Latin

Powestler - 22

Total number of words is 3862
Total number of unique words is 2044
33.6 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
55.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gygyrjak ýaly etdi, emma nämedir bir zady endişe dip, özüni saklady.
Size näme gerek? Ýa atamdan bir habar getirdiňizmi?
- Ataňyz sag gurgun. Ýöne men size öz ýüregimiň habaryny getirdim diýen ýigidiñ ýüzüne Rugsar banu siňe seretdi-de:
– Siz şol bir sapar galandarhana saz diñlemäge, soñam ýakynda köşkdäki
meýlise gelen minara gurýan binagär ussanyň şägirdi dälmi?-diýdi..
Hawa, men şol ussanyň şägirdi hem-de siziň ýesiriňiz.
Diýýäniňiz näme ýigit. Bu ýerde meniň özüm ýesir. Ýesire esir
bolmak siziň nämäňize gerek? Onsaňom siz bu ýere bu hili ýagdaýda
gelmäge biçik het etdiňiz? Duýsalar sizi öldürerler, ahyryn.
Çyn aşyklar ölümden gorkmaýar, banu. Meni bu ýere size bolan otly
söýgüm itekläp geldi – diýip, Isgender gyzyň öňünde dyza çökdi.
255
Ýigidiň gözlerinde ýanyp duran söýgi oduna gyzyň nazary
kaklyşanda ýüregi jigläp gitdi. Şeýdip iki ýürekdäki pynhan duýgular ýüze
çykdy. Olar duşuşdyklary saýyn aralaryndaky söýgi ýürekleriň jümmüşine
kök atyp berkeýärdi.
Aý aýlanyp, ýyl geçdi. Minaranyň gurluşygy-da tamamlanyp
barýardy. Minara beýgeldigi saýyn Horezmşanyň beýnisinde bir gara niýet
barha ösýärdi.
Günleriň birinde şa Mehduny weziri ýanyna çagyryp, şol gara
niýetini daşyna çykardy.
Mehduny, minara-da göwnümüzdäki ýaly bolup çykaýjak öýdýän.
Erte – birigün onuň soňky kerpiji goýuljak. Ýöne şeýle belent minara diňe
Horezminde bolmalydygyny unutma. Horezminiň şöhratyndan beýik şöhrat
bolmaly däl. Düşünýämiň?
Kyblaýy älem, dogrusyny aýtsam, Siziň näme diýjegiňize oňly
düşünemok – diýip, ol hökümdara müýnli seretdi.
Seniň paýhasyň barha kütelip barýar, Mehduny. Akyl hem gylyç
ýalydyr, ony çarhlap durmasaň küteler.
Wezir geplemedi, şa sözüni dowam etdi.
- Düşünmeseň, açyk – aýdyň aýtmaly boljak. Gulak as. Beýle beýik
minarany gurmak her bir ussanyň elinden gelip duranok. Muny diňe
Semender ussanyň başarmagy mümkin. Eger onuň başy dik bolsa, şeýle
minaranyň ýene bir patyşalykda bina bolmagy ähtimaldan daş däl. Indi
düşündiň gerek!
Şanyň niýetiniň düzüw däldigini aňan Mehdunyny gara der
basdy. Sebäbi ol Semender ussa beýik binagär hökmünde uly sarpa
goýýardy. Ýöne wezir hökümdaryň garşysyna gitmäge milt edip bilmedi.
Düşündim, kyblaýy älem. Diýmek Semender ussa soňky kepiji
goýup, aşak düşeninden soň, onuň ýoguna ýanmaly.
Berekella – diýip, wezire gitmäge rugsat berdi.
Şanyň bu karary her näçe gizlin-de bolsa, iki üç günüň içinde
köşkde ýaýrady. Ol Rugsar banuwyň hem gulagyna gelip ýetdi. Şanyň
ýowuz niýetini eşidip, Rugsar banu biçak gaharlandy. Ol: ,, Şa bu niýetine
hiç haçan ýetmez” diýip, öz ýanyndan şert etdi. Rugsar banu şol gün
Isgender bilen boljak agşamky duşuşyga öňküsinden hem has sabyrsyzlyk
bilen garaşýardy.
Uly şäher gijäniň gara perdesine örtülensoň, şanyň köşgüne
öwrenişen gara geýimli, uzyn boýly ,,Keniz” bu gün hem hemişeki ýaly, ol
ýerde duýdansyz peýda boldy. Ol baryp, Rugsar banuwyň otagyna girenden,
ony banu howsalaly garşy aldy.
Ezizim Isgender, bu gün men sizi şatlandyrmagyň, göwnüňizi
götermegiň deregine elhenç bir habary aýtmaga borçludyryn.
256
Ol nähili habar? – diýip, Isgender howatyrly sorady.
Siziň halypaňyzyň başynda ölüm howpy bar.
Meniň halypamyň başynda? Aý, ýo-ga, Rugsar!
Ol-a şanyň
garamagyndaky adam. Oňa el götermäge hiç kim het edip bilmez.
Wah, Isgender, düşünseňiz-le, ony şanyň özi öldürjek bolýan bolsa
nätjek. Hawa, eger Semender ussanyň sanalgysy dolmasa, ol başga bir
patyşa-da şeýle beýik minarany gurup bermegi mümkin diýip, şa ony ýok
etjek bolýar. Şonuň üçin bu jenaýatyň öňüni almaly. Ony halas etmek
gerek!
