Latin

Keseki - 12

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 2261
30.3 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Blokwil Eýemyradyň ýorganyny ýazandygyny,ýassyga gyşarandygyny görmesede, hykgyldysyndan hem «Ýa bissimilla!» diýen sözünden aňdy.»Bissimilla» onuň
Eýranda-da,türkmen topragynda-da hälimi-şindi eşiden sözüdi.
--Sen ýatdyňmy?—diýip,duldaşyndan ses-üýn bolmansoň,Eýemyrat garaňkylyga
sowal gönderdi.
--Man ýatma ýok.—Gülkünjirägem bolsa,garaňkylyk Eýemyrada manysy
düşnükli jogap getirdi..
--Onda men-ä ýatdy bar edäýjek,pereňl molla.
Diýse-de,öwrenişmedik ýerinde Eýemyradyňam mahaly bilen ukusy tutmady
Blokwiliň Agabeginiň aýdyşy ýaly,herhal ýekeden iki ýagşy boldy.Diline oňly
düşünmeseňem,ýanyň höwürlilik gowy bolýar ekeni.Üstesine-de,hem öý eýesiniň hem
gul eýesiniň ogrularyň garşysyna çykmaga taýyndygy,öz rahat öýünden ýaban
ýatyp,sowuk giçäni köne kepbede geçirmäge döwtalapdygy,sebäpleriniň biri öz
bähbidini aramagam bolsa, pereňli üçin ýakymlydy.Goňşusy geplemese,
geplemesin,diline düşünmese, düşünmesin,barybir,Blokwil indi ýalňyz däldi.
Birdenem:
--Ahwallar ýagşymydyr, pereňli molla?—diýen ses ümsümligi bozdy.
Eýemyradyň uklamandygyna begenen pereňli derrew:
--Ahwal naz—diýdi.
--«Näz» diýeni ýagşy diýdigi bolara çemeli.Hawa-da,aýalyňam näzi ýagşy
bolýa-da… Şeýdip, daň atýança samraşyp ýatsa-ga,Gün dogansoň, seň türkmençe
jürläbermegiňem ahmaldyr.
Adam bilen däl-de,garaňky kepbe bilen gepleşilýän ýaly bolup dursa-da,ukusy
tutmaýan pereňli üçin garaňkylykdan tanyş ses gelip dursa ýagşydy.
--Sen,Jorj, öýlendiňmi?
Blokwil üç sözüň ikisine düşündi,esasy üçünjisine düşünmedi.Şonuň üçinem
tutuş sowal düşnüksiz bolup galdy.
--Öýlenipmidiň diýýän men saňa.
--Düşündi ýok,Agabeg.
--Name diýsemkäm? Keýwany barmy,keýwany?
Blokwil pars dilindäki «kedbanu» diýen söze golaý aýdylan gepiň manysyny
aldy.
--Kedbanu nes... Kedbanu ýok.
--Eneň barmy?
--Ene war.
--Ataň barmy?
Blokwil dymdy.
--Peder barmy, peder?—diýen Eýemyrat oňa kömege ýetişdi.
--Padar nes.
--«Nesiň» nämaýt?
--Ýok.Ýok—diýip,Blokwil derrew ýalňyşyny düzetdi..
111
--Şeýtsene,walla. Ýogsam, «nes» diýdiň, «pes» diýdiň,tapdyň bir düşnüksiz gepi..
Ýöne sen «war» diýme, «bar» diý,ba-arr!
--Ba-arr.
«Mollaçylygynyň» rowaç alýanyna begenen Eýemyrat «şägirdi» görmeýänem
bolsa ýylgyrdy.
--Öz-ä boluberjek ýaly... Jorj,seň diniň näne? Musulman-a däl sen.
--Man din musulman ýok.
--Mysulman däldigiňi özüm aýtdym-a.
--Man katolik.
--Onyňa-ha düşünmedim.Aý,olam bir din ýaly zatdyr-da.Ýeri,bolýamyş-da.
--Man az Pariž,Agabeg.
--«Man» diýdygiň-ä «men» bolýa.Galanyna düşünmedim.Sen musulman bolmak
isläňokmy,Jorj?
--Ýok.
--Ýok diýme.Biz seni sünnetläli.Bir awunarsyň-da,musulman bolaýarsyň.Biziňem
Taňrynyň öňünde sogap iş etdigimiz bolar.Bir kapyry musulman etmek haja gidip gelen
ýaly bolarmyş.
--Ýok,Agabeg,man musulman ýok—diýip, esasy «sünnet» sözüne düşünen
Blokwil beýleki aýdyljak bolunýan zatlary-da aňlansoň,garşylyk görkezdi.—Man
musulman deýl.
--Ony eýýäm aýtdyň sen.. Aý,gardaş,ikimiziňem gepleşjek bolşymyzam hälki bir
garaňky tama el bulan ýaly bolýar.Gowusy,ýataýaly-la!
Şonuň bilenem iki tarap üçinem ýeňil düşmedik sowal-jogap gepleşigi tamam
boldy.Emma gije welin tamam bolardan entek daşdy.Şonuň üçin bolsa gerek,
garaşylmadyk ýerden garaňky kepbede hiňlenme ýaňlandy:
«Mar-u—Şah-u jahan-ow,asly mekanym-eý.
Jan alyp,jan berdim-ow seniň üstüňde.
Hangeçende gurlan-eý,bazar-dükanym-eý,
Çoh söwdalar gurdum-ow seniň üstüňde-le-eý..
Eýemyradyň ýognasdan ýakymly sesi pereňliniň hoşuna geldi.Ol Agabeginiň
göwnünden turmak isledi.
