Latin

Saýrak Guşy - 11

Total number of words is 3803
Total number of unique words is 2257
30.6 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
otagly ýaşaýyş jaýy bardy, oňa merduwan bilen çykmalydy. Gepiň keltesi, Zeýniler obasy bir wagtlar
eşiden, kitaplarda okan, suratlarda duş gelen obalarymyň birine-de meňzänokdy.
Biz daşyna beýik agaç haýat aýlanan bagyň gyzyl derwezesiniň öňüne baryp durduk. Birbada
göräýmäge, Zeýniler obasy maňa agaçlarynyň ýapraklaryna çenli gap-gara bolup göründi. Şonuň üçinem gyzyl tagtalary görenimde geň galdym.
Muhtar derwezäniň gapysyny ýumruklamaga durdy. Her urguda gapy hä diýmän ýykylaýjaga
meňzeýärdi.
— Içerde hiç kim ýok öýdýän — diýip, ilkinji gezek dil ýardym. Muhtar:
— Ähtimal, Hatyja hanym agşam namazyny okaýan borly, biraz garaşaýalyň — diýdi.
Arabaçynyň garaşara wagty ýokdy. Ol goşlarymy derwezäniň öňünde goýdy-da, hoşlaşyp ýola
düşdi. Muhtar ýapynjasynyň syýyny galdyryp, ýere çökdi. Men goşhaltanyň üstünde oturdym. Gürrüňe başladyk.
Hatyja hanymyň öte dindar aýaldygyny, onuň derwüşler meslegine gatnaşýandygyny bildim.
Ol obanyň ölüsine-dirisine ýaraýar ekeni, «Möwlud(Möwlud — Muhammet pygamberiň dünýä inişi barada gürrüň berýän
wagyz.) » okaýan hem, gelinleriň ýüz-gözlerini timarlaýan hem, jan berip barýan hassalaryň agzyna
zemzem(Zemzem — Mekgedäki mukaddes guýy. Musulmanlar onuň suwuny derman hasaplaýarlar.) suwuny damdyryp, ýogalan
zenanlary ýuwup, kepene dolaýan-da şol ekeni. Muhtar ependi medrese — beýleki gören adama meňzeşdi. Onuň pursatdan peýdalanyp, özüme käbir öwüt-nesihatlary berjek bolýandygyny aňdym. Ol
okatmagyň täze usulyna garşy däldi, ýöne indiki mekdeplerde Gurhanyň düýpden ýatdan çykarylandygyndan zeýrendi. Onuň gürrüňine görä Zeýniler mekdebinde ençeme zenan mugallym bolup işläpdir, emma olaryň hiç biri Gurhany-da, ylmyhaly-da(Ylmyhal — musulmanlaryň dini parzlary hakyndaky taglymat) gowy
bilmeýän eken. Muhtar ependi Hatyja hanym barada diňe gowy zatlar aýtdy. Onuň sözlerinden «hoşgylaw, paýhasly, halal hem hudaýhon aýal» çagalara Gurhan bilen ilmihaly öwretse, menem galan
sapaklary okatsam, bütin obanyň hoşal boljakdygyna düşündim. Haýadyň aňyrsyndan eşidilýän agaç
paşmagyň sesi muhtar ependiniň sözüniň arasyny böldi. Ikimizem ýerimizden turduk. Gapynyň sokmasy şakyrdady. Gödeňsi sesli biri:
— Kimsiň? — diýip gygyrdy.
— Özümiziňkiler, Hatyja hanym... Şäherden mugallym gelipdir.
Hatyja hanym irimçik, ýaşy ýetmişe ýeten uzynak garry ekeni. Saçyna hyna çalyp, başyna ýaşyl
ýaglyk atynypdyr. Onuň başatgyçly gara ýeldirmesi(Aýallaryň geýinýän ýeňiljek köýnekleri) bükürje çiginlerine
syrlaşyp durdy. Şeýle eşikleri hudaýhon kempirler geýýärdi. Ýüzi daşdan ýonulyp ýasalana meňzeş
garaýagyzdan gasynly bolsa-da, täsin juwan gözleri, ap-ak dişleri bardy.
Örtügiň astynda ýüzümi görjek bolup, ol:
— Hoş geldiňiz, hojanym, giriberiň! — diýdi.
Köçä çykmak gadagan edilen ýaly, bir eli bilen gapa daýanyp, beýleki eli bilenem goşlarymy
aldy. Hatyja hanym ýene-de derwezäni kiltläp, meni yzyna düşürip alyp gitdi.
Biz bagyň duşundan geçdik, «uly çykdaja galynyp täzeden gurlan» mekdebiň jaýyny-da gördüm. Ol Zeýnileriň beýleki hütdüklerine meňzeşdi, bir tapawudy — o-da bolsa, synp otaglaryna çala
meňzeýän jaýyň sütünleriniň aşaky bölegine kakylan tagtalar entek garalyp ýetişmändir.
