Latin

Powestler - 24

Total number of words is 3779
Total number of unique words is 2078
34.0 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Bişip duran nahary goýup gitmeýärler. Ýoluň bolmaz-diýdi. Soňundanam-Geç, otur!-diýip, buýruk äheňinde aýtdy-da aşhana gitdi. Haýdar nalaç
oturmaly boldy. Dürhalam oturdy-da jigisine ümläp goýberdi. Ol düşbüje
ekeni, bir salymda stoluň üstüni dürli ir-iýmişden, pisse-badamdan
doldurdy. Haýdar bu edilýän hezzete özüni birhili oňaýsyz duýdy.
-Bu zatlary nämä gerek. Men bir uly myhman däl-ä.
-Myhmanyň ulusy-kiçisi bolmaýar, myhman ataňdan uly diýipdirler.
Haýdar hem bir zatlar diýmekçidi, emma şol wagt bir tabak palawy göterip
gyzyň ejesi girdi. Onuň sözi agzynda galdy.
Dürhalyň ejesi diýseň dilewar aýal ekeni, ol naharyň başynda gyzykly
gürrüňler tapyp, gülüşdirip oturdy. Naharyň omyny edilenden soň Dürhalyň
jigisi owadan çäýneklerde çaý getirip goýdy. Çaýyň başynda Haýdaryň
näme üçin şu mahala çenli oýlenmän ýöreni, onuň Dürhala “Hemme
tarapymy sazlap, onsoň öýlenjek” diýip aýdany dogrusynda gürrüň
gozgaldy. Şonda Dürhalyň ejesi Haýdara mähirli garaýyş bilen seredip:
-Haýdar jan, Dürhal birlen halal-minal işleşseň wagty gelip, hemme tarapyň
hem sazlanar. Döwletli-döwranly adam bolarsyň-diýdi.
-Eje, sen beýdip Haýdary yrjak bolup oturmasana. Islese gelsin, islemese...diýip, Dürhal soňyny aýtman sakyndy. Soňuny Haýdaryň özi aýtdy:
-Islemese gümüni çeksin.
Bu gepe hemmeler gülüşdiler. Gülüşmeden soň Haýdar çynlakaý äheň
bilen:
-Daýza-diýip, näme üçindir Dürhala däl-de ejesine ýüzlendi.-Men düýn
Dürhala jaň edenimde, seniň teklibiňe razy diýmekçidim. Emma sözümiň
başynda kelle gyzgynlykda degişmedir öýdüp, onuň degnasyna degýän söz
aýdaýypdyryn. Muňa-da Dürhalyň girre gahary gelip, sözümiň soňuny
aýtdyrmady.
-Onda düýnki gürrüňleri ýatdan çykaryp, işe başlaberiň. Işiňiz oňuna
bolsun-diýip ejesi gyzyna seretdi.
Haýdaryň razylygyna içinden begenip oturan Dürhal:
-Haçandan geljek?-diýdi.
-Häzirden diýseňem, men taýyn.
Haýdaryň jogabyna Dürhalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol:
282
-Onda gitdik-diýdi-de, ýerinden turup, golaýdaky uly serwantyň
çekmesinden “Jipiň” açaryny alyp, Haýdara uzatdy.-Maşyny otlaber, men
häzir çykýan. Barmaly ýerler köp.
Haýdar çykyp, maşyny otlap-otlamanka yzyndan çykan Dürhal yzky
oturgyja geçende ýaňyja sepilen atyryň ýakymly ysy ýigidiň burnuna urdy.
-Gitdik, sür!-bu gysga buýruk günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalandy.
Giçlik Haýdar öýüne täzeje ulagy münüp geldi. Dürhal bilen şertleşişlerine
görä, ulagy Haýdar öýünde saklap, irdenem Dürhallara barmalydy.
Howluda duran “Jipi” gören Haýdaryň ejesi:
-Ýene öñki işiñe bardyñmy, oglum?- diýip sorady.
-Öňkim-ä däl, eje. Ýöne şoňa meňzeşiräk iş.
-Dogry edupsiň. Höwri köp bolsun, oglum. Şunuň ýaly maşyny münüp
ýöreniň özi nämä deňmeýär-diýip, ejesi oglunyň göwnüni götermekçi
boldy. Haýdar ejesine garap kinaýaly ýylgyrdy-da, hiç zat diýmedi. Çünki,
ol şunuň ýaly ulagy, onda-da kişiniň ulagyny münüp ýörenini hiç hili
mertebe hasap edenokdy. Emma ýumşak ulagda işlemek Haýdara o diýen
ruhy lezzet bagyşlamasa-da, jana rahatlyk bagyşlaýardy.
Şonuň üçin bu iş oňa ýaramanam durmady. Şonuň üçin ol örän tertipli işgär
hökümnde Dürhalyň aýdan ýerinde ýekeje minut hem gijikmä häzir
bolýardy, oňa ähli işlerinde, şol sanda daşary ýurtlardan konteýnerde gelen
harytlary Dürhalyň öz dükanlaryna we lomaý alýan beýleki dükançylara
paýlamakda, olaryň hasabyny ýöretmekde ýakyndan kömekleşýärdi.
