Latin

Powestler - 21

Total number of words is 3790
Total number of unique words is 2058
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
A-how ýigit, sen-ä saz diňlemäge gelen bolmaga çemeliň!
Hawa , tagsyr – diýip, ol ýigit edep bilen iki elini gowşurdy.
Sen özüň kim borsuň? – diýip, Şagalandar ýene sorag berdi.
Men bir özüňiz ýaly sazyň, sungatyň muşdagy. Adyma Iskender
diýýärler. Eşidekn bolsaňyz, meşhur binagär ussa Semenderiň şägirdi.
Semender ussanyň adyny eşidenden kör galandar ýerinden bir
gozganyp oturdy.
Semender ussanyň adyny Horezmiň ýurdunda eşitmedik ýokdur,
oglum. Ussanyň taplary neneň? Gurgunmy?
Ussa gurgun, jany sag, ýaşuly.
Oňa menden salam aýt. Mahmyt nakgaş salam aýtdy diýgin . Ol meni
gowy tanaýar. Seniňem adyň – owazaň gaty tanyş, ýöne mende indi ýat
galmandyr, oglum – diýip, kör galandar hamsygyp gepledi.
Isgender kör galandaryň Mahmyt nagaşdygyny bilýärdi. Ony öňden
gowy tanaýardy. Mahmyt nakgaş öz döwrüňde ýurdy baglan nakgaş ussady.
Onuň bezän köşklerine girip gören hytaýdyr pereň ilçileri hem beýle inçe
sungaty entek hiç ýerde görmändiklerini aýdyp, ussanyň hünärine biçak uly
baha berýärdiler. Günleriň birinde Horemşa atasyndan galan köne köşgi
timarlamagy Mahmyt nakgaşa tabşyrýar. Nakgaş bolsa ylhamy joş urup
duran mahaly köşküň uly eývanynyň depesiniň dört burçuna enaýy gülleriň
ortasyna göwsi ýarym açyk suw perisiniň suratyny çekip göýberýär. Altyn
suwy çaýylyp çekilen bu surat köşke girenleriň ünsüni şol bada özüne
çekýärdi.
Köşküň timar işleri gutarandan soň, ol ýere döwlet
emeldarlarynyñ hatarynda gelen Horezmşanyň piri Şaýhulyslam ol surata
gözi düşenden gazap atyna atlanyp, bu küpr suraty çeken ussany
jezalamagy talap edýär. Şeýlelikde onuň buýrugy bilen Mahmyt nakgaşyň
iki gözi oýulýar.
-Biziñ zamanymyzda ine şeýle işler hem bolýar, oglum - diýip, Semender
ussa şägirdi Isgendere ol wakany gürrüň beripdi. – Ine indi on ýyl bäri
biçäre galandarlyk edip gün geçirýär. Meniň eşitmişime görä, soňky wagtda
onuň ýanynda bir sazandar oglan peýda bolupdyr. Ol saz çalanda
Horezminde öňüne öñüne çykjak ýokmuşyn. Emma meniň bilşimçe,
Mahmyt nakgaşyň ogly ýokdy. Onuň ýekeje bir gyzy bardy. Nakgaşyň ol
oglany nireden tapanyna men-ä haýran.
244
Isgender sazyň, sungatyň ölemen aşygydy. Halypasynyň bu gürrüňi
onuň ýüreginde şol sazandaryň sazyny diňlemäge gyzgyn höwes döretdi.
Ine şol höwes hem ony galandarlaryň meýlisine getiripdi.
Howa, Isgender özdiýenli, göwnüne düwen niýetini gaýra goýman
ýerine ýetirmäge çalyşýan ýigitdi. Ol binagärçilik kärine bolan höwesi
zerarly Semender ussany tapdy, oňa şägirt bolup, meşhur ussanyň söýgüsini
gazandy.
Isgenderiň Semender ussa sataşmagy gaty täsin bir ýagdaýda bolup geçipdi.
Isgenderiň kakasyna Begmyrat gawunçy diýýärdiler. Edil Isgenderiň özi
ýaly pälwan sypatly bu adam ýaşlygynda Horezmşanyň nökeridi. Ol şanyň
Samarkant we Buhara ýurtlaryna eden ýörüşlerine gatnaşypdy. Buhara üçin
bolan ganly jeňleriň birinde agyr ýaraly bolup, obasyna gaýdypdy. Onuň
obasy Gürgenjiň golaýynda ýerleşýärdi. Şondan bäri köp ýyllaryň
dowamynda daýhançylyk bilen meşgullanýardy. Ol dünýä belli Horezmiň
gawunlarynyň iň naýbaşy görnüşlerini ekip ýetişdirýärdi. Şonuň üçinem
Gürgenjiň bazarynda Begmyrat gawunçynyň gawunynyň hyrydary gaty
kändi. Isgender hem kakasyny bilen Gürgenjiň bazaryna atarabaly gawun
satmaga barardy. Şonda ol bu beýik şäheriň köçelerinden geçip barýarka,
bişen kerpiçden gurulan biçak gözel metjitdir medreselere, diwanhanadyr
köşklere haýran galmak bilen seredýärdi. Şeýle ajaýyp ymaratlary gurýan
adamlara gözi gidýärdi. Emma kakasy oglunyň daýhançylykdan ýüz
döndürip başga käre el urmagyny halamaýardy. Megerem şonuň üçin bolsa
gerek, gawun ýüklenen öz arabalarynda Gürgenjiň köçeleriniň birinden
geçip barýarkalar, ol ogluna şeýle diýipdi:
Dünýäniň işleri gaty geň, oglum. Biriniň guran şeýle gözel binalaryny
başga biri gelip ýykyp – ýumurýar. Gurýanam adam, ýykyp-ýumurýanam
adam. Bizem Samarkandy, Buharany alanymyzda şeýle ymaratlaryň
näçesini kül – peýekun etdik. Bir gün bolmasa, bir gün Horezmşadan hem
zorrak biri goşun çekip gelip, Gürgenji-de ýere ýegsan etse gerek.
