Latin

Saýrak Guşy - 17

Total number of words is 3904
Total number of unique words is 2184
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— hesip edip Stambulda galjak bolan Wasfiýe-de B.-e gaýdyp geldi. Görgüli paýtagtda boş ýertapmandyr. Nezihäniňki bolsa şowuna bolupdyr. Bir gezek, anna güni, olar Bosfaryň kenarynda ýaş serkerde bilen duşuşypdyrlar. Serkerde olary Fatihe çenli ugradypdyr. Joralarym bilen tanşan ýigitler
hemişe Wasfiýäni ileri tutupdyr. Bu gezek hem şeýle bolupdyr. Haýsy bagdadygyny bilmedim welin,
serkerde şol ýerde duşuşyk belläpdir. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol gün Wasfiýäniň myhmanlary bar
ekeni. Serkerdäni aldamazlyk üçin ol:
— Nezihe jan, meň ýerime git-de, bu gün gelip bilmejekdigimi oňa duýdur, duşuşygy başga bir
güne geçirmek barada wadalaş — diýip, jorasyndan haýyş edipdir.
Nezihe agşam dolanyp gelip, ýaş ýigidi görmänligini habar beripdir. Ýöne gyzyň kalbynda bir
üýtgeşiklik döräpdir.
Birnäçe günden soň işiň üsti açylypdyr. Şol agşam Nezihe ýaşserkerdäniň göwnünden turupdyr,
bir hepde geçip-geçmänkä, olar nikalaşypdyr. Bu waka Wasfiýä diýseň agyr degipdi. Jan ýaly jorasynyň aldamagy ony diýseň kyn güne salypdyr, onsoňam ol düýpden ýeke galanyna ýanyp-bişipdir.
Indi ol uludan demini alyp, ýygy-ýygydan:
— Wah, Feride hanym, ikimiz, gör, nähili jora bolup bilerdik! Arman... Siz örän şähdaçyk,
gowy, alçak gyz welin, durmuşyň lezzetini bileňzok-da — diýýärdi.
Jüýjeler ýumurtgadan çykanynda höwürtgede täsin durmuşyň başlanyşy ýaly, häzir mekdebem
şol höwürtgä çalym edýärdi. Birnäçe gün mundan ozal ýyldyrym çakyşy, gök gübürdisi bilen başlanan güýçli tupan jöwzaly tomsuň ýüregimde wagtyndan ir döreden durmuş ýadawlygyny, gam-gussasyny, edil el bilen aýran ýaly edip taşlady. Indi göwnüm açylyp, ýüküm ýeňläp gitdi.
***
B..., 17-nji oktýabr.
Ynha, on günden bäri ýagyş dynman guýup dur, özem şeýlebir güýçli ýagýar! Ilki günler men
kibişatlanan, ýüzüne täze öwüşgin çaýylan iň soňky güller hem saralyp-solupdyr. Şonda olaryň solgun baldaklary Gün şöhlesine albaý bulap, ýuwaş-ýuwaşdan dirilik suwundan ganypdylar, häzir bolsa
olar başlaryny egip, bagda üznüksiz ýagýan ýagşyň astynda titreşip otyrlar, göýä: «Besdir, ýagmaňy
goýsana!» diýmek isleýän ýalydy.
Agşam mekdepden gaýdyp gelenimde, meniňem keşbim ähtimal, şondan gowy däldi, gözgynydy. Ezilip, süllümbaý bolupdym, örtügim endamyma, çadram hem ýüzüme ýelmeşip durdy. Ötegçiler
maňa seredip gülüşýärdi.
Munisäniň ýüzi juda solgun bolup göründi. Sowuklandyr öýdüp, ony zor bilen irgözin ýatyrdym-da, lipa gülüni gaýnadyp berdim. Gyzjagaz hötjetlik edýärdi, was-waslygymyň üstünden gülýärdi. Ol:
—Abajygym,sowuk adama näme etsin? Eýsem, geçen gyş gije samanyň içinde gizlenenim seniň ýadyňda dälmi? — diýdi.
Näme üçindir, gözüme uky gelmeýärdi. Munisäni ýatyryp, kitaby elime aldym-da, jaýyň erňegini takyrdadyp, suw akýan turbada ses edýän ýagşyň azmly şybyrdysyna diň salyp, tagtanyň üstünde
süýndüm. Bu ýas mukamy indi iki hepdeden bäri dowam edýärdi.
Näçe wagtyň geçenligini biljek däl. Birden gapy güýçli kakyldy. Beýle biwagt kim gelip bilerkä? Gapyny açmaga ýürek etmedim, myhman jaýa geçip, jumbadan(Jumba — köne türk jaýlaryndaky gözenekli
äpişge. Jumbadan seredeniňde özüň görünmeýärsiň.) seretdim. Gapynyň öňünde ýagyşdan pena gözläp, daýaw bir zenan durdy, onuň elinde bolsa üsti örtükli çyra bardy. Çyranyň ýagtysy suwuň üýşen ýerinde ýalpyldaýardy.
— Kimsiň? — diýip soradym. Sandyrawuk bir ses:
—Açyň, Feride hanymy görmäge geldim — diýdi.
Gapyny açanymda süňňüm galpyldaýardy. Şol Stambulda bolup geçen näletsiňmiş agşamdan
soň, nätanyş aýal myhmanlardan gözüm gorkupdy. Kimdir bir nätanyş aýal meni gözleýärmiş diýip
eşidenimde, her gezek ýaman habar gelendir öýdýärdim. Bosagadan ätlän badyna ol aýal meni gowy
synlamak üçin çyrasyny galdyrdy. Solgun hem-de gamgyn gözlere gözüm düşdi.
