Latin

Powestler - 15

Total number of words is 3871
Total number of unique words is 2032
34.8 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
adam pahyr garny, diýip näçeme ejirler çekmäge mejbur bolýar. Ol şol
zerarly ekin-dikin edýär, mal bakýar, bir giden azyk senagatyny işleýär.
Garaz, gymmatly wagtynyň deň ýarysyny şoňa sarp edýärdi. Emma, garyn
doýurmak näçe kyn hem bolsa, şony dogry edýär. Sebäbi adamzat ilki dörän
döwründen başlap, gara garnynyň ugrunda ylgapdyr. Şony doýurjak bolup
dürli haýwanlar bilen söweşipdir, oýlanyp zähmet gurallaryny döredipdir.
Şeýdip kem-kemden akyl derejesine daýanyp, azyk diýilýän zatdan ýüz
döndermekçi hem boldy. Has dogrusy, belli bir döwrüň içinde ýüzem
dönerdi. Ol bir tabak tebigy naharyň ýokumlylygyny berýän ululygy
noýba ýalyjak gerdejikleri hem oýlap tapdy. Şol hili gerdejikler bilen
adamzat bir asyra golaý wagt güzeran geçirdi. Azyk bazasyny döretmäge
sarp edýan güýjüni başga ugurlarda peýdalanmakçy boldy. Emma belli bir
döwürden soň adamzadyň gylla ýarysy işsiz galdy, has beteri, gerdejikler
asyrynda adamlaryň durmuşa garaýşy özara gatnaşyklary düýpgöter
özgerdi. Birek-birege bolan mähir-muhabbetiň, hormatyň ýerine gurak,
tehnokratiki gatnaşyklar eýeledi. Bir ýagşysy, adamzat ýalňyşyny öz
wagtynda duýdy. Ýene assa-ýuwaş tebigy azyklyk önümleri bilen
iýmitlenmek kadasyna dolandy. Ýene-de gazanlar gaýnap, saçaklar ýazyldy.
Adamlaryň arasynda duz-tagam gatnaşyklar başlandy. Indi «Gerdejikler
asyry» bir wagtlar bolup geçen uzak taryhy döwüre döndi. Eger şeýle
bolmadyk bolsa Kapitan Nur hem häzirkisi ýaly awa çykmak, sazagyň
közüne aw etinden kebap bişirip iýmek ýaly lezzetlerden mahrum bolardy.
174
Aw-şikar! Adamyň aw awlamaga bolan höwesi nireden gelip çykan? Bir
garaýyşda bu zat wagşylyk ýaly bolup görünýär. Emma şonda-da, adamyň
aňy, akyl-paýhasy iň ýokary nokada ýeten häzirki döwürde-de bu
«wagşylyga» bolan höwes ýitip gidenokdy. Näme üçin? Sebäbi, aw-şikar
diýilýän zat ilkinji dörän adamyň durmuş zerurlygy bolupdyr. Ol daş bilen
taýak bilen aw awlap güzeranyny dolapdyr. Müňýyllyklara çeken bu döwür,
elbetde, adamzadyň aňynda, duýgularynda öçmez-ýitmez yz galdyran
bolmaly. Şoňa görä, bu zat nesillerden nesillere genleriň üsti bilen özboluşly
höwes bolup geçip gelipdir. Dogry, indi aw awlamak, şikara çykmak düýeli
kerwen döwründäki ýaly meşhur güýmenje däl. Emma şonda-da ol häzirki
adamlaryň aglabasynyň ünsüni özüne çekýän gyzykly güýmenje
hasaplanýar. Bu bolsa adamzadyň hiç-haçan öz gelip çykyşyndan ýüz
döndürip bilmejekdigine güwä geçýär. Kapitan Nuryň oý-hyýallary uzak
geçmişiň dürli künjeklerine aýlanyp ýene-de häzirki real durmuşyna
dolandy. Onuň howa maşyny paýtagta golaýlaşyp barýardy. Menziline
golaýlaşdygysaýyn, onuň ünjüsi artýardy. Şu günki Beýik Geňeşiň adatdan
daşary mejlisine özüniň beýle gyssagly çagyrylmagy hem-de oňa serediljek
mesele kapitan Nury örän gyzyklandyrýardy hemem alada goýýardy.
Tutuş planetanyň paýtagty
hasaplanýan beýik şäher, gözýetimde
howalanyp göründi. Kapitan Nur her gezek bir ýaňa gidip gaýdanynda,
özüniň howa maşynynda, şäheriň üstünden uçup geçýärkä ýaş çaga ýaly
tolgunýardy. Reňbe-reň usulda gurulan ajaýyp ymaratlar, gözel meýdanlar,
suwy göge zer bolup atylýan çüwdürimler adamzat hem-de döredijilik
güýjüniň taýsyzlygyna güwa geçip, kapitan Nuruň kalbynda bir enaýy
buýsanç döredýärdi.
Kapitan maşynyny şäheriň çetinde ýerleşen öz ýaşaýan jaýynyň üstünde
gondurdy. Onçakly beýik bolmadyk beýle ýaşaýyş jaýlarynyň tamynyň üsti
şahsy howa maşynlary üçin gonalga hökmünde hyzmat edýärdi. Ol ýerden
lift bilen islän gatyňa düşüp bolýardy. Kapitan Nur aw haltasyny eline alyp,
lifte müneninde-de şu günki boljak Beýik Geňeşiň adatdan daşary mejlisi
hakyndaky pikir serinden aýrylmady. Ol öz ýaşaýan gatyna düşüp, öýüniň
gapysynyň öňüne geleninde gapyny açýan awtomat, näme üçindir işlemedi.
