Latin

Powestler - 16

Total number of words is 3827
Total number of unique words is 1945
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
durup, amfiteater şekilindäki eýwanda tegelenip oturan Beýik Geňeşiň
müňe golaý agzalaryna gözüni aýlanda birhili sussy basylyp, sözi nämeden
başlajagyny bilmän dymdy. Ol häzir orta atjak pikirini mähelläniň nähili
kabul etjekdigi barada oýlanyp tolgunýardy. Emma ýalaňaç suwdan
gaýtmaz diýilişi ýaly, ol özüni dürsäp, ynam bilen söze başlady:
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary, özümden öňki çykyş edenleriň beýan
eden pikirlerini men puja çykarmak islämok. Ýöne erkin pikir aýtmak
hukugyndan peýdalanyp men öz ideýamy orta atmakçy. Meniň entek anyk
ylmy hasap-hesibim ýok, ýöne Beýik Geňeş meniň ideýamy kabul etse,
onuň anyk matematiki netijelerini işläp çykmak bolar...
Başlyklyk ediji elini galgadyp Nuryň ünsüni özüne çökdi:
-Hormatly kapitan Nur, siz öňürti ideýaňyzy aýdyň, hasaplamalar, netijeler
hakda soň gürrüň edersiňiz.
-Bagyşlaň, ony-da aýdaryn – diýip, Nur sözüni dowam etdirdi. – Meniň
pikirimçe ewakuasiýa meselesi ahlak taýdan hem, maddy taýdan hem dogry
däl. Adamzadyň asly ýerde döredi. Şu ýeriň ýüzünde, adamzat kemala
geldi. Geçen millionlarça ýyllaryň dowamynda ýerimiz bizi iýdirdi, içirdi,
geýindirdi, öz goýnundaky ummasyz köp resurslary bilen bize hyzmat etdi.
Biz ol gorlary harç edip gutaranymyzdan soň tükenmez energiýanyň
çeşmesi bolan wodorod we faton energiýasyndan peýdalanmaga başladyk.
Ýerimiziň deňizlerindäki, okeanlaryndaky suw tükenmese wadorod
energiýasynyň çeşmesi tükenmez. Biz ýerimize ene ýer, ene toprak diýip
biderek ýere at dakmadyk. Ol hakykatdanam biziň enemiz. Onda-da ýeke
täk enemiz. Sebäbi bu giň älemde, şol sanda milliardlarça ýyldyzlardan
ybarat bolan biziň gallaktikamyzda-da onuň deňi-taýy ýok. Şeýle bolansoň
neneň edip adamzat ony taşlap gidip biler?! Beýle edilse kyn güne
düşeniňde öz mähriban eneňi taşlap gaçdygyň bolmazmy?
Başlyklyk ediji öz endigine görä elini galgadyp, kapitan Nuryň ýeni sözüni
185
böldi:
-Kapitan Nur, biziň ara alyp maslahatlaşýan meselämiz siziň aýdýan
sentimental sözleriňizden has daşyrakda. Dogry, siziň aýdýan gepiňiz hem
ugrunda bar, ýöne ,,Ýer biziň enemiz, ony taşlap gaçmak bolmaz” diýip,
onuň bilen bile heläk bolmaklyk hem akyl-paýhasa dogry gelýän iş däl.
-Ýok! Biz ony-da heläk etmeris, özümüzem heläk bolmarys! – diýeninde
kapitan Nuryň sesi tegeläk eýwanyň ähli künjeklerinde batly ýaňlandy.-Biz
ony özümiz bilen bile alyp gideris. Hawa, mähriban ene Ýerimizi Gün
ulgamyndan çykaryp alyp gideris we bize ýene milliard ýyllap ýagtylyk we
ýylylyk berip biljek ýakyn ýyldyzlaryň biriniň orbitasyna eltip goýarys !
Gowur köpeldi. Dürli ýerden: ,, Bolmajak zat! “ , ,,Fantastika!” , ,,Utopiýa”
diýen sesler ýaňlandy. Ilki kapitan Nur aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Bir
salymdan özüni dürsäp, elini ýokary göterdi.
- Adamlar, rugsat ediň, men sözümi soňlaýyn, onsoň näçe igenç, näçe
käýinç bolsa men diňlemäge taýyn.
Adamlar birneme köşeşdi. Başlyklyk ediji kapitan Nura goltgy berip:
-Dowam etdiriň kapitan, ideýaňyz gaty gyzykly – diýdi.
-Hormatly Beýik Geňeşiň agzalary ! – Men boýun alýan, meniň häzir orta
atan pikirim teoretiki esasy bolmadyk, entek injenerlik hasaplamalary-da
ýok ýalaňaç ideýadyr. Emma adamzat özüniň halas bolmak ýoluny şu
ugurdan gözlese, ýagny ol özi bilen ene Ýeri-de halas etmäge bil baglasa
ýalňyşmaz diýip pikir edýän, Elbetde, adamzadyň taryhynda görlüpeşidilmedik beýle işi amala aşyrmak aňsat däl. Munuň üçin uly taýýarlyk,
biçak çylyşyrymly teoretiki hem-de praktiki meseleleri çözmek gerek bolar.
