Latin

Saýrak Guşy - 04

Total number of words is 3782
Total number of unique words is 2070
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Çydam edip bilmän, derrew ony gyssap ugradym. Durşy bilen reňk bolup duran dodaklaryma
gelişmeýän teýeneli äheňde:
― Siziň her bir sowgadyňyz minnetdarlyga mynasyp. Ýöne maňa kiçiräk bellik etmäge rugsat
ediň. Birnäçe ýyl mundan ozal siz çagadyňyz. Dogry, siz agras we ulumsy görnüşiňiz bilen uly adama
meňzeýärsiňiz emma, barybir, çagalygyňyza galýarsyňyz. Şeýle dälmi? Hudaýa şükür, ýyl geldigi
saýy ulalyp, içi suratly romanlaryň gahrymanlaryny ýada salýan ýaş ýigide öwrüldiňiz... Emma, näme, meni bir duran ýerimde durandyr öýdüp pikir edýäňizmi?
Kamran gözlerini petredip:
― Bagyşlaň, Feride, size düşünmejek bolýan ― diýdi.
― Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Diýmek, siz-ä ösüp ulalýarsyňyz, men bolsam «Altyn kitaphanalardaky» ertekileri okaýan çagajyk bolup galýan-da? Meniň on bäş ýaşandygymy unutmaň!
Kamran, öňküleri ýaly, maňa geň galmak bilen seretdi.
― Ýene-de hiç zada düşünýän däldirin, Feride! Munuň körzehinligine haýran galýan kişi bolup,
dodaklarymy ýumdum, emma, çynymy aýtsam, näme diýjek bolýandygyma özümem düşünemokdym. Aýdanlaryma puşman edip, düşen ýagdaýymdan çykalga gözledim.
Gyzmalyk bilen ikinji gutynyň daňysyny çözdüm. Görsem, ol ýerde içi likýorly süýjüler bar
eken. Kamran resmi häsiýetde diýen ýaly, tagzym edip:
― Siz bilen uly gyz ýaly gürleşmelidigini öz agzyňyzdan eşidenime örän begenýän, Feride.
Kitaplar üçin bolsa, ötünç soramagyň zerurlygy ýokmuka diýýän, çünki kitaplaryň berilmeginiň degişmedigine süýjüler güwä geçýär ahyryn. Eger size, hakykatdanam, kitap sowgat etmekçi bolan bolsam, onda ýap-ýaňyja ýatlan romanlaryňyzyň birini getirmäge çalşardym.
Kamranyň degşendigi jedelsizdi. Şeýle-de bolsa, onuň mylaýymlyk bilen janygyp gürlemesi
maňa diýseň ýakymly eşidilýärdi.
Onuň gürrüňlerine jogap bermezlik üçin, gollarymy gowşuryp durdum-da, haýran galýan kişi
boldum. Kamran gürrüňini soňlanynda bolsa, onuň ýüzüne seretdim-de, gözüme düşüp duran saçlarymy arkan serpmek üçin kellämi silkdim. Soňra bolsa oňa:
― Siziň gürrüňiňize üns bermändirin. Süýjüler şeýlebir täsin eken welin,.. olary görüp, badabat günäňizi ötdüm. Ýeri bolýar-da. Size örän minnetdar, Kamran — diýdim.
Göwnüme bolmasa, onuň sözlerini diňlemänligimi boýun almagym Kamranyň çetine degen bolarly, emma ol, näme üçündir, muny bilmezlige salmaga çalyşdy we jögüsireýän tutuklygy bilen uludan demini aldy-da:
― Nätjek-dä! Eger siz çaga sowgatlaryny halamaýan bolsaňyz, indiki gezek uly adamlara sowgat edilişi ýaly, ähmiýetli bir zat getiräýmeli bolar-da ― diýdi.
Bar ünsümi süýjülere beren kişi boldum, gymmatbahaly şaý-seplerden doly gapyrjaga seredýän
ýaly, guta seretdim, ol ýerdäki süýjüleri çykaryşdyrdym, olary hatarlap goýdum-da, dyngysyz gürläp
başladym:
― Bulary iýmek üçinem ussatlyk gerek, Kamran. Ol sungat bolsa siziň sadyk guluňyza degişli.
Seret... Mysal üçin, sen bu sary süýjini gyzyl süýjüden öň iýmelidigini bileňok. Şeýle dälmi? Eger
şony şeýtmesek bary biderek! Çünki gyzyl süýji örän tagamly, üstesine-de, az-kem narpyzly. Eger
sen ony öňürti iýseň, sary süýjiň näzik tagamyny, melul ediji ysyny duýman galarsyň. Wah, meniň
arzyly süýjüjiklerim...
Olaryň birini alyp, dodaklaryma golaý getirdim-de, edil kindiwanja çaga guş bilen gürleşýän
ýaly, onuň bilen söhbede başladym.
Çykanym maňa tarap elini uzadyp:
― Feride, ony maňa beräý — diýdi. Men düşünmän, Kamranyň ýüzüne seretdim:
― O näme diýdigiň boldy?
― Iýäýsem diýýän...
― Gutyny seniň ýanyňda nähak açypdyryn öýdýän. Getiren zadyňy özüň iýip otursaň, nähili
bolar?
― Maňa diňe birini — ynha, şuny beräý.
Dogrudanam, bu näme boldugy? Bu adam agzyma atjak bolup duran süýjimi soraýar welin,
neneň keşdi çekjekkä!
Aljyran bolara çemelim... Çykanym bolsa oslaman durkam, süýjini aljak bolup, elini uzatdy.
Emma çalasynlyk bilen süýjimi gizledim-de, oňa dilimi çykardym.
― Ozallar-a siz beýle hilegär däldiňiz. Bu zatlary nireden öwrenip ýörsüňiz? Serediň, size bu
süýjüleri nähili iýmelidigini görkezeýin, ana, şondan soň alyp bilersiňiz ― diýip, wäşilige saldym.
Men kellämi arkan atdym-da, dilimi çykaryp, üstünde süýji goýdum. Süýji agzymyň içinde eräp
ugrady, onuň juda süýjüligini Kamrana bildirjek bolup, dürli yşaratlar etdim-de, başymy ýaýkadym,
sebäbi heniz agzymda süýji bardy.
Çykanym aljyraňňy ýagdaýda haýran galyp, aňkaryp galdy, men durup bilmän batly-batly güldüm, emma şobada özümi ele aldym, gutyny Kamrana yzatdym-da, agraslyk bilen:
― Indi süýji iýmäni öwrenen bolsaňyz gerek. Size birini almaga rugsat edýän — diýdim.
Kamran hem oýunlyga salyp, hem gaharly ýagdaýda gutyny yzyna itdi-de:
― Gerek däl. Goý, olaryň bary seniňki bolsun — diýdi.
― Munuň üçin sag boluň!
Bize başga edere gürrüň galmandy. Sypaýyçylyk üçin öýdäkileriň hal-ahwalyny soraşdyryp,
olara salam ýolladym we gutyny goltugyma gysyp, çykjak boldum welin, birden goňşy otagdan ýuwaşja tarkyldy eşidildi. Durşum bilen gulaga öwrülip, doňup galdym.
Tarkyldy biziň okuw kartalarymyz we şuňa meňzeş zatlar saklanýan jaýymyzdan çykypdy. Soňra şol kartalaryň biriniň ýere gaçandygyny eşitdim. Aýna gapynyň aňrysynda syçan şygyrdysy başlandy.
Çykanyma bildirmän, göz astyndan gapy tarapa seretdim, şonda näme görendir öýdýärsiňiz?!
Dury däl aýnanyň aňyrsynda kelläniň ullakan kölegesi bardy... Nämäň nämedigine şobada düşündim.
Ol Mişeldi. Ähtimal, ol karta gerek bahanasy bilen kemakyl enekämizden rugsat alandyr-da, bu otaga
gelip, bizi synlamaga başlandyr.
Kölege ýitdi. Indi Mişel gapynyň açar sokulýan deşiginden jyklaýardy. Nätsemkäm? Bizi aşykmagşukdyr öýdüp, ol, elbetde, üýtgeşik bir zada garaşýandyr. Eger çykanym bilen hoşlaşan wagtym:
«Bolýar onda, sagsalamat bol, öýdäkilere salam aýt!» diýen ýaly adaty diýilýän zatlary aýdanymy
göräýse, ol şobada ähli zada düşüner, soňra bolsa: «Hä, sen maňa erteki otarýan ekeniň-ow» diýip
çasly güler.
Aýybym açylar gorkusy meni bir bolgusyzlyga baş goşmaga mejbur etdi. Bu gelşiksizdi. Ýöne
bir zady başlaňsoň, ony ahyryna çenli dowam etmelidi.
Aglaba joralarym ýaly, Mişel türkçe bilenokdy. Şonuň üçinem biz nähili gürrüň edenimizde
näme, biziň sesimiz, hereketlerimiz söýüşýän juwanlaryňky ýaly bolsa bolýar-da.
― Wah, tas ýadymdan çykan eken. Ol enekäniň agtygy öýdemidir? — diýip, oslagsyz ýerden
soradym.
Agtyk diýýänim birnäçe ýyldan bäri öýümizde ýaşaýan ýetim oglandy. Kamran geň galdy.
― Elbetde, öýde. Başga nirede bolsun?
― Hawa-la... Bilýän-le... Ýogsa-da... Biler bolsaň... ol çagany şeýlebir gowy görýän welin...
Çykanym ýylgyrdy.
― Beýle söýginiň nireden peýda bolandygyna men-ä düşünemok. Ýalňyşmaýan bolsam, sen ol
neressäniň ýüzüne-de seretmeýärdiň.
Men düşnüksiz bir yşarat edip:
― Ýeri, seretmäm-de näme? — diýdim.
— Bu ony gowy görmeýänligimi aňladanoga? Sen biderek gürrüň edýäň! Tersine, men ol oglanjygy janym-tenim bilen gowy görýän. Şeýlebir gowy görýän welin...
Men «Gowy görýän» diýen sözleri edil «Kameliýaly hatyny» oýnaýan aktrisa ýaly boýnumy
burup, ellerimi döşümde goýup, aýratyn duýgy bilen aýtdym. Iki gözüm bolsa, birsyhly aýna gapynyň
aňrysyndady. Egerde, Mişel türk dilinde alty sany söz bilýän bolsa, olaryň üçüsi «Gowy görýän»
diýen sözler bolmaly. Ýöne ýalňyşýan bolmagymam mümkin. Beýle bolsa joram sözlüge sereder ýada türk dilini bilýän adamdan «Şeýlebir gowy görýän» diýen sözleriň manysyny sorap, onuň ähmiýetiniň uludygyna bada-bat düşüner.
