Latin

Powestler - 31

Total number of words is 3980
Total number of unique words is 2063
32.2 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bagtyna guwan.Ýogsam olar näçe?
-Iki, bir ogul, bir gyz - diýip, Gülşirin çagalaryna guwanýan ýaly ýylgyrp,
jogap berdi.
-Gaty gowy. Ömürleri uzak bolsun. Hudaý berse ýene bolar. Hany onda
naharyň omynynam edeliň-diýip,Açyl aga töwür galdyrdy.Soňundanam
Gülşirine alkyş baryny etdi. Gap-çanagy ýygnap ,Gülşirin gitdi.
Bir salymdan şepagat uýasy elli ýaşlaryň töweregindäki uzyn boýly bir rus
adamy
alyp girdi: -Ine size ýene bir ýoldaş getirdim - diýip çykyp gitdi.Ol adam:
-Salýam,salýam-diýip,boş duran üçünji krowada geçdi.Açyl aga onuň
salamyna özüçe alek alyp:
-Yzdraste, yzdraste-diýdi.Soňundan oňa çiňňerilip seredip,- ysluşy, seniki
türkmençe bilýär?-diýip sorady.
-Az-maz bilýär.A seniki po ruski bilýär?
-Çala bilýär,çala.Ýogsam adyň näme, adyň?
Soňky soraga ol düşünmedi öýdýen, Açyl aga seredip, kubtini gysdy. Açyl
aga soragyny düşnükliräk etjek bolup, özüniň gursagyna dürtide-de:
-Meniňki Açyl seniňki näme?-diýdi.
-Aa, dündi, meniki Igor - diýdi.
-Ähe,türkmençe Aýgyr diýene dogry gelýämaýt...
-Aýgyr ýok. Igor, Igor!
-Bolýa, bolýa. Igor bolsa Igor. Onuňky Myrat, bilip goý-diýip barmagy
bilen meni görkezdi. Igor ýylgyryp, başyny atdy.
Men ikisiniň bu içgin "söhbetine" näçe gülkim tutsa-da, olaryň göwnüne
geler öýdüp saklandym.
Öýläne golaý şprislerini göterip, şepagat uýasy geldi. Ony görenden ýaş
çagalaryň sanjymdan gorkuşy ýaly Açyl aganyň gözleri tegelenip gitdi.
-Aýym, munyňy indi günde bir gezek soksaň bolmaýamy? Irden eden
sanjymyňyň agrysy henizem gidenok. Gelelim bäri otyr ýerimde diri bütin
ýerim galmady.
-Men doktoryň buýranyny edýän, Açyl aga. Hany ýat, meniň başga-da işim
kän.
Şepagat uýasy üçimize-de sanjymyny edip, gapydan çykanyndan Açyl aga
ýerinden turup oturdy-da, derjirän maňlaýyny sylyp, bize bir, bir göz
aýlady.Soňra Igordan:
-Seniki agyrýa?-diýip sorady.
-Meniki agyrýa ýok-diýdi ol ýylgyryp.
377
-Myrat jan,seniki niçik?-diýdi.
-Meniki-de agyrýa ýok-diýdim gülüp.
-Bä, onda meniňki näme beýle agryly.Ýa-da ol ataňelet, maňa iňňäniň
ýerine temen sokýamyka?
Açyl aganyň gepine Igor hem düşündi oýdýen, maňa goşulyp olam güldi.
Giçlik Gülşirin Açyl aganyň buýurmasyna görä şamlyga palow getirdi.
Igora-da mürähet etdim, emma ol kes-kelläm etmän aşhana çykyp
gitdi.Onuň gidenini Açyl aga ýamanam görmedi. Ikimiz Gülşiriniň palawly
tabagyny bir salymda boşadyp,eline berdik.Açyl aga töwür
galdyryp,günortankysy ýaly Gülşirini alkyşdan gömdi. Ine şeýdip, Açyl aga
bilen on günüň dowamynda duz-emek bolup ýaşadyk.
Açyl aganyň öýüne gitmeli güni hem gelip ýetdi. Şol güni maňa-da rugsat
berdiler. Zatlarymyzy alyp, Açyl aga bilen köçä çykdyk. Şol wagt geçip
barýan taksilaryň biri biziň deňimize gelip saklandy. Men Açyl agadan näçe
tiz sypyp bilsem şonça-da begenjekdim. Şonuň üçin bir göwnüm onuň bilen
hoşlaşyp, taksa münde ötägit diýdi.Emma beýtsem türkmençilikde gelşiksiz
bolar öýtdüm.Onuň özüne sala saldym:
-Açyl aga,ine taksy, şunda öýüňize göni gidiberjekmi ýa-da bize baryp çaý
suw içip, onsoň gaýtjakmy?
-Aý,Myrat jan,meniň gyssagym ýok. Ikimiz indi kyýamatlyk aga-ini
bolduk.Nesip bolsa birek-birege gadr goyup gatnaşarys.Şonuň üçin öýüňizi
görüp gitsemem ters däl-diýdi.Men onuň gepini makullan ýalak edip,
başymy atdym. Taksa münüp, öýüň salgysyny aýtdym.Bir salymda ulag
dazlap gelip,dört gatly jaýlaryň öňündäki meýdançada saklandy.Ulagdan
düşdik. Açyl aga meýdançada duran ulaglara göz aýlap:
-Bä, bu ýer maşyn bazar ýaly eken-ä - diýdi. Şu jaýlarda ýaşaýan adamlaryň
maşynlarydyr-da.
