Latin

Powestler - 10

Total number of words is 3829
Total number of unique words is 2135
33.7 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
55.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýtalandy. Bu ýigit şu geplere uýup, nämeleri ýitirjegini bir bilsedi!
Mansur erbet bir zada gözi düşen dek, ugry gaçyp, işdäsi tutuldy.
Ol jenaýata güwä bolmakdan çekinen ýaly, basym turup gitdi. Ol indi
haýsy ýere baryp göwün açmak, naharlanmak mümkinçiligini oýlap,
myhmanhananyň öňünde garalyp durdy. Dogrusy, häzir onuň ýüregi
nämänidir isleýärdi, bu islegiň hem oňa bu gün gijesi bilen uky
bermejekdigem hakdy.
Bu nähili isleg?
Mansur özündäki bu duýgynyň nämedigini anyklamaga çalyşdy.
Kalbyny gaplap alan bu duýgy durmuş gözýetiminiñ öňüni bekläp duran
perdäni ýyrtyp taşlamak, onuň aňyrsynda näme bardygyny tizräk görmek
islegidi. Onuň üçin häzir bu meseläniň bir ujy baryp Nurjemala direlipdi.
Diýmek, häziriň özünde Nurjemalyň gözlegine çykmak gerek. Eger ony
yzlap tapmasa, onuň geçirimli, mylaýym gözlerine bakyp, aýagynyň
astynda durmuş esasynyň barlygyna anyk göz ýetirmese, Mansuryň göwni
takat tapjak däldi.
Ol karara öwrülen pikirleri bilen gümra bolup, şäheriň gündogar
çetine gatnaýan awtobusa nähili müneninem duýman galdy. Ol awtobusdan
düşüp seretse, şäheriň bu tarapy tanar ýaly däldi, özgerip gidipdir. Ýöne
Nurjemallaryň obasyna eltýän uly ýola gözi düşen bada tanap, ýüregi jigläp
gitdi. Bu ýol, göwnüne bolmasa ony durmuşuñ gujagyna göni alyp barýan
111
ýeke-täk ýoldy.
Ýagyş ýagjakdygy bildirip durdy. Mansur oňa ähmiýet bermän, tiz-tiz
ýöräp barýardy. „Şu ýöriş bilen gitsem, üç sagada bararyn. Eger bagtyma
maşyn-saşyn sataşaýsa-ha işimiň oňdugy“ diýip oýlanýardy. Bir haýukdan
yzyndan kuzuwy ýükli bir maşyn ýetdi. Mansur şatlandy. Dazlap gelýän
maşyn derrew ýakynlaşdy. Mansur iki elinem deňine göterip ony
duruzmaga synanyşdy. Maşyn Mansuryň deňinden biraz ötüp togtady.
Kabinadan:
-Halypa, nirä barýaňyz? – diýen şadyýan ses eşidildi.
Mansur barjak obasynyň adyny aýtdy.
-Ýoldaş ekenik, münüň! – diýdi.
Mansur kabina mündi. Sürüji ýigit Mansur bilen deňräk bardy. Onuň
ýüzünde ýakymly şatlyk alamatlary oýnap durdy. Onuň gözlerine Mansur
dykgat bilen seredýärkä, otludaky kiçijik gyzyň
„Bagt adamyň içinde bolýar-da“ diýen sözlerini ýatlatdy. Mansur „Bu
içinde uly bagty bar adam bolmaga çemeli, onuň bagty gözlerinde-de
balgyldap dur“ diýip oýlandy. Şol wagt Mansur kabina oturdylan aýnada öz
gözlerini görüp, ýüregi içinden sogrulan ýaly bolup gitdi. Ýoldaşynyň
gözleri bilen onuň gözleriniň arasyndaky tapawut baýlyk bilen gedaýlyk
arasyndaky ýaly.
Mansur aýnada öz keşbini görýärkä gussadan doly gözleri bilen
üstündäki nähili reňkdedigi hem bilinmeýän köne kostýumynyň arasyndan
nähili-de bolsa, bir umumy meňzeşlik tapdy. Şonda ol özüni bagtly
hasaplan günlerini, gymmat bahaly kostýumlar geýip, öz maşynynda ýören
wagtlaryny ýatlady. Onuň maşynynda-da hut şeýle aýna bardy. Maşynda
gezelenç eden wagtlarynda ol her mahal şu aýna bakyp, özüne tomaşa
ederdi. Şol wagtlardaky özüniň tutuş görnüşi, kaddy-kamaty, ýüz keşbi
häzir hem onuň göz öňünde. Ýöne şol wagtlar onuň gözlerinde bu ýigidiňki
ýaly bagt uçgunlary beri barmydy! Mansur muny hakydasyna getirmekçi
bolanynda uly bir hakykatyň üstüni açdy. Şol döwürde-de onuň
gözlerindäki uçganaklaýan bagt alamatlary dälde-de, ýasama buýsanç bilen
gorky uçgunlarydy. Hakykatdan-da bu gorky duýgusy bagtyň ornuna onuň
içinde mekan edinipdi. Gijelerine goňşularynyň gapysy gatyrak kakylsa-da,
ol birhili howsala düşüp oýanýardy. Köçe-pöçede iki adam oňa garap özara
gürleşip duranam bolsa, näme üçindir tisginerdi. Gysgasy, bu iç
hümletmelere ýol bermezlige çalşyp, durmuş şerbetini has-da goýurak edip,
içmek üçin, bezeg, zynatlar ugrunda hars urdy. Ýöne göze yşnakly görnen
bu zatlar bagt lezzeti ýaly duýulmaýardy. Diýmek, ol şol mahallaram bagtly
bolman eken-dä! Arman! Bu hakykata ol öz wagtynda düşünmedi.Masur
hyýal derýasyna çümüp otuşyna gün ýaşyp garañky düşüp ugranyny-da
duýmandyr.
