Latin

Saýrak Guşy - 25

Total number of words is 3888
Total number of unique words is 2094
33.7 of words are in the 2000 most common words
49.8 of words are in the 5000 most common words
56.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Tebigatyň gözelligi hiç haçan beýle jansyz, beýle biweç, durmuş hiç haçan beýle nämut görünmändi.
Birden uzakda, suwuň içinden geçýän ýaly bolup ýatan ýolda bir adam peýda boldy. Ala-mula
eşiginden çen tutsaň, ol zenan maşgalady. Kamran näme edip — näme goýýanyny özi hem bilmän,
baýyrdan düşdi-de, oňa tarap ugrady. Birnäçe minutdan soň, ol Nerminiň gülgün çarşabyny tanady.
Gyz hem ony gördi-de, uzakdan saýawanyny bulady. «Geň zat. Näme üçin Nermin beýlekiler bilen
däl? Näme üçin ol ýeke?» diýip, Kamran geň galdy, ädimini çaltlandyrdy. Gyz başyny egip barýardy,
ol eli bilen eteklerinden ýapyşyp, beýleki eli bilenem ýyrtylyp, guş ganatlary ýaly bolup şemala
galgaýan çarşabynyň ýapynjasyny tutýardy. Kamran ahyrsoňy gyzyň ýüzüni görenden onuň ýüregi
çalt urup başlady: Nerminiň gülgün reňkli çarşabyny geýip gelýän Feridedi. Olaryň arasy birnäçe
ädimdi. Onýança şemal Feridäniň elindäki saýawany gaýdyryp alyp gitdi. Ol çirkin gygyryp,
saýawanyň yzyndan ylgajak boldy, emma onýança şemal onuň eteklerini galgadyp, ýapynjasyny hem
galdyryp goýberdi, saçyny bulaşdyrdy. Kamran aýny wagtynda ýetişen ekeni. Ol gyrymsy agaçlaryň
ýanyndaky saýawany tutup, paltosynyň syýy bilen Feridäni ýelden gorady, oňa çarşabyny düzetmäge
kömekleşdi.
— Kamran, saňa duşanym gowy bolaýdy. Şemal, edil Çalyguşy sürüleri ýaly, üstümden inip,
tas uçuryp alyp gidipdi. Ol ýene nämedir bir zat diýjek boldy, emma şemal ony ýene başyny aşak
salyp, gözlerini, agzyny ýummaga mejbur etdi. Olar ýol bilen ýöräp ugradylar. Kamran, öňküleri
ýaly, paltosynyň syýy bilen ony şemaldan gorajak boldy. Feride özüne gelip dil açypdy. Ýöne onuň
gülküsi tutýardy. Ol jak-jak gülüp, munuň sebäbini sakyna-sakyna düşündirmäge durdy:
— Näme üçin gülýänligimi bilýärmiň, Kamran? Myhmançylykda otyrkak, birden bazara
gitmelidigim ýadyma düşdi. Emma egnimde ýeldirmäm bardy, ol geýimde bolsa köçä çykmak
gelşiksiz-ä. Nermin dadyma ýetişäýdi. Ine, şeýdip, Nerminiň çarşabyny geýip, bazardan çykyp
gelýärkäm bir serkerde yzyma düşüp başlady. Ol yzymdan ýetip: «Nermin hanym, siz bärdemidiňiz?
Bu nä garaşylmadyk bagt, hanymependim!» diýdi. Nermin pahyr maňa delalat etmekçi bolupdy,
emma ol öz aýybyny özi açdy oturyberdi. Şeýlebir gülkim geldi welin, saklanybilmän, pyňkyryp
goýberipdirin. Serkerde öte geçenligini bilip, ökjäni göterdi... Elbetde, Nerminiň ýerine esli ýaşan
zenany görse, nätsin-dä?.. Kamran ýylgyrdy. Feride sözüni dowam etdi:
— Ýogsa-da, gyzyň syryny saňa açyp juda galat iş edipdirin. Ýaňra dilimi wagtynda saklap
bilemok-da. Gadyrdan, Allanyň hatyrasyna, hiç kimiň ýanynda gürrüň etme. Bolýarmy? Kim bilýär...
Uzagyndan Nerminiň hem ony halamagy mümkin... Şonda olara ýagşylyk etdigiň bolar...
— Söz berýän, Feride. Ýöne Nermin entek juda çaga ahyryn.
— Mümkin...
— Şeý diýeninde Feridäniň sesi naýynjar çykdy.
— Ýöne çaga ýüregi çaklaýşyň ýaly bolmaýar. Ýaş juwanlar esli salymlap dymşyp gitdiler.
Şemal ýatyşypdy. Olar ädimini haýallatdylar. Olar ýoluň gutararyny islänokdy. Kamran gamgyn
halda oýlanýardy: «Ýap-ýaňyja-da tebigat maňa jansyz ýatan boş ýer ýaly, özüm bolsam biderek
adam ýalydym, indi bolsa gülgün reňkli çaga çarşably owadan zenany şemaldan gorap, men çäksiz
bagtyýar adam. Bu hemişe-de şeýle bolup biljekdi. Islän bolsam, bu kiçijik owadan zenany hoşbagt
edip, özümem bagtyýar bolardym... Wah, bolmady-da!» Feride içini gepledip, ýuwaşja ýöräp
barýardy. Birden ol ýene dil açyp, biderek bir zat barada gürrüň edýän ýaly, arkaýyn gürläp başlady:
— Näme diýseňem, bu kiçijik syýahat şähdimi açdy. Indi bu täsir telim ýyllap ýadymdan
çykmaz. Daýzalarymy, sizi göresim gelip, ýüregim gyssa, ýene gelerin. Ýyllar geçer, saçlarym agaryp
başlar. Seniň hem saçlaryň agarar. Biz duşuşanymyzda ýene begenip, aýralyşanymyzda az gynanarys.
