Latin

Powestler - 02

Total number of words is 3812
Total number of unique words is 2033
31.4 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gözlerinde bir ýeserje uçgun ýylpyldady, birhili kinaýaly ýaly ýylgyryp:
-Çaýdan başga içilýän zadyňyz ýokmudy? - diýdi.
Men özümi birhili oňaýsyz duýdum. Myhmanyň göwnündäkisini
beýle aç-açan aýtmagy onuň häsiýetiniň aýal maşgala gelişmejek
taraplaryna şaýatlyk edýärdi. Emma men oňa sypaýylyk bilen jogap
berdim.:
-Tapylaýmagy mümkin, seredip göreli, az-owlak içseňiz sowuklama
peýda eder.
Ol inçe biline ellerini diräp, assa-ýuwaş maňa ýakynlaşdy. Ondan
şeýle bir ýakymly ys kükedi welin, muňa başym aýlanyp, ýüregim endiräp
gitdi. Bu ys hiç bir atyryň ysyna meňzemeýärdi. Eger gözelligiň ysy bolýan
bolsa, şonuň özüdi. Men garşymda duran gözelligi hem görüş, hem ys biliş
agzalarym arkaly duýýardym.
-Az-owlak içilse sowuklana peýda edýär diýseňizläň?!- diýip, ol
ýaňsyly äheňde gürledi. – Näme köpräk içmek mümkin dälmi?
Beýle diýmek bilen ol kartyny açyp taşlan oýunçydan ugur alan ýaly
etdi. Indi menem oýny açyk oýnabersem bolman durjak däldi. Emma
ynsabym muňa ýol bermedi:
-Bagyşlarsyňyz, men köp içmegi halamok.
Ol maňa «Baý, arzyňy artdyrýaň-ow» diýen ýaly gaňrylyp seretdi-de,
baryp diwanda oturdy.
Men aşhana baryp çaý goýdum. Sowadyjydan gowrulan eti alyp,
gantdyr çörek bilen stola goýdum.
-Ynha, bary bilen bazar eýläberýäs- diýip, ýene-de aşhana gitdim. Çaý
gaýnaýança şol ýerde garaşanymy kem görmedim. Beýnimde her hili
pikirler at salýardy. Şeýle görmegeý gözeliň özüni beýle gadyrsyz tutmagy
meni gaty geň galdyrýardy.
13
Çaý demläp eltdim. Ol diwanda meniň hereketlerimi synlap ümsüm
otyrdy. Men serwantdan bir çüýşe konýak alyp stolda goýdum.
-Hany, çaýyň başyna geçiň, hormatly myhman.
Ol gelip garşymda otyrdy. Çäýnegi öňüne çekip, çaýy gaýtarýarka
ýuwaşja dillendi:
-Bagyşlaň, sizi azara goýaýdym öýdýän.
-Aý, ýok-la, azary bolmaz-diýip, oňa siňe seretdim-de, konýagy elime
aldym. Ol kellesini ýaýkap:
-Eger özüňiz içmeseňiz açyp oturmaň. Men içjek däl-diýdi.
-Näme üçin? Ýaňyja dür saçyşyňyz başgaçady-la- diýip, degşen kişi
boldum. Ol:
-Aý, men-ä degşip aýdaýdym- diýdi. Soňra boş käsä çaý guýup, maňa
uzadýarka, - Siziň adyňyz näme? - diýip sorady.
-Ahmet.
-Meniňki Aýjemal.
Şeýdip onuň bilen tanyşdyk. Emma indi onuň kimiň
maşgalasydygyny, aňyrsynyň kimlerdendigini soramaga dilim baranokdy.
Aýjemal çaý içip oturşyna maňa assyrynlyk bilen seredýärdi. Ýaňyja onuň
näz-kereşmeden doly humarly gözlerinde, indi bolsa çagalaryňky ýaly ýöne
bir bilesigelijilikden başga many ýokdy.
-Ahmet, siz bagtlymy?
Garaşylmadyk ýerden berlen, çagaňka meňzeş bu sada soraga şol
pursadyň özünde jogap gaýtarmak aňsat däldi. Sebäbi bu hakda meniň
özümem çynlakaý pikir edip görmändim.
-Bilmedim, bagtly bolsam gerek-diýdim.
-Bagtly bolsam gerek, diýmäňiz näme? Muny özüňizem anyk
bilmeýän ekeniňiz-dä. Öň öýlenipmidiňiz?
-Ýak, aldyňow. Sen meni hakykatdanam sallah öýdýän bolmaga
çemeli-diýip, men birden «sizden» «sene» geçenimi bilmän galdym.
-Häzir öýde ýok, diýsene- diýip, ol hem senlik ýöňkemä geçip,
ýaňsyly güldi. – Meniň bilen «gizlenpeçek» oýnap oturmak näme gerek?
Bir gije müň gije däl, «sallah ekeniň meni alaý» diýip, boýnuňdan
asylmaryn, gorkma.
-Sen gaty ýalňyşýarsyň, uýam.
Sözümiň äheňimi ýa-da «uýam» diýen sözümmi, oňa düýbünden
başgaça täsir etdi. Maňa synçy nazary bilen garap, ýuwaşja dillendi.
-Bagyşlaň!
Indi men öz nobatymda oňa sowallar berip, bilesigelijiligimi
kanagatlandyrmagym mümkindi.
-Ýeri, Aýjemal, özüň nähili pikir edýäň, özüňi bagtsyz saýaňmy?
