Latin

Powestler - 12

Total number of words is 3844
Total number of unique words is 2245
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bu habary eşidip, Mansur allaniçigsi bolup tisgindi. „Diýmek, bu
ýoldan gaýdyp gelmedikler hem bar ekeni-dä? Meniň bagtym bar eken,
gaýdyp geldim“ diýip içini gepletdi.
Sümbül sözüni dowam etdirdi:
-Men hem ençeme hasratlary başymdan geçirip, şu ýere nesibämi
çöpläp geldim. Kwartira alamsoň ejemi alyp gelerin. Ol häzir obada
ýaşaýar. Ejem gelensoň agşamky mekdepde okaryn. Görýäňizmi, meniň uly
arzuwlarym bar entek.
Mansur Sümbüliñmi ýa-da öz takdyrynymy oýlanyp esli wagt aşak
bakyp oturdy.
-„Öňüm bolandan soňum bolsun“ diýipdirler – diýip, Mansur başyny
galdyryp, Sümbüle seretdi.
Sümbül:
-Eger siz aýal maşgala bolan bolsadyňyz, boýnuňyzdan gujaklap, tä
mährim ganýança aglap ogşardym.
-Näme üçin aglamaly? – diýip, Mansur oňa ýylgyryp bakdy.
-Bilemok. Şeýle edesim gelýär.
-Munyňyz bolanok. Birwagtlar maňa bir adam: „Durmuşda hemişe
gülkiniň gaýgydan, şatlygyň gamdan üstün çykmagy gerek“ diýipdi.
-Şol adam dogry aýdypdyr – diýip Sümbül çagalyk wagtyndaky ýaly
ýakymly ýylgyrdy. Soňundanam: - Wiý, ýogsa-da, biz näme beýdip, birbirimize bakyşyp otyrys-a? Öýden gury gitmek bolmaz. Häzir men garbanar
ýaly çalt bir zat taýýarlaýyn – diýip ýerinden galdy.
-Ýok, ýok, alada edinmäň. Gürleşip oturanumyz müň paý gowy.
-Onuň hiç hili aladasy bolmaz. Heýde men sizi duz - çörek dadyrman
goýbererinmi? Bu boljak zat däl, ahyryn- diýip, Sümbül aşhana tarap çykyp
gitdi.
Öýde ýeke özi galan Mansur hyýal deňzine gark boldy:
„Aslynda durmuş diýilýän zat oýlaýşyňdanam üýtgeşigräk ekeni!
Munda hyýalyňa gelmedik zatlar bolup, oslanmadyk adamlara-da
duşuraýjak ekeni! Durmuş özüniň ajy hem süýjüligi, alada ýugrulandygy,
ynsana hem şatlyk hem gussa getirýänligi bilen gyzykly hem çylşyrymly
ekeni! Şeýle hem adamy özüne bent etmegi başarýan ekeni! Şonuň üçinem
agyr günlerde-de, gussaly möwritlerde-de biwepa ýardan ýüz dönderen
kimin ondan ýüz döndermäge milt edip bilmeris! Sebäbi geljege alyp
barýan durmuş gämisiniň öňünde, hemişe maýak bolup umyt uçguny ýanyp
136
dur, ahbetin! Şeýle halatda durmuş girdabyna bir säw bilen gark bolan
ynsanyň şol umyt uçgunyndan güýç alyp, ýene-de kenara sag-aman çykyp,
durmuşyň şa ýoluna ymykly düşmegi, özüne bagt, göwnejaý rahatlyk
tapmagy mümkin ekeni“.
137
TOGALAK DÜNÝÄ
Otagda açyk mawy reňkli çyra ýanyp dur. Bu reňki Sonagül gowy görýärdi.
Täze jaýa göçüp gelenimizden, ol uly otagdaky ak lampoçkany mawy
reňklisi bilen çalşyrdy. Dogrudanam, bu reňk gijelerine otaga bahar
daňynyň görküni berýärdi.
Şu mawy reňkli şöhlede Omar Haýýamy okap otyryn. Şahyryň setirlerine
siňen ajaýyp pikirlere birhili togunýardym. Kitaby agtaryp oturşyma,
gözüm şeýle setirlere kaklyşdy:
„Jahana etsedi mendäki kuwwat
Bu harap düzgüni ederdim berbat
Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä,
Adamlar islegne ýeterdi aňsat “
Gör nähili ajaýyp arzuw! Nähili gowy maksat!
Şu bendi gaýtadan gözden geçirýärkäm, şahyryň soňky setirlerini:
„ Ýaňadan salyndy şeýle bir dünýä
Adamlar islegne ýetýändir aňsat “
diýip düzedesim geldi.
Şol mahalam elimi ýumşak, eýjejik eller tutup özüne çekdi. Bu dokuz ýaşly
gyzym Gülüstandy. Başymy galdyryp, oňa ýylgyryp seretdim.
-Näme okap otyrsyň, kaka?
-Omar Haýýamy, gyzym.
-Kim ol Omar Haýýam?
-Şahyr.
-Ol näme hakda ýazypdyr?
-Dünýä hakda.
-Dünýä hakda?!----diýip, Gülüstan haýran galmak bilen sorady.
-Hawa, dünýä hakda.
-Wiý, dünýä hakynda menem bilýän!
-Sen näme bilýärsiň? – diýip, bilesigelijilik bilen soradym.
