Latin

Saýrak Guşy - 20

Total number of words is 3923
Total number of unique words is 2151
31.6 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Ýene birnäçe günden geliň... Göreris, bir alajyny taparys... Onuň dilinde birnäçe gün diýmegiň birnäçe aý diýmekdigine düşünýärdim. Şeýle hem boldy. Bu gün ýene bölüme bardym. Müdir
sypaýyçylyk etdi, ol mylaýym, ýakymly sesi bilen:
— Gyzym, şu ýerden ulagly gideniňde iki sagatlyk ýolda bir welaýatyň ýerli mekdebi bar. O
ýeriniň suwy, howasy diýseň gowy, tebigaty juda täsin... — diýdi. Bu nutuk müdiriň meni Zeýnilere
ibereninde aýdan sözleriniň gaýtalanmasydy. Saklanyp bilmän, jak-jaklap güldüm:
— Azara galmaň, beý ependi, yzyny özüm dowam etdiräýeýin... Ýolbaşçylar yhlas baryny edip,
serişde baryny harçlap, ol ýerde täze mekdep saldyrypdyr. Ol diňe men ýaly ýaş, gujurly, janaýamazak mugallyma garaşýar... Şeýle dälmi? Mersi, beý ependi. Siziň ýagşylygyňyzy baryp B.-de, Zeýnilere ýollanyňyzda duýupdym. Elbetde, şeýle diýip aýdanymda, müdiriň meni kowup goýberjekdigine gözüm ýetikdi. Emma juda geň galsam-da, ol gatyrganaýyn hem diýmedi, gaýtam, tersine, hahahaýlap güldi-de, pelsepeli äheň bilen:
— Ýolbaşçynyň borjy şeýle.Alajyň näme, gyzym? Sen gideňok, ol gidenok, kim gitmeli? —
diýdi. Bilim bölümine gelip-gidýänleriň sany-sajagy ýokdy. Birden burçdan biriniň gyryljyk sesi çykdy:
— Eýjejik bolaýşyny! Hoz gurçujygy ýaly-da! Hoz gurçugy? Ýüpek gurçugy, Gülbeşeker...
diýip, onsuz hem lakam bary bilen ýüregime düşdüler. Bir ýetmeýän zat hoz gurçugydy. Men gahar
bilen yzyma öwrüldim. Ahyrsoňy meni kä «süýji», kä «gurçukly» ýaly dürli lakamlar bilen «hezzetleýän» haýasyzlaryň birini tutmak maňa başartdy. Bu jenaba gowuja sapak beresim, hemmesi üçin
ondan arymy alasym geldi. Emmaýetişmedim, göwnüme degen kişi müdire höküm ediji äheň bilen:
— Bu kiçijik hanymyň islän zadyny berip goýber. Gyzjagazy öýkeletme — diýdi.
— Aýdyşyňyz ýaly ederis, Reşit beý ependi — diýip, müdir edep bilen jogap berdi.
— Ýöne bu güne çenli bizde, hakykatdan-da, boş ýer ýok. Ynha, diňe Ruşdiýede fransuz dili
mugallymy üçin bir wezipe bar. Elbetde, bu hanyma bap geljek iş däl...
— O näme üçin, ependim? — diýip garşy çykdym.
— Siziň sadyk guluňyz B.-niň zenanlar mugallymçylyk okuw mekdebinde fransuz dilini okatdy
ahyryn...
— Hawa-la... — diýip, müdir ikirjiňlendi.
— Ýöne biz bäsleşik yglan etdik. Ertir synaglar başlanýar. Reşit beý:
— Gaty gowy. Goý, hanymam bäsleşige gatnaşsyn. Bu ýerde näme üýtgeşik zat barmyş? Eger
Alla ýol berse, menem synaglara gelerin. Ýöne men gelmän synaga başlaýmagyn, düşündiňmi? —
diýdi. Reşit beý uly adam bolara çemeli. Ýöne, eý, toba, onuň ýüzüniň betgelşikdigini! Onuň elhenç
ýüzüne bakanymda jak-jaklap gülmekden saklanjak bolup, hyrçymy dişläp durmaly boldum. Adamlar ýa garaýagyz bolýarlar, ýa-da saryýagyz. Emma bu beý ependiniň ýüzünde ýaňyja bitişip ugran
ýaranyň ýerindäki betnyşan aklykdan başlap, tä kömür garasyna çenli müň dürli reňk bardy. Ol şeýlebir kirjimek garady welin, aýaklarynyň nädip päkize galýanlygyna haýranlar galyp oturmalydy.
Kimdir biri oýun edip, elini kömür tozuna sokandyr, soňam Reşit beýiň ýaňagyna süpürendir diýip
oýlanaýmalydy. Onuň bir-birine juda ýakyn maýmyn gözleri bardy; kirpiksiz gabaklary, ýara ýaly,
gyzaryp durdy; çal murtunyň üstünden geçip, aşaky dodagyna çenli ýetip duran burny diýseň geňdi.