-Hawa, soňky wagtda maşyn has hem köpeldi. Durmuş ýokary göterlip
barýa.
-Aý,tüweleme .Onsoň bu maşynlaryň arasynda seňki ýokmy?
-Bar.Ana,sag gapdalyňdaky duran ak " Taýota" meňki - diýenimden ol
baryp, maşyny maňlaýyna syldy.
-Nesip etsin, gowy maşynyň bar eken, Myrat jan. Indi men hasam arkaýyn.
Çaý-suw içenimizden soň agaňy oba aşyrarsyň-da. Men geplemedim.
Içimden, "aýdyp nä körüň bar,.dilinden bela galan adam diýerler saňa" diýip
özüme käýindim.
-Bu, diýýänä, Myrat jan on gün bäri münülmän duran maşyna
meňzänok.Ýalpyldap dur.
-Aýalymam sürÿä. Bize naharlary şu maşynda daşady-da.
-Hä, şeý diýsene.Tüweleme Gülşirin jan nahar bişirmege ökdeligi ýaly
maşyn sürmänede ökdedir-le.
378
Ikinji gata çykyp, gapydaky jaňyň dügmesini basdym.Gapyny açan Gülşirin
yzymda ýyrşaryp duran Açyl aga nazary düşenden "Muny näme tirkäp
geldiň, on günläp bakanym ýetmeýämi" diýen manyda ýüzüni çytdy.Men
süýem barmagymy dodagyma basdym. Şundan soň ol salam berip:
-Geliň, geçiberiň-diýdi.Açyl aga dälize girenden Gülşirini hemişekisi ýaly
öwüp başlady:
-Hawa,Gülşirin jan,dogrymy aýtsam,biziň dertden halas bolup,aýak üstüne
galmagymyza birinjiden doktorlaryň emi bolsa,ikinjiden seniň süýjiden
süýji naharlaryň sebäpkär boldy.
-Sag bol,Açyl aga.Men siziň geljegiňizi bilmedim.Myradyň özüne unaş
dagy edip beräýerin diýip,hamyr kesip goýupdym.Günortanam golaýlap
gelýe.Indi palaw daga ýetişmerin.
Gülşiriniň sözi Açyl aga yokmady.Ol kellesini gaşap,çalarak ýylgyrdy-da:
-Aý,Gülşirin jan, günortanlygyy hökman on ikide iýmeli diýen ýeri ýok.
Ony birde,ondan soňragam iýseňem bolman duranok.Şonuň üçin
gyssanman palaw etseňem ediber, aýym-diýdi. - Onsoňam men size ýöne
ýere gelmedim. Myrat jan bilen kyýamatlyk aga-ini bolan ýaly
boldyk.Nesip bolsa mundan beýläk sylaşyp gatnaşarys diýen tamam bar diýip, maňa ýaňy aýdan sözlerini gaýtalady.Gülşirin ajy ýylgyryp, çykyp
gideninden oňa Açyl aganyň "ýüreginden syzdyryp" aýdan sözleri gowy
täsir etmändigini duýdum.
Şeýle-de bolsa, bir salymdan çaý bilen saçak, bir ýarym sagatdanam palaw
geldi.Şu aralykda Açyl aga dünýäniň aňyry çetinden girip, bäri çetinden
çykdy.Özümiň
iş-aladalarym barada pikirlenip oturyp,onuň sözlerini gulagym eşitse-de
manysy aňyma ýetip baranokdy.
Palaw gelen badyna Açyl aga aýdyp oturan gürrüňini kesdi-de :
-Bäh,sadagasy gitdigim muň şeýle süýji bolanlygy ysyndan bildirip durdiýip,ýüzüme gözlerini birhili ýyldyradyp seretdi-de - Myrat jan, sag aman
dertden gutulanymyz üçin süýji palaw bilen ajydan elli-elli jyňkydaýsak
nädýe?-diýdi.
-Men arak içemok, Açyl aga.
-Hä, hawwa, sen maşyn sürmel-ow, içseň bolanok. Dogry edýäň. Menem
ýeke özüm içip otursam gelşigi bolmaz-ow, ýa-da zyýany ýokmy?
-Gülşirin! Açyl aga içjek diýýe, arak bolsa getir!-diýip gygyrdym.Aňyrdan
"arak ýok, agaran bar" diýen jogap geldi.
-Aý bolmasa zyýany ýok, men bir tost aýtmak bahanasy bilen gowy arzuwdilegler edäýjekdim.
-Onuň ýaly zatlar göwnüňde bar bolsa, nahardan soň töwür galdyranyňda
ediber.Arak bilen edilen arzuw-dilege garanda töwür bilen edileni has kabul
bolýa dälmi?
379
-Dogry,dogry aýdýaň. Şeýdäýeris. Hany onda aldyk. Bismilla-diýip palawa
başlady.
Nahardan soň ol töwür galdyryp, aýdyşy ýaly uzyndan uzak arzuw dilegler
etdi.Soňra gidermen bolup:
-Hany, Myrat jan, bir gaýrat et - diýdi.
Serwantyň çekmesinden ulagyň açaryny alanymy gören Gülşirin:
-Hä sen nirä barýaň?-diýdi.
-Açyl agany eltip gaýtmaly.