Şu meseleler çözülenden soň, meniň pikirimçe, Ýeriň ýüzündäki on bäş
milliard adamy haýsydyr bir uzak planeta ewakuasiýa etmek üçin guruljak
biçak köp transport serişdelerine sarplanjak güýji beýle tarapa gönükdirsek
ýeriň özüni bir bütewi gämi edip kosmos giňişliginde islän tarapymyza
sürüp bileris. Biziň ylmymyzyň, tehnikamyzyň, älemiň bir burçunda
ýerleşen hoz ýalyjak ýer şarynyň ikije ädim aňyrrak süýşürip goýmaga
güýji ýeter öýdýän!
Zalda ýene-de wagyr başlandy, oturan ýerinden her kim her zat diýip
seslendi. Kimdir biri: ,,Kapitan Nuryň ideýasy beýik ideýa!” diýip gygyrdy.
Başlyklyk ediji öňündäki gadymy Rim senatynda ulanylýan jaňa meňzeş
jaňy kakyp zaly tertibe çagyrdy.
Professor Gem Dem söz sorap münbere çykdy. Kapitan Nur onuň özüni
öwmejegini gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol Gemiň çykyşyny göwnüne alman,
gulagynyň ýelesinden geçerip göýbermekçi bolup tijenip oturdy.
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary – diýip, Gem Dem söze başlady. –Şu
eýwan, şu münber biziň üçin , biziň bir bütewi jemgyýetimiz üçin
mukaddesdir. Sebäbi bu ýerde adamzat jemgyýetiniň ähli meseleleri
186
çözülýär. Planeta şu ýerden dolandyrylýar. Şonuň üçin şu eýwanda, şu
münbere çykyp söz sözleýän adam, özüniň diýýän zatlaryna ulakan
jogapkärçilik bilen çemeleşmelidir. Ýaňy şu münberden peýdalanan
kapitan Nur hakynda men näme diýjegimi hem bilemok. Biz kapitan Nury
tejribeli, gaýduwsyz astranawt hökmünde tanaýarys. Ol Gün ulgamyndan
daşarydaky ekspedisiýalaryň ikisine ýolbaşçylyk etdi. Beýik Geňeş onuň
bitiren işlerini hormatlaýar, bizem onuň özüne uly sarpa goýýas. Emma
onuň häzirki çykyşy hormata laýyk däl. Ol bütin Ýer togalagynyň ykbalyny
çözüp oturan, bu ýerdäki beýik adamlaryň öňünde ertekä meňzeş biderek
zatlar hakynda gürrüň edip, biedeplik etdi, diýsemem ýalňyş bolmaz. Onuň
aýdanlaryna üns beren bolsaňyz, ylmy taýdan esassyz, owadan arzuwa
meňzeş bir zatlar. Ol ,,hoz ýaljak Ýer togalagynyň ýerinden iki ädim
süýşürip goýmaklygyň näme kynçylygy bar” diýen äheňde gürrüň etjek
bolýar. Ýer togalagynyň hoz däldigini, onuň süýşürüljek aralygynyň hem
iki ädim däldigini kapitan Nuryň özi-de gowy bilýär, ahyryn! Bize iň ýakyn
ýyldyzdan hem ýagtylyk bir näçe ýylda ýetip gelýär. Ine, size kapitan
Nuryň iki ädim diýen aralyga! Şonuň üçin men kapitan Nuryň ideýasyny
biderek, puç ideýa hasap edýärin.
Professor Gem Dem sözüniň adamlara nähili täsir edendigini bilmek üçin
zala göz aýlady. Emma zaldakylar sakawuň soňuna seret diýilenini edip,
ümsüm otyrdylar. Ýöne ol sözüni soňlan ýaly dymyp galdy. Şonda
başlyklyk ediji oňa ýüzlendi:
-Hormatly professor Dem, siz kapitan Nuryň ideýasyny puç hasap edýän
bolsaňyz, özüňiz nämäni teklip edýärsiňiz?
Professor Gem bada-bat jogap berdi:
-Men ewakuasiýanyň tarapdary. Ýaňy şu münberden çykyş eden hormatly
filasofymyz Tal Dalyň pikirine hem goşulamok. Onuň ideýasy hem amala
aşyryp bolmajak ideýa. Şonuň üçin men adamzady diňe başga planeta
göçürmek bilen halas edip bolar diýip ynanýan. Meniň pikirimçe ýeke-täk
ýol şu. Professor Tal Dal oturyp bilmedi. Ol üç minut wagt sorap, gyzyp
gepledi.
-Beýik Geňeşiň hormatly agzalary! Biziň ylmymyz adamzadyň ömrüni ýüz
ýyldan üç ýüz ýyla çenli uzaltdy. Öňler ýüz ýylda garrap lagşaýan
organymyz, indi üç ýüz ýylda garrylyk ýagdaýyna geçýär. Ylym bu ýeňişi
organizimde geçýän prosesleriň tizliginiň üç esse peseltmek ýoly bilen
gazandy. Şeýle bolýan bolsa Gündäki prosesleriň tizligini üç-dört esse
peseldip, onuň ömrüni uzaltmaga biziň ylymymyzyň we tehnikamyzyň
güýji ýetmezmikä? Meniň pikirimçe ýeter öýdýän. Eger bardy-geldi Günüň
jümmüşinde geçýän prosseslere daşdan täsir edip bolmaýan bolsa, onda
kapitan Nuryň ideýasy hem çuňňur öwrenmäge mynasyp batyrgaý ideýadyr.
