Latin

Powestler - 07

Total number of words is 3781
Total number of unique words is 2139
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Soňabaka Jemşit özüni ýöne bir gyzyň ýanynda däl-de, oduň golaýynda
oturan ýaly duýup ugrady. Ol şol oduň özüne ýakyndygyndan hem lezzet
alýardy, hem oňa bir ýerim degäýmesin diýip ätiýaç edinýärdi. Ýaşlyk
hyjywy bilen dek duryp bilmeýän el-aýaklaryň gapdaljygynda oturan
gyzyň tenine degmejek gümany barmy? Degerdi. Käte eli eline degse, käte
aýagy aýagyna degerdi. Şonda Jemşidiň ýüreginiň alla nirelerinde gizlenip
ýatan pynhan duýgular ýüze çykyp, arkasynda garynja ýörän ýaly bütin
endamy bir hili tisginýärdi. Nurjemal onuň beýle gödeksi hereketine nägile
bolup, seredäýse, Jemşidiň hindileriňki ýaly garaýagyz ýüzi utanjyndan
çym gyzyl bolýardy. Jemşit şeýle bir utanjagam däldi. Gaýtam ol batyrgaý
hereketleri, dilewarlygy
bilen deň-duşlaryndan saýlanýardy. Emma
Nurjemal bilen iki çäk galan pursatlarynda bolsa bu batyrgaýlykdan,
dilewarlykdan nam-nyşan galmazdy. Gyz bolsa onuň bu bolşyny gaty
gowy düşünýärdi, ýöne syr bermeýärdi. Jemşit onuň synçy nazaryna döz
gelip bilmän, soraglaryna jogap tapman aljyran mahallarynda zoraýakdan
ýylgyryp, ýüzüni kese sowýardy. Bu ýagdaý köpden bäri dowam edip
gelýärdi. Şeýlelikde olar tehnikumyň ahyrky kursuna-da geçdiler. Indi bu
ýagdaýyň mundan beýläk dowam etmegi mümkin däldi. Sebäbi Jemşidiň
sabyr käsesi püre-pür bolupdy. Ol pursatyny tapyp, Nurjemal bilen aç-açan
gepleşmekligi ýüregine düwdi. Şeýle pursat hem uzak garaşdyrmady.
Şol gün Jemşit tehnikuma adatdakysyndan bir sagat öň gaýtdy. Ol
okuw başlanýança mugallymyň tabşyran diwar gazetiniň adyny ýazyp,
bezeglerini gutarmakçydy Suratkeşlik işine ökde bolany üçin öz kursunyň
şuňa meňzeş işleri köplenç oňa tabşyrylýardy.
Ir ertir bolmagyna garamazdan, köçelerde bireýýäm janly hereket
başlanypdy. Işine, ýumşuna howlukýan adamlaryň birnäçesi duralgada
saklanan awtobusa ýetişjek bolup ylgaşsalar, başga birleri daz ýasap
barýan taksidir beýleki ýeňil maşynlara ellerini galgadyp saklajak bolup jan
edýärdiler.
Ýöne Jemşidiň pyýadalap barýan ýan ÿodasynda adam
seýrekdi. Ýoluň iki ýan gyrasyny tutup oturan agaçlaryň altyn çaýylan
kimin sarygylt öwüsýän ýapraklary-da seýrekleşipdi.
Güýz aýynyň ertirki tämiz howasy Jemşidiň şähdini açyp, ruhyny
göteripdi. Öz aladasy, işi bilen başagaý bolup barýan adamlaram, agaçlaryň
depesinden assa pyrlanyp gaçýan sarygylt ýapraklaram onuň gözüne birhili
enaýy görünýärdi.
Şol wagt on ädim çemeli arkasyndan tanyş aýak sesi gulagyna ildi.
75
Muňa ýüregi bir tüýsli
atygsap
gitdi. Howa ökjesi beýik köwüşli
aýaklaryň çalasyn ädimlerinden çykýan bu ses Jemşide tanyşdy. Edil tans
ýolyna kakylýan depregiň sesine meňzäp bu aýak seslerini nirede eşitse-de
tanajakdy. Sebäbi iki-üç ýyl bäri ol bu sese gulak gabartýardy.. Gyzyň özü
gözüne görünmese-de, diňşirgenip, aýak seslerine garaşýardy.
Aýak sesleri barha ýakynlaşýardy,
ýakynlaşdygy saýy, onuň
tyrkyldysy Jemşide ýüregine pitiklenen bolup syzylýardy. Jemşit artyk
çydap bilmedi, ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi. Nurjemal hünji dişlerini
güjeňleýän kimin ýylgyryp gelýärdi. Jemşit gyzyň ýylgyryşyna jogap
hökmünde zor edip ýylgyran boldy. Ýöne munuň hakyky ýylgyrşa
meňzemändigini özü-de duýdy. Gyz gelip salamlaşmak üçin elini uzadanda
onuň ýüzündäki ýasama ýylgyryş hem zym-zyýat boldy.
Içki aljyraňňylygyny bildirtmejek bolup jan edýän Jemşit salamdan
soň ilki söze başlady:
-Bu gün ýaman irläpsiň-le, Nurjemal?
-Sebäbi seniň şu gün ir gaýtjagyňy düýn eşidipdim,-diýip Nurjemal
ýeserlik bilen güldi. Jemşit begenjinden howlygyp:
-Çynyňmy? Çynyň bilen diýýänmi, Nurjemal? - diýip özelendi.
-Görüp dursuňa, ýogsam men beýle ir nämişläýin - diýip, gyz
gözlerini güldürip bakdy. Jemşit onuň gözlerine dikanlap seretdi. Gyzyň
gülüp duran gözlerinde diýýän sözlerine kybapdaş gelýän many
ýokdy. Bu gözlerde bütünleý başga derdiň ünjüsi uçganaklaýandygyny
Jemşidiň ýüregi şol bada syzdy. Emma bir garaýşyň manysy
ýürekdäki pynhan söýgi oduny nädip öçürsin? „Belki men ýalňyşýan
bolaýmaýyn“ diýip, Jemşit umyt bilen içini gepledýärdi. Ýok. Jemşit
ýalňyşmandy. Nurjemal, hakykatdanam, şu gün Jemşidiň ir gaýtjagyny
eşidipdi. Şonuň üçinem ol ýola ir çykypdy. Ýöne beýtmekden onuň
maksady başgady. Eginme-egin
ýöräp ugranlaryndan soň, Nurjemal
assa-ýuwaş maksadyna
ýakynlaşyp başlady.
-Jemşit diýýän-ä, men senden bir zady sorajakdym.
-Soraber.
Nurjemal ýaýdanýan ýaly edip dymdy.
-Soraber. Näme sorajak? – diýip, Jemşit gyza synlap seretdi.
Nurjemal dillendi:
Bi.... ýakyndan bäri dostuň ýüzi salyk görünýä-le. Onuň sebäbi
nämekä?
Bir bada Jemşit özüne berlen soragyň düýp maňzyna göz
ýetirmedi.
Ol;
-Haýsy dostumyň? – diýip geňirgendi.
76
Nurjemal oňa ýylgyryp bakdyda:
-Meniň bilişimçe seň ýekeje dostuň bar, Jemşit. Olam Mansur-da
- diýdi. Indi Jemşide bar zat düşünikli boldy. Ol sandyrawyk ses
bilen:
-Mansur diýsene -diýip dymdy. Gyz hem onuň ýagdaýyny aňany
üçin artyk geplemedi. Bir näçe sekuntlap dowam eden bu dymyşlykda
Nurjemalyň köwşüniň ökjesinden çykýan tyrkyldy Jemşidiň gulagyna
indi öňküsinden bütünleý başgaça - ýat bolup eşidilýärdi. Nurjemal
dymmasyny dowam etdirsede, Jemşit onuň jogaba garaşýandygyny
duýdy:
Ol azda-kände özüni ele aldy:
-Mansuryň ýüzi salyk görünýä diýdiňmi? Men-ä şoňa üns
bermändirin. Onuň sebäbi näme bolup biler?
-Sebäbi.... söýýän gyzy bilen tersleşen bolaýmasa.
Jemşit ajy ýylgyrdy:
-Onuň entek söýýän gyzy ýok. Arkaýynja bolaý, Nurjemal.
Gyzyň ýüzi soňky „arkaýynja bolaý“ diýen sözemi ýa
begenjinemi nar ýaly gyzardy. Jemşidiň ýüzi bolsa ak tama dönüpdi.
Nurjemal bilen bolup geçen bu duşuşyk entek ajy-süýjini dadyp
görmedik Jemşit üçin
durmuşyň ilkinji zarbasydy. Ähli umytarzuwlarynyň puja çykmagy oňa barha güýçli täsir edýärdi. Ol şol
gün sapakda nädip oturanyny nämeler geçileneni hem seljerenokdy.
Bir hili aňkasy aşan ýaly dymdy ýördi. Mansur dostunyň serinde
nämedir bir zadyň güýçli täsiriniň bardygyny duýdy. Ýöne sapaklar
gutarýança ol bu hakda dil ýarmady.
Öýe gaýdyşyn Mansur Jemşidi goltuklap, ýoldaşlaryndan
saýlandy:
-Ýeri, halypa, saňa näm boldy? - diýip ol ýoldaşynyň ýüzüne
tiňkesini dikdi.
-Näm bolsun. Hiç zadam bolanok - diýip, Jemşit zoraýakdan
ýylgyran boldy.
-Sen näme meni gözi ýokdyr öýdýäňmi?
Şu gün-ä seň
öňküligiň ýokdugy görnüp dur, ahyryn, aýt näme boldy? – diýip,
Mansur özelendi.
-Jemşit hyrçyny dişläp, dostunyň gözlerine seretdi. Onuň
dodaklary bir zat diýjek ýaly müňküdedi. Ýöne geplemedi. Jemşit
özüniň ret edilmeginde Mansuryň hiç hili günäsiniň ýokdygyny
bilýärdi. Emma şonda-da bäsdeşine häzirlikçe kituwsiz seretmek kyn
düşýärdi. Ýöne ol mert bolmaklyga,
eý görýän dostuna görüplik
etmezlige öz ýanyndan
şert etdi. Indi ol Nurjemalyň
göwnüniň
kimdedigini Mansura aýtmalydy. Ýatsa-tursa kellesine gelmejek bu
77
habary eşiden Mansur näderkä? Elbetde, begenjinden depesi göge
ýeter. Şeýle gözel gyzyň söýgüsine mynasyp bolan ýigidem begenmez
öýdýäňmi? Jemşit içini gepledýärdi. Emma ol bu gezek ýalňyşypdy.
