Latin

Saýrak Guşy - 02

Total number of words is 3808
Total number of unique words is 2198
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
saýlap, ondan ýüz döndererdi.
Elbetde, agşam dynjyny alman, her gün irden ýadaw halda oýanmak keselbent garra ýeňil däldi... Ýöne dynjyňy alan ýagdaýyňda-da, ýalňyzlykda geçen günleriň barada içiňi hümledip, ýanypbişip oturmagyň ondan hem hupbatlydygyny ýatdan çykarmak bolmaz.
Gepiň tümmek ýeri, öýdäkilere hernäçe ezýet bersem-de, mamamyň menden teselli tapýandygyna gözüm ýetýärdi.
***
Mamamy ýitirenimizde dokuz ýaşymdadym. Kakam şol wagtlar tötänden Stambuldady, ony
Tripoliden Albaniýa geçiripdiler. Onuň Stambulda diňe bir hepde galmaga ygtyýary bardy.
Mamamyň ölümi kakamy agyr ýagdaýa saldy. Serkerde adam dokuz ýaşly gyz maşgalany haçana deňiç tükeniksiz sergezdançylykda yzyna tirkesin ýörsün? Ol meni daýzalarymyň elinde goýup
gitmegi hem islänokdy. Sebäbi meniň nan ýagysy bolarymdan gorkýan bolmagam mümkin.
Şonda kakam şeýle netijä geldi...
Bir gün ol elimden tutup, meni daşaryk alyp çykdy; biz duralga ýetip, gämä mündik we Stambula geldik. Galata köprüsiniň ýanynda paýtuna mündük. Biz baýyrlygyň içi bilen, soňra köpsanly
bazarjyklaryň deňinden ep-esli wagtlap gitdik. Ahyrsoňy daşdan örülen uly jaýyň öňünde peýda bolduk. Ol «Bajylar mekdebi» diýilýän ýer ekeni. Bu jaý meni on ýyllap tussaglykda saklady.
Bizi äpişgeleriniň tutulary goýberilip, gabsalary jebis ýapylan garaňky bir otaga eltdiler.
Bu zatlaryň barynyň öňünden gepleşilendigi we ylalaşylandygy görnüp durdy. Az salymdan
içerik gara lybasly bir aýal girdi. Ol maňa tarap egildi, şonda onuň başyndaky ak ýaglygyň ujy täsin
guşuň ýelegi ýaly bolup, saçlarymy sypap geçdi. Ol aýal meniň ýüzüme seretdi-de, ýaňaklarymdan
sypalady.
Ýadyma düşüşine görä, mekdebe baran günüm bir waka gabat geldi.
Kakam müdir bajy bilen gürleşip durka, otaga aýlanyp çykdym, ähli zady synlap, ähli ýeri gözden geçirdim. Ala-mula edilip surat çekilen güldan ünsümi özüne çekdi, men onuň suratlaryny elläp
görmekçi boldum. Emma güldan ýere gaçyp, kül-uşak boldy.
Kakam gylyjyny şakyrdadyp ýerinden turdy-da, elimden ýapyşdy. Onuň lapykeç bolup, oňaýsyz ýagdaýa düşüşini söz bilen beýan etmek çetindi. Döwlen güldanyň eýesi müdir bajy barada aýtsam, ol, tersine, hezil edip güldi we kakamy köşeşdirjek bolup, ellerini silkip goýberdi.
***
Haýp, bu nälet siňmiş güldandan başga mekdepde ýene, gör, näçe gowy zatlary döwmeli boldum! Gepiň gysgasy, öýdäki edýän garagolluklarym bu ýerde-de dowam etdi. Biziň terbiýeçi bajylarymyz ýa-ha perişde kimin sabyrlydy, ýa-da maňa ýürekleri awaýardy. Ýogsam meniň ýuwutdyrýan
hupbatlarym, eger-eger, çydar ýaly däldi.
Sapak wagty dynman gürleýärdim, eýläk-beýläk gezmeleýärdim... Beýleki gyzlaryň edişi ýaly,
basgançakdan arkaýyn münüp-düşmeklik maňa ýatdy. Joralarymyň barysy düşýänçä, garaşyp durardym. Soňam germeje atlanyp, edil ýyldyrym süýnen ýaly, aşaklygyna inerdim. Ýokarlygyna bolsa
aýaklarymy jüp goýup, birbada telim basgançagyň üstünden böküp münerdim.
Bagymyzyň içinde gurap giden gojaman agaç otyrdy. Pursat bolan dessine, onuň üstüne çykyp,
enekeleriň haýbatyna-da bakman, şahadan şaha bökýärdim. Meniň maşklarymy synlap duran terbiýeçileriň biri bir gezek:
― Eý, toba, bu nähili çagaka? Bu bir adam däl-de, duranja bir çalyguşy-da(Çalyguşy ― «Gyrymsy agaç
guşy», serçeler maşgalasyndan bolup, hurmajyk diýmekdir.) ― diýip gygyrdy.
Şodur-da şudur, hakyky adym ýatdan çykarylyp, bar kişi maňa Çalyguşy diýip ýüzlendi.
Munuň nähili şeýle bolanyny bilemok welin, öýümizdäkiler hem lakamymy tutanlaryny kem
görenokdylar. Feride adym resmi bir zada öwrülip, edil baýramçylyk lybasy ýaly, juda seýrek ulanylyp başlandy.
