Latin

Powestler - 17

Total number of words is 3926
Total number of unique words is 1887
34.1 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Düşnükli. Ýöne men bir zada düşünemok, hormatly mugallym. Näme üçin
şol döwürde iki düzgüne bölünip, öz başyna bir entek döwlet bolup
ýaşapdyrlar? Dünýäni bir merkezden dolandyrylýan bir bütewi düzgüne
öwürmäge näme päsgel beripdir?
Miniň soragy Deýany çynlakaý alada goýdy. Ol bu kyn soraga nähili jogap
berjegi we bu jogabyň sada hem-de düşnükli bolmagy barada pikirlenip, bir
salym dymdy. Soňra:
-Sen ýeriňde oturaý Min - diýip, özi ýerinden turdy. – Çagalar Miniň soragy
hemmäňizi-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Hawa, adamzadyň asly gelip
çykyşy bir, gurluşy bir. Hemme adam hem enesiniň ak süýdüni emip
kemala gelýär. Şeýle bolansoň näme üçin bir kiçijik planetanyň ýüzünde
agzybirlik bolmandyr. Ol gandöküşikler, ýaraglanyşyklar nämä gerek
bolduka? Munuň sebäbini hususy mülk, şahsy eýeçilik, birek-biregiň
üstünden häkimlik etmek diýilýän zatlardan gözlemeli. Şol asyrlarda
dünýäniň deň ýarsynda milli baýlyklar aýry-aýry adamlaryň elindedi.
Dünýäniň ýüzüni birleşdirmek üçin ilki bilen hususy mülki ýok edip, ähli
milli baýlyklary halkyň mülküne öwürmelidi.
Deýa okuwçysynyň soragyna has sada, has düşnükli jogap bermek
maksadynda gürrüňi şeýle başlap, iki düzgüniň tapawudyny giňişleýin
beýan etdi.
*****************
Kapitan Nur ornuny kömekçisine tabşyryp, özüniň dynç alýan otagyna
geçdi. Kosmosda gije we gündiz bolmanlygy üçin şertli suratda ýigrimi dört
sagatlyk wagt bellenilip, şonuň belli bir böleginde ekipažyň agzalary nobaty
bilen dynç alýardylar. Nobat kapitan Nuryňkydy. Şol pursatda ol özünde
ýadawlyk duýmasa-da, beýnisindäki dürli oýlaryň agramy bilen diwana
gyşardy:
Tebigatyň kanunlary gaty täsin. Adamzat zeminiň ýüzünde, Güniň
196
töwereginde näçe million ýyldan bäri ýaşap gelýärdi. Indi bolsa älemiň
başga bir burçundan özüne we ene Ýerine mekan gözlemeli. Hawa, ene
Ýere mekan gözlemeli... Bu ideýa kapitan Nura Beýik Geňeşiň mejlisler
zalynda has amatly, ony amala aşyrmagyň artykmaç kynçylyklary ýok ýaly
bolup durdy. Indi Kosmosyň giňişliginde bolsa onuň öňki pikiri üýtgedi, has
dogursy özüniň şol ideýasyny durmuşa geçirip boljakdygyna ynamy
gowşady. Emma ol nähii bolsa-da, özüniň orta atan pikirinden dänmeklik
mümkin däldigini bilýärdi. Şonuň üçin ol özünde peýda bolan beýle ejizligi
ýeňmek üçin ýerinden bökip turdy-da bir burçda duran äpet ekranyň
düwmejigini basdy. Otagyň içinde ýakymly aýdym-saz ýaňlanyp, ekranda
onuň eý görýän artistleri peýda boldy. Ol sazyň lezzetine iki ýana çaýkanyp,
äpet ekranyň garşysyndaky kürsüde otyrdy.
Otaga duýdurman Deýa girdi. Ol aýak ujunda ýöräp gelip, iki eli bilen
äriniň gözlerini tutdy. Kapitan Nur onuň ellerinden gaýym penjeledi-de,
ýerinden turup, gujagyna basdy. Deýa äri bilen şeýle oýun edýän mahalynda
edil ýaş çaga ýaly begenýärdi. Onuň gujagynda bolsa özüni biçak bagtyýar
duýardy. Şeýle pursatlarda ol özüniň ene Ýerden, ol ýerde galan milliardmilliard zemindeşlerinden üzgeňeligini hem unudýardy. Söýgi şeýle
gudratly zat. Onuň bilen ýaşasaň hemişe jansyz kosmos giňişliginde hem
adam özüni bagtly duýýan ekeni. Deýa äriniň gujagyndan çykyp, ekrany
öçürdi-de:
-Bilýämiň, bize häzir kim geljek? – diýip, Nuryň göreçlerine gülümsiräp
garady.
-Bilemok. Kim?
- Professor Tal Dal.
-O! Gaty gowy. Ony şu ýerde kabul edýäsmi?
-Isleseň şu ýerde. Bolmasa meniň otagynda.
-Ýok şu ýer gowy. Sen kofe taýýarla. Oňa çenli men şu kiçijik stolyň
üstünde iýer ýaly ojuk-bujuk goýuşdyraýyn.
Deýa gapydan çykanyndan aňyrdan Talyň sesi eşdildi:
-Men bimahal gelemokmy, ezizim Deýa?
