Latin

Powestler - 25

Total number of words is 3885
Total number of unique words is 2060
32.9 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Ýok, bolan zat ýok, eje. Şu gün işim köp boldy, ýadapdyryn.
Aýnur nahar iýilip, saçak ýygnanandan soň bir salym telewizora seredip
oturdy-da «ýadapdyryn» diýen bahanasy bilen hemişekisinden has ir
özüniň ýatýan otagyna girdi. Ol özi bilen özi ikiçäk galyp, şu günki bolan
wakany we özüniň ýagdaýy barada oýlanyp görmekçidi. Ol özüniň birine
adaglanandygy, ýakynda toýunyň boljakdygy üçin täze dörän duýgularyna
294
erk berip biljek däldi. Emma ol düşege uzalyp gözlerini ýumandan Batyr
bilen aralarynda bolan gürrüň, onuň mylaýym, mähirli garaýşy hyýalynda
gaýtadan janlandy. Ol pikirini başga ýana sowmakçy bolup synanyşdy,
bolmady. Gaýtam onuň aýdan goşgusynyň:
Eger sen boslaň tebibim meniň,
Maňa saglykdan hassalyk ýagşy-diýen iki setiri gulagynyň düýbünde
ýaňlanan ýaly boldy. Ol bu setirleriň ýadynda galanyna haýran galyp, ony
içinden ýene bir gezek gaýtalady. Birdenem özüniň öz erkli däldigi ýadyna
düşüp, «nätmeli?» diýen soraga jogap gözläp başlady. «Menem
duýgularyma erk edip bilmesem munuň soňy nähili bolar?... Ýok, şonuň
üçin ertiriň özünde zähmet rugsadyma çykmaly. Bir aýlyk rugsadym
gutarýança olam gutulyp hassahanadan çykyp gider» diýen pikir bilen biraz
köşeşen ýaly boldy. Emma gije uzak, daňam ýakyn däldi...
Aýnur hassahana adatdakysyndan irräk geldi. Ol işlemek üçin däl-de, gijeki
gelen kararyna görä zähmet rugsadyna çykmakçy bolup gelipdi. Ol bölümiň
gapysyndan gireninde öňünden çykan, gije nobatçylyk eden şepagat
uýasynyň öwzaýyny görüp, bir üýtgeşik waka bolanyny aňşyrdy.
-Näme boldy, parahatçylykmy?-diýip, sorady.
-Ol... ýeke adamlyk palatadaky adam ýok, gidipdir.
-O nähili gidip bilýä? Aýagy gipslenip, asylyp goýlan dälmidi näme?
Şol wagt bölümiň müdiri hem geldi. Oňa bu wakany aýdanlarynda ol
kinaýaly ýylgyrdy-da:
-Kinolardaky ýaly ony ogurlap giden bolaýmasynlar-diýip, özüniň iş
otagyna girip gitdi.
Aýnur bölüm müdiriň bu waka biparhlygyna geň galyp, ýeke adamlyk
palata bardy. Hakykatdanam onuň ýeri boşdy. Şonda ony iki hili duýgy
gurşap aldy. Birinjisi: bir gymmat bahaly zadyny ýitiren ýaly boldy. Bu
ýürekde dörän duýgydy. Ikinjisi: gerdeninden agyr ýük aýrylyp, ýeňlän ýaly
boldy. Bu aňyndan gaýdan duýgudy.
Indi oňa zähmet rugsadyna çykmak hem gerek bolmady. Ol adatdaky iş
gününe başlady. Emma ol hakda näçe oýlanmaýyn diýse-de hyýalyndan
gitmedi: «Nädip gitdikä? Özi ýöräp gidip bilmez, dostlaryna haýyş eden
bolsa göterip alyp gitdilermikä? Nobatçylar niçik görmän galdylarka?
Bolsa-da, näme üçin gitdikä? Belki, meniň soňky aýdan sözlerim gaty täsir
edendir». Ol içinde dörän şeýle sowallar we dürli oýlar bilen gümra bolup,
iş gününiň ahyryna ýetenini hem duýmady.
Aýnur hassahanadan çykyp, uly ýoluň gapdalyndaky ýan ýodadan awtobus
duralgasyna tarap barýarka bir ak reňkli ulag onuň deňinden on ädim
çemesi geçip saklandy-da onuň içinden sag goltugy pişekli, elinde bir desse
gül bilen bir adam çykdy. Oňa nazary düşen Aýnuryň ýüregi gobsunyp
gitdi. Ol tolgunmasynyň güýji bilen ädimini çaltlandyrdy.
295
-Bir biçäre maýybyň habaryny alman göni geçiberjekmisiňiz, lukman.
Aýnur hassahanadan çykyp, uly ýoluň gapdalyndaky ýanýodadan awtobus
duralgasyna tarap barýarka bir ak «Taýota» onuň deňinden on ädim çemesi
geçip, sakga togtady. Onuň içinden sag goltugy pişekli, elinde bir desse gül
bilen bir adam çykdy. Oňa nazary kaklyşan Aýnuryň ýüregine bükgüldi
gitdi. Ol tolgunmasynyň güýji bilen ädimini çaltlandyrdy.
-Bir biçäre maýybyň habaryny alman göni geçiberjekmisiziň, doktor?
Aýnur biygtyýar saklandy. Ol tolgunmasyny biraz basyp, oňa kinaýaly
seretdi-de:
-Bu ýer maýyplaryň habary alynýan ýer däl. Hassahanadan näme gaçyp
gitdiňiz?
