Latin

Keseki - 05

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 2225
29.2 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
boýnuny gyşardybrak, batly ses bilen okamaga başlady:
“Maglum bolsun kim,teke hany Gowşut han ibn Öwezdurdy serdar ismiden.Eý
Hemze Mürze! Eý,Gara sertip,begzada hem sypaýylar! Siz Nasretdin şanyň
goşunlaryna baş bolup,birnäçe harç-harajat çekip,biz ile gelipsiz.Siz bizge
habar- hatyr gatman,köne harabalar içinde näme pişe görüp ýörsüňiz? Eger-de
uruşmak meýlli bolsaňyz.geliň,söweşeliň.Eger-de ki siz köne harabalykda
diňe gatyra baş öwretmäge gelen bolsaňyz,onda biziň Merw ilimiziň berekedini
gaçyrmaň-da,derrew yzyňyza ökje göteriň.Ahli maksadyňyz şol bolsa,
siziň öz iliňizde nä köne haraba ýokmy?1
Gowşut han ibn Öwezdurdy serdar”2
Hemze Mürze demi tutulana döndi.Beýle wejera haty belent ses bilen okan Gara
sertip tutuş durky bilen sandyrady.Ol bir şazadanyň,birem Täçgök serdaryň ýüzüne
seretdi.Onuň iki adama garaýşy hem iki hili boldy,şazadanyň ýüzüne ötünç soraýan
sypatda naýynjar garasa,ilçiniň ýüzüne ýigrenç bilen bakdy.Sertip içinden bolsa: “Beýle
ýaramaz mazmunly hat getireni üçin,häzir ulçiniň başyny almak barada buýruk
berler.Wejera haty owadanlap okanym üçinem maňa-da minnetdarlyk aýdylmaz” diýip,
oý etdi.Ýöne ol özüne beriljek jezanyň nä derejede boljakdygyny welin çaklap bilmedi.
Gara sertibiň garaşan netijesi çykmady.Hatda Hemze Mürze ol hata gaharynyň
gelendiginen ýaşyrjak boldy,öňküsindenem mylaýym ses bilen ilçä sowal berdi.
--Gowşut han ölümini boýna alykmydyr,ilçi?
Täçgök serdar jogap bilen eglenmedi.
--Adam ähliniň jany amanatdyr,merhemetli şazada.
--O diýdigiň näme boldy?
--O diýdigim,diňe türkmen hany Gowşut han däl,jahana inen ahli bende janynyň
amanatdygyny boýun alyp gelýändir diýdigim.
Hemze Mürze gaýtarylan jogaba onçakly ünsem bermedik ýaly:
--Siziň hanyňyzyň hormatlap gönderen hatyna hat bilen hormat goýmalymy ýada dil bilen?
--Biz üçin parhy ýok,merhemetli şazada.Hat berseňiz, hatyňyzy elteris,söz
berseňiz, sözüňizi gowşurarys.
Hemze Mürze öz ýakymsyz içki duýgusyny ýaňsyly ýýlgyryşa dolap daşyna
çykardy.Şazadanyň hiç mahal,hiç kimden, hatda Nasretdin şa dergazap bolan pursady
hem eşitmejek kemsidiji sözlerini,onda-da,hiç mahal ýitmesin diýen ýaly, onuň kagyza
ýazylan görnüşini alyp gelen ilçiniň zol-zol “merhemetli” diýen sözi gaýtalap
durmagyny,dogrudanam,ýasama ýylgyryş bilen ýeňen kişi bolaýmasaň,şu pursatda
mynasyp söz bilen gaýtargy tapmak mümkinem däldi.
Bolsa-da,şazada uzak wagtlap emeli hereket edip bilmedi.Ol geplejek bolanda
dodaklary müňküldäp,ýaňaklary titräp gitdi.
--Sen öz getiren hatyň mazmunyny bu ýere gelmäkäňem bilýämidiň?
Goşadyrnak içinde getirilen hat B.Kerbabaewiň “Gaýgysyz Atabaý”romanyndan alyndy.Ol biziň il
içinden ýygnan maglumatlarymyzdaky şol hatyň mazmuny bilen sözme-söz diýen yaly gabat gelýär.
2
Gowşut hanyň doly ady onuň öz möhürinde şeýle berilýär. /Awtor./
1
43
--Bilýädim—diýip,Täçgök serdar gönüsini aýtdy.—Hat ýazylanda, menem
bardym.Göwşut han hatyň her sözüni töweregi bilen maslahatlaşyp ýazdyrdy.
Ilçiniň jogaby serkerdä hasam ýakymsyz täsir etdi.Çünki şazada ol haty diňe bir
Gowşut hanyň däl,tutuş tekäniň özüne bolan garaýşynyň mazmyny diýip kabul etmelidi.
--Sen haty goltugyňa salaňda, hata derek ýylan salandyryn öýtmediňmi? Sen eli
taýakly padyman däl,ilçi ahyryn...
--Biz ilde “Ilçä ölüm ýok” diýen pähim bar,merhemetli şazada.Şonuň üçinem...
--Makul!—diýip, Hemze Mürze Täçgögüň sözüni böldi..—Gowşut hanyň hatyna
jogap şeýle.Sen öz hanyňa aýt.Il-ulusyna,bala-çagasyna haýpy gelmeýän bolsa,beýle
gepden soň,ol söweş şaýyny tytsyn-da,ata atlansyn!