-Dünýä togalak, ol mydama aýlanyp durýar-diýip, Gülüstan mekdebinde
mugallymdan eşidenini aýtdy.-Şeý diýip ýazypmy şahyr?
-Hawa mydama aýlanyp dur, çünki dünýä çarhy-pelek diýip ýazypdyr.
Gülüstan soňky sözlerime düşünmän, gözlerini petretdi. Eýsem, ol dünýä
sözüniň müň dürli manysynyň bardygyny, onuň müň hili aýlanyşyny entek
nireden bilsin? Muny Gülüstan ýaly çaga wagtynyzda hiç haýsymyz hem
bilmeýärdik ahyryn! Meniň gözlerim Gülüstanyň balkyldap duran sada,
138
goýungözlerine düşende, onda Haýýamyň rubagylarynda tesfir edilen
dünýäniň aýlanma hereketleriniň birini gören ýaly boldum.
Hawa, bu sada goýungözlere men mundan çärek asyr öň duşupdym. Şony
ýatlap, çuň pikire gitdi.
*****
Nirededir uzaklarda başlanan urşuň uzyn eli kakamy öz gujagyna çekip
aldy. Meni bolsa ýedinji klasyň partasyndan aýryp, ädikçilik artelindäki
pesejik oturgyja çüýläp goýdy.
Indi men kiçijek şäherimiziň asfalty çala garalyp duran merkezi köçesi bilen
her gün artele gatnaýaryn. Gyşda asmandan dört damja ýagyş düşse,
köçäniň trotuarlary çalpaw laýa öwrülýär. Şeýle wagtda biz, artele gatnaýan
şägirt oglanlar, şu köçäniň ugrunda ýerleşen peduçilişäniň gyzlarynyň
deňinden geçip barýarkak, aýagymyzy bilgeşleýin tarpyldadyp, olaryň
üstlerine laý syçradyp geçýäris, Gyzlar bolsa yzymyzdan ,,Aýagy
kesilmişler“ diýip käýinip galýardylar.
Şol gyzlaryň arasyndan owadan goýungözli bir gyzyň käte maňa birhili
nazarany dikip geçýänini syzýardym. Muny özümden başgalaram aňýan
bolmaga çemeli. Narym kelçik diýen şägirt oglan maňa degip:
-Heý Abdy, Malýaň gyzy näme saňa gözüni petredip geçýä? – diýýärdi.
Oglanlar onuň gepine gülüşýärdiler. Olar muny oýna sowsalarda näme
üçindir, özüm muňa çynlakaý üns bermäge başladym.
Artele gelip, ýerimde otursam-da, hyýalym welin şol maňa ogryn garaýan
goýun gözlerdedi. Emma halypam elime iş berip „Abdy jan, şu ädigiň
başlygyny tikip göýber“ diýende, özümi ele aldym. Soň ol ünsli seredip
dillendi:
-Näm boldy, oglum, tukat görünýäñ-le?
-Ýok hiç zat bolanok – diýip, işe başladym.
Halypam örän synçy adam, tukatlygymyň ýöne ýerden däldigini aňdy.
Emma ol muny maşgalamyzdaky ýeter-ýetmezçilikdendir öýdendir-dä,
göwnümi götermäge jan etdi.
-Gam atynyň başyny ugryna göýberme Abdy jan, pursady geler, hemme zat
ýerbe ýer bor. Uruş diýen belada hä diýmän gutarar. Kakaň-da gaýdyp geler.
Sen bolsa ýene okuwyňy dowam etdirersiň. Uly mugallym borsuň Häzirki
ýagdaýda bolsa keselbent ejeňe sen seretmeseň, kim seretjek? Şükür, ine
tutan käriň hiçkimiňkiden kem däl, onsaňam, biziň işimiz diňe öz
bähbidimiz üçin däl ahyryn, häzirki wagtda ädikçilik-de gowy hünär.
Aýakgap fabrigimiziň köpüsi uruş zererly ýapyldy. Indi halkyň dadyna biz
ýetişmeli. Aýakýalaň meýdana çykyp, kätmen urup-da bolmaýar, zawoda
baryp işläp-de.Hawa, oglum, şeýle..... – diýip, çalaja agaran gytyk
sakgalyny sypalady-da Magtymgulydan bir bent aýtdy:
139
„Mert ogul göwnüne gaýgy getirmez,
Namardyň ogly dek gaýgyçyl bolma“
Ine şunuň bilen ol diňe meniň däl, eýsem arteldäki beýleki ussalaryň hem
göwnüni götermegi başardy.
-Uzak ýaşa, Mahmyt aga. Aramyzda sen bolanyň üçin günümiziň nähili
geçenini-de bilmeýäris – diýip, ussalar halypama alkyş aýtdylar.
Halypam arteldäki adamalaryň göwnüni götermek üçin özüni näçe
şähtiaçyk tutsa-da öz öýünde pikire çümüp tukatlanyp oturanyny ençeme
gezekler görüpdim. Onuň ýigit ýeten ýalňyz ogly urşa gidip, goja bilen
kempir öýde galypdy. Oglundan hat gelmegi sähelçe gijikse, halypam
tukatlanyp birhili bolýardy. Maňa günaşa hat ýazdyrýardy.
-Şeýdip ýaz –diýip, ol kagyza tiňkesin tikip oturşyna nokatma-nokat
aýdýardy.
