Latin

Powestler - 28

Total number of words is 3833
Total number of unique words is 2088
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Leýla bilen şeýdip aýrylyşdym diýsene - diýdi. .Berdimyrat geň galyp:
336
- Sen onyñ adyny nirden bilýäň? Men-a onuñ adyny tutmandym - diýdi.
-Ony saňa soň aýdaryn-diýip Gülnar ýerinden turdy.
-Näme turdyň? Otur, häzir kofe getirýän...
-Kofeny biziň öýde içeris. Men häzir gitmesem bolanok, zerur işim bar.
-Nätdiň-aý,Gülnar, Onda indi haçan duşýas.
-Öýüňde telefon ýok ekeni, iş ýeriň telefonyny ber.Seni özüm taparyndiýip,Gülnar onuň ýazyp beren kagyzyny aldy-da, bir zada howlugýan ýaly
çykyp gitdi.
Ony gapa çenli ugradan Berdimyrat onuň yzyndan delmenip garap
galyberdi.Ol özüniň başyndan geçenini gürrüň bermek bilen onuňam içini
dökmegine garaşypdy.Emma bu düşnüksiz gyzdan ol eden tamasy
çykmady.Her niçik-de bolsa,onuň "Özüm seni taparyn" diýip telefonyny
alyp gitmegi,ýene-de duşuşmak umydynyň çyrasyny söndürmedi.
Aradan iki gün geçdi,üç gün geçdi,Gülnardan habar bolmady.Berdimyrat
onuň jaňyna garaşyp halys ýadap,umydyna üzer-üzer bolup durka
garaşmadyk wagty ol jaň etdi:
-Berdimyrat men Gülnar, sagat bäşde ol günki duşan ýerimizde garaş, men
barýan.
-Düşindim,garaşýan-diýip,Berdimyrat
begenjinden
ýaňy
bökäýjek
boldy.Gülnar başga zat diýmän telefony goýdy.
Berdimyrat aýdylan ýere wagtyndan on minut öň bardy.Ol
tolgunýardy.Sebäbi Gülnaryň özüniň duşuşyga çagyrmagy onuň üçin uly
bagtdy.Ol tiz-tiz sagadyna seredýärdi.Wagt ýakynlaşdygy saýyn ýüregi tiztiz urýardy.Batly gelip saklanan taksidan Gülnar kellesini çykaryp:
-Berdimyrat,gel maşyna mün!-diýip ony çagyrdy.
Berdimyrat beýle bolar diýip pikir etmändi.Ol maşynda däl-de,messan
ýöräp,ýylgyryp geljek gyza garaşypdy.Onuň bilen seýil bagynda gezelenç
edip arkaýyn gürleşip gezmekçidi.Duşuşyk öz islegine görä bolman
soň,nalaj maşyna mündi,özem yzky ýere-Gülnaryñ ýanyna mündi.Gülnaryň
ýüzinde üýtgeşik bir ýylgyryş bardy.Salam-älikden soň Berdimyrat elini
gyzyň eliniň üstüne goýup:
-Nirä barýas?-diýip sorady.
-Bize barýas-diýip,Gülruh elini ýuwaşlyk bilen çekip aldy.
-Näme üçin? Gowysy bize baraýaly!
-Ýok.Men saňa kofeny biziňkide içeris diýip söz beripdim.Şol sözümde
tapyljak bolýan.
-Öýüňizde kim bar?
-Öýümizde ýok adam ýok-diýip,Gülruh syrly ýylgyrdy-da,"Başga zat
diýme" diýen manyda onuň dodagyna barmagyny basdy.
Berdimyrat sürüjiniň ýanynda artyk gürrüň etmeli däldigine düşünip,
geplemän oturdy.
337
Taksi olara aýdylan ýere-bäş gatly uly jaýyň öňüne eltip, saklandy.
-Ine,öye-de geldik. Biz şu jaýyň ikinji gatynda ýaşaýas-diýip,Gülnar bir hili
çekinip duran Berdimyrada garady.
-Gülnar, dogrymy aýtsam, men özümi birhili oňaýsyz duýýan. Onsoňam
sen meni kimim diýip eltjek?
Gülnar köp manyly ýylgyryş bilen garady-da:
-Şol gije Leýla özüni öýüňize eltip gaýdan adamy "boýdaşymyň äri" diýdi
dälmi, menem seni "boýdaşymyň äri" diýip elterin.Ýör, çekinip oturasy iş
ýok-diýdi.
Berdimyrat bu düşnüksiz gyzyň oýunlaryna akly çatman, onuň yzyna
düşüp ikinji gata çykdy.Gülruh garşydaky gapynyň jaňyny basdy.Gapyny
orta ýaşlaryndaky aýal açdy.Ol myhman geljegini öňünden bilýän ýaly
güler ýüz bilen:
-Geliň,geçin-diýip,Berdimyrada ýol berdi. Berdimyrat dälizden geçip,uly
otaga girenden bir çetdäki diwanda oturan ýigit ýerinden turyp,oňa tarap
ýöredi. Gara saçly, bugdaýmeňiz,
özi ýaly daýow bu ýigidi görenden Berdimyrat biraz aljyrajak boldy."Be,bu
kimkä,
Gülruhyň nämesika?" diýen pikir beýnisinden at salyp geçdi.
