Latin

Powestler - 13

Total number of words is 3781
Total number of unique words is 2163
30.8 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geňgalyjylyk bilen oňa seretdi. Ol pejiň ýanynda çök düşüp oturdy-da
papkasyndan bir tagta kagyz aldy.
-Gizlin hünärmentçilik bilen meşgullanýanyňyz üçin, size maliýe bölümi
elli müň manat möçberinde jerime saldy. Ynha kagyzy, goluňyzy çekiň –
diýip, ol sygryň dili ýaly kagyzy uzatdy. Halypamyň ýäzi uç ýuwlan ak esgä
döndi.
-Elli müň manat? Näme üçin beýle inim? Meniň öýde işlemäge başlanyma
entek iküç hepde-de bolanok ahyryn?! Näme üçin beýle bolýar?
-Men hiç zat bilmeýärin –diýip, ol halypamyň sözüni böldi:
-Hökümetiň kanunyna oňat düşünýänsiň, ussa. Kanun kanundyr.
-Kanuna düşünýäs inim, emma elli müň manady men nireden tapaýyn?
Muňa öýümi satsam-da, ýetmez. Munyň-a ynsapsyzlyk bolýar, inim.
Gürrüňe halypamyň aýyly goşuldy.
-Wah bally, men seň ejeňi, kakaňy tanaýan, aslyňa belet, näme üçin
beýdýäň? Birazyrak puryja berseňiz, ussanyň özi maliýaňyza baryp, kagyz
alyp gelerdi. Özi-de şeýtjek diýip otyrdy.
Ol kempiriň diýenine üns hem bermän, ýaňky kagyzy halypama ýene
uzatdy-da:
-Çekeleşip oturmaly ussa. Gol çekip ber, men gaýtjak – diýdi.
Halypam bu gezek saklanyp bilmedi:
Çekjek däl, ertir özüm ulyňyzyň ýanyna baryp düşünişerin! Petent sorap
arza berjek!
-Biderek, edýäň, ussa. Häzir patent diýilýän zat her kese berlip duranok,
Gaýtam, salgydyňyzy ýüz müňe çykarmaklary mümkin. Sebäbi elli müň
diňe seniň ýeke özüňi nazarda tutulyp çykarylan. Ynha, şägirt oglanyňam
bar ekeni. Onuňam el güýjünden peýdalanyp otyrsyň. Aktyň bir punkytyna
149
munam goşup goýbersem, elli müňi ýüz müň edip tölederler. Şonuň
üçinem, çekeleşip azara galma, ussa.
-Aý, iki ýüze çykarsalaram, bir baryp görjek. Işim seň edaraňdan bitmese,
ispolkoma barjak, arz etjek.
Halypamyň gara çynydygyny bilensoň, ol näme üçindir, gowşap ugrady:
-Ýaşuly, sen-ä edenlisireýärsiň welin, ýöne ýeke özüň müň gapa başyňy
ursaň-da, peýdasy bolmasa gerek. Gowusy, siz azara galyp ýörmäň. Ine,
daýzamyň
aýtmagyna görä, ozaldan tanyş ekenik. „Bir gören tanyş, iki gören
garyndaş“ diýipdirler. Meniň özüm siziň üçin alada edip göreýin. Belki, bir
ugruna bolýady-da.
-Beýle bolsa, sag bol, inim, bereket tap! –diýip, halypam deň ýary agaran
gytyk sakgalyny barmaklary bilen daraşdyrdy-da:
- Dogrusyny aytsam, ertirden bäri göwnüm başga bir gümana gidip
otyrdym. Men seni Hasan güpjek ýaly biriniň gepi bilen gelendir öýdüp
otyrdym. Beýle şeýtanyň pikirene gidenim üçin, meni bagyşlaweri, inim –
diýdi.
-Ynsan çig süýt emen bolýar, ýaşuly. Zyýany ýok. Ony men göwnüme
getirmerin. Siziň üçin elimden gelen ýagşylygy etjek bolup görerin. Emma
gurudan – gury çar tarapa at salanym bilen iş bitmezmikä diýýän.
-Bu näme diýdigiň? – diýip, halypam biraz geňgalyjylyk bilen sorady.
Aý... ýaşuly, düşünmediksirän bolmasana, gury sözden palaw bolmaýar
ahyryn. Siz köpügören adam, gepiň bir çetini eşdenden düşünibermeli-lediýip, ol gözlerini birhili ýyltyldatdy.
-Şeýlemi? – diýip, halypam oňa dikaryňlap başlady-Munuň ýaly maksadyň
bar bolsa, ertirden bäri „Mus-mus“ diýip oturýançaň Mustapa diýäýseň
bolmadymy?
Hawa, Mustapa, Mustapa! – diýip, ol gelşiksiz ýylgyrdy.
Halypam birdenem dergazap bolup:
-Sen näme, para sorap geldiňmi bu ýere? Indi men ömrüm bina bolup
etmedik işimi edip, para bermelimi? Haramzada, çyk öýden! – diýip, onuň
üstüne sürindi.
Ýaňky ýigit gapydan nçykyp barýarka:
Şu puly hökman saňa tölederin, tölemeseň, mal-mülküňi konfiskasiýa
etdirerin! – diýip haýbat atan boldy.