--Mar-u—Şah-u--Jahan,brawo!
--Bu zaňňar bir zadyň ugruny mälim etseň-ä aňýar-ow!—diýip,Eýemyrat özüne
habar berdi..—«Mar-u—Şah-u--Jahan» diýşini gör kapyryň! Ýeri,sen Maryny nireden
bilip ýörsüň diýsene!
Ara ýene dymyşlyk düşdi.Blokwil gepini oňat düşündirip bilmeýäni sebäpli,dilini
dişlemeli bolýardy.Şoňa görä-de geplemegi dowam etmegi Eýemyrat öz üstüne
almalydy.
--Sen näçe ýaşadyň, Jorj?—Blokwiliň sowala düşünmän dymandygyny bilýän
Eýemyrat çykalga agtardy.—Ynha,men kyrk ýaşadym,kyrk! Sen ňäçe ýaşadyň?—Ýak,
du, panç,haf,haş...—Eýemyrat parsçalan boldy.
Pereňli düşündi,düşünse-de,özüniň yigimi sekiz ýaşyndadygyny türkmençe
aýtmagyň ebeteýini tapman parsçalamaly boldy:
--Bisto häşt.
--O diýdigiň näçe bolýa?
112
--Man..man on sekiz..
--On sekiz diýýäňmi?—Garaňkylygygyň üstüni gülki basdy.—Onyň-a bir hiliräk
boldy,halypa...
Içeri alagagaraňky bolsa-da,edil gapdalyna süýşen pereňliniň barmaklarynyň
näçäni görkezýändigigini Eýemyrat saýgardy.
--Şeý diýsene! Yigrimi sekiz diýseň,ynansam ynanaýaryn. Ýaňky on sekiziň
welin...
Şondan soň gep-gürrüň gutardy.Gije-de bir çaka bardy.Eýemyradyň uklamagy
bilen kepbäniň içi hem garaňky gije ýaly ümsümlige aýlandy.Emma ümsümlik uzak
dowam etmedi.Eýemyrat şeýle bir hor çekmäge başlady welin,Blokwil horrulda
kepbäniň köne sütüni titreýändir öýtdi.Esli salym kanagat edip oturan perenli ahyrsoňy
«Agabeg! Agab-eg!» diýip gygyrmaga mejbur boldy,ýöne sesi Agabeginiň
horruldysyndan telim esse ejiz geldi.Kepbäni sarsdyrýan öz horruldysyny eşitmeýän
adam gygyrylany bilen oýanarly däldi. Iki dyzynyň arasynda kellesini goýan Blokwile
aýylganç horruldyny diňläp oturmakdan başga ýol galmady.”Şu horruldy çykyp durka
meni ogurlajak adamlar kepbäň içine däl,obaň icine girmäge-de ýaýdansalar gerek!”
Jahan ýagtylan badyna oýanan Eýemyrat dikeldi-de:
--Baý,nesip edenden ýatypdyrys-ow!—diýdi.—Senem ýanyň höwurli bolansoň,
rahat uklansyň,Jorj?
--Rahat! Rahat!—diýip,henizem dik oturan Blokwil ýaňsylady.—Saba
haýyr,Agabeg!
--Haýyr,Jorj, haýyr!.—Eýemyrat ýorgan-ýassygyny keçä dolamaga durdy.—Indihä hiç kim gelmez-le...
Blokwil onuň düşeklerini alyp,kepbeden tizräk çykmagyny isledi.Ol
öz
Agabeginiň horruldysy bolmasa,ogry däl, top süýrän gelse-de,tä ýakasyndan tutulyp
sürelýänçä,ýatyp ukusyny almakçydy. Ýöne ol şol gün öýlän Gowşut hanyň huzurynada barmalydy
* * *
Anna günüdi.Hataryň gunbatarynda bir öýde öten-geçenlere sadaka berilýärdi.
Günorta golaý Blokwil aýak ýoluna gidip gelende-de, töwerekde adam-gara
görünmedi.Uly-kiçi sadaka berilýän ýere giden bolmalydy.Beýle gum-gukluk gaçmaga
meýilli bendi üçin tüýs bir amatly pursatdy.Emma özüniň başga adamlar tarapyndan ele
salynjak bolunýandygynyn pikiri Blokwili,häzirlikçe, gaçmak hyýalyndan
daşlaşdyrypdy.Onsoňam aýagyň astynda at ýokka, sen gündiziň güni gaçyp hirä gitjek!?
Pereňliniň kepbesine girenem şoldy welin,Akmaralyň öýüniň gapdalyndan iki
sany atly peýda boldy.Olaryň biri Bibijemal tebip gelen güni şu töwereklerde köw-söw
edip giden paşşyk burunly adamdy.Ony gören badyna Blokwiliň kalbynda bir
ýakymsyz duýgy oýandy.
Atlylar bet pygyl bilen gelen adama meňzemän, sarpasy belent tutulmaly
myhmana çalym edýärdiler.Olaryň at üstünde oturyşlary-da örän arkaýyndy,göwrümleri
giňdi. Gelenler atdan düşenlerinde-de gaty äwmezlik bilen hereket etdiler.Olaryň biriniň
elindaki ýüpe gözi ilen Blokwiliň ýüregine galagoplyk aralaşdy.
113
Iki sany pyýadanyň kepbä tarap ýöremekleri ýesire nähili hereket edip bilýän
bolsa edibermelidigini düşündirdi.Olar kepbä giräge-de,el-aýagyny baglap,agzyna letde
dykansoňlar,pereňliniň edibiljek zady ýokdy,elden-dilden näme gelýän bolsa, güpbasda
düşmänkä etmelidi.