-Eger hat ýazmaga eliň degmese ýa-da ýaltansaň „Salam, kaka, eje, men
sag-aman ýörün“ diýen sözleri ýazaga-da günaşa iberip dur, oglum....
Oglundan hat gelmesi sähel gijikse, halypamyň howatyrlanýandygyna oňat
düşünýärdim.
Biz hem kakamdan birki hepde hat gelmese, edil şeýle howatyrlanýarys,
şonuň üçin kakama ýazan hatlarymyň soňuna:
„Kaka jan eger hat ýazmaga eliň degmes birje tagta kagyza:“Men sag-aman
bardyryn“ diýen sözleri ýazyp gönderip durgun“ diýip goşýardym. Soňra
haty ejeme okap berýärdim.
Soňky sözlemi dogry ýazypsyň balam - diýip ejem şel bolan aýagyny
zordan ýygnap, ýerinden galýardy.
„Bela gelse goşa-goşadan“ diýlişi ýaly kakamyň gitmeziniň öň ýanynda
ejemiň aýagy bir gijede şeýle bolaýdy. Kakam ony doktorlara görkezjek
diýip ýören wagtam, goşunçylyga çagyryldy. Ejem biçäre ony ugratmaga-da
barybilmedi.
Kakamy ugratmaga ýeke özüm bardym. Irden öýden bile çykdyk. Ojukbujuk salyşdyran haltasyny göterişjek bolsam, razy bolmady. Edil
esgerleriñki ýaly edip egnine atdy. Ugradyş punkutyna barýançak, pyýada
gitdik. Men üç-dört ädim yzdan kakamyň katdy-kamatyna nebsewürlik
bilen seredip barýardym. Ol bolsa adatdaky ýaly mekdebe çagalary
okatmaga gidip barşy dek başyny dik tutyp, ynamly ädimläp barýardy.
-Näme yza galýaň, men bilen deň ýöreseň bolmaýarmy? – diýip, ol maňa
ýüzlendi. Yzyndan ýetdim. Ol elimden tutdy-da, kiçijek çaga ýaly idip
ugrady. Ol birsellem näme hakdadyr oýlanyp, ümsüm gitdi. Birhaýukdan
soň bolsa:
140
-Kiçijik çagakaň hem edil häzirkiň ýaly edip elinden tutup ýörýärdim.
Ýadyndamy? -diýdi- Indi bolsa, tüweleme, ýigit ýetipsiň meni uzak ýola
ugradyp barýaň.
Men kakama bir zatlar diýmekçi boldum, emma damagym dolup dilim
diýenimi etmedi. Kakam muny aýtdy.
-Gözýaş etmek erkeklere has zat däldir, Abdy jan – diýip, ol maňa temmi
beriji äheňde seretdi:- Meniň bilen hoşlaşan mahalyňda aglap däl-de,
şähdiaçyklyk bilen ýylgyryp galmagyñy isleýän. Ýadyňdamy, geçen ýyl
kurorta gidenimde, ejeň ikiňiz meni aeroportda ugradypdyňyz. Şonda sen:
,,Hoş, kaka, maňa gowy awtoruçka alyp gel“ diýip ýylgyryp galypdyň. Bir
aýlap Kawkazda gezenimde aeroportda seniň ýylgyryp galan keşbiň göz
öňümden gitmedi. Uruşda ýörenimde hem seni ýatlanymda, göz öňüme
seniň aglap durşuň däl-de, gülüp, ýylgyryp galanyň gelse, maňa ullakan
medet şol. Şoňa seniň akylyň ýetmelidir, oglum.
Ýöne çagalygymdan başlap gulagyma guýlan beýle sözler meniň üçin
täzelik däldi. Emma ol bu gezek ozalkysy ýaly öwüt-nesihat äheňde
aýtmady. Edil öz deň-duş ýoldaşyna derdini dökýän ýaly bir äheňde gürledi.
Şonda men özümi eýýam ulalan, kakam hataryndaky adam ýaly syzdym.
Yňyp gelen gam-gussa şo bada yzyna serpikdi.
-Yzymda sen galýaň, şonuň üçinem men arkaýyn -diýip kakam sözüni
dowam etdirdi-Ejeň keseli welin biraz oýlandyrmanam duranok. Tiziräk
ganymatlaşyp gidäýsä ne ýagşy, ýogsam ýaş başyñdan işlemeli
bolaýmagyňam mümkin. Häý, görübermeli-dä.
Harby komissarlyga gelenimizde eýýäm adamlary hatara durzup, barlag
geçirip duran, ekenler. Kakam hem baryp hatara durdy.
Barlag gutarandan soň:
-Maşyna!- diýlip, komanda berildi. Kakam ýanyma geldi-de, elini uzatdy: Al onda hoş!
Elimi mäkäm gysyp bir siltedi-de, ýüwrip maşyna mündi. Maşyn
gozganyp ugrady
-Hoş saňa nemisleriň iň gowy awtoruçkasyndan getirerin! –diýip,
ýylgyryp durşyna gygyrdy.
Men nätdimkäm? Ýylgyryp bildimmikäm? Howwa ýylgyrdym.
Bütin erkimi güýjimi jemläp ýylgyrdym. Emma maşyn gözden ýitenden soň
aşaky dodagyma iki düwme ýaşyň togalanyp düşenini bilip galdym.
