Latin

Powestler - 14

Total number of words is 3749
Total number of unique words is 2275
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sonagüliň
salamyny
gowşuryp,
gaýtam
ony
bigendirmekçidim. Jorasynyň habaryny eşitse, hökman begener diýip pikir
edipdim. Pikirim tersine bolup çykdy. Bir tarapdan, Zülpitaryň jan ýaly
jorasyna bolan beýle garaýşy ýüregimi ynjydan bolsa, ikinji tarapdan şeýle
owadan gyzyň meni gabanmagy göwnüme hoş ýakýardy.
- Aýtjagyň bary şumudy?– diýip Zülpitar gaharly seretdi.
-Ýok-la, men saňa başga bir zat aýtjak bolýan. Dogrusy, senden bir zat
hakda sorajak bolýan.
-Mendenmi? Baş üstüne, soraber! – diýip, ol kineli äheňde aýtdy.
-Bu işimiziň soňy nähili bolarka, Zülpitar?
-Düşünmedim. Näme diýjek bolýaň?
-Uruş gutarsa, kakam dagy gaýdyp gelse, ikimiz durmuş gursak....
Şeýle diýenimden Zülpitar sözümi kesdi:
Sonagül tamsüpüriji, aýdandyr-a saña kim bolup işleýänini, senem ädikçi
ikiñiz durmuş gusañyz bolýar." Deñ deñi bilen, tezek gaby bilen"
diýipdirler-ä...
Şobada meni göze görünmeýän ýalyn gurşap aldy, bütin göwräm ot bolup
tutaşdy gitdi. Dulugyna çalyp göýberenimi duýman galdym. Ol beýle zada
garaşmadyk bolara çemeli, gözlerini petredip bir seretdi-de yzyna öwrülip,
ýüzün salaýdy.
162
*************
Ömrümde ilkinji gezek beýle kemsidilmegime tap gelip bilmän, tä ýarym
gijä çenli köçelerde entäp gezdim.. Öýe gelip ýatanymdan soň uzak wagtlap
uklap bilmedim, Diwanyň jygyldysyndan ejem uklamany ýatanymy duýup:
- Bu gün saňa näm boldy, oglum? Näme uklaňok?-diýdi.
Ejemiň bu mähribanlygy meni hasam ejizletdi. Tas müňňüripdim. Zordan
saklandym.
-Işden çykjak, eje. Okuwa girjek –diýdim.
-Haçan?
-Ertiriň özünde- diÿdim. Ejem oýaçümdi öýdýän, hiç zat diýmedi.
-Näme gepläňok eje? Ýada sen garşymyň?
-Sen okajak diýseň, men, heý, garşy bolarynmy? Ýöne güzeranymyz nähili
geçerkä, oglum?
Gije öýde işlejek. Her bazar arasy iki jüp ädik tiksem, şol bize bolar, eje.
Bu sözüň jany bar, oglum. Eger şeýtseň, okamaga doly mümkinçiligiň
bolar.
Okamak barada bu mümkinçiligi oýlap tapanyma gaty begendim. Beýle
pikiriň ozalyrak kelläme gelmänine ökündim. Ejem ýene dillendi:
-Eger adamda erjellik dörese, ol öz islegini amala aşyrmagyň çäresini tapar,
oglum. Ozallar okuwa islegiň ýokdy. Görýän welin indi sende okamaga
çynlakaý isleg döräpdir. Bu islegiň birden döremegine näme-de bolsa bir
zat sebäp bolan bolmaga çemeli. Ony-da menden gizläp otyrsyň, oglum.
Aýdaýanyñda näme?
Ejemiň duýgurlygyna telpek goýdum. Emma gizleýän syrymy oňa açyk
gürrüň bermäge utandym....
Gözümi açsam otagyň içi ýagtylan ekeni. Başujymdaky sagadyň jykgyldysy
gulagyma ildi. Seretsem, sekizden geçipdir. Onuň jaňynyň dili süýşürilip
goýlan
ekeni. Ejemiň ukymy bozmaga gözi gyýmandyr öýdýän? Şol wagt
eýwanda ejemiň aýak sesi eşidildi. Ol içeri giren bada:
-Çörege gijä galypdyryn-a, eje –diýdim.Ejem asudalyk bilen:
-Zyýany ýok , bu güne ýeterlik çöregimiz bar. Ertir iki günlügini goşup
alaýarsyň – diýip elindäki çäýnegi saçagyň gapdalynda goýdy.
Çaý içmäge otyranymyzda, Zülpitaryň sözleri birden ýadyma düşdi-de,
işdäm tutuldy. Ejemiň göwnü üçin bir käse çaý içip, ýerimden turdym. Men
iş korzinkamy goltygyma gysyp, köçä çykdym.
Ilkinji niýetim peduçilişä baryp, bagtymy bir synap görmekdi. Okuwa
girsemem, diňe şol ýere girmekçidim. Zülpitara: „Seniň okan ýeriňde,
maňa meňzeş ädikçi-de okap bilýändir!“ diýmekçidim. Şo maksat bilenem
peduçilişäniň öňünde aýak çrkdim. Ýüregim guş ýaly elesleýärdi. Şeýle
bolsa-da, özüme erk, edip içeri girdim. Iki ýanyna eliň ýetip duran darajyk
163
uzyn dälizden gidip barýarkam, „Direktor“ diýen ýazgyly gapa gözüm
düşdi. Gapyny çekdim-de batly ses bilen:
Mümkinmi – diýip, içeri girdim. Men beýle ýasama häsiýet bilen öz
çekinjeňligimiň, tolgunmamyň üstüni örtmekçidim.