— Hojanym, içerik girmäge ejaza beriň...
Bu ýüz, bu ses meni ekezlendirdi. Kemteresinden onuň kimligini, näme üçin gelenligini hem
soraman, myhman jaýyň gapysyna tarap ümledim.
— Baş üstüne...
Zenan otagy hapalamakdan gorkýan ýaly, seresaplylyk bilen içerik girdi, emma oturmaga milt
etmedi.
— Baý, ýagaýşyny, baý, bu ýagşy!... Gark hem etjek! — diýip, ol aýal dymyşlygy bozdy.
Nätanyş aýaly içgin synladym. Aýalyň gözgyny görnüşiniň ýagyş zerarly däl-de, başga bir sebäplidigi görnüp durdy. Aňyşyma görä, ol bimahal gelmeginiň sebäbini düşündirmezden öň, özüni
dürsejek bolýardy, şonuň üçinem hiç zat soranokdy.
Mende galan ilkinji täsir nädogry bolup çykdy: ol ýuwaş hem asylly zenan ekeni.
Ahyrsoňy:
— Hanym ependi, kim bilen gürleşýärkäm? — diýip soradym.
Zenan bu sowaldan çekinen ýaly, başyny aşak saldy. Soň ol:
— Feride hanym — diýip gürrüňe başlady. — Biz az-kem tanyş. Dogry, ne siz meni, ne men
sizi şu çaka çenli görüpdik, emma sizi gaýybana tanaýan. — Şeý diýip, zenan birsellem dymdy, soňra
bolsa güýç toplan ýaly, sözüni dowam etdirdi: — Men siziň mekdep ýoldaşyňyz, saz mugallymy
Şeýh Ýusuf ependiniň aýal dogany.
Ýüregim agzyma geldi. Emma özüňi elde saklap,syr bermeli däldi.
—Şeý diýseňizläň, hanym ependi. Siz bilen tanyşýanyma örän şat. Doganyňyz hem gurgunmy?
— diýdim.
Elbetde, şeýle ýagdaýda şeýle wagt gelen myhman aýal bilen başgaçarak gürleşmelidi. Ýöne
men oňa näme diýeýin?
Zenan dymýardy, ähtimal, ol jogap bermäge söz tapmaýardy. Onuň ýüzüne seretmäge ýürek
etmän, başymy aşak salyp oturdym. Zenanyň horkuldap aglaýany eşidildi. Gutulmasy kyn peläkete
duşan ýaly, başymy öňküden-de aşak saldym. Zenan aglamajak bolup, elleri bilen bogazyny gysdy.
Ol: — Doganym ölüm pillesinde. Agşamaralar ol has hem haýallady. Ynha, ol alty sagatdan
bäri özüni bilmän ýatyr. Ol ertire ýa çykar, ýa çykmaz... — diýdi.
Dymdym. Elimden gelýän zat barmydy näme?
— Hanym, — diýip, ol aýal sözüni dowam etdirdi. — Ýusuf menden bary-ýogy üç ýaş kiçi,
emma ony oglum ýaly görýärin. Ejemiz ölende Ýusuf juda kiçijikdi. Menem kiçijikdim, ýöne muňa
garamazdan, oňa ene ornuny tutmaly boldum. Bütin ömrümi Ýusufa bagyş etdim. Dul galamda siziň
ýaşyňyzdadym. Ýene-de durmuşa çykyp biljekdim, emma çykasym gelmedi.Ýusuf jany ýeke goýasym gelmedi. Ynha, indi ol meni taşlap, gidip barýar... Hanym ependi, siz bu zatlary näme üçin gürrüň
berýänime geňirgenersiňiz. Sizi beýle bimahal çagy bimaza edenim üçin gatyrganmaň!.. Sizden bir
zady ýalbaryp haýyş etjegim üçin hem gatyrganmaň!.. Meni kowmaň...
Gürrüň şu ýere geleninde, ol zenanyň ysgynsyz aýaklary birden epilip gitdi, durşy bilen dere
batyp, özüni aşak goýberdi. Onuň halynyň harapdygyny görüp, biçäräni ýerinden galdyrjak boldum.
Emma ol ýarym-ýaş bolup ýerde çabalanyp ýatyrdy, dyzymy gujaklap, yzlyyzyna ogşaýardy.
Seresaplylyk bilen zenanyň elinden sypdym, şeýle pursatlarda mümkin boldugyça arkaýynlyk
bilen:
— Hanym ependi, siziň derdiňize düşünýän. Aýdyberiň... Elimden gelýän zat bolsa, ederin...
— diýdim.
Onuň aglamakdan ýaňa çişen solgun, mawy gözlerinde umyt uçgunlary ýylpyldap gitdi, biçäre
horkuldysyny köşeşdirjek bolup, elleri bilen bogazyny tutdy-da:
— Ýusuf on ýyldan bäri ýaranok. Etmedik emim, etmedik yhlasym galmady, emma zalym dert
ony kemkemden sykyp, ähli ysgynyny aldy!.. Ahyrsoňy bu hadysa ýüze çykdy. Ýusuf sizi görüpdir.
Ol juda duýgur adam bolansoň,şol günden bäri ýanyp-köýüp, eräp barýar...
