Latin

Saýrak Guşy - 09

Total number of words is 3861
Total number of unique words is 2201
33.0 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aýtdylar), nurly günleriň bahym meniň üçin hem başlanjakdygyny duýup ugradym. Bir aýdan bäri
bozulan keýpim ýene gaýdyp geldi.
Şu wagta çenli hiç kimden eşitmedik ýakymly sözlerimiň bir toparyny aýdyp, ol goltugymdan
tutdy-da, ministriň kabulhanasyna tarap alyp gitdi.
Geçelgeden ýöräp barýarka, oňa gözi düşen gullukçylar ýerli-ýerden bosuşyp çykdylar, gapylar
bolsa öz-özünden açylyp gidýäne meňzedi.
Ýarym sagatdan soň, men B. atly welaýat şäheriniň merkezi ruşdiýesinde(Ruşdiýe ― Türkiýede soltanlyk
döwründäki orta mekdebiň ilkinji dört synpy) geografiýa we surat mugallymy wezipesine bellendim...
Şol agşam Eýýuba gaýdyp gelýärkä, Çalyguşy ganat baglana meňzetdi. Şu günden şeýläk ol
eýýäm gazanç edibiljek özbaşdak adam. Şu günden şeýläk ol öz çöregini özi gazanýan adamdy. Indi
merhemet ýa-da hemaýat eden bolup, hiç kim onuň göwnüne degmäge milt edip bilmez.
Üç günden resminamalar düzelip, ýol çykdajylary üçin almaly pulumy aldym.
Şol gün ir bilen Gülmisal meni gämä çenli ugratdy. Şahap ependi bolsa bireýýämden bäri
duralgada garaşyp duran ekeni. Bu eserdeň, ýukaýürek ýigidi ömrylla ýatdan çykarman. Ol bar zadyň
aladasyny edip, bir ownuk zady hem ýatdan çykarmandyr, hatda B. şäherine baranymda ýaşajak
myhmanhanamyň salgysy ýazylan kagyzjygy hem elime tutdurdy. Ol özüniň ýarawsyz, entek sargysy
aýrylmadyk bogazy üçin zyýanly, çygly deňiz şemalyna garamazdan, duralga bizden has ir gelen
ekeni. Ýantorbamy, ýol sowgady diýip getiren çaklaňja gutusyny kaýuta onuň özi alyp gitdi. Ol bu
ýerde-de meniň aladam bilen boldy, eýläk-beýläk ylgady, ýene gaýdyp geldi, kaýuta hyzmatkärine
tabşyryklar berdi.
Gämi ugraýança, biziň üçümiz hem onuň gapagynda oturdyk. Ýalňyşmasam, aýrylyşyk pursady
adam göwnündäki ähli zatlar barada gürleşmeli, yzyny üzmän, köp-köp gürlemeli, şeýle dälmi? Ýöne
şol gün ähli zat başgaça boldy. Bir sagadyň dowamynda Gülmisal ikimiz on sözem aýtmadyk. Ol
elimi öz aýasynda tutup oturyşyna öçügsi mawy gözlerini deňizden aýranokdy. Diňe gämi ugrajak
bolup durka, ol birden meni bagryna basdy-da, uly ili bilen aglap:
— Şeýdip, seniň ejeňi hem ugradypdym... Edil şu ýerde... Wah, Feride!.Ýöne ol sen ýaly ýeke
däldi... Alla halasa, men ýene-de saňa duşaryn... Ýene bagryma basaryn...
Ähtimal, Şahap ependiniň duranlygyna garamazdan, özümem saklanybilmän tas möňňüripdim,
ýöne şol wagt gämide uly bir galagoplyk başlandy:
— Hanym, howlugyň!.. Köprüjigi aýyrýarlar!
Deňizçiler meniň Gülmisalymyň gerdeninden tutup, yzyndan itekläp, basgançakdan düşmäge
kömekleşdiler. Kiçijik mürze Şahap ependi bolsa henizem gidenokdy. Men uly minnetdarlyk bildirip,
oňa elimi uzatdym we onuň ýüzüniň ak esgi ýaly bolup, gözi ýaşly duranlygyny gördüm.
— Feride hanym, eýsem, siz hemişelik gidýäňizmi?
Şahap ependi ilkinji gezek ýüzüme dikanlap seredip, ilkinji gezek adymy tutýardy. Bu aýralyk
pursadynda halym hernäçe agyr bolup, ýüregim gyýylsa-da, ýylgyrman saklanyp bilmedim.
— Eýsem, entegem güman edýäňizmi?
Şahap ependi hiç hili jogap bermedi, elini aýamdan aýyrdy-da, basgançakdan aşaklygyna ylgap
gitdi.
***
Deňizde syýahat etmek gowy görýän zadymdy. Alty-ýedi ýaşlarymda kakamyň hyzmatçy
esgeri bilen gämide syýahat edenimi heniz-henizler hem höwes bilen ýatlaýaryn. Gämi, üstündäki
adamlar, hatda Hüseýin — bary ýatdan çykypdyr. Hakydamda diňe ummanyň uçsuz-gyraksyz
giňişligini uçup geçen guşuň duýgusy ýaly bir zat galypdyr: çar tarapy owadan, janly, böküşip duran
ýylpyldylardan doly mawy giňişlikde erkana uçmak, gör, nähili lezzetlidir.
Deňziň özüme şypaly täsir edýändigine garamazdan, gämi gapagynda oturmaga çydam edip
bilmedim. Gämi Saraýburnunyň daşyndan aýlanyp ugranda, aşak, kaýutadaky ýerime geçdim. Şahap
ependiniň gutusy ýantorbada ýatyrdy. Durup bilmän gutyny açdym. Ol ýerde iň gowy görýän
nygmatym — içi likýorly şokoladly süýjüler bar eken. Bir süýjini alyp, agzyma eltdim welin, şobada
gözümden boýur-boýur ýaş dökülip gitdi. Munuň sebäbini aňyp bilmedim. Özümi dürsejek boldum,
emma gözýaş barha güýçli dyňzap bogazym doldy. Ähli zadyň günäkäri süýji ýaly, birden gutyny
äpişgeden deňze zyňyp goýberdim.
Durmuşda gözýaş kimin manysyz zat ýokdur. Muňa men düşünýärdim. Emma şonda-da, häzir
şu setirleri ýazyp otyrkam hem, gözýaş kirpiklerimden syrygyp, öňümdäki depdere damyp, kagyzda
kiçijik tegmiller döretdi.
Belki-de, bu äpişgäniň aňyrsynda sessiz-üýnsüz jybarlap duran ýagyş zerarlydyr? Häzir
Stambulda nähilikä? Ýagyş şunuň ýaly guýup durmuka? Kozýatagyndaky bag Aýyň kümüşsöw
şöhlesine ýaldyrap, dumly-duşa nur saçýandyr?
Kamran men diňe seni däl, eýsem, seniň ýaşaýan ýeriňi hem ýigrenýärin.
***
Bu gün ir bilen oýansam, telim günläp yzyny üzmän ýagan ýagyş diňen ekeni, bulutlar syrygyp,
diňe äpişgämden gowy görünýän daglaryň belent gerişleriniň kä ýerinde ýukajyk ümür gaýmalap
ýördi.
Düýn ýatmankam, äpişgäni ýapmagy ýatdan çykaran ekenim. Säher çagynyň mymyjak şemaly
düşek örtüginiň ujuny galgadyp, onsuz hem hüžžerip duran saçymy bulaşdyrýardy. Balyk teňňelerine
meňzeş Gün şuglasy bäş günden bäri bolýan kiçijik myhmanhana otagymy bezäp, baýramçylyga
öwürýärdi.
Başyma düşen günler aňyma beter täsir edipdi. Bir gezek gije oýansam, ýaňaklarym, gyraw
düşen güýz ýapraklary ýaly, öl-myžžyk bolup dur. Ýassygym hem şeýledi. Ukudakam aglan ekenim.
Indi bolsa Gün şöhleleri umyt baryny döredip, kalbymy şatlykdan, göwrämi bolsa mekdebiň
ýatakhanasynda oýanýan wagtlarymdaky ýaly bahar säheriniň mylaýymlygyndan doldurýardy.
Bu günüň maňa söýünçli bir habar getirer umydy ýokdy. Indi hiç zatdan eýmenmeýärdim.
Ýerimden syçrap turup, köne elýuwguçda el-ýüzümi ýuwmaga durdum.
Kellämi silkelänimde suw damjalary dumly-duşa syçraýardy, hatda aýna-da durşy bilen öl bolan
eken. Megerem, şol pursat dury suwda ýüzüp ýören guşa çalym edendirin.
Gapy ýuwaşja kakyldy, Hajy kalfanyň:
— Ertiriňiz haýyrly bolsun, hojanym! Bu günem daň saz berip-bermänkä turduň öýdýän? —
diýen sesi eşidildi.
— Bonžur, Hajy kalfa — diýip, şadyýan jogap berdim.
— Görşüň ýaly, ir turdum. Meniň oýananlygymy nireden bildiň? Gapynyň aňyrsyndan:
— Nireden bildiň diýýäňmi? — diýen ses geldi. — Sen guşjagaz kibi nagma kakýaň ahyryn.
Indi meniň özümem guşa çeken bir ýerim bar bolaýmasyn diýip oýlanyp ugradym. — Saňa ertirlik
getirmelimi?
— Bu gün ertirliksiz oňsam bolmazmyka?
— Ýok, bolmaz. Men oňa ýol bermen. Gezelenjem ýok, oýnamagam... Edil bendi ýaly bolup
otyrsyň. Eger sen bularyň üstesine iýmegiňi hem goýaýsaň, garşy otagdaky goňşyňa meňzäýersiň.
Hajy kalfa soňky jümläni goňşy aýal eşidäýmesin diýip, gapynyň açar sokulýan deşigini
dodaklary bilen ýapyp ýuwaşja aýtdy.
Biz Hajy kalfa bilen ysnyşypdyrys. Bu myhmanhanada bolan ilkinji säherim ýadyma düşýär. