Latin

Saýrak Guşy - 15

Total number of words is 3808
Total number of unique words is 2118
32.8 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Olara iňirdeýärdi, diwardaky suratlary birnäçe gezek bir onda bir munda asdyrýardy, özi bolsa, maý
tapdygy, kiçijik el aýnasyna bakyp, saçyny, boýunbagyny düzedişdirýärdi.
Müdiriň henizem otagyň burçunda oturan ýaşuly bilen gürrüňinden beýle yhlasly taýýarlygyň
sebäbini aňsa bolýardy: B.-a fransuz galamgäri Piýer For gelipdir. Düýn häkimiň kabul edişliginde
müdir galamgär hem-de onuň aýaly bilen tanşypdyr. Müdiriň sözlerine görä, Piýer For örän täsin
adammyş. Ol galamgäriň «Ýaşyl öwüsýän B.-da birnäçe gün» diýen sözbaşy bilen hökman birnäçe
makala ýazmagyna umyt baglaýarmyş.
Reşit Nazym tolgunyp gürrüň berýärdi:
— Är-aýal şu gün sagat üçde ýanyma geljekler. Olara mekdeplerimiziň birnäçesini görkezmekçi, dogry, ýewropalylara buýsanç bilen görkezer ýaly bir mekdebimiz hem ýok, ýöne bu meselede
syýasy sapalaklara ýol bermeli bolarys. Herhal, oňa bize peýdaly bir makalajyk ýazdyrmak başardar
diýip umyt edýärin. Bu ýerde oturýanlygymam bir gowy zat, ýogsam bu menden ozalky müdir döwründe bolan bolsa, biz ýewropalylaryň öňünde bütinleý masgara bolaýmaly.
Tutynyň ýanyndaky gapynyň öňünde durdum.
— Ýene näme, hanym ependi? — diýip, müdir menden howul-hara sorady.
— Ähli işlerimi tabşyrdym. Etmeli zatlaryň bary edildi, ependim.
— Gaty gowy. Minnetdar.
Onuň ýüzüne seretdim durdum. — Size uly minnetdar, gidip bilersiňiz.
— Siz men barada görkezme bermekçidiňiz. Täze wezipä bellemegiňizi göz öňünde tutýaryn.
— Hawa-da... Ýöne häzir boş ýerim ýok. Iş boldugy, bir zatlar taparys. Diwanhanada hasaba
duruň.
Müdir bu sözleri howlukmaçdan kesgitli aýtdy. Ol meniň çaltrak çykyp gaýtmagymy isleýärdi.
Boş ýer!
Bu sözleri Stambulda, bilim ministrliginde-de telim sapar eşidipdim, manysyna-da gowy düşünýärdim. Müdiriň hemleli äheňi mende täsin bir garşylyk döretdi. Daş çykmak üçin gapa tarap bir
ädim ätdim, emma şol pursat myhmanhanada kiçijik, otagda eýjejik owlagy bilen oýun edişip oturan
Munisäm ýadyma düşdi. Hawa, indi öňki Feride däldim. Eýýäm çaga ykbalyna jogapkär enedim.
Şonda ýene-de stoluň ýanyna bardym. Ýagşyň astynda sadaka dileýän gedaý ýaly, başymy aşak salyp
durdum. Sesimde gorkudyr ýalbarma ýaňlandy.
— Beý ependi, men garaşyp biljek däl. Aýtmaga utanýanam welin, maddy taýdan mätäçlik çekýänimi aýtmaly bolýaryn. Eger siz häziriň özünde maňa bir iş bermeseňiz...
Bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlandy. Maňa beýle zatlary aýtmak örän utançdy hem hupbatlydy.
Müdir gaharly, howlukmaç jogap berdi:
— Hanym, size eýýäm aýtdym ahyryn — boş wezipäm ýok — diýip. Dogry, Çadyrly obasynda
bir mekdep bar... Eger giderin diýseňiz, şol ýere gidibilersiňiz. Ýöne özüňizden görüň. Aýtmaklaryna
görä, ol ýer juda elhençmiş. Ol ýerde çagalar kofehanada okaýan bolara çemeli. Mugallym üçin ýaşaýyş jaýy ýok. Eger göwneseňiz, sizi şol ýere belläp biljek. Eger gowurak ýer gerek bolsa, onda
tagapyl ediň...
Men dymdym.
— Ýeri, hanym ependi, jogabyňyza garaşýaryn.
Başymy öňküden hem aşak saldym-da:
— Ýagşy, ylalaşmaga mejbur bolýaryn — diýip, uludan demimi aldym.
Emma müdir jogabymy eşitmän galdy. Birdenem gapy serpilip gitdi-de, «Gelýärler!» diýen ses
jaýa doldy.
Reşit Nazym uzyn etekli penjeginiň iliklerini howlukmaçlyk bilen ildirip, iş otagyndan böküp
çykdy. Men hem çykmaly boldum. Gapynyň öňünde fransuzça edilýän gürrüňi eşitdim. Gürleýän
müdirdi:
— Giriň, baş üstüne...
Bosagada giň paltoly ýaş zenan peýda boldy. Onuň ýüzüne gözüm düşeninde, allaniçigsi bolup,
gygyranymy hem duýman galypdyryn. Galamgäriň aýaly mekdepde bile okan joram Kristiýan Warez
eken.
Bir gezek dynç alyşlykda Kristiýan ata-enesi bilen Fransiýa gidipdir, ol ýerde-de çykanyna —
ýaş galamgäre durmuşa çykyp, Stambula gaýdyp gelmändir. Synpdaşym birnäçe ýylyň içinde örän
üýtgäpdir — agras, salykatly zenan bolup gidipdir.
Sesimi eşiden Kristiýan kellesini öwrüp, ýüzüm örtük bilen ykjam örtülenem bolsa, şobada tanady.
— Çalyguşy! Eýjejik Çalyguşym! Sen bu ýerdemi? Ah, bu ne duşuşyk! — diýip gygyrdy.
Kristiýan garagol Çalyguşyny gowy görýän gyzlaryň biridi. Ol elimden tutdy-da, otagyň ortasyna çekdi, zor bilen diýen ýaly örtügi sypyryp, iki ýaňagymdan ogşady.
Kristiýananyň entek görmek başartmadyk adamsynyň, aýratyn hem bilim bölüminiň müdiriniň
nähili aljyrandyklaryny göz öňüne getirýärin!
Gözýaşymy hiç kim görmez ýaly, olara ýeňsämi öwrüp, ýüzümi joramyň egninde gizläp durdum.
—Ah, Çalyguşy, her zada garaşsam-da, seni bu gara türk örtüginde gözi ýaşly görerin diýip,
ýatsam-tursam oýuma-da gelmeýärdi.
Ahyrsoňy, özümi dürsedim. Bildirmän, örtügi ýüzüme çekjek boldum. Emma Kristiýan göwnemedi. Ol meni zor bilen adamsyna tarap öwrüp:
— Piýer, tanyş bol. Bu — Çalyguşy — diýdi.
Piýer For uzyn boýly, mele saçly, görmegeý ýigit ekeni. Dogry, ol ilki birneme geňräk göründi,
ýöne bu uzak wagtlap gürrüňçilikde her sözi saldarlap görýän kütek adamlaryň içinde ýaşanym üçindi.
Galamgär elimden öpdi-de, köne tanşy ýaly, gürläp başlady:
— Mademuazel, juda şat. Biler bolsaňyz, birekbirege keseki adamlar däldiris. Kristiýan siz barada köp gürrüň berdi! Häzir ol hiç zat aýtmadygam bolsa, Çalyguşyny özüm tanardym. Bizde siziň
mekdep suratyňyz bar, ol ýerde ähli synp bolup, terbiýeçiler bilen bile dursuňyz. Kristiýananyň egnine eňegiňizi goýşuňyz ýadyňyza düşýärmi? Görýäňizmi, sizi nähili gowy tanaýan ekenim.
Är-aýal Forlar bilim bölüminiň müdirini unudyp, birsyhly meniň bilen gürleşýärdiler.
Birden kellämi öwürdim welin, täsin bir zada gözüm düşdi, muny başga bir ýerde gören bolsam,
hökman hezil edip gülerdim: Myhmanlar bilen ýene birnäçe emeldar iş otagyna girdi. Olar döwre
gurapdyrlar, ortasynda-da bilim bölüminiň müdiri durdy. Fransuzça gürleýänimi görüp, hemmeler
gözbagçynyň gyzykly oýunlaryna syn edýän daýhanlar ýaly, agyzlaryny öweldişip durdy.
Duranlaryň arasynda birden Reşit Nazym bilen bile Zeýnilere baran jemgyýetçilik işleriniň welaýat müdirliginiň uzynak inženeri hem bardy. Soň görüp otursam, ol myhmanhanalaryň ýanyndaky
myhmandar(Myhmandar — myhmanlary garşy alýan we olar bilen bile bolýan adam.) ekeni. Inžener
Zeýnilerde fransuzça gürlän bolup, bölüm müdirine aýdan sözleri ýadyna düşse, utanyp, ýere girip
bilmez diýip pikir etdim. Ýöne, elhepus, köne mekdep joramyň meni şeýle gözgyny ýagdaýda görýänligine diýseň kiçeldim. Emma başga alaç barmy, näme? Boljak zada çäre ýok diýmekden başga
çykalga ýok. Bularyň üstesine, ol ahlak taýdan kemsidilýänligimi hem biläýmesin diýip, özümiň ähli
batyrgaýlygymy, göwnaçyklygymy jemledim-de, merdemsi, batly hem şadyýan gürleýärdim.
Ahyrsoňy, müdir birneme özüne geldi. Ol kindiwanja aýaklaryny täsin basyşdyryp, gülkünç
tagzym etdi-de, kürsä tarap yşarat etdi:
— Oturmagyňyzy haýyş edýärin, ýadamaň...
Men çykyp gaýtmalydym, şonuň üçinem Kristiýananyň gulagyna:
— Hany, hoşlaşaly — diýip çawuş çakdym.
Emma Kristiýan maňa, şepbik ýaly ýelmeşip, egereger, goýbererli däldi. Joramyň birdiýenliligi
müdiriň gözünden sypmady. Birnäçe minut ozal göwünli-göwünsiz, sowuk gürleşýärdi, häzir bolsa
ol çuňňur tagzym edip, kürsini öňüme süýşürdi:
— Dyzyňyzy epiň, hanym ependi, haýyş edýän... Biz oturdyk. Kristiýan henizem köne örtükli
ýörenime akyl ýetirip bilenokdy.
— Wah, Piýer, biziň Feridämiziň nähili täsin gyzdygyny bilýän dälsiň. Ol Stambulyň iň asylzada maşgalalarynyň birinden. Onuň şeýlebir ýiti akyly, diýseň ajap häsiýeti bar. Muny bu ýerde
görüp, akylym haýran boldy.