Gürrüň şu ýere geleninde, özümisaklabilmän, garşylyk görkezdim:
— Hanym ependi, doganyňyza hiç zat etmänime ant içýärin.Aslynda, men kim? Men bir ganaty
gyrlan guşdan başga zat däl — diýdim.
Ýusufyň uýasy ýene-de aýagyma ýykyldy.
— Eziz balam, siziňem öz eý görýän adamyňyz bar bolmagy mümkin. Gaty görmäň... Ant içýärin, bu ýere zeýrenmek üçin gelemok. Men, görnüşi ýaly, ýeňilkelle aýal däl. Men bary-ýogy Ýusufyň aýal dogany. Telim ýyldan bäri Ýusufyň sazynyň täsiri bilen ýaşaýaryn. Sizden hiç zady gaty
göremok, tanyşlygyňyzdan hem zeýrenemok. Ýusuf ýanyny ýere berip, gözümiň alnynda şem ýaly
ýanyp-eräp barýar. Ýöne onuň ölüminden razydygyny görýärin. Ol zeýrenenogam, derdinenogam,
aglanogam. Käte huşundan gideninde, gabaklary ýuwaşja titräp, solgun dodaklary ýyrşarýar-da, adajadan siziň adyňyzy tutýar. Ýusuf öz derdi barada maňa ýeke agyz sözem aýdanok. Ýöne ol düýn
ellerimi eline alyp, barmaklarymy ýekän-ýekän ogşap çykdyda: «Abla, sen ony maňa, iň bolmanda,
ýene birje gezek görkez!» diýip, çaga ýaly özelenmäge durdy. Ýusuf üçin bar zady gurban etmäge
taýýardym, ýöne bu haýyş başa bararlykly däldi. Ýüreklerim para-para bolýardy. «Hany, Ýusuf, sagal, aýak üstüne gal, sen ony ýene görersiň...» diýip, ellerini, maňlaýyny, saçlaryny sypalap, doganyma teselli berýärdim. Ah, Feride hanym, nähoşuň muňa hapa bolşuny bir görsediňiz! Onuň ýüzünde
umytsyz bir ünji peýda boldy. Ol sessiz-üýnsüz diwara tarap öwrüldi-de, gözlerini ýumdy. Muny söz
bilen beýan etmek mümkin däl? Şu gün agşamaralar bolsa Ýusuf özünden gitdi. Onuň gaýdyp hiç
haçan gözüni açmajakdygyna düşündim. Ömrümi, bagtymy oňa bagyş etdim, hiç haçan hiç zady gaýgyrmadym. Onuň gözlerini gam-gussaly ýumşuny we dünýäde bar zatdan gowy gören adamy bilen
duşuşmaga maý bolmanyny görmek şeýlebir agyr welin, ony söz bilen beýan etmek mümkin däl, asla
mümkin däl, Feride hanym, onuň çeken derdi-belalaryny söz bilen beýan ederden ejiz! Bir sogap iş
edip, jan beren adamyň dodaklaryna bir damja suw damdyraýsaňyz diýýärin...
Biçäre zenan mundan artyk gürläp bilmedi. Ol çygjaryp duran ýüzüni etegi bilen bukup, möňňürmäge başlady.
***
Bu gijäniň wakasy, düýş ýaly, bütin ömrüme ýatdan çykmaz. Darajyk garaňky köçe bilen ýagşyň astynda çyranyň solgun yşygynda ýöräp gitdim. Hiç zat duýmazdan, hiç zat barada pikir etmezden, suwuň ugruna gaýyp barýan ýaprak ýaly, biygtyýar süýrenip barýardym. Meni içi alagaraňky
beýik giň otaga alyp bardylar. Diwardan tamburlar, udlar, gyjaklar asylgy durdy, darajyk tekjeleriň
üstünde tüýdükler çaşyp ýatyrdy. Saz düzüji giň demir ýatalganyň üstünde deminisanap ýatyrdy. Daraklygymyza basyp, onuň ýanyna bardyk. Şeýhiň mum ýaly sarymtyl ýüzüne ölüm reňki çaýylypdy.
Ýumlan gözleriniň çukury garalyp durdy. Diňe ak dişleri görünýän ýarym açyk dodaklarynda entek
ýylylyk duýulýardy.
Ýarym sagat mundan öňem gaýgy-hasratdan ýaňa bir gysym bolan biçäre zenan, ölüp barýan
hassanyň iň soňky haýyşyny ýerine ýetirmek bilen, diýseň arkaýynlaşdy. Ýa, Rebbim, söýgi diýilýän
duýguda, gör, näçe gudrat bar! Mekdebe ugratmak üçin ogluny ukudan oýarýan ene ýaly, elini doganynyň maňlaýynda goýup, ol hem:
— Ýusuf jan, balam, bir seretsene... Kärdeşiň Feride hanym halyňdan habar almaga gelipdir —
diýdi.
Hassa hiç zat eşitmeýärdi, hiç zat duýmaýardy. Zenana gorky aralaşdy. Eýsem, dogany gözüni
açman öläýermikä? Ol ýene özüni ýitirdi. Gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, aglamaga başlady.
— Ýusuf, balam, bir gezejik gözüňi açsana. Egersen ony görmän ölseň, ömrüme örtenip gezmeli
bolaryn...
Gynançdan ýaňa ýüregim para-para bolup durdy. Aýaklarym diýen edenokdy. Garaňkylykda
hassanyň başujunda stoldur öýden bir zadyma ýaplanyp durdum. Ol organ ekeni! Tisginip gitdim.
