Latin

Saýrak Guşy - 07

Total number of words is 3898
Total number of unique words is 2059
34.9 of words are in the 2000 most common words
48.0 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aşpez ahyrsoňy ogurlygy kimiň edenligini bilip, dälirän ýaly, kepgirini serdesse kimin kelemenledip,
üstümize eňdi. Ol bende iň ululary hasap edip, çagalary taşlady-da, meni kowalap başlady. Birden ol
bir zada büdredi-de, ýere ýazylyp gitdi. Muňa ol öňküsinden-de beter dergazap boldy. Aşpez öýde
täze adamdy. Ýagdaý juda agyrlaşdy. Eger onuň eline düşäýsem, ol meni kepgiri bilen biriki gezek
saýgylap, uly ile masgara etjekdi, ana, şondan soň özümiň adagly gyzdygymy düşündirip bilseň
düşündir-dä. Öýe tarap gaçyp bilmämsoň, çäre tapman, köçä tarap gaçmaly we çirkin gygyrmaly
boldum. Meniň bagtyma, şol gün ir ertirden bäri işläp oturan tikinçi hanym bilen onuň kömekçisi
Dilber sergin howadan dem almak üçin baga çykan eken. Men: «Dat-bidat» diýip gygyryp, tikinçiniň
ýanyna ylgadym we baryp onuň ýeňsesinde gizlendim. Dilber aşpeziň kepgirine ýapyşyp, ony elinden
aljak boldy we:
— Edýäniň näme, aşçybaşy. Sen akylyňdan azaşan-a dälsiň-dä? Ol adagly hanym ahyryn! —
diýip gygyrdy. Başga wagt bolan bolsa, men «adagly» diýeni üçin Dilber tikinçiniň almytyny
bererdim. Ýöne bu pursatda welin, men gorkudan ýaňa onuň bilen bile gygyrmaly boldum:
— Aşpezbaşy, Hudaý bar, men adagly gyz! Bu aşpez ýaly kelesaň, bu aşpez ýaly hötjet adamy
hiç görmändim. Ol ilkibada muňa ynanmady:
— Aý, ýok, eýsem, gelinlik ogurlyk edýänmidir? — Soňra birneme özüne gelip, sözüniň üstüni
ýetirdi.
— Eger şeýle bolýan bolsa, saňa göz degmesin, hanym gelin! Ýöne sen maňa täzeje jalbar satyn
alyp bermeli bolarsyň. Görýärmiň, sen zerarly men dyzymy ýyrtdyrdym. Görgüli ýykylanynda
burnuny hem sypjyrdan eken. Ýöne, bagtyma, ol burnunyň hakyny talap etmedi.
Bu wakany ile jar etmezligini haýyş etsem-de, ol hemmelere mälim boldy. Şonuň üçinem
garyndaşlarym, aýyn bolmasa, nahar başynda maňa tarap garanjaklaşyp gülüşmäni çykardylar.
***
Toýa üç gün galypdy. Bir gezek agşamaralar bagyň gapysynyň ýanynda çagalar bilen ýüpden
böküp oýnaşyp ýörkäk, men ýene hüjüme sezewar boldum. Bu gezek üstüme golaýda meni aşpezden
halas eden tikinçi madmuazeliň özi hüjüm etdi. Otuz ýyldan bäri öýüň tikin işlerini edýän madmuazel
altmyş ýaşly, gözi äýnekli, gartaşan gyzdy. Dünýäde iň sypaýy, iň edepli adam hem bolsa, ol şol gün
üstüme heňkirdi:
— Madmuazel, ýene sanlyja günden biz siziň adyňyzy madam diýip tutarys. Şeýle bolansoň,
siziň bu edýän işleriňiz dogrumydyr? Ynha, iň soňky gezek deňäp görmek üçin men seni ýarym
sagatlap gözläp ýörün — diýip, ol maňa igendi. Elbetde, Besime daýzam hem onuň tarapyny çaldy,
onuň bürşüp duran ýüzünde oňlulyk alamaty ýokdy.
— Pardon, madmuazel. Biz bu ýerde oýnap ýörüs-ä. Ynanaýyň, men eşitmändirin — diýip,
özümi aklajak boldum. Daýzam durup bilmedi, alkymymdan aldy-da, her gezek gahary gelende edişi
ýaly, çekgäme çalyp goýberdi-de:
— Aý, balam, sen öz sesiňden, öz gülkiňden başga zat eşidýän adammy? Ýene üç günden
myhmanlaryň arasynda hem bir hokga çykararmykaň diýip gorkup başladym — diýdi.
Şol günler men öňkülerimden has köp garagolluk edenem bolsam, ýüregimde täsin bir howsala
at çapýardy, meniň mähirdir mylakatly sözleri eşidesim, hemmeler bilen äbede-jüýje bolup ýaşasym
geldi. Daýzam meniň alkymymdan tutup durdy. Men barmaklarym bilen gysga köýnegimiň etegini
galdyryp, oňa tagzym etdim.
— Gaýgy etmäň, daýza. Juda az wagt galdy. Baryýogy üç günjük sabyr etseňiz bolýar. Şonda
siz maňa diňe daýza bolmarsyňyz... Çalyguşyň Besime daýzasyny bizar eden garagolluklaryny,
betçiliklerini Feride hormatly hanym-ependiniň öňünde gaýtalamaga het etmez. Daýzamyň gözlerine
ýaş aýlandy. Ol meniň ýaňagymdan ogşap:
— Feride, men hemişe seniň ejeň ornuny tutup geldim, galan ömrüme hem şeýderin — diýdi.