Kim bilýär, haçanam bolsa birwagt hemişelik gelmegim hem ahmal. Şeýle dälmi? Sebäbi muňa
durmuş diýerler. Her hili zat bolup biler. Sen bolsaň hakyky agam bolup galarsyň. Gojalar ýekeýekeden bizden ara açarlar, biz bolsa birek-biregiň gadyryny has gowy bileris, adamlaryň
kemçiliklerine has geçirimli bolarys. Biziň soňky ýyllarymyz çagalygymyzyň geçen ýerinde geçer.
Onuň sesindäki çat açan billuryň ýaňy has aýdyň eşidilip ugrady, ony gussaly, hasratly äheňe saldy.
Ýoldan ýany çagaly gedaý aýal geçip barýardy. Aýakýalaňaç çaga Feridäniň töwereginde diriň-diriň
böküp, horja eljagazlary bilen onuň köýneginiň eteklerini sypalap ugrady. Kamran aýak çekip, ol
aýala pul uzatdy. Kiçijik ýetimler bilen oýnamaga öwrenişen Feride mylaýymlyk bilen oglanjygyň
başyny sypalady. Olar ýene ýoluny dowam etdirip ugranlarynda gedaý aýal:
— Allam sizi bir-biriňizden aýyrmasyn!.. Allam bu gözel hanymy saňa ýar etsin! — diýdi. Ýaş
juwanlar biygtyýar aýak çekdiler. Kamranyň kalbynda toplanan agyry-yza onuň gözlerinde, aýnadaky
ýaly aýdyň göründi.
— Feride, bu zenanyň näme diýenini eşitdiňmi? Feride jogap bermedi, emma ýaňaklaryndan
iki sany iri gözýaş damjasy, togarlanyp gaýtdy... Olar ýoluna rowan boldular, ýöne bir-birlerinden
esli aralykdan ýörediler.
***
Olar garaňky gatlyşanda öýlerine golaý geldiler. Şemal ýatyşypdy. Dowamly göreşden ýadaşan
agaçlar uka batypdy. Suwuň boýundaky gaýalar, sadabyň lowurdysy ýaly, dürli-dürli öwsüp otyrdy.
Kamran:
— Entek ir ýaly-la, Feride — diýdi. — Biziňkiler şäherden gaýdyp gelmändirler. Belki,
gaýalaryň ýanynda gezim ederis? Feride ýaýdanjyrady:
— Bagyşla, Kamran, men gidip, eşiklerimi çalşyraýyn, şemal halys saçlarymy bulaşdyryp
taşlady. Onuň sesinde argynlyk duýuldy. Ýarym sagat mundan öň gülgün çarşaby janly zat ýaly onuň
döşüne, dyzyna erjel ýapyşyp, mylaýym galgaýardy, indi bolsa ol zenanyň egninde puç bolan arzuw
ýaly sallanyp durdy. Feride ýadaw halda derwezäniň öňündäki uly daşa çökdi-de, çägäniň ýüzünde
saýawany bilen ömri ýaly bulaşyk, gözgyny çyzyklary çekmäge başlady. Biraz soňrak Kamran egnini
egnine degrip onuň ýanyna çökdi-de elini eline aldy. Feride allaniçigsi boldy, ol gaçmakçy bolýan
ýaly, aljyrap, töweregine garanjaklady. Ol birnäçe gezek uludan demini aldy, göreji elhenç lowlap,
şobada-da öçüp gitdi, çekinjeň, tabyn hala geldi. Ol titräp duran buz ýaly sowuk beýleki elini
Kamrana uzatdy. Olar şeýdişip, birek-birege gysmyljyraşyp, gözlerini süzüşip, esli salymlap
oturdylar. Kamranyň çekgeleri tyrsyldap ugrady. Ol: «Ynha, Feridäniň barmaklary meniň elimde
titräp dur. Eýsem, jadyly düýş oraşan bolaýjakmyka?» diýip içini gepletdi. Ahyrsoňy ol gözüni açdy.
Feride ýene düýşünde aglaýan çaga ýaly, içini çekdi we agralan başyny Kamranyň egnine atdy
Kamran her gezek gobsunanynda Feridäniň özüne berk gysmyljyraýandygyny, elini has berk
gysýandygyny duýdy. Onýança-da onuň lebleriniň öz-özünden:
— Men Gülbeşekeri gowy görýärin... — diýip pyşyrdady. Gapynyň jygyldysy ýaşlary ukudan
oýanmaga mejbur etdi. Çalyguşy tüpeň sesine ürken guş ýaly, ýerinden syçrap turdy. Öňden Nermin
ýöräp gelýärdi. Feride oňa tarap okdurylyp, ony tolguna-tolguna bagryna basdy, gyzyň ýüzündengözünden şapba-şupba ogşady. Beýle uly şatlygyň sebäbine hiç kim düşünmedi. Çalyguşynyň ýapýaňyja argynlygyndan nam-nyşan galmady. Ol körpeleri eline alyp, ýokaryk-ýokaryk bökdürdi. Olar
bolsa çirkin-çirkin gygyryşdylar. Hemmeler öýe gireninde, Feride garaňky dälizde birneme yza galyp,
çykanyna garaşdy, ol golaýyna geleninde:
— Taňryýalkasyn, Kamran — diýip, ýuwaşjadan pyşyrdady.