Onsaňom, şu ýerde bir zady ýatladyp geçesim gelýär. Professor Gem Dem
187
kapitan Nuryň ideýasyny biderek, puç ideýa diýip bütünleý ret etdi. Emma
onuň halysalla şeýle edendigine meniň ynanasym gelenok. Sebäbi bir
wagtlar kapitan Nuryň ,,Çäksizligiň çäkleri” diýen temadaky
dissertasiýasyna Gem Dem başlyklaýyn iki üç sany alumsumaklar garşy
çykyp, ony alymlyk derejesinden mahrum etdiler. Aradan iki-üç ýyl
geçenden soň bolsa Gem Demiň özi şol ýatyrylan dissertasiýanyň
materiallaryndan peýdalanyp, ullakan kitap ýazdy. Elbetde, şeýle seredende
kapitan Nuryň dissertasiýasy bilen Gem Demiň kitabynyň meňzeşligi ýok
ýaly. Ýöne ol kitabyň düýp manysy dissertasiýadan daşa gidenok...
Başlyklyk ediji elini galgadyp Tal Daly saklady:
-Hormatly Tal Dal siz bu ýeriň ylmy geňeş däldigini unutmaň. Onuň ýaly
meseleler bu ýerde çözülenok, otyryň ýeriňizde.
Başlyklyk ediji filosofyň sözüni soňlatman oturdanam bolsa, onuň şol
aýdanlary-da professor Gem Deme batly şarpyk bolup degdi.
Beýik Geňeşiň şu mejlisi has dartgynly geçdi. Söze çykanlaryň birnäçesi
kapitan Nuryň ideýasyny goldadylar. Olar bu ideýany ylmy taýdan ymykly
işläp çykmagyň gerekdigini aýtdylar. Aýratynam Fizika Akademýasynyň
prezidenti, bütin dünýä belli ýaşuly alym kapitan Nuryň teklibini düýpli
öwrenip çykmaklygy öz Akademiýasyna tabşyrmaklygy teklip etdi.
Şeýlelikde Beýik Geňeşiň mejlisi ähli teklipleri ylmy taýdan öwrenip
çykmaklygy her ugruň öz Akademýasyna tabşyrmak barada karar kabul
etdi. Beýik Geňeşiň mejlisler köşgünden kapitan Nur filosof Dal bilen
goltuklaşyp çykdy. Mejlisiň uzak dowam etmegine garamazdan, olaryň
ikisinde-de ýadawlyk duýulmaýardy.
-Ezizim Nur, eger garşy bolmasaňyz, ikimiz gürrüň edip, ýarym sagatjyk
pyýada ýöresek niçik borka?! – diýip, Dal kapitan Nura ýüzlendi.
-Ýarym sagat däl, bir sagada-da razy – diýip, kapitan Nur jogap berdi. Olar
planetanyň paýtagtynyň baş köçesiniň pyýadalar ýöreýän gür agaçlyk
ýanýodasyndan ýuwaş ýöräp gitdiler. Bu köçe şäheriň beýleki köçeleri ýaly
uzynlygynda dört zolakdan ybaratdy. Onuň ikisi biri-birine garşylyklaýyn
ýöreýän eskalator görnüşindäki ýollar bolup, beýlki ikisi bolsa, pyýada
ýöremek üçin bejerilen giň ýodalardy. Bu ýodalar köçäniň iki
gyrasynda,eskalator görnüşindäki ýollar ortadady. Ol ýola geçen adamlaryň
ädim ätmegi gerek däldi, eskalatoryň özi orta tizlikde alyp gidýärdi.Ýükler
bolsa şol köçeleriň aşagyndaky tunnel ýollaryndan daşalýardy. Döwrüň
siwilizasiýasynyň döreden bu oňaýlyklary köpçüligiň göwnünden turýanam
bolsa, Tal Dal ýaly käbir adamlary gyjyndyrýardy. Tal Dal şäheriň juda uzak
bir ýerine gitmeli bolaýmasa eskalator ýollardan hiç wagt
peýdalanmaýardy. Ol ,,Tebigat adama iki aýagy ýöremek üçin beripdir”
diýip, elmydama diýen ýaly pyýada ýöreýärdi.
-Ezizim Nur, dogrymy aýtsam, men Beýik Geňeşde edilen şu günki
188
gürrüňleriň hiç haýsysyna, hatda siziň ideýaňyz-a beýle-de dursun, özümiň
orta atan ideýama-da ynanasym gelenok, göwnüme bolmasa adamzady bu
heläkçiikden gutulma ýok ýaly – diýip, Tal ahmyrly gürledi. Kapitan Nur
ýoldaşynyň ýüzüne geňirgenip seretdi:
-Hormatly Tal, men size düşemok, beýle pikiriňiz bar bolsa näme üçin
Beýik Geňeşde aýtmadyňyz. Onsoňam...
-Ezizim – diýip, Tal Nuryň sözüni böldi. – Gadymky akyldarlaryň biri
,,Hakykaty aýt, emma hemme hakykaty aýdyp bolanok” diýipdir. Şeýle
bolansoň Beýik Geňeşde beýle pessimistik pikiri ýüze çykaryp bolýamy
näme? !
-Diýmek siziň pikiriňizçe adamzat... Ýok, ýok meniň aýtmaga-da dilim
baranok – diýip, kapitan Nur dymdy.
