Latin

Powestler - 27

Total number of words is 3897
Total number of unique words is 2117
33.5 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýadygärlik zat bar, şony baryp alyp gaýt, diýip aýtmaga gelipdim.
-A?! O näme zat, daýy?
-Alyp gaýtmaga baranyňda görersiň.
-Ol gymmat bahaly zatmy?
-Gaty gymmat bahaly zat.
-Ony şu gelşiňde özüň getiräýmänsiň-de daýy.
-Häh, seni bir! Ejeň pahyryň öten ýerine baryp, bir aýat töwir edip, onsoň
alyp gaýtsaň ejeňňem ruhy şat bolardy, ahyryn.
-Dogry, dogry, daýy. Özüm bararyn. Hany, sen indi arkaýyn oturyp çaýyňy
içiber. Men bir naharyň habaryny tutaýyn-diýip, ýerinden turdy. Durdy agada gozgandy.
-Ýok, men çaý içdim, naharyňa oturjak däl, gaýtjak.
-Beýtme daýy, aýda-ýylda bir gelip naharsyz gitseň gelşigi bolmaz.
-Aý, onsuzam gelşiksiz zatlar ýeterlik boldy.
-Baý oňardyňow daýy, bagyşla. Indikide seni diňe ýerimden turup däl,
gujaklap garşy alaryn.
Şol wagt gelin owadan mejimäniň üstünde iki şakäsede unaş getirdi. Ol:
-Bir sagada galman palawam taýýar bolýar-diýdi.
-Bu naharyňy iýeli, taýýar aşy goýup gidip bolmaz. Palawy bolsa özüňiz
iýiberiň, gelin-diýip, Durdy aga aşak oturdy. Gelin gitdi.
-Gelniň gaty myhmansöýer ekeni, ýegen. Ýöne beýdip her gelen myhmana
iküç nahar bişirip beriberse, seni beter juldan çykarar-diýip, Durdy aga
degşip güldi.
Unaşdan soň turarman bolan Durdy agany ýegeni ikinji nahara-da alyp
galjak bolup jan etdi. Bu mähribanlygyň ejesinden galan ýadygärligi
eşideninden soň başlananyny aňyp oturan Durdy aga onuň hödür-keremine
garaman omyn edip, ýerinden turdy. Daýysyny köçä çenli ugradyp çykan
Bekmyrat:
-Maşynymy satmadyk bolsam özüm eltip gaýdardym, daýy-diýip,
ýallaklady. Öňümizdäki bazar maşyn alaryn. Onsoň haçan gelseň özüm
elinje eltip gaýdaryn.
-Sag bol, ýegen, şu aýdýanyňam bolýa. Ýöne ýaňy aýdyşyň ýaly körköpügiň galmadyk bolsa maşyny nädip aljak?
Öz sözünden tutulan Bekmyrat ne utandy, ne gyzardy. Gaýtam gülüp:
-Aý daýy “jaýa-toýa hudaý ýetirer” diýýäler , maşyna-da ýetirer özi-diýdi.
-Ýetirsin, ýetirsin, ýegen. Men gitdim, hoş-diýip, ýaşuly ýoluna rowana
boldy.
323
-Daýy, ol zada men haçan baraýyn?-diýip, Bekmyrat gidip barýan
daýysynyň yzyndan gygyrdy.
Durdy aga aýak çekip, yzyna öwrüldi.
-Haçan barsaň baryber. Isleseň maşyn alanyňdan soň bar.
-Aý, oňa çenli bir azrak wagt bar, ertir taksi tutup baraýaryn.
-Baryber bakaly-diýip, ýaşuly içinden gülüp goýdy.
Daýysyny ugradyp içeri giren Bekmyrat üstünden agyr ýük göçen ýaly
uludan demini alyp, aşak çökdi. Kellesinde bolsa daýysynyň aýdan gymmat
bahaly zadynyň pikiri at salýardy: “Be, näme zatka ol? Göwher gaşy
ýüzükmi-kä ýa sap altyndan ýasalan gülýakamy-ka. Ejemde şonuň ýaly
zatlar bar bolmaly. Daýym näme üçin onuň nämedigini aýtmady? Özümem
hetjikläp soramadym-da”.
Bu oý-hyýal oña gijesi bilenem dynçlyk bermedi. Ertesi irden taksi tutup
ýola düşdi. Ol daýysyvnyň öýüne ýetip baranda Gün ýaňy guşluga galypdy.
Baharyň sergin şemaly öwüsýärdi. Obanyň howasy Bekmyrada hoş ýakyp,
onuň keýpini göterdi. Mellek ýerine suw açyp ýören Durdy aga ýegeniniň
gelenini görüp içinden “Be, munça irläpdir bu gijesi bilenem arkaýyn ýatyp
bilmändir öýdýän” diýip, assyryn gülüp goýdy. Ol pilini çile sanjyp,
gelenlere tarap ýöredi.
-Aý, tüweleme ýegen, sözüňde tapylyp geläýipsiň-diýip, görşüp, soraşdy.
Içeri girdiler. Durdy aganyň özi saçak ýazyp, uly termosdaky demlenen
çaýy öňlerine goýdy.
-Ýegen, siz çaý içiberiň, häzir ýeňňeňem geler, daşda däl, bir iş bilen
gidipdi, arkaýynja oturyň. Men bir söwüş etmesem bolmaz-diýip, Durdy
aga ýerinden gozgananynda:
-Ýok, daýy, söwüşiňem goý, köwüşiňem! Meň işim ýaman gyssagly-diýip,
ör-gökden geldi.