Halypam onuň goýup giden kagyzyny dört bükläp jübüsine salyp, gaharly
dillendi:
-Hasan güpjeklden-de geçiren deýýus ekeni, haramzada! Ertiriň özünde
başlygynyň ýanyna barjak, ispolkomada arz etjek, ýurtdan adalat giden
däldir entek! – diýip, sowap galan mäşeweden iki çemçe içdi-de, gaýra
çekildi.
150
-Işdäme-de sogan dogrady, haramzada! Maňa seretme, içiber, Abdy jan –
diýdi..
-Enesinden käse gelmişi şu hili para-pullar azdyran ekeni, asyl! Düýn
heleýler ony „Boýy ýeten gyzy bilen aýalyny kowup, ýaşajyk bir gyza
öýlnepdir“ diýip oturdylar –diýip halypamyň kempiri käýindi.
Dogrydyr. Bu terzli adamyň elinden her hili hilegärlikler geler – diýip,
halypam kempiriniň sözüni tassyklady.
Kempiriň: „Boýy ýeten gyzy bilen kowupdyr“ diýen sözleri, näme üçindir,
meniň depämden sowuk suw guýlan ýaly etdi. Pikire gitdim. Ýogsa-da,
Narym ony maliýanyň gyzy diýipdi. Aý, ýoga! Ol şu adamyň gyzymyka?
Neneň şeýle ajaýyp gyz bu hili nejisiň gyzy bolup biler? Bu waka, iş-alada
bilen tas ýadymdan çykaňgyrlap barýan şol goýungözli gyzy ýene-de
ýadyma saldy. Ýüregimde ony ýene bir gezek görmek arzuwy oýandy.
Giçlik öýe gaýdanymda pikirimiñ bir bölegini şu günki bolup geçen waka
eýelän bolsa, ikinjisini şol goýungöz eýeläpdi.
Şol günüň ertesi halypam ir bilen şähere çykdy. Men işlemesine işledim
welin, halypam meseläni nähili çözerkä diýip pikir edip, wagtyň nähili
geçeninem bilmändirin.
Halypam günortana golaý ýylgyryp geldi,
Abdy jan, hoş habar alyp geldim – diýip ol maňa ýüzlendi –
Gadymkylardan galmadyk söz ýok. Kemlige kemal bar, menlige zowal.
Hasan güpjek masgara bolup, tussag edilipdir. Onuň gözboýagçylygyna,
ynanman, komissiýadan geçirip, esgerlige çagyran ekenler, ol bolsa
hilegärlik edip, sag eliniň üç barmagyny çapyp taşlapdyr, namart!'
Çyndan tussag edilipmi? –diýip, men begenjimden soradym.
-Howala, beýle namardy jezalaman bolarmy näme? Ispolkomyň
başlygyndan eşitdim. „Asylsaň belent şahadan asyl“ diýenlerini edip,
dopba-dogry onuň ýanyna girdim. Biçäräniň oglundan şum habar gelenine
üç gün bolan eken. Gaty sus, biçäre. Arzy-halymy diýdim. Dykgat bilen
diňledi. Malyýa til kakyp, salgydy şol wagtyň özünde ýatyrtdy. Men onuň
bilen hemme zat barada gürrüňleşdimem, ýöne düýnkiniň para sorap
gelenini aýtmaga dilim barmady.
-Hasan güpjek diýeniňiz şeýle namart adam ekeni, ussa-diýip, ol soňundan
maňa gürrüň berdi: - onuň milliýonlarça deň-duşlary watan üçin jan berip
gan döküp ýören wagty, bu namardyň ýeke özüniň jany gözüne görnüpdir.
Aý bolýar-da etmişine görä jezasynam çeker. Meniň maslahatymy alsaňyza
artele dolanyp baraýyň, köpjüligiň içi oňat bolar. Köpjüligiň içinde adam
gaýgy gamyny hem unutgyç bolýar-diýdi.
-Näme üçin, düýnki parahory oňa aýmadyňyz? Aýdan bolsaňyz, oňam
jezasyny bererdi – diýip men halypama igendim. Halypam:
-Kim ýaman bolsa hudaýdan tapsyn, bizden tapmasyn, oglum. Olam bolşy
151
şol bolsa, bu gün bolmasa erte Hasan güpjek ýaly pälinden tapar gider –
diýdi.
************
Şeýdip, ýene artele gelmeli bolduk. Muňa meniň neneňsi begenendigimi
bir bilseňizdi! Ejeme bu hoş habary aýdanymda, ol näme üçindir, muňa
biparh garady. Diňe meniň göwnüm üçin:
-Gowy bolupdyr, Köpçüligiň içinde içiň gysmaz-diýip oňaýdy. Onuň
biparhlygynyň sebäbini bilýän. Ol ha artel bolsun, ha halypamyňky –
umuman meniň işlemegimi islemeýärdi. Käwagtlar meniň işden ýadap
gelenimi göreninde uludan bir demini alyp:
-Wagtyň geçip barýar, bilimsiz galyp barýañ, oglum. Gijeki mekdep
açyljakmyş diýen habar bar, käşge şo açylaýsa, onda saňa meňzeşler üçin
gowy bolardy. guzym – diýerdi.
************
Şu aralykda tötänden ýüze çykan bagytsyzlyk biziň artel baradaky
şatlygymyzy ýele sowurdy oturyberdi. Halypamyň kempiri tarpa-taýyn
aradan çykaýdy.