-Gaçmadym, gaýtam ýuwaş ýöräp gitdim. Gidenimiň sebäbi bolsa siz maňa
«ikimiziň aramyzda aýagyňyzy bejermek baradaky gürrüňden başga gürrüň
bolmaly däl bu ýerde» diýdiňiz. Menem bu ýerde bolmaýan bolsa başga
ýerde bolar onda-diýip, hassahanaňyzdan çykyp gaýtdym...
-Nädogry edipsiňiz, gaýdyp baryň, ýogsa aýagyňyz maýyp bolup galardiýdi-de Aýnur tiz-tiz ýöräp gitdi.
-Duruň, Aýnur! Men size gül ...-diýip, Batyr dowamyny aýdyp ýetişmän
yzyndan delminip galyberdi.
Aýnur ertir şu wagta çenli dürli oýlaryň, dürli hyýallaryň girdabynda ýüzüp,
haýsy kenara çykjagyny bilmän ýaýdandy. Ol edil düýnki wagtda oňa ýene
duşdy. Işinden çykyp duralga barýan Aýnuryň deňinden dazlap geçen
düýnki ak maşyn gyra çykyp saklandy-da içinden pişeksiz, taýaksyz, sapsag Batyr çykdy. Ony gören Aýnuryň haýran galmakdan gözleri tegelenip
gitdi. Salam berip öňünden çykan ýigide Aýnur boýdan-başa garap, gaharly
äheň bilen:
-Aý, sen simulýant, ýalançy, hilegär-diýdi. Ýöne onuň gözleri gaharynyň
ýasamadygyny bildirip durdy.
-Hawa, simulýant, ýalançy, däli. Näme diýseňiz şol men. Ýöne meniň
hakyky ýagdaýymy bilseňizdi, başga at dakardyňyz maňa.
-Näme at dakardym?
-Ony maşynda aýdýan, maşyna münüň ... haýyş edýän, Aýnur!...
Ýüregiň jümmüşinden syzyp çykan soňky üç söz Aýnuryň erkini
gowşadyp, ygtyýaryny elinden alan ýaly boldy. Maşynyň yzky gapysyny
açyp, delminip duran ýigidiň gözlerine nazary düşen Aýnur biygtyýar
maşyna mündi. Gapy ýapyldy. Batyr öz ýerine geçdi. Emma maşyn
ýerinden gozganmady.
-Düýnki güllerimi berip bilmedim. Solup galdy. Bu gün size täze güller
aldym-diýip, Batyr ýanyndaky otyrgyçda goýan güllerini alyp, Aýnura
uzatdy. Aýnur geplemän gülleri alyp, burnuna tutdy. Soňra:
-Sürüň, bu ýerde durmaly-diýdi.
296
Maşyny sürüp barýan Batyryň gözleri ýolda bolsa-da hyýaly Aýnurdady. Ol
tiz-tiz yzy görkezýän aýnadan Aýnura garap-garap goýýardy.
Onuň özüne seredip gelýänini duýan Aýnur:
-Ýoluňyza gowuja serediň, ýene-de aýagyňyz çyndanam döwläýmesindiýdi.
-Nädeýin ... didaryňyzdan doýup bilemok...
Onuň sözlerine ynanmaz ýaly däldi. Aýnur bu sözleriň çyn ýürekden
çykandygyny duýup, öz ýüregine-de diň saldy. «Ol meni hakykatdan hem
söýýär. Ýogsa meniň üçin aýagyny döwen kişi bolup, hassahana düşermidi,
beýdip yzymda ser-sepil bolup ýörermidi. Bu hakyky söýgi. Ýa Alla, bu
duýgy indi meniň ýüregimde-de oýandy öýdýän. Men indi nädeýin?
Ýüregimdäki söýgimi ýüze çykaryp, onuň söýgüsine söýgi bilen jogap berip
bilerinmi ýa-da ol ýüregimiň töründe gömülip galarmy?...» Maşynyň
saklanmagy Aýnury oýlaryndan açdy. Ol aýnadan daşary seretse çolarak bir
köçede, ýoluň gyrasyndaky goýy kölegeli agaçlaryň aşgynda durdular.
-Näme sakladyňyz? Men öýe barmaly?
-Öýüňize elterin, ilki meni bir diňläň, size aýtmaly gürrüňim bar-diýip,
Aýnura tarap öwrülip oturdy.
-Aýtmasaňyzam bilýän, näme aýtjagyňyzy. Ýöne maňa bir zady aýdyň.,
meniň nirede işleýänimi size kim aýtdy.
-Şol gün köçede kaklyşanymyzda ýanyňyzdaky gyzlaryň birini tanaýadym.
Şondan sorap bildim. Bilseňiz, şol kakylyşanymyzda nähili ahwalatyň
bolanyny. Şonda siz maňa gaharly garap käýindiňiz. Emma men käýnjiňizede, garaýşyňyzda-da çynlakaý gaharyň ýokdugyny duýdum. Ine, şonda
siziň seredýän gözleriňizdäki jöwhermi, jadymy maňa şeýle bir täsir etdi
welin şol gün güni bilen siziň keşbiňizi göz öňümden gitmedi. Eger
ylahyýetden bir zat bolmasa bir görende adama şeýle bendiwan bolmak
mümkin däldigine ynandym. Meniň size bolan söýgim ylahy yşarat bilen
dörän söýgi bolmaly, Aýnur-diýip, ol Aýnuryň dyzynyň üstündäki bir
elinden tutdy, Aýnur tisginip gitdi, emma şol bir wagtyň özünde tutuş
bedenine üýtgeşik bir jümşüldi ýaýrady. Ol ýuwaşlyk bilen elini çekip aldyda:
-Men size ynanýan, Batyr. Emma ... damagy dolup, soňuny aýdyp bilmedi,
gözlerine guýulyp gelen ýaşy ýaşyryp, ýüzüni kesä sowdy.