Çalyguşy ady özüme-de ýaraman duranokdy, ol hatda meni köp belalardan hem halas edýärdi.
Kimdir biri etmişlerimden zeýrenip başlaýsa, oňa: «Men nädeýin. Bolmanda Çalyguşydan näme tama
edýäňiz?!» diýýän ýaly, egnimi gysýardym.
Mahal-mahal mekdebimize eňegi geçi sakgally, gözi äýnekli bir keşiş gelip-gidýärdi. Bir gezek
gaýçy bilen saçymdan bir çogdam kesip aldym-da, ony eňegime ýelmedim. Ruhany maňa tarap seretdigi derrew elim bilen ýüzümi ýapdym, beýlesine öwrülen badyna bolsa, ýüzümi açdym hem-de
oňa öýkünip, kellämi saga-sola buladym. Otagyň içi alawakyrdy boldy. Ruhany biziň nämä gülýänimize hiç düşünip bilmän, gahardan ýaňa dergazap boldy, hatda käýindem.
Men birden otagyň dälize tarap açylyp duran penjiresine tarap öwrüldim, görsem müdir bajy ol
ýerden meni synlap duran ekeni. Aljyradym, ýöne nädendirin öýdýärsiňiz?.. Parta tarap egildim-de,
«çüş-ş» diýýän şekilli barmagymy dodagyma ýetirdim, soňam oňa howa posasyny ýolladym. Müdir
bajy mekdepde esasy adamdy. Hemmeler, hatda iň garry enekeler hem ony Hudaýa deňeýärdi. Ýokary wezipeliligine bakmazdan, bu agras hanym ýylgyryp goýberdi, megerem, ony batyrgaýlygym
heýjana salan bolarly, çünki ony öz garagollugymyň şaýady bolmaga çagyrýardym. Onsoňam, göwnüme bolmasa, ol synpa gireninde öz agraslygyny saklap bilmez öýdüp çekinýän ýalydy. Ol diňe
maňa barmagyny çommaltdy-da, garaňky dälizde gözden ýitip gitdi. Bir gezek müdir bajy başga bir
etmişimiň üstünde tutdy. Bu naharhanada bolup geçipdi. Men iýilmän galan galyndylary bildirmän
getiren kagyz atylýan sebedime salyp durdum.
Müdir hanym azymly sesi bilen meni ýanyna çagyrdy-da:
― Hany, Feride, bäri gel-de, näme edýäniňi düşündir ― diýdi.
Edip duran işimde hiç hili şumluk görmämsoň, müdir hanymyň gözlerine dikanlap seretdim-de:
― Eýsem, itleri naharlamak aýypmydyr, hanym? ― diýip soradym. ― Haýsy itleri?.. Näme
üçin olary naharlamaly?..
― Itleri-dä... Harabalykdaky itleri... Wah, hanym, olaryň meni görüp begenäýişlerini bir görsediňiz! Öten agşam köpekler meni jaýyň künjeginde garşy aldy. Olar daşymda şeýlebir pelesaň urdy
welin, heý goýaý... Olara: «Howlukmaň... Ýeri, näme boldy... Harabaçylyga ýetýänçäk, size hiç zat
bermekçi däl...» diýdim. Emma zalymlar ynsan diline düşünmek islemeýärdi. Olar meni tas ýere ýykypdy... Onsoň menem olaryň gaňryşyna gaýtdym... Sebedimi aýaklarymyň arasynda gysyp
durdum... Olar meni tas dalapdy. Bagtyma golaýdan külçe satýan geçip barýan ekeni... Ol dadyma
ýetişäýdi. Müdir hanym gözlerini maňa dikip, üns bilen diňleýärdi. Ol: ― Bolýar, ýöne sen mekdepden nädip çykdyň? ― diýip sorady. Men birjik-de çekinmän: ― Geýim ýuwulýan jaýyň ýanyndaky
haýatdan böküp geçdim ― diýip jogap berdim.
Müdir hanym elhenç bir habary eşiden ýaly, elleri bilen kellesini tutup:
― Sen nädip het etdiň? ― diýip gygyrdy.
― Birahat bolmaň, hanym, haýat örän pessejik... Onsoňam näme... Nädip gapydan çykaýyn?..
Derwezeban goýberer öýdýäňizmi?.. Dogry, bir gezek ony aldadym... Oňa: «Seni Tereza hanym çagyrýar» diýdim. Şeýdibem gaçyp gitdim. Ýöne bu aýdanlarymy oňa aýdaýmaň, haýyş edýän... Sebäbi
köpekler aç galsa, gowy bolmaz...
Enekeler gaty geň adamlar. Bu garagollygy başga bir mekdepde eden bolsam, ýa meni tussag
ederdiler, ýa-da başga bir jeza alardym. Müdirimiz öňümde çommalyp oturdy, biz ýüzbe-ýüz bolduk.
― Ezizim, haýwanlary goramak asylly iş, ýöne diýenetmezlik aýyp zatdyr... Hany, sebedi maňa
ber... Köpeklere bu ýuwundylary derwezebandan ibererin...
Göwnüme bolmasa, meni bu aýalyň gowy görşi ýaly, hiç kim gowy görenokmyka diýýärin.