14
-Ýok, näme üçin men özümi bagtsyz saýmalymyşym?- diýip, maňa
göni seretdi. - Bagt diýilýän zada her kim özüçe düşünýär.
-Sen nähili düşünýärsiň?
-Ahmet, özüň-ä sowatly, düşünjeli adama meňzeýäň. Beýle zatlary
maňa garanda ýüz esse gowurak bilýänsiň-le.
-Men seniň pikiriňi bilmek isleýärin.
-Seniň pikiriňi? Meniň bu hakda hiç hili üýtgeşik pikirim ýok. Ýöne
men şu halyma seretmezden «waý, gara maňlaýym, men nähili bagtsyz»
diýip ýörýänlerden däl. Ine, şu gün seniň öýüňde başpena tapdym. Şunuň
özi meniň üçin kiçijik bagt, eger ýolda sen sataşmadyk bolsaň, bir
bagtsyzlygyň üstünden baraýmagym mümkindi.
Ol şeýle diýdi-de, gamgyn ýylgyryp, maňa gözüni süzüp seretdi.
-Diýmek, bagtyň çüwüp, men duşaýypdyryn-da?!
-Hawa.
-Sen häli ýolda-da şeýleräk manyda bir söz diýipdiň, Aýjemal.
Aýjemal meniň sypaýylyk bilen diýen bu sözlerimiň äheňindäki «Indi
aýdyp berjek dälmi, näme bolanny» diýen manyny şol bada aňdy.
-Hä, sen sataşmadyk bolsaň, ärim yzymdan ýetip, öldüräýmegi
mümkin, diýipdim. Düşünýän. Seni «Äriň biderek ýere öldürmekçi däldir»
diýen sorag gyzyklandyrýan bolmaga çemeli.
Men geplemedim. Emma ol meniň dymyp oturşymda «Hawa,
elbetde» diýen manynyň bardygyny düşündi. Uludan demini alyp, hasratly
äheňde söze başlady.
-Meniň ykbalym birneme çylşyrymly. Täleýiň ters bolsa, şeýle
bolýandyr-da. Iki gezek äre çykdym, birinjisi menden gaçyp gitdi.
Ikinjisinden, ine özüm gaçdym.
Ol oýurganyp dymdy. Men gürrüňiň dowamyny eşitmek üçin
ýerliksizrägem bolsa sorag berdim:
-Häzirkiden seni öldürmekçi bolany üçin gaçypsyň. Ää... öňkiň
senden näme üçin gaçdy, ýa-da, senem ony öldürmekçi bolduňmy?
Aýjemal dertli ýylgyrdy.
-Ýok, men ony janymdan-da artyk söýýärdim. Ol meniň söýgimiň
ýüküni göterip bilmän gaçdy.
-Gaty geň zat, söýgüden-de adam gaçarmy?
-Söýgi diýilýäni-de her hili bolýan ekeni, soň pikir öwrüp görsem,
men oňa söýgim bilen azar baryny beripdirin. Men ony duzagyma ildiren
guşum ýaly saklajak bolup çalşypdyryn. – Ol şeýle diýip aşaky dodagyny
dişledi, soňra maňa müýnli seredip, sözüni dowam etdirdi. –Ol ajaýyp
ýigitdi. Duldegşir goňşy bolup ýaşaýardyk. Öweý atam onuň bilen
aragatnaşyk edenimi duýup, şeýle bir gazaba mündi welin, eger gaçyp
gitmedik bolsak ikimizi-de soýardy.
15
-Bä, haýyp,.. janyňy howp astynda goýup, gowşan kişiňden
aýyrylypsyň-da
-Alajyň näme. Durmuşda garaşylmadyk zatlar bolaýan ekeni. Kän
kitap okadym. Emma durmuşdaky wakalar kitaplardakydan hasam
çylşyrymly ekeni. «Gazma düşersiň, ýakma bişersiň» diýenleri ýaly, bu
ärim maňa edil özümiň öňki ärime görkezen günümi görkezip başlady.
Hetden aşa gabanýardy. Söýmedigiň gabansa-da gaty ýokuş degýän ekeni.
-Söýmedik bolsaň näme üçin bardyň?
-Täsin sorag berýäň, dünýädäki hemme kişiler söýşüp durmuş
gurýandyr öýdýäňmi?... Seniň özüň aýalayňy söýýämiň?
-Men ony söýüp aldym.
-Ýalan aýdýaň. Öz aýalyny söýýän adam keseki aýala beýdip işdämen
seretmeýär.
Men çym-gyzyl boldum.
-Bagyşlaň, men şeýdip seredýänmi? Göwnüňe alma, men ýöne bir...
Ol şoh gülki bilen sözümi böldi.
-Özüňi aklap oturmagyň hajaty ýok, dogrymy aýtsam, maňa şeýdip
seretmedik bolsaň, göwnüme alardym.
Men gürrüňi başga tarapa sowmaga çalyşdym.
-Sen-ä sygan aýallary ýaly ýaman dilewar ekeniň Aýjemal. Sygan-a
dälsiň-dä?
-Sygan bolup çykaýsam nätjek?- diýip, ol gözlerini mekirlik bilen
güldürdi.
-Tapawudy ýok, sen kimem bolsaň meniň myhmanymsyň.
Ol ýeserlik bilen seretdi-de :
-Tapawudy ýok, bir sapar syganam bolsa-da bolýar, diýsene - diýdi.
