Latin

Powestler - 18

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 1808
33.3 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
atlandyrylýan tebigatyň baky hereketiniň girdabynda ebedi hereket edýär.
Muny has sadarak edip aýdanymyzda ol janly organizimiň üsti bilen dünýä
inýär. Ýagny aktiw formanyň üsti bilen passiwlikden aktiwlige geçýär.
Şeýdibem aktiwlikden passiwliga, passiwlikden aktiwliga dynygsyz özgerip
durýar. Ýaňy meniň ,,Belki ikimiz mundan müň ýyl ýa-da million ýyl ozal
tanyş bolan bolmagymyz mümkin” diýenimiň manysy hem şundan gelip
çykýar. Hawa, siziň bilen meniň tohumym belli bir döwürde, belli bir ýerde
bile gaýtalanýan bolmagy ähtimaldan daşda däl.
- Diýmek, ölýäs-direlýäs, direlýäs-ölýäs ekini-de?! – diýip men kinaýaly
äheň bilen soradym.
- Ýok beýle diýmek bolmaz.
- Ýeri, onda diýýäniňiz näme?
- Ýaşaýşyň passiw formasyndan aktiw formasyna geçilmegine ölen adamyň
bir näçe wagtdan soň gözüni açyp dikelip oturbermegi ýaly bolmajak zat
bilen deňeşdirip bolmaz. Adam dirilikden ölüm ýagdaýyna geçende onuň
jisiminiň materýasy tebigatdaky başga materialara garylyp gidýär. Emma
garylyp, çym-pytrak bolup gidýän materýanyň içindäki adamyň ähli
materýasynyň gözbaşy bolan baş materiýa, aýdaly, tohumy belli bir
şertlerde, belli bir döwürde passiwlikden aktiwlige geçýär. Muňa-da biz
adamdan adam döredi, diýip düşünýäs.
- Onda siziňçe adam adamdan döremeýän ekeni-dä?
- Elbetde.
-Onda men, siziň pikiriňizçe, atamyň ogly däl-de?
- Edil meniň ejemiň gyzy bolmaýşym ýaly. Emma bu zat ,,ata-ene” , ,,ogulgyz” diýen düşünjelere päsgel berip bilmez.Çünki adam ata-enesiniň
jisiminden döremese-de, olaryň jisiminiň üsti bilen dünýä inýär. Muny ençe
ýyllap amatsyz şertlerde saklanan bir tohumyň yzgar ýere düşeninde
gögerip ötägitmegine meňzetse bolýar. Tohumy gögerden ýer-ene bolsa ata
şol tohumy tapyp ýere sanjan daýhandyr.
Bir bada onuň bu pikiri şu çaka çenli hiç kimiň kellesine gelmedik bir
hakykat ýaly bolup duýuldy-da, ýüregimde allaniçiksi tolgunma döretdi.
Men gözlerimi petredip, oňa seredip durşuma näme diýjegimi bilmeýärdim.
Emma bir salymdan tolgunmam köşeşip, beýnim bir neme parasatly
işlemäge başlanyndan soňra oňa gülküm tutdy.
- Näme gülýärsiňiz? – diýip ol azgyryldy.
- Bagyşlaň, siz materialistmi ýa-da ideýalistmi?
208
- Men ideýalist, ýöne edilýän gürrüň materiýanyň gürrüňi dälmi näme?
- Nämäň gürrüňi bolsa-da, beýnisi sagdyn işleýän adam siziň bu pikiriňize
goşulmaz.
- Şeýle adamlar känmikä?
- Olar biziň şu gämimizde-de gaty köp
- Meniň pikirimçe goşuljaklaram az däldir.
- Dogrydyr, onuň ýalylaram tapylman durmaz.
- Diýmek, meniň ýeke däldigimi ykrar edýäňiz. Şeýle dälmi? Eger men şu
gämini çökdürip göýberäýsem, pikirimiň dogurdygyny subut ederdim.
- Bä! Siziň beýle pikiriňizem barmy?
- Şeýle pikirim ýogam däl. Eger häzir şu gämidäki adamlaryň bary çökip
gideninde-de munuň bilen olaryň tohumy ýitip gitmez. Ýaňky aýdyşym
ýaly, olar belli bir döwürden soň ele dünýä gaýtadan inerler. Şonda olar
siziň däl-de, meniň pikirme goşulmaly bolarlar.
- Asyl şeýle diýseňiz-le! Ýaňy meniň siz idealistmi ýa-da materialist, diýen
soragyma, men idealist, diýip jogap berdiňiz. Görüp otursam, siz idealist
hem däl, materialist hem däl, başga taýpadan ekeniňiz! Hawa, başga
taýpadan! – diýip, hemleli gepledim. Şol wagt birden gök gümürdäp, güýçli
ýyldyrym çakyp, jahan gündüziň güni ýaly ýagtylyp gitdi. Şonda häliden
bäri gijäniň alsarmyklygynda maňa görmegeý gyz bolup görnen
ýoldaşymyň ýüzüne dykkatly seretsem, ol-a gözleri içine çöken, burny
guşuň çüňki ýaly egrelen bir jadygöý kempir ekeni. Men:
- Ähe! Ine, indi seniň hakyky keşbiň hem belli boldy! – diýip, gygyryp
goýberdim. Gatyrak gygyran bolmaga çemelim, öz sesime tisginip
oýandym.