Ýetip gelýänleriň biri beýlekisine:
--Kepbeden çykarman daňaly!—diýdi.
Blokwiliň ähtibar duýgusy olaryň maksadynyň manysyna düşünmäge kömege
ýetişdi.Aýdylan sözer pereňlini haýdap kepbeden çykmaga iterdi.Ol daş çykansoňam
lal--jim bolup durubermedi:
--Ýardam! Ýardam!—diýip,sesinde bary bilen gygyrdy.
Ogrular ýesiriň «Ýardamyndan» gypynç etmediler,ädimlerini haýallatmadylar.
.Emma pereňliniň soňky hereketi welin olaryň aýaklaryny duşaklady.. Özlerine tarap
çenelen goşa nilli sapança ogrularyň doňan aýaklaryny sandyratdy.
--Bu nähili boldy?—diýip,olaryň biri zordan gepledi.
--Men-ä h-haýran—diýip,paşşyk burunly adam sakawlady.—Oň elinde sapança
bar ahyryn! Özem goşanil.
--Ataryn! Ataryn!--diýen haýbatly ses ogrulary eýýäm atylan ýaly etdi.Olar ýesire
tarap topulmaga-da,yza gaçmaga-da gorkdylar.Gaçylaýsa yzlaryndan ýetmegi ahmal
gülle nilden çykmanka, öz güýjüni görkezdi.
--Ataryn!—Pereňliniň her gezek gaýtalaýan ol sözi ogrulara söz däl-de atylan ok
bolup täsir etdi.
Gara öýüň gapysyndaky eňsi galgady-da,daşişikde Mämmedöwez pälwan peýda
boldy.
--Saklan,pereňli molla! Atmaweri!
«Atmaweri!» sözüni eşiden ogrularyň biri indi atylmajagyna ynanan ýaly,atyna
tarap ökje göterdi.Blokwil onuň uçýan ýaly bolup ylgaýşyna,agramsyz ýaly bolup eýer
gaşyna gonuşyna haýran galdy.
Ýesiriň gulagy gaýtarylgy sapançasyndan gözüni aýryp bilmän seredip duran
maşşyk burunly adamyň gaçmaga-da gaýraty çatmady.
Onuň öňüne gelip duran Mämmedöwez pälwan elindäki misli tüpeňiniň
gundagyny ýere diredi.
--Ýeri,goçak, bu ne ahwalat boldy?
Maşşyk burunlynyň sesi sandyrady.
--Essalawmaleýkim,agam!
--Salama jogap gaýtarmasam-a,Hudaýdan daş düşdügim bolýa. Waleýkimessalam.
Ýöne men sen ýalynyň «agasy» däldirin. “Agam” diýen gepiňi yzyna gaýdyp al.
Şu mahal näme buýrulsa-da, garşylyk görkezmäge gaýraty ýok ogry:
--Yzyna alýan,ýaşuly!—diýdi.
Mämmedöwez pälwan ýylgyrman zordan saklandy.
--Munyň aýry gep.
Pereň sapançasynyň gezelip duran niliniň aşak düşenini,misli tüpeňiň
gundagynyň ýere direlenini görüp,az-kem ynjalan ogry özüni birneme dürsedi.
--Agam,bir pohumysy-ha iýendiris welin...
--Şu boýuňa,şu syratyňa iň ýaramaz işe baş urubam, maňa «agam» diýmäge
hakyň ýokdur.Men beýle pes adamlara aga bolýanlardan däldirin.Şuny berk belle.
114
Ogry agyr göwresine gelişmeýän kiçilik edip,eginlerini gysdy.
--Hatamy öt,ýaşuly! Gaýdyp men siziň gapyňyzdan gelsem,atamyň döli
bolmadygym.
--Ýaman niýet bilen gelibem göräý sen.
--Aý,oýun etdik-le,ýaşuly—diýende,maşşyk burunlynyň sapalagy gaty gülkünç
bolup eşidildi.
--Garry peleň oka gelmez.O gepiňem düýpden galat.
--Gaty çynym,ýaşuly, oýun etdik.
Ýalan jogabyň ikinji gezegem gaýtalanmagy ýaşulynyň gaharyny getirdi.
--Oýun eden bolsaň,senem meň bir oýnumy görüp gal!—Goja ,bir zat gözleýän
ýaly, töweregine ser saldy.Ahyr onuň nazary ojagyň gapdalynda üýşüp duran külüň
üstünde başşak ýatan hum çäýnekde eglendi.Düýn-öňňun gulpy,jüründigi
döwlüp,çeňklenmäge-de ýaramajak çäýnek daşaryk taşlanaýypdy.
Mämmedöwez pälwan maşşyk burunla buýruk berdi.
--Hol,külüň üstünde ýatan çäýnegi al-da,gel bu ýana!
Pes işde tutulan müýnli adam küle zyňlan döwük çaýnegi alyp gelmegi özüne
kiçilik bilse-de,aýdylany berjay etmeli boldy.
Goja eli küle bulanan döwük çäýnekli ogryny kepbäniň gapdalynda duruzdyda,köne çäýnegi täze telpegiň üstünde goymagy buýurdy.Nähili harasadyň gopjagyny
bilmäge gyssanýan ogry aýdylany derrew etdi.Täze telpegiň üstünde başşaklygyna
goylan agzy gapaksyz çäýnek onuň depesine şaplaşdy ötägitdi.