-Näme, agzyňa suw alan ýaly gepläňok - diýip Mansur ortadaky
dymyşlygy bozdy - Aýtsana, saňa näme boldy?
Jemşit häliden bäri aşak salyp gelýän kellesini galdyryp, ýoldaşyna
köp manyly seretdi, soňra:
-Bolýan zady-ha saňa aýtmaly boljak - diýip,
naýynjar
ýylgyrdy.
Ýak walla, senem näziňi çekdirýäň-ow. Aýtmaly bolsa aýt-da diýip, Mansur onuň arkasyna kakdy.
-Aýtsam, eliňi bäri al- diýip, Jemşit Mansuryň elini gaty gysdy –
Tüýs ýürekden gutlaýan!
Mansur geňirgenip sorady:
-Näme bilen?
-Nurjemal bilen. Ol seni söýýär.
Mansur hahahaýlap güldi.
-Bar aýtjak zadyň şumy?
Jemşit Mansuryň
bolşuna
hem haýran galýardy
hem
gaharlanýardy. Ol:
-Saňa ýene näme gerek?-diýip azgyryldy.
-Men-ä täze bir zat aýdarmykaň
öýdüpdim. Men onuň
söýýänini bilýän - diýip, Mansur perwaýsyz gürledi.
Bilýän?! Sen onuñ bilen öňden gepleşip ýörmüň?
-Ýok, entek gepleşemok.
-Onda onuñ söýänini nirden dilýäñ?
-Onuň özi diýýä, her günem diýýä.
Jemşit dostuna öýkeli seretdi:
-Sen näme, meni oýnajak bolýaňmy? Ýaňyja gepleşemok diýdiň.
Indem özi aýtdy diýýäň.
Mansur elini Jemşidiň egnine atyp, ony mähremlik bilen özüne
çekdi:
-Beýle zatlary geplemänem aýtsa bolýar, ahyryn. Akyldarlaryň biri
aýtmyşlaýyn, adymyň diline garanynda-da gözi köp zatlary aýdyp
berer.
Jemşit ulydan demini aldy, dymdy. Ol „Gör men sada ekenim. Bu
oglan maňa garaňda, has akyllyrak, has mekirräk ekeni“ diýip, içini
gepledýärdi. Indi Mansur hem nämedir bir zatlary pikirlenip dymyp
gelýärdi. Jemşit oňa gözüniň gytagy bilen seredip, haýran galýardy:
„Näme üçin ol, sen muny nireden bilýäň? Onuň özi aýtdymy? Haçan
aýtdy? Nirede aýtdy? diýip soraberenok?."...
78
Mansur Jemşidiň bu pikirlerini ýüzünden okaýan ýaly şol wagt
söz açdy.
-Sen muny gaty uzaga çekäýdiň öýdýän. Öňräk gürleşip
düşünişen bolaňda, özüň üçin gowy bolardy. Salgymy suwdur öýdip,
ylgap ýörmezdiň.
Mansur dostuny barha haýran galdyrýardy. Jemşit onuň pähimli,
zehinli oglandygyny öňdenem bilýärdi. Ýöne ony beýle bilgirdir
öýtmeýärdi.
Mansur giň maňlaýyna düşip duran saçyny eli bilen yzyna
gaýtaryp goýdy-da sözüni dowam etdirdi:
-Maňa beýle seretme, halypa. Men seniň göwnüňdäkinem, onuň
göwnündäkinem köpden bäri aňşarypdym.
-Mümkin aňşyransyň...Ýöne meň onuň bilen gürleşenimi nireden
bilýäň?
Mansur ernini gyşardyp ýylgyrdy:
-Öz-özünden görnüp duran zatlary bilmek üçin geniý bolmagyň
geregi ýok, halypa. Gürleşipsiň. Gürleşmedik bolsaň, beýle ýagdaýa
düşmezdiň.
-Eger sen ähli zady öňünden bilýän, görýän bolsaň näme üçin
şu wagta çenli maňa hiç zat aýtmadyň. „Ol seni söýenok, oňa sözüňi
zaýalama“ diýäýseň bolmadymy!- diýip, Jemşit jowrandy.
-Şeýdip aýdan bolsam, ynanarmydyň? Ynanmazdyň. Gaýtam men
hakda gör, nähili pikir ederdiň. Şonuň üçin hiç zat aýtmadym.
Garaşdym. Ine, indi mesele aýdyň boldy - diýip, Mansur dymdy-da,
dostunyň salyk ýüzüne synçylyk bilen garady. Jemşitden hiç bir seza
çykmansoň, Mansur sözüni dowam etdirdi:
-Ýöne, Jemşit, bir gyrnak üçin menden
ýüz öwürjek bolsaň,
häzir aýt!
Jemşit ulydan demini aldy:
-Diýýäniň näme. Näme üçin senden ýüz öwüreýin. Men özümiň
söýülmedigimi bagtymdan görerin. Sende hiç hili günä ýok. Isleseň,
ony häziriň özünde çagyr, gepleş, duşuş.
Jemşit aýtmasa-da, Mansuryň ýüregi Nurjemal bilen tiziräk
duşuşmak, gepleşmek arzuwy bilen joşýardy. Emma ol syr bildirmedi,
sypaýyçylyk bilen gürledi:
-Men howlygamok. Entek pikirlenip görerin: Oňa söz diýmelimi,
ýokmy.