Kapitan Nur ony gapynyň öňünde garyş aldy.
-Geliberiň. Siz bimahal gelýän adamlardan däl. Ýöne Deýa stoly taýarlap
ýetişmedi.
-Meniň üçin hiç zat gerek däl, ezizim Nur. Birje çaşka kofe, on gap gep
bolsa besdir.
Olar otagyň bir burçundaky ýumşak kürsülerde ýerleşdiler.
-Kofeni häzir getirer, gep diýeniňiz bolsa taýýar. Gep gaplaryň agzyny
açsak bolany -diýip, kapitan Nur myhmanynyň degişmesine degişme bilen
jogap berdi.
Görüşmänimizden bäri-de üç gije-gündiz bolaýdy öýdýän, kapitan.
197
-Ýeri, Ýerden näme habar bar?
-Üýtgeşik habar ýok. Barýan ugrumyz barada maslahatlaşyp durus. Ýöne
«Jeýhuny» silterlän çekiş güýjüniň täsirinden çykjak bolup eden düýnki
hereketimiz üçin biraz käýediler.
-Käýediler diýseňiz-le. Olaryň pikiriçe näme iş etmelikä?
-Biz çekiş güýjüniň täsirinden çykjak bolup, bellenen ugurdan bir neme çete
çykaýdyk. Aslyýetinde beýtmän, gäminiň garşylyk güýjüni iki esse
köpeldäýmeli ekeni.
-Şeýle diýseňiz-le.
Deýa üç çaşka kofe getirip, erkekleriň öňünde goýdy, golaýdaky kürsüni
süýşürip özem oturdy. Soňra myhmana mürähet etdi:
-Professor kofe sowamanka içiň!
-Sag boluň, ezizim. Kofeni içeris – diýip, ol çaşkany eline aldy. Soňra
kapitan Nura bir hili ünjüli seredip:- Ezizim Nur, uly kosmosa çykalymyz
bäri meni bir pikir gaty biynjalyk edýär – diýdi.
- O näili pikir?
-Biziň etjek bolýan işimiz kofe içmek ýaly aňsatjak dälmika öýdýän.
Kapitan Nur professor Talyň näme diýjek bolýanyna gaty gowy düşündi. Ol
uludan demini aldy-da, ýaňyja özüniň ýüreginde bu barada dörän şübheleri
kowandygyny ýatlap, kinaýaly ýylgyrdy.
-Ýylgyran bolýaňyz welin, emma bu äpet kosmosyň oýny gaty kän ekeni,
her ädimde duş gelýän özüne çekiş güýçleriň arasyndan Ýerimizi alyp
geçmek mümkin däl bolsa gerek.
-Professor, siz meniň ruhymy götermekden ötri, meni ruhdan düşürjek
bolýaňyzmy?
-Ýok, ýok. Asla beýle däl -diýip, professor Tal howlukmaç jogap berdi. Ýöne ezizim, hakykata real göz bilen seretmek hem gerek ahyryn.
-Eger siziň gorkýanyňyz diňe özüne çekiş güýçleri bilen metoritler bolýan
bolsa, olardan arkaýynja bolaýyň. Sebäbi Ýer ýumruk ýalyjak gämi däl.
Oňa her niçik çekiş güýji hem täsir edip bilmez. Ownuk meteoritler ýeriň
atmosferasyna gireninden ýanyp kül bolar. Iri meteoritler bolsa ýörüte
guralan enjamlaryň güýji bilen ýok ediler. Onsaňam, professor, ýeriň uly
kosmosa sapary siziň bilen meniň döwrümde amala aşyryljak iş däl.
Geljekde ylym ýene artar.
-Ony bilýän-le.
Bilýän bolsaňyz, biziň häzirki etmeli işimiz Ýeriň baryp ýerleşjek täze
mekanynyň koordinatlaryny anyklamakdan ybarat. Biz özümiziň şu taryhy
missiýamyzy amala aşyryp bilsek, geljekki nesiler bizden razy bolarlar.
Professor Tal Dalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Elindäki kofeni yzly-yzyna
owurtlap, çaşkany stola goýdy-da, kapitan Nura aýratyn bir mähir bilen
seretdi.
198
-Bä! Siziň üçin hiç hili kynçylyk ýok ýaly, ezizim Nur. Ähli zady ap-aňsat
edäýýäňiz. Ýöne, her niçik optimiziň hem real esasy bolmalydyr.
-Onuň real esasy güýç, akyl-paýhas! Hälden bäri äri bilen professor Talyň
çekişmesini diňläp oturan Deýa gürrüňe goşuldy:
-Gadymy ýigriminji asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň biri ,,Kynçylyk ýok,
ejizlik bar dünýäde” diýipdir. Diýmek, gadyrly professor güýjüň, akylpaýhasyň öňünde mümkin bolmajak zadyň özi ýok.
Kapitan Nur aýalynyň sözüniň üstüni ýetirdi:
-Hawa, gadyrdan professor, şahyryň ol setirlerini başgaçarak edip aýdanda,
dünýäde ejizligiň özünden başga kynçylyk ýok. Adam käbir işlere
çemeleşeninde ejizleýär-de, oňa ol iş amala aşyryp bolmajak ýaly bolup
görünýär.
-Bu mesele barada besdir, ezizim. Siz ikiläp ýeňdiňiz – diýip, Tal Dal iki
elini göterip, ýylgyrdy.