Emma diňe bir Mişel barada däl, eýsem, Kamranyň ýagdaýynam göz öňünde tutmalydym; ýöne
bu meselede öte geçene meňzeýärdim. Aýdan sözlerim we yşaratlarym çykanymyň gülküsini tutdyrdy. Ol:
― Feride, saňa näme bolýar? Beýle mylaýym häsiýet sende nireden peýda boldy? ― diýip
geňirgendi.
Beýle duýgularyň nireden peýda bolandygynyň parhy ýokdy, üstesine-de, häzir pelsepe otarmagyň wagty däldi.
― Etjek alajyň ýok, bu şeýle-dä! Ony söýýän, wessalam ― diýip, öňkim ýaly, bir depen ýerimi
depdim durdum. ― Öýe bardygyň meniň adymdan ol oglanjyga bir zatlar sowgat berjekdigiň barada
söz ber. Oňa näme bermelidigini bolsa, özüň gowy bilýäň.
Mişeliň gözüniň öňünde hyzmatkäriň agtygy üçin bir zatlar berjek bolup, baý örtendim-ä. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, kisämde bir tokga kagyzdan başga zat ýokdy, ony agşamky sapaklara
gatnaşýan hem-de sapak wagty irkilip oturýan garry kempiri atjak bolup, tokgalap goýupdym. Şonda
çykgynsyz ýagdaýa düşüp, başga bir täri ulanmaly boldum. Göýä, Kamrany gujaklajak bolýan ýaly,
onuň ellerine ýapyşdym.
― Sen ol oglanjygy maňa derek gujakla hem-de ýüzünden-gözünden ogşa. Şeýtmegi maňa wada berermiň?
Biz edil biri-birimiz bilen gujaklaşyp duran ýalydyk. Demimiz demimize galtaşyp gidýärdi.
Hiç zatdan habarsyz çykanym, bu ýagdaýa düşünip bilmän, alasarmyk ýagdaýda galdy. Oýun diýseň
gowy oýnalypdy. Indi perdäni ýapsagam boljakdy. Men Kamranyň ellerini goýberip, demim-demime
ýetmän otagdan atylyp çykdym hem-de Mişel dälizde yzymdan ýetip, boýnuma böker diýip garaşdym. Emma bu diýenim bolmady. Yzymda hiç hili aýak sesi ýokdy, şonuň üçinem aýak çekdim-de,
aňry-bäri saklanýan otaga assa-assa ýöräp bardym we diň saldym. Jaýyň içinde adam bara meňzänokdy. Durup bilmän, gapyny itekledim. Şonda kimi görendirin öýdýärsiňiz? Ol Ksawýe atly gojady,
ol mahal-mahal bize saz ugrundan sapak bermek üçin gelerdi. Ol kürsiniň üstüne çykypdyr-da, ýokarky tekjelerden saz depderini gözleýärdi.
Haý, näletsiňen garry diýsänim! Ony Mişeldir öýdüp, Kamranyň öňünde masgara bolupdyryn.
Ysytma tutýan ýaly, ýüzüm lap-lap gyzdy. Sapaga barman, baga gitdim we çeşmä baryp, kellämi buz ýaly suwa sokup çykardym. Suw saçlarymdan, ýüzümdengözümden syrygyp, içki eşigime
aralaşýardy, şondan soň maňa galpyldy aralaşdy.
Men içimi gepledýärdim: «Eger oýundan söýgi adamyny gyzardyp, galpyldadýan bolsa, onda
çyn söýgi dagy nähilikä?»
***
Şol ýyl Kamran ýanyma ýygy-ýygydan gelip ugrady, her gezek otagyň gapysy açylanynda
yzymdan ýene-de Kamran gelendir öýdüp, ýüregim gürsüldäp ugraýardy. Kamranyň getirýän süýjüleridir kökeleri bütin synpa ýetýärdi diýsegem boljakdy.
Diňe janypkeşligi bilen däl, eýsem, hajymelikligi bilenem meşhurlyk gazanan synpdaş joram
Mari Pyrlantäjiýan süýjülerimi ullakan dişleri bilen gemrip oturyşyna, gözgitmedir haýran galmak
bilen:
― Şeýle lezzetli zatlary getirýän bolsa, aşygyň seni jany-teni bilen söýýän bolmaly ― diýerdi.
Şeýle-de bolsa, bu toslamalaryň bary ýüregime düşüp ugrady. Meni birsyhly wyždanym horlaýardy: Kamranyň sowgatlary ― munuň özi: «Ýaňra gyz diliňi sakla» diýen ýaly tölegdi, men bolsam,
olary joralaryma sylag-hormatyň alamaty hökmünde görkezýärdim. Bu örän namartlykdy! Onsoňam,
näme üçindir, Kamran mekdebe ýygy-ýygydan gatnamany çykardy, her gezegem «Şu golaýda ýaşaýan näsag ýoldaşymy soramaga geldim...» ýa-da «Taksim bagyna saz diňlemäge geldim...» diýen
ýaly, ýok bahanalar tapardy.
Bir gezek Kamran gelen wagty hiç zat soramasamda, ol:
― Nişantaşide — kakamyň goja dostunyňkyda boldum. Kakam ony gaty gowy görýärdi ―
diýdi.
Çydap bilmän, hüjüme geçdim:
― Onuň ady näme? Ol näme işleýän adam? Haýsy ýerde ýaşaýar?
