Latin

Powestler - 09

Total number of words is 3755
Total number of unique words is 2144
33.5 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Geleniň gowy boldy ýegen. Menem ýeke özüm, içim gysyp
otyrdy. Häzir kiçiräk bir zat gurarys. Akdanmy ýa konýak? – diýip
Halil Haýdarowiç şelaýynlyk bilen ellerini owkalady.
-Tapawudy ýok,-diýip, Mansur ýylgyrjaklady. Işde gabagyndan gar
ýagyp duran, talap ediji bu adam öýünde örän kiçi göwünli,
mylaýymdy. Ol:
-Onuň ýaly bolsa, öňürti men gelnejeňden bir habar tutaýyn,
naharyny tizleşdirýämika- diýip, çykyp gitdi.
Mansur
töweregine
nebsewürlik
bilen
göz aýlaýardy.
Serwantlardaky gymmat bahaly hrustallar, perlamut serwisler, şuňa
meňzeş sanardan köp dürli ownuk-uşak zynat şaýlary onuň gözüne el
ýetmez baýlyk bolup görünýärdi. Mansur öňki gezek geleninde
daýysynyň jaýynyň deňinden geçip barýan iki sany ýaşulynyň özara
gürrüňini eşiidip galypdy. Ol häzir muzeýe giren oglan ýaly töwerek
daşyny ýaltaklap oturşyna şol gürrüňi ýatlady. Ol ýaşulular şeýle
gürrüň edişipdi:
-Sakgaldaş, diýýän-ä, dogrusyny aýdanda, şular ýaly jaý öň hywa
hanynyň wezirlerinde-de bolan däldir.
-Hawa, bolan däldir. Durmuş häzir örän oňat bolup barýar
diýseňem-ä, sakgaldaş, meniň bu diýýänimiň umumy durmuşymyz bilen
baglanyşykly ýeri ýokmyka, diýýän. Sebäbi bular ýaly jaýy halal
girdeji bilen ýaşaýan adamyň saldyraýmagy gaty ähtimal. Bu bir
lomaý puluň etdirýän işi.
Şol wagtda Mansur bu gürrüňe o diýen üns bermändi. Häzir
bolsa, name üçindir, onuň hakdygyny ykrar etdi.
Saçagyň başynda Mansur Hojamguly bilen şu günki duşuşygyny,
eden gürrüňini daýysyna aýdyp berdi. Halil Haýdarowiç Mansur tä
gürrüňini gutarýança geplemän, hm, hm diýip oturdy,. Soňundan:
Aýdyp gutardyňmy? – diýip Mansura hyrsyz seretdi, - Sen onuň name
pikiriniň bardygyny nireden bildiň?
Mansur aljyrady:
-Özi aýtdy. Seni-de gowy tanaýan eken-ä….
-Gör, seniň samsyklygyňy! Meni, name, alyp satyjylardan başga
99
kişi tanamaýandyr öýdýäňmi? Sen ilkinji gören adamyň kimdigine göz
ýetirmän name üçin syr bildirdiň?!
Mansur ýüzi ak tama döndi. Muny gören Halyl Haýdarowiç
birden gowşady. Bulgurlara konýak guýdy:
-Göter! Mundan beýläk oglanlyk etme. Seni şeýdip öňünden
gorkuzyp goýmasam boljak däl öýdýän. Biziň işimizde edil
razwedkadaky ýaly konspirasiýa kadalary berk saklanmaly. Şuny ýatdan
çykarma! Hojamguly bilen iş salyşsaň bolýar. Ondan ýamanlyk ýok.
Mansur ulydan dem alyp, daýysyna “nätdiňaýt” diýen manyda
ýyljyraklap garady. Şundan soň ýenede bulgurlar birnäçe gezk dolup
boşady. Mansur öýüne keýpini kökläp gaýtdy.
Halil Haýdarowiçiñ aýdyşy ýaly Hojamguly iş salyşmaga bolýan
adam eken. Muňa ilkinji gezekden göz ýetirensoň Mansur onuň bilen
arany sazlap ugrady.
Aradan bir ýyl geçip-geçmänka Mansur öý
goşlaryny birkemsiz düzetdi. Indi bu öýde bir kem zat bardy, ol-da
Nurjemaldy. Bu işem şeýle bir kynçylyksyz ýola goýuldy. Daýysynyň
özi toýuň kethudasy bolup, gelin getirip berdi. Toýdan soň Mansur
ýene-de uly höwes bilen işlemäge girişdi. Gün geçdigiçe öýüň
bezegleriniň, sandykdaky gymmat baha zatlaryň sany artyp başlady.
Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýaly bolsa-da, bir zat Mansuryň
maňzyna batanokdy. Onuň işi rowaçlandygy saýyn Nurjemalyñ gabagyny
bulut büräp barýardy. Ol muny aýallaryň ynjyklygy, näz-kereşmesidir,
“düzeler gider” diýipdi. Emma bu bulut ötüp gidibermedi. Gaýtam ol
gümmürmamanyň sanajyna aýlanyp, ýyldyrym çakdyryp göýberdi.
Günleriň birinde Mansur çakdanaşa hoşwagt görnüşde öýüne
gaýtdy. Ol jaýa gereninden, Nurjemaly bagryna basyp, onuň gözlerine
seretdide:
-Bilýäňmi name?-diýdi.
-Hä, name bolupdyr?