Maňa şol wagtlar beýle terbiýeçilik usullary gaýadan öwsüp gelýän şemaldan idili däldi. Juda
başyna giden yzgytsyz häsiýetime bu zatlaryň hiç biriniň edibiljek täsiri ýokdy. Ýöne wagt geçdigiçe
mekdepdäki ýagdaý, enekeleriň döreden durmuş şertleri kem-kemden kalbyma ornaşyp, öçmejek yz
galdyrdy hem-de ýüregimde nähilidir bir duýgudaşlyk duýgusyny oýardy.
***
Hawa, men, hakykatdan hem, juda geň, kelesaň bir gyzdym. Enekelerimiziň gowşak taraplaryny
gowy öwrendim we kimi, nähili edip gahar-gazaba mündürmelidigini gaty gowy bilýärdim.
Mysal üçin, biziň Matilda atly juda hydaýhon garryja saz mugallymamyz bar. Ol ýarym-ýaş
bolup, Merýem enäniň heýkeliniň öňünde yhlas bilen sežde edip duran wagty, howada gaýmalaşýan
siňeklere tarap elimi uzadardym-da:
— Hanym, serediň, perişdeler eziz enemize zyýarat etmäge gelipdirler — diýip, onuň çetine
degerdim.
Biziň juda yzgytsyz we hötjet enekelerimiziň biri özüniň öte arymsylygy bilen tanalýardy. Şonuň üçinem her gezek onuň duşundan geçenimde syýagalamym erbet ýazýan ýaly, elimde baryny
edip silkýärdim, onsoň ol görgüliniň ak gar ýaly akja ýakasy syýa tegmilleri bilen örtülýärdi.
Başga bir ýaş enekämiz bolsa mör-möjeklerden öler ýaly gorkýardy. Kitaplaryň birinden içýanyň reňkli suratyny tapdym-da ony yhlas bilen gyrkyp aldym. Soň naharhanadan ullakan gögeýin
tutup, ýaňky suraty onuň arkasyna ýelmedim. Agşamky okuw wagtynda bir zady bahanalap, enekämiziň ýanyna baryp, «içýany» münberiň üstüne taşladym.
Enekäni gürrüňe güýmeýänçäm, gögeýin gymyldap ugrady. Görgüli aýal nebit çyrasynyň ýagtysyna elhenç içýanyň gysaçdyr guýrugyny jaýtardyp gös-göni üstüne süýşüp gelýändigini gördi. Ol
çirkin gygyryp, gapdalynda ýatan çyzgyjy eline aldy-da, bir uranda gögeýini münbere ýelmedi. Şondan soň diwara arkasyny berip, elleri bilen ýüzüni tutdy-da, bir pursat huşuny ýitirdi.
Şol gije düşegime geçip, eýläme-beýläme agdarylsam-da, wagty bilen uklap bilmedim. Men
eýýäm on iki ýaşymdadym, utanç-haýanyň nämedigini gowy bilýärdim. Enekelerime görkezen
hokgalarymy ýatlap, ezýet baryny çekýärdim. Şeýle-de bolsa bu gezekki çykaran hokgam bagyşlanarly däldi. Ir bilen soraga çagyryljakdygymy we başyma bir belanyň injekdigini duýýardym.
Düýşümde telim sapar müdir hanymy görüpdirin. Onuň yzgytsyz ýüzi, alarylyp duran gözleri
maňa tarap dikilgidi, ol bir zat-bir zatlar diýip gygyrýardy.
Ertesi gün birinjisapak gep-gürrüňsiz geçdi. Ikinjisapagyň ahyrynda gapy çalaja açylyp, enekeleriň biri içerik girdi. Ol mugallymyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady, soňra yşarat edip, yzyna düşmegimi talap etdi. Elhepus! Daş-töweregime garanjaklaman, egnimi ýygryp, dilimi dişläp, çykalga tarap
ýöneldim. Gyzlar yzymdan hikirhikir edişip galdy, mugallyma otagda imisalalygy saklamak üçin
çyzgyjy bilen münberi çalaja kakdy.
Biraz wagtdan soň müdir hanymyň iş otagynda peýda boldum. Emma geň ýeri, onuň ýüzi düýşümde gören ýüzüme meňzänokdy. Birdenem maňa gögeýindir içýanly oýny toslap tapan hem-de
enekäni özünden gideren men däl-de, müdir hanym ýaly bolup göründi.
Müdir hanym gamgyndy, dodaklary titir-titir edýärdi. Ol elimden tutup, gujagyna gysjak bolýan
ýaly, çalaja özüne çekdi, soňam elimi goýberip, maňa ýüzlendi:
― Feride, gyzym... Men saňa bir habar aýtmakçy! Hawa, ajy habar. Seniň kakaň çalarak näsaglapdyr... Men «çalarak» diýýän welin, aslynda, onuň haly juda teňmişin... Müdir hanym elinde nähilidir bir haty lokgalaýardy. Oňa soňuna çenli gürlemek kyn düşýän bolarly. Birdenem meni getiren
eneke ýaglygy bilen ýüzüni tutup, otagdan ylgap çykdy.
Şonda nämäniň-nämedigine düşündim. Bir zatlar diýjek boldum, emma müdir hanym ýaly, meniňem dilim tutuldy. Beýläme öwrülip, açyk penjireden agaçlara seretdim. Gün nury düşüp duran
şahalaryň arasynda garlawaçlar pelesaň urýardy. Birden meni düşnüksiz bir gödeklik gurşap aldy.
Men:
― Maňa bary düşnükli, hanym... Hapa bolmaň... Nätjek-dä? Hemmämiziň başymyzda ölüm
bar ― diýdim.