Onýança Gülruh ýigitleriň ýanyna gelip, olary tanyşdyrdy:
-Berdimyrat, bu ýigit şol gije Leýlany öýüňize eltip gaýdan "boýdaşymyň
äri" diýeni.
Bu gepe Berdimyrat ilki aňk-tank boldy.Soňra birden gahary geldi :
-Bu nähili oýun?!
-Oýun däl, çyn. Sakawyň soňuna seret. Leýlanyň boýdaşym diýeni-de men
diýip, Gülnar köşeşdiriji äheňde dillendi.Soňra adamsyna garap:
-Myrat,sen Berdimyradyň kimdigini gowy bilýäň.Indi özüňiz tanyşyp
soraşyberiň-diýdi-de içerki otaga girip gitdi. Myrat Berdimyrada:
- Tanyşanymyza örän şat.Ikimiz doly bolmasa-da ýarym atdaş ekenikdiýip,gülüp gaýtadan görüşdi.Öý eýesiniň beýle mylakaty Berdimyradyň
gaharyny ýazanam bolsa, ol entek bu bolýan zatlara oňly düşünmän
alasarmyk ýagdaýda galdy.
- Hany,saçak başyna geçäýeli,Berdimyrat-diýip,Myrat dürli näz-nygmatly
saçaga mürehet etdi.
Oturdylar.Emma Berdimyrat bu myhmançylygyň nämäniň hatyrasyna
guralandygyna entegem düşünip bilenokdy.
Içerki otagdan geýmini çalşyryp,Gülnar çykdy. Şol wagt ýaňy gapyny açan
aýal gelip:
-Gelin,sen uly sogap işiň başyny başlapsyň,indi ony soňuna ýetir.Nahara
meniň özüm serederin-diýdi.
Berdimyrat ol aýalyň Gülnara "gelin" diýip,ýüzleneninden onuň Myradyň
338
ejesi Gülnaryň gaýyn enesidigini aňdy.Gülnar "bolýa" diýen manyda
başyny atyp,ýigitleriň ýanyna gelip oturdy. Berdimyrat Gülnaryñ soňuna
ýetirmeli "Sogap işiniň" nämeden ybaratdygyny bilesi gelip, oňa
sabyrsyzlyk bilen seretdi.
Gülnar bir hili tolgunýardy.Çünki ediljek gürrüň tolgundyrmazça däldi.Ol
Berdimyrat bilen ikisiniň tötänden bolan duşuşygy ýöne bir tötänlik
bolman,ykbal
işidigine
ynanypdy.
Muňa
Berdimyrady-da
ynandyrmalydy.Şeýdip
ýaňky
aýdylan<işi>>
ahyryna
ýetirilmelidi.Munuň üçin ol Berdimyradyň öýünde beren gürrüňinden önki
hem soňky bolan wakalaryň üstüni açmalydy.Şonuň üçin ol sözüne şeýle
başlady:
-Berdimyrat,ikimiziň tötänden sataşyp, tanyşmagymyz ýöne bir tötänlik
bolman, biziň ykballarymyzy kesgitlän üýtgeşik bir tötänlik bolan bolsa
nätjek! Munuň şeýledigine häzir saňa berjek gürrüňimi diňleseň özüňem
kaýyl bolarsyň.
Ertirden bäri bu gümürtikligiň tizräk aýyl-saýyl bolmagyna sabyrsyzlyk
bilen garaşyp oturan Berdimyrat elindäki çaýly käsäni aşakda goýup:
-Diňleýän, aýdyber-diýdi.
Gülnar gürrüňi nämeden başlamalydygyny pikir edýän ýaly bir salym
dymdy,soňra:
-Biz Leýla bilen Mollagara sanatoriýasynda tanyşdyk-diýip söze başladyMenem ol ýere guragrym bolansoň şypa isläp barypdym.Şonuň ýaly ýere
baran adamlar tiz ysnyşyp,dostlaşýarlar.Ynha bizem Leýla bilen yigrimi
günläp
bir
otagda
ýaşap,
biri-birimize
mähriban
bolup
galdyk.Sanatoriýadan gelenimizden bir hepdeden soň mugallymlaryň täze
okuw ýylynyň öň ýanynda bolýan maslahatynda ýene-de duşuşdyk. Şol
günem meniň doglan günimdi.Oňa boýdaşlarymy çagyrypdym.Maslahat
gutarandan soň Leýla-da meni gutlamak uçin öýe geldi.O:l "Gijä galsam
öýdäkiler howatyr ederler" diýip ýarym sagat oturyp,rugsat sorady.Ony
Myrat eltip gaýtmaly boldy.Gün ýaşyp ýaşmanka-da gitdiler.Biz boýdaşlar
bolup gowy oturdyk.Emma Leýlany alyp giden Myrat geler wagtynda
gelibermedi.Boýdaşlarym gidip,gije ýaryma golaýlanda menem ynjalygymy
ýitirip ugradym."Näme bolduka?Ýolda bir bagtsyzlyk bolaýdymyka?Maşyn
bolsa jähennem,özleri bir amanmyka?"diýip gaty howatyr etdim. Penjiräniň
öňüne baryp, iki gözüm ýolda boldy. Bir mahal bir maşynyñ çyralary
göründi. Ol jaýyñ öñüne gelip saklananynda öz maşynymyzdygyny
tanadym. Onuñ hiç ýerine hiç zat bolmandygyny görüp,begenjime derek
ýüregime niredendir erbet gabanjaňlyk ornaşdy-diýip,Gülnar uludan demini
aldy-Ine şonda,Berdimyrat,menem seniň ýagdaýyňa düşdüm."Gahar
gelende akyl gaçýa"diýenleri çyn eken.Ýöne men seniň ýaly şarpyk
çalmadym-da,aýdylmaly
däl
sözleri
aýdyp,
aýrylyşdym
edip
339
gitdim.Leýladanam göwnüm sowady.Geleninde gepleşmedim.Olam ýüzüne
urlan ýaly bolup gitdi.Aradan bir ýyl geçip,seniň öýüňde beren gürrüňiňden
soň oýlandym, aklyma aýlanan ýaly boldum. Soň kimiňkiniň hak,
kimiňkiniň nähakdygyny anyklamagyň ugruna çykdym.Saňa aýdylan
zatlary jikme-jik soradym,hemmesi dogry bolup çykdy.Myradyň özü-de
meniň gykylygymyň arasynda "Sergeý,matorly oglan " diýip bir zatlary
aýdýady.Ýöne ol wagt meniň gulagym hiç zat girenokdy. Şeýdip,
Berdimyrat, ikimizem şeýtanyň şerine gidip,uly ýalňyşlyga ýol beripdiris.