Şeýle diýseňiz-le, Rugsar. Köp sag boluň! Men ony hökman halas
ederin! Bu meniň şägirtlik borjum – diýip, Isgender Rugsar banu bilen
hoşlaşdy.
Soňky wagtda Semender ussa işleýän ýeri – minaranyň depesinden gije
– -gündiz düşenokdy. Ol şol ýerde naharlanyp, şol ýerde-de ýatyp –
turýardy. Minaranyň etrapynda goş tutyp ýatan gurluşykçylaryň arasynda,
minaranyň içersine girilýän agzynda-da sakçylar bardy. Olar garaňky
düşensoň, hiç kimi minaranyň içine girizmeýärdi. Minaranyň depesine
bolsa diňe içindäki basgançaklardan çykmak mümkindi.
Şonuň üçin Isgender Rugsar banudan eşden şum habaryny ussadyna
şol gijäniň özünde ýetirmäge mümkünçilik tapmady. Ol daň atýança
garaşmaly boldy.
Daň atyp, iş başlanandan soň, Isgender özüniň işleýän ýerine gijesi
bilen pugta oýlanan çäresini ýüregine düwüp geldi. Ol minaranyň
içersindäki orta basgançaklaryň birinde durup, aşakdan berlen kerpiçleri
mazaly timarlap ýokary uzadýardy. Şeýle ýagdaýda kerpiçler elden-ele
geçip, ahyr soňunda-da Semender ussa ýetýärdi.
Isgender şol gün birinji timarlan kerpijiniň ýüzüne şanyň ýowuz
niýetini ýazyp goýberdi. Ol kerpiç şähdaçyklyk bilen ýaňy işe girişen
ussanyň eline baryp düşende, onuň ýüzi ak kagyza döndi. Emma nähili
ýagdaý bolsa-da, ondan çykalga tapmagy başarýan ussa özüni ýitirmedi. Ol
derhal başga bir kerpijiň ýzüne hat ýazyp, özünden aşakda durana berdi. Ol:
Şu kerpiji Isgendere gaýtaryň, ony mazalyja timarlap bersin –
diýip buýurdy. Ýokardan gelen kerpijiň ýüzündäki hata gözi kaklyşandan
Isgender öz habarynyň halypasyna baryp ýetenini aňyp begendi. Ol haty
nebsewürlik bilen okady. Semender özüne ganat bejermek üçin ýokaryk
ýeterlik mukdarda gamyş, kagyz we ýelim ibermegi haýyş edýärdi.
Isgender ussadynyň ugur tapyjylygyna telpek goýup, şol günüň özünde
onuň haýyşyny ýerine ýetirdi. Emma ol ussadynyň niýetiniň amala aşjagyna
– aşmajagyna göz ýetirip bilmän üç güne çenli ynjalyksyzlanyp gezdi.
Üçünji gün bolsa, diňe Isgenderi däl-de, bütün Horezmin ýurduny haýran
galdyran görlüp-eşidilmedik waka boldy.
257
Gün guşluga galan wagtydy. Minaranyň süýr depesinde Semender
ussa ör boýuna turup, halka ýüzlendi:
Halaýyk! Men häzirjek bir ýyllap iş edinen beýik gurluşygymyz minaranyň iň soňky kerpijini goýdum. Bu işi hökümdarymyz Horezmşanyň
emri bilen başlanam bolsam, bu minara halkymyza, bizden soňky nesillere
ýadygär bolsun diýip, zähmet çekdim. Emma men çeken zähmetimiň
öwezine şadan uly bir sylaga garaşmadygam bolsam, ýönekeý bir sag
bolsuna garaşypdym. Ýöne şa sag bolsunyň deregine maňa ölüm jezasyny
taýynlap goýupdyr.
Adamlar! Men bir zada aýdyň göz ýetirdim. Kim zalym şalara
hyzmat etse, onuň başyna töhmet ýagýar. Kim adyl şalara hyzmat etse onuň
başyna rehnet ýagar. Şoňa göra men siziň bilen, ilim-günüm bilen
hoşlaşmaly bolýan. Hoş galyň!
Semender ussa sözüni gutaryp: ,,Ýa rebbim!” diýip, çasly gygyrdy-da
özüni minaradan aşak oklady. Şol bada onuň arkasyna gaýym daňylan äpet
ganat ýazyldy güýçli elleriniň kuwwaty bilen herekete girip, ony asmana
göterdi gitdi.
Şeýdip Horezminiñ bir ajaýyp binagäri öz ýurduny taşlap uzak
ülkelere uçup gitdi.
Semender ussanyň gaçanyny eşiden Horezmşa gazap atyna atlandy. Ol
Semendere gaçmaga kömek eden adamy tapmak üçin buýruk berdi.
Derňew şany köp garaşdyrmady. Onuň adamlarynyň biri Isgenderiň ýüzüne
hat ýazan kerpijini minaranyň depesinden tapyp getirip, şanyň öňünde
goýdy. Muňa öňküsinden hem dergazap bolan şa Isgenderi minaradan oklap
öldürmegi buýurdy. Bu aýylganç habar bütin şähere ýyldyrym çaltlygynda
ýaýraýşy ýaly, Rugsar banuwyň hem gulagyna gelip ýetdi. Söýgülsiniň
pajygaly ölümine döz gelip bilmedik Rugsar banu-da özüni saçlary bilen
bogup öldürdi.
