Latin

Powestler - 03

Total number of words is 3814
Total number of unique words is 2069
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bada aňdym. Ýöne men näme diýjegimi bilmän biraz dymyp durdum-da:
-Ähtimal, seniňki dogrudyr-diýdim.-Emma men bu meselede henizem
şol çagalaryň hataryndadygyma begenýärin.
Aýjemalyň gözlerinde höwesmi-mähirmi bir uçgun ýylpyldady:
-Seniň şeýle adamdygyñy şunça ýyllap bile ýaşap ýören aýalyň
bimeýänine haýran galaýmaly.
-Bilmäninden soñam gitd-ä.
-Ýalňyşyna düşünip, belki, gaýdyp geler.
25
-Ýok, gelmez . ol meni gowy bilmese-de, men ony gowy bilýän. Ol
indi gaýdyp gelmez., gerek-ýaragy üçinem birini iberer.
-Aý ýok-la!-diýip, Aýjemal howatyrly dillendi.-Beýtmez-le.
Men geplemedim. Aýjemal ysgyndan gaçan ýaly oturgyja özüni
goýberdi.
-Wah, men guraýyn, nireden saňa sataşdym. Beýle boljagyny bilen
bolsaň, ýolda mündürmeseňem , juda bolmasa, şähere giremizde düşürip
goýberäýen bolsaňam boljak ekeni. Adam öňünde näme bardygyny
bilmeýär-dä - diýip, ol zeýrendi.
Men ondan beýle sözlere garaşmaýardym. . «Bu meni kimdir
öýdýärkä? Aýalymdan gorkyma ony ýolda taşlap gaýdan bolsam, onda
meni kim bolardym. Eger Zybanyň şeýtjegini öňünden bilen bolsamam, ony
orta ýolda taşlap gaýtmazdym. Şähere goýup gaýtmaga-da meniň ynsabym
çatmazdy».
-Seň bu gepiň-ä maňzyma oturmady, Aýjemal- diýip, men oňa tarap
öwrüldim- Eger adam öňündäkini bilse näderdi, seniň pikiriňçe?
-Bilse, hiç kimem özüniň zyýanyna çapmazdy- diýip, ol nägile äheňde
gürledi.
-Ýalňyşýaň, Aýjemal!-diýip, men oňa golaýrak bardym. Bilse-de,
zyýanyna çapýan adamlaram bar.
Aýjemal meniň göwnüme degenini indi bilip galdy. Ol ýerinden galyp,
maňa köp manyly seretdi:
-Bagyşla, Ahmet!
Men sesimi çykarman başymy atdym:
-Minnetdarlygymy saňa söz bilen beýan edip biljek däl. Özüň düşün...
Indi men gideýin-diýip, ol jempiriniň iliklerini ildirdi. – Hoş!
-Hoş!-diýip, menem zordan dillendim. Dogrusyny aýtsam, şundan
başga näme diýjegimi-de bilmeýärdim. Ol otagdan çykdy. Yzyndan menem
çykdym, dälizdäki rezin köwşüni tapyp geýdi. Şundan soň men onuň ýuka
geýinendigini bilip galdym. Ýöne men oňa galyňrak zat berip biljek däldim.
-Bu bolşuňa sen üşäýmeseň biridir?
Ol meniň kiçi dilden bärde aýdan bu sözümi şol bada aňdy:
-Zeleli ýok, jempirim galyň, üşemerin-diýip, ol hoşlaşmak üçin elini
uzatdy. Men onuň elini gysýarkam aladaly soradym:
-Niräk barjak?
Aýjemal aşaky dodagyny dişläp, biraz dymyp durdy. Soňra:
-Nirädir öýdýäň, ejemlere baryp görerin-dä. Nähilem bolsa meň onuň
perzendi, ahyryn-diýdi.
Ony derwezä çenli ugratdym, goňşulardan biri görer öýdüp yzyndan
köçä çykmadym. Gaýdyp otaga girenimde öýüň birhili gugaryp galanyny
26
duýdum. Ýaňy Aýjemal barka, Zybanyň öýden gidenligi o diýen
bildirmändi. Indi bolsa, birden ýüregimi ýalňyzlyk duýgusy gurşap aldy.
***
Indi nätmeli? Bolan wakany akyl terezimde çekip, belli bir netijä
gelmelidim.
Zybanyň häsiýetine belet bolanym üçin ony özümiň päkligime
ynandyryp bilmejegime gözüm ýetýärdi. Şeýle-de bolsa bir synanyşyp
görmegim gerekdi. Oturyp şeýleräk mazmunda oňa hat ýazdym:
«Zyba! Dünýäde ynam diýilýän beýik bir zat bar. Eger-de şol
bolmadyk bolsa adamlara ýaşamak gaty kyn düşerdi. Sen maňa ynanman
gaty ýalňyşýaň. On ýyl bäri bir ýassyga baş goýup, biri-birimiziň nähili
adamdygymyzy bilmeli ,ahyryn!
Men oňa gije gelýärkäm ýolda duşdum. Öýünden, zalym ärinden
gaçyp çykypdyr. Barar ýeri ýok ekeni. Şeýle bolansoň men ony köçede
taşlap gitsem nähili bolardy? Senden gorkyma şeýtsem men kim bolardym?