Şonuň üçin ol elektron jaňyň düwmesini basdy. Bir salymdan onuň aýaly
Deýa gapyny açdy.
-Awtomat işlemedi, şonuň üçin seni azara goýaýdym, bagyşla Deýa –diýip,
kapitan Nur aýalyndan ötünç sorady.
- Gapy açandan bir azar bormy, bu awtomatlar adamy adamçylykdan
çykaryp barýa, ähli zady olar etmeli. Öý-hojalyk işinde aýallar üçin
güýmenmäge zat galmady, maňa galsa şu artyplaryň işlemäni gowy – diýip,
Deýa zeýrendi. – Ýogsa-da, aw ganly bolsun!
- Aw bar-la. Ýöne kadadan çykmak bolanok. Atanym ikije towşan-diýip,
175
Nur aw haltasynyň agzyny çözüp, ondan bir bütin hem-de arassalanan
ýarym towşan çykardy. -Wä! Bularyň biriniň ýarysy gaçyp gidipdyr-a,
özüniňem öň tarapy. Towşanyň öň aýaklary ýüwrük bolýa-da-diýip, çyna
berimsiz äheň bilen aýalyna degişdi.
-Wah-eý, towşanjyk pahyr! Onuň nirä gaçanyny bilýän-le, ol sazagyň
közünden gaçyp sen garnyna girendir- diýip, äriniň degişmesine degişme
bilen jogap gaýtardy.
- Bildiň-aýt – diýip, kapitan Nur aýalynyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Sazagyň közüne bişirip iýen kebabymyň tagamy henizem agzymdan
gidenok. Bileje gideli diýenimde etmediň-dä, giden bolsaň heziller ederdiň.
Men-ä gaty oňat dynç aldym.
Deýanyň synçy nazary äriniň ýüzünde saklandy:
- Oňat dynç aldym diýýän, ýöne göwnüme bolmasa ýürejigiňde bir ünji bar
ýaly.
-Eger sen ony duýýan bolsaň, hakykatdanam ünjümiň bardygy.
- Ol nämäniň ünjüsi, Nur –diýip, Deýa aladaly sorady.
- Şu gün agşam sagat on sekizde Beýik Geňeş adatdan daşary mežlis
geçirjekmişin, meni şoňa gyssagly çagyrdylar, ýogsam entek gelmezdim.
-Şeý diýsene, ol nähili adatdan daşary mejliskä? Onda haýsy meselä
serediljek-kä? - diýip, Deýa has gyzyklanyp sorady.
-Menem bilemok, Deýa, bilýän bolsam beýle ünjä galmazdym-diýip, Nur
gysgajyk jogap berdi. -Ýogsa-da Zeýanyň çagalar bagyndan gelýän wagty
bolanokmy? Ol görenenok-da.
-Wiý, hälden saňa aýtmak ýatdan çykaýypdyr – diýip, Deýa ärine ötünç
soraýan ýaly seretdi. - Çagalar bagy Aýa syýahat gurapdyr, seniň gideniň yz
ýanyndan maňa jaň etdiler. Menem razylyk berdim, kosmodroma baryp
ugradyp hem gaýtdym, olar indi ertir gaýdarlar. Näme diýsene, Nur ýaňy
ýadyma düşdi. Hälki kosmodroma çagalaryny ugratma baran aýýallaryň
arasynda-da Beýik Geňeşiň şu günki mejlisi hakynda «hyşy- wuşy» gürrüň
edilýärdi. Olar ,, Adalatdan daşary gizlin bir meselä serediljekmişin” diýip,
gürrüň edýärdiler. Men-ä muňa gaty geň galdym. Sebäbi biziň
zamanymyzda halkdan gizlin zadyň bolmagy mümkin däl. Aýalynyň bu
sözüni eşidenden soň, kapitan Nuryň gaşy çytyldy. Gyzynyň Aýa uçanymy,
ýa-da, Beýik Geňeşiň mejlisi hakynda ilat arasynda myş-myş ýaýranynamyhaýsyna onuň tukatlananyny bilip bolanokdy. Ol esli salym dymyp otyrdyda, soňra ýuwaşlyk bilen dillendi.
-Biziň gadymy ata-babalarymyzdan galan bi nakyl bar, ,,Hemedan daş
bolsa-da, kädilik ýakyn” diýipdirler olar, şol aýdylyşy ýaly Beýik Geňeşiň
mejlisiniň başlanmagyna köp wagt galanok, menem suwa düşüp, eşiklerimi
çalşyraýyn. Bararys, göreris, diňläris, hemmesi belli bolar.