VII
Ertesi Feride ýene şähere ýeke gitdi-de, günortadan soň halys ýadaw halda geldi. Şonda-da ol,
hemişekisi ýaly, çagalary ýygnap, jaýyň ýeňsesinde hiňňildik gurup ugrady. Kamran Eziz beýiň ýaňra
myhmanynyň ýanyndan gaçyp geleninde bagda, hiňňildikde Feride bilen Nejdet otyrdy. Feride
güýjünde baryny edip uçýardy. Nejdet çirkin-çirkin gygyryp, çaga pişik ýaly onuň boýnundan
aslyşýardy. Äşe daýzasy on ýyl mundan ozalkysy ýaly:
— Feride, gyzym, guduramaňy goý! Çagany ýykarsyň!.. — diýip gygyrdy. Ketjal Çalyguşy:
— Daýza, nämäni alada edýärsiňiz? Nejdetiň esasy eýesi zeýrenenok ahyryn. Dogry dälmi,
Kamran? — diýip, şadyýan jogap berdi. Feride her bir çaganyň göwnünden turjak bolup, olary
nobatma-nobat üwreýärdi. Çagalaryň iň ulusy bolsada iň gorkagy Nermin çirkin-çirkin gygyryp
hiňňildikden bökdi. Ahyrsoňunda, Feride hem böküp ýere düşdi. Onuň saçlary buýr-bulaşyp,
derçigen ýüzüne ýelmeşip durdy. Ol ýüpüň gylçyklaryny aýyrmak üçin aýalaryny bir-birine sürtdide:
— Uçman galanyňyz ýok gerek? — diýip sorady. Kamran ýaýdanjaňlyk bilen:
— Sen meni unutdyň, Feride! — diýdi. Çalyguşy bialaç ýylgyrdy. Ol «ýok» diýmek islemedi,
«bolýar» diýmäge-de ýürek etmedi. Onuň nazary hiňňildigiň ýüpünden taýyp, agajyň şahalaryna
düşdi. Ol kimdir biriniň Kamranyň arkasyny tutaryna garaşdy.
— Nätmeli? Bilmedim — diýip, Feride hümürdedi.
— Göwnüme bolmasa, hiňňildik bizi götermese gerek. Müjgän, sen nähili pikir edýäň? Müjgän
eli bilen ýüpe ýapyşdy-da, Kamranyň ýüzüne dikanlap seretdi. Ol:
— Gep ýüpde däl — diýdi.
— Feride halys surnukdy. Kamran, oňa bir syn et. Göwnüme bolmasa, argyn zenana iş bolsaň
günä bolaýmasa. Feride garşy çykjak boldy, emma Müjgäniň sözleriniňdir garaýyşlarynyň manysyna
düşünip, ol garagolluk eden çaga ýaly, utanyp, ýaýdanyp, başyny aşak saldy.
— Hawa-da, gaty ýadadym. Hakykatdan hem, Feridäniň ýüzi solgundy, gözleri öçügsidi.
Kamrana siňe seredip durşuna, Müjgän:
— Sen bu gün meniň pikir edişimden hem birehim — diýip, ýuwaşja gürledi.
— Näme üçin? — diýip, ýaş ýigit hem ýuwaşja sorady. Müjgän Kamrany bir çete çagyryp:
— Göreňokmy onuň halyny? Sen entegem onuň durmuşyny, ýüregini harlanyňy az görýärmiň?
— diýdi.
— Müjgän...
— Biz näçe ýyl bir-biregi görmedik. Feride aýralygyň ajysyna çydap bilmän, öýke-kinesini
unudansoň geldi. Onuň derdi birneme ýeňledi. Sen bolsaň ýaňy bitip ugran ýarany ýene gorjap
başlaýarsyň...
— Müjgäniň gözlerine ýaş aýlandy.
— Ol ertir yzyna gaýdanynda nähili ejir çekjekdigi barada oýlanýaryn... Hawa, Kamran, Feride
ertir gaýdýar. Hemme zat taýýar. Indi ol öz durmuşy barada-da, ýüreginde gopýan harasatlar baradada maňa gürrüň berenok. Oslanman durkak gitjek bolmagy hem garaşylmadyk ýagdaý. Näme, beýle
howlugýaň-la? — diýip soranymda, ol adamsyndan gelen haty bahanalady. Munuň ýalanlygyny
bilýän. Ol senden gaçýar, görgüli näçe wagtlap jebir çekmeli? Muny ýöne ýere aýdamok, Kamran.
Aýrylyşmagyň oňa juda agyr degjeginden gorkýan. Feride güýçli, öte güýçli adam, ýöne ol zenan
maşgala ahyryn. Sen onuň öňünde günäli! Köýen durmuşyna günäkär! Aýralygyň öň ýanyndaky iň
soňky sagatlarda onuň özüni mertlerçe, parahat tutmagy üçin eliňde baryny etjek bol! Gaýrat et!
Kamran esgi ýaly agardy.
— Sen diňe Feridäniň köýen durmuşy barada gürrüň edýäň. Onsoň meňki nähili?
— Oňa özüň günäkär.