-Ezizim Nur, tebigatyň şeýle bir kanunlary bar, ony özgertmäge adamzadyň
güýji ýetenok.
-Adam öler, ölmez adamzat, agaç gurar , gurmaz tokaý, diýenleri-de
tebigatyň kanuny dälmi?
-Bu kanun otnositel häsiýete eýe, ezizim Nur! Diňe bir adamzadyň däl-de
bu çäksiz älemiň hem soňy bar, ahyryn. Hawa, bu çäksiz giňişlik hem
wagtlaýyn hadysa, siz bilýäňiz älem bir bütewi biçak dykyz materiýanyň
partlamagyndan emele gelen. Şol beýik partlaýyş inersiýasy bilen älemiň
çäkleri henizem giňelip gidip otyr. Emma bu giňelip barýan älem merkeze
çekiljekdir, ýene bu çäksiz giňişlik gapyşyp, öňki bir bütewi biçak dykyz
materiýa geljekdir. Ol ýene...
-Bes ediň, hormatly Tal – diýip, kapitan Nur gahar bilen onuň sözüni kesdi.
– Ýogsam, men size bolan hormatymy ýitirerin. Adamzat özüniň akylpaýhasy bilen özüniň million ýyllyk ömrüniň içinde ähli heläkçilikleri ýeňip
geçdi. Eger taryhdan habaryňyz bar bolsa, gadymy ýigriminji asyrdaky
termo-ýadro heläkçiliginiň öňüni aldy, eger şonda adamzat özüniň bütin
gujur-gaýratyny, akyl-paýhasyny ulanyp, şol heläkçiligiň öňüni almadyk
bolsa, onuň tohumy ýer ýüzünden bir eýýäm ýitip giderdi.
Tal Dal pikirini jemleýän kimin dymyp gelýärdi, ol uludan demini alyp
Nuryň ýüzüne köpmanyly ýylgyryp garady:
-O diýýäniňiz hem dogry, ezizim Nur, şol döwürdäki ýadro heläkçiliginiň
öňi akyl-paýhas bilen alyndy. Gapma-garşy güýçler, syýasy jedele kelle
gyzdyrylsa dünýäniň weýran ediljekdigine göz ýetirdiler. Emma biziň
öňümizde duran heläkçiligiň öňüni birek-birege düşünmek bilen alyp
bolmaz. Biziň garşydaşymyz öz kanunlaryna eýe bolan tebigatyň özüdir.
Şeýle bolansoň...
-Biz ýazgyda boýun bolmaly, diýmekçi bolýaňyzmy? – diýip, kapitan Nur
ýoldaşynyň sözüni ýene kesdi. – Ýok, men hiç haçan siziň pikiriňize
goşulman. Adamzadyň ähli heläkçilikleriň öňüni alyp, älemde ebedi
189
ýaşajagyna ynanýan. Öňümizde duran bu uly synagdanam biz üstünlikli
geçeris. Mähriban Ýerimizi heläkçiligiň zonasyndan alyp çykyp gideris!
Tal Dal kinaýaly güldi. Emma soňunda ýürekden dillendi !
-Meniň size gözüm gidýär ezizim Nur, hawa, şeýle beýik ynam bilen
ýaşaýan adama gözüň gitmezligi mümkin däl. Iňkise gidýändigim üçin
meni bagyşlaň. Ýer togalagyny gämi edip sürip barýarkaňyz bu
müňkürligim üçin meni ondan itip düşüräýmäň –diýip, Tal sözüniň soňuny
degişmä sowdy.
Olar köçäniň bir çatyrygynda säginip, dostlarça hoşlaşdylar. Her kim öz
tarapyna gidýän eskalator ýollara geçip öýlerine ugradylar. Kapitan Nury
gapysynyň öňünde gyzy Zeýa şowhun bilen garşy aldy. Ol özüniň Aýa
syýahaty barada kakasyna howlugyp gürrüň berýärdi. Otaga girýänçäler
Zeýajyk jedirdäp bir entek zatlary aýdyşdyrdy. Eger-de ejesi goşulmadyk
bolsa, ol entegem sözüni gutarjak däldi.
-Zeýa, görýämiň, kakaň ýadap geldi. Sen häzir onuň kellesini agyrtma,
gowsy öz otagyňa bar-da, gören zatlaryňy suratlandyryp ýaz. Zeýa
ýadawlyk diýilýän zady gözleýän ýaly kakasynyň ýüzüne seredip durdy-da,
öz otagyna gitdi. Kapitan Nuryň ýüzünde ýadawlyk alamty bolmas-da,
Deýanyň gözleri bir hili howatyrly bakýardy. Nur aýalynyň ýagdýyny gören
badyna duýupdy. Şonuň üçinem ol gyzynyň sözlerine kän üns bermän aýaly
bilen ikiçäk galmagy isläpdi. Zeýa otagyna girenden Nur Deýa ýüzlendi.
-Saňa näme bolýar, Deýa, bir hili aladaly görünýäň-le?
Deýa howatyrly gözlerini ärinden aýyrman sorady:
-Nur, şu diýýänleri çynmy? Günüň energiýasy tükenýämiş, ýerde durmuş
boljak dälmiş. Beýik Geňeşde şu mesele seredilenmiş. Senem menden bu
zatlary gizläp ýörsüň. Iller-ä aýalyndan gizlänok.