--Sen ýalyda bärik bakyp durmaga-da mertlik bolmaz.Aňryňa aýlanyp duraý.
Aňyrsyna aýlanyp dursa-da,ogrynyň gorky damary hasam beter tarsyldamaga
başlady.Sebäbi ol özüne göwni ýetýän mergenleriň telpegiň üstünde goýup
alma,ýumurtga tüpeňleýändiklerini bilýärdi.Olar çyn mergenlerdi.Bu bolsa eli--aýagy
mergenleriňki ýaly mäkäm däl,belkem, sandyrap duran goja kişi.Tüpeňiň nili dyrnagyň
ujy ýaly aralyga gýşarsa-da, ok çäýnegiň aşak ýanyndaky ýeňseçukurdan
giräýmeli.Maşşyk burunlynyň tutuş göwresini sandyradýan şol howpdy.
--Beýle oýny goýaly-la,ýaşuly.
--Muny goýmaly.Sen oýun eden bolsaň,biziňem oýnumyzy gör. “Garry oýnasa
gaý turar.”
Mämmedöwez pälwan,ýer ölçeýän ýaly yza giň-giň ýedi ädim ätledi-de,bärsine
aýlanyp,tüpeňiň gundagyny gursagyna diredi.
Gojanyň nähili oýun görkezjek bolýandygyna düşünen Blokwili howsala gurşap
aldy.Ol bir elini ýokaryk göterdi-de:
--Fo pa tire!1—diýip, gyssanjyna öz dilinde gygyrdy.—Atma ýok,Agabeg!
--Atma bardyr,köşek!—diýip,tüpeňini çenäp duran goja parahat gepldei.—Kimiň
gapysyndan gelenini ýadyndan çykarmaz ýaly edeli-dä..Hemem gaýdyp pes işe baş
goşmazlygyna sapak bolar.
--Ok ýeňseçukurymdan giräýse nätjek?—diýen howsalaly sowala:
--Almytyňy aldygyň bolar-da—diýen parahat jogap berildi.
Gojanyň göwnübir jogabyny eşidensoň, bir gezek ölüp dirilen ogry yzyna
aýlanyp, ýaşulynyň öňünde dyza çökmäge meýillendi.Şol mahalam mis tüpeň
1
Atma! (fransuzça.)
115
gümpüldäp atyldy. Çäýnek kül-uşak boldy.Jäç bölekleri maşşyk burunlynyň eginleriniň
üsti bilen dökülip,töwerege pytrady.Zenzelä gulaklary şaňlap,garaýagyz ýüzi çalymtyk
jöwen reňkine aýlanan ogry çäýnek däl-de,öz kellesi pytrandyr öýtdi,göz açyp-ýumasy
salymda maňlaýyndan çogup çykan gyzgyn deri ýeňi bilen süpürdi.
Blokwil çaga ýaly bolup elni çarpdy hem:
--Brawo,Agabeg,brawo!—diýip gygyrdy.
Tüpeňiniň gundagyny ýene ýere dirän goja:
--Indi sen,goç ýigit,meň sowalyma jogap ber..
--M-men h-häzir!—diýip,ogry sakawlady.—Men saňa minnetdar.Cen meni
ölümden halas etdiň,ýaşuly..
-- Entek adyň ýadyňdamy?
--Rahymguly,ýaşuly.
-Adyňy dagy unutmadyk bolsaň,sen zor—diýp,goja ýylgyrdy.—Kimlerden
bolarsyň?
--Halsähet gassaplardan.
--Mundan gelip çykdyň-ow!—diýip,ýaşuly başyny ýaýkady.—Halsähet gassabyň
adyna şeýdip ysnat getirýän bolsaň…
--Sen ony tanaýaňmy,ýaşuly?—diýip,ogry gyssanýan ýaly bolup sorady.
--“Şenbe bazarynda ýat adam ýok!” Halsähet gassaby gowy tanaýan.Cen şolardan
bolsaň,bu ýerden sag-aman git.Ýogsam, men seni köne kepbede bir aýlap daňyp
goýmakçydym.Özüňem, bar-da, iýen pohuňy Halsähet gassaba gizlemän aýt.
«Mämmedöwez pälwan seň adyňa bukulanym üçin aman goýberdi» diý.Ýene bir zady
bil: azapsyz eklenç bolýan däldir..
Özüni ölümiň gyrasyndan gaýdan hasaplan maşşyk burunly adam gara öýüň
gapdalynda eýesine garaşyp duran atyna tarap ýöneldi.Ol egninde galan maýda jäçleri
kakyşdyryp barýarka-da gojanyň agras sesi yzyndan ýetdi:
--Atyň golaýyna barma,han ogul.Ony biz öz atýatagymyzda baglaýarys...
--At maňa gerek ahyryn,ýaşuly.
--At saňa gerek bolsa,ony Halsähet gassabyň özi gelip alyp gitsin.Gassaba
«Goňurly Mämmedöwez pälwan dogaý salam iberdi» diý özüňem.
Maşşyk burunly adam baş atdy-da, ýola tarap pyýadalap ugrady.
*
*
“...Eýran hökümeti maňa ýokary nyrh töläninden
ähtinden dänenini kem görmedi…”
BLOKWIL.
Kynam bolsa, gün geçýärdi,agyram bolsa,aý aýlanýardy.Ýöne geçýän günleriň,
aýlanýan aýlaryň üstünde wagtdan başga ýük ýokdy-da, agram Blokwiliň gerdenindedi.