— Müjgän, beýle birehim bolma!
— Düşün, eger ýagdaý başgaça bolan bolsa, menem başgaça gürlärdim. Ýöne häzir elimizden
gelýän zat barmy näme? Feride başga biriniň aýaly, ol el-aýagy bagly adam. Görüp durun, senem öte
betbagt. Indi saňa gahar edemok. Ýöne başga alajam ýok. Feridäniň ir bilen gitjekdigini hemmeler
bilýärdi. Emma hiç kes bu barada dil ýarmaýardy. Agşamlyk nahary wagtam hiç kimden ses-seda
çykmady. Eziz beý öňküsinden hem beter gojalan, çagşan ýalydy. Ol Feridäni ýanynda oturdyp, onuň
eginlerinden sypalady, eňeginden tutup, ýüzüni özüne tarap öwürdi-de, gözlerine bakyp:
— Wah, Çalyguşy! Sen gojalan çagym ýüregime ýara salýaň-da — diýdi. Şol agşam hemmeler
ir dagaşdylar.
VIII
Jaýdakylar uka gideninde ýarygije bolupdy. Müjgän otagyndan daş çykdy. Onuň egninde
ýukajyk ýaglyk, elinde bolsa kiçijik şemdan bardy. Ol daraklygyna basyp, käte bir aýak çekip,
Kamranyň otagyna ýetdi. Otagda ne ses, ne-de yşyk bardy. Ýaş zenan gapyny ýuwaşja kakyp:
— Kamran, doganjygym, ýatyrmyň? — diýip pyşyrdady. Gapy açyldy. Bosagada Kamran
peýda boldy. Ol hatda egin-eşiklerini hem çykarman ekeni. Şemiň öçügsi yşygy onuň solgun, ýadaw
ýüzüne düşüp durdy. Öçügsi yşyk gözüni gamaşdyrýan ýaly, ýygy-ýygydan gözlerini gyrpdy.
— Kamran, sen entek ýeriňe geçmänmidiň?
— Görüp dursuň-a...
— Onda çyrany öçürmäň näme?
— Bu gije yşyk gözümi gamaşdyrýar.
— Sen garaňkyda näme işleýäň? Kamran ajymtyk gülümsiredi.
— Hiç zat. Derdimi, agyrymy egisjek bolýaryn. Onsoň sen näme üçin beýle bimahal çagy
gelipsiň-le? Saňa näme gerek? Müjgän diýseň tolgunýardy.
— Biler bolsaň, täsin bir täzelik bar! Gam çekme, Kamran, özüňi ele al. Häzir bilersiň... Müjgän
otaga girdi, şemi stoluň üstünde goýup, seresaplylyk bilen gapyny çekdi. Ol näme diýjegini oýlanýan
ýaly, dymdy. Ahyrsoňy tolgunmasyny dep etjek bolup, gürrüňe başlady:
— Gadyrdan Kamran, gorkma. Saňa bolgusyz bir zat aýtjak däl. Tersine, bu örän gowy täzelik.
Ýöne sen tolgunjak bolsaň... Müjgän doganyny köşeşdirjek bolýardy, özi bolsa ondan hem beter
tolgunýardy. Onuň gözlerinde ýaş göründi, sesi sandyrap çykdy.
— Gulak as, Kamran. Agşam Feride ýanyma geldi. Bolşy geň, hemişekilerinden üýtgeşik. Ol:
«Müjgän, öz syrymy diňe saňa aýdyp biljek. Senden ýakyn adamym ýok. Seniň ýene bir syrdan
habarly bolmagyňy isleýän. Sen ony ertire çenli, men gidýänçäm, hiç kime aýtma. Soň kime aýtsaň,
şoňa aýt. Siziň hemmäňiziň meniň oslanmankam gelişime haýran galandygyňyzy bilýän. Muňa
ýüregim gysyp, aýralyga çydap bilmedim diýdim. Hawa, bu dogrudy. Ýöne esasy sebäp ol däldi. Bu
ýere iň arzyly adamym ölüm ýassygynda ýatanda oňa beren wadamy berjaý etmäge geldim. Müjgän,
size ýalan sözlemäge mejbur boldum. Adamym üç aý mundan öň düwnük keselinden ýogaldy...»