Şeýlelikde günler, hepdeler geçiberdi. Haýdaryň iş hakyny almaly wagty
hem geçip barýardy. Dürhal bolsa hak berjek adama meňzemeýärdi. Haýdar
hem soramaga çekinýärdi. Ahyr bir gün Dürhaly gijara öýüne düşürjek
mahaly Haýdar:
-Başlyk, firmaňyzda işgärleriň iş haky wagtynda berilmeýärmi?-diýip,
çekinibiräk sorady. Dürhal:
-Wiý, huşum gursun. Aladanyň köplüginden bu hakda oýlanmandyrynamdiýip, öňünde duran gara gaýyş gapjygyndan bir desse ýüzlük çykardy-da,
on sanysyny şahyrdadyp sanap Haýdara uzatdy-da, müň manat. Bolýamy
şu?
-Köpräk dälmi?
-Alyber, seniň aýagyň düşdi öýdýän, bu aýda söwda gowy boldy. Ertir uly
dükana baranymyzda alanlygyňa gol çekersiň.
-Puly resmileşdirip berýäňmi? Döwlet edarasy däl-ä, nämä gerek?
-Salgyt gullugyna hasabat berende gerek. Men dükançylaryma-da
aýlyklaryny şeýle berýän-diýip, Dürhal Haýdara garap näz bilen ýylgyrdyda, ulagdan düşdi. Haýdar öýüne gaýdyşyn gözleri ýolda bolsa-da hyýaly
Dürhaldady. Onuň bolşuna düşünjek bolup kelle döwýärdi. “Iş hakymy
wagtynda bermek hakykatdanam ýadyndan çykdymyka ýa-da meni
283
soramaga mejbur etjek boldumyka? Onsoňam näzirgäp ýylgyrmasy näme
diýsene” diýip içini gepledip gelýärdi.
Şu arada ýakyn gatnaşykdaky ýaş ýigit bilen ýaş zenanyň göwünlerinde
adamyň ygtyýaryna boýun egmeýän pynhan duýgularyň döremegi hem
ähtimaldan daşda däldi. Emma aralaryndaky gatnaşyk şu çaka çenli başlyk
bilen işgäriň gatnaşygyndaky resmilikden aňry geçenokdy. Şonuň üçinem
Dürhalyň bu günki näzli ýylgyryşy Haýdary oýlandyrdy. Emma onuň
Dürhal bilen aralaryndaky gatnaşygy çuňlaşdyrmak niýeti ýokdy. Sebäbi
Dürhal hemmetaraplaýyn onuň deňi däldi. Onuň öň durmuşa çykyp
aýrylyşanyny hem başlygynyň aýalyndan eşidipdi. Öýlenmedik ýigit bilen
aýrylyşan gelniň goşulmagy ilde bir hili görülýäni üçin “Adamlar näme
diýerler” diýen pikir şineläp ugran duýgularynyň öňüne böwet bolmagy
mümkindi.
Ertesi uly dükan diýilýänine baranlarynda Dürhal bir çetde duran uly stoluň
çekmesinden zähmet hakynyň kakyzyny çykardy. Haýdar dört gyzyň
atlarynyň yzyna tirkelen öz adynyň dogrusyna gol çekeninde ol ýerde
düýnki alan 1000 manadyna derek 600 manat ýazylanyna gözi düşüp:
-Başlyk, bu ýerde başga san ýazyypdyr. Sen düýn ýalňyşaňokmy?-diýdi.
Dürhal:
-Ýok, ýalňyşamok-diýip, ýylgyrdy.
Gürrüň näme hakdadygyna düşünmese-de, bir çetde duran dükançy gyz
owadan gözlerini Haýdara dikip:
-Başlyk hiç haçan ýalňyşmaýa-diýdi. Haýdar hem oňa garap ýylgyrdy-da,
bir salym ondan gözüni aýyrman durdy. Olaryň bolşuna Dürhalyň gaşy
çytyldy.
-Gitdik!-diýip, ol buýruk äheňinde aýtdy. Dükandan çykyp, köçede duran
ulaga münenlerinden soň Dürhal:
-O gyzdan gözüňi aýrybilmediň-le, göwnüňe ýaradymy?
Kinaýaly äheňde aýdylan bu söze Haýdar biraz dymyp jogap berdi.
-Bilemok, ýöne gözelligiň magnit meýdany bolýamyşyn, özüne çekse,
çekendir-dä.
Ol gyzyň owadanlygyna Haýdaryň şeýle uly üns bermegi Dürhala onçakly
ýaramady.
-Hm... köp zat bilýäň, sen jentelmen-diýip, kinaýaly gülümjiredi.
Haýdar Dürhalyň sözleriniñ äheňinden onuň duýgular dünýäsinde
nämeleriň bolup geçýändigini duýdy. Ýöne özüni bilmezlige salyp, hiç zat
diýmedi. Dürhal bolsa onuň bir zatlar aýtmagyny isläp garaşdy. Ondan sessemer çykmanyndan soň jany ýanyp ýene özi dillendi:
-Haýdar, ünsli, sür, ýene kelläňi ýaňky magnit meýdany çekip duran
bolmasyn.
Haýdar kellesini ýaýkap güldi-de, ýene geplemedi.
284
Şu wakaan soň Dürhal göwnündäki maksadyny Haýdara duýdurmagyň
ýoluny gözläp başlady. Bir gün Dürhallarda günortan naharyny
edinenlerinden soň Dürhal geýnip çykmak üçin özüniň otagyna girip gitdi.
Giçki güýzüň salkyn howasy başlanypdy. Şonuň üçin ýeňilräk paltomy,
plaşmy geýmeli bolýardy. Ol şifonerinden birki plaşdyr palto çykaryp
krowadynyň üstüne taşlady-da, Haýdary çagyrdy.