Bir ýanyny bendilik,bir ýanyny ýeter-ýetmezlik gurşap alan pereňliniň ejir çekmekden
ýaňa öňki göwresiniň ýary hem galmady.Ony diri gezdirip ýörenem şu günki garaňky
ykbalynyň ertir ýagtylanmagyna bolan umytdy, ýeneki dogjak günleriň biri onuň gara
täleýini ýagtylandyraýjak ýalydy. Emma Goňura geleli bäri Gün eýýäm ýüzlerçe gezek
ýaşyp,ýüzlerçe gezek ýalbyrap doganam bolsa, onuň pereňlini bagtly etmek üçin dogan
gezegi bolmady Netijede, günlerden,aýlardan nämut galan ýesir indi pasyllara bil
116
baglamaly boldy.Emma ýaz paslynyňam ilkimji günleri oňa hoş habara derek şum habar
getirdi.
Özüni awşarly Ýusup hanyň wekili Abdal beg diýip atlandyryp,Maşatdam Merwe
habar ýollan adamyň tekrarlamagyna görä, Eýran hökümeti fransuz goşunynyň kapraly
Žorž Anri Gulibef de Blokwil bilen şertnama baglaşanam bolsa,ony öz güýjüni ýitiren
diýip yglan edýändigini aýdypdyr.Ol habar pereňliniň ynam eden ýagtydan giň
dünýasini garaňkylyga öwrüp, dar kepbäniň içine saldy.”Iki müň tümene güýji
ýetmeýän möhüri ulanýan şadan şa bolarmy? Özüm-ä beýle bolsa,şalygymy taşlap,
gedaýçylyk ederdim..” Bu sözler Tährandan müňlerçe farsah daşlykda tozap ýatan
türkmen obasynda aýdylýardy.Aýdylsa aýdylybersin,onuň üçin şa-da şalygyny
taşlap,gedaýa öwrülmeýärdi,iki müň tümen tölemejek bolup,belent abraýyny dökýän
möhürem sary kagyzlara basylmasyny bes etmeýärdi. Kaşaň köşkde,bol-telkiçilikde
ýaýnap-ýazylyp ýaşap ýören Nasretdiniň ähli pişesi Goňur mülkünde ýarym aç,ýarym
ýalaňaç gün bilen oňňut edip ýören kapralyň aladasyny etmek däldi.
Uly ýurduň patyşasynyň adyndan möhür basylan umydyndanam boş çykan ýesire
indi başga,resmi möhüre derek adamçylyk duýgusynyň möhürsiz rehimdarlygyna bil
baglamak ýollaryny gözlemek galýardy.Olaryň birinjisi,öz ýagdaýy barada
Fransiýadaky agramly tanýş-bilişlere habar ýetirmek,ikinjisi hem türkmen serdary
Gowşut han bilen ýüzbe-ýüz bolmak ýoludy.Ol iki ýoly biri-biri bilen baglaşdyryp hem
boljakdy.Pariže habar ýetirmek aladasyny pereňliniň özi edenden Gowşut hanyň üsti
bilen amala aşyrylsa,tiz hem bähbitli bolmagy mümkindi.
Abdal handan ýakymsyz habar geleli bäri geçen bir hepdäniň ýedi gününiň
ýedisini-de Blokwil Eýemyrat Agabeginiň gulagyny gazamak bilen geçirdi.Ahyr
Mämmedöwez pälwanyň kömegi bilen Gowşut hanyň huzuryna düşmäge ijaza
gazanyldy.Ýöne Eýemyradyň möhüm hasaplamagy bilen han huzuryna Mämmedöwez
pälwan hem gitmeli edildi.
Şeýlelikde, Mämmedöwez pälwan bir gün ir bilen pereňlini yzyna tirkäp Goňurdan
Hangeçene ugrady. Gojany ýeke goýbermek islemedik Eýemyrat hem olara goşuldy.
Ýolagçylar atlanmanka, şeýle bir waka boldy.Mämmedöwez palwan entek
öýünden çykmandy,Eýemyrat bolsa atýataga tarap gidipdi..Daş çykan Blokwil
agabeglerine garaşyp,kepbäniň işiginde durdy.Şol mahal suw almak bahanasy bilen
guýa gelen Akmaral pessaý ses bilen:
--Jorj,menem şu gün daýymyň mallaryny sagyşmak üçin ýazlaga gidýän—
diýdi.—Üç hepde gowrak eglenmeli bolar.Eger görüşmäýsek,öz iliňe aman
bar.Agyradyňam, ynjadyňam,ýöne bizden razy bol.Alla seniň ýoluňy ak etsin!
Blokwil zordan:
--Men tä gözüm ýumulýança, sizi unutman,Akmaral.Alla siziňem bagtyňyzy açyk
etsin! Siz maňa doganlyk ýagşylygyny etdiňiz...—diýmäge ýetişdi,başga diýjegini diýip
bilmedi.Mämmedöwez pälwan ardynjyrap, daş çykdy,atýatak tarapdan Eýemyrat
göründi.
Guýudan suw çeken Akmaral Blokwile soňky gezek nazar aýlady.Pereňli onuň
owadan hem gamgyn gözleriniň nemlenendigini görüp galdy.Nemlenensoň, gara gözler
ozalkylaryndanam owadan bolup göründi.Pereňli ýuwdundy.”Söýülmän, söýmän,
guwanylman,guwanman armanly garramaly bu ajaýyp gara gözleri men hiç mahal
unutman.Mydama hasrat bilen ýatlaryn…”
117
Obanyň gündogaryndaky düzlügi jähekläp oturan gamyşlygyň öňünde adamlar
ýap gazýardylar.Otlanan çöp-çalamyň töwerege ýaýran tüssesi ýuwaş şemala goşulyp
burnuňa dürli tagama ýugurylan ýaz ysyny getirýärdi.Ýaz paslynyň şu döwri Blokwiliň
iň bir gowy görýän mahalydy.Şu mahal ol öz ilinde bolan bolsa,dost-ýarlary bilen
atlanyp awa giderdi,agşamlygam şady-horram bolup, aw etinden lezzet alardy.