112
Sürüji maşyny uly ýoldan gapdala sowdy. Mansur oňa soragly nazar
bilen garady, sürüji bolsa:
-Şu ýerde, daýzamlarda meniň aýalym bar, şonam alyp öteli – diýip,
sowulmagynyň sebäbini oňa düşündirdi, Mansur başyny bir atyp, ýene-de
öz hyýallaryna gark boldy.
Maşyn egrem-bugram ýollardan biraz ýöränsoň, bir öýüň öňünde
togtady. Sürüji maşyndan düşdi-de:
-Halypa, isleseňiz bir käse çaý içip gideli – diýdi.
Mansur:
-Giçden soň öý eýelerini azara goýmasak gowy bolardy – diýdi.
-Gözel göwnüňiz, onda men aýdyp çykaýyn – diýdi-de, sürüji içeri
girip gitdi. Biraz wagtdan soň jaýyň işigi açylyp, dälizden kempiriň "Bally,
gelniňi tiz-tiz getirip durgyn. Hoş-Hoş!“ diýen sesi eşidildi. Soňra sürüji
ýigit bir aýaly tirkäp çykyp:
-Halypa, şu-da ortada otursyn – diýdi-de, özi kuzowa ildirilip goýlan
bedräni alyp, maşyna suw guýmak üçin ýigrimi ädimlik aňyrdaky salma
baka gitdi.
Ine, şonda garaşylmadyk bir waka ýüze çykdy.
Mansur kabinanyň gapysyny açanda, garşysyndaky aýal birden:
-Waý!..-diýip tisgindi. Mansur oňa dikanlap seretdi. Kabinadaky
çyranyň yşygy garşysynda duran Nurjemalyň agaryp giden ýüzüni aýdyň
görmäge mümkinçilik berýärdi. Mansur hemme zada düşündi-de, üstünden
gaýnag suw guýlan ýaly bolup, bedeni lowlap gitdi. Şol arada kempir gelip,
gaýtadan hoşlaşmaga durdy. Soň Nurjemalyň adamsy gelip, aýalyny
ýerleşdirdi-de, maşyny otlap ugramak bilen boldy.
Maşyn ýola düşdi. Nurjemal bolsa ortada Mansura hiç ýerini
galtaşdyrmazlyga jan edip, ärine gysmyljyrap oturdy.
Güýçli urgynyň agyrysynyň dura-bara syzylyşy dek, bu rehimsiz
jezanyň hem zäheri Mansuryň ýüregini para-para edip başlapdy. Ýöne syr
bildirmezlige salyp, ähli gussasyny ýuwudyp geplemän otyrdy. "Näzir
Nurjemal nämeleri oýlaýarka? Kalbynda nähili duýgular peýda
bolduka? Garaşmadygyna gynanýarmyka?“ diýen ýaly soraglar onuň
beýnisine süri-süri bolup gelip geçýärdi. Maşyn uly ýola çykansoň, ýol
birneme önüp ugrady. Birden Mansuryň kellesine: men indi nirä barýaryn?
diýen pikir gelip, hanjar dek gezeldi. Emma geçmişiniň ýeke-täk hakyky
bezegi bolan, indi bolsa bütinleý ýat bolup giden bu aýalyň ýanynda az
salymam bolsa-da, galasy gelýärdi. Häzir ol Nurjemaly garalajagynam,
aklajagynam bilenokdy. Emma ýüregindäki gahar-gazaby öz erkine
goýberse, ol ony oňlulygyň üstünden alyp bararly däldi.
Öýländen bäri howany gaplap duran galyň bulut az-kem ýagyp, ýaňy
dargamaga başlapdy. Aram-aram gök gürläp, asmanyň uzak ýerlerinde
113
ýyldyrym çakýardy. Üç kişiniň arasyndaky agyr ümsümligiň syryndan
bihabar oturan sürüji ýigit gürrüň açmaga çalyşyp:
-Şu günleriň buludyna hiç ynanar ýaly däl. Galyňlygyna seredip, suwsil edip gidiberermikä diýseň, birden dyr pytrak bolup dargyýa gidiberýär.
Bir görseñ, ÿok ýerden peýda bolup, agyp başlaýar-diýdi. Bu sözler
Mansury ynjalykdan gaçyrdy. Ol içini sowatmaga meýil etdi.
-Hawa, bulut diýeni şeýle durnuksyz bolýar. Haýsy tarapdan şemal
güýçlüräk öwüsse, şonuň ugry bilen ygyberýär.
Bu sözleriň bulut hakda aýdylmandygyna düşünip oturan Nurjemal
çydap bilmedi.
-Bagyşlaň, ol asla beýle däl. Nähak ýere buluda aýyp ýöňkeýärsiňiz!..
Mansur içini ýaryp barýan duýgusyny syzdyrmazlyk üçin ýuwaşlyk
bilen:
-Siz bulut hakda şeýle oýlanýarsyňyzmy?- diýip sorady.
-Men häzir bulut hakda däl-de, asmanyň aňry burçynda çakyp giden
ýyldyrym hakda oýlanýaryn. Ony, ine, bu uç-gyraksyz ýyldyzlar bilen
deňeşdirýärin.
