Latin

Powestler - 26

Total number of words is 3863
Total number of unique words is 2005
34.4 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geçdi. Şu arada menem göwreli boldum. Muny oňa aýdanymda begenen
ýaly boldy. Emma özi Moskwa gaçyp gitdi.
Süraý gürrüňini tamamlap Nadýanyň ýüzüne naýynjar garady. Häliden bäri
bu geplere haýran galyp, tolgunmasyny içine ýuwdup oturan Nadýa:
-Şeý diýseňiz-le, şeýle diÿseñiz-le...- diýip, iki gezek gaýtalan Nadýa
sonunda gazaba münüp:
- Men oňa Napaleon bolmagy öwrederin!-diýdi.
Nadýa Jemallardan çykyp gaýdanynda özüniň ynamyna, söýgüsine urlan bu
zarbadan biçak tolgunan hem bolsa meseläni gykylyksyz, medeniýetli
adamlara mahsus bolan sowukganlylyk bilen çözmegi ýüregine düwdi.
Nazar şol gün işden gijiräk geldi. Gapyny özüniň açary bilen açdy. “Nadýa
entegem gelmändir, nirede eglendikä?” diýip içini gepledip içeri gireninde
stoluň üstündäki bir tagta kagyzyň üstünde ýatan öýüň açaryna gözi
düşende bir ýaramaz ýagdaýyň ýüze çykandygyny syzdy. Çünki gapy
ýapylanda açarsyz gulplanýardu. Nadýa açaryny goýup giden bolsa
gowylygyň alamaty däldigi bellidi. Ol stola ýakyn baryp, açaryň
aşagyndaky kagyzy aldy. Ondaky ýazylan hata göz ýüwürdeninde
depesinden gaýnag suw guýulan ýaly, mejalsyzlanyp, özüni oturgyça
goýberdi. Gözlerine ynanman kagyza ýene-de göz dikdi:
307
“Nazar, aramyz açyk, men Moskwa gidýän, Saňa maslahatym: Napaleon
boljak bol!” Bu gysga hatyň soňky iki sözi oňa hemme zady düşnükli
edipdi.
308
Ýagşy kim, ýaman kim
(hekaýa)
Adamlary uly bolsun, kiçi bolsun bir zat - ykballarynyň meňzeşligi ýa-da
bir umumy bähbit ýakynlaşdyryp, dostlaşdyrýar. Batyr bilen Kadyr aýryaýry synplarda okasalar-da öz synpdaşlaryna garanda aralary has ýakyndy.
Bu olaryň ykbalarynyň meňzeşliginden bolsa gerek. Batyryň hem, Kadyryň
hem kakalary olar iki, üç ýaşlarynda mahaly ejeleri bilen aýrylyşyp,
gidipdiler. Şonuň üçin olar diňe ejeleriniň eklenjinde ýaşaýardylar.
Ogullarynyň dostlugyna garamazdan ejeleriniň gatnaşygy ýokdy, dogrusy
olar biri-birini kän bir halamaýardylar. Batyryň ejesi Dursun daýza obalary
şähere ýakyn bolanyndan peýdalanyp, bazarda gök-sök satyp söwdagärlik
edýärdi. Kadyryň ejesi Selbi bolsa oba zenanlarynyň geýim-gejimlerini
tikip, tikinçilik bilen güzeran aýlaýardy.
Bu iki maşgalanyň ýagdaýyny oba adamlary gowy bilýärdiler. Emma
kakalary öýden gidende oglanlaryň ikisem örän ýaş bolany üçin ejeleri bilen
näme üçin oňuşman aýrylyşanlarynyň sebäbini anyk bilmeýärdiler. Indi olar
ulalyp, orta mekdebiň ýokary synplaryna geçenden soň kakalaryny sorap
başladylar.
Batyr ejesinden kakasy barasynda her sapar soranynda Dursun daýza ör
gökden gelip:
-Şonuň adyny meniň ýanymda agzama diýip näçe gezek aýtdym. Men seniň
ol ykmandany, arakhory kakam diýip, adyny tutmagyñy hem islämok-diýip,
gygyrardy, soňundan bolsa ýuaş äheňde:
-Hemmesi özüňden boldy. Ana, indi şäherde onuň munuň gapysynda işini
edip, kim bäş on manat berse arak alyp içip ýatar-turar ýeriniň hem bellisi
bolman ygyp ýör-diýip, rehimi gelen ýaly gürlärdi.
Ejesiniň bu geplerinden soň Batyr gama batyp: “Näme üçin meniň
ykbalyma beýle ýaman kaka ýazylypdyr. Meniň kakam hem illeriň kakasy
ýaly gowy adam bolan bolsa bolmaýamy” diýip içini gepledip
hamsygýardy. Ol ýüregine agram salyp duran hasratyny biri bilen
paýlaşaýsa birazra ýeňlejek ýalydy. Şonuň üçin ol kakasy barada ejesinden
eşiden geplerini dosty Kadyra aýdyp, içini dökdi. Soňra:
-Kadyr, seniň kakaň hem meniň kakam ýalydyr-da, ýogsam olam sizi taşlap
gitmezdi. Ol hakda ejeň näme diýýä?-diýip, sorady. Kadyr:
-Ejem kakam barada maňa hiç zat aýdanok. Şu çaka çenli menem
soramadym-diýdi.
