Latin

Saýrak Guşy - 13

Total number of words is 3806
Total number of unique words is 2181
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
häzir peçden çykýan oduň gyzyl yşygyna ol birden oňaýly, bagtly höwürtge bolup göründi welin,
birneme öňräk durmuşdan nadyl bolanlygyma utandym.
Ahyrsoňy gyzjagaz gürläp başlady. Eljagazlaryny goltugyma sokup, gözlerime seredip, sowallaryma haýaljakdan jogap berýärdi. Öten agşam öweý enesi erbet gorkuzanynda, Munise öýden
çykyp, obanyň çetindäki samanhanada gizlenipdir. Saman edil ýorganyň içi ýaly ýyljajyk ekeni. Emma ertesi ir bilen gyzjagaz gaty ajygypdyr. Gyzjagaz samanhanadan çykdygy tutulyp öýüne eltiljegini
bilip, garaňkynyň düşerine garaşmagy ýüregine düwüpdir. Munisäniň bar umydy men ekeni, ol uzynly gün: «Mugallym hökman naharlar» diýip, özüni köşeşdiripdir.
Birden gyzjagazyň ýanyp duran gözleriniň öçügsilenip ugrandygyny, duşuşyk lezzetiniň, şadyýanlygyň zym uçan ýaly bolanyna gözüm düşdi. Sebäbini sorap durmadym. Meni-de gorky gaplap
aldy, çünki ertir irden Munise öýlerine barmalydy. Kalbymda kiçijik umyt hem ýokdy diýip biljek
däl. Käte ýüregimizde hasyl bolaýmaly ýaly bolup görünýän ajap arzuwlar bolýar.
Munisäni ünjä goýmajak bolup, Hatyja hanyma ýuwaşja ýüz tutdum.
— Eger halamaýan bolsalar, ata-enesi ony maňa gyzlyga bermäge razy bolmazlarmyka? Meniňem dünýäde hiç kimim ýok. Ony öz perzendim ýaly eý görjekdigime ant içýärin. Belki, bererler?
Göýä, arzuwymyň hasyl bolmagy garry kempiriň aýtjak zadyna bagly ýaly, sandyrap duran ellerimi oňa uzatdym.
Hatyja hanym peçden gözüni aýyrman oýlandy, soň ýuwaşjadan başyny atyp:
— Ýogsamam, kem-ä bolmazdy. Ertir arçyn bilen maslahatlaşyp göreýin. Eger ol razy bolsa,
gyzyň kakasyny hem yrarys. Belki, diýeniň bolar — diýdi. Ömrümde şeýle ajap, şeýle umytly sözleri
eşidenim hiç wagt ýadyma düşenok. Sesimi çykarman, Munisäni bagryma basdym. Gyzjagaz ellerimi
taýly gezek ogşady hemem aglap durşuna:
— Ejem jan, ejem jan! — diýip pyşyrdady.
***
Şulary ýazyp otyrkam, Munise düşegimde ýatyrdy. Peçde lowlap duran oduň yşyjaklary onuň
saryja saçynda oýnaýardy. Gyzjagaz agyr dem alyp üsgürýärdi.
Eý, Hudaý, eger beräýseler, gör, nähili bagtly bolardym! Şonda gijäniň garaňkylygyndan hem,
tupandan hem, garyplykdan hem gorkmazdym. Ony terbiýelärin, bagtly ederin. Bir wagtlar özümem
şeýle arzuw edipdim, ýöne beýleki çagalaryň pikirini edipdim... Emma bir gün agşamaralar olaryň
bary birbada ýüregimde ölüp gitdi.
Men ýene-de durmuş bilen ylalaşdym, ýenede älem-jahany söýüp ugradym. Kamran şol agşam
ýüregimde dulanan şol biçäre çagalary sen öldüripdiň ahyryn. Ýöne indi seni öňkim ýaly ýigrenemok.
***
Zeýniler, 18-nji dekabr.
Bu gije ýene çirim edip bilmesem gerek. Bagtyýarlara-da gije hassalaryňky ýaly uzak görünýär...
Ertesi ir bilen Hatyja hanym bilen arçynyň ýanyna ugradyk. Garry meni ýanyna Munise baradaky täzelikleri bilmek üçin gelendir öýdüp, derrew köşeşdirmäge başlady.
— Häzirlikçe-hä tapylanok, ýöne men umydymy üzemok... Ýene kä ýerleri gözläp göreris...
Goja gije bolan wakany gürrüň berdim. Ýüregim elenýärdi, gözüm garaňkyraýardy. Sözümiň ahyrynda bolmajak zat soraýan ýaly, ellerimi döşümde goýup samradym:
— Bu gyzjagazy maňa beräýiň... Oňa ýüregimden ýer bererin. Ol meniň çagam bolar! Siz ol
biçäräniň öweý enesiniň öýünde saralyp-solup barýanyny görýäňiz ahyryn... Muhtar ependi gözlerini
ýumup, içini gepletdi, sakgalyny sypalady.
Ahyrsoňy ol:
— Bolýar, gyzym. Şeýtseň, hakykatdan hem, sogap iş edersiň — diýdi.
— Diýmek, siz maňa Munisäni berýäňiz-dä?!
— Dört çagany eklemek onuň kakasyna kyn düşýär, ol bermeli bolar. Ahyr bolmasa, biz oňa
bäş-üç kuruş pul bereris-dä...