Müdir kellämi bagryna basyp, esli salym goýbermedi.
Bahym daýzalarym hem mekdebe geldi, ýogsam ol gün çagalaryň yzyndan gelinýän gün däldi.
Olar meni öýe goýbermegi haýyş etdi. Ýöne öňde duran synaglary bahanalap, kes-kelläm garşy çykdym. Emma şol synaglaram meniň bezzatlyklaryma päsgel berip bilmedi. Şol sebäpli-de agşamky
sapaklarda gyzgynym galyp, ýagdaýym agyrlaşdy. Men ýalta okuwçylaryň edişi ýaly, kellämi ellerimiň üstünde goýup, uka gidipdirin, hatda agşamlyk naharynam iýmändirin.
***
Tomusky dynç alyşlygy Besime daýzamyň Kozýatagyndaky öýünde geçirdim.
Bu ýerdäki çagalar meniň diýjek hemşerilerim däldi. Besime daýzamyň gyzy Nejmiýe ejesiniň
gujagyndan düşmezdi, ol dymmady, üstesine-de, keselbent çagady hem-de bir almany iki bölen ýaly,
agasy Kamrana meňzeýärdi.
Bagtyma golaýymyzda Balkan ýarymadasyndan göçüp gelen bosgunlar ýaşaýardy. Olaryň çagalary her gün biziň bagymyza üýşýärdi. Men şol oglanlara kethudalyk edip, tä gije bir çene barýança
gudurap gezerdim.
Emma biçäre ülpetlerim bärdäkileriň göwnünden turmaýardy, şonuň üçin hem bagbanymyz olary bahym bu ýerden kowdy. Emma oglanlar beýle çemeleşilmegine onçakly gatyrganmady, olar namysjaň däldi, öňküleri ýaly bu ýere gelmelerini we meni ogurlap gitmeklerini dowam edýärdiler. Biz
uzynly güni meýdanda ygyp geçirýärdik, haýatlaryň üstüne dyrmaşyp, baglardan ir-iýmiş ogurlaýardyk.
Men garaňky gatlyşanda öýe gaýdyp gelerdim. Ýüzgözüm Günüň ýalnyndan ýaňa garörtdi.
Sypjyrylan ellerim bilen köýnegimiň ýyrtyklaryny gizlejek bolardym. Besime daýzam meni görüp,
ör-gökden gelerdi hem-de ýaldyrap, seçelenip duran saçly, gülgün dodakly, hemişe pallaýan, şonuň
üçinem samsyk we ýalta pişigi ýada salýan Nejmiýäni maňa görelde hökmünde mazamlardy. Üstesine-de, daýzam çykanym Kamrany edeplilikde, sypaýylykda, mylakatlylykda, okumyşlykda we ýeneýenelerde öwüp arşa çykarardy.
Nejmiýe barada aýdyp oturmaýyn, goý, ol enesiniň dyzyndan düşmän ulalan ýyljajyk, ýumşajyk, düşbüje bir pişik diýeli. Men, aslynda, gyzlaryň hut şeýle bolmalydygyny ret edemok ahyryn.
Emma Kamrana — ep-esli ýaşan Kamrana näme diýjek diýsene! Ol ýigrimi ýaşap barýar. Onuň inçejik dodaklarynyň üstünde ýarym aý şekilli murtjagaz peýda bolupdyr. Ol ýüpek jorap bilen gönden
tikilen köwüş geýerdi welin, gyzlaryňky ýaly kindiwanja aýaklary öňküden hem kiçi görnerdi. Kamran ýöräp ugranda, onuň syrdam katdy inçejik, maýyşgak şaha ýaly bükülerdi. Ýüpek köýneginiň
ýakasyndan uzynja ak boýny çykar durardy. Ýok, ol erkek kişi däl-de, agynjak gyzdy. Wah, onuň
nähili ýüregime düşüşini bir bilsediňiz! Garyndaşlarym we goňşularym ony ýagşyzada deňäp, birsyhly öwüp ugranlarynda çydam edip bilmeýärdim.
Onuň ýanyndan ylgap geçerdim, büdrän kişi bolup, ony telim ýola iteklänim ýadyma düşýär.
Men, gör, näçe gezek onuň kitaplaryny ýyrtdym! Onuň bilen garpyşjak bolup, oýlap tapmadyk zadym
galmady. Öz ýanymdan: «Eý, Allanyň bendesi, hany, bir janlansana, gaharlanyp, gaňryşyma gaýtsana. Pişik kimin boýnuňa böküp, seni bir tot-tozana garsadym, saçlaryňy ütüm-ütüm edip, ýylanyňka
meňzeýän gök gözleriňe barmaklarymy soksadym...» diýip göwün ýüwürdýärdim.
Şol gün daş bilen urup aýagyny agyrdanym hem-de onuň agyrydan ýaňa düwdek bolşy ýadyma
düşende, hem begenip, hem ýigrenip, titir-titir edýärdim.
Emma Kamran eýýäm özüni uly adam saýýardy, şol sebäpli-de maňa äsgermezçilikli ýylgyryş
bilen garap:
― Bu çagalygyň haçan soňy geler, Feride? ― diýdi. «Ýagşy, ýöne sen haçana çenli gyllygyňy
akdyrjak ýörjek? Haçana çenli synlanýan gyz ýaly, näz-kereşme edip, aýnan bolup ýörjek?..».