-Aýnur, ezizim, näme üçin aglaýaň, näme boldy?-diýip, Batyr birden
«Sizden» «Sene» geçdi.
-Men siziň söýgiňize jogap berip bilmeýän, şonuň üçin...
-Näme beýle diýýäň, Aýnur?
-Men birine adaglanan...
-Men ony bilýän.
-Bilýän?! Bilýän bolsaňyz, näme diýip yzyma düşüp ýörsüňiz?
297
-Boýdaşyň maňa diňe iş ýeriňi salgy bermedi. Ol sen hakda hemme zady
gürrüň berdi. «Boýdaşyma ýüregim awaýa. Şeýle görmegeý, joşgun kalply
gyzyň duýgulardan mahrum, bir töňňe adama sezewar boljagyna näme
diýersiň» diýdi. Eger meni seni söýmedik bolsam-da bir ynsanperwer adam
hökmünde seni şol bagtsyz durmuşdan halas etmäge kömekleşerdim.
-Ah, Batyr, nämeler diýýäňiz. Men size duşmazymdan öň ejemiň, kakamyň
raýyny ýykmajak bolup, razylyk beripdim. Toýuň sähedi hem bellenipdi.
Şol arada olaryň bir garrysy gaýdyş edip, toý togtadyldy, merhumyň kyrky
geçýänçä. Ondan bärem bir aýa golaýlap barýar.
-«Adamyň geljegi ykbalyň elinde» diýip ýöne ýere aýdylmandyr, Aýnur.
Görýäňmi ykbal bizi duşurmak üçin toýy yza sürüpdir. Ejeň, kakaň bilen
gürleş. Biz adam hukuklary goralýan, azat, demokratik ýurtda ýaşarys. Hiç
kim seni islemedik zadyňa mejbur edip bilmez.
Aýnur bir salym dymdy-da:
-Meni öýe eltiň, Batyr-diýdi.
Batyr munuň ýaly ýagdaýda wagt gerekdigini syzdy. Şonuň üçinem hiç zat
diýmän maşyny otlady. Ol Aýnury aýdan ýerinde düşürip, ýüreginde uly
umytlar bilen hoşlaşyp gitdi.
Maşyndan düşüp galan Aýnuryň ýüzi içki dünýäsindäki duýgularyň
täsirindenmi lowlap gyzýardy. Bu duýgular onuň diňe ýüzüni gyzdyrman,
kalbyna hyjuw we aýgytlylyk guýan ýalydy. Şu günki duşuşyk, Batyryň
hoşamaý keşbi, mährem garaýyşlary, mylakatly sözleri Aýnury düýpgöter
özgerdipdi. «Söýülmek, söýmek nähili ajaýyp hal. Kakamyň özi hem
«söýüp, söýlüp durmuş gursaň oňa ýetesi zat barmy. Ýöne munuň ýaly bagt
hemmä-de nesip edenok» diýdi ahyryn. Ine, şeýle bagt maňa nesip etjek
bolup duranda men sähel gowşaklyk etsem ... Ýok! Berk durmaly. Häziriň
özünde ejem bilen gürleşjek. Ejemi yrsam, kakamly iş haýyr-la» diýen iç
gepletmeler bilen Aýnur öýlerine baryp ýetenini hem duýman galdy.
***
Aýnuryň ejesi bilen gepleşiginiň başyny biz hekaýanyň öňünde beripdik.
Ine, onuň dowamy.
-Näme, näme?! Ony söýüp bolýamy diýdiňmi?!
Eýsem kimi söýüp ýörsüň sen?
-Söýüp bolýan adamy, eje.
-Maňlaýym gara, häli sen ýoldan çykyp, azyp ýörmüň?
-Ýok, eje! Azamogam, ýoldanam çykamok, tersine, dogry ýola düşjek
bolýan.
-Ýok! Ýok! Men seniň o ýoluňa ýol bermen!
-Eje, eje jan, düşünsene!...
***
298
Eneli-gyzyň jedeli şu äheňde uzak dowam etdi. Biz onuň nähili gutarjagyny
bilmeýäris. Çünki şunuň ýaly ýagdaýlarda gelip çykýan jedeller gör, näçe
ýerdebolup durandyr. Olar her ýerde her hili-de çözülýär. Şonuň üçin
«Hernä soňy gowulyk bolsun-da, ýaşlar bagtly bolsun» diýäýmek galýar.