Köşgüň bezegi bolan bu senetkäriň ýogalmagy rehim-şepagatdan
mahrum bolan şanyň hem daş ýüregini eretdi. Ol ýurtdaky mumiýalaýjy
ussalary çagyryp ,, Rugsar banu ýedi müň ýyl ýeriň aşagynda ýatsa-da
endamynyň hiç bir ýeri zowal tapmasyn” diýip buýruk berdi.
Gyza mermer daşyndan sandyk bejerip, şanyň aýdyşyndanam zyýada
edip, mumiýalap jaýladylar.
Gyzynyň ölümi zerarly aklyndan azaşan kör derwüş bolsa, tä
ömrüniň ahyryna çenli, her gün onuň mazarynyň üstüne baryp, dutarda
gamly mukamlar çalyp oturypdyr.
Syryň açylyşy
Garry gürrüňini gutardy. Kelläme bir bir pikir gelip, gyssanmaç
ýerimden turdum. Muhtaryň eline apparatly taýak alyp, gijelerine nämäni
gözlap ýöreni indi meniň üçin aýdyň boldy.
258
Garry bilen hoşlaşyp, daşary çykdyk. Men Muhtary görmäge
howlugýardym.
Ýolboýy Aýsenem keselhananyň işleri barada bir zatlary gürrüň berip
gelýärdi. Emma meniň gulagymyň daşýanyndanam geçenokdy. Pikirim
Muhtaryň akyla sygmajak işindedi ,, Hakykatdanam, ol şu küýe
düşdümika? Heý bir, şeýle zady-da amala aşyryp bolarmyka? “ diýip, içimi
gepledýärdim.
Beýinimde at salýan şu pikirler bilen gümra bolup, öýe ýetip
gelenimizi-de duýman galypdyryn. Hiç zatdan habarsyz Aýsenem hoşlaşyp,
öýlerine gitdi. Men Muhtaryň gapysynyň öňüne gelip, aýak çekdim. Syryny
açanymy oňa nähili edip aýtjagym hakda pikirlendim. Dälize girenimden,
Muhtaryň özi içerki otagdan çykyp garşylady. Onuň bolşy birhili
üýtgeşikdi. Gözlerinde düşnüksiz bir ot ýanýardy, ýüzi güýçli tolgunmadan
nurlanyp durdy. Gysgasy, ol şu görnüşinde bir silkinip uçup gidäýjek äpet
guşa meňzeýärdi. Men oňa?
Gizlän-de bolsaň, baryny bilendirin! – diýdim. Ol uly ýeňiş
gazanan adamyň ýylgyrşy ýaly ýylgyrdy-da:
Biraz gijigipsiň, meniň özüm saňa häzir ähli syrymy açmakçydymdiýdi. Soňra maňa synçylyk bilen seretdi-de :
Bolýar, häzirlikçe men aýtmaýyn. Bilen bolsaň özüň aýt, nähili syr
ekeni meniň syrym? – diýdi.
Sen Rugsar banuwy tapypsyň hem-de ony direltmegiñ üstünde işleýärsiňdiýenimde, Muhtar meniň bir elimden tutup, aşhana alyp girdi-de gözlerime
siňe seredip:
Muny nireden bildiň? – diýdi.
Häzir Rugsar banu hakyndaky rowaýaty soňra seniň ,, Bu işim
amala aşsa, ýitirilen şol mukamlar hem gaýtadan dünýä iner” diýeniñiň
manysyna pähim ýetirdim.
Kelläň kemi ýok – diýip, ol güldi: - Emma häzirlikçe hiç kime hiç
zat diýme.
Diýmerin. Emma häziriň özünde ony maňa görkezmeli bolarsyň.
Çaýyny içip bolsun entek – diýip, Muhtar ýylgyrdy.
- Kim?! Rugsar banumy?
- Hawa. Şunça asyrlyk açlykdan soň. Oňa azrak naharlanmak gerekmi,
Ýokmy?
- Aý goýa , hakykatdanam, ol häzir çaý içip otyrmy? !
Muhtar jogap bermegiň deregine hezil edip gülýärdi.
Meni oýnaýañ öýdýän, Muhtar? – diýdim.
Degişýän, dostum. Emma ýakyn günlerde onuň seniň bilen
oturyp, çaý içjekdigine söz berýärin – diýdi: - Emma öňünden aýdyp
goýaýyn, ahmal bolsaň, elleriňden käsäň düşüp dowülmegi mümkin.
259
Rugsar banuwyň gözelligi öz döwründe köp adamlary aklyndan
azaşdyrypdyr.
Diýmek... diýmek, işiňden bir netije çykypdyr-da?
Muhtar begenjinden meni gujaklady. Men edil ajaýyp erteki
diňleýän çaga ýaly, gözlerimi petredip, oňa serdeýärdim. Muhtar meni
goýberdi-de:
- Ýör, görkezeýin- diýip, laboratoriýasy tarapa yşarat etdi.
Labaratoriýa men tüýs jadygöýüň mekanyna girjek ýaly, ýüregimi
elime alyp girdim. Laboratoriýa ak tuty bilen ika bölünen, onuň öňündäki
bölümünde her hili suwuklyklar salnan çüýşeler, enjamlar, bir topar ululykiçili apparatlar bardy. Muhtar meniň elimden tutup, tutynyň aňyrsyna
geçirdi. Ana şonda, akylym haýran bolup, dilim damagyma dykyldy.
