Latin

Saýrak Guşy - 18

Total number of words is 3850
Total number of unique words is 2095
33.0 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Alaç näme, abajygym, adat şeýle...
— Diýmek, näbelli biriniň aýaly bolmak üçin meni ýeke taşlap gitjek-dä?
Munise jogap bermedi, diňe ýylgyrmak bilen oňdy. Bu ýylgyrma nähili düşünmeli? Zalym gyzjagaz diýsänim? Ol eýýäm häzir ony menden gowy görýär!
Gürrüňi başga ýana sowdum:
— Ýagşy, seniň durmuşa çykasyň gelýärmiş... Ýöne ýigrimi ýaşa çenli entek wagt köp.
— Ýigrimi ýaş? Abajygym, bu juda köp dälmidir?
— Goý, on dokuz, belki, on sekiz ýaş diýeli!.. Sen jogap bereňokmy? Gülkiň tutýarmy? Seniň
ýaňsyly gülümsiremäň: «Özüm gowy bilýärin» diýýäne meňzeýär. Walla çynym, on sekiz ýaşa ýetinçäň rugsat bermerin.
Garagol gyz jak-jak edip güldi. Bu söwdalaşma onuň keýpini göterýärdi. Men utanaýýan, ýogsam ses edip aglardym. Sary saçlylar hemişe biwepa bolýarlar. Olar adama diňe gam-gussa getirýär.
***
Ç..., 10-njy maý.
Biziň mekdebimizde baý paşanyň(Paşa — Osmanly döwletinde iň ýokary raýat we harby at
(general).) gyzy okaýar, ady-da Nadide. On iki ýaşlaryndaky bu gyzyň dişleri çüýrükdi, boýy keltedi,
özem hordy we örän tekepbirdi. Birnäçe gezek degişmä salyp, onuň adyny Nadide hanym ependi
diýip tutdum. Şunlukda, onuň «hanym ependi» diýen lakamy galyberdi.
Nadide Hassalar depesindäki iň owadan binada ýaşaýardy. Ol her gün mekdebe paşa kakasynyň
paýtunynda gelýärdi. Ony goç şahyna meňzeş uzyn murtly attutary getirip gidýärdi. Mende dörän
pikire görä, bu kiçijik hanym mekdebe okamaga dälde, garyp synpdaşlarynyň, hatda mugallymlarynyň öňünde özüni görkezmek üçin gelýärdi. Ol joralaryna hyzmatkärleri ýaly ezýet berýärdi. Mugallymlar Nadidäniň dürli keçjallyklaryny, näzini çekmegi özlerine mertebe hasaplaýardylar. Käte paşanyň aýaly öz gyzynyň mugallymlaryny nahara çagyryp, olara hezzet-hormat edýärdi. Pukara kärdeşlerim paşanyň öýüniň kaşaňlygyny, baýlygyny, aýalynyň geýimlerini taryplap, aňyrsyna çykyp
bilmeýärdiler, öňlerine goýlan nazy-nygmatlardan ýaňa heýjana gelýärdiler. Joralarymyň bu bolşy
hem gülkimi tutdurýardy, hemem gaharymy getirýärdi. Meniň pikirimçe, bu Abdyrahym paşa diýilýäniň maşgalasy özleriniň hondan bärsilikleri we baýlyklary bilen sada, nadan adamlaryň gözlerini
gapmakdan lezzet alýan gödek gopbamlaryň bir üýşmegi bolmaly. Joralarym meni hem telim gezek
paşalara äkitjek bolup jan etdiler. Emma men muny göwnüme degilme hasap edip gatyrgandym. Hiç
haçan garyp okuwçylaryň köwüşleriniň bagjyklaryny daňmagy, olaryň hapalanan köýneklerini kakyşdyrmagy özüme kiçilik bilemokdym. Emma bu kiçijik hanymy hiç sulhum alanokdy. Hatda sapaklarda onuň suwuna degýän halatlarym hem bolýardy. Ol bolsa, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, maňa
sokjarylyp, ýanymdan aýrylanokdy. Şu gün günortanlar öýümiziň ýanynda bir paýtun saklandy. Onuň
Abdyrahym paşanyň paýtunydygyny tanadym. Murtlak attutar paýtunyň gapysyny açdy, köçe oglanlaryny daşyna tirkäp, şazada gyzy kimin gaýşarylyp, Nadide hanym bize geldi. Bütin mähelle aýaga
galdy, goňşy jaýlaryň äpişgeleri hem durşy bilen zenan kelleleri boldy durdy. Nadide hanym maňa
bajysynyň iberen hatyny alyp gelipdir:
«Mugallyma hanym, kakam paşa ependi, ejem we siziň sadyk guluňyz sizi şu gün bize gelmäge
çagyrýarys. Sizi, doly ygtyýaryňyza berýän paýtunymyz alyp geler». Olaryň näme etjek bolýanlaryny
bada-bat duýdum: olar, edil beýleki mugallymalara edişleri ýaly, özleriniň elpe-şelpelikleri, baýlyklary bilen meniň hem gözümi gapjak bolýarlar. Ilki «belent mertebe» üçin göwünli-göwünsiz minnetdarlyk bildirip, kiçijik hanymy, attutary we paýtuny yzyna ugratmakçy boldum. Emma soň pikirimi üýtgetdim. Birden bu gopbam hondan bärsilere gowy sapak bermek islegi peýda boldy. Stambulda
has gopbam, has ýokary wezipeli paşalary hem görmek miýesser edipdi. Çalyguşy üçin olaryň ýüzlerindäki ýasama perdelerini sypyrmakdan, hondan bärsi petekeleriniň aňyrsyndaky hiç zadyň alnyndan bolmadyk bolgusyzlyklaryny we biderekliklerini paş etmekden uly lezzet ýokdy. Alajym näme,
şeýle doglupdyryn-da. Men onçakly erbet adam däldim we mekirlik etmeýän, sada kişileri gowy görýärdim. Ýöne özlerini asylly görkezip, baýlyklaryny mazamlaýan, hondan bärsi bolýanlar üçin hemişe ýowuzdym. Iki ýyldan bäri ümsüm we imisala ýaşap ýördüm, şonuň üçinem bu gün az-owlak
«bälçiklik» etmäge hakym bardy.