Täçgök serdar kesesinden garasaň, emeli hereket ýaly bolup görnen tagzym bilen
baş atdy.
--Aýdanyňyzy ýeke sözünem üýtgetmän, hana ýetirerin,merhemetli şazada.
Hemze Mürze dodaklaryny gysdy.
“Ýene şol merhemetli!”
* *
“...Sapar aýynyň 25-inde ulaglara harwar-harwar azyk
ýüklän polklar,üsti toply 24 sany arabany hem süý
räp,Merwiň çetinde harby nyzama düzüldi. Şol günüň
ertesi orda tekeleriň berkitmesine tarap ugrady
Seýit Muhammet Aly al-Hüseýni.
Türkmenler bir eýlämizden,bir beýlämizden çozup,
ynjalyk bermeýärdiler.Olar biziň birnäçe serbazymyzy öldürip,15 düýe ok- därimizi alyp gitdiler...
Blokwil.
Gowşut hanyň Taçgök serdardan ýollan haty Hemze Mürze Hişmet Döwläniň
kalbyny arynyň ketegine öwrüp,ony hem gorjap goýberdi.Örüp başlan zähri ýaman
arylaryň indi daş çykjagy ikuçsuzdy,haçan,nirä uçmaladyklary-da bellidi.
Türkmeniň ilçisi yzyna dolanan badyna Hemze Mürze şikäre çykmak pikirini
Garaýap ýörişi bilen çalşyrdy.Toplar,tüpeňler barlanyp,surnaý-kernaýlaryň çaňy-tozany
süpürildi,atlar,gatyrlar otaryldy,suwaryldy.
Hemze Mürzäniň gelen netijesine görä, Merw bilen Garaýap arasyndaky dört-bäş
farsah ýoly bir demde geçen goşun tekeleriň berkitmesini birki sagadyň dowamynda
ýok edensoň,agşamlyk ýa-da ertiriň bir ýerinde yza dolanmalydy.Oňa
garamazdan,serenjamçy Gara sertibiň buýrugy bilen telim günlük azyk-owkat hem
göterilmeli edildi.
1860-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda gajarlaryň agyr goşuny Garaýaba ýörişe
başlady.Merw galasynda,goş-golamy,emlägi goramak üçin sertip Aga Reza han
Ažedanbaşy galdyryldy.Onuň garamagynda Hoýanyň hem Damganyň polklary
bardy.Gazwinli hakynatutma serbazlaram şol iki polka ýardamçy edilip goýuldy.Aga
Reza Ažedanbaşynyň borjy diňe bir goşunyň esasy böleginiň terk eden galasyny
44
goramak hem däldi-de, şu gün agşam ýa-da ertir dolanmagy mümkin serbazlaryň
özlerine azyk-owkat,mallaryna ot-iým taýynlamalydy.
...Goşunyň yzy Merwden saýlanýança,öňi gözden ýitdi.Kän mahal bäri asmandan
nem görmedik tebsirän toprakdan göterilýän tükeniksiz tozandan ýaňa
adamlaryň,haýwanlaryň ýüz-gözüni saýgarar ýaly bolmady.Ýol gyralaryndaky,ýap
boýlaryndaky taşlanyp gidilen kädi biýaralarynyň ýasy ýapraklary üstüne düşen tozan
ýükünden ýaňa galmaz boldy.Asmana göterilen tozandan,adamlaryň,haýwanlaryň
gohundan ýaňa, hatda guş-gumrularam höwürtgelerine girip, gizlenmäge mejbur boldy.
Asyl gajar goşunynyň müňläp-müňläp serbazly,yigrimi dört sany sary toply gara
güýjünden däl,eýsem, allowarralardan hem iniňi tikeneklediji howp bolup görünýän
tozanyndanam eýmenibermelidi.Merw topragy kän asyrlar bäri,megerem, Çingiz
handan soň,beýle haýbata şaýat bolmandy.
Iki üüz töweregi begzada hem sypaýylaryň kowçumy goşunyň esasy böleginden
esli ara açypdy.Olaryň käbiri bezelen ak bedewli Hemze Mürzäniň öňden barýandygyna
garamazdan,garagol çaga ýaly hereket edýärdi.Gajarlaryň haýbatyndan gorkup,barja
zatlary hem gyssagarada oňly ýygnalman, taşlanyp gidilen obalaryň içinden geçilende,
serbazlar ýöne geçmeýärdiler.Iň bolmanda,ýabadan asylgy boş meşigi ýa-da unudylan
süzmehaltany hanjar bilen deşişdirýärdiler welin, dek gitmeýärdiler.Gepiň
keltesi,Maryny söweşsiz eýeläp,şöhrat serpaýyny ýapynan serbazlaryň içleri
byjyklaýardy.
Merw galasy eýelendi habary ýetende, Tähranda hem Hemze Mürzäniň Watany
Horasanda uly dabara gurlanyny eşidenlerinde-de serbazlar bolmajysy bolupdylar.Şol
ýeňiş dabarasy häzirem dowam edýän ýalydy.Öňlerinden ok atmak,gylyç syrmak borjy
gutarnykly aýrylan ýaly,çöpün içinden pişik çyksa-da,oňa azar berilmän geçilmeýärdi.