Kapitan Nur Beýik Geňeşiň mejlisler köşgüne gelip ýeteninde mejlisiniň
176
başlanmagyna on minuda golaý wagt bardy. Beýik Geňeşiň äpet şar
şekilinde ap-ak emeli mermerden gurulan ajaýyp köşgi her sapar bu ýere
geleninde kapitan Nuryň kalbynda ýakymly duýgy döredýärdi. Bu duýgy
döwrüň biçak gözel arhitekrurasyna guwanmak duýgusydy. Köşgüň
mejlisler zalynyň öňündäki giň eýwanda kapitan Nur özüniň birnäçe
tanyşlaryna duşdy. Emma mejlisiň başlanmagyna wagtyň az galandygy
sebäpli ol olaryň hiç haýsysy bilenem saglyk-amanlyk soraşmakdan aňry
geçmedi. Kapitan Nura bu ýerde gabat gelenleriň hiç biriniňem gürleşip,
pikir alyşmaga meýilleri ýokdy. Hemme kişiniň ýüz-gözünde üýtgeşik bir
alada görünýärdi. Emma mejlisler zalynyň gapysyndan girip barýarka
kapitanyň egnine biri elini taşlady. Ol gaňrylyp yzyna seredende
dissertasiýasyny puja çykaran özüniň köne tanyşy Gem Demi gördi.
-Işler neneň, ezizim Nur! -diýeninde Demiň ýuka dodaklarynda ajy
ýylgyryş peýda boldy. Kapitan Nur professor Demiň özüne garaýşyny,
aralaryndaky köne kinäni unutmandygyny gowy bilse-de, onuň şu pursatda
beýle ýakymsyz ýylgyrmagynyň sebäbini düşünmedi. Kapitan Nur Gem
bilen bir mekdepde okady. Mekdep ýyllarynda ol uzyn boýly sary ýagyz bu
oglany erbet görenokdy. Akdemýada bile okanlarynda hem, ony halaýardy.
Emma ylmy işe baş goşup başlanlarynda olaryň arasy bozuldy. Gem Nuryň
ylymda öňe gitmegini, alymlyk derejesini öň almagyny halmaýandygyny
aç-açan bildirdi. Olaryň ikisiniňem ylmy işi wagtyň kosmiki giňişlik çäkleri
barada-dy. Bu mowzugy Nur ymykly işläp täze paradoksal, emma ylmy
taýdan esaslandyrylan gipotezany orta atdy. Gem bolsa Nuryň bu batyrgaý
gipotezasyny puja çykarmak üçin käbir pyssy-pujurlykdanam gaýtmandy.
Ol Nuruň dissertasiýasynda öňe sürlen pikiriň täzelik däldigini, bu pikir
mundan bir ýüz elli ýyl öň başga bir alym tarapyndan beýan edilendigi, iň
beteri şol döwürde bu gipotezanyň ylmy taýdan esassyzdygy subut edilip,
puja çykarlandygy barada ýörite çykyş edipdi. Şondan soň bu meseläni
barlap görmek üçin ýörüte topar düzüldi. Ýüz elli ýyl öň bolup geçen zadyň
dogry ýa-da nädogrydygyny anyklamak aňsat däldi. Topar bir näçe aýyň
dowamynda arhiwlerde iş geçirdi. Emma şu mowzukdaky dissertasiýany-da
ony inkär edýän ylmy tezisi-de tapmady. Diňe şeýle mowzukda dissertasiýa
goralandygy barada protokol tapyldy.
Çak edilşine görä, ol protokol hem Gemiň eli bilen ýasalan galp protokoldy.
Bu wakadan soň Nur ylmy işden sowap, kosmonawtika bilen meşgullandy.
Özüniň egilmez gujur-gaýraty, ötgür zehinine daýanyp, bu ugruň ökde
hünärmeni we kosmos gämilerini uzak ýollara alyp çykýan kapitan bolup
ýetişdi. Beýik Geňeşiň agzalygyna saýlandy. Gem Dem hem her edip, hesip
edip ulakan alym hökmünde tanaldy. Indi olam Beýik Geňeşiň agzasy. Geň
galaýmaly: ykbal diýilýän zat şu zamanlarda-da ýagşy bilen ýamany kän bir
saýgaryp duranok. Käte ýagşynyň hatarynda ýamana-da bagt hödür edýär!
177
Şu wakalardan soň kapitan Nur bir sapar duşanlarynda Geme şeýle
diýipdi:
-Biziň ata-babalarymyz ýeriň ýüzünde jetleşikli bäsdeşligi ýok edip, onuň
ýerine adamkärçilikli ýaryşy döretdi. Emma şondan bäri gaty kän wagt
geçse-de, biz käbir adamlaryň ýüreginden görüplik-bahyllyk ýaly erbet
häsiýetleri ýok edip bilmedik.
Häzir kapitan Nur köne dostunyň ajy ýylgyrşyna serdip özüniň şol aýdan
sözüni ýatlady. Emma oňa salhatlylyk bilen jogap berdi.
-Işlerim gül ýaly, dostum.
Kapitan Nur bilen professor Gem tirkeşip mejlisler eýwanyna girdiler.