Halypamy bu hasrata çydap bilmez diýip gorkupdym. Emma men ýalňyşan
ekenim. Ol ýalňyz mahalynda aglan olsa aglandyr, emma märekäniň içinde
welin gözüne ýaş hem aýlamady. Märeke d....argap, onuň ýanynda diňe
goňşusynyň aýaly bilen men galdym, şonda ol ýüregindäkisini dökdi.
-Kempir pahyr bu dünýäniň gowgasyndan dyndy. Boldy-boldy maňa
boldy... Täk özüm gugaryp galdym-diýdi. Goňşusynyň aýaly oňa göwünlik
bermekçi boldy:
-Umytsyz bolmaň, Mahmyt aga. Siziň ýalňyzlygyňyz wagtlaýyndyr. Hä
diýmän, ogluňyz uruşdan geler, öýerersiňiz. Öýüňiz agtyklaryňyzdan dolar.
Agzyňyzy haýyr açaweriň.
Şonda welin halypam saklanyp bilmän, gözüne ýaş aýlady.
***********
Aradan birnäçe gün geçensoň artele geldik. Gelen günümiz ussalaryň
begenşini bir görseňizdi! Olar halypam bilen meni asyl ýitirip tapan ýaly,
ýeke-ýekeden gujaklap görüşdiler. Adamlaryň beýle mähirli garşylamagy
biziň depämizi göge ýetirdi.
Indi her gün, ozalkym ýaly, artele
gatnaýardym. Şondan soň, hemişeki tanyş ýol-ýoda ýene-de maňa
birwagtky goýungözli gyzy ýatlatdy.
Peduçilişäniň gyzlary öňümden ýene topar-topar bolup çykýardy. Emma
olaryň içinde, näme üçindir, ol goýungözli gyz görünmeýärdi. Ýöne onuň
bilen mydama el tutyşyp ýören owadan gedem gyzy welin häli-şindi
görýärdim. Ol meniň gözlerimiň näme agtarýandygyna düşünýän ýaly,
152
mydama manyly gülümsiräp geçip gidýärdi. Men bolsam Belkem,
yzyrakdan gelýändir, Ine häzir öňümden çykar diýip, içimi gepledýärdim.
Ýüregim welin gürs-gürs uryp, kükregimden çykaýjak bolýardy.
Bir hepdäm şu hili ýagdaýda geçdi. Umydym puja çykdy. Ol indi okuwa
gatnamaýardy. Munyň sebäbini nireden, nädip anyklajagymy bilmeýärdim.
Nätsemkäm? Ýada şol maňa gülümsiräp geçýän
boýdaşyndan
soraýsammykam? Ony şonça gyzyň içinden saýlap saklaýmagam aňsat iş
däl. Aňsat bolmasa-da saklamaly soramaly.Emma ol meniň bu bolşyma
dogry düşünermikä, üstümden gülmezmikä? Bardy-geldi, ol meni başga
bir zat aýdar öýdüp, küýinip gidiwerse nähili bolsada saklamaly, soramaly,
anygyny bilmeli, ýogsam ýüregim ynjalyk tapanok.
Ertesi onuň gyzaryp-bozaryp sakladym.
-Boýdaşyňyz näme üçin görünmeýär? – diýip, gyzyň meni synlap duran
gözlerinden gözümi gizledim. Ol meniň soragyma şo bada düşündi.
-Sonagülmi, gerekmedi?-diýip ýylgyrdy. Men onuñ adyny birinji gezek
eşitdim.
-Hawa, ädik buýrupdy. Taýyn – diýip, kelläme gelen zady aýdyp
göýberdim. Emma bu hili ýagdaýda gyz maşgalanyň gözüni gapyp
bolýarmy näme?
Ol gülüp göýberdi-de:
-Ädigimizi maňa sataýyň – diýdi. Men çym-gyzyl boldym. Hiç zat aýdyp
bilmän, oňaýsyz ýylgyrdym. Gyz birden gaşyny çytdy-da:
-Sonagül okuwy taşlap gitdi. Indi ony bu töwerekden tapyp bilmersiňiz –
diýip, özüne garaşyp duran gyzlara bakan dogumly ätläp ugrady.
-Sebäbi näme-diýip, men zordan dillendim. Ol gyz gaňrylyp birhili manyda
seretdi-de, hiç zat diýmän gidiberdi. Onuň nähili manyda seredenine şo
mahal pikirem bermedim.
Sebäbi aladam özüme ýetikdi. „Okuwyny taşlap gitmäge ony näme mejbur
etdikä? Şonda halypamyň kempiriniň bizden para sorap gelen adam
hakynda aýdany birden ýadyma düşdi. „Gyzy bilen aýalyny kowup, ýaş
gyza öýlenen onuň kakasy ekeni-dä? Ine, onuň okuwyny taşlap gitmeginiň
sebabi! Biçäre gyz, ol hem men ýaly güzeran görmek üçin bir ýerde işläp
ýörendir....“
Şeýle pikirler bilen bilelikde, kelläme başga-da bir pikir geldi. „Näme üçin
boýdaşy maňa muny açyk aýdaýmady? Bir hili gyz eken-aý, walla! Näme
üçin ol meniň bilen gürleşeninde beýle suwjarýar-a? Gülümsiriýär, birhili
seredýär? Boýdaşynyň başyna düşen gara gün onuň üçin hiç zat ýaly!“
Assa ädimläp barýarkam, kellämde şu pikirler at salýardy. Ýüregimde bolsa
"Sonagül“ diýen at häli-şindi ýaňlanyp durdy.