Elbetde, bu zatlary daşymdan aýtmadym. Sebäbi on üç ýaşly gyzyň eden gödekligi birsyhly
ýalan sypaýylyga meňzäp duran bolsa, ol zol-zol bir ýaş ýigidiň ýüregine düşüp bilmez ahyryn. Men
köplenç agzymdan paýyş sözüň çykaryndan gorkýardym hem-de Kamrana sögünip keýpden çykmak
üçin agzymy tutup, bagyň jümmüşine siňip gidýärdim.
Bir gezek, ýagyşly gün, jaýyň aşaky gatynda zenanlar üýşüp, ýoň bolan geýimler barada jedelleşýärdi. Kamran hem şol ýerdedi.
Burçda oturan ýerimden üns berip, olaryň gürrüňini diňleýärdim we dilimi çykaryp, gözümi
süzüp, köýnegimiň ýeňiniň ýyrtygyny ýamaýardym.
Aýallar gyş üçin tikdirjek eşikleriniň reňki barada Kamranyň pikirini soraýardylar.
Men durup bilmän, jak-jak güldüm.
Garyndaşym:
― Nämä gülýäň? ― diýip sorady.
― Aý, hiç. Kelläme bir pikir geldi-de...
― Mysal üçin, nähili pikir?
― Aýtjak däl...
― Aýdaý, näz eden bolma. Ýogsa-da sen içinde gep saklap bilýän adam däl. Barybir, aýdarsyň!
― Ýeri bolýar-da, ýöne gatyrganma. Sen egin-eşik baradaky gürrüňe şeýlebir gyzykdyň welin,
men: «Hudaý ýalňyşyp, seni erkek edip döredipdir. Sen edil gyz ýaly!» diýip pikir etdim. Hawa,
ýaşyňy hem birneme kemeldäýseň, senden on üç ýaşly gyz çykjak.
― Ýeri, onsoň näme?
― Soňy, ynha, şeýle... Men biderek bir zady tiken bolup, ähli barmaklarymy eleme-deşik etdim.
Diýmek, men ― oglan bolmaly, ýaşymam ýigrimi — ýigrimi iki.
― Onsoň näme? ― Onsoňmy? Soňra men Allanyň emri hem-de pygamberiň ýörelgesi bilen
saňa öýlenerin, wessalam ― sözem tamam.
Otagyň diwarlary gülküden ýaňa sarsyp gitdi. Başymy galdyrdym, görsem ähli gözler maňa
tarap seredýärdi.
― Ýöne bu häzirem mümkin ahyryn, Feride! ― diýip, myhmanlaryň biri degişdi.
Aňk-taňk bolup, gözlerimi petretdim:
― O nädip?
― O nähili nädip? Kamrana durmuşa çykaýarsyň. Ol seniň egin-eşikleriňe gözegçilik eder, ýyrtyk eşikleriňi ýamar. Sen bolsaň beýleki işler bilen meşgullanarsyň.
Dergazap bolup ýerimden turdum. Has hem beteri, öz-özüme kejigdim. Dilewarlygyma suw
sepilen ýaly boldy. Ýaňrama sungatynda tejribäň bolmasa, ine, şeýle bolýan eken. Onsoňam ýeňe
salan näletsiňmiş ýamam, meni halys surnukdyrypdy.
Şeýle-de bolsa, garşylykly hüjüme geçmäge gurbatym çatdy.
Men:
― Mümkin, bolup biler... Ýöne Kamranyň işi pyrryk bolaýmasa. Alla saklasyn, birden öýde bir
dawa turaýsa... Şonda garyndaşym näderkä?.. Onuň näzijek aýaklaryna daş atyp agyrdanymda, nämeleriň bolup geçendigi, megerem, hemmeleriň ýadynda bolsa gerek... ― diýdim.
Otagda ýene-de gülki sesleri ýaňlandy. Agraslygymy saklap, öz otagyma tarap ugradym, ýöne
bosaganyň öňünde yzyma gaňryldym-da:
― Ýaňy on dördüni dolduran gyzjagaza beýle-beýle zatlary aýtmak aýyp bolmagam mümkin.
Siz meni bagyşlaweriň ― diýdim.
Merduwanyň agaç basgançaklaryndan köwşümi şarkyldadyp, gapyny batly ýapdym-da, öz otagyma ylgap girdim, barybam ýatalgama özümi okladym.
Aşakdan henizem gülki sesleri gelýärdi. Kim bilýär, belki, olar meniň üstümden gülýändir. Aýby ýok, menem hakymy gidermen!
Göwnüme bolmasa, Kamrana durmuşa çykmak hiç neneň däl ýalydy. Wagt geçip durdy, biz
ulalýardyk, onuň bilen garpyşmak pursady barha uzaklaşýardy. Ine, onsoň onuň bilen hasaplaşmak,
gaharymy çykarmak üçin Kamrana durmuşa çykmakdan başga çäre ýokdugyna gözüm ýetdi.
***
Tomus dynç alyşlykdan soň, mekdebimiziň içindäki höwesdir-yhlas gaýnap joşýan ýanardagy
ýada saldy. Bu hyjuwlar üç aýa dagy çekip, diňe synaglar golaýlaşan döwürleri ýatyşdy.
Katolik dinine uýýan joralarym baharda — pasha baýramçylygynda özleriniň ilkinji dini däplerini berjaý etdiler. Olar durmuşa çykjak gyz ýaly, uzyn ak ýüpek köýnek geýip, Isa pygambere wepalydyklaryny bildirmek üçin kilisä tarap ugradylar.
