejäniň aýtjak sözleri gulagynda ýaňlanyp durdy.Togtamyş ol zözleriň
aýdylmagyndan, ol sözleri diňlemeli boljakdygyndan öňünden ýaýdanýardy. Şonuň
üçinem ol gepleýäni saklajak bolup:
270
--Aý, Arça aga...—diýdi.—Alla işidir-dä.
-- “Aý-paý” diýip täbiklän bolma. Sen meniň sowallama mert hem göni jogap
gaýtar. Şeýtseň, hemmämize-de gowy bolar.,, Gyzym aýagyny egri basýamy?
--Ýok, Arça aga.
--Bu—bir.
--Gyzym seň bir buýranyňy iki aýtdyrýamy?
--Ýok, Arça aga.
--Ýok bolsa,--iki. Gyzym Ogulaý gudany ynjydýamy?.
--Ýok, Arça aga. Ejem gelninden gaty razy.
--Razy bolsa, bu--üç
-- Käte bolaýýan zat—hojalygyňda ýeter-ýetmezçilik dörän wagty günüňe
gülýämi? Piççiň atýamy.
--Ýok, Arça aga.Piççiň atan ýeri ýok.
--Piççiň atmadyk bolsa, bu-da—dört.
--Şol tutaryklar ýok bolsa, gaýry nähili närazylyk bar sende?
--Bir seretseň-ä, Arça aga, närazylyga tutarygam ýok ýaly. Bu zatlaň hemmesi Alla
işidir-dä...
.—Sen şol sözi elli iki gezek gaýtaladyň, han ogul. Beýdip, meniň inçe damarymy
owkalaryn öýtmegin sen. Başga söz, başga gaçybatalga tap. Men namazam okaýan,
oraza-da tutýan. Hudaýa-da sarpa goýýan. Ýone sen ol beýik gudratyň arkasyna
bukulyp meni oýnaryn ötmegin. Arça seýsiň ýüregi ýukadyr. Ýöne özüne namartlyk
edene welin Arça seýis edil kapyr ýaly bolup ýowuz daraşýandyr. Men seni gorkuzjak
bolamok. Guýruksyz syýasatam edemok.
Halynyň gyradolowuny dyrmap oturan Togtamyş geplände-de ýüzüni galdyryp
bilmedi.
--Men ony bilýän, Arça aga.
--Sen bilýän bolsaň, menem seň ahyrky netijäňi bileýin, han. “Gyzyny
gaýynlary kowupdyr” diýen ölüm bilen barabar gepiň eýesi bolansoň, Arça seýis üçin
ýagty jahanda ýaşady- ýaşamady atyň gulagy ýaly dep-deň bolar.
Arça aganyň ol sözleri aýnadan daşaryk seredip aýtmagyTogtamyşy biynjalyk etdi.
Onuň kellesine ýok hyýallar gelldi. Sebäbi daşarda aýnanyň gabadyndaky agaç
münjäniň üstünde çüwdenesi çüri, yzyn saply palta ýatyrdy. Palta nazary ilmedigem
bolsa Togtamyşyň göwnüne gaýynatasynyň ähli ünsi şol palta dikilen ýalydy.
Durmuşda her ki zat boluip bilýär ahyryn. “Gahar-kapyr”. Ýstesine-de ol ölüm bilen
barabar namys ýüküni göterip bilmejekdigini dili bilenem aýdyp otyr-a.
Birdenem ýaşulynyň sowalynyň jogabyna-da garaşman, siltenip diýen ýaly turup
gitmegi Togtamyşyň howply ünjüsini has-da artdyrdy. Gyzy mundan byýana rahat
ýaşaýşyň bolmajakdygyny ejesine düşündiren bolsa, ol hem ýagdaýy adamsyna beýan
eden bolsa, gojanyň gürrüňi soňlaman turup gitmesi nä medenkä? Hemme zat aýdyň
ahyryn. Belki-de ýagdaýa gutarnykly nokat goýmak üçin gyzynyň agzyndan onuň ýene
eşitmek islän sözi bardyr. Bu meseläniň parahat çözgüdi. Ýöne ýaşulynyň siltenip turup
gitmegini ýatlamagy hem ýene şol çüwdenesi çüri palta gözi düşmegi Togtamyşy asla
kellä gelmejek görnüşleriň üstünden eltdi.Ýöne Arça seýs giýewisiniň kellesini gyzyl
halynyň üstünde togalaýsa, tä ölýänçä keýwanysynyň tagamly naharyndan mahrum
ediljekdigine göz ýetirmelidi.