Men adamçylyk borjum boýunça ony öýe getirdim. Emma sen öýde ýok
ekeniň. Şeýle-de bolsa, men ony myhman aldym. Her hili ýagdaý-da özüme
erk edip biljegime gözüm ýetensoň ony myhman aldym. Adam öz edýän
işini başgalardan gizlemegi mümkin. Emma özüñden gizläp bilmersiň.
Şonuň üçin adam, ilkinji nobatda, özüne özi hasap bermeli. Menem öz
şahsyýetimiň öňünde dogruçyl hem päk bolmaga çalyşýan. Häzirlikçe bu iş
maňa başardyp gelýär. Mundan beýlesini-de göreris-dä».
Oňa pelsepe baryny ýazdym, kä ýerinde ýalbardym. Ýöne ol maña
düşünmedi.
***
Ahmet aga sözüne dyngy berdi. Durmuşynda uly özgeriş goýan
wakany ýatlany üçinmi, ýa-da uzak gürrüň berip ýadany üçinmi, onuň ýüzi
birneme tukatlandy.
-Soňra nähili boldy, Ahmet aga?-diýip, men soradym.-Aýalyňyz bilen
çyndanam aýrylyşdyňyzmy?
-Hawa, Zyba bilen aýrylyşdyk.
-Bä... Aýjemal bilen näme? Onuň bilenem gatnaşyk eden dälsiňiz-dä?
-Ýok, ýagşy ýigit, onuň bilenem hiç hili gatnaşygymyz bolmadydiýip, Ahmet aga gamgyn ýylgyrdy.
-Häzir bu gürrüňi goýaly inim. Mundan beýlesiniň özi bir dessan. Ony
soň, bir oňaýy bilen gürrüň bererin. Häzir bolsa turaly, günorta naharyň
wagtyň boldy.
Ahmet aganyň gürrüňiniň yzyny diňlemek üçin iki-üç günläp wagt
peýledim. Ahyryn şeýle pursat hem geldi. Ertirki çaýdan soň ýene-de şol
salkyn saýadaky oturgyça gelip oturdyk. Onuň keýpi kökdi. Men
ýuwaşlyk bilen oňa wadasyny ýatlatdym. Ol ýylgyryp maňa garady-da:
27
-Görýän weli, inim, gürrüň bolsa, seňňem gözüň açylýar-diýip, Ahmet
aga ýylgyrdy. Soňam çynlakaý görnüşe girdi-de, meni heýjana salan
wakanyň yzyny ýatlap ugrady.
***
Maşgalany dargatmazlyk üçin meniň eden ähli tagallam puja çykdy.
Zyba kes-kelläm ynanmady. Şeýdip men kanuny sallaha öwrüldim. Adam
maşgalaly bolmazyndan öň sallahlygyň nämeligini bilmeýän ekeni.
Maşgala durmuşyna öwrenişenden soň sallahlyk adama gaty degýän ekeni.
Her niçik, dost-ýarlarymyň köplügi ýükümi birneme ýeňledýärdi. Olar meni
tiz-tiz myhmançylyga çagyrýardylar, göwnümi götermäge çalyşýardylar.
Şol dostlarymyň içinde ýüregime iň ýakyny, iň eziz görýänim Ýusupdy.
Ýusup bilen mekdepdeş dostduk. Elmydama bile tirkeşýänimiz üçin deňduşlarymyz
bize Ýusup-Ahmet diýýärdiler. Ulalyp, öýli-işikli
bolanymyzdan soň biziň dostlugymyz hasam berkedi. Ol şäher medeniýet
bölüminiñ müdüri wezipesinde işleýärdi. Onuň Gülşat atly diýseň
mylaýym, ýöne welin, az-owlak läligräk aýaly bardy.Ol meniň aýalym Zyba
bilen dogan ýaly gatnaşýardy. Ýüsüp hem, Gülşat hem Zybanyň öýden
gidenini eşidenlerinde deň gynandylar. Emma onuň gitmeginiň sebäbini
aýdanymda bolsa, olaryň ikisem juda geň galdylar. Bu waka aýratynam
Gülşada haýran galdyryjy täsir etdi. Şundan soň, ol maňa birhili
gyzyklanmamy, bilesigelijilikmi, täsin bir garaýyş bilen seredip başlady.
Bir gün giçlikara olaryň öýünde otyrkak gürrüňden gürrüň çykdy-da,
Gülşat:
-Weý, sen beýle iş edersiň diýip, ýatsam-tursam kelläme geljek däl-dädiýip, gara gözlerini güldürdi.
-Diýýäniň näme, Gülşat! Indi senem maňa ynanmajak bolýaňmy?diýip, öýkeli äheňde aýtdym.
-Goýsan-a, Ahmet, ahyrym...-diýeninden Ýusup onuň sözüni böldi.
-Bes et, Gülşat! Nämä gerek şu gürrüň. Men Ahmede gaty belet...
Är-aýalyň biri-birine seredişinden bu öýde öňem kesämden
gürrüňimiň edilenini aňdym. Gülşat äriniň özüni dalanyna gahary geldimi,
nätdimi, gönüsinden geldi oturyberdi:
-Sen Ahmede bu gün belet bolaýdyňmy? Öň näme belet däldiňmi?
Düýn näme diýipdiň? Bir keseki aýala ýagşylyk etjek diýip, öz aýalyndan
aýrylyşýan akmak barmy? «Bir emmasy bolmasa, guýruk munda nä ýatyr»
diýmänmidiň?