************
153
Aýlar, günler geçip, Sonagüliň owadan goýüngözleriniň kalbymda galdyran
yzy dura-bara öçüp ugrady....
******
Gyşyň içiňi gysdyrýan tukat günleri geçip, köçelerde baharyň şadyýan ýeli
öwsüp başlady. Teniňe mahmal ýaly mylaýym degýän ýazyň ýeli çöküp
ýatan duýgularymy hem oýardy. Ýüregimde düşnüksiz bir isleg döretdi. Bu
islegiň peýda bolmagynyň bahardan başga-da bir sebapkäri bardy. Ol hem
Sonagüliň şol baýaky boýdaşydy.
Sonagül zerarly aramyzda bolup geçen gürrüňden soň bu lälik gyzyň
salamlaryna gözlerini allaniçiksi güldürip geçişlerine ilki günlerde parhsyz
garap gelipdim. Emma gyzyň yzyny üzmän gaýtalaýan bu hereketleri kemkemden göwnüme hoş ýakyp başlady. Soňky wagtlar her gün ir bilen işe
gidip barýarkam, oňa duşuşanymda, gözlerini güldürip, salamlaşmagyny
isläp başladym. Bir günem bu islegim on esse artykmaçlygy bilen ýerine
ýetirildi.
Ine, ol şeýle boldy.
Gijara işden ýeke özüm pikire çümüp, başymy aşak salyp gelýärdim. Bäş
ädim çemesi öňümden biriniň aýak sesine başyma galyrdym. Gözüm şol
Sonagüliň boýdaşyna düşdi. Ol näzli gülümsiräp, gös-güni maňa seredip
gelýärdi. Ol garşyma gelip aýak çekdi-de:
Ussa salam – diýip, gülüp duran gözlerini gözlerime dikdi. Men onuň
gyzlara mahsuz bolmadyk beýle aýgytly hereketindenmi ýa-da gapyl
galanym üçinmi garaz, birhili özümi ýitirdim.
Salam...-diýip, zordan dillendim.
Gyz meniň bolup durşumdan nähili ýagdaýdadygymy aňyp, mylaýym
ýylgyrdy-da:
-Şol baýak aýdan ädigiňizi nätdiňiz, hiç kime satmadyňyzmy?-diýdi.
-O nähili ädik?
-Sonagüle tiken ädigiňiz-dä.
Şo bada ýalan sözlänim ýadyma düşdi-dä:
Ýok entek....-diýip, çym-gyzyl boldum.
-Henize çenli hyrydar tapyp bilmänsiňiz-dä?-diýip, gülip göýberdi. Onuň bu
gülküsini özümiň ýigitlik mertebäme dil ýetirmegi diýip düşündim-de,
birden-kä gaharym geldi. Mertebäme dil ýeterileninde men özümi diýseň
merdem tutýardym. Şu häsiýetim bu gezek hem kömege ýetişdi.
-Hyrydar näçe diýseň bar, emma ol ädigiň özüne mynasyp hyrydary
tapylýança hiç kime satjak däl-diýdim.
Gyz gepiň manysyna düşündi öýdýän, boz-ýaz boldy. Ýöne dillenmän
durup bilmedi:
-Şeýlemi? Maňa sataýjak däl-da onda?
Çyn hyrydar bolsaňyz....
154
Ol ýenede hüjüm edip ugrady:
Seret-le muňa! Çyn hyradardygymy men nädip subut etmeli, ýa-da pulumy
çykaryp görkezäýinmi? – diýip, gyz ýenede güldi. Bu saparky gülki hilesiz
gülki bolansoň, menem goşulanymy bilmäni galypdyryn.
-Eýsem söwdasyny haçan edýäs? – diýip, ol gyz birhili çynyrgadyp ugrady.
Menem onuň özünden kem galmadym.
-Onuň söwdasyny şu gün agşam edil şu ýerde ederis- diýdim.
Gyzyň häliden bäri gülüp duran güzleri birden aşak bakdy...
-Ýok bu gün däl.
-Näme üçin? Şu gün bolaýsa, gowy bordy-da!
-Ýok, ýok, başga wagtda.
-Ýok diýmesene....Bolýarmy? Bolýa diýäýsene.
Bolýa... Gadalan ýeriňden gan alýan oglan ekeniň.
Gyz gitdi.
Men öýe ýöräp däl, uçyp geldim.
************
Ol şol döwürlerde ýörgünli bolan „han atlas“ köýnek geýip, gül ýaly açylyp
geldi. Meniñ begenjimiñ çägi ýokdy. Gyzyñ gözleri-de bagryýarlyk bilen
lowrdaýardy.
Bz iki ýany gur bagly ýan ýoda bilen egnimizi deňleşdirip, ýuwaşja ýöräp
ugradyk. Ikimizdenem ses çykanok. „Näme diýsemkäm? Gürrüňi nämeden
başlasamkam?“ Ýüregimi gurşap alan süýji duýgunyň niçikdir bir lezzetli
tolgunmanyň gujagynda bir agyz söz tapmaga-da rowgatym bolman,
ejizläp barýardym. Maňa galsa, şu hili ýagdaýda tä ýary gijä çenli aýlanyp
gezmäge razydym. Emma ümsümligiň uzaga çekmegi aramyzda birhili
ebeteýsiz ýagdaý döretmäge başlady. Söz tapyp bilmän, azara galýanymy
gyz aňan bolmaga çemeli, özi dillendi:
-Bolşymyz-a birhiliräk – diýip, ol mylaýym ýylgyrdy.