kakasynyň bu gepi Isgenderi uzak wagt oýlandyrypdy, emma onuň
binagärlik kärine bolan höwesini syndyryp bilmändi.
Isgender atasyndan şol gepi eşiden güni ýeke özi bazarda gawun
satyp otyrdy. Gawunçylar Gürgenç bazarynyň uzyn bir restesini eýeläp,
söwda edýärdiler. Uly bazaryň şowhuny, şagalaňy on alty ýaşa ýaňy gadam
uran Isgenderiň göwnüni göterse-de, gawun satmak ýaly durmuşyň ýönekeý
zerurlugyna höwesi ýokdy. Onuň gözi bazaryň restelerinde toparlanyşyp
ýören dürli eşikli, dürli dilde gürleşýän dürli adamlardady. Olaryň keşbinde
Isgender dünýäniň dürli ýurtlarynyň aýratynlyklaryny görýärdi.
Isgender bir mahal seretse, ýönekeý geýimli emma örän salyhatly,
orta ýaşlaryndaky iki sany adam onuň üýşüp duran gawunlaryna hyrydar
245
gözi bilen seredip durdular. Olaryň biri bir torly gulabyny saýlap eline aldyda, ýoldaşyna görkezip:
Munuň toryna bir serediň, Mahmyt aga, siziň bilen biz entek
nakgaşlygy tebigatyň özünden öwrenmeli – diýip ýylgyrdy. – Hazirki
gurulýan kerwensaraýyň peştagyna edil şu gawunyň toruna meňzeş
nagyşlar çekseňiz gelişmän durmaz.
Onuň ýoldaşy gawuny eline alyp, onuň toruna dykgat bilen
seredip durşuna şeýle diýdi :
- Inim Semender, siziň danalykda kemiňiz ýok. Men şol peştagy nähili
usulda bezesemkäm diýip, pikirlenip ýördüm. Ine, siz maňa bu möhüm işiň
ýoluny salgy berdiňiz. Bu ajaýyp maslahatyňyz üçin size minnetdarlyk
bildirýärin.
Bu iki adamyň gürrüňini üns berip diňläp duran Isgender üýşüp ýatan
gawunlarynyň aňyrsyndan bärisine nädip geçenini, nädip Semender ussanyň
elini alyp görşenini özi-de duýman galdy.
Men siziň adyňyzy öňdenem eşidýärdim, siziň guran ymaratlaryňyzy
görüp höwes edýän. Meni özüňize şägirt edip alyň, ussa. Eger gije-gündüz
iş buýrsaňyzam men ýadaman, ýaltanman ederin – diýip, Isgender
Semender ussa özelenip ýalbardy.
Semender ussa pälwan sypatly bu oba ýigidine mähir bilen
seredeýärdi. Ol Isgenderiň asly – neslini sorap bolansoň:
Bolýar, oglum. Men seni şägirt edip alaýyn, ýöne, muňa seniň ene-atañyñ
razylygy gerek. Eger sen şu işe çyn ýürekden bil baglan bolsaň, meniň
ýanyma kakañ bilen bile geläý – diýip, oňa öýüni salgy berdi.
Indi kör derwuş adyny alyp ýören Mahmyt nakgaşy Isgender bu
ýerde görüp, tananyndan soň şu wakalary göz öňüne getirdi.
Isgender Semender ussa şägirt bolup işe başlan günleri Ürgenjiň
gündogar çetindäki ýedinji Kerwensaraýyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp
barylýardy. Bu ýere ilkinji gezek işe gelen güni Isgenderiň ýadyndan hiç
haçan çykmaýardy. Bir giden meýdany tutyp ýatan gurluşykda müňe golaý
adam işleýärdi. Güýz paslynyň başlanyna garamazdan howa yssydy.
Gurluşykçylaryň bir entegi ak el ýaglyklarynyň dört burçuny düwüp, tahýa
edip kellelerine geýip, günüň ötgür şöhlesinden birneme goranýardylar.
Semender ussa bilen Mahmyt nakgaş bolsa kellelerine gyzyl mahmaldan
ýörite tikilen iş topbylaryny geýip işleýärdiler. Agyr goşunyň serkerdeleri
kellesindäki dubulgasyndan tanalyşy ýaly baş ussa bilen baş nakgaşy-da
kellesindäki gyzyl topbysy köpçüligiň içinden tiz saýgaryp almaga
mümkünçilik berýärdi. Gurluşykda adamlar gaýda – gaýmalaşykdy. Bu
ýerde gurluşykçylardan başga-da, işiň gidişine tomaşa etmäge gelen
adamlar hem kändi.
