Latin

Powestler - 19

Total number of words is 3774
Total number of unique words is 1826
34.6 of words are in the 2000 most common words
48.3 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýene näme, ýöne? – diýip kapitan geňirgenip, Gel Galyň sözüni kesdi.
-Ýöne, kapitan, özüňiz pikir edip görüň. Biz biçak uly taryhy missiýany
ýerine ýetirýäris. Eger biz diňe özümiziň bilesigelijiligimizi
kanagatlandyrmak üçin olar bilen kontakta girip, heläk bolaýsak, onda
nesiller bizi hiç haçan bagyşlamaz – diýip, Gel Gal ýene müňkürlik etdi. –
Bularyň näme niýetiniň bardygyny kim bilýär? Gadymy taryhda-da,
adamlary al bilen ele salyp, gyran agressorlar az bolmandyr.
Ezizim Gal – diýip, professor Tal Dal özelenip gepledi. –Adamzat
näçe asyrlaryň dowamynda özge dünýäleriň swilizasiýasy bilen duşuşmak
arzuwyny edip ýaşady. Biziň ata-babalarymyz näçe müň ýyllap olara ýerde
garaşdy. Asmanda üýtgeşik bir obýekt görünse, özge swilizasiýanyň
obýekti geldi, diýip jar çekdiler. Hatda gazetlerde-de ýazdylar. Emma
soňunda olaryň bary adamlaryň umydyndan dörän salgym bolup çykdy. Ine,
indi biz ýerliler, özüňiz aýtmyşlaýyn uly taryhy missiýany ýerine ýetirijiler,
şol arzuw edip gelinýän özge swilizasiýa bilen, başgaça edip aýdanymyzda
akyl-paýhas boýunça gardaşlarymyz bilen alys kosmosda ýüzbe-ýüz geldik.
Onsoň şeýle taryhy duşuşygy sypdyrsak geljekki nesiller bizi
bagyşlarmyka?
Hormatly professor, siziň bu aýdýanyňyz hem dogry, ýöne men
ätiýajy elden bermezlik gerek diýýän. – diýip, Gel Gal birneme gyzyp
gepledi.
Professor Tal Dal bilen kosmolog Gel Galyň çekişmesini diňläp
oturşyna kapitan Nur öz ýanyndan şeýle pikir öwürýärdi: ,,Ynam we şübhe
adamzadyň uzak taryhynyň dowamynda-da onuň ýoldaşy bolup geldi.
Adamlar biri-birine ynam bildirip bileleşenlerinde ýeriň ýüzünde we
kosmosda örän ägirt uly işleri amala aşyrardylar. Birek-birege şübhe bilen
garalan döwürlerde bolsa ýaraglanyşyga zor berlip, adamzat jemgyýetiniň
has pajarlap ösmegi uzak wagtlap bökdeldi. Emma mundan ynam gowy,
şübhe erbet, diýen netijä-de gelip bolanok. Sebäbi duşmana ynam bildirip,
ahmal bolsaň üstüňi aldyraýmagyň, erbetligiň öňi alynmazlygy mümkin’’.
219
Kapitan Nur öz pikiriniň soňunda aýgytly bir karara geldi. Ol adamlara
ýüzlenip şeýle diýdi:
Ýoldaşlar, Gel Galyň aýdyşy ýaly, ätiýajy elden bermezlik gerek.
Emma professor Tal Dalyň aýdyşy ýaly, bu taryhy duşuşygy sypdyrsak
biziň gaty namartladygymyz bolar. Şonuň üçin ýanaşyk uçuş edip gämileri
geçelge bilen sepleşdireliň, ýöne olary ,,Jeýhuna” goýbermäliň-de, iküç
adam bolup olaryň gämisine geçeliň. Bardy-geldi olar agressiz duýguly
jandarlar bolaýanynda-da şol geçen iküç adamdan başgamyza zeper ýetirip
bilmez.
Kapitanyň bu teklibi hemme kişä makul boldy. Hatda Gel Gal hem oňa
garşy çykmaga çekindi.
Eger meniň bu teklibime hemmäňiz goşulýan bolsaňyz, onda keseki
gämä kimleriň geçmelidigi baradaky meseläni hem çözeliň - diýip kapitan
ýene öz pikirini orta atdy, eger razy bolsaňyz keseki gämä meniň bilen
professor Tal Dal we kosmolog Gel Gal geçmeli bolar. Kapitanyň
wezipesini bolsa wagtlaýyn... eger bize bir zat bolaýsa tä ýere gaýdyp
barýança meniň kömekçim Rut Run ýerine ýetirer.
Esli salym hiç kimden ses-seda çykmady. Kapitan bu dymyşlygyň sebäbine
düşünmän, geňirgenip dillendi:
Näme, ýoldaşlar, gorkýaňyzmy ýa?
Rut kapitana dik garap:
Gorkýan adam biziň aramyzda ýok, kaptan. Ýöne göwnümize
bolmasa adamlar seniň gämä geçmegiňi bir hiliräk görüp duran ýaly –
diýdi. – Men bolsam muňa bütünleý garşy... Sebäbi Beýik Geňeşiň we
halkyň öňünde ,,Jeýhunyň” ykbaly üçin sen jogapkär seniň ýeriňe men
baraýyn. Eger bize bir zat bolaýanda-da ,,Jeýhun” seniň ýolbaşçylygyňda öz
missiýasyny ýerine ýetirip, sag aman ýere dolanar.
Rut ätiýaçly bolmak gowy zat. Emma öte ätiýaçlylyk hem gülkünç
görünýär. Gäminiň kapitany men bolýan bolsam,ol ýere-de hökman men
barmaly. Ýogsam olar men hakda, gör nähili pikir ederler.
Bardy geldi bize bir zat bolaýan ýagdaýynda bolsa kapitanyň
wezipesiniň seniň soňuna çenli üstünlikli ýerine ýetirjekdigiňe men
ynanýan.
Kapitan Nuruň kararynyň üýtgewsizdigi onuň äheňinden belli bolup
durdy.Şonuň üçin oňa indi hiç kim garşylyk görkezmedi. Şeýdip keseki
gämä üç adam- kapitan Nur, professor Tal Dal we kosmolog Gel Gal
barmaly, diýen karara gelindi.
Kapitan Nuruň ekrandan seredip, jogaba garaşyp duran gyzyl-ýaşyl
ýüzlülere özleriniň duşuşyga razydyklaryny bildirip , ,,biz size barýas”
diýen manyda bir elini döşüne degirdi-de olara uzatdy. Gyzyl-ýaşyl ýüzlüler
bu yşaraty şol bada düşündiler. Olaryň bäşisem deňine ýylgyryp, ,,Bolýar”
220
diýen manyda başlaryny atdylar. Olaryň ortadakysy gara tagtanyň ýüzüne
öň çyzan iki ellipsiniň özi tarapdakysyndan geçelge çykardy-da beýleki
ellipsdenem öz tarapyna strelka geçirdi. Bu çyzgylaryň hem manysy
düşnüklidi. Olar gämiler ýanaşanyndan soň geçelgäni biz guraly, onsoň biz
tarapa geçiberiň, diýýärdiler. Emma olaryň bu teklibi diňe Gel Galda däl-de
beýlekilerde hem şübhe döretdi. Şol sanda kapitan Nuruň hem göwnüne
iňkis gitdi. «Olar bizi abordaža aljak bolýarlar öýdýän. Şeýlelikde
,,Jeýhuny” öz geçelgeleri bilen bentläp, sypmaz ýaly etmekçi
bolýarlarmyka? » ,,Jeýhunda” bir nurbatyny towlasaň islän ölçegiňde
ulaldyp, kiçeldip bolýan geçelge bardy. Ony ýere gonanda gämiden aşak
düşmek üçin hem, kosmosda başga obýekt bilen sepleşmek üçin hem
ulanyp bolýardy. «Şeýle mümkinçilik barka ätiýajy elden bermezlik gerek»
diýip, Kapitan Nur içini gepletdi. Ol ekrandan seredip duran gyzyl-ýaşyl
ýüzlilere, ,,Ýok” diýen manyda elini ýaýkady. Soňra ,,Geçelgäni biz
gurýas” diýen manyda iki elini özünden olara baka uzatdy. Bäride duran
şübhe we oňa derek ätiýaçlyk olara düşnükli bolan bolmaga çemeli ortada
duran gyzyl ýüzli ,,Gözel göwnüňiz” diýen manyda ýylgyryp başyny atdy.
Şonuň bilen kontakta girmek hakyndaky gepleşik ylalaşyk bilen
gutardy. Iki tarap hem gämileri ýanaşdyrmagyň aladasyny edip başladylar.
Kapitan Nur kömekçisine:
Rut, ýanaşyk uçuşa geçileninden soň ýigitleriň bilen geçelgäni
çaltyrak taýýarlaň. Ony gerek mahaly özümiz tarapdan çalt aýryp goýberer
ýaly edip gurmaly – diýip, buýruk berdi. Soňra Tal Dal bilen Gel Gala
ýüzlendi. – duşuşyga taýýarlanyberiň, ýoldaşlar. Menem jaýyma gidip
özümi ruhy taýdan birneme taýýarlaýyn – diýip, merdemsilik bilen
ýylgyrdy.
Kapitan Nur baş pultuň jaýyndan çykyp, öz otagyna geldi. Aýaly bilen
gyzy sapakdady. Içerki aragatnaşyk linýasy arkaly olary çagyrdy. Deýa
bilen Zeýa üýtgeşik bir ýagdaýyň ýüze çykanyny aňyp, derrew ýetip
geldiler. Otaga giren badyna Deýa ärini başdan-aýak gözden geçirdi.
Näme boldy Nur? Eýgilikmi beri?!
Kapitan Nur aýalynyň howsala bilen beren soragyna özüniň ýüregindäki
tolgunmsyny bildirmejek bolup arkaýyn, wäşi äheňde jogap berdi:
Eýgilik, Bolsa-da üýtgeşik eýgilik. Men häzir bir ýere gidip gelmeli.
Ol ýerde näçe eglenjegimiň bellisi ýok. Şonuň üçin siz howatyrlanyp
oturmaň.
Deýa äriniň sözlerini hemişeki edýän degişmesidir öýtdi. Emma Zeýa
oňa çyny bilen geň galdy. Ol:
Kaka, biz kosmosda, ahyryn. Sen ,,Jeýhundan” çykyp, nirä gitjek? –
diýip, gözlerini tegeledi.