Feride şeý diýip, başyny egnime atdy-da, ses edip aglady. Gözýaşlaryny zordan saklap, ol gürrüňini
dowam etdirdi: Lukman ölmänkä meni ýanyna çagyryp: «Feride, indi mätäçlik çekersiň öýdemok,
bar mirasym saňa geçýär. Ýerini bilip harçlaýan adam üçin bu pul ömrüniň ahyryna çenli ýeter. Ýöne
meni başga bir zat azara goýýar. Zenan maşgala baý bolanda-da ýeke ýaşamaly däl. Pul bir zat, söýgi,
mähir düýpden başga zat. Feride, eger sen arkaýyn ölmegimi isleseň, ölenimden soň Stambula,
garyndaşlaryňka gitjekdigiňe ant iç. Eger olarda hemişelik galasyň gelmese, iň bolmanda, ol ýerde
iki-üç aý ýaşa. Durmuş diýeniň yzy görünýän zat däldir. Belki, garyndaşlaryň irde-giçde saňa gerek
bolar. Ýa-da seniň bir gün maşgala mähirini küýsemegiň ahmal... Bir söz bilen aýdanyňda, Feride
jan, seniň garyndaşlaryň bilen ýaraşjakdygyňy bilsem, arkaýyn ölüp biljek, seniň ykbalyň barada
gaýgy etjek däl...» diýdi. Aglap oturyşyma, lukmana iň soňky islegini berjaý etjekdigime wada
berdim. Ýöne bu-da oňa az göründi. Ol öňki adaglym bilen ýaraşmagymy haýyş etdi, Kamran irde-
giçde agaň bolar diýdi. Lukman sürgüç bilen möhürlenen, Kamrana elin gowşurmaly bukjamy maňa
uzatdy. Ol: «Bu bukjada birwagtlar meni örän gynandyran bir köne depder bardyr. Ony ozalky
adaglyň hökman okap çykmagyny isleýän. Ony gowşurjakdygyňa wada ber...» diýdi. Müjgän, indi
sen bar zady bilýäň... Eziz lukmanym ak ýürekli, halal adamdy. Onuň pikirine görä, garyndaşlarym
bilen ýaraşmak durmuşda ýeke galmakdan halas edip biljek ýeke-täk zatdy. Ýöne ol munuň nähili
hupbatly boljakdygyny bilmeýärdi. Lukmany Munisäniň gapdalynda jaýlap, Stambula gaýtdym.
Onuň bu sargydyny berjaý etmegiň kyn düşjekdigine diňe şol ýerde düşündim: maňa Münewweriň
aradan çykanlygyny habar berdiler. Şol ýerde özüm hakynda örän ýaramaz zatlaryň aýdylýandygyny
eşitdim. Eger-de Kamranyň aýaly aýatda diri bolan bolsa, onda garyndaşlara birnäçe günlük gezmäge
gelmegim, örän tebigy zat bolup görünerdi: Sebäbi men dul galan zenan, adamym golaýda ölen...
Emma häzir welin siziň hemmäňiz, hatda Kamran, hatda meni hemmelerden gowy tanaýan Müjgän,
sen hem men barada nähili ýaramaz pikir etjekdigiňizi diňe Hudaý bilýär. Siz: «Başyny alyp gitdide, telim ýyllap sergezdançylyk etdi, başyndan geçmedik zat ýok, kim bilýär, ol bu bende bir hasap
bilen özüni goja satandyr... Indem Kamranyň başynyň boşdugyny eşidip, bäş ýyl mundan öň terk
edip, näletlän öýüne gaýdyp gelendir. Ýene-de şol pirim...» diýersiňiz. Belki, siziň käbiriňiz,
akgöwünli, merhemetlileriňiz, başgaça pikir etseler-de edýändirler, ýöne olaryň ýanynda-da başym
hemişe aşak boljakdyr...»
Müjgän barha tolgunýardy, onuň ýüzi gamgyndy.
— Wah, Kamran, sen onuň gürrüňlerini bir diňleseňdiň — diýip, ol sözüni dowam etdi:
— Feride şeýlebir aglady, şeýlebir örtendi. Onuň soňky sözlerini hiç ýadymdan çykaryp
bilemok. Ol, ine, şeýle diýdi: «Dogduk öýümden gaçyp, gören günlerimi aýdyp, soňuna çykar ýaly
däl. Durmuşda datmadyk ajym galmady. Nähili ýowuz zerurlygyň durmuşa çykmaga mejbur edişini,
eýsem, aýdyp bolarmy? Eger-de durmuşynda köp gowgalary başdan geçiren, üstesine, maşgalaly
bolmaga hem ýetişen ýigrimi bäş ýaşly aýal özüne päk, el degirilmedik gyz diýse, ýüzüme, tenime
hiç haçan erkek adamyň dodaklary degen däldir diýse, uly il gülüp: «Munuň kezzapdygyny!» diýer.
Şeýle dälmi, Müjgän? Beýle däl diýip subut etjek gümanyň ýok. Başga hiç zat aýtjak däl. Lukmanyň
Kamrana niýetlän bukjasynda näme bardygyny bilemok. Belki, ol ýerde üýtgeşik bir zat bardyr! Köp
jebri-jepa duşsam-da, merhumyň iň soňky islegini berjaý edýärin. Ýöne iň soňky ädimimi ätmäge
mundan artyk mejalym ýok. Ertir hemmesi ýerbe-ýer bolar. Bu bukjany sen gämä münemsoň
Kamrana berersiň...» Müjgän dymdy. Durmuşyň iň agyr pursatlarynda-da özüni ýitirmeýän ýaş zenan
bu gezek hem aljyraňňylyga düşmedi, ýöne çaga ýaly, zaryn aglady.
— Kamran, biz gaýdyp Feridäni ýeke goýmaly — diýip, ol doganyna sandyraýan ellerini
uzatdy.
— Eger gerek bolsa, ony zor bilen saklaly. Geçmişde näme bolan bolsa-da, şonlugyna galsyn,
ýöne siz bir-biriňizden aýrylyşmaly dälsiňiz. Görýän welin, bu aýralyga siziň ikiňizem döz gelip
bilmersiňiz. Kamran üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Gör, niçe umyt döredi! Gör, näçe hasrat
döredi!.. Bu juda arzuwçyl adam üçin diýseň çökder gelýärdi. Telim günläp özüni bilmän ýatan nähoş
ýaly ol oý-pikirlerden oýanyp, daş-töweregine garanjaklady-da, gözlerini birsyhly gyrpyldadyp
başlady. Müjgän ýaglygynyň aşagyndaky gyzyl sürgüç bilen möhürlenen bukjany eline aldy.