Kapitan Nur sözüni soňlap, beren gürrüňüniň aýaly bilen professorda
nähili täsir galdyranyny bilmek üçin olara göz aýlady.
- Düýş bar bo-la! diýip, Deýa äriniň çaşkasyna gyzgyn kofe guýdy – düýş
dagy diýer ýaly däl, edil kinoň bir epizody ýaly.
Professor başyny ýaýkap gülümsiredi-de:
- Dogurdanam kinoň epizody ýaly eken - diýip, Deýanyň sözüni
tasyyklady. – Ýöne, ezizim Nur, düýşüňüziň biziň zamanamyza degişli
ýorgudy bolmasa gerek. Ol düýşüňiz siziň ýaşap gaýdan asyryňyza degişli.
Hawa, şol döwürde ilki göräýmäge şeýle özüne çekiji, perdesini syryp
seretseň gaty elhenç ideýalar , adamzady heläkçilige duçar etmäge çalyşan
güýçler az bolmandyr. Men gadymy kinolentalaryň käbirlerine seredenimde
ýakamy tutyp, elheder alýan. Adamlar toparlara bölünip, adam öldürýän,
gurluşyklary ýykyp-ýumurýan gurralar bilen biri-birini gyrýarlar.Onsoň
oturyp pikir edýän, heý, bu zatlar akyl-paýhas diýilýän beýik zadyň eýesi
bolan jandara gelişjek işmi! Hatda ýyrtyjy haýwanlaram beýle
guramaçylykly toparlara bölünip, biri-birini gyrgyna sylmandyrlar.Hawa,
209
ezizim, adamlaryň beýnisinde agrassiw meýilleri ýok etmek üçin näçe
asyrlaryň dowamynda ylym dünýäsi zähmet çekipdir.
- Hormatly professor, siz biziň zamanamyzyň adamlarynda agressiw
meýilleriň ýoklugyny diňe ylymyň hyzmaty diýip hasap edýäňizmi?
Deýanyň duýdansyz beren bu sowalyna professor Tal Dal birneme
geňirgenenem bolsa, oňa bada-bat jogap berdi:
-Elbetde, ezizim, mundan näçe asyrlar öň alymlar adamzadyň tohumyny
ýaramaz häsiýete eýe bolan genlerden arassalapdylar. Şonuň netijesin-de...
- Bagyşlaň, professor – diýip, kapitan Nur dostunyň sözüni böldi. – Meniň
azda-kände biologiýadan-da, medisinadan-da düşünjäm bar. Eger başga bir
faktor bolmanynda siziň arassalanan tohum diýeniňize adamlardaky
agressiw meýilleri doly ýok etmek başartmazdy.- O nähili faktor?
- Ol planetamyzyň adamlarynyň bir ideýa gulluk edip, bir jemgyýete
birikmekligi! Eger biziň zamanamyzda-da dürli sosial düzgünler, dürli
ideýalar bar bolan bolsady, onda häzirem birek-biregiň garşysyna agressiw
hereketler bolman durmazdy. Siz ýaňy ýyrtyjy haýwanlaram biri-birine
beýle guramaçylykly gyrgyn salmandyrlar diýip aýtdyňyz. Munuň sebäbi
hýwanlarda ideýa diýen zat ýok. Guramaçylykly uruşlar bolsa her kim öz
ideýasyny gögertmek ýa-da gorajak bolmagynyň netijesinde ýüze çykypdyr.
Gepiň tümmek ýerini aýdanda, şol döwrüň adamlary öz wagtynda ýeke-täk
bir ideýa gulluk edip, bir bütewi jemgyýete birigip bilmändirler. Ähli
belanyň körügi ana şonda bolupdyr. Siz aýtmyşlaýyn olaryň genleriniň
arassalanmanlygynda däl hormatly professor.
Professor Talyň kapitanyň pikiri bilen ylalaşmajagy ýüz-gözünden görnüp
durdy. Onyň jogaby taýyndy, özüne söz gezeginiň ýetmegine sabyrsyzlyk
bilen garaşýardy. Emma kapitan söhbetdeşine maý bermän orta başga
sowal atdy. Bu barada meniň pikirim şeýle. Ýöne häzir meniň kelläme
başga bir pikir geldi: Eger güniň ömrüniň kemelýändigi baradaky problema
biziň döwrümizde däl-de, dürli sosial düzgünler höküm sürýän şol döwürde
ýüze bolsa näderdiler?
ProfessorTal kapitana beletdi. Ol jedelleşmegi gowy görýärdi. Emma öz
pikirine garşy gidilmegini kän bir halamaýardy. Şonyň üçin jedel dowam
ediberjek bolsa, ussatlyk bilen bäsdeşiniň pikirini başga tarapa sowup
goýberýärdi. Onuň häzirem köne usulyndan peýdalanjak bolýanyny aňan
professor Tal kellesini ýaýkap kinaýaly gülümsiredi-de, sowala sowal bilen
jogap berdi:
- Ýeri siziňçe näderdiler?
- Meniňçemi? – diýip, kapitan birsalym dymyp, jogap berdi.-Menimçe bir
problemanyň şol döwürde ýüze çykmanyna şükür edibermeli. Sebäbi bu
problema şol döwürde ýüze çykan bolsa, häzir bu jahanda sizem, menem,
210
umuman adamzadyň tohumy hem bolmazdy.
Häliden bäri professor bilen äriniň jedelini ümsüm diňlap oturan Deýany bu
gürrüňler irizen bolmaga çemeli, ol birden gürrüňe goşuldy.
- Hormatly professor, ezizim Nur, şu köne syýasat baradaky gürrüňleri bes
edäýiň. Gowusy, ylym, siwilizasiýa barada gürrüň etseňiz-le. Aýratynam,
hormatly professor men siziň bu syrly älem hakyndaky pikirleriňizi bilesim
gelýär.
Professor Talyň ýüzünde mylaýym ýylgyryş peýda boldy:
- Ezizim Deýa, men size öňki sapar gelenimde okuwçylaryňyz bilen
duşuşyp, wagt hakynda söhbet geçirmäge söz beripdim. Siziň syrly älem
diýýäniňiz hakynda-da ana şol duşuşykda gürrüň edäýeris. Häzir beýle
zatlar hakynda gürrüň etmek bilen kapitany geň galdyrasymyz ýok. Şonuň
üçin, gowusy, bize ýene bir çaşkadan gyzgyn kofe beriň.
Deýa gyzgyn kofe taýýarlap gelýänçä kapitan bilen professor gürrüňini
dowam etdirýärdiler. Olaryň soňky gürrüňi ekspedisiýanyň yklaby, Täze
Günüň orbitasyna haçan ýetip baryljagy, ene Ýere haçan dolanyp gaýdyp
boljakdygy barada gitdi.
***** **** **** **** *****
Çagalar mugallymyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol näme üçindir
sapaga gelmeli wagtyndan gijä galýardy. Munuň sebäbini bilmekçi bolup
okuwçylar dumly-duşdan Zeýa sowal berýärdiler. Zeýa bolsa:
- Ejem ýaňyja öýdedi, men sapaga gaýdanymda, menem häzir bararyn
diýipdi – diýip, jogap berýärdi.
Gapydan kellesini çykaryp, dälize seredip duran oglan, birden synpa
öwrüldi-de:
- Gelýär! Ýanynda-da ol ak saçly professor bar – diýdi.
Zeýa bolsa çapak çalyp:
- Ol professor Tal Dal bolmaly, urra...! diýip, gygryp goýberdi. Okuwçylar
hem oňa goşulyp, ,,urranyň” soňuny alyp göterdiler. Şol wagt synpa Deýa
bilen professor Tal Dal girdi. Olar girenden synpyň içi suw sepilen ýaly
boldy. Professor okuwçylar bilen
mylaýym salamlaşyp, Deýanyň görkezen ýerinde okuwçylara ýüzbe-ýüz
bolup oturdy. Deýe hem onyň gapdalyndan ýer aldy-da, çagalara ýüzlendi:
- Okuwçylar, ine men size beren sözümde tapyldym, professor Tal Daly
getirdim. Ol bize bu syrly älemiň gurlyşy wagt, ginişlik ýaly düşünjeler
barada gyzykly gürüň berer. Professor Tal Dal bilen duşyşyk okuwçylaryň
kalbynda bir hili tolgunma emele getirdi. Olar bar ünsüni jemläp, gözlerini
professora dikip otyrdular.
Professor okuwçylara birlaý göz aýlap goýdy-da:
- Ezizim Deýa, siz okuwçylaryňyzyň öňünde boýnuma gaty çylşyrymly
211
wezipäni goýjak bolýarsyňyz-diýdi. Soňra mylaýym gülümsiräp,
okuwçylara ýüzlendi:
- Ezizlerim, meniň beýle diýmegimiň sebäbi, men ömrümiň deň ýarysyny
bu syrly älem hakynda pikir ýöredip geçirenem bolsa, ol hakda oýlanymda
häzirem edil siziň ýaly tolgunýaryn. Älemiň, umuman tebigatyň gurluşy
gaty çylşyrymly. Hawa, bu çäksiz älem nireden peýda boldy, onuň ozaly
nähili bolupdyr, soňy nähili boljak, muny hiç kim, hiç haçan anyk aýdyp
bilmese gerek.
Professor sözüni entek soňlamanka kapitanyň gyzy Zeýa:
- Hormatly professor, onda ol hakdaky gipotezalar näme, olaryň bary
ýalanmy siziňçe? -diýip, özelenip sorady.