Tördäki ullakan stolyň aňyrsynda oturan hindi ýaly gara adam mylaýym
ses bilen:
-Näme, han ogul? – diýdi.
Onuň gözleri-de sesi ýaly mylaýymdy. Men onuň seredişinden biraz
ruhlanyp:
-Okuwa girmäge geldim – diýdim.
Ol elimdäki iş korzinkama garap:
-Ädikçimi sen? –diýdi.
-Hawa.
-Biraz gijä galypsyň, han ogul, okuw ýylynyň çärýegi geçdi.
-Näçe geçilen bolsa, özbaşdak okap özleşdirerin, ýoldaş mugallym.
-Käbir sapaklar başartmaz, ýetişmersiň.
-Men size ähli sapaklardan diňe bäşlige okamaga söz berýän!
Şeýle diýenimde, sesimiň batly hem-de öwünjeň äheňde çykany üçin çymgyzyl boldum.
Ol apbak dişlerini görkezip ýylgyrdy-da:
-Berekella. Beýle bols-ha bir gowy zat – diýdi. Emma ýanynda oturan
semiz takyr kelle adam ardynjyrap, ullakan äýneginiň aňyrsyndan maňa
seretdi-de:
-Söz bilen iş hemişe bir bolmaýar –diýdi.
-Bolýarmy-bolmaýarmy, ony soň görübiris. Häzirlikçe bir zat anyk:
oglanyň okuwa yhlasy zor, kabul edýä--diýip, ol takyr kelle adama
ýüzlendi. Takyr kelle adam bolsa egnini gysyp:
-Ygtyýar özüňizde, ýoldaş direktor – diýdi.
Direktor soň maňa seredip dillendi:
-Dokumentleriňi getiriber. Arza, terjimehal, ýediýyllygyň şahadatnamasy,
Iki sany surat...
Şahadatnama ýok..... Ýedinjiniň ýarysynda galypdym –diýip, ýere bakdym:
- Işe girmeli boldum....
-Sen-ä tüýs bir täsin oglan ekeniň – diýip, ýaňky takyr kelle adam maňa
gözüni alartdy: - Dökümentsiz seni okuwa nähili kabul edeli?
Başymy galdyryp seretsem dirtektor hem maňa siňe seredip otyr. Ol ak
aralaşan buýra saçlaryny ýuwaşja sypap, takyr kellä ýüzlendi:
-Bolýar-da, munusynyňam zyýany ýok, okaýsyn.
-Ýoldaş direktor, bu kanuna dogry gelmeýär, ahyryn – diýip, ol ýüzüni
ajytdy.
-Eger oglan sözünde tapylyp, bäşlige okasa kanun bizi bagyşlar. Onsaňam,
164
okuw ýylynyň soňunda ýedinjä-de egzamen tabşyryp, şahadatnama alar.
Şeýle dälmi? – diýip, direktor maňa bakyp ýylgyrdy.
Men onuň sözüne tassyklap, başymy atdym.
Takyr kelle ýüzüni kese sowdy-da:
-Ygtyýaryňyz ýoldaş direktor. Soňundan bir , gep-söz çykaýsa, özüňiz
jogap berersiňiz-dä –diýdi.
-Bolýa, onuň gaýgysyny etmäň, gerek bolsa, özüm jogap bererin! – diýip,
direktor çürt kesik gepledi.
Begenjime: „Sag bol“ diýmänem unydypdyryn. Ylgap çykyp gaýtdym.
Emma begenjim biderek bolup çykdy. Ol ýerde okamak maňa miýesser
bolmady..
Artele gelenimde, hemme zat ýerli-ýerindedi. Emma halypamyň kürsüsi,
näme üçindir boş durdy.Pirmät ussa agzyndaky tüssäniň ýarysyny ýuwudyp,
ýarysyny çykaryp:
-Halypaňdan habaryň barmy? – diýdi.
-Ýok näme?
-Bilmedik-diýip, ol uzyn edip dolanan çiliminiň közüniň ujyna tüýkürdi-de,
kuldana atdy - Mahmyt aganyň beýle gijä galýan wagty ýokdy. Bir zat
bolandyr sen baryp habar tut. Hernä, eýgilik bolsun.
Şol bada ýüregime bir howsala düşdi. Dessine yzyma dolanyp, köçä
çykdym. Halypamyň öýüne ýakynlaşdygymça, ýüregimdäki howsala barha
güýçlenýän ýalydy. Howatyrym ýerliksiz däl ekeni. Gapysynyň agzynda eli
çäýnekli duran goňşy aýala duş geldim. Ol maňa gamgyn seretdi.
Howlygyp içeri girdim. Ozaly bilen, nazarym tördäki krawata düşdi. Ol
boşdy. Halypam ýere ýaszylan düşekde ýatyrdy. Belent ýassykdaky
kellesine ak mata saralgydy. Gözleri ýumukdy. Sag eli çala agaran
sakgalynyň ujundady. Men onuň ýanyna baryp, gapdalynda çök düşüp
oturdym-da:
-Mahmyt aga-diýip, ýuwaşja seslendim. Halypam Gözlerini açyp maňa, soň
töweregine göz aýlady. Onuň garaýşy birhili parhsyzdy.