Öýde galan ejeme göwünlik bermek üçin, özümi merdemsi tutmaga jan
edip, öýe gaýtdym. Içerik girenimden ejemiň dady-perýat etjegi göz öňüme
geleninde welin, ýüregim gyýylyp gitdi. Emma men ýalňyşan ekenim.
Otaga girenimde, ejem kitap şkafynyň ýanyndaky oturgyçda žurnala seredip
oturan eken. Ol maňa gamgyn seretdi-de, ýuwaş äheňde:
141
-Geldiňmi, balam?- diýip, ýene žurnala başyny egdi, hat-da „Kakaňy nähili
ugratdyň, ol nämeler diýdi?“ diýibem soramady. Ol şol ümsüm oturyşyna,
žurnaldan ýene birki sahypa agdardy-da, birden bütin göwresini titredip,
sessiz aglamaga oturdy.
-Eje!..
-Bolýa, balam. Ine, häzir bes ederin- diýip, ýaglygy bilen gözlerini süpürdi.
- Hany, hol burçdan taýagymy äber, naharyň ugruna çykaýyn. Ajygansyň,
häzirjik kartoşka gowraýyn. – Ol taýagyna söýenip, ýerinden galdy-da, çep
aýagyny süýräp çykyp gitdi.
***
Ejemiň ýanyny ýere bermegi meni çynlakaý pikir etmäge mejbur etdi. Onuň
keseliniň barha beterleşýändigine gözüm ýetdi. Doktorlaryň aýtmagyna
görä, onuň derdine uly şäherlerde şypa tapylaýmasa, bu ýerde tapyljak
däldi. Indi özüm işlemesem, gün görmegiňem başga ýoly galmandy.
Şeýdip okuw ýylynyň soňky çäregi galanda mekdebi taşlap goňşymyz
Mahmyt aga şägirt boldym. Deslapky günlerde artel durmuşyna
öwrenişibilmän heläk boldum. Ertirden giç agşama çenli pessejik oturgyçda
ýagyrnyňy tüňňerdip ädik tikmek, çüý kesmek jyda hem irizýärdi. Ýöne
halypamyň mähribanlygy, göwnüňi göteriji sözleri bolmadyk bolsa, onda
men arteli taşlap gitmäge-de taýyndym. Emma wagtyň geçmegi bilen
hemmesine-de öwrenişdim ötägitdim.
Üç aý geçenseň halypam maňa özbaşdak işlemekligi ynandy. Menem şol
ynamy ödemek üçin jan edýärdim. Bir gün ol meniň tikip gutaran ädigimi
üns bilen synlady-da:
-Tüweleme, tüweleme, ýaman gözden saklasyn, ukybyň bar, Abdy jandiýip, arkama kakdy. Onsoň arteldäki ussalaryň hemmesi meniň tiken
ädigimi elden-ele alyp, gözden geçirdiler, öwdüler. Şonda Narym kelçigiň
halypasy ädigi eýläk-beýläk öwrüp synlap:
-Görýäňmi muny,yhlas diýeniň, ine, şeýle bolýar. Sen bolsa henize çenli tor
tikmäni hem bileňok- diýip, şägirdine igendi.
Meniň öwgä ruhum göterilip, işe diýseň yhlasly ýapyşdym. Işimiň birini
beýlekisinden oňat etmäge jan etdim. Beýleki ussalar işini çalt bitirmek
üçin syzy
üçin dişli tigri ulansalar, men syzyny ak sapak bilen tikip ugradym. Şonda
hünji dek ak ýördümler göze diýseň ýakymly görünýärdi. Şol
ýakymlylygam meniň zähmete, işe bolan ukybymy kesgitläp, mende
nähilidir üýtgeşik bir duýgy döredýärdi. Ýöne zähmetim zerarly peýda
bolan lezzetli duýgudan başga bir duýgy üstün çykyp ugrady. Olam bolsa şo
maňa seredip geçýän goýun gözlerdi.Bu gözleriň mähri soňa baka meni öz
girdabyna gark etdi.Geň galmaly zat! Maňa seredip geçýän diňe sol goýun
gözler däl ahyryn! Köp! Gaty köp! Ýöne... ol gözler... O başga-la...
142
Bakyşyndaky gyzgyn mähri syzýan-la! Bu hili mähir bir-ä söýýän gyzyň
gözlerinde, birem mähriban enäniň gözlerinde bolup biler. Ýöne olaryň
güýji deňem bolsa manysy welin başga-başga.
******
Ýüregimde oýanan bu duýgy meniň mydama hemramdy. Artelde
ýagyrnymy tüňňerdip, ädik tikýärkämem, öýe gelip, peçde ot
ýakýarkamam, daňdan bäşde turup, çöregiň nobatyna barýarkamam, şu
duýgy ýüregime hemişelik hemrady. Onuň täsiri bilen hyýal derýasyna
çümýärdim, arzuw guşuna münip, uzaklara uçardym.
Bir gün işden gijä galyp alňasap barýarkam, uzakdan oňa gözüm kaklyşdy,
ol hem okuwyna gijigen bolara çemeli, gyssanyp, gaty-gaty ýöräp gelýärdi.