Şol wagt begenjimden däliremänime şükür. Arzuwym beýle aňsat hasyl bolar öýdüp, otursamtursam oýlanýarmydym näme?.. Göwnelmedik halatynda näme diýjegime jogap gözläp, olaryň ýüreklerini ýumşadaýjak söz taýýarlap, uzynly gije ýatmandym. Eger bu-da kömek etmese, ejemden
galan birnäçe gymmat bahaly zatlardan geçmäge-de taýyndym. Eýsem, olary mundan haýyrly nämä
ulanjak?.. Şeýtsem kiçijik biçäre ýesirjigi halas edip biljekdim. Muňa hiç hili zerurlygam ýok ekeni.
Janlyja gurjagy peşgeş berýän ýaly, Munisäni berdiler oturyberdiler.
Her kimiň bir geň häsiýeti bolýar. Bir zada gaty begenen, bagtyýar wagtym duýgularymy söz
bilen beýan edip bilemok. Derrew ýanymdaky adamyň boýnuna bökesim, ony öpesim, gujaklasym
gelýär. Arçyn ependi hem şeýle ýagdaýa düşäýmelidi welin, ýöne ýygyrt-ýygyrt bolup duran ellerini
ogşap oňdum.
Iki sagatdan arçyn mekdebe, ýanyma Munisäniň kakasyny alyp geldi. Ony birehim, ýowuz ýüzli
ýakymsyz adam ýaly göz öňüne getirýärdim, ýöne ol biçäre, keselbent goja ekeni.
Özüniň Stambuldandygyny, ýöne, ynha, kyrk ýyl töweregi watanynda bolmanlygyny aýtdy.
Saryýer, Aksaraý barada, bir wagtlar gören düşnüksiz düýşüni ýatlaýan ýaly, ynamsyz gürrüň berdi.
Munisäni maňa bermäge razy boldy, ýöne gyzyndan aýrylyşmagyň oňa agyr degýändigi görnüp durdy. Gyzyň bagtly bolmagy üçin zadymy gaýgyrmajakdygyma wada berdim, siz hemişe duşuşyp durarsyňyz — diýdim.
***
Zeýnileriň pukara, tukat mekdebi düýbi tutulaly bäri şeýle şatlykly baýramy görmändigini anyk
bilýärin.
Munise ikimiz begenjimize tas däliräpdik, şatlykdan ýaňa otagymyza sygmadyk. Niredendir
ýokardan bir ýerden hem şadyýan hysyrdy, jürrüldi eşidildi. Ähtimal, biziň gülkimiz üçegiň gyralarynda irkilişip oturan serçeleri hem örüzen bolara çemeli. Munise kiçijik bir hanyma döndi. Özümiň
geýmeýän gyzyl pamazy köýnegimi biraz gysgaltdym welin, bezemen çaga lybasyna öwrüläýdi. Şu
lybasda Munise (nädip aýtjagymy hem bilemok!) şokoladly süýjä — agzyňa düşdügi eräp gidýän
süýjä meňzeşdi. Düýnküsi ýaly güýçli bolmasa-da, gar henizem ýagyp durdy. Agşamaralar Munise
bilen baga çykdym. Biz kowalaşyp, tä Hatyja hanym Zeýni baba şem ýakýança, mazar daşlarynyň
arasynda gar zyňyşyp oýnadyk. Biziň şatlygymyz bu garry kempiriň gyňyr ýüzünde hem mylaýym
ýylgyryş döretdi.
— Gaýdyň, öýe giriň, besdir. Üşärsiňiz-de, nähoşlarsyňyz...
Üşemek diýýäňizmi? Kalbynda Gün şöhle saçyp durka, heý, adam üşärmi?
Şol gün agşam asman maňa günbatardan gündogara şaha ýaýyp oturan, ýuwaşja yranyp, üstüme
ak güller seçýän ägirt uly žasmin agajy bolup göründi.
***
Zeýniler, 30-njy dekabr.
Munise ikimiz diýseň ysnyşdyk! Bu kiçijik gyzjagaz sapakdan boş wagtymyň baryny alýar. Oňa
bilýän zatlarymyň ählisini öwredesim gelýär. Her gün birnäçe sagat fransuz dilinden sapak geçýäris.
Käte gapyny, äpişgeleri ykjam ýapyp, oňa tans etmäni hem öwredýärin. Eger muny oba biläýse, üstümize daş ýagdyrardylar!..
Käte öz üstümden gülesim gelýär.
— Çalyguşy, sen Munisä ähli zady öwretjek bolup, Hudaý gorawersin, ony Hajy kalfanyň ogly
Mirada öwüräýme — diýýärin.
Pukaraja daýhan birden asylly maşgaladan çykan gyzjagaza öwrüldi oturyberdi. Onuň her sözi,
her hereketi nepisdi. Ilki-ilkiler muňa haýran galardym, näme üçin beýledigine indi düşündim: çakym
çak bolsa, Munisäniň ejesi, aýdyşlary ýaly, beýle bir bolgusyz däl bolmaly. Gyzjagaz maňa çäksiz
minnetdardy. Käte ýanyma gelýärdi-de, ellerimi aýasyna alyp ýüzüne, dodaklaryna degrerdi, şonda
Munisäniň eýjejik ellerini tutup, barmajyklaryny ýekän-ýekän öperdim. Biçäre gyzjagaz ony ýanyma
alyp, men özümi pida edendir öýdýär. Aslynd-a, onuň maňa ýagşylyk edendigine weli, ol nädip düşünsin!