Bu gezek men, endigimiň tersine, sadarak hem bolsa, bezemen geýindim. Birwagtlar Eziz daýymyň Parižden getiren gök penjegi maňlaýymdan diredi.
Nadide aşakda birneme garaşmaly boldy. Heniz B.-dekäm Ýewropa žurnallarynyň birinden modaly saçy bolan bir aýalyň kellesini gyrkyp alypdym. Suraty aýnanyň çarçuwasyna salyp, edil şunuň
ýaly görnüşdäki saçly bolmak üçin bar senedimi we ukybymy ulandym. Örän ýeser, örän gelşikli
bolup çykdy. Ýöne bolanynda näme? Men bu gün, aktrisa ýaly, diňe şol dar gözýetimli gözellere göz
görkezmek barada pikir etmelidim. Meniň kiçijik hanymy aşakda garaşmaly edenimiň sebäbi, diňe
bir geýinmeli bolanym üçin däldi. Garaňky, garypja otagda aýnada ýylgyryp duran ýaş gyzyň ýüzüni
hem göresim geldi. Ýat maşgalany synlaýan ýaly, öz-özüme utanjaňlyk bilen seretdim.
Meniň gündeligimi hiç haçan hiç kim okamaz! Şeýle bolansoň, näme üçin ähli zady beýan etmeli
dälmiş? Bu maňa gowuja bolup göründi... Içgin-içgin synlap, adamlary hut şeýle owadanlygyň maýyl
edýändigine düşündim. Maňa täze gözler garap durdy. Ýöne olar Stambulda gören Çalyguşymyň şadyýan, ünjüsiz gözleri däldi. Çalyguşynyň gözleri ýagty yşykda titreşýän altyn gyryndysyny ýada
salýan mawumtyldy. Bu gözlerde bolsa, ýalňyzlykda geçirilen ýürekgysgynç gijeleriň, ýadawlygyň,
gaýgydyr hasratyň yzlary bolan elhenç dert syzylýardy. Bu gözler gülmedik wagty, jepaly, uly we
çuň bolup görünýärdi. Ýöne gülümsiräp başladygy, olar kiçelýärdiler, olardaky yşyk çogup, duluklaryna kiçijik göwher öwüşginleri seçelenip gidýän ýalydy.
Bu ýüz, gör, nähili gözel, gör, nähili nepisdi! Olar ynsan ýüreklerini paralap, olaryň agysyny
tutdurýardy. Hatda onuň nogsanlyklarynda-da bir enaýylyk duýulýardy. Tekirdagda Äşäniň adamsy
mahal-mahal: «Feride, seniň gaşlaryň hem sözleýän sözleriňe meňzeýär: ilki owadanowadan, nepisnepis başlanýar-da, soňy çygşylda uraýýar...» diýerdi. Häzir olary üns berip synladym: egrelip duran
gaşlar çekgelere çenli ýetip durdy. Ýokarky dodak birneme gysgarakdy we käbir dişleriň üstüni açyp
görkezýärdi. Göwnüme bolmasa, hemişe gülümsiräp ýören ýaly. Rejep ependiniň sen ölseňem, gülkiň
galmaz diýmesi nähak ýerden aýdylan zatlar däldi. Aşakda Nadidäniň ökjelerini tarkyldadyp, iki ýana
howlukmaç gezmeleýänligini eşidýärdim, emma aýnanyň ýanyndan aýrylyp bilemokdym.
B.-däki Ýüpek gurçugy, Ç.-däki Gülbeşeker lakamlarym meni, gör, näçe azaplaryň, gör, näçe
ýakymsyzlyklaryň üstünden eltdi. Emma indi aýnadan özüme seredýän gyza, säher çygyna ezilen
aprel güli ýaly ýaş, ter, säher nury kimin açyk ýüze seredip durşuma, ol gyza şol atlar bilen ýüzlenmäge ejap etjek däldim. Özümi görmeklerinden gorkyma, töwereklerime garanjaklap, ýene aýna seretdim. Gözlerimi, ýaňaklarymy, eňegimi öpesim geldi. Näme üçindir, ýüregim gürsüldäp, al dodaklarym titreýärdi. Emma haýp! Aýnalary hem erkek kişiler oýlap tapypdylar ahyryn. Ynsan hernäçe
jan etse-de, saçlaryny, gözlerini öpüp bilmez. Hernäçe dyrjaşsa-da, ol diňe öz dodaklaryny ogşap
biler.