Olar ýene-de bir sagada golaý gündelik işler barada gürrüň edip otyrdylar.
Professor Tal gaýtjak bolanynda Deýa ony öz okuwçylary bilen duşuşmaga
we wagt barada gürrüň edip bermäge boýun etdi.
Myhman gideninden soň Deýa:
-Ezizim, indi senem bir salym ýatyp dynjyňy alaý – diýip, otagdan çykdy.
Kapitan Nur diwardaky bir düwmejigi basdy. Şol bada diwaryň bir bölegi
aşaklygyna açylyp, düşek ýazylan krowat emele geldi. Kapitan çykarynyp,
özüni ýumşak düşege oklady. Ol hiç zat barada pikir etmän, tiziräk
uklamaga çalyşdy. Emma gözüne uky gelenokdy. Ene ýer, onuň al-ýaşyl
gülzarlarydyr baglary, şäherleridir, Garagum ýaly sähralary göz öňünden
ýekän-ýekän geçýärdi. Onuň ýüregi dogduk megkanyny küýsäp
gyýylýardy. «Adam hiç haçan hem özüniň tebigy gurluşyny üýtgedip, öz
duýgularyndan daşlaşyp bilmese gerek» – diýip, ol içini gepledýärdi. –
«Ine, men, şeýle ägirt uly gäminiň kapitany, şeýle uly taryhy missiýany
ýerine ýetirýän ekspedisiýanyň başlygy, kä mahal ine şunuň ýaly ýüregi
ýukalyk edip oturberýän. Bu näme, ejizlikmi? Ýok, adam ruhunyň
öwüşgünleri bolsa gerek. Adam şeýle bolmaly, batyrlygy we gorkaklygy
bilen, şol bir wagtyň özünde ejizliginden güýçliliginiň, gorkaklygyndan
batyrlygynyň rüstem gelmegini başarýanlygy bilen hem adam. Hawa, adam
şeýle-de bolmaly. Çünki ol robot däl...»
Kapitan Nur birden tisginip oýandy. Ol bir bada özüniň nirede
ýatanyny-da aňşarmady. Töweregine seredip, illýumenatoryň aňyrsyndaky
ýyldyzlar älemine gözi düşende özüniň ene ýerden juda alysda, çäksiz
kosmos giňişligindedigini, häzirjek gören zatlarynyňam huşunda däl-de
düýşündedigini aňdy. «Be, asyl düýş dagy diýer ýaly däl. Hemmesi edil
huşuňdaky ýaly» diýip içini gepledip otyrka Deýa girdi. Ol äriniň ukudan
turanyny duýup, çaý-suwundan habar tutmaga gelipdi.
199
- Oňat ýatyp turduňmy, ezizim? Nahary şu ýere getirdeýinmi ýa-da umumy
aşhana gidýäsmi?
- Getirdeýinmi, diýem-de özüň gidip getiräý, Deýa. Aşpezlerde kapitan
wezipesinden peýdalanyp, bize artykmaç ýumuş etdirýär, diýen pikir
döremesin. Hawa, şeýdäý. Şu ýerde ikimiz bileje naharlanarys. Deýa
,,bagyşlarsyň” diýen manyda kinaýa gatyşykly mylaýym ýylgyryp, çykyp
gitdi. Ol bir salymdan üsti naharly mäjimäni göterip girdi-de, ony stola
goýýarka:
- Ine, ýoldaş kapitan, siziň mertebäňize zeper ýetirmejek bolup, nahary
aýdyşyňyz ýaly özüm gidip getirdim – diýip, ärine degişdi.
Kapitan Nur naharyň başynda bir hili oýa çümip oturdy. Deýa onuň
bolşuna geň galyp:
- Saňa näme bolýa, Nur? – diýip sorady.
- Üýtgeşik bolan zat ýok, Deýa. Ýöne men täsin düýş gördüm.
- O nähili düýş? – diýip, Deýa bilesigeljilik bilen sorady.
- Düýşümiň täsinligi nämede diýsene, onda maňa biri huşumda hiç haçan
kelläme gelmejek zady aýtdy. Bu zada professor Tal Dal nähili garar-ka? –
diýip, kapitan Nur öňündäki kofeni tiz-tiz owurtlady. Deýanyň bilesigeljiligi
has güýçlendi:
- Be, şeýle gyzykly düýş bolýan ýolsa, ony maňa gürrüň bersene.
- Saňa gürrüň bererdim welin, sen gabanjaňlygyň gozgarmykam diýip
gorkýan.
Kapitan Nuryň bu degişmesi aýalyna özbolyşly täsir etdi. Onuň ýüzünde bir
hili kinaýaly ýylgyryş peýda boldy:
- Düýşüňde men gabanar ýaly işler hem boldumy?
- Boldy – diýip, kapitan Nur gülüp aýtdy.
- Men düýşüňde bolan zady gabanyp durjak däl, gürrüň berseň, arkaýyn
diňlejek, ezizim.
Kapitan Nur agzyndaky naharyny çeýnäp, bir salym dymyp oturdy.
Dogursuny aýdanda kapitanyň düýşünde gören zatlary içine syganokdy, ol
gören düýşüni diňe birine-de däl, bir näçe adamy üýşürip, gürrüň bermägede taýyndy.