Joramyň öwgüsi maňa hem hoş ýakýardy, hemem utandyrýardy. Mahal-mahal bölüm müdiriniň
ýüzüne bakýardym. Görgüli geň galmakdan ýaňa henizem özüne gelip bilenokdy. Uzynak bihaýa
inžener barada aýdanymda bolsa, ol burça dykylyp, meni gözi bilen iýäýjek bolýardy. Elbetde, oňa
tarap seredemokdym. Ýöne ýüzüňizde bir möjejik gezip ýörse, onuň nähili bimaza edýänligine beletsiňiz? Ynha, menem onuň gözleriniň, edil möjejik ýaly, ýüzümde ýörmelläp ýörüşini syzýardym, buda birsyhly azara goýýardy.
Kristiýananyň bilesigelijiligini kanagatlandyrmak üçin şeýle düşündiriş bermeli boldum:
— Bu ýerde geňlär ýaly hiç zat ýok, her kim bir zat bilen gyzyklanýar, nämedir bir zada ýykgyn
edýär... Ynha, meni hem mekdep özüne maýyl etdi. Ýüregimiň emri bilen şu welaýatda işläsim, özümi çagalara bagyşlasym geldi. Durmuşymdan razy, bu her halda ýelkenli gaýyk bilen dünýä syýahat
etmekden has ýeňil. Şujagaz ýönekeý zada-da düşünmeýşiňe geň galýaryn!..
Jenap Piýer For paýhasly görnüşde:
— Mademuazel, maňa bary düşnükli. Kalbyň bu inçe duýgusyna Kristiýan hem gowy düşünýär.
Emma entek özüne gelip bilenok, bolany şu. Bularyň baryndan şeýle netije çykardym: Stambulda
günbataryň terbiýesini alan ýaş gyzlaryň täze nesli bar. Ol Piýer Lotiniň «lapykeçleri(«Lapykeçlik» — fransuz
ýazyjysy Lotiniň romany. Piýer Loti (1850- 1923) öz yşky romanlarynda Gündogary bagtyýar, baý ülke hökmünde taryp eden ýazyjy. Ol Osman
imperiýasynda ägirt uly meşhurlyk gazanypdyr.) » kimin öz-özüni peýdasyz gussa bilen horlaýanlar däl-de, düýpden
täze nesilden. Olar peýdaly iş bilen meşgullanmagy biderek «bolsadydan» ileri tutýarlar, Stambulyň
şadyýan, imisala durmuşyny taşlap, islegine eýerip, Anadolyny oýarmak üçin uzak ülkelere gidýärler.
Gör, terkidünýäligiň nähili ajaýyp, nähili belent nusgasy! Makalam üçinem, gör, nähili ajaýyp mowzuk! Türkleriň oýanyşy hakda gürrüň edenimde, mademuazel Çalyguşy Feride, ejaza bermegiňiz bilen, siziň adyňyzy hem tutmakçydyryn! — diýdi.
Men ynjalyksyzlandym:
— Kristiýan, eger adamyňa gazetde adymy tutmaga ejaza beräýseň, seniň bilen joralygymy
keserin.
Kimligimi bildirmezlik islegime Piýer For özüçe düşündi. Ol:
— Mademuazel, kiçigöwünliligiňiz hem ajap zat! Siz ýaly gyzyň islegine tabyn bolmagy öz
borjum hasap edýärin. Siziň bagty getiren haýsy mekdepde okadýanyňyzy bilip bilermikäm? — diýdi.
«Boljak zada çäre ýok» diýip ozalam aýdypdym. Bilim bölüminiň müdirine tarap öwrülip:
— Sadyk guluňyza teklip eden mekdebiňiz nirede bolmaly? Göwnüme bolmasa, siz Çadyrly
obasy diýen ýalydyňyz... — diýdim.
Piýer For howlukmaçlyk bilen ýazuw depderçesini açdy.
— Duruň, duruň... Siz näme diýdiňiz? Çadyrlamy ýa-da Çadyrly? Mademuazel, pursat bolsa,
biz welaýata aýlanyp ýörşümize sizi çagalaryňyzyň arasynda görmek üçin bu ajaýyp oba-da baryp
gaýdarys.
Bilim bölüminiň müdiri syçrap ýerinden turdy. Oňa tarap seretdim. Ol edil leňňeç ýaly gyzyldy!
— Mademuazel hanym ependi obada okatjak diýip dur, ýöne, ol merkezi zenanlar mugallymçylyk mekdebinde fransuz dili mugallymasy hökmünde has uly peýda getirer öýdýärin — diýip, ol
aýtdy.
Alasarmyk halda müdiriň ýüzüne seretdim. Ol maňa türkçe düşündirip başlady:
— Siz fransuz mekdebini gutardym, fransuz dilini bilýän diýip aýtmadyňyz ahyryn. Eger şeýle
bolsa, ýagdaý üýtgeýär. Häzir ministrlikden siz barada towakga etmekçi. Buýruk gelýänçä bolsa, siz
sanawdan daşary işlärsiňiz. Ertir ir bilen sapaga başlaberiň, razymy?
Ynha-da. Birtopar biweçliklerden soň, durmuş hemişe adama şatlyk eçilýär. Muňa Gülmysalyň
söýgüli nakyly hem mysal: «Eger aýyň on bäş güni garaňky bolsa, galan on bäş günem ýagty bolar...»