-Hassahanadan çykanyň ýaňy. Indi-de uzak ýola maşyn sürüp gitjekmi?!
-Nätdiňaýt,Gülşirin jan.Hassahanadan saglygymyz tut ýaly bolup
çykdyk.Onsoňam biziň oba o diýen daşam däl.Güýziň mylaýym howasynda
bir salym aýlanyp gaýdar-da.
Gülşirin geplemän aşhana çykyp gitdi. Açyl aga çykyp barýakak:
-Gülşirin jan, hoş, eden hyzmatyňa sag bol, aýym, ömrüň uzak bolsundiýdi.
Daşary çykyp, ulaga mündik. Açyl aga ardynjyrap ýüzüme bir hili ünjüli
seretdi-de:
-Myrat jan, sen aýyplaşma, ýanymda pulum galmandyr.Ýol ugruna dükana
girip,çagalara süýji-püýji alyp gideli.Maňa bir bäş-alty manat berip durdiýdi.
-Ýanymda köp pul ýok, baryny bereýin-diýip,jübimden on manat çykaryp
berdim.
Ýol ugruna bir dükanyň deňinde ulagy sakladym.Açyl aga girip süýji
kökemi, kemputmy, bir zatlar alyp çykdy.
Şäherden çykyp uly ýola düşdik.Çärýek kem bir sagat ýol ýöräp,Açyl
aganyň obasyna baryp ýetdik.Ulag onuň jaýynyň öňünde saklanandan şol
ýerde oýnap ýören alty-ýedi ýaşlaryndaky çagalar "atam geldi,atam geldi"
diýip gygyryşyp,bizi gurşap aldylar.Öýden aýaly hem çykyp
geldi.Salamlaşyp,saglyk-amanlyk soraşylandan soň Açyl aga elindäki
düwünçegi aýalyna uzadyp:
- Çagalara süýjüden berişdir - diýdi.
Soňra meni "kyýamatlyk inim" diýip tanyşdyrdy.Jaýyň arka tarapyndaky
bassyrmanyň aşagynda düşek ýazylan eken.Men şol ýere geçip,dyzymy
epdim.Aýalynyň getiren saçagyndan duz datdym-da, omyn edip,ýerimden
turdym.
-Ahow,sen nä derrew turaýdyň, gaýtjak bolýaňmy?
-Gaýdaýyn, Açyl aga.
-Bä,bu nähili bolýa,otursaň söwüş etjek diýsem-ä ýalançy, towuk
öldürjegim çynym.
-Sag bol, Açyl aga, irgözünden gaýdanym gowy.
-Dur onda, boş gitme-diýip, içersine girip,iki sany kädi göterip çykdy.
380
-Seni boş gaýtaryp bolmaz, Myrat jan, özümiziň mellekde biten, biçak süýji
bular.
-Gerek däl, Açyl aga, biziň öýde kädi iýlenok.
-O nähili iýlenok, kädi diýeniň behiştden çykan nygmat. Muny iýeniňde
demiň
sanalmaýamyşyn-diýip,kädileri
ulagyň
yzky
gapysyny
açyp,oturgyçyň üstüne atdy-da:
-Al onda, ýoluň bolsun!-diýip, ellerini ýüzüne syldy.
Ýene-de şonça ýoly söküp, lutum çykyp öýe geldim. Gülşiriniň igenjini-de
diňlemän ýatylýan otaga girip gaýşardym.
Aradan üç gün geçip, bazar geldi.Dynç güni bolansoň hemmämiz
öýdedik.Bir mahal günortana golaý jaňyň düwmesi basyldy.Gülşirin
aşhanada nahara seredip ýörensoň özüm baryp gapyny açdym.Ilkinji
gözümiň göreni çat maňlaýymda ýyrşaryp duran Açyl aga boldy.Onuň
yzynda aýaly, hem-de bir boýy ýeten gyz durdy.
-Essalawmaleýkim,inim Myrat jan! Sag-aman otyrmysyňyz.Bizem gellejeň
bilen bazara gelipdik.Işimiz bitdi.Onsoň sizdenem bir habar tutup geçäýeli
diýdim.
Men bir bada näme diýjegimi bilmän ýaýdandym.Ýöne gelen adama ýüz
bermän bolýamy:
-Geliň,geçiň. Görüşmänimize-de üç gün bolaýdy öýdýän -diýdim. Açyl aga
meniň "üç güni" ýatladanyma düşünmedi ýa-da düşünse-de pitiwa
etmedi.Olar güpürdeşip,dälize girenlerinde aşhanadan Gülşirin çykdy.Ony
gören Açyl aga:
-Gülşirin jan, gurgunmyň,aýym. İne menem gelnejeň bilen bir jigiňem siziň
bilen tanyşdyraýyn diýip,ýol ugruna sowulaýdym-diýdi.Gülşirin dessur
boýunça aýallar bilen görüşmeli boldy.Soňra ol:
Geçiň oturyň,Açyl aga - diýdi-de maňa "bäri gel"diýen manyda
ümledi.Onuň yzyndan aşhana bardym.
-Nahary nädýes? Men diňe özümize bolar ýaly edip garapdym-diýdi.
Men:
-Tüwüsini salmadyk bolsan, şüle bolar ýaly köpräk suw guýup, köpräk tüwi
ataý-diýdim.