Eý, toba! Ýazyp oturan zatlarym näme? Aleksi bajy bize: «Ruhany lybasy adamyň ruhuny-da
ruhany ruhuna öwürýär» diýerdi. Belki, ýeňles bejerilen şaç hem aýal maşgalany näzli edýän bolsa
gerek. Nähili samsyklyk, nähili biedeplik! Eýsem, bu mekdep mugallymyna gelişjek zatmy?
***
Eýýäm aýdyşym ýaly, iki ýyldan bäri edep-ekramly ýaşaýyşdan soň, bu gün birneme göwün
açmaga hakym bar bolsa gerek! Myhman otagynda meni gören batlaryna tüýsleri ýaňy başlaýan aktrisalaryň ýüzleri ýaly üýtgäp giden aýallara gözüm düşüp ýylgyrdym-da: «Aýyby ýok, birneme tagapyl ediň, häzir meni tanarsyňyz...» diýip içimi gepletdim. Meniň, beýlekileriň edişi ýaly, öý eýesi
hanymyň we ýaş hanymlaryň köýneklerini öpmän, diňe adaty baş egme bilen oňandygyma olar juda
haýran galdy. Ýygnananlar bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Diýseň gödek geýnen garry grek zenany, göwnüme bolmasa, ol Beýogluly(Beýoglu — Stambuldaky saýry adamlarynyň ýaşaýan syrgyny
) hyzmatkär aýaldy — gözlerine altyn saply äýnek dakynyp, meni boýdan-başa synlady.
Özümi alyp barşym, hereketlerim diýseň tebigydy, gözlerimde özüme güýçli ynam duýulýardy,
bu bolsa myhmanotagda uly aljyraňňylyk döretdi. Otagda öý eýeleriniň zadyň mazasyny bilýändiklerine şaýatlyk edýän ýekeje-de nepis zat ýokdy. Jaý Ç.-niň pukara hem sada aýallaryny aňk etmek üçin
niýetlenen gymmat bahaly zatlardan doly mata-marlak dükanyny ýada salýardy.
Özümi sermest we çalpaw alyp barmak bilen, kemkemden oturanlaryň ygtyýarlaryny ellerinden
aldym, öý eýelerini bolsa nadan, ukypsyz myhmanlaryň ýagdaýyna saldym. Bu gödeňsi, gülkünç oýny oýnamak bilen, bularyň oýundygyna hiç kim düşünmez ýaly, tebigylykdan çykmazlyga çalyşdym.
Olaryň görkezýän, aýdýan we edýän zatlarynyň biriniň-de göwnümden turmaýanlygyna düşüner ýaly
etdim. Olaryň öz nadanlyklaryna, hiç zadyň alnyndan däldiklerine has çuň düşünmekleri üçin çetlerine degesim geldi. Paşanyň uly gyzy maňa suratlary görkezip başlanynda, olaryň barynyň barypýatan
harsallykdygyny sypaýyçylyk bilen, emma gös-göni aýtdym, soňra bolsa burçdaky kiçijik surata gözüm düşüp, myhmanotagdaky ýeke-täk gymmat bahaly zadyň beýle daşa taşlanmagynyň sebäbini
soradym. Gepiň keltesi, bu biderek zatlaryň birini-de unamadym. Bar zady diýen ýaly tankytlap çykdym. Olar aýratyn hem agşam nahar wagtynda ezýet çekmeli boldular.
Bu naznygmatly supranyň başynda iýip oturan zatlarynyň, gör, näçe zenanyň bokurdagyna tegek
bolanyny, gör, näçe myhmanyň çarşajykdyr pyçaklary nähili tutmalydygyny bilmän aljyraşyp oturandyklaryny, gör, näçe bendäniň öňlerinde goýlan zatlary nähili iýmelidiginden, nahar gaplaryna
nähili goýmalydygyndan baş çykarman, tagamly naharlardan ýüz döndermäge mejbur bolandyklaryny bir bilsediňiz! Bu gün hemmeleriň aryny alyp berdim. Hereketlerimiň sypaýyçylykly we ynamly
bolanyna zenanlar haýran galyp aňk boldular we maňa gözastyndan birsyhly seredişdiler oturdylar.
Men hem töweregimdäkilere mahal-mahal göz aýladym. Emma bu garaýyşlar zerarly olaryň ellerindäki çarşajyklar titreşdi. Myhmanlar we öý eýeleri haýran galyşyp, düwnüşip başladylar. Aýratyn
hem Beýogludan gelen hyzmatkär has masgara boldy. Çünki, görnüşi ýaly, ol özüni bu emelsiz, nalajedeýin aýallardan has edepli, has sowatly hasap edip, özüniň fransuz dilini bilýänligi bilen öwünýärdi, emma onuň ýabygorly gepleýşi oturanlarda gülki döredýärdi. Mugallym bolamsoň, ol özüni
meniň bilen kärdeş hasaplapdyr we güýç synanyşmagy öz hünär borjy öýdüpdir. Emma ol hokgabazy
şeýlebir ryswa etdim welin... Ol özüni halas etmäge çalyşdy. Ol maňa:
— Men türkçe gowy gürläp bilemok — diýdi.
— Aýyby ýok, mademuazel, fransuzça gürleşäýeris — diýip, men oňa jogap berdim.
Grek zenany fransuzça gürläp başlady welin, gülmän saklanyp bilmedim.
Gepiň gysgasy, başlangyç mekdebiň kiçijik, gözilmezek mugallymy sumat bolmak bilen boldy.
Men ýene-de «Dames de Sion» pansionynyň diýseň dilewar mugallymalaryny aglara getiren yzgytsyz, dili duzly, birehim Çalyguşa öwrüldim.