-Näme üçin birhili bolýar?
-Entek biri-birimiziň adymyzy-da bilmeýäris. Şondada, ýedi ýyllyk
tanyşlar ýaly aýlanyp ýörüs-diýip, ol güldi.
-Hawa, dogrudanam, munymyz birhiliräk –diýip, men gülesim gelmesede,
onuň gülkisine goşylan kişi boldum.
-Gel gowusy biri-birimize adymyzy aýtmaly –diýip, gyz edil ýaş çaga ýaly
läliksiräp gepledi.
-Haçana çenli?
-Hiç haçanam.
-Şeýlede bir zat bormy?
-Biz bolduraly-da.
-Ýok munyň bolmaýar! Adyňy häziriň özünde aýt!
155
Gyz näzirgäp dillendi:
-Eýýämden hemle atýaňmy?
-Bagyşla.
- Sen näme, gyzlaryñ adynyñ nädip soralýandygyny kitaplarda
okamadyňmy, kinolarda görmediňmi? Hany, meniň adymy biljek bolda?
Men näme diýjegimi bilmän ýylgyrdym. „Kitaplarda, kinolarda, dogrusyny
aýtsam, mekdepden gidelim bäri, elime kitap almadym diýsem-de
boljak.Ozalky okan erteki kitaplarymda-da
ýigitleriň
gyzlardan
nädip adyny soraýanyna
duş gelmedim. Duş gelen bolsam-da, ol mahallar muňa üns bermänim üçin,
ýadymda galmandyr. "Çapaýew", „Nasreddin Buharada“, „Bagdat ogrusy“
kinolaryny birnäçe gezek görüpdim. Olarda-da bu hakda gep-söz ýokdy.
Belki, şeýle gep-gürrüňli kinolar bolsa-da bardyr?" diýip, oýlanyp dymdym.
Ol -Gyzlaryň adyny soramagy oňarmasaň, onda öňürti öz adyňy aýdaýdiýip, keerjekledi.
-Adym Abdy.
Gyz pyňkyryp göýberdi.
-Näme gülýäň?
-Näme üçin öz adyňy özüň kemsidip aýtýaň?
-Kemsidip dagy edemok. Adym Abdy-da.
-Hemmede adyňy Abdy diýip tutýarmy?
-Ýok ejem Abdy jan diýýär, halypam Abdy baý diýýär, oglanlar ýöne Abdy
diýýärler.
-Bular seniň doly adyň däl, ahyryn. Doly adyň näme?
-Doly adymy indiki gezek, dogluş hakyndaky şahadatnamamy görüp, gelip
aýdaryn.
Gyz maňa hezil edip güldi.
-Eý-waý, gepiň gursyn, tas içegäm üzülipdi. Seniň adyňy goýan kim?
-Bilemok, kakam goýan bolmaga çemeli.
-Kakaň nirede işleýär?
-Ol uruşda.
-Hm... Meniňem agam uruşda – diýip, gyz birden tukatlandy: - Ozal nirede
işleýärdi kakaň?
-Mugallymdy.
-Mugallymlar şahyrlaryň atlaryny gowy görýärler. Çyn adyňy häzir bilerin.
Haýsy şahyryň adyna dogry gelýärkä adyň janym? Abdy... Abdy..... tapdym!
Abdyrahman! Jamynyň ady-la bi!
-Azyrak ýalňyşdyň. Abdyrahym. Indi senem aýt-da adyňy.
-Ýok. Özüň tap. Adym „Z“ harpy bilen başlanýar. Muny tapmak aňsat-la.
Adyň ýa Zulaýha ýa Zyba
-Ýok
156
-Tapmadymmy? Eýse muny seň ýaňky usulyň boýunça tapmaly bolýar.
Seň adyňy goýan kim?
-Kakam
-Kakaň käri näme?
-Kakam gorispolkomyň başlygy.
-Şeýlemi?
Men dymdym. Halypamyň salgydy ýatyrmak üçin ispolkomyň başlygynyň
ýanyna baryp geleninde "Biçäräniň oglundan şum habar gelenine üç gün
bolupdyr Örän tukatlanyp oturan ekeni" diýeni ýadyma güpbe düşdi. Bu
gyz hem "meniňem agam uruşda" diýýär. Onuň şum habardan habary ýok
bolmaga çemeli. Kakasy biçäre, bu elhenç habaryň azabyny ýeke özi çekip
ýörene meñzeýär.
Tapdyň gerek? – diýip, ol meniň sesimi çykarmanyma özüçe düşündi.
-Gorispolkomyň başlyklarynyň nähili atlary gowy görýändigini hakydama
getirip bilemok – diýdim.
Sözlerimiň manysy degişmä meňzese-de, äheňi meňzemedi. Sesimde
ýüregimde berçigen tukatlygyň täsiri dýulýardy. Muňa-da başgaça düşünen
gyz:
-Ýadadyň öýdýän, öýli-öýümize gaýdaýaly –diýdi.
-Ýok-la, ýadamok. Ýene birsalym gezeli.
-Ýok. Gijä galsam, ejem käýýär.