Ýöne musulman ýurtlarynyň hemmesinde ojaga,tamdyra,saçaga uly hormat
goýulýandygyny bilýän Blokwil Hemze Mürzäniň yz ýanyndan barýan topardan bir
serbazyň ojagyň ýanynda düňderilgi ýatan gazana tüpeň çenänini gördi-de:
--Tagam bişirilýän gazana ok atmak günä dälmidir,serbaz?—diýdi.
Serbaz sowaly eşitmedi.”Musulman musulmanyň gazanyna däl,özüne-de ýarag
çenemek üçin top süýräp barýar ahyryn,kapral” diýip,pereňli öz sowalyna özi jogap
gaýtarmak bilen kanagatlandy.
Goşunyň hereketine serenjam berip barýan Gara sertip Blokwili gördi-de jylawy
birneme çekdi.Ol düýnden bäri görüşmäni üçin, pereňli bilen alçak salamlaşdy.Onuň
keýpiniň çagdygyny hereketinden bilmek bolýardy.Sertibiň at üstünde oturyşy-da
galdaw görünýärdi.
Egrigüzer obasynda janly-jandar ýok ýalydy.Şonuň üçinem göçden galansoň,
köne endigine görä,döläniň gapdalynda garysyny ýassanyp ýatan ite gözi düşen sertip:
--O ýatan iti görýäňmi,jenap?—diýdi.
--Görýän,general,görýän.
--Onda saňa bir sowalym bar.
--Başarsam,jogap gaýtaraýyn.
Blokwiliň asla garaşmadyk sowaly ýaňlandy.
--Watana,ýurda it wepalymydyr,adam?
“Bu niçik sowal boldy?”—diýip,Blokwil gulagy bilen eşiden sözlerini kellesinde
gaýtalap gördi.
45
--Sada ýaly bolup görünse-de,ol gaty çylşyrymly sowal,jenap.Itiň biwepasam
bolýandyr.Ýöne adamlaryň arasynda itçe ýok wepasyzam kän.
Gara sertip agzynyň ugruna aýdyp goýberen sowalyny pereňliniňem çylşyrymly
hasap etmesine monça boldy.Ondan bat alan sertip dowam etdi.
--Görýäňmi,tekeler Watanyna biwepalyk edip,ýurdy taşlap gaçyp gitdi.Emma it
welin dogduk mekana wepaly bolansoň,olaryň yzyna düşüp ötägitmändir.Nähili täsin
waka!
Blokwil beýle ýagdaýdan düýpli many gözlenilip,onuň näme bilen baglaşdyryljak
bolunýandygyna düşünip bilmedi.Emma artykmaç sowal berip,sertibi barlajagam
bolmady,onuň garşysyna-da gitmedi.
--Aý,haýwan haýwandyr-da,jenap.Gidesi gelse gider,bolmasa-da, endik eden
ýerinde galar-da.
Jogap bilen kanagatlanmadygam bolsa,sertip kapralyň üstüne dyzamady.Oňa
derek ol ýene bir garaşylmadyk hokga tapdy.
--Şol iti bir okda,sesini çykartman alsa bolarmy?
Az-kem oýlanan Blokwil sertibiň isleginiň garşysyna gopmak isledi.
--Watanyna wepaly hasap edilýäne,ol item bolsa,tüpeň çenemegi men-ä nädogry
hasaplaýan.
Ala gözlerini güldiren Gara sertip mekir ýylgyrdy.
--Ýewropalylaryň düşünjesi biziňkiden başgarak öýdýän.Has dogrusy, ýüzleýräk
ýaly.—Gürrüňdeşi özüne soragly garanşoň,sertip dowam etdi.—Duşmanyň
watanperwerligi seň üçin iň uly duşmançylykdyr.Sen şuny unutma!
--It hemme ýerde-de itdir-dä.
--Ýok,jenap,sen onçakly mamla däl..Duşmanyň iti hem seň üçin duşmandyr.
Blokwil dymmaly etdi.
Gara sertip goşa nilli pereň sapançasyna ýapyşdy.
Howaýy gürrüňden başlanan gepiň manysynyň ganly hakykata öwrülip
barýandygyna göz ýetiren pereňli bigünä itiň atylmagyny islemän:
--Näme etjek ony atyp?—diýdi.—Taňrynyň özüne bagyş eden günlerini ýaşasynda haýwan.Hatda ol öz itlik borjuny berjaý etmek üçin bize bakyp, ýeke gezek
üýrmedem-ä. Atymyzam ürküzjek bolmady.
--Öz itlik borjuny berjaý etmäni ücinem onuň haky ölümdir.
Mundan artyk ýalbarsa, kapralyň özi-de sertibiň çagalyk dünýäsine girip gitjekdi.
Ol Gara sertip bilen gep atyşmasyny bes etdi.
Golaýyna baryp saklanan atlynyň päliniň düzüw däldigini aňan ýaly,it ýerinden
turdy,emma daşlaşany bilenem aman gutulmajakdygyny duýdumy-nämemi,gaçjagam
bolmady.
--Duşmanyň itini ýok etmegem bähbitdir.
Gara sertibiň aýdan sözlerini hakykata öwürmeli sapança aýdylany tassyklamak
üçin güňleç ses etdi.