Ýusubyň päki bilen mazaly gyrdalan ýaňaklary, ak tegelek ýüzi çymgyzyl boldy. Ol ýag çalnan ýaly ýylmanak gara saçyny sypap, maňa birhili
müýnli garady:
-Bu aýallar degişmä dagam düşünenok-laý- diýip ardynjyrady. Gülşat
bolsa äriniň oňaýsyz ýagdaýa düşenine begenip otyrdy.
28
Wagtyň geçmegi bilen meniň aýalym bilen aýrylyşanlygym baradaky
gürrüňlerem ýatdy. Özümem salahlyk bilen öwrenişip başladym. Emma
gyzjagazymy gaty göresim gelýärdi. Ony ýatlanymda kyn ýagdaýa
düşýärdim. Eger-de Zyba gyzymy maňa bermäge razy bolan bolsa, men
galan ömrümi öýlenmän geçmäge razydym. Gyzym üçin meniň çekýän
hesretlerimi Ýusup bilen Gülşat gowy bilýärdi. Olaryň durmuş guranlaryna
on ýyl bolsa-da, henize çenli çagasy ýokdy. Öňler biziň öýmüze
gelenlerinde gyzym bilen degişýärdiler, gülüşerdiler, onuň süýji dilliligine
guwanýardylar. Ähtimal, şonuň üçindir meniň ugrumda alada baryny
edýärdiler. Gülşadyň hossarlyk edişi hasam üýtgeşikdi. Ol her gün diýen
ýaly ýa işime, ýa-da öýüme jaň edip habarlaşardy, hat-da näme biş-düş
bişirýänine çenli aýdyp, gelip, bile nahar edinmäge çagyrýardy. Men
bolsam olara günde-günaşa barybermäge ejap edýärdim.
Bir sapar iş gününiň soňragynda Gülşat hemişekisi ýaly jaň edip:
-Ahmet, nähili adam sen, bir hepdeden bäri gara bereňok. Işden çykyp
göni biziňkä gel. Dostuň kömelek berip goýberipdir. Kömelekden kebap
edip berjek, Entek onuň ýaly tagamly nahar iýip görenem dälsiň- diýdi.
Ýaňy başlanan ýazyň özi bilen alyp gelen bu ilkinji nygmatyny men
örän gowy görýärdim. Muny Gülşat hem bilýärdi. Ýöne juda süwümsiz
bolaýmaýyn diýen pikir bilen möhüm işimiň bardygyny bahanalan bolup
ötünç soradym. Gülşat:
-Kömelek diýilse, janyň ýokdy-la. Indi näme üçin beýdýäň?
Gelmeseň-ä bolmaz-diýdi.
Her näçe kyn görsem-de Gülşadyň sözüni ýykyp bilmedim. Bardym.
Men baranymda Ýusup entek işden gelmän ekeni. Meni howluda Gülşadyň
özi garşylady. Howlynyň içi gül pürkülen ýalydy. Hiç bir artykmaç zat göze
ilmeýärdi. Hemme zat ýerbe-ýerdi. Bu salkyn howluda daşarda oturyp
bolmasa-da, gül atyzyň ýanyndaky tagta sekiniň üstiniň tämizligine gözüm
gitdi. Zyba gideninden bäri meniň öýümde guwanar ýaly beýle tämizlik,
ýerbe-ýerlik ýokdy.
Gülşadyň egnindäki iri gyzyl gülli ýüpek matadan halady bardy. Juda
ýaldyrawuk bu mata onuň salyhatlylygyna birneme kölege salýanam bolsa,
Zybanyň kaddy-kamatynda gözüň eglenýärdi.
-Näme üçin bizden beýle gaçýaň, Ahmet?-diýip, Gülşat ýylgyryp
öňümden çykdy. Salamlaşýarkak elimi birazlap goýbermän, şeýle mylaýym
soraşdy welin, muňa men özümi birhili oňaýsyz duýup, gyzardym. Ol meni
myhman otagyna alyp bardy. Otagyň içi gymmat bahaly mebeldir haly bilen
bezelendi. Serwantlarda hrustal bulgurlar öwşün atýardy. Ortadaky stoluň
üsti almadyr, narmy, garaz, dürli nygmatlardan doludy. Demlenilip goýlan
çäýnegiň üsti akja polotensa bilen basyrlandy.
29
-Bä, mertebeliräk myhmanlara garaşýaňyz öýdýän-diýip, men stola
yşarat etdim.
-Senden mertebeli myhmanymyz ýok- diýip, Gülşat gara gözlerini
näzli süzdi. Şonda onuň peýkam ýaly uzyn kirpikleri ünsümi çekdi, kelläme
olar emeli bolaýmasa ýagşy diýen pikir geldi.
Gülşadyň özüni alyp barşy, gepleýşi, umuman, ähli hereketlerinde
onuň özüne mahsus bolan bir erkinlik duýulýardy. Onuň deňindäki başga
aýallarda beýle erkinlik , ýaşyna gelişmejek läliklik ýaly bolup görünmegi
mümkin. Emma Gülşadyňky bolsa, edil ýaş çaganyň erkinligi ýaly ýakymly
duýulýardy. Ähtimal, şonuň üçinem maşgalada çaganyň ýoklugy Ýusuba
onçakly bildirýan däldir. Gülşady synlap oturşyma: «Bu gözellik, bu özüne
çekiji näzler wagty ýetip ýitäýse gerek. Ana şonda perzendiň ýeri bildirmän
durmaz» diýip, öz ýanymdan pikirlendim.