Eýwan gadymy amfiteatr şeklinde gurlan bolup, Geňeşiň agzalarynyň
hemmesi biri-birini görüp, eşidip oturar ýaly mümkinçilik döredilendi. Olar
gyssagly baryp öz ýerlerinde oturdylar. Mejlisiň başlanýandygyny habar
berýän gulaga ýakymly jaň ýaňlandy. Äpet eýwany dolduran mähelläniň
bar ünsi ortadaky Beýik Geňeşiň başlyklary oturan ýere çekildi. Beýik
Geňeşiň agzalary tarapyndan saýlanylan bir näçe başlygy bolup, her
mejlisde olaryň biri ýolbaşçylyk edýärdi. Oturan ýerine garanda şu günki
mejlise meşhur alym Ap Tap ýolbaşçylyk etmelidi. Ol nurana ýüzüne gelşip
duran gar ýaly ap-ak saçlaryny sypap ýerinden galdy, we üýtgeşik
mylaýym, emma hökümli ses bilen söze başlady:
-Beýik Geňeşimiziň hormatly agzalary! Şu günki adatdan daşary mejlisiň
çagyrylmagy ýöne ýere däl. Serediljek mesele gaty möhüm, şonuň bilen
bilelikde bu mesele gizlin. Ol entek hiç bir habar beriş serişdeleriniň hiç
birinde habar berilmeli däl, tele ýaýlymlar arkaly-da berilmeli däl.
Ýatladýaryn, Beýik Geňeşiň agzalary-da ony syr saklamaga borçludyrlar...
Hemmäňize mälim bolşy ýaly, biz adamzadyň diňe bir şu günki ýa-da
ýakyn gelejegi üçün alada etmän, mundan müň ýyl soňky ykbaly barada-da
oýlanmaga, alada etmäge borçludyrys.
Başlyklyk edijiniň sözleriniň manysyna äheňine bar ünsüni berip oturan
kapitan Nuryň arkasynda garynja ýörän ýly ini jümşüldäp gitdi.
,,Allanjanlarym ol nämäniň gürrüňüni etjek bolýarka? Başlaýşy-ha gaty
üýtgeşik... “ diýip, ol içini gepledýärkä başlyklyk ediji giriş sözüni
tamamalap meseläniň özüne geçdi:
-Biziň Gün Akademýamyzyň uzak wagtlap alyp baran ylmy-barlag işleriniň
netijesi jemlendi. Ol begendiriji däl. Soňky döwürde biziň ýagtylyk we
ýylylyk çeşmämiz bolan Günüň jümüşündäki prossesler düýpgöter üýtgedi.
Bu ýerde oturan adamlaryň aglabasy alymlar. Şonuň üçinem siz meniň
soňky sözlerimiň manysyna gaty gowy düşünýän bolsaňyz gerek. Hawa,
tebigat öz kanunlaryny ähli ýerde ýöredýär. Nämäniň başlanyşy bolsa, onuň
soňy hem bolmaly. Dialektika şeýle. Hiç bir ot ebedi ýanmaz. Bu kanun
biziň Günümiz-de degişli. Ine, şonuň üçin hem Beýik Geňeşiň şu günki
178
adatdan daşary mejlisinde seredilýän mesele, iňňän gizlin bolup, ol halkyň
ýüregine howatyr, howsala salmaly däl. Entek wagt kän. Gün öz
energiýasyny doly ýitirip, bize hyzmat etmegini bes edýänçä, biz şu
tehnikamyz, şu ylmymyz bilen adamzady heläkçilikden gutarmaga
ýetişeris. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gün energiýasyny ýitirdigisaýyn
göwrümi ulalyp gyzyl köze dönüp barar. Ahyrynda ol gyzyl gigant
Ýerimize has ýakynlaşyp ony demir ýaly gyzdyrar ummanlar bolsa edil
gazan ýaly gaýnar. Diýmek ýeriň ýüzünde adamzada ýaşamak üçin hiç hili
mümkünçilik galmaz. Gün ulgamyndaky başga planetalaryň ýagdaýy-da
biziňkiden gowy bolmaz. Şoňa görä, biz nätmeli?! Elbetde, Gün
ulgamyndan çykyp gitmeli bolarys, diýmek adamzat başga ulgama
ewakuwasiýa edilmeli. Ynha, bu iňňän kyn wezipäni amala aşyrmak üçin
bir giden çäreleri işläp düzmeli. Bu çäreler nämelerden ybarat? Ilki bilen biz
başga Gün ulgamyndan on bäş milliýarda golaý adam ýerleşip ýaşap biljek,
tebigy şertleri biziňkä meňzeş planetany gözläp tapmaly. Ikinjiden şonça
adamy täze planeta göçürmek üçin transport seridşdelerini döretmeli.
Ynha, esasan şu iki meseläni çözmek, üçin gaty kän akyl-paýhas gerek.
Şoňa görä, Beýik Geňeşiň agzalarynyň ählisi şol iki meseläni çözmek
baradaky çäreleri işläp düzmäge çekiljekdir. Şonuň bilen men sözümi
gutarýaryn, häzir şu mesele bilen öňüräkden tanyş bolan hem-de şu günki
mejlise öz pikir we tekliplerini taýarlap gelen Gün Akademýasyndan alty
sany alymyň nutuklary diňlenjek. Soňra şu nutuklar boýunça erkin çykyp
geplemeler bolar.
Başlyklyk ediji çykyş üçin alymlaryň birine söz berip, özüni kürsüsine
goýberdi. Kapitan Nur sag ýanynda oturan professor Gemiň ýüzüne seretdi.