Kerwensaraýyň uly derwezesiniň, peştak diýip atlandyrylýan
246
üstki böleginiň gurluşygy tamamlanypdy. Gurluşyk işleri derwezeden yzky
bölümlerde gidýärdi. Derwezäniň iki tarapyndaky sütünlerini hem-de
peştagyny Mahmyt nakgaş öz şägirtleri bilen syrçaly bezegiň öň ýanyndan
tekizläp timarlaýardy. Agaç gurulmanyň üstünde durup, peştagyň ýokary
bölegini timarlaýan garýagyz ýigit aýdyma gygyrýardy :
Gürgenjiň galasy laý bilen daşdan,
Meniň ýarym geler uzakdan, daşdan,
Gözlerim ýoluňda intizardyr,ýar,
Maňa ýene niçe sütemleriň bar, sütemleriñ bar...
Bu aýdym şol wagtyň özünde Isgenderiň juwan kalbyna öçmez hat bolup
ýazylypdy. Semender ussa Isgenderi yzyna tirkäp, derweze golaýrak
ýerdäki kerpiç örýänleriň ýanyna eltdi, olaryň işbaşçysy bilen tanyşdyrdyda:
Ine, oglum, sen şu ýigitler bilen bir ýyla golaý işlemeli bolarsyň.
Sen bularyň arasynda kerpiji biri – birine ýapyşdyrýan heçjeniň
taýýarlanyşyny, kerpiçleriň çarhlanyp timarlanylyşyny hemem olaryň örüliş
ussullaryny mazaly öwrenensiň. Onsoň men saňa binagärlik käriniň başga
usullaryny öwrederin – diýip, ony ilkinji günden işe ugrukdyryp göýberdi.
Şeýdip aýlar, günler geçdi. Isgender hem binagärlik işiniň tilsimlerini
ele alyp ugrady. Onuň zehinine, gujur – gaýratyna diňe kärdeş
ýoldaşlarynyň däl, baş ussa Semenderiň hem göwni ýetýärdi.
Kerwensaraýyň gurluşygy tamamlanylmagynyň öň ýanynda Semender ussa
Isgenderi özüne kömekçi edip geçirdi. Şol gün günortanlyk çaýa
oturanlarynda Semender ussa bilen Mahmyt nakgaşyň arasynda bolan
gürrüň Isgenderiň ýadynda mydamalyk saklanyp galdy. Semender ussa
agzy gapakly mis tüňçä demlenen çaýy mis käsä guýup gaýtaryp otyrka,
Mahmyt nakgaşa ýüzlendi:
Mahmyt aga, biziň bu edýän işimize geljekgi nesiller nähili göz bilen
serederkäler?
Siz näme, geljekgi nesiller biziň senedimiziň gadryny bilmezler
öýdýäňizmi? – diýip, Mahmyt nakgaş baş ussanyň sowalyna sowal bilen
jogap berdi.
– Wagtyň geçmegi bilen biziň gurluşyk, nakgaşlyk usullarymyz ýitip gider,
bizden galan ymaratlar bolsa olara nusga bolup bilmez diýjek bolýan.
Elbetde, olar başga hili, başga görnüşdäki şäherler gurarlar. Biziň häzir
beýik şäher diýip atlandyrýan bu gezel Gürgenjimiz tozap ýatan bir oba
öwrüler diýip, howatyr edýän.
Ýok, Semender ussa – diýip, Mahmyt nakgaş kellesini ýaýkady. –
Adamzat özüniň taryhy geçmişindäki gowy işlere hemişe-de uly hormat
bilen garap gelýär. Bizden soňky nesilerem şeýle eder. Meniň muňa
şübhäm ýok. Gürgenç bolsa bizden soňky Horezmin ýurdunyň görki –
247
görmegi we buýsanjy bolup galar.
Semender ussa jedeli dowam etdirip oturmady-da:
Ylahym, siziň aýdanyňyz bolsun – diýip oňdy. Şol wagt Isgendere
halypasynyň aýdan gepi ýaramady. Mahmyt nakgaşyň sözleri bolsa onuň
göwnünden turup, ruhuny göteripdi.
Ine, şeýle geljege, özüne ynamy güýçli bolan ajaýyp senetkär ussanyň
indi beýle gözgyny ýagdaýa düşüp, derwüşleriň öýünde oturanyna
Isgenderiň ýüregi gyýyldy.
Galandarlar kör derwüşyň oglunyň gelerine garaşyp, sadylla bolup
oturan bolmaga çemeli. Olaryň biri divardan asylgy duran dutary alyp,
gabyndan çykaryp, soň diwara söýäp goýdy. Oglan birki käse çaý içeninden
soň, bileklerini çermäp dutary eline aldy. Myhmanhananyň içindäki şowhun
köşeşdi. Oglan dutaryň gulaklaryny towlaşdyryp, tarlaryny düzüşdirip
oturşyna märekä göz gezdirýärdi. Onuň şar gara jöwherli gözleri adamlara
birhili howatyrly garaýardy, emma onuň süýt ýaly ak we dury ýüzünde
mylaýym bir asudalyk höküm sürýärdi. Oglan dutary düzüp, bir-iki des
kakandan derwüşleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Şondan soň dutaryň
perdeleri dillenip, ýürekleri gyýyp barýan şeýle bir zaryn owaz ýaňlanyp
ugrady welin, asyrlaryň ahy – nalasyny, aşyklaryň mähri wepasyny,
zamananyň jebri – jepasyny taryplap, adamlaryň başynyň üstünde edil janly
zat ýaly öwrüm edip aýlanýan bu ajaýyp heňiň garşysynda durmaga daşdan
ýürek
gerekdi.
Horezmşa-da
özüniň
gudratly
bir
döwletiň
hökümdarydygyny bütünleý unudypdy, bu ajaýyp mukamyň ýesirine
dönüpdi. Emma köpi gören şa sazandaryň perdeler üstünde ýeňil oýnaýan
nepis barmaklaryna syn edip oturşyna gizlin bir syry aňan ýaly, wezirine
gözüniň gytagy bilen manyly seretdi. Emma heňiň jadyly labzyna iki ýana
çaýkanyp aňkasyny aşyryp otyran wezir hiç zatdan habarsyzdy. Şa onuň
böwrüne dürtüp, gulagyna çawuş çakdy:
Sazandaryň ellerine gowja äňet!
Şanyň sözlerine özüçe düşünen wezir:
Äňedip otyryn, edil näzenin gyzlaryňky ýaly, hytaýy barmaklary
haýran galdyrýar – diýip jogap berdi.
Bi ýerde haýran galasy zat ýok. Onuň özi gyz bolaýsa nätjek – diýip,
şa weziriniň pähimsizligine gaharlandy.
Wezir gözlerini petredip oňa seretdi.
Bä, Alyhezret, şeýlemika?
Şa geplemedi. Sazandar hem çalyp otyran heňini aýaklap, dutary
diwara söýedi-de, öňündäki çaýly käsäni eline aldy. Onuň gaşlarynyň üsti
monjuk – monjuk bolup derläpdi, gözleri öz çalan heňiň täsiri bilen
lowurdaýardy. Ol şu görnüşinde öňküsündenem has görmegeýdi.
Hormatly şagalandar – diýip, Horezmşa meýlisiň ketdesine ýüz
248
tutdy. - Siziň rugsadyňyz bilen sazandar ýigit birki aýdym hem aýdyp
beräýse, gamgyn göwnümiz ýene-de göterilerdi.
Şagalandaryň ýerine kör derwuş jogap berdi.
Gadyrly myhmanymyz, siziň islegiňizi ýerine ýetirmek borjumyz.
Emma gynansak-da, munuň mümkünçiligi ýok. Sebäbi meniň oglum aýdym
aýdanok, ol saz çalýar.
Bu sözlerden soň şa özüniň gumanynyň ýerliksiz däldigine ynandy.
,, Diýmek, kör derwüş ýeke perzendiniň gyzdygyny owazyndan bilmesinler
diýip, oňa aýdym aýtmagy gadagan eden bolmaga çemeli. Näme, körüň
ätiýajy elden bermezliginiňem sebäbi düşnükli: Birinjiden, bu
ykmandalaryň içinde gyz maşgalanyň gün görmegi örän kyn bolsa,
ikinjiden bir arkasyz derwüşyň şeýle gözel gyzy özünüň owadanlygy
zerarly başyna geljek belalardan goranyp bilmezdi. Zamananyň nakyly
şeýle ,, owadanlyk başa beladyr. Muny şa hem gedaý hem ykrar etmeli
bolýar”. Horezmşa hyýalyny bes edip, galandarlaryň ketdesinden gaýtmaga
rugsat sorady.
Biziň külbämizde ähli mysapyrlar üçin ýer tapylar, isleseňiz galyberiň
– diýip, şagalandar rehim, şepagatly dillendi.
Köp sag bol, merhemetli ynsan! Biziň kerwensaraýda ýerimiz bar.
Rugsat etseňiz besdir- diýip, şa weziri bilen ýerinden turdy. Galandarlar
olary ,, Alla ýaryňyz bolsun, dört çaryýar medetkäriňiz bolsun!” diýip,
alkyşlar bilen ugratdylar.
Köçä çykanlarynda güýz aýynyň gijeki salkyn howasy şa bilen
weziriň çilimdir neşäniň tüssesine dumanlan kellelerini birazrak açan ýaly
boldy. Emma Horezmşa ähli eşiden gep – gürrüňlerini unudyp, ýaňyja
diñlän sazynyň şirin lezzetinden mes bolup gelýärdi. Onuň henizem
gulaklarynda dutaryň jadyly labyzy ýaňlansa, perdeler üstünde enaýy
oýnaýan hytaýy barmaklar göz oňünden gidenokdy.
Köşgüň golaýyndaky köçeleriň birinde goşa at goşulan paýtun araba
köp wagtdan bäri garaşyp durdy. Hälki iki derwüş gelip, paýtunyň tylla
nagyşly gapysyndan sümdüler-de, eşiklerini çalşyrdyar. Şeýdip, köçelerde
ýaňja ygyp ýören bu iki galandar ýene-de Horezminiñ
gudratly
hökümdarlaryna öwrüüldiler. Häliden bäri dymyp gelýän şa köşge gelip
ýetenlerinde, wezirine gysga buyruk berdi.
Ertir meniň huzuryma birinji salama gelen adam ýaňky sazandar
bolmaly.
Lepbeý, Alyhezret – diýip, wezir iki büküldi. – Alyhezret, eger kabul
etseňiz, bir maslahatym bar.
Aýt, näme maslahat.
Eger siz ol sazandary köşgünize laýyk görýän bolsaňyz, onda ony gaty
inçelik, mylaýymlyk bilen boýnatmak gerek. Ýogsa ony zorluk bilen
249
özümize hyzmat etdirip bolmaz.
Näme, biz oňa ýalbarmalymy?
Ýok, kyblaýy älem. Ýalbarmak gerek däl – diýip, Mehduny dilini
dişledi. Ol tylla tagtda oturan hökümdara ,, hemme kişä edäýn gödekligiňizi
oňä etmäň” diýip aýdyp bolmajagyny gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol bu
gepi düşündürmegiň başgarak tärini gözleýärdi.
Alyhezret, zoruň haýyş äheňinde aýdan sözlerini-de ejiz buýruk
hökmünde kabul edýändir – diýip, Mehudyny şeýle jüpüne düşen jogap
tapanyna begenip dillendi. – Isgender Zulkarnaýyň Çynma-çyn ýurduny
nädip alandygy baradaky rowaýaty eşiden bolsaňyz gerek. Bizem ol
sazandary ana şonuň ýaly inçe ýol bilen özümize gulluk etdirmeli.
Horezmşa özüni zamanynyň Isgenderi saýýardy. Şonuň üçin ol
Isgender Zulkarnaýyň taryhyny gowy bilýärdi. Emma onuň Çynma-Çyny
alandygyny eşitmändi.
A-how, Mehduny, sen taryhdan habaryň ýok ýaly-la. Isgender
Zulkarnaýyn Çynma-Çyna ýörüş etmändir ahyryn.
Alyhezret, elbetde men guluňyz, taryhy siziň bilişiňiz ýaly bilýän
däldirin. Ýöne şol rowaýata garanda Isgender Zulkarnaýyn Çynma-Çyny
bir damja-da gan dökmän, hat-da onuň topragyna gadamam basman
alypdyr. Eger, diňleseňiz, size şol rowaýaty gürrüñ bereýin.
Onuň ýaly täsin gürrüň bolsa aýt, diňläýin!
Lepbeý, Alyhezret – diýip, Mehduny söze başlady:
Isgender Zülkarnaýyn dünýäniň gaty köp ýurtlaryny özüne tabyn edeninden
soň, agyr goşun çekip, Çynma-Çynyň serhedine gelipdir. Goşuny serhetden
aňry geçirmän, şol ýerde aýak çekmäge buýruk beripdir. OL özüniň
haşamly çadyryna girip, Çynma-Çynyň hakanyna gaty inçe mazmunly bir
hat ýazypdyr. Haty çapar bilen hakanyň köşgüne ýollapdyr. Şol döwürde
Çynma-Çynda Kahyşin diýen ýaşy bir çene baran hakan höküm sürýän
eken. Hakan Isgender Zulkarnaýnyň çaparynyň getiren hatyny açyp
okamagy mürzesine buýurýar. Mürze haty köşk hadymlary eşider ýaly edip
batly ses bilen okaýar.
,,Hormaty beýik Çynma-Çyn ýurdunyň beýik hakany Kahyşine! Men,
Isgender Zulkarnaýn Siziň jümle – jahana dolan at – owazaňyzy, ÇynmaÇyn ýurdunyň biçak gözel we beýik ülkedigini eşidip, Sizi togap edip
synyňyzy maňlaýyma degirip gitmek maksady bilen uzak ýoldan ejir çekip
geldim. Ýolumyz bihatar bolsun üçin öz ýanyma bäş – alty sany nöker hem
aldym. Emma siziň rugsadyňyzy almazdan serhetden geçmäge milt edip
bilmän şu ýerde aýak çekdim. Eger serhediňizden geçmäge rugsat etseňiz,
köşgüňüze baryp, siziň didaryňyzy görsem we size getiren sowgat –
salamlarymy gowşursam diýen niýetim bar.
Tagzym we hormat bilen Isgender Zulkarnaýyn”.
250
Hat okalyp bolunansoň köşk hadymlary ,,Elhapus! Aperin! Biziň
beýik hanymyza Isgender Zulkarnaýyn ýaly dünýäni lerzana salan patyşalar
hem tagzym etmäge gelipdir” diýişip, dumly – duşdan hakana ýaranjaňlyk
edýärler, Kahyşynyň özi-de muňa monça bolup, köşk hadymlaryna buýruk
berýär:
Hany, baryň atlanyň! Isgenderiň öňünden çykaly. Bizi hormat eden adama
hormat goýmagymyz gerek!
Şeýdip hakan başlyklaýyn otuz-kyrk atly bolup Isgenderiň goş
taşlan ýerine barýarlar. Şonda olar Isgenderiň hatynda ,, ýolumyz bihatar
bolsun üçin öz ýanym bilen bäş-alty sany nöker hem alyp gaýtdym”
diýeniniň uç-gyraksyz agyr goşundygyny görüp, gaty aljyraňňy ýagdaýa
düşýärler.