-Bä, nätdiňaýt, ýegen, gelmän gelmän bir gelipsiň, onsoň saňa bir hezzethormat etmän boş gaýtaryp bolmaz, ahyryn.
-Aýdan zadyňy berseň, boş gaýtardygyň bolmaz. Şonuň özi ýeterlik. Daýy.
Meni egleme. Ine duz datdyk, ejemiň ruhuna bir aýat-töwir edip ber.
-Aý, bolýa-da ýegen. Saňa zarymyz bar-da zorumyz ýok-diýip, Durdy aga
aýat okap, töwür galdyrdy.
Bekmyrat ýanyndaky taksyça “Sen maşynda garaş, men häzir çykýan”
diýdi. Taksyçy çykyp gideninden soň daýysyna garap:
-Meni tizräk ugrat, daýy-diýip, ýylgyrjaklady.
-Hmm... O zat bu maşyna sygmaz üstünde ýük goýulýany bar eken, gaýym
edip daňyp bererin-diýeninden Bekmyradyň ýüzi üýtgäp gitdi.
-O näme şeýle uly zatmy?
324
-Kiçi-de däl. Hany, ýör gör-diýip, Durdy aga ony içerki otaga alyp girdi.
Törde duran ýüz tarapy reňkli gaňyltyr bilen nagyşlanan çaklaňjarak
sandygy görkezip:
-Ine, ýegen, ejeňden galan ýadygärlik zat şu-diýdi.-Eltip öýüň töründe
goýsaň, her sapar oňa nazaryň düşende ejeňi gören ýaly bolarsyň.
Lapykeç bolan Bekmyrat gahardan ýaňa çişip, dili tutulana döndi, bir
mahal:
-Daýy!-diýip, çasly seslendi.-Sen-nä meni oýnamak üçin çagyrdyňmy? Men
munyňy başyma ýapaýynmy. Häzir munuň ýaly zady hiç kim öýüniň
töründe goýanok. Sen maňa gaty gymmat bahaly zat diýmänmidiň,
ahyryn?!
-Ejeňden ýadygärlik galan zatdanam gymmat bahaly zat bolarmy? Ejeň
pahyr gelin bolup düşeninde şaý-seplerini şuňa salyp gidipdi. Näçe ýyllap
tutundy bu sandygy. Sen nä...
Bekmyrat daýysynyň sözüni soňlatmanam:
-Sag bol!-diýip, hasyrdap çykyp gitdi. Durdy aga onuň yzyndan çykanynda
ulag eýýäm ýola düşüp, daz ýasap barýardy.
-Hä, seni bir, namart diýsänim-diýip, Durdy aga kellesini çaýkap yzyna
dolandy. Ol saçagyň başyna geçip termosdaky çaýdan birki käse içip,
ýerinden turan mahaly daşarda gelip saklanan ulagyň sesi eşidildi. Durdy
aga “Bu kim-kä?” diýip daşary çykanynda ulagdan düşen ýegenini görüp
haýran galdy. “Bu ýene nämä geldi-kä? Maňa gaharynyň ajysyny pürküp
gitjekmikä” diýip içini gepleden Durdy aga:-Hä, ýegen, eýgilikmi?-diýdi.
Bekmyrat:
-Daýy, meni bagyşla-diýdi-de kellesini aşak salyp, içeri sandygyň duran
otagyna tarap ýöredi. Ol göni baryp sandygyň öňünde dyza çökdi:-Eje jan
meni bagyşla. Men näletkerde ogul bolmaýyn, toba etdim. Seniň elleriň
degen bu sandygy öýümiň töründe iň mukaddes, iň eziz zat hökmünde
saklaryn-diýip, sandyga maňlaýyny degrip togap edýärdi. Onuň bolşuny
synlap duran Durdy aga: “Allatagala kalbyna salsa adamyň ynsaba gelmegi
bir salymlyk iş ekeni” diýip, içinden Hudaýa şükür etdi. Bekmyradyň beýle
ynsaba gelmegi tötänlikden bolan ýagdaý däldi. Ol şol gidip barşyna bir
salymdan soň gahary gaçyp, akly durlanan ýaly boldy. Şonda gözüniň
öňüne ejesi gelip: “Oglum, nämä gaharlandyň? Menden galan ol ýadygärlik
saňa gerek däl boldumy, saňa gymmat bahaly zat gerekmidi? Utanaňokmy?
Sen meniň ruhumy ynjytdyň, oglum” diýen ýaly boldy. Şonda Begmyradyň
ýüregi gyýlyp gitdi. Ol taksyça seretdi-de:
-Maşyny yzyna aýla-diýdi.
-Näme üçin?-Taksyçy oňa geňirgenip garady:
-Ol ýerde bir zat bar, şony maşynyň üstüne daňyp alyp gaýdaly.
325
-Eý, gardaş, seniň bilen şol ýere diňe baryp gaýtmagy gepleşipdik. Ýarpy
ýoldan yzyma gaýtaryp, üstüne-de zat ýüklejek bolsaň hakyny iki esse edip
bermeli bolarsyň.
-Hakyny on esse diýseňem bererin, aýla yzyňa!
-Onuň ýaly bolsa baş üstüne-diýip, taksyçy ulagy yzyna aýlady.
Durdy aga sandygyň öňünde dyza çöküp oturan Bekmyrada:
-Indi turaý, ýegen. Tobaň kabul bolandyr. Menem senden razy, ejeňem razy
bolandyr-diýip, ony goltugyndan tutup, ýerinden turuzdy.