Eýse ýaňaklaryna näme diýjek! Olar has-da bedroýdy. Ýaňaklar, agyzlary hozdan doly maýmynlaryňky ýaly, ýüzüniň iki tarapyndan salparyşyp durdy. Emma meniňki ugruna. Dogrusyny aýtsaň, Reşit beýiň birnäçe sözi maňa uly tutaryk boldy. Ähtimal, Gudraty Güýçli bu beý ependiniň ýüzüni
döredeninde, özüniň juda öte geçenligini duýup, bu adalatsyzlygyň öwezini dolmakçy we oňa sahawatly ýüregi peşgeş bermegi ýüregine düwen ýaly. Meniň pikirimçe, köňül gözelligi daşky gözellikden telim esse ajapdyr. Mähirsiz gözellikden ne peýda?! Beýle gözellik biçäre gyzlaryň ykbalyny
çagşadyp, olaryň durmuşlaryny köýdürmeýärmi, eýsem?!
***
Izmir, 22-nji sentýabr. Şu gün men bäsleşige gatnaşdym. Ýazuwdan synag ýaramaz geçdi. «Istiksar», «istismar», «istitrat(Bu sözleriň asly arapça bolup, türk dilinde ulanylmaýar diýen ýaly; istiksar — bir zady juda ulaldyp ykrar
etmek; istismar — ezmek, istitrat — yza çekilme, ret etmek diýmekdir.) » ýaly atlardan ýasalan on sany işligi ýöňkeme bilen
üýtgetmegi tabşyrdylar. Bu işlikleriň türkçe manysyny bilmeýän halyma olary nädip fransuzça üýtgedeýin? Dilden geçirilen synag örän şowly boldy. Reşit ependi meniň bilen fransuzça gürleşdi we
birnäçe söz aýdyp, hökman ýeňiji boljakdygyma ynam döretdi. Munisä Alla rehim etsin-dä!
***
Izmir, 25-nji sentýabr. Şu gün bäsleşigiň netijelerini aýtdylar. Men geçmändirin. Bilim bölüminiň kätipleriniň biri: — Eger-de Reşit beý ependi islän bolsa, siz hökman geçerdiňiz. Kim onuň gaňryşyna gaýdyp bilsin? Ähtimal, onuň öz etsem-goýsamy bar bolara çemeli — diýdi. Biziň ýagdaýymyz örän kynlaşdy. Iki günden jaý tölegimizi tölemeli. Ejemden galan iň soňky zat — içi suratly
altyn gülýaka dadyma ýetişdi. Şu gün ony goňşymyza berip, satyp gelmegini haýyş etdim. Bu ýadygärlikden mahrum bolmak maňa gaty kyndy. Gülýakada kiçijik bir surat bardy. Olam ejem bilen
kakamyň durmuş guran ilkinji ýylynda aldyran suratydy. Ünsden düşen surat çarçuwasyz galmaly
boldy. Ýöne bu meselede-de özüme teselli bermäge synanyşdym. «Kakam bilen ejem, gymmat bahaly metal böleginiň içinde ýatanyndan, ýalňyz gyzlarynyň kalbynda ýaşanlaryny has gowy görýändirler...»
***
Izmir, 27-nji sentýabr. Şu gün Reşit beýden bir hat aldym. Ol maňa bir iş tapandygyny aýdyp,
Garşyýakadaky jaýyna gepleşige çagyrýar. Näme üçin bölümiň kätibi maňa Reşit beý saňa duşmançylykly garaýar diýip aýtdyka? Eýsem, bu tersine bolup çykýar-da? Görübermeli bolar. Ertir barynyň
aňyrsyna ýeterin.
***
Izmir, 28-nji sentýabr. Ýap-ýaňyja Garşyýakadan, Reşit beýiň ýanyndan geldim. Onuň jaýy duranja bir köşk ekeni! Bu jenaba näme üçin beýle üns berilýändiginiň sebäbine indi düşünýärin. Reşit
beý meni örän mähirli garşylady we synagda meniň fransuz dilini bilşimden göwnüniň hoş bolandygyny aýtdy. Ýöne ähli zady saldarlap görüp, geljekde özüniň kärdeşleriniň hilelerinden we adalatsyzlyklaryndan halas edip biljekdigine düşünendigini duýdurdy. Indi hatda gürrüňi edilýän iş hakynda
aýtsam, Reşit beý maňa fransuz dilinden gyzlaryny okatmagy teklip etdi.
— Balam, maňa diňe siziň ukybyňyz däl, eýsem, siziň özüňizi alyp barşyňyz-da, daş sypatyňyzda ýarady. Näme üçin siz jemgyýetçilik mekdeplerinde sergezdançylyk çekmelimişiňiz? Siz meniň
gyzlaryma fransuz dilini öwrediberiň. Siz olar bilen bileje ýaşap, bileje iýip-içersiňiz. Özüňize-de
owadan otagy bölüp bereris. Razymy? — diýdi. Gürrüňi uzaldyp oturasy iş ýok. Bu wezipe hyzmatkäriň wezipesidi. Belki, bu mekdepde mugallym bolandan has arkaýyn, has bähbitli işdir. Emmabeýle
işi hiç haçan halamokdym. Meniň pikirimçe, bu hyzmatkäriň işi ýaly bir işdi. Reşit beýi asla öýkeledesim gelenokdy. Bildirilen ynam, hezzet-hormat üçin hoşallyk bildirip, Munisäni bahanaladym-da,
bu teklibi kabul edip bilmejekdigimi aýtdym. Reşit beý meniň bahanamy ynandyryjy görmedi.
— Gyzym, bizde oňa-da ýer tapylar. Näme, ýaş gyz biziň öýümiz üçin ýük bolar öýdýäňizmi?
Gutarnykly jogap bermedim we munuň üçin üç gün puryja berilmegini haýyş etdim. Ýene bir synanyşyk edip göreýin. Resmi wezipä ýerleşip bilsem-ä, gowy zat, ýerleşip bilmesemem — dagy nä alaç.