Hakanyň gelenini Isgendere habar berenlerinde, ol çadyryndan
çykyp, hakany atdan gujaklap düşürýär, adamlary bilen bile çadyryna teklip
edýär, hezzet – hormat edip, öňlerine saçak ýazýar.
Hany, oglum Isgender, sen aýt, bu agyr goşun bilen biz taraplara
sapar etmekden maksat näme? Diňe bizi togap edip gitmekmi ýa-da başga
maksat hem barmy? – diýip, hakan dil ýaryar.
Isgender oňa mylaýym ýylgyryp jogap berýär:
Başga-da bir maksat bar, hormatly atam. Ol maksat şeýle : Asmanda
Hudaý bir ýerde-de häkim bir bolmady. Men dünýäniň Çynma-Çyndan
başka aýurtlaryny zabt edip aldym, olary özüme tabyn etdim. Indi şol
ýurtlary men size tabşyraýsam, sizem allatagallanyň ýeke täk häkimi bolup
höküm sürseňiz, nähili görýäňiz?
Isgenderiň gaty sypaýçylyk bilen ýazan haty ýaly bu aýdan
mylaýym sözleriniň asyl manysy Kahyşine-de, onuň ýany bilen gelen
adamlara-da örän düşnüklidi. Maksat aýdyňdy . Kahyşin uzak dymyp
oturmady. Dymanynda-da etjek alajy ýokdy. Takdyryna tabyn bolmalydy.
Şonuň üçin ol uludan demini alyp, jogap berdi:
Oglum. Isgender, dünýä ýüzüne häkimlik ederden men indi gartaşan adam.
Şoňa görä Çynma-Çyny biz saňa tabşyraly. Ýer ýüzünde häkimligi özüň
ediber.
Isgenderiň gözlerinde ýeňiş uçguny lowurdaýardy. Ol :
Bu pikiriňiz hem ters däl, atam. Maňa şeýle uly ynam bildireniňiz üçin
sag boluň! – diýip, öňden taýynlanyp goýlan şertnamany hakanyň öňüne
süýşürýär. Hakanyň şertnama möhür basmakdan başga alajy galmaýar.
Mehduny gürrüňini gutaryp, Horezmşanyň ýüzüne dykgat bilen
seretdi. Görnüşine garanda, onuň gürrüňi hökümdara ýarana meňzeýärdi.
Ine, Alyhezret, Isgender Çynma-Çyny şeýdip, ýekeje damja gan
dökmän alypdyr – diýip, Mehduny sözüniň soňuny ýetirdi.
Arkaýyn bol, wezir, Isgender Çynma-Çyny şeýdip alan bolsa,
251
bizem ol sazanadary edil şeýdip özümize tabyn ederis – diýip, Horezmşa
başyny atyp ýylgyrdy. – Indi, saňa rugsat, işi et!
Lepbeý, Alyhezret – diýip, wezir bäş egip, çykyp gitdi.
Horezmşanyň emriniň ýerine ýetirilmän galan wagty hiç haçan
bolmandy. Bu gezek hem şeýle boldy. Şol günüň ertesi guşluk wagty şa
arzhana gelip, tagta oturanynda garşydaky gapydan Mehduny weziriň
göwresi göründi.
-Kyblaýy älem, rugsat etseňiz, bir pukaraňyz
arzysalama gelipdir.
Pukaranyň kimdigi Horezmşa düşnüklidi. Ol ,,girsin” diýen manyda
başyny atdy. Wezir bilen sazandar – derwüş içerik girip, gapynyň öňünde
tagzym edip durdular.
Horezmşa hiç wagt etmeýän işini edip, gelenleriň hormaty üçin
ýerinden turdy, ýuwaş ädip, derwüşyň golaýyna gelende aýak çekdi. Jinde
geýen derwüş zynatly köşküň içinde owadan halynyň üstündäki ýyrtyk
çokaýa meňzeýärdi. Emma juluň içinde bolsa-da, onuň gözellikde taýsyz
keşbi küle gaçan göwher kimin lowurdap durdy. Şa onuň howatyrly
oýnaýan şar gara gözlerine siňe seretdi.
Zergär kişiler zeri nirede bolsa-da tanap, tapyp alýarlar. Bizem sizi
şalyk mertebämize laýyk bilip, tapdyryp getirtdik.
Sazandar geplemedi. Şa gülümsiräp, sözüni dowam etdi.
Gepläberiň owazymdan kimdigimi bilerler diýip, endişe etmäň. Biz
siziň owazyňyzy eşitmesek-de kimdigiñizi bilýäris.
Derwüşiň gözlerindäki howatyr has-da güýçlendi, ol şanyň ýüzüne
bakyp dillendi:
Alyhezret, menden näme isleýäňiz?
Öz gizlin syryny paş etmezlik üçin gör näçe ýyllardan bäri dil
ýarmadyk on sekiz ýaşly gyzyň enaýy owazyna şanyň hem, weziriñ hem
ini çümşüldäp gitdi.
- Biz Siziň özüňize däl-de, sungatyñyza , sazyňyza aşyk bolup köşge
çagyrtdyk – diýip, şa salyhatly gepledi. – Mundan soň siz galandarlaryň
meýlislerini terk edip, biziň meýlislerimizde sazandarlyk edersiňiz hem-de
köşkde erkana kenizlerimiziň biri bolup ýaşarsyňyz diýip umyt edýäris.