Sandygy ulagyň üstündäki ýük goýulýan ýere mäkäm edip daňdylar.
Daýysy bilen mähirli hoşlaşan Bekmyrat kalbynda bir asudalyk, özözünden razylyk bilen ýola rowana boldy. Ulagyň yzyndan seredip duran
Durdy aga öz ýanyndan:
-Ine munyň bolýa, ýegen-diýdi.
326
Perzent mähri
(hekaýa)
Aşyr aga bilen Gunça daýzanyň ýalňyz perzendi Döwletmyrat läligiräk
bolup ulaldy.Emma ol birneme läligem bolsa mekdepde iň gowy,zehinli
okuwçylardan hasaplanýardy.Orta mekdebi gutaryp,ýokary bilim almaga
höwesli obadaş oglanlaryň ikisi bilen Aşgabada gitdi.Giriş synaglaryny
onuň ýeke özi üstünlikli tabşyryp,okuwa girdi.Onuň bilen bile baran
synpdaşlarynyň ikisi-de oba gaýtmaly boldular.Oglunyň bu üstünligine
Aşyr aga-da,Gunça daýza-da begençlerini içine sygdyryp bilmän
ogullarynyň instituda <<öz>>okuwa girenligini uly ile jar
etdiler.
Aşyr aganyň Gurban tamdyr diýen goňşusy bu hoş habary eşiden badyna:
-Aşyr,Gunça!Göziňiz aýdyň how.Bu <>yuwmasaňyz
bolmaz how-diýip uly şowhun edip geldi.
-Ýuwarys entek,biriki gün tamdyra girip ýatyp dur-diýip Aşyr aga oňa
degişdi.Bu degişmäniň hem,onuň adynyň soňuna <>diýen lakamy
goşup aýtmaklarynyň hem sebäbi bardy.Ýaşlygynda ol bir garagolluk edeni
üçin kakasyndan gorkusyna öýünden gaçyp gidýär.Bir gije gündiz ony
gözläp hiç ýerden tapmandyrlar.Ertesi irden ejesi çörek bişirjek bolup
tamdyra bir petde ýandagy salanda Gurban ony kellesine göterip zöwwe
ýerinden galýar.Ejesi gorkusyna<>diýip ses edip huşundan
gidýär.Şu wakadan soň deň duşlary Gurbana ilki<giren>>diýip,soňlar
bolsa
ýöne<>diýip
lakam
goýýarlar.Oglanlykda goýlan lakam,ol ulalansoň hem adynyň ýanyndan
aýrylmandy.
-Döwletmyrat jan özüň bilen geçenleriň arasynda gowuja gyzlar bolsa,birini
saýla,toý edeli.Onsoň bileje okaberersiňiz-Gurban aga,gepini makullatjak
bolup Aşyr aga seretdi.Aşyr aga geplemedi.Oňa derek Döwletmyrat
dillendi:
-Aý,meniň entek öýlenmek niýetim ýok,Gurban aga.Onsoňam,olaryň
köpüsi uly başlyklaryň gyzy öýdýän.Lälik ösenmi,nämemi,bir çete çykyp
gülüşüp durlar,synag dagy olar üçin hiç zat ýaly.
-Heý seni bir diýsänim.Aklyň bolsa şol uly başlyk diýeniň gyzy näme etsede,sypdyrma,okuwda,işde daýaw arkaň bolar.
-Samsyk gürrüňiňi bes et,Gurban-diýip Aşyr aga goňşysyna azgyryldy.
Aradan ýyllar geçdi.Döwletmyrat ýokary mekdebiň soňky ýylyna geçende
Aşyr aga Gurban tamdyryň aýdyşy ýaly uly başlygyň gyzyna däl-de,özi
ýaly pukara adamyň gyzyna sawçy iberdi.Gyz hem Döwletmyrat bilen bile
okaýan ekeni,biri-birine halaşanlaryndan soň,ata-eneler toýuň taýýarlygyny
görüp başladylar.
327
Toý hem boldy,ýaşlar okuwy hem tamamlap şäherde işe galdylar.Aşyr aga
satynyp-sowunyp olara şäherden bir kiçiräk jäý hem alyp berdi.Al indi bolbol Döwletmyrat bol.Durmuşa öz başdak ilkinji gadam basanyndan öýliişikli bolup,murtuny palta çapanokdy.Şäher durmuşy,işi Döwletmyrada
örän ýaran bolmaga çemeli,obasyna gara salmady.Ol barmasa-da Aşyr aga
bilen Gunça daýza aýda,bir-iki gezek ogly bilen gelnini görmäge
barardylar.Baranda-da boş barmazdylar. Biriki towugy soýup, arassalap,öz
sygyrlarynyň mesgesinden alyp barardylar. Hat-da gaty-gutyny goňşygolamyň
itine
bermän,Döwletmyrat
janyň
itine>>diýip
elterdiler.Döwletmyrat itini diýseň gowy görýärdi.Ol ony okuwa
girmezinden öň,orta mekdepde okap ýören wagty güjükkä alyp
saklapdy.Özi-de <>itdi.Şäherdäki jaýyna göçüp gideninde aňry
bäri goş-golamy bilen bile itini hem alyp gidipdi. It janawar her gezek Aşyr
aga bilen Gunça daýza baranlarynda ogly bilen gelninden öňürti bagly
duran ýerinden zynjyryny üzäýjek ýaly edip,olara tarap böküp,çyňşyp
garşylardy.