-Näbileýin, Beýik Geňeşde bu mesele gizlin saklanmalydyr, diýdiler. Beýik
Geňeşiň agzasy bolan käbir adamlaryň öz borjuny-da ýatdan
çykarýandyklary barada men pikir etmändirin –diýip , kapitan Nur aýalyna
müýnli seretdi.
-Men seň düýn gijeki bolşuňa indi akyl ýetirýän. ,,Ýok, ene Ýeri taşlap, hiç
ýere göçmeris!“ diýip gygyranyňyň sebäbi bar ekeni-dä!
Deýa «Indem dogrusyny aýtjak dälmi?» diýen manyda ärine göni seretdi.
Kapitan Nur aýalynyň egnine elini goýup, ony nahar iýilýän otaga äkitdi.
-Hany, Deýa, getir, agşamlyga nämäň bar bolsa. Ol gürrüňi stoluň başynda
ederis . Kapitan Nuryň şähdaçyklygy ýasama-da bolsa, Deýanyň göwnüni
bir neme göterdi. Ol stola öňki günki äriniň getiren aw towşanynyň mazaly
duzlanan etinden bişirilen buglama bilen adama kuwwat hem rahatlyk
berýän dürli şerbetler getirip goýdy.
***** **** ***** *****
190
Ýer planetasy özüniň ýylylyk we ýagtylyk çeşmesi bolan Güniň
töwereginde hemişekisi ýaly aýlanýardy. Aýlar, günler geçip, pasyllar
çalyşýardy. Tebigatyň bu kanununda entek üýtgeşiklik ýokdy. Emma
adamlaryň kalbynda entek uzak hem bolsa, geljekdäki harasadyň howsalaly,
aladasy bardy. Aýratyn-da, bu alada Beýik Geňeşde, Akademýalarda aýaýdyň duýulýardy.
Günleriň birinde kapitan Nury Beýik Geňeşiň ýörite we adatdan daşary
komissýasyna çagyrdylar. Ony daşarky gapyda Beýik Geňeşiň edarasynyň
işgärleriniň biri garşy aldy we yzyna tirkäp çaklaňyrak dört burçlak bir
otaga eltdi. Ol ýerde aý şekilinde ýasalan uly stoluň başynda ellä golaý
adam oturdy. Olar şu komissiýanyň agzalary bolmaly. Kapitan Nur
gireninden komissiýanyň başlygy, belli alym Ap Tap oňa ýüzlendi:
-Hormatly kapitan Nur, sizi gutlamaga rugsat ediň. Beýik Geňeşiň
mejlisinde siziň orta atan teklibiňizi degişli Akademiýalar ymykly
öwrendiler we ony ýeke-täk dogry wariýant diýmeseler hem ýakyn aralykda
bize ýene uzak wagtlap ýylylyk hem ýagtylyk berip biljek ýyldyzlar kän.
Şoňa görä ol teklibiňizi amala aşyryp boljak diýen netije geldiler.
Ap Tabyň sözleri edil demire çekiç uran ýalydy. Ol Beýik Geňeşiň şol
adatdan daşary mejlisine başlyklyk edeninde-de beýle zarply äheň bilen
gürlemändi. Ap Taby ýakyndan tanaýan adamlar onuň adatdaky mylaýym
äheňine öwrenişipdiler. Şonuň üçin onuň häzirki gürleýşi duýdansyz
sepilende tisgindirýän sowuk suw ýaly bolup Kapitan Nura täsir etdi. Ap
Tap nurana ýüzüne gelişip duran ap-ak saçlarynyň üstünden elini bir
geçirdi-de, sözüni dowam etdi. Ol ýyldyzlardan iň amatlysy Sentawara
ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Ol ýyldyza biz eýýämden gözel Gün diýip at
dakdyk. Ol ýyldyz barada astronomiýa merkezimiz size doly maglumat
berer. Bilip durun, häzir siziň seriňize näme üçin maňa maglumat bermeli,
diýen pikir gelip geçdi. Näme üçin diýseňiz şol ýyldyzyň orbital giňişligini,
özüne çekiji güýjüni, onsoňam, onuň orbitasyndaky planetalaryň ýagdaýyny
ýerinde barlap görmek üçin göýberilýän ekspedisiýa siz ýolbaşçylyk etmeli!
Ap Tap kapitan Nura garap ,, näme üçin size maglumat berilýändigi indi
düşnükli bolan bolsa gerek” diýen manyda ýylgyrdy. Şol pursatda kapitan
Nuryň gözlerinde onuň kalbynda möwç urýan duýgulary aňmak kyn däldi.
Onuň gözlerinde agyr söweşde ýeňiş gazanan serkerdäniň gözlerindäki ýaly
üýtgeşik bir ot şöhlelenýärdi.
-Men siziň bu habary guwanç bilen garşy aljakdygyňyzy bilýärdim- ýdiýip,
Ap Tap kapitanyň ýüzünden nazaryny sowman dowam etdi:
-Siziň ekspedisýaňyz üçin hemme taraplaýyn örän kämil täze gämi bejeriler.
Ekspedisiýanyň düzümi kyrk, kyrk bäş adam töwereginde bolar. Galan
jikme-jikliklerini gämi taýar bolandan soň gepleşeris. Ähli zat siziň bilen
ylalaşykly bolar, kapitan.
191
-Gämi haçan taýýar bolar?
Ap Tap kapitan Nuryň sowalyny geňleýän ýaly ýylgyrdy. Gäminiň ady-ha
taýýar. Biz oňa siziň ata-babaňyzyň ýurdundaky beýik derýanyň gadymy
,,Jeýhun” diýen adyny dakjak. Onuň özi-de ýene bir ýyldan taýýar bolar.
Şoňa çenli siz özüňizi fiziki hem-de ruhy taýdan taýýarlaberiň. Beýle uly
işe ýolbaşçylyk etmek aňsat däl.
Kapitan Nur Beýik Geňeşiň jaýyndan çykanynda özüni bütinleý başgaça
duýdy. Nuredendir bedenine üýtgeşik bir gujur-gaýrat indi. Onuň gözüne
mawy asman öňküsinden has beýik, jahan has giň bolup göründi. Ol
eskalator ýola geçmän, giň ýanýoda bilen pyýadalap gitdi. Ol öýüne
ýetýänçä öz geçen ömür ýoluny hyýalynda gaýtadan çöşledi. Ol birinji
klasly astranawat bolsa-da, beýle uzak sapara çykyp, beýle uly ekspedisiýa
ýolbaşçylyk edip görmändi. Ol şu çaka çenli Gün ulgamyndaky planetalara
gatnaýan transport gämilerini sürdi. Öýlenmezinden öň bolsa, ikije gezek
Gün ulgamyndan daşa çykyp gördi. Onda-da ol ekspedisiýalar gysga
möhletlidi. Indi onuň ýolbaşçylyk etjek ekspedisýasy oýunjak iş däl. Bu
uçuşa ol ömrüniň belli bir bölegini bagyşlamaly bolar. Ömür diýilýäni gaty
täsin zat. Ony her kim her hili geçirýär. Ol öz ömrüni mazmunly, halk,
jemgyýet üçin peýdaly edip geçirmäge çalyşdy. Emma bu maksady hasyl
boldumy? Serinde şeýle pikirler bilen öz-özüne hasap berip barýan kapitan
Nuryň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. Entek beýle hasabat
bermeklige ir dälmi, näme? Ol ýaňy elli ýaşady. Onuňam otuz ýyldan
gowragyny kosmanawtika bagyşlady. Üç ýüz ýyllyk ömrüň içinde elli ýaş,
otuz ýyllyk zähmet nämemişin? Entek öünde meýdan kän.
***** **** **** **** *****
Kapitan Nuryň ýolbaşçylyk edýän ,,Jeýhun” atly ýyldyzara gämisiniň
hem öňünde entek meýdan kändi, menzil uzakdy. Ol özüniň kaýutasynda
illýumenatordan ýyldyzlar älemin tomaşa edip, ýerdäki bolan wakalary
ýatlap otyrka, birden gämi bütin göwresi bilen titräp başlady. Kapitan Nur
böküp ýerinden turdy-da baş pultuň jaýyna tarap ylgady. Kapitan ol ýere
giren badyna?
-Näme boldy-how, ýigitler? – diýip, sorady.
-Haýsydyr bir özüne çekiş güýjüň meýdanyna girdik, kapitan. Gämini şol
titredýär – diýip, kapitanyň kömekçisi Rut birhili aljyran ýaly edip jogap
berdi.
-Ol nämekä? ,, Gara deşik?” dälmi?
-Ýok , kapitan. Bu töwerekde ,,Gara deşikler” ýok.
- Onda näme bolup biler? Tiziräk anyklaň!
-Anyklamaga wagt ýok, çekiş güýji barha köpelýär. Özem çep tarapda.
Kapitan Nur ştruwaldakylara buýruk berdi:
192
-Gämini saga sowuň! Garşylyk güýjüni 0,75 esse köpeldiň! Şol bada gämi
sag tarapa sowuldy. Emma ol titremesini dowam etdirýärdi. Kapitan ,,Indi
bu titreme näçe wagt dowam ederkä?” diýip, içini gepledip diwardaky
sekundamere seredip garaşdy. Şol wagt ýer bilen aragatnaşyk enjamyndan
signallar geldi. Kapitan derrew onuň nurbatyny towlap Ýer bilen
aragatnaşygy ýola goýdy.
-Kapitan Nur, näme üçin ugry üýtgetdiň?
Ýerden berlen bu sowala ol ilki näme diýip jogap berjegini bilmän
ýaýdandy. Sowal ýene gaýtalandy.
-Jogap beriň, näme üçin ugruňyzy üýtgetdiňiz? Şonda kapitan Nur özüniň
ýalňyşanyny duýdy. Ol çekiş güýjüniň täsirinden çykyp gitmek üçin gämini
ugrundan sowmak hökman däldigini, goşmaça reaktiw gurallary işledip,
garşylyk güýjüni bir ýarym esse artdyranyn-da gäminiň öz gujagyna çekip
aljak bolýan bujagaz näbelli hyrydaryň täsirinden çykyp gitse boljakdy.
-Güýçli çekiş güýjüniň meýdanyna düşdük, häzir ugry dogurlaýan – diýip,
ol ýere habar berdi. Gäminiň titremesi hem birneme azalypdy. Ol
ştruwalçylara buýruk berdi:
-Öňki ugra geçiň!