Men çäksiz tolgunmadan ýaňa daýzamyň ellerinden ýapyşyp, ýaňagyndan ogşadym.
***
Madmuazel taýýar bolup gelýän ak köýnegimi eline alanynda, men ýüzümiň gyzaryp
ugraýandygyny duýdum. Töweregimdäkileri ýekän-ýekän gujaklap, ogşap çykyşyma:
— Haýyş edýän, hemmäňiz öýden çykyň. Men uly iliň gözüniň alnynda geýnip biljek däl. Göz
öňüne getiriň: Çalyguşy uzyn etekli köýnek geýip, tawus guşuna meňzär. Baý, munuň
gülkünçdigini!.. Meniň özümiň hem gülkim tutýar. Dabarada adaty köýnegimi geýäýin diýip, näçe
ýalbardym. Emma gulak asan bolmady. Meniň derdime düşünýän adam ýok — diýdim.
Madmuazel eli köýnekli özüme tarap ugranda, men otagda iki ýana urundym, gamyş kimin
galpyldap, burça dykyldym. Gapynyň aňyrsynda duranlar gopgun baryny turzuşyp, otaga girjek
boldular.
Men:
— Ýene biraz gaýrat ediň... Bir minutjyk sabyr ediň... Men hemmäňizi çagyraryn — diýip
ýalbarmaga durdum. Emma otagdakylar maňa ynanmadylar. Meniň aldarymdan gorkup, olar gapyny
itýärdiler. Şol wagt iki tarapyň arasynda uly tutluşyk başlandy. Bosagada duran adamlar
gülüşýärdiler, itekleşýärdiler, gapa zor salýardylar, menem güýjümde baryny edip, gapyny
açdyrmajak bolýardym. Dälizde demir nally çaga köwüşleriniň sesi dik asmana galdy. Çagalar:
— Hüjüm!.. Uruş başlandy! — diýip, bogazyna sygdygyndan gygyryşýardylar. Goh-galmagala
jaýda ýaşaýanlaryň bary ylgaşyp geldi. Madmuazel egnimden üstaşyr:
— Taňrynyň haky üçin, çekiliň!.. Beýtmäň!.. Köýnek ýyrtylýar!.. — diýip gygyrdy. Birdenem
gapynyň aňyrsyndaky gopgun ýatyşdy. Kamranyň aýak sesi hem-de:
— Feride, aç, bu men... Megerem, maňa gadagan däldir-le... Meni goýberäý.., saňa
kömekleşesim gelýär — diýen sesi eşidildi. Men tas däliräpdim.
— Goý, hemmesi girsin, aýby ýok, emma sen girme!.. Taňrynyň haky üçin, git!.. Walla,
aglaryn... Emma Kamran bu halyma üns bermän, gapyny batly itekledi. Işigiň iki taýy hem açylyp
gitdi. Men çirkin gygyryp, otagyň bir burçuna gaçdymda, elime ilen galyň penjegimi alyp, ony
bürendim hem-de çugutdyryp oturdym. Hanym akylyndan azaşan dek:
— Ne ajap köýnek zaýa, azabym reýgan boldy — diýip saçyny ýaýdy. Kamran meniň bürenip
oturan galyň penjegimden ýapyşyp:
— Utulanyňy boýun almaga wagt boldy, Feride. Aç, köýnegiňi göreýin — diýip ýylgyrdy.
Men duran ýerimde doňup galdym, dilim tutuldy. Birazdan soň, Kamran sözüni dowam etdi:
— Feride, men häzir gezelençden gelýän... Özümem örän ýadaw. Kesirlik etme. Meniň seni
täze köýnekde göresim gelýär. Meni güýç ulanmaga mejbur etme. Bäşe çenli sanaýan: bir... iki... üç...
dört... bäş...
Kamran mümkin boldugyça haýal sanaýardy. Ol «bäş» diýeninden galyň penjegimiň ýeňinden
çekdi we şobada meniň ýarym-ýaş bolan ýüzüme gözi düşüp öte aljyrady. Ol otagdakylary zordan
çykaryp, gapyny ýapdy.
Madmuazel haýran bolup, dilden-agyzdan galdy. Kamran hem şeýle hala düşdi. Birneme
dymyp durandan soň, ol utanjaňlykdyr ýöwsellik bilen:
— Feride, bagyşla... Men seniň bilen birneme bälçireşjek boldum. Men muňa hakym bar
öýdüpdirin... Emma seniň heniz hem öňki oglanlygyň! Aýt, sen meniň günämi ötýärmiň? — diýdi.
Men ýüzümi açmazdan:
— Bolýar... Ýöne sen häziriň özünde otagdan çykyp gidersiň — diýip jogap berdim.
— Bir şert bilen. Men saňa bagyň aňrujundaky uly daşyň ýanynda garaşjakdyryn... Ýadyňa
düşýärmi, dört ýyl mundan ozal agşamaralar biz ol ýerde ýaraşypdyk. Ony ýene bir gezek şeýdeli.
Barjakdygyňa söz berýäňmi?
Men biraz ikirjiňläp durdum-da:
— Bolýar, baraýyn, ýöne sen häzir git — diýdim.