Ybadathana şemiň yşygyna ýap-ýagtydy. Organ saz guralynyň owazy ýaňlanýardy. Dumly-duşda sena sesleri eşidilýärdi. Bahar gülleriniň ysy bark urýardy. Ladanyň(Dini däp-dessurlar berjaý edilende ýakylýan
gowy ysly şepbeşik jisim.) we aloeniň turşumtyk ysy hem şol yslar bilen garyşyp gidýärdi. Bu däp-dessurlarda,
gör, näçe ýakymlylyk bardy. Emma pashanyň yzysüre dynç alşa çykan bu wepasyz gyzlaryň, adaglysy bolan mawy gözli Isany derrew ýatdan çykaryp, ilkinji öňlerinden çykan adam bilen ýa-da birnäçe adam bilen biwepalyk edişlerini göreniňde, olara haýpyň gelýärdi.
Dynç alyşlykdan soň, mekdebe gaýdyp gelýän joralarym horjunlary bilen ýaşyryn ýazgylary,
suratlary, guradylan güljagaz görnüşindäki sowgatlary we beýleki birnäçe zatlary alyp gelerdiler. Olar
ikibir gol tutuşyp, bagda gezim edýärkä, näme hakda pyşyrdaşýandyklary maňa aýandy. Adatça, iň
päk hem-de hudaýhon gyzlara peşgeş berilýän Isanyň we perişdejikleriň şekili çekilen, altyn çaýylan
bukjalaryň astynda ýaş ýigitleriň suratlarynyň saklanýandygyny aňmak kyn däldi. Bagyň çolaja künjünde pyşyrdaşýan okuwçylary ýygy-ýygydan görse bolýardy. Ol ýerdäki joralar pynhan syrlaryny
hiç kim, hatda töwerekde gaýmalaşyp ýören möjejikler hem eşitmez ýaly, bir-birine aýdýardy. Şeýle
güýz aýlary gyzlar bir-birine gysmyljyraşyp, gujaklaşyp gezerdi.
Men şum maňlaý bagda-da, mekdepde-de hemişe ýekedim. Meniň bar wagtym gyzlar özlerini
örän sabyrly, örän seresap alyp barýardy. Olar menden enekelerden gorkuşlaryndan hem beter gorkýardy. «Näme üçin?» diýip soraň. Sebäbi biziň dostumyz «sakgallak daýynyň» aýdyşy ýaly, men
örän ýaňradym. Eger-de terbiýelenýän gyz bilen bir ýaş ýigidiň bagyň gözeneginden gül alyşýandyklaryny göräýsem, şol bada bütin baga jar çekip çykardym. Sebäbi beýle etmişler juda degnama degerdi.
Bir gezek aýazly agşam sapaga taýýarlanyşymyz hiç haçan ýadymdan çykmaz. Örän ukyply
joram Mişel yzky partada oturmak üçin enekäniň rugsadyny alyp, bir ýalta gyza rim taryhyndan geçilen sapagy düşündirip otyrdy. Onýança ýygy-ýygydan çykýan horkuldy sesi oturan otagymyzyň
ümsümligini bozdy.
Eneke başyny galdyryp:
― Mişel, näme boldy? Aglaýan senmi? ― diýip sorady.
― Mişel karfagenlileriň ýeňlendigine gynanýar, şol sebäplem aglaýar ― diýip, oňa derek men
jogap berdim.
Otagda gülki sesi tutaşdy.
Gepiň keltesi, meni öz toparlaryna goşman joralarym hak edýärdi. Gapdalda galyp, özüňe ýeňilkelle gyz hökmünde garamak onçakly ýakymly däldi, ýogsam men bireýýäm uly gyzdym. On bäşime gidipdim, bu ýaşda ejelerimiz eýýäm gelin bolupdy, garry enelerimiz bolsa, Eýýubdaky Haýýat(Eýýub ― Stambulda bir etrap, bu ýerde Muhammet pygamberiň sahabalaryndan Ebu Eýýub Ensarynyň mazary bar. Haýýat guýusy bolsa,
dilegleriň hasyl bolýan keramatly ýeri hasaplanýar.) guýusyna gidip: «Eý, Alla, garaşyk et! Biz öýde halys garrap
barýarys!» diýip nalyş edýärdiler.
Boýum gaty uzyn däldi, ýöne göwräm ýaşyma garanyňda berdaşlydy... Ýüzümiň reňki täsindi,
göwnüme bolmasa, tebigatdaky reňkleriň bary maňlaýymda, ýaňaklarymda, dodaklarymda öwşün
atyp, ýalkym saçýan ýalydy.
Biziň «sakgallak daýymyz» elimden tutup, ilki penjiräniň ýanyna eltdi, soňra özüniň şowakör
gözleri bilen maňa dikanlap seredip, ýaňagymy emaý bilen sypalady-da:
― Gyzym, ýüzüň nähili nurana! Öwşün atyp dur! Beýle ýüzler hiç haçan solmaýar ― diýdi.
Men aýnadaky keşbime seredip: «Toba, gyz maşgala şeýle bolmalymyka? Katdy-kamatym-a
tos-togalak pyrlampaç ýaly, ýüzüm bolsa suratçynyň çeken reňkli suraty ýaly» diýip içimi gepletdim.
Göýä, köpugurly dükanyň tekjesindäki gurjagy synlaýan ýalydym. Özözüme gülüp, dilimi çykardym
we ýüzümi-gözümi gyşartdym...