Gapydan girmekçi bolanymda Hatyja hanym goluma ýapyşyp:
— Dur, gyzym — diýdi. Tisginip gitdim. Kempir gysgajyk bir doga okady-da:
— Hany, gyzym, indi, «bismilla» diý-de, gapydan sag aýagyň bilen ätle — diýdi. Aşaky gat
gowak ýaly garaňkydy. Kempir elimi sypdyrman, meni darajyk dälizden alyp gitdi. Köneliginden
ýaňa basgançaklary yrgyldap duran gara merduwandan ýokaryk çykdyk. Ýokarky gat gözgynyja girelgeden hem agaç gapylary pugta ýapylan ägirt uly otagdan ybaratdy. Ol bilim bölüminiň müdiriniň
mugallymlar üçin oňaýly öý diýip meni begendirjek bolan otagy ekeni. Hatyja hanym goşhaltamy
ýerde goýdy-da, köne peçden bir çyra çykaryp ony ýakdy. Ol:
— Bu ýyl jaýda ýaşan bolmady. Şonuň üçin hem tozanlydyr... Ýöne aýby ýok, enşalla, ertiriň
özünde, daň saz berdigi baryny tertiplärin — diýdi.
Bu aýal ozal Zeýnilere mugallymçylyk eden eken. Mekdepler üýtgedilip guralanyndan soň,
welaýat bilim bölümi garry zenana haýpy gelip, ony köçä taşlap goýbermändir-de, öňküsi ýaly,
mekdepde galdyryp, iki ýüz kuruş aýlyk belläpdir. Gepiň gysgasy, ol hem mugallym, hemem tam
süpüriji ekeni. Hatyja hanym indiden beýläk näme tabşyrsam, şonam etjekdigini aýtdy.
Garry görgüliniň menden çekinýändigine, her näme diýseňem, özümiň onuň başlygydygyma
düşünýärdim. Iki agyz sözde ony köşeşdirjek boldum hem-de ýaşajak otagymy gözden geçirmäge
durdum.
Diwara ýelmenýän kagyzlar wagt geçip letdä dönüpdir; zeýden ýaňa çüýrän gara depelik ýaý
beripdir; burçda duran peç eleme-deşikdi hem çagşandy, onuň gapdalynda bolsa gyşaryp ýatan ýatalga bardy. Diýmek, şu günden başlap, şu otagda ýaşamalydym.
Howasy az ýerzemine düşen ýaly, demim-demime ýetmeýärdi, ellerim, aýaklarym doňýardy.
— Gadyrdan Hatyja hanym, äpişgäni açmaga kömekleşsene. Öz güýjüm ýetenok — diýdim.
Garry zenanyň maňa hiç hili iş etdiresi gelmeýän ýalydy. Ol äpişgäniň ildirgijini açyp, onuň
gapysyny serpip goýberdi. Gören zadyma saçym syh-syh boldy.
Jaýyň garşysynda mazarystanlyk bardy. Depelerinde heniz hem agşam yşygy öçmedik serwi
agaçlarynyň arasynda mazar daşlary ýalpyldaşyp görünýärdi. Birneme aňyrrakda içi gamyşly batgalyk ýyldyrap ýatyrdy.
Garry uludan dem aldy:
— Adam pahyr ýaşap ýörkä boýunalyk bolmaly, gyzym... Biziň hemmämiziň barmaly ýerimiz
şol.
Hatyja hanym muny aňyrsynda zat bolman aýtdymy ýa-da ýüzümde gorky, aljyraňňylyk alamatyny görüp, köşeşdirjek bolup diýdimi — biljek däl. Özümi dürsemäge çalyşdym. Mert bolmalydym, şonuň üçin hem, mümkin boldugyça, arkaýyn, hatda ýasama alçaklyk bilen:
— Diýmek, bu ýerde mazarystanlyk bar eken-ä? Muny bilmändirin... — diýdim.
— Hawa, gyzym, bu Zeýnileriň mazarystanlygy. Köne döwürden galypdyr. Indi merhumlary
obanyň beýleki künjünde depin edýärler. Bu ýer bolsa eýýäm taryhy ýer ýaly bolup gidipdir. Zeýni
babanyň mazarynyň öňündäki şemi ýakyp geleýin. Häzir gelerin.
— Hatyja hanym, Zeýni baba diýýäniň kim bolmaly?
— Keramatly adam bolan, goý, Allam onuň ruhuny şat etsin! Hanha, şol serwi agajynyň astynda
ýatyr.
Hatyja hanym doga okap merduwana tarap ýöneldi. Şu çaka çenli özümiň şeýle zatlardan heder
edýänimi bilmän gelipdirin. Ýöne şol pursatda serwi agajynyň ysy bark urýan garaňky otagda ýeke
galmak maňa, näme üçindir, hatarly bolup göründi.
Garry aýalyň yzyndan ýetdim:
— Menem siz bilen gidäýeýin?
— Ýör, gyzym, ýör, ol-a hasam gowy. Gelen badyňa seniň keramatly Zeýni baba zyýarat etmegiň gaty gowy zat.
Mekdebiň yz gapysyndan gonamçylyga çykdykda, mazar daşlarynyň arasy bilen gitdik.
Käte Oraza aýynda ýa-da baýramçylyklardan öň daýzalarym meni Eýýubdaky maşgala gonamçylygyna äkiderdiler. Emma ölümiň gorkunç, hasratly zatdygyny ilkinji gezek bu garaňky Zeýniler
mazarystanlygynda duýdum.
Bu ýerdäki mazar daşlary öň gören daşlarymdan üýtgeşikdi. Olar esgerleriň hatary ýaly örän
gönüdi: beýik, gönümel, ýylmanak, ýokarsy ýasy gap-gara daşlardy. Ýüzündäki ýazgylary okamak
mümkin däldi. Diňe käbir ýerde «Ýa, Alla...» diýlip ýazylan iri harplary seljerse bolýardy.