Madmuazel görgüli şeýle geň häsiýetli geljekki gelin bilen gürleşmäge-de çekinýärdi. Ol sesiniüýnüni çykarmazdan, geýimlerimi çalşyrdy, men ýene-de öz gysgajyk gülgüne köýnegimi geýip,
üstünden-de gara mekdep öňlügini goýberdim. Hatda Müjgäniň-de ýüzüne seretmän, men öz otagyma
ylgadym we tä gözlerimiň gyzyly aýrylýança sowuk suw bilen ýüzümi ýuwdum.
Men baga tarap çykamda eýýäm iňrik garalypdy. Indi men hiç kime görünmän, Kamranyň
ýanyna özümi atmalydym.
Ýöne gezim edýän kişi bolup, aşhananyň arkasyna geçdim, aşpez bilen birki agyz gürleşdim.
Soňra derwezä tarap ýuwaşja ýöräp gitdim. Meniň niýetim yzymy ýitirip, haýatyň gyrasy bilen uly
daşyň ýanyna çykmakdy. Emma...
***
Köçä tarap çykýan açyk gapynyň alnynda gara örtükli, uzyn boýly bir zenana gözüm düşdi.
Onuň ýüzi ýeňiljek perdelidi. Ol aýalyň daşky keşbi öýümizden bir zat biljek bolýana, emma girmäge
ejap edýäne meňzeýärdi.
Kamran maňa esli wagtdan bäri garaşyp durdy. Çadyraly aýalyň tanyş çykyp, meniň bilen
gürrüňe baş laryndan we eglärinden çekinip, agaçlaryň aňyrsyna dulanjak boldum. Onýança, nätanyş
aýal maňa:
— Ezizim, biynjalyk edýänim üçin bagyşlaweri... — diýip ýüzlendi.
Men derwezäniň ýanyna barmaly boldum.
— Baş üstüne, hanym ependi. Men siziň hyzmatyňyzda. Näme hyzmat? — diýdim.
— Bu köşk merhum Seýfetdin patyşanyň öýüdir-le, şeýlemi?
— Hawa, hanym ependi.
— Sizem şu ýerde ýaşaýaňyzmy?
— Hawa. — Beýle bolsa, meniň size bir haýyşym bar.
— Aýdyberiň, hanym ependi.
— Men Feride hanym bilen gürleşsem diýýärin.
Men allaniçigsi boldum, gülmejek bolup, başymy aşak egdim. Meniň adymy ilkinji gezek
hanym diýip tutýardylar. Hanym Feridäniň hut özümdigini boýun almaga gaýratym çatmady.
Dodagymy dişläp:
— Beýle bolsa, hanym ependi, öýe giriň. Ol ýerde size Feride hanymy çagyryp bererler —
diýdim.
Gara örtükli aýal gapydan girip, ýanyma geldi. Ol:
— Balam, size duşanym gowy bolaýdy. Haýyş edýän, maňa kömek ediň. Siz meniň Feride
hanym bilen etjek ikiçäk gürrüňime kömegiňiz deger. Ýöne muny adam ogly bilmeli däldir — diýdi.
Meniň geň galyşymy söz bilen beýan eder ýaly däl. Howa mazaly garalypdy, men gara
çadyranyň aşagyndan nätanyş zenanyň ýüzüni saýgaramokdym. Ahyrsoňy biraz ýaýdanyp durdumda:
— Hanym ependi, onçakly geýinmänligim üçin men bada-bat boýun alyp bilmedim. Ýöne
Feride diýilýän men bolmaly — diýdim.
— Siz Kamran beýe durmuşa çykýan Feride hanymyň hut özümi? — diýip, ol zenan tolgunyp
sorady.
— Öýde diňe bir Feride bar, hanym ependi — diýip gülümsiredim. Gara örtükli zenan birden
dymdy. Sähel salym mundan öň, ol Feridäni görjek bolup oda-köze düşýärdi, indem agaç ýuwudan
ýaly bolup dur. Bu näme boldugyka? Ýa ol meniň Feridedigime ynanmaýarmyka? Ýa-da munuň
başga sebäbi barmyka? Geňirgenýänligimi duýdurmajak bolup:
— Hanym ependi, men siziň buýrugyňyza garaşýan — diýdim. Geň zat. Nätanyş zenan agzyna
suw alan ýaly bolup dur. Bagyň jümmüşinde bir oturgyja gözüm düşüp dillendim:
— Meýliňiz bolsa, baga giräýeliň, hanym ependi... Ol ýerde bize azar berjek ýok, biz arkaýyn
gürleşip bileris.
Biz oturgyja geçip oturanymyzdan soň hem, nätanyş zenan dil ýarmady. Ahyrsoňy, ýürek edip,
çalasyn hereket bilen çadyrany syryp goýberdi... Otuz ýaşlaryndaky, ýiti akyla eýedigi bildirip duran,
gaharly zenanyň keşbi peýda boldy. Howa gowy garalsa-da, ýüzüniň ganynyň gaçanlygy görnüp
durdy.
— Feride hanym — diýip, ol gürläp başlady.
— Men bu ýere özümiň köne we örän ýakyn joramyň tabşyrygy bilen geldim. Özüme tabşyrylan
işiň beýle kyn boljagy meniň otursam-tursam ýadyma düşenokdy... Men ýap-ýaňyja Feride hanymy
çagyrmagyňyzy talap edip durdum, ynha, indi bolsa, başymy alyp gaçmaga taýýar...