221
Kosmosda hem adamy myhmançylyga çagyrýan ekenler diýip,
kapitan gyzyny gujaklap ogşady. Soňra aýalyna ýüzlendi. – Deýa biz
näbelli gämä duşduk. Olar bizi öz gämisine çagyrýar, pikir alyşmagy teklip
edýärler.
Kapitanyň sözleriniň degişme däldigi onuň ýüzi-gözünden görnüp
durdy. Şoňa görä Deýa ilki bir hili aljyraňňy ýagdaýa düşdi.
Ol nähili näbelli gämi? Biziň yzymyzdan ýene başga gämi
goýberäýdilermikä?
Ýok. Ol biziň ýerimiziňki däl, bütinleý başga swilizasiýanyň gämisi.
Bu habar Deýany bir hili üýşendiren bolsa, Zeýa üçin tolgundyryjy
şatlyk getirdi. Ol:
Ura! Onuň ýaly bolsa, ol gämä hökman geçip görmeli, kaka.
Dogry aýdýaň, gyzym. Hökman geçip göreris. Olar bilen pikir
alyşarys. Gör, olar bize nämeler aýdar. Belki köp zatlary öwrederler.
Kaka, ol gämä meni-de alyp git. Ony meniň gaty göresim gelýär –
diýip, Zeýa özelenip, ýalbardy.
Ine, munyň bolanok gyzym. Ol ýere ilki diňe ulular barmaly. Sebäbi
entek olaryň nähili aňyň eýesidigini bilemizok.
Zeýa ýene bir zatlar diýjek bolup çemlendi, emma ejesi oňa maý bermän,
kakasyna ýüzlendi:
Nur, men entegem seň diýýäniňe oňly düşemok. Siz onuň başga
swilizasiýanyň gämisidigini nireden bildiňiz?
Ol şeýle seredeniňde bes-belli bolup dur. Onsoňam biz olar bilen
telewizion aragatnaşyk edip, duşuşyk barada ylalaşdyk.
Kapitan Nur sözüni gutaryp gutarmanka otagdaky radio nokatdan Rutuň
sesi eşidildi:
Kapitan, gämiler ýanaşyk uçuşa geçdi. Häzir geçelgäni gurup
başlaýas.
Şondan soň Deýa eýýäm ähli zadyň çözülendigini aňdy. Onuň ýüregine
bir hili howsala düşdi:
Duşuşyga kapitanyň barmagy hökman däl bolsa gerek. Aýalynyň
howatyr edip beren soragyna kapitan çürt-kesik jogap berdi:
Diýýäniň näme, Deýa. Men barmasam bolmaz. Şonuň üçin men
birneme eglensem aladalanyp oturmaň, diýip öňünden duýdurýan. Belki
biz olar bilen uzak wagtlap pikir alyşarys. Bolýar ezizlerim men baraýyn,
entek skafandyrlary geýmeli, başga-da taýýarlyk işleri bar.
Seniň bilen ýene kimler gidýär kaka? –diýip, Zeýa gözlerini
uçganakladyp sorady.
Meniň bilen professor Tal Dal, kosmolog Gel Gal gidýär. – diýip,
kapitan gyzyny ýene bir gezek ogşady. Soňra aýalynyň ýüzüne aýratyn bir
222
mähir bilen seretdi. Garaýşyň manysyna Deýa şobada düşündi. Ol aýaly
bilen uzak sapara gidendäkisi ýaly mähirli hoşlaşjak bolýardy. Diýmek, bu
duşuşyk zerarly kapitanyň özünde-de howatyr ýok däldi. Muňa Deýanyň
ýüregi beter gyýyldy. Kapitan Nur gysga wagtlap kosmiki saparlara
gideninde hem Deýa ýerde garyndaş-doganlarynyň, tanyş-bilişleriniň
arasynda galanynda-da özüni ýalňyz duýýardy, uzak wagtlaýyn aýralyga
döz geljek bolup, ejir çekýärdi. Şonuň üçin ol ,,Jeýhunda” äri bilen bile
gitmelidigini eşidende gaty begenipdi. Sebäbi uzak wagt dowam etjek bu
saparda kapitan ondan aýrylyp, hiç ýere gidip bilmeýärdi. Elmydama ol
äriniň ýanynda, onuň mähir-muhabbetinden ganyp ýaşajakdy. Ine, indi
bolsa oslanmadyk ýerden, hatda kosmosda-da, ara aýralyk düşjek bolýar.
Deýa ejizlän ýaly boldy, aýaklarynyň ysgyny gaçyp, golaýyndaky
kürsüniň ýeňsesine söýendi, soňra sandyrawuk ses bilen dillendi:
Nur, bu duşuşyga özüň barmasaň bolanokmy?
Kapitan Nur aýalynyň ýaş tegelenip duran gözlerine merdemsilik bilen
garady, mylaýym, emma aýgytly äheňde jogap berdi:
Sen bir pikir edip gör, Deýa. Adamzadyň taryhynda munuň ýaly özge
swilizasiýanyň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak entek hiç kime
miýesser bolanok. Şeýle bolansoň men ony sypdyrsam, gorkaklyk edip
ýerime başga birini ibersem, onda mendenem kapitan bolarmy?
Onyň dogry, ezizim. Ýöne näme üçindir men gorkýan.