Eger sazandary öz erkine goýsalar, howandarsyz ýalňyz atasyndan
aýrylyp, köşkde ýaşanyndan şol oňki ykmandalyk durmuşyny müň paý
gowy görjekdi. Emma ol şanyň bu ýumşak äheňiiniň aşagynda gaýtaryp
bolmajak buýrugyň ýatanyny oňat bilýärdi. Şonuň üçin ol sözsüz
ylalaşmaly boldy.
Eger, Alyhezret meni şeýle beýik mertebä laýyk görýän bolsa, men
razy. Yöne ýalñyz atam....
. - Atañyzyñ gaýgysyny etmäñ , şeýle senetkär gyzy ösdürüp ýetişdiren
atany hor etmeris- diýip şa gyzyñ sözüni böldi , soñ - indi özüňizi äşgär
252
ediň. Siziň adyňyz kimdir?! - diýdi.
- Adym Rugsar.
Eşidýäňmi Mehduny? – diýip, şa wezirine ýüzlendi. – Meniň şu
kararymy ähli köşge mälim et. Rugsar şa neslinden bolmasa-da, sungatyň
şasydyr. Şoňa görä onuň adyny tutanlarynda ,, banu” sözüni goşup tutsunlar.
Indi Rugsar banuny eltip, mährem kenizlerine tabşyr. Olar ony hammama
salyp, iň kaşaň lybaslardan geýdirsinler.
- Lepbeý, Alehezret – diýip, wezir Rugsar banu bilen arzhanadan çykdy.
Mehduny wezir şanyň huzuryna gaýdyp gelende, şa köpden bäri
köňlünde besläp gelýän bir arzuwyny daşyna çykardy.
Mehduny, biz Horezmin ýurdunyň soltany bolanymyz bäri ähli
arzy – isleglerimiz alla – tagalanyň keremi bilen berjaý bolup gelýär. Biziň
ýene bir arzuwymyz bar, şony-da amala aşyrmaga wagt ýetdi.
Ol nähili arzuw?
Biz gözel paýtagtymyz Gürgenjiň merkezinde bir beýik minara
etmekçi. Ol minara dünýädaki ähli miaralardan hem beýik bolmaly. Goý, ol
biziň gudratymyzy äleme jar etsin dursun!
Kyblaýy älem şeýle zady arzuw edýän bolsa, enşalla ol biguman
amala aşar.
Onda bu işe hötde gelip biljek kim bar.
Horezminde eli gül binagär ussalar gaty kän , ýöne Semender
ussanyň öňüne çykjak binagär ýok. Eger siziň Alyhezretiňiz makul görse,
ony işbaşçy edip belläýeris.
Edil meniň göwnümdäki adamy aýtdyň, Mehduny. Men ony gowy
tanaýan – diýip, şa sözüne dyngy berdi. Soňra birden buýruk äheñinde
seslendi. – Semender ussa çakylyk iber, şu gün agşamky meýlise özüniň
ýakyn adamlary bilen gelsin. Şu günki meýlisde Rugsar banu hem ilkinji
gezek çykyş eder. Şeýdip biz iki täzeligi bir wagtyň özünde jar ederis.
Kyblaýy älem, emriňizi berjaý etmäge rugsat ediñ, – diýip, wezir
şanyň huzuryndan çykdy.
Agşamky meýlis adatdaky meýlislerden has şagalaňly başlandy. Şa
gelip tagtynda oturynyndan soň, onuň yşaraty bilen perwanaçy märekä
ýüzlendi.
Begler, asylzadalary, hemmaňize mälim bolşy ýaly, biziň gudratly
ýurdumyz ylmyň hem sungatyň mesgenidir. Biziň sungat gülzarymyzda
ýene bir ajaýyp gül açylyp, kemala gelendir. Beýik şamyz ony köşgüň
bezegi bolsun diýip, ygtyýar etdi. Merhaba, Rugsar banu hanym!
Perwanaçy sözüni gutarandan, meýlisler eýwanynyň gapylaryndan
biri açylyp, başdan- aýak zer geýnen serwi boýly görmegeý gyz içerik
girdi-de, otyranlara tagzym edip, görkezilen ýere geçdi. Bütin köşgüň gözi
şondady.
253
Asylzadalar, men kyblaýy älemiň ýene bir möhüm kararyny siziň
öňüňizde yglan etmek bagtyna miýesserdirin. Onuň Alyhezreti gözel
paýtagtymyz Gürgenjiň merkezinde beýiklikde dünýäde tenha bolan bir
minara bina etmekçi. Ol minarany Horezminiñ meşhur binagäri , ussa
Semender ýüz adam bilen bir ýylda gurup bermäge beýik şamyza söz
berdi. Merhaba, ussa Semender we onuň şägirdi ussa Isgender!
