Latin

Powestler - 11

Total number of words is 3778
Total number of unique words is 2026
33.2 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Jemşit hiç zat diýmän, dostuna mähirli seretdi.
Dostunyň bu garaýşynyň manysyna düşünen Mansur:
-„Hä, indi adam bolsaň gerek“ diýip pikir edýärmiň? – diýdi.
-Hawa, hut şeýle. Sen öňem synçydyň, adamlaryň hereketinden olaryň
pikirlerini bilýardiň. Emma edýän işleriň welin samsyk adamyň işine
meňzeýärdi. Men hemişe şoňa, haýran galardym.
-Bu zatlara indi meniň özümem haýran. „Soňky tüýkülik sakgal
ezmez“ diýlişi ýaly, indi öz etmişlerime her näçe ökünsem-de, onuň
peýdasy degenok.
Şondan soň olaryň hiç birinden ses-üýn çykmady. Olar dymmak bilen
ýoly dowam etdirdiler.
***
Mansur töweregine synçylyk bilen ser salyp barýardy. Ýaňyja gurlup
başlan şäher onuň bar ünsüni özüne çekdi. Ähli ýerde gurluşyk işleri giň
gerimde alnyp barylýardy, zähmet gaýnap joşýardy. Şadyýan zähmetiň
şowhuny ony gujak açyp garşylaýan ýalydy. Mansur özüniň bu ýere gelip,
ýalňyşmanyna düşündi. Bu zähmet gujagyndan öz bagtyny, öz ýoluny
tapjakdygyna ynanasy geldi. Göwnüniň bir çetinde dörän bu umyt
uçgunlary az hem bolsa onuň ruhuny göterdi.
-Görýäňmi, nähili gigant şäher gurýas? – diýip, Jemşit buýsançly
aýtdy.
-Hawa görýän.
-Görýän bolsaň, aslynda, sen hem gurluşykçy, indi özbaşdagam bir
işläp gör-dä?
-Işläp görmänimi nireden bilýäň? Belki işländirin, meni görmedigiňe
ýedi ýyldanam köp boldy ahyry.
-Bagyşla dostum, bagyşla! Men munam oýlanman gepläpdirin.
Ýagny, näme iş etdiň? Prorablyk edensiň-dä?
Mansur dostunyň ýüzüne gazaply seretdi.
-Muny hem oýlanman aýtdyňmy ýa-da meni oýnajak bolýaňmy?
-Garaçynym Mansur, näme üçin oýnaýyn? Men seniň näme işläniňi
nireden bileýin?
-Muny bilmeseňem, meniň näme üçin tussag edilenim-ä bilýänsiň?
123
Maňa maddy jogapkärçiligi bar işi ynanarmydylar, ahyryn.
-Bagyşla dostum, bagyşla! Men munam oýlanmandyryn. Ýagşysy,
özüň aýt näme iş etdiň?
-Beton guýdum, kerpiç ördüm, suwagçylyk etdim. Umuman
hemmesem elimden gelýär! Maňa iş tabşyrmakçy bolsaň, haýsyny
diýseňem men taýýar!
Jemşit biraz dymdy. Soňra:
-Her zadam bolsa, sen orta bilimli gurluşykçysyň. Saňa ýönekeý iş
bermeris. Bizde boş duran prorablyk orunlar bar.
-Sen başlyk bolsaňam kanuny bilmeýäň öýdýän? Men saňa näme
diýdim? Maňa kanun boýunça maddy jogapkärçiligi bolan işi İynanmak
gadagan- diýip aýtdym ahyry.
-Näme üçin? Sen jezaňy çekip, aklanyp çykan adam ahyryn. Indi sen
hemmeler bilen deň hukukly graždanin. Men sen hakda ulular bilen
gepleşip görerin.
-Gerek däl, Jemşit. Maňa ýönekeý iş berseň, senden müň-de bir razy.
Geçen ýedi ýylyň içinde el bilen edilýän işi, halal zähmet diýen zady gaty
oňat öwrendim. Onuň gadyryny bildim.
-Bolýar, seniň iş meseläňi ertir edarada çözeris. Ynha, öýe-de
ýakynlaşdyk.
-Onda magazine baka sür. Öýüňe birinji barşym, çagalara bir zatlar
alaly, boş barmaýyn.
Jemşit ýylgyrdy. Munuň manysyna düşünen Mansur özüniň
perwaýsyzlygyndan käýindi:
-Bagyşla, Jemşit, men öz derdim özüme ýetik bolansoň seň maşgalaň
hakda soraşmandyrynam. Öýlenensiň. Çagaň barmy?
-Bar welin, ol entek hiç zat iýmeýär. Şonuň üçinem magazine
barmagyň geregi ýok – diýip, Jemşit ýylgyrdy.
-Şeý diýsene, bolany gowy, ogulmy, gyz?
-Entek ony hem bilemok, nesip bolsa ýene üç aýdan belli bolar.
-Şeýle diýsene. Men seni häli üç-dört çaganyň atasy bolandyr
öýdüpdim.
-Ýok dostum. Bu ugurda men ekin ekmekde biraz gijä galan daýhana
meňzeýän – diýip, Jemşit güldi. Öýlenenime entek bir ýylam bolanok.
-Bä, şeýle diýsene. Aýalyň şu ýerlimi?
-Ýok. Moskwaly. Daşkent gurluşygyna gelen inženerlerden – diýip,
Jemşit Mansura seretdi.
