Latin

Powestler - 05

Total number of words is 3858
Total number of unique words is 1967
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alsam, onda Gülşat bilen Aýjemalyň ykbaly nähili bolar? Kesekiniň ykbaly
bilen oýun edip bolýarmy näme?!
Şeýle pikire gidip, ertirlik edinip otyrkam, birden telefon jyňňyrdady.
Çak edişime görä, bu Ýusupdy. Trubkany almaga ýaýdanyp, bir salym
gymyldaman oturdym. «Ol maňa näme diýmekçikä? Öten agşamky
49
bolşumy ýazgarmakçymyka? Ýa-da öýe aman-sag gelip ýetenligim
hakynda özüniň ýasama mähribançylygyny beýan etmekçimikä?» diýip
içimi gepledýärdim. Şol mahal kelläme başga pikir hem geldi:«Ýok. Ol
men hakda ýasama däl-de gara çyny bilen aladalanýan bolsa gerek. Sebäbi
öten agşam maňa bir zat bolaýan bolsa, onda onuň bar meýilleri puja
çykardy. Şoňa görä, öten agşamky serhoşlugym zerarly meniň nähilidir bir
bagtsyzlyga duçar bolmagym onuň bähbidine ters gelýärdi. Düşnikli.
Her kim öz bähbidini gözläp hereket etmeli bolýan bolsa, häzir onuň
bilen tersleşmeklik, meniň üçin-de peýdaly däldi. Çünki men hem öz
maksadymy üstünlikli amala aşyrmak üçin ara tow düşürmeli däldim.
Trubkany göterdim. Şonuň özüdi. Ol salam-heligi-de, howlugyp:
-Alo, Ahmet, nähili? Ýagdaýlar oňatmy?-diýip sorady.
Men şähdaçyklyk bilen jogap berdim:
-Gül ýaly. Soranyň üçin sag bol , dostum.
-Beý, sen-ä meni gaty alada goýduň-ow- diýip, ol uludan dem aldy.
Ýene nämedir bir zat aýtmakçy bolup ardyndy. Emma geplemedi.
Göwnüme bolmasa, ol: «Saňa näme bolup ýör? Beýle içýän gylygyň
ýokdu-la» diýmekçidi.
-Bagyşla, dostum- diýip, men ötünçli äheňde gürledim- Agşam
birneme öteräk geçäýipdirin.
-Zyýany ýok. Ýöne...-Ol ýene sözüni soňlaman dymdy. Men:
-Ýönäň, näme? Göwnüňe degäýdimmi ýa? – diýip soradym.
-Aý, zyýany ýok. Arynyň zäherini datmadyk, balyň gadyryny näbilsin,
diýenleri ýaly dostlugyň hem ajysyna-süýjüsine çydamaly bolýa – diýip, ol
dilewarlyk satyp ugrady.
Menem onuň sözlerine monça bolan kişi bolup:
-Sag bol, dostum. Hakyky dost şeýle-de bolmaly. Men senden gaty
minetdar- diýdim.
Şeýle äheňde ondan-mundan bir salym gürleşdik. Emma näme
üçindir ol gürrüňi meniň garaşýan tarapyma sowanokdy. Aýjemal barada
kelam agyz soranokdy. Soňundan gürrüňi özüm şol tarapa sowmaly
boldum:
-Ýusup, indi ol işimiz nähili bolarka?
-Haýsy iş?- diýip, ol düşünmediksirän bolup sorady.
-Haýsy işdir öýdýäň. «Graf Monte Kristoly» meseläni aýdýan- diýip
güldüm.
Ýusubyň birneme sesi açylyp ugrady.
-Hä, ony diýsene. Indi näme, ol iş diňe seniň gaýratyňa bagly.
-Onyň dogry. Ýöne meniň ony ilki oňatja tanasym, hüý-häsiýetine
belet bolasym gelýär.
50
-Sen mamla. Bu işde howlukmaly däl. –Gepiniň äheňinden misil
tutsaň, bu işe meniň haýal çemeleşmegim oňa ýokanokdy. – Ýöne
howlukmasaň hem bolanok. Sebäbi başga biri senden öňürtiläýmegi
mümkin – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
-Dogry aýdýaň. Şonuň üçin bu işde hem howlukmaly däl. Şeýle
bolansoň bu tarapyna-da özüň kömekleşip goýbermeseň boljak däl öýdýän
– diýip, men haýyş äheňinde aýtdym. Ol meniň haýyşymy birhili geňlän
ýaly edip:
-Nähili kömek gerek?- diýdi. Men gönümden geldim.
-Eger kyn görmeseň, işden gaýdyşynyň kitaphanadan ony-da alyp, öýe
taşlap geçäýseň... Men işden irräk gelip garaşyp oturaryn.
Ol sesini çykarmady. Trubkadan onuň agras dem alýany duýulýardy.
Meniň soňky sözlerim oňa örän ýokuş degdi. Maňa geregi-de şoldy. Men bu
sözlerim bilen onuň degnasyna dekmekçidim., gabanjaňlygyny
gozgamakçydym. Aslynda, ol Aýjemaly maňa diňe kanuny aýallyga berip,
özi gapdaldan oýnaş bolup galmaga razydy. Entek meniň Aýjemaly
aýallyga aljak almajagym näbelli bolup duran bir wagtda ony maňa peşgeş
hökmünde asla getirip beresi ýokdy. Ol:
-Sen entek öten agşamky serhoşlygyňdan açylmansyň öýdýän?- diýip
hüňürdedi.