Ullakan wannada mawy reňkli suwuklugyň aşagynda ajaýyp bir gözel
ýatyrdy. Suwuklyk şeýle bir durudy welin, hat-da onuň içine çümüp ýatan
gyzyň husny jamaly-da anyk görünýärdi.
Wannanyň başuç tarapyndaky jykgyldap ýöräp duran ullakan apparadan
çykan simler gyzyň synasyna goýlan kiçijik galkana meňzeş zada
birigýärdi. Apparadyň üstündäki kislorod haltasynyň uzyn naýçasy gyzyň
dodaklaryna gysdyrylgydy.
Muhtar meni ýaş çaga dek idip, uly otaga alyp çykanynda akyla
sygmajak düýşden oýanan ýaly boldum.
Ýeri? – diýip, ol gülümsiredi.
Hakykatdanam, ol direlermi? – diýip, müňkürlik bilen soradym.
Elbetde, direler. Bireýýäm işe girizip göýberilen ýüregi gany
dolandyrmaga başlady. ,,Durmuş suwy” bolsa ähli dokumalaryň gaýtadan
janlanmagyna kömek eder. Emma organizmiň doly özüne gelmegi üçin,
biraz wagt gerek
Näçeräk wagt gerek bor?
Häzir anyk aýdyp biljek däl. Ozalky hasabym boýunça, reaksiýa üç ýüz
sagada golaý dowam etmelidi. Emma işiň häzirki barşyna seredende, az
wagtam ýeterlik ýaly. Emma yzgiderli gözegçilik edip durmak gerek. Eger
reaksiýa wagtyndan geçäýse, organizmi gaýtadan öldürýär.
Muhtar şeýle diýdi-de, labaratoriýasyna girip gitdi, az salymdan çykyp:
- Indi bu işden Aýsenemi-de habardar etmek gerek. Sebäbi mundan beýläk
onuň hem gerek ýeri bar - diýdi.
Onuň ýaly bolsa häziriň özünde aýtmak gerek. Özüm oňat edip
düşündirerin oňa - diýdim.
Muhtar razy boldy. Men bu adatdan daşary habary eşidende Aýsenemiň
nähili ýadaýa düşjegini göz öňüme getirip, köçä çykdym . Aýsenemleriň
gapysyna golaýlaşamda, onuň özi içerden çykaýdy.
Duşanyňyz gowy boldy. Öýüňize baryp, çagyryp çykarmaga çekinip
260
gelýärdim – diýdim.
Näme boldy, eýgilikmi? - diýip, ol maňa howatyrly seretdi.
Soňra näme diýjegmi bilmän, dymyp galdym. Ýedi yklymda, düýşüňe
girmejek bu habary nädip düşündirsemkäm janym?...
Näme habar? – diýip, gyz has-da ynjalyksyzlandy.
Aýsenem – diýip, birhili ýylgyrdym, dünýäde nähili wakalar bolup
ýörenini bir bilsediňiz!
Nähili waka! Amerikada rewolýusiýa bolupmy?
Men birden gülüp göýberdim:
Ýok... bu waka akyla sygjak zat. däl...
Aýsenemiň sabyr käsesi doldy:
Näm boldy ahyry, aýtsaňyz-la!
Aýtsam, ynsan hudaý boldy!
Bu näme diýdigiň? – diýip, gyz maňa geňirgenip seretdi.
Rugsar banu hakyndaky rowaýat ýadyňyzda barmy?
Hawa.
Maňa
Muhtaryň aklyndan azaşandygyny aýdyp bereniňiz hem
ýadyňyzda gerek?
Hawa.
Muhtaryň şol aklyndan azaşany üçin, Rugsar banu direläýdi.
Aýsenem bu gepiň oýundygyna-da, çyndygyna-da düşünmän, gözlerini
petredip, ýüzüme seredýärdi.
Men oňa bolan wakany başdan aýak düşündirdim. Aýsenemiň akyly
haýran bolup, duran ýerinde doňup galdy.
Siz entek aljyramaň, Aýsenem. Muhtar mundan beýläk siziňem
kömegiňiz gerek diýdi.
Biz gaýtdyk. Biziň aýak sesimizi eşidip, Muhtar laboratoriýasyndan
çykdy. Aýsenem ony görüp, birhili aljyraňňylyk bilen ýylgyrdy-da:
Muhtar, şu gep çynmy? – diýdi.
Çyn! – diýdi-de, Muhtar tolgunyp duran gyzy bagryna basdy. Soňra ol
stoluň aşagyndaky oturgyçlardan çykaryp, bize-de ýer görkezdi. Biz
Muhtaryň özara kiçijik maslahat geçirmekçidigini aňyp, onuň golaýynda
ýerleşdik.
- Iş göwnümdäki ýaly bolup çykdy – diýip, Muhtar söze başlady: - Rugsar
banu häzir biologik taýdan direldi. Programma boýunça ýene birnäçe
günden ol doly güýjüne girýär. Ýagny ýerinden turup, ýöräp, gepläp
biler. Birinji gezek gözüni açan mahalynda, onuň ýanynda Aýsenem,
sen bolmaly. Bu onuň ruhy dynçlygyny saklamak üçin gerek. Sen ony
ýuwundyrarsyň, geýindirersiň, gysgasy azrak wagt banuwa kenizlik etmeli
bolarsyň.