-Ýene bir hepdeden gapyň agzyna "wolga" gelip, hyzmatyňda
taýar durar.
-Maşyn aljakmy?
Mansur gülüp duran gözlerini ulumsylyk bilen süzüp, başyny
atdy.
Nurjemal ynjalyksyzlandy:
-Nähili edip… onça puly nirden aljak? –diýdi.
-Miýwesini iýiber-de, bagyny sorama, diňe
bagbanyndan
minnetdar bolsaň bolany….
Mansur sözüni gutarmanka, Nurjemal onuň gujagyndan çykyp
diwanyň üstüne baryp, tukatlanyp oturdy.
Mansur çydamly adamlara has bolan görnüşe girip, esli wagt dil
100
ýarmady. Soňra ol agras ädimläp baryp, aýalynyň ýanynda jaýlaşdy-da,
ýuwaşlyk bilen gollaryndan tutup, ony özüne bakdyrdy.
-Nurjemal, sen name üçin beýle?
Nurjemal sowukdan demine aldy. Başyny galdyryp, batyrgaýlyk bilen
äriniň göreçlerine garagyny dikdi, ýuwaşja gepledi.
-Görýän weli, Mansur açyk gepleşmeli wagt geldimikä diýýän… Men
köp wagta çenli saňa düşünibilmän ýördüm, soňra özümde dörän gapmagarşylygy çözübilmän hynaba barany ýuwutdym. Ahyrsoňy….
-Ýeri? –diýip, Mansur onuň sözüni böldi.
Nurjemal oňa tukatlanyp seretdi-de, şeýle diýdi:
-Mansur, söýgümiziň hormaty üçin, haýyş edýän, şu işiňi goý, gaýt
şu ýoldan!
Mansur ornundan tutup, otagyň içnde gezmeläp, çilimini tütedýärdi.
Biraz salymdan soňra ýene öňküsi ýaly agras ädimläp, Nurjemalyň
garşysyna gelip aýak çekdi:
-Sen niçik sada, Nurjemal! –diýip, ýuwaşjadan mylaýym gepledi.Entek köp zatlara düşünmeýärsiň.
Nämelere düşümeýämişim?-diýip, Nurjemal geňirgendi.
Mansur "düşündirdi":
-Durmuşa, ezizim durmuşa! – Ol sözlerini üýtgeşik bir äheň bilen
aýtdy.-Sen pugtarak bir oýlanyp gör, hany durmuş diýen zat nämeka özi?
Adama ýekeje gezek berilýän ömri öz göwnüň halanynça ötürmek
dälmi?! Munyň ýoluny tapan adamam akyl satyp otursa, barypýatan
akmaklyk, ahyry “Hasabyny tapan iki aşar” diýen sözi unutma!
-Dogrudanam, men seniň aýdyşyň ýaly, sada ekenim-diýip, Nurjemal
ah çekdi,-sadalygyma seret, şeýle işleri şu mahala çenli gowy
düşünmeýänligi üçin edýändir diýip çaklapdym.. Tersine, sen muňa
düşünmeg-ä beýlede dursun, gaýtam, ony allaowarralardaky çüýrik
pelsepelere esaslanyp edip ýörän ogşuýaň!
-Mansur muňa içýakgyç güldi.
-Bu çüýrik pelsepe däl, bilseň, dogry pelsepedir. Hawa, häzir
ýörgünli pelsepedir.
Nurjemal soňky gezek öz güýjini synap görmekçi boldy.
-Eger şu dogry pelsepäniň soňuna gözüň ýetmeýän bolsa, men
saňa bu işiň jemgyýet hem-de ýene nämeler üçin ters işligi barada
aýdybam oturjak däl. Aýdanymyňam peýdasy ýok. Bular hakda-da seň
öz pikiriň bardygy anyk. Ýöne ahyry soňy başyňa belany satyn
alarsyň. Şoňa bir düşün ahyry! Seň bu işiň çaganyň şary çişirip
oýnaýşyna meňzeýär. Şar çişdigi saýyn çaga guwanyýar, emma soñunda
onuň ýaryljagyny bilmeýär.
-Bar, gorkyň şo bolsa arkaýynja bolaý, meniň şarym hiç haçan
101
ýarylmaz! – diýip, Mansur gürrüňi gutardym etdi.
Uzak dymyşlyk ara düşdi.
Nurjemal ärine ahmyr bilen bakýarka, onuň ýüzi-gözünde şu
wagta çenli göze ilmedik bir ýakymsyzlygy gördi. Şu mahal bu adam
oňa ýedi ýat ýaly duýlyp, ýüregini allaniçigsi bir sowuk zat gurşap aldy:
-Seni bu ýoldan gaýtaryp bilmejekdigime gözüm ýetdi – diýip,
Nurjemal ýadawlyk bilen gepledi.
-Gözüň ýeten bolsa, şundan şeýläk meniň işime aralaşma – diýip,
Mansur ýuwaş, emma buýruk berji äheňde gepledi.
-Ýok, aralaşman-a ýaşabiljek däl, gowusy….
-Näme gowusy?
-Gitjek!
-Şeýlemi?Nirä?
-Obamyza!
-Hm… gözel göwnüň! – diýip, Mansur gahar eden kişi bolup çykyp
gitdi. Şonuň bilen ol şu
pursadyň özünde Nurjemalyň çykyp
gidibermeginiñ öňüni almakçydy. Emma onuň bu pirimi başa barmady.
Çünki ol gelende, Nurjemal eýýäm öýde ýokdy. Onuň ýaňyja oturan
diwanynda bolsa öz ejesi gözýaş edip otyrdy.
****************
Nurjemalyñ gitmegi Mansura şeýle bir täsir etmedi."Nirä barýa, bir
gün gaýdyp geler" diýip pikir etdi. Ol ençeme wagtdan bäri köňlünde
besläp gelýän arzyly zady – "wolgany" hem ele saldy. "Wolganyñ"
rulunda outran Mansur şu çaka çenli özüne mälim bolmadyk başgaça
bir lezzetli dünýäniň gapysyndan ätlän ýaly boldy. Täze maşynynyň
şäheriň tekiz köçelerinden suw ýaly süýnip gidişi, tanyşdyr
nätanyşlaryň onuň yzyndan gözigidijilik bilen seredip galyşlary
Mansuryň başyny asmana ýetirýärdi. Ol bu täze güýmenjäniň
keýpinden şeýle bir serhoşdy welin, dünýäni suw alsada onuň
topugyna çykjak däldi. Mansur ýaňy-ýaňylaram böwrüne sanjy bolup
duran maşgala durmuşyndaky ýakymsyz iñirdi-ni-de hatda Nurjemalyda unudana meñzeýärdi
*****
Adaty günleriň biridi. Mansur irden maşynyna münüp, işine
ugrady. Bahar daş-töwerege gök kürtesini atypdy. Ýolyň iki tarapyny
hem jähekläp oturan daragytlar tebigatyň peşgeş beren ýaşyl lybasyny
geýinensoň, has-da göze ýakymly görünýärdi. Ertiriň salkyn howasyna
goşulan alabaharyň atyr ysy adamy meýmiredip, ýüregini joşdurýardy.
Aýagynyň aşagynda täzeje maşyn bar adama bu zatlar aýratyn
täsir edýän bolara çemeli, Mansuryň diýseň keýpi kökdi. maşynyñ
radiosynda şirin aýdymyň ýaňlanyp duranyna seretmezden onuň özi
102
hem hiňlenýärdi. Göýä täze maşyny hemmeler synlasyn diýen ýaly ol
""wolgany" öz maýdalyna göýberipdi. Ýuwaşja barýan maşynyň matory
sessiz işleýän ýalydy. Şol wagt otuz-kyrk ädim çemesi öňünden barýan
welisepedlä gözi düşende onuň ýüregi jigläp giden ýaly boldy. Mansur
çala gözi kaklyşandan ony tanady. Ol Mansuryň köne dosty Jemşitdi.
Mansuryň ony görmänine näçe wagt boldyka? Näçe oýlansa-da,
Mansur muny ýadyna salyp bilmedi.Mansur Nurjemala öýlenende ol
toýa sowgat salamly gelipdi. Toýdan soňam olar iki-üç duşuşyp,
oturyşyp-turşan boldular, emma aralarynda hiç hili öýke-kine bolmadyk
bolsa-da, dura-bara birek-birekden sowaşyp daşlaşypdylar. Şeýlelikde
Jemşit inistituty gutaryp gelensoň hem ikisiniň baryş-gelişi bolmandy.
Mansur Nurjemaldan aýrylyşansoň, kalbynyň alla
niresindäki
ýalňyzlyk duýgusynyň ezýet berýändigi üçin bolsa gerek ol gadyrdan
dostyny görenine diýseň begendi. Ol edil Jemşidiň deňine gelende,
tormuzy bat bilen basdy. Maşyn bir göterilip gonan guş ýaly nyşana
alnan nokatda silkinip saklandy. Beýle gödek hereketden tisginen
Jemşit welisepetden böküp düşdi-de, sürüjä gazaply seretdi. Görse
rulda Mansur ýylgyrjyrap otyrdy. Ony gören Jemşidiň biraz gahary
gaçdy, köşeşen ýaly bolsa-da kinaýaly gürledi.
-Bo-how, baý aga, bu senmi?!
Mansur ýaňsylamany aňsa-da, oňa üns berip durmady. Maşyndan
düşüp, onuň bilen gadyrly elleşip görüşdi, içgin hal-ýagdaý soraşdy.
-Jemşit dostum, bir-birimizi görmänimize näçe wagt boldy? Seni
gaty göresim geldi…
Jemşit dostunyň göreçlerine siňe seredip durşuna olarda nämedir
bir zady küýsemek alamatynyň bardygyny aňyp, onuň sözleriniň
ýasama däldigine ynandy. Şeýle bolsa-da, Ol “göresiň gelýän bolsa,
men Sibirdemi name, öýümi bilýäň, işleýän ýerimi bilýäň” diýip aýdasy
geldi. Ýöne häzir beýle diýmekligi ýerliksiz hasap etdi-de, öňküsi ýaly
assarly gepledi:
-Nurjemaly nä? Ony göresiň gelenokmy?
Garaşylmadyk bu soragdan Mansuryň gaşlary çytyldy. Diýmek,
Jemşit ähli zatdan habarly eken-dä?
-Sen muny nirden eşitdiň?
-Nirden boljakdy, bütin şäheriň dilinde dessan ahyry sen!
Mansur bir zatdan gorkan ýaly, tisginip Jemşide seretdi.
-Bütün şäheriň diýýäňmi? Meň bilen bütin şäheriň ne işi bar?
Jemşit oňa sypaýyçylyk bilen seretdi.