-Näme üçin beý diýýäň?- diýip, men geň galan bolup soradym. Ol
gaharyna erk edip bilmän gürrüňimiziň başyndaky şertliligi-de unudyp, açaçan gürrüňe geçdi:
-Men öz işgärime: «Ýör, seni bir dostumyň goýnuna salaýyn» diýip,
nädip aýdaýyn?
-Bä, nätdiň-aýt, Ýusup. Men nämäniň pikirini edýän, sen nämäniň?diýip, onuň gaharyny köşeşdirmäge çalyşdym. – Ahyrynda, men ir-u-giç
onuň bilen gowuja tanyşmaly bolsam, munuň üçin öz öýümden arkaýyn
ýeri nireden tapaýyn?
-Ol öz işiň, dostum. – Onuň äheňinden meniň niýetimiň halys
ýürekdendigine ynanmanlygy bildirip durdy. – Galyberse-de bu zatlar
telefon gürrüňi däl. Işe gitmeli wagt hem boldy. Hoş!
Ol trubkany goýdy. Men oýa çümdüm. «Işiňi ölçerip edeňok. Ahmet»
diýip, men öz-özüme igendim. «Onuň gaharyny getirmek, degnasyna
degmek nämäňe gerek. Beýtseň, wakalaryň mundan beýläkki ösüşine
goltgy bermegiň ýerine, päsgel beräýmegiň mümkin. Ýeri indi nätmeli?»
Men şu sowalyma jogap tapjak bolup, günuzyn kelle döwdüm.
Maksadym anykdy. Emma ony nähili ýol bilen amala aşyryp boljakdygy
hakynda irginsiz pikir edýärdim. Käte pälime haý berip: «Ata-babalar: «Daş
bilen urany, aş bilen ur» diýipdirler ahyryn» diýip içimi gepledýärdim.
Emma dostumyň keşbi göz öňüme gelende gazap atyna atlanyp, ýene öz
51
pikirime özüm garşy çykdym. Başga hili pikir öwürýärdim: «Ýok.
Ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk! Eger-de biz daş bilen urany aş
bilen urýan bolsak, onda ýamanlygyň tohumyny köpeltmäge şert döredip
bereris. Ekin meýdanlarynda hasyla zyýan ýetirýän mör-möjeklere garşy
nähili göreş alyp barylýan bolsa, durmuşda hem ýamanlygyň tohumyny
guratmak üçin şeýle göreş alyp barmaly! Nejislik jogapsyz, haýynlyk
jezasyz galmaly däldir!» Bu pikirim öňküsine garanda rüstemräk gelýärdi.
Onuň täsiri bilen men etjek bolýan işimiň meýilnamasyny düzmäge
başladym. Birini çalarak düzüp, ony öz ýanymdan makullap hem goýdum.
Ýöne ony amala aşyrmak üçin Aýjemalyň kömegi gerekdi. Bu bolsa
meseläniň iň çylşyrymly tarapydy. «Aýjemal meniň pikirimi goldarmyka?»
diýip öz ýanymdan ikirjeňlendim. «Näme üçin goldamasyn. Ýusup bilen
aralaryndaky syry maňa onuň özi açdy ahyryn...Açanda näme? Ol diňe
wyždanynyň diýenini etdi. Emma ömründe menden birje gezek ýagşylyk
gören aýal ömür boýy dostum bolup gelen adamyň maňa niýetlän
hyýanatyna goşulmady. Şeýle, bolansoň, meniň hak işime onuň
goşulaýmagy mümkin.»
Çak bilen hakykat biri-birine hemişe-de gelip durmaýar. Ony iş
ýüzünde synap görmeli bolýar. Men ýüregimi bire baglap, işden irräk
çykyp, Aýjemalyň işleýän kitaphanasyna bardym.
Gapynyň öňünde men kitap alyp çykyp barýan özüm ýaly bir ýigide
duş geldim. Ol pälwan sypatly, görmegeý hem-de özüne gaty göwni ýetýän
ýigitlerdendi. Ol menden salama garaşýan ýaly şeýle ýiti seretdi welin, oňa
salam berenimi duýman galdym. Ol bolsa başyny çalaja atyp, salamymy
aldy-da, geçip gitdi. Onuň beýle ulumsylygynamy ýa-da Aýjemalyň
ýanyndan çykanymy meniň birneme ýüregim çişdi. Meniň ýerime Ýusup
bolan bolsa gabanjaňlykdan ýarylaýjak bolardy diýip pikir etdim.
Hakykatdanam Aýjemal gabanylýan aýallardandy. Ol diňe özüniň gözelligi
bilen däl-de, alçaklygy, köp manyly gylyk-häsiýeti bilen hem özüne ýakyn
bolan erkek adamyň gabanjaňlygyny gozgamaga ukyplydy. ". Ähtimal,
Ýusup Aýjemalyň ýanyna gelip-gidip ol zeýilli ýigitlerden gabanmakdan
irendir.Bir tarapy şonuň üçinmi onuň başyny bogup, özünden özgäniň eli
ýetmeýän etmekçidir" diýip içimi hümletdim. Men içeri girenimde Aýjemal
kitap alýan iki sany gyz bilen gürleşip durdy. Maňa gözi düşenden ol
ýylgyryp salam berdi. Onuň ýylgyryşy şeýle bir enaýy, şeýle bir özüne
çekijidi welin, men ony ilkinji gezek gören adam ýaly tolgunýardym.