Sürüji ýigit aýaly bilen bu nätanyş adamyň arasyndaky täsin gürrüňe
biraz geňirgendi. Ýöne bu gürrüňiň aňyrsynda basyrylgy ýatan syr bardyr
diýip pikir hem edenokdy. Nurjemal bilen Mansur bolsa içki galagoplygyň
täsiri bilen ony unudana meňzeýärdiler. Mansur Nurjemalyň nämäni
nazarda tutýanyny hem anyk düşünmän:
-Ýyldyrymyň nämesi barada oýlanýarsyňyz? – diýdi.
Nurjemal:
-Ýyldyrym ýekeje gezek ýaldyrap görünjek diýip, derrew öçüp gidýär.
Ýyldyzlara bir serediň, olar ýyldyrym ýaly gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldap
görünmeseler-de, her haýsy bir tüýsli ýagtylanyp dur. Olar ömür boýy şol
durkyny saklaýarlar. Siz häzir buludyň ötegçiligi hakda aýtdyňyz, gaýtam,
siz ýyldyzlar bilen ýyldyrym meselesine köpüräk pikir beriň. Olaryň haýsy
ötegçi?
Mansur ulumsylyk bilen:
-Men bular barada oýlanandyryn – diýdi. – Emma siz ýyldyrymy bir
çakyp öçýär diýip, nädogry düşünýän ekeniňiz. Ol asmanyň bu çetinden bir
çakyp öçeni bilenem aňyrky çetine baranda öňküdenem güýçliräk
çaknaýandyr.
Nurjemal:
-Barybir ýene öçüp gidýä-de, bu onuň üçin kanun- diýdi.
Mansur näme diýjegini bilmän, dilini dişledi galdy. Hawa, bu
ýyldyrym üçin kanun. Ol muňa ýagşy düşünen bolsa-da soňky sözüni
buýsanjaňlyk bilen aýdypdy. Sürüji ýigit aýalynyň bu täsin çekişmede
ýeňenine buýsanyp:
114
-Biziň keyweni kä ýarym şunuñ ýaly pelsepeli gürrüňleri ýagşy
görýär- diýip goýberdi.
Nurjemal dikelip oturmakdan ýadan bolmaga çemeli, arkan gaýşyp
köpjege söýendi. Şonda Mansuryň gözi onuň biraz güberlip duran garnyna
düşüp, ýüregine köz basylan ýaly boldy. Bu zat oňa hälki gürrüňlerden on
esse erbet täsir etdi. Gabanjaňlyga meňzeş bir ýowuz duýgy onuň içinde
ýylan bolup towlanmaga başlady. Birden onuň beýnisine bir kölegeli pikir
şuwlap indi. Maşyn bolsa tekiz ýolda okdurulyp barýar. Ýoluň çep tarapy
jarlyk. Rula ýapyşaga-da bir bursa, wessalam! Şeýdip ol özüni durmuşa
baglap duran iň soňky umydyny çym-pytrak eden bu adamlardan hem öj
aljakdy, ýürek bagryny gemirip barýan içki azaplaryndan hem gutuljakdy.
Beýnisinde nokat bolup dörän bu pikir ulaldygy saýyn ýüregi tarsyldap
urmaga başlady. Ýöne bir ýagşysy, onuň bu ýowuz niýetiniň ýoluny beklär
ýaly güýji bar eken. Ol birden:
-Sakla şu ýerde! – diýip gygyranyny hem bilmän galdy.
Aňk-taňk bolan sürüji birden tormozy basdy. Ol:
-Näme boldy - haw! – diýdi.
Mansur gapyny jarka açyp, böküp düşdi-de sandyrawuk ses bilen:
-Sag boluň!.. Bu ýanyna özüm giderin – diýdi. Sürüji bu adamyň
şübheli hereketini aňyp, ondan tizräk gutulanyny kem görmedi gerek, hiç
zat diýmezden sürdi gitdi.
Mansur garaňky gijede ýeke galdy.
Indi näme etmeli?
Bu sorag onuň öňünde ikinji gezek goýulýardy.
Birinji gezek bu sowal onuň öňünde tehnikumy gutaryp, buhgalteriň
kömekçisi bolup işläp başlanynda, alýan aýlygy bilen hyýalyndaky zynatly
durmuş hözürini görüp bilmejek bolup gynanan wagtynda goýulypdy.
Gepiň tümmek ýeri, şol wagt bu sowaly öz öňünde özi goýupdy. Indi bolsa
bu sowaly durmuşyň özi getirip, onuň öňünde goýdy.
Bir mahaldan ýoluň sag tarapyndaky elli ädim aralykda towlanyp
akyp ýatan uly ýaba gözi düşdi-de, beýnisine gelen pikirden özem gorkup
gitdi. Emma nähilidir bir gara güýç ony ýap tarapa itekläp alyp barýardy.
Ol ýabyň boýuna gelip aýak çekdi. Suw sessiz-üýnsiz, emma batly akýardy.
Ýabyň ululygy tiz akyşy gijäniň garaňkysynda örän elhenç görünýärdi.
Ýapdan gözüni aýyrman duran Mansur birden tapdan düşdi-de, aýak
astyndaky gök otuň üstünde süýndi. Onuň kalby beýnisi haňkaryp galan
köne haraba dek gugaryp durdy. Bu harabalykdan: „Näme ýatdyň? Bol
tiziräk , tijen ahyry!“ diýen ses eşidilen ýaly boldy.