Arada Aşyr aga aýak agryly bolup köp wagtlap şähere oglunyňka baryp
bilmedi.Onsuz Gunça daýzanyň ýeke özi-de gitmedi.Döwletmyrat hem
<>oba dolanaýmady.Ata bilen enäniň gözleri ýolda
boldy,köçelerinden maşynyň sesi gelse,<öýüdýän>>diýip Gunça daýza gapa tarap ylgaýardy.Başgadygyny görensoň
lapy keç bolup,ýerine gelip oturardy.
-Gysynma,enesi,ogluň işli adam,ikimiz ýaly boş däl.Aýagym sähel
gowulaşsa,özümiz baraýarys-diýip Aşyr aga aýalyny köşeşdirerdi.Günleriň
birinde Aşyr aga giçlik ara taýagyna daýanyp,daş çyksa gapynyň öňünde bir
it durdy.It Aşyr agany görensoň bir enaýy ses edip,onuň aýaklaryna
süýkenip başlady.Aşyr aga ilki iti tanaman tas taýagy bilen urupdy.Soň
Döwletmyradyň
itidigini
tanap<bu
senmidiň>>diýip,onuň kellesini sypalady.
-Enesi,bäri çyk!Döwletmyradyň iti boşanyp gaçyp gelipdir –diýip Aşyr aga
aýalyna gygyrdy.Gunça daýza çykandan it oňa-da süýkenip başlady.
-<>diýip Gunça
daýza itiň ýüzi gözüni sypalady.
-Aý it öz öýüni on günlik ýoldan hem tapyp gelermiş.Bujagaz
ýeri,boşansa,tapyp gelmegi kyn däl-de.Ýöne,ogluň-a itini ýitirip çar tarapa
ylgaýandyr,enesi.
-Hawa,<>diýip oňa nädip habar edip bolarka,kakasy?
-Habar etmek gerek däl-diýip Aşyr aga bir neme gaharly gürledi.
-Bu janawar,biz barybermänimizden soň bizi göresi gelip,gaçyp
gaýdypdyr.Indi bizde bolubersin-diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
-Bolsa
bolubersin.Ýöne
Döwletmyrat
jan
<gaçyp,oba
328
barandyr>>diýip asyl pikir etmez.Şäherden gözlär ýörer,kakasy.
Aşyr aga<>diýmekçidi,ýöne gepi uzadyp oturmazlyk
üçin hiç zat diýmän iti mal ýatagyň ýanyndaky özüniň öňki jaýyna saldy:
-Haýwanyň mähri käbir adamlaryňkydan has güýçli bolýandyr-diýip Aşyr
aga aýalyna manyly seretdi.Gunça daýza adamsynyň näme diýmekçidigine
gowy düşündi...
Şol güniň ertesi günortan Aşyr agalaryň gapysynyň öňünde bir maşyn
saklandy.Aşyr aga bilen Gunça daýza nahar edinip,çaý içip
otyrdylar.Maşynyň sesini eşiden Gunça daýza zöwwe ýerinden turdy.Aşyr
aga:
-Otur!Eger ogluň bolsa,özi geler!-diýdi.Aýdyşy ýaly:
-Salawmaleýkim,kaka,eje!-diýip Döwletmyrat girip geldi.Gunça daýza
ogluny gujaklap,ogşady.Aşyr aga bolsa kän bir ýüz bermän,oturan ýerinde
elleşip salamlaşdy.Kakasynyň gapdalynda ýatan taýaga gözi düşen
Döwletmyrat öňki lälikligini edip:
-Bu näme kaka?Taýak edinipsiň-le,garrap ýörmüň indi?-diýdi.
-Entek Saglyk-amanlyk soraşaly,taýakly gürrüňi soň ederis-diýip Aşyr aga
ogluna nägile nazaryny dikdi.Döwletmyrat ýerliksiz gürlänini duýup,
gyzaryp gitdi.Şundan soň Döwletmyrat kakasy,ejesi bilen şeýle bir mähirli
saglyk-amanlyk soraşdy weli Gunça daýzanyň gözlerine tegelenip ýaş
geldi.
-Oglum,özüň,gelniň sag-aman ýörmüsiňiz?Işleriňiz oňatmy?-diýip Gunça
daýza damagy dolany üçin gysgarak soraşdy.
-Hudaýa şükür,hemmesi gowulyk.Ýöne iki gün bäri Alabaýy
ýitirip,gözlemedik ýerim galmady.It gaçsa iküç ýyl ýal iýen ýerine
barýarmyş diýýärler.Ol bär-ä gelen däldir?
Aşyr aga ajy ýylgyryp,aýalyna seretdi.Gunça daýza äriniň bu
garaýşynda<>diýen many
bardygyny aňdy.Aşyr aga:
-Itiň geldi,ol özüniň öňki ýatagynda-diýenden Döwletmyrat begenjine
bökäýjek ýaly etdi.
Şol mahal gapydan güpürdäp goňşusy Gurban tamdyr girdi:
-Oho!Döwletmyrat gelipdir-ä-diýip onuň bilen salamlaşyp soraşdy.Soňra –
maşyndan düşeniňi daşyrakdan gördüm.Eliňde hiç zat ýokdugyny
görüp,ata-enesini görmäge gelen
ogul boş gelmez,ýene başga
bolaýmasyn,diýip,gaty synlap seretdim.Seretsem:
-Baý,köp gepleýäň Gurban Döwletmyrat bu sapar bäri bizi görmäge
däl,itini
idäp
gelipdir-diýip
Aşyr
aga
goňşusynyň
sözüni
böldi.Döwletmyrat:
- Nätdiňaý, kaka....-.diýip zordan dillendi.