Dogrusyny aýdanda bu görk, görmeklik meni heýjana salýardy. Şol bir
wagtda-da Aýjemalyň özüniň şeýle taýsyz gözelliginiň gadyryna ýetmän,
tenini Ýusup ýaly adama bagyşlap ýörmegine haýpym gelýärdi. Gyzlar
çykyp gidenden:
52
-Geliň, öýlenjek ýigit- diýip gözlerini güldürdi. – Näme beýle
gaçdyňyz? Ýa-da gelinlik ýaramadymy?
Ol şu gün öten saparky Aýjemala düýbünden meňzänokdy. Ol indi
meniň ilkinji gezek duşuran aýgytly, degişgen Aýjemalyň özüdi. Men
ýarym çyn, ýarym degişme äheňde jogap berdim :
-Gaçamok, Aýjemal. Ine geldim. Hemme zady oýlanyşyp, ýüregimi
bire baglap geldim. Indi galany saňa bagly.
-Maňa bagly? Ol näme-kä maña bagly zat?– diýip, Aýjemal
gyzyklanyp sorady.
-Bu hakda arkaýyn gürleşmeli boljak- diýip, men oňa synçylyk bilen
garadym - Men daşarda maşynda garaşjak, sen işiňi basymrak gutarjak bol.
Aýjemal kibtini gysyp, geňirgenip ýylgyrdy.
-Meniň iş wagtym gutardy. Häzir çykýan.
Men daşary çykdym. Ol hem kän garaşdyrmady. Men maşynymyň
duran ýerine baryp yzyma seredenimde ol daşky gapyny gulplap, maňa
tarap ugrady. Onuň ýörüşi-de keşbi ýaly biçak owadandy. Esli salym ondan
gözümi aýyryp bilmän durdum. Şonda öz-özüme „Görýän welin, Ahmet,
sen bu aýala göwünsiz däl ýaly-la“ diýdim. Ol meniň golaýyma gelip,
ýüzüme soragly nazar bilen garady-da:
-Gitdikmi?- diýdi. Göwnüme bolmasa, ol diýseň tolgunýardy. Emma
muny bildirmejek bolup çalyşýardy. Çaky, ol meniň näme maksat bilen
gelenim bilen, nämeler diýjek bolýanym bilen gaty gyzyklanýardy. Maşyna
münüp ugradyk. Ol meniň çak edişim ýaly yzky ýere däl-de, öňde meniň
ýanymda oturdy. Şonda ol uludan bir demini alyp:
-Bu gezek hem benziniňiz gutaraýsa näderis? Ýene itip-itip ýörmeli
bolarmyka?- diýdi.
Onuň äheňinden bu sözler ýöne bir degişme däl-de, ikimiziň hem
durmuşymyzda düýpli özgeriş eden wakalary ahmyr bilen ýatlanýandygyny
aňmak kyn däldi.
-Ýok. Bu gezek saňa maşyn itdirmen, Aýjemal. Ýöne bir işde maňa
seniň kömegiň gerek – diýip, men gürrüňi maksadyma tarap burdum:
-Eger ol meniň elimden gelýän iş bolsa, hökman kömek ederin.
-Gelýär. Diňe seniň eliňden gelýär.
-Geň galaýmaly. Diňe meniň elimden gelýän iş nähili işkä? – diýip,
Aýjemal maňa soragly nazaryny dikdi. – Häzir meni nirä alyp barýaňyz. Şol
işe kömekleşdirmek üçinmi?
Ýogsa-da men nirä barmalydygy hakynda entek belli bir pikire
gelmändim. Ony öýüme eltmäge nämedendir ejap edýärdim. Ýöne onuň
bilen arkaýyn gepleşmek üçin bir boşlaň ýer gerekdi. Çak edişime görä,
Ýusup özüniň arkaýyn gelip-gitmegi üçin Aýjemala boşlaňrak ýerden öý
53
tapyp beren bolmaly. Diýmek, beýle ýer Aýjemalyň öz öýi bolup biler. Men
şoňa yşarat edip dillendim:
-Gönimden gelsem, nirä barýanymyzy özümem bilemok. Eger
mümkin bolsa ýa siziňkä ýa-da biziňkä baryp şu barada arkaýynja
naslahatlaşaýsak.
Aýjemal birsalym oýa çümüp, sesini çykarman oturdy. Soňra bolsa
kesgitli gepledi.
-Ýok. Biziňkä-de, sizikä-de barmak bolanok. Aýratynam meniňkä
mümkin däl. Eger öý diňe arkaýyn gürleşmek üçin gerek bolsa, onda ol
hökmanam däl. Islendik bir ýerde saklan, maşynda oturyp gürleşiberýäs.
Biziň bilen kimiň nä işi bar.
Bu sözlerden soň Aýjemalyň maňa öýüni görkezmejekdigini aňdym.
Ýöne mundan beýläkki işler üçin onuň öýüni bilip goýmagym gerekdi.
Emma häzirlikçe munuň alajy ýokdy. Aýjemalyň maşynda oturyp
gürleşmek hakyndaky teklibini kabul etmeli boldum.