Ikisiniň arasynda bolan bu gürrüňden soň Kadyr hem öz kakasy barada
oýlanyp başlady: “Meniň kakam nähili adam-ka... Olam Batyryň kakasy
ýaly erbet adammyka. Näme üçin ejem ol hakda hiç zat aýdanok” diýip, oýa
çümýärdi. Ahyr bir gün ol ejesine ýüzlenip:
309
-Eje, senden bir zat sorajak, ýöne dogrusyny aýt-diýdi. Selbi daýza oglunyň
öňler özi bilen beýle äheňde gürleşmeýänine biraz geňirgense-de
mylaýymlyk bilen:
-Dogrusyny aýt, diýmäň näme, oglum. Haçan men saňa nädogry zat
aýtdym. Soraý, sorajak zadyňy-diýdi.
Kadyr uludan bir dem alyp, aşak bakdy-da:
-Meniň kakam nähili adam, ýaman adammy?-diýdi.
Selbi daýza oglunyň kellesine bu zatlaryň nireden gelip ýöränine
öňküsinden beter geňirgendi:
-Sorajak zadyň şumy, oglum?
-Hawa...
-Seniň kakaňy ýaman adam diýiň kim aýtdy?
-Hiç kim aýdanok, ýagşy adam bolsa näme üçin aýrylyşdyňyz?
Näme üçin ol biziň bilen ýaşanok?
-Oglum, ol biziň bilen ýaşamasa-da seniň kakaň. Şonuň üçin saňa ony
ýaman adam diýip aýdyp biljek däl. Näme üçin aýrylyşanymyza gelsek, bu
durmuş, oglum. Durmuşda her hili ýagdaýlar ýüze çykýar. Onuň aňyrsyna
ýetjek bolup durma. Bir wagt gelip oňa duşaýsaň, özüň görersiň nähili
adamdygyny.
-Eje gepi aýlandyryp durmasana, bir söz bilen aýt, ol gowy adammy ýa
ýaman adammy?
-Gowy adam... Indi ynjalaý, oglum-diýip, Selbi daýza ýylgyryp, Kadyryň
başyny sypady...
Bu gürrüňden soň aradan biraz wagt geçip, Batyr bilen Kadyr tomusky dynç
alşyna çykdylar. Bir gün ikisi şähere gezelenç edip gaýtmakçy bolup
obanyň uly ýoluna çykyp, maşyna garaşyp durkalar Aman aga diýen
obadaşlary oglanlary tanap maşynyny olaryň deňinden geçibräk saklady:
-Ugruňyz şähere ýaly-la, geliň, alyp gideýin-diýip, oglanlary çagyrdy.
Oglanlar yzky oturgyja geçip oturanlaryndan Aman aga yzyna gaňrylyp:
-Biriň Berdiniň ogly, biriňem Aşyryň ogly, şeýle gerek-diýip, özüniň
bilgiçligine buýsanan ýaly ýylgyrdy. Oglanlar haýran galmak bilen biribirine seretdiler. Batyr “Men ejemiň ogly” diýmekçi bolup, agzyny açyp
ýetişmänkä Kadyr:
-Siz biziň kakalarymyzy tanaýaňyzmy-diýip , sorady.
-Tanaman näme, biz bir obanyň adamlary ahyryn-diýip, ol maşyny
ýuwaşjadan sürüp barşyna sözüni dowam etdi.-Men siziň maşgalaňyzyň
ýagdaýyna ýetik. “Iki at depişse arada eşek öler” diýlişi ýaly, är-aýal
oňuşman aýrylyşsa çagalara kyn bolýa-da...
-Ýaşuly, meniň kakam bilen bir duşuşasym gelýä, ony nirde görüp bolarkadiýip, Kadyr uludan demini aldy.
310
-Kakaňy juda göresiň gelse bazara bar. Et satylýan hatardaky gassaplaryň
birinden “Aşyr gassap kim?” diýip sorasaň görkezerler. Onuň dükany
hataryň ortaragynda...-diýdip, Aman aga sözüni gutarmanka Kadyr:
-Meniň kakam gassapmy?-diýip, sorady.
-Kakaň etmedik käri ýok. Soňky wagtda gassapçylyk edip ýör-diýip,- Aman
aga maňlaýyndaky aýnadan dymyp oturan Batyra seredip:
-Berdiniň ogly, sen näme kakaňy görjek dälmi?
-Ýok-diýip, Batyr gysga jogap berdi.
-Göresiňem gelenokmy?
-Ýok!-diýip Batyr ýene bir söz bilen pert jogap berdi.
-Kakaňyň-a seni göresi gelýändir. Ýöne ejeň ony baranynda öýe girizmeýär.
-Onuň ýaly adamy ejem öýe girizmezem...
-Şeýle diýsene... Düşnükli...
Aman aga başga geplemedi. Ol oglanyň beýnisini ejesiniň gowuja
“zäherlänine” göz ýetirdi.
Şähere ýetip geldiler. Aman aga maşynyny bazaryň golaýynda ýoluň
gyrasynda saklady. Ol eline bir depderçe bilen galam aldy. Depderçäniň bir
kagyzyna bir zatlary ýazyp, ýyrtyp aly-da, ony iki epläp Batyra uzatdy:
-Mä al, kakaňyň öýüniň salgysy. Wagt gelip aňyňa aýlansaň baryp görersiňdiýdi.
Batyr kagyzy göwünli-göwünsiz aldy-da
-Onuň öýi bamy näme?-diýip, sorady.
Aman aga kellesini ýaýkap gülümsiredi.
