Latin

Powestler - 32

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2022
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
arkaly bir näçe gezek gaýtalanyp görkezildi. Soňra filmiň lentasy Moskwa goýberilip,
merkezi telewideniýede hem görkezildi. Şeýlelikde kolhozyň we onuň ýolbaşçysy
Sadulla aganyň şohraty soýuza ýaýrady.
1974-nji
ýylda men raýon “Pahtakor” gazetine redaktor edip
bellenenimden soň Sadulla aga bilen raýonda, oblastda bolýan ýygnaklarda tiz-tiz
duşuşýardyk. Käte bile ýanaşyk oturýardyk, ýygnak başlanýança ondan-mundan
gürrüň edýärdik. Gürrüň arasynda ol gazetde haýsy ugra köpräk üns bermelidigi,
tankydyň dogruçyl, adalatly bolmaklygy hakynda maslahat berýärdi. Bir sapar şonuň
ýaly bile oturup galanymyzda men Sadulla aganyň kalbynyň bir gözel tarapyny
açdym. Bir mahal ol goltuk jübüsinden bir ýandepderçeni çykardy-da onuň
sahypalaryna göz gezdirip başlady. Men: “bu näme?” diýip soranymda ol “Hazyna”
diýip jogap berdi. Alyp seretsem hazyna diýdigiçe bar eken. Onuň ähli sahypalary
Sadulla aganyň öz eli bilen ýazylan dünýä akyldarlarynyň dana sözlerindenhikmetlerden doludy. “Elhepus! Bu adam söze beýle belent sarpa goýýan eken-ow”
diýip içimi gepletdim. “Zer gadyryny zergär bilýär” diýeni şu-da. Hakykatdan-da
ynsanyýetiň beýik arzuwlary, ýagşy niýetleri, haýyr we şer hakyndaky danyşmentleriň
hikmetli sözlerini ýygyp,olary hazyna hökmünde ýanynda göterip ýörmegi ýöne ýere
däldi. Her bir adam öz ýüregine ýakyn bolan zatlary gadyrlaýar. Sadulla aganyň ýüregi
hem şol hikmetleri aýdan beýikleriň ýüregine ýakyn. Pikirleri we niýetleri hem olar
bilen kybapdaşdy. Onuň kalby ýanynda göterip ýören “Hazynasyndaky” ýaly ajaýyp
arzuwlara, ýagşy niýetlere doludy.
Sadulla aga gözelligiň şeýdasydy. Onuň kalbyndaky gözellik Ýarmyş
obasynyň keşbine göçdi. Onuň belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi her bir
hereketinde ýüze çykýardy. Onuň obada täze tipde döreden gonamçylygy
ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nyşany bolup, ony döretmegiň özi
gahrymançylykly işdir. Ýadymda, Sadulla aganyň şu gonamçylyga ilkinji goýlan
adam- dosty, orunbasary Hajy aganyň mazarynyň ýanynda sözlän sözi we soňunda
“Alwida, dostum” diýen ýürekden çykan nalasy meniň gözüme ýaş aýlap, ýüregimi
dilip goýberipdi.
Men Sadulla aganyň eden işleri barada ýazan makalalarymyň içinde onuň
60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli raýon we oblast gazetlerinde çap etdiren “Nurly
belentlik” diýen makalam has göwnünden turan bolmaga çemeli, ýubileý dabarasyna
baranymda ol elimi gysyp, “Şu makalaň hemme sowgatlardan hem gowy sowgat
boldy” diýipdi.
391
Sadulla aga bilen gatnaşygymyz meniň halypam, özüniň dosty filologiýa
ylymlarynyň doktory, Özbegistan ylymlar akademiýasynyň akademigi Matýakup
Koşjanowyň üsti bilen has hem ýakynlaşdy. Matýakup aga her sapar Daşogza gelende
meniň bilen bile Sadulla agalara barar, üçimiz birki gün bile bolup, köp heňňamlaryň
aňyrsyndan girip bärsinden çykýardyk. Sadulla aga şu dostuny örän gowy görýärdi.
Onuň gelenine begenýärdi, ýanyndan goýberesi gelmeýärdi. "Matýakup bilen
gepleşseň hez edýärsiň” diýýärdi. Matýakup aga hem dosty Sadulla agany oba hojalyk
ugrunyň ussat bilermeni hökmünde önümçilikde gazanan üstünlikleri, diňe oba
hojalygynda däl, obany abadanlaşdyrmak ugrunda hem bitiren ägirt uly işlerine uly
baha berýärdi. Ol özüniň bir kitabyna girizen “"Kerwenbaşy” atly makalasynda
dostunyň gahrymançylykly işlerini beýan edipdi.
Sadulla aga täzeçil, köp zatlary öňünden görýän adamdy. Ol Watanymyz
Garaşsyzlygyny ele alanyndan soň oba hojalygynyň gurlyşy barada oýlanýardy. Ol bir
güni meni ýanyna çagyryp: “Ýurdymyz Garaşsyz boldy, mundan beýläk oba
hojalygyny ýöretmegiň ýollary baradaky meniň pikirlerimi respublika gazetleriniň
birinde bersek, belki adamlar makullar”-diýdi. Men- Prezident nähili gararka siziň
teklibiňize?-diýdim. Ol: “Prezidentiň özi-de “Täze teklipler bolsa orta taşlabermeli”
diýipdi”-diýdi. Şondan soň “Türkmenistan” gazetinde oba hojalygyny ýöretmegiň täze
ýollary barada Sadulla aganyň meniň bilen söhbetdeşligi (interwýusy) çap bolup
çykdy. Gazetdäki çykyşdan soň Prezident Saparmurat Türkmenbaşy bir ýygnakda
“Sadullanyň kolhozyna baryň, onuň täze tekliplerini, işlerini öwreniň” diýipdi. Oba
hojalygynyň häzirki düzümi bolsa şol söhbetdeşlikde Sadulla aganyň aýdan pikirleri
esasynda guraldy.