271
Her hili-de bolsa, howply geçen minutlaryň soňy hernä erbetlige ýazmady.ýaş ýigidi
biynjalyk eden gorkuly çaklama-da amala aşmady. Daşarda ýatan paltanyň ýanynda
görünmän dolanyp gelen ýaşuly parahat ses binen:
--Näme netijä geldiň, han?—diýdi.
Gojanyň gulagyna:
--Meň netijäm şol öňki netije, Arça aga—diýen jogap eşidildi..
--Gepiň erkegiň gepimi?
“Erkek” sözi ýüregini jigledip gidenem bolsa, Togtamyş baş atmaga merjbur boldy.
--Gyzym saňa ikilik etmedik bolsa, meňem saňa ikiliksiz bir maslahatym bar.
Ssaňa men bir aý puryja berýän. Şonça möhletiň dowamynda Serwä, günäsiz halyna
let iýdirmegiňi goýmasaň, öz aýagym bilen baryp saňa şeýlebir let iýdirerin welin, ataň
adynam tapmarsyň.—Togtamyşyň göwnüne bolmsa, Arça aga ýene çüwdenesi çüri
palta tarap sereden ýaly boldy.—Düşündiňmi?
--Düşündim, Arça aga—diýende Togtamyşyň sesi günäkär çaganyň sesi ýaly bolup
çykdy.
--Düşünen bolsaň, ikiden birini saýla. Özüňem, maşgalaňy ýanyňa al-da,Sazaklydan
tiz saýlan... Ajy burç Mekgä gidip-gelse-dä süýjemez welin...
Togtamyş soňky aýdylanyňam manysyny aňdy.
*
Hemme zat Togtamyşyň çak edişi, umyt baglaýşy,göz öňüne getirişi ýaly boldy. Ol
öz çynlakaý aladasy bilen Serwini ykbalyndan çykan ojagyny goýup gitmäge mejbur
etdi.Kän wagt geçmänkä maýda gep-gürrüňlerem, hyşy-wyşylaram ýatyşdy.Elbetde,
wepaly gelniniň öz ojagyny terk etmegi Ogulaý ýeňňä gaty agyr degdi. Togtamyş ol
hakda-da oýlanýar-da, ýene ýagdaýy gowulyga ýorýar. Bu durmuşdyr—garaşmaýan
zatlaryň bolup, amala aşmajak tutumlaram amala aşaýýar. Togtamyşyň eli bäbekli bir
gowy maşgala öýlenäýmegi hem asla amala aşmajak waka däl ahyryn. Ol ilde-günde
bolman
duran iş däl.. Şeýle bolsa Ogulaý ýeňňe-de
köşeşerdi, gapysynyň
ýapylmajagyna gözi ýeten Togtamyşyň özi hem ynjalardy. Häzirlikçe bolsa ol uly hem
esasy maksada ýetildi hasaplady.Ýöne onuň kyn durmuşy uly maksadyna ýetilenden
soň başlandy. Elbetde, Serwiniň özünden daşlaşsa-da, hakydasyndan daşlaşmajagyny
Togtamyş ozaldanam çaklaýardy.Ýöne
ony beýle-beýle
hupbatlybolar öýdüp
garaşmaýardy.Serwini küýsemeklik ony ähli zatdan bizar bolmaga mejbur etdi: öňki
şähdaçyklygy-da, degişgenligi-de galmady, hatda işdäsi-de peseldi .Ol zatlaryň
üstesine-de Togtamyşda gabanjaňlyk keseli peýda boldy. Tukatlyk, işdäsizlik bilenem
oňuşjakdy welin, gabanjaňlygyň öňünde durmak oňa gaty kyn düşdi. Özi-de şol
gabanylýan adam, tanalmaýan, heniz sataşylmadyk adam Togtamyşa uzyn boýly, örän
syratly ýigit bolup görünmäge başlady. Elbetde, seniň öz sebäp bolmagyň bilen öýüňi
terk eden owadan hem ýaş maşgalanyň kimdir biri bilen ykbalyny birikdirmegi kanuny
zatdy. Üstesine-de Serwiniň kimdir biri bilen ykbalyny birikdirmegini Togtamyşyň özi
arzuw edip. oňa özi ýol açdy ahyyn. Emma Serwiniň kimdir biri bilen ýaşap ýörenini
göz öňüne getirende, Togtamyş özüne erk edip bilmedi.Ony däliräp düze
çykybermekden saklaýan zat
bolsa Serwiniň enelik
ykbaly hakyndaky
oýlanmasydy.Diňe şol Togtamyşy birneme köşeşdirdi. Hasaplap gördi welin, Serwiniň
bu öýden gidenine iki ýyl bolup ýör. Iki ýylda ýedi ýüz otuz gün bar bolsa, şonça
272
wagtyň dowamynda Togtamyş Serwini ýedi müň otuz gezegem ýatlandyr. Ol Serwiniň
durmuşa çykany-çykmany barada hiç zat bilmese-de, ony iň bolmanda, ýolda-yzda, iň
bolmanda kesesinden görmegiň arzuwynda gezdi.