Maňlaýyndan diýlip atylan ok itiň guýruk tarapyna degdi.Bedenine awy bolup
giren ok haýwany agzyny ýokaryk tutup elhenç waňkyrmaga mejbur etdi..Birdenem ol
ganyny syçradyp öňe atyldy-da,Gara sertibiň atynyň kellesine towusdy.At çarpaýa
galdy-da,yza serpildi.Sertip eýerden agdy.Ýöne ol entek ýykylan ýerinden
46
galmanka,ýene bir gezek ok atmaga ýetişdi.Itiň sesi tapba kesildi. Ol asylgy ýüpi
üzülen agyr ýük ýaly bolup,atyň boýnundan syrygyp, ýere ýazyldy.
It iň soňky deminde-de aryny almaga synanyşan ekeni.Gara sertibiň aty nädýänini
hem saýgarmaýan ýaly öz daşyna aýlanmaga başlady.Asyl janhowluna towsan itiň ýiti
penjeleri atyň iki gözünem darap geçen ekeni.
Adam iki sany bigünä haýwany-da biri-birine duşman edip goýdy.Gözleri
dünýäni görmeýän at tapyrdap ýörşüne,tas öz eýesinem basypdy,Başgaby bilen
sapançasyny alan Gara sertip zordan gaçmaga ýetişdi.
* *
Türkmenleriň berkitmesi derýanyň sag kenaryndady.Ondan gündogarrakda,soň
gurlandygy mese-mälim bildirip duran ýene bir berkitme bardy. Bir ganaty dilkaw
uzynlygyna goýberilen şol belent gum üýşmeginiň üstünde gajarlardan ogurlanan iki
sany top gurlup goýlandy.Ýesir düşen tekeleriň hem öz aňtawlarynyň gajarlara beren
habarlaryna görä,1855-nji ýyldaky Mädemin çozuşyndan olja galan sary toplar bolsa
aňyrky,esasy
berkitmäniň
agzynda
bolmalydy.Türkmenleriň
näme
üçin
beýdendikleriniň manysy bolsa entek düşnüksizdi.Blokwiliň çak etmegime görä,öňdäki
berkitmedäki toplar duşmanyň eline düşäýende-de,yzdakylar goranyşa taýyn bolup
durmalydy.
Garaýap berkitmesine Murgabyň çep kenaryndan ser salyp ýören Gara sertibi
şazadanyň çakylygy bilen alyp gitdiler.Ol kän eglenmänem, yzyna dolandy.
Hemze Mürzäniň buýrugy awgustyň başlarynda Merwiň eteginde oduna giden
serbazlaryň elinden türkmenleriň basyp alan iki topuny yzyna gaýtarmakdan ybarat
ekeni.Dogry,söweş tamam bolansoň, ol toplary kynçylyksyzam ele salmak
boljakdy.Ýöne Hemze Mürzäniň gelen aýgydyna görä,tekeleriň berkitmesi oka
tutulanda,ol toplara şikes ýetmegi ahmaldy.
Baş serkerde türkmen topragynda eýýäm mazar tapynan iki ýüz töweregi
serbazynyň öňdäki söweşde-de näçesiniň mazar tapynjakdygy entek belli däl
serbazynyň jany üçin hasabat okamaly bolmasa-da,sary toplar üçin Nasretdin şanyň
öňünden geçmelidi.Şonuň üçinem söweş başlanmazyndan öňürti iň edermen
serbazlardan topar düzüp,toplary derýadan bärik aşyrmagyň gamyny iýmelidi.
Derýanyň sag kenarynda näme harasadyň gopýandygyndan,berkitmäniň,sary
toplaryň nähili goralýanyndan habarsyz serbazlar toplanýança,Gara sertip ýüzüne Gün
bilen şiriň şekili çekilen tugy hem öz ýanyna getirtdi.Onuň näme uçin beýdendigini
bolsa entek özünden gaýry bilýän ýokdy.
Kän mahal geçmänkä,Hemze Mürzäniň buýrugyny amala aşyrmak üçin jandan
jyda düşmäge taýyn döwtalaplar topary nyzama duruzyldy.Olar kyrk töwerek
serbazdy.Onça adam bilen müňlerçe duşmanyň üstüne baryp,hatda olarda çopan
taýagyndan gaýry ýarag bolmaýanda-da,gidenleriň sag-aman yza dolanjakdyklaryna
müňkür bolan Blokwil döwtalaplar diňe goşunyň ruhuny götermek üçin ýollanýandyr
öýtdi.Baş serkerdäniň göwni üçin,baş serkerdäniň ýeke sözi üçin ajalyň goltugyna
meýletin girmäge taýyn adamlar barka,derýanyň bärsindäki agyr goşun gypynç etmän
söweşmelidi.Ýeňiş bolsa mydama ruhubelent goşunyň tarapyndady.
47
Asyl Gara sertip ýüzüne Gun bilen şiriň şekili çekilen tugy döwtalaplaryň
göwnüni götermek üçin getirden ekeni.Belent buýrugy amala aşyrmaly serbazlar şol
tuga sežde edip,şir ýaly ýyrtyjy,Gün ýaly köýdüriji bolup gitmelidiler.