Onup ýüzi ak daşa dönüpdi. Nur onuň böwrüne ýuwaş dürtdi-de: «Gem, sen
gaty ir namartlaýaň-la. Bu aýdylýan gürrüň biziň neslimiziň döwründe
boljak däl, ahyryn»-diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Gem gözünden ullakan
äýnegini alyp elýaglygy bilen ýüzüniň derini syrýarka:
- Men özümiň däl, geljekgi nesillerimiziň gaýgysyny edýän- diýip
hüňňürdedi.
-Berekella - diýip , Nur onuň arkasyna kakdy. Muňa Gemiň gahary gelip,
dym-gyzyl boldy. Şundan soň kapitan Nur oňa başga zat diýmedi. Ünsüni
çykyp gepleýänleriň sözlerine berdi. Ilkinji çykyş eden alym esasan
adamzada täze mekan bolup biljek planetany haýsy koordinatlardan
gözlemelidigi barada gürrüň edýärdi. Ondan soňky çykyp geplän täze
planeta gözläp, wagty ýitirip artykmaç energiýa sarp edip ýörmegiň geregi
ýokdugy, öň açylan planetalaryň iň amatlysyny saýlap almak boljakdygy
barada durup geçdi. Bu iki nutukdan soňra çykyp geplemeler başlandy. Ol
juda dartgynly hem-de jedelli geçdi. Söze çykanlaryň bir topary öň açylan
planetalaryň tarapdary bolup gürleseler; ýene bir topary bu pikire garşy
179
çykyp, ol planetalaryň hiç haýsynyň hem juda bir amatly däldigi, olaryň
Gününiň hem ömri biziň günümizden uzak däldigi, şonuň üçin zähmet
çekilenine görä, gowsundan-gowsuny gözläp tapmak barada gep
nokatladylar. Şonuň bilen mejlis özüniň şu günki işini tamamlady. Ertirki
mejlis ir sagat sekize bellenildi. Kapitan Nur öýüne geleninde agşam sagat
onbire golaýlapdy. Deýa onuň otaga girmegine-de howlugyp, dälizde
soraga tutdy:
-Nur, eýgilikmidir?! Mejlisde haýsy meselä seredildi?
Kapitan Nur entek mejlisde edilen gürrüňleriň täsirinden gutulyp bilmändi.
Öýe geleninden aýalynyň şeýle sowal berjegini bilýänem bolsa, oňa näme
jogap berjekdigi barada oýlanmandy. Şonuň üçin ol bir bada oňa näme
diýjegini bilmän ýaýdandy.
-Saňa näme diýsemkäm, Deýa... Umuman, mejlisde seredilen meseläniň
saňa geregi ýok. Gowsy, sorama, men ony aýdyp biljek däl.
Kapitan Nuryň beýle jogabyndan soň, Deýanyň bilesigelijiligi beter
artdy.
-Beý, näme üçin aýdyp biljek däl? Köne zamanlarda ýer ýüzünde dürli
döwletler barka, döwlet syry, harby syr, diýilýän zatlar bolýan ekeni. Biziň
zamanymyzda nähili syr bolup biler?
Kapitan Nur kibtini gysdy. Biziň zamanymyzda-da syr saklanylmaly
zatlar bolýan ekeni, Deýa. Şonuň üçin haýyş edýän, menden başga hiç zat
sorama. Gowsy maňa bir stakan kofe ber, ýadadym, kofe içsem
ýadawlygym aýrylar....
Häzir ärinden gep alyp bilmejekdigine Deýanyň gözi ýetdi.
Geplemän aşhanasyna girip gitdi. Nur hem uly otaga geçip, özüni ýumşak
kürsä atdy. Kürsüsini otagyň bir burçundaky tele ekrana bakan aýlady. Tele
ekranda Marsdaky atom elektrostansiýasynyň ýyladyşhanalarynda
ösdürülip ýetişdirilen suptropik miweli ösümlükleriň hasylynyň ýygnalyşy
barada reportaž görkezilýärdi. Kapitan Nur tele ekrana biparh seredip
otyrdy. Sebäbi onuň beýnisinde başga oýlar, başga pikirler at salýardy. Ol
şu günki mejlisde seredilen mesele hakda öňem oýlanýardy. Haçanam bolsa
adamzadyň şu problema bilen ýüzbe-ýüz boljagyny bilýärdi. Emma ol bu
hakda oýlananda ony öz nesiliniň döwründe çözmeli bolar diýip ol hakda
pikir hem etmeýärdi... Bu problema entek daşrakda, ony bizden soňky
nesiller çözmeli bolarlar, diýip çak edýärdi. Emma oslanmadyk ýerden, ine
şu gün bu mesele orta atyldy.
Näme üçin beýle tiz? Hakykatdanam Günüň bize hyzmat edýän
müddeti gutaryp barýarmyka? Şeýle bolýan bolsa biziň ygtyýarmyzda näçe
wagt galdyka? Ýaňy mejlisde başlyklyk ediji, entäk gaçara-kowara wagt bar
diýip aýtdy. Emma bu wagt anyk aýdylmady. Hiç kim bu hakda sorag hem
180
bermedi. Sorag berilende-de aýdylmazdy. Sebäbi esasy syr saklanmaly zat
hem şol!
Deýa iki stakanda kofe göterip girdi.
-Nur, kofe ýadawlygyň aýyrar weli, ukyňy gaçyrar.
Nur geplemän stakanlaryň birini alyp, onuň içindäki altyn çaýylan
çemçäni aýlap başlady. Aýaly oňa ýene söz gatdy:
-Nur, seň şu günki bolşuň-a üýtgeşik.