Gorkup oturasy zat ýok, Deýa. Men olaryň hem özümiz ýaly gowy
niýetli jandarlardygyna ynanýan –diýip kapitan aýalyny köşeşdirdi. Soňra
ony mähir bilen gujaklap, ogşady-da otagdan çykdy. Kapitan Nur
çykalganyň öňündäki geçelgäniň öňüne geleninde ol ýerde oňa professor
Tal Dal, kosmolog Gel Gal, kömekçisi Rut we ýene birnäçe adam
garaşýardy.
Kapitan, geçelge taýýar – diýip, Rut habar berdi.
Ony meniň aýdyşym ýaly, bärden sypdyryp goýbermesi aňsat edip
gurduňyz dälmi?
Edil aýdyşyň ýaly edip gurduk, kapitan.
Gaty gowy. Ýöne bir zat ýatdan çykypdyr. Ýanymyzda jübide ýerleşer
ýaly «habarçy» göteräýsek hem ters bolmaz. Eger ol ýerde rejäniň düzüw
däldigini aňsak, derhal size signal bereris. Tiz iki sany şeýle «habarçyny»
getirdiler.
Kapitanyň beýle ätiýaçlylygy Gel Galyň dilini gijetdi:
Kapitan, siz meni tankyt edip, özüňiz mendenem ätiýaçlyrak hereket
edýäňiz –ä. Emma olar bizi bet niýet bilen çagyrýan bolsalar, onda biz
signal berip hem ýetişmeris.
223
Her halda bize bu zadyň zyýany degmez- diýip, kapitan Nur Gel
Galyň sözüni kesdi. Keseki gämä geçjekleriň üçisem skanfandyrlaryny
geýdiler. Indi hoşlaşyp keseki gämä geçiberimelidi. Ýöne kapitanyň hem,
onuň bilen bile gitjek ýoldaşlarynyň hem bu işe bognunyň ysmaýandygy
görnüp durdy. Kapitan Nur özüniň we ýoldaşlarynyň ýüregindäki beýle
howsalanyň sebäbini adamlaryň nesilden-nesle geçip gelýän birek-birege
ynanmsyzlyk duýgusyndan görýärdi. ,,Bu duýgy indi özge swilizasiýa bilen
aragatnaşyk etmegine hem päsgel berjek bolýar”. Kapitan Nur serine gelen
bu pikirden saplanyp, bir elini aýgytly galdyrdy. Bu onuň ýoldaşlaryna
,,gitdik”, ,,Jeýhunda” galýanlara bolsa ,,hoş” diýdigidi. Şol bada Rut
geçelgäniň gapysyny açdy. Kapitan Nur başlyklaýyn Tal Dal we Gel Gal
geçelgä sümdüler. Olaryň yzyndan gapy ýene gaýym ýapyldy. Geçelgäniň
içinde emeli grawitasiýa bolmanlygy üçin olaryň aýaklary aşak degmän,
edil suwda ýüzýän ýaly bolup kynlyk bilen öňe süýşýärdiler. Geçelgäniň
aňry çetinde bir enaýy ýaşyl yşyk lowurdap olaryň gözüni gamaşdyrýardy.
Yşyga ýakynlaşyldygysaýyn olaryň tolgunmasy artýardy. Bu şeýle-de
bolmalydy. Sebäbi, ýene-de sanlyja minutdan soň olar özge swilizasiýa
bilen duşuşmak ýaly adamzadyň taryhynda henize çenli bolmadyk örän uly
taryhy wakanyň şaýady boljakdylar. Gör, bu duşuşyk nämeler berer,
nämeleri ýüze çykarar. Belki bu duşuşyk ,,Jeýhunlylaryň” diňe olaryňam
däl bütin adamzadyň durmuşynda düýpgöter özgerişler döreder. Belki-de
munuň tersine bolaýmagy hem mümkin.
Kapitan Nur bu iki gapma-garşy pikiriň soňkusyndan öňküsiniň
dogry bolup çykmagyna jan-teni bilen ynanasy gelse-de ýüreginiň
niresindendir gizlenen şübhäni kowup bilenokdy.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary şeýle çylşyrymly duýgular bilen
ýaşyl yşygyň çykýan ýerine ýetip geldiler. Ol ýer keseki gäminiň
girelgesindäki ötük ekeni. Olar ol ýere girenlerinden göwresiniň agramyny
duýup aýaklarynyň üstüne galdylar. Şonda olar bu gäminiň içinde hem
,,Jeýhundaky” ýaly emeli grawitasiýanyň barlygyna göz ýetirdiler. Entek
olaryň gözi bu ýerdäki yşyga öwrenişip, töwerek-daşyny oňly saýgaryp
ýetişmänkä garaşylmadyk ýerden alty sany gyzyl-ýaşyl ýüzli peýda boldy.
Olar sen ýok, men ýok gelenleri tutup, elini arkasyna daňdylar. Kapitan Nur
we onuň ýoldaşlary skanfandrda bolanlary üçin olara garşylyk görkezip
hem bilmediler. Göz açyp ýumasy salymda bolan bu işiň näme bilen
gutarjagyna göz ýetirip bilmän kapitan Nur we onuň ýoldaşlary gaty
aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Olaryň elleri arkasyna gaýym daňylany üçin
jübülerindäki «habar» enjamyndan hem peýdalanmagyň mümkinçiligi
ýokdy.