-Ertirden bäri saňa garaşyp ýatyryn –diýip, ol zordan dillendi.
-Men bilmändirin. Näme boldy size?
-Bilmedim. Garaşylmadyk waka boldy – diýip, ol demini rastlady: -Bizem
amanady gowşurmaly bolaýdyk öýdýän, oglum? Saenden haýyşym: Şäkir
şireçä mesi tikip bermegi boýun alypdym, ýetişip bilmedim, bir taýy bitmän
galdy. Şony bitirip ber. Kyýamat karzäyna galmaýyn – Ol ýene demini
raslady-da, dowam etdi: - Onsoň sandykda gyzyl mata düwlen pul bar.
Ýagşy niýet bilen ýygnapdym... Şonam saňa ak ýürekden berýän.
-Beý diýmäň, Mahmyt aga. Hiç zat bolasy ýok, gutular gidersiňiz –diýip,
men oňa göwünlik berdim. Halypam kinaýa bilen halsyz ýylgyrdy. Bu
maňa gyşyň bulutly gününde gün görnip giden ýaly birhili täsin duýuldy.
165
Emma onuň ýylgyranda çalaja açylan dodaklary gaýdyp ýumulmady,
tersine barha ulyrak açylyp, agzynyň bu açyklygy wähimeli görnüşe geçdi
Men tisginip gitdim.
****************
„Ýagşynyň meýidem gadyrly“ diýleni dogry ekeni. Halypamy jaýlamaga
şäheriň ähli ýerinden adam bary geldi. Meýidi arteliň ussalary gezekmegezek göterip äkitdiler. Arteldäki ona golaý ýetginjek oglaryñ içinde meýide
boýy ýetýäni diňe Narym kilçik ikimizdik. Bir tapgyrynda ol ikimiz bir
tarapa düşdik ol:
-Abdy, Abdy –diýip eşidiler-eşidilmez edip çawuş çykdy.
-Näme?
-Eşitdiňmi, Zülütaý äýe gaçyp gidipdiý.
Samsyk! Kim sorady häzir senden şony! –diýip ýerliksiz gepläni üçin
Narymy dalamasyna daladym welin, emma bu habar maňa gaty täsir etdi.
Näme üçindir, özümi kemsidilen ýaly duýdum.
****************
Halypamyň üçünden soň, işden çykmak niýeti bilen artele bardym.
Ussahana girenimde, Halypamyň kürsüsiniň ýanynda ýatan mesä gözüm
düşdi. Onuň edip giden haýyşy güpbe ýadyma düşdi. Ony ýadymdan
çykaranym üçin, içimden özüme gaty käýindim. Mesini alyp, öz kürsüme
geçip oturdym-da, tikmäge başladym. Mesiniň bir taýynyň gonjy ýarsyna
çenli tikilendi. Halypamyň hiç kimiňkä meňzemeýän owadan ördümlerine
gözüm düşüp ýüregim jigläp gitdi.Ýördümlerimi onuňka meňzedip
tikmäge çalyşdym emma başarmadym. Meniň ýördümlerim-de tekizlikde,
owadanlykda kem-kössüz ýalydy, emma halypamyň ýördümleri, nämesi
bilendir meniňkiden düýpgöter tapawutlydy.
Başymy aşak salyp, şol işläp oturşyma töweregimdäki ähli zady unudyp,
çuň pikire gidipdirin. Kimdir biriniň şyrt-şyrt edip, çöp çüý kesişi, biriniň
pyçak çalyşy, ýene kimleriñdir özara gürrüňi gulagyma kämahal bir ilýärdi.
Birwagt töweregimdäki ähli hereket ýatyp, ähli zat togtan ýaly boldy.
Başymy galdyryp seretsem, hakykatdanam, adamlar işini taşlap, näme
üçindir maňa seredişip otyrdylar. Men hiç zada düşünmän soragly nazar
bilen ussalaryň ýüzüne ýekän-ýekän seretdim. Şonda Pirmät ussa ýanyma
geldi-de, elimden tutup, ýokary galdyrdy:
-Abdy jan, üç günden bäri Mahmyt aganyň boş duran ýerine seredýäs-de
elimiz işe barmaýar. Sen agamyzyň mynasyp şägirdi. Indi onuň ýerinde
seniň oturmagyň gerek-diýdi-de, eltip meni halypamyñ erinde oturtdy.
Başga bir ussa:
--Indi seni „Ussa Abdyreýim“ diýip atlandyrsak-da
bolýar– diýdi.. Onuň sözüni beýleki ussalar makullap, alyp göterdiler. Men
näme diýjegimi, näme etjegimi bilmän galdym. Işden çykmak barada
166
ýüregime düwüp gelen niýetimi hem aýtmaga dilim barmady. Aýtsam
halypamyň ruhy aýak astyna düşüp galjak ýaly bolup dýuldy....