Beýle seredeniňde uly hojalygyň iş aladasy başga zatlara wagt
galdyrmajak ýaly. Emma Sadulla aga adamlara ruhy azyk berýän edebiýat, sungat,
taryh, ylym we tehnika täzelikleri, şonuň ýaly-da dünýä habarlary bilen içgin
gyzyklanýardy. Her sapar ikiçäk oturanymyzda şu ugurlaryň birkisi barada gürrüň
ederdik. Ol kitaphondy. Eline düşen kitaby ahyryna çenli, onda-da tankydy nazar bilen
okaýardy. Her sapar Matýakup aga geleninde esasy edilýän gürrüň edebi eserler
barasynda gidýärdi. Bir sapar ol Matýakup aganyň bir ýazyjynyň romany barada ýazan
syny hakynda söz açyp, eseriň bir kemçiligini aýtdy. Şonda Matýakup aga: “Siz başlyk
däl, tankytçy bolmaly ekeniňiz. Meniň nazarymdan sypan kemçiligi hem görüpsiňiz”
diýip ýylgyrdy. Matýakup aga maňa garap: “Sadulla ekäniň adamlara nusgalyk ömri,
zähmet ýoly iş tejribeleri bir romana material berýär. Ýazsaň bolmaýarmy?” diýdi.
Roman ýazyldy, bir ýylyň dowamynda. Matýakup aga indiki geleninde öz teklibi
boýunça ýazylan romany Sadulla aganyň kolhozynyň daçasynda üç gün oturup oňa
okap berdim. Ol romany makullady. Sadulla aga bolsa başga isleg bildirdi. Ol:
“Roman çeper eser, onda dokuma wakalar hem bar. Onsoňam ol Reýimbaýyň eseri.
Menem öz durmyşym barada öz adymdan geljekki nesillerime ýadygär bolar ýaly bir
kitap galdyrasym gelýär” diýdi. Sadulla aganyň ömür beýany hakyndaky “Garaşsyzlyk
ömrümiň röwşenligi” atly kitaby 2001-nji ýylda “Ruh” neşirýaty tarapyndan çap
edildi. Kitap 2001-nji ýylyň fewral aýyna çenli bolan ýaşulynyň durmuşy bilen bagly
wakalary öz içine alýardy. Şundan soň aradan dört ýyla golaý wagt geçdi. Şu arada
Sadulla aganyň durmuşynda ençeme möhüm wakalar bolup geçdi. Sadulla aga bu
wakalary hem goşup kitabynyň ikinji neşrini hem çap etdirdi. Ýaşulynyň ömriniň
ahyryna çenli bolup geçen esasy wakalary öz içine alýan kitabynyň üçünji neşri ogly
Rozumbaýyň başlangyjy bilen wepatyndan soň 2012-nji ýylda çap edildi. Bu bolsa
392
ogluň atasyna bolan çäksiz hormatynyň nyşany boldy.
Bu kitaplary okan adam Sadulla agamyza Türkmenistanyň Gahrymany,
Hormatly il ýaşulusy diýilýän hormatly atlaryň we beýleki döwlet sylaglarynyň ýöne
ýere berlen däldigine, bu belent derejeleriň aňyrsynda ömür boýy çekilen tutanýerli
zähmetiň, halkyň, Watanyň hyzmatyna bagyşlanan çuň mazmunly ömrüň
ýatýandygyna göz ýetirýär. Men bolsa Sadulla aga bilen kän ýyllaryň dowamynda
gadyrdan dost sypatynda gatnaşyp, köp meseleler barasynda içgin söhbetleşip,
maslahatlaşyp, ajaýyp häsiýetlerini, dünýägaraýyşyny, ruhyýetini öwrenip, onuň beýik
adamdygyna göz ýetirdim.
Beýik adamlara mahsus bolan häsiýetleriň birinjisi sadalykdyr, galyberse
salyhatlylyk, ynsanperwerlik, durnuklylyk, mertlikdir.
Öziniň zähmetiniň arkasyndan beýiklik derejesine göterilen Sadulla aga
ýokarda aýdylanlardan başga-da ajaýyp häsiýetleri bilen halkyň çuňňur hormatyny
gazanan adamdyr. Onuň at-abraýy, jemgyýetde tutýan orny örän saldamlydy. Şeýle
bolansoň oňa döwletimiziň ýolbaşçylary hem uly sarpa goýýardylar. Paýtagtymyzda
bolan bir uly ýygnakda Saparmyrat Türkmenbaşy ýanynda otyran Sadulla agany
görkezip, “Adamlar, Sadulla beýik babadaýhandyr!” diýip seslendi. Bu bolsa Sadulla
aganyň daýhançylyk diýilýän örän çylşyrymly we ýeňil däl işi has belentlere göterip
şunuň bilen öziniň hem beýiklik derejesine ýetenliginiň döwlet ýolbaşçysy tarapyndan
ykrar edildigidi.