- Gipotezalar! Gipotezalar gaty kän. Ýöne gipotezalar subut edilen hakykat
däl, ezizim Zeýa – professor ardyndy.- Olaryň birinde älem hiç ýerden
peýda bolmandyr. Ol hemişe bar, hemişe-de bolar diýilýär. Ýene birinde
bolsa şeýle diýilýär: ,,Älem örän kiçijek öte syk maddanyň partlamagy
,,Beýik partlaýyş” diýip atlandyrylan partlaýyşyň netijesinde emele
gelipdir, ol şol partlaýyşyň güýji bilen henizem giňelip barýar. Onuň
giňelmegi belli bir serhede ýetensoň älemiň içindäki sansyz ýyldyzlar,
planetalar gepiň gysgasy ähli gallaktikalar ýene-de öňki bolşy ýaly şol
kiçijik zerrede jemlenýär. Onsoň ol ýene partlaýar, ýene älem emele gelýär
we bu prosses dyngysyz gaýtalanyp durýar. Muny açylyp-ýumulýan älem
diýip,, atlandyrýarlar. Biz bolsa älemiň bir açylyp barýan döwründe ýaşap
durus, diýilýär. Gadymy ýigriminji asyrda orta atylan bu gipotezanyň
häzirki tarapdarlary gaty kän. Olar muny hakykata has ýakyn gipoteza
diýjek bolýarlar.
Zeýanyň ýanynda oturan oglan elini galdyryp, ýerinden turdy.
- Hormatly Professor, bir sowal bermek mümkinmi?
- Elbetde, mümkin, ezizim – diýip, professor kiçigöwünlik bilen ýylgyrdy:
Hormatly Professor, siz aýtmyşlaýyn, biz älemiň bir
açylyp barýan
döwründe ýaşaýan bolsak, ol ýene haçan ýumulyp başlarka?
- Men aýtmyşlaýyn däl, ezizim.Şol gipotezada aýdylyşyna görä, haçan öz
serhedine ýeteninde ol ýene ýumylyp başlar. Oglan ýene pofessora,
ýüzlendi;
- Hormatly professor, eger şol gipoteza çyn bolsa,onda kapitan Nuruň
ideýasy nähili bolar? Adamzat Ýeri biziň Jeýhunymyz; idäp barýan täze
Güniň orbitasyna getirip ýetişermikä?
Professor Tal Dal kellesini ýaýkap gülümsiredi:
- Ezizim, älemiň bir açylyp ýumulşy biziň göz öňmize getirişimiz ýaly,
adam öýkeniniň açylyp-ýumylyp durşy ýaly çalt bolýan zat däl. Ol gör näçe
milliard ýyllaryň dowamynda açylyp, şonça-da wagtyň dowamynda
ýumylýar. Ol prosses adamzadyň ömri bilen deňeşdirilende çäksizlige deň
212
ýaly wagt. Şonuň üçin biz we bizden soňkular hiç ýaýdanman kapitan
Nuruň ideýasyny amala aşyrybermeli.
Professor ,,Eger şol ideýany amala aşyrmak adamzada başardaýsa” diýip
sözüniň üstüni ýetirmekçi boldy. Emma bu ideýa uly ynam bilen garaýan
çagalaryň göwnünde müňkürlik döretmezlik üçin dilini dişläp saklandy.
- Indi, ezizlerim, wagt hem giňişlik hakynda gürrüň etsek bolmazmyka?
Bu zatlar hakyndaky siziň düşünjäňiziň nähilidigini bilesim gelýär? – diýip,
professor sözüni dowam etdirdi. -Hany, kim aýtjak, wagt hem giňişlik
diýilýäni näme? Olaryň maddy esasy barmy?
Çagalar ilki dymyşyp bir-birine seredişdiler, soňra ýene iküç ýerden el
galdyryp, ,,Men aýdaýyn”, ,,Men aýdaýyn” diýişdiler. Yzyrakda oturan
garaja oglan has yhlasly görünýärdi. Mugallym professoryň ünsüni oňa
çekdi:
- Hormatly professor, Min aýdaýsyn, ol biziň içimizde iň dilewarymyz.
Professor mugallymanyň teklibine razy boldy. Min orta çykdy. Ol
mugallymasynyň ,,dilewar” diýip öwenine monça bolupdy. Şonuň üçinem
bolsa ýaýdanman söze başlady.
- Hormatly professor ,,wagt hem giňişlik hakyndaky teoriýalary indi biziň
synpymyzda bilmeýän okuwçy ýok. Biz bu zatlar hakyndaky Issak
Nýutonyň, hem, Albert Eýnşteýiniň hem, olardan soňky alymlaryň hem
teoriýalaryny bilýäs. Olary biz özbaşdak okap öwrendik. Emma şoňa
garamazdan wagt bize hemme ýerde öz planetamyzda-da, ine şu gämimiziň
içinde-de Nýuton aýtmyşlaýyn geçmişden geljege tarap birtekiz akyp duran
ýaly bolup duýulýar. Emma aslyýetinde bolsa ol beýle däl. Albert
Eýnşteýiniň otnositellik teoriýasynda aýdylyşy ýaly, wagt hemme ýerde bir
hili bolman otnositel häsiýete eýedir. Meselem, ol ýerde biziň şu ýyldyzara
gämimizdäkä garanda has çalt geçýär. Şonuň üçinem biz ýere dolanyp
baranymyzda biziň deň-duşlarymyz eýýäm garry adamlar bolar.
-Berekella, ezizim – diýip, professor oglanyň dilewarlygyndan
kanagatlanandygyny bildirdi. – Ýeri, onsoň bize hiç özgermez bolup
duýulýan wagt näme üçin hemme ýerde bir hili däl? Näme üçin ol otnositel
häsiýete eýe?