-Men dogrusyny aýtdym,oglum.Bize seniň zadyň gerek däl.Didaryň
329
gerek.Ýaňy sen meniň bilenem,ejeň bilenem gaty mähirli soraşdyň.Onuň
üçin sag bol.Ýöne perzent mähri dilde däl-de ýürekde bolsa gowy.
Kakasynyň bu sözlerini diňläp oturan Döwletmyrat bir gyzardy,bir
agardy.Elbetde,ol öz ýalňyşyny düşünendir-de.
330
Süýji Şarpyk
(nowella)
Seýil bagynyň agaçlarynyň goýy kölegesi tomusuň yssysyny kän
bildirenokdy. Berdimyrat biraz aýlanyp, kölegedäki oturgyçlaryň birine
çökdi. Gündiz güni bolany uçin seýilgähde adam seýrekdi. Oturan ýeriňde
uklasaňam hiçkim päsgel berjek däldi. Ol gözlerini yumup, özuniň süýji
hyýallaryna berilip otyrka, gapdalyna biri gelip otyranyny duýdy. Gözüni
açyp seretse oturgyjyn aňyrky çetinde bir owadan gyz otyrdy...
"Ýalňyzlyk bir Hudaýa ýagşy" diýip yöne ýere aýdylmandyr. Adam
perzendiniň uzak wagtlap yalňyzlyga döz gelmegi gaty kyn bolýar.
Berdimyrat hem bir ýyl bäri ýalňyzlygyň ejerini çekip gelýärdi. Ol bu
ýalňyzlykdan gutulmak uçin özine mynasyp ýan ýoldaş gözleýärdi."Süýtde
agzy bişen suwy üfläp içer" diýilişi ýaly ol tanyş gyzlaryny akyl terezesine
salyp,hemme taraplaýyn ölçäp görýärdi. Sebäbi ýan ýoldaşdan bir gezek
agzy bişipdi, dogrusy ýüregi ýaralanypdy.Şonuň uçin ol "gözümem
görmesin, gulagymam eşitmesin" diýip şähere gelipdi. Işe ýerleşdi, iki
otagly öý satyn aldy. Ejesiniň, kakasynyň ogul-gyzlary ýanynda bolany
uçin olardan gaýgysy ýokdy. Bir gaýgysy öz durmuşydy.Bir ýagşysy öyi
seýil bagyň golaýyndady.Içi gysanda agşamlaryna, dynç günleri gündizinede baga barardy, aýlanyp gezelenç ederdi, ýadasa kölegedäki oturgyçlaryň
birinde häzirkisi ýaly oturyp dynç alýardy.
*****
Şol günem dynç günidi. Ol günortanlyk edinip,"Nahardan soň bir ädim
bolsa-da ýöre" diýen pähime eýerip,baga gezelenç etmäge çykyp, indem
otyrdy. Oturgyjyň bir çetinde oturan gyz:
-Bagyşlaň ukyňyzy buzaýdym öýdýän- diýip, mylaýym ýylgyrdy.Gyzyň
owadan gara gözleri-de ýylgyrşy ýaly mylaýym seredýärdi.
- Ukymy bozasyň gelendir-dä, ýogsa başga oturgyçlaram bar-a- diýip,
Berdimyrat degişme äheňde aýtsa-da, onuň jogaby gyza biraz gödegiräk
eşidildi. Emma şonda-da onuň ýüzi çytylmady.
- Dogry, başga boş oturgyçlaram ýok däl, ýöne ýeke özim oturmaga
gorkýan-da –diýip gyz ýylgyrdy.
Berdimyrat:
-Meniň bilen oturmaga gorkaňokmy?-diýdi.
- Ýok, siz gorkuly adama meňzäňizok!
- Sen ony nirden bilýäň? Belki men garakçydyryn.
- Aý,ýok-la. Siziň onuň ýaly adam däldigiñiz görnüp dur. Özüñiz erkek
adam bolsañyzam gyz oglan ýaly ýuwaşja ekeniñiz - diýip ýylgyrdy.
Berdimyrada onuñ özüni gyz oglana deñäni birneme ýokuş degdi. Oña
näme diýjegini bilmän aljyrady.Emma kellesine gelen pikirden çykalga
331
tapan ýaly ýerinden turdy.
-Näme turdyňyz?
-Seni gorkuzjak bolýan.
- Nädip?
- Gitjek.Ýeke özüň galsaň gorkarsyň-a?
Gyz ýene güldi:
-Meni gorkuzjak diýip, özüňiz gorkup gaçjak bolaýmaň.Ýogsa-da ýigit kişi
şeýle owadan gyzy taşlap gidermi?!
Berdimyrat çym gyzyl boldy. Ol bu gyzy ýeňip bilmejegini duýup, oturdyda, oňa öwrülip gözlerine gözüni dikdi:
-Sen bilen gowja gürleşmesem boljak däl oýdýän.Ilki bir tanyşaly,sen kim?
-Men adymy,kimdigimi aýtsam, bu tanyşlygyň soňy näme bolar?
- Soňunam görübereris.