-Şeý diýsene, diýmek, bu gün borşdan bir doýýan ekenik-dä onda? –
diýip Mansuram degişdi.
-Ony nesibäň bilýär, belki saňa başga nahar taýýarlanar? Ol milli
naharlary hem gowy bişirýär.
124
Maşyn alty gatly jaýyň öňüne gelip saklandy.
-Ine, geldik. Içerik gireli. Sen çaý-paý içýänçäň men maşyny goýup
gaýdaýyn. Garaž şujagaz ýerde, ýakyn.
Olar maşyndan düşüp, üçünji gata çykdylar. Jemşit jaňy basdy.
Gapyny ýigrimi bäş ýaşlar çemesindäki saçlary altynsow towlanyp duran
mele gelin açdy.
-Liza, ynha men myhman alyp geldim. Myhmany kabul etmäge
gurbuň çatjakmy?
-Baş üstüne, giriberiň, hudaýa şükür hemme zat bar – diýip, ol
çagalaryňky ýaly şadyýan äheňde gürledi.
Mansur salamlaşýarka onuň özüni synlaýandygyny aňyp biraz
oňaýsyz ýagdaýa düşdi.
Liza olary myhman kabul edilýän uly otaga alyp bardy:
-Geçiň, oturyň – diýip, mylaýym gürledi.
Jemşit aýalyna ýylgyryp seretdi-de:
-Ilki men seni myhman bilen tanyşdyraýyn – diýdi. Mele gelin ellerini
fartugynyň etegine süpürip durşuna çekinibräk Mansura bakan ýöredi.
Jemşit oňa ýüzlenip:
-Liza, bu meniň partadaş dostum Mansur – diýdi. Bu sözleri eşidende,
Lizanyň ýüzündäki şadyýanlyk alamatlary zym-zyýat boldy. onuň ornuny
gynançmy, gaharmy birhili alamat eýeledi.
Lizanyň bu bolşuny gören Mansur özüniň kimdigini onuň ýagşy
bilýändigini, özi hakda bu öýde ençeme gürrüňiň bolanyny derrew aňdy.
Liza onuň bilen elleşip görüşip durşuna:
-Tanyşanymyz üçin şat – diýdi.
Mundan göwni biraz aram tapan Mansur baryp burçda duran kürsüde
oturdy. Jemşit bu ara düşen oňaýsyz ýagdaýdan çykalga agtaryp, bir
aýalyna, birem Mansura garady.
-Men gitdim. Maşyny goýup, derrew gelerin – diýip çykyp gitdi.
Liza aşhanasyna çykdy. Otagda ýalňyz galan Mansur töweregine ser
saldy. Bu otagyň çar tarapynda „maşgala“ diýilýän mukaddes zadyň özüne
mahsus täsiri mese-mälim duýdurýardy. „Maşgala bolup ýaşamaklyga nä
ýetipdir?“ diýip Mansur göwün ýüwürdýärkä, mejmede çäýnek-käse
göterip, içerik Liza girdi.
-Köp garaşdyraýdym öýdýän? Ynha, çaý. Häzir Jemşidem geler –
diýip, Mansuryň oturan kürsüsiniñ ýanyndaky stolda mejimäni goýdy, özüde gapdaldaky kürsüde oturyp, käselere çaý guýdy.
-Alyň, içiň.
-Sag boluñ.
Mansur çaý owurtlaýarka, biygtyýar Lizanyñ keşbine göz aýlady.
Biriniñ maşgalasyna tiñkäñi dikibermek biedeplikdigi ýadyna düşüp, derhal
125
gözüni aşak goýberdi. Bir pursatlyk gözi düşeninde-de Lizanyn keşbi
gözöñünde galdy. Onuň asly rus bolmagyna garamazdan, goňras gözleri,
süýtden dury ak ýüzi bilen altyn ýaly towlanjyrap duran saçlarynyň
ýanynda gap-gara bolup görünýärdi. Onuň bakyşlaryndaky ýumşaklyk
Nurjemalyň öňki mähirli garaýyşlaryny ýatlatdy. Ol çaýdan bir owurtlap,
uludan dem alanyny duýman galdy.
-Jemşit sizi tiz-tiz ýatlaýardy – diýip, Liza agyr dymyşlygy bozdy, - ol
size, size... – diýende, Mansur kömege ýetişdi:
-Gynanýardy diýmekçimisiňiz? – diýdi.
-Bagyşlaň.
-Ötünji günäkär adam soraýar, Liza. Siz bolsa gönüsinden gelmekçi
bolduňyz. Bu aýyp däldir. Maňa gaharlanmalymy ýa-da gynanmalymy,
muny welin häzire çenli özümem bilip bilemok – diýip, Mansur käsesindäki
çaýkanyp duran çaýa dikanlap seredip, oýa çümdi.
Şol wagt içeri Jemşit girdi.
-Bu näme boldugy, Liza? Stoluňda henize çenli hiç zat görünmeýärle? Myhmany gep bilen naharlana meňzeýäň-le – diýdi.
-Häzir hemme zat taýýar bolar. Biraz tagapyl ediň – diýdi-de, Liza
ornundan turup, aşhanasyna gitdi.
-Mansur, ýör, saňa wannamyzam görkezeýin. Nahar taýýar bolýança
ýuwnup-ardynaly.