Çykanym aljyraňňylyga düşdi. Hüjüm oslagsyz bolan bolsa gerek, ol hatda onuň adyny, salgysyny-da toslap ýetişmedi. Ol utanjyna çym gyzyl boldy-da, meni aldamaga çalyşdy:
― Ony bilmek saňa nämä gerek? Baý, seniň bilesigelijidigiňi? Sorag juda möhüm ýaly gürledim:
― Bolýar-da. Ony indiki hepdede daýzamdan soraýaryn. Kamran öňküsindenem beter gyzardy.
― Haýyş edýän, muny ejeme bir aýtma. Ol biziň duşuşmagymyzy islänok ― diýip özelenmäge
durdy.
Mekir içýan, sen meni haçana çenli aldajak ýörjek!.. Seniň nähili adamdygyňa gaty beletdirin!
Der-gazap bolup, kürsüden böküp düşdüm-de, öňlügimiň jübüsine elimi sokdum, ol bolsa ellerime
ýapyşýardy. Men oňa:
― Eger-de siz meni kakaňyzyň dost-ýarlary ýa-da öz dost-ýarlaryňyz gyzyklandyrýandyr öýdýän bolsaňyz, onda gaty ýalňyşýarsyňyz ― diýdim. Bu sözleri hiç zat ýok ýerden aýdypdym. Soňam
jaýdan çykyp gitdim.
Şondan soň Kamran her gezek mekdebe geleninde, dürli bahanalar tapyp, onuň ýanyna barmadym. Onuň getirýän gutularyny bolsa, bagda ýa-da otagda açyşdyryp, süýjülere elimi hem degirmän
joralaryma paýlaşdyryp çykýardym.
Bar zat düşnüklidi. Ol hoşwagt dul hatyn şu golaýlarda — mekdebiň töwereginde ýaşaýan bolara çemeli. Olar şol gije gürleşen bolmaly... Çykanym olara ýygyýygydan myhmançylyga gatnap,
gaýdyşynam bärik — meniň ýanyma degip geçýär eken-dä.
Olaryň ahlaksyzlygy bilen näme işim bar diýsene?! Ýöne onuň oýunjagyna öwrülenim meni
gazap atyna atardy. Her gezek bu hakda oýlanamda gaharym gelerdi-de, galpyldap başlardym hemde aglamazlyk üçin hyrçymy dişlärdim.
Elbetde, öýdäkilerden sorap, Nerimanyň nirede ýaşaýandygyny bilmek örän aňsatdy. Ýöne bu
aýalyň adyny tutmak meniň üçin duranja bir jebirdi.
Bir gün öýümize gezmäge bardym. Kimdir biri:
― Iki gün mundan ozal Nerimandan hat aldym. Ýagdaýy gowy ýaly ― diýip Nejmiýä ýüzlendi.
Şol wagt kiçijik gürjimizi howuzda suwa düşürmek üçin, daş çykjak bolup durdum. Bu habary
eşidip, bosaganyň ýanynda aýak çekdim-de, eglip gürjini ýerde goýdum. Bu dul heleý barada hiç
wagt adamdan zat sorajak däldim, ýöne meniň gulaklarymy dykyp biljek adam hem ýokdy.
― Neriman adamsyndan örän göwnühoş. Wah, bu gezek bir görgüliniň alny-bagty açyk bolsunda! ― diýip, myhman aýal sözüni dowam etdi.
Nejmiýäniň sesi hammamyň gümmeziniň aşagyndan çykýan ýaly, ýaňlanyp gitdi:
― Hawa-hawa, bu gezek bir görgüliniň alny-bagty açyk bolaýbilsedi ― diýip aýdylany gaýtalady.
Şunuň bilenem gürrüň gutardy. Ähli zat öz-özünden aýan bolupdy. Men bälçiräp:
― Biziň hormatly hanymymyz ikinji gezek durmuşa çykaýdymy? ― diýip soradym.
― Sen kimiň gürrüňini edýäň?
― Siziň şol hat alan hanymyňyzyň. Neriman hanymyň.
Myhmanyň ýerine Nejmiýe jogap berdi:
― Näme, seniň habaryň ýokmudy? Ol bireýýäm durmuşa çykdy ahyryn!.. Neriman inžener
ýigide bardy? Olar ýarym ýyl bäri Izmirde gezip ýör. Men doga okaýan ýaly:
― Wah, bu gezek bir görgüliň alny-bagty açyk bolsun-da! ― diýdim-de, gürjimi elime alyp,
jaýdan çykdym.
Ýöne men häzir howza däl-de, ýol-ýodany saýgarman, baga tarap ylgap barýardym.
***
Şol tomus Tekirdaga(Türkiýäniň Ýewropa böleginde ýerleşýän bir şäher.) kiçeňräk syýahata gitdim. Bilşiňiz ýaly, Allatagala maňa daýza baryny beripdir. Olaryň biri hem Tekirdagda ýaşaýardy. Onuň adamsy
Aziz beý telim ýyldan bäri şol etrabyň baştutanydy. Olaryň Müjgän atly gyzlary bardy. Köpsanly
çykanymyň, doganoglan bajylarymyň içinde ony has gowy görerdim.
Müjgän juda görmeksizdi, ýöne onuň parhy ýokdy. Ondan bary-ýogy üç ýaş kiçi bolsamam,
kiçijikkäm, ony uly gyz hasaplardym. Ynha, indi ýaş tapawudymyz onçakly göze ilmese-de, gatnaşygymyzda üýtgän zat ýok, men öňkülerim ýaly, oňa abla(bajy) diýip ýüzlenýärdim.