- Bolýar, ezizim. Men düýşümi hökman gürrüň bererin. Emma ony
professor Tal Dalyň hem diňlemegini isleýärin. Sebäbi onda Dal bilen jedel
eder ýaly zatlar bar. Şonuň üçin bu gürrüňi, sen garşy bolmasaň, nobatdaky
günüň dynç alyş wagtyna goýaýaly. Onsaňam men häzir ornuma barmaly,
işem ýeterlik. EHM-leriň maglumatyna görä öňümizde gaty uly kwazarlar
bolmaly. Olaryň çekiş güýjüni ýeňip geçmek üçin öňünden çäreler görmek
gerek.
Deýa äriniň pikiri bilen ylalaşmaly boldy.
200
***** **** **** **** *****
Kapitan Nur baş pultyň ýerleşýän otagyna gireninde üýtgeşik bir wakanyň
şaýady boldy. Gäminiň tizligini görkezýän ullakan elektron spidometr
ýanyp-öçip tizligiň aşak gaçýandygyny görkezýärdi. Kapitanyň iki
kömekçisi-de baş pultyň käbir enjamlarynyň nurbatlaryny towlaşdyryp,
tizligiň beýle aşaklamagynyň sebäbini anyklajak bolup jan edýärdiler.
Kapitana gözleri düşenlerinden olaryň ikisi-de deňine ýagdaýy habar
berdiler:
- Kapitan, tizligimiz sekundyna 250 müň kilometrden 150 müňe düşdi.
Sebäbini entek anyklap ýetişmedik.
- Aljyramaň, ýigitler. Sebäbini häzir anyklarys. Belki spidometr bozulandyr.
Ony çalşyryp görmek gerek – diýip, kapitan Nur kömekçileriniň ruhuny
götermäge çalyşdy.
- Ýok, spidometr bozuk däl, kapitan. Hakykatdanam ,,Jeýhunyň” tizligi
aşak gaçdy – diýip, kapitanyň birinji kömekçisi Rut saryýagyz ýüzünde
peýda bolan maýdaja der damjalaryny el ýaglygy bilen süpürdi. Kapitanyň
ikinji kömekçisi Pat bolsa sredanyň halatyny bildirýän enjamlaryň berýän
maglumatyna yşarat etdi-de:
- Serediň, kapitan! Bu ýeriň giňişligi adatdaky ýaly däl. Ol başga hili!
,,Jeýhunyň” tizliginiň peslemegi hem şondan – diýip, öz pikiriniň
goldanmagyny isläp, kapitan bilen Ruta garady.
- Bä, dogurdanam, bu ýeriň giňişliginde bir bela bar ýaly – diýip, kapitan
Nur öňündäki selektriň köp sanly düwmejikleriniň birini basdy:
- Kapitan Nur, gepleýär. Kosmologiýa bölümimi? Professor Tal Dala aýdyň,
häzir meniň ýanyma – baş pulta gelsin.
Aradan bir minuda golaý wagt geçip – geçmänkä professor Tal Dal ýetip
geldi.
- Professor, giňişlik hakyndaky teoriýalary siz gowy bilýäňiz. Giňişlik
nähili bolanda gäminiň tizligine päsgel berip biler? – diýip kapitan Nur
Dala ýüzlendi.
- Gäminiň tizligi peselen bolsa, ony näme üçin giňişlikden görjek bolýäňiz?
Belki , onuň başga sebäbi bardyr – diýip, Tal Dal kapitana sowally nazar
bilen garady.
Kapitan Nur ony goltuklap ýanyp-öçüp duran abzallaryň öňüne eltdi:
- Görýäňizmi, abzallar giňişligiň halatyny başga hili görkezýär. Onsaňam
biz tizlige päsgel berip biljek başga sebäpleri geremizok, professor.
Tal Dal süýem barmagy bilen burnuny üstüni bir salym gaşap durdy. Ol
pikirini jemläp, belli bir karara geljek mahaly şeýle edýärdi. Onuň bu
endigini gowy bilýän kapitan Nur dostunyň agzyna gulagyna dikip garaşdy:
- Meniň pikirmçe, eger tizligiň peslemegi giňişligiň göwrümine bagly bolsa,
onda giňişligiň göwrüminiň gyşarmagynyň hem ähmiýeti uly bolmaly –
201
diýip, Tal kapitan Nuryň ýüzüne seretdi. Onuň garaýşynda «Meniň pikirim
bilen ylalaşýaňmy» diýen many bardy.
Giňişligiň gyşrmagy! Şu teoriýa müň ýyldan bäri baram bolsa men ony hiç
haçan göz öňüne getirip bilemok, Özi giňişlik bolýan bolsa, o nähili
gyşarmaly!
- Ezizim Nur, akyl-paýhasyň gözi bilen görülýän zatlaryň köpüsini ýöne
şeýle göz öňüne getirmek gaty kyndyr.
Kapitan Nur, professor Talyň bu pikiri bilen ylalaşyp başyny atdy:
- Dogry aýdýaňyz, ýöne giňişligiň gyşarmagy diýilýän zat, teoriýa boýunçada älemiň gyrak-çetlerinde bolmaly. Şoňa görä, biziň häzirki uçup barýan
ýerimizde giňişligiň hiç-hili egrelmesi bolmaly däl.
Kapitan Nur sözüni gutaryp-gutarmanka abzallara gözegçilik edip duran,
Pat bilen Put, deňine gygyrdylar.
- Kapitan, serediň! Tizlik ýokary göterilýar, Ana, ikiýüz müň, iki ýüz elli
müň!...
Kapitan Nur üstünden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňil dem alyp, professor Tala
seretdi:
- Jadyly gözeliň gujagyndan sypaýdyk öýdýän – diýip, professor ýylgyrdy.
- Ýöne, ezizim Nur, siziň giňişligiň egrelmegi älemiň seýrek ýerlerinde
bolmaly diýeniňiz bilen men ylalaşman. Öňler giňişlik diýilende hiç zadyň
ýok ýeri ýa-da nämedir bir zatlar ýerleşýän boşluk diýip düşünülýärdi.
Häzir bolsa beýle däl. Alymlar giňişligiň özi-de nämedir bir zatdan
ybaratdygyny, şeýle bolansoň onuň islän ýerinde egrelmeginiň
mümkindigini subut etdiler.Size bu zatlary öwredip oturasy iş ýok-la. Bu
zatlary siz mendenem gowy bilmeli ahyryn.
- Beh, bilişime bilýän-le, professor. Ýöne näme egrelse-de, giňişlik bir
egrelmeli däl,ahyryn.
Kapitanyň degişmesine professor Tal kinaýaly ýylgyrdy:
- Siziň islegiňiz başga, tebigatyň kanuny başga, ezizim Nur. Eger adamzat
wagty gelip, ýeri göçürmeli bolaýsa, olam biziň şu barýan ýolumyz bilen
gaýtmaly bolar. Görşüňiz ýaly, bu ýol gaty bir şa ýolam däl ekeni. Men
siziň bilen bu hakda ýene jedel etmekçi däl ýöne meniň soňky gelen
pikirime görä adamzat soňabaka bu niýetinden el çeker öýdýän.
- Näme sebäpden?
- Onuň sebäbi gaty ýönekeý. Ynha şu gämi kimiň önümi? Adamyň önümi,
ony adam bejerdi. Şonuň üçinem adam oňa erk edip bilýär, ony islän ýerine,
islän tizliginde sürüp ýör. Emma ýeri adam ýasanok, ezizim, ol tebigatyň
önümi, tebigat ony sekunduna 36 kilometr tizlik bilen Günüň töwereginde
pyrlandyryp ýör. Hawa, ol diňe şol hereketi bilen oňmaly bor. Adam ony
başga hili herekete getirmegi başarmaz.
Kapitan Nur ajy ýylgyryp, kellesini ýaýkady:
202
- Professor, size näm bolýar? Öňler siz beýle gürlemeýärdiňiz. Kosmos sizi
barha üýtgedýär. Siziň adamzadyň akyl-paýhasyna, onuň egsilmez güýjüne
bolan ynamyňyz gowşap barýa-la. Gowsy, siz häzir ýeriňize baryň. Sizi bäri
çagyryp, bimaza edenim üçin alyş bagyşlaň.Ýöne bir haýşym bar: meniň
nibatdaky dynç alyş wagtymda biziňkä kofe içmäge geliň. Bir gyzykly
gürrüň bar.
Professor Tal Dal geplemän çykyp gitdi. Kapitan Nur dostunyň näme üçin
beýle ümsüm çykyp gideniniň sebäbine bir bada düşünmedi. «Göwnüne
degäýdim öýdýän. «Gowsy, siz häzir ýeriňize baryň» diýip, gödegiräk
gürläýdim öýdýän» diýip, içini hümletdi. Asylýetinde bolsa, professor Tal
Dal öz aýdan zatlarynyň ýerliksizdigine hem-de ejizligiň alamatydygyny
duýyp, geplemän çykyp gidipdi.
Kapitan Nuryň nobatdaky dynç alyş wagty başlandy. Ol aýaly Deýa bilen
professor Talyň gelmegine garaşýardylar.Professor gaty takyk adam
bolmagyna garmazdan bu gezek näme üçindir bellenilen wagtdan gijä
galýardy.
- Tal Dalyň beýle gylygy ýokdy – diýip, Deýa kofeni çaşkalara
guýuşdurýarka ärine soragly nazar bilen garady. Kapitan Nur aýalyna baş
pultyň jaýynda professor bilen bolan jedeli gürrüň beripdi. Häzir Deýanyň
oňa soragly nazar bilen seretmeginde «Ynha, seniň şol eden gödekligiň
netijesi» diýen many bardy. Edil şol wagt burçdaky kiçijik stoluň üstünde
duran selektre signal geldi. Deýa baryp onuň düwmesjigini basdy. Ondan
professor Tal Dalyň tanyş owazy eşdildi:
- Ezizim Nur, siz öz ýeriňizdemi?
- Hawa, professor, Biz-ä ertirden bäri size garaşýas. Gelibermäniňizden soň
men-ä baş pultyň jaýynda eden o gürrüňmize öýkeledimikä diýip otyryn.
-Ýok-la. Olar ýaly zada öýkekläp, men nä çagamy? Gije galmagymyň
sebäbi has möhümiräk mesele bilen baglanşykly. Biziň bölümimiz Täze
Güniň jümüşindäki termoýadro prossesleriniň häsýeti barada size täze
analiz taýarlaýar. Men şonuň käbir ýerleri bilen gyzyklanyp gördüm.