Ýüzüm birden gyzyp, çym-gyzyl boldy, geplemän aýak üstüne
galdym. Aljyrap nätjegimi bilmän, entek ýarysy-da içilmedik çäýnegi alyp,
aşhana çykdym. Ol ýerde biraz oýlanmaga pursat bardy. Kelläm özüne
çekiji jadynyň täsirinden daşyrakda parasatlyrak işlejek ýalydy.«Janlarym,
bu niçik ahwalat boldy? Kime duşdum? Bu ýagdaýdan sag-aman sypaýsam
är boldugym...»
Emma şol bir wagtyň özünde meni näbelli bir güýç onuň ýanyna
itekleýärdi. Dogrusy, onuň bilen gürrüň edip otyrkam men özümi üýtgeşik
bir syrly dünýäde ýüzüp ýören ýaly duýýardym.
Gazda gaýnap duran çaýdan elimdäki çäýnegiň üstüni doldurdym.
Dolanyp otaga girenimde, özümde her niçik jadynyň güýjüne-de garşylyk
görkezip biljek güýjüň bardygyny syzdym.
-Ine gyzgyn çaý getirdim.
Men mümkingadar özümi sypaýy hem salyhatly tutmaga
çalyşýardym.
16
-Sag boluň, men bu gyzgyn çaýyňyzdan öňürti bir owurt konýak
içenimi kem görmedim. Isleseň senem içäý-diýip, Aýjemal garaşylmadyk
bir resmi äheň bilen gürledi. Seredip görsem, ortadaky konýak açylypdyr.
Meniň öňümdäki bulgur doly. Özüniň öňündäkiniň bolsa içilendigi
bulguryň düýbünde galan konýagyň galyndysy aýdyp durdy. Men oňa
geňirgenip seretdim :
-Ýaňyja içjek däl diýipdiň-ä?
-Indi bolsa birugsat içipsiň diýýäňizmi?
-Ýok gürrüň rugsatda däl, orta çykarylan zadyň rugsady, birugsady
bolmaz. Ýöne gönimden gelsem, men-ä saňa düşünemok, Aýjemal.
-Bu ýerde düşünmez ýaly şeýle bir çylşyrymly zat ýog-a. Ýaňy içesim
gelenokdy, indi içesim geldi. Şonuň üçinem içdim. Görýäňizmi, adamyň
ähli edýän hereketi onuň islegine bagly.
-Bä, gaty geň pikir- diýip, men oňa ýazgaryjy nazar bilen garadym.
Onuň bu sözüni ýüze çykyp barýan gelşiksiz ýagdaýy düzetmek üçin
peýdalanjak bolup çalyşdym :
-Eger özüň aýtmyşlaýyn, ähli hereketlerimiz isleglerimize bagly
bolýan bolsa, onda isleglerimiz bizi nä küýlere salmazdy. Hatda
ahlaksyzlyga-da baş urdurardy.
Aýjemal birden jakgyldap gülüp goýberdi. Ol şeýle şowhunly güldi
welin, meniň bütin endamymda garynja ýörän ýaly boldy. Ol gülküsini bes
edip, ýanyp duran owadan gözlerini meniň gözlerime dikdi.
-Ahyrsoňy seniň nämeden gorkýanyň belli boldy- diýip ol ýene-de
güldi.
-Men nämeden gorkýamyşym?- diýip geňirgenip soradym. Dogrymy
aýtsam, onuň näme diýmekçi bolýanyna birbada göz ýetirip bilmedim. Ol
maňa ýaşajyk çaga seredýän ýaly hossarsyrap garady-da, şeýle diýdi:
-Häliden bäri meniň güman edip oturan zadym dogry bolup çykdy.
Seniň gorkýan zadyň – ahlaksyzlyk.
-Hawa, dogry, sen näme ondan gorkaňokmy?
-Ýok.
-Ýok?
-Ýok, gorkamok, men ony ýigrenýän.
Men ýeňillik bilen dem aldym.
-Onuň ikisi-de bir zat ahyryn.
-Bagyşlarsyňyz, bir zat däl, gorkmak bilen ýigrenmek düýbünden
başga duýgular.
Men ýylgyryp kellämi ýaýkadym.
-Bä, sen-ä gyly kyrk bölýänlerden ekeniň. Dogry, gorkmak bilen
ýigrenmek sözleriniň manysy elbetde, başga-başga, ýöne men ikimiziňem
ahlaksyzlyga bolan garaýşymyzyň meňzeşdigini aýtdym.
17
Aýjemal başyny ýaýkady:
-Ýok, gynansaňyzam meňzeş däl. Bir zatdan gorkmaklyk ondan
ejizligi, ýigrenmeklik bolsa güýçlüligi bildirýär. Şeýle dälmi näme? Bir işi
etmekden gorkýan adam, etmişiniň äşgär bolmajagyna gözi ýetse, ony
edýär. Emma beýle işi ýigrenýän adam bolsa, ony hiç haçan etmeýär.
Aýjemalyň pikir öwrümleri logiki taýdan gaty berkdi. Şonuň üçinem
onuň garşysyna gitmek kyn düşýärdi. Şeýle bolansoň, men onuň pikirini bir
taraplaýyn bolsa-da, ykrar etmekden özge çäre tapmadym.
-Sen mamla, Aýjemal. Emma ol diýýänleriň maňa dahylly ýeri ýok.