- Janym bilen, Muhtar. Emma...-diýip, Aýsenem sakyndy.
261
- Emmaň näme? Görýän welin, sen muňa henizem ynanaňok, Aýsenemdiýip, Muhtar oňa garap ýylgyrdy.
- Müň ýyllap ýer teýinde ýatan adamyň direlmegi hiç mümkin däl ýaly...
Muhtar Aýseneme kinaýaly seretdi-de:
- Dünýädäki ähli milletleriň dilinde ,,direlmek” diýen söz bar. Adamzat
entek direlmek we direltmek wezipesini çözmezinden öň bu sözi tapyp
goýupdyr. Diýmek bu işiň haçan bolsa-da amala aşjagyna müň ýyllar
öňünden ynanypdyr. Sen bolsa, bu işiň eýýäm durmuşa geçirilen mahalynda
muňa ynanman otyrsyň – diýdi... Aýsenem näme diýjegini bilmän, haýran
galmak bilen, Muhtara seredýärdi.
MÜÑ ÝYllYK GEÇMIŞDEN GELEN MYHMAAN
Aradan birnäçe gün geçdi. Ölümiň ýaşaýşyň öňünde dyza çökýän dabaraly
pursatlary gelip ýetdi. Gije sagat on birler wagtydy.
Muhtar Aýsenemi laboratoriýa alyp girip, Rugsar banu gözüni açan
mahalynda, näme işler etmelidigini oňa ýene bir gezek düşündirip çykdy.
Soňra özi programma boýunça etmeli iň soňky işleri ýerine ýetirmek üçin,
ýene-de dolanyp içeri girdi.
Biz uly otagda garaşýardyk. Bir haýukdan soň, maňlaýyny monjukmonjuk der basan Muhtar içerden howlukmaçlyk bilen çykdy-da:
Gir! – diýip Aýseneme buýruk berdi.
Aýsenem towsup turdy-da, içerki otaga ugrady.
Muhtar oňa:
Berk bol, aljyrama! – diýdi.
Men tolgunyp Muhtara seretdim. Ol maňlaýyndaky deri el ýaglygy bilen
süpürip durşuna:
Ýene-de ýarym sagatdan çykarlar – diýdi.
Soňra ikimiz müňýyllyk geçmişden geljek myhmany garşylamak üçin,
otagdaky stoly aýyrdyk, pola saçak ýazdyk. Saçagymyz ozaldan
taýýarlanyp goýlan tagamlardan, miwelerden , owadan grafinlere guýlan
şerbetlerden doludy.
Saçagymyz patyşalaryň meýlislerindäki ýaly bolmasa-da, göwnejaý boldy –
diýip, Muhtar ýylgyrdy.
Rugsar banu diňe patyşalaryň meýlisinde däl-de, galandarlaryň
meýlislerinde-de bolupdy – diýdim. Ikimiziň degişme äheňindäki bu
gürrüňimiz minutsaýyn güýçlenip barýan tolgunmamyzy basyp bilenokdy.
Bir wagt içerden:
Ah! – diýen zarynja, mylaýym ses gulagymyza ildi. Soňra Aýsenemiň
howlugyp bir zatlar diýeni hem eşidildi. Ol sesleri eşidip doňup galdyk.
Emma içerden çykan bolmady. Aýsenemiň sesi indi ýuwaş eşidilýärdi.
Meniň gözüm içerki otagyň gapysyndady. Geçýän her bir minut bir gün
ýaly duýulýardy. Birden gapy ýuwaşja açyldy-da, Aýsenemiň egnine eli
262
bilen söýenip gelýän Rugsar banu göründi. Onuň entek gan gelmedik çymak ýüzünde owadan gara gaşlary, gaýtadan durmuşyn nuruna dolan gara
gözleri has hem gara görünýärdi. Onuň boýy Aýsenemiňkiden esli uzyndy.
Aýsenemiň tiken gyzyl atlas köýnegi ony has-da gelşikli görkezýärdi.
Göwsüniň üstünden goýberlen şar-gara zülpleri onuň görküne görk
goşýardy.
Ol daşky otaga bir ädim ädeninden, dikine doňup duran iki pyýada
nazary düşdi-de, gözleri howatyrly oýnady. Men ,,salam” diýen mamyda
başymy aşak egdim. Muhtar bolsa ýuwaş ýöräp, onuň öňünden çykdy-da,
mylakatlylyk bilen başyny egdi, soňra:
Desterhanymyza merhemet, bibim! - diýdi.
Biziň özümizi şeýle mylakatly alyp barmagymyzdan Rugsar banuwyň
göwni suw içip, gansyz dodaklarynda ejiz bir ýylgyryş peýda boldy.
Aýsenem ony soýgetläp, saçagyň başynda oturtdy. Rugsar banu biziň egineşiklerimize, saçlarymyza haýran galyp seredýärdi. Petikdäki elektrik
çyrasy has-da onuň ünsüni çekdi. Ol juda naýynjar ses bilen bize ýüzlendi.
Men ne diýarda , bu ýer ne dergähdyr?