-Baraýsaň görersiň, barmy, ýokmy-diýip, ol oglanlary düşürip, gapylaryny
gulplady-da, hoşlaşyp bazar tarapa gitdi.
Batyr bilen Kadyr obadan çykanlarynda şäherde seýil bagyna baryp,
karusele münüp, doňdurmadan doýup hezil edip gaýtmakçydylar. Seýil
bagyna barmak üçin şu ýerden ýene ulaga münmeliddiler. Emma Kadyr ilki
bilen kakasyny görmekçidigini dostuna duýdurdy. Şundan soň olar bazara
girip, et dükanlaryň hatarynyň üstünden bardylar. Ine, gassaplaryň kimisi
ellerinde pyçaklaryny ýalpyldadyp, et kesip, ölçäp dur, kimisi duşundan
geçenleri “Gel, gowy et bereýin” diýip çagyryp dur. Hany bularyň haýsysy
Kadyryň kakasy, ony Kadyr birinden soramasa biljek däldi. Çünki ol
kakasyny üç ýaşyny hem doldurmanka görüpdi. Ondan bäri on ýyldanam
gowrak wagt geçdi. Indi onuň ýüz keşbi hem ýadynda ýok. Kadyr ýüregini
bire baglap, bärki çetdäki dükandan çykyp, ýelpenip duran gassapdan
sorady:
-Ýaşuly, Aşyr aganyň dükany haýsy?
Orta ýaşlaryndaky bu gassap oglanyň soragynamy ýa-da özüniň eýýäm
“ýaşuly” bolanynamy geňirgenip, Kadyry bir salym synlap durdy-da, soň
jogap berdi:
311
-Sen haýsy Aşyry soraýaň, bu ýerde iki Aşyr bar. Hataryň aňyrky çetinde
Aşyrbaý gassap, meniň dükanymdan alty dükan aňyrkysynda Aşyr pyýan
diýeni bar.
Kadyr bu adamyň “Aşyr pyýan” diýenine bir hili boldy. Çünki Aman
aganyň “Kakaňyň dükany hataryň ortaragynda” diýeni ýadyna düşdi. Kadyr
“näme üçin oňa pyýan” diýýäler diýip soramakçy boldy. Emma soň
çekinipmi bu pikirinden gaýtdy. Ol hiç zat diýmän “sag bola” derek
kellesini atyp ýöräberdi. Batyr bilen tirkeşip aýdylan dükanyň öňüne bardy.
Dükanyň içinde ýüzlerine ýag çalynan ýaly garaýagyz adam agzyny
dolduryp bir zatlar iýip oturan ekeni. Ol özüne seredip duran oglanlary
görenden ýerinden turup, agzyndakysyny ýuwdup, pyçagyny eline aldy-da:
-Geliň oglanlar! Ejeleriňiz et getir diýdimi, böreklik edip alyň diýendirler.
Edil ejeňiziň aýdyşy ýaly edip berýän. Hany, näçe kilodan-diýip, pyçagyny
oýnadyp başlady. Kadyr kaka diýip aýtmaly bu adamyň birneme gyzaran
gözlerine seredip durşuna:
-Bize et gerek däl-diýdi.
-Bä onda näme gerek?
Kadyr bir göwni hiç zat diýämn gaýdyberjegem boldy. Ýöne indi bu ýere
gelip, onuň bilen duşuşandan soň özüni tanadasy, soňunda näme boljagyny
bilesi geldi:
-Meni tanamadyňmy? - Oglanyň dikiräk edip beren bu soragyndan soň ol
oňa has içgin garady-da birden ýüzi-gözi üýtgedi. Adamyň nähili pisint
kişiligine garamazdan aradan näçe ýyl geçse-de, öz süňňüni tanamazlygy
mümkin däl. Ol ogluny tanady:
-Sen Kadyrmy?-diýip, derjirän ýüzüni kir ýaglyga süpürdi.
-Hawa, men Kadyr…
-Hä, Kadyr diýsene. Seni meň ýanyma ejeň goýberdimi?
-Ýok, özüm geldim.
-Ýok, diýme. Men ejeňiň mekirligini bilýän-le, bar kakaňdan pul getir,
diýendir…
-Ejeme mekir, diýme! Ol sen hakda ýaman söz aýdanok…
-Bolýa, diýmäýin-diýip, ol bölek etden bir paý aldy-da, salafana salyp
Kadyra uzatdy:
-Mä al, häzir mende ejeňe berer ýaly artykmaç pul ýok. Geleniňe görä şu eti
alyp gidiber-diýdi. Kayr gaharyna çym gyzyl boldy, eti yzyna oklady-da,
hiç zat diýmän öwrülip, çalt ýöräp gitdi. Batyr onuň yzyna zordan
eýerýärdi. Olar bazardan çykanlarynda-da Kadyryň gaharynyň
köşeşmändigi ýüzi-gözünden bildirip durdy.
Ol “Ejem maňa kakaň gowy adam diýipdi. Hany onuň gowulygy. Gowy
adam şeýle bolýamy. Näme üçin ejem maňa dogrusyny aýtmadyka…
Batyryň ejesi dogrusyny aýdypdyr-a…” diýip içini gepledýärdi.
312
-Batyr-diýip, Kadyr uludan dem aldy.-Ejem maňa kakaň gowy adam
diýipdi. Gowusy şeýle bolsa, seniň ýaman diýilýän kakaň nähilikä?