Jemşit onuň sypaýyçylyk edýänini aňmady.
-Hökman diýmeli! Nurjemal ýaly söýgüliň bolsa armanyň näme!
Mansur birhili ahmyrly gürledi:
-Nurjemal ýaly söýgüliň bolmagy oňat, ýöne ähli zadyň şoňa
79
kybapdaşrak bolaýsa-da....
-Ähli zadyňam diýýäňmi? Ýene näme gerek saňa? –diýip, Jemşit
geňirgenip sorady.
-Näme gerek diýişiňi? Eýsem nämämiz bar señ bilen meniň?
Ynha, bulary görýämiň - diýip, ol köçeden geçip barýan maşynlary
görkezdi.-Ine, şulardan her haýsymyza birjegi bolaýsa men Nurjemaly,
senem...
-Görşüň ýaly, maşyn bolaýanda-da meň oňa mündürer ýaly hiç
kimim ýok.
-Maşyn bolsa münjek adam tapylar-la, dostum-diýip, Mansur
Jemşidiň arkasyna kakdy.Bolanyna görä meniň daýymyňky ýaly
şarňyldap duran jaýymam bolaýsa...
Jemşit çynlakaý görnüşde:
-Menem bu zatlaryň bolmagyna garşy däl, Mansur. Ýöne biz o
zatlara ýetmek üçin öňürti okuwy bir gutaraly, onsaňam köp zähmet
çekmeli, ahyry-diýdi.
*****************
Mansur iň soňky synagy tabşyran güni begenjinden öýlerine
aýagy ýere ilmän geldi. Ol dabara bilen öwündi.
-Eje, gutardy!
Ejesi-de oglunyň şatlygyny paýlaşdy:
-Bu-da bäşlikmi, oglum!-diýip sorady.
-Hawa-la!
-Berekella oglum. Hany, şahadatnamaňy göreli, bakaly nähilikä?
Diplommy? Ony entek berenoklar. Ertir gutardyş agşamy bolar,
şonda berjekler.
Ejesi başga hiç zat diýmezden, oglynyň syratyna mähirli gözlerini
dikdi.
Mansur ertesi öýländen gutardyş agşamyna geýip barjak eşiklerini
tertipleşdirip başlady.
Entek könelişmedik kül reňk kastýumyny yhlas bilen ütükledi. Şu
günki satyn alan ilkinji galustugyny düwmek üçin iki sagatlap iş
edinse-de, başarmady, ahyry ony goňşusynka gidip düwdirip geldi.
Taýarlyk işlerini birýüzli edip, özüni synlamak üçin otagyň bir
burçyndaky könelişen ullakan aýnanyň öňüne geçdi.
Açyk asman reňkli
köýnege dakylan kül reňkli galustyk
kastýumyna kybapdaş gelipdir. Başdan-aýak kül reňkli eşik onuň
ýüzini pähimdar adamlaryňky ýaly agymtyl sypata girizipdir. Boljak.
Ýöne welin bu entek edil onuň göwnüdäki ýaly däl-de.
Eger häzir mümkinçiligi bolsady, ol has başgaça geýnerdi.
Onuň gözleri süýji arzuw bilen süzilip
aýnadaky şekline
80
birsellem hyýaly gözi bilen garady:
Şonda onuň üstündäki kastýum, birden şar gara bastona öwrüldi.
Onuň aşagyndan gar ýaly ak ýüpek köýnek, boýnunda gara atlas
galustyk peýda boldy.Tolkun atyp duran gara saçy, ýaýran gara gaşlary
bu geýimleri bilen kybapdaş gelip, syraty göze ýakymly ajaýyp bir
görnüşe girdi. Hyýaly ony myndanam ýokarrak alyp gaçdy.Ol şu
sypaýy görnüşinde daşary çykdy-da, edil kastýumy ýaly gap-gara,
ýalpyldap duran wolga maşynyna mündi. Ol agşama gelende
tehnikumyň öňünde jemlenişip duran kursdaşlary-da, mugallymlary-da
olaryň arasyndaky Nurjemal hem oňa höwes bilen seredip durdy.
Ol özüniň başgalardan beýle tapawutlydygyna
ähmiýet hem bermän, salyhatly ädimler bilen basgançaklardan
ýokary göterildi-de, göni Nurjemalyň ýanyna baryp „Ine men geldim“
diýen
manyda owadan dişlerini görkezip ýylgyrdy. Şonda bu
sallanjyrap duran owadan gyzyň garamyk ýaly gözleri oňa näzik bir
duýgy bilen delmuryp, gunça dodaklary "ezizim" diýip çawuş
çakaýjak-çakaýjak boldy...
Bu süýji hyýaldan soň Mansur gözüni açyp, aýnada özüniň
hakyky keşbini gördi-de, tisginip gitdi. Ulydan bir demini aldy. Şol
mahal onda şu zatlaryň hemmesini birden ele salmak islegi şeýle bir
güýjedi dötedi welin, bu isleg tä tehnikuma barýança-da onuň beýnisini
gemrip bardy.
Ol agşama gelende, edil hyýalyndaky ýaly hemmeler tehnikumyň
öňünde jemlenişip durdylar. Emma hiç kim oňa üns bermedi,
seretmedem. Nurjemal-da ezizim diýmegiň deregine howa yssyla diýip,
kinaýaly ýylgyrdy. Şonda Mansur özünden başga hiç kimiň egninde
kastýum ýoklugyny görüp, aşa gidenine birneme kiçeldi.