,,Ähli iş berbat boldy, indi bu nejisler bizi diri sypdyrmaz. Rutuň özi
ýagdaýy duýup ,,Jeýhuny” bulardan halas edip biläýse ne ýagşy!” diýip
224
kapitan Nur arman bilen içini gepledýärdi. Tal Dal bilen Gel Galyň
beýnisinde-de şular ýaly howsalaly pikirler at salýardy.
Gyzyl-ýaşyl ýüzlüler öz aýagy bieln gelen ýesirlerini öňlerine salyp,
çaklaňyrak bir tegelek zala eltdiler. Bu ýerdäki mawy yşyga
,,Jeýhunlylaryň” gözi tiz öwrenişdi. Olar töwerek-daşyna howatyrly göz
aýlap durkalar gapysyz diwaryň bir bölegi bir tarapa ýuwaşlyk bilen
süýşdi-de, ol ýerden ap-ak ýylmanak matadan sportçylaryňky ýaly ykjam
tikilen geýimde uzyn boýly bir gyzyl ýüzli çykdy. Onuň yzyndan bolsa
telewizor arkaly aragatnaşyk mahaly ortada duran gyzyl ýüzli girdi.
,,Jeýhunlylaryň” çak edişine görä, olar şu gäminiň ýolbaşçylary bolmalydy.
Ak geýimliniň yşaraty boýunça kapitan Nuruň we onuň ýoldaşlarynyň
skanfandrlarynyň kelle tarapyny aýyrdylar. Şol bada ,,Jeýhunlylar” bu ýeriň
howasynyň biçak tämizdigini syzdylar. ,,Diýmek bular hem biziň ýaly
kislorodly howadan dem alýar ekenler” diýip, kapitan Nur içini gepledip,
ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Bir gowusy Tal Dalyň hem Gel Galyň ýüzgözünde gorky alamaty ýokdy. Olaryň ikisem özlerini gaty merdemsi tutup
durdular. Kellelerinden skanfandr aýrylansoň olara özara gepleşmek
mümkinçiligi döredi. Mundan peýdalanyp kapitan Nur Gel Gala ýüzlendi:
Gel eliň gaty saralanmy? «habarçynyň» signalyny basyp goýbermäge
mümkinçilik ýokmy?
Elim gaty saralan, häzir oňa mümkinçilik ýok. Bardy-geldi elimizi
çözäýseler sizem menem deňine signal bermeli – diýip, Gel, Gal, kapitana
umyt bilen garady. Şol wagt ak geýimli olara ortada goýlan üç sany tegelek
oturgyjy görkezip, ,,Oturyň” diýen yşaraty etdi. Olar oturanlaryndan soň ak
geýimli ýoldaşy bilen olaryň garşysyndaky ýumşak kürsülerde oturdylar.
Beýleki gyzyl-ýaşyl ýüzlüler bolsa ,,Jeýhunlylaryň” kellelerine gadymky
patyşalaryň altyn täjine meňzeş zatlary geýdirdiler. Şeýle zady ak geýimli
bilen onuň ýoldaşlary hem geýdiler. Ine, şundan soň ,,Jeýhunlylaryň”
kellesi bütinleý başga hili ýagdaýa geçdi. Olar gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň
beýnisindäki pikirleri edil düşnükli dilde aýdylan kimin kabul edäýjek ýaly
boldular. Şundan soň kapitan Nur we onuň ýoldaşlary kellelerine geýdirilen
abzallaryň beýnidäki biotoklary güýçlendirmek bilen pikir alyşmaga
mümkinçilik berýän radar enjamlardygyna göz ýetirdiler.
Geplemeklik beýnidäki pikirleri beýan etmegiň bir görnüşi bolany üçin
enjamlaryň kömegi bilen, geplenilýän dil bütünleý nätanyş bolsa-da
aýdylan pikiriň manysy biotoklar arkaly gös-göni beýniden beýnä geçýärdi.
Radar enjamlar işe girizilen badyna bütünleý başga-başga dillerde
geplemeklerine garamazdan Ak geýimli bilen kapitan Nuryň arasynda pikir
alyşylmaga başlandy. Ilkinji bolup ak geýimli resmi äheňde söz gatdy.
Hoş geldiňiz, gadyrly myhmanlar!
225
Bizde gadyrsyz myhmany-da beýle garşylamaýarlar – diýip kapitan
Nur gaharly jogap berdi.
Biz sizde näme işler edilýänini gowy bilýäs. Şonuň üçinem sizi
şeýleräk garşylamaly bolduk.
Siziň munyňyz gaty namartlyk bolýar!
Kapitan Nuruň bu diýenine ak geýimli kinaýaly ýylgyrdy:
Mertlik, namartlyk diýen düşünjeler bizde-de bar, ýöne olar bizde
siziňkä garanda başgarak manyda ulanylýar.
Siz-ýaňy ,,Sizde näme işler edilýänini gowy bilýäs” diýip aýtdyňyz.
Indi bolsa ,, Mertlik, namartlyk diýen düşünjeler bizde siziňkiden başgarak
manyda ulanylýar, diýýäňiz”. Siziň bu aýdanlaryňyza garanda siz bize gaty
belet ýaly-la. Ömrüňizde ilkinji gezek duşan özge swilizasiýanyň jandarlary
hakynda nähili beýle pikiri beýan edýärsiňiz?
Sebäbi sizi öz hasabyňyz bilen mundan müň ýyl öňden bäri bilýäris.