***
Garşyýaka, 3-nji oktýabr. Bize jaýyň ýokarky gatyndan bir otag berdiler. Otag çaklaňja, owadan,
amatly we deňze tarap bakýardy. Äpişgeden gijäniň ýarymyna çenli aýlagy synlap oturdym. Biziň
äpişgämizden aýlagyň bar ýeri görnüp durdy. Aýlagyň beýleki kenarynda baýyrlaryň üstünde ýerleşen, daşy ýyldyzlar bilen gurşalan bir topbak buluda çalym edýän gijeki Izmir, baýramçylyk bezegini
ýada salýan yşyklar bilen nurlanan kenar görünýärdi. Bu görnüşi görmäge göz gerekdi. Emma, çynymy aýtsam, Garşyýakanyň kenarynyň görnüşi maňa has güýçli ýarapdy. Bu ýerde durmuş gaýnap
joşýardy. Tramwaýlar gijäniň ýarysyna çenli şakyrdaşyp geçip durdular, gaz çyralarynyň al-ýaşyl
reňki astynda ýaşlar topar-topar bolup gezim edýärdi. Birneme aňyrrakda dürli reňkleri kiçijik aýlagyň suwlaryna düşüp duran humarhana bardy. Ol ýerden gitaranyň kä şadyýan, kä gussaly owazlary
gelýärdi. Häzir örän geň we täsin duýgulary başdan geçirýärin. Gezim edýänleriň diňe gara we ak
geýimlerini saýgarýardym. Olaryň bary meniň üçin bir-birlerini söýýän adaglylardy... Hawa, özem
diňe olar däl. Göwnüme bolmasa, ol ýerde-de, garaňkynyň içinde, gaýalaryň arasynda-da gara sudurlary çala göze ilýän aşyk-magşuklar gezelenç edýän ýalydy. Deňizden özboluşly pyşyrdylar eşidilýär.
Göwnüme bolmasa, olar söýgülileriň dodaklarynyň sesidi. Gijäniň gujagyma gysylyp duran ýyljajyk
demi ýaş gyzlaryň gyzgyn dodaklaryndan syzylyp çykýan ýalydy, ol gyzlaryň kellejikleri aşyk ýigitleriň döşünde mekan tutup, nazarlary ýaşyl, deňziň gijeki tümlügi kimin şar gara mährem gözlere
dikilgidi. Kaşaň salnan aýratyn jaýda meni ýaşajyk hanym ýaly, mähirli we edepli kabul etdiler. Goşlarym hiç haçan agyr bolmandy, şeýle-de bolsa, goşhaltamy maňa götertmän, elimden alan we otaga
alyp giren goja hyzmatkärden örän hoşal boldum. Munise bu inçeliklere düşünerden entek ýaşdy.
Jaýyň bezegi ýaş gyzyň gözlerini gamaşdyrdy. Biz ýokaryk çykanymyzda, Munise öýde ýygy-ýygydan edýän oýnuny gaýtalamakçy boldy. Basgançaklaryň ortasynda etegimden ýapyşyp, basgançaklardan aşak çekjek boldy. Onuň eljagazyndan tutup:
— Balam, biz ýat ýerde. Enşalla, ýene-de öz öýümiz bolar welin, şonda aýry mesele... — diýip,
gulagyna pyşyrdadym. Munise maňa düşündi. Biz otaga girenimizde, onuň ýüzündäki şatlyk alamaty
eýýäm zym-zyýat bolupdy. Bu eýjejigimiň kalbynyň duýgurlygyny diýsene! Ol meniň boýnuma bökdi we içgin-içgin gysmyljyrap, ýüzümden ogşamaga başlady. *** Penjiräni ýapanymda eýýäm kenarda märeke ýokdy. Çyralar sönüp, ýap-ýaňyja-da dürli yşyga siňip oturan deňiz çägesöw kenaryň
ugruny ýalaňaçlap, uzaklara bir ýere çekilipdi hem-de imisala uka giden çaga ýaly, gaýalaryň ak ýassygyna başyny goýupdy... *** Şu gün bu ýere gelýärkäm... Ýok, bu barada ýazyp biljek däl. Soň bir
gezek... *** Garşyýaka, 7-nji oktýabr. Reşit beýiň köşgünde ýaşamak hiç neneň däl. Okuwçylarymyň
biri-hä meň deň-duşum, beýlekisi hem çala kiçi. Ulusyna Ferhunde diýýärler, onuň daşky sypaty kakasynyň edil özi, şonuň üçinem örän yzgytsyz. Onuň tersine, kiçisi Sabahat, edil gurjak ýaly, owadan,
örän görmegeý gyz. Hyzmatkär zenanlaryň biri bir gezek maňa gözüni gypyp, köpmanyly:
— Şol wagtlar merhum hanym ependi näsagdy we oňa ýaş harby lukman seredýärdi. Elbetde,
hanym ependi ol lukmana köp seredendir-dä, görmegeýje çaga dünýä inderdi — diýdi. Hyzmatkär
zenanlardan gaty gorkýardym. Näme üçin gizläýin, eýsem, menem şolaryň biri dälmi näme? Ýöne
men juda seresap hereket edip, olara hiç hili iş buýurmadym. Şonuň üçinem olar meni sylaýarlar.
Emma bu ýerde Reşit beý ependiniň maňa garaýşynyň hem ähmiýeti barmyka diýip pikir edýärin.