Häzirem şol gowy görülýän pasyl.Häzirem Blokwil atyň üstünde.Häzirem onuň
ýanynda ýoldaşlary bar.Ýöne bu ýaz paslynda kapral awa çykmandy-da,öz ykbalynýň
gowulanmagynyň aladasyny etmäge çykypdy.Ykbal her kimiň özüniňki.Emma onuň
gowy ýa-da erbet bolmagynyň çözgudi, köplenjem ykbal eýesinden müň paý pes
haýsydyr bir näkes kesekiniň elinde bolýar Ol hem seniň ykbalyň jylawyny hanja çekesi
gelse çekýär,seni oýnaýar,gynaýar,seniň üstüňden gülýär,şondanam lezzet alýar. Onuň
çekýän lezzeti bolsa seň üçin ezýete öwrülýär.Durmuşyň iň kaş öýunlarynyň biri hem
şol. Bu gün seniň ykbal jylawyňy tutup oturan keseki saňa näme jogap berer? Öýlän
ýa-da agşamlyk sen nähili jogap bilen yzýňa dolanarsyň?. Parižiň etegine awa
gitmäge,şady-horramlyk bile aw etini iýmäge umyt dörärmi ýa-da.. Ýa-da sen ýene şol
köne kepbä dolanyp,ýene şol ölmez-ödülik owkat bilen ýaşamaly bolarmyň?.. Şeýle
aladanyň astynda galan Blokwile häzir şol söýülýän pasyl hem täsir etmeýärdi,ýazyň
mymyk şemaly-da.
Blokwil ýarym ýyl töweregi türkmenleriň arasynda ýaşap ýörse-de,henize çenli
olaryň geplemsegine gabat gelmedi.Ol beýle ýagdaýy mekirlik diýip
düşündirjeginem,gün-güzeran dolandyrmaklygyň hupbatlygy bilen baglaşdyrjagynam
bilmeýar.Ahyr ol beýle ýagdaýy döwrüň göýan tagmasydyr diýen netijä gelýar.Hut bäş
ýyl mundan ozal Saragtda uly gandöküşlik boldy.Ilatyň jan sanyna görä baha
berseň,wepat bolanlar uly döwletleriň uly çaknyşykda wepat bolanlarynyň sanyndan az
däl.Düýnki gajar çozuşynda hem şeýle.Iki urşuň jemine görä tekelerde kimdir biri
wepat bolmadyk öý ýok diýen ýaly. Onsoň olar nädip kän geplesinler.Belkem
dünýäden ötenleriniň ruhuny hormatlap az gepleýändirler, mydama şolar hakda pikir
edýändirler.
Gününiň köp mahalyny köne kepbede geçirip,adamlar bilen seýrek
gürleşýändiginden bolsa gerek,aslynda köp geplemeklige-de hormat göýmaýan Blokwil
dymmalygy-da gowy häsýet hasaplamaýar.Ol dymmalygy adamýň aýtmaga öz pikiriniň
bolmazlygy bilen baglaýar.Ol oňa şu gezek Parižden çykansoň, has-da göz ýetirdi.
Bu saparam tä Mary galasynyň diwarlary görünýänçä ýol geçilse-de,üç atlynyň
arasynda gep-gürrüň bolmady diýen ýaly.Mary tarapdan atly,eşekli,arkalary ýükli
pyýadalap gelýän adamlaryň köpüsi Mämmedöwez pälwana salam berýär.Goja-da
salam alyp geçiberýär.Şonlukda, salamdan başlanýan gepleşik salam bilenem tamam
bolýar.
Blokwil türkmenleriň tanyşu-nätanyş bilen salamlaşmak däbini halaýar.Parižde
beýle däl.Ynha,goja bolany sebäpli Mämmedöwez pälwana hemme kişi salam berýär.
Ýogsam, ýolugra gabat gelýänleriň hemmesiniň ony tanamaýandygy belli ahyryn.Ol
gowy. Ýöne dymmaklaryny welin Blokwil halamaýar..Dymanlaryndan-a Eyemyrat
Agabegiň köne kepbede hiňlenişi ýaly aýdym aýtsalaram gowy bolardy.Nätjek-dä,bir
ilden başga bir ile,onda-da ýesir düşeňsoň, şol ýeriň ýagdaýyna görä bolubermeli-dä.
118
Marynyň etegindäki şor aýmança kän adam ýygnanypdy.Atlylar üýşmeleňe
golaýlanda itleriň wagyrdysy eşidilip başlady.Itleriň wagyrdysy,çyňsamasy adamlaryň
şowhunyny bassa,birdenem tersine bolýardy.
Ol ýerde näme bolup geçýänini Blokwil ýanyndakylardan soramazdan bilýär. It
uruşdyrylýar.Gündogaryň däp-dessurlaryndan Blokwiliň halaýanam bar,halamaýanam.
Halamaýanlarynyň arasynda iň ýigrenýäni adamlaryň it uruşdyrmasy.Ol it
uruşdyrylyşyna Tähranyň ortasynda-da,Maşadyň eteginde-de,Horasan düzlüginde-de
kän gabat geldi. Pereňli adamlaryň it uruşdyrmakdan lezzet alyp bilişlerine asla akyl
ýetirmeýär.Iki sany it uruşýan mahaly, adamlar öz çagalaryny göz öňüne
getirmeýärlermikä?