Siz Gün ulgamynyň Ýer planetasynyň aňly jandarlarysyňyz. Siz özüňize
,,adamlar” diýip belent at dakypsyňyz, ýöne siz köp babatda beýle belent
ada mynasyp dälsiňiz.
Diýmek, siz bizi älemde ýaşamaga mynasyp däl, pes taýpa hasap
edeniňiz üçin ellerimizi daňyp ýok etjek bolýan ekeniňiz-dä? Ýok,biz akylpaýhasyň ýokary nokadyna ýeten beýik jandarlardyrys. Bizin güýjümiz,
kuwwatymyz biçak uludyr. Gowsy siz häziriň özünde bizi yzymyza
gaýtaryň ýogsam biziň gämimizdäki lazer toplary siziň külüňizi göge
sowrar!
Kapitan Nuruň bu dergazap jogaby ak geýimli bilen onuň ýoldaşynyň
ýüzünde ajy ýylgyryş döretdi:
Ine bu gepiňiz siziň hakyky keşbiňizi açyp görkezýär. Siz ýerlileriň
ata-baba pikiriňiz – oýuňyz biriniň külüni göge sowurmak bolup geldi.
Şonuň üçinem siz henize çenli biri-biriňize ýarag çenäp gelýärsiňiz. Siz biri
diýip hasap edýäniňizem özli-özüňiz, öz planetadaşlaryňyz. Biz siziň şeýle
häsiýetiňiziň bardygyny öňden bilenimiz üçin gämimize gireniňizde ätiýajy
elden bermäliň diýip, elleriňizi daňdyk. Indi biziň külümizi göge sowurmak
meselesine gelsek, biz ondan gaty arkaýyn. Biziň gämimize daşyndan zeper
ýetirip biljek güýç entek älemde ýok. Içinden zeper ýetiräýjekleriňem eli
mäkäm daňylan.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşlary elleriniň näme üçin daňylanynyň
sebäbini indi düşündiler. Adamzadyň taryhy gyzyl-ýaşyl ýüzlileriň pikirini
doly tassyklaýardy. Uzak geçmişdäki planedaşlarynyň eden-etmişleri üçin
olaryň müň ýyldan soňky kapitan Nur başlyklaýyn wekilleri özge
swilizasyýanyň wekilleriniň öňünde başyny aşak salyp otydylar.
Kapitan Nur we onuň ýoldaşalary bular biz baradaky bu zatlary nireden
bilýärkäler? “ diýip öz ýanlaryndan pikir öwürýärdiler. Olaryň bu pikirini
226
radar enjemlar şol bada gyzyl-ýaşyl ýüzlülere ýetirdiler. Şondan soň ak
geýimli myhmanlaryna olar hakda bilýänlerini açyk aýtdy:
Ýaňy aýdyşym ýaly, mundan müň ýyl çemesi ozal biziň gämilerimiziň
biri siziň planetaňyzyň daşyna uzak wagtyň dowamynda aýlanyp, ol ýerdäki
durmuşy ymykly öwrenip gaýdypdyr. Biziň şol ekspedisiýamyzyň
anyklamagyna görä siziň bütin, taryhyňyz ýowuzlykdan, wagşylykda ybarat
bolupdyr. Biziň ekspedisiýamyz barmazdan kyrk ýyl çemesi öň siz birbiriňize uly gyrgyn salypsyňyz, hatda öz planetaňyzdaky iki sany uly şäheri
atom bombasy bilen weýran edipsiňiz. Emma bu aýylganç wakalardan
soňam siz düzelmänsiňiz. Biziň ekspedisiýamyz ýetip baran mahalynda
bolsa siziň ýeriňiziň üsti we aşagy gaty aýylganç gurallardan doly ekeni.
Şol döwürde siz muňa-da kanagat etmän şeýle gyrgynçylyk niýetli
ýaraglary kosmosa-da alyp çykmakçy bolup jan edýän ekeniňiz. Ine, şu
zatlaryň anyklananyndan soň biziň ekspedisiýamyzyň wekilleri özüni
mälim etmän yzyna dolanypdyrlar. Dogrusy, olar sizden gorkupdyrlar.
Sebäbi özli-özüniň külüni göge sowurjak bolup, öz planetasyny şeýle
aýylganç gurallardan dolduryp taşlan jandarlar keseki swilizasiýadan
gelenleri, gör näme iş ederdiler.
Ak geýimliniň bu aýdanlary hemmedenem aýratyn professor Tal Dala
üýtgeşik täsir etdi. Ol çydap oturyp bilmän söze goşuldy:
- Ezizler, siziň biziň planetamyz hakda toplan maglumatlaryňyzy hem-de
häzir beýan eden pikiriňizi nädogry diýip, aýtmaga biziň hakymyz ýok.
Sebäbi şeýle zatlar öz döwründe bolup geçipdir. Emma şol döwürlerden
bäri geçen wagtyň içinde biziň planetamyzyň adamlary düýbünden özgerdi.
Häzirki ýerliler gadymy ýigriminji asyryň adamlaryna bütünleý meňzänok.
Biziň neslimiz gaty adamkärçilikli, diňe gowy niýetli adamlardyr. Häzir
biziň ýerimiziň ne aşagynda, ne üstünde ýekejede çommalyp duran ýarag
ýok. Ýeriň ýüzi bir bitewi jemgyýet bolup, ähli adamlar bir dogan ýaly
agzybir ýaşaýarlar.
