Latin

Powestler - 01

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 2139
30.6 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Powestler
YNSAP
Saçlary ýaňy çalaryp ugran garaýagyz, orta boýly, daýanykly bir kişi
keselhananyň gür agaçlara basyrylyp oturan ýanýodalardan her gün irden
çalarak agsaklap gezim edýärdi.
Onuň ätiýaçly basýan gadamlary, salyhatlylyk bilen aşak eglen kellesi,
hat-da keselhananyň ala-mula pižamasynyň jübüsine sokulan hereketsiz
elleri-de bu adamyň dabanlap geçen ömür menzilleri hakynda çuň oýlaryň
girdabynda ýüzýänligine güwä geçýän ýalydy.
Indi ýarym aýa golaý wagtdan bäri onuň bilen bir palatada derdimizi
paýlaşýarys. Onuň ady Ahmetdi. Ýöne hemme kişi onuň adyny hormatlap
«Ahmet aga» diýip tutýardy. Aýtmaklaryna görä ol halk magaryf bölüminde
işleýärdi.
Näme üçindigini bilemok welin, keselhana düşen günümden başlap,
meniň ýüregimde bu adama aýratyn bir hormat duýgusy döredi. Ahmet
aganyň hemmämiziň ünsümizi çeken ýene-de bir aýratynlygy- ony sorap
gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi. Men ozalam bir gezek näsaglap
keselhana düşenimde, şu kysmy bir adam bilen bir palatada bolupdym.
Aýtmaklaryna görä, ol uly wezipeli, hatyraly adamdy. Şonuň üçinem ony
sorap gelýänler çenden-çakdan köpdi. Ýöne gelýänleriň birnäçesiniň
ýüzünde ýaraňjaňlyga meňzeş ýakymsyz bir many bardy.
Emma Ahmet aganyň yzyndan gelýänleriň ýüzünde hiç hili
ýaraňjaňlyk alamaty ýokdy. Olaryň tüýs ýürekden hal-ahwal soramaga
gelen adamlardygy mese-mälim görnüp durdy.
Bir gezek Ahmet aganyň gybatyny etdiler:
-Öz-ä mendenem beter sölpi welin, diýseň gadyry bar.
-Näme, içigaraçylyk edýämiň, dost-ýary köp adam şeýle bolýandyr.
-Şol wagt palata Ahmet aganyň özi gelip girdi. Ol hiç zat eşitmedigem
bolsa, biz özümizi birhili oňaýsyz duýduk. Ýaňyja ony: «Mendenem beter
sölpi» diýip oturan adam özüni aklajak bolýan ýaly:
-Ahmet, aýak nädýä? Birneme gowlaşýamy?- diýip, şelaýynlyk bilen
sorady.
Ahmet aga peşeneli ýüzüne gelşip duran, azajyk çal sepen
murtjagazyny sypap goýberdi-de, mylaýym ýylgyrdy:
-Aý, gowlaşmasa, özünden görsün. Şu namart taýmadyk bolanlygynda
menem bu taýda güýlünip ýatmazdym- diýip, ol agsaýan aýagyna urdy.
Ahmet aganyň bu degişmesine gülüşdik. Şol mahal
palatanyň gapysy emaý bilen açylyp orta ýaşan, görmegeý bir aýalyň
kellesi göründi.
1
Ahmet aga bärik bakyp oturany üçin ony görmedi. Ol aýal ýygralyk
bilen içerik ätledi-de, palatadakylara ýekän-ýekän, göz aýlady. Ahmet aga
gözi kaklyşanda, (ýeňsesindenem ony tanan bolmaga çemeli) ýüzgözündäki çekinjeňligiň ýerine, şatlyk alamaty çaýyldy.
-Ahmet aga! -diýip, ol tolgunmak bilen seslendi.
Ahmet aga yzyna öwrülip seretdi-de, geň galyp, gaşlaryny gerdi:
-Aýjemal?!..Sen nireden düşdüň?
Aýal elindäki düwünçegi Ahmet aganyň golaýyndaky tumboçkanyň
üstünde goýdy-da, tolgunyp dillendi:
-Sizi gatyrak nähoşlanypdyr diýip eşitdim-de, soramaga geläýdim.
Tüweleme, ýagdaýyňyz oňat ýaly-la.
-Hä, hawa... Gowy-la, biderek azar edinipsiň-diýip, Ahmet aga birhili
aljyran ýaly etdi. Haýran galaýmaly, mydama özüni salyhatly, sowukganly
tutmagy başarýan bu adam, näme üçindir häzir aljyraňňy ýagdaýa düşdi.
Hatda ol aýala oturmak üçin ýer görkezmegi-de unutdy.
-Ýeri gurgunçylykmydyr, çagalar neneň?- diýip, Ahmet aga sözüniň
üstüni ýetirdi.
- Sag boluň, hemmesi oňatlyk, çagalaram ösýär.
-Ulusy näçinji klasda okaýar.
-Şu ýyl onunjyny gutarýar. Kakasy instituta saljak diýýär.
-Hä, hä, bolubilýä.
Diňe şondan soň, aýalyň, dik durany Ahmet aganyň ýadyna düşdi.