Aýratyn-da Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýaşulyny biçak hormat edýärdi. Onuň bilen nirede duşuşsada, hal- ahwal soraşyp, oba
hojalygy barada söhbetleşýärdi, degerli maslahatlary kabul edýärdi.
Daragt ýykylanda onuň belentligi has belli bolýar diýilişi ýaly onuň
namazyna gatnaşan san-sajaksyz adamlaryň biriniň “Dag agdarylan ýaly boldy”
diýmegi halkyň Sadulla aga garaýyşyny aňlatsa, ýaşulynyň kyrk sadakasyna hormatly
Prezidentimiziň öz egindeşleri bilen gelip, aýat-töwür etdirip gitmegi hem-de
ministrler kabinetiniň karary esasynda ör boýuna galdyrylyp, bronzadan heýkel
goýulmagy Sadulla aganyň döwlet derejesinde tutýan ornunyň we oňa bolan çuňňur
hormatyň nyşany boldy.
Bu beýik zähmetkeş ynsana bolan hormat hiç haçan egsilmez, hatyrasy
hemişe belentde tutulyp, ýagty ýadygärligi kalplarymyzdan öçmez.
393
MÄHRİBAN YNSANDY
( Halypamyz Beki agany ýatlap )
Adamyň beýnisi geçen wakalary,hadysalary,edilen gürrüňleri,dürli görnüşleridir
keşpleri özünde saklaýan hazyna çalym edýär.Şu saklanýan zatlaryň içinde hakydada
aýratyn möhürlenip galanlary bolýar.Beki aganyň keşbi hem meniň hakydamda
möhürlenen keşpleriň biridir. Her sapar bu söz ussadyny ýatlanymda,onuň ýeserlik
bilen gülüp seredýän gözi, häzir bir degişme sypaýjak ýaly duýulýan dodaklary göz
öňüme gelýär.
Beki aga duşanyňda,ol adatdakysy ýaly "niçik?" diýip,degişip soraşardy.Onuň
"niçik?" diýen sözüniň äheňinde-de degişme bar ýaly duýulýardy.Emma ol hemişe
şeýle däldi.Bir zadyň pikirini edip oturan wagty agras ýüzli,dymma adama
meňzeýärdi.Nämedir bir zada wagty hoş bolup,ýüzi açylanda,bulutly asmanda Gün
çykan ýaly tutuş keşbi nurlanyp,agraslykdan nam-nyşan galmaýardy.Ýene
degişgen,şadyýan adama öwrülýärdi.Beki aga ruhy dünýäsiniň öwüşgni keşbinde
şöhlelenip durany üçin,örän ýakymly görünýärdi,başgaça aýdanda,onuň ýüzünde
özüne çekiji many gözelligi bardy.
0l adamlara ýagşylyk etmegi gowy görýärdi,elinden gelen kömegini hiç kimden
aýamazdy.Men muňa öz durmuşymda birnäçe gezek,hatda onuň bilen ilkinji gezek
duşuşyp,tanyşan günümde-de göz ýetiripdim.Bu şeýle bolupdy.1962-nji ýylyň awgust
aýydy.Bir gün meni ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň kätibi Hangeldi
Garabaýew çagyrdy. Ol:
-Aşgabatdan ýazyjylar soýuzynyň başlygy Beki Seýtäkow jaň etdi.Seni Daşkende ýaş
ýazyjylaryň maslahatyna çagyrypdyrlar, gitjekmi?-diýdi.Men:
-Gideýin, haçan gitmeli, nädip gitmeli?-diýdim.
-Beki Seýtäkow: "Şol oglany meniň ýanyma iber" diýdi.Bar,özi aýdar haçan gitjegiňi.
Şol günüň ertesi işimden jogap alyp,(Şäher gazetinde edebi işgär bolup
işleýärdim)Aşgabada uçdum.
Aşgabada ilkinji gelşim-hiç ýeri bilemok,elimde-de agyr ýük-Hangeldi Garabaýewiň
Beki aga berip goýberen alty sany gürbek gawuny.
Aeroportdan Hangeldi aganyň beren telefonyna jaň etdim."Alo,kim? "
diýen birneme garyljak ses eşidildi. Men:
-Salawmaleýkim,Beki Seýtäkowiç, men Sabyrow,Daşoguzdan geldim, çagyran
ekeniňiz... Aeroportda durun-diýdim.
-Gelen bolsaň,geliber-dä, näme, seniň öňüňe orkestr çykarmalymy?!-diýip,gaharlyrak
gepledi.
Men birhili boldum, ýöne aljyramadym:
-Bäş-alty gürbek getiripdim, ony nirä eltjegimi bilemok.
-Hä, ilki şeý diýseň bolýar-a.Garaş häzir bir "Pobeda" barar.
Beki aga gürbek gawuny ähli ir-iýmişden gowy görýärdi.Aýdyşy ýaly,köp
garaşdyrman "Pobeda" geldi.Sürüjiniň ýanynda ýene bir adam bardy.Bizi ýazyjylar
birleşiginiň edarasynyň öňünde düşürip, maşyn gitdi.Ýoldaşym meni Beki aganyň
kabinetine alyp gireninde,uly stoluň aňyrsynda oturan yzyna daralan gür saçynyň bir
tutam ýeri uzynlygyna agaran, agras ýüzli adama gözüm düşüp,sussum basyldy,
zordan salam berdim.