Gülşat gelip, garşymda oturdy. Çäýnegiň üstündäki polotensany
aýyryp, çäýnegi meniň öňüme süýşürdi. Men çaýy mazaly gaýtaryp, iki
käsä guýup birini oňa uzatdym. Şonda Gülşadyň käsäni almak üçin uzadýan
eliniñ çalaja titreýändigini görüp galdym. Men onuň ýüzüne içgin seretdim.
Emma onuň ýüzünde hiç hili tolgunmanyň alamaty görünmeýärdi. Şeýle-de
bolsa ýüregim onuň nämedir bir zada tolgunýandygyny duýýardy. «Ol näme
beýle tolgunýarka?» diýip içimi gepletdim. „Ýa-da, Ýusup bilen aralarynda
bir zat bolaýdymyka? Aslynda, meni näme üçin çagyrdyka? «Kömelek»
diýdi, «kebap» diýdi. Diňe şonuň üçinmikä, ýa-da, Ýusubyň üstünden arz
etjekmikä? Gülşat meniň özüni synlap oturanymy duýan bolmaga çemeli,
ünsümi başga zada sowmak üçin meni gepe güýmemekçi boldy:
-Näme, ýöne dymyp otyrsyň, Ahmet? Gürläp otur.
-Näme hakda gürlejegimi bilemok-diýip, men kibtimi gysdym.
-Dilewarlykda senden öňe geçýän ýok. Gepläber-dä.
-Näme hakynda gürlesemem bolýarmy?-diýip, men degişme äheňinde
aýtdym.
-Bolman näme, bolar. Gürläber. Dymyşyp oturmakdan ne peýda?diýip, ol mylaýym ýylgyrdy.
-Onuň ýaly bolsa gepläýin-diýip, menem gülümsiredim. – «Görogly»
dessanyny okapmydyň?
-Käbir böleklerini okapdym. Näme dessan aýdyp bermekçimi?- diýip,
ol birneme geňirgendi.
-Hawa, degerli ýerinden bäş keleme aýdaýyn- diýip, men söze
başladym.
-Eşider bolsaňyz, Görogly beg Weýeňňam şäherine baryp, Öwez jana:
„Men seniň ataňyň çopanydym, onuň mende bir topar goýunlary, gullary
galdy. Şolary saňa berip goýberjek“ diýip, aldaw bilen ony ýurdyndan alyp
30
gaýdýar. Olar ýol söküp, bir ýere gelip ýetenlerinde, açlyk, suwsuzlyk
zerarly ysgyndan düşen Öwez jan Görogla garap:
Çopan aga alyp geldiň, bu jaýa.
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
Ýalan sözläp duşman bolma hudaýa.
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? - diýip, zar-zar aglap bir söz aýdan
ekeni. Şol diýleni ýaly kömelek diýdiň, kebap diýdiň, şo sözlerem çynmy?
Ýa-da...
Gülşat jakgyldap gülüp goýberdi. Soňra:
-Ahmet, näme üçin beýle dessan başladyka, diýip otursam, onuň
sebäpjigi bar eken-ow – diýdi. –Kömelek diýenimem, kebap diýenimem
çyn. Az salym tagapyl et. Häzir hemmesi-de taýýar bolar. Ýöne welin, ony
nähili bişirýänimiň syryny aýtjak däl. Stola getirenimden soň ony özüň
aýdarsyň. Eger-de bilmeseň iýmersiň.
-Bolýar, iýmesem dessanyň dowamyny aýdar oturaryn- diýip, menem
onuň degişmesine degişme bilen jogap berdim.
Gülşat aşhana tarap çykyp gitdi. Iňrik garalansoň, otagyň içi
garaňkyrap ugrady. Ýusubyň işden gaýdýan wagty bireýýäm bolanam
bolsa, henize çenli ondan derek ýokdy.
Gapynyň aňyrsyndan ýeňil göçýän aýak sesleri eşidildi. Gapy
açylanda otaga Gülşat bilen bile işdäni açyp goýberýän ys hem girdi.
-Ine, kömelek kebap hem taýýar, Ahmet-diýip, Gülşat elindäki
mejimäni stola goýdy. Soňra töwerek-daşyna birlaý göz aýlady. – Otagyň
içi garaňkyrak ýaly-la. Yşygy ýakaýaly.
Ol çalasyn hem näzli bir hereket bilen baryp diwardaky wklýuçateli
basdy. Depedäki owadan hrustal lýustradan ýaýran süýt ýaly ýagtylyk
otagyň içine aýratyn bir görk berdi. Orta goýlan nahara gözüm düşende
agzym suwjardy. Her biri şa käsäniň agzy ýaly ululykdaky kömelekler diňe
göbegi alnyp bitinligine bişirilipdir. Göbegiň ýerindäki çukurjyk bolsa
özünden çykan şerbetden doludy.
Ýaş oglan mahalymyzda, tapan kömelegimizi meýdanda ot ýakyp
ataşgiriň üstünde şeýdip bişirip iýerdik. Şol mahallaram muňa kömelek
kebap diýerdiler. Ol örän süýji bolup, tagamy henizem ýadymdan
çykanokdy. Aradan köp ýyllaryň geçmegine garamazdan, ony görenimden
işdämiň açylyp, agzymyň suwjarmagy, ähtimal, şonuň üçindir. Emma
Ýusup gelmänkä naharyň çekilmegi meni birneme geňirgendirdi:
-Hojaýyna garaşmaly dälmi näme, Gülşat?