Gyz birhili ýylgyrdy:
-Gowusy soňuny görip otyrmaly. Bir salym oýun etdik, ýüregimizdäki
dertleri, aladany bir salym unutdyk.Şu ýeter. Indi men gitdim- diýip, gyz
ýerinden turdy.Berdimyrat onuň bu gepine aňk-taňk bolup, özi-de biygtyýar
ýerinden galdy."Bu gyz ertirden bäri meni oýnap oturan ekenow. Onsoňam,
ýüregimizdäki dertleri,aladany diýmegi näme, munyň näme derdi barka?!
diýip içini gepletdi.Soňra:
-Sen derdi,aladasy bara meňzäňok-la.Näme gizlin derdiň bar?
-Birinji gören adamyň bilen derdinişip,içiňi döküp yörmeli däl. Size-de
şuny maslahat berýän.Hoş,aman boluň-diýdi-de,beýlesine öwrülip
gitdi.Berdimyrat ony saklap bilmedi,onuň yzyndan dal kamatyna, messana
ýörüşine seredip galyberdi.Ol: "Oýun gutardy, täsin oýun-a boldy" diýip
hüňürdedi-de ýerine oturdy. Şu oturşyna ol gyzyň hyýaly bilen bent bolup,
näçe wagt oturanyny-da duýmady.Öýüňe barandan soňam onuň owadan
gara gözleri, mylaýym keşbi, kinaýaly ýylgyryşy göz öňünden gitmedi.
Onuň näzli owazy gulagynda ýaňlandy durdy.
"Toba janym, bu nähili boldy? Men kime sataşdym? Onuň dilewarlygy,
özüni alyp barşy...Haýran galaýmaly.Onuň özi kim-kä? Ýagşymy,ýamanmy
bilip bolanok" diýip içini gepledýärdi. Emma ol hakda ýaman pikir edesi
gelmeýärdi.
Berdimyrat iküç günläp bu duşuşygyň täsirinde gezdi.Işinde-de, oýünde-de
ol gyz ýadyna düşdi durdy. Onuň bilen ýene duşuşasy gelýärdi. Her sapar
seýil bagyna baranda oňa duşaryn diýip umyt edip barýardy.Emma ol
görünenokdy.Wagtyň geçmegi bilen hemme zadyň hem unudulyşy ýaly
aradan bir-iki hepde geçip,ony indi ýadyndan çykaryp başlanynda, oňa
ýene-de sataşdy.
Şol gün Berdimyrat işden biraz gijräk gaýtdy.Ýol ugruna täze getirilen
çörekden almak uçin öýüniň golaýyndaky dükana sowuldy.Ol dükanyň
332
gapysyna golaýlaşanda içerden özüne garap ýylgyryp çykyp gelýän gyza
gözi düşüp,biygtyýar aýak çekti.
-Salam,nätanyş tanyş!-diýip,gyz näzli gülümsiräp elini uzatdy.
-Salam,salam-diýip,görüşýärka Berdimyrat begenjini duýdurmak uçinmi
ýa-da tolgunýanyny bildirmejek bolupmy, gyzyň elini gatyrak gysdy.
-Waý!Elimi döwýäň!-diýip, gyz näzlenip gaşyny çytdy.
-Bagyşla,begenjime öteräk geçäýipdirin.
-Nämäniň begenjine?
-Saňa duşanymyň.Men seni gözläp, ilki duşan ýerimiz-seýil bagyna köp
gezek aýlandym.
-Bä,gözledim diýsene...
Berdimyrat gyzyň bu sapar"sizde" "sene" geçmegine üns berip,onuň ilkinji
duşanlarynda ýekeje gezegem "senläp"geplemändigini ýatlady."Bu nämäniň
alamaty-maňa hormatsyzlygyňmy ýa-da özüni ýakyn tutmagyň
alamatymyka?!" diýip oýlap, muny gyzyň gözünden aňmak uçin oňa siňe
seretdi-de:
-Hawa,agşamyna-da,dynç günleri gündizine-de gözledim.Bir gün bolmasa,
bir gün gezelenç etmäge gelersiň öýtdüm.
Gyz onuň bu sözüne ýylgyryp:
-Meni beýle jan edip gözläp näme etjek?-diýdi.
Gyzyň mylaýym ýylgyryşyndan "Hormatsyzlygyň alamaty däl eken" diýen
pikir bilen göwni aram tapyp, Berdimyrat söze başlady:
-Seniň bilen ýakyndan tanyşjak, mümkin bolsa gatnaşyk etjek, dostlaşjak
bolýan.
-Dostlaşmak gowy zat.Ýöne aýal bilen erkegiň arasynda hakyky dostluk
bolup bilermi? Bu dostlugyň soňy başga zada ýazmazmy?
-Başga zada ýazsa oňa ýetesi zat barmy!
-O-ha?Seniň niýetiň diňe dostluk däl ýaly-la.
-Meniň niýetim gowy.Ilki bir tanyşyp alaly, soňunam görübereris.-Meniň
adym Berdimyrat,özümem sallah,ýönekeý gullukçy,atam,enem...
-Boldy,boldy.Şu ýeterlik.Terjimehalyňy aýtmak gerek däl-diýip gyz gülüp,
onuň sözüni böldi.
-Bolýa.Gerek bolsa terjimehalymy-da soň aýdaryn. Indi senem özüňi
tanyşdyraýsaň, dostlugymyzyň başlandygy bolardy.
Gyz gülümsiräp duran gözlerini oňa dikip, bir salym dymyp durdy.Soňra:
-Seniň bilen tanyşyp ýalňyşmazmykam?
-Hijem ýalňyşmarsyň.Men ikimiziňem ýalňyşmagymyza ýol bermerin.
-Onda menem adymy,kärimi aýdaýn.Adym Gülnar, kärim mugallym.