Biz hyzmatkär bilen edep-ekram düzgünleri barada jedel etdik. Ol şobada çöp-çalama urdy,
sebäbi fransuz dilini hem bilmeýärdi, ahyrsoňunda, ol meni «ýok etmegi» ýüregine düwdi.
— Maňa iň barly adamlaryň üýşmeleňlerinde hem bolmak miýesser etdi. Men ähli zady öz gözlerim bilen gördüm.
Onuň ýüzüne kinaýa bilen seretdim-de:
— Dogry, ýöne bolup görmek ýeterlik däldir. Adam şol jemgyýet bilen tebigy durmuşda-da ýaşamalydyr! — diýdim.
Boýnuma alýaryn, hüjümim onçakly sypaýyçylykly bolmady. Görgüliniň ýüz-gözi üýtgäp gitdi
we paşanyň körpeje mirasdüşerleriniň biri bilen sapak geçmegi bahana edip, ýanymdan süzmek bilen
boldy.
Öý eýesi hanym we onuň gyzlary dilleri tutulana döndüler. Gedemligiň we gopbamlygyň örtügi
birýana serpilip, aýallar özlerine meňzäp ugradylar. Dogrusyny aýtsam, olar ýaramaz adamlar däldi.
Onsoň menem öz ýagdaýyna düşünýän we özüne kän bir ähmiýet berilmeýändigini boýun alýan sada
mekdep mugallymasynyň keşbine girdim.
Hanym ependi bilen ýaş hanymlar öýlerine ýygy-ýygydan gelip durmagymy tüýs ýürekden haýyş etdiler.
— Elbetde, ýygy-ýygydan däl, käýarym biynjalyk edip duraryn. Ýogsam adamlar bir hantamaçylygy bardyr diýip düşünerler — diýip jogap berdim.
Hanym ependi meniň aslym bilen gyzyklandy, açaçan aýtmagymy isledi. Atam-enemiň barly
maşgaladan bolanlygyny, ýöne bir betbagtçylyga uçrandyklaryny gürrüň berdim.
— Hanym gyzym, siz bu ajap gözelligiňiz, bu hoşgylaw häsiýetleriňiz bilen juda asylly ýere
gelin bolmaga mynasypsyňyz — diýip, öý eýesi aýal dillendi.
— Mümkin, hanym ependi, maňa öýlenesi gelýän ýigidiň bolmagy ahmal. Ýöne men iýjek çöregimi öz zähmetim bilen gazanmagy gowy görýän. Çünki munuň hiç hili aýyby ýok ahyryn. — Eger
örän asylly maşgala size söz aýtsa, muňa näme diýerdiňiz?
— Elbetde, özüme edilýän bu hormat üçin minnetdarlyk bildirýärin, ýöne men muňa razy bolmazmykam diýýärin.
Öý eýesiniň meni diňe bir öz baýlyklaryny mazamlap, göz baglamak üçin çagyrmandyklaryna
soňsoňlar düşünip galdym.
Birden oslaman durkam, olaryň uly gyzy maňa baglaryny görkezermen boldy. Ol bag myhman
otagy ýada salýardy. Bu ýerde adyny tutan gülüň, agaçlaryň, otlaryň, çogdum ösümlikleriň bardy.
Her ädimde diýen ýaly bägülli golçajyklar duşýardy. Ine, onsoň bir çaklaňja tokaýjygyň içinde, pessejik ýaş çam agaçlarynyň arasynda...
Eýsem bolmasa, bularyň barynyň düşnükli bolmagy üçin men on iki gün mundan ozal duş gelen
bir hadysama gaýdyp gelmeli bolýaryn. Okuwçy gyzlaryň arakesme wagty oýnaýan mekdep bagynyň
golaýynda uly üzümçilik ýerleşýärdi. Çagalar aýmançany söküp aýrandyklary üçin baglaryň ikisi-de
bitişip, bir baga öwrülipdir. Bu üzümçilikde ençeme wagtdan bäri başlary gyzyl ýaglykly birnäçe
batrak işleýärdi. Arakesme wagtynda ol bendeleriň derden ýaňa öl-suw bolup, kätmen bilen ýer köwleýişlerine syn edýärdim.
Şol gün köpçülik bilen bile deň işläp ýören ýaş işçä üns berdim. Ol hem edil beýlekiler ýaly
geýnilgidi, ýöne ýaş ýigit ýüzi, bütin keşbi bilen töweregindäkilerden saýlanyp durdy. Güne ýanan
ýüzünde mähir, gözlerinde bolsa üýtgeşik bir nur bardy. Onuň zenanlaryňky ýaly kiçijik, näzik elleri
meni has-da haýrana goýýardy. Beýlekilere garanyňda ol ýaş bolansoň, onuň ýanyna barmagy gelşiksiz hasap etdim. Emma ol ýigidiň özi ýanyma gelip, gaty suwsandygyny aýdyp, okuwçy gyzlaryň
birini suwa ibermegi haýyş etdi.
Haraýdan gaçýan adamlary asla jynym alanok. Şonuň üçin ýaş ýigitden utanjyrap durmadym,
sebäbi her näme diýseňem, men mekdep mugallymydym. Şonuň üçin:
— Bolýar, oglum, birneme tagapyl et, häzir getirdäýerin — diýdim. Içimden bolsa: «Onuň aslynyň barjamly maşgaladandygyna, häzir bolsa gedaý düşendigine şek-şübhe ýok» diýip oýlandym.