Gülşirin aýdyşym ýaly etdi. Nahar ýetip artdy.Nahardan soň Açyl aga töwür
galdyryp, hemişekisi ýaly doga-dilegler etdi. Soňundanam:
-Gülşirin jan - diýip, bir ardynjyrady-da - senden bir haýyşym bar, aýym,
soňky wagtda bi gellejeňiň kän bir ýarawy bolman ýör.Muny hassahana
getirip bejertmesek boljak däl.Obadan munyň yzyndan gatnajak adam
ýok.Çaý-suwuna özüñ seredersiñ ... Gülşirin "bu nähili boldy?" diýen
manyda maňa seretdi-de:
-Göreris, Açyl aga, elimiň ýetdiginden - diýdi.
-Aý,berekella, aýym, senden tamamam şeýle .Onda ekin-dikinleri ýygnaly,
381
onsoň gelejeñi getirerin-diýip, bir ardynjyrap maňa ýüzlendi:
-Indi Myrat jan biz gaýdaýaly.Gelnejeň, jigiň bilen ýolda süýrenişip
ýörmäli, gaýrat et-de bizi oba taşlap gaýdaý.
Gülşirin geplemän, geplese bozjagyny bilip, çykyp gitdi. Menem näme bir
ýaşuly adam haýyş edip duransoň, nätjek, eltip gaýtmaly boldy.
Gaýdyp gelenimde Gülşirin tulum ýaly çişip oturan eken.
-Maşyny täze tapan "agaňyň" ýolunda tozdurýan bolduň-diýip hüňňürdedi.
-Giñräk bolsana, bir ýaşuly adam ýüz edip duransoň nädeýin.
-Onuň ýüz etmesiniň yzy üzülmez, görersiň entek.
Gülşiriniň aýdany dogry bolup çykdy.Ýeneki bazar güni Açyl aga yzynda
iki adam bilen "Essalawmaleýkim" diýip girip geldi. Gülşirin
"aýtmadymmy" diýen manyda maňa seredip goýdy.
Geçip oturyp, saglyk-amanlyk soraşylandan soň Açyl aga söze başlady:
Inim Myrat jan, bu kişi bajam, bu ýigit bolsa uly gyzymyň adamsy
giýewimiz.Bularyň hem bazarlyk işi bar ekeni.Üç bolup aýlanyp,işlerimizi
bitirdik. Onsoň sizdenem bir habar tutaýyn hem bulary siziň bilen
tanyşdyraýyn diýip sowulaýdyk-diýip,ýoldaşlaryna garap dowam etdiMyrat jan bilen kyýamatlyk aga-ini bolduk. Bi eli açyk, göwni açyk,
sahawatly ýigit. Myhmandan hyzmatyny aýamaýar. Sizem mensiz
gelseňizem, çekinmän gelibermeli.
Gülşirin bir eli bilen agzyny ýapyp, ýüzüni kesä sowdy.
Açyl aga indi oňa ýüzlendi:
-Gülşirin jan, biziň üçin uly alada edip oturma. Aňsadyrak unaş dagy
etseňem bolýa, aýym.
Gülşirin gözüniň güýtagy bilen maňa seretdi-de:
-Açyl aga, men size unaş däl, palawam bişirip bererdim. Ýöne gaz öçdi.
"04-e" jaň etsem "sagat altydan soň bolar" diýdiler. Şonuň üçin Size çaý
hem berip bilmän otyryn-diýdi.
Men Gülşiriniň pirimine düşündim. Açyl aga bolsa göwnüne hiç zat
getirmän:
-Bä, altydan soňa çenli otursak gaty giç bolar. Nesibämizde ýokdur-da.
Onda Myrat jan, bizi ir gözünden taşlap gaýdaý.
Indi menem Gülşiriniň ýoluny etmesem bolmady:
-Açyl aga, janym bilen eltip gaýdardym. Ýöne maşyn bozuk. Bejertmeli
bolup dur.
Şundan soň Açyl aga bir zatlary aňşyran ýaly boldy.
-Bä, gaz ýok, maşyn bozuk. Biýä birhili boldaýt-diýip hüňňürdedi. Men:
-Nesibäniň işidir-de - diýdim. Ol:
-Bolýa-da - diýip ýoldaşlary bilen turup, gapa ýöneldiler. Şol wagt Gülşirin
aşhanadan onuň berip goýberen kädilerini alyp çykdy-da:
-Açyl aga, şu kädileriňi alyp gitseň gowy bolardy. Bizde muny iýjek adam
382
ýok. Duruberse zaýalanar - diýdi. Açyl aga Gülşirine bir hili kineli seretdide:
-Düşnikli, iýmeseňiz özümiz bal ýaly edip iýeris-diýdi-de kädileri alyp,
ýoldaşlary bilen çykyp gitdi. Şundan soň Açyl aga gelmedi. Gaty oýkelän
bolmaga çemeli. Adamy öýkeletmeli däl welin,Gülşirin birneme darlyk
edäýdi-de.
383
Aldarköse we ependi
(degişmeli hekaýa)
Söwdagärlik edip, peýda gazanmak hemme zamanda-da ýörgünli
bolupdyr. Bu işde hatda Aldarköse we Ependi ýaly özboluşly häsiýetleri
bilen meşhurlyk gazanan şahsyýetler hem baş goşmaga synanyşypdyrlar.
Günlerde bir gün Aldarköse irden Ependiniň ýanyna gelipdir.Ependi ony
görenden "Bä,bu deýuş gel-gel indi meni aldawa salmakçymyka?"diýip
içini gepledip,kän bir ýüz bermändir.Şonda-da Aldarköse mylaýym
ýylgyryp:
-Gadyrdan Ependi,-diýip,söze başlaýar.-Senem bir garyp,menem, bir
garyp, bu garyplykdan gutulmagyň ýoluny men tapdym, senem tapsaň
bolmaýamy?
Ependi onuň sen ýok, men ýok, geläga-da, aýdan bu sözüne geň galyp:
-Haý Aldarköse, men şu garyplykdan gutulmagyň ýoluny bilýän bolsam,
münüp ýören garry eşegim ata öwrülmezmidi?
-Eger sen meniň aýdanym bilen bolsaň, eşegiňem men diýen bedew ata
öwrüler, beýleki zatlaram bolar.
-Bä, sen-ä meniň agzymy süýjedip başladyň, hany aýt nätmeli?
-Iller-ä söwdägärlik edip,weşeň-weşeň pul gazanyp ýör,biziň näme
olardan kem ýerimiz barmy?
-Söwdägärlik etmek üçin hem pul gerek,ahyryn,ony men nirden alaýyn?
-Aý Ependi, puly nirden alaýyn diýip geziberseň,ömrüň garyplykda
öter.Puluň bolmasa eşegiň bar-a, ony girewe goýup,karzyna pul alaýarlar.
-Haý Aldarköse, sen meni ýekeje eşegimdenem dyndyrjag-ow.
-Eşegiň ata öwrülse ondan dynanyňda näme?Ony girewine goýup pul
alsaň,ikimiz bileje işe başlarys.
-Bu garry eşegi girewine alyp, kim maňa pul berer?
-Dogry.Ýöne işi bile etmeli bolsak men bereýin,mende ikimize ýeter ýaly
pul bar.
-Bäh! Ýaňy ikimizem garyp, diýmediňmi? Puly nireden aldyň?Ýa birini
çükäýdiňmi?
-Aý,ýok-la,Ýörgünli adym Aldarköse bolsa-da,kişini çürkemek ýaly
gylygym ýok.Aldasam, degişme üçin aldaýan-how.
-Al,onda.Şu garyplykdan gutuljagym çyn bolsa,seniň aýdanyň bilen
bolaýyn.Ýeri,aýt eşegimi girewe goýsam, näçe berjek? Onsoň näme alyp
satýas?
Mende ýüz teňňe pul bar. Saňa şonuň kyrk teňňesini berýän.Özümde
altmyşy galýa.Men golaýda Garamanly obasyna baryp gaýtdym.Şol ýerde
goýnyň derisi, baganasy kän ekeni. Arzanjak alarys, getirip bazarda
gymmat satarys.
384
Ependi kän bir oýlanyp hem durman razylaşdy.Eşegini girewine goýup,
Aldarköseden kyrk teňňäni alyp jübüsine saldy.Şeýdip,Aldarköse
eşekli,Ependi pyýada Garamanly obasyna ugradylar.Irden ýola çykan
Ependi bilen Aldarköse günorta golaý aýdylan oba ýetib bardylar.Aldarköse
öň baryp,nirede näme baryny görüp gaýdan ekeni,Ependini obanyň deri ýok
ýerine ugradyp, özi bar tarapyna gitdi.Olar harydyny alyp bolanlaryndan
soň şu aýrylyşan ýerlerinde duşuşyp,
şähere bile gaýtmaly etdiler.
Ependi öýläne çenli aýlanyp, hiç zat tapman geldi.Aldarköse bolsa bir gap
deridir baganany eşege ýükläp getirdi.
-Ahaw, Aldarköse, men-ä öý-öý girip çykdym, deri satjak diýen adam ýoga.
-Bä! Ol-a bolmandyr.Onda sen puluňa haryt alyp bilmänsiň-ow. Onuň
ýaly bolsa, sen pulyňy maňa beräý, girewine ine şu bir gap derini al, özem
silkme possuna-da,silkme telpege-de ýaraýan deriler.İçinde men diýen bäşalty bagana-da bar.Näme oýlanýaň,meň saňa kyrk teňňäniň girewine altmyş
teňňelik deri berýän-ä!
Ependi nälaç razy bolan boldy. Kyrk teňňäni berip bir gap derini aldy.
-Al indi Ependi sen gidiber,ertir irden bazarda duşarys.Men giçlige çenli
aýlanyp,şu kyrk teňňä-de haryt aljak.
Ependi bu teklibe-de razy boldy.Bir gap derini arkalap,şähere
ugrady.Aldarköse bolsa haryt almak üçin eşekli oba aýlanmaga gitdi.
Ertesi olar bazarda duşdylar.Ependi haltany arkalap, gijiräk bardy.
Aldarkösäniň, irden söwdasy oňan bolmaga çemeli, diýseň keýpi kökdi.
-Hä,gadyrdan Ependi, geldiňmi. Men-ä senden alan kyrk teňňäme düýn
deri aldym.Irdenem söwda etdim.Meniň derilerimi bäri al.
Eşegiňem,hol gawunçynyñ arabasyna daňyp goýdum.Saña girewine beren
kyrk teňňämem özümde, indi eşek seniňki, münüp gidiber.
Ependi ýeserlik bilen ýylgyrdy.