Iş wagty tamam boldy. Köçä çykanymyzda. Pirmät ussa meni saklap, elime
dört eplenen bir kagyz berdi-de:
-Muny halypañyň jübüsinden tapdylar, häliden bäri seni tukatlandyrmaýyn
diýip aýtman otyrdym-diýdi.kagyzy çalt açyp seretsem, ol-a halypamyň
oglynyň wepat bolandygy hakyndaky şum habar ekeni. Başym aýlandy
gitdi. „Halypamyň biwagt ölümine, belkim, şu hat sebäp bolandyr?“ Näme
üçindir Pirmät ussanyň aýdyşy ýaly tukatlanmadymam. Bu bolşuma
özümem haýran galyp: „Käbir adamlar doň ýürek bolýamyş, menem şeýle
adammykam?“ diýip pikirlendim. Öýe gelenimden, haty ejeme berdim. Ol
haty açyp okady-da:
-Biçäräniň çyragy sönüpdir –diýdi.
Men ejeme özümiň doň ýüreklik hakyndaky pikirimi aýtman durup
bilmedim.
-Ýok, oglum, meniň bilşimçe, sen doň ýürek dälsiň-diýip, ejem elindäki
kitabynyň bir sahabyny açyp okady:
„Tupanda ösen daragtyň köki-de, özi-de berk bolýar. Adam hem şeýle“.
Şeýle bolsa şeýledir diýip, içimi gepletdim-de oňaýdym .
Emma şol gün otursam-da, tursam-da halypamyň özüne meňzeş uzyn boýly,
giň eginli, mylaýym bakyşly ýigit göz öňümden hiç gitmedi.
****************
Şol güniň ertesi halypamyň maňa bagyş eden puly ýadyma düşdi-de: „Indi
ony nätsemkäm?“ diýen pikir meni ynjalykdan gaçyrdy. Eger ogly öwrülip
geljek bolsa, ony tutuş saklajakdymam, emma... indi... Muny halypam
öňünden welin aýdan bolmaga çemeli.
Birdenkä kelläme bir pikir geldi: geçen aýda fronta kömek ýygnanlarynda,
biz hiç zat berip bilmändik. Puly fronta kömek diýip berenden gowusy ýok
diýen netijä geldim. Pikirimi ejeme aýdanymda, ol hem makullady.
Çemedandan puly alyp sanadyk. Müň manada sähelçe etmedi. Ony gazete
dolap goltugyma gysdym-da göni ispolkama tarap ugradym. Ispolkomyň
jaýyna girenimde, Moskowanyň sagady sekiziň janyny urýardy.Başlygyň
kabineti ýapykdy. Sekretar aýal ýaňyja gelip, kabul ediş jaýyny tertibe
salyşdyryp ýören ekeni. Ol maňa gözüniň gytagy bilen seretdi-de
Başlyk gerek bolsa biraz garaş – diýdi edil şol wagt hem ol ýaňy harby
geýimli bir adam bilen geldi. Onuň saçlary agarypdyr, belent biraz
bükülipdir. Keşbi nähilidir Zülpütary ýadyňa salýardy. Onuň hem ýadaw
gözlerine seredýärkäm, Zülpütaryň eden-etdiliginiň oňa nähili täsir
endigini bilmekçi boldum. Göwnüme onuň gözlerindäki alada özüniň
hususy aladasy bolman başga bir möhüm işiň aladasy ýalydy.
167
Bu ýere maňa meňzeş arzaçylar seýrek gelýän bolmagy çemeli, ol maňa
birhili mähirli seretdi-de:
Meniň ýanyma geldiňmi, oglum? –diýdi.
Men baş atdym. Ol kabinetini açyp, ýanyndaky ýoldaşy bilen içere girdi.
Soňra:
Hany, gel bakaly –diýip seslendi.6
Men gapydan giren ýerimde papagymy çykaryp, aýak çekdim.
Ýeri, oglum, näme iş bilen geldiň? –diýip, ol maňa siňe seretdi.
Men elimdäkini onuň golasýynda goýdum-da,
gelenimiň sebäbini
düşündirdim.
Başlyk bilen harby geýimli adam bir-birine seredişdiler. Soňra başlyk pul
dolanan gazeti açyp görenden, ör boýuna galdy-da, harby geýimli adama
ýüzlendi:
Komissar, hatarymyzda şeýle soldatlar barka biz hökman ýeňäýmeli!
***************
Men ol ýerden çykanymda, özümi hem ruhy, hem fiziki taýdan ulalan ýaly
duýdum.
Ol meni soldat diýip atlandyrdy. Bu meniň adamkärçiligime berlen örän uly
bahady.
Öýe gelýärkäm, ýol boýy ertirden bäri kellämde mekan tutan „soldat“
diýen söz hakynda, özümiň nähili soldatlygym hakynda pikirlenip
gelýärdim. Şol wagtam gulagymyñ ýanynda biri:
„Abdyrahym“ diýip seslendi. Beýläme seretsem,
gapdalym bilen ýylgyryp Sonagül gelýär. Tötänden duşanym üçinmi ýa-da
başga sebäbe görämi, garaz, ýüregim kapasa gabalan guş ýaly böküp durdy.
-Eşitdiňmi? Gijeki mekdep açylypdyr – diýip, ol maňa mylaýym ýylgyryp
seretdi: - Men eýýäm dökumentlerimi tabşyrdym. Senem girseň, bileje
okarys.
Çynyňmy?!