Şol mahal ýabyň aňyrsyndan traktoryň gürrüldisi, adamlaryň gygyryp
gepleşýän sesleri eşidildi. Ol: „güýz sürüm, adamlar gijelerine-de durmuş
zerurlyklaryna ulaşýarlar“ diýip oýlady.
115
Traktoryň sesi daşlaşdy, peseldi, adamlaryň birisi bir zat diýdi,
beýlekisi şeýle bir jak-jaklap güldi weli, muňa Mansuryň ini jümşüldäp
gitdi. Hamana, ol gülki janly zat ýaly onuň üstünden uçyp geçdi.
„Gülki, gör nähili ajaýyp zad-a! Ol ynsanyň ähli şatlyklarynyň
jarçysy... Ýok ýaşamak gerek! Özüm hiç wagt şeýle gülübilmesemem, şular
ýaly gülküleri eşidip gezmek üçin beri ýaşaýyn!“
Mansur şu pikirler bilen ýerinden turup gitdi.
Gök ýüzüni gaplap, häkimlik satyp duran bulutlar daňa golaý
dargaşyp, nirädir zym-zyýat boldular. Asman giňişligi oňat arassalanan
çüýşe ýaly ajaýyp görnüş aldy.
Daň tilkiguýruk bolanda, Mansur şähere golaýlady. Ol gijesi bilen
paýy ýyýada ýol ýöränem bolsa, özünde ýadawlyk syzanokdy. Ol ölüm
penjesinden gaçyp gutulan dek tolgunýardy.
Ynsan balasy agyr pursatlarda ýakyn hossaryny, mähriban adamyny
ýatlaýar. Janymyz agyranda, ruhy taýdan ejir çekenimizde „ Eie jan“ diýip
seslenmegimiz hem şondan bolsa gerek. Häzir Mansuryň hem içinde „Eje
jan! Men indi näme iş etmeli?! Aýatda sen diri bolanda maňa ýol salgy
bererdiň, ahbetdin!“ diýen nala ýaňlanýardy. Bu nala ony şäheriň çetindäki
gonamçylyga alyp bardy.
Gonamçylyk! Bir giden meýdany tutup ýatan tümmek-tümmek
mazarlar bir eýesiz şäheri ýatladýardy. Daňdanyň salkyn we arassa
howasynda bu ýer adamyň gözüne has sowuk görünýärdi, inini
tikenekledýärdi, ömür diýilýän zadyň wagtlaýyndygyna, ölümiň gutulgysyz
netijedigine ynandyrýardy.
Mansur öz eli bilen jaýlamadyk ejesiniň mazaryny bu giden
gonamçylykdan nädip tapjagyny bilmän daş-töweregine garanjaklap
durşuna bir wagtlar Magtymgulydan okan setirlerini ýatlady:
Gör nä ärler ýatyr munda güm bolup,
Sen dünýäni tutajaksyñ kim bolup!
Gurşun ýaly saldamly bu sözleriň düýp manysyna Mansur diňe häzir
düşünen ýaly boldy. Şol wagt onuň ýeňsesinden bir şygyrdy eşidildi. Ol
tisginip, yzyna öwrüldi. Görse, garşysynda saçy- sakgally çuw ak bir garry
ýaý ýaly egrelip durdy. Mansur onuň gonamçylygyň müjewiridigini aňdy,
salam berdi. Garry başyny atyp, salamy alansoň, sandyrawuk inçe ses bilen
habar sorady:
- Oglum, beýle bimahal näme işläp ýörsiň?
Mansur birbada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Eger diýse diýere
zat kändi. Bu dünýäniň ähli al-aladasyny terk edip, gonamçylygy özüne
mesgen edinen bu garra içini dökse döküp oturmalydy. Emma ol öz derdine
bu terki dünýä adamy şärik edip, oturmagyň geregi ýokdugyna göz ýetirdi.
Gonamçylyga gelmeginiň sebäbini aýtmak bilen çäklendi.
116
-Meniň ejem şu ýerde bolmaly, ýöne men onuň mazarynyň
nirededigini bilemok. Belki-de siz kömek edersiňiz.
Müjewür oňa manysyz nazary bilen dowamly seretdi, soňra:
-Ejeň kimlerden bolmaly? Haçanyrak jaýlanan? – diýip sorady.
Mansur ikirjiňläp jogap berdi:
-Ejem... Halyl Haýdar diýip eşiden bolsaňyz, ejem şonuň dogany
bolmaly. Jaýlananyna –da bäş ýyla golaýlady.
Müjewür çu ak ösgün gaşlaryny sypalap durşuna:
-Halyl Haýdar, Halyl Haýdar- diýip, gaýtalady- ýok, ýadyma düşenok
oglum. Ýogsam, sen näme üçin ejeňiň mazaryny bäş ýyldan soň idäp
ýörsiň? Öň niredediň, oglum?
Mansur geplemedi. Ol jogaba garaşýan müjewüriň ýüzüne-de
seretmän gelen yzyna dolandy.
Mansur şähere gelip girende, köçelerde ýaňy hereket başlanypdy.
Ol tanyş köçelerden ötüp barýarka ýoly ýaşlygynyň iň bagtly döwri
geçen ýeriniň üstünden düşdi.
Ine, Nurjemal bilen gol tutuşyp gezen tanyş ýodalary. Halha niçe
duşuşyklaryň, niçe şirin posalaryň güwäsi bolan gadyrdan boýderek.