-Örän dogry pikir. Häliden bäri meniň başym çykman gelýän
meseläni sen aňsatja çözäýdiň. – Men onuň öýüni görmek niýetimiň puja
çykany üçin lapymyň keç bolanyny duýdurmazlyk üçin wäşisiräp gepledim.
Maşyny saklamak üçin oňaýly ýer biziň golaýlaşyp gelýän
uniwermagymyzyň öňüdi. Ol ýerde maşynlar üçin ýörite duralga hem
bardy. Men maşyny şol tarapa sowdum. Duralgada maşynlar adatdakydan
köpdi. Bu biziň üçin ýene-de oňaýlydy. Şunça maşynyň içinde bize hiç kim
ünsem berjek däldi. Men maşyny saklap, motory söndürenimden soň
Aýjemal:
-Aýdyberiň, Ahmet, iki gulagym bilen diňleýän- diýdi. Onuň sesi
adatdakysyna garanda birneme sandyrap çykdy. Ol meniň diýjek bolýan
zadyma sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ýüregime düwen işimiñ amala
aşjagy, ýa-da, aşmajagy belli boljak wagtyň gelip ýetenine özüm hem az
tolgunamokdym.
-Aýjemal – diýip, onuň göreçlerine seretdim. – Sen maňa bir zady
bassyr-ýussursyz aýt. Onsoň men saňa göwnüme düwen zadymy aýdaýyn.
Sen Ýusuby gowy görýäňmi?
Aýjemal ajymtyk gülümsiredi:
-Siz maňa on sekiz ýaşlylara berilýän soragy berýäňiz, Ahmet. Gowy
görsemem, görmesemem men onuň bilen baglanyşykly. Siz «Gowy
görmeýän bolsaň, näme üçin oňa baglandyň?» diýersiňiz. Munuň
ýönekeýje, durmuş talap edýän sebäbi bar. Mätäçlik çekÿän mahalym ol
maňa kömek etdi: işe aldy, ýaşamaga tünek tapyp berdi, maddy taýdan
kömek etdi. Bu ýagşylyklar ýöne ýere edilmeýär ahyryn. Men olary näme
bilendir gaýtarmalydym.
Onuň bilen meniň ylalaşasym gelmedi:
54
-Bu diýýänleriňe menem düşünýän, Aýjemal. Emma men başga bir
zada düşünemok. Onuň „oýnaşyň dostuňyň öýünde bolsa has hem gowy“
diýeni bilen sen nähili razylaşdyň?
Men «söýgüliň» diýen sözi bilgeşleýin «oýnaşyň» diýip aýtdym.
Emma Aýjemal oňa üns hem berenok. Ol uludan demini alyp:
-Alajym näme – diýdi. – Iň soňunda, menem ömürboýy onuň oýnaşy
bolup galmagy islämok. Öz öýüm, öz ärim bolsa gowy-da.
-Elbetde, gowy. Munuň üstesine oýnaş hem bolsa, oňa ýetesi zat
barmy?! – diýip kakdyrdym.
-Ýok, Ahmet. Siz aýallaryň häsiýetini bileňzok – diýip, ol ýüzüme
seretmezlige çalyşdy. – Olar işi bitýänçä, ähli zada razy bolýarlar. Işi
bitensoň ýagdaýa seredýärler. Eger meniň size meňzeş ärim bolsady, onda
onuň ýalylara barmajygymdanam tutdurmazdym.
Aýjemal sözüniň soňunda ýüregindäkini aýdyp goýbereni üçinmi
nämemi çym- gyzyl boldy. Göwnüme bolmasa, ol meni özüne öýlenmekçi,
ediljek gürrüň hem şol hakda dälmikä, diýen tama bilen gelen ýalydy.
Ediljek gürrüň bilen onuň örän gyzyklanýandygy, sowukganlylygyny
ýitirip, tolgunýandygy hem şonuň üçin bolara çemeli. Men bolsa esasy
gürrüňimi nämeden başlasamkam, diýen pikir bilen lam-jim bolup oturdym.
Bu ýagdaý onuň umydyny puja çykardy.
-Bilýän. Siz meni almakçy däl – diýip, burulyp dillendi. – Erkekler
ýoldaşy degen aýaly it degen tabak ýaly görýärler.
-Muňa her erkek her hili seredýär- diýip, men gürrüňi maksada tarap
burdum. – Emma munuň ýaly ýagdaýda aýallar başga ýerden är gözläp
ýöreninden öz aragatnaşyk edýän erkegine baraýsa akylly iş etdigi bolardy.
-Nämä kakdyrýanyňyza düşünýän - diýip, ol sähel gyjyndy.- Ýöne siz
mümkin däl zady aýdýarsyňyz.
-Men kakdyramok hem-de mümkinçiligi bar zady aýdýan – diýip
kesgitli gepledim.
Aýjemal maňa geňirgenip garady. Men gürrüňi aýlap oturman
maksadymy göni aýtdym. Oña niýetimi jikme-jik düşündirdim. Ol sözümi
gaty gyzyklanyp diňledi. Emma soňundan birhili ýaýdanjyraýan ýaly etdi.
Eger ol bu işe baş goşmajak bolsa, onda "işiñ" puja çykjagy ikuçly däldi.