Bilýäňizmi, netije ýerde edilen spektrial analizlere garanda...
- Hormatly professor – diýip, kapitan Nur, ýumşak äheň bilen selektrden
gelýän owazy kesdi.
- Siz ähli zady maňa radio arkaly gürrüň berseňiz çaý başynda näme hakda
gürleşeris?
- Dogry aýdýaňyz, ezizim Nur. Men häzir bararyn.
Professor Tal Dal aýdyşy ýaly köp garaşdyrmady. Ol gapydan giren badyna
ýerinde oturman Täze Gün baradaky soňky alnan maglumatlaryň kä bir
ýerderini gürrüň bermäge başlady. Kapitan Nur ony üns berip diňledi.
Emma uzaga çeken bu gürrüň Deýany irizdi:
- Hormatly professor, siz indi şu dik duran ýeriňizde leksiýaňyzy okap,
203
çykyp gidiberjekmi ýa-da, otyryp biziň bilen bir çaşka kofe içjekmi?
Professor mylaýym ýylgyrdy:
- Bagyşlaň, ezizim Deýa. Kelläm gyzyşanda men aýtjak zadymy aýdyp
gutarmasam bolmaýar. Men häzir sözümi aýaklaýyn. Onsoň oturyp, hezil
edip kofe içeris. Hawa, şeýdip ezizim Nur, entek analizler doly taýar
bolmasa-da, Täze Günüň töweregi ýaşamak üçin iň amatly ýer, diýip aýtsa
boljak .
Professor Tal Dal sözüni gutardym edip, kapitan Nuryň garşysyndaky
oturgyja geçdi.
- Beren maglumatyňyz üçin köp sag boluň, professor – diýip, kapitan oňa
kofe guýyp uzatdy. –Emma meniň düşünşime görä, bu ýerde alynan
maglumatlaryň ýerde toplanan maglumatlardan prinsipial tapawudy ýok
ýaly. Eger Täze Günüň töweregi öňden ýaşamak üçin amatly, diýip hasap
edilmedik bolsa, onda biziň ekspedisýamyzyň hem geregi ýokdy.
- Dogry, ezizim Nur, ýöne siz bir zady ýatdan çykarmaň. Elmydama-da
teoriýa praktikada synap görülýändir. Biziň bu ýerdäki toplan
maglumatlarymyz praktika has ýakyn. Täze Günüň orbitasyna ýetip
baranymyzda bolsa ol praktiki taýdan çürt-kesik tassyklanar.
Professor Tal Dal kofeni bir owurtlap, Deýa ýüzlendi:
- Berekella, ezizim Deýa, kofe taýarlamaga has ökdeläpsiňiz. Kapitanyň
gujur-gaýratynyň çeşmesi, megerem, siziň kofeňiz bolsa gerek.
- Ýok, hormatly professor, kapitanyň gujur-gaýratynyň çeşmesi meniň
söýgim – diýip, Deýa ärine ,,dogrumy” diýen manyda garady.
Şeýdip, gürrüň ylmy temadan durmuş temasyna geçdi. Şol arada Deýa ärine
gören düýşi baradaky beren sözüni ýatlatdy.
- Hawa, professor, men şeýle bir düýş gördüm, asyl düýş diýer ýaly dagy
däl. Edil huşdaky ýaly, özem durşyna fantastika, fantastika diýýänimiň
sebäbi düýşümde men gadymy ýigriminji asyrda ýaşap ýörenmişim – diýip,
kapitan näme üçindir ýerinden turdy. – Entek ony men Deýa-da gürrüň
beremok. Diňleseňiz häzir gürrüň berjek.
- Düýş diýýäňizmi? – diýip Tal Dal geňirgenip sorady. – Ony gürrüň berip,
menden ýorgudyny sorajak bolýaňyzmy?
- Siz öňünden gülmäň, professor. Men öňürti ony gürrüň bereýin, soň
düýşüm gülküli bolýan bolsa, gülüberiň.
- Bagyşlaň, ezizim Nur. Biz sizi hökman diňläris. Ýöne siz ony oturyp
gürrüň berseňiz gowy bolarmyka diýýän. Ýeriňizde oturaýyň.
Kapitan Nur ýerinde oturdy, demini dürseýän adam ýaly bir sellem dymyp,
soňra gürrüňe başlady:
- Tomsuň petiş gijeleriniň birinde äpet gämide bir okeanda ýüzüp barýarys.