-Ih, näme aýak üstünde dursuň, Aýjemal?! Ine şu ýerde oturaý!-diýip,
ol krowatynyň ýanyndaky oturgyjyň üstünde ýatan gazet-žurnallary alyp,
ýassygynyň aşagynda goýdy. Aýal özi üçin boşadylan ýere geçip, ýaňy
ornaşanda, Ahmet aga:
-Ýok , gowusy, ýör, daş çykaýaly, palatanyň howasy-da birhili
petişräk ýaly-diýdi.
Zenanyň ýüzi nar ýaly gyzardy. Ol krowatlaryň üstünde aýaklaryny
aşak sallaşyp, özüne tiňkesini dikip oturan näsaglara ötünç soraýan ýaly
seretdi-de, Ahmet aga bilen tirkeşip, daşary çykdy. Olar palatadan
çykanlaryndan näsaglaryň biri owurdyny pökgerdip, manny-manny etdi:
-Ine, size gerek bolsa hezillik. Ahmet aganyň şeýle oýunlary bardyr
diýip, ýatsak-tursak huşumyza-da gelenokdy. Şeýle salyhatly adama beýle
pynhan aragatnaşyk saklamak gelişýän zat däl. Şu mahal gelnejemiz
geläýse, baý harasat gopar-da...
-Dyrnagyň aşagyndan kir gözleýän adam ekeniň-diýip, men onuň
ýoknasyzlygyna gatyrgandym.-Belki, bir garyndaşydyr, tanşydyr...
-Baý, gaty sada ýigit ekeniň-ow, inim-diýip, gybatkeş jüýje-horazyňky
ýaly edip boýnuny sozdy.
-Onuň nämesidigi görnüpjik dur-a.
2
Dogrymy aýtsam, Ahmet aganyň ol aýaly göreninden birhili aljyraňňy
ýagdaýa düşenini ýatlanymda, özümiňem göwnüme güman gitmän
durmady.
Şeýle-de bolsa, men ol gybatkeşiň mundan artyk ýürekbulanç sözüni
eşitmezlik üçin daşary çykdym.
Keselhananyň trotuarlary asudady. Bu wagt gün guşlukdan agypdy. Ir
salkynda gezim etmäge çykýan näsaglar bireýýäm palatalaryna
sümülipdirler. Çolaryp galan trotuarlaryň birinden derweze tarapa eginmeegin ýöräp barýan Ahmet aga bilen ol aýala gözüm kaklyşdy. Näme üçindir
mende Ahmet aga bilen bu aýalyň gatnaşygyna bolan bilesigelijilik barha
artýardy. Adamyň tebigaty şeýle-dä –bir zat näçe şübheliräk bolup duýulsa,
oňa bolan bilesigeljiligiň şonça güýçli bolýar. Ahmet aganyň özüm bilen
arasynyň gowudygyndan peýdalanyp, ýeri gelende, bu bilesigeljiligimi
kanagatlandyrmagy ýüregime düwdüm. Şeýle pursat köp garaşdyrmady.
Agaçlatyñ aşagynda goýlan oturgyçlaryñ birine baryp oturanymam şoldy
welin, Ahmet aga ol aýaly derwezä çenli ugradyp, göni maňa tarap gaýtdy.
-Tämiz howa çykypsyň-ow?!-diýip, ol ýanyma gelip oturdy. Onuň
gözleri birhili kanagatlanmak duýgusy bilen ýanyp durdy. Ony sorap gelýän
adamlaryň hiç biri-de onda beýle täsir galdyrmandy.
-Hawa, ...Daşary çykýas, içerik girýäs, garaz, eýdip-beýdip wagt
geçirýäs-dä, Ahmet aga!-diýip, onuň gözlerine ýylgyryp seretdim. Ahmet
aga birden tukatlandy, uludan demini alyp:
-Şeýle diýsene- diýdi. – Biz-ä wagt geçirýäs diýýäs, emma
aslyýetinde, wagtyň özi uly ýolda elini göterip duran ýolagça ünsem
bermän daz ýasap barýan maşyn ýaly bizi taşlap geçip barýar, inim.
-Dogry aýdýaňyz, Ahmet aga-diýdim. Onuň sözleriniň äheňinden,
kalbynyň töründe uzak geçmişinden galan ýatlamalar bergiçip ýatan ýalydy.
Indi onuň ýüregini dökmegi üçin bir kiçijik itergi gerekdi.
-Ahmet aga diýýän-ä, sizi sorap gelýän adamlaryň yzy üzlenok. Beýle
köp dost-ýary nädip gazananyňyza biz-ä haýranlar galýas.
Ahmet aga çalaja ýylgyrdy-da:
-Balarynyň häsiýetini bilýämiň?-diýdi.-Ana, şol janawar näçe-näçe
güllere gonup, bal bolýan nektar diýen maddany tapýar. Menem öz
dostlarymy edil balary ýaly saýlap-seçip tapandyryn. Hakyk dostlar, ine,
şunuň ýaly başyň ýassyga ýetende, ýa-da başyňa bir iş düşende belli bolýar.
Ahmet aga säginip, synçy nazarlary bilen maňa bakdy. Soňra sözüni
ýene dowam etdi:
-Gepiň tümmek ýeri, ýagşy ýigit, seni meniň dostlaryma garanda-da
ýaňy gelip giden aýal köpräk gyzyklandyrýan bolmaga çemeli. Sen sorap
oturma. Men özüm aýdaýyn... Ol aýal meniň hiç zadymam däl! Sen
nädogry güman edýäň.
3
-Be... nätdiňiz-aýt, Ahmet aga, men hiç zady güman edemok ahyryndiýip, syr bildirmediksirän bolsam-da, ýüzüm lap-lap gyzyp gitdi.