-Niçik, how?Hany,gel bakaly-diýip,ýylgyranda,onuň ýüzi açylyp, bulutly asmanda
Gün çykan ýaly boldy.Şunuň bilen meniň aljyraňňylygym hem aýryldy.Ol:
394
-Seni özbekler näme diýip çagyryp ýörler?! Daşkent bilen nähili gatnaşygyň bar?-diýip
sorady.
-Daşkentde okadym.Daşary ýurt dilleri institutynda.Milletim özbek.Özbek dilinde-de
ýazýaryn.Daşkendiň gazet-žurnallarynda iki-üç hekaýam çykypdy-diýdim.
-Hä, diýmek, hekaýalryňda bir tutaryk bardyr, ýogsa çagyrmazdylar-diýdi-de,Beki
aga ýüzüme ünsli seredip:-Diliň-ä türkmençä gelip dur,türkmençe hiç zat ýazaňokmy?diýip sorady.
-Oblast gazetine makala dagy ýazýan.
-Çeper eserem ýazjak bolup gör.Ýöne dili gowy öwrenmeli sen.
Men bir zat diýsem, öwünjeňlik bolaýmasyn diýip,geplemedim-de, başymy atdym.
-Maňa ýazylan hatda maslahat Özbegistanyň ýazyjylar soýuzynyň "Dörmen" diýen
döredijilik öýünde,özem on gün ýatymlaýyn, iýjek-içjegiňizem mugtmuş.Şeýle-de
bolsa,men saňa on günlük ýolharjy bereýin.Munuň ýaly zat bizde birleşigiň agzalaryna
berilýär.Senem türkmençe ýazyp başlasaň,bir gün gelip,birleşige kabul edilersiň-dä diýip,Beki aga sözüniň maňa nähili täsir edenini bilmek üçinmi, synçy nazaryny dikdi.
-Sag boluň, Beki aga.Ýagşylygyňyzy ýadymdan çykarman.
-Men saňa uly bir ýagşylyk edemok.Adam ýagşylygy özüne özi etmeli. Adam özüne
özi ýamanlyk hem edip biler.Bu ikisiniň manysyna düşünýäňmi?-diýip, Beki aga
ýüzüme ýene çiňerilip seretdi.Onuň bu sözi haýsy manyda aýdany şol pursatda aňyma
doly ýetip barmadyk bolsa-da,başymy atdym. Ol düşünmänimi aňyp,sözüni dowam
etdirdi.-Ymykly oturyp işleseň,ýazsaň,dil öwrenseň,hökman bir netije berer.Ýaltalyk
etseň,işden gaçsaň,özüňe özüň ýamanlyk etdigiňdir.Ýalta üçin ýazmazlyga,baý,bahana
köpdür-ow.
Beki aganyň bu öwüdiniň nägadar dogrudygyna durmuş tejribämde mazaly göz
ýetirdim.Çünki öz-özüme ýamanlyk edilen wagtlaram az bolmady.
Bu gysga söhbedimizden soň,Beki aga meni aeraportdan getiren adama Daşkende
uçýan ertirki uçara maňa petek alyp bermegi tabşyrdy.Soňra maňa garap:
-Daşkentden Ürgenje-de uçar bardyr.Ýöne sen gaýdyşyňa Aşgabada uç, maňa duşup
git-diýdi.- Häzir men buýruk ýazyp bererin, öýlän gelip,buhgalteriýadan puluňy
alarsyň-diýip,hoşlaşmak üçin,ýerinden turyp, elini uzatdy.Bu uly adamyň entek hiç
kim däl,bir ýaş ýazyja beýle hormat görkezýänine birhili boldum.
-Sag boluň, Beki aga , ýagşylygyňyzy ýadymdan çykarman.
-Muny ýaňy-da aýtdyň.Edebi eserde bir sözlemi iki gezek gaýtalasaň bolanok-diýip,
Beki aga ýylgyrdy.
Beki aga bilen hoşlaşyp,Ýazyjylar birleşiginiň jaýyndan çykdym,birsalym şähere
aýlandym. Öýlän gelip,birleşigiň gaznasyndan pul aldym.Ertesi Daşkende
uçdum.Maslahata bir gün gijä galyp bardym.Maslahatyň ýolbaşçysy Seýit Ahmet meni
gowy garşy aldy.Ol "Şark ýulduzy" žurnalynyň bölüm müdiri eken, žurnalda çykan
hekaýalarym onuň elinden geçeni üçin, meni gaýybana tanaýan eken.
Maslahat örän gyzykly geçdi.Biziň bilen şol maslahata gatnaşan ýaşlaryň köpüsi soň
Özbegistanyň halk ýazyjylary boldular.Şahyr Erkin Wahydow Özbegistanyň
Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy.
On günden soň Aşgabada gaýdyp geldim.
-Hä,geldiňmi,niçik ýagdaýlar?-diýip,Beki aga ýylgyryp garşy aldy.Ol maslahatyň
geçişi, geçen ýeri-"Dörmeniň"tebigaty,ýaşaýyş şertleri,uly ýazyjylardan kimler bilen
duşuşanymyzy sorady, soňra:
-Duşuşyga Aýbek gelmedimi, onuň adyny aýtmadyň-a?-diýdi.