-Nä işi barmyşyn diýişiñi, sen adamlaryň arasynda, jemgyýetiň
içinde ýaşaýandygyňy unudaýypsyň öýdýän?
Mansur ulydan demine aldy, soňra dostuna müýnli seretdi.
103
-Jemşit, bes etsene bu gürrüňleri. Keseki, görüp adamlaryň gepini
gaýtalap nätjek? Sen
meň dostum ahyry. Gowusy, dostlugymyzy
öňküsündenem berkideli. Baryş-gelişi kesmäli, oturyşyp turşaly. Gerek
bolsa birek-birege hemaýat bereli.
Jemşit welesipedine atlandy-da aýaklaryny ýere diräp durşyna
Mansura garap ajy ýylgyrdy.
-Men senden beýle hezzet-hormata garaşmaýardym, sag bol!
Ýöne özüňiñ oturyşyp-turşup ýören ülpetleriň bilen bolyber. Meniňem
özüme laýyk dost-ýarym bardyr. Hemaýat meselesine gezek gelse-hä,
görýän welin, sen häzirlikçe hiç hili hemaýata-da, kömegede, mätäç däl
ýaly.
Mansuryň ýüzi gamaşdy, Jemşide sözüni soňlamaga maý
bermedi:
-Has dogrusy, meniñ entek hiç-hili öwüt-nesihata-da mätäçligim
ýok! Sen bolsaň….
Bu gezek Jemşit onuň sözüni kesdi:
-Bagyşlarsyň, men saňa öwüt-nesihat etmekçi däl. Dogrusyny
aýtsam, ýaňy-ýakynda bir adam maňa: “Sen birwagtlar Mansuryň
ýakyn dostudyň, seniň maslahatyňa onuň gulak gabartmagy mümkin.
Ony dogry ýola salmak gerek” diýdi Men bolsa oňa “Öz bähbidinden
başga zat gözüne ilmeýän adama nesihat berýän adamyň özi nesihata
mätäçdir” diýen köneleriň dana sözüni eşitmänmidiňiz? diýip jogap
berdim.
Bu sözler Mansuryň hasam gaharyny getirdi.
-Hm, bolýa-da, gardaş. Sen elmidama-da özüňi menden akyllyrak
saýadyň, henizem şol pikiriňi üýtgetmänsiň. Hany, göreli bakaly, şu
bolşuň bilen nirä ýeterkäň? Ýöne bir zady unutma, wagty gelende, sen
meniñ bilen başgaça gürleşmeli bolarsyñ!
Jemşidiň gaşlary kinaýaly ýazyldy:
-Ine, munyň bolýa, şun-a örän dogry aýtdyň! Eger-de şeýle wagt
geläýse, belki seň bilen başgaçarak gürleşerin - diýip, welesipediniň
pedalyny batly basyp gitdi. Mansur hem "wolgasyna" münüp, gaharyny
maşyndan çykarjak bolýan ýaly gapysyny gütledip ýapdy-da, motory
otlap, gazy şeýle bir batly basdy welin, maşyn duran ýerinden güýçli
depilen pökgi ýaly atylyp gitdi. Jemşidiň deňinden dazlap geçen
maşynyň ýelgini onuñ ýüzine ýakymsyz uruldy. Şol gün günuzyn
Mansuryň keýpine sogan dogralan ýaly boldy gezdi. Emma “Bir
tukatlygyň bir şatlygy-da bar" diýleni çyn bolup çykdy. Şol gün bolup
geçen garaşylmadyk bir waka onuň göwnüni göterip, keýpini kökledi.
Iş güni tamamlanypdy. Ol öýüne gitmekçi bolup, maşynyň gapysyny
ýaňy açan mahaly edil gulaklarynyň agzynda:
104
-Mansur agamyzyň bu gün gaşlary çytyk görünýä-le? – diýen
ýakymly ses ýaňlandy. Mansur degişmä meýli bolmany üçin ýüzüni
turşardyp yzyna gaňryldy, görse ýanynda özüniň işleýän söwda bazasyna
ýaňy-ýakynda fakturaçy bolup işe geçen gyz ýyljyraklap dur. Mansur entek
onuň adyny-da bilmeýärdi. Onuň göreçleri gyzyň bir geňsi jadylaýjy ot
ýanyp duran gözlerine kaklyşanda, täze oýnawaja gözi düşen çaga kimin
ýyrş edenini duýman galdy. Emma ol gyzyň degişmesine bada-bat nähili
jogap bermegiň ebeteýini tapmady-da:
-Ýoldaş bolsaňyz alyp gideýin – diýip oňaýdy.
Gyz Mansura syrly bir ýylgyryş bilen garady-da:
-Sag boluň. „Dilenip alnan hezzet dyzyňa çykmaz“ diýipdirler. Şeýle
bolsa-da, özüňizden bilmäniňiz üçin, beýle hezzeti diläp almaly bolduk –
diýip, näzli gyzlara mahsus bolan bir hereket bilen towlanjyrap maşynyň
yzky gapysyny açyp, gaýym ýerleşip oturdy.
-Näme üçin öňünde oturmadyňyz? – diýip Mansur ikuçly sorag berdi.
Gyzam ýaýdanyp durmady.
-Sizi aljyratmaýyn diýdim – diýip, içýakgyç güldi.
„Bo-how, ýaman ýeserje gyz oguşýa, bu gyz“ diýip, Mansur içini
gepletdi.