Aýjemal ýeňiji nazar bilen seredip mylaýym ýylgyrdy.
-Näme üçin ýokmuşyn? Ýaňyja özüň «gorkýan» diýip, boýun aldyň
ahyryn.
-Ýöne meniň gorkym bütinleý başga zatdan.
-Nämeden?
-Men sen aýtmyşlaýyn, etmişimiň äşgär bolmagyndan däl, öz
wyždanymdan gorkýan.
Aýjemal ýüzüme seredip, birsalym dymyp oturdy. Soňra nazaryny
başga tarapa sowup dillendi:
-Şeýle diýseňiz-le. Häli adamyň islegi hakynda gürrüň edenimizde,
«Eger isleglerimize gulak asýan bolsak, onda islegler bizi ne küýlere
salmazdy, hat-da her hili ahlaksyzlyklara baş urdurardy» diýmänmidiň?
Ýeri, onda seniň göwnüňde ahlaksyzlyk etmek hakynda isleg döräninde
wyždanyň nirde bolýar?
Ol meni aljyradyp barýardy.
-Sen gepi bulaşdyrýaň, Aýjemal- diýip, men gürrüňi başga tarapa
sowmaga çalyşdym.
-Bulaşdyrýan däldirin, Ahmet. Men
dogrusyny diýýän. Has
dogrusyny diýsem, göwünde yhlas bilen dörän islegleri nämedendir gorkup
amala aşyrmazlyk ahlaklylygy bildirmeýär.
-Diýmek, seniň pikiriňçe, göwnümiz nämäni islese, haýyrmy, şermi,
edibermeli eken-dä- diýip, men birneme özümi ele aldym.
Aýjemal meniň gyzýanymy geňläpmi ýa-da sözlerime pisindi
oturmanmy, kinaýaly ýylgyrdy.
-Ozaly bilen, ýagşy köňülde ýaman islegler döremeýär, Ahmet. Eger
döreýän bolsa, onda seniň özüň ýaman adamsyň.
-Adamlaryň ýagşy-ýamany içki
isleglerine däl-de, daşky
hereketlerine garap kesgitlenilýär,aýym!-diýip, men gahar gatyşykly sesime
bat berdim. Aýjemal hem menden pes oturmady:
-Adamlaryň daşky hereketleri olaryň içki isleglerinden gelip
çykýandyr, ýagşy ýigit!
18
Men ýerimden turup, otagy bir aýlanyp çykdym, soňra onuň
garşysyna gelip aýak çekdim-de:
-Bu gepiň umuman, dogry-diýdim. - Emma gowy adam özüniň ähli
isleglerine ygtyýar bermeli däldir. Ol özüne erk edip bilmelidir. Seniň özüň
hem janly adamsyň, Aýjemal. Seniň göwnüňde-de ýol berip bolmaýan
islegleriň döremegi mümkin ahyryn, şeýle dälmi?
Aýjemal çalaja ýylgyryp bada-bat jogap berdi:
-Meniň göwnümde hiç haçan adam öldürmek, ogurlyk etmek, biriniň
öýüne ot bermek ýaly ýowuz islegler döränok, Ahmet. Eger meniň
göwnümde adamyň tebigatyndan gelip çykýan haýsy-da bolsa bir isleg
döräýse, eger-de, men onuň ýürekden çykýan islegdigine göz ýetirsem,
onuň käbir şertli düşünjelerimize ters gelýändigine garamazdan, ony amala
aşyrmakdan gorkup oturmaryn.
Men aşaky dodagymy dişläp, näme diýjegimi bilmän, ýüzümi kesä
sowdum. Ol bolsa sözleriniň mende nähili täsir galdyrandygyny bilmekçi
bolup, synçy nazaryny menden aýyrman otyrdy. Aýal maşgala ýüzüňe
şeýdip seredip otyrka, gözleriňi ondan gizlejek bolmagam bir gelşiksiz.
Şonuň üçin menem merdemsiräp, oňa tiňkämi dikdim. Indi biz söz bilen
däl, göreçlerimiz arkaly jedelleşýärdik. Onuň synçy nazary maňa göýä şeýle
diýýärdi:
«Hany aýt, durmuş isleglere ymtylmakdan ybarat dälmi, ahyryn?
Senem erkek kişisiň, seniňem meýilleriňi bilýän. Hawa, hawa, eýsem näme
meniň jemalyma beýle meýmiräp seredýäň?! Seredişiňe seredýäň welin,
emma göwnüňde dörän islegiñiň äşgär bolmagyndan gorkýarsyň. Sebäbi
senem köpçülige meňzäp, bir wagtlar adamlar tarapyndan adat edilen şertli
düşünjelere ters gelýän işi etmäge milt edip bilmeýärsiň».
Belki, bu göreçler başga zat diýýändir, belki, men ýalňyşýandyryn.
Gönümden
gelsem, şol pursatda bu aýal meniň üçin düşünip aňyrsyna ýetip
bolmajak bir düýpsüz dünýä ýalydy. Ol özüniň ajaýyp gözelligi,
gönümelligi, erjelligi, pikir öwrümleriniň biçak nepisligi, şol bir wagtyň
özünde-de ýeňleslige meýliniň ýok däldigi bilen köp gyranly gymmat
bahaly daşa meňzäp, dürli reňkde öwşün atýardy. Men bu gyranlaryň reňbereň öwüşginine gözüm gamaşyp, daşyň bütewi şekilini anyklamakdan entek
ejizdim.
Aýjemal ýerinden turup, ýuwaş ädimläp, howla bakýan penjiräniň
öňüne bardy. Onuň perdesini çalaja galdyryp, daşaryk seretdi.
-Tüm garaňky gije...- diýip, öz-özüne aýdaýan ýaly güňlenç ses bilen
dillendi. Ol şol durşuna esli wagt dymdy. Ol hatda häzir otagda meniň
bardygymy-da unudan ýalydy.
19
-Aýjemal, belki, ýatyp dynjyňy alarsyň, ýadansyň?- diýip, men bu
oňaýsyz ümsümligi bozdum. Aýjemal maňa tarap öwrüldi. Onuň ýüz
keşbine gözüm düşüp, geň galmakdan ýaňa içimi çekenimi duýman
galdym. Häzir onuň ýüzünde oýnap duran öňki wagtyhoşlukdan,
gözlerindäki duýgy uçgunyndan nam-nyşan galmandy. Onuň tutuş keşbi
birhili perişan görünýärdi.
-Kakam pahyr ýadyma düşdi. Ony ýatlanymda hemişe tukatlanýandiýip, Aýjemal gamgyn dillendi. – Seniň nämäňdir kakama meňzeýär. Ýok,
daşky sypatyň däl. Içki dünýäňizde birhili meňzeşlik bar ýaly. Ol örän
görmegeý adamdy. Göwnüme bolmasa, ol işden geleninde öýümiz dolup,
ýagtylyp giden ýaly bolýardy. O döwürde öýümiz gelim-gidimli, şagalaňly
öýdi. Dost-ýary köpdi. Ejem bilen biri-birini gaty sylaýardylar. Men onuň
iller ýaly: «Eý, heleý» diýip, gygyranyny hiç haçan eşidemok. Men ononiki ýaşlarymdaka-da olar ýaňy duşuşyp ýören aşyk-magşuklar ýaly bolup
oturýardylar. Men maşgalada ýeke çagadym. Ol meni juda eý görýärdi. Ol
maňa «Sen meniň aý ýaly gyzym. Şonuň üçinem seniň adyňa Aýjemal
dakdym» diýerdi. Hiç bir oslanmadyk wagty, ine şeýle adamdam aýryldyk.
Ol tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň yzyndan menem ölerin, ýa dälirärin
öýdüpdim. Ýok, hiç zadam bolmady. Bitmejek ýara, aýrylmajak agyry
bolmaz ekeni. Wagt ejemem, menem köşeşdirdi. Şol arada ejem birhili
özgerdi. Özüne timar berip başlady. Işinden gijiräk gaýdýan boldy. Günleriň
birinde yzyna bir adamy tirkäp öýe geldi. Meni howla alyp çykdy-da:
«Gyzym, indi şu adam seniň kakaň bolar. Onuň bilen mylaýym gürleş“
diýdi. Meniň gözümiň öňi ümezläp gitdi. Duran ýerimde doňup galdym. Bir
haýukdan özüme gelip: «Ýok! Ol hiç haçan meniň kakam bolup bilmez!
Indi senem meniň ejem däl!» diýip gygyrdym. Ejem meni gujaklap aglady.
«Men nädeýin, gyzym. Biziň täleýimiz şeýle bolsa nätjek“ diýip, meni
köşeşdirjek boldy.
Emma men onuň göz ýaşyna-da, sözlerine-de
ynanmadym. Şunuň bilen mende wepa, söýgi diýen zatlar hakyndaky
düşünje-de özgerdi. Göwnüme dünýäde hiç bir mukaddes zat galmadyk
ýaly bolup göründi. Indi oýlanyp oturýan- oturýan-da: «Meniň häsiýetime,
ana şol wakalar biçak güýçli täsir eden bolsa gerek» diýip, olaýaryn.
Aýjemalyň bu gürrüňi meniñ ýüregimi endiredip goýberdi. Men oňa
biraz göwünlik berdim. Biz ýene durmuş, ykbal ýaly zatlar hakynda
gürleşip otyrdyk. Gijäniň bir wagty boldy:
-Dogrudanam, gaty ýadapsyň öýdýän, ýatyp dem-dynjyňy alaý- diýip,
oňa ýüzlendim. Emma özüm welin, şol wagtda onuň jadylaýjy gürrüňinden,
özüne çekiji husny- jemalyndan mahrum bolmaklygy islemeýärdim.
Aýjemal «bolýar» diýen manyda başyny atyp, ýatmak üçin ýer saýlaýan
ýaly otagyň içine göz aýlady.
20
-Içerki otagdaky krowatda ýataý, men şu taýda diwanda gyşaraýaryndiýdim. Ol «sag boluň» diýip, içerki otaga tarap ýöneldi. Emma aýnaly
gapynyň öňüne baryp, içeri gözi düşende nämedendir ejap edýän ýaly aýak
çekdi. Soňra maňa öwrülip:
-Içerki otagda özüň ýatsaň gowy bolardy- diýip, ýuwaşja dillendi.
-Näme üçin? «Myhman ataňdan uly» diýipdirler.
-Myhmançylyk hukugyndan çenden aşa peýdalanasym gelenok. Her
halda ol ýerdäki krowat bilen sen gelnejemiň hususy-mülkisiň. Aýallar
bolsa edil guşlar ýaly özi ýok wagtynda-da höwürtgesine başga biriniň
gonmagyny islemeýärler.