Şu onuň bilen birinji gezek ikiçäk duş gelşimdi. Şol sebäpdenmi, ýa başga
zatdanmy garaz, ýüregim gürsüldäp urmaga başlady. Ädimlerimi biraz
salykatlyrak ätmekçi bolýan welin hiç bolanok, edil aýagym kösseklenen
ýaly. Iň erbet ýerem - onuň deňine ýetiberemde, aýagym taýyp, diň arkan
serrelip gaýtdym.Elimdäki korzina honda zyňylyp gidip, onuň içindäki biz,
pyçak, çekiç, çalgydaş pytrap gitdi.Utanjymdan çym-gyzyl bolup, ýerimden
turdum. Seretsem, ol hykyr-hykyr gülüp, meniň zatlarymy ýygnaşdyryp ýör.
-Seresap bolsaň bolmaýamy? -diýip, ol maňa korzinkany uzatdy. Ol bu
sözleri çyny bilen diýse-de gözleri welin diýseň mähirli gülüp durdy.
-Äý... muň ýaly zat bolar öýtmändim -diýip, men birhili gelşiksiz
ýylgyrdym. Ol pyňkyryp göýbermezlik üçin aşaky dodagyny mäkäm
dişledi. Ýöne onuň ýanyp duran gözlerinde gülküsi görnüp durdy.Soňra ol
bir zat diýmekçi bolup, dodaklaryny çalaja açsa-da hiç zat diýmedi.
Diňe şondan soň men egnimdäki mawut güpbimiň gara-läbik bolandygyny
bilip galdym. Artele gelenimde, ussalar meniň bolşymy görüp, gülüp hezil
etdiler. Ruhy göçgün, keýpi kök adamyň üstünden gülünse-de oňa täsir
etmez eken. Ussalara goşulyp, özüm hem güldüm. Soňra güpbimi çykaryp,
pejiň golaýynda bir gazyga ildirip goýdum-da, işe başladym.
Ýöne meniň şo günki şatlygymyň soňy birdenkä bir erbet waka öwrüldi
duruberdi.
Ynha ol şeýle boldy: Pirmät aga şägirdine degip: ,,Üçem oýnamasyny
goýaly bäri, biziň Narym jan hem işine ökdeläp ugrady.Tiken ädigini
dagysyny görseň, tüýs ,,Amerikany-da“ - diýdi.
-Amerkada-da Narym janyňky ýaly gyşyk-çaýşyk ädikler tikilýärmikan-aý diýip, başga bir ussa degişmäni alyp göterdi.
Ýene biri hem:
-Häý tikäýşini onuň- diýdi. Halypam:
Amerikada Naryma meňzeş ussalar ajyndan ölýär. Fabrigiň eýesi bir gün
hem saklamaýar onuň ýalyny.
143
Şol mahal gapy bat bilen açylyp, artelimiziň başlygy Hasan güpjek çymgyzyl bolup girdi. Ol gysga boýly, garny sallanyp duran semiz adamdy. Şol
sebäpli hem oňa „Güpjek“ diýen lakam dakylan bolmaly. Ol gapynyň
aňyrsynda durup, bolan gürrüňleri diňlän bolmaga çemeli, halypama bakyp
azgyryldy:
-Sen, garry, näme diýip bälçiräp otyrsyň? Aýdýanlaryň manysyna pähimiň
ýetmeýärmi seniň? Jemagat içinde çet ýurduň towaryny öwmek,
özümiziňkini döwmek, bu hut kosmopolotizm dälmi?
Başlygyň beýle gödek sözleri halypama örän agyr degdi. Onuň reňki öçüp,
dodaklarynyň gany gaçdy.
-Hasan! - diýip , ol gaharly gürledi: - Men seniň ataň bilen deň adam,
gepläniňde sylaşyga, salawmaleýkime ýer goýup gepleseň oňat bordy! Men
seniň kosmalitizmiňi-de pasmalatyzmiňi-de bilemok, dilimem öwrülenok.
Meniň diýýänim hak. Nämesi aýypmyşyn munuň?!
-Samsyk garrynyň nämesi aýypmyş diýşine seret-le- diýip, ol öňküsindende beter azgyryldy: -Şu aýdýanlaryñy ýazga-da iki adama gol çekdirip,
inkewide beräýsem, saňa nämesiniň aýypdygyny, nämesiniň aýyp däldigini
görkezerdiler!
-Ahow, oglan, agzyňa geleniňi samrap durma-la! - diýip, halypam gahardan
ýaňa çym-gyzyl boldy: -Beýle gepiň bilen meni gorkuzmarsyň! Sen
kesekiden aýyp tapjak bolýançaň, iliň gözüne dürtülip duran öz aýbyňy
düzetseň bolmaýamy? Bu ýerde harby komissarlykdakylaryň gözüne çöp
atyp, maňa meňzeş garry-gurtynyň, oglan-uşagyň arasynda, doňuz ýaly
symyşlap ýörýänçäň duşman bilen söweşmäge giden ýigitleriň hatarynda
bolsaň bolmaýamy? Mert bolan bolsaň, iliň kastyna gelen belanyň öňünden
çyk, haramzada!
Hasan güpjek gahar-gazapdan ýaňa titräp, gök-nil boldy. Soň ýumrygyny
düwüp:
-Gap sesiňi!-diýip bogazyny ýyrtara getirip gygyrdy-da, halypama topuldy.
Şonda men elime iş pyçagymy nädip alanymy, nähili ýerimden böküp
turanymy-da bilmän galdym.