Haýdar elindäki çaýly käsäni saçakda goýup, bir hili tolgunyp ýerinden
turdy. Tolgunmazça däldi. Aýal maşgalanyň ýatýan otagyna, onda-da näme
üçin çagyrylanyňy bilmän girmeklik kimem bolsaň biraz hopukdyrjakdy. Ol
çekinibiräk gapyny açyp seretdi. Şifoneriň aýnasynyň öňünde özüni synlap
duran Dürhal:
-Gel, gel, giriber-diýip, oňa garap ýylgyrdy. Ýylgyrsa-da içinden
tolgunýany bildirip durdy. Ol krowadyň ýanyna bardy-da:
-Haýdar, şularyň haýsysyny geýjegimi bilmän durun. Ine, şu gaýyş plaşy
geýäýsem bolmazmyka?-diýip, ony eline aldy.
-Bolar, başlyk. Häzir şu plaşlaryň möwsümi.
-Dogry aýdýaň... Haýdar, näme diýsene, şu günden başlap maňa “Başlyk”
diýmäňi goý. Adymy dogry aýdyber. Eger ikiçäk galanymyzda degişesiň
gelse, hol gün telefon edeniňde aýdyşyň ýaly “Dubaýjan" diýseňem,
gaharym gelmez.
-Ýok, beý diýip bolmaz. Özüň ikinji gezek agzyňdan şunuň ýaly söz çyksa
diliňi keserin +diýmänmidiň?
-Meniň “Daýza” diýeniňe gaharym geldi. Niçik men saňa daýza bolýan,
ikimiziň ýaşymyzam deňiräk dälmi näme?
-Hawa..
-Hany onda, jentelmenligiňi edip, meniň plaşymy geýdirip goýber-diýip,
Dürhal elindäkini Haýdara uzatdy-da, özi şifoneriň aýnasynyň öňüne baryp,
ellerini yzyna tutdy.
Aýnadan Dürhalyň ýanyp duran gözlerine gözi düşen Haýdar bu gözleriň
näme isleýänine düşündi, emma ol plaşy emaý bilen geýdirdi-de iki ädim
yza çekildi. Dürhal şu durşuna birsalym butnaman durdy. Onuň garaşany
bolmady. Haýdar oňarmady. Ol üstündäki plaşy birden sypyryp, krowadyň
üstüne zyňyp goýberdi-de, hiç zat diýmän äpişgäniň öňüne bardy. Arkasyny
öwrüp duran Dürhalyň iki egniniň titreýänini gören Haýdar bir zat diýse
gep ula gitjegini duýup, geplemän otagdan çykdy. Muňa Dürhalyň beter
agysy tutdy.
Dürhalyň öňem bir gezek şeýle agysy tutupdy. Emma onda onuň sebäbi
häzirkisiniň tersinedi. Bir gün onuň öňki sürüjisi şu günki ýaly günortanlyk
nahardan soň Dürhalyň paltosyny geçdirmekçi bolup, özi ilgeçden aldy.
Göwnünde hiç bir şübhe ýok dürhal arkasyna öwrülip, ellerini yzyna
uzatdy. Sürüji bolsa paltony geýdiräge-de ony arkasyndan garsa gujaklap
285
gulagynyň düýbüne dodagyny basdy. Muňa girre gahary gelen Dürhal bir
slkinip onuň gujagyndan boşady-da, dulugyna ýelmäp goýberdi. Batly
şarpygyň zarbyna gözünden ot çykan “aşyk”:
-Bagyşla, bagyşla...-diýdi-de, zut çykyp gaçdy. Ine şonda islenmedik
adamyň eden, küýselmedik hereketi Dürhala horluk bolup duýlup, agysy
tutupdy.
İndi bolsa islendik adamyñ küýselÿän zatdan gaça durmagy oña gaty agyr
degdi. Haýdar bolsa Dürhalyñ otagyndan çykyp, özüni eýwandaky diwana
goýberdi. "Bu nähili boldy... Näme üçin onuñ islegini ret etdim? Menem
oña biparh däl-ä, ahryn...Ýok, ýok! Adamlar näme diýer..." Haýdaryñ bu
içhümletmelerini Dürhalyñ içerden çykmagy kesdi. Onuñ aglamakdan
gyzaran gözlerine nazary kaklyşan Haýdar ýüzüni aşak saldy. Dürhal
hemişekisi ýaly "Gitdik" diýdi. Daşary çykyp, maşyna münenlerinden soñ
Dürhal:
- Haýdar, bagyşla... Men elim ýetmejek belentlige el uzadypdyryn.
Gatnaşyklarymyz öñküligine galsyn, işleşiberäli - diýdi. Haýdar:
- Sen belentlige däl, aşaga egiljek boldyñ, Dürhal. Eýdip özüñi peseltjek
bolma.- diýip, oña müýnli garady.
-Göwünlik berjek bolýañmy... Aşakmy, ýokarykmy, indi tapawudy ýokdiýip, Dürhal uludan dem aldy.
Şol gün Haýdar öýüne perişan halda geldi. Oglunyň ýagdaýyny duýan ejesi
näme bolanyny hernäçe sorasa-da dogrusyny aýtmady. “Eje, hiç zat
bolanok, ýöne ýadadym” diýip sypdy. “Indi nätmeli?” diýen sowal onuň
kellesinden aýrylanokdy. Birmahal bu sowala jogap tapan ýaly, bolup, bir
tagta kagyza şu aşakdaky sözleri ýazdy.