Togtamyş bir alada bilen şähere gidende, tötänden Serwä sataşdy.Ol alty-ýedi aýlyk
çagany goltuklap, ugrajak bolup duran awtobusa girip gidi. Togtamyş gabat gelen
pursaty elden gidirmedi. Ylgady.Ol awtobus gymyldap ugranam bolsa, yzky gapydan
atlyp girmäge ýetişdi. Ulag şäheriň içinde aýlanýarmy ýa-da uzak obalaryň birine
barýarmy, Togtamyş üçin parhy ýok—ol Serwini görse bolýar. Awtobusda adam kän
däldi.Töweregiňe nazar aýlasaň, ýolagçylaryň hemmesiniň ýüzüni görüp
boljakdy.Emma Togtamyş
edil arkasyndaky boş ýere geçse-de, Serwi yzyna
gaňrylmansoň, Togtamyşy görmeýädi.. Oňa derek ejesiniň goltugynda yza garap oturan
alty-ýedi aýlyk akja bäbek özüne seredýän ýat adamdan gözüni aýyrmady. Çaga başda
ýadyrgajak ýaly etse-de, derrew ynjaldy, çalarak owsun atdy. Togtamyş özi kiçi,
gudraty uly güýjüň öňünde göwnübir oturyp bilmedi. Onuň gursagy daşyndan
gürsüldeýän ýaly boldy, döşüniň çep tarapynda peýda bolan gyzgynlyk ujy közli sim
ýaly bolup ýokaryk dyzady.Çaganyň garaja gözleri bolsa başga bir duýga öwrülip,
öňki dörän gyzgynlygy hasam güýçlendirdi. Togtamyşyň gursagynda yzaly duýgy
döredi. Bäbegiň kirpikmen gara gözleri edil Serwiniň ýüzünden alnyp goýlan
ýalydy.Çaganyň uzyn kirpikleri şeýle bir owadandy welin onuň akja ýüzüne goşmaça
görk goşýan ýalydy. Emma ol owadan kirpikler näça bolsa şonça iňňä öwrülip
Togtmyşyü bagryna sanjyldy. Çaga kime meňzeýärkä? Kirpikmen gözi, dodagy
Serwiniňki bolsa-da, ýaňagy bilen burny, eňegi Serwiniňki däl. Ol kimiňkikä? Elbetde
kakasynyňkydyr. Gabanmaklyk “Kakasynyňkydyr” diýen hakyky jogaby hyýalynda
aýtmaga-da Togtamyşa ýol bermedi.