-Gaty gowy.Ine okuwçyňam taýyn.Näme diýseň "bolýa ýoldaş mugallym"
diýerin duraryn.
-Onuň ýaly bolsa tanyşanymyz bolaýsyn-diýip, gyz Berdimyrada birhilli
333
mährem ýylgyryş bilen garady.
Berdimyrat begenjine bökäýjek boldy.
-Indi ýoldaş mugallym, bu tanyşlygy bellemesek bolmaz.
-Nirede, nädip bellejek?
-Munuň üçin daşa gidip oturmaly däl, meniň öýüm şujagaz ýerde.Hemme
zat bar. Bizinkä baraýaly.
-Öýüňize meni kimim diýip eltjek?
-Ony menden soraýan adam ýok.Atam,enem obada,ýeke özüm ýaşaýan.
-Şeýlemi,ýeke özi ýaşaýan sallahyň öýüne gorkman baryp bolmazdiýip,Gülnar kellesini ýaýkady.
- Ilki seýilgähde duşuşanymyzda özüň maňa"Erkek adam bolsaňam gyz
oglan ýaly ýuwaş ekeniň"diýmänmidiň.Şonuň üçin gyz oglan ýalynyň
öýüne gyz barsa-da howply däl-a!
Gülnar onuň bu sözüne ýylgyranyny duýman galdy.Soňra:
-Onuň ýaly bolsa barsam baraýaýyn.Ýöne men içgi içmeýän.Muny öňünden
aýdaýn.
-Onda kofe diýseň kofe,çaý diýseň çaý içäýeris.
-Bolýa,onda gitdik.Ýöne köp oturmarys.
Şeýdip ylalaşyga gelnensoň Berdimyrat dükandan çörek almagy-da
unutdy.Ol Gülnar bilen ýanaşyp ýöräp barýarka ýerden ýöräp däl-de awuny
alan guş kimin uçup barýan ýalydy.
Öýe girenlerinde Gülnar bu ýerdäki serenjamlylygy görüp:
-Berdimyrat,öýüň sallahyň öýüne meňzanok.Tüweleme,hemme zadyň
ýerbe-ýer ekeni-diýdi.
Berdimyrat uýtgeşik bir jogap berjege meňzäp:
-Aýal-gyzlar serenjamlylygy gowy görýäler.Menem gyz oglana meňzänim
uçin tertip-düzgüni halaýan-diýip,Berdimyrat ýylgyrdy.Gülruh onuň bu
kinaýasyna gaýtargy bermän, başyny ýaýkap, gepi başga tarapa sowdy:
-Öýüňe myhmançylyga çagyryp , oturmaga mürähädem edeňok.Ýada meni
dik duran ýerimde hezzetlejekmi?
-Weý bagyşla,Gülnar. Geç, geç-diýip,Berdimyrat oturmaga Gülnara
diwandan ýer görkezdi.Gülnar geçip oturan diwanyň öňüne pesejik stoly
süýşürip,onuň üstüne saçak ýazdy.Sowadyjysyndan bar zatlardan
goýuşdurdy.Şonda dükandan çörek almagy unudyp gaýdany ýadyna düşdi:
-Bä,ýaňy
dükandan
täze
çörek
almagy
ýatdan
çykaryp
gaýdyberipdiris.Gatyrak çöreg-ä bar eken,şunuň bilen oňňut edäýelimi ýa?diýip,Gülnara ötünç soraýan terzde seretdi.
-Zyýany ýok.Gaýtam täze çörekden bir neme gatany peýdaly.
-Onda men bir çaý oturdaýyn,sen edil öz öýüňdäki ýaly arkaýn otur-diýip,
aşhanasyna girip gitdi.Ol bir salymdan iki sany bulgur bilen bir
çüýşe"Izabella"diýen çakyry alyp çykdy.Muny gören Gülruhyň gaşy
334
çytylyp:
-Men saňa içgi içmeýän diýip öňünden aýtdym-a-diýdi. Berdimyrat:
-Içgini menem halamok,Gülna,ýöne tanyşlyk açmak üçin birje ourtjyk
içäýeli-diýdi.
Gülnar onuň özelenip seredýän gözlerine garap,biraz ýumşady.Şonda-da :
-Içgi bilen açyljak tanyşlyk abatlyga eltmez.Onsoňam beýle zat türkmene
mahsus däl-diýdi.
-Aý,bolýa-da!-diýip, Berdimyrat çüýşedir bulgurlary ýygnady-da:
-Gülnar, göwnüme bolmasa sen häzirem şol ilkinji duşuşygymyzda aýdan
derdiňi bir salym unutmak üçin gelen ýaly.Näme ünjüň,derdiň bolsa meniň
bilen paýlaş-aý,bir neme ýeňlärsiň.Belki meniň kömegim deger.
Gülnar Berdimyrada synçy nazary bilen garady-da:
-Birzat sorasam aýplaşmarsyň-a!-diýdi.
-Ýok.Soraber, näme soragyň bolsa men jogap bermäne taýyn,ýoldaş
mugallym-diýip Berdimyrat ýylgyrdy.
-Näme üçin şu çaka çenli öýlenmediň, ýaşyňam-a otuza golaýlap ýören
bolmaly?
Berdimyrat jogap bermän, birsalym dymdy.Ortada bir hili oňaýsyz ýagdaý
döredi.Gülnar:
-Bagyşla, men soramaly däl zadymy soraýdym öýdýän-diýdi.