-Kapitan! – diýip, ýerden igençli äheňde ses geldi. –Siz on alty sekuntlap,
kursuňyzdan sowlup saga tarap uçduňyz. Sekunduna üç ýüz müň
kilometrden, on alty sekunta näçe million kilometr çete çykanyňyzy
hasaplap görüň! Kosmosda her bir sekundyň näçeräk gymmatynyň
bardygyny siz bilmeli, ahyryn!
Kapitan Nur günäsini boýun alan ýaly sesini çykarmady.
Gäminiň titremesi galdy.
Ol ýene bellenilen ugur boýunça süýnip gitdi.
***** **** **** **** *****
Gämi titräp ugran wagtynda Deýa synp otagynda çagalar bilen sapak
geçýärdi. Ol kosmosda her hili tötänlikleriň bolmagy mümkindigini,
,,Jeýhun” gämisi bolsa şeýle tötänliklere garşylyk görkezip biljek ähli
abzallar bilen üpjün edilendigini bilýärdi. Şonuň üçin hem ol gorkmady.
Gäminiň titremesi çagalara her dürli täsir etdi. Olaryň käbirleriniň gorkudan
gözi tegelendi, käbiri bolsa bir enaýy ýagdaýa duşan kimin geň galmak
bilen töweregine ýaltaklady. Gäminiň titremesi galanyndan soň çagalar
deňine diýen ýaly Deýa sorag bilen ýüzlendiler:
-Hormatly mugallym, bu näme?... Bu nämboldugy?
-Çagalar, biynjalyk bolmaň! Üýtgeşik bolan zat ýok. Gämimiz bir azyrak
titredi. Onuňam sebäbini soň kapitandan sorap bilýäýeris –diýip, Deýa
özüniň mylýym äheňi bilen çagalary köşeşdirdi.
-Ýadyňyzda bolsa, biz öňüräk geografiýa sapagynda Ýer titremeleri barada
193
gürrüň edipdik. Biziň Ýer planetamyzda gadym döwürlde ýer titremeleri
ýygy-ýygydan bolup, adamlara köp zyýan ýetirýän ekeni. Soňa baka ýeriň
,,garramagy” bilen onuň jümüşindäki prossesler köşeşip, ýer titremeleri
galyp gidýär. Häzir Ýermiziň hiç bir nokadynda ýer titremesi bolanok.
-Hormatly mugallym – diýip, yzyrakda oturan garaja oglan ýerinden turdy.
– Meniň ýerde gowy görüşýän ýoldaşlarym bar. Olar bilen ulalanymyzdada, hiç haçan dostlugymyzy bozmazlyk barada şert edişdik. Siziň gyzyňyz
Zeýa: «Biziň uçuşymyz on ýyllap dowam eder, şondan soň biz ýere gaýdyp
baranymyzda, seniň ol dostlaryň eýýäm ýüz ýaşyndaky garry adamlar
bolar» diýýär. Şol dogrumy?
Deýa oglanyň bu sada sowalyna gülmän durup bilmedi. Oňa goşulyp ähli
synp gülüşdi. Oglan bu gülkiniň sebäbine düşünmän gözlerini tegeläp
durdy.
-Zeýa, umuman dogry aýdypdyr. Umuman diýýänimiň sebäbi, biz ýere
gaýdyp baranymyzda ýerde galanlaryň bizden näçe ýaş uly boljagyny häzir
aýtmak kyn. Ol biziň uçuşymyzyň näçe wagt dowam etjegine bagly. Emma
sen onuň gaýgysyny etme, ezizim. Gaýtam özüňden uly adamlar bilen dost
bolmak has gyzykly hem peýdaly bolar.
Onsaňam bizde adamyň ortaça ömri üç ýüz ýyl bolansoň ýüz ýaşly adama
garry diýilmeýär. Ýüz ýaş ýüzüş ýaşydyr.
Deýa öz sözleriniň oglana nähili täsir edenini bilmekçi bolup onuň ýüzüne
dykgat bilen seretdi. Oglanyň ýüzünden ünji alamaty aýrylanokdy. Ol
tebigatyň bu oýnundan närazy görnüşde özüni aşak göýberdi.
-Çagalar – diýip, Deýa sözüni dowam etdirdi. – Eger siz wagt meselesine
gyzaklanýan bolsaňyz, biziň şu ekspedisiýamyzda ,,Wagtlaryň deňeşdirme
tizligi” diýen kitabyň awtory professor Tal Dal hem bar. Biz onuň bilen
duşuşyk geçireris. Ol size bu barada gyzykly gürrüň berer.
-Duşuşaly! – Duşuşaly – diýip, çagalar deňine gygyryşdylar.
-Bolýar, hökman duşuşarys! Men size söz berýän – diýip, Deýa çagalary
köşeşdirdi. – Indi sapagymyzy dowam etdireliň, çagalar. Biz sapakdan daşa
çykyp gitdik. Hany, kim aýtjak, geçen gezekgi taryh sapagymyzda näme
geçipdik?
Çagalaryň ählisi deňine ellerini göterdiler.
-Min, söz saňa – diýip, Deýa ýaňy sorag beren garaja oglana ýüzlendi.