Min birsalym ýaýdanýan ýaly dymdy, soňra professora gülümsiräp
garady-da:
Men bu baradaky teoretiki düşündirişleri gowy edip aýdyp biljek däl.
Sebäbi olara meniň özüm gowy düşünmezdim. Onsoň näme üçin wagtyň
beýle täsin häsiýete eýedigini özüm oýlanyp tapjak boldum - diýdi.
Ýeri, ýeri, onsoň tapdyňmy? – diýip, professor gyzyklanyp sorady.
Ony tapaýmak aňsat däl ekeni. Gaty kän pikirlenenimden soň kelläme
bir ideýa geldi. Rugsat etseňiz şony aýdaýyn.
213
Miniň bu gepi mugallymy üçinem, synpdaşlary üçinem garaşylmadyk
täzelikdi. Şonuň üçin bütin synpyň gözi şondady. Professor Tal Dal bu
garaja oglana aýratyn bir mähir bilen garap:
Aýt, ezizim, aýt! – diýdi.
Meniň pikirimçe- diýip, Min pikirini jemleýän ýaly ardynjyrady, soňra
batyrgaý dowam etdirdi. – Biz wagty we giňişligi aýry-aýry zat diýip
düşünýäris. Emma meniň pikrimçe wagt bilen giňişlik – ikisi bir zat, ýagny
wagt giňişligiň hereketi. Başgaça edip aýdanymyzda giňişligiň hereketi bize
wagt bolup duýulýar. Näme üçin men beýle pikire geldim? Tebigatyň
kanunyna görä älemdäki ähli zat hereketde bolýan bolsa giňişlik hem biziň
gözümize görünmeýän özüne mahsus bolan birhili hereketde bolmaly.
Wagtyň ýyldyzara gämilerde ýerdäkisine garanda örän ýuwaş geçýänliginiň
sebäbi hem ine şunda. Biziň ýerimiz Günüň töwereginde sekundyna 36
kilometr tizlik bilen aýlanýar. Ýyldyzara faton gämisiniň tizligi bolsa
sekundyna üç ýüz müň kilometre barabar. Şeýlelikde gämi kosmosda ýagny
hereketdäki giňişlikde Ýer planetasyna garanda on müň esse çalt hereket
edýär. Şonuň üçin giňişligiň herket tizligi, ýagny wagtyň akymy onuň
üstünde ýere garanda şonça-da ýüwaş geçýär. Muny bir bada mysal bilen
aýdyňlaşdyrmaga rugsat ediň. Giňişligi hamala çalt akýan bir derýa, diýip
hasap edeli. Biz onuň kenaryndaky bir nokatdan özümizi oklaýas-da, akyma
garşy ýüzüp başlaýarys.Biz näçe uly tizlik bilen ýüzsek, şonça-da şol
nokatdan ýuwaş daşlaşýarys. Görüp durşuňyz ýaly, wagtyň biziň üçin
ýuwaş ýa-da çalt geçmegi biziň dyngysyz akyp duran ginişligiň içinde
ediýän tizligimize bagly.
Min sözüni tamamlap öz pikirini adamlarda nähili täsir galdyranyny
bilmekçi bolyp, töweregine göz aýlady. Göwnine bolmasa mugallymyda,
synpdaşlary-da oňa höwes bilen garap otyran ýalydy. Miniň öz pikirini
aýdyň, düşnükli beýan edişi we onuň öz gyzyklanýan zady hakynda
ýöntemirägem bolsa batyrgaý pikir ýöredişi professor Tal Dalyň hem
göwnünden turman durmady. Şonuň üçin ol Miniň pikirine garşy çykyp,
onuň göwnüni ýykmagy islemedi. Gaýtam oňa goltgy berip, arkasyna
kakdy-da:
Berekella-diýdi. –Seniň bu gipotezaňyň hakykata laýyk gelýänini ýada gelmeýänini men häzir aýdyp biljek däl. Ýöne men bir zada – seniň pikir
ýöredişiňi, fantaziýaňyň ýaşyňa garanda has belentdigine göz ýetirdim. Biz
özümizi gurşap alan älem, tebigat barada şeýle çuň pikir ýöretmekligi
ýaşlykdan öwrenmelidiris. Çünki, tebigatda entek açylmadyk syrlar gaty
kän.
Professoryň bu sözünden ruhlanan kapitanyň gyzy Zeýa, hem, Min
baryp ýerinde oturanyndan soň, özüni köpden bäri heýjana salyp gelýän bir
pikirini orta atdy:
214
Hormatly professor, biziň okan kitaplarymyzda milliýardlarça ýyllar
mundan öň diňe jansyz materiýadan ybarat bolan ýeriň ýüzünde nähilidir
bir özgerişleriň netijesinde ilkinji göze ilmeýän jandar peýda bolupdyr, bu
ýeriň ýüzünde durmuşyň başlangyjy hasap edilýär, onsoň janly tebigatyň
rowaçlanmagy netijesinde bolsa has kämil jandarlar, ahyrynda-da
maýmyndan adam emele gelipdir, diýilýär. Emma men bu zada gaty geň
galýan, nähili edip bu janly emma jansyz tebigat ilki başdan öz-özüňi
döretmekligiň mehanizmini emele getiripdir? Ähli jandarlar, şol sanda
adam hem öz-özüni döredýär. Pikir edip otursaň bu örän çylşyrymly hemde geň galdyryjy zat.