Müjgän bajy bütinleý meniň tersime ýasalan adamdy. Men näçe kelesaň, garagol hasaplanýan
bolsam, ol şonça-da agras, paýhasly hasaplanýardy. Üstesine-de, ol diýseň ýowuz häsiýetlidi. Maňa
islän zadyny etdirýän diňe şol diýseňem boljak. Onuň nesihatlary çetime degip, diýenlerine hötjetlik
etsem-de, barybir, oňa tabyn bolmaly bolýardym. Näme üçin diýýäňizmi? Bilmedim. Belkem, söýgi
hasratyna uçran ynsanyň onuň ýesirine öwrülýänligi üçindir.
Adatça, Müjgän ejesi bilen iki-üç ýylyň dowamynda bir gezek Stambula gelip-giderdi, şonda ol
bize ýa-da daýzalarymyň birine myhman bolardy.
Ýöne şol tomus Tekirdagdan maňa resmi ýagdaýda diýen ýaly, çakylyk haty geldi. Aýşa daýzam doganyna: «Sizden-ä tama edemok, ýöne öňümizdäki dynç alyşlykda Feridäniň bolmanda iki
aýlyk myhmançylyga gelmegine garaşýandyrys. Sebäbi, her näme diýseňem, menem onuň daýzalarynyň biri. Eger-de Feride gelmese, Aziz daýysy, men, Müjgän ― hemmämiz ondan gaty göreris»
diýip ýazypdyr.
Besime bilen Nejmiýe ikisine Tekirdag dünýäniň aňrujy bolup görünýärdi. Olar alysdaky ýyldyzlara bakýan ýaly, gözlerini süzüp:
― Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Bu mümkin zatmydyr? ― diýip hüňürdeýärdiler.
― Ejaza berseňiz, size mümkin däl zadyň ýokdugyny subut edeýin ― diýip, edep bilen tagzym
etdim.
Joralarymyň birentegi tomusky dynç alyşlykda eneatalary bilen nirädir bir ýere giderdiler, soňam beýleki gyzlaryň ýanynda çensiz öwnerdiler. Diýmek, okuw başlandygy maňa-da şeýtmäge
mümkinçilik boljakdy. Bir ýyl mundan ozalky söýgi ertekisine bu ýylky syýahaty hem goşsaň, hiç
neneň boljak däl!
Elime portfelimi alyp, romanlarda okan amerikan gyzlarym ýaly, özbaşyma gäminiň üstüne çykasym gelýärdi. Emma daýzalarym bu hyýalymy eşidip-eşitmänkä, uly gopgun turzup, ýanym ýoldaşsyz Tekirdaga goýbermejekdiklerini aýtdylar. Üstesine-de: «Garaňkyda palubadan eglip seretme... Hiç kim bilen gürleşme... Gäminiň içinde dälirän ýaly ylgama...» diýip, kemsidiji nesihatlary
bilen ähli keýpimi gaçyrdylar. Eýsem, Tekirdaga gatnaýan kindiwanja köne gämide ummanlary ýüzüp geçýän äpet gämilerdäki ýaly, ýüz metrlik meýdança barmy diýsene!
Müjgän bilen biz iki ýyldan bäri görüşmändik. Şu döwrüň içinde ol ulalyp, hakyky hanym bolupdyr. Onuň bilen gürleşmäge-de heder etdim. Emma, muňa garamazdan, biz ýene-de ysnyşdyk.
Daýzam Aýşanyň we Müjgäniň tanyşlary köpdi. Şonuň üçinem her gün olaryň biri bizi ýa şähere, ýa-da öýlerine myhmançylyga çagyrardy. Daýzam maňa: «Sen indi uly gyz bolupsyň, birden
ýeňilkellelik edip, ýüzümizi gyzardaýma!» diýip birsyhly sargaýardy. Şonuň üçinem öz hereketlerime juda ünsli garaýardym. Nätanyş aýallar bilen gürrüňdeş bolanymda, sowallaryna agras we sypaýyçylyk bilen jogap bermäge çalşardym hem-de özümi, «myhman, myhman» diýlip, oýnalýan çagalara meňzederdim! Ýöne, çynymy aýtsam, ulular bilen söhbetdeş bolmak maňa uly lezzet berýärdi.
Bu myhmançylyga gidişlikler, elbetde, keýpimi göterýärdi, ýöne Müjgän bilen ikiçäk galýan
sagatlarymy bar zatdan gowy görerdim.
Aziz daýymyň jaýy deňiz kenarynda — uçut ýerde ýerleşýärdi.
Ilki-ilkiler Müjgän abla kert gaýa çalym edýän uçutdan düşüşimi görüp, ör-gökden gelerdi, ol
muny gadagan etjegem bolýardy, emma soň-soňlar bu ýagdaýa öwrenişip gitdi. Biz telim sagatlap
çägäniň üstünde ýüzin düşüp ýatardyk we kenarda durup, ýasyja daşlary suwa zyňyp oýnardyk, olaryň suwa baryp degşine hemde böküp-böküp gidişine syn ederdik. Käwagtlar bolsa, deňziň boýy bilen
uzaklara gidip, aýlanyp gelerdik.
Deňiz häzir ajaýypdy, ümsümdi, ýöne ýürekgysgynçdy. Kähalatlar deňizde telim sagatlap ýelkenem, inçejik tüsse-de görjek gümanyň ýokdy. Aýratynam, agşam çaglary suwuň ýüzi giňän ýaly
bolup, boşluga çalym edýärdi we ýüregiňi gysdyrýardy.