Çagalykda bir erteki eşidipdim. Uzakdaky daglaryň aňyrsyndan ýaş soltany ogurlamak üçin
gadymy goşun süýşüp barýarmyş. Esgerler gündizine gowaklarda gizlenip, gije ýol ýöreýän eken.
Garaňkylykda görünmejek bolup gara kepene dolanypdyrlar. Şeýdip, köp aýlap ýöräpdirler. Ahyrsoňy goşunyň şähere çozmaly gijesi Taňrynyň ýaş soltana rehimi inip, gijäniň garaňkylygynda zabt
etmäge taýyn esgerleriň baryny gara daşa öwrüpdir.
Hatar-hatar bolup duran gara mazar daşlaryny görenimde şol erteki ýadyma düşdi.
«Belki, bu taýy gara kepene giren esgerleriň daşa öwrülen ýeridir» diýen pikir birden kelläme
geldi.
— Zeýniler(Zeýniler — Zeýni adynyň köplük görnüşi, ýagny Zeýni atly derwüşiň yzyna eýerijiler. Zeýni topary esaslandyryjydyr.) kimler bolmaly, Hatyja hanym?
— Gyzym, şon-a menem bilemok. Bir wagtlar bu oba şolaryňky ekeni. Indi olardan minaradan
başga galan zat ýok. Ýatan ýeri ýagty bolsun bendeleň! Olar päk ahlakly adamlar eken. Zeýni baba
iň ulusy eken. Bu ýere hiç kimiň bejerip bilmeýänlerini getirer ekenler. Ysmaza uçran bir garry aýaly
bilýän. Ony göterip getirdiler, gidende öz aýagy bilen ýöräp gitdi.
Zeýni babanyň gümmezi gonamçylygyň aňry çetinde, ägirt uly serwiniň aşagynda goýlupdyr.
Hatyja hanym her gije ol ýerde üç çyra ýakýar ekeni. Birini serwi agajynyň şahasynda, ikinjisini
gümmeziň gapysynyň agzynda, üçünjisini bolsa edil mazaryň öňünde ýakyp goýýan ekeni.
Mazar üstüne toprak sürlen çuň çukur ekeni. Aýtmaklaryna görä, Zeýni baba şol çukurda Gün
şöhlesini görmän, ýedi ýyl çile çekipdir — terkidünýälikde ýaşapdyr. Ol ölende, onuň keramatly tenine el degirmäge hiç kim milt etmändir. Onsoň wagt geçip, onuň jesediniň üstünde gubur galdyrypdyrlar.
Hatyja hanym iki sany şemi ýakyp, maňa çukura barýan telim basgançakly merduwany görkezdi. Ol:
— Gyzym, aşak düşeli — diýdi.
Ýürek edip bilmedim. Hatyja hanym:
— Aşak düş, gyzym. Bu ýere gelip, girmän gitmek günä bolar. Eger islegiň bolsa Zeýni babadan
dile, maksadyňa ýetersiň — diýip, öňki diýenini gaýtalady.
Merduwandan düşüp gelşime, gamyş kimin galpyldaýardym. Eger gabyrda ýatan merhumlar
bar zady duýýan bolsalar, olar meniň häzirki ýagdaýymy bilerdiler. Zeýli, sowuk topragyň ysy burnuma urdy.
Zeýni babanyň mazarynyň daşy ýaşyl reňk bilen reňklenen sink demiri bilen gurşalandy. Hatyja
hanymyň gürrüňlerinden Zeýni babanyň bütin ömrüni mätäçlikde, horlukda geçirendigini, öleninden
soň jesediniň kaşaň bezelen ýüpek parça dolanylmagyny islemändigini bildim. Käte kimdir biri mazara owadan bezelen parça getiräýse hem, ol bir hepdeden artyk ýatmazdy, çüýräp, gara letdä öwrülerdi.
Garry aýal doga okap ýörşüne keramatly piriň başujynda ýanyp duran çyra ýag guýdy, soňra
maňa tarap öwrülip:
— Obanyň ýaşaýjylarynyň biriniň kazasy dolsa, Ezraýyl, ilki bilen, keramatly Zeýni babanyň
ýanyna barýar, şonda çyra öz-özünden öçýär. Indi, gyzym, Zeýni babadan arzyly islegiň hasyl bolmagyny dile — diýdi.
Dyzym epilip ugrady. Aýak üstünde zordan durdum. Ot bolup lowlaýan maňlaýymy buz ýaly
mazar daşyna goýup dodaklarymdan däl, ýaraly ýüregimden syzdyryp, ýuwaşja pyşyrdadym:
— Keramatly Zeýni baba, men ejiz, nadan Çalyguşy başga hiç kim däl. Seniň bilen nähili gürleşjegimi, näme dilejegimi bilemok. Günämi öteweri. Maňa saňa ýarajak zatlaryň hiç birini öwretmediler. Seniň Gün şöhlesine zar bolup, şu ýerzeminde ýedi ýyl jebir çekendigiňi eşitdim. Belki, sen
hem adamlaryň biwepalygyndan, olaryň birehimliginden baş alyp gaçmak üçin şeýdensiň? Eziz Zeýni babam, senden beýik kerem dileýärin. Sol ýedi ýylda Güni, sergin şemaly küýsän pursatlaryň bolandyr. Şol ýalňyzlykda saňa hemaýat eden sabyrlylyk perişdesini maňa-da gönderewer. Menem jebri-jepalaryma nalyşsyz, gözýaşsyz döz gelsedim!..
***
Otagymda ýeke otyryn. Hatyja hanym mekdebiň aşaky gatyndaky ýerzemine meňzeş otagça
gidip, meni öz erkime goýdy. Ol şo taýda tesbi sanap, ýarygijä çenli namaz okan eken.
Ynha, indi iki sagat wagt bäri öçügsi çyranyň yşygyna şu setirleri ýazyp otyryn. Uzakdan çeşmäniň şildirdisi gelýär. Käte ýokarymda depeligiň agaçlary şatyrdaýar. Gijeki seslere diň salýaryn. Ýüregim gürsüldäp, dodaklarym titreýärdi. Niredendir bir ýerden ýuwaşja gürleşilýän geň sesler eşidilýär. Merduwanyň basgançaklary çalaja jygyldaýar. Dälizde adam pyşyrdysyna çalymdaş syrly şygyrdy eşidilýär.
Ýöwselleme, Çalyguşy, besdir, ýat. Gijäniň bu wagtynda syrly seslerden gorkup näme etjek.
Olar saňa, hernäçe zalym bolsalar-da, daýzaň öýündekäň «sary gülüň» sözleriniň beren külpeti ýaly
bela getirmez.
***
Zeýniler, 20-nji noýabr.
Şu gün irden hasaplap görsem, Zeýnilere gelenime tas bir aý geçäýen ekeni. Göwnüme bolmasa,
bu taýda ençeme ýyl bäri ýaşap ýören ýaly. Şu güne çenli gündeligime el degiresim gelmedi. Dogrusy,
gorkýardym... Ýaňy gelen günlerim juda gamgyndym, sustum pesdi, onsoň şeýle halda ne jüre biderek zatlary ýazmajagymy kim bilýär? Indi bu ýeriň durmuşyna öwrenişip barýan.
Aleksi bajynyň: «Gyzlarym, gutulmaz keselleriň, gutulgysyz betbagtçylyklaryň ýeke dermany
bar. Olam sabyr bilen sadyklykdyr. Ýöne betbagtçylyklaryň gizlin rehimdarlygam bardyr. Kim olary
nalaman ýylgyryp kabul etse, şol betbagtçylyklar olar üçin onçakly ýowuz däldir» diýýän gowy tymsaly bardy.
Adatça, şol sözler Çalyguşynyň diňe gülküsini tutdurardy, emma indi olary dogry saýýardy we
bu pähime gülmeýärdi.
Zeýnilere gelen günlerim tas däliräre gelen pursatlarym hem bolupdy... «Garşylyk görkezeniň
haýry ýok! Mundan artyk çydap biljek däl!» diýýärdim.
Şeýle pursatlarda Aleksi bajynyň bu parasatly sözleri dadyma ýetişýärdi. Özümi ýasama
göwnühoşluk bilen aldamak üçin köňlüm aglasa-da, ýüzüm gülerdi, onsoň aýdyma hiňlenmäge, sygyrmaga başlaýardym welin, ýüregim ynjalyp, suwly gaba salnan güljagaz ýaly, janlanyp ugrardy.
Soňra töweregimdäki zatlardan ýüregime teselli gözlemäge başladym. Elime tötänden düşen ter
ýapragy ýüzüme sürtüp, bagda tapan horja pişigimi bagryma basdym, ony demim bilen ýylatdym.
Halys lapykeç bolamda bolsa, öz-özüme: «Feride, gamlanma, özüňi ele al! Ýaşamak üçin sende güler
ýüz bilen batyrgaýlykdan başga hiç zadyň galmanlygyny bilýärsiň ahyryn» diýerdim.
Goý, şatlygym ýasama, bir pursatlyk bolsun, eýsem, garaňky ýerzemine düşýän yşyk ýa-da haraba dönen diwar daşlarynyň arasynda açylan güljagaz ynsana umytdyr teselli getirýän ýaşaýşyň alamatlary dälmi näme?
Bu gün juma günüdi. Mekdepde okuw ýokdy. Telim günläp yzyny üzmän ýagan ýagyş ahyrsoňy diňipdi. Daşarda güýz özüniň iň soňky, hoşlaşyk baýramyny gurapdy. Göwnüňe bolmasa, uzakdaky dag ulgamy hem, gamyş basan batgalyk hem Güne şadyýan ýylgyryşýan ýalydy. Hatda serwi
agaçlary, gonamçylykdaky mazar daşlary hem öz gyňyrlyklaryny ýatdan çykarana meňzeýärdi.
Kalbymyň törüne ser salyp, eýýäm köşeşýändigimi, täze durmuşa öwrenişýändigimi, hatda bu
garaňky, ýürekgysgynç obany birneme halap başlandygymy hem duýýardym.
***
Gelen günümiň ertesi ir bilen işe başladym. Ol gün hiç haçan ýadymdan çykmaz.
Ir bilen B. diýen ýerdäki bilim bölüminiň müdiriniň aýtmagyna görä, «uly çykdajy edilip»
abatlanan synpy birkemsiz synladym. Bu ýerde ozal mal ýatagy bolup, soň oňa tagta düşäp, äpişgeleri
giňeldilip, aýnalanan bolara çemeli. Diwara ýelmenen kagyzlar garagurumdan hem garady. Gapynyň
ýanynda asylan karta gyşaryp ýatyrdy, gapdalynda bolsa üç sany okuw ündewsuraty ýelmengidi;
olaryň birinde adamyň istihany (skeleti), beýlekisinde daýhan fermasynyň, üçünjisinde bolsa ýylanyň
suraty çekilipdir. Ähtimal, olar hem «täze mekdep esbaplary» bolmaly.