299
Äşgär bolan syr
(nowella)
1969-njy ýylyň gyşy ir düşdi. Bazarda balyk gowuryp satýanlaryň
gazanyndan asmana göterilýän buguň ýakymly ysy golaýyna baran adamyň
işdäsini açyp goýberýärdi. Nazar aýalynyň sargamagy boýunça günortanlyk
nahar üçin gowrulan balyk alyp gitmekçi bolup şol ýeresowuldy. Balyk
gowurýanlaryň hatarynyň başyndaky aşpez aýal çolpusyny gazana salyp,
gyzaryp bişen balyklary süzüp alyp durşuna:
-Geliň, geliň, täzeje balyk-diýip, hyrydar çagyrýardy hem-de golaýyndaky
stolda balyklary arassalap, bölekläp duran gyza-Tizräk gymylda, gazanda
balyk tükenip barýa!-diýip, azgyrylýardy. Buz ýaly balygy arassalamakdan
elleri çym gyzyl bolan, özüde üşemekden galdyrap duran gyz kimdendir
haraý isleýän ýaly töweregine garanjaklaýardy.
Nazaryň ol gyza rehimi inip, seredeninde onuň gözleri «Meni bu zulumdan
gutaryň» diýýän ýaly delminip bakdy. Nazar aljak balygyny çekdirip durka
aşpez aýaldan sorady:
-Bu gyz kimiňiz bolýa?
-Goňşymyň gyzy. Özi iş sorap geldi. Bir aýdan bär şu ýerde. Emma işi
oňaranok. Görýäňiz-ä digdirekläp durşuny.
Nazar balygyny alyp gitdi. Ol öýlerine barýança-da, baryp balyk iýip
otyrka-da ýaňky gyz gözüniň öňünden gitmedi. Oňa ýüregi gyýyldy durdy.
Aýaly onuň tukatlanyp oturanyny görüp sorady:
-Nazar, çto staboý?
Onuň aýaly rusdy. Ol türkmen dilini suwarabilse-de, käte ene dili biygtyýar
diline geläýärdi. Nazar hem aýaly bilen esasan türkmençe gepleşse-de käte
rusça sözleri dilinden sypdyraýardy. Olaryñ tanyşyşlary, maşgala guruşlary
tötänlikde, täsin bir ÿagdaýda bolupdy. Nazar Aşgabatda lukmançylyk
institutyny tamamlap, bir ýyl işländen soň Moskwa aspirantura gidipdi. Ol
ýerde dissertasiýa gorap, medisina ylymlarynyň kandidaty bolup gaýdypdy.
Özi-de Moskwadan diňe ylmy dereje däl, Nadežda atly görmegeý rus
gyzyny-da alyp gaýdypdy. Nadýanyñ Nazar bilen tanyşmagyna-da onuñ
türkmençe bilýänligi sebäp bolupdy. Nazar bir güni metroda bir ildeşi bilen
gürleşip barýardy. Olaryň golaýynda oturan owadan rus gyzy türkmençe
sözleri eşidip:
-Be, Moskwada-da türkmenler köpow-diýdi.
Nazar arassa türkmençe geplän bu owadan gyza bilesigelijilik bilen garap:
-Türkmen dilini siz nirden bilýäňiz?-diýdi.
-Bilmän näme, menem türkmen-ä-diýip, ýylgyrdy.
-Ýok, ýüz-keşbiňiz türkmene meňzänok, dogrusyny aýdyberiň.
-Dogrusyny aýtsam...
300
Gep şu ýere gelende Nazaryň ýoldaşy düşmeli duralgasyna gelendigini
aýdyp, düşüp gitdi. Nazar:
-Aýdyberiň-diýip, gyza mähir bilen bakdy.
-Siz nirede düşýäňiz? Men aýdyp ýetişmerin.
-Aýdyberiň, menem siziň düşýän duralgaňyzda düşýän.
-Siz meniň haýsy duralgada düşjegimi nirden bilýäňiz?
-Düşjek mahalyňyz bilerin-dä.
Bu jogaba gyz kellesini ýaýkap ýylgyrdy-da, başlan sözüni dowam etdirdi:
-Dogrusyny aýtsam, men Türkmenistanda doguldym. Türkmen çagalary
bilen bile oýnap ösdüm. Orta mekdebi gutaranymdan soň Moskwa instituta
okuwa gaýtdym. Menden soň ene-atamam bäri göçüp gaýtdylar. Men
medinstituty geçen ýyl gutardym. Işläp ýörün.
-Bä! Onda biz hem ildeş, hem kärdeş ekenik. Şonuň üçin garşy bolmasaňyz
tanyşaýaly. Meniň adym Nazar!
Özi ýaly ýaş, görmegeý ýigit tanyşyk açmagy teklip edip duransoň gyz nirä
gitsin. Bialaç adyny aýtmaly boldy.
«Nadežda, Nadýa! Ady hem özi ýaly gelşikli eken» diýip, içini gepledip
gelýän Nazary gözelligiň özüne çekiji güýji ýüpsüz baglady...
Nazaryň ata-eneleri düşünjeli adamlar bolany üçin oglunyň getiren gelnine
garşy bolmadylar. Işe ýerleşmeklerine, öý edinmeklerine kömekleşdiler.
Hemme zat gülala-güllük bolsa-da, aralarynda perzent ýoklugy bildirýärdi.
Wagt bolsa geçýärdi.
Nazar aýalynyň soragyna jogap ýerine häliden bär oýlanyp oturan pikirini
daşyna çykardy:
-Nadýa, ikimizem günboýy işde. Işden soň, nahar bişirmek, kir ýuwmak,
öýüň beýleki işleri bir özüňe kyn düşýä. Şonuň üçin öýe sereder hem-de
saňa kömekçi bolar ýaly bir domrabotnitsa alaýsak nähili görýäň?