-Özüňi aklap oturmagyň hajaty ýok han ogul. Men kimiň nähili pikir
edýänini gözümiň gyýtagy düşenden bilmeýän bolsam, ýarym asyrlyk bu
ýaşy, hiç bir manysyz ýaşandyryn-da?!
Men dogry sözüň garşysyna gidip bilmedim:
-Bagyşlaň, Ahmet aga. Adam diýen çig süýt emen-dä...
-Ine, munyň başga gep-diýip, Ahmet aga kinaýaly ýylgyrdy. – Indi
ählijesini özüm gürrüň bereýin. Diňlejekmi?
- Wah, diňlejek-le.
Ahmet aga ýaňy çalaryp ugran gelşikli murtyny sypap, birsalym
dymyp oturanyndan soň gürrüňe başlady.
***
Bu wakadan bäri dos-dogry ýigrimi ýyl geçipdir. Emma ony
ýatlanymda göwnüme dek düýn bolup geçen ýaly. Şol döwürde men ýaňyja
otuz ýaşyň bosagasyndan ätlän, syratly ýigitdim. Şol wagt hem häzirkim
ýaly oblast halk magaryf bölüminde işleýärdim. Şoňa görä, raýonlara ýygyýygydan gidip durmaly bolýardy. Bir gün, eger ýalňyşmaýan bolsam,
dekabr aýynyň ortalarydy öýdýän, oblastyň merkezinden daşrak bir ýere
komandirowka iberdiler. Özümiziň täzelikde satyn alan «Moskwiç»
maşynym bilen gitdim. Dogrymy aýtsam, şonda men göýä bir ýaş çagadymda, maşyn bolsa meniň üçin bir oýnawaçdy. Entek oňat sürmäni
başarmasam-da, ony uzak ýola münüp çykmagymyň sebäbi, ony çolarak
ýerde hezil edip,"oýnap“ gaýtmakçydym.
Raýona gelenje günüm ähli işlerimi bitirdim. Myhmançylyga çagyran
tanyş-bilişlerimden hem ötünç sorap, ýola düşdüm. «Gyşyň güni bir tutam»
diýlişi ýaly men raýon merkezinden çykyp uly ýola düşýänçäm garaňky
gatlyşdy. Çyralary ýakyp, gazy birsydyrgyn basyp barýardym. Asfaltlanan
şa ýol maşynyň tigirleriniň aşagyndan çykyp gaçyp barýan äpet gara ýylana
meňzeýärdi.
Peji işläp durany üçin, maşynyň içi gyzyp başlady. Öz tarapymdaky
gapynyň aýnasyny çalaja açdym. Ýüzüme sowuk şemal çaldy. Howadan
garyň ysy gelýärdi. Bir salymdan bolsa, çyralaryň yşygyna maýdalap
sepeleýän gar göze ildi. Ýol daş, entek, elli kilometre golaý ýöremeli. «Öýe
ýetýänçäm, ýol gaty typançak bolaýmasa ýagşy-da», diýip howatyr
edýärdim. Sebäbi typançak ýolda gijesine maşyn sürmek meniň ýaly täze
öwrenje üçin ýöne-möne zat däldi. Emma tebigat seniň islegiňe garap
durmy näme, maýdalap ugran gar, indi petdeläp ýagmaga başlady. Adamçy
düýäniň agzyndan syçran köpüge meňzäp ýere gaçýan gar şol wagtyň
özünde eräp, ýoly ezip ugrady. «Heý, içigar munyň näme diýsene. Göreli
bakaly, her näme-de bolsa, eýdip-beýdip, öýe ýeterin. Emma barýançam
4
aýalymyň jany bokurdagyna geler» diýip aladalanýardym. Sebäbi Zyba
süýdüň aklygyna-da müňkürlik edip, siňe syn edýän adam. Ol ähli zatdan
howatyr edýärdi, diýseň howsalaçydy. Hat-da bäş ýaşlyja gyzjagazymyzyň
aýagyna tomsuň jöwzasynda-da jorap bilen köwüş geýdirip goýberýärdi.
Onuň bu bolşuna käte meniň gaharym gelip: «Edýäniň näme, çaganyň
aýagynyň işini görýäň-ä, çykaryp zyň baryny. Goý, ýumşajyk gumda
oýnasyn, aýagy hezil ediner» diýsem, «Goýaweri, kakasy, neneň çagany
aýakýalaňaç daşaryk goýberip biljek. Dert aýakdan geler» diýerdi. Men
oňa: «Ätiýaçlyk gowy zat, emma ony çakdan aşa edýän adam gaty
ownukçyl bolýar» diýip, näler tabşyrdym. Ýöne aýdanlarym ýele
sowrulýardy. Zybanyň diňe özüne muwapyk düşünjesi, içki dünýäsi bardy.
Ol özüniň bir bolşy bilenem ýaşaýardy. Aramyzdaky duýgular hem öñkisi
ýaly däldi. Haýran galaýmaly meňzeşlik: Adamyň ömri, onuň duýgular
älemi edil çyrpynyp akýan derýa mysaly. Derýa hem başyndan aýagyna
çenli hiç haçan bir tekiz akanok. Ol gözbaşynda biçak hyjuwly, akýar,
gitdigiçe ýuwaşaýar, aýaga ýakynlanda bolsa, haýal akýar. Men ynsanyň
ruhy äleminiň derýanyň akyşyna
meňzeşdigi barada pikir öwrüp
barýardym.
