Latin

Saýrak Guşy - 19

Total number of words is 3859
Total number of unique words is 2162
31.7 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýe göwnemedik bolsa, onda ol başga birini söýýändir» diýen ýaly gybatlar başlandy. Ýerimden
gymyldaman, sesimi çykarman diňledim. Ilkibada müdir hanym menden nadaralyk eder, ýalana çykarar diýip çekinipdir, indi bolsa ony meniň dymmam azara goýýardy. Ahyrsoňy, ol ýaýdanjaňlyk
bilen:
— Feride hanym, siz bulara näme diýersiňiz? — diýip sorady.
Ýuwaşjadan demimi aldym-da, pessaýja we agras jogap berdim:
— Müdir hanym, aýdýanlaryňyzyň bary dogry. Munuň şeýle boljagyny özümem bilýärdim... Bu
bagtyýar şäheri taşlap gitmek örän agyr degýär, ýöne nätjek-dä? Ministrlige ýazyň-da, bir bahana
tapyp, meni başga bir ýere geçirmeklerini haýyş ediň. Eger siz hakyky sebäbini görkezmän, başga bir
bahana tapsaňyz, onda siziň uly adamkärçilik we asyllylyk etdigiňiz bolardy. Maňa geleňsiz diýiň,
tejribesiz, nadan, yzgytsyz diýiň. Islän zadyňyzy ýazyň, müdir hanym, sizden gaty görmen... Diňe:
«Şäherde gybaty edilýän mugallym bize gerek däl» diýip bir ýazmaweriň...
Müdir hanym sesini çykarman oýlanýardy. Gözýaşymy gizlemek üçin äpişgä tarap öwrüldim,
agşam çagynyň mawumtyl asmanynyň öňünde ýeňiljek ümür ýaly bolup görünýän daglary synlap
başladym. Çalyguşy daglary synladygyça, oňa ýene-de ýat ýurduň ysy gelen ýaly boldy. Ýat ýurduň
ysy! Dogduk mekanyndan uzakda ýaşap görmedik adamlar üçin manysyz sözler! Hyýalymda eýýäm
ýat ülkeleriň alyslara uzalyp gidýän we çala göze ilip inçejik, ýürekgysdyryjy zolak bolup görünýän
ýollary peýda bolup başlady. Gulagyma çeçen arabalarynyň ünjüli tykyrdylary, jaňjagazyň zaryn iňňildisi eşidilýän ýaly boldy.
Eý, Taňrym, haçana çenli göçüp-gonup ýörmeli bolarkam, haçana çenli?! Onsoňam näme üçin?
Haýsy maksat bilen?
***
Ç..., 5-nji iýun.
Megerem, meni guşlarymyň ahy tutan bolsa gerek. Dynç alyş döwrüniň uzyn günleri menem,
edil şolar ýaly, kapasa düşdüm. Müdir hanymyň aýtmagyna görä, başga ýere geçmek barada sentýabra çenli gürrüň hem bolup biljek däldi. Häzirlikçe bolsa, özümiň ýatdan çykarylmagym barada
aladalanýardym, düýbünden köçede-de görünmeýärdim. Goňşularym meni bimaza edip duranokdylar. Olary şähere ýaýran gybatlaryň gorkuzan bolmagy ahmal. Men diňe mahal-mahal daýzamy ýada
salýan garry goňşym bilen gürleşýärdim. Aýratyn hem olaryň sesleri meňzeşdi. Biz düýn gürleşip
otyrkak ondan:
— Gadyrly hanym ependi, mümkin bolsa gaýdyp maňa «hojanym» diýmäň-de, ýöne Feride diýäýiň — diýip haýyş etdim.
Hanym birneme aljyran ýaly boldy, emma haýyşyma gulak asdy. Indi ikimiz gürleşenimizde
gözlerimi ýumýaryn we ýene-de Kozýatagyndaky bagymyza düşen ýaly bolýaryn...
Men samsyklaç zatlary ýazyp otyryn... Megerem, ýürek-damar keseline uçrandyryn. Kalbymy,
birhili, ynamsyzlyk, geň howsala gaplap alan ýaly! Edil öňkülerim ýaly, gülüp ýörün, Munise bilen
güýmenýärin, köçe oglanjyklary ýaly, basalaşýarys, öňkülerim ýaly, guşlary örüzmek üçin sygyrmany gowy görýän, emma ünjim hem, ýürekgysmam hem aýrylanok.
Biz gije gämili Ç.-e barýarkak ukym tutmandy. Deňiz garaňky tümlük bolup görünýärdi. Ýolagçylaryň biri zaryn sesi bilen: «Biynjalyk ýüregim sendedir sende...» diýip, aýdyma hiňlenýärdi. Bu
aýdymy şol ýeriň özünde ýadymdan çykardym. Aýlar-günler geçdi. Ine, onsoň bir gezek aprel aýynda
bagymyzda ilkinji güller açylyp ugranynda, şu aýdyma hiňlenip başladym. Ynsan kalby düşnüksiz
bir matala meňzeýär. Bu heň, bu sözler nädip ýadymda galdyka? Çünki olary ömrümde bir gezek
eşidipdim ahyryn.
Indi nämä gümra bolsam-da — guşlara iým bersem-de, deňze syn etsem-de —bu aýdyma hiňlenýärdim. Öten agşam aýdymyň: «Biynjalyk ýüregim sendedir sende...» diýen soňky setirini gaýtalanymda, birden hiç hili sebäpsiz bokurdagym doldy duruberdi. Ýogsam aýdymyň heňinde-de, sözlerinde-de gaýgyly zat ýokdy. Ýürekdamar keseli diýdim ahyryn! Bu aýdymy gaýdyp hiç haçan aýtmaryn.