Köşgüň iň uly nogsany onuň ary öýjügi ýaly, mydam güwläp durmagydy, gelip-gidýän myhmanlaryň
yzlarynyň üzülmeýänligidi. Iň ýamany-da, Ferhunde-de, Sabahat-da meniň her myhmanyň öňünden
çykyp garşylamagymy talap edýänligidi. Ýöne meniň üçin iň ýakymsyzy köşkde Reşit beý ependiniň
ogly, otuz ýaşlaryndaky bigörk, boş ýigit Jemil beýiň ýaşaýanlygydy. Ol ýylda on aýlap kakasynyň
puluny Ýewropada saga-sola sowurýardy, iki aý bu ýerde, Izmirde ýaşaýardy. Bagtyma, bu iki aý
tamamlanyp barýar, ýogsam üç gün mundan ozal köşkden gaçyp gitmelidim. Siz sebäbini sorarsyňyz.
Bu onçakly aňsat zat däl... Üç gün mundan ozal Sabahat bilen Ferhunde meni gijäniň bir mahalyna
çenli myhman otagda sakladylar. Onsoň olar bilen hoşlaşyp, ýokaryk otagyma tarap çykyp ugradym.
Töwerek juda garaňkydy. Birden üçünji gatdaky basgançaklarda, öňümde erkek kişiniň sudury peýda
boldy. Gorkyma aşak okduryljak boldum.
— Hanym, gorkmaň, bu men — diýip, Jemil beýiň sesi eşidildi. Gapdaldaky äpişgeden ýaş
jenabyň ýüzüne öçügsi yşyk düşüp durdy.
— Bagyşlaň, beý ependi, sizi birbada tanamandyryn — diýdim-de, onuň duşundan geçiberjek
boldum, emma Jemil beý saga tarap bir ädim ätdi-de, göwresi bilen basgançagyň öňüni baglady.
— Hanym, ukym tutanok. Äpişgeden Aýa seretmäge çykdym. Onuň hyýalyny aňdym, emma
hiç zada düşünmedik kişi bolup, syr bildirmedim we duýdansyz duşundan geçmekçi boldum. Emma
onuň sözüne bir zat diýip jogap bermelidi, şonuň üçinem:
— Ýöne bu gün Aý görnenog-a, ependi... — diýdim.
— O nähili ýokmuş, hanym? — diýip, Jemil beý pyşyrdady.
— Eýse, bu basgançagyň ýanynda, öňümde peýda bolan elwan ýüzli Aý nämedir? Meni munuň
ýaly edip, hiç hili Aý yşygy melul edip bilmez! Jemil beý bileklerimden ýapyşdy, onuň gyzgyn demi
ýüzüme haplap urdy, biygtyýar yza tesdim. Eger tutawaçdan ýapyşyp ýetişmedik bolsam, dikbaşaşaklygyna gaýdybermelidim. Kelläm bir zada degip, gaty agyrdy we biygtyýar gygyrmaly boldum.
Jemil beý, edil pişik ýaly, ýene sessiz-üýnsüz ýanyma geldi. Onuň ýüzüni saýgaramokdym, ýöne agyr
we dartgynly haşylaýandygyny eşidýärdim.
— Feride hanym, bagyşlaň! Bir ýeriňizi agyrdaýdyňyz öýdýän? «Ýok, aýyby ýok, ýöne menden
eliňizi çekiň» diýip, ýalbarmakçy boldum. Emma dodaklarymdan boguk bir horkuldynyň çykanyny
duýman galypdyryn. Bu horkuldyny saklajak bolup, ýaglygym bilen agzymy tutmakçy boldum, onýança agzymyň çygjarandygyny, dodagymdan gan akýanlygyny duýup galdym. Darajyk äpişgeden
düşýän öçügsi yşygyň ýagtysyna Jemil beýiň hem gana gözi düşen bolara çemeli. Onuň sesi sandyrap
çykdy:
— Feride hanym, dünýäde iň ýigrenji adam hökmünde juda ýaman iş etdim. Mürewwet kylyp,
meni bagyşlaweriň... Bu eden etmişlerinden soňky bu sowuk şelaýyn sözlerden soň, özümi dürsedim
hem-de juda gaharlanyp:
— Siziň etmişiňizde hiç hili üýtgeşik zat ýok, ependim — diýip, biperwaý jogap berdim.
— Hyzmatkär zenanlara we terbiýelenýän ýetim gyzlara beýle daraşmak adat bolup galypdyr.
Hyzmatkäriň ýa-da elgarama adamyň ýagdaýyndan oňly bolmadyk wezipä razy bolanymda, ähli zady
göz öňünde tutupdym. Gorkmaň, muny ile jar etmerin, ýöne ertiriň özünde bir bahana tapyp, bu öýden
çykyp giderin. Yzyma öwrüldim-de, göwnüm bir ýaly bolup, öz otagyma tarap galyp ugradym.
***
Eliňe goşhaltaňy alyp, Munisäniň golundan tutup, gapyny ýapyp, çykyp gitmek işiň aňsadydy.