Agşam örän şowhunly geçdi. Dargaşyljak bolanda Mansur
Nurjemalyň ýanyna baryp, ony ugradyp gaýtmak üçin razylyk aldy.
Olar şäheri kesip geçýän uly ýabyň boýy bilen gaýtdylar. Bu ýer
adaty seýil edilýän ýerem bolsa, häzir onuň hemme tarapyny agras
dym-dyryslyk gurşap alypdy. Diňe ýabyň boýndaky asmana ujyny
diräp duran boý derekleriň ýokarky şahalaryndaky ýapraklar syrly
pyşyrdaşýardylar.
Asmandaky orak şekilli aý ýabyň ýuwaş tolkunly suwynda
çümüp-çykyp barýardy. Tibigatyň bu gözelligi Mansuryň arzuwlaryny
ýene-de galkyjaklatdy.Ol asuda gijäniň goýnunda özüniň sessiz uçýan
hyýal maşynyna münüp, ýanyndaky ýoldaşyndan daşlaşdy. Ol hälki
aýnanyň öňündäki göz öňüne getirmeleriniň dowamyny yzarlap,
aýlanyp çykmadyk ýeri galmady, ol şol pursatda hiç bir emgenmezden
ummasyz baýlygy ele salyp, şeýle bir ýokary derejä galdy welin,
81
şonuň bilenem ol dostlarynda guwanç, duşmanlarynda görüplik oýaryp,
niçe näzenin gyzlaryň göwnünde yşk odyny ýakdy, huşyny başyndan
uçurdy...
-Ugradanyň üçin sag bol, beýlesine özüm giderin-diýende, Mansur
tisginip Nurjemala seretdi. Gyz oňa öýkeli gözlerini dikip durdy.
-Nurjemal, bagyşla süýji oýlara gark bolup seni bütünleý
unudaýan ekenim - diýip, müýnli görnüşde ýylgyrdy.
Hyýalyň mendenem derwaýysyrak bolmaga çemeli--diýdem weli,
gyz özüniň öteräk geçenini aňyp, ýüzi lowlap gyzyp gitdi.
Mansur gyzyň bolşuny görüp, şatlykdan ýüregi
tolgunanam
bolsa, özüni äm-sämlige saldy.
Mansuryň beýle sowuk-salalygy gyzyň gaharyny getirdi. Ol
kalbynyň iň çuň ýerinde köpden bäri gizlenen duýgusyny has
açygyrak aýtmaga meýil etdi.
-Bilýärmiň, men ertir-ä däl welin, öýe...oba ugramakçy bolýan.
Bu bolsa „diýjek zadyň bolsa häzir aýdyp gal“ diýlenidi.
Elbetde, muňa Mansuryñ düşünmezligi mümkin däldi. Emma ol gyzy
mundanam beterräk ýagdaýa düşmäge mejbur etmek üçin ýene-de hiç
zada düşünmediksirän boldy. Bu gezek weli gyzyňam ulymsylygy
diliniň ujyna geldi-de:
-Hoş-diýdi-de, gaty-gaty ädimläp ondan arany açdy. Şonda
Mansur artyk saklanyp bilmedi. Ol: "Nurjemal" diýdi-de, gyzyň yzyndan
ylgady. Nurjemal onuň çakylygynyň ýürekden çykandygyny syzyp,
ädimini gysgaltdy. "Nurjemal!" diýen ses ikinji gezek gaýtalandy, gyz
tolgunyp, haýal-ýagallyk bilen togtady. Mansur haşlap ýetip gelende,
gyz Ÿabyñ kenaryndaky boý derege söýenip durdy.
Şeýdip iki ýürekde pynhan ýatan duýgular ýüze çykaryldy.
Mansuryň haýyşy bilen Nurjemal ýene-de bir aý galmakçy boldy.
Şol dowürde ýygy-ýygydan duşuşyp durmaga söz berdi. Mansuryň
gyza bolan duýgusy indi düýpgöter özgerdi. Hatda bu duýgy ony eý
görýän dosty Jemşitdenem birneme sowaşdyrypdy. Emma Jemşit onuň
bilen öňki dostlugy elden bermejek bolup çalyşýardy. Ol söýgüsiniň
ret edileni üçinmi Aşgabada inistituta girmekçi bolup gidipdi. Ol şol
ýerdenem Mansura hepdede bir gezek hat ýazýardy. Mansur onuň
hatyna käte jogap ýazsa, käte ýazmazdy. Ol özüniň Nurjemaly bilen
gumrady.
Mansur gyzy hakykatdanam söýýärdi. Ol muny gyz bir gezek
duşuşyga gelmän galanda anyk syzypdy. Her gün bularyň tapyşak ýeri
Nurjemalyň baýaky söýenip duran deregiň ýanydy. Şonda ol
adatdakysy ýaly, has ir gelip, sagat peýkamlarynyň bellenilen wagta
golaýlaşdygy saýy tolgunmasy artýardy. Ýöne Nurjemal gelmedi.
82
Mansur onuň gelmän galmagyna gyzyň ygtyýaryndan daşarda bir
zadyň
täsir edndigini, ony bu gün bolmasa ertirki tapyşykda
anyklajagam bolsa, gaty howsala düşdi.