Ony öýüne çenli ugratdym. Gapysynyň öňüne gelenimizde ol:
-Gaýdyber onda – diýdi.
-Adyňy aýtman gidiberjekmi?
Gyz hilegärlik bilen ýuwaşja güldi-de, „Hoş“ diýen manyda elini uzatdy.
Şeýle bir näzik, şeýle bir mylaýym bu eli gabarçakly elim bilen emaýja
gysýarkäm, özümi ömrümde ilkinji gezek eline altyn alyp gören garyp ýaly
duýdym. Gyz näme üçindir, elini birden çekip aldy. Men adyny aýtman
gider öýdüp, howlugyp soradym.
-Aýtmadyň-la
-Zülputar.
Şeýle diýdi-de, tiz-tiz ýöräp, howla girip gitdi. Bu etraplarda örän seýrek
duş gelýän bu owadan ady näme üçindir, men şo näzik ellere meňzedesim
geldi.
***************
Gumguk köçäni ýeke özüm eýeläp gelýärdim. Hyýalymda welin, o gyzyň
görküne guwanyp, sözüne, gülküsine gulak asyp, şadyýanlygyna,
mähremligine guwanyp gelýärdim.
Asyl öýe gelenimem duýman galypdyryn. Gijäniň birwagty bolanyna
garamazdan, äpişgämizden yşyk görünýärdi. Ejem uklamandyr. Gijä
galanym üçin, howatyrlanyp oturan bolmaga çemeli. Pişik basyşyny edip
157
öýe girdim. Ejem krowatda arkasyna ýassyklary goýup, kitap okap oturan
ekeni. Gapydan girenimden başyny kitapdan göterip, ulydan demini alyp
dillendi.
-Nirede eglendiň, oglum?
Şonda ol ýüz-gözümden birhili üýtgeşikligi syzjak bolýan ýaly geňirgenip,
maňa diklenip seretdi. Men gyzaryp gitdim.
-Kino bardyňmy?
-Howa
Ejem soň gülümsiräp gepledi.
-Gyzykly ekenmi?
-Hawa „Çapaýew“.
-„Çapaýewdan “ başgasy ýokmuka? Hemişe şo kino-la? Şeýledir-dä. Kino
çykarýanlaram uruşdadyr bu wagt....
Ol kitabyny ýapyp, ýüz-gözüme ýene bir gezek mähirli seretdi.
-Indi ýataý, oglum. Ir bilen bäşde çöregiň nobatyna gitmelisiň.
Hemişeki ýatýan ýerime – pejiň ýanyndaky köne diwanyň üstüne düşek
ýazyp, çyrany öçürdim. Otagda höküm sürýän garaňkylyk hem ümsümlik
meni adatdakysy ýaly rahat ukynyň däl-de süýji hyýallaryň gujagyna
çekdi.
-Abdy jan, Näme uklaňok?
Uklaman ýatanymy nireden bildikä? Ejem uklasyn diýip gymyldaman
ýatdym ahyry? Ene-dä, ene ýüregi gör, nähili duýgur bolýar! Ol seniň dem
alşyňdanam ukudadygyňy ýada oýadygyňy, gaýgylydygyňy ýa-da
şatlanýandygyňy – ählisini duýup ýatyr!
-Eje!
-Jana!
-Ýaňky okap oturan kitabyň näme hakynda?
Ejem birsalym dymyp, ulydan demini aldy. Şonda ol maňa: „Ýüregiňde
nähili tupan turanyna indi düşündim“ diýen ýaly boldy.
-Ol kitap ajaýyp bir adam hakynda. Senem wagt tapyp okaýsaň, zyýan
etmez, oglum. Ýöne seniň iş-aladaňam kän-dä. Bu-da geçer, oglum. Hany,
ýat, dynjyňy al. Ertir ir turmalysyň.
-Bolýar eje.
Soň uka gidipdirin
**************
Budilnigiň jyňyrdysyna oýandym, görsem sagat bäş. Ýumşajyk düşegi
terk edip, ýerimden galasym gelmeýärdi. Isleg bilen hajatyň işi ýok.
Turmaly boldy. Turdym. Ähli ýeriniň syrçasy gopup, çypar bolup giden
köne budilnige gaharly seredip durşuma çalt geýnip, çöregiň nobatyna
ýüwürdim.
Daňdanyň çigreksi şemaly teniňe ýakymsyz degýärdi. Köçelerde eýýäm
158
hereket başlanypdyr. Adamalaryň ädimleri aladaly. Çörek dükanyna
gelenimde, uzyn murtyna ak sepen garry milisiýoner nobaty tertibe salyp
duran eken. Şol wagt nobatyň soňunda duran gök biýz köýnekli, uzyn
boýly, näzenin gyza keseden gözüm düşende, näme üçindir, ýüregim jigläp
gitdi. Oňa golaýlaşyp nobatyň yzyny soraýarkam, ol yzyna öwrüldi. Şonda
bir wagt ýüregime ot atan goýungöze gözüm sataşdy. Sonagül! Birbada
demim ýetmeýän ýaly boldy. Der basdy. Ozallar oňat geýnip, gül ýaly
açylyp ýörän gyzy biýz köýnekli görenimde, inim dyglap gitdi, ýüregim
awady. Gyz hem özüniň bu halyndan utanýan dek, başyny birden aşak
egdi. Soň asuda garaýyş bilen bakyp:
Gurgunmusynyz? – diýdi.