Şol mahal men özüniñ bar baýlygyny humara goýup, ony utduraýjak
gorkusy bolan humarbaz ýaly duýýardym. Hakykatdan-da bu "iş" nämesi
bilendir humar oýnuna meňzeýärdi. Bardy-geldi men utduraýsam örän uly
zadymy – arymy utdurjakdym. Şonuň üçin nähili ýol bilen bolsa bolsun,
Aýjemaly bu işe boýun etmegim gerekdi.
-Nämeden gorkýarsyň, Aýjemal? Ýa-da bu işden soň Ýusup menden
bütinleý ýüz dönderer öýdýärmiň? – diýip, men onuň ikirjeňlenýäniniň
sebäbini anyklamaga çalyşdym.
55
-Ýok, Ahmet, tersine – diýip ol sus jogap berdi. – Şondan soň ol ähli
zadyndan: aýalyndan, wezipesinden, öýünden aýrylar, maňa öýlenmäge-de
mejbur bolar. Men bolsa özümi onuň boýnuna zorlap dakan ýaly bolaryn.
Men ine şondan gorkýaryn.
Aýjemal barada men ýalňyşan ekenim. Ol meniň çak edişimden has
beýik ekeni. Men ony Ýusup bilen şeýle aragatnaşykda bolansoň nähili ýol
bilen bolsa-da oňa kanuny aýal bolup bilse, armany ýok diýip pikir
edýärdim. Ýok, ol käbir ýeňleslige meýilli bolsa-da, birini mejbur edip är
edinmek ýaly peslikden heder edýärdi. Ýusup bolsa ondan biderek gorkup
ýören ekeni.
-Eh, Aýjemal. Saňa şeýle bir bil baglapdym. Bolmady, baryny puja
çykardyň – diýip ahmyrly hüňürdedim.
Aýjemal birden özgerdi. Garaşylmadyk bir mähribanlyk bilen dillendi:
-Ahmet, men elmydama sizi ýatlanymda, eger şol adam maňa janyňy
sogrup ber, diýse-de bererdim – diýip oýlanýardym. Siz maňa ýagşylyk
etjek diýip maşgalaňyzdan aýryldyňyz ahyry. Bolýar. Eger siz şony isleýän
bolsaňyz, men razy.
Begenjimden tas ony gujaklapdym. Oňa minnetdarlyk baryny
bildirdim. Soňra Ýusuba garşy guraýan dildüwşigimiziň käbir jikme-jikleri
barada şertleşip, bir çukura tüýkürdik. Şeýdip Aýjemalyň öýüne tarap ýola
düşdük. Ol şäheriň çetiräginde ýaşaýan eken. Aýjemalyň aýtmagy boýunça
dört gatly
jaýlardan biriniň öňünde maşyny sakladym. Maşyndan düşmezinden
öň ol öýüniň salgysyny berdi:
-Ine şu ýerde. Birinji podezd, ikinji etaž, çep tarapdaky gapy. Ýatdan
çykarmarsyňyz-a?
-Çykarjak gümanym barmy! – diýip begenjimden ýylgyrdym. – Ýöne
gepleşişimiz ýaly maňa tizräk jaň etjek bol.
Aýjemal „bolýar“ diýen manyda gözlerini süzüp, başyny atdy-da,
maşyndan çykdy.
Men işiň togsan dokuz essesi bitdi hasap edip, öýe gaýtdym. Galan bir
essesi bolsa Gülşada baglydy. Eger ugruny tapyp çemeleşsem, onuň bu
işden çetleşmejegine gözüm ýetýärdi.
Günler geçýär. Men Aýjemalyň jaňyna sabyrsyzlyk bilen
garaşýardym. Emma Ýusubyň göwnünde-de şübhe döretmezlik üçin olaryň
öýüne her gün diýen ýaly barýardym. Ony meniň Aýjemally meseledäki
pikirim, niýetim gaty gyzyklandyrýardy hem ynjalykdan düşürýärdi.
Göwnüme bolmasa, ony Aýjemalyň özünden alan maglumatlary
kanagatlandyrmaýardy ýa-da oňa ynanmaýardy. Şonuň üçin bolsa gerek,
menden içgin-içgin soraýardy, anygyny biljek bolup çalyşýardy. Men oňa
„Erbet aýal däl ýaly, ýöne gylyk-häsiýetine birneme ýetik bolaýsam gowy
56
boljak“ diýen terzde jogap berýärdim. Gülşat bolsa meniň öýlenjegim
baradaky habary eşideninden bäri meniň bilen öňküsine garanda has
mylakatly gepleşmäge dyrjaşýardy. Ýöne munuň ýasama mylakatlylykdygy
görnüp durdy. Onuň entegem maňa göwni ýok däldi. Bu bolsa ediljek işiň
oňa bagly tarapyny, wagty ýetende, amala aşyrmagyň mümkindigine mende
ynam döredýärdi. Şonuň üçinem ony bu işe öňünden taýýarlamagyň geregi
ýokdy. Hat-da oňa bu gepi öňünden aýtmak howplyrakdy. „Tamdyry
gyzanda ýap“ diýipdirler ahyryn.
Aradan bir hepde geçip-geçmänka şol garaşylýan pursat hem gelip
ýetdi. Men işden ýaňy gelip,
eşiklerimi çalşyryp durkam, telefon
jyňňyrdady. Trubkany göterenimden Aýjemalyň tanyş sesi eşidildi:
-Alo, boýdaş jan, bi senmi? – Onuň bu terzde gep urşunda ýanynda
kimdir biriniň bardygyny aňdym. Menem sesim trubkadan daşa çykmaz
ýaly ýuwaşja jogap berdim.