Men ýalňyşymy düzetdim.Baryp Leýladanam, gelip Myratdanam ötünç
soradym.Ýene öz öýüme eýe boldum. İndi senem ýalňyşyňy boyun alyp,
Leýladan ötünç sorasaň,ikimiziň tötänden bolan duşuşygymyz ýerine düşer.
Gülnar beren gürrüňiniň Berdimyrada nähili täsir edendigini bilmek üçin
ony göz astyndan synlady.Şol wagt häliden bäri aýalynyň dilewarlygyna
maýyl bolup oturan Myrat:
-Ikiňiziň tötanden duşuşmagyňyz gör nähili gowy bolupdyrdiýdi.Berdimyrat Gülnaryň gürrüňini içinden tolgunyp diňläp otursa-da,
beýle tötänligiň bolmagyna müňkürligi ýok däldi.Onuň göwnüne Gülruh
ony Leýla bilen ýaraşdyrmak üçin özi hakdaky wakany toslap tapan
ýalydy.Şonuň üçinem ol Myradyň aýdanyna jogap edip:
-Beýle gowy tötänlik öňünden oňatja taýarlanybam edilýä –diýdi.
Gülnar onuň bu gepini nähili müňkürlik bilen aýdanyna gowy düşündi...
-Ýok, Berdimyrat,nähak müňkürlik edýäň.Hiç hili öňünden taýýarlanan zat
ýok.Biziň tötänden sataşyp tanyşmagymyz Alla tarapyn bolandyr. Şu iki
maşgala bozulyp gitmesin diýip bizi Hudaýyň özi sataşdyran bolsa
nätjek.Ýogsam beýle tötänlik bolmazdy.Ine,ýene-de bir ajaýyp tötänlikdiýip,Gülnar sözüni dowam etdi:-Mundan bir ýyl öň edil şu gün
mugallymlaryň maslahaty geçirilipdi.Şol günem bize horluk baryny
çekdiren meniň doglan günümdi.Şu günem mugallymlaryň maslahaty
geçirildi.Meniň doglan günüm.Şonuň üçin muňa men şatlygymyzy
paýlaşjak diňe iki adamy çagyrdym.Onuň biri sen,
Berdimyrat, biri-de Leýla.
Leýlanyň adyny eşidenden Berdimyradyñ tutuş endamy jümşüldäp gitdi.
Ol Gülnara ýalt edip garady-da:
-Olam gelýämi?-diýdi. Gülnar içerki otaga girip, Leýlany elinden tutup
alyp çykdy.
Leýla gapydan çykan ýerinde aýak çekdi .Gülnar bolsa gelip ýerinde
oturdy-da:
-Ine, şundan başga öňünden taýýarlanan zat ýok, Berdimyrat-diýdi.
Leýlanyň humaý gözlerine, asuda owadan keşbine gözi düşenden
Berdimyrat birhili ejizläp,aljyran ýaly boldy.Ýene-de özüni dürsäp,
ýerinden turdy, Leýlanyň öñüne baryp, iki eli bilen onuň ellerinden tutdy.
340
-Meni bagyşla,Leýla!-diýip müýnli,zordan dillendi.
Leýlanyň gözlerinden buldurap ýaş damdy.Berdimyrat sözüni ýene
gaýtalady:
-Bagyşlap bilseň , bagyşla, Leýlam...
Leýlanyň gözlerindäki ýaşdan iki damjasy yüzüniň üsti bilen aşaklygyna
syrygyp gaýtdy.
Bu begenç ýaşydy.Leýla dodaklarynda peýda bolan hem öýekli, hem näzli
ýylgyryş bilen Berdimyrada seredip:
-Şol gije maňa aýdan sözleriňi ýatlamaýyn,ýöne çalan şarpygyňy
gaýtaraýyn –diýdi-de: Berdimyradyñ ýaňagyna çalaja şarpyk çaldy.Bu onuň
Leýla çalan ajy şarpygynyň ýerine gaýtarylan süýji şarpykdy.