Kaýutanyň pesejik petigine tiňkämi dikip ýatmakdan irip paluba
çykanymda ummanyň ajaýyp gijesi ýüregimde bir hili ýakymly tolgunma
204
döretdi. Sansyz ýyldyzlar bilen bezelen asman gümmezi düňderilip goýlan
äpet käse ýaly görünýär. Mylaýym şemal bedeniňi sypap, jana rahat
bagyşlap öwüsýär. Bir mahal gulagyma şemal bilen bir hiňňildi ilýär. Ony
anygyrak saýgarmak üçin demimi içime ýuwdyp diňşirgenýän. Göwnüme
bolmasa, biri inçe ses bilen aýdyma hiňlenýän ýalydy. Ses gelýän tarapa
bakan assa ýöredim, ýakynlaşdygym saýyn onuň owazy anygyrak eşdilip
ugrady. Görsem, palubanyň aňyrky çetinde serwi boýly bir gyz gäminiň
eňregine söýenip, ýuwaşja aýdyma hiňlenip dur. Onuň arzuwlaryndan doly
heňinden hyýallar ganatyna münüp, uzak-uzaklara seýr edip ýörendigini
aňmak kyn däldi. Ol meniň aýak sesimi eşdip, birden tisgindi, yzyna
gaňrylyp seretdi. Symgylt garaňkyda keşbiniň nähilidigini bir bada
saýgaryp bilmesemem, onuň biçak görmegeýdigini ýüregim syzyp, bütin
ruhyma gözelligiň jadyly täsiri ýaýrady. ,,Saňa kim gerek?” diýen manyda
seredip duran gyza bir zat diýmelidim. Näme diýmeli? Munuň ýaly
ýagdaýda gowsy ötünç soraýmakdyr, diýip içimi gepletdim-de:
- Bagyşlaň, men size päsgel beräýdim, öýdýän – diýdim. Gyz bir hili
şadyýan äheň bilen jogap berdi.
- Ýok, maňa päsgel berip biljek adam bolmaz. Onuň owazynda adamy
tolgundyryjy göze görünmeýän bir zat bardy. Gürrüňi dowam etdirmelidi.
Emma meniň kelläme welin hiç bir ugurly pikir gelenokdy.
Şonuň üçin bolsa gerek, şeýle ýagdaýda ýigitleriň gyzlara aýda-aýda lenjini
çykaran sözüni diýdim:
- Men sizi öňem bir ýerde gören gyzyma meňzedýän.
- Siz meni bir ýerde bir gezek däl, müň ýerde müň gezegem görensiňiz –
diýip, gyz şähdaçyklyk bilen güldi. Ol özüniň akyl-paýhasyna göwni ýetýän
gyzlardan bolmaga çemeli, onda gyzlaryň adatdaky çekinjeňligi, ýygralygy
düýbünden duýulmaýardy, söz äheňi, özüni tutyşy gaty ynamlydy.
Ol gyz sähelçe gymyldasa gözümden gaýyp bolaýmasa ýagşydyr diýip
howatyr edýärdim Çünki ony mümkinçiligi boldugyça saklap,
söhbetleşesim gelýärdi. Sebäbi şeýle görmegeý gyz bilen näme hakynda
gürleşseňem adama ruhy lezzet bagyş etjekdi. Ol gitmekçi bolup, duran
ýerinden gozgandy. Men:
- Bir salym dursaňyz-la, nähili tämiz howa – diýip, haýyş äheňinde aýtdym.
- Dogurdanam, gowy howa – diýip, ol gyz gülümsiredi. Ýöne şeýle gowy
zady iki adam bolup paýlaşyp durandan onuň hözürini ýeke özüňiz göräýiň.
Men-ä gidip ýatjak, dynjymy aljak.
- Aý, bire bolan müňe-de bolar, diýipdirler – diýip, menem gürrüňi degişmä
sowdum. – Şu mahaldan ýatyp näme, barybir, adamyň ömrüniň ýarsy ukuda
geçýärmiş.
- Käbir adamlaryň ömrüniň baryda ukuda geçýär – diýip, gyz ýüzüni kese
sowdy. Men onuň näme diýjek bolýanyna gowy düşündim:
205
- Dogry, şeýle adamlaram bar. Olaryň ömrüne haýpyň gelýär.
Ol meniň bu sözüme ünsem bermedik ýaly etdi-de, deňze tarap öwrüldi,
gözlerini asmandaky ýyldyzlara dikdi. Soňra:
- Siziň öz ömrüňize haýpyňyz gelenokmy? – diýdi.
-Näme üçin haýpym gelmelimiş? – diýip, geňirgenip soradym. Ol maňa
tarap öwrüldi-de, meni synlaýan ýaly bir salym dymdy, soňra:
- Siz özüňüziň kimdigiňizi, bu dünýä nireden gelip, nirä gidýäniňizi hemem
şu gelip-gitme diýilýän zadyň ortasyndaky ömür diýip atlandyrylýan bir
tutam wagtyň syryny bilýäňizmi? – diýdi. Men:
- Bu diýýäniňiz-ä Omar Haýamdan galan köne pelsepe bolmaly – diýdim.
Ol:
- O näme üçin köne pelsepe bolsun. Bu biziň zamanamyzyňam iň täze
pelsepesidir - diýdi.
- Köne bolsa-da, täze bolsa-da, bu pelsepäni çözmek siziň bilen maňa
galmandyr. Şonuň üçin gowsy başga zatlar hakynda...
Ol birden meniň sözümi böldi:
- Bilýäňizmi näme? Men ony çözendirin
- Çözendirin?
- Hawa, özümçe çözendirin.
Dogrumy aýtsam, entek men onuň näme diýjek bolýanyna düşünibem
ýetişmändim. Emma ol meni jadylap, öz täsirine salypdy. Göwnüme
bolmasa bu gyz görlüp-eşdilmedik bir syry özünde gizleýän ýalydy.