395
-Gelmedi, ýogsam haýyşam etdik.Ol ysmaz keseline uçrap,şondan soň gepläp
bilmeýän bolupdyr.
-Hä, menem şeýleräk diýip eşidipdim. "Nowaýy" romanyny ýazanyndan soň, oňa köp
azar berdiler.Feodal synpyň wekilini öwüpdir diýip. Ol derdini şonda tapynaýdy
öýdýän - diýip,Beki aga kellesini ahmyrly ýaýkady.
Söhbedimiziň soňunda-da Beki aga maňa ýene-de türkmençe ýazmagy ündäp
hoşlaşdy.Şondan soň hekaýalarymyň birnäçesini türkmençä terjime edip,ýaş
ýazyjylaryň bir maslahatyna baranymda,olaryň birini "Sowet edebiýaty"(häzirki
<>)žurnalyna eltdim.Beki aga ýazyjylar birleşiginden boşap,žurnala
redaktor bolan eken.Ol meni gowy kabul etdi. Şu duşuşykda onuň bir aýdan gepi
ýadymda galypdyr.Men elimdäki hekaýamy uzadyp:
-Bu "Şark ýulduzy" žurnalynda-da çykdy-diýäýmenmi, ol ýüzüme seredip, kinaýaly
ýylgyrdy-da:
-Han ogul, "Şark ýulduzy" biziň üçin baýdak däl, bar Bäşim Ataýewe ber, özi görerdiýdi.
Men aýdan sözüme gyzaryp, onuň ýanyndan çykdym.Hekaýamy ilki bölüme bermeli
ekenim.Žurnalda tanaýan adamym diňe Beki aganyň özi bolany üçin,göni onuň özüne
hödürläpdim.Eseriň bölüme tabşyrylmaly kadasyny bozupdyryn.Beki aganyň şuňa
gahary gelen bolmagy mümkin.
Beki aga bilen şondan soňky duşuşygym 1966-njy ýylyň başragynda
bolupdy.Aşgabada bir iş bilen baranymda, ilkinji türkmençe ýazan eserim- "Syrly
mukamlar" atly fantastiki powestimi žurnala hödürlemek üçin redaksyýa bardym. Ilki
bilen salamlaşmak üçin Beki aganyň ýanyna girdim. Ol:
-Hä,Sabyrow,geldiňmi?!-diýip,güler ýüz bilen garşy aldy:-Niçik ýagdaýlar?Ýene
"Şark ýulduzda" çykanlaryňdan terjime edip getirdiňmi?
-Ýok, täze ýazdym,türkmençe...- diýip,men saklandym, tas üýtgeşik zat ýazdym diýip
öwnüpdim.
-Şeýlemi, bölüme berdiňmi?
-Ýok, ilki siziň bilen salamlaşaýyn diýdim.Häzir berjek...
-Hany,men göreýin, çykar.
Sumkamdan çykaryp berdim.
-Oho!Ulurak zat ýaly-la - diýip, ýüzüme ýylgyryp seretdi.-Türkmençe ýazanyň çynyň
bolsa, özüm okap göreýin.
Men hoşlaşyp çykyp gaýtdym.Powest Beki aganyň stolunda galdy.Bir hepdeden
soň,Aşgabatdan hat geldi.Bukjanyň ýüzündäki "Sowet edebiýaty" diýen ýazga gözüm
düşenden, "halamandyr-ow,jogap ýazypdyrlar" diýen pikir bar keýpimi uçurdy.Emma
haty açyp okanymda,begenjime bökäýjek boldum.Hatda eserimiň suratym bilen
çykaryljakdygy,şoňa suratymy ibermelidigim ýazylypdy.
Şeýdip, ilkinji türkmençe ýazan eserim "Syrly mukamlar" žurnalyň 1966-njy ýylyň 4nji sanynda suratym bilen çapdan çykdy.Şol döwürde žurnalda korrektor bolup işleýän
Hojanepes Meläýewiň inisi Amannepesiň aýtmagyna görä,Beki aga "Bu oglan
üýtgeşik bir zat ýazypdyr.Okap oturyp,inim digläp gitdi.Suratyny aldyryň, suraty bilen
bereliň" diýipdir.
Beki aganyň ündewi bilen ýazylan bu eser meniň türkmen dilindäki döredijiligimiň
başlangyjy boldy.Şundan soňky "Togalak dünýä" powestimi hem Beki aganyň özi
okap,makullap žurnalda çykarypdy.1972-nji ýylda ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna
kabul edilenimde,hödürnama ýazyp berenleriň biri-de Beki agady.Onuň maňa eden
396
başga-da ýagşylyklary hiç haçan unudylmaýan ýagşylyklardyr.
Beki aga tanyş-bilişleriniň işine,ýagdaýyna ünsli seredýärdi.Başgalaryňam şeýle
bolmagyny isleýärdi.Men muny 1976-njy ýylda ejem aradan çykanda duýdum.Ol
gazetde ýazyjylar birleşiginiň beren gynanjyny okap, maňa gynanç bildirip hat
ýazypdy.Soň duşanymyzda," Yzy ýarasyn" aýdyp, yzyndan: "Men gynanç bildirip bir
hatam iberipdirin,ol barmandyr öýdýän" diýdi. Men:
-Geldi, aldym hatyňyzy-diýdim.Ol ýüzüme birhili seretdi-de:
-Men seni hatymy alan dälsiň öýdüpdim-diýdi.Ine,şonda men özümiň ýalňyşymy
duýdum.