Ýöne bu ýagtylygyň gözedürtme garaňkylykda şeýle oslagsyz pursatda peýda boljakdygyny oýumada getiremokdym.
Ýene-de Munise barada oýlandym. Ýöne bu gezek ol göz öňümde myhmanhananyň garaňky
otagynda owlajygy bilen oýnap oturan pukaraja däl-de, bezemen geýnip, bagda, owadan jaýyň öňündäki gülhananyň töwereginde eli halkalyja bökjekläp ýören gyz hökmünde peýda boldy.
***
Biz aýrylyşjak bolanymyzda, Kristiýan meni bir gyra çekip:
— Feride, ol barada soramakçy. Sen adaglydyň-a. Näme üçin oňa durmuşa çykmadyň?.. Nämä
jogap bereňok? Hany, seniň ýigidiň? — diýdi.
Başymy aşak salyp, ýuwaşja:
- Geçen baharda ony ýitirdik — diýdim.
Jogabyma Kristiýan allaniçigsi boldy.
— O nähili, Feride? Seniň çynyňmy? Wah, biçäre Çalyguşy? Seniň bu ýerlere nädip düşüp
ýörşüň indi maňa düşnükli:
Onuň barmaklarymy tutup duran elleri titreýärdi.
— Feride, ony örän gowy görýärdiň ahyryn, şeýle dälmi? Menden gizleme, ezizim! Seniň boýnuňa alasyň gelmese-de, bu hemmä düşnüklidi.
Kristiýananyň gözleri dumanlap gitdi, bir wagtky gören düýşi ýadyna düşen ýaly boldy.
— Sen mamladyň — diýip, ol tolgunma bilen sözüni dowam etdirdi.
— Ony söýmezlik mümkin däldi. Ol ýygy-ýygydan seniň ýanyňa mekdebe gelip giderdi. Ýadyma düşýär, şonda ony ilkinji gezek görüpdim. Onuň üsti-başy nähili enaýydy. Wah, bolmandyr-
da!.. Feride, saňa duýgudaşlyk bildirýärin! Göwnüme bolmasa, ýaş gyz üçin söýgüli ýigidiniň ölümi
ýaly betbagtçylyk ýokdur...
***
Kristiýan, sen şeý diýdiň welin, aşak bakdym, soň gözlerimi ýumup, hümürdedim. «Hawa, hawa, sen mamla». Ýene näme jogap bereýin! Ýöne ýalan sözledim, Kristiýan. Ýaş gyzlar uly belabeterlere duçar bolýarlar. Söýgüli ýigidiňi ýitirmek pikir edişiň ýaly o diýen betbagtlyk däl. Olaryň
uly bir tesellileri bar. Aýlar, ýyllar geçer, onsoň haçan-da bolsa bir gün ýat ülkedäki sowuk otagda
olar öz ýigidiniň keşbini göz öňüne getirip bilerler, şonda olaryň «Söýgüli gözleriň iň soňky bakyşy
maňa tarapdy» diýmäge haky bolar. Olar öz ýüreginiň lebi bilen mährem keşbi öperler. Men bolsam
şeýle hukukdan mahrum, Kristiýan!
***
B..., 9-njy mart.
Şu gün säher bilen B.-däki zenanlar mugallymçylyk mekdebinde sapak bermäge başladym.
Megerem, täze ýere çalt öwrenişsem gerek. Ýöne Zeýnilerden soň bu ýer maňa ýaramady diýsem, siz
ynanmarsyňyz.
Täze kärdeşlerim, göräýmäge, erbet adamlar däl ýaly. Okuwçylarym bolsa meniň ýaşlarymdaky
adamlar, käbirleri-hä has uly aýallar. Müdir mylaýym adam, adyna-da Rejep ependi diýýärler ekeni.
Ol sellelidi. Mekdebe baranymda, muawine(Muawine — orunbasar.) hanym meni derrew onuň iş otagyna
alyp gitdi. Ol «Rejep ependi bilim bölümine gitdi, ýöne hä diýmän gelmeli» diýip, garaşmagymy
haýyş etdi. Äpişgeden ýarym sagatlap bagy synladym, diwarda asylgy duran jedweljiklerdäki terslinoňlyn ýazylan ýazgylary okamaga synanyşdym.
Ahyrsoňy, müdir geldi. Ýolda gelýärkä, ol güýçli çabgaň astynda galypdyr. Onuň dony ezilip,
sykaýmaly bolupdyr.
Meni görüp, ol şeýle diýdi:
— Gyzym, hoş gördük... Maňa sen hakda ýap-ýaňy bölümde gürrüň berdiler. Alla ählimizi öz
penasynda saklasyn!
Müdiriň tegelek ýüzüne çal sakgaly gelşik berýärdi, ýaňaklary alma ýaly gyrmyzydy. Çaşy gözleriniň hersi bir dürli tarapa garaýardy.
Ol donundan syrygýan suwa bakyp:
— Haý, jüre degmiş! Saýawanymy ýatdan çykaraýypdyryn... Ine, soňy nähili boldy! Samsyk
baş zerarly aýaklara gün ýok diýip, dogry aýdypdyrlar. Bu gezek donum jepa çekmeli boldy. Gyzym,
bagyşlawer, birneme gurunaýyn. — Ol şeý diýdi-de, daşky eşiklerini çykarmaga durdy.
Oturgyçdan turdum-da:
— Ependim, häzir size azar bermäýin. Soňrak geläýerin — diýdim.
Rejep ependi eli bilen «oturyň» diýen yşarat etdi:
— Ýok, gadyrdan, resmilik nämä gerek? Men siziň ataňyz ýaly ahyryn.
Müdiriň donunyň astynda melewşe zolakly sary atlazdan tikilen köýnek şekilli bir zat bardy.
Ýakasyna seretseň, ol köýnege, jübülerine seretseň bolsa ýeňsiz gursakça meňzeşdi. Rejep ependi
oturgyjy pejiň öňüne süýşürdi-de, ägirt uly gaýyş köwüşlerini oda tutdy. Köwüşleriň aşagyna at nallary görnüşinde äpet çüýler urulgydy.
Müdiriň sesi ýitidi, ondan ýaňa gapdalyňda sandala çekiç urulýan ýalydy, gulagyň şaňlar durardy. Ol «k» sesini «g» ýaly edip aýdýardy. Ol:
— Gyzym, sen entek çaga ekeniň-ä! — diýdi.
Ähli ýerde diýen ýaly eşidýän bu sözlerim indi halys ýüregime düşýärdi.
— Elbetde, saňa bu ýer aňsat düşmedi, ýöne ony saklamak has kyn bolar. Şonuň üçin sen yhlas
etmeli bolarsyň. Mugallymlarym maňa öz gyzlarym ýaly. Olar hökman agras bolmaly. Bir gezek
olaryň biri samsyklyk edipdir. Goý, ony ýer çeksin! Bilim bölüminiň müdirine-de maslahat salman,
pasportyny eline tutduragada, gülberini arkasyna daňdym! Eýsem, şeýle dälmi, Şehnaze hanym? Näme, agzyňy açmazlyga ant etdiňmi?
Şehnaze hanym mekdebiň okuw bölüminiň müdiridi, ol orta ýaşlaryndaky, keselbent aýaldy.
Bir zat diýmekçi bolanynda ol esli wagt ardynjyraýardy. Onuň öňden bäri gürrüňe goşulyşasy gelýändigini aňdym.
— Hawa, hawa! Şeýle zad-a bolupdy — diýip, ol müdire gaharly jogap berdi, şol wagtyň özünde-de geplemäge berlen pursady elden sypdyrmazlyk üçin diline gelenini aýdyp goýberdi:
— Hammallar iki mejidiýäden aza razy bolanoklar. Nätsekkäk?
Rejep ependi bugarýan köwüşleriniň nallanan aşagy ýanyp başlan ýaly, oturgyçdan böküp turdy.
— Samsyklara bir serediň-ä! Jähenneme gitsinler! Goşlary arkama alyp, özüm daşaýaryn. Men
bir akylyndan azaşan adamdyryn. Diýdigim — gutardy. Sen git-de, olara şeý diýibem aýt!
— Soň ol ýene maňa tarap öwrüldi. — Gözümiň çaşylygyny görýärmiň? Alladan ant içýärin,
olary müň lira-da satman. Ynha, golastymdaky adamlara şeýdip seredýän welin, olar huşuny ýitirýär
oturyberýär. Ýagny meniň aýtjak bolýan zadym, gyz maşgala akylly, asylly bolmaly. Öz işini edýän
wagty sypaýy, mekdebiň daşynda bolsa mugallym mertebesini saklap bilýän bolmalydyr. Şehnaze
hanym, sapaklara girişmeli wagt boldy diýjek bolýarmyň?
— Wagt boldy, ependim. Okuwçy gyzlar synp otagyna girdi.
— Ýör, gyzym, seni okuwçylar bilen tanyşdyraýyn. Ýöne sen ilki git-de, ýüzüňi gowy edip
ýuw.
Soňky jümläni Rejep ependi birneme uýaljyrap,sesini peseldip aýtdy. Men özümi ýitirip, geň
galdym. Eýsem, ýüzüme hapa degäýdimikä?! Şehnaze ikimiz bir-birimize seredişdik. Olam, edil men
ýaly, aňk-taňk bolup durdy.
— Eýsem, ependim, ýüzüm hapamy? — diýip, ondan soradym.
— Gyzym, şaý-sepler bilen bezenmek höwesi zenanlara tebigy berlendir. Emma mugallymyň
ýüzüne reňk çalyp synp otagyna girmäge haky ýokdur. Muny ataň hökmünde häzirden ýatladyp goýýan.
Çekinjeňlik bilen:
— Ýöne ýüzümde reňk ýok ahyryn, jenap müdir— diýdim.
— Ömrümde bir gezek hem ýüzüme reňk çalyp göremok.
Rejep ependi maňa ynamly-ynamsyz seretdi.
— Ýöne çalnypsyň-a?! Çalnypsyň-a?!
Onýança baryna düşündim-de saklanybilmän jakjak güldüm.
— Jenap müdir, ol reňklerden özümem bizar, ýöne nädeýin? Olary maňa Alla beripdir. Olary
suw bilen ýuwup aýryp bolanok-da.
Şehnaze hanym hem güldi:
— Rejep ependi, bu biziň täze mugallymymyzyň ýüzüniň tebigy reňki ahyryn!
Biziň şadyýanlygymyz müdire-de täsir etdi.
— Ha-ha-ha! — Rejep ependiniň gülkisi jaýy göçüräýjek bolýardy.
Onuň «ha-ha-hasy» edil birinji synpdakylara elipbiý öwredýän ýaly, hetjiklenip açyk-aýan eşidilýärdi.