Göwnüme, hassanyň gözlerini iň soňky gezek açdyryp biljek gudrat diňe şudy.
Bilmedim, kelläme gelen pikir jenaýatmy ýa uly günä, bu organ özüne bakýan her bir kişä albaý
bulaýan uçut ýaly, meni özüne maýyl edýärdi. Aýagymy pedala basdym-da, barmagymy düwmelerine ýetirdim.
Organ ýaraly ýürek ýaly, zaryn-zaryn iňledi. Otagyň garaňky burçlaryna, diwarlara kölegeleri
düşýän sazlar, tamburlar, gyjaklar titreşip, ýürek gyýyjy owazlar ýaňlanyp gitdi. Gözlerim ýaşdan
doly bolansoň, bu göwnüme bolsa-da bolýandyr, ýöne birden hassanyň mawy gözüni bir pursat açanyny görüp galdym.
Dogany ýüzüni hassanyň düşegine goýup, möňňürmäge başlady. Merhumyň üstüne egildim-de
entek ýylysy gitmedik ýumuk gabaklaryna dodagymy degirdim. Eýsem, ilkinji posamy merhumyň
öçen gözlerine bermek maňlaýyma ýazylaýdymyka?
***
B..., 2-nji noýabr.
Bu agşam B.-de geçen iň soňky agşamymdyr... Ertir ir bilen biz ýola düşmelidik.
Şeýh Ýusuf ependi aradan çykandan soň, bu ýerde galyp biljek däldim. Şäherdäki ähli gürrüň
men hakdady. Mekdebe gidip gelýänçäm, gör, näçe adam yzyma düşüp, iki gat nykabyň aşagyndan
ýüzüme syn etjek bolup ýolumy kesýärdi. Adamlaryň hatda seslerini peseltmegi hem zerur hasap
etmän:
— Elbetde, bu Ýüpek gurçugy zerarly! Biçäre Şeýh — diýişlerini men, gör, näçe gezek eşitmeli
boldum...
Joralarymdan hem gaça durdum. Synpa girenimde, özümiň nar ýaly gyzarýanlygymy duýdum.
Bu ýagdaý uzak dowam edip biljek däldi,şonuň üçin hem bilim bölüminiň müdiriniň ýanyna
gitmeli, bu ýeriň howasynyň özüme ýaramaýanlygyny aýdyp, meni başga bir ýere geçirmeklerini
haýyş etmeli boldum. Elbetde, Reşit Nazym şäherdäki gybatlardan bihabardy, ol islegime garşy bolup
durmady, ýöne şol ýeriň özünde başga bir ýerde amatly wezipe tapmagyň onçakly ýeňil däldigini
aýtdy. Ýöne az aýlyga-da razydygymy, täze mekdep ýaramaz bolup çykanynda-da nägile bolmajagymy, diňe B.-den uzagrakda bolsam bolýanlygyny oňa mälim etdim. Iki günden soň buýruk geldi.
Meni Ç. şäherindäki ruşdiýä geçirmeli edipdirler. Biçäre Çalyguşy! Ol indi şemalyň ýelginine gaýyp
ýören güýz ýaprajygyna döndi.
Üçünji bölüm
Ç..., 23-nji aprel.
Şu gün Hydyr-Ylýasyň güni(Hydyr-Ylýas güni — maý aýynyň altysyna bellenilýän baýramçylyk.) . Öýde, diňe
bir öýde-de däl, bütin şäherjikde meniň ýeke özüm galdym. Köçeler boşap, dükanlar ýapyldy.
Ýaşaýjylaryň hemmesi ir bilen sebetlerini azyk-owkatdan dolduryp, Söwütli jeňňel diýilýän ýere
çişlik iýmäge gitdiler. Biziň köçämiziň burçunda hemişe bir ysmaz gedaý oturýardy. Ýöne olam
bu gün beýle keýpden mahrum bolmak islemändir. Gedaý, edil paýtuna münýän dek, hondan bärisi
bolup, hammaly atlanyp, jemendäň yzyna düşdi.
Emma itleriň bolşy maňa hemme zatdan artyk ýarady. Mekirje zaluwatlar garynlaryny ýazyp
biljekdiklerini duýýardylar. Adamlar ýagyşda geýilýän ýapynjaly, düwünçekli we sebetli topar tutuşyp barýardylar, yzlaryndan bolsa itler seňkilleşip gelýärdi. Munisäni goňşy bolup ýaşaýan polk mollasy Hafiz Gurban ependiniň aýaly bilen iberdim. Gyz mensiz gitmejek bolup, elinde baryny etdi,
emma kellämi ýaglyk bilen daňyp:
— Men ýaramok. Birneme ýagşyrak bolsam, soňrak bararyn — diýdim.
Ýaramok diýip, Munisäni aldapdym. Bu gün ýagdaýym diýseň oňatdy, keýpimem gül ýalydy.