Ýaş ýigit utanjaň hem bolsa dogumly ekeni. Meniň bilen gürleşip durka, ol çekinjeňlikden sakawlaýardy. Ýöne, beýleki tarapdan, ol birsyhly geň sowallary berýärdi. «Bu ýerde ýaşaýyş ýeňilmi?..
Gyş aňzaklymy? Ç.-de alma-armyt köpmi?..» Ýaş ýigit başga ýerden gelene meňzeýärdi. Ol suw içip
durka, öz ýanymdan gülümsiräp: «Bende, kelesaňrak öýdýän...» diýip pikir etdim. Paşanyň bagynda
çam tokaýlygy diýlip niýetlenen agaçlaryň arasynda şol pukara işgäre duşamda nähili geňirgenendigime düşünmek üçin şu jikmejiklikler ýeterlik bolsa gerek. Indi welin, ol düýpden başgaça görünýärdi... Ol ýüzbaşy(Ýüzbaşy — Osmanly döwletinde kapitan derejesine gabat gelýän harby dereje.) derejeli ştab serkerdesidi. Onuň üsti-başy: gylyjy, ilikleri, nyşanlary, ýakajygy, dişleri, hatda ýag çalnan
saçlary hem lowurdap durdy. Ol iki sany çam agajynyň arasynda dim-dik bolup durdy, ýaş ýigit eňegini buýsanç bilen galdyryp, fotosuratçynyň öňünde surata düşýäne meňzeýärdi. Serkerdäniň inçejik
murtjagazlary bardy, ýarym açyk dodaklarynyň arasyndan gözüňi gamaşdyrýan akja dişleri ýyldyrap
görünýärdi. Mähirli gözleriniň bakyşy dogumlydy. Göwnüňe bolmasa, ýaş ýüzbaşy hä diýmän ak
ellikli ellerini galgadyp, gylyjyna ýapyşagada: «Göneliň!» diýip, buýruk beräýjek ýalydy. Ýöne şol
ýeriň özünde serkerdäniň «Göneliň!» diýen buýrugy beýlekilerden alandygyna düşünip galdym. Nerime hanym geňirgenen kişi boldy.
— Wiý, Yhsan, sen bärdemidiň? Sen nireden çykdyň?
Paşanyň uly gyzy ýerine ýetirmeli keşbini diýseň erbet oýnady, onuň sesinden: «Eý, Taňrym,
aldawçylygymyz gös-göni äşgär bolup dur-da!» diýen manyny aňsa bolýardy.
Şeýlelikde, biz «Kaşaň sahnada» gülkünç oýun oýnamalydyk. Näme üçin? Muňa men soňrak
düşünerin. Häzir bolsa özümi hiç zat bolmadyk ýaly, arkaýyn we batyrgaý alyp barmalydym.
Paşanyň maşgalasynda garaşylmadyk hokga çykarmagy diýseň gowy görýän ýalydylar. Ýöne bu
gün meniňem hötjetligim tutdy. Olaryň her hili hokgalarynyň öňünde aljyramajagymy duýýardym.
Elbetde, olar men utanjyma bu ýerden baş alyp gider öýdýärdiler. Emma men sowukganlylygymy
ýitirmedim.
Nerime hanym:
— Feride hanym ependi, siziňem aslyňyz Stambuldan! Şonuň üçin doganoglanym Yhsan bilen
tanyşdyraýsam aýyp görmersiňiz-dä, hernä? — diýdi.
Göwnüm bir ýaly bolup:
— Gaýtam, tersine, örän hoşal bolardym, hanym ependi — diýdim-de, onuň sözüni dowam etmegine mümkinçilik bermän:
— Feride Nyzamettin, magaryf goşunynyň kiçi serkerdesi — diýip özümi tanyşdyrdym.
Ýaş ýüzbaşynyň özüni uzak wagtlap arkaýyn görkezmäge gaýraty ýetmedi. Ýöne ony munda
günäkärläp bolarmyka? Kiçijik mekdep mugallymasy telim gün mundan ozal ýönekeý işçi hökmünde
söhbetdeş bolan adamyna duşupdy. Bu gün bolsa onuň öňünde Gün ýaly lowurdap duran, ertekilerdäki şazada çalym edýän nurana, owadan serkerde durdy... Gyz ýüzbaşyny görse-de, huşuny ýitirmändi. Örän geň waka!
Hemmesi tersine boldy. Aljyran serkerde bolup çykdy. Ol salamlaşma edebini onçakly gowy
özleşdirmedik bolarly. Bize muny mekdepde telim ýyllap hetjikläp-hetjikläp gulaklarymyza guýupdylar. Hamala, ol ähli ylymlaryň esaslarynyň esasy ýaly. Serkerdäniň harbylarça salamlaşmak üçin
galdyran eli orta ýoldan yzyna gaýtdy. Yhsan beý meniň bilen el gysyşmak meýli bolansoň, öňki
pikirinden dändi, ýöne şol ýeriň özünde-de elimiň elliklidigini görüp, elini çalt yza çekip aldy... Onuň
bilen bäş minut töwerekleri arkaýyn gürleşdim. Ýaş ýigit gözi gözüme düşeninde, utanyp, ony başga
ýana sowdy, megerem, gara işçiniň geýiminde menden suw diläni onuň ýadyna düşen bolarly. Emma
men ony birinji sapar görýän we özi bilen ilkinji gezek gürleşýän kişi boldum.