Gyz gülümsiräp başyny atdy-da, gapdaldaky köçä öwrüldi. Göreçlerimiz
hoşlaşyk üçin
çaknyşdy. Şonda onuň gözlerinde şu mahala çenli
görülmedik bir uçgun ýylpyldap gitdi. Bu uçgunyň ýylpyldysy meniň
ýüregimem ýyladyp giden ýaly boldy.
Asyl, şol gün meniň işimiň oňan güni ekeni. Şatlygymy içime sygdyryp
bilmän, öýe gelsem, öýde-de maňa ýene bir şatlyk garaşýan ekeni.
Gapydan içerik ädenimden gözüm eli gazetli oturan ejemiň gözlerine
düşdi-de, haýran bolup, giren ýerimde aýak çekdim. Ejemiñ ýüzünde bir
keýpi köklik uçganaklaýardy, gözlerinde bolsa begenç ýaşynyň yzy duýlup
durdy. Men sabyrsyzlyk bilen soradym:
-Eje, kakamdan hat geldimi?!
168
-Hawa oglum. Ine, eşit, kakaň näme diýip ýazypdyr? – diýdi. Gazede
seretsem, onuň ýüzünde uzyn bir goşgy bardy. Ejem ony tolgunyp okady:
Maňa garaş, men gelerin,
Emma garaş, sen intizar,
Garaş, ýagyş irizse-de,
Garaş maňa ýaganda gar.
Goşguda aýdylyşy ýaly kakama juda intizar bolup garaşdyk. Juda köp
gezek garlar ýagdy, ýagyşlar irizdi. Emma kakam wadasynda tapylmady....
****************
Hyýalymy bes edip, Haýýama gulak salýan:
Ol:
„Dünýäniň çarhy heniz-de aýlanyp dur“ diýýär. Şol aýlanmak hereketi
ädikçiniň şägirdini pesejik kürsüden institut kafedrasyna eltdi. Gözi ýolda
bolup, kakasyna garaşyp ýörän oglanyň özüni kakalyk derejesine ýetirdi.
Kakalygymy ykrar etmek üçin töweregimden Gülüstany gözleýän. Ol
ejesine kömekleşmek üçin aşhana çykypdyr. Ol ýerden ikisiniň-de sesi
eşdilýär. Gülüstan bir zatlar diýip jedirdeýär. Sonagül bolsa özüniň mahmal
ýaly mylaýym gülküsi bilen gülýär.
Bu gülki meniň oturan mawy yşykly otagymda hem ýaňlanyp, töweregime
mahmal ýazylan ýaly edýär.
Gülüstan gelep meniň, kitaba eglen başyma näzijek barmaklary bilen
dürtýär-de:
-Nahar bişdi – diýip kikirdeýär.
Şonda men başymy göterip, onuň mähirli gözlerine bakýan-da ol gözlerde
mundan çärek asyr ozalky şol ozalky päkize goýungözleriň hiç üýtgewsiz
gaýtalanmasyny! Görýärin. Şonda men „Dünýäniň ähli gowy hadysalary
hem şeýle gaýtalansady“ diýip, öz ýanymdan arzu edýärin.
169
DÜNÝÄNIŇ SYRY
(fantastiki powest)
Kosmosyň tüm garaňky gije kimin giňişliginde «Jeýhun» atly ýyldyzara
gämisi süýnüp barýar. Bu ýyldyzara gämisine «Jeýhun» diýlen taryhy adyň
dakylmagy, ýigriminji asyrdan bäri geçen müňlerçe ýyllardan soňam
adamlaryň Orta Aziýanyň ol beýik derýasyna bolan çäksiz hormatynyň
nyşanydy. Illýumenatorlardan daş-töweregiň görnüşi gaty enaýy. Gara
mahmalyň ýüzüne lagly-merjen sepilen ýaly sansyz ýyldyzlar äleminde
adam özüni ýerdäkiden bütinleý başgaça duýýar. Hatda, ömrüni kosmasda
geçiren adamlaram bu görnüşe biparh seredip bilmeýärler. Gäminiň Gün
ulgamyndan çykanyndan bäri ýeriň hasaby bilen bir ýyldan hem agypdy.
Ekipaž geçen wagty takyk belläp barmak maksadynda kosmosda ýöredilýän
ýagtylyk ýyl hasaby bilen bir hatarda ýeriň ýyl hasabyny-da ýöredýärdi.
Gün ýaşyp, daň atmaýan, aýlar aýlanyp, pasyllar çalşyp durmaýan ebedi
garaňkylyk äleminde bu hasaby ýöretmek aňsat iş däldi. Şonuň üçinem bu
wezipäni elektron hasaplaýyş maşynlaryň biri ýerine ýetirýärdi.
Gämi kapitany Nur Bar uzyn boýly, ýagyrnylak, daýaw pyýada bolup,
garaýagyz ýüzi, gara jöwherli gözleri onuň aslynyň aziýalydygyna güwä
geçýärdi. Ekipažyň hatarynda onuň aýaly Deýa we sekiz ýaşly gyzy Zeýa
hem bardy. Ekipaž kyrk adamdan ybarat bolup, olaryň aglabasy maşgalaly
astronawtlardy.