Maşyn ýola düşdi. Mansur yzyny görkezýän aýnany usullyk bilen
gyza dogrulap goýup, gözüniň gytagy bilen ony synlap başlady. Onuň bu
hilesini gyz şo bada syzan bolsa-da, bilmediksiräp, arkaýyn oturyberdi.
Gyzyň süýt ýaly ak dury keşbiniň düzülişinde tebigat hiç bir ýalňyşlyga ýol
goýmandyr. Şonuň üçinem bir garaýyşda: „Owadanja gyz eken“ diýip
kimem bolsa ykrar etjekdi. Emma Mansur oňa gözüniň gytagyny birki
gezek aýlanynda, onuň ýüzünde aýal-gyzlaryň gözelligine aýratyn bir
nepislik bagyşlaýan nämedir bir zadyň etmeýändigini duýdy. Şeýle-de bolsa
onuň uzyn peýkamlarynyň aşagyndan ot saçyp duran gözlerinde erkek
adamy özüne maýyl ediji bir üýtgeşik güýç bardy.
„Wolga“ uly köçä çykyp, maşynlaryň umumy akymyna goşuldy.
-Sizi nirä eltmeli? – diýip, ertirden bäri dymyp oturan Mansur dillendi.
-Gorkmasaňyz öýüme – diýip, gyz jakgyldap güldi.
-Onuň ýaly bolsa, siziň üçin bir gezek batyrlyk edäýeris – diýip,
Mansur gyzyň gülküsine goşuldy.
-Emma men öýüňizi bilmeýän, ýoly salgy berip oturyň.
Gyz birnäçe wagta çenli „saga“, "çepe" diýip, buýruk berip oturdy.
Ahyrsoňunda ol şäheriň çetiräginde salnan iki gatly tamlardan biriniň öňüne
ýetende: „Saklaň!“ diýdi. Mansur maşyny gapynyň öňünden iküç ädim
bärräkde saklady. Maşyn saklanandan soň gyz derrew düşäýmedi, ol
nämedir bir zady pikir edip, bir salym dymyp oturdy. Soňra çynlakaý
äheňde:
105
-Hany, düşüň, hyzmat hakyňyz üçin bir käse çaý içip gidiň- diýdi.
-Sagja boluň, ýene bir gezek...
Gyz maşyndan düşüp geldi-de, Mansuryň gapysyny açdy.
-Ygtyýaryňyz, ýöne siziň ýeriňize men bolan bolsam, ýok diýmezdim
– diýip ýeserlik bilen ýylgyrdy.
Mansur gyzyň köp zatlary wada berip lowurdaýan gözlerine nazary
kaklyşandan maşyndan düşenini-de duýman galdy. Gyz ikinji gata bakan
ugrady. Mansur onuň yzyna düşüp basgançaklardan göterilýärkä, ony
nähilidir öz erkine bagly bolmadyk bir güýç çekip barýan ýalydy.
Gyz soňky basgançaklardan ýüwrüp çykdy-da, gapysyna
howlukmaçlyk bilen açar sokdy. Gyzyň bu hereketlerini synlap duran
Mansur, onuň gaty tolgunýandygyny aňdy, şeýle owadan maşgalanyň
ýüreginde gozgalaň turuzanyna monça boldy. ol ähli zada bir eýýäm
düşünenem bolsa, alňasap gapyny açyp bilmän duran gyzyň ýeňsesinden
gelip bilkastlaýyn sorady.
-Men sizi ejesiniň töründe oturan gyzmyka diýsem, ýeke özüňiz
ýaşaýan ekeniňiz-ä?
-Ejeňizi hasaba almanda häzir sizem ýeke ýaşaýaňyz-a.
-Tüweleme. Men hakda maglumat köküni toplana meňzeýäňiz.
Gapy açyldy, gyz ýeňillik bilen dem alyp, näzli jogap gaýtardy:
-Gereginden toplandyrys. Giriň bakaly.
Darajyk dälizden geçip, garşydaky otaga girenden Mansur töwerekdaşyna göz aýlady. Otag sadaja bezelenem bolsa, onda aýal maşgalanyň
yhlasly elleriniň yzy duýulýardy.
-Oturyň, häzir çaý getireýin –diýip, gyz çalasynlyk bilen stoluň
üstünde galan gap-gaçlary ýygnaşdyrmaga başlady. Mansur onuň
hereketlerini synlap durşuna aýgytly bir karara geldi. Ol gyzyň iki
elindenem tutup, ony emaý bilen özüne tarap öwürdi. Gyz ne çekinjeňlik
etdi, ne-de ol hereketleri geň gördi. Mansur ýagdaýa doly göz ýetirip şeýle
diýdi:
-Bu zatlary bir salym goýup duruň. Entek siz maňa adyňyzy-da
aýdaňyzok – diýip onuň gözlerine ýiti seretdi.
-Bazaňyzda işläp başlanym bäri bir aýdanam köp wagt geçdi, siz bolsa
henize çenli meň adymy-da bileňizok.
-Bagyşlaň, bazada işgärler köp, hemmesiniň adyny ýatda saklamak
kyn düşýär.
-Onda ýatda saklajak bolsaňyz aýdaýaryn.
-Hökman saklaryn!
-Adym Şemşat.
-Şemşat diýsene – diýip, Mansur birden „sizden“ „sene“ geçdi-de –sen
Şemşat däl-de, Şetdat ekeniň – diýdi.