“Dürhal, meni bagyşla. Men gidýän. Onda-da saňa ýagşylyk etmek üçin
gidýän. Sebäbi sen entek ýaş. Özňe mynasyp adamy tapyp durmuş gurmaly.
Eger meniň bilen beýdip tirkeşip ýörseň gep-söz köpeler, şeýle adam
tapylmaz. Men seniň bagtyň öňüne böwet bolmaýyn. Hoş, aman bol”. Ertesi
ol Dürhallara hemişekisinden irräk bardy. Ulagy gapynyň öňünde saklady.
Haty gapdalyndaky oturgyçda goýup, aşak düşdi. Ulagyň açaryny hemişe
gapyny açýan Dürhalyň jigisine bardi-de, yzyna ýelk ýasady. Emma, biraz
ýöräninden soň ol ikirjiňlenip başlady. “Bä, bu eden işim nähili boldy,
birhili gelşiksizräk bolmadymy? Men nämeden gaçyp barýan”-diýip,
böwrüni diňläp durdy. Ol öýüne gelenden soňam şu pikirler kellesinden
aýrylmady. Ol indi özüni islemedik zadyndan gutulan ýaly däl-de, möhüm
bir zadyny ýitiren ýaly duýýärdy. " Näme üçin beýle? Ol Dürhaly
söýmeýärmibi,näme? Aý ýok. Emma bütinleý biparh hem däldi." Onuň
hyýalyny telefonyň jyňňyrdysy böldi.
-Allo, diňleýän...-Trubkany gulagyna tutup duran Haýdaryň ýüzi üýtgäp
gitdi. Jaň edýän Dürgaldy:
286
-Haýdar, hatyňy okadym. Men günortan hemişeki wagtda öýe gelýän. Gel,
işlän günleriň hakyny al, hasaplaşaly-diýen Dürhalyň sesi birhili sandyrap
çykýardy.
Haýdar näme diýjegini bilmän bir salym dymdy. Ol iş haky barada pikirem
edenokdy. “Näme diýsin, hasaplaşmak gerek däl diýsinmi?” Ýok, aýdyp
bilmedi. Hak üçin däl...
-Näme dymýaň, Haýdar? Ýa geljek dälmi?
-Barýan...
Haýdar aýdylan wagtda bardy. Dürhal öýüleriniň öňünde maşynyndan
düşmän otyrdy. Onuň içerde ejesiniň, jigisiniň ýanynda däl-de, maşynda
ikiçäk gürleşmekçidigine Haýdar düşündi. Ol Dürhalyň yşaraty bilen
maşyna münüp, onuň gapdalyndaky oturgyçda ýerleşdi.
-Haýdar, hatyňdaky sözleri göni özüme aýtsaň bolmadymy?
-Bolardy, ýöne çekindimmi, nämemi... Onsoňam...
-Näme onsoňam? Maňa ýagşylyk etjek bolup gitjekmi? Hatyňda şeý diýip
ýazypsyň-a.
-Hawa, Dürhal, gitsem gowy...
-Haýdar...-Dürhalyň bogazy dolup, gepläp bilmän dymdy. Birazdan özüni
dürsap, dowam etdi.-Maňa ýagşylyk etmekçi bolup gitjek bolsaň, gitme,
Haýdar... Maňa beýle ýagşylyk gerek däl. Onsoňam men seniň boýnuňa
aslyşamok. Gatnaşyklarymyz öňküligine galsyn diýdim-ä... Men seni diňe
görüp ýörsem bolýa...-Ol soňky sözlerini aýdanynda gözüne ýaş aýlanyp,
ýüzüni kesä sowdy.
Dürhalyň gözleriniň ýaşy, “seni diňe görüp ýörsem bolýa” diýen sözleri
Haýdaryň ýüregini dilip goýberdi.
Oňa hemmesi düşnükli boldy. “Diýmek, ol meni çyny bilen söýýä. Men
bolsa onuň düýnki özüni alyp baryşyna ýalňyş düşünipdirin...” Ara düşen
bir salymlyk dymyşlykda Haýdaryň kellesine gelen bu pikirler onuň erkini
elinden alan ýaly boldy. Dürhal ony içeri nahara teklip edeninde-de,
maşynyň açaryny eline bereninde-de “ýok” diýip bilmedi. Aradan bir aýa
golaý wagt geçdi. Aralaryndaky gatnaşyk daşyndan öňküligine galan
ýalydy. Içki dünýälerindäki ýagdaýy bolsa ikisi-de daşyna çykaranokdylar.
Emma Dürhal indi tabşyryklary öňküsi ýaly buýruk äheňinde däl-de, haýyş
äheňinde aýdýardy. Aýratyn-da käte-käte Haýdara delminip bakyşlary
ýigidiň ýüregini barha eredip barýardy. Eger-de Dürhaldaky heser onuň
kalbyna-da aralaşsa “adamlar näme diýerler” diýen böwediň böwsüläýmegi
ähtimaldan daşda däldi.
Wagty gelip, şeýle-de boldy. Şol gün hemişeki ýaly, Dürhallara günortanlyk
nahara geldiler. Dürhalyň ejesi palaw taýýarlap goýup, kiçi gyzy bilen bir
ýere giden ekeni. Ikiçäk galanlary üçinmi, Haýdarda birhili tolgunma peýda
287
boldy. Palawy Dürhalyň özi salyp getirdi. Haýdar tolgunýanyny bildirmejek
bolup wäşisiräp:
-Palaw diýen bir aş bolar,
Tabaga salsaň çaş bolar.