Emma nirä gitjek?.. Eýýäm üç gün geçen hem bolsa, göwnüme düwen zadymy edip bilmän, bu ýerde
köwlendim ýördüm. Gündeligime-de ýazmaga ejap eden bir zadymy gürrüň bermäge wagt boldumyka diýýärin. Garşyýaka iňrik garalyp ugranda, agşamaralar geldim. Elbetde, ertire çenli garaşaýan
bolsam, has gowy boljak ekeni. Ýöne başgaça edip bilmedim. Şol gussaly gije bu ýerde peýda bolanymda, eýýäm köşk myhmandan doludy. Reşit beý ependiniň we onuň gyzlarynyň gelenlere edil ýapýaňyja satyn alnan owadan gurjajyklary ýaly, öz mugallymlaryny görkezesleri geldi. Hemmeler maňa
hoşamaý, hatda kem-käs gyýylma bilen seredişdiler. Täze ýagdaýymyň mejbur edişi ýaly, özümi sada
hem edepli alyp bardym, şeýdibem hemmelerde gowy täsir galdyrasym geldi. Birden oslaman durkam, gözüm garaňkyrap gitdi. Çala ýadyma düşüşine görä, oturgyjyň burçuna özümi goýberdim we
dodaklarymdaky aljyraňňy ýylgyrmany saklajak bolup, ýarym minutlap, belki, ondan-da az salymlap
gözlerimi ýumdum. Reşit beý, gyzlary, myhmanlar basga düşdüler. Sabahat eli bir bulgur suwly ýanyma ylgap geldi we ondan birki owurt içirdi. Biziň ikimiz hem, bir-birimiz bilen degişýän ýaly ýylgyryşdyk. Bir garry aýal kinaýaly:
— Üýtgeşik zat ýok-la. Munuň lodosyň(Quo Vadis? — Nirä gitmekçi?) işidigi görünip dur ahyryn! Ah, bu
zamanyň gyzma, lälijek hanymlary diýsänim! Howa çala üýtgedigi olar bägül ýaly saralyp solýarlar
— diýdi. Myhmanlar meni kynçylyga döz gelmeýän, läliksiredilen keselbent gyz diýip düşündiler.
Olar bilen ylalaşýan kişi bolup, başymy atdym. Şeýle hasap edýänlikleri üçin olardan çäksiz minnetdardym. Emma olary aldawa salypdym. Bu ýeňiljek başaýlanmanyň sebäbi başgady. Şol gün Çalyguşy ömründe ilkinji gezek duz datmandy. Ol açdy.
***
Garşyýaka, 11-nji oktýabr. Bu gün meniň okuwçylarymyň ýanyna ýene-de izmirli myhmanlar
geldi: olar on bäş ýaş bilen ýigrimi ýaş aralygyndaky dört sany gyzdy. Günorta naharyndan soň, biz
Baýrakla çenli deňizde gaýykly gezelenç etmekçidik. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, köçä çykanymyzam şoldy welin, ýagyş ýagyp başlady. Hemmeler lapykeç bolşup, myhman otaga gaýtdylar. Kiçijik hanymlar biraz pianino çaldylar, biraz gybat etdiler, soň ikibir-üçbir bölünişip, syrly-syrly söhbetlere başladylar, mahal-mahal bolsa gyjyklanýan ýaly, hahahaýlap gülüşdiler. Şadyýan hem dogumly Sabahat myhmanlaryň ýürekleri gysmaz ýaly, dürli oýunlar tapdy. Tekjäniň üstünde maşgala
agzalarynyň suratlary ýerleşdirilen albomlar ýatyrdy. Sabahat olaryň birini aldyda, oturanlaryň baryny stoluň ýanyna çagyrdy we bizi güýmäp başlady. Ol bize maşgalanyň ýakynlarynyň suratlaryny
görkezip, olaryň durmuşlaryndan gülkünç-gülkünç ahwalatlary ýatlady, olary diňläp gülüp-gülüp, içimiz gyryldy. Ol döşi ordenler bilen bezelen gürzelek sakgally bir gopbam paşany (göwnüme, beýle
adamlar älemi hem dolandyryp biläýjek ýaly bolup göründi) bir gezek hut öz aýalynyň sübse bilen
ýenjendigini gürrüň berdi. — Indi bolsa, şu surata üns beriň! — diýip, Sabahat gürrüňini dowam
etdirdi. — Hondan bärsi aýal, biziň garyndaşymyz. Onuň obalydygy köre hasa. Bir gezek merduwan
bilen gämiden Kokarýaly duralgasyna düşüp gelýärkä, aýagy gaňrylyp, deňze ýykylypdyr we özüniň
ýerli şiwesi bilen: «Haý, şirin janymy halas edeweriň! Ölüp barýandyryn-la!» diýip nadaralyk edipdir.
Reşit beýiň konýaly süýt emşen daýysy bardy; onuň suratyna gülmän seretmek mümkin däldi: kellesi
selleli, aýagy jalbarly barypýatan mollady. Şol ýerde onuň başga-da bir suraty bardy, onda ol egni
frakly, ýüzi ýekegöz äýnekli deputat şekilinde durdy. Molla-ha gahar bilen gözlerini petredip, deputata seredýärdi, deputatam dodaklaryny çöwrüp, mollanyň üstünden gülýärdi. Bular diýseň gülkünçdi!
Men sahypany agdaraýmasyn diýip, Sabahatyň elinden tutup oturyşyma, dälirän ýaly bolup gülýärdim. Ferhunde bolsa birsyhly maňa degýärdi: — Feride hanym, gel, biz sizi durmuşa çykaraly! Ajap
bir şahsyň aýaly bolarsyňyz! Häzir ol sallah. Ilkinji aýaly bilen aýrylyşyp, ýewropa häsiýetli deputata
mynasyp hanymy gözleýär... Men gülkimi goýman, stoldan çekildim-de: — Häziriň özünde hat ýazyň, Ferhunde. Men razy. Eger onuň indiki aýalynyň alny açylmaýanynda hem, ol bütin ömrüne gülüp, hezil ediner — diýip jogap berdim. Sabahat ýene bir sahypany agdaryp, meni ýanyna çagyrdy.