Ol ýüregini myçgylap gysyp barýan allaniçigsi duýguny dargatmak
üçin sykylyk atyp, deregiň töwereginde gezmeläp başlady.
Şonuň ýaly ýagdaýda
ep-esli wagt geçdi. Ol şol gezmeläp
ýörşüne, kellesine bir pikir geldi-de, sakga durdy. Jübüsinden kiçijik
çakgysyny çykaryp, derege ýakynlaşdy.
Oýlan zadyny edeninden soñ bir hili ýylgyrdy-da, ýuwaşja
ädimläp gitdi.
Şondan soň tapyşyk ýene dowam edip ugrady. Ahyry bular
wadalaşdylar.
Nurjemal toýa çenli öz obalaryna Mansurdan razylyk alyp gitdi.
Mansur bolsa şäherdäki kärhanalaryn birine normirowkaçy bolup ýerleşdi.
Emma köp wagt geçmänkä bu iş ony irizip başlady.In ýaman ýerem ol
her sapar aýlyk alanda, onun keýpine sogan dogralýardy.Çünki beýle
“Ujypsyzja pula” hyýalyna häkimlik edip ýören şagalaňly durmuş
desgalaryny tiz düzedip boljak däldi. Ýigitligiň tükeniksiz eşret talap ediji
ýyllary geçip gidenden son bolsa, beýle zatlaryň geregi hem ýokdy.
Näme etmeli?
Mansur bu sowala jogap agtaryp,kelle döwüp yören günleriniň birinde
bir waka ýüze çykdy, bu meseläniň aňsat yoly tapyldy duruberdi. Ýöne
onuň agtarýany şeýle ýolmudy?
Mansur işden dolanyp gelende, aýda-ýylda gara bermeýän daýysynyň
ýassygy tirsekläp çaý owurtlap ýatanyny görüp geňirgendi. Indi daýysy
söwda pudagynyň awraýly wezipeleriniň birinde işleyärdi. Ejesiniň
aýtmagyna görä wezipe bilen baýlyk onuň gözüne ýag basdyryp, garyndaşdoganlaryny görmez ýaly şowa kör edipdi.Bu gün bolsa ol uly başyny kiçi
edip, ýekeje aýal dogany bilen ýegeniniň ýetme-ýykylma halyndan habar
almaga gelipdi. Diýmek, ol adamkärçiligini bütinleý ýitirmedik bolara
çemeli. Mansur içere giren badyna, daýysynyň hem-de onuň ýanynda
oturan ejesiniň arasynda bussur-ýassyr gürrüň edilenini olaryň ýüz
keşbinden aňlady.Daýysy salamlaşandan soň:
-Ýeri, ýegen, işler niçik?- diydi.
-Sag boluň, ýaman däl- diýip. Mansur onuň garşysynda otyrdy.
Daýysy oňa bir salym synçy nazaryny dikip, kanagatlanmak bilen
gözlerini süzdi.
Mansuryň ejesi orta gowrulan et getirip goýdy-da:
-Palaw edeýin diýsem daýyň göwnemedi, wagty ýokmuş-diydi.
Daýysy mekir gözlerini oýnadyp:
-Ejeke, hälkileriň içinde bir çüýşe-de bardy, şonam äkeliň- diýdi.
83
Mansur öz içinden “Hälkileri nämekä? Diýmek daýym sowgat-serpaý bilen
gelipdir-ow’’diýip oýlandy.
Daýysynyň “Çüýşe’’diýýäni konýak eken. Birinji bulgurdan soň
daýy-ýegeniň arasyndaky sowuk-salalyk gowşap başlady.
-Ýeri, ýegen, ýaňy ýagdaýlaňy sorasam, ýaman däl diýipdiň. Hany,
ýol kesip otyr işiň nämesi gowy?- diýdi.
Mansur daýysynyň birden çynlakaý görnüşe geçenine geňirgenip:
-Nämesini gürrüň bereýin?-diýdi.
-Diýmek, ýagdaýlaram, işlerem oňat-da onda, ýegen?
-Başga name diýeýin eýsem? Köplenç şeyle diýilýär-da-diýdi.
-Hä, köplenç göz üçin şeyle diýilýär. Yöne dogan daýyňa dogrusyny
aytmak bolar, ahyry. Bilýän, heý bolgusyz diýsäni, yogsam bir eýýäm
daýyň ýanyna barardyn sen. Howa, keýpiň kelläňde…Sen barmasanam ine
daýyň özi geläýdi. Seniň işleriň ugrunyň ýoklugyny bilip, delalatym
degermikä diyen niyet bilen gelendirin.
Gürrüň şo ýere gelendä, hälide bäri başyny aşak salyp oturan Mansur
daýysyna ýalta garady: ”Nähili delalat-ka?" diyen piker onun beynisinde at
saldy.
-Şeyle ýegen-diýip, keýpi kök daýysy garyljak ses bilen sözüni
dowam edýärdi. -Sen ozumiziňkisiň, ýegen. Uzyn sözüň gysgasy, häzir
mende saňa bolýan bir iş bar.”Goýnuňdan dökülse, gonjuňa’’ diyenleri,
isleseň şoňa şarta yerleşdirjek otyryberjek. Akyp duran derýa, özüň ezber
bolsaň islaniňçe çelegiňi batyryp alyberersin-diýip, Mansura göz astyndan
seretdi. Soň gülümsirän bolup: -Käte-kate daýyňy hem ýatdan çykarmasaň
bolany-diýip, sözuniň üstüni yetirdi. Bir salymdan:
-Adam ogly bu dunýä bir gelýä, ýegen - diýip, ýene sözüni dowam
etdirdi, -şonuň üçinem bu dünýäniñ keýpini,sapasyny wagtynda sürmek
gerek. Beýle keýpi-sapa üçinem gök guýruklardan ganat edinmek gerek,
ýegen. Eger razy bolsaň, şeýle bolelinçilige eýe bolup bilersiň, ýegen.