— Feridä beren wadamyň tersine, muny saňa häzir gowşurýaryn. Ýaş gelin ýaglygyny
düzedişdirip, gitmäge hyýallandy, emma Kamran ony saklady.
— Müjgän, senden bir zady haýyş etmekçi. Sen bu işe hemmelerden köp gatnaşdyň. Şonuň
üçin bukjany bileje açyp, içindäkini bileje okaly. Stoluň üstünde çyra durdy. Müjgän ony ýakdy.
Kamran bukjany açdy. Onuň içinden ýene bir bukja bilen iri-iri ýazylan bir hat çykdy. «Oglum,
Kamran beý! Size bu kagyzy ýazan adam ömrüniň bir bölegini kitaplara, bir bölegini bolsa durmuş
atly manysyz söweşde ýaralananlara bagyş eden bir gojadyr, megerem, bu hat siziň eliňize düşinçä,
onuň pany jahan bilen hoşlaşaýmagy hem mümkindir. Diňe sulhumyň alan biçäre bendesi üçin iň
soňky gezek ýagşylyk edýändirin diýen umyt meni ölüm ýassygynda ýatyrkam şu setirleri ýazmaga
mejbur etdi. Günlerde bir gün uzakdaky obanyň köneje bir jaýynda şugla kimin arassa, arzuw deýin
owadanja stambully kiçijik gyza duş geldim. Siz dumly-duşy gar basyp ýatan aňzak gyş gijesini göz
öňüne getiriň: penjiräni açýaňyz welin, şol bada-da garaňkyň içinden bilbiliň hoş owazy gelýär. Ynha,
şol pursatda şuňa meňzeş bir hala düşdüm. Bu näzik, päk gyzjagazy, Gudratyň seýrek duş gelýän ajap
gözelligini bu garaňky oba haýsy näletsiňmiş täleý, haýsy tötänlik getirip taşladyka? Görsem, onuň
ýürejigi aglap dursa-da, gözleri, dodaklary gülüp dur. Ol meni özüni il bähbidi üçin pida edýän diýen
akyla sygmajak ertekisi bilen aldajak boldy. «Wah, eýjejik gyzjagaz! Seniň bu ertekiňe nädip
ynanaýyn? Men seniň Stambulda taşlap gaýdan kemakyl, nadan ýigidiň däl ahyryn!» Onuň süýji
düýşi ahyryna çenli görmäge goýman oýadylan çaganyňky ýaly gara gözleri, tagaşyksyz, ýaýdanjaň
hereketleri, titräp duran dodaklary maňa ähli zady aýan etdi. Ozallar Leýlisini gözläp çöl söken
Mejnun barada köplenç hezil edip oýlanardym. Feridä duşanymdan soň, bu köne rowaýaty unudyp,
asylly, arassa, ajap, päkize mawy gözli kiçijik Leýlini ýatlap başladym. Ol sansyz-sajaksyz gabyrly
güňleç obalarda söýgi barada hakykata öwrülmejek düýşlerden teselli gözläp ýören täze döwrüň
Leýlisidi. Iki ýyl geçeninden soň, biz ýene duşuşdyk. Gyzy ýene şol öňki keseli guradyp barýardy.
Wah, näme üçin ony şol ilkinji gören günüm eýeriň öňüne basyp alyp gitmedimkäm? Näme üçin ony
zor bilen Stambula, dogduk öýüne äkitmedimkäm? Bu meniň uly ýalňyşymdy. Biz ikinji gezek
duşuşanymyzda, iş-işden geçipdi, siz öýlenen ekeniňiz. Ol entek çaga-la, görjegi öňünde-le, sizi
unudar-la diýip pikir etdim. Feride bir gezek näsaglanda onuň gündeligi tötänden elime düşdi. Bu ýaş
ýürege salnan ýaranyň nähili çuňdugyna şonda düşünip galdym. Gyz gündeliginde bütin durmuşyny
beýan edipdir. Onuň sizden ýüz öwürmejegine ymykly göz ýetirdim. Ony edil öz eziz çagam ýaly
edip bejermek isledim. Emma arabozar adamlaryň betpygyl hileleri maňa beýtmäge hem päsgel berdi.
Şonda mende ony bir gowy adama durmuşa çykarmak pikiri peýda boldy. Emma bu hatarlydy. Onuň
adamsy hernäçe gowy bolsa-da, ol Ferideden söýgi talap etjekdi. Bu gyzjagazym söýmek üçin doglup,
söýgi zerarly dert çekýärdi, islemeýän adamyny söýmek onuň üçin dowzahyň bäri ýany boljakdy.
Birini söýýän halyňa başga biriniň gujagyna dolmak ony heläklemegi mümkindi. Gyzy halas etmelidi.