Uzak müddetli kosmos uçuşlarynda adama ähli zada, ähli
kynçylyklara döz gelmek başartsa-da, iň ýakyn adamlary bilen aýralyga
çydamak gaty kyn düşýärdi. Şonuň üçin ýeriň Beýik Geňeşi şeýle uzakuzak saparlara çykýan astronawtlara maşgalasyny bile alyp gitmäge rugsat
edýärdi. Bu saparda aýallar diňe ärlerine ýoldaş bolup galman, gämide belli
bir wezipäni ýerine ýetirýärdiler. Olaryň her haýsy bir ugurdan hünärmendi.
Kapitan Nuruň aýaly Deýa bolsa mugallymdy. Ol gämidäki ýigrimä golaý
çagany ýeke ozi ähli dersler boýunça okadýardy. Gämide çagalar üçinem,
ulular üçinem ähli şertler döredilendi. «Jeýhun» özüniň ösümlik we
haýwanat dünýäsi, basseýni, sport meýdançasy we beýleki medeni
obýektleri bilen özboluşly şäherjige meňzeýärdi. Gämide emeli grawitasiýa
döredilendigi sebäpli adamlar özlerini edil ýerdäki ýaly duýýardylar
-Emeli grawitasiýanyň döredilmegi biziň eramyzyň ylmynyň we
tehnikasynyň beýik ýeňişleriniň biri boldy –diýip, Deýa öz sapagynda
çagalara düşündirýärdi. Çagalar özleriniň mawy gözli, ak ýüzli, tylla saçly
görmegeý mugallymasynyň ähli sapaklaryny üns bilen diňleýärdiler. Zeýa
bolsa ejesiniň sapaklarynda okadylýan bilimler bilen çäklenmek
islemeýärdi. Garaýagyz monjuk ýalyjak bu gyzyň daş sypaty kakasyna
çekse-de bilesigelijilikde kakasynyň hem, ejesiniň hem çeni-çaky däldi. Ol
170
özüniň ýaşyna laýyk gelmeýän zatlar bilen, hatda, özüniň aslyýeti bilen hem
gyzyklanýardy.
Bütin Ýer ýüzünde bir dil bolup, sosial aýratynlyklaryň bolmadyk,
siwilizasiýanyň iň ýokary nokadyna ýetilen bu döwürde-de adamlar
özleriniň düýp gelip çykyşlaryna gyzyklanýardylar. Kapitan Nur hem
özüniň asly eždadyny gowy bilýärdi. Ol gadymy Garagum sährasynda
ýaşan çarwa türkmenleriň neslindendi. Baryp mundan näçe müň ýyllar öň
ata-babalarynyň ýaşap geçen Garagum sährasyny Kapitan Nury indi diňe
köne arhiwlerde saklanýan kino disklerden bilýärdi. Indi ol beýik sähranyň
üçden iki bölegini adamlar gür baglyga bürenip oturan çaklaňja şäherdir
obalyklara öwüripdirler. Munuň beýle edilmegi çölüň gadyryna ýetilmänligi
üçin bolman köne şäherleriň biçak ulalyp, ubranizasiýa şertlerinde
ýaşamaklyk gaty kyn düşýänligi üçin täze durmuş şertlerine geçilmegi
mynasybetli bolupdy. Adamlar ene tebigatyň döreden zatlarynyň, şol sanda
çölüň hem sarpasyny belent tutýardylar. Şoňa görä-de, Garagumyň galan bir
bölegini medeni zona öwürmekden el çekildi. Onuň haýwanat we ösümlik
dünýäsi, hatda çägesiniň strukturasy-da gadymy ýadygärlik hökmünde
gözün göreji ýaly goralyp saklanýardy.
Kapitan Nur biriji klasly alym-astronawt hökmünde Ýewropanyň orta
gürpünde ýerleşýän planetanyň paýtagtynda ýaşaýanam bolsa, dynç alyş
günlerini ata-babasynyň dogduk mekany Garagumda geçirmegi halaýardy.
Şeýle günlerde ol özüniň howa ulagyna münüp, Garaguma tarap ýola
düşerdi. Ilki bilen ol ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda gazylyp, iki
müňünji ýylyň ahyrynda kenarlary hem aşagy betonlanan Garagum
kanalynyň boýuna gelip gonardy. Bu kanal soňky döwürlerde mermerden
tapawut etmeýän granitli beton bilen gaplanyp, has hem gözel görnüşe
girizilipdir. Onuň iki tarapynda-da ýüzlerçe kilometre uzap gidýän ajaýyp
dynç alyş zonasy döredildi. Tomsuň jöwzasynda aşagyna teňňe ýaly gün
düşürmeýän gadymy güjümler, serwidir palmalar bilen bir hatarda soňky
asyrda botanikler tarapyndan döredilen geň-enaýy gibrit daragtlar dünýäniň
dürli künjeklerinden getirilen ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan reňbe-reň
güller bu ýeriň görküne görk goşýardy. Iki tarapyny şeýle ajaýyp güller we
daragtlar tutup oturan giň parallel ýodalar her üç ýüz metrden çüwdürimler
meýdany bilen bölünýärdi. Mermer howuzlaryň arasyndaky dürli şekildäki
tylla çaýylan çüwdürimlerden göge atylýan suw göýä zer dänesi dek gözüňi
gamaşdyrýardy. Eger ýeriň şu künjegine älemiň uzak burçundan aňly bir
jandar gelip düşäýse, bu ýerdäki gözelligi görüp, beýle gözelligi döreden
adamalaryň ýüreginde, düşünjesinde haýyrdan, ýagşylykdan başga zat ýok
bolsa gerek, diýip pikir etmegi iki uçly däldi.