Gaty dogry aýdýaň, ezizim – diýip, professor başyny atdy. –
Hakykatdanam, janly tebigatyň öz-özüni döretmeklik häsiýeti gaty
çylşyrymly we geň galdyryjy zat. Emma bu zadyň haçan hem-de nähili
ýagdaýda emele geleni biziň üçin tebigatyň beýik syrlarynyň biri bolup
gelýär. Birwagtlar ilki guş döräpmi ýa-da ýumurtga diýen degişme äheňde
bir ylmy jedel hem bardy. Janly tebigatyň öz-özüni döretmekligiň bu
ýönekeý mysaly hem adamy gaty oýlandyrýar. Ilki ýumurtga döräpdir,
diýsek guş bolmasa ýumurtgany näme guzlapdyr diýmekleri mümkin. Guş
ilki döräpdir diýsek onda ýumurtga bolmasa guş nireden çykypdyr
diýmekleri mümkin. Eger nähilidir bir biologiki elementleriň birikmegi
netijesinde ýumurtga döräpdir-de, onsoň ondan guş çykypdyr diýip pikir
etsek onda ol guşuň organizminde özi çykmadyk ýumurtga meňzeş
ýumurtgany
guzlamak
ukybyny
tebigat
haçan
we
nähili
programmalaşdyrypdyr, diýen sorag gelip çykýar. Görşüňiz ýaly bu
soraglara jogap beräýmek aňsat däl. Professor sözüne bir dyngy berip,
dowam etdirdi.- Emma, ezizlerim, filosof hökmünde men bir zada gaty
ynanýan. Hiç haçan hiç zat ýöne ýerden ýa-da tötänden döremändir.
Jandarlaryň öz-özüni döretmeklik mehanizmi hem materiýanyň iň ýokary
önümi bolany aňyň döremekligi hem tebigatyň ewalýusion ösüşiniň
gutulgysyz netijesidir. Munuň başgaça bolmagy mümkin däl.
Hormatly professor – bagyşlaň – diýip, Min akja dişlerini görkezip
ýylgyrdy. –Siziň soňky aýdanlaryňyz kitaplarda bar. Biz ony telim gezek
okadyk. Emma şeýle diýilýän pikiriň özünde bir geň galdyrýan bir zat bar.
Eger hiç zat tötänden döremedik bolsa ewolýussion ösüş diýilýän prosses
gutulgysyz suratda adamyň we aňyň döremegine alyp gelýän bolsa, onda
şol prossesiň özi öňünden bir aň tarapyndan programmirlenen zat
dälmikä?
Miniň ýylgyryp ýerinden turanyndan professor onuň üýtgeşik bir sorag
berjekdigini duýupdy. Emma ol bu oglanyň kellesine beýle çylşyrymly
sorag geler diýip pikir etmändi. Sebäbi bir watlar professoryň özi-de bu
soraga jogap tapjak bolup mazaly kelle döwüpdi. Ýöne ol wagtda ol
215
alymlyk deresine ýetjek bolup duran ýaş ýigitdi. Indi bolsa bu soragy oňa
entek orta mekdebiň bilimine-de eýe bolmadyk oglan berip otyr.
Ezizim – diýip, professor birhili ýaýdanýan ýaly edip ýylgyrdy. Seniň
bu soragyňa birbada jogap bermek gaty kyn. Dogrymy aýtsam, biziň
zamanamyzda-da alymlar bular ýaly soraglara jogap gözläp, entek ahyryna
ýetip bilenoklar. Göwnüme bolmasa tebigatyň syrlary-da özi ýaly çäksiz
bolmaga çemeli. Syryň içinden syr, ol syryň içinden ýene başga bir syr
çykyp gidip otyr. Indi alymlar şol syrlaryň içine girip bardygysaýyn
tebigatyň gurluşyna haýran galyp, ýakasyny tutýarlar. Ezizlerim, men häzir
siziň ylma bolan höwesiňiziň şeýle güýçlidigini görüp, hoşal boldum. Siz şu
höwesi gowşatman dowam etdirseňiz ol syrlaryň birentegini özüňiz
açarsyňyz biziň jogap berip bilmedik syrlarymyza-da jogap taparsyňyz.
Eger-de garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykmadyk bolsa çagalar bilen
professoryň gürrüňi has uzaga çekmegi mümkindi. Birden synpdaky radio
nokatdan:
Professor Tal Dal, tizlik bilen baş pultuň jaýyna ýetip gelmeli! – diýen
buýruk iki gezek gaýtalandy. Synpda hemmäniň keýpi bozuldy. Çagalar
ynjalyksyzlanyp, soragly nazar bilen bir mugallymyna bir professora
garaýardylar. Adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykanyny aňan professor
çagalardan, Deýadan ötünç sorap çykyp gitdi. Ol baş pultuň jaýyna ýetip
geleninde ,,Jeýhunyň” ähli jogapkär işgärleri şol ýerdedi. Hemmesiniň gözi
gäminiň töwerek-daşyny uzakdan görkezýän teleekerana dikilendi.