Birden haýran galmakdan ýaňa gözlerim şakäse ýaly tegelendi. Ýoluň
edil ortarasynda başy açyk, çyplak geýnen bir aýal maşgala edil ýeri ýaryp
çykan ýaly peýda boldy. Entek nämäniň-nämedigini aňymda aýlap
ýetişmänkäm öz ygtyýarymdan daşary bir güýç bilen tormozy şeýle bir jan
howluna basdym welin, typançak ýolda göni barýan maşyn birden
keseligine öwrülip saklandy, şo mahalam gapynyň batly açylyp ýapylanyny,
gapdalymdaky ýere biriniň özüni oklanyny aňdym.
-Tiziräk sür. Haýyş edýän.
Göýä harby permana boýun egýän ýaly maşyny dogrulap, ýene sürüp
ugradym.
-Bagtyňyz bar eken, maşynyňyz ýoldan çykyp, tas jarlyga
agdarylypdy...
Onuň sesi gaty tolgunýanlygy sebäpli sandyrap çyksa-da, örän
ýakymlydy. Men özümi dürsänem bolsam, näme diýjegimi bilemokdym.
-Meniňem bagtym çüwüp, siz sataşaýdyňyz-diýip, ýoldaşym ýene
dillendi.-Eger siz sataşmadyk bolanyňyzda yzymdan ýetip öldüräýmegi
hem mümkindi.
Men oňa howatyrly seretdim. Ol seçelenip ýatan saçlaryny
tertlpleşdirip, içini hümledip otyrdy.
-Kim sizi öldürmekçi bolýan? – diýip, bilesigeljilik bilen soradym.
-Ärim.
-Ärim?
-Hawa.
5
-Diýmek, öz öýüňizden gaçyp çykypsyňyz-da?!
-Hawa. Ýogsam...
Aýal bokurdagy dolup, gepläp bilmän dymdy, men häzir möňňürip
goýberse gerek diýip çakladym. Emma ýalňyşan ekenim. Ol özüni derrew
rastlady:
-Hawa, öldüräýmegi gaty ähtimaldy.
-Ýeri, adam öldüräýmek eşekden palan ýaly aňsatdyr öýdýäňizmi?
- Ol päliýamany siz bileňizok-da.
-Ony siziň özüňizem bilmeýän ekeniňiz-dä, ýogsam adam öldürýän
adama äre çykmazdyňyz.
Gürrüňdeşim äheňimdäki kinaýany duýdumy, nätdimi, soň geplemedi.
«Kime sataşdym, bi nähili aýal?» diýip, içimi gepledýärdim. «Äri näme
üçin öldürjek bolýarka? Munuň özi gowy aýal bolanda ýagdaý şu derejä
baryp ýetermidi?! Munuň bir «emmajygy» bolmaly. Garaz belany başyma
satyn alan bolmasam ýagşydyr».
-Indi nirä barýaňyz?
Aýal uludan demini aldy:
-Näbileýin.
-Näbileýin diýmäňiz näme. Öýden çykanyňyzda ýüregiňize bir zady
düwensiňiz, ahyry?
-Hiç zadam düwemok, diňe şol öýden sag-aman sypsam bolany.
-Şäherde garyndaşlaryňyz barmy?
-Ýok.
-Ene-ataňyz nirede?
-Şäherde.
-Şäherde?
-Be, size düşüner ýaly däl-le, ýaňyja şäherde hiç kimim ýok
diýmediňizmi?
-Olar meni öýüne eltmeýärler. Şeýle bolansoň hiç kimiň ýokdugy-da.
-Şeýle diýseňiz-le.
-Hawa, atam öweý. Olam meni öldürmekçi bolanynda öýden gaçdym.
-Haýran galaýmaly. Häzir men hakda nähili pikir edýäňiz? «Şu
adamam hem meni öldürmekçi bolaýmasyn» diýip, oýlanyp oturan-a
dälsiňiz-dä?!
Aýal birden gaty gülüp goýberdi. Şeýle kyn ýagdaýa düşüp oturan
adamyň beýle ýürekden joşup gülşüne haýran galyp, oňa ýiti-ýiti seretdim.
Emma garaňkylykda onuň ýüzüni görüp bilmedim. «Näme üçin men beýle
oýlanmaly?» diýip, ol gülkisiniň arasynda sowal berdi.
-Aýdyşyňyza görä, siziň üçin pyçak çarhlap ýören adamlar köpelip
barýar. Şeýle bolansoň, menem gözüňize ganhor bolup görnemokmy?diýip soraýan-da.
6
-Ýok, elbetde. Siz gowy adamsyñyz, gowy adamy bir görende bilse
bolýar.
-Diýmek, siziňçe men gowy adam-da?
-Muňa çigit ýalyjagam şübhàm ýok.
-Ýeri, meniň nähili adamdygymy siz nireden bilýäňiz?
-Men muny haýsydyr bir duýgym bilen syzýan.
-Be-e... geň galaýmaly.
-Geň galar ýaly zat ýokmuka diýýän. Dogrusyny aýdanda, şeýle
duýgy hemmämizde-de bar.
-Emma meniň bu duýgym siz barada hiç hili düşündiriş berenok?
-Araba münenden soň, aýdymamynam aýtmaly borsuň diýýäñiz-de.