-Bä,Aldarköse!Sen adamlary degişme üçin aldaýan diýseñem, meni bu
aldanyň çyna meñzeýär-ä!
-Ýok, gadyrdan Ependi, men seni degişmedenem, çyndanam
aldamadym.Hemmesi kada boýunça.Girewine eşegiñi berip, kyrk teňňe
aldyňmy aldyň.Menem girewine deri berip, senden kyrk teňňe
aldymmy,aldym.Düzgün boýunça girewine goýlan zatlar puly
gaýtarylandan soň eýesine gaýdyp berilýär.Bizem edil şeýle etdik.Hany bu
ýerde aldaw?
-Eý,Aldarköse, hany aýt, seniňçe men näme peýda etdim.Saňa eşegi berip
oba özüm pyýada baranymmy, munuň üstesine seniň bir gap deriňi arkalap
şähere ýene pyýada gelenimmi? Eden peýdam şumy?
Ýok, gadyrdan Aldarköse, men seniň pirimleriňi turuw başdan
385
bilýädim.Saña öñden gepleşip goýan zatlaryñyalyp gaýtmaküçin ulag
gerekdi.Ýogsa-da sen on teňňä durmaýan garry eşegi girewine alyp kyrk
teňňe berermidiň.Menem "Hä,bolýa-da kim kimi aldarka?" diýip seniň ähli
aýdanyňa razy bolupdym.Maňa berip,ýene gaýdyp aljak kyrk teňňäň
özüňde durubersin.Ol garry eşegem seniňki.Düýn menem gara dere batyp
göterip gaýdan altmyş teňňelik derileri satyp, irden mal bazaryna bardymda bir alaşa aldym.Bu gapdakylar seniň derileriň däl,şol atyň eýer,
ýapynjalary.
-Eý, Ependi, aýdýanyň näme?!
-Aýdanym eşideniň.Özüň başda, meniň aýdanym bilen bolsaň eşegiň ata
öwrüler diýmediňmi? Aýdyşyň ýalam boldy.Sag bol.
Aldarköse gaharynamy, aljyranynamy,eňegindäki dört tar seýrek sakgalyny
ýolup başlady.
386
Goýun söwdasy
(Degişmeli hekaýa)
Esen aga pensiýa çykanyndan soň aýalynyň ökçesiniň aşagyna düşdi
oturuberdi.Öňem aýaly oňa garanda birneme rüstemiräkdi.Emma indi ähli
erk-yhtyýar aýalynyň eline geçdi."Är garrasa aýal är bolar" diýen nakyl çyn
ekenow" diýip, Esen aga içini hümlederdi.Ol dawa-jenjeli gowy görmeýän
adam bolany üçin içindäkini daşyna çykarmazdy.Näme iş bolsa-da alajy
baryça aýaly bilen ylalaşjak bolýardy.Munuňam esasy sebäbi aýalyna gowy
görünip, hepdede bir-iki gezek piwo puly alýardy. Ol piwony diýseň, gowy
görýärdi.Işläp ýören wagtynda aýlyk alan güni ýoldaşlary bilen piwohana
baryp piwodan gerk-gäbe doýup gelýärdi.Ol mahallar aýaly çalarak
närazylyk bildirse-de, kän bir gatyrganyp söz aýdyp bilmezdi.Häzir bolsa
başgaça...Esen aganyň aýalynyň buýurýan ýumuşlaryndan başga ýekeje
güýmenji - birje bag goýunydy.Ol ertir irden, günortan,öýlän,giçligara
goýnunyň otuna suwuna seredip,onuň bilen dertleşýän ýaly ýarym sagatlap
maňlaýyna geçip oturýardy.
Günlerde bir gün goýuny öz özünden mälemäge başlady.Esen aga her hili
emel edip gördi,emma goýnuň agzy ýapylmady.Gaýtam gün-günden beter
gulaklary kamata getirip mäleýärdi.Aýratynam, bu sese aýaly Güljan daýza
çydap bilmeýärdi.
-Gümüni çek munuň, eger señ bilen bile doguşan bolsa-da - diýip, ol Esen
aga azgyrylyp başlady.Esen aga aýalynyň gepine çydap bilmän, goýuny
iküç ýola bazara eltip, gaýtaryp getirdi.Agzy dynman mäläp duran goýny
kim alsyn.Güljan daýza bolsa "Nätseňem meniň gulagymy dyndyr" diýip
ärini gyssaýardy.
-Ýok etsene, şu artyp galmyşy.Eger näçe bolsa-da satsañ, pulunuň ýarysyny
saňa bereýin - diýip, aýaly Esen agany maddy taýdan höweslendirmekçi
boldy.Hakykatdan hem bu söz Esen agany has gaýrata galdyrdy.Çünki
goýnuň pulunyň ýarysyny alaýsa näçe wagtlap, hezil edip piwo işjekdi. Ol
nobatdaky bazar güni goýnuň agzyny inçejik sim bilen daňyp,
"Moskwijiniň" syrtyna salyp,bazara ugrady.Bazarda goýnuň daşyndan
görnüşine gyzyp hyrydarlaryň biri ony alarman boldy.Bahasyny-da
ylalaşdylar.Onsoň
hyrydar:"Hany
munuň
dişini
bir
göreýin,garrymy,ýaşmy?" diýip goýunyň agzyny açmaga synanyşdy.Sim
bilen baglanan agyz açylýamy näme.Ine şonda ol goýunyň derisiniň reňki
bilen reňkdeş bolany üçin göze dürtilip durmadyk inçejik simy görüp galdy.