***
Ç..., 20-nji iýun.
Mekdepde bir joram bar. Adyna Nazmiýe diýýärler. Ol ýigrimi bäş ýaşlaryndaky göwnaçyk,
görmegeý gyz. Bu gyz ut saz guralyny örän gowy çalýar. Şonuň üçin her agşam bir ýere myhmançylyga çagyrylýar. Biziň mugallymalarymyz ony onçakly halanoklar. Ol hakda dürli gep-gürrüňleri
eşitdim. Meniň pikirimçe, biri gowy geýniberse, onda-da gözilginç geýinse, aýallar gowy görmeýärler. Belki, olaryň gözleri gidýändir?! Bilmedim, Nazmiýäniň durmuşa çykjak bolýan ýüzbaşy derejesindäki ýigidi barmyş, ol örän oňat ýigitmiş. Emma ata-enesi onuň öýlenmegine razyçylyk bermeýärmiş, şonuň üçin hem olar ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini häzirlikçe gizläp saklamaly bolupdyrlar.
Bu barada joram maňa gizlinje gürrüň berdi we syryny açmazlygymy haýyş etdi. Düýn öýde ýüregim
gysyp horlanyp otyrkam, Nazmiýe ýanyma geldi.
Ol:
— Feride hanym, siziň yzyňyzdan geldim. Feridunyň daýzasy şu gün meni öz mülkünde geçirýän agşamlyk dabarasyna çagyrdy. Ol sizi tananok, ýöne size salam gowşurmagymy we öýlerine
myhmançylyga çagyrýandygyny aýtmagymy tabşyrdy — diýdi.
— O nädip? Tanalmaýan ýat ýeriňe nädip myhmançylyga barjak? — diýip geňirgendim.
Nazmiýe maňa ünjüdir teýeneli bakdy-da:
— Meniň ýigidimiň daýzasyny sen ýat hasaplaýarmyň? Saňa ýigidimi görkezjek. Oňa synyň
otursa gerek! Alladan ant içýän, eger-de sen gitmeseň, onda menem gitjek däl — diýdi.
Dürli bahanalar agtaryp, gitmekden ýüz dönderdim. Emma Nazmiýe meniň ähli delillerimi ret
etdi, aslynda ol deliller juda ugursyzdy, juda ýüzleýdi. Joram bolsa, eýýäm aýdyşym ýaly, mekirje
gyzdy, ol islän adamyny suwsuz äkidip, suwsuz getirip biljekdi. Ol şeýlebir ýalbaryp, şeýlebir haýyş
etdi welin, çydap bilmän, ahyrsoňy, onuň bilen razylaşdym. Ýöne onuň bir diýeni meni üşertdi. Haçan-da, Munisäni geýindirip başladym welin, Nazmiýe gaşlaryny çytyp:
— Sen gyzy ýanyň bilen äkitjek bolýarmyň? — diýip sorady.
— Elbetde, eýsem, ony nädip ýeke goýup gideýin? Näme, sen muňa garşymy?
— Ýok, elbetde, garşy däl... Has gowy. Ýöne sen käte ony ýeke goýup gidýäň ahyryn. Şonuň
üçin aýdaýdym...
— Hawa-da, ýönehiç haçan gijeläp gitmändim... Maňa beýle gepedüşmez adam diýip boljak
däldi. Iki ýylyň içinde köp zatlary görüp, köp zatlary eşidipdim. Ýöne şol agşam nähili säwlik goýberdimkäm? Nazmiýäniň bu sözleriniň maňa şübheli görünmänligine gaty geň galýaryn. Ähtimal,
tukatlyk, açyk howa çykmak islegi meni ýolumdan azaşdyrandyr!
Kiçijik paýtun bizi derýadan geçirdi-de, agaçlara bürenip oturan ýodajyk bilen ýarym sagat —
kyrk minut töweregi uzaklykdaky baglyga tarap alyp gitdi. Bu ýerleri örän çola, ýöne diýseň gözel
ýerlerdi. Ýolda bize süri gabat geldi. Garry çopan leňňer bilen guýudan suw çekip, daş nowany doldurýardy, onsoň inçejik şahly owlajyklar onuň töweregine üýşýärdiler. Biz Mazlumymyzy ýatlap,
paýtundan düşdük, bir owlajygy tutup, onuň uzyn gulajyklaryny, suw syrygýan kiçijik kellesini ogşamaga durduk. «Bu owlajygy çopandan satyn alyp bolmazmyka?» diýip oýlandym. Emma şol ýeriň
özünde-de pikirimi üýtgetdim. Sebäbi biz bahym ýene ýola düşmelidik. Onsuzam derdimiz özümize
ýetikdi. Ýene bir artykmaç alada, ýene bir dert biziň nämämize gerekmiş?
Ýarym sagat geçip-geçmänkä, biz ähli tarapy göm-gök bolup oturan bassyrmaly köne jaýa ýetdik.