106
Şemşat Mansuryň näme diýmekçi bolýanyna düşünenem bolsa,
mönsürän bolup, çetde duran diwana barmagyny çommaltdy.
-Baryň-da, indi şol diwanda oturyň.
-Oturansoň näme iş edýäs?
-Näme iş ederis öýdýäňiz, çaý içeris-dä.
-Şomy bar bolany?
-Ýeri, eýsem göwnüňiz nämeleri küýseýär?
-Göwnüm gaty köp zatlary küýseýär, Şemşat jan...
Şemşat jykyrdap gülüp goýberdi:
-Işdäňiz ýaman däl öýdýän? Bolýa, buýruň. Myhmanyň göwni näme
islese, öý eýesi şony etmäge borçly.
-Onda maňa seret – diýip, Mansur çynlakaý äheňde gürledi. – Şäherde
meniň maşynymyň nomerini gaty köp adam bilýär, seniňem şu ýerde
ýaşaýanyňy bilýänler az-küş däldir. Şonuň üçinem men maşyny öýde
goýup, birneme garaňky gatyşansoň geläýsem, arkaýynja oturardyk. Nähili
görýäň?
Şemşat uýaldymy ýa-da näzirgäp diýdimi garaz, ýüzüni bir gapdala
sowdy-da:
-Ygtyýaryňyz – diýdi.
Mansur onuň elini hyjuwly gysyp çykyp gitdi. Ol gaýdyp gelende
stoluň üstünde dürli-dümen nygmatlar, konýakdyr bulgurlar lowurdaşyp
durdy. Tördäki krowatyň ýapynjasy aýrylyp, onuň üstünde gar ýaly ap-ak
pododeýalnigiň içine salnan atlaz ýorganyň ortasy ojakdaky köz ýaly
gyzaryp, gözüň ýagyny iýeýin diýýärdi.
Şemşadyň çeňňegine hakyky altyn balyk düşüpdi. Aradan köp wagt
geçip-geçmänkä, onuň barmaklarynda altyn ýüzükler, gulaklarynda tylla
syrgalar peýda boldy.
Mansur bolsa „wagtyňy hoş geçir,döwran ýoluksa“, diýleninden ugur
alyp, Nurjemalyň aýdan şaryny ýene-de zor berip çişirmäge başlady. Emma
ol şaryň ýarylmaly gününiň ýetip gelenini bilenokdy. Gaýtam şol gün onuň
keýpi hemişekisindenem kökdi. Çünki şol gün oňa iki sany göwnüni göteriji
zat garaşýardy: Birinjiden işiň ahyrynda Hojamgula artdyrylan harytlary
berip, gepleşilen baha boýunça puluny almalydy. Hojamgulydan alynjak
paçkaly pullar göz öňüne gelende onuň keýpi ýene-de göterilip, göwni
joşýardy. Ikinjiden oňa şu agşamam Şemşadyň näzli garaýyşlary, gyrmyzy
dodaklary garaşýardy. Emma ol şol gün özüne garaşýan üçünji bir zatdan
bihabardy.
Iş güni ahyrlapdy. Mansurdan başga ammar müdirleri ammarlaryny
gulplap gidipdiler. Ol bolsa Hojamgula garaşýardy. Hojamguly köp
garaşdyrmady, edil belleşilen wagtda sary „Moskwiç“ gelip, ammaryñ
agzyna direndi. Ondan düşen Hojamguly maýmyna mahsus bolan
107
çalasynlyk bilen maşynyň syrtyna geçip, bagažnigi açdy. Ýüküni tutan
„Moskwiç“ Mansury-da alyp, bazadan çykdy.
Ähli ýerde işiň gutaran wagty bolany üçin köçede maşyn köpdi. Işden
ýadap çykan adamlar öýlerine tizräk ýetip, dynç almaga howlugýardylar.
Mansur bilen Hojamguly bolsa olardan beter howlugýardy. Şonuň üçinem
sary „Moskwiç“ daz ýasap beýleki maşynlary kowup geçip barýardy.
Emma bir çatrykda gyzyl swetofora dogry gelip, sary „Moskwiç“
saklanmaly boldy. şonda Hojamguly yzyndan gelýän „milisiýa“ diýen
ýazgyly „Wolgany“ görüp galdy. Onuň ýüregine howsala düşdi:
-Mansur seret, yzymyzdan milisiýa gelýä-le – diýip, hüňürdedi.
-Baý senem gorkak bolupsyňow, Hojamguly aga. Ýöne geçip barýan
maşyndyr-da – diýip, Mansur batyrlyk satan boldy. Mansur ýalňyşypdy. Ol
ýöne geçip barýan maşyn däl ekeni. Çatyrykdan geçen badyna ol maşyn
sary „Moskwiçi“ ýoluň gyrasyna gysyp çykaryp saklady.
Ine şeýdip Nurjemalyň sözi hak bolup çykdy: şar ýaryldy, dogrusy,
partlady. Bu partlaýyşyň sarsgyny Mansury ýedi ýyllyk ýola zyňyp
goýberdi.
***
Ine, häzir ol şol ýedi ýyllyk ýoly ädimme-ädim geçip gelýärdi.