-Beýle bolsa hasam gowy. Şu mahal ýuwunaýsak kem boljak däl özi.
Ilki sen ýuwun, soňra menem bararyn.
-Näme üçin? Bile ýuwunarys. Ol ýerde duşam bar. Men duşda, sen
bolsa wannada ýuwunarsyň. Oglankak suwa düşmäge hemişe bileje
giderdik, ahyryn. Indi, näme menden utanýaňmy? – diýip Jemşit dostuna
ýylgyryp seretdi.
-Bolýar. Sen menden utanmasaň, men senden utanmaryn. Olar
wannaly otaga girip çykaryndylar. Jemşit wanna suw dolduryp bermek üçin
kranlary açyp goýberdi. Mansur wannanyň dolaryna garaşyp, onuň bir
gyrasynda ellerini dyzynyň üstüne goýup oturdy.
-Şu oturyşyň gadymy grekleriň ýalaňaç hudaýlarynyň heýkellerine
çalym edýär – diýip, Jemşit dosty bilen degişdi.
-Aslynda adamlar hem şol hudaýlara meňzeş ýalaňaç ýöremekligi
özlerine adat edinende ýagşy bolardy – diýip Mansur ýarym degişme
äheňinde gepledi.
-Näme üçin? – diýip, Jemşit gyzygyp sorady.
-Näme üçindir öýdýäň, geýim-gejim, mal-dünýä diýip, meniň ýaly bir
topar adammlaryň bagty garalmazdy.
-Ajaýyp pikir! Arhimet özüniň meşhur kanunyny wannada tapan eken.
Sen bolsaň wanna girmänkäň beýik bir hakykaty açdyň – diýip, Jemşit
126
güldi.
Mansur dostunyň bu degişmesine näme diýip jogap berjegini bilmän,
suwdan dolup barýan wanna girdi. Dostlar ýuwnup çykanda, Liza saçak
ýazyp, olara garşyp otyrdy. Stol başyna geçip oturanlaryndan soň Jemşit:
-Hany dostum, konýakdanmy ýa-da akdan? – diýip sorady.
Mansur başyny ýaýkady-da:
-Hiç haýsyndan – diýip jogap berdi.
-Nämüçin? – diýip Jemşit geň galyp sorady.
-Içip bozaýmagym mümkin.
-Goýsana. Baý senem bolmajak zady aýdyp oturyberýäň. Şeýle günde
içmän bolarmy ahyryn?
-Ýok, men içjek däl. Isleseňiz Liza bilen içiberiň.
-Keçjallyk etmesene, iň bolmanda ýüz gramjyk içeli.
-Senem düşünsene, Jemşit. Ýüz gramjyk içsem, soň bu iki çüýşäňi
ýeke özüm içerin – diýdi-de, Mansur çekinibräk Liza seretdi.
-Seniň öýüňde özüm hakda ýene-de erbedräk pikir döretmek islämok.
Liza söze goşuldy:
-Içmese azar berme, Jemşit.
-Bolýar-da. Bu aýallara galsa-ha, erkekler agyzlaryna gazly suwam
almasa, şonça şatlanjaklar – diýip Jemşit sözüniň soňuny degişmä
ýazdyrdy.
Olar içgisiz hem ýary gijä çenli oňat gürleşip oturdylar.
Bu ýerde Mansuryň göwni güýçli şemaldan gaçylyp gutulan kebelek
ýaly aram tapdy.
***
Jemşit dostuny öz edarasyna garaşly kerpiç örüjiler brigadalarynyň
birine brigadir edip belledi. Oňa ýatakhanadan jaý alyp berdi. Mansur işe
düşen güni brigada tabşyrylan binanyň birinji gaty beton plitalar bilen
ýapylyp, ikinji gatyna ýaňyja kerpiç örülýän eken. Irden işe başlamak üçin
taýýarlyk görülýän wagtda prorab Mansury özi bilen samoswalyň
kabinasynda alyp gelip, brigadanyň agzalary bilen tanyşdyrdy. Prorab
gidensoň, bir ýaş ýigit onuň ýanyna geldi-de:
-Halypa, siz işleýän brigadirlerdenmi ýa-da işlemän hak
alýanlardanmy? – diýdi.
Mansur beýle ýagdaýlara ozaldan öwrenişeni üçin asuda jogap
gaýtardy:
-Men düşünşime görä, brigadir gözekçi däl, onuň hemme bilen deň
işleşmegi gerek.
Ýigit ýene sorag berdi:
-Siz işlemegi, ýagny kerpiç örmegi bilýäňizmi?
Şu pursatda Mansur gahary gelen bolsa-da, özüni basarak tutubam
127
biljekdi, ýöne häzir onuň wagty däldigini aňyp gazap atyna mündi:
-Men kerpiçden seň ýaly işçisumaklaryň heýkelini hem ýasapdym –
diýdi.
Beýlekiler bu gürrüňe hezil edip gülüşdiler. Olara goşulyp, ol ýigidiň
özi hem ýylgyrdy-da, garaşylmadyk ýagdaýda birhili müýnürgäp:
-Bagyşlaň, halypa – diýdi.
Mansur ýuwaşja ýylgyrdy-da, goltugyna gysyp gelen täzeje öňseligi
tutup, baglaryny mäkäm daňdy. Şondan soň hemme ýokary çykdy, iş
başlandy. Mansur adamlara etmeli işlerini görkezenden soň, özi hem işe
girişdi. Mansuryň ýedi ýylda zähmetde taplanan, kerpiç örmäge öwrenişen
elleriniň hereketine ýerli-ýerden nazar salýan ýigitler onuň ýaňky ýigide
beren soňky jogabynyň hakdygyna şo wagtyň özünde göz ýetirdiler. Şo gün
Mansur hem brigadadaky dokuz ýigidiň nähili adamlardygyna biraz göz
ýetirdi.
Brigadanyň işçileri ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen, dürli milletiň
wekillerinden ybaratdy. Olaryň hemmesi hem ýaş, zähmetsöýer ýigitlerdi.
Olaryň arasynda käbiri degişgen, şadyýan, käbiri agras bolsa, başga
birleriniň azda-kände gyňyrlygy hem ýok däldi. Mansur bu adamlaryň
hemmesi bilen bir bada oňuşyp gidibermejekdigini birinji günden aňdy.
Şonuň üçinem ol her haýsysynyň özüni alyp barşyna görä hereket
etmelidigini ÿüregine düwdi. Brigadada ýigitlerden başga Sonýa atly krançy
gyz hem bardy. Adynyň rusça bolmagyna, rusçany gowy bilmegine
garamazdan, Sonýanyň rus däldigine diňe onda gündogar gyzlaryna mahsus
bolan şar gara gözleri şaýatlyk edýärdi. Adamlar onuň özüne „Sonýa“,
„Soneçka“ diýseler-de, kesesinden weli „Garry gyz“, "Garry gyzymyz“
diýýärdiler. Şeýle-de bolsa, onuň ýaşynyň näçedigini hiç kim anyk aýdyp
bilmeýärdi. Ýigitleriň käbiri oňa söz gatsa, Sonýa olaryň gepine görä gep
gaýtaryp duzlap giderdi. Mansur işe gelen güni onuň bu hili gylygynyň
bardygyny duýdy.
Günortan wagtydy. Daş-töwerekde işleýänler ýekän-ýekän nahara
ugradylar. Emma Mansuryň brigadasyndaky ýigitleriň nahara gitmek
isleginiň ýoklugy hereketlerinden bilnip durdy. Olaryň bir-birlerine syrly
garaýyşlaryndan üm-yşaratlaryndan bir gepiň bardygyny Mansur derrew
aňdy. Ol öňseligini çözüp, özi işläp duran diwaryna iki gatlap ýazdy-da,
şemal uçuryp gitmezligi üçin üstüne bir kerpiç goýdy. Soňra ellerini
owkalap, kerpiç galyndylaryny düşürişdirdi-de:
-Hany ýigitler, dänimizlige bir zat atmaga gitmerismi? – diýip olara
ýüzlendi.
Ýokarda öňseliklerini çykaryp aşak düşmäge taýýarlanyp duran
ýigitler bir-birlerine syrly bakyşyp, hiç zat diýmediler. Aşak düşüp çilim
çekýän Gylyç diýen aşgabatly ýigit Mansura garap ellerini agzyna tutdy-da:
128
-Aşak düşüberiň, aşgazanyň maslahatyny etmekçi – diýdi.
Hemmeler aşak düşdüler. Gylyç Mansuryň ýanyna gelip:
-Garşylyk görkezmeseňiz, bu gün şu ýerde naharlanaýsak nähili
bolarka? Ynha derrew iki kerpiçden oturgyç alty kerpiçden stol bejereris –
diýdi.
Mansur:
-Naharhana baranymyz gowy dälmi? – diýip sorady.
-Gowy welin, ýöne...
-Ýönäň näme? Bu gün bir zadyň baryny özümem aňypdym-la. Ýeri,
näme gep bar?
-Dogursyny aýtsam –diýip, Gylyç has dogumlanyp gepledi. – Şu gün
siziň işe geleniňizi ýüz-ýüzden ýuwup goýbersek diýipdik. Hemme zat bar.
Iýmeli zatlary hem, „ýuwulýan“ gurallary hem taýýar edip geldik.
- Razylyk beräýiň, Mansur aga, diňe ýüz gramjyk, başga artyk zat ýok
diýip, başga bir ýigit söze goşuldy.
Mansur ýigitleriň raýyny ýykyp, özüni turuwbaşdan ýigrentji
görkezmek islemedi.
-Munyňyz-a erbet maslahat däl welin, ýöne bu wagt-iş wagty-da.
Birden biri görüp, ýüz gram üçin adamyň öňünde gyzarylyp durmaly
bolaýmalyň?
Birbada hiç kimden ses-seda çykmady. Ýöne Gylyç saklanyp bilmedi.
-Aý goýsaňyzlaň, ýüz gram üçin syn-deramat edilip durasy ýok-la.
Biz işi taşlap meslik edip ýöremzok, ahyryn.
-Bolýar, bolýar. Emma bu meniň işe gelişimi ýuwmak üçin bolsa,
biraz howlukmasaňyz özüm ýuwardym-la?
-Onda işden soň arkaýyn oturyp, çynlakaý ýuwarys-da, oglanlar –
diýip, ir bilen „paýyny“ alan ýigit ýyrşaryp gepledi. Gylyç onuň sözüni
makullaman, oňa hyrsyz seretdi-de, ylgap gidip gizläp goýan ýerinden uly
bir sebedi göterip geldi. Bir ýerde gazetden saçak ýazyldy. Şol wagt Sonýa
hem krandan düşüp naharhana tarap ugrady. Oňa gözi düşen hälki ýigit
dilini saklap oturyp bilmedi.