341
Dolanan Döwran
(nowella)
Togsan yaşy arka atan Atahan aga Garaşsyzlyk zamanyna ýetip gelýänçä bu
togalak zeminiň üstünden kerwen ýaşap geçen näçe zamanlaryň şaýady
boldy.Ýaşy geçdigi saýyn ol özüniň uzak ömrüniň dowamynda bolan
zatlary,başyndan geçiren wakalary ýygy-ýygydan ýatlaýardy. Ol şu gün
hem başyndan geçen bir täsin wakany ýatlap, oýa çümdi.
Bu uruşuň yz ýanlaryndaky döwürlerde bolupdy. Atahan aga uruşdan bir
aýagyny agsadyp geleninden soň, bir eşegaraba edindi-de, ony ýeňil-ýelpi
ýük daşaýan “taksa” öwurdi. Bir aýagy maýyp adam üçin pyýada ýöremek
nähili ejirli bolsa, eşegarabada gaýşaryp oturmak şonça-da hezillikdi.
Indi ol hergün irden turyp, eşeginiň iými -otuny berip, ony “hyzmata”
taýýarlaýardy
Ozi-de çaý- suwyny içip, bazaryň önüne,otly gelýän wagty wokzala
barýardy. Ozi ýaly eşegarabaly kireýkeşler bilen nobat belleşip, müşderi
tapylýança gümür-ýamyr gürrüň edişip wagt geçiryardi.Käte muşderä
garaşyp yeke ozi galanynda eşeginiň boynuny sypalap onuň bilen
gurleşýärdi:
“Eşegim, sen indi meniň ýakyn dostum,hemram bolduň, seň arkaňdan
gazanymyz gaýnap dur. Ozüňem, tüweleme gujurlyja “Yh” diýmegime
mähetdel arabany göterýaň.Kämahal agyrrak ýük bassam hem gynanman
çekip gidýäň.Men senden örän razy, eşejigim.”
Atahan aga bu sözleri dodaklaryny çalaja gymyldadyp,doga okaýan ýaly
edip aýdýardy. Ýürekden syzdyryp aýdylan sözleri haýwan hem düşünýän
ýaly kellesini yralap goýýardy.
Atahan aga eşegini hakykatdanam gowy görýärdi.<ýoldaşy>> dýilýän döwürler taryha öwrülip geçip gitdi.Eşek bolsa Atahan
aga ýaly garyplaryň hakyky ýoldaşydy, daýanjydy. Çünki eşek
bilen,eşegaraba bilen hojalygyñ köp işleri bitirilýärdi. Kireýkeşlik edýänler
gününe bäş-üç manat gazanyp maşgalanyň harjy-harajadyna ýaradýardylar.
Atahan aganyň hem ujypsyzja pensiýasyndan başga girdeýjisi bolmanyndan
soň maşgalasynyň ekleýjisi şu eşegarabasydy.
Ol işi paşyp, gowy gazanç eden güni öyüne arabanyň üstünde gaýşaryp
oturşyna eşegini aňňyrdadyp gelerdi. Onuň beýle keýpi köp halda gelýänini
gören gonşulary<meňzeýär>> diýişerdiler.
Atahan aganyň aýaly onuň eşeginiň sesini eşideninden ojagyň bir çetinde
gaýnap duran tankadaky suwy çaýneklere demläp üstüni basyryp
goýardy.Atahan aga-da gapynyň öňünde arabany boşadyp, eşegini onuň
tigrine baglap, içeri gireninde:
342
-Kempir şa, çaýyň demlimi?-diýip degişerdi. Aýaly onuň<>
diýip degişme bilen gürläninden bu gün düşewündiň gowuja bolanyny
aňlardy-da, onuň degişmesine degişme bilen jogap berip:
- Babaý jan,çaýlaryň demlije durandyr-diýerdi. Atahan aga endigine görä
çaýdan öň ellerini ýuwup, saçagyň başyna geçeninden soň goltuk
jübüsinden pullary çykaryp aýalyna uzadanynda aýalynyň ýüzi ýagtylyp
giderdi.Olaryň biri-birini atlandyryşlary ýaly Babaý bilen Kempir
şa<>edip,çaý içip otyrkalar dünýäde özlerinden
bagtly adam ýok ýalydy. Olaryň şu pursatda özlerini şeýle bagtyýar
duýýandyklaryny daşdan synlanyňda bir danişmendiň <däl,ol ruhyň halatydyr>>diýeniniň örän dogrydygyna göz ýetirýärsiň. Çünki
adamyň özüni bagtly duýmagy üçin köp zadyň gerek däldigi, şu günki
Atahan aganyň gazanyp gelen az-owlak duşewindi hem ýeterlik ekeni.
-Babaý,men gassapdan ýarym kilo et alyp geleýin, çagalara agşam bir etli
palow bişirip bereýin-diýdi.<> sözüni eşiden çagalar begenişip,
oýnamaga daşary çykyp gitdiler. Atahan aganyň çagasy köp däldi.
1ogly,2gyzy bardy.Ogly Sadyk 6-njy synpda,gyzlar bolsa ondan aşakky
synplarda okaýardylar.Sadyk köçä çykan badyna synpdaşy hem gonşusy
Sähediň öýüniň öňine baryp syýkylyk çaldy. Sähet şo bada ylgap çykdy.