Beki aga Daşoguza gelende,köplenç,Hojanepesi ýany bilen bile alyp gaýdýardy."Bu
biziň attutarymyz" diýip,onuň bilen degişerdi.Ol haçan gelse, ony Hangeldi aga bilen
bile garşy alardyk, barjak ýerlerine bile barardyk, çagyrylan ýerlerde saçagyň başynda
onuň gyzykly gürrüňlerini, degişmelerini diňläp, hezil ederdik.Ol , köplenç, Hangeldi
aga degerdi.Meniň ýadymda galanlaryndan:Bir sapar Hojanepes bilen gelende,şahyr
Kakabaý Ylýasow myhmançylyga çagyrdy.Boldumsaza meniň "Moskwiçimde"gitdik.
Kakabaý hezzetiň kemini goýmady.Towugyň etinden böregem bişirdipdi. Gijäniň
ýaryna çenli gowy oturdyk. Soňra Boldumsazyň kiçijik myhmanhanasyna geldik.Beki
aga bilen Hangeldi aga bir otagda,Hojanepes ikimiz bir otagda ýatmaly bolduk.Ilki
Hangeldi aga:
-Beki,(ýaşlary deňräk bolansoň,diňe adyny aýdýardy),sen ýaman hor çekýäň,men
dälizde ýatjak,seniň ýanyňda ýatjak däl-diýdi. Dälizde ýatmaga ýer barmy
näme,barybir,Beki aganyň ýanynda ýatmaly boldy.Ertesi irden çaýyň başynda
Hangeldi aga keýpsiz torsaryp otyrdy.Beki aga bize ýylgyryp, "onuň halyny soraň"
diýen manyda oňa tarap ümledi.Biz ikisiniň arasynda bir zat bolanyny
aňdyk.Hojanepes:
-Han däde,näme keýpiň ýok?-diýdi.
-Keýp bolýamy,kellesini ýassyga goýandan,köne traktyr ýaly tarlap ýatyrmany bir
ýana,ýaňy süýji uka giden mahalym,yralap turzanyna näme diýjek.Gözümi açalakýumalak edip seretsem,ýeke gözli döw ýaly üstüme abanyp dur.Men bir zat bolandyr
öýdüp: "Hä,hä eýgilikmi?" diýsem, näme diýýä diýsene: "Aý,ol çowdur bir gysym
tüwi tapmadymyka, palaw bermed-ä" diýip,daşary çykyp gitdi. Sagada seretsem bäşiň
ýary.
Hangeldi aganyň jany ýanyp gepleýänine Beki aga hezil edip güldi.
Daşoguza gelende,Beki agany myhmançylyga çagyrýan adam köpdi.Emma ol
hemmesine-de baryp ýörenokdy.Ol biziň öýümize ilkinji geleninde:
-Reýimbaý,özbekler öýüne myhman gelende,hökman palaw bişirýärler.Özbegiň
palawy-da gatyrak bolýa.Men palawy ýaşlygymda gowy görýärdim,häzir däl.Gowusy,
sen gazaklaryň "bäş barmagy" ýaly bir gaýyş bişirdäý-diýipdi.Şonda palawyň özüniň
ýaş döwründe nähili arzuwly nahar bolandygyny şeýle gürrüň beripdi:
-Oglankak Balyş bilen(gürrüň Balyş Öwezow hakda)bir obada,özem goňşyrak
ýaşaýardyk. Olaryň bir uly horazy bardy.Käte biz ony kowalasak, käte ol bizi
kowalaýardy.Bir gün Balyş:
-Beki, dädem horazy soýdy. Ejeme horazyň etini salyp,palow bişir diýip aýtdy. Palow
bişenden, men daş çykyp sygyraryn,sen meni sorap gel. Palowy bile iýeris diýdi.
Menem sykylygy eşiden badyma,eňip bardym. Kakasy:
-Gel, "Ýagşy ýigit-aş üstüne" diýipdirler-diýdi.Ejesi Balyş ikimize bir kiçiräk okara
palow salyp berdi,hezil edip iýdik.
397
Beki aganyň bu beren gürrüňinden şol döwürde diňe palow däl,dostluga-da nähili uly
gadyr goýulýandygyny aňdyk.*
Bu iki uly kişiniň oglanlykdaky dostlugy ömürleriniň ahyryna çenli saklanyp
galypdy.Beki aga diňe meşhur ýazyjy bolman, ol belent adamkärçilikli,dostlaryna
mähriban, kiçigöwünli, sada ynsandy. "Beýiklik sadalykda" diýipdir.
398
YZYNDA ŸAGŞY AT GALDY
(Ÿazyjy Hojanepes Meläýew barada ýatlama )
Bu dünýä gelip geçýän adam köp, kimden yz galýar, kimden galanok,
ýöne adam özünden gowy at, gowy ýatlamalar galdyrmaga çalyşýar.
Hojanepes Meläýew ýazyjy hökmünde yzynda uly yz galdyran kişi.