-Hawa, men, Aýjemal. Aýdyber.
Aýjemal iki gadyrdan boýdaşyň arasynda bolýan gürrüňiň bir bölegini
ussatlyk bilen ýerine etirdi. Esasy aýdylmaly gepi soňundan diýdi:
-Seni doglan günüme çagyryp bilmän eden günämi şu gün ýuwjak.
Ýoldaşyň bilen gelgin. Hawa-la, olam hökman bolar. Bu adamyň beýle
oturlyşyklara wagty ýokmuşyn. Ýöne şu gün zordan boýun etdim.- Diýmek
onuň ýanyndaky adam Ýusup bolmaly. – Ýok, ýok. Başga hiç bir del adam
bolmaz. Siz ikiňiz, biz ikimiz. Wessalam. Hawa, şeýdip ikisini
tanyşdyrarys. Eşidýärmiň, aşhanadan gelýän jyzyrdyny. Palawy onuň özi
bişirýär. Hawa... Iňrik garalansoň sagat dokuzlara golaý geliberiň. Bolýar,
onda garaşýas.
Ol trubkany goýdy. Ýerimden böküp turanymy duýman galdym.
Özümi her näçe sowukganlylyk bilen saklajak bolsam-da, tolgunmam içime
sygman ýüregimi bökdürýärdi. Sagada seretsem ýedä golaýlapdyr. Meniň
ygtyýarymda iki sagatdan gowrak wagt bardy. Indiki wezipe şu wagtyň
içinde Gülşady ele almalydy. Öň aýdyşym ýaly, muňa ynamym ýok däldi.
Çünki meseläniň Gülşada bagly tarapyny çözmek üçin iki ýol oýlanyp
goýupdym. Olaryň birinden netije çykmasa, ikinjisinden çykmalydy.Howulhara geýinmäge başladym. «Şu gün ol öýe giç gaýtjaklygyny, ýa-da
gaýtmajakdygy hakynda bir bahana tapyp Gülşada jaň edendir» diýip, içimi
gepledýärdim. Birdenem kelläme: «Gülşat häzir öýde bolmasa nätjek?»
diýen pikir geldi. Äriniň şu gün gelmejegini eşidensoň onuňam bir ýana
gidibermegi mümkin. Eger şeýle bolsa, onda ähli işimiz pyrryk“.
Şu pikir bilen özümi bilmän telefona ýapyşdym. Trubkany Gülşadyň:
«Alo, diňleýän» diýen sesini eşidenimden soň, ýüregim birneme düşüşdi.
Tolgunmamy duýdurmazlyga çalşyp gürleşdim.
-Gülşat, öýde ekeniň-dä – diýdim.
57
-Men pahyryň barmana ýerim, batmana kölüm barmy näme – diýip
Gülşat zeýrendi. – Ýogsa-da sen gitmediňmi?
-Nirä?
-Dostuň telefon edip, obada bir dostumyzyňkyd6a oturlyşyk bar. Şoňa
gidýäs, diýip-dä?
-Meniň-ä habarym ýok – diýdim.
Gülşat biraz dymyp durdy-da :
-Geň galaýmaly – diýdi. Men:
-Geň galaýmaly zatlar entek öňüňde – diýenimi duýman galdym.
-Näme,näme?
-Men häzir barjak. Nämäniň, nämedigini şonda aýdaryn.
Gülşat geplemedi. Çaky, ol meniň beýle oslagsyz ýere barjak
bolýanymyň sebäbini başga zatlara ýoran bolara çemeli, näme jogap
berjegini bilmän dymýardy. Men «Dymmaklyk razylyk alamaty» diýen
pikir bilen trubkany goýdum. Indi tizräk Gülşadyň ýanyna ýetmelidim.
Gülşatlaryň öýi howlukman gidilende-de on bäş minutlyk ýoldy.
Entek wagtym ýeterlikdi. Şeýle-de bolsa, gatyrak sürüp barýan bolara
çemelim, çatrykda duran Ýol gözegçisi jürlewügini çalyp, eliniň yşaraty
bilen duýduryş berip galdy.
Maşynyň tizligini birneme peseltdim. Gözüm ýolda, elim rulda bolsada, hyýalym Gülşat bilen, soňra Ýusup bilen boljak duşuşyklary
janlandyrýardy, ediljek gürrüňleri gulagymda ýaňlandyrýardy: ,
" lne
men hä diýmän Gülşadyň ýanynda peýda boldum. Ol meni sowukganlylyk
bilen garşy almaga çalyşýar. Bolsa-da, içinden tolgunýany mesaña
bildiýär. Men gürrüň açýançam sabry ýetmän :
-Ahmet, eýgilikmidir?- diýýär.
-Eýgilikdir. Howatyrlanar ýaly zat ýok.
-Onda näme beýle howlukmaç geldiň?
-Howlukmaç däl, bir käse çaý içmäge geldim.
-Çaý içmäge?
-Bir käse çaý berseň besdir. Indi, barybir, kömelek kebap bişirip
bermersiň. – Men şeýle diýenimde, onuň gözlerinden gazap uçgunlary
syçrap:
-Bu gepi sen ikinji gezek gaýtalaýaň. Aýal maşgalanyň bir säwliginiň
üstünden gaýta-gaýta gülmäge utanaňokmy?