- Sähet,bilýäňmi näme,agşam ejem etli palow bişirýä, senem gel- bileje
iýeris-diydi.Sähet dostunyň bu hoş habaryna näme diýjegini bilmän, onuň
ýüzüne bir salym seredip
durdy-da soňra:
- Men nädip baraýyn,ýöne şeýle barsam birhili-de –diýdi.
- Palow bişen wagty men syýkylyk çalaryn,sen bir salymdan meniň
<>depderimi sorap baran bolaý. Tabak ortada bolsa, dädem
saňa<>diýer.Menem <>diýerin. Sen çekinme-de
gelip otyr. Palowy bileje iýeris-diýdi.
Şol gün agşam Atahan agalarda etli palow bişdi.Nahar tabaklara
salynmazdan öň Sadyk bir zady bahanalap, daşary çykyp, syýkylyp çalyp
geldi. Ejesi bilen gyzlary bir tabagy,kakasy bilen Sadyk ikinji tabagy ýaňy
öňlerine alanlaryndan soňky waka edil oglanlaryň dilleşişleri ýaly boldy.
Ertesi,oglanyň içinde gep ýatýamy,näme,Sähet mekdepde öten agşam
Sadyklarda hezil edip palow iýenini aýdyp öwündi. Sadyk dagydan bir synp
öňdäki daşyrak goňşy iki oglan :
-Indiki sapar bizi-de palowa çagyr,çagyrmasaň göreris -diýip herreldiler.
Hudaýyň beren güni kän. Atahan aganyň-da her güni düşewüntli bolup
duranokdy. Käte jübüsiniň boş gaýdýan günleri hem bolýardy. Şeýle
günlerde ol öýlän hem kireý etmäge çykardy. Ýogsam günortana çenli bäşüç manat gazanyp gaýtsa ertire çenli dem-dynjyny alyp ýatardy.
Bir gün onuň uçin örän amatsyz gün boldy. Günortana çenli-de, öýlänem
343
işi paşmady,öýüne kör- köpüksiz gaýtdy. Keýpi örän bozukdy. Arabany
kiçijik howlusyna çekip, esegi arabadan boşadanam şoldy janwwer aňyryp
goýberdi.Gaharyny kimden çykarjagyny bilmän duran Atahan aga <sesiňi!>>diýip eşegiň golaýynda ýatan döwük piliň sapy bilen urmaga
başlady. Bir
taýak eşegiň kellesine erbet degen bolmaga çemeli
janawer<> etdi-de süýnüp ýatyberdi.Eden işiniň telekedigine
düşünen Atahan aga eşeginiň baş ujuna çök düşdi-de, onuň kellesini
sypalap samrap başlady:<boldum,
bagyşla.Tur,
janawer
ýeriňden,meni
beýle
gorkuzma>>diýip,eşegiň ýüpünden ýokary çekse-de eşek ýerinden
gozganmady. Gaýtam gözlerini mölerdip,Atahan aga seredip ýatyşyna
göýä:<dostum,daýanjym diýmänmidiň? Dostuňy şeýdip urmalymy?Men ölaýsem
nätjek, mensiz güzeranyň nähili geçerkä?>>diýýän ýalydy.
Şol mahal eşeginiň kellesini sypalan eliniň aýasyndaky gana gözi düşen
Atahan aganyň damagy dolup, gözüne ýaş aýlandy. Ol:<Hudaýym,biziň kalbymyza gahar-gazap diýen zadyň ýerine rehim-şepagaty
köpräk salaýsaň bolýar-a>> diýip içini gepledip, eşegiň kellesiniň gan
çykan ýerini barlap başlady.Görse,uran taýagynda çüý bar bolmaga çemeli
janaweriň kellesini gowuja ýaralapdyr. Muny gören Atahan
aga:<> diýip sesini ýetdiginden gygyrdy.Bu eýmenç sese içerdip
howlugyp çykan aýaly:
-Näme beýle gygyrýaň, näme boldy, kakasy-diýip, adamsynyň ýanyna
ylgap geldi.
- Bir azrak pagta bilen ýod getir, eşegiň kellesi ýaralanypdyr.
- Weý,nädip ýaralanypdyr? Biri urupmy ?
- Hudaý urupdyr,bar tiziräk!
- Hudaý urupdyr, diýmäň näme?
- Hudaý meni urupdyr,bar,aýdanlarymy getir!
Adamsynyň gahary gelenindäki häsiýetine ýetik aýaly geplemän ylgap
gidip, onuň aýdan zatlaryny getirdi. Atahan aga pagtany ýoda ezip, eşegin
kellesiniň gan çykyp duran ýerine basanam şoldy welin janawer bir
tisginip,zöwwe
ýerinden
turdy.
Atahan
aga
begenjine
<> diýip gygyryp goýberenini bilmän galdy. Äriniň
gamaşyp duran ýüzüniň bir neme açylanyny gören aýaly:
-Eşege näme boldy,kakasy- diýip soramaga milt etdi.