Şunça wagtdan bäri bu barada agyz açmadyk Nazaryň kellesine bu gün
beýle pikiriň gelenine biraz haýran galan Nadýa:
-Bu pikir nirden kelläňe geldi? Ýa-da gel, gel indi gaýgyryp başladyňmy
meni?-diýip, gülümjiredi.
Nazar aýalyna bu pikiriň özünde nirde, näme üçin döränini aýdyp berdi.
-Şeýle diýsene! Sen meni gaýgyrýarmykaň diýsem, aslynda ol gyzy
gaýgyrýan ekeniň-diýip, Nadýa güldi. Onuň gülmegi razylyk alamatydy.
Ertesi dynç günüdi. Nazar irden balyk bazara bardy. Ol gyz hem ýaňy gelip,
balykhanany açyp duran eken. Nazary görüp salam berdi.
- Daýzaň gelmedimi?-diýip, Nazar sorady.
-Ýok. Ol soňurak gelýä. Ol gelýänçä men zatlary çykaryp, gazanyň aşagyna
ot ýakýan...
-Hm... Şu işiň özüňe ýakýamy, gyzym?
301
-Nämesi ýaksyn, daýy. Ellerime serediň, buz ýaly sowuk balygy
arassalamakdan ellerimiñ hamy-da ýarylyp gitdi.
-Şeý diýsene... Seniň adyň näme?
-Jemal.
-Onuň ýaly bolsa, jemal, men saňa başga arassa iş tapyp bereýin. Bu işiňi
goýaý.
-Wah, daýy jan, şeýdäýseňiz dym gowy bolardy. Ejemem size alkyş baryny
ederdi.
-Onda näme, gepleşdik. Bazaryň ine, şu girelgesinden çykan ýeriňde meniň
maşynym dur. Men saňa şol ýerde garaşaryn. Daýzaň gelenden açaryny berde, çyk.
Jemal birbada jogap bermedi. Az salym oýlanyp, Nazara bir zat haýyş etjek
ýaly edip garady-da:
-Men şu günem çydaýyn, daýy. Häzir gitsem, daýzanyň işi togtar. Ýeke özi
balyk gowuryp bilmeýär. Iş sagat üçe golaý gutarýa. Şundan soň oňa
işlemejekdigimi aýdaryn. Ertire çenli kömekçi tapar. Iş sorap ýörenler bar-a.
Nazar gyzyň boýnuna alan işiň jogapkärçiligini gowy duýýandygyna,
borjuna ygrarlydygyna göwni ýetip, onuň gepini makullady-da, ertir sagat
üçde geljegini aýdyp gitdi.
Nazar aýdylan wagtda gelip, maşynynyň ýanynda garaşyp durdy. Jemal
hem köp garaşdyrman geldi. Ýöne maşyna münmän, Nazaryň ýüzüne
soragly seretdi:
-Daýy, aýdýan işiňiz nirede, nähili iş-diýip, bir hili howatyrly sorady. Nazar
kinaýaly ýylgyryp, onuň soragyna sorag bilen jogap berdi:
-Nämeden howatyr edýäň, Jemal. Men ýalançy, ýaramaz adama
meňzeýänmi?
-Ýok. Şonda-da öňünden bilsem gowy.
-Aýdýan işim biziň öýümizde. Meniň aýalyma öý işlerinde kömekçi gerek.
Nahar bişirmäni bilýäňmi?
-Bilýän, daýy, ejem «seniň eliň süýji» diýip meniň bişiren naharymy
magtaýa.
-Onda gitdik.
Maşyn uly köçedäki dört gatly jaýlaryň biriniň öňünde saklandy. Maşyndan
düşüp jaýa tarap tirkeşip barýarkalar Nazar:
-Ine, häzir Nadýa daýzaň bilen tanyşarsyñ - diýdi.
-Aýalyñz rusmy?-diýip, Jemal gyzyklanyp sorady.
- Hawa, ol gowy aýal, seniň balykçy daýzaň ýaly däl-diýdi. Olar ikinji gata
çykanlarynda Nazar garşydaky gapynyñ jañyny basdy. Gapy açylyp,
altynsöw saçlary ýeñsesine düşüp duran owadan aýal göründi. Biraz
tolgunyp duran gyz: - - Zdaste..-diýdi. - Geliñ, geliñ-giýip, öý bikesiniň
302
güler ýüz bilen garşy almagy Jemala hoş ýakyp, tolgunmasy aýrylan ýaly
boldy.
Emma içeri gireninde munuň ýaly gymmat bahaly, üýtgeşik mebeller bilen
bezelen öýi öň görmänligi üçinmi biraz sussy basyldy. Nadýa gyzyň serwi
boýuna, görküniň owadanlygyna, sadalyk bilen bakýan bigünä gara
gözlerine seredeninde bir göwrede jem bolan bu gözellige gözi gitdi.
-Jemal, men seniñ adyñy Nazardan bilip aldym, meniñ adym Nadezda,
Nadýa daýza diýseñ hem bolýa maña. - diýip, aýal özüni tanyşdyrdy. Jemal:
- -Nazar daýy maña-da siziñ adyñyzy aýdypdy-diýdi.
- Şeýlemi, Nazar ikimizi gaýybana tanyşdyran ekeni-dä, bolubilýä - diýiip,
Nadýa ýumşak kürsüleriň birini çekip, gyzy oturmaga teklip etdi. Üçüsi-de
stoluň başyna geçdiler. Stolda ir-iýmişden başga zat ýokdy.