***
Käte aramyzda geň gürrüňler hem bolýar. Bile ýaşap başlanymyzyň ikinji güni oňa:
— Munise, isleseň, sen maňa eje diýäý. Şeýtseň, has gowy bolar — diýdim.
Gyzjagaz mähirli ýylgyrdy-da, ýüzüme bakdy.
— Eýsem, şeýtsem bolarmy, abajygym?
— Bolman näme? — Abajygym, seň özüňem entek kiçijik ahyryn. Onsoň neneň edip eje diýeýin?
Onuň bu sözleri çetime degdi. Barmagymy çommaldyp, oňa:
— Ah, sen garagol! O nähili kiçijik bolýaryn? Men eýýäm zenan maşgala, ýigrimi ýaşadym —
diýdim.
Munise maňa seredip, ýylgyrdy-da, diliniň ujuny dişledi.
— Eýse, ýalanmy? Eýsem, men uly zenan dälmi näme?
Gyzjagaz hyrçyny dişläp, çagalara meňzemeýän agraslyk bilen:
— Abajygym, sen menden onçakly uly däl ahyryn. On dört, on bäş ýaşyňdasyň-da — diýip
jogap berdi.
Men durup bilmän güldüm. Munise dogumlandy-da, birneme uýalyp:
— Sen, abajygym, durmuşa çykarsyň. Menem saçyň iki tarapyna zer sapaklar örerin. Olam edil
özüň ýaly owadan bolar — diýdi.
Elim bilen gyzyň agzyny tutup:
— Eger ýene şeýle zat aýdaýsaň, diliňi keserin — diýip haýbat atdym.
***
Gyzjagazym bezenmäni gowy görýär, ol hatda näzirgänem bolýar. Näz-kereşmeli zenanlary hiç
halamazdym, ýöne, ynha, indi Munisäniň aýnanyň öňünde özüne timar berşine, öz-özüne ýylgyryp
bakyşyna seretmekden lezzet alýardym.
Düýn bolsa ony eli ýanan otluçöpli tutdum: näzlije gyz gaşyna sürme çaljak bolýar ekeni. Gülkünç-dä ...Ony nireden öwrenenliginem bilemok! Häzir-ä howply däl welin, ýöne soň, birnäçe ýyldan
uly gyz çykyp, birini söýüp, durmuşa çykansoň näme boljagy belli däldi. Bu barada-da pikirlenmelidim, eneleriň ählisiniň çagalaryny alada edişi ýaly, menem tolgunyp başlaýardym, şol bir wagtyň
özünde-de nämedir bir zada begenýärdimem.
Düýn Munise utanjyndan gyzaryp, çekinjeňlik bilen bir haýyş etdi: öz saçynyň hem meniňki
ýaly örülmegini isläpdir.
Gyzjagazym bilen, edil gurjak oýnaýan ýaly, oýnamakdan lezzet alýardym. Ony dyzymda oturdyp, saçynyň örümini çözläp, darap, öz isleýşi ýaly etdim.
Munise tekjäniň üstündäki kiçijik aýnany aldy-da, oňa seretdi.
— Eziz abajygym, bäri gel. Bileje durup, aýna seredeli-le...
Biz surat alýan guralyň öňünde iki doganyň gysmyljyrap durşy ýaly, aýna bakyp, biri-birimize
dilimizi görkezýärdik-de, gülüşýärdik... Wah, öçügsi ak nurana ýüzjagazdaky mawyja gözleri diýsene! Göwnüme Munise perişde ýaly owadandy.
Ýöne gyzjagaz deňeşdirmämden närazy boldy. Ol burnumy, dodaklarymy elleşdirip, uludan
dem aldy:
— Wah, abajygym, beýle däl-dä... Men saňa meňzeş däl-ä...
— Ol-a has gowy, balam. — Abajygym, nämesi gowy? Men sen ýaly owadan däl ahyryn...
Ol maňa öňküden hem beter gysmyljyradyda, kiçijik eljagazy bilen ýaňagymdan sypady.
— Abajygym, seniňki deri däl, duranja bir mahmalyň bor-a! Onda ýüzüň aýnada görnen ýaly
bolup dur.
Bu täsin gyzjagazyň geplerine gülkim tutdy, onuň ýaňyja yhlas bilen bejeren saçyny bulaşdyryp
goýberdim. Ýogsa-da gizläp oturmak nämä gerek? Çünki özümden başga hiç kim bu setirleri okamaz.
Käte pikir edişimdenem owadan görünýärin. Dogrusy: «Feride, sen özüňi tanaňok. Seni ilden tapawutlandyrýan zat bar...» diýýänler bilen hem ylalaşýan. Näme hakda gürrüň edýärdim-ä? Hawa-da,
gyzjagazym hakynda! Ony akylly-başly edinçäm, ol meni özi ýaly näzli zenana öwräýmese.
Zeýniler, 29-njy ýanwar.