Feridun beýiň daýzasy dolmuş garry aýal ekeni. Dogrusyny aýtsam, bu aýalyň geýen geýimlerinden, dakynan şaýlaryndan göwnüm suw içmedi. Bu ýaşdaky aýala beýle bezemen geýinmek ýaraşmaýardy. Onuň saçlary sary reňke boýalyp, gaşlaryna sürme çekilendi, üstesine, ýaňaklaryna hem
gyzyl reňk çalyngydy. Gepiň keltesi, onuň ýüzüne sereder ýaly däldi. Ol bizi ikinji gatdaky otaga alyp
bardy, çarşabymy aýyrdy, soňra bolsa ýuwnuksyzlyk bilen ýaňaklarymdan ogşady we:
— Tanyşýanymyza örän şat, mähribanym! Gülbeşeker, nä Gülbeşekermiş! Dogrudan-da, garap
doýup bolanok... Ugrunda ýanyp-bişerçe-de bar eken!.. — diýdi.
Aljyramakdan ýaňa juda oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. Emma çydamalydy, syr bermeli däldi. Dünýäde näme diýip, näme aýdýanlaryny bilmeýän biweç adamlar bolýar, belki, Feridun beýiň daýzasy
hem şeýle aýallaryň hilindendi. Munise ikimizi esli wagtlap otagda ýeke goýdular. Gün ýaşdy. Bassyrmanyň gür ýapraklarynyň arasyndan görünýän agşam şapagy kem-kemden ýaşdy. Ünsümi sowmak üçin Munise bilen degişdim, ýöne kalbymda bir düşnüksiz howsala peýda boldy. Ynjalykdan
gaçyp ugradym. Bag tarapdan erkekdir aýal sesleri, gykylyk, gülki, düzülýän skripkalaryň sazlanýan
owazy gelýärdi. Äpişgeden seretdim, emma gür ýapraklaryň arasynda hiç zat saýgardanokdy.
Ahyrsoňy, basgançaklarda aýak sesi eşidildi. Gapy açyldy. Eli ullakan çyraly öý eýesi jaýa girdi.
— Gyzym, gadyrdanym, men seni bilgeşleýin garaňkyda goýup gitdim. Agşam şapagynda baglarymyz juda owadan görünýärler... Olaryň gözelliginden gözüň doýmaýar.
Kempir çyranyň peltesini düzedişdirdi-de, aý-aýdyň gijelerde bagyň jennete öwrülýändigi barada gürrüň bermäge oturdy. Şol pursat hem otaga Nazmiýe gelip girdi. Gapynyň ýeňsesinde harby
geýimli iki serkerdäniň durandygyny gördüm. Başaçykdym, bir ädim yza çekilip, ellerim bilen saçlarymy ýapjak boldum. Nazmiýe hezil edip güldi:
— Ezizim, sen halys obaly bolup gidipsiň! Ýöne sen häzir meniň ýigidimden gaçyp gitjek bolýan
dälsiň-le! Elleriňi aýyr ahyryn, aýyp bor!
Joram mamlady. Utanyp oturara zat ýokdy. Serkerdeler gowuşgynsyzlyk bilen otaga girdiler.
Nazmiýe olaryň birini görkezip:
— Feridun beý — meniň durmuşa çykjak ýigidim. Feride hanym — meniň joram. Meniň üçin
gymmatly bu iki adamyň atlarynyň şeýle meňzeşligine örän şat! Ýaş serkerde bu degişmä agzyny giň
açyp, ýylgyryp goýberdi. Ýadyma düşýär, kiçijikkäm, mamam täsin otluçöpleri satyn alyp gelerdi.
Otluçöpleriň gaplarynyň ýüzünde murty towly, eginlek, buýra saçly, bir zülpi gözüne düşüp duran
bazarçy ýigidiň keşbi çekilgidi. Feridun beý şeýle otluçöp gabynyň ýüzündäki suratdan çykyp gelen
ýaly oňa meňzeşdi. Ol meniň elimi gataňsy aýasyna alyp, silkdi-de:
— Hanym ependi, biz sizden diýseň hoşaldyrys. Siz biziň ýygnanyşygymyza bagt nuruny çaýdyňyz — diýdi. Soňra bolsa meni yz ýanynda duran serkerde bilen tanyşdyrdy.
— Rugsat bolsa, sizi sadyk guluňyzyň iň gowy dosty bilen tanyşdyrmakçy. Bu sahawatly dostum
müňbaşy(Müňbaşy — Osmanly döwletinde maýor derejesine gabat gelýän harby dereje) Burhanettin
beý. Ol müňbaşy, emma ýönekeý müňbaşylardan däl. Ol meşhur Solakzadeleriň körpe ogludyr.
Meşhur Solakzadäniň dogmasy eýýäm kyrk bäş ýaşy arka atan adamdy. Onuň saçy we murtlary
kümüşsöw öwüsýärdi. Asylly maşgaladanlygy hemme zatdan görnüp durdy. Egin-eşigi, durşy, söz
urşy ony Feridun beýden ep-esli tapawutlandyrýardy. Bu agras ýüz we çal saçlar meniň onuň ýoldaşyndan edýän gorkymy we ýaramaz täsirlerimi birneme ýumşatdy. Ýüregim az-kem arkaýynlaşan
ýaly boldy. Burhanettin beýiň gep urşy ynamly hem dogumlydy. Ol uzakdan başyny atyp, meniň
bilen sypaýy salamlaşdy, soňra tagzym edip:
— Siziň sadyk guluňyz Burhanettin. Atam pahyr ähli mülküniň içinde şu üzümçiligi has gowy
görerdi. Ol hemişe: «Bu rysgally ýerdir. Durmuşymyň ähli şadyýan pursatlary şu bag bilen baglanyşyklydyr» diýerdi. Siziň bize geleniňizi görenimde, pahyryň sözleri ýadyma düşdi we olary gudrat
hasap etdim — diýdi.