-Soneçka daýza, geliň saçak başyna, duz dadyp gidiň!
Sonýa ýylgyryp, üýşüp oturan ýigitler tarapa ýöneldi. Onuň göwresini
dik tutup, çalt ädimläp gelşine garanda duz datmakdan „daýza“ diýeni
duzlamak niýetiniň güýçlidigi görnüp durdy. Ol ýigitleriň oturan ýerine
gelende, ortadaky boş doñdurma gutularyny görüp ýylgyrdy. Mansur oňa
irden işe geleninde pete-pet gelipdi, emma ýüzüne dikanlap seredip
bilmändi. Ýöne Sonýanyň welin özüne gabak astyndan yhlasly
seredenligini duýupdy.Mansur ony ogrynça synlamaga durdy. Onuň gözleri
ýanyp durdy, şadyýandy, güne ýanan ýüzine şeýle seredeniňde, ýaş gyza
meňzeýärdi. Emma içgin synlan adam ýigitleriň ony „garry gyz"“ diýip
129
atlandyrmagynyň ýerliksiz däldigini aňardy. Ýaşy biraz ötüşenine
garamazdan bir seretseň juwan gyzlary, bir seretseňem, ýaşy durugşan
akylly-başly bir aýaly ýatladýardy. Hatda ýaglygynyň aşagyndan görnüp
duran gap-gara saçlaryna ornaşan tozanda hem özüne mahsus bir
üýtgeşiklik bar ýaly bolup duýulýardy.
Sonýa hiç zat diýmezden ortadaky çörekden datdy-da, lak atan ýigide
seretdi:
-Çöregiň duzuny datsam bolanymy ýa-da morožny gutyňdakydan hem
datdyrjakmy?
Şonda Mansur onuň agzyndaky owadanlyk üçin goýlan tylla dişleri
görüp, näme üçindir, ondan öňki yhlasy sowaşdy:
-Indi ýaman görmäň, täze brigadirimiziň gadamy batly, işi şowly
bolmagy üçin biraz oturyşmakçy. Isleseňiz oturyň, içgi guýup bereýin,
islemeseňiz siz üçin bir guty morožny getirip bereýän. Oňa çenli siz
brigadirimiz bilen hem ýagşyja tanyşarsyňyz – diýip, şol öňki ýigit ýene
oturyp bilmedi.
-Brigadir bilen biz deňeçerräge meňzeýäs, sensiz hem tanyşyp bileris.
Sen bolsa morožnyñy getir-de maňkaňy süpürip iýiber. Habardar bol
maňkaň morožna çyrşalaýmasyn! – diýip, ýigide garady. Oturanlar pakyrda
berdiler.
-Berekella, Sonýa, muny-ha oňardy – diýip, Gylyç gülki aralaş
gepledi.
Sonýa gitdi. Ýigitler ol ýigide yza berip başladylar:
-Bir nol bolaýdy öýdýän?!
-Munuň Sonýa degip nol bolmadyk wagty barmy?
-Muňa näçe gezekler aýdyldy, şonuň bilen eňekleşme diýip.
-Geçiniň taýak iýesi gelse, çopanyň taýagyna süýkenermiş.
-Indi lak ataýsaň, tumşugyňa ýelmär.
Mansur gürrüňe goşuldy:
-Bu hakykatdan hem tumşygynyň gögererine garaşýar öýdýän? Ýa
taýaga mätäçmiň?
-Ýok, halypa, az-kem pula mätäçligim bar-da, ýöne taýaga mätäçligim
ýok – diýip, ol boýnuny pyşdylyňky ýaly edip içine çekdi.
Bu günki arakesme örän oňat geçdi. Sonýa ýene kranyň çür depesine
çykyp işe başlady. Soň beýlekiler hem öz işlerine tarap haýal ýöreşip
gitdiler.
„Dünýä tötänliklere, täsinliklere baý“ diýleni dogry eken. Mansur hem
öz durmuşynda birnäçe täsin wakalara duş geldi. Emma onuň ýüreginde çuň
yz galdyran täsin wakalaryň biri Nurjemal bilen ýolda bolan duşuşyk bolsa,
ikinjisi şu gün ýüze çykdy.
Mansur göteriji kranyň garşysyndaky diwara kerpiç örýärdi. Özüne
130
mahsus hysyrdy talap edýän bu zähmetiň ýakymlylygyndanmy ýa-da ýüz
gramyň keýpindenmi, ol adatdan daşary hyjuw bilen işleýärdi. Şol wagt
onuň aýdym aýdasy gelýärdi. Bu ýerdäki adamlaryň hemmesini bagryna
basyp: „Siz nähili ajaýyp adamlar!“ diýesi gelýärdi. Ol içki şatlygyny
daşyna çykarman durup bilmedi. Haýsydyr bir aýdyma hiňlenmäge başlady.
Şu wagtam kimdir biri heňe salyp sykylyk çalyp, onuň hiňlenmesini kesdi.
Mansur sykylyk çalynýan tarapa seretdi. Gözi kranyň üstünde oturan Sonýa
düşdi. Sykylyk çalmak aýal-gyzlaryň arasynda seýrek zat bolany üçin,
Mansur gülümsiredi-de ýokary garap gygyrdy:
-Bu özüňizmi ýa-da kabinaňyzda birini gizläp goýduňyzmy?