Gülşat soragyma jogap bermän, degşen kişi bolup, gepi başga tarapa
sowdy:
-Hany, aýt bakaly. Bular nädip bişirilen? Ýaňky şertimiz boýunça
bilmeseň iýmeli däl.
31
Hakykatdanam ot ýok, ojak ýok bu öýde kömelek kebap nähili
bişirildikä, diýen sorag bir salym meni alada goýdy. Birden gaz plitanyň
duhowkasy kelläme geldi:
-Eger ýalňyşmaýan bolsam, bular duhowkada bişirilen bolmaly.
Çakym dogry çykdy. Gülşat mylaýym ýylgyryp:
-Bildiň, kömelekler seniňki-diýdi. Soňra gidip aşhanadan iki sany
tarelkejik,, iki jübüt wilka, pyçak getirdi. Serwantdan bir çüýşe konýak
bilen iki sany bulgur hem alyp goýdy. Stola ähli zat iki-ikiden goýlup
durulansoň üçünji adama garaşylmaýandygyny aňdym. Galyberse-de onuň
hereketleri hemişekisi ýaly sagdyn, gelşikli bolsa-da, nämedir bir zada
tolgunýany indi mesaňa duýulýardy. «Eger çakym çak bolsa, är-aýalyň
arasynda bir üýtgeşik gürrüň bolup geçen bolmaly» diýip, men içimi
hümledýärdim.
-Gülşat, sen meni myhmançylyga çagyranyňy unudaýdyň öýdýändiýip, men gepiň bir tarapyny degişmä sowup, ýagdaýy anyklamakçy
boldum.
-Näme üçin unudaýyn?
-Onda näme, bu enjamlay iki-ikiden goýuşdyrdyň?
Ol meniň gepimiň düýp manysyna indi düşünip güldy, maňa
seretmezlige çalyşyp jogap berdi:
-Biz otagda iki adam-a...
-Ýusup näme? Oňa garaşmaýasmy?
-Ol gelmeýär.
-Eýgilikmi, beri, Gülşat? Araňyza tow düşäýen-ä däldir-dä?
Gülşat maňa sowugrak nazar bilen garady:
-Ahmet, häzirlikçe menden hiç zat sorama, haýyş edýän. Soňrak özüm
aýdaryn... Hany, nahardan alyşdyryber. Konýagy-da aç, menem bir owurt
içjek.
«Bä, gaty çynlakaý bir zat bolaýypdyr öýdýän. Içiniň ýanyp durany
üçin içmekçidir-dä» diýip, öz ýanymdan pikirlendim. Konýagy açyp, iki
bulgura-da deň guýdum. Öňler, maşgalamyz bilen gatnaşyk edýän
döwrümizdäki oturlyşyklarda Gülşat öz bulguryna bir owurtdan köp
guýdurmazdy, umuman, içmezlige çalyşýardy. Azajyk içäýse-de nar ýaly
gyzarýardy. Şonda onuň ýaňaklary köz ýaly ýanyp, gözlerinden uçgunlar
syçrardy. Şeýle ýagdaýda ol öz duýgularyna erk edip bilmeýän aýallara
çalym edýärdi.
Bu sapar ol «köp», «az» diýmedi, bulgyryny mendenem öňürtiläp
aldy-da:
-Hany, göter Ahmet-diýdi. Onuň bolşuna men öz ýanymdan geň
galyp, bulgyrymy aldym. Ol elindäki bulgyryny synlap, oturşyna ýuwaş
hem-de birhili armanly äheňde:
32
-Belki, bir gowy söz aýdarsyň, Ahmet-diýdi.
Oýlandym. Garaşylmadyk bu ýagdaýda tost aýtmak maňa birhili
gelşiksiz duýulýardy. Emma meniň bir söz aýtmagymy Gülşat gaty isleýän
ýalydy. Onuň göwnüni ýykmak islemedim:
-Gülşat, şu öýde, göwnüňiz ýaly giň öýüňizde köp oturlyşyklar etdik.
Duzuňyzy köp iýdik. Köp tostlar hem aýdyldy. Şol sanda menem näçe
gezekler aýdypdym. Eger ýadyňyzda bolsa, siziň maşgalaňyza bagyşlanan
iň gowy arzuwlarymy beýan edipdm. Indi şol tostlardan başga hiliräk edip,
täze sözler tapyp aýtmak gaty kyn...
-Bagyşla, Ahmet, sözüňi bölýän-diýip, Gülşat ýüzüme kinaýaly
garady. – Şol aýdylan tostlar, göwnüme bolmasa, edil erteki ýaly ýary
ýalan, ýary çyn. Adamlar ýüregindäkisini ýüze çykarman garşysyndaky ýek
görýän adamynyň saglygyna içýärdiler...
-Bu sözleriň bilen meni iki ýüzlülikde aýyplajak bolýan-a dälsiň?diýip, men hem onuň sözüni böldüm.
-Ýok, ýok, beýle däl. Tostuň başlanyşy adatda aýdylýan tostlara
meňzäni üçin
dowamy-da şondan ileri bolmazmyka, diýip sözüñi böläýdim.
Bagyşla! Gel, gowsy tost aýtman, ýüregimizdäki arzuwlarymyz üçin
içäýeli. Ýüregiň düýbünde pynhan saklanýan arzuwlary, armanlary tosta
goşup aýdyp bolanok, ahbetin.