-Ahow,musulman, bu edip goýan işiň näme? Näme sebäpden bu janly
janaweriň agzyny daňyp goýduň?Aýyr hany simy,diýşini görjek diýip
hyrydar Esen aganyň üstüne gygyrdy.
-Aý,oglanlar oýun edip daňandyrlar, meniň habarym ýok-diýip Esen aga
387
simy aýyranam şoldy welin goýun:-mä-ä-ä...edip zörlediberdi.
Hyrydar agzy daňylany üçin mäleýändir, häzir dynar öýdüp bir salym
garaşdy.Emma goýun dynar ýerde dynmady.Ine, şundan soň Esen aganyň
syry paş boldy.Bu goýunyň üýtgeşik mäleýşine töwerekdäki adamlar
haýran galyp,bir goýuna,bir Esen aganyň ýüzüne seredýärdiler.Goýun
almakçy bolan hyrydar bolsa Esen aga:
-Sen moşennik ekeniň!-diýdi.Esen aga näme diýjegini bilmän adamlaryň
ýüzüne naýynjar seredýärdi.Şonda olaryň biri: "Saňa kezzap diýýä"diýip
"moşennik" diýen sözi terjime eden kişi boldy.Esen aga hiç zat diýmän elini
bir siltedi –de, bazaryň aňyrky çetine gitdi.Bir mahal mäläp duran goýunyň
ýanyna bir daýow pyýada gelip,arkasyna elini basyp, arryk-semizini barlap
gördi-de:
-Bu näme agzyny açyp dur-diýip, gaty ses bilen sorady. Esen aga onuň
kerdigini aňsa-da aldamak islemedi:
-Mäläp dur, ot iýýän wagty boldy-diýdi. Ol adam Esen aganyň
dodaklarynyň gymyldanyna seredip durup, onuň aýdanyna özüçe düşindide:
-Hä,agzyndan dem alyp dur, diýsene. Burny dykylandyr, bir asgyrsa açylarda - diýdi.- Hany onda bahsyny aýt, näçe diýýaň?
Esen aga bir barmagyny çommaldyp görkezdi.
-Hä, bir milýon. Ýok munyň köpräk bolýa.
-Soraber,bazardyr-diýip, Esen aga onuň gulagyna gygyrdy. Hyrydar kerem
bolsa sada däl ekeni.
-Bäş ýüz-diýip ýary bahasyna sorady.Esen aga kellesini ýaýkady.
Ol barmaklaryny görkezip, hyrydar bilen bir salym 7söwdalaşdylar.
Ahyr soňunda Esen aga goýuny ýedi ýüz müňe ýelmäp, yzyna seretmän
bazardan çykyp gaçdy.Esen aga ýol boýy goýunyndan aýra düşenine
gynansa-da, pulynyň ýarysyny aýalynyň berjekdigine, ol pula tomus
geçýänçä hezil edip piwo içjekgidigine begenip geldi. Ol
"Moskwijini"derwezäniň öňünde saklap, puly üç ýüz elliden ikä böldi-de
her haýsyny bir jübüsine saldy.
-Keýwany, goýuny satdym!-diýip, Esen aga büşluk habar getiren ýaly
gygyryp içeri girdi.Güljan daýza-da gulagynyň dynanyna begenip, äriniň
ýüzüne gülüp seretdi-de:
-Näçä satdyň?-diýip sorady.
-Ýedi ýüze.
-Arzanrak beripsiň. Aý, zyýany ýok. Hany puly ber.
Esen aga bir jübisindäki puly çykardy:
-Ine, keýwany,saňa üç ýüz ellisi. Üç ýüz ellisi özüňiň aýdyşyň ýaly maňa.
-Bu edişiň meniň aýdyşym ýaly bolanok.Men saňa goýuny satsaň pulynyň
ýarysyny alyp galaý diýmedim.Goýuny satsaň pulunyň ýarysyny saňa
388
bereýin diýdim gerek?
-Hawa, bereýin diýdiň.
-Onda alyp galanyňam ber bäri.Men saňa öz elim bilen bereýin.
-Onuň tapawudy näme, keýwany?
-Tapawudyny bereniñde bilersiň.
Esen aga nälaç beýleki puly-da çykaryp berdi.Güljan daýza iki puly goşup
içinden üç sany onlugy soguryp aldy-da:
-Ine,saňa şu ýeter.Piwony köp içseň zyýanmyş - diýip,pullary ýygşyryp
goýmak üçin içerki otaga girip gitdi. Esen aga aýalynyň eline tutdyran üç
sany onluga seredip durşuna "Moşennik" biziň öýde eken-ä" diýip içini
hümletdi.
389
Ýatlamalar
Beýik babadaýhan
(Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow barada ýatlama)
Diýarymyzyň islendik künjegine baryp, “Sadulla Rozmetow kim?” diýip sorasaňyz,
ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli ony bilmeýän adam bolmasa gerek. Hatda bir
wagtlar Sadulla aga barasynda halkyň arasynda rowaýata meňzeş gürrüňler hem
ýaýrapdyr.Olaryň birinde “Sadulla aga ösümlikleriň dilini bilýärmiş, pagta
meýdanlaryny aýlananda gowaçalar bilen gepleşýärmiş” diýilse, ýene birinde “Sadulla
aganyň ýanyna bir kyn ýumuş bilen baran adamyň ýumuşuny ýüziniň ugruna bitirip
goýberýärmişin, oturan ýerinde islendik edara jaň etse onuň sözüni hiç kim ýerde
galdyrmaýamyşyn” diýilýärdi. Adamyň beýle legendar şahsa öwrülmegi, şan-şöhrata
beslenmegi aňsatlyk bilen bolmaýar. “Maňlaýyna ýazylandyr”diýleni hem bar.