-Utanýan, Gülşat. Özümiň sölpiligime, söliteligime utanýan.
Gülşadyň gözlerindäki gahar-gazabyň ornuny geň galyjylyk alamaty
eýeleýär . Ol bir möhüm gepiň bardygyny añyp :
-Ýeri, aýdyber, Ahmet. Nämeler diýmekçi? – diýýär. Men ýürekden
syzdyryp:
58
-Sözüme ynan, Gülşat, men kömelek kebaby biderek ýere ýatlamok.
Şol günki eden akmaklygym üçin indi gaty ökünýän, puşmanym içime
syganok - diýýän.
Gülşadyň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda bolýar :
-Akmaklyk däl, akyllylyk etdiň-ä, şonda.
-Şol wagt özümem şeýle pikir edipdim. Indi oýlanyp görsem,
şondaky meniň bolşum tüýs akmaklyk ekeni, Gülşat.
-Şeýle eken-dä. Ýeri, indi näme etmekçi? – diýip, ol ýene şol kinaýa
bilen ýylgyrýar.. Ol meni ahyrsoňy dyza çökerendirin öýdüp, içinden
begenýär. Men onuň göreçlerine göni garap:
-Indi şol ýalňyşymy düzetmekçi .
Ol ýaňsa alyp ha-ha-haýlap gülýär.
-Bi, gep urşuň özüne gelinlik tapan, öýlenmekçi adamyň gepine
meňzänok-la, Ahmet?!
-Gelinlik nire, zat nire. Bularyň bary seň äriňiñ hilesi ahyryn – diýip
men jany ýanýan kişi bolup ýerimden turýaryn. Gülşat birden özgerýär,
onuň ýüzi agaryp gidýär. Ýerinden turup, meniň garşyma gelýär.
-Ärimiň elinden hilebazlygam, başga işem gelýänini azda-kände
duýýaryn. Ýöne ol saňa nähili hile edip biler, Ahmet? Ol seniň jana-jan
dostuň , ahyryn?
-Dostluk mukaddes zat, Gülşat jan. Emma şeýle bir adamlaram bar,
olar üçin dünýäde hiç hili mukaddes zat ýok. Äriň ana şolaryň hilinden
ekeni.
-Bu nähili beýle bolýar? Düşnükliräk edip aýtsana, Ahmet. Näme gep
özi?
Men onuň çigininden tutup, ýüzüne towakga bilen seredýän:
-Gülşat, dogryňy aýt. Meni gowy görýäniň çynyňmy?
Ol säginmän jogap berýär:
-Görýärdim. Indi göremok.
Onuň gözleri sözleriniň tersine oýnaklaýar. «Indi göremok» diýen
sözleri bolsa
onuň ýüregi däl-de, ozal söýgüsi inkär edilen aýalyň buýsanjy
bolmaly. Şonda men
ony gujaklap, bagryma basanymda-da hiç bir garşylyk görkezmejegini
bilýärin. Emma men ony etmen. Meniň maksadym beýle zat däl, başga:
„Häzir Ýusup özüniň keýphanasynda meslekdeş myhmanlaryna, ýagny, özi
ýaly bir orramsy bilen onuň oýnaşyna garaşýar. Olaryň ýerine men bilen
onuň öz aýaly goltuklaşyp girip baranda haly niçik bolarka?! Ine şuňa bir
tomaşa etmeli! Munuň üçin nähili bolsa-da, Gülşady şol ýere bile barmaga
boýun etmeli.
59
-Bolýar. Men muňa-da razy, Gülşat – diýip, men onuň «söýemok»
diýenine ynanýan kişi bolýan – ýöne sen meniň bilen bir ýere barmaly, ana,
şondan soň meni ýene söýjegiňe şübhe ýok.
-Nirä barmaly? – diýip,Gülşadyñ geň galmakdan ýaňa gözleri
tegelenýär. Men gara çynym bilen:
-Meniň gelinligimiňkä – diýýärin.
-Seniň gelinligiňkä? – onuň dodaklary kinaýa bilen kemşerýär. –
Näme üçin, ýa-da, sawçylygamy?
-Ýok, ondanam möhümräk iş üçin...
Gülşat «Näme üçin barýanymyzy ilik-döwme etmeseň gitjek däl»,
diýip, aýak diräp oturyberse nähili bolar? Onda syry soňuna çenli saklamak
kyn düşermikä? Bolsa-da ony saklamaly. Sebäbi ol syryň nämeden
ybaratdygyny bilesi gelse, elbetde, meniň bilen barmana razy bolar.
«Aýallaryň ygtyýary bilesigelijiligindedir» diýipdirler. Gülşat hem gaty
bilesigeliji aýal. Men onuň bu häsiýetinden peýdalanýaryn. Ol hökman razy
bolar. Ine, şeýdip, hem Gülşat bilen ýola düşeris. Ýolumyzam gaty bir daş
däl. Biz aýny belleşilen wagtda- sagat dokuzda şol dört gatly jaýyň öňüne
gelip ýeteris. Bu iňrik garalyp, ýaňy yşyklar ýanan wagty bolar. Onsoň
nätmeli? Onsoň maşyny şol podezdiň öňünde galdyryp, Gülşat bilen içe
ýönelýäris. Basgançaklardan ikinji gata çykyp barýarkak, men Gülşada
ruhy medet bermek üçin elinden ýuwaşja tutýaryn. Onuň eli ýüreginiň
howsalasyny bildirip çalaja sandyraýar.