Bahym Nerime hanym ikimiz öýe gaýdyp geldik. Paşanyň gyzy ýaýdanjaňlyk bilen:
— Feride hanym, siz, elbetde, Yhsany tanansyňyz? — diýip sorady.
Görsene muny! Mekdepdäki ahwalaty bu-da bilýär ekeni!
— Hawa, tanadym — diýip, göwünli-göwünsiz jogap berdim.
— Mundan siz hiç zady aňmaýaňyzmy? Hanym ependi, men size gepiň küle ýerini aýdaýaýynla. Yhsan öz ýoldaşlary bilen jedel edipmiş. Ýaşlyk-da... Etjek alajyň ýok, hanym ependi. Bu bolýan
zatdyr...
Men saklanybilmedim:
— O näme sebäplimiş, ependim?
Nerime hanym gyzardy, ol utanýanlygyny bildirmejek bolup gülümsiredi:
— Hanym ependi, käbir serkerdeler mekdepden gelýärkäňiz, sizi görýän bolara çemeli. Olar sizi
örän görmegeý hasap edýärler. Biz stambully bolamyzsoň, bu ýeriň ýaşaýjylary ýaly, beýle gürrüňleri
göwne degilme hasap edemzok. Şeýle dälmi, geregim? Yhsan öz ýoldaşlary bilen: «Şu mugallyma
bilen gürleşmegiň ebeteýini hökman taparyn...» diýip jedel edipdir. Ol batragyň şylhasyna girmäge
utanmandyr, şeýdibem jedelde utupdyr. Geň göräýmeli? Şeýle dälmi?
Hiç hili jogap bermedim. Nerime hanym biçäre bu gürrüňiň mende ýakymsyz täsir galdyrandygyna derrew düşündi.
Şu günki gülküli oýnuň soňky görnüşi ýene-de ýokarda myhman otagda ýaýbaňlandy. Biziň Yhsan beý bilen tanşyşymyz baradaky habar ol ýere bizden-de has öň ýetipdir. Muny ýygnananlaryň
barynyň ýüzleri aýdyp durdy.
Öý eýesiniň syrly yşaraty bilen myhmanlaryň bary daş çykdy. Otagda onuň özünden başga Nerime hanym ikimiz galdyk.
Birneme ikirjiňlenmeden soň ol:
— Gyzym, Yhsan göwnüňden turdumy? — diýip sorady.
— Erbet ýigit däl ýaly, hanym ependi. — Ýüzi dagysam görmegeý — diýip, öý eýesi sözüni
dowam etdirdi. — Onuň bilimi hem gül ýaly. Häzir onuň wezipesini ulaldyp, Beýruta geçirýärler.
Men:
— Gaty gowy zat! Ol, hakykatdan hem, görmegeý, salykatly ýigit. Siziň aýdyşyňyz ýaly, bilimi
hem gül ýaly bolarly — diýdim.
Eneli gyz biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler, olar meniň aýdanlaryma begenjeklerini-de, geňirgenjeklerini-de bilmediler. Hanym ependi kikir-kikir gülüp:
— Gyzym, Alla ýaryň bolsun! Sen meniň ýükümi ýeňletdiň goýaýdyň. Men Yhsana öz göwsümden süýt beren ene, ony öz perzendim ýaly edip, öýümizde terbiýeledim. Gyzym, Feride hanym,
ýaş gyzlar bilen gös-göni, aç-açan gürrüň etmek kyn bolýar. Ýöne, Hudaýa şükür, siz akylly we terbiýeli gyz. Hemme zat Allanyň ygtyýaryndadyr. Şonuň üçinem siziň Yhsana ýanýoldaş bolmagyňyzy
isleýän... Sizi onuň diýseň sulhy alypdyr. Eger Yhsan hem siziň göwnüňize ýaran bolsa, diýmek,
Hudaý ýol berse, bagtyňyz getirer... Oňa bir aý rugsat alyp, toýy şu ýerde tutarys. Ýeri, niçik görýäňiz? Soň bolsa ikijigiňiz bileje Beýruta gidersiňiz.
Bu gülkünç oýny näme üçin oýlap tapandyklaryna baryp bagdakam düşünipdim. Diýseň gülküli
ahwalat: keseki ýurtda meni tanamaýan-bilmeýän ýigidime durmuşa çykarjakmyşlar. Näme üçindigini-hä bilemok welin, birden lapym keç bolup başlady. Emma özümi çalt ele aldym, hiç kim hiç zat
aňmady.
— Hanym ependi, bu siziň sadyk guluňyz üçin uly abraý, uly hormat. Munuň üçin size-de, Yhsan
beýede tüýs ýürekden minnetdar. Ýöne boljak zat däl...
Öý eýesi ör-gökden geldi:
— O näme üçin, gyzym? Ýaňyja-da Yhsany halandygyňyzy, onuň görmegeýdigini özüňiz aýtdyňyz ahyryn...
Men ýylgyrdym:
— Hanym ependi, Yhsan beý görmegeý, mynasyp ýaş ýigit diýip, häzirem aýdýaryn. Ýöne özüňiz oýlanyp görüň, eger nikamyzyň mümkindigi barada çala oýlananam bolsam, men onuň mynasybetlikleri barada aç-açan gürrüň edip bilermidim, ependim? Eýsem, bu ýaş gyz üçin aýyp zat bolmazmydy näme?