— Gör, munuň täsindigini! Alla beripmiş! Alla!.. Diýmek, bu Alladan berlen peşgeş-dä! Şehnaze hanym, heý, ömrüňde şeýle gözüňi deşip barýan ýüz görüpmidiň? Gyzym, ejeň saňa süýt dälde, bägül şiresini beren bolaýmasyn? Eý, Alla!..
Rejep ependi juda gowy adama çalym edýärdi. Şähdim açykdy. Ol ýene-de bugaryp duran donuna girdi, biz bolsa, sapaga ugradyk. Däliziň äpişgesinden okatmaly okuwçylaryma gözüm düşeninde, gorkyma ýüregim agzyma geldi. Biz synp otagyna girdik. Elhepus, olaryň köpdügini! Synpda iň
azyndan elli adam dagy otyrdy, hemmesem deň-duşlarymdy, uly gyzlardy. Özüme gezelen bilesigelijilikli, içgin onlarça nazarlardan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim. Eger Rejep ependi şu wagt
çykyp gidäýse, çykgynsyz ýagdaýa düşerdim, sebäbi men hem çekinýärdim, hem aljyraýardym. Bagtyma, müdiriň ynandyrmak babatda täsin zehini bardy.
— Hany, gyzym, ýeriňe geç!.. — diýdi-de, ol meni zorluk bilen diýen ýaly synpda oturmaly
ornuma geçirdi, soňam tükeniksiz nutugyna başlady.
Rejep ependiniň aýtmadyk zady galmady.
— Eger ýewropalylar saglygy goraýşy, himiýany, astronomiýany, matematikany araplardan
öwrenen bolsa, näme üçin biz samsyklyk edip, olardan täze ylymlary öwrenmeli dälmişik? Ýewropalylaryň bilimlerdir paýhaslar hazynasyna aralaşmak, olaryň ylmy gazananlaryny garbap almak —
munuň özi kanuny oljadyr. Ol top-tüpeňler arkaly däl-de, bary-ýogy, fransuz diliniň kömegi bilen
amala aşyrylýar.
Rejep ependiniň kellesi gyzdy. Ol gulaklary kamata getiriji güňleç sesi bilen synpy lerzana getirdi, barmagy bilen meni görkezip:
— Dünýäniň ähli ýurtlarynyň alýan ylymlarynyň açary şujagaz gyzyň elindedir. Siz onuň daş
keşbine seretmäň. Boýy barmak ýaly bolsa-da, aňynda jöwher kibi gymmatlyk bar. Siz ony sypdyrmaň, bogazyndan alyp, limon kimin sykyň, agzyndan ylmyny çekip alyň!
Ýylgyrmakdan ýaňa ernim gyşaryp gitdi. Hä diýmän näletsiňmiş gülkimiň tutjakdygyny duýýardym, şonuň üçinem gaçyp gitmäge taýýardym. Eý, toba, gör, bu nähili masgaraçylyk bolar! Şol
wagt ilkinji gezek synpa göz gezdirmäge ýürek etdim. Bu näme boldugy? Hemme kişi gülýärdi.
Okuwçy gyzlaryň ýüregine mylaýym, sada ýylgyryş bilen ýol saldym. Pikir edişime görä, gizlin bakyşmalarymyzdyr gülüşmelerimiz bizi birek-birek bilen ysnyşdyrdy.
Synpdaky gülki güýçlendi, muny, ahyrsoňy, müdiriň özi hem duýdy. Ol münberi ýumruklap,
aýdyşy ýaly, müň lira-da satmajak aýylganç çaşy gözlerini synpa aýlady-da:
— Bu näme boldugy?! Bu näme boldugy?! Bu näme boldugy?! Size azajyk ýüz berseň, depä
çykjak bolýarsyňyzmy? Sizi — zenanlar tohumyny läliksiretmeli däl. Hudaý bar, baryňyzyň ýoguňyza ýanaryn! Derrew agzyňyzy ýumuň? At ýaly kişňemäňiz näme? — diýip gygyrdy.
Emma gyzlar Rejep ependiniň käýinmesine baş galdyrmadylar. Ähtimal, diňe men ýaýdandym.
Müdiriň çykyşy on bäş minut dowam etdi. Synpdaky gülki güýçleniberse, ol münberi ýumruklaýardy,
ýarym degişme — ýarym çyn bilen gyzlara haýbat atýardy.
— Näme, dişiňizi syrtardýarsyňyz? Ynha, atagzy alyp gelerin welin...
Ahyrsoňunda, Rejep ependi:
—Oňa berkiräk ýapyşyň, ondan galmaň, ony limon ýaly sykyň. Eger agzyndaky ylmy sogrup
almasaňyz, pederleriňize nälet, goý, eneleriňiziň, atalaryňyzyň, ýurduň, halkyň beren çöregi zäher
bolsun! — diýip gygyrdy. Şeý diýdi-de, Rejep ependi çykyp gitdi.
Synp bilen ýüzbe-ýüz bolup galan pursadym beýle kyn bolar diýip, hiç haçan pikir etmeýärdim.
Öňler ertirden agşama çenli durman gürlemegi oňarýan ýaňra Çalyguşy häzir aşa düşen bilbil
ýaly dymyp otyrdy. Kellämde aýdar ýaly bir pikir hem ýokdy. Ahyrsoňy, çydap bilmän, ýene gülümsiredim. Bagtyma, okuwçy gyzlar men müdiriň üstünden gülýändir öýdüpdir. Olar hem ýylgyryşdylar. Birdenem dogumlanyp, özümi ele aldym-da:
— Gyzlar, fransuz dilini az-owlak bilýärin. Eger bilýänlerim derdiňize ýarasa, özümi bagtly
saýardym — diýdim.