Ak geýimli professoryň sözüni bölüp, kapitan Nura tarap barmagyny
çommaltdy-da:
Bagyşlaň, gardaş, siziň diňe gowy niýetli adamlar diýeniňiziň biri-de
şumy? – diýdi.
Professor Tal Dal howlugyp jogap berdi.
Siz ony bagyşlaň, ezizim. Ol biziň kapitanymyz. Ol örän gowy adam.
Onuň lazer toplary barada diýip goýbereni bolsa ýesirlikden gutulmak üçin
atylan bir boş haýbatdan başga zat däl. Biziň gämimizde hiç hili ýarag ýok.
Onda siziň häzirki nesliňiz biziň ýaly diňe ýagşy niýet bilen ýaşaýan
jandarlar-da? – diýip ak geýimli sorady.
Edil özüňiz ýaly, ezizim. Indi biziň ellerimizi çözüň. Onsoň ylym
hakda, swilizasiýalarymyzyň gazananlary hakynda pikir alyşalyň.
227
Ak geýimli ,,Munuň aýdýanlary dogrumyka?” diýen manyda
ýoldaşyna garady. Ol bolsa:
Muny häziriň özünde barlap göräýmeli diýip, gysga jogap berdi. Onuň
ynamly jogabyna garanda bularyň planetasynda megerem älemiň ähli
swilizleşen planetalarynyň geçmişi we häzirkisi barada maglumatlar bar
bolmaga çemeli. Şonuň ýaly-da ol maglumatlary häziriň özünde almaga
mümkinçilik berýän serişdeler hem bar ýalydy.
Ak geýimli ýoldaşynyň maslahatyny makullady. Olaryň ikisi-de
ýerlerinden turup, giren ýerinden çykyp gitdiler. Olar çykanyndan otagda
ajaýyp bir saz ýaňlanmaga başlady. Çar tarapdan çykýan bu täsin owaz
şeýle bir şirin, şeýle bir duýgulara baýdy welin, onuň sungata höwesi
kemräk adamyňam ýüregini meýmiretmejek gümany ýokdy. «Jeýhunlylar»
bu sazyň täsirinden ýaňa elleriniň daňylgydygyny hem unudypdylar.
Mukam birden kesildi. Otaga ak geýimli bilen onuň ýoldaşy girdi.
Olar şähdaçykdy. Hrustal reňkli gözleri şadyýan gülýärdi. Olaryň ikisem
«jeýhunlylaryň» garşysyna gelip aýak çekdiler. Ak geýimli mylaýym
äheňde dillendi:
Bagyşlaň, gardaşlar. Biz bir neme öte geçipdiris. Biz häzir siz barada
öz planetamyzdan doly maglumat aldyk. Hakykatdanam siziň häzirki
nesliňiz öňkülere düýbünden meňzemeýän ekeni. Siz gowy niýetli adamlar
ekeniňiz.
Ak geýimliniň buýrugy boýunça ,,Jeýhunlylaryň” ellerini çözdüler,
skanfandyrlaryny çykarmaga kömek etdiler. Derrew ortadaky tegelek
oturgyçlar aýrylyp ýerine ýumşak kürsüler getirildi. Soňra «jeýhunlylar»
gyzyl-ýaşyl ýüzlüleriň arasynda dostlarça pikir alyşmaga başlanyldy.
Siziň bilen biz älemiň dürli künjeklerinde ýaşasak hem akyl-paýhas
boýunça dogandyrys, diýip, Ak geýimli myhmanlarynyň göwnüni almaga
çalyşdy. –Swilizasiýalarymyz bir-birinden düýpgöter tapawut etse-de,
maksadymyz bir, planetalarymyzdaky ähli doganlarymyzyň bagtly
durmuşyny üpjün etmekden ybarat.
Soňra ol ýerlileri haýran galdyrýan bir zady aýtdy.
Ýöne siziň bilen biziň bir aýratynlygymyz hem bar. Siz wagtyň içinde
ýaşap, nurdan energiýa alýaňyz, biz bolsa nuruň içinde ýaşap, wagtdan
energiýa alýarys. Siz muňa geňirgenmäň. Biz mundan müň ýyllar ozal wagt
diýilýän zadyň hem zerresiniň bardygyny we ondan energiýa hökmünde
peýdalanyp boljakdygyny bilmeýärdik. Biziň anyklamagymyza görä häzir
biziň bilen ýanaşyk uçup barýan siziň gämiňiz nuruň zerresi faton bilen
işleýär. Şonuň üçinem siziň ämiňiziň tizligi sekuntda üç ýüz müň
kilometrden aňry geçenok. Siziň üçin tebigatda mundan ýokary tizligiň
bolmagy mümkin däl. Sebäbi Nuruň zerresi fatonyň tebigy tizligi şeýle.
Biziň üçin bolsa tizligiň çägi ýok. Sebäbi wagt nur ýaly mälim tizlik bilen
228
ýöremeýär. Ol älemiň ähli ýerinde birden peýda bolýar. Şonuň üçin wagtyň
zerresiniň energiýasy bilen işleýän biziň gämimiz älemiň isän künjegine
islenen wagtynda ýetip barýar. Ine şeýle aýratynlygymyz bolany üçin biz
älemiň kän syrlaryny sizden öň ele aldyk, köp kanunlaryny açdyk.