-Hapa bolma, dostum. Etini oň öñüne zynñyp, gowy etdiň. Indi oňa kaka
diýmejegiňe düşünendir-diýip, Batyr dostuny köşeşdirmekçi boldy. Soňra:
-Näme diýsene, Kadyr, gel, meň kakamam göreli. Menem oňa aýtmaly
zadymy aýdyp, içimi sowadaýyn. Ejem onuň ýatar-turara ýeri-de ýok,
diýipdi. Soň bir sümelge tapandyrda. Ine barsak göreris-diýip, Aman
aganyň beren kagyzyny açyp seretdi. Kadyr hem dostunyň islegine garşy
bolup durmady. Olar taksa münüp şol salgy berlen ýere bardylar. Emma
Batyr ejesiniň aýdan ykmanda adamyň ýaşaýan ýerine düýbünden
meňzemeýän bu jaýa seredip öz gözlerine ynanmady.
-Kakamyň ýaşaýan ýeri şumyka? Aman aga ýalňyş aýdan bolmasyn?
-Aman aga anyk bilmese ýazyp bermezdi. Ana, derwezäniň gapdalynda
düwmejik bar, basyp göreli, biri çykar, sorap göreris-diýip, Kadyr düwmäni
basdy. Bir salymdan derwezäniň gapysy açylyp, içerden orta ýaşly
mylaýym zenan çykdy. Ol oba oglanlaryny görüp geň galdy:
-Size kim gerek, oglanlar?
-Berdi aga şu ýerde ýaşaýamy-diýip, Kadyr gyssanmaç sorady.
-Hawa, şu ýerde ýaşaýar. Oňa ýumşuňyz barmy?
Kadyr “aýt” diýen manyda Batyra garady. Batyr tolgunýanyny
duýdurmajak bolup, ardynjyrady.
-Onuň özüni görüp gidäýjek
Oglanlaryň bu gepi zenanyň bilesigelijiligini has artdyrdy:
-Ol häzir öýde ýok. Näme gepiňiz bolsa maňa aýdyp gidiberiň. Men onuň
aýaly-diýip, Batyra has içgin garady. Batyr ekabyrlanyp, batyrgaýrak
dillendi.
-Aýtmaly gepimiz ýok. Men onuň özüni görjekdim. - Ol biraz sägindi-Ol meniň kakam bolmaly.
Bu gepi eşidenden aýalyň ýüzi üýtgäp gitdi. Öňki gül ýaly açylyp duran
keşbine bulut saýa salan ýaly boldy. Ol äriniň öňki aýalyndan ogly baryny
bilýärdi. Çünki Berdi onuň ýanynda-da Batyry ýatlaýardy. Ol şonda-da
gaşyny çytmaýardy. Ärine duýgudaşlyk bildirýärdi. Onda näme üçin häzir
onuň ýüzi üýtgedi. Her näçe düşünjeli bolsa-da aýal-aýaldyr-da. Munuň
ýaly ýagdaýda ýüzi üýtgemejek aýal tapylmarmyka? Emma hakyky
adamkärçilikli, asylly zenan öz içinden şeýtany duýgyyn basmarlap
bilýändir. Oglanlaryň garşysynda duran zenan hem şeýledi. Ol özüni ele
aldy, onuň ýüzi nurlandy:
-Şeýle diýsene, Batyr diýsene…
Batyr onuň öz adyny bilýänine haýran galdy:
-Şeýle diýsene, şeýle diýsene. Onuň bir gepi gaýtalamasy biraz
tolgunýanyny bildirýärdi.
313
-Hany içeri gireli, kakaňam basym geler…
Batyr Kadyr bilen derwezeden girip, iki tarapyna reňbe-reň güller ekilen
çaklaňja howlyny, garşydaky bir tarapy aýnaly eýwanly jaýy görende
kakasynyň şular ýaly kaşaň jaýda ýaşaýanyna ynanjagyny-da,
ynanmajagyny-da bilmeýärdi. Aýal oglanlary girilen ýeräki aýnaly eýwanda
oturdyp, saçak ýazdy. Şol wagt içerden bir gyzjagaz çykdy. Ol oglanlara bir
hili ýadyrgap seretdi:
-Eje bular kim?
-Garyndaşlarymyz, gyzym, salamlaş agalaň bilen-diýdi. Gyzjagaz
oglanlaryň uzadylan elleriniň aýasyna eýjejik elini “şirp, şirip” edip urdyda, ylgap içeri girip gitdi.
Bir salymdan derwezåniñ jaňy basyldy. Aýal ylgap gidip, derwezäniň iki
tarapyny hem açdy. Howla ak reňkli ýeñil maşyn girdi. Aýnaly eýwandan
howly görnüp durany üçin Batyr şol ýandan gözüni aýyrman otyrdy.
Maşyndan uzyn boýly, hortabrak, ýüzüniň görnüşiniň ýaşdygyna
garamazdan saçlaryna kümüşsöw reňk çaýylan, geýnüwli adam düşdi. Ony
görenden Batyryň ýüregi gürsüldäp urup başlady. Ol derwezäni ýapyp
gelýänçä aýaly eýwanyň açyk gapysynyň öňünde oňa garaşyp durdy.
-Dur, kakasy, sen maňa buşluk bermeli bolduň-diýip ony aýaly saklady.
-Şeýlemi, buşluk bermeli zat bolsa bererin. Aýt, nämäniň buşlugy?
-Batyr geldi.
-Batyr. Kim Batyr?