— Feride hanym, bu suraty görseňiz, deputatyňyzdan ýüz dönderermikäňiz diýip gorkýan. Myhman
zenanlar bir adam ýaly bolşup: — Baý, munuň görmegeýdigini! — diýşip gygyryşdylar we gollaryny
aýlaşyp, meni çagyrmaga başladylar. Men olaryň ýanyna baryp: — Bary biderek, ol kim bolsa-da, öz
deputatymdan ýüz öwürmen — diýdim. Men ähli gyzlar bilen bile albomyň üstüne egildim, edil şonuň ýaly hem haýran galmakdan ýaňa çalaja gygyranymy duýman galdym. Albomda Kamranyň ýylgyryp oturan suraty bardy. *** Sabahat bu suratyň üstünden gülmedi, tersine, ol diýseň agraslyk hem
sarpa goýujylyk bilen joralaryna düşündirmäge başlady: — Bu jenap — Münewwer daýzamyň adamsy. Olar biz Stambuldakak ýazda toý tutdular. Bäh, siz onuň özüni gören bolsadyňyz! Hakykatda ol
müň esse owadan! Onuň gözlerini, burnuny diýsene! Men size has beterini aýdaýyn. Bu beý öz
çykanyny örän söýüpmiş diýýärler. Ol gyz kiçijik, hötjet we kakabaş gyzmyş. Munuň üçin oňa hatda
Çalyguşy hem diýýär ekenler. Ine, onsoň şol Çalyguşy Kamran beýden ýüz öwrüpmiş. Ýürege emr
etjek gümanyň ýok... Toýa bir gün galanda, ol gyz öýlerinden uzak ülkelere gaçyp gidipmiş. Kamran
beý telim aýlap hiç zat iýip-içmändir, gözüň alnynda eräp, biwepa ýaryna köp wagtlap garaşypmyş.
Eger ol toýuň öň ýanynda gaçyp giden bolsa, gaýdyp hiç haçan gelmejegine biçäre düşünmänmiş.
Elden öpmek däbine gatnaşypdym. Münewwer daýzam gaýynenesiniň ýanyna baranynda, garry durup bilmän, Çalyguşyny ýatlan borly, çaga ýaly möňňürip aglady. Roýala ýaplanyp gymyldaman durşuma, onuň gürrüňini sesimi çykarman diňleýärdim. Kamran bolsa, şol öňküsi ýaly, ýüzüme ýylgyryp
seredip durdy. Ýuwaşjadan: — Doňýürek... — diýip seslendim. Sabahat maňa tarap öwrüldi: — Siz
örän dogry aýtdyňyz, Feride hanym. Şeýle görmegeý, asylly ýigide ýar bolup bilmedik gyza doňýürek
diýmän näme diýjek.
***
Kamran, men seni ýigrenýän. Eger şeýle bolmasa, seniň öýleneniňi eşidenimde, özümi ýitirip
nalardym, ejir çekerdim. Ýöne ömrümde şu günki ýaly gülen, töweregimdäkileri şu günki ýaly
şatlandyran, begendiren wagtym ýokdur. Şondan biraz soň, ýakymsyz bir waka bolmadyk dagy bolsa,
bu güni ömrümiň iň bagtly güni saýardym.
Agşamaralar ýagyş diňdi, biz hem meýdana gezelenç etmegi ýüregimize düwdük. Siliň emele
getiren jarynyň boýy bilen barýarkak, kimdir biri derýanyň o tarapyndaky hrizantema gülüni görüp:
— Onuň owadandygyny! — diýip gygyrdy.
— Ony alyp bolsady. Men gülüp:
— Isleseňiz, şol hrizantemany size sowgat bereýin? — diýdim. Çukura girmek howpludy: ol çuň
hem örän uludy. Gyzlar gülüşdiler, kimdir biri bolsa:
— Eger köpri bolan bolsa, onda bolardy — diýdi.
— Köpri bolmasa hem geçse bolar — diýdim-de aşak bökdüm. Yzdan goh-galmagal eşidildi.
Jardan eýdip-beýdip geçsemem, hrizantemany alyp bilmedim. Jaryň o çetine ýetenimde taýdym,
ýykylmajak bolup tikenli gyrymsy agajyň şahalaryndan ýapyşdym. Biçäre ellerim, men sizi, gör,
nähili parçaladym! Hawa, agşamyň alagaraňkylygynda köşge gelinçäk, ýolboýy gözýaş dökdüren şu
gynançly waka bolmadyk bolsa, bu güni ömrümiň iň bagtly güni hasaplardym. Kamran, seni
ýigrenýänligim sebäpli, ýat illere gaçyp gaýtdym. Ýöne indi bu ýigrenç meni gysyp-gowrup barýar,
maňa ikimiziň aramyzdaky giňişlik dar görünýär, seniň ýaşaýan, dem alýan tutuk dünýäňden gaçyp
gidesim gelýär. Bu öýde hiç haçan galmazlygy ýüregime berk düwdüm, şonuň üçinem ýygy-ýygydan
Izmire bilim bölümine baryp gaýdýaryn. Iki aý mundan ozal bu ýerde öňki terbiýeçim hanym Berenis
uýa duşdum, ol mekdepdekäm meni gowy görerdi. Oňa gören hupbatlarym barada gürrüň berdim.