Eneli gyz ýene-de bir-birlerine seredişdiler. Dymyşlyk ara düşdi, soň Nerime elimden ýapyşyp:
— Feride hanym, her näme diýseňem, goý, bu siziň gutarnykly jogabyňyz bolmasyn. Yhsan beý
juda gynanar — diýdi.
— Men ýene-de gaýtalaýaryn: Yhsan beý örän görmegeý ýigit, oňa islän gyzyň durmuşa çykar.
— Şeýledir, ýöne ol diňe siz diýip dur-da! Biz size Yhsan, hamala, öz ýoldaşlary bilen girew
goýup jedel edipdir diýip aýdypdyk, heý, beýle-de bir zat bolarmy, gyzym? Hakykatda bu beýle däl.
Neressejigim iki hepdeden bäri jebir baryny çekýär, «Hökman öýlenerin. Ölerin welin, ondan ýüz
döndermen» diýýär.
Nerime hanymyň yrjak bolup uzak wagtlap jan etjekdigini aňyp, olaryň teklibiniň başa bararlyk
däldigini sypaýyçylyk bilen, emma aýgytly äheňde aýtdym we gaýtmaga rugsat bermeklerini haýyş
etdim.
Nerime hanym juda lapykeç boldy.
Ol ejesine ýüzlenip:
— Eje jan, sen bularyň baryny Yhsana özüň aýt... Meniň-ä muňa dilim aýlanjak däl. Feride hanym boýun towlar öýdüp pikir hem edip bilenokdy... Muňa ol neneň çydap bilerkä? — diýdi.
Ah, bu erkeklermi? Olaryň bary özlerinden göwünleri hoş, özlerine ynamy uly. Olaryň hiç biri
biziň hem ýüregimiziň bardygyny we şol ýürekde öz süýji arzuwlarymyzyň ýaşaýandygyny güman
hem edenok.
***
Paşanyň paýtuny meni öýe eltip gaýdanynda, Munise goňşularda ekeni. Otagyň içi gözedürtme
garaňkylykdy. Diwardan öçügsi Aý yşygyna meňzeş aýna asylgy durdy. Geýimlerimi çykarmazdan
öň, öz-özüme göz aýlasym geldi. Ýüzümi zordan saýgardym, gysgajyk gögümtil penjegim maňa ak
gar ýaly ýüpek köýnek bolup göründi, özi hem onuň uzyn etekleri garaňkyda gaýyp bolana meňzedi.
Ellerimi ýüzüme tutdum. Şol pursatda Munise otaga ylgap geldi. Ol:
— Abajygym! — diýip gygyrdy. Men dalda gözleýän ýaly, oňa ellerimi uzatdym, «Munise»
diýesim geldi, emma dodaklarymdan başga bir at, ýekimde ýigrenýän ýowuz duşmanymyň ady zogdurylyp çykdy.
***
Ç..., 6-njy maý.
Men hemmäniň höwes edýän gelinligi bolup galdym. Düýnki gülkünç wakadan dyndym diýip
durkam, bu gün ýene bir şeýle wakanyň gahrymany bolmaly boldum. Ýöne düýnki gülkünç waka
bilen deňeşdireniňde, bu günki müň keren gülkünç, müň keren gelşiksizdi.
Hemmesini bolşy ýaly beýan edeýin. Waka aşakda, biziň myhman otagymyzda ýaýbaňlandy.
Oslaman durkak, Hafyz Gurban ependiniň aýaly peýda boldy. Egninde bolsa diňe toý-tomgularda
geýýän kaşaň çarşaby bardy. Boýnunda telim hatar edilip altyn şaýlar asylgydy. Aýalyň bolşy geňräkdi. Gözleri aglana meňzeýärdi. Söhbet gurup başlaýarys.
Men:
— Siz, megerem, bir ýere çagyrylan bolmaly? Myhmançylyga gitjek bolýaňyzmy?
Ol:
— Ýok, dogan jan, siziň ýanyňyza ýörite geldim.
Men:
— Bu gün juda bezemen görünýärsiňiz? Bu-da meniň üçinmi?
Ol:
— Hawa, uýajygym, siziň üçindir. Bälçiremän durup bilmedim: — Görýän welin, siz maňa söz
aýtmaga gelen ýaly? Onuň sadasyraýan gözlerinde geňirgenme peýda bolýar. Aljyraňňy ýagdaýa düşdüm.
— Siz nädip bildiňiz?
— Nädip diýýäňizmi? Siz maňa sözaýdyjy geldiňizmi? Myhman uludan demini alýar.
— Hawa, dogan jan.
— Kim üçin?
—Adamym üçin... — diýip, ol dünýädäki iň adaty bir zat barada gürrüň edýän ýaly, arkaýyn
gürleýär. Elbetde, bu aýalyň hilesiz-alsyz gözüni gyrpman degişmäni başarýandygy maňa örän ýarady. Men hahahaýlap gülýärin, emma söhbetdeşim gülenok. Tersine, onuň gözlerinde düwme-düwme
ýaş ýyldyraýardy. Ol:
— Doganym, ependiniň size göwni gidipdir, onsoň ol gaýtadan öýlenmekçi bolup, meň bilen
aýrylyşmak isleýär. Men oňa ýalbaryp, haýyş edip gördüm: «Näme, bolmaýan zatmy, sen ol hanymam al, ýöne meni taşlama. Size nahar-şor taýýarlap bererin, hyzmatkäriň bolaryn...» diýdim. Gurbanyň bolaýyn, dogan jan, maňa rehimiň insin!