Sonýa hiç zat diýmezden gyzyl dişlerini ýaldyradyp bir seretdi-de,
sykylygy has belendräk, has anygrak çalmaga başlady. Mansur işini dowam
etdirip, oňa gulak goýýarka, näme üçindir, ondan täsin lezzet aldy. Bu heňi
Mansur halk arasynda-da, radioda-da, eşitmändi, bolsa-da, ol heň oňa öňden
tanyş ýaly bolup durdy. Kranyň kabinasyndan oňa nazar salyp oturan Sonýa
Mansuryň diňleýänini bilip:
-Size ýarady öýdýän, ýoldaş brigadir? Aýdymyny hem aýdyp
bereýinmi?-diýdi.
Mansur başyny göterip oňa seretdi:
-Hä, aýdyň bakaly, eşideli!
Sonýanyň çagalaryňky ýaly dury owazy ýaňlanyp ugrady:
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Biziň bagda köpdür güller.
Geliň, geliň saýraşaýlyň,
Jakjaklaşyp gülüşeliň!...
Mansur duran ýerinde doňdy galdy.
-Ahow, alyň elim ýadap gitdi-le, diýen sözi eşidip, gapdalyna seretse,
kömekçi ýigit henizem bir kerpiji uzadyp durdy.
Mansur başga bahana tapman:
-Goýup dur. Bir çilim çekeli – diýip, ol sigaretini tüsseledip, diwaryň
üstünde oturdy. Aýdymyň sözlerini içinden gaýtalady:
Eý bilbiller, jan bilbiller
Biziň bagda köpdür güller
Ol bu setirleri ozaldan ýatdan bilýärdi. Şol wagtam onuň göz öňünden
doglan şäheri, çagalyk ýyllary, goňşulary Setdar Salyhlaryň nagyşly
derwezesi birin-birin geçip başlady. Bir gezek ýadyňyzda bolsa şu
derwezeden Sümbül atly gyz çykyp ony öýüne alyp gidipdi. Ullakan
otagdaky pianinoda şu heňi çalyp beripdi. Şonda olam edil häzir Sonýanyň
soraýşy ýaly „Aýdymyny hem aýdyp bereýinmi?“ diýip sorapdy. Şonda ol
bu aýdymy birinji gezek Sümbüldan eşidipdi.
Çagalygyň ýatkeşligi bu aýdymyň sözlerini hemişelik ýatda
131
galdyrypdy. "Bu kim? Sümbülmi? Ýa-da Sümbüli tanaýan, onuň aýdymyny
eşiden maňa meňzeş birimi? Sümbül bu ýerde näme işlesin? Setdar Salyh
ýaly döwletli adamyň gyzy heý krançy bolup işlärmi? Ol bireýýäm
ylymlaryň kandidaty ýa-da doktory bolandyr? Emma kim bilýär, takdyryň
işi bu...“
Ol Sümbül bilen Sonýanyň arasyndaky meňzeşligi tapmak üçin
çagalyk ýyllaryny göz öňüne getirmäge çalyşdy. Gap-gara ýüpek saçlary
arkasyna düşen, gara gaşlarynyň aşagynda gap-gara gözleri gülüp duran
enaýyja gyzjagaz göz öňüne geldi. Mansur erksiz kranyň depesine Sonýa
tarapa seretdi. Gara gaşly, gara gözli Sonýa birdenkä Sümbüle meňzedi,
emma şol wagtyň özünde-de birden-kä Sümbüle çalymdaşlygyny ýitirdi.
Şondan soň Mansur perişan halda öňküsi ýaly hyjuwly işläp bilmedi.
Gijara, iş wagty gutaransoň, Mansur iň ilki aşak düşdi. Ol ygtyýarsyz kran
tarapa seretdi. Seretse bäş-alty ädim gapdalynda başyndaky ýaglygyny
elinde tutup, altyn dişlerini güjeňleýän ýaly Sonýa gelýärdi. Ol Mansuryň
özüne bir geňsi seredip duranyny görüp: „Bu erkekleriň hemmesi hem bir
suw“ diýen manyda ýüzüni sowa tutdy-da, tiz-tiz ädimläp geçip gitdi.
Ýatakhana gaýdyşyn Mansur ýigitleriň gülkisine-gepine goşulmazdan,
yzrakda öz pikir-hyýallary bilen gümra bolup, geplemän gelýärdi. Gylyç
ýuwaş ýöräp onuň deňine geldi-de, egniniň üstüne elini goýup:
-Näme boldy Mansur aga? Birhili sus görünýäňiz – diýdi.
-Ýok-la sus däl-le. Bir hyýal alyp gaçdy – diýip, Mansur ýylgyran
boldy.
Gylyç onuň şu wagt hiç kim bilen gepleşmäge meýliniň ýoklugyny
aňyp geplemedi.
Olar ýatakhana baryp ýuwundylar. Geýimlerini çalşyrynyp,
naharlanmak üçin naharhana girdiler. Mansur nahar wagty hem pikire
çümüp otyrdy. Ony munça azaba goýan zat Sonýanyň birdenkä Sümbül
bolup çykaýmagy ýa-da çykmaýanynda-da onuň çagalyk dünýäsinde
çuňňur yz galdyran şol çepiksizje gyzjagazyň takdyrydy.