Gündeligi elime almanyma bir aý dagy boldy. Meniň kagyz garalamadan has möhüm işlerim
bar. Onsoňam bagtyýar günler barada näme gürrüň bereýin? Bir aýdan bäri köňül rahatlygyndan lezzet alýardym. Ýöne ol uzaga çekmedi. Iki gün mundan öň obamyza degip geçen aragatnaşyk arabasy
maňa dört hat goýup gitdi. Bukjalara göz aýlanymdan, ýüregime ot düşdi. Olaryň kimdendigini, näme
ýazylandygyny bilmesemem: «Wah, olar maňa ýetmän, ýolda ýitip gitse bolmaýarmy!» diýip pikir
etdim. Ýalňyşman ekenim. Bukjanyň ýüzündäki tanyş hatymdy: bular ondandy. Hatlar Zeýnilerden
meni tapýança, ençeme gezek elden-ele geçipdir. Bukjalara mawydyr gyzyl reňkli galam bilen ençeme gol çekilipdir, terslin-oňlyn basylan möhürlerden doludy. Hatlary elime almaga ýürek etmän, ýüzündäki salgyny okadym: «B. şäheriniň merkezi ruşdiýesiniň mugallymy Feride hanym ependä».
Bukjalary mynçgalap, pejiň ýanyndaky asylgy kitap tekjesine taşlap goýberdim. Soňra äpişgäniň ýanyna baryp, maňlaýymy penjirä diredim-de, esli salym içimi gepledip, uzak bir ýere seredip
durdum.
— Abajygym, ýaraňokmy? — diýip, Munise biynjalyk boldy.
— Ýüzüň agarypdyr-a!.
Özümi dürsejek bolup ýylgyrdym.
— Ýok, balam, bolýan zat ýok. Kelläm azajyk agyrjak bolýar. Ýör, bagda gezeli, bary düzeler.
Gije uzak wagt uklap bilmedim, garaňkylyga bakyp ýatyşyma ejir çekýärdim, nalynýardym.
Ýaýdanjaňlyk ýüregimi gyýyp durdy. Bihaýa zalym nämeler ýazdyka? Telim gezek çyrany ýakyp,
hatlary açjak boldum, emma özümi basdym. Olary okamak ejizlik, aýyp boljakdy! Iki gün geçdi.
Hatlar henizem tekjede ýatyrdy, howany zäherleýän ýaly bolup, maňa ejir berýärdi. Ýagdaýym Munisä-de täsir etdi. Görgülijik nämä ýanyp-bişýänime düşünýärdi, öýe hasrat alyp gelen bukjalaryň
ýatan tekjesine ýigrençdir duşmançylyk bilen garady.
Bu gün ýene-de äpişgäniň öňünde pikire çümüp durdum. Munise çekinip ýanyma geldi-de, ýaýdanjyrap:
— Abajygym, bir zat etdim welin, gaharyň gelmez-dä hernä? — diýdi.
Hyrra yzyma öwrüldim-de, tekjä biygtyýar seretdim: hatlar ýerinde ýokdy. Ýüregim gyýylyp
gitdi.
— Hatlar hany? — diýip soradym.
Gyzjagaz ýüzüni aşak saldy.
— Olary ýakdym, abajygym. Şeýtsem, gowy bolar öýtdüm... Sen ejir çekýäň-ä...
— Munise, nädäýipsiň! — diýip ör-gökden geldim. Gyzjagaz çigninden ýapyşyp, siltelärin öýdüp gorkupdyr. Emma elimi ýüzüme tutup, sessiz agladym.
— Abajygym, aglama. Hatlary ýakamok. Bilgeşleýin aýtdym. Eger seniň gynanmajakdygyňy
bilsem, onda ýakardym. Ynha, olar...
Munise başymy sypalaýardy hemem hatlary elime tutdurjak bolýardy.
— Al bulary, abajygym. Olar, ähtimal, ýürekden söýýän kişiňden gelendir!..
Men tisginip gitdim.
— Aýdýanyň näme, bisyrat?!
— Abajygym, gaharlanma. Eger söýgüliňden gelmedik bolsa, şeýle aglarmydyň eýse?
Gyzjagazyň bar zada düşünäýşini diýsene! Onuň sözlerinden-de, gözýaşlaryndan-da utandym.
— Wah, eýjejigim, sen bu zatlary aýtmadyk bolsaň, gowy bolardy! Ýöne boljagy boldy... Hatlaryň söýgülimden däldigini saňa subut ederin. Hany, bäri gel, bulary bileje ýakaly.
Otagyň içi garaňkydy. Peçde ýanyp gutarmadyk çybyk käte tutaşyp gidýärdi. Birinji haty peje
okladym. Bukja ot düşüp, düýrüm-düýrüm boldy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde kül boldy.
Onsoň ikinji, üçünji... haty taşlap goýberdim.
Nähilidir bir düşnüksiz tolgunma düşen Munise gapdalymda maňa gysmyljyrap durdy. Hatlar
ýanyp gutarýança, biz ölüp barýan hassanyň başujunda oturan ýaly, dymýardyk. Dördünji hatyň gezegi geldi... Ýüregime beýan edip bolmajak gussa, ökünç aralaşdy... Üç hat eýýäm ýanypdy... Onsoň
dördünji haty goýup bilerinmi? Halym teňdi. Ýüregim gyýymgyýym bolup durdy, şonda-da soňky
bukjany hem oda atdym. Ol ozalky üç hat ýaly, şobada ýanmady, bir burçy tüsseläp, soňra haýaldan
tutaşdy. Bukja düýrüldi, soň açyldy, onsoň ot tanyş ownuk hat bilen doldurylan kagyza geçdi. Bu
süteme mundan artyk çydap bilmedim, ýöne Munise halymy aňan ýaly, birden aşak egildi-de, peje
elini sokup, garört bolan kagyzy otdan çykardy.