Özüm düşündiriş beräýerin.
-Bagyşlarsyňyz, men arabama mündürenim üçin düşündiriş talap
edemok. Emma...
-«Emma adamyň tebigatyna bilesigelijilik diýen zat mahsus-da»
diýmekçi bolýaňyzmy?
Başda men bu aýalyň osal däldigini aňypdym, bu gepden soñ
ýalňyşmandygymy duýdum.
-Hawa, şeýle.
-Meniň özüm başdan-aýak gürrüň bereýinmi ýa-da siz sorag bilen
meni gepletmekçimi?- diýip, ol edil köne tanşyna näzirgeýän ýaly kinaýaly
gürledi. Men onuň kinaýasyny añmadyksyrap:
-Meniñ üçin tapawudy ýok- diýdim.
Ol geplemedi. Oňa seretmesem-de çala ýylgyrýanyny duýdum. Ol
meniň nämäni bilmekçi bolýanyma oňat düşünipdi.
-Siz mamla- diýip, ol uludan demini aldy. --Kim hakda alada
edýändigiňizi bilmäge haklysyňyz.
-Men näme alada edipdirin?
-Belki, indi edersiňiz?!.
Gözüm ýolda bolsa-da, bu sözleri aýdanynda onuň maňa assyrynlyk
bilen seredýänini duýdum.
-Meň elimden näme gelsin?-diýip, men sowuk-sala jogap berdim.
-Şeýle diýseňiz-le? «Elimden näme gelsin» diýip, şähere baryp
ýetenimizden soň, aýal maşgalany şu ýagdaýda köçä taşlap gitmersiňiz
,ahyry.
Men näme diýjegimi bilmän aladaly dymdym. Dogrysyny aýdanda,
onuň beýle gönümelligi meni biraz aljyradypdy. Maşyna münen wagty «Bu
nähili aýalka? Başyma belany satyn almadymmykam?» diýen gümanym
çyn bolup barýan ýalydy. «Gowy adamy bir görenden tanasa bolýar, siz
gowy adamsyňyz» diýmesiniň beýle emmajygy bar eken-dä» diýip, içimi
gepledýärdim.
7
-Näme dymdyňyz?
«Toba, kime beýle näz edýärkä, ömründe hiç haçan görmedik, natanyş
adamsynyň öňünde beýle teklip goýmaga nädip ýüzi çydaýarka?» diýip,
içimden geňirgenýärdim.
-Bagyşlarsyňyz, siz meni bir ýakyn tanşyňyza meňzedýän-ä
dälsiňiz-dä?-diýdim. Onuň ähli kinaýalaryna garşy ýönekeý jogap tapanyma
öz ýanymdan begendim. Emma ok nyşanadan sowa geçdi. Ol meniň
diýenimiň düýp manysyna düşünmedi-de, jakgyldap gülüp goýberdi. Çaga
sadalygy bilen şeýle diýdi:
-Näme üçin beý diýýäňiz? Men sizi ömrümde ilkinji gezek görýän.
Onuň bilen gürrüňdeş bolalym bäri göwnüme iki hili adam bilen
gürleşýän ýalydym. Olaryň biri pikir ýörediş ukybyna seredende örän
pähim-parasatly, ikinjisi bolsa ýüregindäki dilinde, çaga ýaly sada. Onuň
soňky sadalygy birhili ýüregimi eretdi. Hat-da,
beren sowalymyň
manysyny düşünmänine
begendimem. Häzir oňa hiç zat wada etmekçi dälem bolsam, sözümi
«uýam» diýip başlap, onuň göwnüni göteriji hoşamaý gürlemekçi boldum.
Emma gürrüňi nähili äheňde başlamalydygyny bilmek üçin ýoldaşymyň
özümden uly ýa-da kiçidigini anyklamagym gerekdi. Emma garaňkyda
onuň sypatyny saýgaryp bolanokdy. Şonuň üçin oňa nähiliräk äheňde ýüz
tutmaklygy bilmän dymyp gelýärdim. Uzakdan şäheriň yşyklary göründi.
Ýoldaşymyň ýaňy: «Aýal maşgalany köçä taşlap gitmersiňiz ahyry» diýeni
indi meni çynlakaý alada goýdy. Yşyklar ýakynlaşdygysaýy aladam
artýardy: «Nätmeli? Şähere ýetenimizden soň maňa azar bermäñ, maşyndan
düşüň diýmelimi? Ýok, men muny aýdyp bilmen. Göni öýe eltäýsem nähili
bolar? Ýok. Olam bolanok».Ýoldaşym meniň, içimi it ýyrtyp gelýäninden
habarly ýaly dillendi:
-Ine, şähere-de ýakynlaşyp gelýäs.
-Hawa, öz-ä ýakyn galdy.
-Haýp... Maňa galsa, şu gijäniň garaňkylygy-da, ine şu ýolam hiç
tükenmesedi...
Dogrymy aýtsam, men onuň bu isleginiň aşagynda nähili hyýallaryň
basyrylgydygyny duýmadym. Şeýle-de bolsa, oňa başardygymdan wäşiräk
jogap gaýtardym.
-Benziniň tükenmegi mümkin.
-Hä, elbetde. Ýöne menem gepiň gerdişine görä aýdaýdym-da. Ähli
zadyň benzin ýaly ölçegli, çäklidigini bilýän-le. Hat-da adamlardaky rehimşepagat, adamkärçilik duýgulary-da ölçegli. Olaryň hem öz menziline
ýetende tükenmegi mümkin.