Meniň süňňüm galpyldap ugrady, ýüregim gürsüldäp, agzymdan çykaýjak bolýardy. Emma
berk durmasam, bu aýalyň sözünde tapylyp, gaçyp gitmeginiň mümkindigini duýdum. Giňlige salan
kişi bolup:
— Iş diýeniň iş bolýar, hanym ependi. Aýgytly bolmaly. Onsoň siziň joraňyz meni tanaýarmy?
— diýdim.
— Ýok... Dogrusyny aýtsam, ol sizi tananok, ýöne siziň Kamran beýiň adaglysydygyňyzy
bilýär...
— Ol Kamran beýi tanaýarmy?
Nätanyş zenan jogap bermedi, ýöne men birden özümiň mundan artyk soramaga takadymyň
ýokdugyny duýdum. Bilesigelijilikden ýaňa ölüp barýanam bolsam, ol häziriň özünde gidermen
bolsa, ony ýolundan alyp galjak däldim.
— Feride hanym, maňa gulak asyň... Meniň birden ýaýdanyp, kürtdürip durmagymyň sebäbini
siz bilýän dälsiňiz. Men uly gyza duşaryn öýdüpdim, emma görsem, ol kiçijik mekdep okuwçysy
eken. Sizi gynandyrasym gelenok... Ýaýdanjaňlygym hem, ine, şunuň üçin.
Nätanyş aýalyň maňa rehimi gelýärdi. Bu ýagdaý bolsa mertebäme degip, meni ekezlendirdi.
Oturgyçdan turup, agaja arkamy berip durdum, arkaýyn, hatda azmly ses bilen:
— Beýle ýagdaýda ýaýdanjaň bolmak gerek däl. Görýän welin, mesele örän wajyp ýaly. Şonuň
üçinem biz rehim-şepagaty bir ýana goýup, aç-açan gürleşsek gowy bolardy. Zenan meniň batyrgaý
görnüşimi görüp, özüni ele aldy.
— Siz Kamran beýi juda söýýäňizmi? — diýip, ol sorady.
— Munuň size näme dahylynyň bardygyna düşünýän däldirin, hanym ependi.
— Belki, bardyr, Feride hanym.
— Hanym ependi, aç-açan gürleşmesek, gürrüňimizden netije bolmaz diýip, eýýäm aýtdym
ahyryn.
— Bolýar, goý, şeýle bolsun. Men Kamran beýi sizden başga ýene biri söýýär diýmekçi
bolýaryn.
— Bolubiler, hanym ependi. Kamran birentek gowy sypatly ýaş ýigit. Şonuň üçin onuň ýene
bir zenanyň gözüne ilmeginde hiç hili geň zat ýokdur.
Şol gün agşam kemteresinden agaçlaryň ýapraklary-da gymyldamaýardy, öýümize oslagsyz bir
ýerden apy-tupanyň kürsäp urandygyna men gowy düşünýärdim. Onuň nireden gelenligini bilmesemde, mende bu bela garşy durmaga güýjem, islegem peýda boldy.
Men soňky jümläni birneme ýaňsylabrak hem aýtdym. Zenan şol bir oturyşyna otyrdy, ýöne ol
birhili edip, bilini ýazdy-da, kakynjyrap, örtüginiň etegini düzedişdirdi we eli bilen oturgyjyň burçuny
gysymlady. Men nätanyş aýalyň hä diýmän näme üçin gelenligini äşgär etjekdigini duýdum.
Ol äheňine bat bermän, göwünli-göwünsiz gürledi:
— Birbada siz maňa çaga bolup göründiňiz, ynha, indi bolsa öňümde oturanyň akylly-başly uly
gyzdygyna göz ýetirdim. Kamran beýiň siziň gadyryňyzy bilmänligine haýpym gelýär... Ähtimal, ol
ony bilsede bilendir, ýöne wagtlaýyn gowşaklyga ten berendir. Gepiň keltesi, ol iki ýyl mundan öň
Ýewropada meniň aýdýan joram bilen tanşypdyr. Men galanyny jikmejik aýtsammykam?..
Men:
— Siziň sözleriňiziň dogrulygyna göz ýetiresim gelýär — diýdim.
— Joramyň adyna Münewwer diýýärler. Ol soltanyň köşgi-eýwanynda hyzmat eden köne
hyzmatkärleriň biriniň gyzydy. Ol ilki birine göwün berip, oňa durmuşa çykdy, emma bagty bolmady.
Ähli jebri-jepalardan soň, ol görgüli näsaglady. Lukmanlar ony Ýewropa ibermegi maslahat berdiler.
Sagalyp, öýe gaýtjak bolup ýörkä, ol täze söýgä sataşypdyr. Kamran beý Şweýsariýa barypdyr.
Bilmedim, dynç alşa barypmy ýa iş sapary bilen, garaz, olaryň tanyşlygy şol ýerden başlanypdyr. Ol
o taýa bir hepdelik barsada, iki aýa golaý bolupdyr. Hatda munuň bilen baglanyşykly bir oňaýsyz
ýagdaýa hem düşüpdir...
— Rugsat berseňiz, size bir sowalym bar — diýip, onuň sözüni böldüm.
— Meniň bu zatlary bilmegimi islän joraňyzyň indiki maksady näme? Nätanyş aýal ýerinden
galdy.
— Ynha, muňa jogap bermek kyn — diýip, ol ellikli ellerini owkalaşdyrdy.