-Jemal, al alma, üzüm iýip otur -diýip Nadýa gyza müråhet etdi. Jemal iriýmişe elini uzatmanyndan soñ Nadýa bir almany alyp onuñ eline berdi.
Jemal almany ýerine goýdy-da: - Sag boluñ, iýesim gelenok - diýdi. Nadýa
almany gyzyñ eline berip, ony kiçelden ýaly edenine düşünip, birhili boldy.
Nazar aýalyna ýylgyryp, manyly seretdi-de, ýerinden turdy:
-Içginräk tanyşyberiň. Men bir az dynç aljak-diýip, içerki otaga girip gitdi.
Nadýa Jemal bilen iki çäk galanlaryndan soň esasy gürrüňe geçdi:
-Jemal, sen bizde işlejek bolsañ, biziň öz gyzymyz ýaly bolarsyň. Şonuň
üçin sen özüň, maşgalaň hakynda hiç zady gizlemän aýdyp ber. Sebäbi biz
kim bilen...-diýip, Nadýa soňuna söz tapmanmy ýa-da aýtsa gyzyň
göwnüne geler öýdüpmi, sägindi. Onýança:
-Düşündim, Nadýa daýza, meniň gizlejek zadym ýok-diýip, Jemal özi, ejesi
barada gürrüň berdi. Jemalyň ejesi Suraý käri boýunça şepagat uýasy bolup,
iki ýyl bäri gözi ejizläni üçin işden galyp, döwletden kömek pul alýan eken.
Jemalyň özi bolsa orta mekdebi tamamlanyndan soň ejesiniň ýagdaýy şeýle
bolany üçin ony taşlap okuwa gidip bilmändir. Ilki naharhanada gap-gaç
ýuwýan bolup işläpdir. Ol ýerde alýan haky örän az bolansoň, goňşysynyň
balyk dükanynda işleýän ekeni. Nadýa ondan kakasy barada soranynda ol
«Men diňe jeme bilen ýaşaýan» diýdi-de, başga zat aýtmady. Bu gepden
soň Nadýanyň göwnüne bir hili müňkürlik gitdi. Ol onuň ejesi bilen
duşuşyp, gürleşip, Jemalyň nähili aýalyň gyzydygyny anyklamagy ýüregine
düwdi.
Jemal diwardaky sagada seredip, birden ýerinden turdy. Onuň bu hereketine
Nadýa geňirgenip, soranynda Jemal özüniň gödegiräk hereket edenini aňsada, gaýdyp ýerine oturmady.
-Bagyşlaň, Nadýa daýza, meniň öýe barmaly wagtymdan geçip gidipdir.
Öýe wagtynda barmasam, ejem howatyr edýä. Onsoňam men entek
goňşymyza hiç zat aýdamok. Eger meni işe kabul edýän bolsaňyz, oňa-da
işlemejekdigimi aýdaýyn. Ertire çenli özüne kömekçi tapsyn.
303
-Düşündim, Jemal, eger garşy bolmasaň öýüňize bile baraýaly. Menem ejeň
bilen tanyşaýyn, seni öýümize işe alýanymyzy özüm aýdaýyn-diýip, Nadýa
hem ýerinden turdy. Jemal Nadýanyň özi bilen bile öýlerine barmakçy
bolýanynyň düýp sebäbini bilen bolsa beýle begenmezdi:
-Onuň ýaly bolsa gaty gowy, Nadýa daýza!
Nadýa içerki otaga girip ärine Jemallara barmakçydygyny aýdyp, maşynyň
açaryny alyp çykdy. Jemallaryň öýi daşam däl ekeni. Maşynda bäş minutda
baryp ýetdiler. Dört gatly jaýyň birinji gatyndaky öýe girenlerinde ilki bilen
Nadýanyň ünsüni bu öýdäki serenjamlyk özüne çekdi. Tördäki diwanda
gyşaryp ýatan aýal gapynyň şykyrdap açylanyna ýerinden turup:
-Geldiňmi, gyzym-diýdi.
-Geldim eje, ýeke özüm däl, Myhman hem alyp geldim.
-Gaty gowy, «gelen döwlet» diýipdirler-diýip, ol myhmanyň garşysyna
ýöredi. Nadýa ýanyna gelen öý eýesi bilen salamlaşyp görüşýärkä onuň
gelşikli syratyna, özi bilen ýaşytdaşyrak bolsa-da keşbinde entegem
saklanyp galan gözelligiň öwüşginine gözi düşende «Jemalyň owadanlygy
ejesinden geçen ekeni-dä» diýip içini gepletdi. Ejesi-de Jemalyň özi ýaly
sada, mylaýym aýal eken. Nadýa Jemala tirkeşip geleniniň sebäbini
aýdanyndan soň, onuň bilen sözi alşyp, bir salym mesawy gürrüň etdiler.
Emma sypaýylyk edipmi ýa-da çekinipmi biri-biriniň şahsy durmuşy barada
söz açmadylar. Söhbetdeşliginiñ dowamynda Suraýyñ ajaýyp aýaldygyna
göz ýetiren Nadýanyň bu ýere gelmezinden öňki göwnündäki müňkürlik
duman ýaly sowulyp, ondan nam-nyşan galmady. Gürrüň Jemalyň işi
meselesine syryganda, Suraý:
-Siziň işiňiz Jemalyň özüne ýaraýan bolsa men näme diýeýin. Işläbersin,
ýöne gyz oglanyñ irde-giçde ýörmegi gowy däl, gaty gijä galmasa bolýadiýdi. Nadýa: - Gaty jijä galmaz, ýöne öñki işine garanda bizde köpräk
eglener,onuñ üçin puluny öñkisinden iki esse köp töläris - diýdi. - Adamlar
hemme zady pul bilen ölçen bolupdyrlar-ow - diýip , Suraý kinaýaly
gülumjiredi. Nadýa puly agzap öwünen ýaly bolanyna erbet utandy. Ol
ortada dörän oñaýsyzlygy ýumarlamak üçin Suraýyň saglygy bilen
gyzyklandy.