***
Ony diňe Munisäni ýatyranymdan soň okamagy ýüregime düwdüm. Hatyň çaklaňja bir bölegi
ýanman galypdyr:
«...Şu gün ir bilen ejem ýüzüme seretdi-de, aglap başlady. Men: «Eje, näme boldy? Sen näme
üçin aglaýarsyň?» diýip soradym. Ol ilkibada aýtmak islemedi, «Aý, hiç... Bir düýş gördüm-de...»
diýdi. Haýyş edip, ýalbaryp gördüm, ahyry aýtmaly boldy. Ol ýuwaşja aglap, gürrüňe başlady.
«Şu gün Feride düýşüme giripdir. Garaňky harabaçylykda gezip ýörşüme duşanymdan: «Feride
şu ýerdemi? Allanyň haky üçin aýdaýyň!» diýip soraýaryn. Birden ýüzi örtgüli aýal elime ýapyşdyda, derwüşiň hüjresine meňzeş bir tutuksy otaga itekläp saldy: «Feride şu ýerde ýatyr. Hörezekden
öldi...» diýdi. Görsem, çagajygym gözüni ýumup ýatyr. Ýüzi bolsa üýtgemändir... Aglap-aglap oýanypdyryn, ýüregim ytygsap gitdi. Aýtmaklaryna görä, düýşüňde öli görseň, bu duşuşygyň alamatymyş. Şeýle dälmi, Kamran? Feridäme bahym sataşaryn. Dogry dälmi, oglum?» Bu, hakykatdan hem,
ejemiň aýdan sözleri. Özüm barada-ha aýdybam oturjak däl. Eýsem, saňa ene ornunda bolan garry
zenany aglatmakda adalat barmy? Indi bu hasratly düýş meniňem mydama görýän düýşüme öwrüldi.
Ýerime geçip gözümi ýumdugym, seni uzak bir ülkede, garaňky jaýda, gözüň ýumuk halda görüp
ugraýaryn. Seniň gara zülpüň, seniň näzijek ýüzüň...»
Şu ýerde hat tamamlanýar. Şeýdibem, daýzamyň çekýän hasratlaryndan, gam-gussalaryndan
başga hiç zat bilibilmedim. Kamran, ähli zadyň biziň aramyza düşýändigini görýäň-ä. Ikimiz biribirimize duşmanam däl-de, biri-birimizi ömrylla görmejeklerden.
***
Zeýniler, 5-nji fewral.
Öten agşam batgalyk tarapdan tüpeň sesi eşidildi. Allaniçiksi boldum. Munise hiç zat bolmadyk
ýaly, düşündirmäge durdy:
- Abajygym, bu ýygy-ýygydan bolýan zat. Žandarmlar talaňçylary tutýarlar.
Arasy ýygy tüpeň sesi on minut çemesi dowam etdi. Ertesi nämeler bolanyny bildik. Munisäniň
aýdany dogry çykdy. Gije aragatnaşyk bölümini talan ykmandalar topary bilen žandarmlaryň arasynda çaknyşyk bolupdyr. Žandarmlaryň biri öldürilip, beýlekisini agyr ýagdaýda Zeýnilere getiripdirler. Häzir ol myhmanlar öýündemiş.
Günorta töwerekleri Wehbijik sojap, mekdebe kürsäp girdi-de, elimden ýapyşyp:
— Mugallym! Örtügiňi çaltrak atyn-da, ýör! Seni myhmanlar öýüne çagyrýarlar — diýdi. —
Kim çagyrýar?
— Lukman. Kakam aýt diýdi.
Örtügimi atynyp, Wehbiniň yzyna düşdüm. Ötegçilere niýetlenen jaý iki sany kiçijik otagly
çagşan hütdük hemem merduwany ýan berip ýatan eýwandy. Bu ýerde käte gije ýolda galan, syrgyna
gabat gelen ýa-da kesele ýolugan geçegçiler düşleýärdi. Kämahal olary naharlaýardylar hem. Derwezäniň öňünde owadan at ýer peşäp durdy. Onuň burnundan bug çykýardy. Atyň ýüzüni sypaladymda, çyra ýanyp duran howla girdim.Agşamyň alagaraňkylygy düşmese-de, garaňkylykdy. Merduwanyň basgançagynda äpet ädikli, syk dokalan çapanly garynlak harby lukman otyrdy. Ol bir zatlar
ýazyp otyrka-da, howludaky adamlar bilen gürleşip ýetişýärdi. Lukmana kesesinden syn etdim. Lukman peşşerip duran çal murtly, hüżżük gaşly, alçak, ýüzi nurana adam eken. Ýöne, eý, toba, žandarmlar bilen gürleşende agzyndan şeýlebir gödek, gelşiksiz sözler çykýardy welin, birbada gaýdybereýin
hem diýip oýlandym.
Ynha, lukman ýene-de bir gelşiksiz zat aýtjak bolup hahahaýlap güldi-de, başyny galdyrdy.
Maňa gözi düşenden sesini kesdi. Soňra çal harby penjekli, gara gürzelek sakgally adama seretdi-de:
— Eý, ýüzbaşy, gatyrganma welin, saňa «Aýy daýy» diýip, lakamy dogry goýupdyrlar. Bu ýerde zenan maşgala bar, men bolsam sen zerarly agzyma gelenini diýip otyryn — diýdi-de, maňa tarap
öwrülip:
— Uýam, bagyşlaň,siziň geleniňizi görmändirin. Duruň, häzir düşýän. Merduwanam çalamydar. Ikimizi götermez. Indi bolsa geçiberiň, ynha, düşüp gelýärin — diýdi.