-Halypamyň golaýyna gelme! Içiňden geçirin! – diýip, onuň alkymyna
girdim. Hasan güpjek elimdäki pyçaga gözlerini petredip durşuna, ýuwaşýuwaşdan yza çekildi. Soň:
-Şu günden, başlap, ikiňizem gözüme görünmäň! Ýogsam ikiňizi-de
eýgiligiň üstünden eltmerin, eşitdiňizmi?-diýip, gapyny bat bilen ýapyp
çykyp gitdi.
Ýerime geçip oturdym. Hemmäniň eli işden sowaşdy, hemme ümsüm.
Pirmät ussa temmäki dolap otlady-da, üç-dört gezek çalt-çalt sordy.
Yzyndanam ümsümligi bozup dillendi:
-Bulaşdy, Mahmyt aga. Indi, gowusy, bu peläket bilen erjeşip ýörmäň, bir
144
çete çykaýmasaňyz bolmaz. Indi ol size gün bermez. Erbet boldy, erbet!
-Biderek ýere atyňy gordyrma, Pirmät! – diýip, başga ussa gürrüňe goşuldy:
-Elinden hiç zat gelmez onuň, ýaňky diýen kagyzyna gol çekjek adam biziň
aramyzdan tapylmasa gerek.
-Gitjek, dostlar. Gitmesem bolmaz- diýip, halypam aşak egip oturan başyny
galdyryp, ussalara ýekän-ýekän seretdi: - Ýöne men ondan gorkanym üçin
gitjek däl-de, başga sebäp bilen gitjek. Indi ol deýýus göni gelýän bolsa,
menem göni yzyma gaýdaryn! Onsaňam, bokurdagymyzy deşen şol däl,
ahyryn! Ýanymda Abdy jan bolsa, bizem güzeran geçirmegiň bir alajyny
ederis. Al, oglum, özümize derekli ojuk-bujuklary
Halypam bir sözli adamdy. Häsiýetine belet bolansoňlar, oňa töwella-da
edip durmadylar. Biziň bilen hoşlaşdylar galyberdiler.
Köçä çykdyk. Howa onçakly sowuk bolmasa-da, ýakymsyz şemal bardy.
Halypam ýedi-sekiz ýeri ýamaly köne possunyna duwlanyp, sesini
çykarman barýardy. Peduçilişäniň deňine geldik. Şu ýerde-de meniň
ýüregim atygsap ugrady. Dogrusyny aýtsam, agyr degýän zat –diňe artelden
gidenimiz däl-de, şu köçeden indi gaýdyp ýöremek, şol goýun gözli gyza
gaýdyp duşmak miýesser bolmajaklygydy. Bütin ýol boýy lam-jim bolup
gelýän halypam, köçämize ýetiberende dillendi:
-Abdy jan, artelden gidýänimizi entek ejeňe duýdurma. Ertir ir bilen biziňkä
gel. Hiç zady gaýgy etme, oglum. Ölümden başgasynyň alajy bolar.
*******
Öýde mundanam beterräk bagtsyzlyk garaşýan eken. Içerik girenimde,
ejemiň aglamakdan ýaňa gyzaryp giden gözlerine gözüm düşüp, ýüregim
gyýlyp gitdi.
-Näm boldy, eje? – diýip, zordan dillendim. Ejem ýaşa dolan gözlerini bir
ýana sowup stolyň üstünde ýatan haty maňa uzatdy. Hat ejemiň adyna
ýazylypdyr. Hat: ,,Siziň adamyňyz dereksiz ýitdi“ diýen sözler bilen
başlanýardy.
Daň golaýlap gelýärdi. Meniň welin gözüme çiş kakylan ýalydy.
-Abdy jan – diýip, ejem ýatan ýerinden dillendi.Men tisginip gitdim. Wah,
garabagyr, olam uklaman ýatan bolsa nätjek?
-Näme eje?
-Gaýgy etme, guzym, dädeň bir ýerden çykar. ,,Dereksiz ýitdi“ diýildigi
„Öldi“ diýildigi däl ahyryn. Wah, men guraýyn! Aslyýetinde, men şony
saňa duýdurmaly däl ekenim. Bu agyr zarba ýeke özüm döz gelip
bilmämsoň aýdaýdym-da. Özümiň ýarawlygymyň ýoklygy hem onuň
üstesine! Gaýgy etme, guzym.,,Müň gaýgy bir iş bitimez“ diýipdirler.
********
Artelde bolan waka hakynda ejeme dil ýarman, adatdaky ýaly geýnip çykyp
145
gitdim. Dogry halypamyň öýüne geldim. ,,Ölümden başgasynyň çäresi
tapylýar“- diýip, biderek aýtman eken. Içerik girsem, ol mahmal ýaly gara
hromy ülňüläp, ädik biçip oturan eken.
-Geleweri, ussa Abdy-diýip, halypam degişme äheninde gürledi: - Ine,
görýäňmi çäresi tapylandyr görseň? Düýn gös-göni şol gelşime, Atajan
gönçiniň ýanyna bardym. Kesbinden bereket tapsyn. Nesýe dört sany hamy
berdi göýberdi. Görýäñmi, özi-de hromyň barypýatany. Hrom işlände, bu
golaýda onuň öňüne çykýan ýok-la. Artelde işlemedigimiz bilen hem hiç zat
bolasy ýok. Öýde minnetsizje işläbiris. Bazar diýeniň açyk. Iki-üç bazary
görsek, peýdamyz elmize gelip ugrar. Şondan soň maliýe baraga-da bäş-on
prosentini öňünden töläp, peteklije ussa bolar otyrybiris. Soňra biziň
pişigimize ,,piş“ diýen adam bolmaz. Şeýdip güzeran geçirip oturan ussalar
şäherde gytmy näme?