-Gözüm diýäýmesem, başga saglygym gowy, Gözümem diňe maýda zatlary
görenok. Damarlary şikeslense äýnek hem peýda etmeýän eken. Gözüň
näsaglara sanjym edende gowy gömese şepagat uýasy bolup işläp
bolmaýar. Ine şonuň üçin öýde otyryn-diýip, Suraý uludan demini aldy.
Nadýa lukman hökmünde oňa bir näçe maslahatlar berdi.
Söhbetdeşligiň soňunda Jemalyň işe barmaly we gaýtmaly wagtyny
kesgitlänlerinden soň Nadýa gaýtmaga rugsat sorady. Suraý ony ugratmak
üçin daşary çykyp, mähirli hoşlaşyp galdy.
304
Jemal ertesi irden bellenen wagtynda bardy. Öý eýeleri eýýäm turup, çaý
içip oturan ekenler, salamlaşanyndan soň Jemal:
-Men gijä galdymmy?-diýip sorady. Nadýa:
-Ýok, gyzym. Gijä galmadyň, ertirlik nahary men özüm taýýarlaýan. Saňa
öýüň başga işleri hem ýeterlik. Aşhanada kotletler bişip dur, getiräý. Meniň
bişiren tagamymy-da dadyp gör ,nähilikä?-diýip, ýylgyrdy.Jemalaşhana
girdi. Nazar:
-Nadýa, bar, nähili getirmelidigini özüñ görkez. Entek ol bilmez - diýdi.
- Goý, özi bilsin - diýip, Nadýa gyzyñ ukubyny synamakçy boldy. Salym
geçmän Jemal mejimäniñ üstünde üç tarelkada garniri, gök-sögi bilen
katleleri, pyçakdyr çarşaklary getirip, ilki tarelkalary, soñra tarelkanyñ oñ
tarapyna pyçagy çep tarapyna çarşagy goýdy-da, özi hem oturdy.Nahara
başlanlarynda gyzyñ azajykdan kesen kotletlerini üç barmagynda gelşikli
edip tutan çarşagy bilen alyp iýişine synlan Nadýa entek dünýäni görmedik
gyzyň naharlanyş medeniýetini şeýle gowy bilýänligine haýran galdy. Ol
özüniň şeýle birje gyzynyň bolmanlygyna arman edip, oýa çümdi: “Hany,
şu gyz meniň öz gyzym bolanda men dünýädäki iň bagtly aýallaryň biri
bolardym. Ýaşym kyrkdan geçdi. Nazaram ellä golaýlady. Alla bize perzent
bermedi. Indi-de bilmedim...”
Nahar iýlip bolunandan soň är-aýal işlerine gitmek üçin içerki otagdan
geýnip çykanlarynda Nadýa:
-Jemal jan, biz işe gidýäs, öý seniň ygtyýaryňda galýar. Näme işleri
etmelidigini özüň bilseň gerek. Günortanlyk üçin özüň islän zadyňy bişir.
Ony-da men saňa aýtmaýyn-dýdi. Jemal başyny atyp, olary ugratdy.
***
Jemalyň bu öýde işläp başlanyna üç aýa golaýlapdy. Ol öý eýeleri bilen
ysnyşyp, işi bilenem öwrenişipdi. Bir gün ol hemişekisinden hem irräk
gelip, ejesiniň nähoşlanyny, ol aýaga galýança gelip bilmejegini duýdurdy.
Bu habara är-aýal bir hili boldular.
-Onuň ýaly bolsa ejeňe seret, Jemal jan. Işden soň özümizem baryp göreris.
Gysynma, ejeňi tut ýaly ederis-diýip, Nadýa gyza göwünlik berip goýberdi.
Şol gün är-aýal işden soň Jemalyň ejesini görmäge bardylar. Olary gözi
ýaşly Jemal garşy aldy.
-Ejem içerki otagda-diýip, Jemal olary ejesiniň ýatan ýerine alyp girdi.
Krowatda ýüzüni diwar tarapa öwürip ýatan nähoş “Hä” diýdi-de,
gozganjak boldy, emma beýlesine öwrülip bilmedi. Nadýa eňilip,
ýagdaýyny sorady. Beýlesine öwrülmäge kömek etdi. Soňra eliniň
damaryny tutup gördi. Damarynyň urşy gowy däl bolmaga çemeli, kellesini
ýaýkap, gapydan giren ýerinde duran Nazara seretdi:
-Nazar, gel, senem damaryny gör, urşy bir hiliräk-diýende Suraý gözüni
açdy. Nazar özüne gönükdirilen Süraýyň gözlerine nazary kaklyşanda tas
305
özüni ýitiripdi. Emma syr bermezlik üçin elini Suraaýyň eline uzadanda
Suraý:
-Hm... Napolýon bu senmidiň - diýip, elini çekip aldy-da gözlerini ýumdy.