-Ogluň Batyr.
-Ä… Hany nirede?
-Özem dosty bilen gelipdir.
Onuň tolgunmadan ýaňa tutuş göwresi gowşap, bir hili ejizlän ýaly boldy.
Batyr hem kakasy gapynyň öňüne gelende biygtyýar ýerinden turupdy,
tolgunyp oňa garaşýardy. Berdi gapydan girenden ol kakasyna tarap iki
ädim ätdi-de:
-Salawmaleýkim-diýdi. Ol ilki “Salam kaka!” diýjekdi, emma näme üçindir
soňky sözi aýtmaga çekindi.
Berdi “Waleýkim” diýip, görüşmek üçin elini uzatdy. Ol oglunyň elini
mäkäm gysyp durşuna onuň ýüzi-gözünden nazaryny aýryp bilmän
seredýärdi. Ol bu halda uzak durup bilmedi, Batyry özüne çekip, bagryna
basanyny duýman galdy. Ol:
-Oglum, meni bagyşla, men senden habar tutmagyň ugruny tapmadym.
Munuň hem sebäpleri bar. Ony saňa soň düşündirerin. Ine özüň gelipsiň,
berekella…-diýip, Batyryň kellesini sypalaýardy…
Şu ýerde hekaýany tamamlasak hem boljak. Çünki mundan soň boljak
zatlary islendik adamyň özi göz öňüne getirip biler. Onsoňam bu ýerde
314
hekaýanyň adyna görä ýagşy kim, ýaman kim, ony-da aýyl-saýyl etmek kyn
bolmasa gerek.
315
Mermer daş
(hekaýa)
Ol şäheriň çeträgindäki köçeleriň birinde, töwerekäki käbir kaşaň
jaýlardan tapawutly ýönekeýje jaýda ýaşaýardy. Şeýle-de bolsa onuň öýi
beýlekilere garanda has gelim-gidimlidi. Dost-ýarlary gelip, çaý başynda
söhbet gurardylar, telewizorda aýdym-saz diňlärdiler.
Emma döwürem, döwranam ötegçi diýlişi ýaly wagty gelip, bu öýüň
hem gelim-gidimi seýrekleşdi, soňabaka gelip gidýänleriň aýagam kesildi.
Munuň sebäbine düşünen bolsaňyz gerek, öýüň eýesi dünýäsini
täzeledi. Özem ir, altmyşa-da ýetmän gitdi. Yzynda aýaly bilen entek öýerip
ýetişmedik bir ogly galdy.
Günleriň birinde bu jaýyň gapysynyň öňüne ap-ak täzeje “Mersedes”
gelip togtady. Ondan ýaşy altmyşdan ätlän, kümüşsöw saçly, geýnüwli
daýaw adam düşdi. Şol wagt, maşynyň sesine, jaýdan garaýagyz, orta
boýly, saçlary gaşyna düşüp duran ýigit çykdy. Gapynyň öňünde ýaşuly
bilen ýaş ýigit bir salym biri-birine bilesigelijilik bilen seredip durdylar.
-Sen Nurmyradyň oglymy? -Ýaşuly ýigidi boýdan başa synlap sorady.
-Hawa, Salawmaleýkim…
-Salamy ilki bererler-diýip, ýaşuly kinaýaly ýylgyrdy.-Meniňem
salamyňy aldygym bolsun. Indi ikimiz bir tanyşaly. Adyň kim?
-Aýmyrat.
-Aýmyrat diýsene, Nurmyrat pahyr adyňy özüniň adyna
kapiýalaşdyryp dakan ekeni. Meniň adym Nedir. Ýaşlykda kakaň bilen bile
oýnap ösdük, gowy görüşýädik, ýakyn dostduk…
-Ýaşuly öýe giriň, gapynyň öňünde durmaly-diýip, Aýmyrat
myhmanyň sözüni böldi.
-Teklip edýän bolsaň giräýeli. Galanyny içerde gepleşeris. Ýöne sen
indi maňa ýaşuly diýmän, Nedir aga diýäý.
Gapydan girilen ýer çaklaňja eýwan bolup, pukara öýüň goşlaryköneräk diwan, kreslo, kiçiräk telewizor, pola fabrik halylary düşelendi.
Myhman geçip oturandan Aýmyrat orta saçak ýazdy, çörek goýdy.
-Men häzir çaý demläýin.
-Ýok çaý gerek däl, otur. Meniň eşidişime görä ejeň ikiňiz ýaşaýan
ekeniňiz. Ejeň nirede?
-Ejem işde, giçlik gelýä.
-Sen işläňokmy?
-Ýok, men ýakynda gullukdan geldim. Entek işe ýerleşmedim.
-Düşnükli. Men saňa aýtsam, kakaň ýogalanda-da, onuň soňky
märekelerine-de gelip bilmedim. Sebäbi men köp ýyldan bäri Aşgabatda
316
işleýärdim. Ýakynda geldim. Indi sen häzir meniň bilen ýör-de kakaň
gubruny görkez. Men oňa zyýarat etjek.
Aýmyrat gapyny gulplap, maşyna mündi. Ol ýol boýy garaşylmadyk bu
myhmanyň bolşuna birneme geň galyp barýardy. Ony gonamçylygyň
törräginde jaýlanan kakasynyň gubruna eltdi. Guburyň başujynda
Nurmyradyň ady, atasynyň ady, doglan we ýogalan seneleri ýazylan bir
bölek tagta bardy.