Gapylaryň ýene biri açyldy, içerik gara kepçe sakgally, garýagyz, orta
boýly, orta ýaşlaryndaky adam bilen gyzyl ýüzli, peşeneli pälwan sypatly
ýaş ýigit girdi. Soňky gelenlere üns hem bermediler. Adamlar nazaryny
Rugsar banuwyň husny- jemalyndan başga ýaňa sowmaga erk edip
bilenokdylar. Şanyň buýrugy boýunça hyzmatkärlerden biri Rugsar banuwa
tylla saply şahana dutar getirip berdi. Rugsar banu dutary emäý bilen
dyzynyň üstünde goýdy-da, zer köýnegiň uzyn ýeňlerini çermäp, oturanlara
ýeke-ýeke göz gezdirdi. Soňra peýkam kirpikli gözlerini süzüp, bir enaýy
mukama başlady. Dutar göýä janly adam ýaly dillenip, hasratly dünýäniň
destinden nala çekýärdi, adamlar hem onuň nalyşyna duýgydaşlyk bildirip,
doňup otyrdylar. Ençeme wagtdan soň Horezmşa ilkinji bolup dillendi:
Merhemetli, Rugsar banu , biziň köşgümiz ahy –nalanyň ýeri dälde, şadyhorramlygyň mesgenidir.
Siziň alyhezretiňiz, bagyşlaň, men öz göwün köşgümiň hasratyny
beýan etdim – diýip, Rugsar banu aşak bakdy. – Indi siziň rugsadyňyz bilen
şadyýan heňlerden çalyp beräýerin.
Semender ussa sazandar gyzdan gözüni aýryp bilmän oturan
şägirdiniň gulagyna çawuş çakdy.
Şäherde ýaýran gürrüň biderek däl ekeni. Şa biçäre Mahmydy ýeke
gyzyndan hem aýrypdyr.
Isgender ünjüli sorady.
Indi şa ony haremindäkileriniň biri etmekçimikä?
Ýok, şa onuň sungatyna uly sarpa goýýamyşyn – diýip, ussa ynamly
aýtdy.
Meýlis tä ýary gijä çenli dowam etdi. Bu gezek meýlisçiler meýden,
şerapdan däl-de, Rugsar banuwyň sazyndan serhoş bolup dargaşdylar.
Semender ussanyň şägirdi Isgender bolsa onuň husny - jemalyna huşuny
aldyrdy.
Şol günüň ertesi Semender ussa Gürgenjiň merkezi meýdanlarynyň
birinde ýüzden hem govrak gurluşykçy bilen minaranyň gurluşygyna
başlady. Ussanyň ähli işi göwne jaýdy, gurluşyk hem gyzgalaňly gidýärdi.
Emma onuň eý görýän şägirdi Isgender näme üçindir gaty gamgyn
görünýärdi. Durmuşyň ajy-süýjüsini köp dadan ussa şägirdiniň ýüregindäki
iňkisiň sebäbini aňyp ýördi. Ýöne ol, ýaşlykda bolýan zatlardyr, geçer gider
254
öýdüpdi. Emma Isgenderiň bolşy ussany has oýlandyrdy. Şägirdiniň başyna
düşen hasrat – hakyky yşk hasratydy. Onuň derdine derman tapmak gerekdi.
Ýöne bu iş örän müşgüldi
Semender ussa ugurtapyjy adamdy. Ol şägirdine kömek etmek
maksady bilen, ony işden soň ýanyna çagyryp, şeýle diýdi:
Isgender men seniň ýagdaýyňa gaty gowy düşünýän. Ýöne sen
şanyň köşgündäki gyza aşyk bolmak, asmandaky elýetmez aýa aşyk bolmak
bilen barabardygyna düşünýämiň, beri?
Düşünýän, emma men ýüregimdäki duýgudan rüstem gelip bilemok
– diýip, Isgender halypasyna müýnli garady.
Semender ussa nämedir bir zadyň pikirini edip, aşak bakyp,
ençeme wagt geplemän oturdy. Soňra ol bir karara gelen ýaly kellesini
galdyrady.
Onuň ýaly bolsa, bir çäresini tapmak gerek, Isgender beg – diýip,
ussa mylaýym ýylgyrdy. – Eger makul görseň, men bir çäräni öz ýanymdan
biçip – kesip goýdum.
Bu sözleri eşiden, Isgenderiň gözlerinde umyt uçguny şöhlelendi.
Semender ussa şägirdine oýlap tapan çäresini jikme – jik düşündirdi.
Isgender hem onuň bilen ylalaşdy.
Şägirt bilen halypanyň arasynda şu gürrüňler bolup geçen günüň
ertesi iňrik garalyp, garaňky gatyşansoň, şanyň köşgünde gara ýüpek
ýaglyga bürenen uzyn boýly bir kenizek peýda boldy. Onuň köşge haçan we
nahili girenini ne sakçylar bildi, ne-de hyzmatkärler. Ol Rugsar banuwyň
bolýan otagynyň salgysyny alan bolmaga çemeli, göni baryp şol otaga
girdi. Şol wagt Rugsar banu aýnanyň öňünde zülplerine şana urup otyrdy.
Ol duýdansyz giren kenize öwrülip bakdy-da:
Näme ýumuşly geldiňiz? – diýip, mylaýymlyk bilen sorady. Ol
bolsa gapa arkasyny diräp durşuna başyndaky ýaglygyny aýryp, edep bilen
salam berdi. Onuň erkek adamdygyny gören banu birbada gorkusyna
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 22
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.