Durmuşda düşnüksiz zatlar kän.Seniň görmek islemeýän adamyň,görmek
islemeýän zadyň her ädimde diýen ýaly gabat gelýär.Blokwil hem islemeýän,asla
ýigrenýän zadyny, görmek islemeýän zadyny görmeli boldy.Onuň agabegleri at başyny
it uruşdyrylýan tarapa çekdiler.
Goňurdan gelenler at üstünde bolany sebäpli,ortada bolup geçýän waka
adamlaryň üstaşyry hem görnüp durdy.
Ana,kellesi öküzçäniň kellesine çalymdaş,aýaklary ýogyn,ekiztaýy ýaly meňzeş iki
iti öňe itekläp göýberdiler.Iki aýakly eýeleriniň göwnüni awlamak isleýän dört aýakly
iki dogan garpyşdy.Süňk gemre-gemre yitelip giden dişler işe girişdi.Itleriň ikisiniňem
eňeginden gyrmyzy gan syrykmaga başlady.Garpyşyk esli dowam edensoň, itleriň biri
ýan berdi.Emma beýlekisi ganly bokurdagy çeýnemegini bes etmedi.
Garpyşykdan nazaryny sowan Blokwil märekäni synlady.Uludan kiçä adamlaryň
hemmesi iki sany jandaryň biri-birlerini hem özlerini gynaýşyndan lezzet alýardy.
Ýan beren köpegiň eýesi almak islän baýragyny görmäge derek öz itiniň çeýnelip
duranyny görensoň,haýwanyň mundan artyk gynalmagyny islemän,ýeňlişi boýun aldy.
It urşuna eminlik edýän adam iki elinem ýokaryk galdyryp,edil it dal-de, özi
ýeňen ýaly şowhun turuzdy.
--Owezgelen ýemreliniň köpegi rüstem çykdy!
Emin üçin Öwezgelen
ýemreliniňmi ýa başga biriniň köpeginiň ýeňiji
bolmagynyň parhy ýok.Emin üçin iki it uruşsa bolýar.Emin iki haýwanyň ganlaryny
dökmeginden keýp alýar.Eminiň ýüregi şeýle ýürek.
Owezgelen ýemreli diýilýän adama bir kişilik keteni baýrak berildi.Şondan soň
Mämmedöwez pälwan atynyň jylawyny silkdi. Şol hereketi üçin pereňliniň öňünde
onuň ozalam pes däl abraýy ýene beýgeldi.
It urşunyň tomaşaçylary yzda galdy.Emma esli ýere ýetilýänçä, olaryň şowhuny
welin eşidildi durdy.
Ýolboýy dymyp gelen Mämmedöwez pälwanyň dil ýarmagyna it urşy sebäp
boldy.
--Gördüňmi, pereňli molla? Adam diýilýän iki aýakly wagşy iki sany dört aýakly
aňsyz haýwany uruşdurdy.Ikisem gan dökdi.Olaryň biri baýrak aldy,biri almady.Nä
baýrak alan ite şol keteniden kürte tikiler öýdýäňmi?—Pälwan aga öz sowalyna-da özi
jogap berdi-- Ketenini haýwany urşa itekläp,ganynyň dökülmegine sebäp bolan
gurrumsagyň hatyny geýer.Akmak hatyn bolsa ol keteniniň nähak gan üçin günä
gazanylyp alnandygyna gynanmazam.Gaýtam,begener, özi ýaly hatynlaryň öňünde
öwner. Ana saňa bu heýýatyň düşnüksizligi, pereňli molla.Ýaňky-ha it ekeni. Adamlary
119
uruşdyrybam gan saçanyň däl-de, gan saçdyranyň hatyny keteni geýýär. Ana, saňa bu
heýýatyň kaşlygy, pereňli molla. Sen ony bizden gowy bilýänsiň…
Mämmedöwez pälwanyň agramy Blokwil üçin ýene birneme agraldy.Ol şeýle
hormatly adamyň özi bilen pikirdeşdigine begendi.Ýöne ol gojanyň aýdan sözleriniň
özüne näme dahylynyň bardygyna welin düşünmän galdy.”Ýa bu hem meni söweşden
soň serpaý geýýän hasaplaýarmyka? Belki, şeýledir... Wah,dana goja,uruş sebäpli, men
serpaýa derek ot bilen ýalyn geýdim ahyryn.Ony hiç kim bilmese-de,sen bilmeli.Hany
seniň danalygyň!?”
Blokwiliň çak edişine görä onuň dana hasaplaýan gojasy han huzuryna eltýän
ýola gaty belet ýaly.Ol hiç kimden ýol salgyny hem alman, maňlaýny galanyň günbatar
diwaryna diränsoň, birneme saga sowuldy,her ýer-her ýerde,güne ýanan köne kömelek
ýaly garalyşyp oturan öýleriň gapdalyndan sürübem Murgap derýasyna çykdy.
Murgaba ýetilensoň, Hemze Mürzäniň buýrugy bilen çeken kartasyny göz öňüne
getiren Blokwil niräniň hiredigine düşündi.Derýanyň çep kenary burkaz mülki,sag
kenary hem gökje mülki bolmaly.Eýran goşuny derýanyň çep kenaryny syryp,şu ýerden
Garaýaba tarap geçipdi. Mämmedöwez pälwan sag kenara çykyp,ýüzüni günbatara
tutdy. Emma ol pereňliniň çak edýän mülküne ýetmän,derýadan taýagatymda ýerleşýän
çaklaňja hatary gabatlady.Şol hatar Gowşut hanyň hem onuň dogan-garyndaşlarynyň
oturýan ýeri bolmalydy.