— Münewwer bu gün siziň duşmanyňyzdyr.
— Estagpyrylla!
— Hawa, bu şeýle, Feride hanym. Ýöne Münewwer erbet adamam däl. Ol juda heserli kişi.
Kamran beý onuň üçin tötänden duşan biri däl... Münewwer oňa durmuşa çykaryn öýdüpdir.
Günäkäri gözlemeli bolsa, ol Kamran beýiň hut özüdir. Ýigit başga birine köňül berenini ondan
gizläpdir. Meniň wezipäm juda ýakymsyz. Ýöne meniň ol wezipäni üstüme alanlygymyň sebäbi: bu
heserli, üstesine-de, nähoş aýal öler diýip gorkýaryn.
— Çynyňy aýdýanyňa nädip ynanmaly?
— Ýalan sözläp nädeýin. Öler. Ol bu habardan soň ýaşap bilmez.
— Dat, bendäniň halyna. — Dogrusy, ikiňiziňem dat günüňize. Onuň hetden aşýandygyny
aňdyrjak bolup, men elim bilen duýduryjy yşarat etdim-de, hezil edip güldüm.
— Meni ara goşmaň. Siz, iň gowusy, joraňyzyň gamyny iýiň.
— O näme üçin, Feride hanym?.. Dogry, biz Münewwer bilen köp ýyldan bäri jora... Ýöne
sizem örän mylakatly ýaş gyz, özüňiziňem çigit ýaly günäňiz ýok. Eger-de meniň ikiňiziň hem
ýagdaýyňyza nebsim agyrýan bolsa...
— Muňa ýol berip bilmen — diýip, nätanyş zenanyň sözüniň arasyny öňküden hem aýgytly,
öňküden hem hemleli böldüm.
— Onsoňam, men mundan artyk gürrüň edere zat ýokmuka diýýärin.
Nätanyş zenan gürrüňiň arasynda, göýä bolmasa, bir zat gözleýän ýaly, telim gezek elbukjasyny
açypýapdy. Meniň gürrüňi bes etmekçi bolýanymy aňyp, bukjasyndan ýygyrt-ýygyrt bolup giden bir
kagyz bölejigini çykaryp, maňa uzatdy.
— Feride hanym, aýdýan zatlaryma ynanmarsyňyz öýdüp, ätiýaçdan Kamran beýiň hatyny hem
alyp geldim. Bilmedim, onuň siziň keýpiňizi bozmagy hem mümkin. Ilkibada haty elim bilen zyňyp
goýberjek boldum, soň, beýtsem, mamla bolman öýdüp, ony elime aldym.
— Gerek bolsa, ony goýup gidäýeýin?.. Soň okar ýörersiňiz. Indi onuň jorama geregi ýok.
Men kibtimi gysdym:
— Onuň maňa-da geregi ýok. Siziň joraňyz üçin bolsa ýadygärlik bolar. Diňe göz gezdirip
çykmaga rugsat ediň.
Howa eýýäm garalypdy. Men agaçlaryň içinden çykyp, seýilgähe düşdüm we haty gözüme
golaý eltdim. Hat tanyşdy. Ol: «Meniň saryja güljagazym!» diýip başlanýardy. Soňra birnäçe
şahyrana meňzetmeler getirilip, olarda Gün dogmazdan öň dünýä nähili nur çaýylýan bolsa, «sary
güljagazy» görmezden öň, Kamranyň kalbyna-da şolar ýaly nur çaýylandygy beýan edilýärdi,
«Ýüregimde düşnüksiz bir şatlyk, adatdan daşary duýgy peýda boldy...» diýip, Kamran ýazypdyr.
Ahyrsoňy, duýgy hasyl bolup, bir gün myhmanhananyň bagynda agşam çagy elektrik yşygyna şol
«saryja güljagazy» görüpmiş. Hatyň galan bölegini kynlyk bilen okadym. Garaňky ymykly düşensoň,
setirler garyşyp ugrady.
Hatyň mazmuny ýatda galmady. Emma hatyň yzyny welin, gaýtalap-gaýtalap okadym we ol
ömürlik hakydama ornaşyp gitdi.
«... Kalbym boşdy, söýmek islegim möwç urýardy. Men inçe billi, uzyn boýly, mawy gözli sizi
görenimde, durmuşym düýpgöter özgerip gitdi...» Nätanyş zenan assa-assa basyp, golaýyma geldi we
sandyrawuk sesi bilen gürrüňe başlady:
— Feride hanym, men sizi ynjydaýdym öýdýän? Ýöne siz ynanaýyň...
Men tisginip gitdim we haty oňa uzatdym.
— Goýaweriň. Bu ýerde ynjap oturasy zat ýok. Bu wakada hiç hili üýtgeşik zat göremok.
Gaýtam, men size örän minnetdar. Siz maňa hakykaty aýtdyňyz. Indi bolsa rugsat etseňiz, hoşlaşsak?!
Men başymy atdym-da, öýe tarap ýöneldim. Emma nätanyş zenan yzymdan gygyrdy:
— Feride hanym, bagyşlaň, ýene birsellem... Onsoň jorama näme diýsemkäm?
— Siz oňa ynanylan wezipäni ýerine ýetirdim diýip aýdyň. Galan zatlaryň oňa dahyly ýok.