Ol bu sözleri şeýle bir ýumşak, mylaýym äheň bilen aýtdy welin,
ondan ynjamaklyga ýerem galmady.
-Bolýar. Men razy. Hany, onda göterdik-diýip, onuň teklibine sözsüz
goşuldym.
Bulgurlarymyzy çakyşdyrýarkak ol maňa şeýle bir üýtgeşik nazar
bilen seretdi welin, muňa men allaniçiksi boldum. Gönümden gelsem,
köňlümde bir kiçijik şübhe hem peýda boldy. «Bä, bu garaýşyň manysy
başgarak ýaly-la. Bu nähili beýle bolup biler?... Aslynda ol meni näme
maksat bilen çagyrdyka?» diýip, men içimi gepledýärdim.
-Men-ä içdim. Sen näme tutup otyrsyň?- diýip, ol pikirimi böldi.
-Hä, menem içýän-diýip, bulgury başyma çekdim. Soňra ümsüm
nahar iýmäge başladym. Kömelek kebap biçak tagamlydy. Ondan iýdigimçe
işdäm barha açylýardy. Emma onuñ ýaňky garaýşy böwrüme dürtüp
durdy. Men assa-ýuwaş ýagdaýy anyklamagyň ugruna çykdym:
-Gülşat, Ýusup nirä gitdi?
Gülşat aýtsammy, aýtamasammy diýen ýaly birhowa dymdy-da,
soňra:
-Komandirowka-diýdi.
-Nirä? Umuman, araňyzda hiç zat bolanok gerek?
33
-Ýok. Onuň ýaly zat ýok. Ol agitbrigada bilen Garagumdaky
çopanlaryň ýanyna gitdi.
-Şeýle diýsene. Men araňyzda bir bolgusyz zat bolaýdymyka, diýip
gorkupdym. Bular ýaly bolsa ýaňy soranymda aýtmaly ekeni.
Gülşat geplemedi.
-Diýmek, onsuz içiň gysyp meni myhmançylyga çagyrypsyň-da?diýip, men degşen boldum.
-Ýok-diýip, ol birhili ýadaw äheň bilen dillendi.- Men ol ýanymda
bolan mahalynda-da ýüregimde giňlik ýok... Bütin ömrüm şeýle geçip
barýar...
Men agzyma ýetirip barýan kömelekli çarşajygy çanagyň gyrasynda
goýup, oňa sorag berdim:
-Bu näme diýdigiň?
Gülşat maňa manysyna düşünmesi kyn bolan bir garaýyş bilen garady.
Bir zat diýmekçi bolup ykjamlanan dodaklary titredi.
-Bu näme diýdigiň, Gülşat?- diýip, men soragymy ýene gaýtaladym.
Emma şol wagtyň özünde onuň ýerliksizdigini duýdum.
-Şuňa-da düşüneňokmy... Men ony söýemok...
-Geň zatlary aýdýaň, Gülşat. Ol saňa gaty mähirli ahyryn.
Gülşat ot bolup tutaşdy:
-Mähirli bolaýşyny! Bilýän onuň mährini. Bary ýasama!
Mylaýymsyrap aýdýan sözlerinde çigit ýalyjagam hakyky mähriň
ýoklugyny ýüregim syzýar...
Men näme diýjegimi bilmän birsalym dymdym. Oýlanyp görsem,
Gülşadyň sözlerinde azda-kände hakykat bar ýalydy: Ýusup adamlar bilen
gürleşeninde ne mährini, ne-de gaharyny ýüze çykarardy. Hemme kişi bilen
bir meňzeş mylaýym äheňde sözleşmäge çalyşýardy. Emma onuň bu
mylaýymlygynyň aşagynda nähilidir bir ýasamalygyň bardygy duýulýardy.
-Men araňyzyň beýledigini bilmändirin-diýip, oňaýsyz dymyşlygy
bozdum.
Gülşat uludan demini aldy, soňra ýüzüni kese sowup:
-Menem seniň beýle nalajedeýindigiňi bilmändirin-diýdi.
-Nalajedeýin? O nähili men beýle bolýamyşym?
-Wah görüp dursuň-a. Men seni söýýän...
Ol şeýle diýdi-de, iki eli bilen ýüzüni tutup möňňürip goýberdi. Meniň
bolsa dilim tutulan ýaly boldy. Bütin göwrämi birhili düşnüksiz duýgy
gurşap aldy. Men şu ömrümde hiç haçan beýle aljyraňňy ýagdaýa
düşmändim. Oňa näme diýjegimi, näme diýip göwünlik berjegimi bilmän
ýöne sömelip otyrdym. Menden hiç hili seda çykmandan soň, Gülşat
biderek azara galanyny aňdy öýdýän, ýuwaş, emma gaharly dillendi:
-Ahmet, git... Haýyş edýän, çyk, şu ýerden...
34
Men geplemän öýden çykdym. Köçelerdäki elektrik sütünleriniň
yşyklary bir eýýam ýanypdyr. Özge wagtda bu yşyklar meniň göwnümi
göterip, keýpimi kökleýärdi. Bu sapar bolsa, ne olar, ne-de ýüzümi sypaýan
baharyň mylaýym şemaly ýüregimdäki dumanly duýgulary kowup bildi.