Synp otagynyň bag tarapdaky diwarynyň düýbünde bu ýeriň mal ýatak bolan döwründen galan
mal iýmlenýän nowa bardy. Onuň üstüne agaç gapy kakypdyrlar: onsoň ol sandyga meňzeş bir zat
bolup durdy. Okuwçylar oňa ýany bilen getiren iýjek zatlaryny, kitaplaryny salyp, hatda mekdebi
ýylatmak üçin dagdan çöpläp getiren çybyklaryny hem taşlaýan eken.
Hatyja hanymyň aýtmagyna görä, sandyga käte taýak ýola getirip bilmeýän bezzatlary hem salýan ekenler. Arçynyň Wehbi atly kiçi ogly sandyga köp salnypdyr. Ol garagolluk etdigi, sandyga
girip, edil merhumyň tabytda ýatyşy ýaly, arkan ýatyp sandygyň gapysyny hem özi ýapypdyr.
Men geň galyp, Hatyja hanymdan:
— Muňa arçynyň gahary gelmeýärmi? — diýip soradym.
— Arçyn beý gaýta hoşal bolýar. Ol maňa: berekella, Hatyja hanym, ýadyma düşüreniň gowy
bolaýdy. Öýümizde-de bir sandyk bar. Eger bezzat garagolluk etse, menem ony şoňa salaryn — diýýär.
— Terbiýäniň gowy usuly eken. Diýmek, mekdepde oglanlar hem bar-da?
— Hawa, birnäçesi bar. Ýöne uly oglanlary Garipler obasyndaky erkekler mekdebine ugradýarys.
— Garipler obasy nirede?
— Hanha, şol gerişleriň aňyrsynda. Seret, agaryp görünýändir.
— Oglanlara ýüregiňiz awanokmy? Olar ol ýere gyşda, gar ýaganda nädýärler?
— Öwrenişipdirler. Ýol batga bolmasa, olar bir sagada ýetmän barýarlar. Ýöne ýagyş ýagyp,
batga bolsa ýa tupan tursa, kyn düşýär.
— Ýagşy, näme üçin siz olary bu ýerde okadaňyzok?
— Eýsem, erkekleri zenanlar bilen bile okadyp bolarmy?
— Olar nireden erkek kişi bolýarmyş?
— Eýse, näme, gyzym! Olar eýýäm on iki, on üç ýaşan uly oglanlar ahyryn. — Şeý diýdi-de,
Hatyja hanym ýene-de bir zat aýtjak bolup çekinýän ýaly dymdy.
Soň ýüregini bire baglady:
—Aýratyn hem häzir...
— O näme üçin?
— Sen juda ýaşajyk mugallyma... Ine, şonuň üçin, gyzym.
Stambullylar: «Asylly hatyn horazdanam gaçar» diýýärler. Ähtimal, biziň Hatyja hanymymyz
hem şolardan bolmaly. Sesimi çykarman işim bilen boluberdim.
Bilim bölüminiň müdiriniň «uly çykdaja galyp» ýygnan mekdep esbaplarynyň ýene wajyp zatlarynyň birem köne, betgelşik partalardy. Geň görmeli! Olar synp otagynyň burçunda üýşürilipdir,
hiç kim olardan peýdalanmalydyram öýtmeýän borly.
— Hatyja hanym, näme üçin beýtdiňiz? — diýip gyzyklandym.
— Bulary men däl-de, ozalky mugallym etdi, gyzym. Çagalar partada oturmaga öwrenişmändir.
Adam minara ýaly belent ýerde otursa, kellesine bilim girenok. Mugallym partalary çykaryp zyňmaga
ejap etdi,sebäbi mekdebe gözegçi ýa-da başlyklaryň biri geläýmegi ahmal. Barybir, täze gelenleri biz
birbada partada oturdýardyk. Soň olar okap başlaýarlar welin, aşak, boýranyň üstüne geçirýäris. Hatyja hanymdan özüme kömekleşmegini haýyş etdim. Biz boýralary aýryp, düşektagtany ýuwduk, partalary goýuşdyrdyk welin, mal ýatagy synp otagyna meňzäp ugrady.
Hatyja hanymyň nägiledigi ýüzünden bildirip durdy. Emma garry hatyn garşyma gidip bilmän,
diýen zadymyň baryny edýärdi. Otaga serenjam bermegi çaltrak gutarasym gelýärdi.
Entek elimi ýuwmaga-da ýetişmänkäm okuwçy gyzlar gelşip başlady. Gyzjagazlar pukara geýnendi. Olaryň hemmesi diýen ýaly jorapsyzdy, başlary köne, ýyrtyk biz mata bölekleri bilen gaýym
daňylgydy. Ýalaňaç aýaklaryna geýen agaç sandallaryny tapyrdadyşyp, olar synpyň gapylarynyň
öňüne geldiler-de, aýakgaplaryny çykaryp, bosaganyň öňünde hatarlap goýdular.
Gyzlar meni görüp, tisgindiler, utanyp gapynyň öňünde aýak çekdiler. Olary golaýyma çagyrdym, emma olar eli bilen ýüzüni ýapyp, gapynyň aňyrsynda gizlendiler. Ellerinden tutup, olary otaga
zor bilen salmaga mejbur boldum.