Degişme äheňinde aýdylan bu sözleriň hakykata bap gelýändigini men
ykrar etmeli boldum.
-Be , men meseläniň o tarapyna üns bermändirin, bolýar islän ýeriňde
ýataý- diýip, men içerki otagdaky sandygyň üstüne galdyrylyp goýlan täze
ýorgan-düşeklerden alyp çykyp, diwanda ýer saldym. Şoňa çenli bir çetde
meniň hereketlerimi synlap duran Aýjemal gülümsiräp söz gatdy.
-Aýal bolan bolsaň, bir äri gönendirjek ekeniň, Ahmet. Eliň ýorgandüşeksalmaga,aýallaryňkydanam gowurak gelşip dur.
Men içerki otagdan ýorgan-düşek göterip çykýarkam Aýjemal olary
elimden alar, ýerini özi salar diýip çak edipdim. Emma aýal maşgala
bolandygyna garamazdan, ýerini maňa saldyryp, bir çetde seredip durup,
maňa göwni ýetmeýän ýaly beýdip degnama degmesi birneme gaharymy
getirdi:
-Erkek bolup doglanma närazy däldirin- diýip, gödegräk jogap
berdim.
Aýjemal degişmesine näme üçin beýle gödek jogap berenimiň
sebäbini derrew aňdy.
-Bagyşla, Ahmet. Balyň tagamyny bilmeýän çaga ony ýekeje gezegem
bolsa dadyp görmegi örän isleýän bolsa gerek. Menem ömrümde erkek
adamyň özüme şeýle hyzmat edenini görmändim. Bu örän ýakymly bolýan
ekeni.
Onuň bu sözlerinden soň ýüregimdäki kine çaýa atylan gant ýaly eräp
gitdi. Biderek zat üçin gahar edenime ökündim.
-Şeý diýsene- diýip, men ötünç soraýan ýaly gülümsiredim, Aýjemal:
-Hawa, şeýle- diýdi-de, hamala erkeklerden mähir-şepagat
görmänliginiň günäkäri men ýaly, gözlerime günäleýji nazar bilen garady.
-Bolýar, onda, menem ýerime baraýyn, senem rahat ýat-diýip, içerki
otaga ugradym. Aýjemal:
-Rahat ýatyp uklajagyma
şübhe ýok-diýdi.Dogrymy aýtsam,
allaniçigsi bolup gowşap gitdim.
21
Emma entek meniň erkim duýgularymdan güýçlüdi. Eger şonda onuň
bu aýlawly sözlerini düşünmezlige salyp duşumdan geçirsem, onuň ýene şu
zeýilli aýlawly söz diýjegi gaty ähtimaldy. Şonuň üçin beýle äheňdäki
gürrüňe soňky nokady goýmaklygy, öz ýanymdan makul bildim:
-Dogry, muňa şek-şübhe bolup bilmez. Sebäbi aramyzda hytaý
diwarlaryndanam beýik hem-de berk zat bar.
-O nähili zat?-diýip, Aýjemal geňirgenip sorady.
-Ýaňyja özüň aýtmyşlaýyn «şertli düşünjeler» –diýdim.
Aýjemal jakgyldap gülüp goýberdi:
-Wah, şeýle diýsene, olar ýaly bolsa ýaşasyn şol şertli düşünjeler-diýip
Aýjemal özüni düşege oklady.
Men içerki otaga girdim. Yşyklar söndürildi. Emma gijäniň bir
wagtyna çenli irkilip bilmedim. Onuň hem oýadygyny duýup ýatyrdym.
Görsem, ýaňy ýolda onuň kimdigini bilmekçi bolup dyrjaşyp gelýärdim.
Emma öýde şunça wagtlap gürleşip oturybam, onuň kimligini
anyklamandyryn. Pikir edip görsem, ol özüniň sahypjemallygy, pähimparasaty bilen göwnümdäki ähli şübheleri kowupdyr. Gep-sözünden ahlak
azatlygyna meýliniň ýok däldigi görnüp duranam bolsa, onuň
hakykatdanam, şeýledigine meniň ynanasym gelmeýärdi.
...Men ömrümde beýle näzenin aýaly guçmandym, bir düşekde
ýatmandym. Ol özüniň pamyk ýaly ýumşak, ýüpek ýaly ýylmanak ellerini
boýnuma çolap meni özüne çekýärdi. Duýgulardan doly gyzgyn nepesi
ýüzüme urulýardy. Men düýbünden başga bir älemde, başgaça lezzetiň
gujagyndadym. Birdenem penjire batly-batly kakyldy. Tisginip oýandym,
demim tutulyp, ýüregim gürsüldäp urýardy. Özümi dürsäp, seretsem, bir
eýýäm daň atyp, otagyň içi ýagtylypdyr. Ýanymda bolsa hiç kim ýokdy.
Ine, şundan soň hälki ahwalatyň düýşdigini aňşyrdym. Penjiräniňem
düýşümde kakylanyna göz ýetirip, ýüregim ýerine düşdi. Emma şo mahal
meniň ýatan otagymyň penjiresi edil düýşümdäki ýaly zarp bilen kakyldy.