Çagadan ünsüni bölmek islän Togtamyş Serwä arkasyndan syn etdi. Ol oba ýeriniň
maşgalasyndan eýýäm birneme tapawutlanypdy: saçynyň ýeňsesinde çugdamlanyp
goýluşy, onuň ustüne uly hem bolsa gödeňsi görünmeýän şirmaýy darak gysdyrylmagy,
başynyň ýaglyksyzlygy, matasy gymmatbaha köýneginiň ýakasynyň ýeňil keşdelenişi
ony şäherlilere golaýlaşdyrýardy.Onuň boýnundaky inçejik zynjyry kim dakdyka, kim
sowgat etdikä? Jogap düşnükli bolsa-da, hyýaly jogap Togtamyşyň ýene gabanjaňlyk
damaryny gyjyklady.Üstesine-de onuň göz öňünde şeýle bir waka janlandy: Güle-gunça
bezelen şäher bagy. Serwi gelin bilen bir nätanyş ýigit gezim edip ýörler.Ýigit, elbetde,
Serwiniň adamsydyr.Serwi gündiziň günortany, töwerekden adam-gara-da geçip ýörkä
adamsy däl kişä beýdip elinden tutduryp barmaz ahyryn. Olar köp mahalyň
aýraçylygyndan soň şu gün ilkinji gezek sataşan aşyk-magşuk ýaly bir-birine
gysmyljyraşyp barýarlar. Serwi gelniň hamyladygy bildirýär. Gelniniň çalarak güberilip
duran köýnegine mahal-mahal nazar aýlaýan ýigit tekepbir görünýär. Gelninden çaga
garaşýan adam, elbetde tekepbir bolar-da. Ol uzyn boýly, diýseň görmegeý, inçesagt.
Togtamyş ony sypaýy gatlakdan bolsa gerek diýip çaklaýar. Olar esli gezim
edenlerinden soň, ýarymhalka edilip ekilen ýaşajyk şemşat agaçlarynyň arasyndaky
ýarymhalka oturgyçda ornaşýarlar.Serwi ýoldaşyna gysmyljyraýar. Ýoldaşy onuň gara
saçynyň üstünden mähir bilen barmaklaryny ýöredýär.Togtamyş birnäçe mahal
mundan ozal şol gara çaçlary edil şeýdip, öz eli bilen sypandygyny ýatlaýar.
Ýatlamanyň lezzet bolmaly manysy oňa ezýet bolup täsir edýär. Bolup geçýän wakany
gülleriň aňyrsynda durup synlaýan Togtamyş ýarylaýjak bolýar. Ol indiden soň Serwini
273
gabanmaga hakynyň ýokdugyna özüni ynandyrmaga synanyşýar.Emma Sewi bilen
adamsynyň edýän hereketlerini öz gözi bilen görüp durka köşeşdiriji gury sözler netije
bermeýär. Serwiniň adamsynyň soňky eden hereketleri-hä Togtamyşyň kalbyny çepbe
çöwürýär. Ýigit gelniň goşaryndan tutýar.
--Gözüňi ýum, Serwim!
Hawa, ýöne “Serwi” hem däl-de. “Serwim” diýýär. Togtamyşyň diýmeli sözüni
başga bir, ýat ýigit diýýär. Diýmek, Serwi indi Togtamyşyňky dal, Serwi bsşga
kişinuiňki, “Serwim” diýýäniňki. Bu bolsa Togtamyşy öňküsindenem beter heýjana
salýar. Şol pursat ol Serwiniň indi öz Serwisi däl-de, başga biriniň Serwisidigine-de
ynanmak islemeýär.
Ýigit Togtamyşyň jigerine ýapyşan ýakymsyz sözleri ýene bir gezek sözme-söz
gaýalap, ony öňküsindenem beter heläkleýär.
--Gözümi ýumduryp, häme etjek bolýaň, oglan?—Serwiniň näz-kereşmä ýugrulyp
çykan bu sözleri Togtamyşyň gaşlaryny çytdyrýar. Näçe ýl söýşüldi, näçe ýyl bile
ýaşaldy welin, Serwiniň agzyndan “oglan” diýen ýakymly söz eşideni Togtamyşyň
ýadyna düşmeýär.
--Näme bolýanyny gözüňi ýumaňsoň biiersiň, Serwim.
Ýene şol “Serwim”. Coňky sözi ulanman gepläp bilmeýärmikä?
Togtamyş üçin beteriň yzyndan beteri çykýar.Näz-kereşmeden ýasalana dönen
Serwi eginlerini, döşüni hem çalaja hereketlendirip gözlerini ýumýar.Ýigit jübüsinden
çykaran gymmatbaga zynjyryny Serwiniň boýnuna dakýar.
--Indi gözüňi açaý, Serwim!
Boýnuna dakylan zynjyry mähir bilen sypalan Serwi begenmekden ýaňa guş bolup
uçýar.
Şu ýaşyma çenli arzuw edip ýetip bilmän ýören zadymdy!