Emma Kapitan Nuruň öz planetadaşalary baradaky pikiri başgaçarakdy.
Tehniki progresiň, medeniýetiň iňňän ýokary nokadyna ýetilen bu döwürde
171
genetika bilen meşgullanýan adamlar adamzadyň tohumyny fiziki taýdan
kämilleşdirip, agressiw häsiýete eýe bolan mikroelementlerden arassalan
hem bolsalar, entek dürli häsiýetler, dürli temperamentler saklanyp galypdy.
Bu şeýle hem bolmalydy. Sebäbi standart häsiýetli, bir hili niýetli,
sterilnenen adamlar ýaşaýan jemgyýetiň hiç kime geregi ýokdy. Şoňa görä,
bu kämil jemgyýetde-de haýyr bilen şeriň göreşi gadymy XX asyrdaky ýaly
aç-açan ýüze çykmasa-da şöhratparazlyk, egoistlik, görüplik ýaly
nogsanlardan saplanyp bilmedik adamlaryň päk niýetli adamlar bilen
çaknyşygynda göze ilýärdi. Beýle çaknyşyklar döwre görä öz görnüşini
üýtgedipdi. Indi olar ylmy çekişmeler, dürli nukdaýnazarlar görnüşinde
ýüze çykýardy. Elbetde, olary hakyky ylmy jedelden, nukdaýnazarlaryň
çaknyşygyndan tapawutlandyrmak şeýle bir kyn hem däldi. Ýöne şeýle-de
bolsa munuň ýaly çaknyşyklarda haýryň tarapdaryna zarba urulýan
mahallary-da bolýardy. Beýle zarbanyň yzasyny Kapitan Nuruň özi-de
dadyp görüpdi..
Ol ýaşlygynda uly alym bolmagy öz öňünde maksat edip goýupdy. Bu
ugurda ol köp ejir çekdi. Emma onuň maksady amala aşman galdy. Özüniň
bile okan dosty ýazan dissertasiýasyny bilkastdan puja çykardy. Ol islese
garşydaşyna bäs gelip, dissertasiýany gorap hem bilerdi. Emma özüne
ýakyn adamyň beýle dönüklügi onuň elini sowatdy. Ine, şol sebäpli ol özüni
astronawtika bagyşlady.
Dynç alyş günleriniň biridi. Kapitan Nur adatdakysy ýaly Garagumda,
onda-da onuň çöl zonasynda dynç alýardy. Ol özüniň bu ýerde dynç alýan
gününi «ýabany adama öwrülmek güni» diýip atlandyrýardy. Sebäbi ol
içki balagyndan başga ähli eşiklerini çykaryp, köne ok-ýaý bilen aw
awlardy. Şeýlelikde onuň bedeni, hem ruhy hem rahatlyk tapýardy. Şol güni
ol aw gözläp, güýz aýynyň güneşine ýaňy gyzyp ugrap ýylyjak çägelikde
ençe kilometr ýol geçdi. Elbetde, aw gyt däldi. Ýöne bu ýerde islän zadyňy
atybermek bolanokdy. Kapitan Nuryň gowy görýän awy towşandy. Şeýle
ýyndam, ýüwrük janaweri ýaýyň oky bilen uraýmak her ýeten mergeniň
elinden gelýän iş däldi. Kapitan Nur bu işe şeýle bir ökdeläpdi welin, ol
towşany gaçyryp atanynda ýaýyň oky bilen damagyny çalyp göýbererdi. Ol
iki towşany awlap, goşuna geldi. Sazak ýakyp, özüniň gadymy usulda
bejerilen mis tüňçesinde çaý atardy.
Towşanlaryň birini arassalap, sazagyň közünde şorja kebap bişirdi. Şeýdip,
ol siwilizasiýanyň ähli gazananlaryny unydyp, hezil edip oturşyna, oýa
çümdi: «Asyrlar! Garagumyň, diňe bir onuň hem däl bütün Ýer
togalagynyň üstünden geçen asyrlar adamzadyň durmuşynda gör nähili
özgerişler etdi. Ine, şu beýik sährany söküp, gadymy Merwden Ürgenje
gatnan düýeli kerwenleriň döwründen bäri adamzat näçe unudylmaz
wakalary, hiç haçan ýatdan çykmajak harasatlary başyndan geçirdi. Şol
172
aralykda näçe gezek dünýäniň ykbaly gyl üstünde galdy. Ana, şonda akylpaýhasyň gudraty gara güýçlerden rüstem gelmedik bolsa, adamzadyň, tutuş
Zeminiň kysmatynyň çepbe çöwrülmegi iki uçly däldi. Akyl-paýhas!
Adamzadyň asyrlardan-asyrlara ýoluny ýagtyldyp gelýän ajaýyp şamçyrag!