Nedir gubryň başujyna geçdi-de aýagynyň üstünde aşak oturdy. Aýmyrat
hem oturyp, onuň töwür galdyrmagyna garaşdy. Emma ol beýle etmedi,
ýazgyly tagtanyň ýüzüne seredip, esli wagt dymyp oturdy. Ol oýa çümüpdi.
Bütin geçmişini-çagalyk, ýetginjeklik, ýigitlik ýyllaryny, şol döwürde Nurik
bilen, Nurjan bilen (ol Nurmyrada oglankalar “Nurik”, ýigit çykanlaryndan
soň “Nurjan” diýerdi) oýnap-ösen ýyllaryny, soňra ýigitligiň käbir
şohlyklaryny ýatlaýardy. Aýratynam, bir sapar Şabat kanalyna suwa
düşenlerinde bolan aýylganç waka ömürboýy ýadynda möhürlenip galypdy.
Şonda oglanlar Şabadyň aňyrky gyrasyna ýüzüp geçmişek edenlerinde ol
kanalyň ortasyna-da ýetmän ysgyny gaçyp çümüp gitdi. Şo mahal onuň
ýanynda ýüzüp gelýän Nurmyrat şol bada çümüp ony aşagyndan göterip
suwyň ýüzüne çykardy we ýagyrnysynda gyra alyp çykdy.
Nurmyradyň öz janyny howp astynda goýup, bu eden işi ýöne-möne
ýagşylyk däldi. Muny gowy bilýän Nediriň ýüreginde dostuna çäksiz
minnetdarlyk bilen bergidarlyk duýgusy hemişelik saklanýardy.
Nedir Nurmyradyň gubrunyň başynda bu wakany ýene bir gezek ýatlap,
“Eziz dostum, seniň şol eden batyrlygyň sebäpli men häzirem ýaşap ýörün.
Men seniň bu ýagşylygyňy diriligiňde gaýtaryp bilmedim. Indi seniň
ýoklygyňda nädip gaýtaraýyn?...”-diýip pyşyrdady. Ol gözüniň ýaşyny
ýaglygy bilen süpürip oturan Aýmyrada garady-da, ellerini galdyryp, bilen
dogalaryny okady. Soňra “Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dostum” diýip,
ýerinden turup, töweregine göz aýlady.
Gonamçylykdaky dürli guburlar - üstüne mermer daş ýatyrlanlary, bişen
kerpiçden timarlanyp, nagyşlanyp gurlanlary Nurmyradyňky ýaly ýönekeý
guburlardan gurply adamlar bilen pukara adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ýaly
tapawutlanýardy. Muny synlap duran Nedir: “Deňlik o dünýäde diýenleri
dogry däl-ä. Bu ýerde-de deňlik ýok ekeni” diýip serinden geçirdi.
Gonamçylykdan gaýdyşyn tä Aýmyrady öýlerine eltýänçä Nedir ýeke agyz
hem geplemedi. Aýmyrat hem onuň häzir näme iş edýändigini, nirede
ýaşaýandygyny bilesi gelse-de soramaga çekinip ümsüm oturdy. Maşyn
gelip gapynyň öňünde saklananda Nedir jübüsinden “wizitkasyny” çykaryp
Aýmyrada uzatdy:
-Ine, şunda salgym, telefonlarym ýazylan. Menlik ýumşuň bolsa çekinme,
bar, jaň et-diýdi.
317
Aýmyrat ak “Mersedes” köçeden çykyp gidýänçä onuň yzyndan seredip
durdy. Soňra elindäki “wizitkany” okap, Nediriň öýüniň salgysyny,
telefonlaryny bilip aldy. Giçlik ejesi işinden gelende bolan wakany gürrüň
berdi.
-Nedir diýdiňmi? Ýadymda ýok. Kakaňyň dostlary köpdi. Olam şolaryň
biridir-de-diýip, ejesi oňa känbir ähmiýet bermedi.
Şol günüň ertesi Nedir ýene-de geldi. Maşynyň sesine içerden çykan
Aýmyrat salamlaşyp:
-Nedir aga, içeri giriň, çaýlaşaly-diýdi.
-Sag bol, Aýmyrat, seniň bilen soň arkaýyn oturarys. Häzir meniň işim
gyssagly. Sen maňa kakaňyň soňky wagtda düşen suraty bolsa ber. Öýde
onuň bilen ýaşlykda düşen suratlarymyz bar eken. Men onuň soňky
döwrüni göresim gelýär.
Aýmyrat içeri girip, bir salymdan kakasynyň soňky düşen suratlaryndan
birini çykaryp berdi. Nedir aga suraty alyp, oňa bir salym seretdi-de, goltuk
jübüsine salyp, Aýmyrat bilen hoşlaşdy.
Arandan iki aýa golaý wagt geçdi. Hatyra günüdi. Aýmyrat ejesi bilen irden
gonamçylyga barmak üçin ýola çykdylar. Gonamçylyga baryp gelýän
goňşysy Güljan daýza olary saklap saglyk-amanlyk soraşdy, soňra:
-Aýmyratjan, dädeňiň üstüni ne enaýy edip bejeripsiň, görüp haýran
galdym, tüwelleme!-diýdi.