Juda mylaýymlyk bilen aýdylan bu söze jogap bermäge-de ejiz geldim.
Bogazym dolup, diňe başymy egip oňaýdym. Şo bada hem köpden bäri
ýüregimizde saklanýan şol gaýybana tanyşlyk mesaňa ýüze çykan ýaly
boldy durdy. Emma şondan soň sagatlap nobatda ýüzbe-ýüz duranam
bolsak, aramyzda hiç hili gep-gürrüň bolmady. Ýöne bu dymyşma biziň
üçin manyly manysyz sözlerden has ähmiýetlidi. Sebäbi biz biri-birimize
gyýa-gyýa seredişmek bilen, aram-aram nebsewür ýuwdunmak bilen, hatda
göze ilmeýän kiçijik bir hereketlerimiz bilenem sözde düşündirip bolmaýan
syrlу bir zady-bir-birimize düşündirýän ýalydyk. Sagat sekize golaýlaşanda
biziň nobatymyz ýetdi. Bir elimize kartoçkany, beýleki elimize-de
bukankadan sähel azyrak çöregi mäkäm gysyp, nobatyň kadasyz
itnişiginden çykdyk. Şol mahalam orta ýaşlaryndaky iki sany sygan aýal
gelip, adamlary gepe güýmemäge durdy. Nobatyň yzyragynda duran bir
kempir syganlary ýanyna çagyrdy. Syganlaryň biri kempiriň sag eliniň а
ayasyna seredip samramaga başlady.
-Palyňda malyň göründi, malyň bilen janyň göründi. Uzak ýerde diýsemmi,
ýakyn ýerde diýsemmi, ýadyňmy, ýakynyňmy, ýalňyz gaýybyň bar, gözüň
ýolda intizar...
Tapdyň tapdyň, başyňa döneýin – diýip, kempir janykdy.
Sygan aýal hinizem samyrdaýardy. Men bolsa oňa seredip agzymy öweldip
galypdyryn. Şol wagt goltygyma mäkäm gysyp duran çöregimi biri silkip
aldy. Zährem ýarylyp, yzyma öwrüldim.
Adamlar:
-Haý tut! – diýip, yzan-çuwan bolşup gygyryşdylar. Milisiýoner gulagyňy
deşip barýan ses bilen yzly-yzyna jürlewigini çaldy. Emma bary biderek
boldy.Çöregi alyp gaçan oglan birdemde köçäniň
aňyr çetindäki
öwrüme gabat boldy. Men
näme etjegimi bilmän, ol oglanyň kemzolynyň arkasyndaky ýyrtygyndan
görnüp duran çym-gyzyl içligine seredip aňk-taňk bolup galyberdim.
Adamlaryň içinde wagyr güýjedi, Bir inwalid ýigit milisiýonere:
159
-Hemmesi sizden, düýnem bir aýalyň nanyny alyp gaçdylar. Näme üçin
tertip-düzgüne seretmeýärsiňiz – diýip haýbat atdy. Başga bir aýal: Wah,
ýaşy kesilen, ýaňyjada meniň çöregime burnuny tutyp: „Wah munuň
ysynyñ oňatdygyny, peçden ýaňy çykypdyr öýdän“ diýip, ýalt-ýult edip
durdy – diýdi.
Men özümiň aňkawlygymdan utanyp, märekeden saýlandym. Yzyma
seretsem, Sonagül gelýär. Gyz maşgalanyň öňünde bir bukanka çörek üçin
özümi ýitirip durmagy uslyp bilmedim-de ekezlendim.
-Şeýdip alany, halaly bolsun onuň – diýdim. Sonagül bir hili ahmyrly
äheñde:
-Näme üçin şeýle adamlar bolýar-a? – diýdi
-Nähili adamlar?
-Diňe özi hakda pikir edýän. Özüm dok bolsam bolany, özge aç galsa-da
jähennem diýýänler. Ýaňky oglan çöregi ýöne ýere alyp gaçan däldir.
Ähtimal, açdyr. Ýöne ol näme üçin „Men biriniň çöregini alyp gaçsam, ol
hem meniň ýaly aç galar“ diýip pikir etmeýärka?
-Onuñ ýaly pikir eden ogurlarmy?
-Onyňa dogry.
Ol gyzy men beýle ýüregi ýukadyr öýtmeýärdim. Onuň meniň halyma
gynanmagy meni birhili geň galdyrdy.Öňki ysnyşygymyz ýene güýjäp
ugran ýaly bolup duýuldy.
Şol gidip barşymyza ýolymyz halwaçynyň dükanynyň üstünden geldi.
Sonagül maňa „Bäri geliber“ diýen ýaly yşarat etdi-de, halwaçynyň
dükanyna sowuldy. Orta ýaşlaryndaky halwaçy dükanyny ýaňyja açyp daşterezisini sazlaşdyryp duran ekeni. Dükanyň öňüne gelip aýak çeken gyzy
görüp halwaçy ýarydan deşilen ýaly kiçijik, bitik gözlerini birhili edip
eljiredi:
-Gurgunmyň, gurgunjamyň, keýigim? Halwa çekeýinmi? Kakaň: „Gyzym
halwany gowy görýä“ diýip öwerdi. Hawa-da....
-Mümkin bolsa, pyçagyňyzy berip duryñ– diýip, Sonagül onuñ gepini böldi.