Döwtalaplar,dogrudanam,saýlantgy diýseň saýlantgydy.Olaryň birinden özgesi
äpet,eginleri üwelenip duran ýigitlerdi.Emma biri welin,olaryň arasyna gülki üçin düşen
ýaly,juda ejiz, boýy pes,müji aşygy ýaly girdenejedi.Üstesine-de, garynjygy hem
pökgerip dürdy.Onuň töňňeli burnunyň aşagyndaky gürleç şar gara murtuny kiçi göwrä
haýbat goşmak üçin göýberilen diýip düşünmelidi.Emma zandy müçesi kiçi adama
haýbatly murt hem haýbat goşup bilmeýärdi.Dogry,edermenlik diňe mähnet göwrä
mahsus zat däl.Ýöne döwtalap serbazlaryň ortaça ýaşyndan on-on iki ýaş uludygy hem
mese-mälim bildirip duran ol nökeri gidýänleriň hataryna diňe şöhrat gazanmak üçin
goşulandyr diýibem çaklamak boljakdy.Sebäbi top alyp gaýtmak hakdaky arzyw hasyl
bolaga-da, sag-aman yza dolanylsa,gidenlere şöhrat serpaýynyň ýapyljakdygy
gürrüňsizdi.Serdarlaryň belent buýrugyny ýere çalman berjaý edip bilýän batyrlara
hemme ýerde başga göz bilen garalýardy.Eýranda-da şeýledi.
Şol gara murtly kiçijik gajar topara öňbaşçy edilip iberilýän daýaw serbazyň
gapdalynda,hatarda ikinji bolup durdy.Onuň beýleki tarapynda duranam öňbaşçydan
ejiz bolmansoň,iki daýawyň arasyndaky murtluja oz hakyky bolşundanam pes
görünýärdi.
Söweş meýdanynyň bosagasynda durlany sebäpli,öňkülerinden birneme çakgan
görünýän Gara sertip harby hereket bilen ädim urup,döwtalaplaryň öňbaşçysynyň
alkymyna baryp durdy-da,elindäki tugy onuň ýüzüne degrip diýen ýaly tutdy.
--Merhemetli Hemze Mürze Hişmet Döwläniň belent buýrugyny berjaý etmäge
gidýän serbaz,seniň adyň näme?
--Men Hasan,merhemetli sertip.—Birdenem, topara öňbaşçy bolup gidyän
adam üçin ol ady gysgarak gören serbaz, önki aýdanynyň üstüni ýetirdi.—Hasan han
Mahmyt Meşhedi Şirwanzade.
--Hasan han Mahmyt Meşhedi Şirwanzade,men şu tugy näme üçin seniň öňüňe
tutdum?
--Merhemetli sertibim! Siz muny beýik tuguň abraýyny dökmezligi maňa
ýatlatmak islediňiz.
Tyg öňune tutulyp-tutulmanka,garny pökgüje serbaz saýrap başlady.
--Merhemetli hem beýik serdarym! Edermen serbazlaryň guwanjy bolan sertipler
sertibi! Men Nasratul Aly Şehabil han Horasany.Beýik Eýranyň belent tugy dünýäde
hiç bir güýjüň,hiç bir gudratyň emri bilen öz belentliginden düşürilmejek,hiç ýerde hiç
mahal iliniň ýüzüne ysnat getirmejek,baran ýerinde ýykyp-ýumrup ýörjek iň batyr
serbazlaryň ruhuna ruh,güýjüne güýç goşjak,deňi-taýy bolmadyk hem bolmajak
keramatly tugdur. Şeýle belent tugy depäňde parladyp söweşe girmek bagt paýy
alnyndan çykan serbaz onuň güýji bilen sarsmaz galalary alar we hemişelik hem baky
şazadamyz bolan,parasatly hem öňden görüji akyldar Hemze Mürze Hişmet Döwläniň
abraýna abray goşar.Ondan hem başga belent Eýranyň belent tugy...
“Iş edişiňem saýraýşyň ýaly bolaýsa-ha, senden kän zada garaşsa bolar” diýip,
içini gepleden Gara sertip tugy üçünji gajaryň öňüne eltende-de garny pökgüje,gözleri
ýumuk serbaz henizem gepläp durdy.Oňbaşçy bolup gitmeli serbaz böwrüne tirsegi
bilen symsyklamadyk bolsa, ol entegem saýrajakdy.
48
Bolýan waka garap duran Blokwil gülmekden zordan saklandy.
Eýranyň belent tuguna wepalydyklaryny tekrarlan serbazlar bitirmesi gaty kyn
ýumşy bitirmek üçin derýa tarap gadam urdular.Daýaw-daýaw ýigitleriň arasynda
ýoldaşlarynyň bir ädimini iki ädim bilen ölçäp barýan girdeneje gajaryň yzyndan üns
bilen seredip duran Blokwil güljeginem bilmedi,tukatlanjagynam.
Serbazlaryny ugradansoň, özüni harbylarça alyp barmasyny bes eden Gara
sertip salparan ýaly boldy.
Blokwil öňa sowal bilen ýüzlendi:
--Türkmenler bärik siziň topuňyzy atmak isleýälermikä?
Derýa tarap sereden sertip ýylgyrdy.
--Şu ýere alyp gelen ýigrimi dört topumyzyň yigrimi dördüsinem peşgeş
beremizde-de, olara topdan nan ýok,jenap.
--O näme üşin?
--Sebäbi türkmenler topuň niresinden oklanýanynam bilýän däldirler.
Blokwil hem sertibiň sereden tarapyna garap gepledi.
--Olaryň iki topuňam nilini bärik öwrüp goýuşlary-ha zat bilmeýäne
meňzänok.Baş çykarmaýan bolsalar, tersine ederdiler-dä.
Gara sertip tytuş göwresi bilen sandyrap güldi.
--Topuň niresinden oklanýanyny bilmeselerem,okunyň
niresinden
çykmalydygyny bilýändirler ahyryn.Olary juda haýwandyram öýtmeli dal-ä.
...Iki sagat çemesi wagt geçensoň, sary toplary getirmek üçin giden serbazlaryň
biri yzyna dolandy.Ol hem şol garny pökgüje gajardy.Ol şeýle gysga wagtyň içinde
telim ýyllyk özgerene meňseýärdi,sakgal-saçy agaraýypdyr diýip gaty
ulaltmasagam,garran ýalydy,gidendäki jaýtaryp duran murty sallanypdy,gözleriniň ruhy
öçükdi.Emma ol ýeke dolanmandy, iki sary topa derek bir garaýagyz türkmeni ýesir
alyp gelipdi.Eli arkasyna daňylgy,ýigrimi ýaşlaryndaky hortap,saly gowşak ýigit kiçijik
gajar saga buýrsa, saga,sola buýrsa, sola sowlup gelýärdi.
Gidenleriň biriniň yza dolanandygynyň habary ýetirilen Gara sertip başga
aladasyny soňa goýdy.Ol geleni üstüne eltdirmän,özi onuň ýanyna gelmegi-de kiçilik
bilmedi.
Sertibiň gele-gelmäne beren sowaly:
--Nähili?—diýen ýeke sözden ybarat boldy.
Jogaba derek serbaz ýüzüni tutup, gozýaş etdi.Onuň beýtmegi giden serbazlaryň
yza dolanmajakdyklaryndan,özüniňem zordan gelendiginden habar berýän ýaly
boldy.Ol ýa-ha ýoldaşlaryny ýitirenine gynanyp,ýa-da ozüniň aman galanyna begenip,
hapa bolýardy. Garaz, ol sary toplardan welin habar bermedi.Gidenleriň birinden
özgesiniň yza dolanmazlygy bolsa toplaryň ykbalynyň niçiksi çözülendiginiň sözsüz
jogabydy.Gara sertip hem oňa düşünen bolarly,top hakda soraman,ýesir edilip getirilen
türkmen bilen gyzyklandy.
--Bu türkmeni özüň ele saldyňmy?
--Ýok.—diýip,serbaz dogrusyny aýtdy.—Derýadan geçen badymyza üýşüp
tutduk..
--Mallara ot ýygyp ýörkäm, ele saldy bular—diýip,gepläsi gelýän ýaly ýaltaklap
duran turkmen heniz özüne berilmedik sowala jogap gaýtardy.
49
Türkmeni golaýdan synlap duran Blokwil: “Top süýräp gelen duşman üstüne
dökülende,mallary üçin ot ýygmaga gidip bilýän adam nähili adamka?—diýip,öz-özüne
sowal bermeli boldy—Bu tarap-a söweşiň öň ýany awa gidyä,o tarapam söweş mahaly
mallaryna ot ýygmaga gidýä.. Aý,her iliň öz aýratyn dünýäsi bolýandyr-da!”
--Adyň näme?—diýip, Gara sertip ýesire ýüzlendi.
--Bir çemçe ganymy geçseň, aýdaýyn.
Sertibiň gülesi geldi. ”Adyňy aýdanyň üçin men seniň ganyňy geçmelimikäm?”
--Aýt!
--Adym Ýegengeldi.Ýegengeldijan hem diýýän bar.Men enemden doglan günüm
Tejeniň Üçguýusynda ýaşaýan Atamyrat ýegeniň uly ogly Ýusupdurdy ýegen
Saparsoltan ýegençi bilen bize kak dadyrmaga gelipdirler.Ýegenler geleni üçinem maňa
Ýegengeldi diýen at dakypdyrlar...
--Şo gün ýegeniňiz gelmän,daýyňyz geläýen bolsa, saňa Daýygeldi diýermidiler?
--Bir çemçe ganymy geçseň, aýdaýyn.—Gara sertip baş atansoň, Ýegengeldi
ýene gepläp başlady.—Aý,näbleýin,halypa.Men-ä şü ömrüme türkmende Daýygeldi
diýen ada gabat gelemok.Onsoňam näme,halypa,”Münseň—at,alsaň—heleý bolar”
diýipdirler.Näme at dakylsa,şo bolar-da.Türkmende Eşşek diýibem at ba,Kürre
diýibem. Ynha,biziň uly hanymyz bolan Gowşut hanyň öz gyzynyň adam Düzüw.O gyz
enesinden doglanda ters gelipdir.Şoň üçinem ýaňsylap, Düzüw diýipdirler.Ýaňky
Üçguýudaky Atamyrat ýegenimiziň goňşusynyň Türşek atly men deň-duş ogly ba...Sen
türşegiň nämedigini bilýäňmi,halypa?.. Gawunyň güldüýbüsine meňzeş zat.Oýunjak
gawun diýseňem bolýa.Aý,Tejende gawun köp
ekilensoň, türşegem
bolýa,azgynam..Bäşim diýen ada düşünsemem,Otuz aga näme üçin otuz diýlenne
düşünemok. Oň biriniň otuzynjy çagasy däldigem-a belli..