-Eliň titreýär-le, Gülşat. Gorkýarmyň näme?
-Ýok, ýüregim nämäň, nämedigini duýup başlady.
Ikinji gata çykyp, çep tarapdaky gapynyň jaňyny basýaryn. Ýanymda
lal-jim bolup duran Gülşadyň ýüzüne seredýän: Onuň dodaklary
adatdakysyndan hem gaýym gysylan, gözleri nämedendir howatyrlanan
maralyň gözleri kimin bikýar. Gapy açylýar.
-Geliň, myhmanlar, giriň – diýip, Aýjemal bizi dälizde garşylaýar.
Onsoň... Onsoň ol özüni nähili alyp barar? Ol bu pursata özüni bir eýýäm
taýýarlan bolmaly. Şonuň üçin onda hiç bir üýtgeşiklik, aljyraňňylyk
duýmarsyň. Ýöne ol boljak şermendelige güwä geçmekden gaçan ýaly bize
Ýusubyň oturan otagyny ümläp görkezip, özi aşhana sümülýär. Şeýtse-de
zyýany ýok. Galanyny özüm oňararyn. Iň möhümi sowukganlylyk. Ýogsa
oňa aýtjak sözlerimi edil nyşana atylan ok ýaly edip diýip bilmerin...
Ine men sowukganlylyk bilen Gülşady goltuklap, içeri girýärin.
Myhmany garşylamak üçin dürli nygmatdan doly stoluň aňyrsyndan turup
gapa ýönelen Ýusup bize gözi düşenden aňk-taňk bolýar. Ol birsellem edil
doňdurylan heýkel ýaly gatap galýar, ýüzi agyp-dönüp gidýär. Soňra
hereketsiz, sessiz sahna janlanyp, diýaloglar başlanýar.
60
-Garaşýan myhmanyňyz, ine biz bolmaly. Nähili hezzet-hormatyňyz
bolsa ediberiň.
-Nejis. Bu näme etdigiň boldy?
-Bu meniň Graf Monte Kristo boldugym, dostum. Eger meniň ýerime
Grafyň özi bolan bolsa-da, seniň nykabyňy edil şeýdip ýyrtardy.
Oslanmadyk ýerden çykan bu hadysanyň düýp maňzyna entek doly
göz ýetirip ýetişmedik Ýusup meniň bu sözlerimden soňra nämäniň
nämedigini aňan ýaly bolýar. Onuň gözlerindäki gahar-gazabyň ýerini
günäkäriň garaýşyndaky müýnlülik eýeleýär. Özüne ýigrenç bilen seredip
duran Gülşadyň gözlerine gözi kaklyşanda bolsa gowşap, ýüzüni kese
sowýar.
-Sen meniň günümi buladyň- diýip, ol güňlenç ses bilen dillenýär.
Men oňa şeýle jogap berýärin:
- Sen öz gazan çukuryňa özüň düşdüň. Men bolsam seniň oýnaşyňa
öýlenenimden aýalyňy alanymy makul gördüm.
Bu sözlerim onuň üçin ýene bir garaşylmadyk urgy. Ol gaňrylyp
Gülşada garaýar.Gülşat bolsa ondan ýüzüni sowýar. Men ýoldaşymy nähili
goltuklap giren bolsam, şeýdibem çykýaryn. Ine şunuň bilenem oýun
gutarar...
Bir görsem, aşagymdaky maşyn ýoluň çetinde dur. Menem rula
söýenip,
gymyldaman otyryn. Çaky, beýnimdäki merkezleriň biri kelläňde
beýle oýlar bilen maşyn sürmek mümkin däldigini aňan bolara çemelihyýalymdaky wakalaryň jümmüşine girip ugranymda maşyny bir gyra
çykaryp saklapdypdyr. Özümem, göýä diýersiň , bu zatlar hyýalda däl-de,
hakykatda bolup geçen ýaly tolgunýaryn.
Şeýdip, ähli edilmeli işiň, aýdylmaly sözleriň zynjyry düzülipdi. Indi
diňe hyýaldan herekete geçäýmek galypdy. Emma men ýerimden
gozganamokdym. Meni ygtyýarymdan daşky bir güýç saklap durdy. Men
içimden öz-özüme igenip balşadym: «Ýeri, Ahmet, näme işläp otyrsyň?
Pylança günläp oýlanyp, «plan» düzüp, indi näme gaýratyň çatanokmy?
Hany, seniň "ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk" diýen ýörelgä
uýanyň? Ýa-da, sen daş bilen urany aş bilen urmakçymy? Heý, seni bir
diýsänim».
Şu pikirler gop berip, maşyny otladym-da, Gülşatlara tarap sürdüm.
Men «arym köýenden imanym köýsün» diýip, içimi gepledip barýardym.
Emma olaryň öýüne golaýlanymda ýene şol ygtyýarymdan daşky güýç
meni saklady. Göýä ol maňa: «Dur, Ahmet. Sen näme etmekçi bolýarsyň?
Sen ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk, diýen bolup, peslige peslik
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 06
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.