Ýaýdanjaňlygym el bilen aýrylan ýaly boldy, dilim açyldy. Kem-kemden okuwçy gyzlaryň ynamyna girip ugrandygymy duýup, ýeňil hem erkana gürledim. Ýetişen hanymlara «Gyzlarym!» diýip
ýüzlenmek diýseň ýakymlydy, ýakymsyz ýeri — olar juda köp gülýärdi. Muňa garşy däldim, ýöne
Rejep ependiniň müň lira-da bermeýän çaşy gözleriniň synpyň äpişgesinden görünmeginden Hudaý
saklasyn! Şonuň üçin okuwçylaryma:
— Gyzlar! Siziň şadyýanlygyňyz ýylgyrma derejesinden geçmeli däldir. Mende müdiriň gorkuzýan atagzysy ýaly, haýbatly ýarag ýokdur, diňe size gaharym geler — diýip, kiçiräk duýduryş
berdim.
Gepiň gysgasy, ilkinji sapagym örän şowly geçdi. Synp otagyndan çykyp barýarkam, bir gyz
ýanyma gelip, «çipsy» diýilýäniniň atagzydygyny düşündirdi. Müdiriň juda köp gülýänlere «Çipsy
bilen dişiňizi soguraýaryn» diýip, mugallymçylyga mahsus haýbat atma edähedi bar ekeni.
***
B..., 28-nji mart.
Okuwçylarymdan juda hoşal. Olar meni şeýlebir gowy görýärdi welin, arakesmelerde-de yzymdan galanokdy. Işdeş ýoldaşlarym barada aýdanyňda bolsa, olar hakda-da ýaramaz bir zat aýdyp biljek däl. Elbetde, sowuk-sala gürleşýänlerem, gyýa bakýanlaram, bir-birlerine men hakda her hili ýaramaz zatlary aýdyp pyşyrdaşýanlaram bardyr. Ýöne adam öz öýünde hem hemmeler bilen äbedejüýbe ýaşap bilenok ahyryn. Kärdeşlerimiň içinde asly stambully aýrylmaz iki jorany — ýaşajyk mugallymlary has hem gowy görýärdim. Olaryň biriniň ady Nesihe, beýlekisiniňki bolsa Wasfiýedi.
Emma muawine hanym maňa, näme üçindir, olardan daşrak durmagy maslahat berýärdi. Muňa düşünmeýärdim. Mekdepde köne tanyşlarymada duşdum. Olaryň biri gözleri içiňden geçip barýan, bir
wagtlar merkezi ruşdiýede arkamy tutan şol uzyn boýly mugallym zenandy. Ol bizde hepdede bir
gezek sapak berýärdi, Rejep ependiniň çaşy nazaryndan gypynç etmeýän ýeke-täk adamdy. Tersine,
müdiriň özi ondan eýmenýärdi. Şol mugallym barada gürrüň gideninde müdir egnini gysyp: «Baý,
häsiýet bolaýşyny! Ondan nädip dynjagymy bilýän däldirin. Hudaý bar, diňe şondan soň ýazylypýaýnap, erkana dem alaryn» diýýär. Aýdýan mugallymlarymyň ikinjisi at dişli gartaşan zenandy. Ol
özüniň ägirt uly äýnegini hiç wagt gözünden aýyrmaýardy. Stambulda ýaşaýarkam, biz şäheriň çetine
gatnaýan otluda ýygy-ýygydan duşuşmaly bolýardyk. Ol Gözdepe diýen ýerde mugallymçylyk edýärdi. Garryja mugallym tanan bolara çemeli, hemişe maňa içgin seredýärdi.
Ol bir gezek:
— Eý, Allam, Allam, beýle-de bir meňzeşlik bolar ekeni! Birwagtlar şäher çetine gatnaýan otluda garagol okuwça duşýardym. Siz oňa örän meňzeş! Ýöne ol fransuz gyzyna, umuman, daşary
ýurtla meňzeşdi. Ol şeýlebir oýun görkezýärdi welin, bütin wagon gülküden ýaňa göçere gelýärdi —
diýdi.
Ýüzümi aşak salyp:
— Mümkin... Bolup biler... — diýip jogap berdim.
Mekdepde erkek mugallymlardanam birnäçesi bardy: Zahid ependi din taglymatlaryny öwredýän garry mugallymdy; dynç alyşdaky goja polkownik Ömer beý geografiýa mugallymy, adyny bilmeýän başga bir kärdeşim arassa ýazuw mugallymy, şeýle-de Şeýh Ýusuf ependi bolsa saz mugallymy bolup işleýärdi. Ýusuf ependi diňe bir mekdepde däl, bütin şäherde tanymal adamdy. Ozal ol,
hakykatdan hem, «Möwlewi(«Möwlewi» — şahyr Jelaletdin Rumynyň (1207-1273) ady bilen baglanyşykly tarykat.) » atly derwüş
tarykatynyň şeýhi ekeni. Telim ýyl mundan ozal biçäre agyr kesellän ekeni, aýdyşlaryna görä, inçekesele uçrapdyr, onsoň lukmanlar oňa ýaşaýan ýeriňi üýtgetmeseň ölersiň diýipdirler. Şeýh Ýusuf
ependi iki ýyl mundan öň, dul galan aýal dogany bilen B.-e göçüp gelipdir-de, çolaja jaýda ýaşap
ugrapdyr. Onuň öýünde bolmak miýesser eden adamlar ol ýeri hakyky sazçylyk muzeýi diýýärler.