Aýmyrat bilen ejesi bu gepe geň galyp, biri-birine seredişdi. Ýöne hiç zat
diýmän, gonamçylyga tizräk ýetmäge howlukdylar. Baryp görseler,
goňşysynyň aýdyşy ýaly gubur göreni aňk edýän edip bejerilipdir. Töweregi
betonlanan gubryň üstüne uzynlygy bir ýarym metr, ini bir metre golaý
ýalpyldap duran gara mermer ýatyrylyp, başujyna-da şonuň ýaly mermer
dikligine oturdylypdyr. Onuň ýüzünde bolsa Nurmyradyň suraty şeýle bir
ussatlyk bilen çekilipdir welin, göýä ol daşyň ýüzünde däl-de, içinde oturan
ýalydy.
Suratyň aşagynda merhumyň doglan we ýogalan seneleri, ýatyrylan daşa
bolsa onuň ýagty ýadygärliginiň ýüreklerde ebedi ýaşajakdygy barada
şahyrana sözler zer harplar bilen ýazylypdyr.
Mermerdäki surat Nedir aganyň Aýmyratdan alyp giden suratydy.
Şondanam bu işi kimiň edendigi bellidi.
Ejesi bilen Aýmyrat gubryň başynda esli wagt oturdylar. Soňra ejesi
gözüniň ýaşlaryny süpürip:
-Oglum, ol adamyň ýanyna baryp, sag bolsun aýdyp gaýt-diýdi.
-Barjak, şu günüň özünde barjak, eje.
Aýmyrat agşamara Nedir aganyň berip giden salgysy boýunça jaň etdi.
Öýünde ekeni. Bardy. Ol ony güler ýüz bilen garşy aldy. Köşk ýaly jaýy
görüp Aýmyradyň kalbynda, görüplig-ä däl, “Meniňem öýüm şunuň ýaly
318
bolsady” diýen arzuwa meňzeş bir duýgy döredi. Içerki otagdan Nedir
aganyň özünden has ýaş, owadan aýal çykdy. Salamlaşyp saçak ýazdy.
-Ýeri, Aýmyrat, aýdyp otur, bir ýumuş bilenmi ýa-da Nedir agam bilen bir
salamlaşyp gaýdaýyn diýip geldiňmi?
-Ýumuş bilen gelemok, Nedir aga. Dädemiň gubruny mermer örtüp
bejerdipsiňiz, men şoňa sag bolsun aýtmaga geldim. Bu ýagşylygyňyz
Alladan gaýtsyn!
Nedir aga mylaýym ýylgyrdy:
-Aýmyrat jan, onuň üçin maňa sag bolsun aýtmagyň geregi ýok. Sebäbi
men ony ýagşylyk hökmünde däl-de, kakaňa örän uly bergim bolany üçin,
diriliginde gaýtaryp bilmänim üçin etdim.
Bu gepe bir hili geň galan Aýmyrat Nedir aganyň ýüzüne bilesigelijilik
bilen garady, kellesine gelen soragy dile almaga ejap etse-de soraman durup
bilmedi:
-Uly bergim üçin diýdiňizmi? Ol näçeräkdi?...
Nedir aga bu sapar kellesini ýaýkap gamgyn ýylgyrdy:
-Meniň kakaňa bergim, seniň oýlaýşyň ýaly näçe-päçe däl. Ony pul bilen,
zat bilen ölçäp bolmaýar. Meniň oňa bergim gursagymda urup duran
ýüregim, janym.
Nedir aganyň jogabyna beter geň galan Aýmyrat:
-Düşünmedim, Nedir aga-diýdi. Şundan soň Nedir aga Aýmyrada
oglanlykda bolan şol wakany gürrüň berdi. Soňunda:
-Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaýar diýýärler. Adam birinden gören
ýamanlygyny unutsa-da, ýagşylygy hiç haçan unutmaly däldir.
Mümkinçiligi bolsa ony nähili ýol bilen bolsada gaýtarmagy gerek-diýdi.
319
320
Mukaddes ýadygärlik
(hekaýa)
Durdy aga ýegeni Bekmyradyň täze salan jaýyny soraşdyryp günortana
golaý zordan tapdy. Bişen kerpiçden daşy timarlanyp gurlan jaýyň öňünde
aýak çeken ýaşuly ony boýdan-başa nazaryndan geçirdi. Içinden “Nesip
etsin, gowy jaý eken” diýip gapynyň jaňyny basdy. Içerden nätanyş gelin
çykdy.
-Salam, bize geldiňizmi?
-Men şu öýe geldim welin, ýöne seni tanamadym-la, gyzym.
-Size kim gerek özi?
-Maňa Bekke gerek, Bekkeniň öýi dälmi şu?
-Ýok, bu ýerde Bekke diýen ýaşanok. Bu Bekmyradyň öýi.
-Wah-eý, asyl özi-dä, ýaşlygynda Bekke diýip söýgüleýärdik, öwrenen dildä. Sen gyzym, gelniň garyndaşlaryndan bolaýsaň gerek?
-Ýok, men gelniniň özi.
-Näme? Gelniniň özi? Aý onda bu başga Bekmyradyň öýi bolup çykdy.