Basgançaklardan üstaşyr ätläp, ýokaryk çykdym. Lukmanyň ýüzbaşy diýýäniniň henizem üstünden gülýän sesi eşidilip durdy.
— Ýüzbaşym, bu mugallym Stambuldan gelipdir. Nädip bilenime geň galýansyň, şeýle dälmi?
Wah, ýüzbaşym, sen älem-jahanda bolýan zatlara goýun ýaly aňk bolup garaýarsyň. Hawa, onuň basgançakdan ylgap çykyşyna seredip aňdym. Sen gördüňmi? Edil käkilik ýaly uçup gitdi. Indi ýaşynam
aýdaýynmy? Bu zenanyň ýaşy kyrkdan bärde bolmaly... Beýle gürrüňlere hemişe gülkim tutýardy.
Ýylgyrdym-da: «Lukman beý, şu ýerde-hä ýalňyşdyň!» diýip içimi gepletdim. Bäş minut geçip-geçmänkä, goja lukman äpet ädigini tarpyldadyp, merduwandan ýokaryk çykyp, gürrüňe başlady:
— Hanym ependi, görşüňiz ýaly, bir ýaradarymyz bar. Hiç hili gorkuly zadam ýok welin, şondada idege mätäç-dä. Men bahym gitmeli. Edilmeli zat kyn däl. Biraz sargy saramaly. Ýöne näsagyň
ganynyň zäherlenmeginden gorkýan. Bu ýeriň adamlary lukmana onçakly ynanmaýarlar. Gerek bolsa, daýhanlar tebip serişdelerine ýykgyn edýärler. Ýarany çem gelen esgi bilen saramakdanam gaýdanoklar. Siz, näme diýseňem, bilimli zenan. Häzir size näme etmelidigini düşündireýin. Ol aýak
üstüne galýança, oňa gözgulak bolarsyňyz. Ýöne siziň çydajakdygyňyzy-çydamajakdygyňyzy bilemok...
— Çydaryn, lukman beý. Özüme ygtyýarym berkdir, hiç zatdan gorkmaýaryn. Goja maňa geň
galyp seretdi.
— Hany, ýüzüňi aç, bir göreýin.
Lukmanyň edepsiz sözlerinde özüne imrikdiriji bir mähir bardy,şonuň üçin hem utanyp durman
örtügimi galdyrdym, hatda çala ýylgyrdymam.
Onuň ýüzi boz-ýaz boldy; ol ellerini çarpyp, gülüp başlady.
— Bu obada näme işleýärsiň?
Men aljyradym. Belki, bu adam meni tanaýandyr? Bar zady oýunlyga salmaga çalyşdym. Lukmanyň ýüzünde ynamdyr şepagat alamaty bardy.
— Lukman beý, belki, siz meni tanaýan diýmersiňiz diýip, umyt edýärin?
— Senimi — ýok, ýöne sen kysmy adamlary örän gowy tanaýan. Gynansam-da, olar gutaryp,
hatda ýer ýüzünden ýitip ugrady.
— Mamontlar ýalymy, ependim. Bäş aý bäri gulp astynda saklan alçaklygym ýene daşyma çykdy duruberdi. Aleksi bajy men läliksiredilsem, hokga çykarmaga, garagolluga, sözleri kesä çekmäge,
gepiň keltesi, edil çaga ýaly bolup başlaýandygymy hemişe ýatladar ýörerdi. Lukman mende ak ýürekli, parasatly adam hökmünde täsir galdyrdy. Ol ýene-de hahahaýlap:
— Ah, näzijek, eýjejik, şadyýanja gyzjagaz! Sen indiki pilleriň ägirt uludan bedroý pederlerine
düýbünden meňzäňok! Men bir garry adam, şonuň üçinem sypatlaryň üstüne «gözel» sözüni hem
goşup biljek. Hawa, owadan asylly çagajyk, bu ýere nädip düşeniňi aýt, hany — diýdi.
Harby lukmanyň gödeňsi sözleriniň, batly gülküsiniň aňyrsynda hoşamaý ýüreginiň bardygyny
duýmazlyk mümkin däldi. Agraslyga salyp:
— Men mugallym, lukman beý. Öz ugrumdan işläsim geldi. Ine, şonuň üçinem şu ýere iberdiler.
Maňa tapawudy ýok, nire bolsa-da, işläp biljek — diýip jogap berdim.
Gürrüň berip durkam, lukman ýüzüme siňe seredip:
— Diýmek, sen bu ýere diňe öz käriňe gulluk etmek üçin gelipsiň-dä? Diňe okatmak, diňe oba
çagalarynyň hatyrasyna gelipsiň-dä,şeýle dälmi? — diýdi.
— Hawa, meniň maksadym şu.
— Şu ýaşyňdamy? Şu syratyň bilenmi? Gowusy, dogrujaňy aýt. Hany, gözüme seret. Şeýle...
Seniň aýdýanyňa ynanýandyr öýdýärmiň?
Lukmanyň ýumry ýaňaklaryna batyp duran ak kirpikli gözleri ýüregimi okap oturan ýalydy.
— Ýok, gyzym — diýip, ol sözüni dowam etdi.
— Düýp sebäbi däl bi. Hatda eklenç aladasam däl. Häzir bu zatlary gizlejek bolýarsyň welin,
ony aýan bilýärin. Elbetde, sen kim, haýsy maşgaladan, öýüň nirede diýip sorasam, jogap bermersiň?