Onuň döredijiligi we şahsyýeti barada gürrüň edilende, özüniň döwürdeş
ýazyjylaryndan bir tapawudyny aýratyn bellemeli bolýar.Gysga ömrüniň içinde onuň
ýaly öz döwrüniň durmuşyny,adamlarynyň ykbalyny,arzuw-armanlaryny teswirleýän,
köpsanly eserler döreden ýazyjy az-azdyr.
"Daň ýyldy", "Tylla teňňeler", "Altynyň ýesiri", "Ýalyn", "Wagondaky üç adma",
"Düýnki gelinler", ýaly powestlerini; "Melgun", "Ynsan keşbi", "Garagumuň
bürgütleri", "Ýüz müň posa", "Ýyldyzlar öçmeýär", "Şazadanyň ýaşlygy" ýaly
romanlaryny, "Aýperiniň aýdymy", "Molla Oraz" , "Durdy Gylyç" atly drama
eserlerini we hekaýalaryny göz öňüňe getireniňde, onuň nähili öndürijilikli işländigine
telpek goýýarsyň.Hojanepesiň ýokarda sanalan eserleriniň hemmesi hem türkmen
edebiýatynda özüne mynasyp ýer eýelemäge mynasyp çeper eserlerdir.
Eger şeýle bolmadyk bolsa,ol eserler Türkmenistanyň çäklerinden çykyp,daşary ýurt
dillerinde neşir edilmezdi.Onuň powestleridir romanlarynyň hemmesi diýen
ýaly,Moskwada rus dilinde neşir edildi. "Garagumyň bürgütleri" atly romany bolsa
Bütinsoýuz konkursynda WSSPS-iň we SSSR ýazyjylar soýuzynyň baýraklaryna
mynasyp boldy.Onuň "Wagondaky üç adam" eseri iňlis we ýapon dillerine terjime
edildi. Halypa ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedowyň "Türkmenistan" gazetiniň
1991-nji ýylyň iýun aýynda çykan sanlarynyň birinde Hojanepes Meläýewiň 50
ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýazan makalasynda şeýle setirler bar:
"H.Meläýewiň ýylyň-ýylyna täze eserleri çykyp dur.Olar bada-bat rus diline we
beýleki dillere hem terjime edilýär.Olar barada "Prawda"gazeti hem ýazýar."Nowyý
mir" žurnaly hem, "Literaturnaýa gazet" hem, "Trud" gazety hem. Emma ýazyjynyň öz
Watanynda welin,onuň eserleri barada ýagşydan-ýamandan henize çenli subutly bir zat
aýdylanok.Men muňa kes-kelläm düşünip bilmän gelýärin."
Hojanepesiň eserleriniň ýazylmagyna, özüniň aýtmagyna görä, durmuşdaky duş
gelýän wakalar itergi berýän ekeni. 80-nji ýyllaryň başynda Aşgabatda uly ýygnak
boldy.Oňa ýazyjylar we beýleki döredijilik işgärleri hem çagyryldy.Zalda men
Hojanepes bilen bileräk oturdym.Esasy nutukdan soň arakesme boldy. Men
Hojanepese: "Indi gaýdybersek bolmazmy?" diýdim.Ol: "Oturaly,häzir arakesmeden
soň çykyşlar boljak.Kerim Gurbannepesow hemmäni aňk etjek bir goşgy bilen çykyş
etjekmiş" diýdi. Dogrudanam, arakesmeden soň halkyñ söýgüli şahyry Kerim
Gurbannepesow söz alyp, münbere çykdy.Ol entek hiç ýerde okalmadyk,hiç ýerde çap
edilmedik täze ýazan "Döwür,şeýle döwür" diýen goşgusyny şu ýerde okady.
Şonda Hojanepese Kerim aganyň çykyşy gaty täsir eden bolmaly.Ol ýygnakdan
çykyp gaýdanymyzda: "Menem şu döwrümizde bolýan zatlar barada bir eser ýazsam
gerek" diýdi. Şondan soñ Hojanepes özüniň "Melgun", "Ýüz müň posa" atly
romanlarynda öz döwrüniň nogsanlyklaryny paş edipdi. Emma Hojanepesiň esasy
gahrymanlary zähmet adamlarydy.Tükenmez baýlygy öz göwsünde gizläp ýatan beýik
Garagum sährasynda gyşyň aýazly günleri diýmän,tomsuň jöwzaly yssysy diýmän
zähmet çekýän edermen gazçylaryň durmuşyndan ýazan "Wagondaky üç adam",
"Ýalyn" powestleri, "Garagumuň bürgütleri" romany ony diňe Türkmenistanda
399
däl,ondan has daşdaky ülkelerde-de ezber ýazyjy hökmünde tanatdy.Bu hakda
Gurbandurdy aga ýokarda agzalan makalasynda şeýle ýazýar: "SSSR ýazyjylarynyň
Moskwada bolan ýygnaklarynyň birinde Ýakudystandan gelen belli ýazyjy bilen
Hojanepes Meläýewi tanyşdyranymda onuň mylaýym ýylgyryp:"Garagumyň bürgüdi"
diýýäýseňizleň!" diýmegi meniňem, meniň galamdaş ildeşlerimiňem gulagyna gaty
hoş ýakdy".