Halwaçy oňa „Keýigim keýpiñ kelläňde, sensizem halwanyň hyrydary köp“
diýen manyda pyçagy alyp uzatdy. Sonagül çalasynlyk bilen pyçagy alyp,
elindäki buhankany ikä böldi. Dukanyň öňünden dört-bäş adim aňry
gidenimizden soň, ol bölekleriň birini maňa uzatdy.
-Al.
-Ýok, sag bol.
Çöregi hernäçe almajagam bolsam bolmady. Aldym. Şonda ol gyz
ýylgyryp:
-Seni öýüňe boş ibersem, onda meniň şo çöregi alyp gaçan oglandan näme
tapawudym bolar – diýdi.
Minnetdarlyk bilen oňa seredenimde, bu biýz köýnekli gyz öňler ýüpek
160
köýnek geýip, gözlerini güldürip, şadyýan gezýän gyzdanam gözel göründi.
************
Bir bölek çöregi goltugyma gysyp, öýe gelenimde ýüz-gözümde bir
üýtgeşiklik bar bolmaga çemeli, ejem geňirgenip seretdi. Çöregi saçaga
goýdym Şonda ejem çöregiň azdygyny bilip dillendi:
-Näme? Normany ýene kesipdirlermi?
-Ýok.
-Onda näme bu az?
Bolan wakany ejme gürrüň berdim. Ejem birsellem pikirlenip oturdy.
Soňam ýüzi birdenkä açylyp ugrady. Men muny ejemiň Sonagüle gaýybana
minnetdarlygyna ýordum. Ejem ýuwaşja dillendi:
-Onuň diýäýenine seret-le: „Seni öýüňe boş göýbersem, çöregi alyp gaçan
oglandan näme tapawudym bar?“ Bu sözleriň manysyna düşündiňmi,
oglum! Bu kitabyň sözleri! Köp okan gyz bolmaga çemeli- diýip ejem maňa
manyly seretdi. Menem oňa düşündim.
Ejemiň bu garaýşynda iki many bardy: biri onuň Sonagüle çäksiz
minnetdarlygy bolsa, beýlekisem meniň sowatsyz galyp barýanlygymdy.
Kitaba üns bermeýänligimdi.
Hawa, şu güne deňiç okuwsyz galyp barýanyma birjigem gynanamokdym.
Ýene şo güniň ertesi Sonagül bilen nobata durmaly bolduk. Hijimizden ses
çykmaýardy. Diňe ogryn hem-de nebsewür seredişip oňýardyk .Soňam
çöregimizi alyp, bile ýola düşdik. Şonda Sonagül ulydan demini alyp
dillendi.
-Ertirden başlap, men çörek almaga bu ýere gelmeýän – diýip, başyny aşak
egdi.
-Näme üçin?!
-Başga ýere göçýäs.
Başym aýlanyp, gözümiñ öñi garañkylap gitdi. Nobata Sonagül bilen bile
durmak, onuň mylaýym keşbini synlamak meniň üçin bagtdy!
Bu habaryň maňa agyr degenini Sonagül aňdy öýdýän. Başyny wagty bilen
galdyrmady, geplemedem.
Hoşlaşaýjak wagtymyz welin gülümsiräp:
-Zülputara menden salam aýt – diýdi. Şo bada dilim damagyma gitdi.
Sowuk der basdy. Haýsy manyda aýdanyna-da düşünmän içimi gepletdim.
„Ol meniň Zülpütar bilen duşuşyp ýörenimi nirden bildikä? Eýrandaky
gyzyň halyndan Turandaky gyzyň habary bolýar diýenleri çyn ekenow.
Hyýalymda olary deňeşdirip, Zülpütara bolan
duýgum
gözüňi
gamaşdyrýan ýiti öwüşgünli bir zat ýalydy. Sonagüle bolan duýgym welin
negada bir duş gelýän örän gymmat bahaly zada meňzeýärdi.
Öýe gelip ejem bilen jaý içmäge oturdym. Şol gymmat bahaly duýgy
161
käsämdäki çaý ýaly ýüregimde asuda çaýkanyp durdy. Işe gidip barşyma,
uçilişäniň öňünde Zülpütara duş geldim.
Salamlaşanymyzdan soň oňa:
-Agşam duşuşaly aýtjak zadym bar – diýdim. Gyz gözlerini ýeser güldirip:
-O nähili gep?- diýdi.
-Biri saňa salam aýdyp göýberdi.
Kim?
-Agşam gelseň aýtjak.
-Bolýa, mümkinçiligim bolsa göreýin – diýip, ol ýeserje ýylgyrdy.
Belleşilen wagtda ol gyrmyzy ýüpek köýnekde lowurdap
geldi.
Özümiziňki diýilýän ýan ýodadan ýuwaşja ýöräp gitdik.
-Salam aýdan kim? Hany aýt.
-Boýdaşyň.
-Haýsy boýdaşym?
-Sonagül-dä.
Zülpitar gaşlaryny çytyp, esli wagt dymdy. Bir haýukdan soň:
-Şeý diýsene.... Ony nirde gördüň?-diýdi. Çöregiň nobatynda gördüm
diýmäge dilim barmady.
-Tötänden köçede sataşdym.
-Zülpütar birden telpegini ters geýdi duruberdi. Dodaklary titräp, gözleri
kiçeldi.
Men
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 14
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.