Akyl-paýhas güýjüne daýanyp, adamzat ine şeýle beýik siwilizasiýany
döretdi. Indi adamlar üçin kosmos giňişliginde bir planetadan ikinji planeta
barmaklyk düýeli kerwenleriň Marydan Hywa aşmagyndan hem aňsat
boldy. Emma adamzadyň häsiýetindäki bir zat öz serhedini, gözýetimini,
özüne tabyn ýerleri giňeltmeklige bolan höwes üýtgemän galdy. Bu höwes
juda gadym zamanlarda at bilen, gylyç bilen amala aşyrlan bolsa, indi tizligi
ýagtylygyň tizligine golaý faton kosmiki gämileriniň kömegi bilen amala
aşyrylýardy.
Isgenderdir Çingiz han hem, Temurleňdir Napalýon hem öz ýurdunda,
öz köşgünde şalara mahsus bolan eşretde ömrüni geçirip bilerdiler. Emma
beýle bolmady. Olary şol höwes öz ýerinde, öz ýurdunda oturtmady, ýüz
müňlerçe leşger bilen çöl söküp, dag aşyp özge ýurtlara goşun çekmäge,
biriniň zadyny özünüňkä öwürmek üçin gan dökmäge mejbur etdi.
Siwilizleşen dünýäde bolsa bu höwes başgaça ýol bilen kanagatlandyrylýan
boldy. Ýer ýüzünde alynmaly, goýulmaly ýurt galmady. Hemmesi bir
merkeze tabyn edildi. Indi adamzat özüniň dogduk mekany-Ýer togalaynyň
üstünde oňup bilmedi. Ol çäksiz kosmos giňişligine çykdy. Ilki-ilkiler
ýörjen-ýörjen çaga ýaly öz planetasy-Ýeriň orbitasynda aýlandy. Kemkemden Marsdyr Ýupiter ýaly goňşy planetalara bardy. Olary özünüňki edip
dyndy. Faton tehnikasynyň döredilmegi adamzadyň işdäsini has açyp
goýberdi. Ol faton kosmiki gämilerine münüp Gün ulgamyndan daşa çykdy.
Indi ol galaktikanyň şa ýollary bilen ýyldyzlar älemine ugur alýar. Öz
häsiýetine görä, adamzat munuň bilen hem çäklenmez. Ol hökman älemiň
serhetlerini tapmaga dyrjaşyp başlaýar. Alymlaryň anyklaýşyna görä,
giňelýän älemiň serhetleri, çägi bolsa-da, adamzadyň islegi ymtylyşy
çäksizdir. Sebäbi ol gazanylan üstünlik nähili ägirt bolmagyna garamazdan,
ýene täze-täze üstünliklere, ýeňişlere tarap ymtylmagyny bes etmeýär,
Adamzat ozaldan şeýle, hemişe-de şeýle bolup galar!
Gapdaldaky aragatnaşyk enjamynyň ,«pip-pip-pip-pip» edýän gysga,
çasly signaly kapitan Nuryň oýlaryny böldi. Ol enjamyň ses düwmwsini
basdy. enjamdan tanyş ses eşdildi: «Kapitan Nur Bar! Kapitan Nur Bar! Siz
nirede bolsaňyzam şu gün agşam sagat on sekizde başlanjak Beýik Geňeşiň
adatdan daşary mejlisine ýetip gelmelisiňiz!»
Kapitan Nur birden ykjamlandy, aýaga galdy. «Alla janlaym, näme waka
ýüze çykdyka? Beýik Geňeşiň mejlisi ýaňy-ýakynda bolup geçipdi. Onuň
müňdenem köpüräk, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan agzalaryny
ýene-de ýygnamak nämä gerek bolduka?» diýip, ol içini gepledýärkä,
173
çalasynlyk bilen geýindi. Goş-golamyny ýygnaşdyryp, maşynynyň ýanyna
geldi. Gapynyň düwmejigini basdy, gapy ýuwaşlyk bilen bir gapdala süýşdi.
Ol ýadowam bolsa, çalasynlyk bilen maşyna böküp mündü-de, özüni
sürüjüniň ýumşak kürsüsine atdy. Sagadyna seretdi. Ýene-de iki ýarym
sagatdan gowurak wagt bardy. Wagt ýeterlikdi. Garagumdan planetanyň
paýtagtyna çenli kapitan Nuryň howa maşyny ýarym sagatdan köp
uçanokdy. Şoňa görä, ol gyssanmaç geýnip ýola çykanyna birneme ökündi.
Entek sazagyň odunyň başynda oturyp, ýene ýarym sagat keýp çekmäge
wagt bardy. Çünki elin bişirilen kebap bilen gök çaýyň lezzeti diýseň
başgaçady. Uly şäherlerdäki lýuks-restoranlarda bişirilýän islendik delikates
naharlardan hem lezzetliräkdi.
Ol ýaltanan ýaly ýuwaşlyk bilen uçyş düwmejigini basdy. Maşyn ýeňil
silkinip, howa göterildi. Ol ugry dogrulap , tizlik ryçagyny süýşürdi. Maşyn
howalanyp sesiz süýnüp gitdi. Ol kürsüde has oňaýly oturdy. Ýumşak kürsi
onuň ýadaw tenine rahatlyk berýärdi. Agzyndan bolsa sazagyň közüne
bişirilen şorja kebabyň tagamy henizem gidenokdy.
Kapitan Nuryň garaýagyz ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy.
Agzyndaky hoş tagam zerarly entägem işdäsi açyk kapitanyň serine gelen
pikirler ony adamzadyň käbir ejizlikleriniň üstünden güldürýärdi. Hawa,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 15
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.