Aňlaýşyma görä, bu sözler tarypnama bolmaga çemeli. Ýöne onuň bu üzümçilige näme dahyly
barka? Muňa düşünmek üçin umyt bilen geňirgenip, Nazmiýäniň ýüzüne soragly seretdim. Joram
gözlerime ilmekden gaça durdy. Häzire çenli üzümçiligiň eýesidir diýip duran kempir hanym Munisäniň elinden tutdy-da, ony otagdan alyp çykdy. Biz ýarym sagat gowrak ondan-mundan gürrüň etdik.
Has dogrusy, olar gürrüň etdiler. Meniň geplemeg-ä beýle-de dursun, hatda gürrüňiň näme hakda
barýanlygyna düşünmäge-de rowgatym ýokdy. Göýä bolmasa, bir demir penje ýüregimi mynçgap,
dem almagymy kynlaşdyran ýaly, beýnim doňdy. Hiç zat barada oýlanmaýardym, hiç zat duýmaýardym, öz höwürtgesinde güpbasdy edilen guş çagasynyň düşnüksiz gorkuşy ýaly, burçda çugutdyrylyp
otyrdym. Aşakda kimdir biri skripka çalýardy. Şondan soň gazal aýdyldy, hor birnäçe aýdymy ýerine
ýetirdi, horuň sesi inçe we gödeňsi çykýardy. Nazmiýe bilen onuň ýigidi diwanyň üstünde oturdylar,
olar gitdigiçe bir-birlerine gysmyljyraýardylar. Ahyrsoňy, olardan ýüzümi öwürmeli boldum. Olar,
göýä, biziň kinolarda görýän bihaýa söýgi sahnalarymyzyň birini oýnaýan ýaly, iki sany ýat adamyň
ýanynda birjik-de utanman, gujaklaşyp otyrdylar. Hawa, olar örän gödek hem biedep adamlardy!
Çişik hyzmatkär aýal stoluň üstüne birnäçe çüýşe bilen naz-nygmatly mejimäni goýdy. Burhanettin beý mahal-mahal stoluň öňünde aýak çekip, otagda gezim edýärdi. Birden ol meniň ýanyma
geldi-de, tagzym edip:
— Hanym ependi, gaýrat edip alyň-da! — diýdi.
Geňirgenip, başymy galdyrdym, müňbaşy kiçijik bir bulgurjygy tutup durdy. Bulgurjygyň içinde-de ýakut ýaly gyzyl içgi ýyldyraýardy. Adaja sesim bilen:
— Höwesim ýok... — diýip boýun gaçyrdym.
Burhanettin üstüme has-da abandy, onuň gyzgyn demi ýüzümi ýalap geçdi.
— Hanym ependi, bu ýerde hiç hili zyýanly zat ýok. Bu dünýäde iň ýakymly, iň zyýansyz likýor
bolmaly. Nazmiýe hanym, şeýle dälmi?
Nazmiýe başyny atdy.
— Azara galmaň, Burhanettin beý, Feride özüni öýünde ýaly arkaýyn duýýar. Goý, ol islänini
etsin!
Şu çaka çenli Burhanettin beýiň çal saçlary, mylaýym agras ýüzi meni özüne maýyl edip gelipdi.
Emma häzir welin, ol ýüzler mende gorky döredip başlady. Toba, indi näderkäm? Meniň düşen ýerim
nire? Nädip halas bolsamkam?
Çyra kem-kemden haýallady. Otagy garaňkylyk örtdi. Gözlerimiň öňünde otlukly halkalar gaýmalaşyp başlady. Sazyň sesi alysdaky deňziň güwwüldisi ýaly bolup eşidildi.
— Gyzym, eýjejigim, agşamlyk naharyny edinere wagt boldy. Stolumyzyň başynda birnäçe
myhman otyr... Olaryň bary size garaşýar. Muny çişik aýal hanym aýdýardy. Ukudan oýanan ýaly
boldum.
— Taňryýalkasyn, men ýaramajak bolýan. Meni bu ýerden gozgamaň.
Nazmiýe ýanyma geldi.
— Feride, mähribanym, çypbakaý çynym, ol ýerde keseki adam ýok. Feridunyň we Burhanettiniň ýoldaşlary, olaryň gelinlikleri, aýallary... Hawa-da, aýallary... Eger sen aşak düşmeseň, juda gelşiksiz bolar. Çünki olar seň hatyraň üçin gelipdir ahyryn...Kürsiniň arkasyna gysmyljyradym, kellämi
çiginlerimiň arasyna çekdim we ýeke söz diýmäge-de gurbatym çatmady. Dişlerimi içimde baryny
edip gysmadyk bolsam, olar gorkymdan şakyrdap başlajakdy.
Burhanettin beý:
— Myhmanyň diýen zadyny, islän ýumşuny bitirmek biziň borjumyzdyr. Siz aşak düşüň-de,
Feride hanymymyzyň birneme ýaramaýanlygyny aýdyň... A siz bolsa, Binnaz hanym, biziň agşamlyk
naharymyzy bärik alyp geliň. Myhmanymy ýeke goýmazlygy borjum hasap edýärin — diýdi. Tas
däliräpdim. Bu otagda Burhanettin bilen ikiçäk galmaly, onuň bilen ýekme-ýek oturyp, agşamlyk
edinmeli? Näme edip-näme goýanymy bilmezden, öz etmişime jogap bermezden, kürsüden böküp
turdum-da:
— Ýagşy! Goý, siziň diýeniňiz bolsun. Ýörüň, aşak düşeliň — diýdim.