Düýn gämide ýene oňa duşdum. Hanym Berenis uýa begendi:
— Feride, seni telim günden bäri gözläp ýörün. Karantinadaky mekdebimize türk dili we surat
mugallymy gerek. Müdir aýala seni teklip etdim. Kireýine jaý gözläp ýörmeli däl. Mekdebiň ýanynda
ýaşarsyň. Sen biziň ýaşaýşymyza öwrenişen ahyryn. Ýüregim tolgunmadan ýaňa tars-tars urdy.
Göwnüme bolmasa, ýene ol ýere, tanyş yslaryň, organyň zaryn owazlarynyň içine düşsem, öz çagalyk
düýşlerimiň bir bölegini gaýtaryp getirip biläýjek ýaly boldum. Oýlanybam durman:
— Ýagşy, ma soeur, bararyn. Minnetdar — diýip jogap berdim.
Bu gün Karantina ugramazymdan ozal, resminamalarymy almak üçin bilim bölümine bardym.
Bölüm müdiriniň üç günden bäri meni gözleýändigini aýtdylar. Näme isleýändigini bilmek üçin iş
otagyna bardym! Müdir meni görenden gygyryp ugrady:
— Gyzym, garaşdyrýaň goýaýýaň! Seňki şowuna, gowy boş ýer bar. Guşadasyndaky mekdebe
gitmeli. Bir tarapdan, pansionyň imisala durmuşy, ýöne, belki, Guşadasyndaky ýer gowudyr.
Nätmeli?.. Sebäbi men eýýäm Karantinada işlemäge söz berdim. Wagt geçýärdi, men bolsam bularyň
haýsysyny: rahat durmuşymy ýa-da ýene mätäçlikdir zerurlygy — haýsysyny saýlajagymy pikir
edýärdim. Kynçylyklaryň hem öz lezzeti bar. Gödek adamlar zerarly ömri zaýalanýan idegsiz
okuwçylar barada oýlandym. Bu biçäre çagalar sowuk uran gül ýaly, açylmak üçin birneme güneşe,
birneme mähire mätäç. Olar mähirli garaýanlara näzijek ýüreginiň söýgüdir muhabbetini bagyş
edýärler. Näme bolsa-da, şol kiçijik biçäreleri halaýardym. Eýsem, Munise hem şolaryň biri dälmi
näme? Hawa, özbaşdak iki ýylyň durmuşy maňa köp sapak berdi. Ýagtylyk näsag göze nähili ejir
berýän bolsa, bagt hem ýaraly ýürege şonuň ýaly yza berýärdi. Hassa göz üçinem, ýaraly ýürek üçin
hem garaňkylykdan gowy derman ýokdy. Mugallymçylygy eklenç üçin saýlapdym. Emma meniň
çakym ters çykdy. Şeýle hünärli adamyň bir gün açlygyndan öläýmegi ahmaldy. Ýöne bu gorkuly
däldi. Kärim adamlara ýagşylyk etmäge mümkinçilik berýärdi. Özüňi başga biriniň eşreti üçin pida
etmek, eýsem, bagt dälmi näme? Geçmişiň öçüp giden düýşlerini täzeden görüp boljak däldi. Indi
öwgüli sözlere üns beremokdym, organ saz guralynyň birwagtky gulagymda ýaňlanan gamgyn owazy
gaýyp bolupdy. Guşadasyndaky söýgüdir mähirden mahrum, ýakyn wagtlarda duşuşmaly geljekki
okuwçylarym barada oýlanyp, ýylgyrdym-da:
— Bolýar, beý ependi, giderin — diýdim.
***
Buýruk gelýänçä öýde hiç zady gürrüň beresim gelenokdy. Emma bir waka muňa mejbur etdi.
Köşgüň uly hyzmatkäri köp wagtdan bäri meniň bilen geň gürleşýärdi. Düýn hem ol birden:
— Gyzym, seni gün-günden gowy görýärin. Diňe menem däl, hemmämiz gowy görýäris...
Ferhunde bilen Sabahat ýaş gyz bolsa-da, öýe bezeg beribiljek maşgala däl. Sen geleliň bäri hemme
zat üýtgedi. Seniň häsiýetiň gaty gowy: ulular bilen uly ýaly, kiçiler bilen kiçi ýaly bolmagy
başarýarsyň... — diýdi. Bu boş sözlere gulak asmadym, hyzmatkär meniň bilen kärdeşi hökmünde
gürleşýändir öýtdüm. Emma şol gün agşamy garry zenan aç-açan gürleşdi:
— Gyzym, biz nädip bu öýe seni has ysnyşdyrsakkak? — diýip, ol gürrüňine başlady.