Myhmanyň göwni hoş bolar.
Janym palaw, janym palaw-diýip hiňlendi.
Dürhal gülüp:
-Bä, sen şahyram ekeniň-ä. Muny şu duran ýeriňde düzdüñmi?-diýdi.
-Ýok-laý, bu öňden bar goşgy. Sen öň eşitmän ekeniň-ow.
Palawyň başyna geçenlerinde kiçijik tagtanyň üstünde eti dograýan
Haýdaryň pyçak tutan eliniň çalaja titreýänini gören Dürhal onuň içinde bir
galagoplugyň bardygyny duýdy. “Be, bi nämäniň galawutyny edýäkä? Ýada ikiçäk galanymyz üçin meni ýene bir hokga çykarar öýdüp
howatyrlanýarmyka?” diýip, içini gepleden Dürhal onuň howatyryny
köşeşdirmek üçin bu günki edilen we edilmeli işler hakynda söz açdy.
Nahardan soň Dürhal çaý demläp geldi.
-Indi birki käse çaý içeli, Haýdar, onsoň işe gideris-diýip, käselere çaý
guýdy. Bir käsäni Haýdaryň eline uzatdy-da, oňa birhili ýeserlik bilen
seredip diýdi:
-Haýdar, mydama iş, alada barada gürleşýäs, arasynda liriki yza çekilme
diýen ýaly zat sorasam gaty görmezmiň?
-Ýok, soraber.
-Sen şu ömrüňde birini söýüpmidiň?
Haýdar şeýle soraga garaşmanlygy üçinmi, bir hili geň galmak bilen
Dürhala garady. Ondan nazaryny aýyrman bir salym dymyp durdy-da:
-Mende nä ýürek ýokdur öýdýäňmi?-diýdi.
-Bardygyny bilýän, ýüreksiz ýaşap bolýamy?-diýip, Dürhal güldi.-Bolýa,
aýdasyň gelmese aýtma. Gitdik- diýdi-de, ýerinden turdy. Diwana taşlap
goýan paltosyny eline aldy. Edil şu pursata garaşyp duran ýaly Haýdar çalt
baryp onuň elinden paltony aldy-da:
-Gel, özüm geýdireýin-diýdi. Onuň niýetinden bihabar Dürhal:
-Oho! Jentelmenlik edýäň öýdýän-diýip, arkasyna öwrüldi-de, ellerini
yzyna uzatdy...Dürhalyň gözlerinden syrygyp gaýdan iki damja ýaş döşüniň
üstünde sepleşen Haýdaryň ellerine damdy.
288
Yşk heseri
(hekaýa)
Fyzuly iki älemde muhabbet
aşnasy bol,
Muhabbetsiz köňüler gyşdyr,
hergiz ýaz olmaz.
(M.Fyzuly)
Bir tarapy aýnabent eýwanda oýa çümüp oturan Aýnuryň ejesiniň bu gün
ünsüni has artdypdy. Soňky wagtda gyzynyň işinden hemişekisinden gijigip
gelýänini aňyp ýörenem bolsa sebäbini soranokdy. «Belki onuň bilen ýenede duşuşyp, synlap ýörendir» diýip çak edýärdi. «Razylygyňy bereninden
soň indikiň näme diýsene» diýen pikir bilen ýerinden turup, gyzynyň
ýoluna seretmek üçin gapa ýöneleninde Aýnuryň özi gelip girdi. Onuň
ýaňaklary säher şapagy ýaly elwan öwsüp, gözleri birenaýy uçganaklap
durdy. Gyzynyň ýüzüne nazary düşen ejesiniň ýüregi onuň duýgular
dünýäsinde bir üýtgeşikligiň bardygyny şol bada syzdy. Ol bagtyýarlyk
duýgusyna dolanan adamlaryňky ýaly nurlanyp duran gyzynyň görmegeý
keşbine seredip durşuna:
-Geldiňmi, gyzym-diýdi.
-Geldim, eje-diýip, ejesini gujaklap göterdi-de, pyrlanyp bir aýlandy.
-Eý waý, gyz, edýäniň näme, dälirediňmi?
Aýnur ejesini gujagyndan goýbermän agzyny onuň gulagyna ýetirip, syrly
äheňde pyşyrdady:
-Däliredim, eje, däliredim. Men söýýän, meniňem kalbymda bu ajaýyp
duýgy oýandy-diýdi. Ejesi Aýnuryň gujagyndan boşanyp ýüzüne ýylgyryp
garady:
-Aýtdym-a saňa, gyzym. Ol söýmezçe ýigit däl. Durmuş guranyňyzdan soň
söýgiňiz hasam...
-Eje! Düşünmediň. Seniň onyňy söýüp bolýamy...
-Näme, näme?!..
***
Aýnur ýokary lukmançylyk mekdebini tamamlap, işe başlanyna bir ýyl
geçip geçmänkä ejesiniň uzagrak garyndaşlaryndan sawçylar gelip başlady.
Aýnur «Men söýmedik adamyňa durmuşa çykjak däl» diýip garşylyk
görkezse-de ejesi guda boljak tarap garyndaşy bolany üçinmi gyzynyň
razylygyny almaga çalyşýardy:
-Ýokary bilimli, bir uly kärhananyň hasapçysy. Şonuň ýaly ýigide barman,
kime barjak? Surnaýça barjakmy?!-diýip gaharlanýardy. Gahar bilen iş
bitmejegine gözi ýetende hoşamaý äheňe geçerdi.