Nadýa:
-Gyzgyny güýçli samraýar-diýip, Nazary gyzgyny gaýtarýan derman bilen
şpris getirmek üçin iberdi.Şundan soň Suraý Nadýanyň soraglaryna “Hä”,
“Hm” diýmekden başga jogap bermedi.
Nazar aýdylan zatlary getirip berdi-de, daşarda maşynda garaşjakdygyny
aýdyp, çykyp gitdi. Ol dermanhana baryp gelýänçä-de, häzir maşynda
oturan ýerinde-de kellesinde bir pikir: “Eý, Allam, bu nähili boldy? Bu bir
tötänlikmi ýa-da ykbalyň oýnumy?” diýen pikir at salýardy.
Nadýa Suraýa sanjym edip, gyzgyny azyrak gaýdýança bir salym oturdy.
Soňra Jemaly köşeşdirip, ýene-de geljegini, tä Suraý aýaga galýança gelip,
ony özi bejerjekdigini aýdyp hoşlaşdy.
Öýlerine gelenlerinde Nadýanyňam, Nazaryňam keýpi ýokdy. Ýüregi ýuka
Nadýanyň keýpini Suraýyň ýagdaýy gaçyran bolsa, Nazaryň keýpiniň
gaçmagynyň mundan başga-da sebäbi bardy. Aradan iki hepde geçdi. Bu
wagtyň içinde Nadýa Jemallara günde, günaşa baryp, Suraýa elinden gelen
lukmançylyk kömegini berdi. Suraý aýaga galdy. Jemal Nadýalara işine
baryberse-de bolýardy. Emma Jemalyň gelmegine Nadýa sabyrsyzlyk bilen
garaşsa-da, ol gara berenokdy.
Ahyr bir gün garaşyp ýadan Nadýa Jemallara bardy. Suraý hem, Jemal hem
ony gujak açyp garşy aldylar. Saçak ýazyp, hödür-kerem etdiler. Gürrüňiň
arasynda Nadýa näçe gün bäri Jemala garaşýandygyny, onuň näme üçin
barman ýörendigini sorady. Jemal ejesine manyly seredip, dymdy. Suraý
näme diýjegini bilmeýän ýaly ýaýdanyp jogap berdi:
-Nadýa jan, Jemalyň barman ýöreniniň, indi-de barmajakdygynyň sebäbi
men bir ýalňyş goýberdim. Aýdylmaly däl zady içime sygdyryp bilmän
aýdaýdym...
-Düşünmedim, Suraý, nämäni aýtdyň?
Suraý soraga jogap bermän bir salym dymdy. Nadýa soragyny gaýtalady.
Suraý islese islemese-de jogap bermeli boldy.
-Men nähoşlap ýatanymda ilkinji gelen günüňiz Nazara gözüm düşende
“Hm, bu senmidiň Napalýon?” diýdim. Şonda siz meni gyzgyny zerarly
samraýandyr öýtdüňiz. Emma men şonda samramandym, aňym ýerindedi.
Men aýaga galanymdan soň, şol barada Jemala aýdaýdym. Men ýalňyşdym,
aýtmaly däl ekenim
-Suraý,men entegem hiç zat düşünemok.Napolýonyñ Nazara näme dahyly
bar?
-Onuň özi size hiç zat aýdanokmy?
-Ýok, näme aýtmalydy?
306
Suraý ulydan demini aldy. Soňra:
-Ol aýtmadyk bolsa men aýdaýaýyn-diýdi-de, aýtjak zadyny Nadýa nähili
kabul ederkä diýen ýaly oňa bir seredip goýdy.
-Nadýa jan, men Nazar bilen ol medinstituty gutaryp, meniñ işleýän
hassahanama işe gelen ýyly tanyşypdym. Ol ýaş görmegeý lukman ýigit,
meniň görnüşim hem ondan kem däldi. Emma ol öýlenmedik, men bolsa
durmuşa çykyp aýrylyşan aýaldym. Men adamym bilen bäş ýyla golaý
ýaşadym. Çaga bolmady. Onuň ata-enesi meni önelgesiz hasap edip, bizi
aýrylyşdyrdylar. Nazar tanyşlygymyzyň ilkinji günlerinden meni çyn
ýüreginden söýýändigini, meniň üçin her zada taýýardygyny, maňa
öýlenmekçidigini aýdyp, ygtyýarymy elimden almaga çalyşýardy. Men oňa:
-Nazar, sen öýlenmedik ýigit, men bolsa durmuşa çykyp aýrylşan aýal.
Onsoň nädip sen maňa öýlenjek? Ataň-eneň, garyndaşlaryň näme diýerdiýenimde ol:
-Suraý söýgi üçin bu zatlar böwet bolup bilmeýär. Napaleon Bonapart
özünden bir näçe ýaş uly, iki çagaly Jozefine diýen aýala öýlenipdir-ä-diýdi.
Men:
-Napaleon Fransiýada ýaşan, ol ýurtda beýle zatlar geň görülmeýär. Biziň
adatlarymyz başgaça. Şonuň üçin sen Napaleon bolup bilmersiň-diýdim.
Emma ol bolaryn diýip, ant içip awy ýalap öz diýenini etdi. Emma soň
öýlenmek barada dil ýarmady. Men soranymda “Entek gyssanma, hiç
bolmasa bir ýyl işläýin, toýa pul ýygnaýyn” diýip, sypýardy. Bir ýyl hem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 26
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.