Ýanyma gelip, gözlerini ýumdular-da, elimi öpmäge durdular. Zordan gülmän saklandym. Ähtimal, bu obanyň edähedi şeýle bolmaly. Olaryň hersi şapbyldadyp gülkünç ogşaýardylar welin, elim
öl-myžžyk boldy.
Gyzlaryň göwnüni galkyndyrjak bolup, olaryň hersine mähirli, ýakymly sözler aýtdym, emma
sowallaryma jogap bolmady. Çagalar hötjetlik bilen dymdylar. Gaharlansaň gaharlanybermeli. Esli
salym näz-kereşmedir kesirlik edenlerinden soň, barybir, olaryň atlaryny bildim.
— Zöhre...
— Äşe...
— Zöhre...
— Äşe...
— Zöhre...
— Äşe...
Eý, toba, bu obada, gör, näçe, Zöhre bilen Äşe atly gyz bar ekeni!
Bärde gülkünç zat ýok. Birden kelläme bir pikir geldi. Mysal üçin, gözegçi gelip, okuwçylarym
bilen tanyşjak bolar. Men derrew: «Synpda dokuz Äşe bilen on iki sany hem Zöhre bar» diýip hasap
okaryn. Ýa bolmasa, şeýtseň hem boljak: «Äşeleri otagyň bir tarapynda, Zöhreleri bolsa beýleki tarapynda oturtmaly. Ýa bolmasa... Biz top oýnanymyzda (arakesmelerde okuwçylar üçin bagda dürli
oýunlary guramagy ýüregime düwdüm), synpy derrew iki topara bölüp, Äşeler sagda, Zöhreler hem
çepde dursunlar!» diýäýmelidi.
Saklanybilmän, öz ýanymdan üýtgeşik pişe tapdym. Täze gyzlar gelende:
— Gyzym, sen Zöhremi ýa Äşe? — diýip soraýardym.
Köplenç sowalym ýerine düşýärdi. Ýumry ýaňaklyja garagözelek gyzjagaz hemmelerden dogumly çykdy. Ol geň galyjylyk bilen ýüzüme bakyp:
— Sen adymy nireden bilýärsiň? — diýip geňirgendi.
Okuwçylarymy partalarda oturdyp, kimiň nirede oturmalydygyny bek bellemeklerini haýyş etdim. Görgüliler aýaklaryny hallanladyp, hersi bir hili otyrdylar. Göwnüňe bolmasa, olar partada dälde, agajyň şahalarynda ýa-da jaýyň erňeginde oturan ýalydy. Münbere tarap ýönelenimde olar menden gözüni aýyrman kirli aýaklaryny ýuwaşjadan aşaklaryna çekýärdiler, olaryň bu bolşy penjelerini
çanaklarynyň astyna ýygnaýan pyşdyly ýatladýardy. Nätjek-dä? Kem-kemden öwrenişerler-dä.
Bir zat juda geň galdyrdy: gyzlar aşa utanjaňdy. Olardan, edil oba gelinleri ýaly, ýeke söz aljak
gümanyň ýokdy. Okuwçylar kitabyny açan badyna weli, otag gohdan dolýardy. Olar bokurdagyna
zor salyp, köplük bolup okamaga endik edipdirler. Synpa täze-täze gyzlar gelip başlady, gykylyk
artyp, kelläm hum ýaly çişip ugrady.
— Bular hemişe şeýdip bokurdagyna zor salyp gygyrýarlarmy? Elhepus! Muňa nädip çydaýaňyz? — diýip, Hatyja hanymdan soradym.
Hatyja hanym geň galyjylyk bilen seretdi.
— Elbetde. Eýse, nähili bolsun, gyzym? Bu taýy mekdep ahyryn. Palta urmazdan, agajy ýonup
bolýarmy näme? Olar näçe gaty gygyrsalar, sapagy şonça gowy özleşdirýär.
Eýýäm partalaryň bary dolupdy. Mekdebiň ýeke-täk owadan we täze goşy bolan mugallym
stoluny güýjümde baryny edip ýumrukladym, şeýdip, çagalaryň sessiz okamalydyklaryny aýtmakçy
boldum. Emma maňa üns beren bolmady, hiç kim başyny galdyrmady. Gaýtam, synp örüzilen bal
arylary ýaly, öňküden hem beter güwwüldedi: «Äuzubillahi, äbjed, häwwäz, hutti, jim üstünde, je,
jim äsra ji!..»( Köne mekdepde (mollada) okalanynda, elipbiý öwredip başlamagyň usuly.)
Çagalary täzeden terbiýelejek bolsam, birneme jebir çekmeli boljagyma düşündim. Ýöne yhlasymyň ýerine düşjekdigine hem birjik-de şübhelenmeýärdim. Garry hatyna ýüz tutdum:
— Hatyja hanym, sen bu gün olar bilen öňküleriň ýaly sapak geç. Men synpda tertip-düzgüni
ýola goýýançam, sapak geçjek däl.
Hatyja hanym maňa üşerilip garady-da:
— Gyzym, men çagalara görýän zadymy öwredýärin. Biz seniň bilýänleriňi bilmesek nätjek?
Sebäbi mugallymçylyk bilimim ýok ahyryn — diýdi.