Näme üçindir, bir aýyp iş eden ýaly öz-özümi ýazgardym. Adamlaryň
gözüne görünmek islemeýärdim. Şonuň üçinem bolsa ähtimal, öýümiň daş
bolmagyna garamazdan, awtobusa münmän pyýadalap gitmegi ýüregime
düwdüm. Agras ädimläp gidip barşyma kellämde dürli oý-pikirler at
salýardy. Haýran galaýmaly, bir adama lotereýada iki sapar utuş düşüşi ýaly
meniň hem yzly-yzyna iki gezek biri-birini meňzeş bulaşyklyga düşenimi
nätjek. Bu işler meniň erkime bagly bolmadyk ýagdaýda ýüze çykanam
bolsa, özümi günäkär ýaly duýýardym. Şol bir wagtyň özünde iki garaýyş
bilen, öz-özüm bilen jedelleşýärdim:
«Ýeri, näme üçin beýle boldy? Sen näme üçin iki sany gözel zenanyň
yhlasyny gaýtardyň? Şeýdip dogry etdiňmi?» «Hawa, dogry etdim.»
«Kime gerek seniň bu dogruçyllygyň. Durmuş bir sahna mysaly dälmi
näme? Perde ýapyklygynda näme iş edeniňi kim bilýär? Hiç kim. Emma
perde tötänden açylyp bir tomaşaçy göräýse, barybir seniň hiç zat
etmedigiňe ynanyp durasy ýok. Sebäbi sen sahnada aýal bilen ikiçäksiň.
Sahnada aýal bilen erkek ikiçäk duşuşanlarynda, hökman gujaklaşýarlar,
öpüşýärler. Muny hemme kişi bilýär. Şonuň üçinem sen bu düzgünden çete
çyksaň hiç kes ynanmaýar. Aýjemal bilen edil şeýle bolmadymy näme?
Aslynda sen, Aýjemaly näme üçin öýüňe eltdiň? Näme diýip, onuň üçin
maşgalaňdan aýryldyň? Özümi ýagşylyk üçin pida etdim diýip, hondan
bärisi bolup ýörensiň. Hawa, edil şeýle. Ýöne bu mesele juda bir seniň pikir
edişiň ýaly hem däl. Ozalynda, sen bu işi diňe birine tüýs ýürekden
ýagşylyk etmek üçin etmediň. Sen muny, ilki bilen, özüň üçin etdiň. Sebäbi
sen özüňi rehim-şepagatly, mert adam saýarsyň. Ýeri, şeýle bolansoň sen
nädip aýal maşgalany maşynyndan düşürip goýberjek. Eger şeýle edeniňde
seniň rehim-şepagatlylygyň, mertligiň nähili bolardy? Öz nazaryňda özüň
şol mertlik, asyllylyk derejesinden pese düşüp galardyň ahyryn.»
«Ýalan. Men Aýjemala duşanymda ol zatlar hakynda düýbünden pikir
edemokdym.»
«Dogry. Pikirem eden dälsiň. Emma ol zatlar seniň ganyňda bolany
üçin olaryň ygtyýaryndan daşa çykyp bilmännsiň. Ýeri, Aýjemaly öýüňe
getireniňden soň köňlüňde dörän islegleriňi näme üçin bogduň?"
«Islegler? Ol nähili islegler? Eger şonda ýüregimde nähilidir bir isleg
dörän bolsa, ony amala aşyrmaga päsgel berýän hiç zat ýok-da. Sahna
ýapyk-da. Näme iş etsemem hiç bir tomaşaçy görmezdi. Hiç tomaşaçy hem
ýokdy.»
35
«Ýok. Bir tomaşaçy bardy. Şonda seniň özüň hem sahnadaky
gahryman, hem gahrymanyň hereketlerini synlap duran tomaşaçydyň.
Seniň gahrymanyň bolsa göwni isläp duran işi etmäge seniň tomaşaçyňdan
gorkýardy. Ýeri, Gülşady näme üçin ret etdiň?» «Ol meniň dostumyň
aýaly.»
«Diňe şonuň üçinmi? Ýok. Bu gezek hem sen öz aladaňy etdiň. Öz
nazaryňda özüňi pese düşürmek islemediň. Netijede, şeýle ajaýyp aýalyň
göwnüni ýykdyň. Bu zatlaryň hemmesine sendäki ýüregiň bir ýerlerinde
baslygyp ýatan ulumsylyk sebäpkär. Sen onuň ygtyýaryndan daşa çykyp
bilmediň. Ýogsam, senem janly adam ähbetin. Seniň duýgularyň hem,
islegleriň hem durmuşyň lezzetlerine ymtylýan adamlaryňkydan tapawut
etmeýär.» «Sen näme diýip samahyllaýaň? Mende hiç hili ulumsylyk
ýok,seniñ ulumsylyk diýýäniñ ynsap,mende ana şol ynsap diýen mukaddes
düşünje bar.
Ynsanyň duýgulary, islegleri çäksiz ahyryn. Beýle çäksizligi ynsabyñ
bilen çäklendirip bilmek
gerek! Men hem özüme erk edip, şeriň ýerine haýyr işi ýüze
çykarýan»
«Şeriň deregine haýyry ýüze çykarýan diýsene. Gör, nähili owadan
söz. Ýöne sen gatyrak gidýän bolaýma. Beýle sözler, beýle işler ähli kişiniň
üns merkezinde duran uly şahsyýetlere gelişýär. Sen bolsa kim-aýt?»