-Näme bolanyny sorama.Çaýyň demli bolsa ýör,çaý içeli- diýip eşeginiň
ýerinden turanyna ynjalan Atahan aga aýaly bilen içeri girdi.Her gün
gazanan pulyny aýalyna berýän Atahan aga bu sapar jübüsine elini
urmady.Aýalynyň soragly nazaryna kellesini ýaýkap jogap berdi-de aşak
çökdi.Adamsynyň keýpiniň buzukdygynyň sebäbine indi düşünen aýaly:
344
- Zyýany ýok, kakasy.Bu gün bolmasa ertir bolar,onuň üçin darykma -diýip
göwünlik beren boldy.Emma ertesi beterinden beteri bar diýilişi ýaly
Atahan aganyň, diňe ony-däl tutuş maşgalany howsala salan waka yüze
çykdy duruberdi.Şol güni Atahan aga irden gidip çörek puly gazandy-da
günortan öýine çaýa geldi. Baryndan nahar edinip, ýene kireýkeşlige gitmek
üçin daşary çykanynda gapysynyň öňinde arabanyň aryşyna baglap goýan
eşeginiň ýokdugyny gorüp, huşy başyndan uçdy.
Ol özüni dürsäp, onçakly uzyn bolmadyk köçesiniň iki başyna agsaklap
baryp geldi. Eşegi hiç ýerde ýokdy. Ony gördüm-bildim diýenem
ýokdy.<boşanyp, düýnki uranym üçin öýkelap gidiberdimikä? Aý ýok, özi boşanyp
bilmez.Ony ogry alyp giden bolmaly. Hut şeýle bolmaly.>>diýip içini
gepleden Atahan aga öyüne girip:
-Kempir, menň ol şakur-şukurlar dakylan penjegimi tapyp ber.Melisehana
barmaly iş çykdy-diýdi.
-Weý, melisehanalyk näme işiň çykdy, kakasy?
-Eşegi ogurlap gidipdirler.
Bu sowuk habary eşiden aýaly:
-Eý waý,indi näderis, nadip günümizi göreris-diýip,ses edip aglap başlady.
-Kes sesiňi! Günüň bir eşege galypmy.Janym sag bolsa aç
öldürmen!Penjegi çykar, ondaky demirlere gözi düşen meliselere ogrynam,
eşegem taparlar.
Atahan ag uruşda alan orden-medallary asylan penjegini geýdi.El taýagyna
söýenip,milisiýanyň edarasyna ugrady.Ol yere agsaklap barýança günem
öýleden agdy. Edaranyň gapysyndan giren ýerinde oturan nobatçy Atahan
agany boýdan-başa synlap:
-Yaşuly, saňa kim gerek?-diýdi.Atahan aga nobatçy ýigidiň salamyň ýerine
gödeklik bilen soragyna gatyrganyp jogap berdi.
-Maňa neçelnigiň gerek! Meniň eşegimi ogurlap gidipdirler.
Nobatçy kellesini ýaýkap ýylgyrdy-da:
-Bä, bu zamanda eşek ogrusy-da bar ekenow-diýdi.
-Hä, bar eken. Ogry bilen eşegi tapmaly!
Nobatçy Atahan aganyň äheňini geňläp, oňa çiňňerlip seretdi-de:
-Uruşda komandir bolduňmy ýaşuly?-diýdi.
-Ýok,soldat boldum.Ony näme diýip soraýaň?
-Buýruk berip duranyň üçin soraýdym-da- diýip nobatçy it ýylgyryşyny
etdi.
-Inim, ikimiz eňekleşip durmaly. Meniň arzymy neçelnigine ýetir ýa-da
meni onuň ýanyna elt, özüm gürleşeýin-diýip Atahan aga talap ediji äheňde
aýtdy.
-Arzyňy ýetireýin ýaşuly,ýöne sen naçalnigiň adyna arza ýazyp gel.Ine
345
şundan soň seniň arzaňa serediler hem-de zerur çäreler görüler.
-Inim, bu maýyp aýak bilen meniň bu ýere gelip gitmäm aňsat däl.
Onsoňam arza ýazyp getirýänçäm, oňa seredilýänçe näçe wagt gider. Mňa
bolsa eşegim derwaýys gerek,guzeranym onuň bilen...
-Ýaşuly!-diýip, nobatçy Atahan aganyň sözüni böldi-wagt gitse gider.Şu
arada eşegiň soýup iýmezler.
Bu gepe Atahan aganyň gahary gelip, gatyrak bir söz aýtmakçy bolup duran
mahaly uzyn däliziň iki ýan tarapyndaky gapylaryň biri şarkyldap açylyp,
ondan egindäki pagonynyň ýyldyzlary ýalpyldap duran orta ýaşlaryndaky
adam çykdy. Ol Atahan aganyň orden-medallaryny sylapmy ýa-da ýaşyna
sarpa goýupmy mylakatlyk bilen :
-Salawmaleýkim, ýaşuly-diýip,görüşmek üçun elini uzatdy-näme ýumuş
bilen geldiňiz? Onuň soragyna Atahan agadan öňürti nobatçy jogap berdi:
-Ýoldaş naçalnik, bu ýaşulynyň eşegini ogurlapdyrlar.Men arza ýazyp geliň
diýsem kyn görüp dur.
-Kyn görse, bizde dilden edilýän arza-şikaýatlary hasaba alýan žurnal
ýokmy, näme! Şoňa bellik et-diýdi-de Atahan aga seredip:
-Ÿaşuly, gysynma eşegiňi tapyp saňa gowşurarys, ogra bolsa özümiz eýe
çykarys-diýip, daşary çyyp gitdi. Atahan aga oňa minnetdarlyk bildiribem
ýetişmän galyberdi.Onýança nobatçy oturan stolunyň çekmesinden
naçalniginiň aýdan žurnnalyny çykaryp, Atahan agany soraga tutup başlady.