Siz bir ýönekeý tebibiň öýündesiňiz, bibim – diýip Muhtar mylaýym
ýylgyrdy.Rugsar banu :
- Akylym ýetmeýär, maňa nä dert duçar bolupdyr? – diýdi. Muhtar:
Bu zatlaryň ählisini soň bilersiňiz. Häzir özüňizi artykmaç gynamaň –
diýdi. Soňra Aýseneme ýüzlenip:
Bibiňize mürähet edip otyryň, ahyry – diýdi.
Aýsenem bulgurlara şerbet guýup, birini Rugsar banuwa uzatdy. Ol bolsa:
Ezizler, Men meýler derýa kimin akan meýlislerde-de içmedim –
diýip ýylgyrdy. Muhtar :
Bu meý däl , bibim , jana şypa beriji şerbetdir. Siziň saglygyňyz üçin
peýdalydyr. – diýip, Muhtar bulguryny elini uzatdy.- Siz entek şu
şerbetlerden içip , berhiz saklamagyñyz gerek .
Rugsar banu çala başyny atdy. Biz meý ýerine şerbet doly bulgurlarymyzy
çakyşdyrdyk. Men bulgurymy ylymda beýik derejä ýeten ynsan üçin
göterdim.
Köne dünýä bilen duşuşyk.
Rugsar banu gün-günden güýje girip,daýanyp başlady. Muhtar bolsa
her gün onuň saglygyna gözegçilik edýärdi. Şeýle bolsa-da, ol Muhtaryň
köçesinden başga ýere çykyp görenokdy. Aýsenem ony köçäniň ol
başyndan bu başyna, juda öte gitse, gaýradaky ýabyň boýyna gezelenç
etdirýärdi.
Rugsar banu adamlaryň geýim-gejimlerine, daşy agardylan täze jaýlara
gaty geň galyp seredýärdi. ,, Bu ne diýar? Aýdyň ahyry!" diýip, Aýsenemi
263
bizar edýärdi.
Goňşy-golamlar Aýsenemiň bu täze jorasyna ilki
bilesigelijilik bilen garadylar. Soňra ,,Aý, dogtoryň uýasydyr-da” diýip
goýaýdylar
Muhtaryň bolsa, syry oňürti Rugsar banuwuň özi bilýänçä, jar
etmek niýeti ýokdy. Aradan iki hepde çemesi geçdi. Muhtar, Aýsenem , men
üçümiz Rugsar banuwa syry nähili açmalydygymyz barada maslahat etdik.
Muhtar:
- Rugsar banu ýagşy güýje girdi, indi ol her niçik tolgunma-da çydam edip
biler –diýdi.
Biz Rugsar banuwy öňürti köne dünýä ýädygärlikleri bilen
tanyşdyrmagy, soňra şol ýerde-de syry açmagy makul bildik. Ertesi dynç
alyş güni Rugsar bauny ýadygärliklere tarap alyp gitdik.
Rugsar banu Aýsenem bilen gol tutuşyp, bäş ädim çemesi oňden
barýardy. Banu: ,,Nirä barýas, aýtsaňyz-la” diýip gyssaýardy. Aýsenem
bolsa näme jogap berjegini bilmän, kömek soran ýaly ýeňsesine gaňrylyp,
bize seredýärdi.
Muhtar maňa ümledi-de, ädimini tizleşdirdi. Biz gyzlaryň yzyndan
ýetenimizde:
- Bibim –diýip, Muhtar Rugsar banuwa ýüzlendi - Şu mahala çenli biz siziň
ähli soraglaryňyzy jogapsyz galdyryp geldik. Biz muny siziň saglygyňyz
has gowulaşýança sizi artykmaç tolgundurmazlyk üçin etdik. Indi size
hakykaty aýtmaly wagty ýetdi.
Bu sözi eşdip, ýadow ädimläp bärýan Rugsar banu birden janlanyp,
sabyrsyzlyk bilen Muhtara seretdi.
- Ýene azajyk sabyr ediň –diýip, Muhtar ýylgyrdy - Häzir menzile ýeteris.
Şonda ähli zada göz ýetirersiňiz.
- Bolýar, menzil daş bolmasa, sabyr etmek mümkin - diýip, Rugsar banu
Aýsenemden ençeden båri hazirki dili övrenip ýöräni üçin arssa gepledi.
Biz şäheriň daşyndaky gür baglykdan geçip, açyk meýdana çykdyk.
Birden gözümüziň öňünde başyny asmana diräp duran beýik minaradyr
ýadygärlikler peýda boldy. Bulara gözi düşen Rugsar banu birhili boldy:
- Geň zatlar... Nirä geldik?
- Nirä gelenimizi özüňiz pähim etjek bolup göriň.
Rugsar banu Muhtara garady-da, birhili dymdy. Soňra gözlerini giňden
açyp, töwerekdäki ýadygärlikleri synlap başlady. Minraranyň alkymyna
gelenimizde. Rugsar banu oňa seredip, duran ýerinde doňup galdy. Esli
wagtdan soň, ol endireýän ses bilen:
- Bu şol betbagt minara meňzeýän eken! -diýdi.
- Artykmaç tolgunmaň – bibim! –diýip, Muhtar jübüsinden kiçijik bir çüýşe
çykardy, onuň gapagyny towlap açdy-da, içindäki dermandan oňa guýup,
Rugsar banuwa uzadyp:
264
- Şuny içiň ýüregüňizi sazlar-diýdi. Rugsar banu ony içdi. Tolgunmasy
birneme basylan ýaly boldy. Soňra :
- Bu ýer nire? – diýip sordy.