«Men adam! Adam bolup hem galaryn.!»
Öz sesime tisginip gitdim, seretsem, soňky pikirimi seslenip aýdyp
goýberipdirin.
Emma elmydama öz göwnüňdäki ýaly adam bolup galmak gaty kyn
ekeni. Käte adamçylyga sygyşmajak işlere gabat geleniňde öz bolşuňdan
üýtgäniňi duýman galýan ekeniň.
Şol wakadan soň hem Ýusup bilen dostlugymyz öňküsi ýaly dowam
ediberdi. Ýöne welin, indi olara barmamy seýrekledipdim. Barsamam
öňkim ýaly arkaýyn, şähdi açyklyk bilen oturyp bilemokdym. Gülşat bolsa
özüni aramyzda hiç zat bolmadyk ýaly edip görkezmäge çalyşýardy. Munuň
ýaly ýagdaýda aýal maşgala öz syryny paş etmezlik üçin elinden gelenini
etmeli bolýan bolmaga çemeli. Men onuň hereketlerini assyrynlyk bilen
synlaýarkam, şol gün onuň «Seni söýýän» diýenine ynanasym gelenokdy,
sebäbi maňa onuň bolşy söýgä garanda keýpi-sapa meýilliräk ýaly
duýulýardy. Şeýle-de bolsa oňa rehimim gelýärdi. «Adam pahyr gadagan
edilen duýgularyny gizlemek üçin, gör, nähili ýasamalyklar etmeli bolýar»
diýip içimi gepledýärdim.
Şol arada Ýusup maňa aýratyn duýgudaşlyk bildirip ugrady.
Sallahlygyň möhletiniň gutarandygyny, indi bolsa öýlenmekligiň wagtynyň
ýetendigini gaýta-gaýta ýatladýardy.
36
Günleriň birinde giç öýlän işden ýaňy gelip, geýimlerimi çalşyp
durkam, Ýusup geldi.
-Ine şeýdip, duýdansyz geläýmesek seni asyl tapyp bolanok. Näçe
gezek jaň hem etdim. Jogap berýän ýok-diýip, ol degişme äheňinde gürledi.
Men dostumyň ýörite idäp gelenine monça boldum. Barymy orta
döküp, sallahlarça oňa hyzmat etdim. Birazyrak içenimizden soň, Ýusup
daşdan aýlap gürrüňe başlady.
-Dostum, adamyň ömri derýadaky suw däl. Ol hasaply, çäkli. Şonuň
üçin hem bar zat öz wagtynda bolsa ýagşy. Sen indi mundan soňam
sallahlygyňa geziberjek bolsaň, gaty gelşiksiz bolýar.
-Ýeri, onda, näme maslahat berýäň?
-Öýlen. Basymrak öýli-işikli bol.
-Diýýäniň näme, dostum. Aýal diýilýäni-de bazarda satylýan zat däl,
ylgap baryp getirer ýaly. Öňürti ony tapmaly, soňra birek-birege ýaramaly...
-Bäriňe seret -diýip, Ýusup sözümi böldi. -Sen bu bolşuňda ony
tapmarsyň hem, oňa ýaramarsyň hem.
-Onda näme iş etmeli?-diýip, men güldüm.
Ýusup bir zadyň pikirini edýän ýaly dymdy. Soňra:
-Eger göwneseň mende bir teklip bar- diýip, ol gözlerime synçylyk
bilen garady.
-Ýeri, nähili teklip?
-Ikinji mikroraýondaky biziň kitaphanamyza baryp gören-ä dälsiň...
Şol ýerde bir ajaýyp zenan işleýär. Ony işe alanyma bir ýyldanam geçdi. Şu
döwrüň içinde onuň ýekeje-de aýagyny gyşyk basanyny gören adam ýok.
Isleseň eltip görkezeýin. Özüň gepleşip gör. Eger ol saňa ýarasa, galan işi
özüm düzederin. Gudaçylyga özüm bararyn. Şeýdip menem bir sogap
gazanaýyn.
-Bä, bu teklibiň-ä gulaga ýokman duranok. Ýöne ol maňa ýarany
bilen men oňa ýaramasam nätjek?
Ýusup ha-ha-haýlap güldi.
-Ýaramajak gümanyň ýok, dostum. Seniň ýaly ýigit tapar-da olam
ýaramazmy. Onuň hem seniň göwnüňden turjagy şübhesiz. Onuň ýaly bir
kemsiz gözeli enesi seýrek dogurýandyr.
-Bä, tarypyny gaty ýetirdiň-le. Öte geçýän-ä dälsiň-dä?
-Öte geçemok, dostum. Baranyňda özüň görersiň.
-Onda ony haçan görüp bolarka?
-Ä-hä! Agzyň suwjaraýdy öýdýän-diýip, Ýusup gözlerini mekirlik
bilen süzüp güldi-Haýyr işi gijä goýmak bolmaz. Ony ertiriñ özünde
göräýeris.
Şeýdip men ertir günortanlyk arakesmeden soň Ýusubyň edarasyna
barmaly boldum. Soňra bolsa kitaphana onuň bilen gitmeklige şertleşdik.
37
Ýusup köp saklanmady. Men ony derwezäniň agzynda duran maşynyna
çenli ugratdym. Ol mähirli hoşlaşyp gitdi.
Ertesi belleşilen wagtda men Ýusubyň edarasyna bardym. Ol maňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 04
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.