-Yok,hakykatdanam soramaly zadyňy soradyň.Biz dost bolýan bolsak, biribirimiziň ýagdaýymyza-da belet bolsak gowy.
-Onda şu çaka çenli öýlenmändigiň sebäbini aýdaý.
-Men öýlenipdim...
-Şeýlemi? Näme...Aýalyň ýogaldymy?
-Ýok aýrylyşdym.
-Bä, aýrylyşdym diýsene.-Aýaly bilen aýrylyşan erkek gowy adam-a
bolmaly däl.
-Näme uçin beýle pikir edýäň.Aýrylyşanda diňe erkek günäli bolup
,günäniň aýalda-da bolmagy mümkin dälmi?
Gülnar geplemän, oňa ahmyrly nazary bilen bir salym seredip
-Ony söýýärmidiň diýip sorady.
-Çenden aşa söýýärdim.Şonuň üçinem onuň eden işine çydap
bilmän,başymy alyp,obadan çykyp gaýtdym.
-Näme, ol şonuň ýaly erbet iş etdimi?
-Erbetmi,erbet dälmi meniň gürrüňimi diňleseň özüň netije çykararsyň.
-Gürrüň berseň diňläýin.
Berdimyrat "men özümiňkini gürrüň bersem, Gülnar hem içini döker" diýen
pikir bilen söze başlady:
-Ol obamyzdaky in baý adamyň ýeke gyzydy.Uniwersiteti gutaryp
geleninden soň obadaky mekdepde mugallym bolup işläp başlady.Men
335
ondan bir ýyl öň instituty tamamlap,daýhan birleşiginde ykdysadyýetçi
bolup işleýärdim. Biz öňdenem bir-birimizi gowy tanaýardyk.Ýaşlygyň
joşgunly duýgulary sebäp boldumy nämemi, aramyzda güýçli söýgi
döredi.Durmuş gurmaly bolduk.Emma onuň ata-enesi gyzyna "Berdimyrat
seni söýýän bolsa iç giýew bolup gelsin .Onuň ata-enesiniň dört ogly, dört
gyzy bar. Sen bolsaň biziň ýeke perzendimiz" diýipdirler.Muňa menem razy
boldum, ata-enemem razy boldy. Dabaraly toý etdik.Şeýdip bagtly
durmuşda ýaşap başladyk.Aradan iki ýyl geçti.Emma çagamyz bolmady.Ol:
"Men önelgesiz bolaýmasam ýagşy, diýip howatyr edýärdi.Şypa tapjak
bolup kurortlara gidip gelýärdi. Men ony güýçli söýýänim uçin çaga
bolsun,bolmasyn,özümi onuň bilen bagtly duýýardym.Emma meniň bu
bagtly günlerim uzaga gitmedi.Mundan bir ýyl öň täze okuw ýylynyñ öň
ýanynda bolýan mugallymlaryň konferensiýasyna giden güni onuň bilen
arany açdym-diýip, uludan demini alyp,Berdimyrat dymdy.
-Ýeri, onsoň? Sebäbi näme ?
-Sebäbi şol güni ol öýe gijäniň ýarynda geldi.Onuň bilen gidenler öýlerine
sagat alty bolman geldiler.Konferensiýa bäşde gutarypdyr.Ol garaňky
gatlyşanda-da gelmäninden soň men oturup bilmän howatyr edip,onuň
ýoluna gözläp daşarda gezdim.Wagt gijäniň ýaryna golaýlanda daşdan bir
maşynyň çyrasy göründi.Maşyn öýümiziň golaýyna dazlap geldi-de, ony
düşürip ýene-de dazlap yzyna dolandy.Garaňkyda onuň nomeryny görüp
bilmän galdym, ak reňkli "Žigulidigini" zordan saýgardym.Meniň gaharym
ýetjek derejesine ýetipdi.Ol ýanyma gelenden "Nirede ýörsüň!" diýip,
şarpyk çalanymy duýman galdym.Ol "näme urýaň,bir zadyň anygyna
ýetip,onsoň etjegiňi et" diýip aglap başlady."Kim ol getirip giden?"diýsem,
"Boýdaşymyň äri,maşyny ýolda bozulyp galdy.." diýeninden sözüni
soňlatman "Seniň özüň bozulansyň" diýip agzyma gelenini aýtdym-da,öýede girmän, göni kakamlara gitdim.
Ertesi ejesi meniň geýimlerimi getirip,gyzyny akja jüýje edip,ejeme bir
topar zatlary aýdypdyr.Nämemişin şäherde bir boýdaşynyň doglan gününe
baryp,ýarym sagat oturypdyr.Gaýtjak bolanda boýdaşy adamsyna "Ony
eltip gaýt" diýipmiş.Ýolda-da maşyn bozulypmyş.Özi bejerip bilmäninden
soň, geçip barýan matorly oglandan maşynyny bejerýän,Sergeý diýen
ussanyň öýüni salgy berip çagyrdypmyş.Ussa gelip görüp,bozulan şaýyny
bir ýerden tapyp,getiripmiş.Garaz şonuň ýaly adam ynanmajak
gepler.Soňunda-da ejeme "Gyzymda hiç hili günä ýok.Ogluň gyzymyň
ömür ýüreginden çykmajak sözleri aýdypdyr.Gyzymam maňa şeýle sözleri
aýdyp bilen adamyň indi ýüzini görmen diýýä" diýip gidipdir.
Berdimyrat sözüni soňlap soñlamanka bu gurruñi birhili tolgunma bilen
diñlän Gülnar:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 28
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.