«Ine saňa gerek bolsa, kimkä bu?» diýen howatyr bilen böküp
ýerimden turdum. «Diýmek, penjire birinji saparam düýşümde däl-de,
hakykatdan kakylan ekeni, men bolsa şonuň sesine oýanypdyryn-da» diýip,
içimi hümletdim. Hasyr-husur geýnip öňdäki otaga çykdym. Diwanda
Aýjemal uklap ýatyrdy. Gijesine ol köp agdarylan bolmaga çemeli- saçlary
çöşlenip ýazylyp gidipdir, häli düýşümde boýnuma dolanan ap-ak bilekleriň
biri ýorgandan çykyp aşak sallanyp durdy.
Penjire ýene kakyldy. Men ygtyýarsyz «häzir» diýip goýberenimi
duýman galdym. Aýjemal tisginip oýandy tirsegine galyp:
-Näme boldy?- diýdi-de, içki köýneginden mesaňa görnüp duran
göwsüni hasyr-husur ýorgan bilen ýapdy. Men aljyranymy bildirmejek
bolup:
22
-Kimdir biri geldi, äpişgäni kakyp dur, sen içerki otaga gir-diýdim. Ol
hem birneme alňasan ýaly etdi, elýetimdäki oturgyçdan köýnegini aldy-da,
oňy-tersine seretmän geýdi. Şol mahal penjire ýene kakyldy. Men «Çaltyrak
bolsana» diýip, ony gyssadym. Ol bolsa: «häzir»... diýip ýorgan-düşegini
göterip, içerki otaga girdi. Men howlukmaç dalana çykdym, «kim?» diýip
seslenenimem şoldy welin, derwezäniň aňyrsyndan aýalymyň tanyş owazy
eşidildi:
-Ýaman köp garaşdyrýaň-la, kakasy.
Elimiň-aýagymyň ysgyny gaçyp, endamymy sowuk der basdy. Men
ony beýle ir geler diýip pikirem etmändirin. Derwezäni açmazlygyň alajy
ýokdy. Baryp açdym, Zyba ýylgyryp girdi-de:
-Kakasy, sag-aman ördüňmi?-dýip, elindäki düwünçegi maňa tuturdy.Ine, saňa elin gaýmak bilen sary ýag, ejem berip goýberdi, toba,
gyzyndanam giýewisi gowy görünýändir-dä. Haçan barsam, bu-da Ahmediň
paýy, o-da Ahmediň paýy diýip tapan-tupanyny goýberýär.
Ol ýüzüme seredip, juda howsala düşenimi aňdy öýdýän, birden
äheňini üýtgetdi:
-Weý, saňa näme bolýar, kakasy, gidenimi ýaman gördüňmi? Günin
gaýtjagyňy bilen bolsam gitmezdimem, taýynjak maşyn bolansoň,
Maýyçkany mamasyna görkezip gaýdaýyn diýip gidäýipdim. Hawa,
mamasam agtygyny gaty küýsän eken, ony goýbermedi, «Çaga iki-üç gün
arassa howada ýazylyp-ýaýnap oýnasyn, şenbe güni gelende alyp
gidersiňiz» diýdi.
Men diňe şondan soň aýalymyň ýanynda gyzymyň ýokdugyny aňdym.
Zyba sözüni dowam etdi:
-Agamyň şäherde şu günem irräk gaýtmaly işi bar eken, Menem onuň
bilen gaýdyberdim. Oňa «öýe gir» diýsem «wagtym ýok» diýip etmedi.
Uzyn dalandan ýöräp, öýüň gapysynyň öňüne gelýänçäk, ol ýene bir
zatlar diýip zeýrendi. Emma meniň gulagyma hiç zat ilenokdy. Muny aňan
Zyba :
-Weý, gara çynyň bilen maňa gaharyň gelipdir öýdýän-diýdi.
-Gaharym gelme näme işlesin, Zyba... Saňa nähili düşündirsemkäm...
Öýde myhman bar-diýip, müýnli ardyndym.
-Myhman bolsa gaty gowy, kakasy. Agşam hezet edip bilmedik
bolsaň, bu gün ederis, ertirden bäri ýüzüňi açman duranyňyň sebäbi
şumudy?- diýip, Zyba dälizdäki asawaçdan daşky eşiklerini asyp durka
aýtdy.
-Myhman-aýal maşgala... Ýolda sataşdym... Saňa düşündirmegim
gerek-diýip, üzlem-saplam dillendim.
-Aýal maşgala?-diýeninde Zybanyň sesi saňňyldap çykdy. - Nämäni
düşündirmegiň gerek? Häzir özüm düşünip aňyrsyna-da ýeterin.
23
Ol şeýle diýdi-de, kürsäp içeri girdi. Onuň yzyndan menem girdim.
Aýjemal içerki otagda, krowadyň ýanynda heýkel kimin doňup durdy.
Emma onuň ýüz-gözünde ne gorky, ne-de aljyraňňylyk alamaty görünýärdi.
Saçlarynyň ýarysy göwsünde, ýarysy-da sagrysynda seçelenip ýatyrdy. Ine,
şunuň özi-de Zybanyň şübhesine esas bolmak üçin ýeterlikdi. Aýjemal
çawuş çakan ýaly ýuwaş ses bilen: „Salamalik“ diýip dillendi. Zyba bolsa
onuň salamyny-da alman, maňa alarylyp garady. Çäksiz gazapdan onuň dili
tutulypdy. Men nämedir bir zatlar diýmekçi bolup, ýaňy agzymy açanymda
ol şol dälisypat nazaryny menden sowup Aýjemala dikdi. Aýjemal bolsa dar
agajynyň aşagynda jezasyna garaşýan mert günäkär ýaly şindem doňup
durdy. Höküm sürýän bu dymyşlyk uly partlaýşyň öň ýanyndaky eýmenç
ümsümlige çalym edýärdi. Ýöne bu partlaýyş şeýle bir uly gümmürdisiz
ýüze çykdy. Zyba maňa öwrüldi-de boguk ses bilen:
-Bu nähili bihaýalyk?-diýdi.