“Akmagy urman,sögmän—geplet” diýleni çyn eken-ow!—diýip,Gara sertip
ýesire öz bahasyny berdi.—Muny diňläp dursaň,içinde näçe tezeginiň bardygyna çenli
aýdyşdyrjak...” Bolsa-da,ýesiriň Gowşut hanyň adyny tutmagy bilen sertip sowal
bermeli boldy.
--Gowşut hanyň hal-ahwaly niçik?
--Bir çemçe ganymy geçseň, aýdaýyn.
Soňky sözüň zol-zol gaýtalanyp durmagy Gara sertibiň gaharyny getirdi.Bolsa-da
“Däliniň müň gepinden biri gerek” edip,sertip ýesire kanagat bilen gulak asdy.Ýegengel
diniň samramalarynyň içinden bir gerekli gepiň çykaýmagy-da ahmaldy.
--Ganyňy geçýän,aýdyber!
--Aý,halypa,men-ä Gowşut han diýilýän adamy şu mahala çenli golaýdan
synlabam göremok..Ýöne düýn-öňňun oň yanyna Ahaldan çapar gelenmiş-ä dýdiler.
--O nähili çapar?
--Bir çemçe ganymy geçseň, aýdaýyn—diýip,totuguşa dönen Ýegengeldi öňki
heňini üýtgetmedi.
--Geçdim, how!—diýip,gygyrmakdan zordan saklanan sertip başyny ýaýkady.
--Hawa,Ahaldan çapar gelipdir.Ýok,Ahaldan çapar gelmändir-de,Gowşut hanyň
Ahala ýollan öz çapary yzyna dolanypdyr.Çapar çapar bolýa-da,halypa.Atly gidýä,atly
gelýä.Ýol bolsa uzak.Özüň bilýäň,bäri-bärde näme Ahal barmy..
Ýegengeldiniň ol samrap durşuna gürrüniň başga ýoldan urup çykjagy ikuçsyz
bolansoň,Gara sertip ony uzyna dolap aldy.
50
--Çapar näme habar getiripdir?
--Çaparmy?—diýip,sakynsa-da,geň zat,Ýegengeldi bu gezek bir çemçe ganynyň
geçilmegini soramady--Çaparyň ady Muhammedamanmyş.Muhammed-ä Muhammet
pygamber bolýa,Amanam aman bolsun diýildigi bolýa.Türkmeniň ady kileň şoň
ýalagrak.Goşa-goşadan,jüp-jüpden...
--Nurberdi handan näme habar bar?—diýip,samrama ýüregine düşen Gara sertip
gyssandy.
--Biziň obamyzda-ha Nurberdi han diýen adam ýok.Nurguly diýip bar.Olam han
dal,çopan...Mollanepes şahyram biziň obamyzdan. Owadan-owadan şygyr aýdýa
özem.Menem ýazylardan.Ýöne şygyr-a aýdyp bilemok…
Ýesir türkmeniň kimdigine göz ýetiren sertip onuň ellerini boşatmagy buýrdy.
--Häzir seň näme islegiň bar,Ýegengeldi?
Eli boşadylansoň, ýesir ýüp kerten goşarlaryny owkalaşdyrdy.
--Azap çekip ýygan otumy mallamma bermek islegim bar.
--Uruş başlanjak bolup durka-da,otuň aladasyny etmek bolarmy?
Ýegengeldi gara çyny bilen ýüzüni kürşertdi.
--Derýaň aňyrsyndaky bir akmak han derýaň bärsindäki bir akmak han bilen
uruşjakmyş diýip,men mallammy aç göýmalymy,halypa jan? Uruşsalar,
urşubersinler.Item uruşýa. Biri-biriniň garagyny köwlesinler.Maňa näme.Bolmandada,işi ýok adam uruş gözlär-dä...
Türkmeniň samramalaryndan halys lejigen Gara sertip töweregindäkileriň hiç
biriniň garaşmadyk aýgydyny etdi.
--Yegengeldini saklamaň.Gitsin.Ýogsam, muň mallary aç galar...
.
* *
“…Şol gün parslar 1500 gezek,türkmenlerem 200 gezek top
atdylar.Men şu ömrümde beýle aldym-berdmli söweşi
görmändim.Iki tarapyň, eli ýaragsyz adamlarynyň hatda
ýumruga giren pursatlary-da boldy. Darkaş tä iňrik
garalýança dowm etdi”.
Seýit Muhammet al-Hüseýni.
Blokwile düşnüksiz bolup galan sebäplere görä,tutuş hepdäniň dowamynda
gajarlar tarapyndan türkmenleriň garşysyna hiç hili hereket edilmedi diýen ýaly.Goş
basyp ýatan serbazlara Marydan goşmaça azyk-owkat baryny hem getirmeli boldy.Diňe
1860-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Eýran goşuny ala daňdandan çynlakaý herekete
başlady.Gajarlar derýa ýakasyny syryp,tekeleriň berkitmesine golaýladylar.Goşunyň öň
sapy saklanmaly diýlip ozal bellenen serhetde aýak çekildi.Saklanylan ýer Jerendepäniň
ýanydy.