Ine, gör, ähli zady bilip oturandyryn... Bu ýerde bir syr-a bar. Ýöne munuň anygyna ýetjek bolamok.
Maňa kiçijik zadam ýeterlik.
Ikimiz hem dymşyp durdyk. Böwrüne biraz diň salanyndan soň lukman:
— Saňa kiçijik bir ýagşylyk ediläýse, niçik görýäň? Isleseň, has gowy ýere ýerleşdireýin? Bilim
ministrliginde tanşym bar — diýdi.
— Ýok, sag boluň, häzirki ýerimdenem närza däl.
Lukman ýene gülümsiredi, eginlerini gysdy-da, degşip:
— Gaty gowy! Örän ajap! Ýöne sen pidagärligiň onçakly ýeňil däldigini bilip goý. Irde-giçde
başyňa bir iş düşäýse, bir hatjagaz iberäý. Salgymy goýaryn. Gorkma, niýetim gowudyr... — diýdi.
— Sag boluň...
— Ynha, bu meseläni-hä birýüzli etdik. Indi öz işimize geçeli. Etmeli işiňi düşündireýin.
Goja goňşy otagyň gapysyny açdy. Ýanyny ýere beren ýatalgada kellesine çenli esger ýapynjasyny ýapynan ýaraly esger ýatyrdy.
Lukman oňa:
— Ýeri, molla, ýagdaýlar gowulaşýarmy? — diýip ýüzlendi. Ýaraly esger ýapynjasyny serpdide, tirsegine galmakçy boldy.
— Ýat, ýat, gymyldama. Agyrýan ýeriň barmy?
— Ýok, köp sag boluň... Ýöne çekgäm awap dur... Lukman ýene güldi:
— Ah, siz, gadyrdan aýylarym! Ol dyz çanagyna çekgäm diýýär, aşgazany dabanynyň astyndadyr öýdýär. Ýöne ol garşysyna çykanlaryň weli merkini berýär. Bahym gutularsyň, Molla, gül ýaly
bolar. Allaha şükür et, henizem gülle çepräkden geçmändir. Bir hepdeden sagalyp, aýak üstüne galasyň gelýärmi? Ýok, bu ýer gaty rahat eken, biraz ýataýyn diýseň, onda başga mesele. Beýle bolsa sen
bu gyzyň aýdanlarynyň baryny etgin. Düşnüklimi? Indi seniň lukmanyň şu gyz. Sargyňy şu çalşar.
Eger öýde taýynlanan derman ýa-da başga zat içip, samsyklyk edäýseň, dat günüňe!.. Walla gelip,
aýagyňy dogramdogram ederin.
Lukman ýaranyň sargysyny çözüp başlady. Ol ýara çala elini degreninde, hassa «Waý, beý!»
diýip gygyrdy.
— Ýeri, ýeri, bes et — diýip, lukman hümürdedi. — Erkek bolaýşyňy? Utanaňokmy? Äpet
murtuň, boldumly sakgalyň bar, ýaşajyk gyzyň ýanynda gygyrmaň näme? Munyň ýara däl-le, çala
sypjyryk-la. Eger şeýle mylaýym şepagat uýasynyň eline düşjegimi bilsedim, onda bilgeşleýin özüme
ýara salardym. Bir sagatdan garry lukman bilen sakgallak ýüzbaşy obadan çykyp gitdiler.
Göräýmäge, bu durmuşda duş gelýän ýene bir adaty duşuşykdy. Şeýle dälmi, näme? Adamlar
bilen şeýle gysga wagtlyk duşuşygyň irde-giçde şeýle ýatdan çykmajak täsir galdyrany hiç ýadyma
düşenok.
***
Zeýniler, 24-nji fewral.
Şu ýylyň bahary ir gelmeli diýýärler. Ynha, indi bir hepdeden bäri howa açyk. Gün ýaldyrap
dur. Eger dagyň gerişlerindäki gar diýmeseň, adam özüni maý aýyndadyryn öýtjek.
Bu gün juma güni. Günortadan soň suwluboýada — akwarelde Munisäniň suratyny çekip başladym. Birden gapy açyldy-da, Hatyja hanym otaga girdi. Onuň ýaglygy boýnuna düşüp, el-aýagy
titräp durdy. Ony hiç haçan beýle aljyraňňy, biynjalyk halda görmändim.
— Eý, toba! Hojanym, aşakda iki sany ependi garaşyp dur. Olaryň biri bilim bölüminiň müdiri
öýdýän. Barlaga gelipdir... Çaltrak düş. Özüm-ä onuň bilen gürleşmäge çekinýän...
Örtügimi howul-hara atynyp, öz-özüme ýylgyrdym. Görlüp-eşidilen zatmydyr: iş otagynda barmagyny gymyldatmaga ýaltanýan ýaltalar şasy bu ýere gelmäge ýürek edipdir-dä?!
Aşakda, synp otagynyň girelgesiniň öňünde iki adamyň durandygyny gördüm. Olaryň biri şilliň
uzyndy, beýlekisi bolsa juda keltejikdi.
Gözüm bilen bilim bölüminiň müdirini gözleýärkäm, keltejik adam ýanyma geldi, garaňkylykda
onuň ýüzi saýgardanokdy, ýöne bir gözünde äýnegiň ýaldyraýanlygyny gördüm.
— Sizmi mugallym? Men bilim bölüminiň täze müdiri Reşit Nazym. Näme üçin bu ýer garaňky? Bu mekdep däl-de, döle ahyry!