Mansur derege ýakynlaşdygysaýy lowurdap duran gözleri onuň synasyndan
nämedir bir zady agtarýardy. Geň galmaly zat, onuň agtarýan zady öz
ýerinde ýokdy. Şonda onuň kellesine „Näçe ýyllar“ diýen pikir gelip,
göreçleri derege ýarmaşyp, ýokary ýüwürdi.
Hol-ha, onuň agtarýan zady „ Nurjemal“ diýip oýulyp ýazylan ýazgy.
Ýadyňyzda bolsa gerek, Nurjemal bilen Mansuryň söýgi-muhabbetiniň
ilkinji sahypalary açylyp başlan wagtda şu deregiň ýanyndaky tapyşyklaryň
birine Nurjemal gelmän galypdy. Şonda çüňker keýip bolan Mansur
jübüsinden çakgysyny çykaryp, ýüregine söýgi tygy bilen ýazylan bu ady
entek tyg düşmedik deregiň synasyna göçüripdi. Şeýdip birinji aýralygyň
jebrini şärikleşip çekeni üçin derek oňa gadyrdan bolup galypdy.
Ol wagtlar ýazuw Mansuryň egni bilen barabardy. Häzir niçik? Indi
Mansur oňa daraklygyna galyp, el uzatsa-da ýetip bilmedi. Ýyllar
"Nurjemaly“ şeýle belentlige göterip, Mansury-da şunça aşakda
galdyrypdy. Aslynda welin elýetmez belentlige göterilen zat diňe, Nurjemal
atly söýgüli aýalyň ady bolman, durmuşdy, hut durmuşyň özüdi!
Mansur ysgyndan gaçyp derege söýendi. Ol şu durşuna öz ýüregine
diň saldy. Onda ne arman, ne hasrat, ne-de şuňa meňzeş duýgy bardy. Häzir
onuň içinde diňe güýçli ýer yranmasyndan soň bolýan elhenç bir asudalyga
çalymdaş asudalyk höküm sürýärdi. Ol esli wagt şu ýerde duransoň,
dünýädäki iň eziz zady bilen hoşlaşýan ýaly derege serede, serede ondan
daşlaşyp gitdi.
Mansur birwagtlarky özüniň „Wolgaly“ gezýän köçeleriniň birinden
117
kellesini aşak salyp, gözlerini ýamaly botinkasyndan aýyrman, lapykeç
halda ýöräp barýardy. Ol käwagt başyny göterip, töwerek-daşyna gamgyn
nazaryny aýlaýardy. Onuň bu köçeden geçmänine ýedi-sekiz ýyla
golaýlapdyr. Şu döwrüň içinde köp zatlar özgeripdir. Bir wagtlar köçäniň
iki gapdalyndaky körpe nahallar indi saýa salyp oturan äpet daragytlara
öwrülipdir. Öňki pesejik görmeksizje tamlaryň ýerinde iki, üç gatly owadan
jaýlar peýda bolupdyr. Bu zatlaryň ählisine Mansur birhili müýnli
seredýärdi. Göwnüne bolmasa, ol zatlaram Mansury geň görýän ýalydylar.
Mansur gaty ýadawdy. Ol aýaklarynda ysgyn galmanyny syzyp köçäň
ugrundaky dynç alyş bagyna sowuldy. Ol kölegeräk ýer gözläp barşyna
şaglap akyp ýatan bir salmanyň gyrasynda saklandy, özüni aşak goýberdi.
Ol ýumşak çaýryň üstünde aýaklaryna dynç berip otyrka, beýnisinde ýene
dürli oý-pikirler at salýardy. „Önüp-ösen şäherime-de gaýdyp geldim,
emma bu ýerde maňa kim garaşýar, men kime gerek? Nurjemaldan bolsa
umydym üzüldi. Ejem pahyr indi ýok. Ýakyn-ýatlarymdan ýene kimler
barka? Şemşatmy? Şemşadyň indi meniň bilen „salam-helik“
edişmekjekdigem belli zat. Men oňa kisämiň pully, işimiň şowly wagtynda
gerekdim. Indi ol meni başyna ýapsynmy?.“
Mansur şeýle oý-pikirler bilen gumra bolup otyrka, salmanyň aňyrky
gyrasynda pyrlanyp aýlanyp duran girdaba gözi düşende, oňa seretdi galdy.
Onuň ünsüni çeken zat girdabyň däl-de, oňa düşen bir çöpüň ahwalatydy.
Girdap toruna düşen çöpi özi bilen bile pyrlandyryp aýlaýardy. Ol çöpi ýene
bir azrak şeýle aýlandyransoň, ýuwdup goýberjegi ikuçly däldi. Ol çöp
bilen girdabyň başa-baş söweşine seredýärkä, edil stadionda oturan futbol
humarbazy dek bu söweşde çöpüň ýeňip çykmagyny tüýs ýürekden
isleýärdi. Birdenem girdabyň aýlanmasy güýçlendi-de, çöpi ýuwutdy. Muňa
Mansuryň ýüregi agzyndan çykara gelip, hamala girdap çöpi däl-de, onuň
özüni ýuwdan ýaly boldy. Emma köp wagt geçmänkä çöp ýene suwuň
ýüzüne galkyp çykdy. Mansur ýeňillik bilen dem aldy. „Indi sähelçe hereket
etse, girdapdan gutulyp gidäýmegi mümkin“. Emma girdap Mansuryň
göwnüni görenokdy. Ol çöpi birsalym ozalkysyndanam güýçlüräk
pyrlandyrandan soň, bütinleý ýuwudyp goýberdi! Şonda Mansuryň
beýnisinde bir pikir ýyldyrym dek çakyp gitdi-de zöwwe ýerinden galdy.
„Her niçikde bolsa, men çöp däl! Janly adam, ahyryn! Näme üçin men
täzeden öz bagtymyň gözlegine çykmaly dälmişim?!“
Mansur şu pikiriň goltgy bermegi bilen göni wokzal tarapa ýöneldi. Ol
tiz-tiz ädimläp barýarka, şu günüň özünde agşamky otly bilen Daşkende
gitmeli diýen berk karara geldi.
Ýer titremesinden soň bu äpet şäher mertligiň hem-de janypkeşligiň
mekdebine öwrülipdi. Ol ýere çyn ýürekden zähmet çekip, özleriniñ
doganlyk kömegini bermek üçin ähli ýerlerden barýan adamlaryň san118
sajagy ýokdy. Goý, olam şol gaýnap duran zähnet gazanyna düşüp, bişip
çyksyn. Belki, onuňam bagty şol ýerdäki zähmet gujagynyň bir ýerinde
ýatandyr. Mansury Daşkende itekleýän zat diňe şu pikir, şu umydam däldi.
Ol ýerde onuň çagalyk dosty Jemşit bardy. Mansur tussagdaka-da Jemşidiň
ähli işlerinden habarlydy. Daşkentde ýer titremesinden soň, ol şol ýerde
başlanan umumyhalk gurluşygyna gidipdi. Häzirem Jemşit şol ýerdäki bir
trestde başlyk bolup işleýärdi. Ýeri, indi ol Daşkende näme üçin gidip
barýar?
Jemşitden hemaýat isläpmi? Mansur kalbynyň nirelerindedir
ýaňlanýan bu soraglara şu pursatyň özünde jogap tapmaga ejiz gelýärdi.
Nähilem bolsa, ol Daşkende baran badyna ilki Jemşit bilen duşuşmagy
ýüregine düwdi.
Otly haş-haşlap Daşkent wokzalynda saklandy. Mansur bu şähere
ozallaram iş bilen telim gezek gelipdi. Görküne gözüň gidýän köçelerdir
baglarynda seýil edipdi. Indi bolsa onuň käýerlerde ýykylan, ýumrulan
jaýlaryny görüp, Mansuryň ýüregi awady. Ol kä tramwaýda, kä pyýada
ýöräp şähere aralaşyp barýarka, entek arassalanyp ýetişmedik harabalara
gözi düşende, olar bilen öz kalbynyň arasynda nähilidir bir meňzeşlik bar
ýaly duýdy.
Erte-birgün bu harabalar arassalanyp, olaryň ýerinde owadan-owadan
ymaratlar bina ediler. Munuň şeýle boljagy şübhesiz. Emma harabalyga
öwrülen göwün ýaňadandan abat bolup bilermikä?! Entek bu zat Mansura
näbellidi...
Mansur günuzyn soraglap Jemşidiň ýolbaşçylyk edýän trestiniň
jaýyny tapdy. Ol kabul ediş otagyna girende, başlygyň kabinetiniň gapysy
çalaja açyk durdy. Şol aradan gelýän Jemşidiň sesini eşidip, Mansuryň
ýüregi jigläp gitdi. Ol gapa ýakynlaşyp, gözüniň gytagy bilen içerik seretdi,
Jemşit ullakan stoluň aňyrsynda oturyp, ýanyndaky iki adam bilen bir zatlar
hakynda gürrüň edýärdi. Kabulhanada oturan kätip aýal bu adamyñ ilki
özünden soraman başlygyñ otagynyñ gapysyndan jyklap duruşyna geñ
galyp:
-Size kim gerek? – diýdi. Diñe şundan soñ Mansur kabul ediş jaýynda
sekretar aýalyň oturandygyny görüp oña salam berdi. Soñra:
-Başlygyňyzyň ýanyna girmekçidim-diýdi.
-Onuň ýaly bolsa birsalym garaşyň, ýanyndakylar çyksyn, soň
girersiňiz
Mansur hatara goýlan otugyçlaryñ birinde çekinjeňlik bilen oturdy.
"Jemşit ony nähili garşy alarka? Ähli bolup geçen zatlary ýüzüne basyp,
paralanan ýüregine duz sepäýermikä? Ýa-da...“
Mansuryň kellesinde at salýan bu pikirler soňlanmanka içerdäkiler
gadyrly hoşlaşyp daş çykdylar. Mansur ýerinden galyp, gapa tarap
119
howlukdy. Ol içerik girip, gapyny ýapdy-da, sandyrawuk ses bilen:
-Mümkinmi? – diýdi.
Ol öz sesini tanamady. Gulagyna kesekiniňki ýaly bolup eşidildi.
Şol wagt oňa gözi düşen Jemşidiň kagyzlary ýygnaşdyrýan elleri
stoluň üstünde ysmaza öwrülip doňup galdy.
-Bu.. Senmiň?..
-Hawa, men...
Mansur şu pursatda dostunyň tarsa ýerinden turup, özüniň öňünden
çykmagyny, gujaklaşyp, mähirli görüşmegini isleýärdi. Emma Jemşit beýle
etmedi. Ol agraslyk bilen ýerinden turup, stoluň aňyrsyndan elini uzatdy.
Onuň bu bolşy Mansura gaty ýokuş degdi. Şeýle-de bolsa syr bildirmän,
mähirli görüşip-soraşmakçy boldy, emma şol demde ýüreginde dörän
duýgularyndan rüstem gelip bilmedi, dostunyň uzan elini sowuk-sala
gysdy-da onuň garşysyndaky boş stula geçdi. Jemşit Mansuryň ýüzündäki
ynjy alamatyny görüp, özüniň çendenaşa perwaýsyzlyk edenini aňdy,
mylaýym söz bilen günäsini ýuwmaga çalyşdy.
-Sag-aman geldiňmi, Mansur... Bu ýerlere nädip düşdüň?!
Ullakan buz harsaňyny kiçijik şem çyra bilen eredip bolmaýşy ýaly,
Mansuryň göwnündäki düwünem bujagaz mylaýym söz bilen ýazylarly
däldi. Ol kineli gürledi.
-Sag bol. Duz nesibäni çöpläp gaýtdyk. Bu ýerik bolsa seniň bilen şol
wadalaşan duşuşygymyz üçin geldim.
-Wadalaşan duşuşyk diýýämiň? Haçan wadalaşypdyk – diýip, Jemşit
geňirgendi.
-Ýadyňdan çykypdyr öýdýän! Hawa-da, ýatdan çykar ýaly wagtam
bolaýdy öýdýän. Ondan bäri ýedi-sekiz ýyl geçip gitdi.
-Näme diýmekçi bolýaň? Menä-ä hiç zada düşünemok.
-Häzir hemmesine düşünersiň. Seniň çyzgylaryňy welosipediňiñ
syrtyna daňyp, işe gatnaýan günleriň ýadyňdamy?
-Elbetde ýadymda.
-Şol günleriň birinde men seniň yzyňdan „Wolgaly“ kowup ýetipdim,
şonda ikimiz ýol üstünde esli wagt durup gürleşipdik. Ýadyňa düşýämi?
-Hawa, hawa, ýöne näme hakda gürleşenimiz hakydama gelenok –
diýip Jemşit aýtsa-da, şol wagtky bolup geçen ähli gep-gürrüňleriň şu günki
ýaly ýadyndadygyna gözlerinde uçganaklaýan hilegärlik alamaty güwä
geçip durdy.
-Onuň ýaly bolsa ýatladaýyn. Şol wagt sen özüňi häzirkidenem
sowuk-salarak alyp barypdyň. Seniň bolşuňa gaharym gelip, men: „Şeýle
bir wagt geler welin, şonda sen meň bilen başgaçarak äheňde gepleşmeli
borsuň“ diýip aýdypdym.
-Ä-hä, indi ýadyma düşdi – diýip, Jemşit oňa dikanlap seretdi.
120
-Ýadyňa düşen bolsa, şonda sen maňa näme diýip aýdypdyň?
Jemşit birneme ýaýdanybrak jogap berdi.
-Menmi? „Eger şeýle wagt geläýse, belki-de, başgaçarak gürleşerin“
diýipdim öýdýän?
-Hawa, edil şeýle diýipdiň – Mansur uludan demini alyp, dowam etdi.
– Ine, şol aýdylan pursatam geldi. Ýöne ol meniň isleýşim ýaly däl-de,
seniň isleýşiň ýaly bolup geldi. Sebäbi, bu gezek men seniň alnyňa
"Wolgaly“ däl, ýamaly botinkada geldim.
Mansur sözüni soňlap bilmedi, hamsykdy. Sözüniň dowamy
hökmünde has köneleşen botinkasyny görkezmek üçin bir aýagyny ýokary
galdyryp goýberdi.
Jemşit ony synlap otyrka, birwagtlar gymmat bahaly kostýumlar
geýip, özüniň hususy „Wolgasynda“ gezýän bu gedem adamyň, indi naçar
görnüşinde ejizläp oturyşyna ýüregi awady. Ol Mansuryň çökgün göwnüni
götermekçi bolup ýerinden turdy, ýanyna baryp, alçaklyk bilen bir elini
onuň egnine goýdy, mylaýym gürledi.
-Boljak iş bolup geçdi, Mansur. Durmuş saňa sapak beren bolsa gerek.
Indi men saňa elimden geldiginden kömek etmäge taýyn.
-Sag bol! Men senden kömek sorap gelemok- diýip, Mansur birden
kejine tutdy. – Özüm ýykyldym, özümem aýaga galjak bolup görerin, „özi
ýykylan oglan aglamaz“ diýleni, öz ýolumy tapyp giderin.
-Ýollar dürli-dürli bolýandyr, Mansur – diýip, Jemşit agraslyk bilen
gepledi. – Bilmedim, indi sen nähili ýol bilen giderkäň?
Mansur dostunyň sözüni-de soňlatman gyzyp başlady:
-Çem gelen ýol bilen giderin welin, nätsemem ozalky kaddyma
ýeterin! Saňa, oňa, adamlara entek elimden nämeler gelýänini bir
görkezerin! Islesem, ýene-de şarňyldap duran öýüm, maşynym, käbir agzy
açyklaryň düýşüne-de girmeýän näzeninlerim hem bolar!
Jemşit Mansuryň gany gyzanda agzyna gelenini gaýgyrmaýan
gylygynyň bardygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol dostunyň sözlerini soňuna
çenli çydamlylyk bilen diňledi.
-Näzeninem däl, näzeninlerim hem bolar diýsene- diýip, Jemşit ajy
ýylgyrdy.
Mansur özüniň çendenaşa gidenini aňdy:
-Ýaňsa aljak bolma! – diýip hüňürdedi.