-Hiç hili bihaýalyk ýok, Zyba, Häzir men barysyny düşündiriýendiýip, men oňa ýalbardym.
-Düşnükli kemi ýok. Ýene nämesini düşündirjek, utançsyz!-diýeninde
onuň dodaklary gaharyna tirpildedi.-Indi bu öý meniň üçin dowzah. Ýüzüňi
Babaly görsün!
Ol dälize okdurylyp çykdy, ýaňyja çykaran üstki eşiklerini haýdahaý geýdi-de, tasanjyrap çykyp gitdi. Men Zybanyň häsiýetine belet
bolsam-da, ondan beýle gödeklige garaşmaýardym, şonuň üçinem ol
otagdan çykanynda menem biygtyýar yzyndan çykanam bolsam, onuň
ýoluna böwet bolmak islemedim.
Men otaga gaýdyp girenimde, Aýjemal otagdaky stoluň ýanynda
günäkär çaga ýaly başyny aşak salyp durdy.
-Munymyz-a gaty gelşiksiz boldy, Ahmet- diýip, ol uludan demini
aldy.
-Aý, indi boljagy boldy-diýip, men bildirmediksirän boldum. -Ýogsada, sen näme üçin geplemediň? Aýtsaň, düşündirseň bolmazmydy, ahyryn?
Ikimizde-de hiç hili günä ýog-a!
Aýjemal maňa birhili ahmyrly nazar bilen seretdi.
-Gaty sada ekeniň, Ahmet. Oňa men näme aýdaýyn? Aramyzda hytaý
diwaryndan-da berk düşünjeler bardy, diýenimde ol ynanarmydy? Düýn
agşam seniň maňa aýdan şu sözleriň bilen ony yanydyryp bolarmydy!
-Özüň bar zadyň şaýady bolduň, ahyryn Aýjemal. Her niçik ýagdaýdada päkligi saklamak mümkin eken-ä. Eger Zybanyň ýerine bolanyňda
senem ynanmazdyň?
-Her kim öz garyşy bilen ölçeýär diýen gep bar. Aýallaram ýüze
çykan beýle ýagdaýy öz terezisinde çekip görüp, onsoň bahalaýar. Bu
24
zatlary meniň mysalymda anyklamakçy bolsaň, onda düýnden bäri meniň
terezimiň daşynyň birneme ýeňilräkdigini aňansyň.
Ol beýle diýmek bilen, meniň özi hakyndaky pikirimi bilmekçi
bolýardy. Men muny aňamsoň oňa düşnükli äheňde şeýle diýdim :
-Eger gürrüň daşda bolýan bolsa , men Zybanyň daşyna-da, terezisinede belet. Onuň daşy ýeňil däl ahyryn.
Aýjemal bir salym dymyp, soñ maña ahmyrly nazar bilen seretdi de :
-Daşyň agyrlygyny onuň daşky görnüşine garap bilip bolmaýar, Ahmet - diýdi - Ony terezide çekip görmeli. Ine, şu günki ýüze çykan
ýagdaý daşy çekip görmek üçin gowy terezi boldy.
Men oýa batdym. Aýjemlyň gepiniň jany bardy. Zyba özüni meniň
ýerimde goýup, netije çykaran bolmaga çemelidi. Men şu pikir bilen
başymy galdyryp Aýjemala seretdim.
-Diýmek, men Zyba gaty ýetik däl ekenim-dä. Şeýle-de bir
ýeňilkellelik etmek bormy. Ol meniň häsiýetimi gowy bilýär, ahyryn.
-Ol seniň häsiýetiňi bilýämi, ýokmy, onçasyny bilmedim. Emma bir
zady gaty bilýän bolmaga çemeli-diýip, Aýjemal aşaky dodagyny dişledi.
-Nämäni?
Aýjemal aýtsammy-aýtmasammy diýen ýaly bir salym ýaýdanjyrap
durdy-da:
-Çagakak biz «öý-öý» diýen oýun oýnaýardyk, belki, bu oýny özüňem
oýnansyň?-diýdi.
-Hawa, oýnapdym, şunuň bilen näme diýjek bolýaň?
-Ýadyňda bolsa, bu oýunda çagalaryň her biri ýere uly dörtburç çyzyk
çyzyp özüne öý edinerdi-diýip, ol sözüni dowam etdirdi. - Onsoň olaryň biri
gaçyp, öz çyzygynyň içine giräýse, ol ýere başga biriniň girip, ony tutup
çykmagy mümkin däldi. Sebäbi ol çyzylan çyzyk «öýüň» eýesinden başga
biri üçin geçip bolmaýan diwar hasaplanýardy. Çagalar muny özleriçe
hakykat diýip kabul edendikleri üçin, ol çyzykdan, hiç kim ätläp geçip
bilmeýärdi. Sen, Ahmet, henizem şol çagalaryň hatarynda ekeniň.
Aýjemal sözüni tamamlap, maňa synçy nazar bilen garady. Men bu
gepiň mundan öňki daş hem terezi hakyndakysy bilen bir pikirdigini şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 03
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.