Adyny,atasynyň adyny, öý menzilini, uruş weteranydygyny ýazdy. Gezek
eşege geldi:
-Eşegiň nähili eşekdi?
-Daýaw ak eşek.
-Nähili belgileri bar?
-Nähili belgileri bolsun eşek-eşek-dä!
-Endamynda hiç hili belgi ýokmy, guýrugy çontukmy, çontuk dälmi,
erkekmi, urkaçymy, aýdyber hemmesini.
Atahan aganyň bu waswasy soraglara ýeňsesinden tutdy:
-Hemmesini aýtsam, guýrugy çontuk däl, urkaçam däl, erkek. Dört aýagy,
iki gulagy, iki gözi sappa-sag. Agzyny açyp diýşin-ä görmedim...
Nobatçy Atahan aganyň ýüzüne seredip, kellesini ýaýkap ýylgyrdy:
-Ýaşuly, gaharyň gelmesin. Ogurlanan, ýiten zadyň ähli sypatlaryny
anyklap, žurnala ýazmaly. Ine anykladyk, indi gaýdyberseňem hem bolýa...
Atahan aga Milisiýanyň edarasyndan özüçe iş bitiren kişi bolup
gaýtdy.Emma näçe garaşsa-da eşekden derek bolmady. Ol milisiýanyň
edarasyna ýene bardy. Nobatçy onuň sözüni diňläp, öňündäki telefony
galdyrdy:
-Ýoldaş naçalnik, ol ogurlanan eşeginň eýesi geldi. Siziň ýanyňyza girjek
diýýe...Hä, düşündim. Bolýa, bolýa-diýip telefony ýerinde goýan nobatçy
346
Atahan aga diýdi:
Ýaşuly, naçalnik Sizi kabul edip bilmeýär. Ýanynda ýokardan adam bar.
Size gysynmasyn, tizarada taparys, ugruna çykyldy diýdi.
-Tizarada diýen haçan bolýa, inim? Eşek maňa tizden tiz gerek. Men
eşegaraba bilen kireýkeşlik edip maşgala ekleýän. Ine näçe gün bäri kireý
edip bilemok, öýde bolsa çörek tükenip barýa. Naçalnigiň şuňa düşünýämikä?!
-Düşünýe ýaşuly. Hemmämizem düşünýäs. Sen gaýrat et-de ýene bir
azyrak garaş – diýip, nobatçy hoşamaý sözler bilen Atahan agany ugradyp
goýberdi.
Atahan aga bir azyrak däl, k
öpürägem garaşdy.Emma netije bolmady. Ol ýene bardy. Ýene öňki gep<>. Atahan aga bu ýere näçe gatnasa-da netije çykmajagyna gözi
ýetip, eşeginden umydyny üzdi. Ol indi nätjegini bilmän, maňlaýyny tutup
iňkise batyp otyrka aýaly onuň ýanyna gelip,garşysyna çökdi-de ýuwaşjadillemdi.
Kakasy,bäri seret...
Atahan aga elini maňlaýyndan aýryp, kellesini galdyranyndan aýalynyň
eliniň aýasynda ýalpyldap duran gyzyl gulakhalkara gözi düşüp bir hili
boldy.Bu gulak halkalary ol öýlenende ejesi pahyr gelnine sowgat edipdi.
-Kakasy, şulary sataýaly.Melisehana gatnap ýörme-de bazardan bir eşek
alaý. Bu ýaşdan soň maňa bu zatlaryň geregi ýok. Ýöne Sadyk jany öyersek
gelnime bererin diyp yygşyryp goyupdym. O günlere hudaý ýetirse gulak
halka-da tapylar.
Atahan aga damagy dolup, gepläp bilmän bir salym dymdy. Ol bu sözler
aýdylmanka-da aýalynyň eliniň aýasynda gulakhalkalara gözi düşenden
onuň niýetini aňypdy.
-Indi başga alajymyz hem ýok.Nätjek, bazara eltjekmi?
- Yok, ilerki goňşymyzyň aýaly aljak diýdi.Oňa görkezipdim.
Atahan aga uludan demini alyp,geplemän daşary çykdy. Içerde oňa howa
ýetmeýän ýalydy.
Aradan iki gün geçip bazar geldi. Gulakhalkalaryň puluny kisesine salyp,
Atahan aga bazara bardy.
Şäheriň bir gyrasynda yerleşen mal bazaryň bir çetinde bäş-alty sany
satlyk eşekler bardy. Olaryň arasynda reňki başga diýäýmeseň edil özüniň
eşegine meňzeş daýaw eşek gözüne göründi. Ol bu eşegiň daşyna
aýlanyp,ony gowja gözden geçirdi. Atahan aganyň hereketlerine syn edip
duran eşegiň eýesi:
-Näme eşek göwnüňe ýaradymy, ýaşuly?-diýdi.
- Ýaraýşyna ýarady welin seniň bilen bahasyny ylalaşyp bolaýsa.
-Näme uçin beý diýýeň? Men-nä şeýle bir keç adama meňzeýänmi?
347
Atahan aga oňa <> dýip oňa synçy nazary bilen seretdi. Ýaş
ýigit bolmagyna garamazdan sakgal-murt syrylmadyk, gözleri bijaý oýnap
duran eşegiň eýesini Atahan aganyň jyny almady. Şonuň üçin onuň bilen,
söwda-da edesi gelmedi. Emma eşek göwnüne bijaý ýarany uçin ony
sypdyrasy hem gelmedi.