Nazmiýe ýigidi bilen gol tutuşyp öňden ýöredi, Burhanettin beý bolsa meniň yzyma düşdi. Biz
daş düşelen garaňky howlujygyň duşundan geçdik. Gapy açyldy we ýiti yşyk gözlerimi gamaşdyrdy.
Otagda entirekläp, birnäçe ädim ätdim. Diwarlardaky aýnalar ýalpyldap, myhman otag diýseň uzyn
bolup göründi. Ýokardan asylgy şelpeli çyralar, garaňkylykda uçup ýören köpsanly yşyklar ýaly,
aýnalaryň ýüzüne düşýärdi. Maňa näme bolýarka? Edil düýşdäki ýaly, ençeme suduryň gözleri, tutuksy ýüzleri gözüme görnüp başlady. Birden hem gulaklary kamata getiriji elçarpyşmalar ýaňlanyp
gitdi... Adam sesleri orkestriň sazyny basdy, özi hem gitdigiçe güýçlenip, bir güwwüldä öwrüldi,
şeýdibem daglardan öwüsýän şemalyň şuwwuldysyny ýada saldy. Maňa:
— Ýaşasyn Burhanettin beý! Ýaşasyn Gülbeşeker! Ýaşasyn Gülbeşeker! — diýen gykylyklar
eşidildi.
***
Gözlerimi açanymda, Munisäniň ellerinde ekenim. Görgüli: «Abajygym! Abajygym!» diýip,
zar-zar aglaýardy, ýüzüni ýüzümiň ýanyna getirip gysmyljyraýardy. Ol meniň öl saçlarymy, atyrdan
ýaňa awuşap duran gözlerimi öpýärdi. Otagyň ýarym garaňkylygynda özüme tarap seredip duran birnäçe göze nazarym düşdi. Hasyr-husur, açyk ýakamy ýapmak bilen boldum.
Bir nätanyş ses bolsa:
— Baryň çykyň, haýyş edýän! Baryň çykyň! — diýip gygyrdy.
Güýjümde baryny edip ýerimden turjak boldum.
— Gorkma, gyzym... Hiç hili gorkuly zat ýok, gorkma!
Bu gürleýän hemişe harby eşiginiň ýakasyny açyp gezýän şol garynlak golagasydy. Ol ýüzüme
seretdide, haýsydyr bir adama tarap öwrülip:
— Görgüli, ol hakykatdan hem, çaga ekeni.
Nazmiýe ýanymda çöke düşüp oturyşyna ellerimiň aýalaryny owkalaşdyrýardy.
— Feride hanym, sen tas ýüregimizi ýarypdyň!
Beýläme öwrülip, onuň ýüzüni görmezlik üçin gözlerimi ýumdum.
Soň bilip galyşyma görä, on bäş minutdan gowrak wagt özümden gidipdirin. Endamyma atyr
çalyp owkalapdyrlar, çirkizilen ýüň ysgadypdyrlar, emma peýdasy degmändir. Hemmeler meni
özüme getirmek umydyny üzüpdir. Lukman getirmek üçin şähere bagyň furgonyny ibermekçi bolupdyrlar.
Özüme gelenimden soň, derrew şol furgon bilen öýümize ýollamagy talap etdim, ýogsa-da paýpyýada giderin diýip haýbat atdym. Olar ylalaşmaly boldular. Garynlak golagasy şinelini geýip, furgonçynyň ýanyna mündi.
Biz furgona münenimizden soň, Burhanettin beý ýanymyza geldi. Görnüşi ýaly, ol özüni oňaýsyz duýýardy.
Ol ýüzüme bakmaga het edip bilmän:
— Feride hanym, siz bize nädogry düşündiňiz. Ynanaýyň,siz babatda hiç kimiň ýaman niýeti
ýokdy. Diňe biz size hormat goýmak, üzümçilikde guraýan agşamymyzy görkezmek isledik. Stambulda terbiýe alan, birnäçe gün mundan ozal serkerdelerimiziň biri bilen söhbetdeş bolan kiçijik hanymyň beýle gyňyr häsiýetiniň bardygyny biz nireden bileli? Ýene bir gezek gaýtalap aýdýaryn, siz
babatda hiç kimiň ýaman niýeti ýokdy. Şunuň bilen birlikde bimaza edenimiz üçinsizden ötünç soraýaryn — diýdi.
***
Paýtun garaňkylyga siňip gitdi we üzümleriň arasyndaky inçejik ýodalar bilen öňe ümzük atdy.
Gözlerimi ýumup burça dykylyp otyrdym we üşeýän ýaly galpyldaýardym. Şu wagt başga bir gijäni,
näme edýänime göz ýetirmän, Kozýatagyndan gaçyp, ýekelikde ýola çykan gijämi ýatlaýardym. Igdäniň burk urýan şahalary paýtunyň aýnalaryna şarpyldap degýärdi, ýüz-gözümi awadyp, meni
ukudan oýarýardy. Munisäniň uludan-uludan dem alýanlygyny eşitdim.
— Sen, eýjejigim, uklaňokmy? — diýip, ýuwaşlyk bilen soradym. Gyzjagaz hiç hili jogap bermedi. Onuň uly adam ýaly bolup aglaýandygyny we gözýaşlaryny gizlejek bolup jan edýändigini
eşitdim. Onuň ellerinden tutup:
— Gyzym, saňa näme boldy? — diýip soradym.