Ol pahyryň näme diýjek bolandygyna soň düşündim. Ol özüne synagdan geçýändirin öýdüpdir.
Garry kempir iki ýüz kuruşyny ýitirerin öýdüp gorkýardy!..
Howanyň açyklygyna garamazdan, gyzlaryň birentegi mekdebe başlary köne örtükli gelipdir.
Hatyja hanymdan olaryň muny näme üçin şeýdýändiklerini soradym.
Bu sowal ýene garryny geňirgendirdi.
— Elhepus, gyzym, indi olar uly gyz, gelinlige ýetişen ahyryn. Olara obada başaçyk gezmek
bolmaýar.
Toba! Solan güýz güllerine meňzeýän bu on-on iki ýaşly gyzlara neneňsi uly gyz, has beteri
ýetişen diýjek? Dogrudanam, nirä geldimkäm?! Bu taýy nähili täsin?!
Ýöne şol bir wagtyň özünde begendimem. Eger bujagaz çagalara ýetişen gyz diýýän bolsalar,
meni dagy garry gyz saýarlar, onsoň çaga diýip hiç kim üstümden gülmez...
Mekdebe iň giç gelen oglanlardy. Olar öýde ulular bilen deň hatarda işleýärdiler, guýudan suw
çekýärdiler, sygyr sagýardylar, daga odun ýygmaga gidýärdiler...
Hatyja hanym oglanlardan daş işikde garaşmagy haýyş edip, çekinjeňlik bilen maňa ýüzlendi:
— Gyzym, sen ýaglyk atynmagy unudan bolara çemeliň?..
— Eýsem, bu juda zerurmy?
— Hä... Dogrusyny aýtsam, elbetde, zerur. Ýogsa-da bu meniň işim däl... Ýöne başaçyk halda
sapak geçmek külli günädir.
Muny bilmeýänligimi boýun almaga utanýardym. Çym-gyzyl bolup, ýalan sözledim:
— Gaýdanymda ýaglygymy öýde galdyrypdyryn... —Ýagşy, gyzym men saňa ýukajyk nah matadan başatgyç beräýerin — diýip, Hatyja hanym aýtdy.
Ol öz külbesine gidip, açylanda jygyldap ses edýän sandygyndan ýaşyl reňkli ýaglyk getirip
berdi.
Muňa-da çydamaly boldum.Ýaglygy başyma atdym, Stambulyň köçelerinde ýaşsygan gyzlarynyň edişi ýaly, onuň bir ujuny alkymymyň aşagyndan daňdym.
Daşy gabsaly äpişgeleriň aýnasy ýüz görülýän aýnanyň ornuny tutup biljekdi. Bildirmän onuň
ýanyna bardym-da, özümi synlap başladym. Zeýnilere bellenilenimden soň, mugallym hökmünde
geýjek eşiklerim barada öňünden aladalanyp ugradym. Meniň pikirimçe, mugallym işde wagty beýleki zenanlaryň geýnişi ýaly geýinmeli däldir. Göz öňünde tutanlarym juda ýönekeýdi: ýaldyrawuk
gara setinden tikilen, dyzyňa düşüp duran köýnek, biliňde inçejik gaýyş guşak, onuň aşak ýanynda
iki sany kiçijik jübi bolmalydy: olaryň biri elýaglyk, beýlekisi bolsa ýan depderçesi üçin gerekdi. Ak
matadan tikilen ýasy ýaka gara köýnege gelşik bermelidi. Uzyn saçy halamokdym, ýöne mugallyma
gysga saçly hem bolmaly däl. Saçymy bejertmänime eýýäm bir aý dagy bolupdy, ýöne saçym egnimede ýetmeýärdi.
Ilkinji sapagyma taýýarlanýarkam, hut şeýle hem geýnipdim, hötjet saçym alnyma düşüp durmaz ýaly, ony esli wagt çotga bilen daraşdyrdym.
Hatyja hanymyň beren ýaglygynyň astyndaky saçym çotgany aýyrdygym, dessine dim-dik
bolardy, onsoň ýylpyldap duran gara köýnekli şeýle bir bolgusyz, gülkünç görünýärdim welin, gülmän zordan saklanýardym.
***
Indi sizi okuwçy oglanjyklar bilen tanyşdyraýyn, olar zerarly başymy ýaşyl ýaglyk bilen ýapmaly bolupdym.
Ilki bilen, hemişe sandygyň içinde syçan kimin oturyp ýören kiçijik Wehbi. Ol, hakykatdan
hem, gülkünç syçanjyga meňzeýärdi: onuň gözi monjuk ýaly ýaldyrar durardy, ýüzi mekirjedi, eňegi
çüridi. Wehbi mekdepde iň bezzat çagady.
Oglanlaryň ýene biri pyrlampaç ýaly togalak, garaýagyz arap Jafar agady. Onuň gözleriniň agy,
ak dişleri ýaldyrap durdy, çym-gyzyl dodaklary ýylgyranda ýazylyp gidýärdi. Ol adyny ýöne Jafar
diýip tutanlara mekdepde jogap bermese-de, köçede şeý diýeni daşlaýardy.
On ýaşly Aşur istihan ýaly hordy, hordan kirli ýüzi mama dişändi.