— Onsoň sizi taşlap, maňa öýlenip biljekdigine Gurban ependiniň ynamy barmyka? Myhman
geňirgenýär.
— Elbetde — diýip, ol sadalyk bilen jogap berýär.
— Ol: «Men onuň üçin göni elli altyn şaýylyk bermäge taýýar...» diýdi. Men:
— Gadyrly goňşujygym, gaýgy etme. Bu hiç haçan beýle bolmaz. Biçäre zenan doga okaýar.
Perde ýapylýar.
***
Ç...,15-nji maý.
Şu gün agşam sapaklardan soň, müdir hanym meni öz iş otagyna çagyrdy. Onuň ýüzi gamaşyp
durdy.
— Feride hanym, gyzym, men siziň agraslygyňyzy we yhlaslylygyňyzy gaty gowy görýän. Ýöne
siziň bir kemçiligiňiz bar, siz özüňizi henizem Stambuldamykam öýdýärsiňiz. Gyzym, gözellik —
betbagtlyk diýýärler. Mamla gep. Siz owadan, ýaş, ýeke... Şonuň üçin hem siz özüňizi aýamalysyňyz.
Emma siziň özüňizi juda seresapsyz alyp baran halatlaryňyz bar. Gyzym, hapa bolmaň. Ol agyr günä
diýemok! Bu ýöne seresapsyzlykdyr. Biziň şäherjigimiz gyrak-bujak çola ýer däldir. Bu ýerde zenanlar juda bezemen geýinýärler. Men öz mugallymalarymyzy-da göz öňünde tutýaryn. Emma beýlekiler
üçin tebigy bolan zat sizde göze dürtülýär duruberýär. Gyzym, gep bu ýerde siziň ýaşlygyňyzyň,
owadanlygyňyzyň öňýeten erkegi öwrülip garamaga mejbur edýänligindedir. Ine, onsoň şäherde dürli
gybatlar ýaýrap ugrady. Bu ýerde hiç zatdan habarsyz adam ýaly bolup otursam-da, bolup geçýän
zatlaryň baryny bilýän. Harby ýatakhanalardaky serkerdelerdir kofehanalardaky dükançylardan başlap, ýokary synp okuwçylaryna çenli sizi tanamaýan, siziň gürrüňiňizi etmeýän bir erkek-de ýok. Eger
siz meniň näme üçin bu barada gürrüň gozgaýanymy sorasaňyz, munuň iki sebäbi bar: birinjiden, siz
tejribesiz, emma görmegeý gyz. Biz adamlary gowy tanaýandyrys. Şonuň üçinem men ene, bajy ornuny tutasym gelýär. Ikinjiden, gyzym, mekdebimiziň abraýy diýenem bir zat bar... Şeýle dälmi? —
diýdi.
Müdir hanym sözüne dyngy berdi, soňam, ýüzüme bakmajak bolup, ýaýdanjaňlyk bilen sözüni
dowam etdirdi:
— Mekdebem, edil metjit ýaly, mukaddes ýerdir. Ony gep-gybatlardan, töhmetlerden we beýleki
hapa zatlardan gorap saklamak biziň jana-jan borjumyzdyr. Şeýle dälmi? Emma, gynansak-da, eýýäm
mekdepde-de bolgusyz gybatlar edilip başlandy. Siz agşamaralar atalaryň, agalaryň öz gyzlarynyň,
uýalarynyň yzyndan mekdebe gelýänleriniň köpelendigine üns berýäňizmi? Belki, siz muny aňşyrýan
hem dälsiňiz. Ýöne men barysyny bilýän. Olar, esasan, okuwçylaryň yzyndan däl-de, sizi synlamaga
gelýärler. Bir gezek siz biçäre gyzlaryň biriniň saçyny örüp berip, saçbagy bilen hem daňypsyňyz.
Muny şäherde kimiň ýaýradýandygyny biljek däl welin, bir bihepbe leýtenant gös-göni köçäniň üstünde pul hödürläp, saçbagyny alyp gidipdir. Indi ol saçbagyny harby eşigine dakyp: «Siz maňa generalissimus diýmelisiňiz. Men bu nyşany hut Gülbeşekeriň özünden alandyryn» diýip, ýoldaşlaryny
gülüşdirýär. Düýn derwezeban Mehmet aga maňa ýene bir täzelik aýtdy: agşamaralar birtopar serhoş
meýhanadan gaýdyp gelýän eken. Olar mekdebimiziň gapysynyň öňünde aýak çekipdirler, şonda olaryň biri: «Men Gülbeşekeriň diwardaky bu gara daşy ellänligini gördüm. Geliň, indi, Allanyň haky
üçin, şol daşy mukaddes daş diýip hasap edeliň» diýipdir. Görýäňizmi, gyzym, bularyň bary siz üçinem, mekdep üçinem ýakymly zatlar däl. Üstesine, golaýda siz Abdyrahym paşanyň öýünde ýüzbaşy
Yhsan beý bilenem söhbetdeş bolupsyňyz. Eger siz şonda paşanyň keýwanysynyň teklibini kabul
eden bolsaňyz, munuň hiç hili aýyby hem bolmazdy. Siziň ýaş ýigit bilen gürleşip, soňam şeýle bähbitli gepleşikden boýun gaçyrmagyňyz ähli şäherçäniň ünsüni özüne çekdi. «Eger Gülbeşeker Yhsan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 19
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.