-Munyňyz nädogry.
8
-Nämeüçin nädogry bolýamyşyn? Ynha, häzir siz rehim edip,
maşynyňyza mündürip gelýäňiz. Emma elmydama nätanyş adamyňyzy
maşyna mündürip gezip bilmersiňiz ahyry.
-Näme diýseňizem, siziň adamyň mukaddes duýgulary hakyndaky
pikirleriňiz dogry däl.
-Bilmedim-dä – diýip, ol birden tukatlandy.- Ýöne siz nähili
adamkärçilikli adam bolsaňyzam, meni şu gije myhman alarsyňyz, ertir
bolsa men başga ýerden pena gözlemeli borun.
Ýüregim erbet gowsunyp gitdi. Ol bu kiçijik jedelden ussatlyk bilen
peýdalanyp, maksadyny açyk aýtdy. Men näme diýjegimi bilmän
aljyradym, ol meniň ýagdaýymy duýan ýaly:
-Näme dymýaňyz? Ýa-da, myhman alarsyňyz diýenime
gorkaýdyňyzmy? Ýogsa-da... aýalyňyz gaty gabanjaň dälmi?-diýip,
ýuwaşja güldi.
-Onçasyny bilmedim, şu çaka çenli öýüme del aýal eltip göremokdiýip hümürdedim.
-Weý, muňa seret-le- --diýip, ol pyňkyryp goýberdi.- Gorkup oturmaň,
özüm aýalyňyza oňat edip düşündirerin. Aýallaryň ýüregini aýallar gowy
bilýändir.
Şu gepden soň, ýüregim biraz düşüşdi. «Hakykatdanam, aýallar birbirine gowy düşünýärler, munuň özi nähili ýagdaýda sataşanyny jikme-jik
gürrüň berse, Zyba-da ynanman durmaz ahyry» diýen pikire eýerip, ony öýe
eltmäge içimden razy boldum. Şeýdip bu çylşyrymly mesele çözüldi. Indi
ýene deslapky mesele-ýoldaşymyň nähili adamdygyny bilmek islegi dilimi
gijedýärdi:
-Aýallaryň ýüregine diňe aýallar däl, oňatja gürrüň berilse erkeklerem
gowy düşünýändir.
-Näme diýmekçi bolýanyňyza menem gowy düşünýän-diýip, ol
uludan demini aldy.-Ýöne indi şähere geldik. Baryny gürrüň bermäge
ýetişmesem gerek.
Dogrudanam, şähere gelip ýetipdik. Şu uly köçäniň soňuna baryp,
saga-biziň
köçämize sowulmalydy. Galan aralygam bir kilometrden daş däldi.
Indi öýe barýançak onuň kimdigini, nähili adamdygyny anyklamak mümkin
däldi. Şonuň üçin artykmaç gürrüňe gümra bolman, ýolumy dowam
etdirdim. Ýene-de bäş minutdan öýe bararys, kimdigini maňa aýtmasa,
Zybanyň özüne aýdar ahyry- diýip, içimi gepledýärdim.
Köçämiziň başlanýan ýerine ýetenimizde maşyn birden öçüp galsa
nätjek. Ýangyjy görkezýän datçige seretsem, benzin tükenipdir. «Ine saňa
gerek bolsa. Oslanmadyk ýerden bolan bu işe seretsene. Bu uly köçäniň
ugrunda tanyş-biliş sataşaýmasa ýagşy! Eger-de olardan biri bu ýagdaýda
9
duranymy görüp kömege geläýse, kelle ýalaňaç, diňe bir jemреrde oturan
del aýala gözi düşdügi gör, nämeler pikir eder?!» diýip howatyrlanýardym.
Adamyň ruhy ýagdaýy gaty tiz özgerýär. Birden bu biderek
howsalanyň ýerine niredendir peýda bolan mertlik duýgusy eýeledi. Özümi
beýle gorkaklygym, ätiýaçlygym üçin içimden ýazgarýardym. Ýoldaşym
hem gürrüňiň nämededigini aňan bolmaga çemeli, degişen kişi boldy:
-Benzin tükense-de, entek sabyrymyz tükenmedi, galanja ýoly şonuň
bilen alyp bolmazmyka?
-Gynansagam, sabyr diýilýän zady benzin ýerine ulanyp bolanok.
Şonuň üçinem başga bir alajyny tapmaly-diýip, menem gürrüňi degişmä
sowdum.
Wagt hem ýarym gijeden agypdy. Mundan soň maňa benzin beräýjek
maşynyň geçjegi ikiuçlydy. Kelläme bir pikir gelip, maşyndan düşdüm.
Gapyny ýapmazdan öň pikirimi ýoldaşyma aýtdym:
-Indi öýe geldik diýsegem boljak, ana görnüp dur, çep tarapdan
dördünji jaý. Ýöne siz häzirlikçe bir azrak maşynda garaşyň. Men öýe
baryp, egniňize geýer ýaly bir eşik getireýin. Onsoň öýe bararsyňyz. Men
bolsam, goňşularyň birini çagyryp, maşyny iterip, öýe eltmesek başga alaç
ýok.
Ol geplemedi. Men maşynyň gapysyny ýapyp öýe ylgadym.
Derwezäniň öňüne gelip seretsem, yşyklar sönüpdir, bar ýer tüm garaňky.