Tamburyň howasynyň dymyklygyndanmy ýa-da köp oýlanandanmy,
Mansuryň başy daş asylan ýaly agyrlaşyp, agyrmaga başlady. Arassa
howadan dem almak üçin aýnany açmakçy bolup synanýarka, prowodnik öz
jaýyndan çykyp, oňa başdan-aýak şübheli nazar taşlady-da:
-Bimahal çak näme işläp ýörsüň? Ýatyp uklasaň bolmaýamy! – diýdi.
Mansur hiç zat diýmezden, oňa müýnli garady-da, wagonyň içine girip
ýerinde süýndi. Hany gözüne uky gelse. Ol her hili oýlaryň girdabynda
tolgunyp ýatyrka, otlynyň tigirleri birsyhly „takyrryky-tark“ diýip
seslenýärdi, göýä oňa: „Nirä barýaň, kimiň ýanyna?“ diýen soragy
gaýtalaýan ýaly duýulýardy.
Dogrudanam, ol nirä, kimiň ýanyna barýardy? Önüp ösen şäherinemi?
Hawa. Onda kimiň ýanyna? Onuň gelenine kim begenerkä? Hiç kim! Enesi
bolsa ýalňyz oglunyň yzynda ýanyp-köýüp ölüp gidipdi. Jaýlary hökümet
haýryna geçirilipdi. Daýysynam onuň yzy-süre ýygnadylar.
Nurjemalam...
Ýok. Nurjemaldan entek umydy üzülmändi. Nirede-de bolsa, ony
Mansur gözläp tapjakdy. Baryp, günäsini ötmegi sorajakdy. Ol diňe
Nurjemal üçinem şu taraplara gelýärdi. Çünki onuň şundan soňky durmuş
ýoluny ýagtyldyp biljek ýalňyz şamçyragy şudy...
Daňa golaý Mansury uky basmarlady. Onuň uky basmarlan
beýnisinde Nurjemalyň keşbi duman içinde ýüzüp ýören guş dek esli wagta
çenli gaýyp aýlandy ýördi, aýlandy ýördi.
108
Mansury çagalaryň şadyýan gykylygy oýatdy. Ol gözlerini açanda,
wagonyň äpişgesinden güneş garap durdy.
Mansuryň garşysyndaky polkada otuz ýaşlar çemesindäki bir gelin,
onuň ýanynda alty-ýedi ýaşlaryndaky bir gyzjagaz, ýene bir kiçijik oglanjyk
oturdy. (Olar otla daňdanlar münen bolsa gerek).
Ol gelin çagalryny köşeşdirjek bolýardy:
-Gygyrşyp, ana ol adamam oýatdyňyz – diýip çagalryna käýindi.
Mansur bolsa biparhsyrady:
-Zyýany ýok – diýdi-de, turup oturdy. Şonda Mansuryň gözi
oglanjygyň elindäki rezin şara düşüp, bir zatlary ýatlap, allaniçigsi boldy.
Çagalar ol „zyýany ýok“ diýensoň ýene-de oýna başladylar. Oglanjyk
şaryň agzyna dodaklaryny goýup, üflemäge başlady. Gyzjagaz bolsa:
-Ýararsyň, indi üfleme! – diýip, çyr-çytyr bolup, onuň elinden şary
almaga çalyşdy. Oglanjyk şardan dodagyny aýyryp:
-Degme! Ýarylmaýar ol – diýip, gyzjagazy itekläp goýberdi-de, ýene
üflemäge başlady. Birmahal şar „tars“ edip ýaryldy.Keýpi gaçan oglanjyk
elindäki şara garap durdy-da aglap goýberdi.
-Özüň ýarybam nämä aglaýaň? – diýip, gelin çagany köşeşdirmek
üçin kiçijik çemodandan bir gysym şokolad alyp, onuň eline tutdurdy. Çaga
derrew köşeşip, ýylgyrjaklap töweregine göz gezdirdi. Onuň gözleri özüne
täsin bir garaýyş bilen seredip oturan Mansuryň gözlerine kaklyşdy. Bu
garaýyşyň manysyna düşünibilmän, çaga ondan gözlerini aýyrmady.
Ahyram bu garaýyşda içgin bir duýgudaşlygyň barlygyny aňlan şekilli
elindäki konfetleriň birini Mansura uzadyp:
- Me, alyň – diýdi.
Mansur aljagyny-da, almajagyny-da bilmän, oňaýsyz ýagdaýda
ýylgyrdy.
Gelin:
- Alyň, çaganyň badyny gaýtarmaň – diýdi. Mansur konfeti alýarka,
ojagaz oglana minetdarlyk bildirmek üçin „şaryň hiç haçan ýarylmasyn,
jigim“ diýmekçidi. Emma bu gepiň manysyna özünden başganyň
düşünmejegini aňyp:
-Berekella, bagtly bol – diýip oňaýdy. Çaganyň ýüzi açylyp, onuň
bilen gepleşesi geldi. Ol:
-Bagtly bolanda nähili bolýar, daýy? – diýdi. Mansur aljyrap çaga
näme jogap berjegini-de bilmedi. „Bagtly bolsaň, maşynyň bolýar, öýünde
her hili gowy zatlaryň köp bolýar“ diýsinmi, ýeri näme diýsin?! Ol biraz
wagtlap näme diýerini bilmän, dilini dişläp durdy.
Ahyrsoňy:
-Gowy bolýa, örän oňat bolýa-da – diýdi, şeýle ýönekeýje jogap
tapanyna begendi. Bu jogap çagany kanagatlandyrmak bolara çemeli, ol
109
gözlerini petredip durşuna:
-Bagtyň özi nirede bolýar-a? – diýip sorady.