Öýde galýanymyň sebäbi bolsa köp adamly, göçgünli şagalaňlary halamokdym. Gitjekler gidenlerinden soň, başymdaky ýaglygy aýyrdym-da, ýuwaşja hiňlenip, öý işleri bilen gümra boldum. Mahalmahal mekdepdäki örän kyn, erkek adamlaryň işini öý hysyrdylary bilen çalyşmak diýseň ýakymly
bolýardy. Hojalyk işlerini birýüzli edemsoň, guşlar bilen meşgullanyp ugradym. Suwlaryny çalyşdym, kapasalaryny täzeledim we guşjagazlar güneşlesin diýip, olary baga çykardym. Biziň alty sany
guşumyz bardy. B.-den gaýdanymyzda biz Mazlumy Hajy kalfanyň ogluna berip gaýdypdyk. Munisäniň owlajyga diýseň nebsi agyrdy, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Gyzjagazyň ýüregi gysmasyn diýip, oňa guş satyn alyp berdim. Soň özümem olar bilen güýmenmäge başladym. Ýöne goňşymyzyň sary pişigi ganatly dostlaryma hiç ynjalyk berenokdy. Kapasalary baga çykardygym, ol derrew şol ýerde peýda bolýardy we mawy gözlerinisüzüp, garşyda ümsüm oturan bolýardy. Ol hatda
biziň guşlarymyzy mylaýymlyk bilen synlap, olara bir zat diýýän ýaly, birsyhly myrlaýardy. Şu gün
bir guşjagazy kapasadan çykardym-da, ony pişigiň alnyna eltdim. Onuň özüni alyp barşyny görmekçi
boldum. Hilegär jandar! Onuň sary tüýleri, şemal öwsüp ugran ýaly,syh-syh boldy, mawy gözleri
uçganaklap, ýumşajyk penjelerinden dyrnaklary göründi. Pişik guşjagazyň üstüne zyňmaga häzirlendi. Guş janawar bolsa titräp, elimde çugutdyryp oturdy.
Beýleki elim bilen pişigiň ýeňsesinden tutup:
— Senjagaz pişik, häzir bol, mekir mawy gözleriňi mylaýymlyk bilen süzen bolma, daşyňdan
seretseň,sen asmandaky melekleri arzuw edýän ýaly. Emma seniň bar pikiriň — olam bu janawarjygy
parçalamak. Şeýle dälmi? Ýöne, seret, häzir senden gowy edip ar aljak — diýip, barmaklarymy gowşatdym. Eýjejik guşjagaz silkindi, göýä, azat bolýanyna ynanmaýan ýaly, doňup galdy. Soňra-da naýynjar jürküldäp, uçup gitdi. Mawy gözleri bilen guşuň uçuşyna gamgyn halda geňirgenip seredýän
pişigiň «alkymyna» dykylyp bardym-da, jakjaklap gülüp:
— Ýeri, sary melgun, guşjagazy parçalap bildiňmi? — diýip soradym.
Ýüregim şadyýan urup başlady. Diňe bir bu sary pişikden däl, eýsem, onuň ýaşajyk guşlaryň
göwnüne degýän mawy gözli ähli tohumyndan ar alan ýaly bolup begendim.
Ýöne beýleki guşlaryň naýynjar sesleri şatlygyma suw sepilen ýaly etdi. Göwnüme bolmasa,
olar: «Näme üçin sen bizi-de joramyz ýaly hoşwagt edeňok?» diýýän ýaly, zaryn jürküldeşýärdiler.
Ýüregiň emrine, özümden biygtyýar islege tabyn bolmak bilen, ähli guşlary azat etmek niýetinde
kapasanyň ýanyna bardym. Emma birden Munise ýadyma düşdi. Kapasanyň simleriniň birine maňlaýymy goýup:
— Ýagşy, sizi goýberse bolar, ýöne soň beýleki bir sary saçly zalyma — Munisä näme jogap
bereris? Guşjagazlar, nätsekkäk? Hernäçe jan etsek-de, sary melgunlardan hiç azat bolup bilmeris —
diýdim.
***
Guşlardan soň öz-özüň bilen gümra bolmak nobaty geldi.
Howanyň açykdygyny gördügim hemişe başymy sowuk suw bilen ýuwýardym,saçlarymyň Günüň astynda ýuwaş-ýuwaşdan guramagy maňa uly lezzet berýärdi. Şu günem şeýtdim: garaly agajynyň üstüne çykyp, öl kellämi baharşemalyna tutdum. Saçlarym ösüp, eýýäm bilime ýeteňkirleýärdi.
B.-de saçymyň näme üçin gyrkylandygyny joralaryma gürrüň bermedim. Olar kelte saçly gezmek
zenan maşgala üçin gelşiksiz, has dogrusy, uly ýetmezçilik diýip hasap edýärdiler. Saçlary berkidýän
dürli serişdeleri kimden tapsam, hatda Hajy kalfadan tapsam hem ýörite alýardym. Onsoň olaryň her
biri muny öz hyzmaty hasap edip, öz serişdeleriniň gudratly zatdygyny subut etjek bolýardylar we
meniň uzyn, gür saçlarymy mysal getirýärdiler. Garaly agajy kapasanyň edil garşysyndady. Guşlar
monjuk ýaly ýyldyraşýan gözlerini güneşe dikip, ýetişibildiklerinden jürküldeşýärdiler. Olara öýkünip sykylyk atýardym we hiňňildikde uçýan ýaly, inçejik şahada hallan atyp otyrdym. Birdenem goňşy jaýyň äpişgesine gözüm düşdi. Şonda nämäni görendirin öýdýäňiz? Polk mollasy Hafyz Gurban
ependi menisynlap duran ekeni. Onuň dolmuş ýüzündäki çylpykly tegelek gözjagazlary ýylpyldap
görünýärdi. Şol wagtky ýüregime aralaşan gorkyny ýazyp beýan edip biljek däl! Iň bolmanda, egnimdäki geýimlerim bir idili bolan bolsady! Ýogsam aýaklarym ýalaňaçdy, egnimde ýakasy uludan
açylan ak köýnegim bardy. Ilki aladam arkama dökülen gür saçlarymy seçelendirip, boýnumy, döşümi örtmek boldy. Soňra özümi bir bölek goş ýaly, şahadan aşaklygyna goýberdim. Bagtyma, agaç
beýik däldi. Goňşymyň: «Wah-waheý, wah-waheý» diýýän sözleri gulagyma gelip degdi. Agaçdan
ýykylyp, teni awan mendim, gygyrýan bolsa Hafyz Gurban ependidi.