Halypamyň bu sözleri ýüregimdäki daşlary biraz ýeňletdi. Ýogsam men
öten agşam oňşuk-oňalga barada-da pikir edip, aňyrsyna ýetip bilmän,
halypama bil baglap galypdym. Şolam dogry çykdy. Indem öýdäki
ýagdaýymy gürrüň bersem, onda bujagaz şatlygyňam üstüne suw sepiljek.
Halypam oňa menden beter gynanjak. Ony gynandyranym bilen näme
peýdam bar ahyry! Hiç zat! Goý, şonuň üçin meniň halypamyň beri gaşy
çytylmasyn! Men muny asla islämok!
-Ýene bir zady aýdaýyn, oglum – diýip, halypam sözüni dowam etdi.“Gämä
müneniň jany bir“ diýipdirler. Seni närazy etmerin, oglum, peýdasy bolsa
ikimize-de deň bolar.
-Ýok-la, halypa, maňa üçden birini berseňiz bor- diýip, men sypaýyçylyk
etdim.
-Näme üçin, üçden birini bermelimişim? Sen indi şägirt däl, ussa bolduň,
tiken zatlaryň meňkiden-de gowy.
Men ýene-de sypaýyçylyk etjek boldum welin, ol maňa gezek bermän:
-Boldy-boldy, gepiňi köpeltme, ,,Gepiň azy ýagşy, kel gyzyň näzi“
diýipdirler. Hany başla işe- diýip, soňyny degişmä sowdy.
Halypamyň degişmesi ertirden bäri geplemän ojagyň başynda çugutdyryp,
ody dörüp oturan kempirini hem dillendirdi:
-Abdy jan, halypaň jahyllygynda, „kel gyzyň näzi ýagşy“ diýip, diňe şoň
ýalylaryň yzyna düşüp gezen bolmaga çemeli.
-Aý, ýok, gaýtam, gaçanym kel gyzdy. Emma olam maňlaýyma ýazylan
bolsa nätjek, gaçyp gutulyp bilmedim.
-Şeýlemi? – diýip, kempiri halypama kineli seretdi. – Nirede, şol
maňlaýyňa ýazylan kel?
-Ynha, şindem maňlaýymda – diýip, barmagyny çommaldyp, kempirini
görkezdi: - Ýadyňdan çykdymy? Ýaşlygyňda şyr keldiň ahyryn, maňa
geleniňden soň, kelläňi her gün sypalap, saç çykaran men dälmi näme?
146
-Mysalaň gursun. Abdy jandan utananagam bi! Göwnüňe getirme kempir,
seň bilen degişmesem, kim bilen degişeýin? Abdy jan entek beýle gepleriň
manysyna düşünýänem däldir-le – diýip, halypam kempirini köşeşdirdi.
Soňam işe girişdik. Ilkinji günlerde köpçülige öwrenişenimdenminämedenmi, diýseň içim gysdy.
Goja bilen kempiriň ýaňky ýaly degişmeleri hem arteldäki şagalaňyň ýerini
tutanokdy, wah, köpçüligiň gadyry başga-la!
Artelde günümiziň nähili geçýänini-de duýmaýardyk. Günler biri-birine
meňzeş, hiç hili üýtgewsiz geçýärdi.Emma iküç hepde geçensoñ bu ÿagdaý
bilen öwrenişdim. Halypam köpi gören adam hemişe öten-geçenden
gyzykly gürrüň tapýardy. Bazardan-da wagtymyz hoş, tiken zadymyz geçip
dur. Bazara köplenç men çykýardym. Halypam „Sen ýeňil aýaksyň, men
süýrenip ýörmäýin, özüň satyp geläý, oglum.“ diýerdi. Bazara birinji gezek
baranymda, örän çekindim. Menden başga-da ädik göterip ýören ussa köp
bolsa-da, göwnüme bolmasa, hemmeler maňa seredýän ýalydy. Birazdan
soñ çekinjeňligim unudyldy.
Ahyry meniň malyma-da hyrydar tapyldy. Ýigrimi bäş ýaşlaryndaky bir
gelin ýanyma geldi. Onuň aýagyndaky ädiginiň azyndan on ýamasy bardy.
Ol meniň elimdäki burnuň gany ýaly gyzyl hromdan tikilen ädigi gören
badyna:
-Bäh, munuň gowudygyny! Näçe bolsa berjek muny, jigi? –diýip,
çekinjeňlik bilen sorady.
-Müň bäş ýüz, gelneje – diýip, men hem çekinjeňlik bilen jogap berdim,
Gelin ulydan bir demini alyp dillendi:
-Ädigiň-ä oňat welin, gaty gymmat ekeni, jigi. Sekiz ýüze berseñ alaýyndiýip delminip seretdi.
-Ýok, gelneje, birneme galyň.
Şol mahal başga bir aýal:
-Hany, bäri al, göreli – diýip, ädigi elimden aldy. Onuň iki ýaňagynyň hal
atyp durşyna, aýagyndaky ýalpyldawuk köwüş-mesisine seredeniňde,
onuň ädige mätäçlige ýok ýalydy. Ol ädigi gözden geçirdi-de:
-O diýen oňadam däl eken. Ýöne nyrhynda ylalaşsak, men alaýyn – diýip,
agzyndaky altyn dişlerini görkezmek üçin ýalandan ýylgyran boldy.