Professoryň girenini duýan kapitan Nur ekerandan gözüni aýyrman eliniň
yşarady bilen ony öz ýanyna çagyrdy.
Pofessor, biz näbelli gämä duşduk, serediň onuň daşky şekli-de
bütinleý üýtgeşik.
Professor Tal Dal ekerana dykkat bilen seretdi. Ekeranda ,,Jeýhunyň”
sag tarpynda, deň tizlikde barýan täsin obýekte gözi düşeninde begenjinemi
ýa-da başga sebäpdenmi onuň ýüreginde üýtgeşik bir tolgunma döredi. Ol
Obýektiň görnüşi ellips şekiline meňzeşiräk bolsa-da, daşy edil ýüz
görülýän aýna ýaly ýalpyldaýardy, göwrümi ,,Jeýhuna” garanda birneme
kiçiräkdi. Obýekt gaty ýiti gyzyl yşyk bilen ,,Jeýhuna” signal berip
barýardy.
Kapitan Nur Tal Dala garap:
Professor, siziňki dogry bolup çykdy – diýdi. – Ýadyňyzdamy, bir
wagt siz, Ýer togalagyndan başga ýerde swilizasiýa ýok diýen pikire men
goşuljak däl, uly kosmasa çyksak biz başga swilizasiýalara gabat
geläýmegimiz gaty ähtimal, diýipdiňiz. Ine, häzir siziň şol arzuwyňyz amala
aşdy. Ýöne biz keseki swilizasiýanyň bu wekili bilen nähili gatnaşyk
etjegimizi bilemizok.
Bilemizok? Näme üçin? – diýip professor Tal Dal geňirgenip sorady.
216
Näme üçindigini siz menden gowy bilýäňiz. Pikir edip görüň älemde
akylyň her hili görnüşi bolmagy mümkin. Şonuň üçin olar bilen kontakta
girmezden öň mazaly pikirlenip görmeli. Belki olar tehniki taýdan bizden
geçiren bolsalaram, agressiýe duýguly jandarlar ýa-da antimateria
bolaýmagy ähtimal.
Kapitanyň soňky sözi diňe Tal Dala däl-de, bu ýere ýygnananlaryň
hemmesine degişlidi. Kapitan Nur sözüni dowam etdirip, ýoldaşlaryna
mundan beýläk näme iş etmelisi barada maslahat saldy;
Görşüňiz ýaly, olar gyzyl yşyk bilen bize signal berip gelýärler. Meniň
pikirimçe bu signal, mundan aňyrsyna ýol howply ýa-da gämiňizi saklaň,
kontakta gireliň, diýildigidir. Ýeri, näme maslahat berýärsiňiz?
Kapitanyň kömekçisi Rut takyr kellesini sypap:
Kapitan, gyzyl yşyk biziň şertli düşünjämizde şeýle. Belki olarda
başga manyny aňladýan bolaýmasyn – diýdi.
Olar signaly biziň üçin berip barýarlar. Diýmek gyzyl yşygyň bizde
nähili manyda ulanylýanyny olar bilýärler. Ýa-da olarda-da gyzyl yşyk şol
manyda ulanylýar diýip, professor Tal Dal kapitanyň pikirini goldady. Bu
pikire beýlekilerem goşuldy.
Ýeri onda, olara nähili jogap signalyny bermeli? – diýip, kapitan ýene
maslahat saldy. Rut kapitana ýüzlenip:
Olar bilen kontakta girmek üçin gämileri saklamak hökman däl.
Ýanaşyk uçuş bilen hem gämiden gämä geçip bolýar, ahyryn- diýdi.
Häliden bäri ekerandan gözüni üzmän ümsüm oturan kosmologiýa
bölüminiň başlygy Gel Gal ynjalyksyzlanyp dillendi:
Entek ýanaşyk uçuş hakynda gürrüň etmek ir. Eger olar kapitanyň
aýdyşy ýaly antimateriýadan bolaýsalar, ýanaşdygyň iki gämi hem partlap,
külümiz kosmosda galar – ol giň maňlaýynda peýda bolan deri elýalygy
bilen sylyp, sözüni dowam etdirdi. - Şonuň üçin olar bilen ilki tele enjamlar
arkaly bir habarlaşyp görmek gerek.
,,Jeýhunda” iki taraplaýyn telewiziýon aragatnaşyk etmäge mümkinçilik
berýän enjamlar bardy. Şoňa görä Gel Galyň pikiri hemme kişä makul
boldy.
Onda häzir özümiziň şu durşumyzy dürli tolkunda efire goýberiň,
belki olar kabul edip, jogap gaýtarar.
Kapitanyň bu buýrugy derhal ýerine ýetirildi. Kabul ediş ekeranyna
göz dikip duran adamlar demini içine ýuwdup, jogaba garşdylar. Emma hiç
hili jogap bolmady. Beýleki ekeranda bolsa näbelli gämi gyzyl yşyk bilen
signal bermegini dowam etdirip gidip otyr.