Adyny eşidenimden gülkim tutýan goňşym elli ýaşly polk mollasydy. Oňa örän baý adam diýip
gürrüňini edýärler. Onuň syratly, garagözelek, owadan, ýaş çerkes aýaly (onuň entek otuz ýaşy-da
dolmandy) bilen aram gowudy. Bu gün Munisäni ýany bilen gezelenje alyp gidenem şoldy. Goňşularymyň çagalary ýokdy, şonuň üçinem ol zenan kiçijik garagola öwrenişip, ony edil öz gyzy ýaly
gowy görýärdi. Şu günki hadysa keýpimi bozdy. Polk mollasyndan gaty utandym. Indi ol men barada
näme pikir eder! Häzir, şu sözleri ýazyp otyrkam, duluklarym utançdan ýaňa lap-lap gyzyp dur. Saçlarymyň düýbüne çenli gyzaryp gitdimmikäm diýýärin. Eý, toba! Mugallym bolsam hem, paýhassyz
pikirlerden, netijesiz çözgütlerden saplanyp bilemok. Mekdebiň müdiri Rejep ependi: «Elbetde, Alla
ömrüňi uzak etsin welin, sen aradan çykyp, jaýlanyp otarylan pursadyňda-da bir zat tapyp, aýat okap
oturan mollany güldürersiň?» diýip nähak aýtmandy. Günortadan soň öz gündeligime ýarym ýylyň
içinde bolup geçen zatlaryň ählisini ýazmakçydym — bu ýere gelelimiz bäri ýan depderçäm goşhaltamdan hem çykmandy. Äpişgäniň ýanyna bardym. Aýlagdyr kenardaky harby berkitme bu ýerden
gowy görünýärdi. Bu jaýa göçüp gelenligimiziň sebäbi, deňiz görnüşlerini gowy görýärdim. Ýogsam
onuň hiç hili üýtgeşik zady hem ýokdy.
B.-den çaltrak gaýtjak bolup, özüme teklip edilen ilkinji boş ýere razylyk berdim. Men Ç.-niň
özüme ýarajakdygyna-ýaramajakdygyna, aýlygymyň ujypsyzja boljagyna sähelçe-de üns bermedim.
Ýöne, bagtyma, bu ýerjagaz erbet bolup çykmady: ol ümsümje, ýakymlyja harby şäherjik ekeni. Onuň
ýaşaýjylarynyň köneden bäri ýaşap gelýänindenmi ýa täze gelenlerinden — haýsy birinden ataň, doganyň, ogluň, adamyň kim diýip sorasaň, ol ýa esger, ýa-da serkerde, bir söz bilen, harby diýip jogap
berer. Hatda mekdep mugallymlarynyň birentegi ýa-da polk mollalary, ýa-da polk müftileri, ýagny
ähli halaýyk bu ýerde goşun bilen baglanyşyklydyr. Biziň goňşymyz Hafyz Gurban ependi hem käte
selläniň ýerine harby eşik geýýär we gapdalyndan gylyç asýar.
Ç.-niň aýal-gyzlary maňa diýseň ýaraýar. Olar wepaly, yhlasly, durmuşlaryndan göwünleri hoş,
mährem we sada zenanlardy, hemişe wagtlaryny hoş geçirýärdiler. Bu ýerde her hepdede durmuş
toýy tutulýardy. Onsoň her bir toý dürli dabaralar, dürli agşamlar, dürli atlar bilen göni bir hepdä
çekýärdi. Diýmek, zenanlar her agşamy şatlyk-şagalaň bilen geçirýärdiler. Ilkibada muňa olaryň jübüleri nähili çydaýarka diýip oýlandym. Ýöne, görüp otursam, munuň syry aňsatja ekeni: mysal üçin,
her bir aýal özüniň bezemen toý lybasyny on-on bäş ýyllap toýa geýýän eken,soňam ol köýnek arassaja, päkizeje görnüşde gyzlaryna geçýän ekeni. Olaryň güýmenjeleri örän köp ekeni. Bir gartaşan
ermeni zenany garmon çalýar. Eger soň oňa munuň üçin bir köýneklik mata we ol az-owlak pul berseler, ol muňa monça bolýan ekeni. Hawa, Ç.-niň zenanlarynyň güýmenjeleri örän ýönekeý, olar şol
oýunlardan diýseň hoşal. Ajap zat! Wah, näme üçin şu şäherde dogulmadymkam? Bir ajaýyp gün
dyrnaklaryma hyna, aýalaryma hem hurmanyň reňkini çalsam, gör, nähili gowy bolardy! Her näme
bolsa-da, başga söhbete geçeýin. Geň zat, goňşularym meni gowy görýärdiler. Ýöne setanda-seýranda
duşup, şagalaňlaryna gatnaşmaýanym üçin olar menden gaty görýärdiler. Özümi tekepbirsaýmazlyklary üçin olara dürli hyzmatlar edip, gyzlaryna mekdepde, özlerine öýde dürli kömekleri berýärdim.