- Ýaňy siz meni bir ýerde, bir gezek görüpdim, diýip aýtdyňyz. Menem, bir
ýerde däl, müň ýerde, müň gezegem görensiňiz diýdim – diýip, ol sözüni
dowam etdi. – Siz meniň bu gepimi degişmedir öýtdüňiz. Men bolsa ony
çynym bilen aýtdym. Hawa, siz maňa oňatja serediň-de pikirleniň. Heý,
meniň size ozaldan nätanyş ýerim barmy. Meniň bütin keşbim,
hereketlerim, sözleýşim hemmesi size ozaldan tanyş dälmi näme?
- Öz-ä şeýleräk.
- Şeýleräk däl, şeýle! Sebäbi ozal ikimiz telim gezek duşuşan bolmaly.
Belki, bir wagt men siziň ýakyn tanşyňyzam bolan bolmagymam mümkin.
- Diýýäniňiz näme! Men-ä siziň bilen ozaldan tanyşdygymy hiç ýadyma
düşürip bilemok.
- Siz ony ýadyňyza düşürip bilmersiňiz.
- Näme üçin? Eger bir wagt bolan zat bolsa meniň ýadyma düşerdi, ahyryn.
Hemme gep ine şu wagtda-da!
- Onda özüňiz aýdaýyň. Haçan biz duşuşdyk, tanyş bolupdyk?
- Haçandygyny menem bilemok. Belki müň ýyl, belki million ýyllar
ozaldyr.
- Tüweleme, adam oýnamaga ökde ekeniňiz!
- Men sizi oýnap dagy edemok, gara çynym bilen aýdýan.
206
- Munuň nämesi gara çynmyş-aýt! – diýip, men oňa öýkeli seretdim. Ol
bolsa aýdara söz tapmany üçinmi-ýa-da başga sebäpdenmi esli salyp dymyp
durdy.
Gözýetimden göterilip ugran tegelek Aý ummanyň ýüzüni mermer ýaly
ýaldyradýardy. Hälden bäri lowurdap, biri-birine göz gypyşýan ýyldyzlar
kem-kemden Aýyň şöhlesine gark bolup, öçügsi görünýärdi. Ýaňky gyz
birden dillendi:
- Eger diňleseňiz, men size ýaňky aýdanymyň oýun däl-de, çyndygyny
düşündirjek bolaýyn. Oňa ynansaňyzam ygtyýaryňyz, ynanmasaňyzam
diýdi. Men:
- Diňleýän, gürläberiň! – diýdim.
- Ýöne muny bir bada düşündirmek aňsat hem däl. Meniň bilişimçe siz
baryp ýatan materialist bolmaly. Şoňa görä meniň beýan etjek bolýan
pikirimi düşünmek üçin ikimiz bilelikde ewalusiýa diýilýän zady bir ýada
salyp göreliň. Hany, aýdyň ewalusiýa diýip nämä aýdylýar?
-Ewalusiýa?
- Hawa, ewalusiýa.
- Men özümi darwinimizden ekzamen berýän talyba meňzedip, gülesim
geldi. Emma oňa agraslyk bilen jogap berdim:
- Darwiniň taglymatyna görä janly tebigatyň tebigy seçip almak ýoly bilen
rowaçlanmagyna ewalusiýa diýilýär.
- Umuman dogry. Indi aýdyň, adamzat hem şu janly tebigatyň bir bölegi
hökmünde özüniň ilki peýda bolan döwründen başlap, tä häzirki derejesine
çenli nähili ýol bilen rowaçlandyka?
- Sowalyňyz nähili? Elbetde, adamzat hem ewalýusiýa kanuny boýunça,
ýagny ilki dörän döwründen başlap, durmuşyň, zähmetiň täsiri bilen
nesilden nesle dynygsyz özgerip, rowaçlanyp gelipdir we häzirki hemme
taraplaýyn ösen derejesine ýetipdir.
- Besdir – diýip, ol meniň sözümi böldi-de, özi dowam etdi:
- Siziň diýýän bu ýönekeý hakykatyňyz hemmä mälim. Ýöne mundan başga
ýönekeý bir zat bar. Oňa hiç kim ünsem berenok.
- O nähili zat?
- Şu dynygsyz özgerip, rowaçlanyp gelýän zat bir bütin materiýanyň özi
dälmikä?
- Bu näme diýdigiňiz?
-Beýle diýdigim ewalýusiýa ýagny dynygsyz rowaçlanmak prossesi biziň
häzirki düşünşümiz ýaly nesilleriň rowaçlanyş prossesi bolman ozaldan
tebigatda bar bolan bir bütin materýanyň hut özüniň rowaçlanyş prossesi
bolýan bolaýsa nätjeksiňiz
Onuň pikiri meniň üçin henizem gaty bir aýdyň däldi. Geplemän dymyp
duranymdan ol meniň ýagdaýymy aňan bolmaga çemeli:
207
- Düşünmediňiz öýdýän – diýip, sorady.
- Dogrumy aýtsam düşünmedim. Siz tebigatda ozaldan bar bolan bir bütin
meteriýa, diýip nämäni göz öňünde tutýaňyz?
- Adamzadyň tohumyny – diýip, ol çürt- kesik jogap berdi.- Ol tohum otda
ýanmaýar, suwda eremeýär, göze görünmeýär. Emma ol dumuş diýip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 18
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.