Synpyň iň üýtgeşik okuwçysy Nafyz Nurudy. Ol ýaňy on ýaşyny doldursa-da, ýüzi ýetmiş ýaşly
gojanyňky ýaly gasynlydy. Nurynyň eňeginiň aşagynda uly süýjibaşy bardy, ol ýaňyrak bitip ugrapdy, ýalaňaç boýny ýapragy pürlenen çybyga meňzeşdi, pökgerip duran keselbent gabaklary kirpiksizdi, ýumurtga şekilli kellesi sellelidi. Bir söz bilen aýtsaň, bu elhenç mahlugy pul alyp görkezip ýörmelidi.
***
Şol gün irden Hatyja hanym gonamçylykdan kesip alan uzyn çybyklaryny ýanynda goýup,
okuwçylary ýekän-ýekän çagyryp, geçilen dersi sorap ugrady. Biri jogap berip durka, oglanlaryň galany öňküleri ýaly uly goh edip başlaýardy.
Aleksi bajy sapakda galmagalymyzdan biynjalyk bolup ugradygy, inçejik şeme meňzeş sapsary barmaklaryny bir-biriniň içinden geçirägede, açyk mawy gözlerini ýokary dikip, keramatly Bibi
Merýem ýaly bolup: «Siz maňa dowzah jebrini çekmäge mejbur edýärsiňiz» diýerdi. Elbetde, synpdaky ähli bitertipliligiň başyny, adatça, Çalyguşy başlaýardy. Ynha, indi onuň özi hem şeýle garagolluklardan jebir çekýärdi.
Başyňy çaşyryp barýan bu gohlaryň soňuna çykmak, okuwçylary sessiz sapak geçmäge, synpda
berilýän dersi dykgatly diňlemäge mejbur etmek üçin iki hepde iş edindim.
Nähili hem bolsa, azabym ýerine düşdi. Dogry, ilki günler hernäçe jan etsem-de, çagalara hötde
gelip bilmedim. Hatyja hanymyň synpda ulanýan çybyklarynyň ýylanyňka meňzeş sesiniň ýanynda
meniň sesim olara ysgynsyz bolup eşidilýärdi... Käte, halys başarmasam, gapa tarap öwrülip:
— Hatyja hanym, ýeteweri — diýip gygyrýardym.
Kempir gözüne urlan ýaly bolup, synpa kürsäp girerdi-de, tertip-düzgüni ýola goýmaga maňa
kömekleşerdi.
Ahyrsoňy bu göreşde rüstem çykdym: synp galmagalyny goýdy. Indi çagalar ümsüm oturmagy,
adam gepine gulak asmagy öwrenipdiler. Hatda synp näçe gygyrdygyça, sapak şonça gowy özleşdirilýär diýip hasap edýän Hatyja hanymyň hem göwni hoşdy.
Ol aýyn bolmasa:
— Allam alnyňy açyk etsin, gyzym! Kelläm dynç alaýdy — diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy.
Emma bu gazanan üstünligimiň bary däldi: çagalaryň has şadyýan, şähdaçyk bolmagyny küýseýärdim. Ýöne köplenç ony başarjagyma ynamym gaçýardy.
Çagalaryň ýüzünde hem obanyň öýleriniňki, köçeleriniňki, mazarystanlygynyňky ýaly hasrat
bardy. Olaryň reňki öçen dodaklary gülki diýen zady bilmeýärdi, hereketsiz, gussaly gözlerinde bolsa
ölüm hakda pikir doňup galan ýalydy.
Belki, özümem kem-kemden olara meňzäp barýandyryn. Öňler ajal barada düýpden başgaça
pikir edýärdim: adam elli, altmyş ýyl, ýagny garrap tapdan düşýänçä işleýär, ylgaýar, dynç alýar.
Soňra gözleri süýji uky küýsäp, bürülip ugraýar; şonda ol ak gar ýaly düşegiň üstüne geçýär-de, basmarlap ugran ukynyň ýeňiljek serhoşlygynda ýylgyryp, kem-kemden solup gidýär. Günüň şöhlesine
gözüňi deşip gelýän ak mermeriň üsti durşuna gül bolup dur; birküç guş kiçijik çukanaklardan suw
içmek üçin daşa gonýar.
Ajal ýadyma düşende, mydam göz öňüme şeýle ýakymly, hatda şatlykly görnüş gelýärdi. Häzir
bolsa ajalyň ajysyny topragyň, ödagajynyňdyr serwi agaçlarynyň ysy bilen birlikde ýuwdup, dilim
bilen dadyp görýän ýalydym...
***
Çagalaryň beýle gamgyn, tutuk bolmagynda Hatyja hanymyň hem günäsi uludy. Bu biçärede
mugallymyň esasy borjy çaga ýüregindäki maddy islegleri basyp ýatyrmaly diýen pikir bardy. Her
gezek pursady gelende okuwçylara ölümi ýatladar durardy. Onuň aýtmagyna görä, diwarda asylgy
duran birnäçe anatomiýa şekilleri mekdebe hut şol maksat üçin iberilendi. Ol tutuş synpy:
Bu dünýä panydyr, peýany bolmaz,
Ömür geçer durar. Hiç kese galmaz —
— diýen gamgyn hem-de dabaraly dini setirleri okamaga mejbur edýärdi.
Hatyja hanym ynsan istihanynyň şekilini diwardan asyp, okuwçylara ölümiň elhençlikleri, gabyr azaplary hakynda gürrüň berýärdi we:
— Erte biz öleris welin, biziň etimiz çüýrär gider, onsoň birden, ine, şular ýaly, gatan
süňkler galar... — diýýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 12
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.