Ç.-däki iň arzyly ýerim Söwütlik diýilýän derýanyň kenarydy. Baýramçylyk günleri ol ýere gitmäge ýürek edip bilemokdym, ýöne adaty agşamlar Munise ikimiz käte okuwdan soň tokaýlyga gezelenje çykýardyk. Ol ýerde diňe söwütler däl, eýsem, çynarlar hem hellewleşip otyrdylar. Olaryň
näçe asyrdan bäri ösüp oturanlygyny Hudaý bilsin! Çynarlaryň aşaky şahalary gyrkylandy, şonuň
üçin agaçlaryň şahalary ýalaňaç görünýärdi, depeleri bolsa giden ýaprak bolup durdy. Adam agşamyň
alagaraňkylygynda jeňňelde galsa, göwnüne ol özüni aňyrsy-bärsi görünmeýän ýykyk gümmeziň aşagynda duran ýaly görýär. Ýaşyp barýan Günüň şöhlesine jeňňellik üznüksiz sütün hatarlaryny ýada
salýar. Derýanyň beýleki tarapynda daşy aýmançaly baglar uzalyp gidýär. Olaryň arasy bilen bolsa
darajyk kölegeli ýodajyklar geçýär. Bu ýodajyklara uzakdan garanyňda göwnüme bolmasa, olar adamy bu dünýäden başga bir ýerlere, iň süýji arzuwlaryň amala aşýan başga bir dünýäsine alyp gidýän
ýalydy.
***
Ýerli baýlaryň jaýlary Hassalar depesi diýen dagyň üstünde ýerleşýärdi. Onuň adynyň ýürekgysgynçdygyna garamazdan, bu ýerde iň bagtyýar, iň şadyýan adamlar ýaşaýar. Biz bu ýere göçüp gelenimizde gözel bir jaý görkezdiler. Emma men boýun gaçyrmaly boldum. Sebäbi häzir B.-däki wagtym ýaly baý däldim. Biz sadarak ýaşamaga mejburdyk. Ýogsa-da biziň kiçijik jaýymyz hem gowy
ýerde ýerleşýärdi. Ol bu şäherjigiň iň köp märekeli ýerindedi: bu ýerde meýdança, kofehana, dükanlar
bardy. Mysal üçin, şu gün ir bilen Ç.-niň ähli ilaty biziň äpişgelerimiziň öňünden Söwütlige tarap
geçip gitdi. Wagt onçakly giç bolmasa-da, olar eýýäm yzlaryna gaýdyp geldiler. Ýap-ýaňyja serkerdeler topary geçip gitdi. Olar özlerine tarap howlukmaç barýan leýtenanty sakladylar.
— O näme üçin beýle ir-le? — diýip, leýtenant sorady. — Men bolsam diňe ýaňy barýan. Nobatçylygym edil şu wagt tamamlandy.
Hemişe penjeginiň iliklerini ildirmän geýýän we köçede oňa ýygy-ýygydan duşýan ýognas goja
golagasy(Golagasy — soltan goşunynda ýüzbaşy bilen müňbaşynyň arasyndaky harby dereje.) oňa:
-Azara galma-da, gaýdyber. Bu gün Söwütlik gyzykly däl. Biz hernäçe gözlesek-de, gülbeşeker(Gülbeşeker — bägül ýapragyndan taýýarlanylýan mürepbe) tapyp bilmedik — diýip jogap berdi.
Göwnüme bolmasa, bu şäherçäniň adamlary süýjüçil bolmaly. Çagalaryň hem, ulularyňam dilinde diňe gülbeşeker. Serkerdelere geň galýan: Hydyr-Ylýas güni gezelenç wagty gyrmyzy mürepbe
gözläp, tapmanyňa lapykeç bolmak geň ýagdaý. Edil çaga ýaly.
«Gülbeşeker» sözüni men köçede çagalardan hem, ululardan hem ýygy-ýygydan eşidýärin. Günlerde bir gün mekdepden gaýdyp gelýärkäm, pukaraja geýnen birnäçe ýigit öňümden çykdy. Olaryň
birine bir zat hödürleýärdiler, ol bolsa:
— Çynymy aýdýaryn, iýip bilemok. Ýap-ýaňyja naharlandym. Indi hiç zat bokurdakdan geçmez
— diýip boýun gaçyrdy.
Beýlekisi ýoldaşynyň egnine kakyp:
— Diýmek, sen hiç zat iýip biljek däl-dä? Belki, gülbeşekerden hem ýüz dönderersiň? — diýip
sorady.
Ýigit şobada ýumşap ýylgyrdy:
— Wah, gülbeşeker bolsa, aýry mesele-le... Käte kofehananyň öňünde oturan kişiler hünäri zordan gününi aýlamaga mümkinçilik berýän garyp, emma şadyýan we salykatly suw daşaýjy ýigit bilen
degişýärler:
— Eý, Süleýman, seniň toýuňy biz haçan toýlarys?
— Islän wagtyňyz toýlarys. Men hemişe taýýar!
— Süleýman, bu garyplyk bilen sen nädip günüňi aýlarsyň?
— Aý, hiç, gury çöregi gülbeşekere batyryp iýibererin.
Bu degişme her gün diýen ýaly gaýtalanýardy. Üç gün mundan ozal meni goňşym Hafyz Gurban
ependi haýrana goýdy. Derwezeleriniň öňünde Munisäni tutup, ol zor bilen ýaňagyndan ogşapdyrda:
— Bäh, sen edil gülbeşeker ýaly bark urýarsyň — diýipdir.