Feridäni gelinligim eden kişi boldum, dirikäm ony goramagyň küýüne düşdüm. Şeýtsem, ölenimden
soň, az-owlak emlägim, birnäçe mülk oňa gün görmäge doly mümkinçilik berjekdi. Gyýa seredilýän
gyz bolup ýaşandan dul aýal bolup ýaşamak oňa ýeňil düşjekdi. Irde-giçde onuň arzuwynyň hasyl
boljakdygyndan umydymy üzemokdym. Durmuşda duş gelmeýän zat barmy? Siziň ýanýoldaşyňyzyň
aradan çykmagy ähli zadyň üýtgejekdigine bil baglamaga maňa ýene bir umyt berdi. Siz barada
Stambuldan birsyhly habar aldym durdum. Belki, bu ýitgi siziň maşgalaňyzy juda gynandyrandyr,
ýöne ol maňa hem şeýle täsir etdi diýsem, öte geçdigim bolardy. Feridäni bu ýalan nikadan boşadyp,
size gaýtaryp bermäge amatly wagt gözläp ýördüm. Bu işime adamlaryň näme diýjegini-hä bilemok
welin, ähli gep-gürrüňleri, gybatlary bireýýäm jähenneme iberipdim. Edil şol wagtam keselim
beterläp ugrady, indi sanlyja aý wagt galandygyna düşünýärdim. Jikme-jik ýazyp oturmagyň geregi
ýokmuka diýýärin. Feridäni bir bahana bilen Stambula ibererin, onsoň ol bu haty size berer. Men oňa,
gowy belet boldum. Ol täsin gyz. Onuň hötjetlik etmegi, bir zatlar toslap tapmagy hem mümkin. Sen
muňa üns berme, ony ýanyňdan hem goýberme. Gerek bolsa, daglylaryň gyz alyp gaçanlarynda edişi
ýaly, oňa berkiräk daraş. Bilip goý, ol seniň gujagyňda öläýse, diýmek, onuň bagtdan öldügi saý.
Şuny-da açyk aýdaýyn, men seniň aladaňy edemok. Özüm bolsam-a, saňa öýüň pişigini-de rowa
görmezdim. Emma alajyň ýok-da. Bu kelesaň gyzlara hiç zat düşündirjek gümanyň ýok. Olary sen
ýaly boş, doňýürek adamlara nämäniň maýyl edýändigine düşünip bilýän däldirin. Indi ýurduny
täzelän Haýrullah». Sözsoňy. Bukjada Feridäniň gündeligi bardyr. Geçen ýyl biz Alajagaýa
baranymyzda, men bildirmän, arabadaky sandyjagy aldym. Sandykda gündelik ýatan ekeni. Hernäçe
bildirmedik hem bolsam, onuň juda gynanandygyny gördüm. Bu gündeligiň irde-giçde gerek
boljakdygy barada pikir edipdim, diýmek meniňki dogry eken.

Ýaşlar gök sahaply gündeligiň soňky sahypasyny agdaranlarynda daşary ymykly ýagtylyp,
bagdaky guşlar oýanypdy. Kamran ýadawlykdan hem gaýgy-hasratdan agralan kellesini depderiň
saralan kagyzyna egip, köp ýeri gözýaşdan ýaňa öçügşen, mährem setirjikleri telim gezek ogşady.
Olar gündeligi bir ýana goýmakçy bolanlarynda Müjgän gök sahaby çyranyň ýanyna eltdi, siňe-siňe
seredip:
— Bu entek bary däl, Kamran. Sahapda-da bir zat ýazylypdyr. Ýöne gök kagyzyň ýüzündäki
syýadan baş çykarmak kynrak. Ýaş juwanlar çyranyň peltesini düzedip, ýene-de gündeligiň üstüne
egildiler. Olar şu aşakdakylary kynlyk bilen okadylar: «Düýn gündeligimi hemişelik ýapdym. Nika
gijesinden soň ýatlama ýazmakdan-ha geçen, kemteresinden aýna-da seredip bilmen, hatda
gürlemäge-de dilim ysmaz öýdýärdim. Emma... Ine, düýn gelin boldum. Sil suwuna gaçan ýaprak
ýaly, çäresiz bir ýagdaýda akymyň ugry bilen gitmeli boldum. Diýlen zatlaryň baryny etdim, hiç
zadyň gaňryşyna gaýtmadym, hatda lukmanyň Izmirden getiren uzyn ak köýnegini hem geýdim;
saçyma kümüş sapaklaryny örmäge-de rugsat berdim. Emma özümi uly aýnanyň öňüne eltenlerinde,
birden gözlerimi ýumup goýberdim. Bar edenim şol. Ähli görkezen garşylygym şol boldy. Adamlar
meni görmäge geldiler. Mekdepde bile okan ozalky kärdeşlerime çenli geldi. Olaryň özüm hakda
näme diýýänlerini eşitmedim, diňe hemmelere birmeňzeş, naýynjar ýylgyrmaga jan etdim. Bir kempir
ýüzümi synlady-da:
— Garry peläketiň bagty getiripdir. Durnajygyň edil gözjagazyndan uraýypdyr-da! — diýdi.
Haýrullah beý öýe agşam nahary wagty gaýdyp geldi. Onuň egninde uzyn syýly sürtügi, dolmuş
göwresini gysyp duran korseti bardy. Elwan reňkdäki ajaýyp boýunbagy bir tarapa gyşarandy. Halym
teň bolsa-da, saklanybilmän ýuwaşja güldüm. Garrynyň üstünden gülmäge hakym ýok diýip pikir
etdim, onuň boýnundaky boýunbagyny aýryp, başgasyny dakdym. Haýrullah beý gülýärdi-de:
— Berekella, gyzym, berekella! Sen ýetdirgisiz hojalykçy bolup ýetişersiň. Ýaş gelin bolmagyň
özüňe nähili peýdalydygyny sen görýärmiň? — diýdi. Myhmanlar dagaşdylar. Biz aşhanada
äpişgäniň öňünde ýüzbe-ýüz bolup oturdyk.