Ynha, bar bolany. Nätanyş zenan ýene bir zatlar diýişdirdi, emma men gulak asman, agaçlaryň
aňyrsynda gözden ýitdim.
Biziň ýaraşmamyza şaýat bolmak nesip etmedik uly daşyň ýanynda Kamranyň näçe wagtlap
garaşandygyny-ha biljek däl welin, onuň ahyrsoňy ýadap, meniň bolýan otagyma gelende we mekdep
depderiniň ýyrtyk kagyzyna ýazylan «Kamran beý ependi, men siziň «saryja güljagaz» bilen
gatnaşygyňyzdan habarly. Biz gaýdyp ölinçäk görüşmeris. Saňa nälet okaýan. Feride» diýen ýazgyny
okanda, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolandygy-ha belli.
Ikinji bölüm
B..., sentýabr 19... ý.
— Sen geleliň bäri gije diýmän, gündiz diýmän, şol ýazyp otyrsyň, ýazyp otyrsyň. Bu nä beýle
tükeniksiz ýazgy bolýa! Salam hat diýseň o däl, salam hat depdere ýazylanok. Kitap diýseň, kitap däl.
Biziň bilşimize görä, kitaby uzyn saçly, sakgally ulamalar ýazýar! Sen entek barmak boýly gyzjagaz.
Ýeri, onsoň seniň dynç almany-zady bilmän ýazýanyň näme?
Menden bu zatlary soraýan myhmanhananyň otag hyzmatkäri goja Hajy kalfady(uly ussa) . Ol
haýsydyr bir aýdyma hiňlenip, bir sagatlap myhmanhananyň dälizindäki tagtadüşekleri ýuwuşdyrdy,
indem ýadap, öz aýdyşy ýaly, «birki agyz lakgyldaşmak üçin» meniň ýanyma geldi.
Men onuň ýüzüne seredip, gülmäge başladym:
— Hajy kalfa, bu nä boluşdyr?
Ozal Hajy kalfa öňi ak öňlükli gezerdi, bu gün bolsa onuň egninde gapdallary ýanjykly köne
biçüwli entari(uzyn köýnek) bardy. Ýalaňaç aýaklary bilen tagtadüşekleri süpürip ýörşüne, ol ýykylmajak
bolup, eline ullakan taýak alypdyr.
— Nätjek-dä, aýal işini edemsoň, aýal köýnegini geýmeli bolýa-da. Hajy kalfa mahal-mahal
gürrüňdeş bolýan myhman goňşymdan başga ýeke-täk söhbetdeşimdi. Dogry, ol ilki-ilkiler menden
gaça durardy, bir iş bilen otaga geleninde hem gapyny kakyp:
— Bu mendirin. Başyňa bir zat atyn — diýerdi. Men bälçiräp:
— Wiý, gadyrdan Hajy kalfa, aýdýanyňyz näme? Näme bolupmyş? Taňrynyň haky üçin
aýdyň... Biziň aramyzda aýyp görler ýaly näme barmyş? — diýdim. Gojanyň hyrsyz ýüzi öňküsinden
hem bürüşdi:
— Ýo-o-o-k! Sen onda hiç zada düşünmeýärsiň! — diýip, ol hüňürdäp başlady.
— Eýsem, yslam «muhadderatlarynyň(Muhadderat — Yslamyň hyjaply, namysjaň zenanlary.) » üstüne
duýduryşsyz, kürsäp girmek bolarmy...?!
«Yslamyň muhadderatlary», ähtimal, zenanlar diýmekdir. Men muny Hajy kalfadan sorap
bilmedim, çünki beýle soraglary bermäge meniň mugallymlyk mertebäm ýol bermeýärdi. Emma,
barybir, bir gezek men beýle sypaýyçylygyň ýerliksizdigini degişme äheňinde oňa düşündirdim. Indi
Hajy kalfa gapyny çekinmän kakyp, ýaýdanman girýärdi.
Üstünden gülmämi bes etmeýänimi görüp, Hajy kalfa gatyrganjak hem boldy, emma şobada
pälinden gaýtdy.
— Sen meň gaharymy getirjek bolup, bilgeşleýin şeý diýýärsiň. Ýöne men gatyrganman... —
Soňra ol az salym dymdy-da, maňa naýynjar bakyp: — Sen kapasadaky guş ýaly, bu otagda ýeke
otyrsyň. Birneme degişjek, güljek bol, bu aýyp däldir. Ynha, dostlaşarys welin, men, biraz şähdiň
açylar ýaly, saňa tans edip bererin. Bolýamy, hanym?
Hajy kalfa näme ýazýanymy nädip düşündirsemkäm?
— Meniň hatym bulaşyk-da, Hajy kalfa. Çagalar utandyrmaz ýaly, men haty owadan ýazmagy
öwrenmeli bolýaryn. Ýakyn wagtda okuw başlanjak ahyryn.
Hajy kalfa surata düşjek bolýan ýaly, hasasyna söýenip durdy, gözlerinde mähirli ýylgyryş
bardy.
— Aldaýaň, gyzym! Wah, Hajy kalfanyň ömründe görmediginiň ýokdugyny sen bir bilsediň!
Men hatdat ýaly, sülüs(Sülüs — arap hatynyň ýazylyş tärleriniň biri.) ýazýan adamlary gördüm. Ýöne olaryň
ýazyşlary kör köpüge degenok. Garynja ýörän ýaly, egrem-bugram ýazýanlar hem bar, ynha, bir zat
çyksa, şolardan çykýar. Sen meniň dürli edaralarda iş läp, köwüş baryny tozduranymy, ömrümde,
gör, näçe emeldary görenimi bir bilsediň. Seniň bir derdiň-ä bar. Hawa! Emma bu biziň işimiz däl.