Munise meni gaýym gujaklap, köp ýaşap, köp bilýän uly adam ýaly, ünjüli:
— Wah, abajygym, näçeler aglap, näçeler gorkdum diýsene! Abajygym, men siziň ol ýere näme
üçin çagyrylandygyňyzy bilýän. Beýle adamlara biz hiç haçan myhmançylyga gitmeris. Şeýle dälmi?
Onsoň sen nähili görýäň. Hudaý saklasyn, birden ejem ýaly... Onsoň meniň günüm nähili bolar, abajygym? — diýdi.
Ah, bu nä masgaraçylyk! Bu nä kemsidilme! Ýoldan çykan zenan hökmünde bu gyzjagazyň
öňünde örän ýazykly! Onuň gözlerine seredip bilmedim, kiçijik dyzjagazlaryna ýüzümi goýup, tä öýe
gelýänçäm, enäniň elindäki çaga ýaly, ses edip agladym.
***
Müdir hanymyň öýüne ýetenimde, Gün ýaňy gözýetimden saýlanyp ugrapdy. Gartaşan aýal meni
beýle ir, aýak üstünde, gabaklary aglamakdan ýaňa pökgerip, ýüzünde reňk-peti galmadyk halda görüp, ör-gökden geldi:
— Feride hanym, gyzym, saňa näme bolýar? Seni hiç haçan beýle halda görmändim... Ýa ýaramajak bolýaňmy?..
Bu aýalyň arkaýynlygy, biparhlygy hemişe meni birneme gorkuzýardy we onuň bilen aç-açan
gürleşmäge päsgel berýärdi. Ýöne bu ýat şäherde meniň şu aýaldan başga derdimi aýdyp biläýjek bir
adamym hem ýokdy.
Müdir hanyma gijeki bolup geçen ahwalaty çekine-çekine we galpyldap gürrüň berdim. Hiç zady-da gizlemedim. Kempir sesini çykarman diňläp durşuna gaşlaryny çytýardy. Gürrüňimiň ahyrynda, teselli gözleýän ýaly, naýynjar gözlerimi oňa dikdim.
— Müdir hanym, siz menden ýaşuly adam. Sizhas köp bilýärsiňiz. Taňrynyň haky üçin bir zady
aýdyň! Eýsem, meni eýýäm ýoldan çykan erbet adam hasap edip bolarmy?
Bu sowalym müdir hanymy tolgundyrdy. Onuň ýüzünde hasratdyr gynanç alamatlary peýda boldy. Ol meniň alkymymdan tutdy-da, gözlerime bakdy, ýöne hemişekileri ýaly keseki biri hökmünde
däl-de, müdir hökmünde, söýýän, ähli zada düşünýän ene hökmünde seretdi. Olýaňaklarymdan sypalap, titreýän sesi bilen:
— Feride, men hiç haçan seni beýle päksiň, beýle bigünä çagasyň öýdemokdym. Sen hoşgylaw
garaýyşlara, uly söýgä mynasyp gyz. Görgülim... Wah, ol Nazmiýemi? Men köp zatdan habarly, gyzym. Hemmesine düşünýän. Ýöne durmuşyň gurluşy şeýle, käte bilýän zatlaryňy hem gizlemeli bolýar. Nazmiýe örän nejis, ahlaksyz aýaldyr. Telim gezek ony mekdebimizden çykarjak boldum, emma
bar yhlasym puç bolup çykdy. Ol edil gaýa ýaly berk dur. Sebäbi mutesarrifden we goşungala ýolbaşçylaryndan başlap, tä batalýon ymamlaryna çenli sansyz muşdaklary bar. Eger Nazmiýe bu ýerden
gitse, asylzada hanymlara kim ýaranjaňlyk etsin? Uly emeldarlaryň gizlinje guraýan gijeki keýphanalarynda kim ud çalsyn? Ol ýerde kim tans etsin? Onsoň Burhanettin ýaly bihepbeler seniň ýaly arassa,
bigünä ýa owadan gyzlary nireden tapsynlar? Feride, men baryna düşünýän. Olar saňa duzak gurupdyr! Burhanettin beý diýilýänleri barypýatan zynabazdyr. Betbagt aýallaryň başlaryny aýlap, biçäre
melekleriň ömrüni köýdürip, ol atasyndan galan emlägiň ählisini ýele sowurdy. Gözelligi bütin Ç.-ni
haýrana goýan gyzy ele salmagy ol özi üçin uly abraý hasaplaýar. Ýaş serkerdeleri gylyçlaryny takyrdadyşyp köçede garaşdyrýan, olary çadranyň aşagyndan görselerem özlerini bagtly saýdyrýan seniň ýaly owadan gyzyň goltugyna girip, ony meýlishana alyp barmak, özi ýaly ahlaksyzlary «Ýaşasyn
Burhanettin!» diýip, gygyrmaga mejbur etmek onuň üçin iň uly lezzetdir. Aýratyn hem seniň Yhsan
beýe göwün bermäniň belli bolan wagtynda şeýledir... Indi düşünýärmiň, gyzjagazym? Olar Nazmiýä
ýüz tutupdyrlar, munuň üçin oňa näme wada berendiklerini Hudaý bilsin. Şondan soňam seň başyňa
şeýle oýun salypdyrlar. Gyzym, muňa-da şükür et, uly beladan gutulypsyň. Saňa ýene bir zady aýdaýyn, mundan soň sen bu şäherde galyp bilmersiň. Ýene-de birnäçe günden bolan işler hemmelere
aýan bolar. Sen ilkinji gämi bilen gitmeli bolarsyň. Gidere ýeriň barmy? Dogan-garyndaşlaryň, tanyşlaryň bardyr-a?!.