Onda dürli saz gurallarynyň ençemesi bar. Şeýh Ýusuf ependi meşhur saz düzüji saýylýar. Ol şeýlebir
ajap saz eserlerini döredipdir welin, olary gözýaşsyz diňlemek mümkin dälmiş... Ilkinji gezek oňa
ýagyşly sowuk gün gabat gelipdim. Uly arakesmede bütin synp bolup baga aýagymyzy ýazmaga çykypdyk. Gyzlara täze top oýnuny öwredýärdim. Synpa gaýdyp gelenimizde gara köýnegim ýagyşdan
ýaňa sykybermeli bolupdy.
Ýogsa-da birwagtlar oýlap tapan iş köýnegimiň biçüwi bütin mekdepde, hatda okuwçy gyzlarymyň arasynda-da kem-kemden ýoň bolup başlady. Rejep ependi onuň reňkine garşy çykyp:
— Musulman zenanyna gara geýmek ýaraşmaz!
Ýaşyl eşik geýmeli... — diýdi.
Emma biz ýaşyl reňkiň kirlegenligini bahana edip, bu duýduryşy gulagymyzyň ujundan geçirip
goýberdik.
Mugallymlar otagynda ullakan daş ojak ýanyp durdy. Guranmak üçin diwar bilen pejiň aralygynda elimi jübime sokup durdum. Birden gapy açyldy. Otuz bäş ýaş töwerekleri uzyn boýly, hortaň
adam otaga girdi. Ol edil biziň mugallymlarymyzyňky ýaly eşiklidi. Ýöne, barybir, onuň şol Şeýh
Ýusuf ependi diýilýänidigini bada-bat aňdym, ol hakda köp eşidipdim. Mekdepde ony gowy görýärdiler. Mugallymlar şobada onuň daşyny alyp, paltosyny çykarmaga kömekleşdiler. Pejiň aňyrsynda
duran ýerimden ony synlamaga başladym.
Ol ýuwaş, mylaýym adam ekeni. Onuň tutuk ýüzi ölüm pillesi ýakynlaşan hassalarda bolşy ýaly
solgundy. Selçeň sary sakgaljygy, mölerip duran mawy gözleri bilim alan mekdebimiň ýürekgysgynç
dälizlerindäki Isanyň gamgyn ýylgyryp duran keşbini şekillendirýän suratlaryny ýatladýardy. Onuň
çala syzdyrýan zeýrenç äheňli ýumşaksy sesini diňlemek hasam ýakymlydy. Bu äheň hassa çagalaryň
sesinde duýulýan ýaşyryn zeýrenje meňzeşdi. Ýusuf ependi daşynda döwre gurap duran ýoldaşlaryna
bu yzy üzülmeýän ýagyşdan zeýrenip, sabyrsyzlyk bilen Gün çykaryna garaşýandygyny aýdýardy.
Birden gözüm onuň gözüne kaklyşdy. Ýusuf ependi garaňky burçda duran ýerimden meni has
gowy görmek üçin gözüni süzüp:
— Bu hanym kimdir? Okuwçylarymyzyň birimidir? — diýip sorady.
Mugallymlaryň bary birden maňa tarap öwrüldi.
Wasfiýe gülümsiräp:
— Bagyşlaň, beý ependi, ony siziň bilen tanyşdyrmagy unudaýypdyrys... Biziň täze fransuz dili
mugallymymyz Feride hanym — diýdi.
Pejiň aňyrsynda duran ýerimden Şeýh Ýusuf ependä tagzym etdim-de:
— Ependim, ajaýyp saz düzüjimiz bilen tanyşmak meniň üçin örän ýakymly — diýdim.
Sungat adamlary beýle öwgülere örän duýgur bolýar. Şeýh Ýusuf ependiniň solgun ýüzünde
gyzgylt öwüşgin peýda boldy. Ol:
— Siziň sadyk guluňyz saz düzüji adyna mynasyp eser döredendir öýdemok. Eger-de bir ujypsyz zat öwgä mynasyp bolsa, onda oňa Hamid we Fikret(Abdullakk Hamid (1851-1937) — türk şahyry hem-de dramaturgy,
Tanzimat — buržuaz özgertmeleri eýýamynyň görnükli wekili. Tewfik Fikret (1868-1915) — ajaýyp türk şahyry, demokrat, «Serweti Funut» («Bilimler
hazynasy») atly edebi-tankydy žurnaly esaslandyryjylaryň biri. Žurnal şol döwrüň belli ý azyjylaryny birleşdiripdi.) ýaly beýik şahyrlary-
myzyň şygyrlaryndaky ylahy gussany ýürekden beýan etmek başardanlygy üçindir.
Gepiň keltesi, Şeýh Ýusuf ependini agam ýaly gowy gördüm.
***
B..., 7-nji aprel.
Ýene bir arzyly maksadym ýerine düşdi. Gelşiklije arassa jaýjagazy kireýine aldyk. Ony maňa
Hajy kalfa tapyp berdi, goý, Allam onuň işini oň etsin! Üç otagly bu bagly-bakjaly jaýjagazdan Hajy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 16
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.