Eger ol Sümbül bolsa, nädip bu ýerlere düşdükä? Ol bu soraglaryna
jogap tapmaýança ynjalyp biljek däldi.
Nahardan soň Mansur Gylyjy goltuklap daşaryk alyp çykdy. Onuň
hereketlerinden anyk bir karara gelendigi görnüp durdy. Olar naharhananyň
öňündäki çilim çekişip, gürleşip duran ýigitleriň ýanyndan ötüp, çete
çykdylar. Mansur ýoldaşynyň ýüzüne seredip:
-Ýogsa-da Gylyç, sen Sonýanyň nirede ýaşaýanyny bilýäňmi? – diýdi.
-Bilýän. Hä näme? – diýip, Gylyç bu garaşylmadyk sowaldan biraz
howatyrlandy.
-Bilseň senden bir haýyş bar, meni şol ýere eltsene. Onuň bilen zerur
gürrüňim bar.
132
Gylyç oňa: „Ertirden hyýal ýüwürdýäniňiziň sebäbi şu eken-dä?"diýen
manyda gülümsiräp seretdi-de:
-Bir göreňde ýüregiňizden turan eken-dä – diýdi.
-Biderek zady aýtmasana Gylyç. Meniň bütinleý başga işim bar, soň
saňa gürrüň bererin, şonda hemmesine düşünersiň – diýdi.
Gylyç Mansuryň ýüzüne seredip durşuna meseläniň öz pikir edişi ýaly
däldigini aňyp:
Beýle bolsa, bagyşlaň, ýörüň, elteýin – diýdi.
-Daşmy?
-Ýok, daş däl. Awtobusa münsek derrew bararys. Agşamky mekdepde
okaýan bir boýdaşynyň öýünde bolýar. Men ony bir gezek profsoýuz
ýygnagyndan soň ugradypdym.
Olar awtobusdan düşüp, biraz pyýada ýörediler. Gylyç dört gatly bir
jaýyň deňine gelenlerinde saklandy-da:
-Ynha, şu jaýda. Şu podezden girilýär, emma näçinji kwartirada
ýaşaýanyny bilemok.
-Sag bol, Gylyç. Indi sen gidiber, özüm taparyn. Ýöne biri
eşidäýmesin. Diliňe bek bolgun.
-Ýok-la. Şeýle bir pähimsizem däldiris, Mansur aga – diýdi-de, Gylyç
gitdi.
Mansur indi näme etmelidigini oýlanyp biraz durdy. Soňra şu ýerde
oýnap ýören on ýaşlar çemesindäki bir gyzjagazy ýanyna çagyryp:
-Sonýa daýza nirede ýaşaýar, bilýäňmi – diýdi.
-Sonýa daýzamy? Ikinji etažda. Galina daýzalaryňkyda ýaşaýar, geliň
görkezeýin.
Mansur gyzjagazyň yzyna düşüp, ikinji gata çykdy. Gyzjagaz ylgap
baryp sag taradaky gapynyñ jañyny basýarka Mansur ýüreginiň gürsüldäp
urýanyny syzdy. Birazdan soň şyrkyldap gapy açyldy.
Gyzjagaz:
-Sonýa daýza, bu daýy sizi soraýar – diýdi-de, ylgap aşak düşüp gitdi.
-Ýoldaş brigadir, eýgilikmidir?
Mansur näme diýjegini bilmän, edil çaga ýaly bolup ýaýdanjyrady.
Soňra oňa günäli ýaly gülümsiräp seretdi-de:
-Siziň bilen gürrüňim bar, Sonýa – diýdi.
-Meň bilenmi?! Bolýar, aýdyň, eşideýin.
-Bagyşlaň, bu şeýle ýol üstünde aýdylýan gep däl-diýdi-de, Sonýanyň
ýüzünde dörän üýtgeşmäni aňyp:
-Göwnüňize müňkürlik gitmesin, men siziň bilen oýuňyzda bolmadyk
bir zat hakda gürleşmekçi – diýip duýdurdy.
Sonýa onuň bir möhüm zat aýtmakçydygyny aňdy.
-Bagyşlaň, içeri griň hem dýmändirin – diýip, Mansura ýol görkezdi.
133
Mansur içeri girip, gapa ýakyn goýlan iki adamlyk kiçi diwanda oturdy.
-Çaý içermisiňiz? – diýip, Sonýa ondan sorady. Mansur içesi gelmesede, özüni ele almak üçin wagt geçirmekçidi:
-Ygtyýaryňyz, eger kyn görmeseňiz – diýdi.
Sonýa çaý taýýarlamak üçin aşhana çykdy. Mansur töweregine syn
etdi. Bu iki otagdan ybarat jaýda pola ýazylan insiz halydan başga ünsüňi
çekiji artykmaç zat ýokdy. Mansur, näme üçindir, şol wagt Setdar
Salyhlaryň haşamlanan öýüni, poluna türkmen halylary ýazylan, pianino
duran uly otagyny ýatlady. Sonýa çaý demläp geldi. Stoluň üstünde gant,
çörek getirip goýdy-da, Mansura ýüzlendi:
-Hany çaýa ýakynyrak geliň!
Olar garama-garşy oturyp, bir-birine soragly nazar bilen seredip
oňaýdylar. Sonýanyň bakyşynda: „Näme gürrüňiňiz bar? Indi aýdyberiň“
diýen many bar bolsa, Mansuryň garaýyşynda: „Sen kimsiň?“ diýen soragy
okamak mümkindi. Şeýle bolsa-da, Mansur birden esasy maksada
geçmekden çekinip, gepi başga zatdan başlady.