Munuň bilen ol oglanyň ünjüsüni ýazyp, göwnüni götermekçi boldy. Min
özüne söz berilýänine monça bolup orta çykdy:
-Biz öten saparky taryh sapagynda - ,,Gadymy XX asyr siwilizasiýasy”
diýen temany geçipdik, hemem şol asyra degişli iki sany kinofilm görüpdik.
-Gaty gowy. Indi sen geçilen şu tema we gören filimleriň boýunça öz
pikiriňi, öz nukdaýnazaryňy beýan et. ,,Taryhy bu öten döwürlere baha
bermekdir” diýilenini ýatdan çykarma.
194
- Gadymy ýigriminji asyr siwilizasiýasy biziň häzirki swilizasiýamyzdan
düýpgöter tapawutlanypdyr. – diýip, Min kellesini bir tarapa gyşardyp söze
başlady. – Ol döwürde ylym, tehnika öňki döwürlere garanda has ösüpdir.
Emma tehniki ösüş biziňki bilen deňeşdirende has sada bolupdyr. Muňa
mysal edip transport serişdelerini görkezmek bolar. Hatda şäherlerde
ýöreýän transport serişdeleri hem adam sürýän tigirli maşynlardan ybarat
bolupdyr. Bu köp sanly awarýalara sebäp bolup, köp heläkçilik getirýär
ekeni.
-Ýekeje minut, Min – diýip, Deýa okuwçysynyň sözüni böldi.
-Sen indi şu taýda öz pikiriňi aýt. Näme şol döwürde adamlaryň şäherlerde
biziňki ýaly islän ýerine eltýän eskalator ýollar gurmaga gurby çatmanmy
ýa-da şoňa akly ýetmänmi?
-Akly ýetipdir. Emma... emma – diýip Min sakynyp ugrady.
Öňki hatarda oturan Zeýa özüni saklap bilmedi.
-Şu soraga men jogap bereýin, rugsat ediň-diýip, elini galdyrdy.
-Zeýa saňa kömekleşäýsinmi, Min?
Mugallymyň bu soragyna oglan hiç-hili jogap bermän dymdy. Ýöne
Zeýanyň ýüzüne
«Bilýän bolsaň aýdyber» diýen manyda jiňkerilip
seretdi. Zeýa mugallymdan rugsat bolmansoň dilini dişläp durdy.
-Hany, onda sen aýdaý – diýip, Deýa gyzyna ýüzlendi.
-Meniň pikirimçe – diýip, Zeýa uly oratorlar ýaly çynlakaý görnüşe girip
söze başlady.-Hemme zamanda-da siwilizasiýany adamlaryň döredijilik
akly döredýär, emma esasy ugurlary jemgyýetiň aňy kesgitleýär. Gadymy
ýigiriminji asyrda bolsa adamlaryň aňynda entek wagşylyk elementleri
saklanypdyr. Şonuň üçin olar özleriniň maddy baýlyklarynyň köp bölegini
harby harajtlar diýip atlandyrylýan birek-biregi gyrýan gurallary
öndürmeklige, weýrançylykly uruşlara harçlanypdyr. Eger şeýle harajatlar
bolmanda olaryň gurby çatmajak zat bolmazdy.
-Boldy. Indi galanyny özüm aýdaýyn – diýip, Min Zeýanyň sözüni böldi.
Mugallymynyň rugsady bilen Zeýa ýerinde oturanyndan soň Min birhili
joşgunly äheň bilen sözüni dowam etdirdi:
-Hawa. Zeýa dogry aýtdy. Eger gadymy ýigriminji asyrda bolup geçen
weýançylykly iki sany jahan urşy hem-de asyryň ýetmişinji, segseniji
ýyllarynda görlüp-eşidilmedik derejede ýaraglanyşyň haýdadylmagy
bolmanynda, adamlar öz
maddy baýlyklaryny siwilizasiýany
kämilleşdirmäge harç edenlerinde olar bu ugurda gaty uly utuş
gazanardylar. -Min bir zadyň pikirini edýän ýaly az salym dymyp durdy-da
ýene dowam etdirdi. - Taryhda ýigriminji asyryň segseninji ýyllary aýratyn
ýer tutýar. Bu döwürde dünýäniň, ýer planetasynyň ýok bolup gitmegi ýaly
aýylganç howp döreýär. Sebäbi dünýäniň ýüzünde ýadro ýaraglarynyň uly
arsenaly toplanýar. Ana, şol ýaraglaryň güýji bilen adamlar birek-birege
195
garşy uruş etmekçi bolýarlar...
-Kim kime garşy?- diýip, Deýa okuwçysynyň sözüni kesdi.
-Kapitalizm sosializme garşy.
-Ä-hä! Meselä ine şunda – diýip. Deýa kanagatlanmak bilen Mine garap
ýylgyrdy-da, sözi özi dowam etdirdi. – Hawa, çagalar. Ähli belanyň körügi
şol iki düzgüniň gapma-garşylygynda bolupdyr. Eger şol döwürde-de ýeriň
ýüzi biziň döwrümizdäki ýaly bir hili jemgyýetçilik gurluşyna öwrülip, bir
merkezden dolandyrylanda hiç hili gapma-garşylyk hem bolmazdy. Ähli
adamlar bolelin ýaşardylar. Çünki, şol döwürde-de adamlaryň öndürýän
önümi, döredýän maddy baýlygy hemmeler üçin hem ýeterlikdi. Indi
düşnüklimi Min?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 17
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.