289
-Gyzym Aýnur jan gyz oglanyň wagtynda durmuş gurup, öýli-işikli bolany
ýagşy. Wagtyň geçiberse uly gyz bolup, oturyp galýaň. Men seniň bagtly
bolmagyňy isleýän.
-Söýmedik adamyň bilen bagtly bolup bolýarmy, eje?!
-Söýgi diýeniň durmuş guranyňdan soňam döräberýä. Olam söýmezçe ýigit
däl. Görk-görmegi-de hiç kimden kem däl. Goýun ýaly ýuwaş, gepi-sözi
ýerinde.
-Goýun ýaly diýsene-diýip, Aýnur ajy ýylgyrdy. -Ýadymda ýaşlygymda
olara gezelenje baranymyzda köçede oglanlardan taýak iýip gelip, sümügini
çekip aglap oturýardy.
-O döwürden oba göçdi. Häzir ony görseň, tanamarsyňam. Onsoňam,
jigileriň ulalsa olarda-da gyzlar bar, iki taraplaýyn guda bolarys. Kakaňam
şony makul görüp otyr.
-Kakam makul görýän bolsa maňa näme hiç zat aýdanok?
-Kakaň işi bilen başagaý. Ol maňa gyzyň bilen özüň gepleş. Men ony
mejbur etjek däl, diýdi.
-Onda sen meni mejbur etjek bolýaňmy?
-Ýok, gyzym, menem mejbur etjek däl. Gyzyň razylygyny alman basyp,
ýenjip berilýän döwürler geçdi. Özüň gör, duşuş, gürleş. Onsoň razylygyňy
berseňem bolýa, gyzym.
***
Aýnur belleşilen ýere-seýil bagynyň öňüne baranynda ol garaşyp duran
ekeni. Ol orta boýly, bugdaýreňk, saçlary bir gapdala daralan ýigitdi.
-Salam.
-Salam.
Şundan soň olar ümsüm bagyň içine tarap ýörediler.
Bir oturgyjyň deňine baranlarynda ol:
-Şu ýerde oturaýaly-diýip, garyljak ses bilen dillendi.
Ilki Aýnur oturdy. Ol oňa ýakyn, egin egne deger degmez edip oturdy.
Aýnur biraz süýşüp arany açdy. Gyz özüniň bu hereketiniň oňa nähili täsir
edenini bilmekçi bolup, ýüzüne seredeninde hiç hili üýtgeşiklik görmedi.
-Seniň maňa aýtjak-goýjak gepiň barmy?-diýip, Aýnur ondan ses-selem
çykmansoň ilki bolup söz gatdy.
-Aý, ýok, näme gepim bolsun.
-Onda näme diýip geldiň?
-Ejem dagy Aýnur seniň bilen gürleşjek bolýa diýdiler... Geldim şonuň üçin
...
Aýnur kinaýaly ýylgyrdy.
-Seniň özüň halaşýan gyzyň ýokmudy?
-Ýok.
290
-Şu ýigrim bäş ýaşyňa çenli hiç bir gyz bilen duşuşyp, synaşyp, söýüşip
görmediňmi?
-Meniň onuň ýaly suwjuk gylygym ýok.
Aýnur ýene kinaýaly ýylgyranyny duýman galdy.
-Suwjuklyk başga hili bolýa. Meniň aýdanym suwjuklyk bolmaýa.
-Eýse näme bolýa?
-Oňa sen düşünmeseň gerek. Bolýa, bu gepi goýaly. Indi sen maňa dogryňy
aýt. Meni halaýaňmy?
-Hawa...
-Sen öň meniň bilen duşuşyp ýörmedik bolsaň, gylyk, häsiýetimi bilmeseň,
nädip meni halaýaň?
-Ejem seni gowy gyz diýdi. Gowy gyzy kim halamaýa...
Aýnur gürrüňi mundan artyk dowam etdirmegiň zerurlygy ýokdugyny
duýdy-da:
-Bolýar onda, gaýdaýaly-diýip, ýerinden turdy. Ol gyzy ugradaýyn hem
diýmedi. Şol ýerde-de aýrylyşdylar. Her kim öz ýoluna gitdi.
***
-Goýun ýaly diýeniň çyn ekeni, eje-diýip, duşuşykdan gelen Aýnur ejesine
garap ajy ýylgyrdy.
-Näme?! Goýun ýaly ýuwaş bolsa ýamanmy? Saňa ýolbars ýaly üstüňe
topulyp durany gerekmi?! Aýalynyň sesine işden gelip eşiklerini çalşyryp
duran Aýnuryň kakasy içerki otagdan çykdy. Ol:
-Näme gep, sesiň gaharly çykýala, ejesi-diýdi.
-Al, gyzyň bilen özüňem gepleş. Onymyz goýun ýalymyşyn. Muňa ýolbars
ýalysy gerek bolmaga çemeli!
-Eje!
-Bolýa, bar, işiň bilen bol. Özüm gepleşerin.
Ejesi çykyp gitdi.
-Gel otur, gyzym, ikimizem bir gürleşeli-diýip, diwana geçip oturan kakasy
Aýnura ýanyndan ýer görkezdi.
-Maňa ýüregiňdäkini aýdaý, gyzym. Başga halaşýanyň barmy?
-Ýok, kaka, halaşýanym ýok. Ýöne men ony-da halamok.