— Meniň käbir oý-pikirim bar... Ýöne sen erbet pikir etme. Hudaý bar, maňa muny aýt diýen
ýok... Hyzmatkäriň bu sözleriniň kimdir biriniň tabşyrygy bilen aýdylýanlygy bellidi. Emma sadalyga
saldym. Bu aýal gös-göni aýdaýmaga ejap edýäne meňzeýärdi, şonuň üçin ol aýlawly gürledi:
— Beý ependimiz onçakly garram däl. Ony çagalygyndan tanaýan. Ol görmegeý bolmasa-da,
salykatly, barjamly adam, häsiýeti hem erbet däl... Bikesiz öýüň ýagdaýy ýog-a. Bu gün bolmasa, erte
Ferhunde bilen Sabahat durmuşa çykar giderler... Hudaý görkezmesin, bir ýeksurun duşaýsa, halymyz
harap bolar, Feride hanym, gyz maşgala murty jaýtaryp duran ýaş ýigide-de baryp biler, ýöne munuň
ýaly barly adamy tapmaz. Beýimize gowy gyz tapaýadyk-da! Gyzym, muňa näme diýersiň? Sesimi
çykarman, ýöne ajymtyk ýylgyrdym. Reşit beý hemişe meni sylaýandyr, gyzlaryny okadyşyma uly
ähmiýet berýändir öýdýärdim. Ol telim sagatlap biziň bilen degişýärdi, top oýnaýardy. Diýmek,
bularyň bary... Bilim bölüminiň kätibiniň: «Reşit beý göwnese, sizi hökman fransuz dili mugallymasy
edip bellärdiler. Onuň öz üýtgeşik meýilleri bar borly» diýen sözleri ýadyma düşdi. Birnäçe ýyl
mundan ozal beýle gürrüňe ör-gökden gelerdim. Indi weli hyzmatkäre biperwaý şeýle jogap berdim:
— Siziň bilen sawçylyga gidip, Reşit beýe oňat bir gyz gözläp tapsagam tapardyk welin, men
ýakyn günlerde Guşadasyna gitmeli boljak-da. Ýene birnäçe aýdan adaglym şol ýere barýar, onsoň
biz toý tutmakçy. Taňrym size giňlik bersin... Irräk ýatasym gelýär... — diýdim-de, aňk bolup duran
hyzmatkäriň duşundan geçip, öz otagyma bardym.
***
Guşadasy, 25-nji noýabr. Entek Izmirdekäk, Guşadasyna ugramazdan öň, birsyhly begenip, özözüme: «Guşadasy!.. Bu meniň adyma gaty meňzeş-le! Ol ýerde hoşwagtlykdyr rahatlyk tapsam
gerek! Näçe wagt bäri şolaryň isleginde men» diýýärdim. Çakym dogry eken. Guşadasyny öň bolan
ýerlerimiň hemmesinden has gowy gördüm. Owadanlygy üçin däl. Ýok. Guşadasy arzuw edişim ýaly,
Munise atly sary totuguş bilen Robinzon Kruzo ýaly parahat hem ýeke ýaşalýan üýtgeşik ada däldi...
Bu ýer oňa juda rahatdyr öýdäýmäň. Asla beýle däl. Tersine, bu ýerde ozalkylardan köp işlemeli
bolýar. Siz: o näme üçin? — diýip sorarsyňyz. Munuň jogaby biraz gülkünjem. Ýöne bu hakykat
bolsa nätjek? Guşadasyny amatsyzlygy hem göze ýakymly däldigi üçin gowy görýärin. Göwnüme
bolmasa, tebigat ynsana gizlin köňül azabyny çekdirmek üçin diňe bir owadan ýüzleri däl, eýsem,
owadan şäherleri, owadan deňizleri hem döredipdir... Bir aý mundan ozal bu şähere gelip, mekdebe
baranymda, elli ýaşlaryndaky uly mugallyma meni öz öňünde oturtdy-da:
— Gyzym, üç aýyň dowamynda iki oglumy ýitirdim, olary gara ýere duladym. Olar örän sagdyn
ýigitlerdi!.. Indi dünýä gözüme gelenok. Seni bu ýere ikinji derejeli mugallyma edip iberipdirler. Sen
ýaş, çakyma görä, bilimiň hem ýetik bolmaly. Mekdebi saňa tabşyrýan. Oňa başardygyňça baştutan
bol! Ýene iki sany garry mugallymamyz bar... Olardan idili peýda-ha ýok — diýdi. Janaýaman
işlejegime söz berdim, wadamda tapyldymam. Düýn uly mugallyma maňa:
— Feride hanym, gyzym. Saňa nähili minnetdarlyk bildirjegimem bilemok? Sen wada
bereniňden hem on esse köp işleýärsiň. Bir aýyň içinde mekdebimiz juda özgerdi. Çagalary tanar ýaly
däl, olar gunça ýaly açyldy. Taňrym saňa uzak ýaş bersin! Körpe çagalaram, işgärlerem hemmesi seni
gowy görýär. Menem käte derdimi unudyp, seniň bilen bile gülýän — diýdi. Biçäre aýal menden juda
göwnühoş, ol muny onuň üçin edýändirin öýdýär. Işlemekden, bütin durkuň bilen ile berilmekden
gowam zat bormy! Çalyguşy ýene öňki Çalyguşa öwrüldi. Ne agyr argynlyk, ne-de pitneçilik gylygy
— hiç zat galmady. Bularyň bary bir minutlykça Günüň öňüni baglan, çalasyn bulut ýaly, derrew
geçip gitdi. Indi keseki çagalarynyň bagtynyň hatyrasyna, bütin ömrümi pida etmeli borun diýlen
pikirdenem gorkamok. Iki ýyl mundan ozal güýz gijesi ýüregimde öldürilen kişä niýetlän ähli söýgimi
okuwçylaryma berýärdim.
***
Guşadasy, 1-nji dekabr. Ynha, birnäçe günden bäri «uruş» diýen söz hiç kimiň dilinden düşenok.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 21
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.