-Üýtgeşik dagy däl, göwnüňedir.
Deýa Nur kofesini içip bolýança bilesigeljiligini kanagtlandyrjak
bolup, her hili edip gördi. Bolmady, Nur Beýik Geňeşiň mejlisinde
seredilen mesele barada dil ýarmady. Är-aýal ýatylýan otaga geçip, goşa
krowada çykanlaryndan soň hem Deýa ýene bir synanşyk etdi. Ol äriniň
boýnundan gujaklap, aýratyn bir mähir bilen saçlaryny sypalady... Nur
biygtyýar ýylgyrdy. ,,Bu aýallar ýene-de müň ýyldan soňam şunlugyna
galarlar diýip, ol içini gepletdi. Onýança Deýa hereket bilen başlan
maksadyny sözde beýan etdi:
-Ezizim Nur, ikimiziň aramyzda nähili syr bolup biler?! Ikimiz bir
jan, bir ten diýen ýaly ahyryn.
Kapitan Nur aýalynyň äheňine laýyk äheň bilen jogap berdi:
-Ezizim Deýa, senem düşünsene. Bu syr meň syrym däl. Ol Beýik Geňeşiň
syry. Şonuň üçin ony saňa aýtmaga hakym ýok.
Deýa gahar eden kişi bolup, arkasyna öwrülip ýatdy:
-Aýtmasaň, aýtma. Men ony barybir bilýän.
-Bilýän bolsaň, aýt. Men onuň dogry ýa nädogrudygyny aýdaýyn.
Deýa ýene bärsine öwrüldi, tirsegine galdy:
-Aşakky gatda ýaşaýan ol astronawtyň aýalyndan hemmesini eşitdim...
Onuň äri golaýda uzak sapardan geldi -diýip, Deýa pyňkyryp göýberdi.
-Munuň nämesi gülküli? -diýip, Nur aýalynyň ýerliksiz gülküsiniň sebäbini
sorady.
-Näme diýsene, öň ol aýal ärinden ýigrimi ýaş dagy kiçi ekeni. Özem, ,,
Ärim menden pylança ýaş uly, meň deňim däl” diýip zeýrenýän ekeni. Indi
bolsa ol ärinden on ýaş uly bolup galypdyr. Kosmosda, uly tizlikde geçýän
wagt bilen ýerde geçýän wagtyň tapawudyna seret-le! Äri hem aýalynyň
nägileligini aňan bolmaga çemli, ýaşyny aýalynka deňlejek bolup ony özi
bilen bile alyp gitmändir. Ýere dolanyp geleninden soň görüp otursa netije
onuň isläninden has artyk bolupdyr.
Kapitan Nur aýalynyň gürrüňini üns berip diňledi. Emma esasy
aýdylmaly zat galyp, gürrüňi başga tarapa sowup goýbereni üçin aýalyna
igendi:
-Ýeri sen indi ärinden on ýaş uly aýaldan näme eşitdiň? Şony aýt!
181
Ol aýal senden gowy bilmez ahyry. Özüň aýdaýsana... Bolýar, bolýar
gözüňi alartma, aýdaýyn. Onuň aýtmagyna görä, älemiň uzak bir burçunda
biziňkä düýbünden meňzemeýän bir siwlizasiýa ýeriň koordinatlaryny
anyklapmyşyn. Olar bir näçe kosmik gämilerde, bize tarap gelýärmişin.
Olaryň näme niýet bilen gelýäni belli dälmişin. Şonuň üçin Beýik Geňeş
olara garşy uruşmaly bolaýsa, ýarag-enjam taýýarlap goýmak barada pikir
edýärmişin. Şu günki sereden meseläňizem ine şol bolmaly. Beýik Geňeşiň
agzasy bolan kişi bolup, senem menden syr saklajak bolýaň.
Kapitan Nur oýunlyga salyp, aýalynyň owadan burnuny gysdy-da şeýle
diýdi:
- Seniň şol adýan aýalyň beýnisinde akyl diýen zat bolanynda özünden
ýigrimi ýaş uly ärinden on ýaş uly bolup oturmazdy. Sapara äri bilen bileje
giderdi, Kosmos tizliginde geçýän bir sagat wagtyň ýerde geçýän onlarça
sagada deňdigini indi birinji synpyň çagalary hem bilýär ahyryn. Şeýle
bolansoň sen ol aýalyň gepine ynanyp ýörme. Beýik Geňeşiň mejlisinde
beýle meselä seredilenok.
Deýanyň lapykeç boldy. Ol näme diýjegini bilmän bir salym dymyp
ýatdy.
- Ol däl bolsa, başga bir ,,myş” bardy. Şodur onda.
-Näme ,,myş?”
-Beýik Geňeş maşgala, aýal-erkek gatnaşyklaryna-da seretjekmişin
diýýäler.
- Onuň nämesine seretmelimişin?
-Käbir adamlar, ynha, ikimiz ýaly maşgalanyň köne formasyny ýagny
nikaly formasyny saklaýarlar. Käbir adamlar bolsa azat şähsyýet hökmünde
erkin gatnaşyklar edýärler. Olardan önen çagalar hem jemgyýetçilik
jaýlarynda terbiýelenilýär. Bir bütewi jemgyýetde beýle iki hili formanyň
bolmagy mümkin däl. Beýik Geňeş olaryň birini seçip alyp, şony-da
ýaşaýşyň mejbury formasy edip girizjekmişin diýen gürrüň bar.