Ýöne bir zat ýazanyňda, barmaklaryňa syýa degirmejek bol, ýogsa ol okuwçylara gülkünç görner.
Ýeri, bolýa, sen ýaz, menem galan ýerini ýuwup dynaýyn.
***
Hajy kalfany ugradyp, men ýene stoluň başyna geçdim, ýöne ýazyp bilmedim. Gojanyň sözleri
böwrüme diň salmaga mejbur etdi.
Hajy kalfa mamla. Eger men uly adam, üstesinede, bu gün-erte okuwçy okatmaly mugallym
bolsam, onda men özüme esewan bolmaly, çagalyk gylyklarymdan nam-nyşan goýmaly däl.
Dogrudan hem, barmaklardaky syýa yzlary nämeden habar berýär?! Hajy kalfa hiç zat diýmese-de,
dodaklara degen syýa näme diýjek?! Gündeligimi ýazmaga oturýan welin, aýratyn-da, gijeler,
mekdepde okan günlerim ýygyýygydan ýadyma düşýär. Onsoň gaýdyp duşuşmajak adamlarym
daşymy gallap alýar.
Eýsem, bularyň bary syýa tegmilleri bilen baglanyşykly dälmi näme? Hajy kalfanyň: «Sen
kapasadaky guş ýaly, bu otagda ýeke otyrsyň» diýen sözleri hem hiç ýatdan çykanok. Eýsem,
kapasalaryň baryndan gutulan halyma men ýene-de birine bendilige düşen guş ýaly bolup
görünýärmikäm? Elbetde, beýle däldir. Meniň üçin «guş» diýen sözüň aýratyn manysy bar.
Meniň üçin guş, ilki bilen, gyrlan ganatlary germek, ýumlan çüňküni açmak isleýän
Çalyguşydyr. Eger Hajy kalfa meniň bilen ýene-de öňki äheňde gürleşjek bolsa, aramyz bozular
öýdüp çekinýän.
Dogrymy aýtsam, gündeligimiň sahypalaryny her gün dolduryp durmaga men bar güýjümi sarp
etmeli bolýaryn, geçmişe, yzda galan ýigrenji dünýä dolanmak, gör, nähili agyr eken!
***
Nätanyş zenan bilen gürrüňdeşlikden gaýdyp gelýärkäm, ýatdan çykmajak şol gije dälizde maňa
daýzam duş geldi. Garaňky çüňkde gizlenip ýetişmänkäm, daýzam meni gördi.
— Bu kimdir? Wiý, Feride, senmisiň? Näme üçin gizlenýäň? — diýip gygyrdy.
Men onuň öňünde sesimi çykarman durdum. Garaňkylykda biz bir-birimiziň ýüzümizi saýgaryp
bilemizokdyk.
— Sen näme üçin baga çykaňok?
Men dymyp durdum.
— Ýene garagolluk etdiňmi? Göze görünmeýän bir el bogjak bolup, bogazymy gysyp ugran
ýaly boldy.
— Daýza... — diýdim.
Wah, şol wagt daýzam maňa bir süýji söz aýdyp, adaty edişi ýaly, dulugymdan sypalan bolsa,
gözýaş edip, onuň gujagyna özümi atardym we bar zady oňa gürrüň bererdim.
Emma daýzam hiç zada düşünmeýärdi. Ol:
— Indi näme derdiň bar, Feride! — diýip, menden sorady.
Her gezek oňa haýyş bilen ýüz tutanymda ol, adatça, meniň bilen şeýle gürleşýärdi. Şonda ol
beýle diýmek bilen, maňa «Munuň soňy bolmazmy?» diýmekçi bolýan ýaly görünýärdi. Men:
— Ýok, bolan zat ýok, daýza. Gel, men sizi ogşaýyn — diýdim.
Näme diýseňem, daýzam meniň üçin eje ornundady, şonuň üçin hem ony ogşamazdan,
hoşlaşyp, aýrylyşyp biljek däldim. Men jogaba garaşyp durman, garaňkylykda ellerine ýapyşdym-da,
iki ýaňagyndan, gözlerinden ogşadym.
***
Otagymda ähli zat agdar-düňderdi. Oturgyjyň üstünde eşiklerim çaşyp ýatyrdy. Açyk şkafyň
tahyllarynda içki geýimlerim asylgydy. Beýle dogumly işe baş goşan gyz, harsal okuwçy ýaly, otagy
bu ýagdaýda goýmaly däldi. Emma nätjek? Men howlugypdym.
Äpişgedäki yşygy biri görüp, geläýmesin diýip, çyrany ýakamokdym. Garaňkyň içinde
Kamrana birnäçe hoşlaşyk sözlerini çyrşaşdyrdym, şkafdan daşyna gyzyl bagjyk oralan diplomymy,
ýadygärlik hökmünde gowy görýän ownuk-uşak zatlary, ejemden galan ýüzügi we ysyrgalary alyp,
mekdep eltorbajygyma saldym.
Belki, keseki öýden gidýän ýetimler hem şeýdýändirler. Bu hakda içimi gepledip, ajymtyk
ýylgyrdym.