-Düşünýän. Söýüp, söýülip durmuş gursaň oňa ýetesi zat barmy. Ýöne onuň
ýaly bagt hemme adama nesip edenok. Nätjek. Ýaşyň geçip barýa,
wagtynda durmuş gurman oturyp galsaň, gowy däl gyzym. Menem ony
soraşdyryp gördüm. Gowy hünärmen, işine jür, guş agzyndan çöp almaýan,
hiç kime azarsyz, ýuwaş ýigit diýýärler. Meniň işimde seniň ýaşyňdaky bir
gelin işleýär. Ol biçäre hepdede bir ýa iki gezek ärinden taýak iýip, gözüniň
üstüni gögerdip gelýär. Şonuň ýalydan hudaý saklasyn...
Kakasynyň nesihatlary täsir etdimi, nämemi, Aýnur başga geplemedi.
Dymmaklyk razylygyň alamaty diýip, gudalara rugsat berildi. Indi toý
291
sähedini belläýmek galypdy, emma şol arada gudalaryň 90 ýaşly garry
mamasy aradan çykyp, toý merhumyň kyrky geçýänçä togtadyldy. Munuň
Aýnur üçin parhy ýokdy. Ol özünden ötenini özi bilýärdi. Käte aýnanyň
öňüne baryp, içki dünýäsiniň ýalkymy lowurdap duran gara gözlerine,
gözelligine, bir kemsiz jemalyna seredip: «Alla, maňa şeýle görk-görmek
beripdir. Şuňa laýyk bagt hem bermezmi» diýip hamsygýardy.
Ykbal işidir-dä, şol arada oslanmadyk ýerden ýüze çykan bir tötänlik
takdyryna tabyn bolup ýören Aýnuryň duýgular dünýäsine başgaça bir
öwşün alyp girdi.
Dynç günüdi. Aýnur iki boýdaşy bilen toýunda gerek boljak zatlary almak
üçin dükanlara aýlanmaga çykypdy. Olar uly köçäniň ýan ýodasyndan
özara gürleşip barýardylar. Olaryň garşysyndanam iki ýigit ellerini
galgadyp bir zatlar barada jedelleşip gelýärdi. Gyzlaryň deňinden
geçiberäýenlerinde ýol darlyk etdimi nämemi, olaryň biriniň egni Aýnuryň
egnine gabat gelip kakyp goýberdi. Aýnuryň elindäki gapjygy zyňylyp
gidip, ol ýigidiň aýagynyň aşagyna gaçdy.
-Haý, ýerçeken! Gözüň ýokmy?! -Aýnuryň gazaply nazaryna gözi kaklyşan
ol ýigidiň ýüzi biraz gyzardy.. Ol aşak egilip, gapjygy aldy-da Aýnura
uzatdy.
-Bagyşlaň, men bilip etmedim. Tötänden bolaýdy öýdýän...
Onuň mylaýym garaýşy, gepiniň ýakymly äheňi Aýnury birneme gahardan
düşürdi. Ol gödeklik edenini bilse-de ýigidiň elinden gapjygyny kakyp
aldy-da, tiz-tiz ýöräp gitdi. Emma bäş-alty ädimden soň yzyna gaňrylyp
seredenini özi-de duýman galdy. Görse ol ýigit hem onuň yzyndan seredip
durdy. Bu ýagdaýy gören Aýnuryň ýoldaşlary kikirdäp gülüşdiler. Ýöne tä
öýlerine barýança Aýnuryň göz öňüne şar gara saçlary arka daralan, ak
ýüzli, mawy gözlerinde gujur, joşgunlyk uçganaklap duran syratly ýigit
geldi durdy.
Durmuşda tötänden bolýan zat azmy. Olaryň köpüsi basym ýatdan çykyp
gidýär. Aýnur hem bu wakany üç gün geçip geçmän unudypdy. Emma
ykbal olary ýene-de duşurmagyň ugruna çykan ekenmi ýa-da ýigidiň
erjelligindenmi olar indi ikiçäk duşuşdylar. Aýnur şol gün hem hemişekisi
ýaly irden işine geleninde ondanam ir gelen bölüm müdiri geçen gije
awtoulag çaknyşygyna uçran bir adamy getirendiklerini, ony bir adamlyk
tölegli palata ýatyrandyklaryny aýtdy we oňa seretmegi tabşyrdy. Eşiklerini
çalşyryp lukman sypatyna giren Aýnur bölüm müdiriniň aýdan palatasyna
bardy. Bir aýagy gipslenip, ýokary asylyp goýlan ýigit ony görenden salam
berip birhili ýylgyrdy.
Aýnur bu näme ýylgyrýarka diýip, oňa ünsli seredeninde ýüzi tanyş
göründi.
292
-Siz «ýerçeken»-diýip garganyňyzdan soň meni tas ýer çekipdi. Ýagşysy
ony çyn ýüregiňizden aýtman ekeniňiz. Ýogsam men bu wagt bu ýerde däl,
ýeriň aşagynda bolardym-diýip, ol ýene-de ýylgyrdy. Bu sözlerden soň
Aýnur ony tanady.
-Meniň garganym üçin däl-de, özüňiziň seresapsyzlygyňyz zerarly bolandyr
bu ýagdaý.
-Hawa-da seresapsyzlyk edipdirin, boljak işdir-dä.
-Aýagyňyz häzir agyranokmy?
-Begenjime agyry ýadymdan çykyp gitdi.
-Nämä begenýäňiz, aýagyňyzyň döwüleninemi?
-Size şu ýerde duşanyma...