— Balam, meniň näme üçin eglenenimi bilýärmiň? — diýip, Haýrullah beý gürledi.
— Munisäniň ýanyna baryp gaýtdym, onuň guburyna güldür birnäçe zer sapaklaryny eltip
gaýtdym. Gyzyň saňa aýtmaga çekinse-de, meniň bilen ýeke galanynda ýygy-ýygydan: «Abajygym
gelin bolanynda saçyna zer ýüplükleri örer, menem örerin» diýýärdi... Bilbiljigimiň saryja
saçjagazyna özümem şu sapaklary örerdim. Ýöne alajyň ýok-da... Saklanybilmän, äpişgä tarap
öwrülip, aglamaga durdum. Gözýaşlarym bu gussaly güýz agşamynda äpişgäniň aňyrsyndaky duman
ýaly çala görünýän gözýaşlardy. Olar şobada kirpiklerimde gurap gidýän gizlin gözýaşlardy.
Hemişekileri ýaly, bu agşam hem biz esli salymlap aşakda, aşhanada oturdyk. Haýrullah beý burçda
kürsä geçip, äýnegini dakdy-da, dyzyna goýup ullakan bir kitaby açdy. Ol:
— Hanym gelin, öýlenen ýigit kitap okamaly däldir. Ýöne sen meni bagyşla. Onsoňam
biynjalyk bolma, gijeler uzyndyr, seniň gowy görýän ertekiňi okamaga wagt bolar — diýdi. Atynan
ýaglygymyň aşagyndaky başymy has-da aşak egdim. Wah, bu goja lukman diýsänim! Ony öňler gaty
gowy görerdim, indi bolsa diýseň ýigrenýän! Diýmek, derdi-azarym zerarly başymy egnine
goýanymda ol... Diýmek, ak kirpikleriň astyndan görünýän ýazyksyz gök gözler maňa aýal, geljekki
aýaly hökmünde garapdyr-da!.. Sagat on biriň zaňyny kakýança şeýle ünjüli pikirlere gümra bolup,
özümi horlap oturypdyryn. Lukman kitaby stoluň üstüne taşlady-da gerindi, pallap, kürsüden turdy.
Ol:
— Hanym gelin! — diýip maňa ýüzlendi.
— Ýatar wagt boldy. Ýör! Tikip oturan zadym elimden gaçdy. Ýerimden turup, stoluň
üstündäki şemdany aldym, ýapaýyn diýip, penjiräniň ýanyna bardym-da, esli salymlap agşam
garaňkylygyny synlap durdum. Meniň kellämde: şu wagt gaçyp, garaňky köçelerde sumat bolaýsam
näderkä? diýen pikir peýda boldy.
— Gelin, hanym — diýip, lukman seslendi.
— Sen juda gamgyn görünýän ýaly-la. Bar, hany ýokaryk çyk. Onbaşa käbir tabşyryklary
berenimden soň, menem bararyn. Lukmanyň garry hyzmatkäri bilen goňşymyz egin-başymy
çalşyrdylar, ýene elime şemi tutdurdylar-da, meni adamymyň otagyna alyp bardylar. Haýrullah beý
henizem aşakdady. Elimde şemdany tutup, şkafyň öňünde, sowukdan ýaýdanýan ýaly, ellerimi
döşümde gowşuryp durdum. Titreýärdim, şemiň ýalynjygy herdem saçlarymyň ujuny çirkizip
gidýärdi. Ahyrsoňy dälizde, basgançakda aýak sesi eşidildi. Otaga Haýrullah beý geldi, ol ýöräp
gelişine aýdyma hiňlenip, sürtügini çykarmakçy bolýardy. Meni görüp, ol ör-gökden geldi.
— Gyzym, henizem ýataňokmy? Bir zat diýjek bolup agzymy gymyldatdym welin, dişlerim
dişlerime degip, şakyrdap başlady. Lukman golaýyma gelip, gözlerime dikanlap seretdi.
— Gyzym, saňa näme boldy? Sen meniň otagymda näme işleýärsiň? — diýip geňirgendi.
Birden batly gülki otagy gaplap aldy.
— Gyzym, belki, sen... Lukman gülküden ýaňa düwündi. Soňra dyzlaryny şapbatlap, elleri
bilen agzyny tutdy-da:
— Diýmek, sen bu ýere... Ah, ýeňilkelle diýsänim! Sen, hakykatdan hem, ikimiz är-aýal
bolandyrys öýdýäňmi? Ah, sen utançsyz diýsänim! Ah, utançsyzyň biri utançsyz! Alladan gork! Ataň
ýaly adama sen... Otagyň diwarlary çaýkanyp gidene çalym etdi, jaýyň depeligi üstüme inen ýaly
boldy.
— Ah, sen betpäl ýürekli ýeňilkelle! Sen gije köýnekli meniň ýatýan jaýyma gelmäge
utanmadyňmy! Şol pursatda özümi synlasym geldi. Ýüzümiň näçe reňkde lowlap ýanýandygyny
bolsa, Hudaý bilsin!
— Lukman beý, walla, ant içýärin.. Muny nireden bileýin. Maňa şeýtmeli diýip aýtdylar.
— Goý, olar galat bir iş etjek bolupdyrlar diýeli. Sen näme?.. Her hili zat barada oýlanyp biljek
welin, beýle zat ýatsam-tursam, ýadyma düşenok, bu ýaşdan soň utançsyz bir gyz namysyma,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 26
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.