Köçe märekeden doldy. Söwütlikdäki şagalaň tamamlandy. Çasly gülki sesini eşitdim. Meniň
eýjejigim Munise gaýdyp gelýärdi. Bezzatjygy dört sagatdan bäri göremokdym, emma, göwnüme
bolmasa, dört ýyl geçen ýaly bolup durdy.
***
23-nji aprel (2 sagat geçenden soň).
Gülbeşekeriň nämedigine diňe ýaňy göz ýetirdim. Gezelençde Munise mugallymalara duşup,
maňa ýaranok diýipdir. Olar bolsa ynjalykdan gaçyp, gaýdyşyn meni soramaga sowlupdyrlar.
Öýe girmäge yrjak bolup, olara birnäçe minutlap ýalbarmaly boldy. Oýunlyga salyp:
— Ýeri, onsoň siz gülbeşeker tapyp bildiňizmi? Şu ýerden geçen serkerdeler-ä gülbeşeker tapybilmändiklerinden gaty zeýrendiler — diýdim.
Joram hezil edip güldi.
— Beýle lezzetden biziň hem mahrumdygymyz size belli bolsa gerek.
— Näme üçin? — Sebäbi siz biz bilen gitmediňiz...
Men ol zenanyň ýüzüne aljyraňňy seredip, ýylgyrmaga çalyşdym.
— Munuň bu meselä näme dahyly bar? Myhmanlar gülüşdiler. Ýaş mugallyma geň galyp, ýüzüme jiňkerilip:
— Siz, dogrudanam, bileňzokmy? — diýip sorady. — Hudaý bar!
— Biçäre Feridäm! Sen juda sada bolýaň. Gülbeşeker seniň adyň ahyryn. Seniň ýaňaklaryň gözel
reňkine maýyl bolup, Ç.-li erkekler adyňa Gülbeşeker goýupdyrlar. Aljyraňňylykdan ýaňa sakawlap:
— Kim? Menmi? Eýsem, gülbeşeker diýip maňa aýdýarlarmy? Gülbeşekerden çörege çalaýsaň
diýýän oglanjyklar, eýsem, meni göz öňünde tutupdyrlar-da? Eý, toba! — diýdim.
Utanjyma ýüzümi tutdum. Görüp otursam, bütin şäher men hakda gürrüň edýär ekeni. Ýa, Rebbim, beýle-de bir masgaraçylyk boljak ekeni!
Ýaş mugallyma zor bilen ýüzümi açyp, ýarym degişmedir ýarym çyna salyp:
— Bu ýerde gatyrganar ýaly näme bar? Siz şäheriň ähli erkeklerini özüňize maýyl edipsiňiz.
Beýle hormata öňýeten aýal mynasyp bolup bilýän däldir.
Ah, bu erkekleriň myrtar mahluklardygyny! Olar bu ýerde-de maňa ynjalyk berenoklar. Ýa, Rebbim, men indi adamlaryň arasyna nädip çykarkam? Goňşularymyň ýüzüne nädip serederin?!
***
Ç..., 1-nji maý.
Öýüň ýokarky gatynda, okuwçylarymyň depderlerini barlap otyrdym. Derweze kakyldy. Aşakdan Munise gygyrdy:
— Abajygym, bize myhman gelipdir!
Daş düşelen howlujykda bir gara çarşaply aýal gezmeläp ýördi. Ýüzi ýapyk bolansoň, ony tanamadym.
Çekinjeňlik bilen:
— Kim bolarsyňyz, hanym ependi? — diýip, ondan soradym.
Gülki ýaňlandy. Hanym, pişik deýin, boýnuma bökdi. Ol Munisedi. Garagol meniň bilimden
ýapyşyp, howluda pyrlap başlady. Ol meniň ýüzümden, gözümden ogşady. Çarşap ony ulugyz ýaly
edip görkezýärdi. Şu iki ýylyň içinde Munise ers-mers ösüp, syratly, näzli, mylaýym hanyma öwrüldi.
Ol açylyp barýan bägül ýaly, günsaýyn gözelleşdi. Indi ikimiziňem boýumyz tas deň diýen ýalydy.
Emma adam pahyr gözüniň alnynda bolup geçýän üýtgeşiklikleri bada-bat görmeýär. Megerem, gyzjagazy şeýle lybasda görüp begenmelidim, emma gynandym. Muny bolsa Munise aňdy.
— Abajygym, näme boldy? Men degişdim ahyry. Belki, men seniň göwnüňe degendirin? Pahyrjyk hapa bolup, ýüzüme seretdi, şeýdibem agyr etmişini ýuwjak bolýana çalym etdi.
— Munise, men seni ömürboýy ýanymda saklap bilmen. Seniň muňa döz gelmejegiňi görüp
durun. Toýa gitjek bolanyňda, saçyňa zer sapaklary dakanymda sen eýýäm guş bolup uçýarsyň. Balam, seniň durmuş gurasyň geljegine we meni ýeke goýup gitjekdigiňe düşünýän.
Ýekelik gorkusy ýüregimi mynçgap gitdi. Gözlerimiň owasy ýaşdan doldy. Öz ýanymdan: «Iň
bolmanda, ýekeje söz bilen derdimi ýeňlet!» diýip, Munisä ýalbardym. Emma myrtar gyzjagaz maňa
dodaklaryny çommaldyp jogap berdi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 18
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.