<> diýlişi ýaly olaryň töweregine bäş alty
adam üýşdi. Olaryň arasyndaky dellal söwdany gyzdyryp goýberdi. Eşegiň
bahasynda ylalaşman duran satyjy bilen alyjyny ylalaşyga getirdi. Puluny
sanap bereninde özüniň <> uçin bäş manat şirinkana alyp
galmagy hem unutmady. Şeýdip Atahan aga eşekli boldy. Ony münüp
öýüne gaýtdy, eşek janawer örän ýörgür ekeni. Edil özüniň öňki eşegi
ýaly<> diýdirmän ýorgalap barýardy. Atahan aga gowy eşege
duşanyna begene-begene öýüne gelip ýetdi. Adamsynyň eşek münüp
gelenini gören aýaly hem döwletli-döwrän gelen ýaly begendi.
-Kakasy, gowy eşek alypsyň, nesip etsin! Dur, howla salmazyňdan öň
maňlaýyna bir ak çaýalyň-diýip, içerden bir çümmük un çykardy. Aýaly
aýdan yrymyny eden soň Atahan aga eşegi içeri howla alyp girenem şoldy
welin eşek birden aňňyryp, agnap başlady. Onuň agnan ýerine suw dökülen
ekeni göwresiniň ýarysy gara laý boldy.Muňa keýpi gaçan Atahan aga
aýalyna gygyrdy:
- Kempir! bir bedre suw bile esgi getir. Bu haram ölen bar ýerini laýa
bulady.
Ýerinden turup,silkinip durean eşege Atahan aga:
-Aý gardaş, seniň bu edişiň-ä bolmady. Bu laýyň bilen seni araba goşup
gidip bolmaz-diýip aýalynyň getiren suwly bedresine esgini batyryp laýy
ýuwup başlady. Ine şunda gaty täsin ýagdaý ýüze çykdy. Eşegiň göwresiniň
laýy ýuwulan ýeri öňki çalymtyk reňkini ýitirip, ak reňke öwrülip
barýardy.Muny gören Atahan aganyň haýran galmakdan dili tutulyp,öýe
girip barýan aýalyna:
-Heý,heý bäri !-diýip elini bulaýlady.Näme bolduka diýip ylgap gelen
aýalyna eşegiň laýy ýuwulan ýerine barmagyny çommaldyp:
-Seret, seret! - diýärdi.
-Wiý,kakasy,bu nä...dur-la - diýip ol eşegiň iki gulagynyň arasyna elini
yüwürtdi-de--Ine, häkide yod basan ýeriňde gatan gan henizem bar.Bu öz
eşegimiz ,kaksy,ony saňa boýap satypdyrlar-diýdi...Hakykatdanam şeýle
ekeni.Är-aýal eşegi boýdan başa ýuwdular weli ol özleriniň öňki ak eşegi
bolup duruberdi. Şonda Atahan aga:
-Heý zamana,zamana! Eşek boýap satmak ýaly ýagdaýa ýetilen bolsa
aňyrsynda näme galdy-da?-diýip kellesini ýaýkady.
Bir mahal hyýal derýasyna çümüp oturan Atahan aganyň ýanyna hasyrdap
348
giren agtygy:
-Ata!Täze maşyn aldym-Mersedes!-diýdi şowhunly ses bilen.
-Nesip etsin, oglum. Öňkiňi nätdiň?
-Boýap satdym.
-Maşyn boýap satdym diýsene...Bolubilýe,eşek boýap satmasaň
bolýa,oglum.
-Bu näme diýeniň,ata?Kim eşek boýap satypdyr?
-Aý geçmişi ýatlap aýdaýdym-da.
Eşek boýap satylýan zamanlar,geçdi-le, geçdigi bolsun.Siz indi iň bagtly
zamananyň adamlary oglum-diýip ýaşuly agtygyna mähirli seretdi.
349
Göwher gaşly ýüzük
(Nowella)
Döwran täzelikde özüne berlen ikinji gatdaky iki otagly öýüniň aýnasyndan
daşary seredip,oýa çümüp durdy.Çagalar öýünde ösüp ulalan,ýokary bilim
alyp,iki ýyl bäri uly gurluşyk edarasynda işläp ýören ýigidiň öz tünegine
eýe bolmak baradaky arzuwy amala aşypdy.Ol muňa biçäk begenýärdi.Ol
begenjini paýlaşmak uçin halaşýan gyzy Aýgüli öýüne çagyrypdy.Aýgül
onuň begenjine begenç goşup,tüýs ýüreginden gutlady.Emma ýigit Aýgüli
özüne çekip ogşamakçy bolanda, gyz muña ýol bermedi.
-Goý Döwran,entek bu zatlara barmaly-diýdi.
-Näme üçin?Ýa meni gowy göreňokmy?
-Gowy görýän.Emma ykbal biziň ýyldyzymyzy goşmasa, dodaklarymda
seniň dodaklaryňyň yzynyň galmasyny islämok.
Döwran häzirem Aýgüliň şu sözlerini ýatlap,o ýa çümüp durdy."Näme üçin
ol şeýle
diýdi? Näme üçin ykbal biziň ýyldyzymyzy goşmaly däl? Biz bir-birimizi
gowy
görýäs ahyryn" diýip, ol içini gepledýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 29
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.