Bir gezek Müjgän ikimiz öňünden wadalaşyp, alysda görünýän burna tarap ugradyk. Biziň niýetimiz kenaryň beýleki tarapyndaky burny emele getirýän aýlaga çykmakdy. Emma, içiňi ýakaýyn
diýen ýaly, suw joşup, kenary basyp ugrady. Aýakgaplarymyzy çykaryp, suwa girmekden başga alajymyz galmandy. Men öz ýanymdan bu müşgillige begendim. Ýöne Müjgän nätsin? Ol uly gyzdy.
Oňa jorabyny, köwşüni çykardybilmejegimi bilýärdim, şonuň üçinem:
― Müjgän abla, gel, seni arkama hopba edip geçireýin! ― diýdim.
― Haý, akylyndan azaşan, sen, näme, meni göterip bilerin öýdýärmiň? ― diýip, ol ör-gökden
geldi.
Müjgän görgüli ýaşy uly, boýy meniňkiden uzyn bolansoň, özüni götermäge güýjüm ýetmez
öýdýärdi.
Şonda bildirmän onuň ýanyna bardym-da:
― Synanyşyp bir göreli, belki, güýjim ýeter ― diýip, ony elime alyp, suwa tarap ugradym.
Müjgän ilkibada muňa parhsyz garady. Soňra ol şadyýan halda elimden sypjak bolup:
― Sen, akylyňdan azaşypsyň öýdän! Goýber meni! Barybir, göterip bilmersiň ― diýip gygyrdy.
Soňra suwda aýakýalaňaç şalpyldap ýörenimi görüp, ol hasam dälirän ýaly boldy.
―Abla, sen ýelek ýaly ýeňiljek ahyryn ― diýip, ony köşeşdirmäge durdum.
― Sen deprenäýseň, ikimiz hem suwa ýykylarys. Rahat dursaň welin, hiç zat bolmaz.
Müjgän görgüli gorkusyna çym ak boldy, saçymdan ýapyşyp, gözlerini ýumdy-da, dişlerini gysdy, bir zat diýdigi, deňagramlylyk bozulyp, ikimizem ýykylarys öýdendir-dä.
Suw dyzlaryma ýetýärdi, bagtygara Müjgän bolsa, edil uçudyň gyrasyndan barýan ýaly, gymyldamakdanam gorkup, gözlerini ýumup otyrdy.
Buruna gelip, näme görendiris öýdýäňiz? Suwuň gyrasyndaky gaýygyň ýanynda üç sany balykçy garbanyp otyrdy, özlerem bize seredýärdi. Müjgän allaniçigsi bolup, ellerimi berk gysdy-da, pyşyrdap:
― Ahyry arzuwyňa ýetdiňmi? Indi näderkäk? ― diýdi.
Men güldüm-de:
― Olar adam iýýän laýhorlar däl-de, balykçy ― diýdim.
Biziň ýagdaýymyz, dogrudanam, çylşyrymlydy. Aýratynam, meniň ýagdaýym şeýledi. Aýaklarym dyzyma çenli ýalaňaç bolansoň, elim joraply halda adamlaryň arasyna çykyp biljek däldim.
Müjgän sübsäniň ujundan gaçan düşdüş ýaly, eýýäm ökjäni götermäge taýýar bolup durdy, bu
ýagdaýa utanjyma ýere girip bilemokdym, emma syr bildirmän, balykçylar bilen gürleşip başladym.
Olardan näme üçin bu gün suwuň kenary basandygyny soradym, olaryň haýsy wagtlarda, nirelerde balyk tutýandyklary bilen gyzyklandym. Umuman aýdanyňda, bu bolgusyz soraglardy, bu zatlary diňe bir zatlar gürlemekçi bolup sorapdym.
Balykçylaryň ikisi ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşly ýigitlerdi, üçünjisi bolsa sakgallak ýaşuludy.
Ýigitler utanjaň görünýärdi. Sowallaryma diňe goja jogap berýärdi. Ýöne onuňam söz tapman
kösenýänligini duýýardym.
Ol meniň kimdigimi sorady. Az salym dymyp durdym-da:
— Adym Marika, özümem Stambulda ýaşaýan. Bu ýere söwdagär daýymlara myhmançylyga
geldim — diýip jogap berdim. Müjgän elimden ýapyşyp, bir gyra çekdi-de:
―Alladan gork. Näme üçin ýalan sözleýäň? ― diýdi.
― Beýle näme diýipmişim? Stambuldaky daýzalarym maňa: «Diliňe berk bolgun. Tapan-tupanyňy samahyllap ýörmegin. Ol ýeriň adamlarynyň bary gybatkeşdir...» diýip, sargap-sargap goýberdiler. Ine, şonuň üçinem balykçylaryň: «Bu nähili musulman gyz bolýarmyş, onuň diňe ýüzi däl,
eýsem, aýaklaryna çenli açyk» diýenlerini islemedim.
Gepiň keltesi, gorkajyk Müjgäne ygtyýar berseň, peşeden pil ýasajakdy.