Tolkunlary üýtgedip görüň – diýip, kapitan Nur gaýtadan buýruk
berdi. Tolkunlar üýtgedildi. Ýöne ýene jogap bolmady. Kapitan hem
beýlekiler hem olar bilen telewizion aragatnaşygy ýola goýup bolmasa
217
gerek, diýen pikire geldiler. Emma birden kabul ediş ekrany durlanyp, ilki
enaýy bir enjamlaryň, soňra hataryna duran adamlaryň şekli peýda boldy.
Hawa, bu adamlar özleriniň daşky gurluşy boýunça ýerlilerden az tapawut
edýärdiler. Ýöne gözleri ak hrustalyň reňkindedi. Ekerandan seredip
duranlarynda-da içiňden geçip barýardy. Ýüzleriniň derisi gaty ýylmanak
bolup, käbirleriniňki gyzyla çalymdaş bolsa käbirleriniňki ýaşyl öwsüp
durdy. Emma boýlary gyradeň uzyndy.
Professor Tal Dal begenjini içine sygdyryp bilmän tolgunyp dillendi:
Men elmydama eger älemiň niresinde bolsa-da bizden başga aňly
jandar bar bolsa, ol hökman adam şeklinde bolmaly, diýip ynanýardym.
Bu duşuşyga kapitan hem, beýlekiler hem professor Tal Daldan kem
tolgunanokdylar. Emma kosmolog Gel Galyň ýüzünden begenýänini-de,
gynanýanyny-da bilip bolanokdy. Ol professora ýüzlenip:
Hormatly professor, şekiliň mazmundan gaty tapawut edäýmegi hem
mümkin diýdi. –serediň olaryň ýüzi-gözünde rehim-şepagat ýok ýaly. Olar
agressiw duýguly jandarlar bolaýmasa ýagşy.
Siziň çaklamaňyzy barlap görmek kyn däl – diýip, kapitan Nur bir
elini galgadyp olar bilen salamlaşýan ýaly etdi. Şol bada-da olaryň ortada
duran gyzyl ýüzlüsi kapitanyň hereketini gaýtalap ýylgyrdy. Onuň dişleri
ap-ak endigan tekizdi. Kapitan Nur ýoldaşlaryna:
Görýäňizmi, olar biziň salamymyzy hoşniýetlilik bilen aldylar – diýdi.
Şol wagt ortadaky gyzyl ýüzli (megerem ol olaryň kapitany bolsa gerek)
dodaklaryny gymyldadyp, ýoldaşlaryna bir zatlar diýdi. Şol bada olaryň biri
ylgap gitdi-de ini boýy bir metre golaý gara synp tagtasyna meňzeş bir zat
getirdi, soňra gyzyl ýüzlüniň eline ýogyn galama meňzeş zat berdi. Gyzyl
ýüzli tagtanyň ýüzüne ilki iki sany ýanaşyk ellips çyzyp, olaryň birinden
ikinjisine strelkalar geçirdi. Soňra ol çyzyklaryň gapdalyna iki sany kelle
ýasap, olaryň hem birinden ikinjisine, ikinjisinden birinjisine ýokardan
aýlap ýaý şekilli strelkalar çyzdy.
Hemmesi düşnükli bolsa gerek – diýip kapitan Nur ýoldaşlaryna
ýüzlendi. – ýanaşyk çyzylan ellipsler we olaryň birinden ikinjisine geçirilen
strelkalar gämilerimizi ýanaşdyryp birek-biregiňkä geçeli diýildigi.
Kelleden kellä geçirilen strelkalar bolsa pikir alyşalyň, diýildigi. Megerem
olarda dilden başga-da biotolkunlary gös-göni beýniden beýnä goýberip,
pikir alyşmaklygyň mümkinçiligi bar bolmaga çemeli. Onsoňam olaryň
agressiw meýliniň ýokdugy görnüp dur. Olar meniň pikirimçe tüýs
gumanistler bolmaly.
Onda näme, haýal etmän kontakta giribermeli. Belki olardan entek
biziň düýşümize-de girmedik ylmy açyşlary alarys – diýip, professor Tal
Dal teklip girizdi
218
Her halda ilki olaryň materiýasynyň gurluşyny bir bileliň –
diýip,kosmolog Gel Gal öňki pikirini ýene öňe sürdi.
Kapitan Nur: ,,Hazir bileris’’diýen manyda başyny atdy. Soňra kabul ediş
ekranyndan seredip duran keseki gäminiň ekipažyna garap, iki elini parallel
edip geçirdi-de, birden ýokaryk galgadyp goýberdi. Kapitan Nuryň ,,Eger
ýanaşaýsak,partlap gitmerismi?’’diýen bu yşaratyny olar derrew
düşündi.Olaryň ortada duran gyzyl ýüzlisi ýylgyryp, kellesini ýaýkady-da,
tagtanyň ýüzüne atom gurluşyny ýasady. Muny gören badyna kosmolog Gel
Galyň ýüzi ýagtyldy:
-Kapitan, olaryňkam edil biziň atom gurluşymyz ýaly ekeni. Indi meseläniň
bu tarapyny gaýgy etmese boljak. Ýöne ...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 19
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.