Mansur indi çyny bilen aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Bu sowala-da onuň
taýyn jogaby ýokdy, ahyry. Bagt nirede bolýa diýsin? Asmanda ýa-da ýerde
diýsinmi? Şäherde ýa-da obada diýsinmi? Ýa-da bagt diýeniň bir
guş, gaýypdan gelip barşyňa gonýar. Eger eliňdäki şaryň ýarylsa,
ürküp, uçup gidýär diýsinmi? Näme diýsin?!
Şu mahal olaryň sözlerine bar ünsüni berip, ol gelniň dyzyna söýenip
oturan gyzjagaz hiç kimiň çözübilmedik soragyny özi jogap tapan dek ýüzi
açylyp gitdi. Ol şaňňyja sesi bilen:
-Şonam bileňokmy? Bagt diýen adamyň içinde bolýar-da – diýdi.
Mansur bu söze ýylgyrsa-da, çaganyň sadaja düşünjesiniň aşagynda
hakykatyň ýatandygyny ykrar etmeli boldy.
-Hawa jigijigim ol dogry aýtdy!- diýdi.
Soň ara dymyşlyk aralaşdy.
İkindinara otly haýkyryp şähere ýetip geldi. Mansur hemmeden öňürti
goşhaltasyny egnine atyp, düşmek bilen boldy. Onuň kalbynda bir
düşnüksiz galagopluk döräp, ynjalygyny gaçyrýardy. Otlynyň togtamagy
bilen perronda duran mähelle wagonlara bakan akyp ugrady. Mansur
gözleriniň ygtyýarsyz bakyşyndan kimidir agtarýanlygyny duýup, öz
hantamalygyna içinden güldi. Ony garşy almak üçin kim çyksyn ahyry?!
Ol wagondan böküp düşdi-de, bu ýerdäki garşylamak, ugratmak
dessuryndan bukulýan dek tiz-tizden ýöräp gitdi.
Mansur awtobusa-da münmän önüp-ösen şäheriniň köçelerinden
pyýadalap ugranda, çagalygyndan tanyş binalar, görnüşler gözüne has-da
yssy basyldy. Emma ol olara näçe yssy mähir bilen garasa-da, olar welin
muňa ýat garaýyş bilen biperwaý seredişýän ýalydy.
Mansur aňyrdan niýet edip gelýän myhmanhanasyna bardy. Ýazuwçyzuw işlerini gutaryşdyryp, nobatçy oňa oňatja ýerden bir jaý görkezdi. Ol
äpişgäniň öňünde duran stulda oturyp, sigaret otlandy. Hamana diýersiň,
häzir hiç zat barada oýlanmaýan, hiç zadyň aladasyny etmeýän ýalydy.
Onuň oýu-da, gaýgysy-da hetdenaşa sarp edilip, gutarana meňzeýärdi. Ýöne
öz önüp-ösen şäherinde özüni sergazdan ýaly syzyp, myhmanhanada
oturmagy oňa diýseň agyr degýärdi. Ol ýadawdy, jysmany däl, ruhan
ýadawdy. Şonuñ üçin bu gün gem-dynjyny alyp, ertirden başlabam
Nurjemalyň soragyna çykmagy karar etdi. Ol ajyganyny duýup,
myhmanhananyň restoranyna bardy. Restoranyň içi adamdan bireýýäm
dolupdy. Adamlaryň açyk gürrüňleri, şowhunly gülküsi Mansuryň
ýüregindäki düwni biraz ýumşadan ýaly boldy. Ol çeträkdäki boş erleriñ
birine baryp oturdy-da tagamlaryň atlaryny gözden geçirmäge başlady. Şol
wagt onuň gulagyna bir serhoşyň şaňňy sesi eşidildi.
110
-...Şeýle, inim, patyşa ýaly ýaşamagy başarsaň, şa bolmagyň hajaty
ýok.
Mansur ýylan çakan ýaly tisginip, ses çykýan taýa seretdi. Onuň
gapdaljygyndaky stolda iki adam otyrdy. Olaryň biri ýaňy ýigrimi bäşlerine
giren uzynak görmegeý ýigitdi, ikinjisi semizliginden ýaňa alkymlary
sallanyp ýatan orta ýaşly adamdy. Mansur oňa ganym duşmanyny gören
ýaly alarlyp seretdi.
Ol Mansura bütinleý nätanyş bolsa-da, onuň nämesidir Mansura
ozaldan tanyşdy. Dogrusy, bu adamyň edim-gylymy daýysyny ýatlatmanam
duranokdy.
-Bu dana sözleri unutma – diýip, ol semiz adam sözüni dowam
etdirýärdi. – Durmuş diýleni şeýle. Ýoluny tapsaň, döwran sürersiň,
tapmasaňam jebrini görersiň...
Uzynak ýigit hem, Mansuryň bir wagtky bolşy dek, beg ýaly ýaşamak
ýoluny gözläp ýören bolsa gerek, ýoldaşynyň gürrüňini höwes bilen
diňleýärdi.
-Meniň aýdanymyň galady bolmaz, saňa ters ýoly berjek gümanym
barmy? – diýip, ol semiz adam ýene gep nokatlaýardy. – Ýagşy diýiber,
ýitirjek zadyň näme?
„Ýitirjek zadyň näme?!“ Bu söz Mansuryň kalbynda eýmenç ýaňlanyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 10
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.