Ylahyýetden ýazylsa ýazylandyr, emma ykbaly, geljegi adamyň özüne-de
baglydygyny inkär edip bolmaýar.
Adamyň ömri menzillerden ybarat diýilýär. Ykbal hem ilkinji menzilden
başlanýar. Ýagny, şol döwürden iş tutuşyňa bagly bolup baryberýär. Muny Sadulla
aganyň ömür menzilleri mysalynda aýdyň görüp bolýar.
Meniň Sadulla aga bilen tanyşlygym geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan
başlanypdy. Şol döwürde
“Ýangi turmuş” şäher-raýon gazetinde işleýärdim.
Redaksiýanyň tabşyrygy bilen Sadulla aganyň kolhozyndan makala ýazmak üçin
bardym. Şol döwürde Sadulla aga kyrk ýaşlardaky gujur-gaýraty, parasaty, paýhasy
nurana keşbine çogup çykyp duran, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyň eýesi,
atly başlykdy. Men oňa edarasyndan çykyp gelýän wagty, daşky gapynyň öňünde
gabat geldim. Salamlaşyp, kimdigimi aýtdym. Ýöne ol iş-aladasy ýetik bolanlygy
üçinmi maňa kän bir üns bermedi. “Içeride orunbasar bar, näme maglumat gerek bolsa
şondan alyber”- diýdi-de edaranyň öňünde duran “Pobeda” maşynyna münip gitdi. Bu
meniň Sadulla Rozmetow diýen adamy birinji görşümdi. Şondan köp wadt geçmän
“Ýangi turmuş” gazeti ýapyldy. Men başga işe geçdim. Şondan soň Sadulla aga bilen
duşuşmaga sebäp bolmany üçin uzak wagt onuň bilen ara baglanyş bolmady. Haçanda
1968-nji ýylda “Pahtakor” raýon gazeti döredilip, men oňa işe geçenimden soň Sadulla
aganyň kolhozyna aýda birki gezek barýan boldum. Ol metbugat bilen gyzyklanýan
adam eken. Baranymda oňa duşaýsam saglyk-amanlyk soraşandan soň, käte bize
nägilelik bildirip, “Näme üçin pylan ýerdäki gowy işleri göreňzok, şony gazete ýazyp
ile ýaýratsaňyz bolmaýarmy?”- diýýärdi, ýa-da raýonyň bir ýerinde özi gören kemçilik
bolsa näme üçin şony tankyt edip ýazmaýandygymyzy aýdýardy. 70-nji ýyllara gelip
Sadulla aga meniň bilen gyzyklanyp başlady. Munuň sebäbi şol döwürde gazetžurnallarda çykan meniň makalalarymy we çeper eserlerimi okaýan bolmaga
çemeli.1971-nji ýylyň bahar aýydy. Men kolhoza baranymda, Sadulla aga kabinetinde
şol döwürdäki raýispolkomyň başlygy Şerip Kalandarow bilen oturan eken. Men
gapydan girip salam berenimden Şeripbaý eke: “Ine, özi-de geldi, häzir seni agzap
otyrdyk”-diýdi. Şeripbaý eke köňlündäki dilinde, alçak, adamlara mähirli, mylakatly,
gowy adamdy. Men onuň gepinden geň galyp “Meni näme diýip agzaýarkalar” diýen
pikir bilen görkezilen ýerde oturdym.
Reýimbaý, näme diýsäne, men: “Sadulla, kolhozyňyñ .bu gülläp ösüşini, seniň
eden işleriňi bir ajaýyp kino etmek gerek. Şu işi Reýimbaýa tabşyraýsak, özi
390
senariýsyny hem ýazar, kinoçylary-da tapar”- diýip otyrdym -diýdi. Soň: “-Sen nähili
görýäň şol pikiri”?-diýip maňa ýüzlendi. Men:
Sadulla aga oňlasa edäýeris-diýdim.
Sadulla aga bu pikiri iki elläp goldady. Men ýazyjy dostum Hojanepes Meläýew bilen
senarýasyny ýazyp, Türkmenistanyň atly rejissýorlaryndan biri Meret Atahanowyň
eline berdik. Ol özüniň operatorlary bilen kolhoza gelip, iküç aýlap filmi surata aldy.
Bir bölegini Moskwada aldy. Men işimden boşadygym kolhoza gelip, rejissýoryň
ýanynda bolýardym. Senariýa goşmaly ýer bolsa goşup, aýyrmaly ýeri bolsa aýyryp
berýärdim.
Şeýlelikde doly metrajly “Ýarmyş yşyklary” atly dokumental film döredildi. Filmiň
ilkinji gözden geçirilişine raýonyň, oblastyň ýolbaşçylary hem gatnaşyp, dabaraly
ýagdaýda kabul etdiler. Şondan soň film ilki kolhozlarda we respublika telewideniýesi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 32
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.