«Jeýhunlylar» Ak geýimliniň gürrüňini diňläp oturyşlaryna gyzylýaşyl ýüzlüleriň ylymda gazananlaryna haýran galýardylar.
Ylmy-tehniki progresde siz näme üçin bizden yza galanyňyzyň
sebäbini bilýänsiňiz elbetde – diýip, ak geýimli gürrüňini dowam etdirdi. –
Şonuň üçin men ony aýdyp siziň ýüzüňizi gyzardyp oturmaýyn. Ýöne men
özüňiz barada bir zady gaty belläsimiz gelýär. Biz turuwbaşdan ylmymyzyň
güýjüni diňe parahatçylyk maksatlaryna gönükdirdik.
Ak geýimliniň sypaýylyk bilen aýdan soňky sözi ýerlilere öňki
aýdanlaryndanam jaýdarrak şarpyk bolup degdi.
Öz nobatynda «jeýhunlylar» hem gyzyl-ýaşyl ýüzlülere özleri barada
gürrüň bermelidiler. Emma kapitan Nur özüniň lazer toplaryny dile alyp,
haýbat atanyna utanyp hälden bäri geplemän otyrdy. Onuň bu ýagdaýyny
duyup oturan ak geýimli bir tarapyny ýaňsa salyp oňa söz gatdy:
Kapitan, indi sizem gürrüň beriň. Näme maksat bilen beýle uzak ýola
çykdyňyz? –ýa-da lazer toplaryňyzy ýerleşdirmäge kosmosdan ýer gözläp
barýaňyzmy?
Kapitan Nur ahyry dil ýarmaly boldy.
Men siziň kinaýaňyza düşünýän, hormatly kärdeş. Meni bagyşlaň.
Biziň beýle uzak sapara çykmagymyzyň maksady düýbünden başga.
Kapitan Nur gyzyl-ýaşyl ýüzlülere ýeriň beýik Geňeşinde bolan
gürrüňleri, özleriniň ene ýeri heläkçilikden halas etmek üçin täze mekan
gözläp barýandyklary barada jikme-jik gürrüň berdi.
Kapitan Nur gürrüňini gutarandan ak geýimli bilen onuň ýoldaşy
kanagatlanmak bilen başlaryny atdylar.
Gadyrly gardaşlar - diýip, ak geýimli täsirli äheň bilen ýerlilere
ýüzlendi. –Eger siz şeýle beýik işi amala aşyrmagyň ugruna çykan bolsaňyz
onda siz hakykatdanam beýik adamlar ekeniňiz. Ýöne siziň ylmy tehniki
progresi has çaltlandyryp, faton energiýasyndan wagt energiýasyna
geçmegiňiz gerek. Eger sizem biziň ýaly wagtyň ganatlaryna münmegi
başarsaňyz, ol işleri amala aşyrmak kyn düşmez. Biz size bu işde
üstünlikler arzuw edýäris.
Şondan soň iki aradaky gürrüň uzak dowam etmedi. Gyzyl-ýaşyl
ýüzlüler myhmanlaryny hezzet-hormat bilen yzlaryna ugratdylar. Kapitan
Nur we onuň ýoldaşlary ,,Jeýhuna” gelip girenlerinden gyzyl-ýaşyl
ýüzlüleriň gämisi gözden gaýyp boldy.
,,Jeýhun” bolsa çäksiz kosmos giňişliginde bellenilen ugur boýunça
ýoluny dowam etdirdi.
229
230
SYRLY MUKAM
(fantastiki powest)
Horezm ülkesiniň gadymy paýtagty Köneürgenje gelenimde, gün
öýleden agypdy. Bu ýere meniň ilkinji gezek gelşim bolany üçin, taryhy
şäheriň gadymy görkünden nyşan agtaryp, töweregime göz gezdirýärdim.
Emma ozaldan göwnümde nagyş bolup duran minaradyr kümmetleriň hiç
biri göze ilmeýärdi.
Sorap-idäp, dostum Muhtaryň işleýän keselhanasyny tapdym.
Keselhananyň öňünde ak halatly bir gyz bahar güneşine ýylanyp durdy.
Men oňa ýakynrak baryp:
Maňa Muhtar gerekdi – diýdim. Gyz owadan goňur gözlerini gyrpyldadyp,
maňa siňe seretdi-de:
Doktor Rahmanowmy? – diýip sorady. Men gyzyň bu ady aýdyşynyň
äheňinden Muhtaryň onuň üçin diňe ,, Doktor Rahmanow” däldigini
aňdym. Oňa jogap berdim:
Hawa, Rahmanow.
Gyz mylaýym ýylgyryp:
Bard ÿörüň – diýip, içeri bakan ugrady. Ol ,,Baş wraç” diýen ýazgyly
gapyny görkezdi-de, özi başga bir otaga girip gitdi. Men gapyny
ýuwaşjadan kakdym. Içerden Muhtaryň
Giriberseň bolmaýamy. Aýsenem, şundanam degişme bormy! – diýen
gaharly ses eşidildi. Men ýuwaşja ädip, içeri girdim. Giň, ýagty otagyň
töründäki ullakan stola egilip, bir zatlar ýazyşdyryp oturan Muhtar
mylaýymlyk bilen:
Eri, näme gepiň bar? Ayt - diydi. Men gülip:
- Agşam kino gidyasmi? - diydim. Muhtar başyny göterip, maňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 20
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.