-Muny haýsy samsyk aýtdy? Ýadyňda berk sakla. Beýik Geňeş hiç haçan
hiç zady adamlaryň boýnuna mejbur edip dakmaz. Biziň zamanymyzda,
şahsyýet bütinleý erkindir. Ýöne ikimiziň öňki ýaly ýaşaýşyň gulçulyk
formasy hem ygtyýarlydyr, ýagny men öz ygtyýarym bilen seniň guluňa
öwrüldim –diýip, kapitan Nur gürrüňiniň soňuny degişmä sowdy. Deýanyň
bilesigeljiligi içini it bolup ýyrtsa-da, syryň nämeden ybaratdygyny häzir
bilip bilmejegine düşündi. Soňra yşygy söndürip, är-aýal rahat uky arzuwy
bilen gözlerini ýumdular.
Emma kapitan Nuryň gözüne uky gelmedi. Çäksiz älemdäki dynygsyz
dürli hereket ýaly onuň beýnisinde hem dürli oý-pikirler at salýardy. Ýer
indi nähili bolýar? Millionlarça ýyllar dowam edip gelýän siwilizasiýa,
ylym hem-de tehnikanyň görlüp-eşdilmedik derejede ösmegi netijesinde
182
adamzat iňňän ägirt gudrata eýe boldy. Indi şeýle gudratly güýji bilen
boljak heläkçiligiň öňüni alyp bolarmyka? Şu günki Beýik Geňeşiň
mejlisinde beýan edilen pikirleriň hiç haýsysy Nuryň maňzyna oturmady.
Ýeriň on bäş millýard ilatyny başga planeta, onda-da başga ulgamdaky
planeta göçürmek oýunjak iş däldi. Munuň üçun millionlarça transport
sereşdesi gerekdi. Beýle serişdäni döretmek we ewakuwasiýany amala
aşyrmak üçin, azyndan ýüz ýyla golaý wagt gerek boljak. Adamzadyň
ygtyýarynda galan wagt bolsa elbetde iki-üç esse köpdür. Beýik Geňeşde
galan müddet barada açyk aýdylmasa-da, has öňünden gaçylýanlygy
duýduryp durdy. Şeýle bolan soň mikro dünýä-de, makro dünýä-de beýik
ylmy ýeňişler gazanan adamzat öňünde duran bu kyn wezipe-de hötde gelip
biler.
Emma...Emma... Birden onuň ýanyna bir wagtky gören gadymy
kinofilimleriniň
biri düşdi. Ol filimi Beýik alym Abureýhan Biruni
hakyndaky filimde Biruni ilkinji gezek Ýeriň togalak şekilini ýasaýar, ony
Horezm şasyna görkezmek üçin bir näçe adam bolup göterip alyp
gidýärler... Adamlar ýeriň ulakan şekilini Beruniniň öýünden şanyň köşgüne
göterip eltýärler... Ine, çözgüt! Onuň beýnisine bir üýtgeşik pikir gelip
ýerinden böküp turdy:
-Näme üçin biz, ýeri taşlap gaçmaly? –diýip gygyryp göýberenini duýman
galdy. Äriniň bolşuna aňk-taňk bolan Deýa hasyrdap turdy, yşygy ýakdy.
-Saňa näm bolýar, Nur? – diýip, ol haýran galmakdan gözlerini tegeläp
ärine seretdi. Kapitan Nuryň görnüşi üýtgeşikdi. Gözleri ýanyp, dodaklary
tirpildeýärdi.
-Deýa, düşünýämiň, olaryň aýdýanynyň bary biderek! Biz hiç ýaňa göçmeli
däl, ene ýeri taşlap gaçmaklyk namartlyk bolar ahyryn! Ol edýän gürrüňiniň
syr saklanmalydygyny, ertirden bäri ony aýalyna-da aýtmandygyny hem
unudypdy. – Sen bir pikir edip, gör, Deýa eger öýüňi ot alsa, eneňi taşlap
äpişgeden çykyp gaçmak bolarmy?! Ýok. Mert adam beýtmez. Ol ot alýan
öýden enesini hökman göterip alyp çykar. Bizem şeýtmeli! Ene ýeri taşlap
bolmaz!
-Ezizim Nur saňa näme boldy, sen nämäniň gürrüňini edýäň? Seniň
gyzgynyň aşaýan bolmasyn – diýip, Deýa äriniň maňlaýyny tutup gördi.
Diňe şondan soň Nur özüne geldi. Syr saklamaly zatlary duýdansyz aýdyp
göýberenini aňdy. Ol aýalyna müýnli seredip:
-Bagyşla Deýa ! Men birneme bulaşdyraýdym öýdýän – diýip, dymdy.
Äriniň bu bolşy Beýik Geňeşiň şu günki mejlisinde seredilen mesele
zerarlydygyny pähimdar Deýa düşündi. Ol äriniň elinden çekip ýerinde
ýatyrdy. Emma yşygy söndürmedi. Tirsegine galyp onuň gözlerine göni
seretdi.