-Sizi boýdaşy bilen ýaşaýar diýipdiler. Öýüňizde hiç kim ýog-a?
-Hawa, boýdaşym otpuska alyp, ejesi bilen Astrahana daýysynyňka
gitdi. Häzirlikçe ýeke özüm.
Mansur onuň bilen arkaýyn gürleşip biljekdigine begendi. Günüň
ýaşmagy bilen penjireleri gündogara seredip durany üçin otagyň içi
garaňkyrap başlady. Sonýa ornundan turup, burçdaky gyzyl gapakly stol
çyrany ýakdy. Otag ýagtylyp gitdi.
Sonýa ýerine gelip oturansoň „Ýeri, näme gepiňiz bolsa aýdyberiň“
diýmekçi boldy, emma onuň deregine:
-Gepläp oturyň – diýip, ýuwaşjadan aýtdy.
Mansur onuň bitakatlanýandygyny aňyp:
-Bilýäňizmi Sonýa, adama hemişe özüniň geçmişi eziz bolup
duýulýan eken. Şonuň üçin bolsa gerek, köne dostlar täzesine garanda
ýakynrak bolýar. „Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi“ diýip, şonuň üçin
aýdylýandyr.
Sonýa käsesindäki çaýy owurtlaýarka Mansura gülüp bakdy-da:
-Bu diýýäniňiz dogry, Mansur aga, emma munuň bize näme dahyly
bar? –diýdi.
-Eger men ýalňyşmasam, dahyly bara meňzeýär, emma men nämeden
başlajagymy bilmän otyryn.
-Bolsa-da – diýip, Sonýa oña bir hili tolgunyp garady..
Mansur hem ony mundan artyk tolgundyrmak islemän:
-Gowusy, gürrüňi şu günki siziň aýdymyňyzdan başlaýsak näder:
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Biziň bagda köpdür güller.
134
Geliň, geliň oýnaşalyň,
Jakjaklaşyp gülüşeliň!
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Sizi küýsär biziň güller
Mansur aýdymyň sözlerini aýdyp gutarandan soň Sonýa gülüp
goýberdi, soňundanam şeýle diýdi:
-Muňa seredñ, bir gezek eşidende ýat tutaýypdyr!
-Ýok, men bu goşgyny öňdenem bilýärdim.
-Öňden hem?!
-Hawa!
-Geň galaýmaly! Mümkin däl!
-Näme üçin?
-Çünki ony menden başga hiç kim bilmeýär. Ol goşgyny özüm
düzdüm, ahyry.
Mansuryň anyklamakçy bolýany hem şu zatdy Ol uludan dem aldy: Diýmek, sen Sümbül-dä!
Sonýa Mansura ýalt edip seretdi:
-Hawa, ýaşlygymda maňa şeýle diýip ýüzlenýärdiler. Aslynda siz kim
bolmaly onsoň?
-Ýaşlygymyzda siz Bürgüt diýen oglany bilýämidiňiz?
-Bürgüt? – diýip, Sonýanyň geň galmakdan demi tutuldy. Hä-ä,
Bürgüt diýseňiz-le? Bilýän! Onuň hakyky ady Mansur bolsa gerek? Näme
üçin ýadymda bolmasyn! – diýip, Sonýa birdenkä ejizldi – Hemmesi
ýadymda. Hatda bir gezek „Sen bürgüt däl-de, serçesiň“ diýenim üçin taýak
iýenim hem ýadymda.
Sonýa sözüni tamamlap, Mansura esli wagtlap aňalyp seretdi, oturdy.
Ol göýä şu wagt Mansuryň keşbinde özüniň uzak geçmişini,
şadyýanlyklardan doly çagalyk ýyllaryny görýän ýalydy.
Mansur ýüzüni keseräk sowup, birbada sowukganlylyk bilen dillendi:
-Meniň bilen duşuşaryn diýip kelläňize-de gelmedik bolsa gerek.
-Gelipdi. Çagalygymy ýatlasam, hemişe sizi ýatlaýardym. Bir gün
bolmasa, bir gün siziň bilen bolmagy mümkin duşuşyşygy göz öňüne
getirip, şondanam lezzet alardym. Ýöne bu buduşuşygymyz bir hili
boldy...Üýtgeşik tolgunma-da ýüze çykmady. Geň galaýmaly...
Mansur öz gezeginde:
-Dogrusyny aýtsam, men size bu ýerlerde duşaryn diýip
oýlanmandym. Kakaňyz gaty döwletli adamdy. Sizi okadyp, eýýäm
ylymlaryň kandidaty ýa-da doktory edendir diýip oýlapdym – diýip, gyzyň
pikirini bilmäge çalyşdy.
Sümbül Mansura hasratly garap, uludan demini aldy.
-Onuň döwletli kagyzdan ýasalan oýunjak öýe meňzeýän eken. Bir
135
şemalda hemmesi uçup gitdi.
-Näme üçin? – diýip, Mansur aladaly seretdi.
-Şol gören döwletiň halkyň hasabyna toplanan haram baýlyk eken.
Hemmesini gaýtaryp aldylar. Baýlygy bilen bile özüni hem alyp gitdiler. Şo
gidişinden gaýdyp gelmedi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 12
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.