— Müdir hanym, meniň hiç kimim ýok.
— Onda Izmire git. Ol ýerde meniň tanşym, jan ýaly joram bar. Ol mugallym we bilim bölüminde uly kätip bolup işleýär. Men oňa hat ýazaryn. Ol ýerde seni işe ýerleşdirerler diýen umydym bar.
Bu eserdeňlik meni tolgundyrdy. Ölümden halas edilen, ýagyşdan soň ýyljajyk ýere düşen çaga pişik
ýaly, barha müdir hanyma tarap süýşenekledim, onuň saçlarymy sypalaýan ellerine çekine-çekine
dulugymy goýdum, soň olary beýlesine öwrüp, aýalaryndan ogşadym. Gartaşan aýal ýuwaşlyk bilen
uludan dem alyp:
— Beýle görnüşde öýüňize gaýdyp barmak bolmaz, Feride. Ýör, gyzym, seni ýatyraýyn, birazajyk ýat. Bu ýere seniň goşlaryňy we Munisäni geçireýin. Gidýänçäň meniň ýanymda ýaşaber — diýip,
sözüni dowam etdirdi. Ýokarda müdir hanymyň otagynda agşama çenli ýatypdyryn, kä oýanyp, ýene
uka gidipdirin. Gözlerimi açanymda garry aýal ýatan ýerime gelip, maňlaýyma elini degrip görüpdir,
indi Ç.-niň ähli gyzlary ýaly iki örüm edip goýberýän ýogyn saçlarymy sypalaşdyrypdyr.
— Feride, sen ýaraňokmy? Gyzym, seniň bir ýeriň agyrýarmy? — diýip, ol ynjalykdan gaçýardy.
Men sagatdym, ýöne kellämi ysgyn-mydarsyz, ýassyga goýup, edil kiçijik gyzjagaz ýaly meýmireýärdim. Göwnüme bolmasa, olnäçe öpdügiçe, näçe söýdügiçe, kalbyma şonça-da uly mähir aralaşjakdy, bu garry ýowuz zenanyň söýgüsi şonça-da köp wagtlap hakydamdan çykjak däldi. Entekentekler öňde duran ýalňyzlyk we hupbatly günlerde täzeden ýetilen bu ene söýgüsi — sowgat berlen
elýaglyklarda galan hoşboý yslar ýaly — maňa teselli berjekdi.
***
«Şa gyzy Mariýa» gämisi, 2-nji iýul.
Galyň penjegime dolanyp, tä Aý ýaşýança ýokarda oturdym. Gäminiň ýokarky gaty boşdy. Diňe
şilliň uzyn bir ýolagçy tutalga ýaplanyp, ýüzüni hem şemala tutup, zaryn-zaryn sygyrýardy. Ol bütin
agşam bir bolşuny üýtgetmedi.
Men deňze belet we ony gowy görýärin. Ol meniň üçin içki durmuşy bilen ýaşaýan janly bir
zatdy. Ol hemişe gülýär, gürleýär, iňňildeýär, gaharlanýar. Emma şol gije garalyp ýatan suw çöllügi
maňa aňyrsy görünmeýän tükeniksiz ýalňyzlyk, ýürekgysgynç we tesellisiz teň hally bolup göründi.
Gäminiň içindäki kiçijik otaga düşdüm. Gijäniň çyglygy etimden ötüp, süňňüme ornaşan ýaly
üşüdýärdim. Munise çarpaýada ýatyrdy. Aşakdan, gäminiň düýbünden çykýan sesi, tarkyldyny soňsuz ýalňyzlygyň kalbynyň urşy kimin diňleýe-diňleýe, gündeligimi doldurmaga oturdym.
***
Şu gün müdir hanym meni gämi duralgasyna çenli ugratdy. Tanyşlarymyň hiç biri bilen hoşlaşman, diňe daýzama meňzeş gartaşan aýalyň ýanyna girdim we gözlerimi ýumup, onuň iň soňky gezek
«Feride» diýip, adymy tutuşyny diňledim. B.-de biz Mazlumy goýup gaýdypdyk, indi bolsa guşlar
bilen aýrylyşmaly bolýarys. Men olary müdir hanyma tabşyrdym.
Sahawatly zenan:
— Feride, sen olary gowy görýän bolsaň, öz elleriň bilen erkinlige goýber. Şeýtseň, Alla hem
halar — diýdi. Men gussaly gülümsiredim.
— Ýok, müdir hanym. Ozalky ýagdaý bolanlygynda siz bilen ylalaşardym. Emma häzir başgaça
pikir edýärin. Guşlar näme edýänlerini özleri-de bilmeýän, akyl-huşsuz jandarlardyr. Olar kapasadan
çykýança horlanyp urunýarlar. Ýöne olara erkinlikde bagtyň garaşýanlygyna siz ynanýarsyňyzmy?
Ýok, bu beýle däl... Meniň pikirimçe, bu betbagt janawarlar hiç zada pitiwa etmezden, öz kapasalaryna öwrenişýärler. Ýöne erkinlige çykmak başardan wagty bolsa, olar kellelerini ganatlarynyň aşagyna salyp, uzynly gije ýatman gam çekýärler ýa-da kiçijik gözlerini ýagty äpişgelere dikip, ozalky
ýaşaýyşlaryny ýatlaýarlar. Müdir hanym, guşlary zor bilen kapasa salmaly, zor bilen, zor bilen... Şeýle diýenimde gözýaşlar bokurdagyma tegek boldy.