-Ýeňňe, bary şu! Gerek bolsa-ha al, ýogsam.... - diýip, ädigi elinden kakyp
aldym. Näme üçindir Hasan güpjek ýaly biriniň aýalydyr diýen bir pikir
kelläme gelip, ony diýseň ýigrendim.
-Aýdanyň üçden birini gaýdaly. Dos-dogry müň manat bereýin – diýip,
ýaňky aýal ýene-de ýylgyran boldy. Şol wagt söwdamyza gulak gabardyp
duran bir kempir gürrüňe goşuldy.
-Wiý gyzym, „Möminleriň söwdasyny şugullar bozar“ diýipdirler, birisiniň
söwdasynyň arasyna düşmezler, aýyp bor. Ilki söwda, ine, bu gyzyňky
147
ahyryn! Ol almasa, onsoň sen söwdalaşmaly. Munyň aýypdyr, gyz!
- Alsyn, näme men almasyn diýýänmi? – diýip ýaňky gahar bilen
tasanjarady.
Şondan soň öň hyrydar bolan obaly gelin ýygralyk bilen dillendi.
-Ýok, ýok, dogan jan, alybersin. Meniň munuň ýaly zada pulumam ýetjek
däl. Biziň ýala muň ýaly zat nirede! Garaz, oňatja görüp soraýdym-da.
Öýüň eýesi uruşdan sag-aman gelip, öýe eýe bolsa, onsaň geýäýmesek,
muň ýaly zady geýibilesimiz ýok-la, Häzir alybilen alybersin.
Ol gelniň bu gürrüňlerine ýüregim bir hili awady gitdi. Onuň gamgyn
gözlerine seredenimde, kakamy urşa ugradan mahalymdaky, ejemiň gussaly
gözlerini ýatladym.“Bu gelnem adamsyny urşa ugradanda, edil ejem ýaly
bolup, ýüregini paralandyr, biçäre“ Altyn dişli aýal welin, bu gürrüňden
özüçe netije çykaryp:
-Ynha, eşitdiňmi, kempir, bu gelin aljak däl ahyryn. Puly ýetmeýämiş. Indi
berin ara düşmäň! – diýip, kempire azgyryldy.
Kempirden ses çykmady. Onsoň ol maňa ýäzlendi:
-Ýaňky aýdanyma beraý, oglan?
-Ýok!
-Müň bir ýüze berjekmi?
-Ýok!
-Bermeseň, ýapyş-da ýat ädigiňe – diýip, ol mähellä siňip gitdi. Onuň yzy
süre hälki obaly gelniňem gidip barýanyny görüp, ony ýanyma çagyrdym.
-Bäri geliň, gelneje, soraň. Belkem, size nesip eder? – diýdim.
Gelin uýaljyrap dillendi.
-Ýok, jigim, o baha alybiljek däl. Bary-ýogy dokuz ýüz manadym bar
Ondanam çagalara süýji-püýji alyşdyrmaly. Meniň çakym däl – diýdi.
-Bolýar, ýaňky diýen sekiz ýüz manadyňyzy beriň-de alaýyň. Gelin muňa
birhili boldy. Gözlerini tegeläp seretdi. Utandy. Bolsa-da ädigi aldy. Soň ol
köp alkyşlar aýdyp, meniň ýanymdan, göýä, ömründe birinji gezek gurjak
satyn alan gyzjagaz ýaly bolup, begenjine uçaýjak bolup gitdi.
Şol wagt kimdir biri arkama kakyp:
-Heý, samsyk, mugt berdiň-ä ony! – diýdi.
-Ol öz işim!
Soň ol nätanyşdan ses çykmady.
Men bolsam şo gelniň şatlygyna şärik bolup, halypamyň ýanyna nädip
baranymam bilmedim. Barybam bolan wakany birin-birin gürrüň berdim.
Halypam:a
-Seniň ýeriňe men bolan bolsam-da şeýderdim – diýip, gülümsiredi: - Ýöne
ýorganyňa görä aýak uzatmalydygyny hem unutma, oglum. Eger
hemmesine-de şu hili garyp-gasarlaryň ýagdaýyna garap satjak bolsaň, onda
gazanjymyz nas pulumyzy-da ýetmez, oglum-diýdi. Men utanjyma ýer
148
dyrmap oňaýdym.
*********
Gün öýleden agypdy. Halypamyň kempiriniň günertanlyk üçin bişiren
mäşewesinden halypam bilen bir okarany öňümize alanymyzda, gapy
ýuwaşjadan kakyldy.
Halypam:
-Kimem bolsaň giriber –diýdi.
Içerik ýanyp duran sugur gulakjynyny maňlaýyna basyp geýen, eli papkaly,
orta ýaşlaryndaky bir adam girdi. Ol salam bermän:
-Mahmyt ussa diýenleri sizmi? – diýdi.
-Howa şol-a biz bolmaly. Hany, mäşewäniň başyna geç – diýip, ussam oňa
mürähet etdi.
- Sag boluň, mäşeweleşip otyrara wagt ýok, işli geldim.
-Bizden bitýän işiň bolsa, baş üstüne, inim, otur, aýdyber – diýip, halypam
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 13
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.