Hataryň gyrasyndan girilende,Blokwil baş hanyň öýüniň haýsydygyny çen bilen
belledi.Ortarakda, beýlekilerden haýbatlyrak ýaly bolup görünýän ak öýüň öňünde
kepbe däl-de, işigi eýwanly kerpiç jaý bardy. Pereňli şony göz öňüne tutýardy.Ol
ýalňyşmady.
Eýwanly jaýyň otuz-kyrk ädim ilersinde dört-bäş sany at dur.Ol hem çaklanan
öýüň baş hanyň gapysydygyny aýdýar.Atlaryň hemmesiniňem eýerlidigi iş bilen gelen
adamlaryň bu ýerde uzak eglenmejekdiklerini duýdurýar.Pereňliniň ol çaklamasy hem
dogry.Häzir Gowşut han uzak obalardan gelen ýaşulular bilen gürrüňleşip otyrdy.
Goňurdan gelen adamlaryň öňünden çykan ýaş ýigit salamlaşdy-da,atlary nirede
baglamalydygyny salgy berdi.Soňra ol myhmanlary ak öýe çagyrdy.
--Edil şu pille-hä han aga aladaly.Men ona kimleriň gelendigini aýtmaly.—diýip,
ýigit myhmanlary gyzyklandyrýan sowala soratman jogap berdi.
--Goňurdan Mämmedöwez pälwan geldi diýäý,inim.Ýanynyň hemrasam bar
diýseň,özi ýatlar.Ozal duýdurylan bolmalydyr.
Ýaş ýigit çykyp gidensoň, Blokwil silkme telpegiň astyndan içerini synlady.Göz
eglener ýaly üýtgeşik zat ýok.Onuň ilki ünsüni çeken gözenek täriminiň ýokarsyndan
asylgy duran egri gylyç boldy.Gylyjyň gyýny sünnälenip haşamlanandy.”Gowşut han şu
gylyç bilen söweşe girdimikä?”
Eli hum kündükli ýene bir ýigit geldi.
--Agalar,gola suw almakçymysyňyz?
--Almaly bolar—diýip,üç adama derek bir Mämmedöwez pälwan jogap gaýtardy.
..Orta saçak atyldy.Blokwil düýeýüň saçagy gapydan giren badyna görüpdi. Ol
ýoldaşlarynyň beýle hereketi nähili görjekdikleri hakda-da oýlanman,orta atylan
saçagyň daşyny emaý bilen elledi.
Onuň hereketini synlan Mämmedöwez pälwan:
120
--Muňa saçak diýilýä—diýip ýylgyrdy.—Parsça desterhan bolýa.Dolanyp
goýulsa, içine garynja-da aralasyp bilmeýä.Özem düýe ýüňünden edilýä.
Hemme zat bilen gyzyklanýan Blokwil:
--Näme üçin düýe ýüňünden?—diýip sorady.—Başga haýwanyňkydan edilse,
bolmaýarmy?
--Aý,etseň bolmanam durmaz.Ýöne düýe bir arassa,Hydyr gören mal-da.
Blokwil baş atdy.
Düýeýüň saçak açylan badyna ýyly nanyň ysy burnuna uran Blokwiliň mydama
açyk işdäsi hasam oýandy.
--Bissimilla!—diýip,goja iki döwüm alansoň, tegelek nany pereňlä uzatdy.
Blokwil bu ýerde ýaşulynyň hereketini gaýtalamalydygyny,özi hem çörekden iki
döwüm alansoň,Eýemyrada geçirmelidigini bilýärdi.Emma ol däbi bilmeýän kişi
bolup,çörekden el ýalysyny bölüp aldy.
Eýemyrat agasynyň ýüzüne garady.
Mämmedöwez pälwan hiç zat görmedik kişi boldy.Gaýtam, ol:
--Molla pereňli,çaýam içip otur!—diýip,pereňliniň käsesine çaý guýdy.
Esli salymdan soň myhmanlary ilki garşylan ýigit ýene gapydan geldi.
--Han aga size garaşýa,agalar!
Goja bilen Blokwil ýaş ýigidiň yzy bilen gitdi.Ozal şeýle wadalaşylandymy nämemi,Eýemyrat ak öýde galdy.
... Öý eýesi gelenler bilen salamlaşyp,saglyk-amanlyk soraşylandan soň,derrew
esasy gürrüňe geçdi.
Gowşut han köne tanşy Mämmedöwez pälwanyň näme iş bilen,haçan
gelýändiginden öňünden habarly bolany üçin, parsça bilýän dilmajynam çagyran
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keseki - 13
  • Parts
  • Keseki - 01
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2275
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 02
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2276
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 03
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2250
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 04
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2222
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 05
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2225
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 06
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2126
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 07
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2211
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 08
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2231
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 10
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2273
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 11
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2194
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2261
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2192
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 14
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2215
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 15
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 16
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2079
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 17
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 18
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2127
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 19
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2132
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 20
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2169
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 21
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2170
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 22
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2067
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 23
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2068
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 24
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2085
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 25
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2128
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 26
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2162
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 27
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2185
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 28
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2146
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 29
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2168
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 30
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2051
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keseki - 31
    Total number of words is 232
    Total number of unique words is 186
    52.0 of words are in the 2000 most common words
    63.7 of words are in the 5000 most common words
    68.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.