***
Iň gowy görýän zadym pasha baýramçylygyndaky dynç alyşlykdy. Iki hepdäni şol ýerde geçirmek üçin Kozýatagyna baranymda, uly bagdaky tutuş diwaryň öňüni tutup oturan çereşniýa tokaýlygy ýetişen miweleri bilen basyrynar oturardy.
Men agaçlary gaty gowy görýärdim! Şonuň üçinem on bäş günläp edil garga ýaly, çereşniýadan
başga zat iýmezdim hem-de agaçlaryň çür başynda galan iň soňky miwesiniň soňuna çykýançam,
mekdebe dolanyp barmazdym.
Ine, onsoň bir gün agşamaralar ýene-de agajyň çür depesine çykdym. Iki owurdyma çereşnýa
alyp, şäniklerini bolsa köçä — haýadyň aňyrsyna tüýkürmek bilen gümradym. Görsene bolýan zady,
şänikleriň biri ýoldan geçip barýan ýaşuly goňşymyzyň burnuna degäýen bolsa nätjek! Goja bir bada
nämäniň-nämedigini aňşyrmady, aljyrap, daş-töweregine garanjaklady, başyny galdyryp ýokarsyna
seretmek gojanyň huşuna-da gelmedi.
Men sesimi çykarman ümsümje oturan bolsam, ol meni, belki, görmese-de görmezdi we duşundan uçup barýan guşlaryň biri agzyndaky şänigi gaçyrandyr öýderdi. Emma durup bilmedim. Gorkup,
utanyp duranyma garamazdan, jak-jaklap güldüm. Goja başyny galdyrdy, görse, şahanyň üstünde
daýaw bir gyz bihaýalyk bilen gülüp otyr. Gojanyň gaşlary bürülip gitdi.
― Berekella, gyzym, berekella. Ýöne bu saňa ýaraşjak zat däl. Seniň ýaly, boýy ýeten uly gyz
beýle garagolluga baş goşmaly däldir ― diýip, ýaşuly seslendi.
Şol pursatda ýer ýarylmady, menem girmedim. Onsuz hem çym gyzyl bolup duran ýüzüm öňküdenem beter gyzardy. Agaçdan ýykylmak howpuna garaman, ellerimi döşümiň üstünde goýdum-da:
― Meni bagyşlaň, agam, ýokarymda Alla bar, bu bir atanlykda bolan zat. Dogrusy, bu aljyraňňyllykdan boldy... ― diýdim.
Äm-sämsirän bolup eden bu oýnum ençeme gezek barlanyp görlüpdi we synagdan geçipdi. Men
muny Merýemdir Isa çokunýan enekelerden we dindar okuwçy gyzlardan öwrenipdim.
Ýalňyşmandym, goňşym çeňňege düşüpdi. Ýalandan puşman etmegim, sesimiň titrän bolmagy
ony aldawa saldy. Ol ýumşady, onsoň maňa bir ýakymly zat aýtmagy ýüregine düwdi öýdýän:
― Hanym, beýle aljyraňňyllygyň özüňiz ýaly owadan, uly gyza zeperi ýeter öýdeňzokmy? ―
diýip ýylgyrdy.
Gojanyň degişjek bolýanlygyna birkemsiz düşünýärdim, ýöne gözlerimi giňden açyp, geň galan
bolup:
― O näme üçin, agam? ― diýip soradym.
Goja elini kölegeledip, maňa siňe-siňe seretdi we ýylgyrmasyny dowam edip:
― Birden sizi ogluma gelin edip aljak bolsam, bu meni ýaýdandyraýmazda? ― diýdi.
― Ondan arkaýyn-la, agam. Örän edepli bolamdada, siz meni almazdyňyz ― diýip, gülüp jogap
berdim.
― Siz näme üçin beýle pikir edýäňiz?
― Agaja çykyp, şäniklerini taşlamak nämemiş?.. Meniň ondan has beter aýyplarymam bar. Ilki
bilen-ä, men baý däl, garyp gyzlaryň bolsa gadyr-gymmaty ýokmuşyn diýip eşitdim. Ondan başgada meniň görkgörmegim ýok... Meniň pikirimçe bolsa, bu garyplykdan has çökdermikä diýýän.
Aýdýan zatlarym gojany has-da heýjana getirdi.
― Gyzym, eýsem, siz owadan dälmi näme? ― diýip sorady.
― Siz näme diýseňizem, özümi gowy tanaýan. Eýsem, gyz maşgala şunuň ýaly bolmalymydyr?
Gyz maşgala diýeniň — uzyn boýly, sary saçly, mawy gözli ýa-da iň bolmanda, gök gözli bolmalydyr... ― diýdim.
Görýän welin, bu goja öz wagtynda bälçik bolan bolara çemeli. Ol maňa geň halda seretdi-de,
sandyrawuk sesi bilen: ― Wah, görgüli balam, özüňize baha bererden we owadanlygyň nämedigine
düşünerden siz entek juda ýaş. Hawa, şeýle... Ýogsa-da siziň adyňyz näme? ― diýip sorady.
― Çalyguşy.
― Bu neneňsi at bolýar?
― Bagyşlaň, mekdepde adymy şeý diýip tutýarlar... Umuman-a, meniň adym Feride. Adymam
özüm ýaly, togalajyk, betgelşik bolup durandyr...
― Feride hanym... Ynanaýyň, siziň adyňyz hem özüňiz ýaly, juda owadan. Wah, ogluma siz
ýaly gyz tapyp biläýsemdim!
Bilmedim, belki, asylly häsiýetindendir, mümkin hoş sözlüligindendir, bu adam bilen gürrüňdeş
bolmak, näme üçündir, göwnümden turýardy.
Men:
― Beýle bolsa, ýaşlaryň üstüne çereşnýa şänigini ýagdyrmaga hem bize mümkinçilik bolar ―
diýdim. ― Elbetde, elbetde... Hökman!
― Indi bolsa size çereşnýa hödür etmäge rugsat ediň. Siz günämi ötýänligiňizi subut etmek
üçin, hökman ony dadyp görmeli bolarsyňyz. Azajyk tagapyl ediň ― diýdim-de senjap kimin şahadan
şaha böküp başladym.
Goja bolşumy görüp, ör-gökden geldi, ol eli bilen gözlerini kölegeledip:
― Eý, Taňrym, şahalar şatlaşýar-la... muňa men günäli bolaýmaýyn. Feride hanym, ýykylaýmaň... ― diýip gygyrdy.
Gojanyň nalasyna baş galdyrman:
― Arkaýyn boluň. Men ýykylmaga gaty öwrenişipdirin. Eger-de, biz, hahykatdanam, garyndaş
bolaýsak, sen çekgämdäki çapyk yzyny görersiň. Ol görküme hasam görk goşýar ― diýip, jogap
berdim.
― Wah, gyzym, ýykylýaňyz-la! ― Boldy, agam boldy... Ýöne bu ir-iýmişleri size nädip gowşurarkam? Ä-hä, bildim. Öňlügimiň jübüsindäki elýaglygymy çykaryp, çereşnýalary onuň içine saldym.
― Göwnüňize güman gitmesin. Ýaglyk juda arassadyr... Men entek onuň bilen burnumy süpürmäge ýetişmedim... Indi bolsa ýere gaçyraýman gapyň. Bir... Iki... Üç... Goja goňşy garaşylmadyk
çalasynlyk bilen düwünçegi gapdy.
Ol:
― Köp sag boluň, gyzym! Ýöne indi ýaglygyňyzy nädip yzyna gaýtarsamkam? ― diýdi.
― Aýby ýok, goý, ol size sowgadym bolsun.
― Beýtmek bolmaz-a?
― Bolmaz diýýäňizmi?.. Bu örän ýerlikli bolar. Onsoňam näme diýseňizläň? Men birnäçe günden soň mekdebe gaýdyp barmaly. Bizde bolsa, bir edähet bar: gyzlar dynç alyş günleri ýaş ýigitler
bilen söýüşýärler, soňam sapak başlananda muny biri-birine gürrüň berýärler. Mende bolsa henize
çenli beýle zat bolanok, şonuň üçinem gyzlar meni adam hasabyna-da alanok. Maňa aç-açan gyjalat
bermäge olar çekinýär, ýöne ýeňsämden gülünýändigini welin, anyk bilýän. Bu gezek bir zatlar etsem
diýýän... Mekdebe gaýdyp bararyn-da, edil gizlin bir syrym bar ýaly, başymy galdyrman, gamgyn
bolan bolup gezerin, göwünli-göwünsiz ýylgyran bolaryn. Gyzlar: «Aý, Çalyguşy, saňa bir zad-a bolupdyr!» diýerler. Menem äwmezlik bilen: «Aý, ýok-la... Maňa näme bolsun?» diýerin. Olar, elbetde,
ynanmazlar, biljek bolup jan ederler. Ana, şonda: «Ýeri, bolýarda... Ýöne hiç kime aýtmajakdygyňyza ant içiň» diýerin. Soňam ýok zatlary toslap tapyp, olary köşeşdirerin.
― Mysal üçin, nähili zatlary...
― Siz bilen tanyşlygymyň peýdasy degermikä diýýän... Joralaryma şeýle diýerin: «Uzyn boýly,
sary saçly bir ýigit bilen henek atyşdym, haýadyň gözeneginden bir-birimize seredişdik» diýerin. Ýöne, elbetde, siziň saçyňyzyň akdygyny aýtmaryn! Ýogsa-da siz ýaşkaňyz saryýagyz bolan bolmaly!..
Wah, joralaryma belet-le. Olar: «Onsoň siz näme hakda gürleşdiňiz?» diýip sorarlar. Menem ant içen
kişi bolup: «Ol meni owadan hasap edýär» diýerin. Size ýaglyga salyp çereşnýa sowgat berenimi
aýdyp oturmagyň geregi ýokmuka diýýän. Şonuň üçinem diňe bägül berenimi aýdaryn. Aý, ýok, güli
ýaglyga salyp sowgat edenoklar ahyryn. Diňe size ýaglygymy ýadygärlik berenimi aýdaryn. Ine, bar
bolany...
Az salym mundan öň, biz goja goňşy bilen tas sögüşipdik, ynha, indi bolsa hezil edip gülşüp
otyrys, biz hoşlaşanymyzda hatda bir-birimize elimizi hem galgadyşdyk.
***
Şol tomus agaçlara çykmak höwesim ýene bir wakanyň üstünden eltdi.
Awgustyň aý-aýdyň gijeleriniň biridi. Jaýyň içi myhmandan ýaňa hyň berýärdi, olaryň arasynda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 03
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.