«Garaşyp-garaşyp ýatan bolmaga çemeli» diýip içimi gepletdim.
Derwezäniň bir çetindäki jaňyň düwmesini basdym. Bir salym garaşdym,
soňra yzly-yzyna birnäçe gezek basdym. Ýene garaşdym. Emma içerden
ses-üýn çykmady. Öýde hiç kim ýok ýalydy. «Bä, bu nähili boldy. Zyba
ukusyna beýle agyr däldi-le» diýip, içimi gepledýärkäm, kelläme birden
başga pikir geldi. «Zyba öýde ýok bolsa gerek, derweze içinden däl-de,
daşyndan gulplanandyr». Çakym dogry bolup çykdy. Derwezäniň gapysyny
sermeläp görsem ullakan köne gulp elime buz ýaly bolup degdi. Bir
ýagşysy- bu nuh eýamyndan galan gulpuň iki sany açary bolup, biri
mendedi. Zybanyň pikiriçe, bu köne gülp täze çykan gulplara garanda,
ygtybarlymyşyn, berkmişin. Täze gulplaryň islendigini ýaş çaga-da açyp
bilýämişin. Ine, şonuň üçinem, Zyba bu gulpy atasy öýünden ýörite gidip
getiripdi. Gulpy açyp, içeri girdim, dalanyñ yşygyny ýakdym. «Beý, bu
nähili boldy indi» diýip, içimi gepledýärdim. Meni beýle alada goýan zatZybanyň nirä ýitirim bolandygy däldi. Men onuň häsiýetine gaty beletdim.
Men iş saparyna gitdigim , olam oba-atasy öýüne ýumlugyberýärdi. Bu
saparam şeýle edenligi ikiuçly däldi. Meni alada goýan zat başgady. Ol
aýalymyň ýok wagtynda öýe keseki aýaly alyp gelmegimdi.
10
Bu ýagdaý maňa bagly bolmadyk pursatda ýüze çykanam bolsa,
näme üçindir, özümi günäkär ýaly duýýardym. Öýe girip däliziň, garşydaky
uly otagyň yşyklaryny ýakdym, soň dälize çykdym.
Ýene-de uly otaga girdim. Näme maksat bilen girip çykýanymy
özümem bilmeýärdim. Uly otaga üçünji gezek girenimde ortadaky stoluň
üstünde ýatan sygryň dili ýaly kagyza gözüm düşdi. Şonda Zybanyň hat
ýazyp galdyranyny aňladym. Kagyzy alyp, hata göz aýladym: «Kakasy.
Bardy-geldi bu gün gaýdyp geläýseň, howatyrlanyp oturma. Näme diýsene,
sen gidensoň içim gysyp nätjegimi bilmän otyrkam, obadan agam maşynly
geläýdi. Elinje ulag bolansoň, menem oba ejemi görüp gaýdaýyn, diýip,
Maýyçkany alyp gaýdyberdim»... Hatyň yzyny okabam durmadym. «Agaň
gelmedigem bolsa, bir ugruny tapyp giderdiň» diýip, hüňňürdedim-de, haty
dört epläp jübüme saldym.
«Indi nätsemkäm?» diýip, içimi gepledýärdim. «Yzyndan oba baryp
gaýtsammykam? Hany oňa benzin? Gijäniň bir wagty ony nireden tapjak.
Bardy-geldi benzin tapylaýanda-da kyrk kilometre golaý ýere bu batgada
gidip geläýmek oýunjak işdir öýdýärmiň? Bir ýerde bataýsaň nätjek»...
Kelläme mundanam başga her hili hyýallar gelip, otagda bir salym huşsuz
ýaly bolup durupdyryn. Birden maşynymda üşäp oturan syrly myhmanym
göz öňüme gelip, dälize çykdym. Üstki egin-eşik asylýan asawaçdan
özümiň köne paltomy alyp, daş çykdym. Indi men «Bu nähili boldy?» diýen
öňki soragymy gaýtaladym. Onuň deregine «Aý näme bolsa, şo bolsun»
diýip, samyrdap gelýärdim. Maşynyň ýanyna gelip, gapysyny açdym-da,
elimdäki paltony ýoldaşymyň öňüne okladym.
-Şuny geýäýmeseňiz, başga zat tapmadym.
Ol çalt geýnip maşyndan çykdy.
-Ýörüň, sizi öýe elteýin. Soňra goňşularyň birini turuzyp gelerin.
-Bimahal çagy goňşulary bimaza etmek nämä gerek. Eger güýjüňiz
ýetmese, bir çetiräk çykyň,
özüm itekläp eltäýerin- diýip, ol güldi.
-Sizem bimahal wagty oýnuňyzy goýuň, ýörüň tizräk!-diýip
hüňňürdedim.
-Men oýun edemok, gara çynym- diýdi-de ol gapyny açyp, bir eli
bilen ruly tutup, egni bilenem maşyny itekläp başlady. Menem maşynyň
yzyna geçip, bar güýjüm bilen itdim welin, ol ýuwaş-ýuwaşdan tigirlenip
ugrady.