- Şu duran ýeriňiz siziň bir wagtlar ýaşan Gürgenjiňiz –diýip, Muhtar onuň
gözlerine dikanlap garady. Rugsar banu başyny ýaýkady:
Ýog-a, tebip bu ýer Gürgenç däl!
Men size hak aýdaýryn –diýip, Muhtar ynandyryjy äheňde
aýtdy.Rugsar banuwyň gözleri giňden açylyp dodaklary titräp gitdi. Ol
töwerek-daşyna müňkürlik bilen göz aýlady-da:
Niçik beýle!... Näme boldy bu beýik şähere? Ýene haýsy ýagy weýran
edipdir ony?! –diýip zarynlady.
- Wagt diýen ýagy weýran eden, bibim. Siz Gürgenji mundan müň ýyl ozal
görüpdüňiz- diýip , Muhtar oña ahmyrly garady. Rugsar banu Muhtaryň bu
sözüne düşünmän, gaşlaryny çytdy.
-Müň ýyl diýýäňizmi? Bu niçik gep, tebip?
- Men size häzir hemmesini aýdyp berjek-diýip, Muhtar jübüsinden ýaňky
çüýşäni çykardy: - Emma, öňi bilen dermandan ýene birazrak içmeli .
- Bolýar, tebip –diýip, Rugsar banu Muhtaryň guyup beren dermanyny içdi.
Biz Muhratyň yşaraty bilen şu ýerdäki gadymy kerpiçleri astymyza goýup
otyrdyk. Muhtar Rugsar banuwa mähirli garap:
- Banu! - diýdi –men bir mahal, bir adamdan siziň çalýan ajaýyp
mukamlaryňyzdan birini eşitdim. Şol adam maňa şu mukamlary mundan
müň ýyllar öň çalýan barmaklaryň ýer teýinde mumýalanyp ýatanyny
gürrüň berdi. Men bolsa hekimlik ylmyny ýaňyja eýeläp başlan döwrümde
göwnüme düwen niýetimi siziň üstüňiz bilen amala aşyrmagy karar etdim.
Muny nähili müşgüllikler bilen amala aşyranymy aýdyp otyrmasam-da
bolar.
Muhtar sözi şeýle başlady-da, bolan wakalary ýekeme-ýeke gürrüň
berdi. Gürrüňiniň soňunda şeýle diýdi:
- Zamanaňyz sizi öz saçlaryňyz bilen bogup öldüripdir. Biziň zamanymyz
bolsa size gaýtadan jan bagyşlady. Entek siziň biziň zamanamyz hakda hiç
hili düşünjäňi ýok. Bu işiň jar etdirilmegi bilen, siz döwrümiziň köp äpet
şäherlerinde bolarsyňyz, meniň bu işimden kem bolmadyk beýik işler bilen
tanyşarsyňyz.
Rugsar banuwyň şu mahaldaky ýagdaýyny teswir etmegiň mümkinçiligi
ýok. Ol ýanyp duran gözlerini Muhtara dikip, ýerinden turdy-da, gelip onuň
öňünde dyza çökdi. Muhtar Rugsar banuwyň bu gylygyndan gyjalat çeken
ýaly bolup:
- Beýle etmäň, banu! Meniň öňümde dyza çökmäň! –diýdi. Rugsar banu :
- Men siziň öňüňizde däl, Maňa gaýtadan jan bagyşlan zamanañyzyň
öňünde dyzy çökýärin! –diýip, Muhtara " lndi meni turuzaýyñ " diýen
265
manyda ellerini uzatdy. Muhtar Rugsaryñ ellerinden tutup , ony ýokary
galdyrdy .
266
Hekaýalar, Nowellalar
Aýdyň köçeler
(nowella)
Şäheriň gül pürkülen ýaly uly köçeleriniň birinden barýan süýt ýaly ak
"Mersedesiñ" tigriniň aşagynda bir zat “gyjyrt” etdi. Onuň nämedigini
bilmek üçin ulagy saklap, ondan düşen näzenin gyzyň gözi ilki kellesini
ahmyrly ýaýkap duran sary keltekçeli ýigide düşdi. Ýigit:
-Sübsämi döwdüňiz-ä-diýdi. Tigriň aşagynda döwlüp ýatan sübsäni görän
gyz:
-Bagyşlaweriň, men görmändirin. Puluny töläýeýin, näçe durýa?-diýdi.
Ýigit gyza synçy nazar bilen garap:
-Aý gyz, köçäni pul bilen süpürip bolmaýar, sübse bilen süpürilýär-diýdi.
Bu ters jogaba gyzyň girre gahary geldi:
-Diýýäniň näme, sen oglanyň! Köçäniň näme bilen süpürilýänini
bilmeýändir öýdýäňmi meni?
-Bilýän bolsaňyz, sübsäniň özüni getirip beriň.
-Bazarda öý süpürilýän sary sübse satylýanyny bilýän, ýöne munuň ýaly uly
sübse ýog-a. Men ony nireden tapmalydygyny bilemok. Puluny alaýyň,
özüňiz tapyp alarsyňyz-diýip, gyz gaharyny ýuwdup, haýyş äheňinde
gepledi. Ýigit kinaýaly ýylgyrdy:
-Siz meniň sübsämi döwüp, ýene “özüň tapyp al” diýip, ýumuşam
buýurýaňyz. Onyňyz bolmaz, aý gyz.