Synp otagynyň gapysyny açdym-da:
— Bu ýer ýagtyrakdyr, ependim — diýdim.
Keltejik jenap bosagadan ätledi. Göwresi kiçijik bolsa-da, aýak basyşy epeýdi.
Ol bosagadan geçen ýerinde aýak çekdi-de, ýygnaklarda çykyş edýän ýaly, elini bulaýlap:
— Mon cher(Mon cher — gadyrdanym, dostum (fransuzça).) , muny görsene! Gör, nähili miser2 , nähili miser! Müňlerçe şaýadyň bolmasa, munuň mekdepligine ynanan bolmaz. Örän radikal3
bolaýmasaň!.. «Ýa hemmesi, ýa-da hiç biri!» diýenimde, müň keren mamladygymy görüp dursuň
ahyryn!
Indi myhmanlary has gowy synlap ugradym. Ilkibaşda titi, oglanjyk ýaly görnen bu kişi ýaşy
ellä ser uran köse adam bolup çykdy. Birsyhly gözüni-gaşyny oýnadyp, her sözi aýtjak bolanynda
onuň tüýsi täze keşbe girýärdi.
Ikinjisi bolsa, onuň tersine, uzyn boýly, agajet, inçejik murtly kişidi. Ol şilliň uzyn bolansoň,
islese-islemese, birneme küýkerýärdi.
Bilim bölüminiň müdiri ýene-de maňa ýüzlendi:
— Hanym ependi, sizi ýoldaşym bilen tanyşdyrmaga rugsat ediň. Mumtaz beý — jemgyýetçilik
işleriniň welaýat müdirliginiň inženeri.
Nämedir bir zat aýtmaly bolamsoň:
— Şeý diýseňizläň, ependim?.. Örän gowy... — diýen boldum.
Bilim bölüminiň müdiri synp otagyna aýlandy, tagtadüşegiň berkdigini biljek bolýan ýaly, aýaklaryny tapyrdatdy, hasajygynyň ujy bilen partalary, okuw ündewsuratlaryny dürtüşdirip gördi.
— Gadyrdan, meniň beýik-beýik taslamalarym bar. Bularyň ählisini ýykyp, täzeden guraryn.
Olar päkize, ýagty mekdepler bolar! Serişde bermejek adamlaryň dat gününe! Bu ýere azda-kände
gor edinip geldim. Stambulyň metbugaty edil top atyş bölümi kimin söweş taýýarlygynda dur. Çalaja
yşarat etdigim — bah! Buh! Elhenç bombalaýyş başlanar. Sen düşünýärmiň? Men ýa ähli meýillerimi
durmuşa geçirerin, ýa-da bu wezipäni taşlaryn. Elbetde, bu owadan sözleriň barynyň meniň, biçäre
oba mugallymynyň gözüni baglamak üçin aýdylýan zatlardygy şübhesizdi. Reşit Nazym ýekegöz äýnegini düzedip: — Siziň näçe okuwçyňyz bar? — diýip sorady.
— On üç gyz, dördem oglan, ependim... — Hä-ä, on ýedi adama bir mekdep diýsene! Täsin
elpe-şelpelik!.. Mumtaz, jaýa göz gezdirmekçimi?
— Näme üçin?.. Onsuzam görnüp dur ahyryn.
Bilim bölüminiň müdiri özüniň äpet taslamalary barada hetjikleýänçä, Mumtaz beýiň göz astyndan maňa seredýänligini gördüm. Birdenem ol çalgyrt fransuz dilinde gürläp ugrady, munuň maňa
düşnüksiz bolmagy üçin edilýändigi görnüp durdy.
— Gadyrdan... Bir bahana tap-da, mugallymyň çarşabyny aýyrt. Onuň ýüzi çadranyň astyndada lowurdap dur. Bu ýere nädip düşdükä? Bilim bölüminiň müdiri asudalygy saklajak boldy, ýöne
dostunyň sözleri onuň çetine degen bolara çemeli. Ol ýoldaşyndan beter hem çalgyrt fransuz dilinde:
— Gadyrdan, haýyş edýän... Biz mekdepde ahyryn. Birneme agrasrak bol. Reşit Nazym alkymyndaky gasynly hamy rezin kimin dartyp, nämedir bir zat barada oýlandy. Ahyrsoňy, ol aýgytlylyk
bilen maňa tarap öwrüldi-de:
— Hanym ependi, men bu mekdebi ýapýaryn — diýdi.
— O näme üçin, beý ependi? — diýip aňk-taňk boldum.
— Näme, bir zat bolupmy?
— Hanym ependi, beýle tagaşyksyz mekdepde çaga terbiýelemek mümkin däl. Onsoň okuwçylaram az... Welaýatda işlejek bolsam, ähli tagallalarym mekdepleriň aglabasynyň arzan, emma owadan, arassaçylyk taýdan kemsiz, durky täzelenen, ýagny döwrebap jaýly bolmagyna gönükdiriler.
Häzir bolsa, haýyş edýän, käbir düşündirişler beriň... Ol penjeginiň jübüsinden bezemen ýazuw depderçesini çykardy-da, mekdep barada birnäçe sowal berdi, jogaplarymy ýazyp alybam: — Siz barada
aýtsam, hanym ependi... Sizi has amatly ýere geçirmekçi. Mekdebi ýapmak baradaky buýrugy alan
dessiňize derrew B...-a ugraň, onsoň biz hemmesini ýola goýarys. Adyňyzam aýdaýsaňyz... — Feride.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 14
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.