***
Agşam Müjgän bilen gol tutuşyp, gezim edýärkäk, golaýymyzda bir ýaşajyk serkerdäniň atyny
säpjedip ýörendigini gördüm. Ol, göýä, atyna tälim berýän ýalydy. Eýsem, atly gezim etmek üçin
sährada ýer gytmy diýsene? Emma ol öňe-yza at salyp, çapmagyny dowam edýärdi, deňimize gelende
bolsa, ol şeýlebir syrly ýagdaýda bize seretdi welin, men-ä atyny saklap, biz bilen gürrüňdeş bolar
öýtdüm.
Ine, onsoň bir aýlawda bizi, tas ata kakdyryp diýen ýaly geçeninde, biz gaçyp, agajyň aňyrsynda
gizlendik, men ýuwaşja gülüp, üsgürdim-de, Müjgäne:
― Müjgän abla, hemmesi düşnükli ― diýdim. Müjgän maňa haýran galyp seretdi-de:
― Feride, sen näme diýmekçi bolýaň? — diýdi.
― Biz indi öňkülerimiz ýaly, çaga däl diýjek bolýan... Sen jenap serkerde bilen näz-kereşme
etmän-ä oňarýan ekeniň
! Müjgän güldi.
― Menmi?.. Haý, telbe diýsänim...
― Siz onuň bilen dostlarça gürrüň edäýseňiz, nähili bolarka?
― Seniň pikiriňçe, serkerde maňa görünjek bolup, atyny säpjedýär-dä?
― Alasamsyk adam bolaýmasa, muňa öňýeten düşüner. Müjgän ýene-de gülümsiredi, ýöne bu
gezek onuň gözlerinde hasrat bar ýaly göründi. Ol:
― Ezizim, men yzynda ser-sepil bolunýan gyzlardan däl ahyryn. Ol bu ýere sen diýip gelipdir
― diýdi.
― Diýýäniň näme, abla? ― diýip, gözlerimi petretdim.
― Hawa, hawa, sen diýip gelipdir. Men ony sen gelmänkäňem gördüm. Ol şonda meni ýoluň
gyrasynda gögerip oturan agaçça-da görmedi, gapdalymdan okdurylyp geçdi-de, gaýdybam görünmedi.
Şol gün agşam Müjgän ikimiz agşamlyk naharyny edinip, öýden çykdyk-da, deňze tarap ugradyk. Biz dymşyp barýardyk. Ahyrsoňy dymyşlygy Müjgän bozdy.
― Feride, sen bir derde dagy uçran-a dälsiň-dä, hernä? Hiç sesiň çykanok-la?! ― diýip sorady.
Birneme içimi gepledip duranymdan soň:
― Gündizki aýdan bolgusyz sözleriňi ýadymdan çykarybilemok, içim gysýar ― diýip jogap
berdim.
― Näme üçin? Men näme diýipmişim? ― diýip, Müjgän ör-gökden geldi.
― Sen: «Men yzynda ser-sepil bolunýan gyzlardan däl» diýdiň.
Müjgän ýuwaşja güldi.
― Diýenimde näme? Saňa nä dahyly bar?
Gözlerimiň owasy ýaşdan doldy, onuň ellerinden ýapyşdym-da:
― Eýsem, sen bigörkmi, ablam? ― diýip hamsygdym.
Ol ýene-de güldi, soňra dulugyma çalaja çalyp:
― Elbetde, özüme bedroý-a diýip biljek däl, ýöne owadanam däl, ortaça bir zenan-da, şonuň
üçinem, gel, bu barada jedelleşip oturmaly. Ine, sen welin... duranja bir peri! ― diýdi.
Ellerimi Müjgäniň boýnuna atdym-da, burnumy onuň burnuna degräýjek bolup:
― Gel, meni-de ortaça zenan hasaplaly! Şunuň bilenem, bu gürrüňi bes edeli — diýdim.
Biz uçuda ýetdik. Men ýerden daş aldym-da, deňze zyňyp ugradym. Müjgänem meniň yzyma
eýerdi, emma görgüliniňki ugruna bolanokdy, elleri juda ysgynsyzdy.
Zyňan daşym göz açyp-ýumasy salymda gözden ýitýärdi, soň ýyldyzy ýada salýan damjalaryň
ýüzlerçesini çar tarapa seçelendirip, suwa düşýärdi. Müjgäniň zyňýan daşlary bolsa zordan deňziň
kenaryna ýetip, çagyllygyň üstüne düşýärdi we gülkünç ses edýärdi. Bu bolsa biziň göwnümizi göterýärdi. Göwnüme bolmasa, Aý şöhlesine ýalpyldap ýatan deňiz bizi ruhlandyraýjak ýalydy, emma
biz bezzatlyk edýärdik. Bahym Müjgän ýadap, uly daşyň üstünde oturdy, menem onuň öňünde —
ýerde oturdym.
Müjgän menden mekdep joralarym barada soraşdyrdy, menem oňa Mişel bilen bagly birnäçe
wakany gürrüň berdim. Soňam bilmezden, toslan söýgim baradaky gürrüňe geçipdirin.
Muňa näme sebäp bolduka ýa-da ýaňrama zerurlygy çykdymyka?.. Bilmedim. Men gürrüňimiň
ýerliksizdigini aňyp, ençeme ýola saklanjak boldum, emma başarmadym. Umuman, joralaryma «Bitmedik ýowşanyň düýbünde dogmadyk towşany görendigimi» aýtdym. Mekdepde men gam çeken
kişi bolýardym, sebäbi bu oýny özüm gurapdym, ynha, bärde bolsa, hiç hili mejburlyk ýok ýerinden
meni gam-gussa basdy. Sesim sandyrap, gözlerime ýaş aýlandy... Men Müjgäniň ýüzüne bakmaga
çekindim, onuň köýneginiň eteklerini dyrmalap, kellämi dyzynyň üstünde goýdum-da, uzaklara —
deňiz giňişligine seretdim...