Emma Jemşidiňem jany ýandy:
-Mansur, men seni paltasy daşa degensoň ýalňyşlaryna düşünendir,
toba gelendir, diýip pikir edipdim. Sen-ä entegem düzelmänsiň, şol bolşuňada galypsyň- diýip, daljykdy.
Emma Mansur nämedir bir zat aýtmakçy bolup ykjamlandy, birden
bogazy dolup, gepläp bilmedi. Ol ýerinden turdy-da ýuwaş ädimläp, çala
121
açyk duran äpişgäniň öňüne bardy, göýä howa etmeýän ýaly, ony ýene
birazyrak açdy, uludan demini aldy.
-Bagyşla! Bu sözleri içim ýanany üçin aýdyp goýberenimi özümem
duýmadym. Aslyýetinde bolsa bar zada bireýýäm göz ýetirdim. Kör gözüm
açyldy!
Orta agyr ümsümlik düşdi. Mansur jübüsinden otluçöp çykardy, ýene
nämedir bir zat gözläp, beýleki jübüsini dörüşdirip başlady. Onuň çilim
çekmekçi bolýanyny aňan Jemşit dostunyň ýanyna baryp, oňa özüniň filtrli
sigaretini uzatdy. Mansur bolsa özüniň „Pamirini“ çykaryp, birini otlady-da,
nebsewürlik bilen üç-dört gezek sordy:
-Ine şuňa öwrenişipdirin, filtirinlini halamok.
Şol wagt gapy çalaja açylyp, sekretar aýalyň kellesi göründi.
-Bagyşlaň, iş wagty gutardy, men gidibersem bolmazmyka? – diýip, ol
Jemşide ýüzlendi.
-Gidiberiň, bizem häzir çykarys.
Gapy ýapyldy. Jemşit sagadyna seredip durşuna:
-Bä, sekretar daýzany mazaly garaşdyrypdyrysow, diýdi. –Bizem
gideli, näme gep-gürrüň bolsa öýde gürleşeris.
-Öýüňde näme iş etjek meni, gowusy myhmanhana baraýyn, eger iş
dagy tapyp berseň, ertir geläýerin-dä.
Jemşit ony goltugyndan tutup daşary alyp ugrady.
-Bolşuň nähilaý seniň? Men seni hergiz myhmanhana ibererinmi?
Hany gitdik. Hal-ahwaly gök çaýyň başynda soraşybereris.
Mansuram garşylyk görkezip durmady. Köçede täzeje „GAZ-69“
durdy. Jemşit dostuny maşynyň ýanyna eltdi-de, çalasynlyk bilen sag
tarapky gapysyny açyp, Mansury oturtdy. Özi bolsa ruluň başyna geçdi-de
maşyny dazladyp, sürüp ugrady. Onuň bu hereketlerini birinji gezek görýän
adam: „näme, maňa minnet edýärmi?“ diýip oýlanmagy mümkindi. Emma
Mansur dostunyň ähli gylyklaryny ýaşlykdan bilýäni üçin onuň bolşuny geň
görmedi. Ol ýuwaşja gülüp:
-Henizem şol öňki bolşuň, üýtgemänsiň. Bir iş edeňde, göýä yzyňdan
ýagy kowup gelýän ýaly-da seniň – diýdi.
-Häzirki döwürde durmuş şuny talap edýär. Dähedem-dessemläp
ýöräbem bu uly şäheri dikeldip bolarmy?
-Munyň dogry. Emma şeýle uly şäheri gurýan gurluşyk
ýolbaçylarynyñ biri özi maşyn sürüp ýörse birhili geňräk ýaly, näme
sürüjiñ ýokmy? – diýip Mansur dostunyň maşynyny özi sürüp barýany bilen
gyzyklandy.
-Ýok diýseňem boljak, bar diýseňem.
-Muňa nähili düşünmeli?
-Ştat bar. Emma özümiň başarýan zadym üçin başga bir adamy işden
122
goýasym gelenok.
-Hä, şeý diýsene. Men-ä seniň ýeriňe bolsam, maşyny sürüjime
sürdürip, özüm ýanynda gaýşaryp oturardym – diýip, Mansur degişme bilen
aýtdy.
-Ol meniň ýek görýän zadym. Men beýle bolmagy asla halamok.
-Biz biri-birimizden bütinleý başga hili adamlar ekenik dostum. Näme
üçin seniň halamaýan zatlaryňy owal başdan menem ýaman görmedimkäm?
– diýip, Mansur özüne sorag berdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Powestler - 11
  • Parts
  • Powestler - 01
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2139
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 02
    Total number of words is 3812
    Total number of unique words is 2033
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 03
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2069
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 04
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2056
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 05
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 1967
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 06
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2043
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 07
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2139
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 08
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2158
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 09
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2144
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2135
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 11
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2026
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 12
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2245
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 13
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2163
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 14
    Total number of words is 3749
    Total number of unique words is 2275
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 15
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2032
    34.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 16
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1945
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 17
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1887
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 18
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1808
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 19
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1826
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 20
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 21
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2058
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 22
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2044
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 23
    Total number of words is 3925
    Total number of unique words is 2025
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 24
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2078
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 25
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2060
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 26
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 2005
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 27
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 2117
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 28
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2088
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 29
    Total number of words is 3965
    Total number of unique words is 1996
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 30
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2128
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 31
    Total number of words is 3980
    Total number of unique words is 2063
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 32
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2022
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Powestler - 33
    Total number of words is 2280
    Total number of unique words is 1354
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.