-Onda men nädeýin, munuň ýalyny nireden tapaýyn?
-“Gözlän Käbäni tapar”, diýipdirler. Gözleseňiz taparsyňyz, gözläň.
-Wah! Men nireden gözlejegimi bilemok-da, siz bilseñiz aýdyñ,alyp getip
bereýin. Ýigit bir salym oýlanyp:
-Onda men size bir salgy bereýin, işiňizden gaýdyşyn şol ýere sowulsaňyz,
şunuň ýaly sübse satyn alyp bilersiňiz.
-Beriň, ýazyp alaýyn-diýip, gyz ulagynyň çekmesinden ruçka bilen
ýandepderçäni aldy.
-Ýazyň, “Şagadam” köçesiniň 10-njy jaýy, Şol jaýda islendik görnüşdäki
sübseler satylýar. Ýazdyňyzmy?
-Ýazdym. Şol ýerde bar bolsa getirip bererin-diýip gyz ulagyny gaty sürüp
gitdi. Ýöne “Şagadam” köçesiniň şäheriň niresindedigini soramany ýadyna
düşüp, tas yzyna gaýdypdy. Ýene “Aý, işdäkilerden soraryn, biri bilmese
biri biler” diýip yzyna dolanmady. Işinden soň köçäniň salgysyny alan gyz
göni şol tarapa ugrady. “Şagadam” köçesi şäheriň çetiräginde, iki tarapy
ýaşyl daragtly, tekiz, arassa köçe ekeni. Gyz jaýlaryň belgisine seredip,
ulagyny ýuwaş sürüp barşyna 10-njy belgili jaýyñ deňine ýetende saklandy,
267
maşyny öçürmän, bir salym ýaýdanyp oturdy. Çünki, belent haýatly,
nagşynkär derwezeli köşk ýaly bu kaşaň jaý ýönekeý sübse satylýan ýere
meňzänokdy. “Bäh, bu nähili boldy, girip, sübse sorasam, öý eýesiniň
gahary gelip, ýüzümi alsa näderin” diýip içini gepleden gyz, soňunda
töwekgelçilik edip, maşyndan düşdi. Derwezäniň gapysyny itip açdy. Içeri
iküç ädim ädip, duran ýerinde doňup galdy. Bu giň howlynyň içi üýtgeşikdi.
Gül kölçelerde reňbe-reň güller, ortada çaklaňyrak çüwdürim, iki ýan
tarapda almadyr ülje agaçlary, Garşyda uzyn aýnabent eýwan, şondanam
jaýa girilýän gapylar görnüp durdy. Şol mahal içerden ýuka ak sport
eşigindäki, ýalpyldap duran gara saçlary yzyna daralan syratly ýigit çykdy.
Ol:
-Geliň, hoş gördük, size kim gerek?-diýdi:
Gyz ony gören badyna tanap, ilki haýran galdy, soňundanam gahary geldi.
-Bu nä oýun, ýagşy ýigit? Meniň bilen oýun etjek bolýaňmy?!-diýip gyz
gaharly gürledi.
-Weý, diýýäniňiz näme, aý gyz, men seni öň görmesem, tanamasam näme
diýip oýun edeýin?
-O nähili görmesem, tanamasammyşyn! Şu gün irden “Sübsämi döwdüň,
şunuň ýaly sübse getirip ber” diýip, ýüzüňi egşidip durduň-a. Ýene-de şu
salgyda sübse satylýa diýip, öz jaýyň salgysyny berýäň. Näme jaýyňy
mazamlajak bolduňmy maňa?!
Ýigit güldi.
-Men nämäniň nämedigine indi düşündim, aý gyz. Sen meniň däl, Ahmediň
sübsesini döwüpsiň. Men Ýusup. Ahmet meniň ekiztaýym. Ikimiz gaty
meňzeş bolansoň köp adamlar bizi çalşyrýa. Gyz bu gepe ynanjagyny-da,
ynanmajagyny-da bilmän bir dem ýigide synçy nazaryny dikip durdy-da:
-Onda, sübse satylýa diýip siziň öýüňiziň salgysyny berenine nähili
düşünmeli?
-Dogry düşünmeli.
- Siz, nä sübse-de satýañyzmy?
-Biz söwdagär, peýda galsa iñeden başlap düýä çenli alyp satyberýäs.
Onsoñam Ahmediñ edarasynda müñe golaý adam işleýär. Olaryñam deñ
ýarysy sübsekeş, olra-da sübse gerek. Şonuñ üçin söwdamyza sübsäni-de
goşdyk.
-Onda maña bir sübse beriñ.
Ýigit “bolýa, häzir” diýip gapdaldaky pesiräk jaýlaryň birinden uzyn saply
sübse alyp çykdy-da, ony öwüp başlady:
-Sübsäniň iň gowusy bu. Özi-de mis sim bilen gaýym edip daňylan...
-Bolýa, bolýa, gowy bolsun, gowy däl bolsun bir gara geçse bolýa. Bahasy
näçe?
-Ýüz dollar.
268
-Näme!? Şunuñ ýaly bir ýönekeý sübse-de ýüz dollar bolarmy?
–Gaharyň gelmesin, aý gyz. Bu ýönekeý sübse däl. Munyñ ösümligi daşdan
getirilýär Biziñ özümizem sübseçilerden elli dollardan alýas
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 23
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.