Jerendepede ornaşan gajarlar berkitmäni oka tutmalydy.Şonuň netijesinde-de,
Hemze Mürzaniň Mary söweşiniň soňky nokady goýulmalydy.Ýigrimi dört sany sary
topuň güýji ýa-ha türkmenleri ýer bilen ýegsan etmelidi ýa-da asmandan inderilen,
heniz görülmedik apy-tupandan soň,eger diri galsa, Gowşut nanyň hut özüniň
öňbaşçylyk etmegindäki aksakallar topary gelip, şazadanyň öňünde dyza
çokmelidi.Üçünji ýol ýokdy.
51
...Yigrimi dört sany sary top kä yzly-yzyna,käte hem hemmesi birden nagra çekip
başlady.Düz meýdan dag jülgesine öwrülip,şol jülgede hem ýolbars bary arlaýan ýaly
boldy.Toplaryň nilinden çykan badyna asmana göterilýän gara tüsse dag gaýalaryna
meňzedi.Gaharjaň hem gazaply ýolbarslaryň sesi gaýalara düşüp ýaň saldy.Toplaryň
tüssesinden ýaňa topçularyň gözleri ýaşaryp,sesinden gulaklaryna palçyk çalnan ýaly
boldy.Şeýle ýagdaý iki sagada golaý dowam etdi.Derýanyň aňyrsyndan tozan
turdy.Galmagalyň derejesi hem tozanyň derejesinden pes bolmady: atlar kişňedi,eşekler
aňňyrdy.Ol hem toplaryň gümmürdisine goşulyp,tutuş dünýä galmagala öwrüldi.
Şonça mahalyň dowamynda gozlerini ajy tüsseden,gulaklaryny ýaryp,beýnisini
pytradyp barýan gümmürdiden,gümmürdi kiparlan mahaly eşidilýän “Ýa, Aly!
Ýa,Alla!” diýen inçeli-ýogynly sesden goranmaga çalşan Blokwil gabaklaryny
galdyran mahaly öňünde haýat bolup duran tüsse ýapynan garaňkylygyň içinden
Maşatdan Merwe gelýänçä hyýalyndan çykaryp bilmeýän howpuna şu gün,şu ýerde
sataşaryn öýtdi..Göwnüne bolmasa,düýşe giren ýalaňaç aýyrhalar sary toplaryň sesi
ýatansoň, tüssäniň içinden çykyp geläýjek ýalydy.Ol Merw jeňini şekile geçirmek üçin
göterip gelen enjamlaryny kellesiniň aşagynda goýdy-da tükge düşdi..
Artilleriýanyň serkerdesi Nawwab Jahansuzyň beren hasabatyna görä,harwarharwar däri ýakylyp,iki sagadyň dowamynda sary toplaryň bir müň bäş ýüz gezek atan
okunyň pagtabende donendigi aýan boldy.Gözegçileriň,top synçylarynyň gündizki eden
ölçegleri nädogry çykyp, älemi sarsdyran gümmürdi boş haýbata öwrülen ekeni.Atylan
oklaryň
ýekejesi-de türkmenleriň berkitmesine ýetmändir.Şonuň netijesinde
türkmenleriň öňküdenem ruhlanandyklary mese-mälim bildirdi.Berkitmäniň öňündäki
belentlikde goýlan goşa topuň töwereginde gaý-da-gaýmalaşyk başlandy.
*
* *
“… Türkmenler nyzama durup uruşmasalaram,söweş
mahaly birek-birege oňat düşünýärdiler.Olar
töwekgellik etmän, gaça durup uruşýardylar.Türkmenleriň söweş sapalagynyň garşysyna parslar
lar hiç hili çäre tapmaýardylar…”
Blokwil.
Eýran serkerdeleri türkmen toplaryndan heder etmeselerem,özleriniň ilkinji uly
şowsuzlygyndan,esasy ynam daýanjy bolan ýirimi dört topuň netijesiz hereketinden soň
maýdaja ätiýajy-da elden bermesiz etdiler.Her serbaz üçin goranyş cukuryny-gaçybatalga gazmak barada Hemze Mürzäniň buýrugy peýda boldy.
Gaçybatalgalary synlan Blokwil pessejik çukurlaryň gyrasyndaky gum haýatlaryň
ini bir garyşdan galyň däldir diýip çak etdi.Oglan oýunjagyna meňzeş haýatjyklar onuň
gülküsini tutdurdy.Ol serbazlaryň edýän işlerine ser salyp ýörkä,awşar nökerleriniň
serdary Ýusup hana gabat geldi.Blokwil ony öňräkden bäri tanaýardy.Bir gezek
gürrüňdeşlik mahaly Ýusup han özüniň gelip çykyşynyň gajarlara däl-de,gaýtam
türkmenlere has golaýdygyny hem ýatlapdy.
52
--Jenap,bujagaz gaçybatalgalar sizi top okundan gorar öýdýäňizmi?—
diýip,Blokwil Ýusup hana ýüzlendi.
--Alla kömek etse-ha gorar,bolmasa-da goramaz,--diýip,Ýusup han ýylgyryp
goýberdi. Ol sözüniň dowamynda ýagdaýa başgarak garaýandygyny hem gizlejek
bolup durmady.--Ilatyň aýagyny duşaýan zat patyşanyň hemme aýdanynyň berjaý
edilmegidir,jenap. Senem oňa mençe düşünýänsiň… Şu gaçybatalgalaryňam bize derkar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 06
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.