Daýysy gepledigi saýy Mansuryň ýüregi tarsyldap, urmasyny
tizlendirdi. Nähilem bolsa hyýalynyñ hakykata owrülmegine ýol tapylypdy.
Mansur onuň nähili ýoldygyna düşünýärdi. Daýysynyň özi hem hut şeýle
ýol bilen uly baýlygy ele salypdy. Emma ol şeýle ýola duş bolanyna, bir
tarapdan begese, ikinji tarapdan, kalbynyň allanirelerinde bu ýola garşy
närazylyk hem syzýardy.
Belki, onuň öz arzuwlaryna bu hili ýol bilen yeterin diýip pikir
etmändigi üçin şeyledir?
Daýysy ýene dillendi:
Ýeri ýegen, name diýýäň?- diýip, Mansuryň çuň pikire gark
bolanyndan howatyrlandy. Mansur daýysyna iki göwünli garaýyş bilen
seretdi-de:
84
Bilmedim…-diýdi.
Heý, akylsyz oglan-eý. Men-ä seniň başyňa döwlet guşuny getirip
gondurjak bolsam indi seniň bilmedim diýmäň näme?!
-“Haramdan müň teňňe, halaldan bir teňňe’’diýen nakyl bar, daýy.
Şeýlemi?... Seniň şol halal diýän zadyň
iýilýämi, geýilýämi,
münülýämi?... Aýt göreýin! Heý şu zamanda halal-haramy seljerip duran
kişi barmy, özi? Ine bir mysal, şu şäherde hemme meni tanaýar. Elimdäki
emlägimi hem diňe öz daban azabym-aýlygymdan ýygnamandygymam
bilýärler. Emma köçede sataşanda maňa hiç kimiň ters bakyp geçenini
göremok, gaýtam, gol gowşuryp salamlaşýarlar…
Daýysy şol gyzyp oturşyna gürrüňini hetden aşyryp goýberenini aňan
şekilli, ýüregini bir salym basa tutup dymdy. Soňra basyk ses bilen:
-Ygtyýaryn, ýegen. Meniň elimden geljek ýagşylyk şu saňa. Bu hakda
ejeň bilenem gepleşipdik. Ol bu işlere düşünenok, hemmesini özüñe saldy.
Oýlanyp görüber...
Gijaniň bir wagty bolanda daýysy turdy. Mansur welin şol gije
ukysyny terk edip, pikir derýasyna gark boldy. Gijesi bilen iki baka urnup
çykdy.
Mansur daýysynyň aýdan durmuşyna gadam basmakdan biraz
howatyrlansa-da şu bir ädimi bilen nähili derejelere ýetjegini oýlap, süýji
arzuwlara çümüp gitdi. Uzak ikirjiňlenmäge wagt ýokdy. Mansur wagty
biderek geçirmedi-de, bagtyny bir synap görmekçi boldy.
Ertesi Mansur yüz dürli hyýal bilen daýysynyň işleýän söwda
bazasyna ugrady. Ol baza ýakynlaşyberende endamy birhili üşeýän ýaly
galpyldap ugrady. Tomus aýynyň ertirki howasy üşeder ýaly salkyn
däldigini duýup gelýän Mansur ozüniň tolgunýandygyny aňdy. Emma ol
her niçik ruhy halatda-da ozüne erk edip bilýänlerdendi. Ol söwda bazasyna
gelip ýetende, özüni ele alypdy. Entek ir bolmagyna garamazdan bazanyň
äpet demir derwezesiniň iki ganaty-da açykdy. Mansur derwezeden girip
dört-bäş ädim ätdi-de, haýsy tarapa gitjegini bilmän saklanyp, içerik göz
aýlady. Giden giň meýdanyň çar tarapy arynyň öýjügi ýaly hatar-hatar
ammardy. Orta aradaky meýdana bolsa ýaňyja wagonlardan düşürilen
motasikldir maşynlar hatarlanyşyp durdy. Ammarlaryñ öňünde bolsa
adamlar hinine girip-çykýan arylar ýaly başagaý bolşup ýördiler.
-Ahow ýigit, saňa näme gerek?!
Mansur ses çykan tarapa öwrüldi. Derwezäniň düýbünde niredendir
peýda bolan, goluna gyzyl mata daňlan daýow pyýada oña hyrsyz seredip
durdy. Şeýle daýow, özem entek garrylykdan daşda bolan bu adamyň bu
ýerde garawulçylyk edýändigine Mansur geň galyp, oňa gyzyklanyp
garady.
-Näme maňa tiňkäňi dikýäň! Bu ýere propuskasyz girmek bolonok,
85
-diýip garawul eli bilen “derwezeden daş çyk diýen’’ yşaraty etdi.