Niräk gitsemkäm? Bu diňe köçä çykamda ýadyma düşdi. Onsoňam men nirä gidibiljek? Gündiz
bolan bolsa gowy bordy. Kellämde düşnüksiz pikirler döräp ugrady. Esasy zat — nädibem bolsa şu
gijäni geçirmekdi. Ýöne gijäniň bimahal çagy nirä barjak? Hemme zady ölçerip bişirenligime
garamazdan, daşarda eltorbaly ertire çenli ýeke gezip biljek däldim! Biraz wagtdan öýde berbaşagaýlyk başlar. Masgaraçylykdan çekinip, polisiýa hiç zat aýtmazlyklary hem mümkin, ýöne
gözleg welin, hökman başlanjakdy. Otly, paýtun, gämi bilen gitmek hatarlydy. Bu ýagdaýda yzymy
çalt çalyp biljekdiler. Her niçik hem bolsa, özbaşdak ýaşamagy ýüregine düwen adamy hiç zat
ýigrenen öýüne dolanmaga mejbur edip biljek däldi. Ýöne hossarlarym meniň hyýalymy çaga oýny,
kakabaş gyzyň hötjetligi saýyp, meni-de, özlerini-de nähak azara goýjakdylar.
Men ertir daýzama ýazjak hatymyň olary gözlegi bes etmäge we gaýdyp hiç haçan adymy
tutmazlyga mejbur etjekdigini bilýärdim.
Ilki bilen golaýda ýaşaýan joralarym barada oýlandym. Elbetde, olar meni gowy kabul edip
biljekdiler. Ýöne eden işim olara düşnüksiz, hatda gelşiksiz görünjekdi. Meni, iň bolmanda, bir gije
myhman alyp, ryswa bolmakdan olaryň gorkmagy mümkindi. Üstesine, men beýle duýdansyz
gelmegimiň sebäbini düşündirmeli hem boljakdym. Ýok, kesekilere hasabat berip, olaryň takallaryny
diňläp biljek däldim. Meniň, ilkinji nobatda, ýatlan tanyşlarymy garyndaşlarym-da tanaýardy. Olar
meni, öňi bilen, şolardan gözlejekdiler. Joralarymyň ata-eneleri hem meniň garyndaşlaryma ýalan
sözläp biljek däldi, baranlara: «Ol bize gelenok» diýip biljek däldiler.
Demir ýol menziline barýan şaýoldan gitmek hem hatarlydy, şonuň üçin men Içerenköý
köçejigine sowuldym. Daşary gözedürtme garaňkydy. Maňa aljyraňňylyk aralaşyp, gorkup başladym.
Onýança, Balkan ýarym adasyndan göçüp gelen köne tanşym ýadyma düşdi, ol sekiz-on ýyl mundan
ozal meniň daşky garyndaşlarymda eneke bolup işläpdi. Ol Sahraýijeditde ýaşaýardy we ýygyýygydan öýümize gelýärdi.
Geçen ýyl uzaga çeken agşam gezelenjinden gaýdyp gelýärkäk, biz olara sowlupdyk we onuň
bagynda ýarym sagatlap diýen ýaly dynç alypdyk. Olar meni gowy görýärdiler. Men hemişe olara
käbir köne-küşül zatlary peşgeş berýärdim. Ähtimal, gijäni olaryň öýünde geçirip bilerdim. Meniň
olarda bolýanym hiç kimiň kellesine geljek däldi.
Köçeden araba geçip barýardy. Ony saklajak boldum, emma ony juda gorkuly saýyp, pikirimi
üýtgetdim, üstesine, oňa berer ýaly ýanymda ownuk pulum hem ýokdy. Islesem-islemesem, pyýada
gitmeli boldum. Garaňkynyň içinde bir kölegä gözüm ilende ýa aýak sesini eşidenimde galpyldap
başlaýardym we duran ýerimde doňup galýardym. Şäheriň çetindäki adam-garasyz köçede gije ýeke
gezip ýören zenany gören her bir adamyň göwnüne güman gitmegi mümkindi. Bagtyma, maňa hiç
kim duşmady. Diňe bir bagyň ýanynda birnäçe serhoş adam maňa tarap ýöräp gelýärdi we
bogazlaryna sygdygyndan aýdyma gygyrýardylar, ýöne hemmesi gülala-güllük bolup sowuldy,
bagyň pessejik aýmançasyndan ätläp geçdim, ol adamlar duşumdan geçip gidýänçä şol ýerde
gizlendim. Bagtyma, bagda it ýokdy, ýogsa halym harap boljakdy.
Sahraýijedit köçesine ýetenimde, men sakça gabat geldim. Ol ýadaw halda taýagyny ýerden
süýräp barýardy. Bu ýerde-de meňki şowlady, ol meni görmän, garaňky köçä tarap sowuldy.
Meni gören eneke we onuň garry adamsy diýseň haýran galdylar. Men olara ýolda toslap tapan
başdangeçirmämi gürrüň berdim.
— Biz ejemiň erkek dogany — daýym bilen Stambuldan gaýdyp gelýärdik, emma şu golaýda
paýtunyň tigiri döwüldi. Wagt giç bolansoň, başga bir paýtun tapmadyk, yzymyza pyýadalap
gaýtmaly bolduk. Uzakdan görsek, siziň äpişgäňizde yşyk ýanyp dur. Daýym: «Bar, Feride. Olar saňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 08
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.