Şeýdip, biz itenek-de- çomanak bolşup maşyny derwezeden içeri
saldyk. Men derwezäni bekläp, ýoldaşyma «Içerik giriberiň» diýip,
ýüzlenmekçi bolup seretdim. Ol gapynyň öňünde, yşygyň aşagynda meniň
hereketlerimi synlap durdy. Ine, şonda, men onuň keşbini ilkinji gezek anyk
gördümem welin aňkam aşyp, duran ýerimde doňup galdym. Elhepus! Men
11
şu ömrümde beýle owadan aýal maşgala sataşmandym. Birhili oraşan düýş
görýän ýaly hopukdym. Haýran galaýmaly ýeri-de, onuň gözi-gaşy biziň
gündogarda owadanlygyň nyşanasy diýip ykrar edilen şar gara reňkde däldi.
Ýaňy ýigrim bäşlerine gadam uran ýewropalylara çalymdaş bu mele gelniň
bütin durky, kaddy-kamaty, ýüzi-gözi gözelligiň nusgasy hökmünde
döredilen gadymy grek heýkellerine çalym edýärdi. Ol meniň özüne birhili
aňkarlyp seredip duranymyň sebäbini aňan ýaly çalaja ýylgyrdy-da:
-Gelnejem uklap ýatyr öýdýän?!-diýdi. Men:
-Ol öýde ýok ekeni- diýip, dogrusyny aýtmaly boldum. Şonda sesim
özümiňkä meňzemän gitdi.
-Ýok ekeni? – diýip, ol geň galmak bilen sorady.
-Hawa, onuň barynyň-ýogunyň bize peýda-zyýany ýok- diýip, men
batyrgaý gürledim. Zenan kinaýaly ýylgyryp, synçy nazaryny dikdi. Men bu
garaýşyň manysyna düşündim. Ol:
-Sallahlygyňyzy ýolda aýdaýan bolsaňyzam hiç zat üýtgemezdi- diýdi.
-Ýok-la, men sallah däl. Aýalymyň öýde ýoklugy bulam bir tötänlikdiýip hüňňürdedim.
Zenan ýyldyz dek lowurdap duran gözlerini süzüp güldi:
-Tötänlik diýseňiz-le, beýle tötänlikler tiz-tizden bolup durýan
bolmaga çemeli.
Men onuň «tötänlik» sözüni aýalymyň öýde ýoklugy baradamy, ýa-da,
öýe keseki aýaly getirenim baradamy, garaz, haýsy manyda diýenini
bilmedim. Şonuň üçin onuň bu sowalyny jogapsyz galdyryp, sypaýylyk
bilen öýe mürehet etdim :
-Hany içeri gireliň, bu ýerde üşäýdiňiz öýdýän.
Men ony yzyma tirkäp, myhman garşylanýan uly otaga alyp bardym.
Haýran galaýmaly. Oňa bolan öňki şübheli garaýşymyň ýerine indi hormata
meňzeş bir duýgy eýeledi. Munuň sebäbi düşnüklidi. Gözellik indi özüniň
güýjüni görkezýärdi. Oňa seretdigim saýyn bu deňsiz-taýsyz kämil görküň
öňünde özümi barha ejiz duýýardym. Pikir edip görsem, bu meniň
ygtyýarymdan daşarydaky ýagdaýdy. Sebäbi ynsanyýet özüni bileninden
bäri, gözellige mukaddes zat hökmünde sežde edip gelýär. Aýratynam,
ynsanyň keşbinde ýüze çykan gözellik jilwesi, ynsanyň özüni tebigatyň
döreden başga ähli gözelliklerine garanda-da köpräk ýesir edip gelýär. Bu
hökmürowan güýç häzir meniň üstümdenem agalyk edýärdi.
Öý-ä ýyljak eken, indi bu toý lybasyny çykaraýsamam boljak – diýip,
ol meniň köne paltomy egninden alyp elime berdi. Onuñ egninde ýewropça
biçüwli mele reñkli köýnegiiniñ üstünden geýen , endamyna ýapyşyp,
özüne gelşip duran, maýda dokalan ýukarak gyzyl jemperi bardy. Men
paltony eltip dalizdäki asawaçdan asyp, dolanyp otaga girenimde ol
henizem stoluň ýanynda aýak üstünde durdy. Töwerek-daşyny otlukly
12
gözlerini aýlaýardy. Myhmanhana hökmünde ulanylýan bu otag aýalymyň
islegine laýyk edip, birneme köne modada bezelendi. Garşydaky diwaryň
ýarysyny eýeläp duran ulakan serwantda dürli gap-çanak, çäýnek-käse, üstiüstüne münderlenip ýatyrdy. Howly tarapa bakýan penjirä gyzyl ýüpek
matadan perde tutulandy. Bu otagdan äpişgesi köçä seredýän çaklaňja
ýatylýan jaýa girilýärdi. Onuň iki ganatly aýnabent gapysyndan üsti ýumşak
düşekli goşa krowat görnüp durdy. Ol ýere nazary düşen myhmanymyñ
birden ýüzi gamaşdy. Ol birhili agyr oýuň aşagynda galan ýalydy. Şeýle-de
bolsa, egnindäki gyzyl jemper onuň gyrmyzy ýaňaklaryny hasam gül
reňkine girizipdi. Depesinde ikuç aýlap goýan garadan goňra ýakyn
saçlaryndan al ýaňaklara seçelenip düşen tarlary şu tapda onuň keşbini
perişan görkezýärdi.
-Näme aýak üstünde dursuňyz, otursaňyzlaň, Men häzir çaý goýjak.
-Çaý diýýäňizmi?- diýip, maňa seredeninde öňki tukatlygy aýrylyp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 02
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.