--Senem meniň arzuw edip ýörenim bolup çykdyň, Serwim!
Soňky sözleri dagy eşitmedik bolsa Togtamyşa ýeňil düşerdi welin... Ol bolýan
wakanyň yzyny görmek, aýdylýan sözleriň yzyny eşitmek islemän, seýil bagynyň uly
derwezesine tarap ädim urdy.
”Ussa berdiňmi, eliňem çek, diliňem”. Togtamyş ol sözleriň manysyna düşünýär,
beýle manyny özi üçin döredenem onuň özi. Bolsa-da ol köşeşip bilmeýär.Eýsem
gabanjaňlyk söýgiden, söýginiň hatyrasyna ýetilen maksatdan ilerimikä? Serwini öz
islegi bilen, öz eli bilen bagtyýar eden adam ynjalmaga, begenmäge derek eden işine
gynanýan ýaly bolýar. Ýagşylyga mätäje ýagşylyk edip sogap gazananyňdan soň
puşman etmek, gynanmak sogabyňy günä öwürmek, namartlyk bolmaýarmy?
Bolýar.Togtamyşam onuň şeýledigine düşünýär. Emma ol özüne erk edip bilmeýär.
Şeýlelikde ol hanja barýany özi üçin näbelli awtobysyň içinde näçe wagt oturanyny-da,
näçe ýol geçenini-de saýgarmady.Ol Serwä görünmän awtobusyň yzky gapysyndan
çykyp gitmek isledi. Şeýtse özi üçinem, Sewi üçinem ýeňil bolar öýtdi. Emma çagasyny
bagryna basyp ýerinden turan Serwiiň özi ondan öňürdip, öňdäki gapa tarap ýöneldi. Ol
yzyna-da garamady. Gapy açylsa, onuň Togtamyşyň nazaryndan sypdygydy.Belki şol
hem iň soňky gabat gelişlik bolardy.Togtamyş özüne erk edip bilmedi. Ol ýerinden
turjak boldy.Emma bedeni oturgyja ýelimlenen ýaly bolup, gymyldabam
bilmedi.Birdenem uly adamynyň agy gatyşykly “Serwi-i!” diýen şaňňy sesi parahat
274
awtobusdakylary düýrükdirdi. Bir ýaşuly aýal ýakasyny tutup, gözlerini petretdi-de:
“Toba! Toba!—diýdi—Arak diilýän hazan urmuş nämeler etdirmeýär!”
Togtamyşyň awtobusyň üsti diýip oturan ýeri öz krowaty bolup çykdy.
Beýleki jaýdan haýdap gelen Serwi gelin, gele-gelmäne, adamsynyň goşaryndan
tutdy-da:
-- Basyrganaýdyňmy, Togtamyş?—diýdi.
Der basyp oturan Togtamyş sesini çykarman, elini yza çekdi.
*
Serwi gelin iş otagynyň gapysyny synpşdaşy Annamyň açmagyny, kiçijik bir
waka-da bolsa, ony bolmasy kyn uly waka hasaplady.Sebäbi ol Annam bu ýerlerde
peýda bolar öýdüp asla çak etmeýärdi. Annam oňa Gojugyň üstünden geçip, goňşy
oba bir alada bilen barýan tanşyna ýoldaş bolup gaýdandygyny aýtdy.Serwi
klasdaşyny, kiçi dilden bärde bolsa-da, özüniňem onçakly aýagy çekip durmaýan
öýüne çagyrdy. “Günorta-da bolup barýar.Togtamyşam geler, tanşarsyňyz hemem çaý
içersiň”” diýen boldy. Annam, birinjiden-ä, obadaşynyň myhmanparazlygynyň edil
häzirki wagtda ýasamadygyny, çakylygynyňam dil ujundandan aýdylýan
mürähetdigini bilýändigi üçin gitmäge razy bolmady.Ikinjidenem, çakylyk çyndan
bolaýanda-da, onuň Serwiniň öýüne baryp myhmansyrap oturmaga-da wagty
ýokdy.Daşarda sürüjisine “Bäş-alty minut dur, men bir obadaşym bilen salamlaşyp
çykaýyn” diýlen, münüp gelen ulagy garaşyp durdy.
Jübüsinden çykaran kagyzyny Serwiniň iş stolunyň üstünde goýan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 29
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.