- Sen syr saklamaly zady aýdaýdyň-a, indi nätjek? – diýip Deýa kinaýaly
183
äheňde dillendi.
-Sen näme meň diýenlerimden bir zat düşündüňmi? – diýip hüňňürdedi.
-Elbetde düşündim – diýip, Deýa ýylgyrdy.
-Hudaýa şükür hiç zada düşünmänsiň, düşnen bolsaň ýylgyrmazdyň. Sen
beýdip meniň başymy aýlajak bolma, men barybir aýtmaryn – diýip,
kapitan Nur gözlerini ýumdy.-Yşygy söndür!
Deýa uludan demini alyp lapykeçlik bilen yşygy söndürdi.
Beýik Geňeşiň ikinji mejlisi bellenilen wagtda, ir sagat sekizde başlandy.
Onda ýene Gün Akademiýasynyň iki sany alymy nutuk bilen çykyş etdi.
Nutuklaryň biri ewakuasiýa üçin zerur bolan transport serişdelerini gurmak
meselesine bagyşlanan bolsa, ikinjisi şol transport serişdelerini herekete
girizýän energiýa çeşmesi baradady. Kapitan Nur bu mejlise düýnküsine
garanda has başgaça ruh bilen gelipdi. Adamyň ruhy dünýäsi onuň keşbini
hem özgerdýär diýýänleri çyn bolmaga çemeli. Onuň ýüzi-gözünde
üýtgeşik bir gujur-gaýrat mesaňa görnüp durdy. Onuň bu günki bolşuna,
professor Gem hem birneme geň galdy:
-Nur, gije gaty üýtgeşik düýşler gören bolmaga çemeliň-ow – diýip, ol gep
oklady. Kapitan Nur onuň sözüne jogap bermedi. Nutuklary üns berip
diňleýänden bolup gözüni münbere dikdi oturdy. Emma şol pursatda onuň
beýnisi iki wezipäni ýerine ýetirýärdi. Bir wagtyň özünde hem-ä nutuk
diňleýärdi, hem-de pikirlerini bir sapaga düzüp çykyşynda aýtjak sözlerini
jemledigi saýyn, şonça-da tolgunýardy.
Nutuklar gutaryp, çykyp geplemeler başlandy. Emma kapitan Nur orta
atjak bolýan pikiri bilen ilkinji bolup çykyş etmäge ýürek etmedi. Birinji
bolup söze bir filosof çykdy. Uzyn boýly, kellesi takyr, sada, mylaýym bu
adamy kapitan Nur öňden tanaýardy, onuň adyna Tal-Dal diýýärdiler. Nur
onuň bilen oturşyp-turşyp görmedigem bolsa, özünde ol adama ruhy
ýakynlyk duýýardy. Aýratynam Nur onuň Beýik Geňeşde edýän
çykyşlaryny halaýardy. Ol elmydama akylly pikirleri, jemgyýet üçin
peýdaly maslahatlary bilen köpçülikde uly täsir galdyrýardy. Tal-Dal
münbere çykanynda kapitan Nur ünsüni jemläp, oňa seretdi. ,,Bu näme
diýerkä” – diýip, içini gepletdi.
- Gadyrly Beýik Geňeşiň agzalary- diýip, professor Dal pikirlerini jemleýän
ýaly bir sellem sägindi-de, jemendä göni bakyp, gürledi. -Hakykatdanam
adamlaryň öňünde iňňän çylşyrymly, emma entek deňi-taýy bolmadyk
biçak uly wezipe dur. Materialistik filasofiýada dünýäniň döreýşi we onuň
rowaçlanyş kanunlary aýdyň beýan edilen. Şol kanunlary açan hem-de ony
öz peýdasyna ulanyp gelýän adamzat dünýäniň eýesi bolup geldi. Meniň
pikirimçe, ol mundan beýlägem eýeçiligi elde saklar. Emma bir zat bar.
Geçmişde adamlar, tebigatyň käbir kanunlaryny özgertjek bolup synanşyk
etdiler. Kä halatlarda bu synanyşyklar üstünlikli amala aşyryldy. Meselem,
184
genetika boýunça gazanylan biçak uly ýeňişleri ýatlalyň. Bu ýeňişler zerarly
adamzat özüniň neslini fiziki taýdan bir deň kämil derejä ýetirdi. Gadymy
ýigriminji asyrda adamyň ortaça ömri ýetmiş ýyl bolýan bolsa, biziň
eramyzda adamyň ortaça ömri üç ýüz ýyla ýetirildi. Biz bu ýeňişleri
genleriň mikro dünýäsine girmek bilen we ol ýerdäki ýagşy-ýaman
hadysalara düşünip, ýamanyň ýerini ýagşy bilen çalşyryp, adamzadyň kämil
tohumyny döretdik. Ine, şeýle ajaýyp işleri amala aşyran biz Günüň
jümmüşinde bolup geçýän prosesleriň düýp sebäbini anyklap, şu prosesleriň
tizligine päsgel bermegi, şeýdibem Günümiziň ömrüni ýene milliard ýyla
uzaltmagy başarmarysmy?!
Professor Tal Dal şeýle bir näçe soraglary orta atyp, sözüniň soňyny
optimistik äheň bilen jemledi.
Filosofdan soň ýüregini bire baglan kapitan Nur söze çykdy. Ol münberden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 16
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.