Garawulyň bolşuna Mansuryň ýeňsesinden tutdy. Emma ol “Synalmadyk
atyň syrtyndan geçme’’ diýlenini edip, sypaýyçylyk bilen:
-Ýaşuly, beýdibermesene. Maňa başlygyňyz gerekdi- diýip oňa
ýakynlaşdy. Garawulyň derjirän semiz, saryýagyz ýüzinde ajy ýylgyryş
peyda boldy:
-Meň başlygymmy?! Bilýäñmi, meniñ başlygym kim? Palkownik
Gandymow! Bu yerde ol name işlesin. Ol gerek bolsa mlisä bar!
Bu adamyň wezipesine gelişmejek gopbamsylygyna gülküsi tutan
Mansur tas pyňkyryp goyberipdi, ýöne özüne erk edip çalaja yylgyrmak
bilen çäklendi.
-Yaşuly, seniň mlisäniň adamydygyñy bilyänle-diýip Mansur arkaýyn
gürledi,-yöne men diýmelisini bilmändirin. Maňa şu bazanyň direktory
gerek.Onuň oturýan ýeri nirede?
Bu atylýan haýbatlaryň garşysyna Mansuryň özüni örän arkaýyn,
ynamly alyp barşy agzyndan ak köpük saçyp duran garawulyň birneme
ýelini ýatyrdy.
-Ha, şey diý-dä,-diýip ol öňküsinden has gowşady, -sen näme, bu ýere
öň gelip görmänmidiň?
-Ýok, ilkinji gelşim.
Garawul Mansuryň soragyny ýene jogapsyz galdyryp:
-Heý toba, biziň bazanam gelip görmedik adam bar eken-ow- diýip öz
ýanyndan hüňňürdedi.
“Bu adam şu bazany älemiň merkezidir öýdýän bolmaga çemeli’’diýip Mansur içini gepletdi. Soňra ol soragyny ýene gaýtalamaly boldy:
-Ýaşuly, direktoryň oturýan ýeri nirede?
-Edarasynda-da, dagy nirededir öýdýäñ--diýdi.. Mansur munyň ýaly
kesir adama ilkinji gezek sataşypdy. Ol indi öňküsi ýaly gödek gelmese-de
berlen soraga ýene ters jogap gaýtardy. Mansur sypaýyçylyk bilen iş
bitmejegine gözi ýetensoň azmly gepledi:
-Ýaşuly, näme beýdýäň! Dogry salgy beräýseň bolýar-a! Ony görmeli
zerur işim bar!
-Aý zerur işiňi bilýän-le. Bir zatjyk sorap gelensiň-le- diýdi.
Mansuryň indi sabyr käsesi dolupdy.
-Hiç zat sorap gelemok! Ol menin daýym bolýar-diýip goýberenini
duýman galdy.
-Daýym bolýar?... Päheý, ertirden bäri şeý diýseň bolýar-a , han ogul.
Häliden bäri ýüzi-gözünden gar ýagyp duran garawul birden üç yüz
altmyş gradus beýlesine döndi duruberdi.
-Han ogul, sen gaty görmäweri. Tanamadygy sylamaz diýipdirler.
Edara ynha şujagaz ýerde, derwezeden daş çykansoň sag tarapdaky gapy.
86
Ýöne ýaşuly entek gelenok, öýdýän. Gelse maşynyny şu ýerde meň
ýanymda goýup gidýär. Gelmeli wagtam-a boldy. Bir azajyk şu taýda
garaşaý.
Şol wagt kelte boýly, saçlary ýaşyna laýyk däl derejede ap-ak bir
adam gelip, ýaňrap duran garawulyň eline propuskasyny tutdyrdy. Garawul
onuň ýüzüne çiňňerilip seretdi-de, halamaýan adamsyny gören ýaly
seňrigini ýygyrdy, soňra:
-Haýsy sklada barjak, diýip yeňsesi bilen sorady:
-Aýakgap.
Ol adam şeýle diýenden, garawul ýalta onuň aýagyna garady.
Aýagynda gymmat bahaly, emma birazyrak könelişen aýakgaby bardy.
Garawul geplemän duryp birdenem:
-Baý adamlaram bet bolupdyrow. Magazinde bary bilen oňybereýin
diýýäni ýok. Näme zat bolsa, sklatda gowusy barmyşyn diýip çozuşyp
durlar.
Ak saçly adam ýeňi kelte köýneginiň döşüniň üstündäki jübüsinden
gara äýnegini alyp dakyndy. Soňra garawula kinaýaly gürledi:
-Näme gowy zat bolsa skladyň törüne basyp, aňsatlykda magazine
çykaraýaňyzok. Onsaň adamlar nätsin? Şu ýere gelmeli bolýa-da. Soňky
wagtda defisit diýilýän zadyňam sanyny ýaman köpeltdiňiz-ä!
-Haý, haý. Agzyňa garap geple, agam. Biz nämäni köpeldipdiris.
Adamlarda pul köpeldi, pul! Şonuň üçin gowudan gowusyny isleýärler. Pul
näçe köpelse defsidem şonça köpeler. Ynha, meniň, özüm-ä bir garawul.
Ýöne satylýan ýeri bolsa "Wolga"maşynam aljak-diýip garawul,
köweklenip döşüne pitikledi. Ak saçly adam gözünden äýnegini aýyrdy,
soňra:
-Aý satylsa samalýot aljagyňam bilýän-le seniň-diýip, äýnegini ýene
dakyndy. Onuň bu hereketlerinden içinde gaharynyň gaýnaýandygy äşgär
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 08
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.