Aýnuryň gaşy çytyldy. Oňa gatyrak bir söz aýtmakçydy, emma ýigidiň
mähirden doly mylaýym garaýşyna gözi düşende dilini dişledi.
-Agyry biynjalyk etse aýdarsyňyz, agyryny galdyrýan sanjym ederis-diýip,
çykyp gitdi. Iş otagyna baryp, onuň «kesellik taryhyny» gözden geçirdi. 30
ýaşynda, gurluşykçy, inžener, ady Batyr... Aýnur oýa çümdi. «Bu nähili
adam, näme maňa beýle sözler aýdýa, beýle seredýä? Otuz ýaşynda bolsa
öýli-işikli, maşgalaly adam bolmaly. Ýöne gelin-gyzlara keýpine lak
atýanlaryň garaýyşlary bir hili bihaýa bolýa. Onuňky eýle däl. Aýnur onuň
ilki köçede kaklyşanlarynda-da aýdan sözleri bilen mylaýym, mähirli
garaýşyny ýatlady. Ýöne ol ýene şeýle sözler aýtsa mertebesini saklamak
üçin gaýtawul bermegi ýüregine düwüp goýdy.
Aýnur süňk döwüginiň tiziräk bitmegine kömek edýän, nerw asudalygyny
saklaýan dermanlardan sanjymlary onuň «kesellik taryhyna» ýazyp, şepagat
uýasyna olaryň edilmeli wagtyny belläp berdi. Şundan soň ol beýleki
näsaglara seretmek üçin palatalara aýlanmaga gitdi.
Öýläne golaý Aýnur onuň ýagdaýyny bilmek üçin otagyna barýarka
ýüreginiň urşunyň birneme çaltlanandygyny syzdy. «Toba, bu näme beýle?
Men nä ondan gorkýanmy ýa-da utanýanmy?» diýip, içini gepledip
palatanyň gapysynyň öňünde birsalym aýak çekdi. Özüni dürsäp otaga
gireninde näsagyň ýüzi ýagtylyp gözlerinde üýtgeşik bir şöhle peýda boldy.
-Ýagdaýyňyz nähili, gowumy?
Ol Aýnuryň sowalyna derrew jogap bermedi. Bir dem oňa seredip durdy-da
soňra:
-Gowy däldi, häzir gowy boldy-diýdi.
-Näme üçin gowy däldi?
-Haçan sizi gelerkä diýip, gapa seredip ýatmak meň üçin ....
Aýnur onuň sözüni böldi:
-Sanjym aldyňyzmy?
-Aldym, ýöne ...
-Näme ýöne?
293
-Sanjymy özüňiz edäýseňiz gowy bolardy.
-Ol meniň wezipäme girmeýär.
-Men ony bilýän.
-Bilýän bolsaňyz näme üçin aýdýaňyz.
Ol uludan bir demini aldy. Aýnura şol mähirli, mylaýym garaýşy bilen
bakyp:
-Gadymda meniňki ýaly bir derde uçran şahyr:
«Eger sen bolsaň tebibim meniň,
Maňa saglykdan hassalyk ýagşy» diýipdir diýdi.
Aýnuryň dodaklary gaharly gysylan ýaly boldy. Emma gözleri gaharynyň
çyn ýürekden däldigi üçin başgaça seredýärdi. Şonda-da ol öň gaýtawul
bermegi ýüregine düwüp goýany üçinmi, nämemi gatyrak sözledi.
-Näme diýsene, Batyr. Onuň adynyň dilinden sypanyny özi-de duýman
galdy. Ýigit bolsa adyny onuň agzyndan eşidip, ýüzi has açylyp, gözleri
lowurdap ýandy. Ýene bir şunuň ýaly söz aýtsaňyz, göwnüňize
degäýmegim mümkin. Öýli-işikli, maşgalaly adam gören gelin-gyzyna lak
atyp otursa bolmazmy?
-Öýli-işikli diýeniňiz dogry. Öýüň bolsa onuň işigi-de bolaýmaly. Ýogsa
nireden, nädip girip çykjak. Ýöne meni maşgalaly diýip kim aýtdy size?
-Hiç kim aýdanok. Otuz ýaşa çenli maşgala gurmadyk bolsaňyz günä
özüňizde. Onsoňam bir gep: Siz näsag, men lukman. Ikimiziň aramyzda
siziň şikeslenen aýagyňyzy bejermek baradaky gürrüňden başga gep
bolmaly däl bu ýerde. Düşnüklimi?!
Ol Aýnuryň bu aýdan sözlerini gözleriniň tassyklamaýanyny aňdy. Şonuň
üçinem çalarak ýylgyryp:
-Düşnükli, lukman-diýdi. Aýnur:
-Düşünen bolsaňyz gaty gowy-diýdi-de oňa birhili kinaýaly nazar bilen
garap, otagdan çykdy. Şol gün Aýnur öýlerine hemişekisinden üýtgeşik bir
ýagdaýda geldi. Ol bir hili biynjalykdy. Özüniň ruhy dünýäsine nämedir bir
zadyň aralaşanyny duýýardy. Otagyna girip, eşiklerini çalşyrýarka-da,
aşhana geçip, ejesine çaý, nahar taýýarlamaga kömekleşýärkä-de ol
hyýalyndan çykanokdy. Ene ýüregi duýgur bolýar. Gyzynyň şu gün
hemişekisi ýaly däldigini aňan ejesi:
-Aýnur, gyzym, şu gün saňa bir zat bolupdyr, näme boldy, maňa aýtjak
dälmi-diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 25
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.