Hojanepes hiç haçan erkin ýazyjy hökmünde öýünde oturyp işlemedi.Ol 1964-nji
ýylda uniwersiteti gutarandan soň,zähmet ýoluny žurnalistlikden başlady.Radioda,
telewideniyada işledi, kitap söýüjiler jemgyýetiniň başlygy, "Magaryf" neşiriýatynyň
direktory, "Sowet edebiýbaty" žurnalynyň baş redaktory, ýazyjylar birleşiginiň
başlygynyň orunbasary, metbugat komitetiniň jogapkär işgäri, awtorlaryň hukukyny
goraýan agentligiň işgäri, edebiýat fondynyň direktory ýaly dürli wezipelerde işläp
işiniň daşyndanam şunça eserler ýazanyna köp adamlar haýran galýardy.
***
Hojanepes bilen men geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda tanyşdym.Şol
döwürde men Daşoguz şäherinde özbek dilinde çykýan "Ÿangi turmuş" (Täze durmuş)
şäher-raýon gazetinde edebi işgär bolup işleýärdim.Uniwersitetiň talyplary bolan
Hojanepes bilen Hudaýberdi Diwangulyýew tomus kanikuly döwründe biziň
redaksiýamyza geldiler.Olara meniň bilen tanyşlyk açmagy Beki aga tabşyran
bolmaly.Çünki şondan bir aý öň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işleýän Beki
Seýtäkow meni Aşgabada çagyryp,Özbegistan ýazyjylar birleşiginiň çakylyk haty
boýunça Daşkende ýaş ýazyjylaryň on günlik seminaryna iberipdi.Şonda Beki aga
meniň Özbegistanda çykan hekaýalrym barada sorap, soňundan tütürkmençe-de
ýazmaga ündäp:
"Öözüň ýaly ýaş türkmen ýazyjylary bilen gatnaş,dil öwrenersiň" diýipdi.
Şol gelenlerinde Hojanepes bilen Hudaýberdi hekaýajyklaryny getiren ekenler. Men
olary terjime edip, gazetde çykardym. Ÿakynda Hudaýberdi şol ilkinji duşuşygymyzy
ýatlap: "Şonda men - diýä - gazediñde özbek dilinde çykan hekaýamy görüp, indi
meni ähli özbek halky tanysa gerek öýdüp, Daşoguzyñ Daş köçesinden hondan bärisi
bolup geçipdim" diýip gülüşdirdi.
Ine, şol ilkinji duşuşykdan başlanan tanyşykly soňabaka dostluga öwrülip gitdi.
Hojanepes dostlaryna wepaly, belent adamkärçilikli ynsandy .Onda göriplik diýen
zat ýokdy.Biriniň eseri çyksa, gowy görülse begenerdi.Özi-de dostlarynyň,
tanyşlarynyň eserlerini çykarmak üçin elinden gelen kömegini ederdi. Ol atly ýazyjy
bolup,Moskwanyň "Sowetskaýa pisatel" neşirýatynyň redaksion kollegiýasynyň
agzalygyna saýlanandan soň şol neşirýatda türkmen ýazyjylarynyň birnäçesiniň
kitaplarynyň çykmagyna hem öz goşandyny goşdy.Ol maňa-da: "Sen diňe özbekçe,
türkmençe bilen çäklenmeli däl. Gowy zatlaryňy rus dilinde hem çykarmak gerek.
Rus dili arkaly başka dillere hem terjime ediler" diýerdi.Ýetmişinji ýyllaryň
ortalarynda ol meni Aleksandr Kolpakow diýen moskwaly fantast ýazyjy blen
tanyşdyrdy.Kolpakow gowy terjimeçi hem eken.Ol meniň birnäçe eserimi rus diline
terjime edip, "Türkmenistan" neşirýatynda " Krugly mir" atly kitap edip, "Syrly
Mukamlar" powestimi Moskwada "Molodaýa gwardiýa" neşirýatynyň "Fantastika76" we "Izwestiýa" neşirýatynyň, "Proba liçnosti" diýen almanahlarynda çykartdy.
Hojanepes şahyr Kakabaý Ilýasowyň goşgylaryny gowy görerdi. Ol bir
duşuşanymyzda Kakabaýa "Men saňa bir gowy terjimeçi tapyp bereýin, goşgularyňy
Moskwada çykaraly" diýdi.Emma Kakabaý bu işiň hysyrdysyndan gaçdymy, nämemi,
400
garaz, terjime etdirmegiň ugryna çykmady.
***
Hojanepesi halypamyz Beki aga aýratyn gowy gorýärdi.Ol haçan Daşoguza gelse
Hojanepes ýanyndadyr.Ýerlere gidilende Hangeldi Garabaýewi meni-de bile alyp
gidýärdi. Beki aga degişmäni gowy görýän adam bolany üçin Hojanepese,Hangeldi
aga, maňa-da degip gülüşme tapardy.Hojanepes häsiýeti boýunça kän
geplemeýärdi.Özüne degilip gülüşülende-de çalarak ýylgyryp oňaýýardy.Ýöne ol Beki
agany-da maýy gelende gepde çüýläp, "kak bäşi " diýdirýärdi ( Beki aga gepde
ýeňilse, ýeňen adama "kak bäşi" diýip elini uzadýardy). Bir sapar Bedirkende Beki
aganyň inisi Sazak agalara gitdik. Gaýdyşyn Hojanepesleriň obasynyň deňine
gelenimizde Beki aga:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 33
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.