Men ýegenimiň gelnini gowy tanaýan. Bagyşla, gyzym-diýip, Durdy aga
yzyna öwrüleninde ol gelin:
-Ýaşuly, siz Bekmyradyň daýysy bolýan bolsaňyz içeri giriň, gitmäň. Onuň
özi size düşündirer-diýip, yzyna dolandy. Durdy aga bu ýerde bir “Paçak
gömdiniň” bardygyny aňdy. Içeri gireninde bir tarapy aýnabent uly
eýwanyň bir çetinde iki ýassyga ýaplanyp çaý içýän ýegenine gözi düşüp,
ardynjyrady. Bekmyrat ýalt edip seretdi-de, tirsegine galdy:
-Gel-gel, ýaşuly-diýip, bir elini uzatdy. Durdy aga eňilip onuň uzadan elini
iki eliniň aýasyna alyp görüşdi-de garşysynda otury. Daýysynyň bu
hereketiniň manysyna düşündimi nätdimi ol dikelip oturdy. Durdy aga
soraşmagyň deregine:
-Meni tanadyňmy, ýegen?-diýdi.
-Tanaman näme, tanadym, daýy.
-Onda şol gapdalyňdaky telefony bäri süýşür.
Telefony alyp beren Bekmyrat daýysynyň soraşman dagy etmän telefona
ýapyşybermegine geň galyp, sorady.
-Beýle gyssagly nirä jaň etjek, daýy?
-Bir dostum bar şoňa... Alo, trawmatologiýamy?... A? Hanjan, özüňmi-aýt?
Bä, sesimden tanadyňow. Görüşmänimizede köp wagt boldy, ahyryn. Hawa
obamyz şähere daşrak bolansoň seýregräk gelinýä-dä. Indiki sapar bararyn,
sag bol! Näme diýsene, şu ýerde meniň bir ýegenim bar, şonuň bili
döwlüpmi, oňurgasy ýazypmy, gelip, bir emini edäýseň. Salgysymy?...
-Eý, daýy, kimi aýdýaň, menimi?
-Hawa, seni.
321
-Meniň döwük-ýenjik ýerim ýok, näme diýip jaň edip otyrsyň.
-Eşitdiňmi? Hanjan, döwük-ýenjigi ýok ekeni. Men ýalňyş düşünipdirin,
hoş, sag bol!
-Dogrudanam ýokmy döwük- ýenjigiň?
-Ýok.
-Onuň ýaly bolsa, daýyň bilen ýeriňden turup salamlaşmaga ýaramadyň-a,
ýegen?
-Be daýy, ýaman öýkelek bolupsyňow, özüm ýadap gelip ýaňy bir çäýnek
çaýy öňüme alypdym, ahyryn.
-Şol wagt ýaňky gelin bir çäýnek çaý getirip saçakda goýup gitdi. Durdy
aga hyrçyny dişläp, ýegeniniň ýüzüne hyrsyz seretdi:
-Sen diňe jaýyňy däl, içeriňem täzeläpsiz öýdýän.
-Hawa, şeýle boldy daýy-diýip, Bekmyrat ýüzüni aşak saldy.
-Men indi seniň bu işiňe näme dijegimi bilemok, ýegen. Onyňa
üýtgeşik gowy maşgalady.
-Gowy bolany üçin menem ony öýkeledemok. Ol jaýy goş-golamy bilen
özlerine goýup gaýtdym. Alyp saklan gyzymyzam boýy ýetip barýar, men
özümdenem bir perzent göreýin diýdim...
-Hmm düşnükli. Ýöne, ýegen, munuň ýaly-da ýerden ýeke çykan ýaly öz
bildigiňi etmezler. Meni hasap etmeseň, seni terbiýeläp kemala getiren ataň
bar, Entek ol aýatda dir-ä. Baryp bir agyz razylygyny sorasaň, patasyny
alsaň bolmazmydy?
Durdy aganyň Bekmyrada atasyny ýatlatmagy ýöne ýere däldi. Kakasy
aradan çykanda Bekmyrat alty ýaşyndaky çagady. Bir ýyldan soň onuň
ejesine jogap berip, Bekmyrady atasy terbiýesinde alyp galypdy, şonda
Durdy aga doganyny goş golamy bilen öz öýüne alyp gelipdi.
-Sen ýegen, soňky wagtda bir neme üýtgediň, ejeň dünýäsini täzelänine iki
ýyldanam geçdi. Seniň onuň ýyl sadakasyna baryp gaýdanyňdan soň ne
bizden, ne ataňlardan habar aldyň.
Bekmyrat daýysynyň geplerini diňläp otursa-da kellesinde başga pikirler
aýlanýardy: “Bi garry näme diýip geldi-kä? Diňe maňa akyl bermäge gelen
däldir, bir ýumuşjagazy bardyr, ýa pul gerekdir, Muny hiç zat soramaz ýaly
etmesem bolmar”.
-Daýy, senem, atam dagam menden öýkelemeli dälsiňiz. Bir ýyl bäri şu jaýa
ulaşyp, hiç zada elim degenok. Jaý gurmak aňsat däl ekeni.meni juldan
çykardy.
-Ha-ha.-Durdy aga kellesini ýaýkap güldi.-Be, ýegen, öňüni aldyňow, men
senden bir maşyna ýeter ýaly pul sorap gelipdim.
Bekmyrat daýysynyň ýaňsa alyp aýdan sözüne öýkelän kişi boldy.
-Baý daýy, oýun edýäň-ow, men saňa gara çynymy aýtdym.
322
-Gara çynyň bolsa bize daga baraýmaly ekeniň, kömek ederdik-diýip,
Durdy aga ýegenine garap kinaýaly gülümjiredi. Edil şu wagt kellesine bir
pikir gelip, ony bir synap görmekligi ýüregine düwdi.
-Ýegen men senden hiç zat sorap gelemok, gaýtam ejeň pahyrdan galan bir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 27
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.