— Feride, sen örän geň gyzjagaz. Eýsem, şeýle biderek zatlar üçin aglamak bolarmy? Garry ene
ýaňaklarymy sypalady.
***
Gämide Ç.-li birnäçe ýolagçy bardy. Olaryň ikisi bolsa, serkerdedi. Maňa olaryň gürrüňlerini
diňlemek başartdy. Ýaş serkerde ýaşuly serkerdä:
— Yhsan beý dört gün öň gitmekçidi. Oňa: «Birnäçe gün garaş. Beýruta bile gideris» diýdim.
Şeýlelikde, bu betbagtçylygyň alaçsyz sebäpkäri boldum. Hawa-da, ol şol gün giden bolsady, onda
hiç zadam bolmazdy — diýdi.
— Dogrudan hem, gelşiksiz ýagdaý — diýip, ýaşuly serkerde aýtdy.
— Yhsan onçakly dawaçyl däl. Ýöne munuň nähili beýle bolýanlygyna düşünip bilýän däldirin.
Anyk bolan ýagdaýy sen bir bilýärmiň?
— Barysyny öz gözüm bilen gördüm. Düýn biz şäher humarhanasynda otyrdyk. Burhanettin beý
bilýard oýnaýardy. Yhsan jaýa girdi we müňbaşyny bir çete çagyrdy hem-de oňa bir zat — bir zatlar
diýişdirdi. Ilki olar arkaýyn gürleşip duran ýalydylar. Soň näme bolanyny bilemok welin, Yhsan beý
bir ädim gaýra çekildi-de, Burhanettin beýiň gulagynyň düýbüne bir şapbat çaldy. Müňbaşy sapançasyna ýapyşdy. Emma Yhsan rewolwerini ondan öň çekip aldy. Eger-de birnäçe adam aralamaga
ýetişmedik bolsa, gandöküşlik bolmalydy. Ertir Yhsan harby kazyýetiň öňünde durmaly bolar.
— Muny bizden birimiz edäýen bolsak, onuň işi pyrryk bolardy. Ýöne Yhsan paşanyň garyndaşymyka diýýärin.
— Ol paşanyň-a doganoglany, aýalynyňam süýt emdiren ogly.
— Beýle bolsa, ol ýeňiljek bir temmi bilen sypar. Ýöne Burhanettin welin, etmişi üçin almytyny
aldy. Ýogsam ol juda hetden aşdy.
— Onsoň bu dawaň sebäbi nämekä?
— Ikisiniňem aýtmagyna görä, syýasy äheňde bolmaly...
— Ýene aýal meselesi ara düşdümikä diýýän, Hudaý bar. Eýsem, biz Burhanettini tanamzokmy
näme? Serkerdeler gürleşe-gürleşe, meniň ýanymdan daşlaşdylar. Indi garry gaýykçynyň ugramazymyzdan öň getiren bägül çemeniniň kimdendigine düşünýärdim. Yhsan beý, men, ähtimal, hiç haçan
size duşmazmykam diýýärin. Duşaýsamam, tanamaýan kişi bolmaly bolaryn. Ýöne siziň harby kazyýetiň öňünde durmaga taýynlanýan wagtyňyz hem ýatlanyňyzy hiç haçan unutman. Siz gülleriň kimdendigini aýtmazlygy tabşyran ekeniňiz. Bu siziň kalbyňyzyň näzikliginden — inçeliginden habar
berýär. Gündeligimde kiçijik ýaprajyk, ýüregimde bolsa päk, asylly adam bolan siz baradaky hatyrany saklaryn.
***
Ýokarky gatda uzynak ýolagçy henizem gamgyn aýdymyny aýtmagyny dowam etdirýärdi. Men
açyk gämi äpişgejiginden kellämi çykardym. Deňziň ýokarsynda daň agaryp görünýärdi. Göwnüňe
bolmasa, Gün nury suwuň içinden gaýnap çykýan ýalydy. Çalyguşy, besdir, ýat. Gije we argynlyk
seniň biçäre gözleriňe agram salýar. Säherden saňa näme peýda? Säher «sary gülleriň» owadan yşky
düýşlerden ganyp, nirededir alysda bir ýerde öz bagtyýar gözlerini açýan wagtydyr. Dördünji bölüm
Izmir, 20-nji sentýabr. Men, ynha, üç aýa golaý wagtdan bäri Izmirde. Işlerim onçakly ugruna däl.
Ahyry, iň soňky umydym galdy. Eger ertir ony-da ýitiräýsem, halymyň niçik boljagyny bilemok.
Hatda bu barada pikir etmegem gorkunç. Müdir hanymyň ýollaýyş hatyny iberen uly kätibi gelmezimden bir aý öňden bäri nähoş ekeni we ýarym ýyllap Stambula dynç almaga giden ekeni. Islesemislemesem, bilim bölüminiň müdiriniň ýanyna özüm gitmeli boldum. Onsoň siz kimi görendirin öýdýärsiňiz. Şol B.-däki stoluň başynda birsyhly uklap oturan, gelen-gidenler bilen bolsa, düýşdäki ýaly
gürleşýän äwmezek «ýaltalar şasyny» gördüm. Elbetde, onuň Gudraty Güýçli tarapyndan görmek
üçin däl-de, esasan, uklamak üçin berlen humar gözleri meni tanamady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 20
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.