Başda bu toslamanyň gahrymanyny Müjgänden gizlemekçi boldum, soňra bolsa saklanyp bilmän, dilimden gaçyrdym.
Müjgän sesini çykarman diňleýärdi hem-de elleri bilen saçlarymy sypalaýardy.
― Hawa, meni utandyrýan ýeri — joralaryma ýalan zady çyn, toslamany hakykat hökmünde
gürrüň bermegim... ― diýip, gürrüňimi paýawladym.
Bu gürrüňlerden soň, Müjgän näme diýendir öýdýärsiňiz? Ol:
― Görgüli, Feride, sen, hakykatdanam, Kamrana aşyk bolupsyň! — diýdi.
Men çirkin sesimi etdim-de, Müjgäniň boýnuna bökdüm hem-de ony gury otuň üstüne ýykdymda, güýjümde baryny edip, silkeläp başladym.
― Näme diýdiň, abla? Sen näme diýdiň? Menmi? Men ol çypar içýanymy?.. Müjgän çabalanyp,
demi-demine ýetmän elimden sypjak bolýardy.
― Goýbersene... Köýnegimi ýyrtdyň... Biri göräýse nätjek!.. Ryswa bolarys! Taňrynyň haky
üçin, goýber! ― diýip, ol ýalbarýardy.
― Sen ojagaz sözleriňi yzyna gaýdyp almaly bolarsyň!
― Hökman alaýyn, näme diýseň edeýin, ýöne meni goýber.
― Ýöne meni öýkeletmezlik ýa-da al salmak üçin bolmasyn...
― Bolýar, bolýar. Aldaman, çynym bilen aýdýan...
Müjgän ýerinden turup, köýnegini düzedişdirdi. Soňra güldi-de:
― Sen, dogrudanam, däli, Feride ― diýdi. Men galpyldap oturyşyma:
― Maňa neneň töhmet atýaň! Hudaýdan gork, abla! Men entek çaga ahyryn! — diýdim.
Soňra bolsa saklanyp bilmän aglamaga başladym.
***
Şol gije erbet gyzdyrdym. Gözüme hiç uky gelmedi. Ýatalganyň üstünde samrap, tora düşen
balyk ýaly, birsyhly çabalanyp çykdym.
Bagtyma, häzir gijeler gysgady. Müjgän daňdana deňiç ýanymdan aýrylmady. Men özümde
gorky gatyşykly ýigrenç duýgusyny duýýardym. Göwnüme bolmasa, süňňümde bir üýtgeşiklik bolup
geçen ýalydy. Müjgäniň goltugyna gysyldym-da, hötjet çaga ýaly möňňürip:
― Abla, sen näme üçin beýle diýdiň? ― diýip, birsyhly gaýtalaýardym.
Müjgän sesini çykarmaýardy, belki, täzeden hüjüm ederimden gorkýandyr, ol diňe kellämi dyzynyň üstünde goýup, saçlarymy sypalaýardy hem-de meni köşeşdirjek bolýardy. Emma daňa golaý
Müjgäniň sabyr käsesi doldy, ol gazaba mündi-de, azmly gygyrdy:
― Haý, akylyndan azaşan! Eýsem, söýmek aýypmydyr? Munuň üçin ahyrzaman gopanok ahyryn. Eger geljekde bir zatlar ýüze çykaýmasa, siz öýli-işikli bolarsyňyz... Wessalam. Hany, indi bolsa
aglamaňy goý-da, ýat, men seniň hyk-çokuňdan bizar boldum ― diýdi.
Men şol bada ýöwselläp ugradym. Oslanmazdan peýda bolan bu hüjüme garşylyk görkezmäge
gurbatym çatmady. Men edil ertekidäki uzakly gije möjek bilen söweşen, ahyrsoňy daňdanlar oňa aw
bolan geçi ýaly, derrew boýun sunmaly boldum.
Ukynyň arasynda Müjgäniň:
― Olam saňa göwünsiz däl ― diýýän mylaýym sesini eşidip galdym. Kemtersinden, gatyrganmaga-da mejalym bolmany üçin, uklap galypdyryn.
***
Ertesi gün bizi ýerli baýlaryň biriniň mülküne çagyrdylar.
Göwnüme bolmasa, şol günki ýaly, şatlanan, guduran gezegim ýok bolsa gerek.
Daýzam bilen Müjgäni uly adamlar bilen gybat etmäge goýup, mülküň körpeje ýaşaýjylaryny
ýanyma aldym-da, edil aýagym bişen ýaly, ýolumda duş gelen ähli zady ýykan-ýumran edip, bagda
ikibaka at salyp ugradym. Men hatda eýersiz ata atlanmaga-da çekinmedim, ýöne bu başa barmady.
Daýzam bilen Müjgäniň gözlerine ilemde, olar maňa azmly yşaratlar etdi. Olaryň näme diýjek bolýanlaryny bilýärdim, emma bilmezlige salýardym, yşaratlaryna düşünmedik kişi bolup, ýene-de agaçlaryň arasynda gözden ýitdim.
Elbetde mülküň hyzmatkärleriniň we işgärleriniň arasynda başaçyk, aýakýalaňaç halda, edil
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 05
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.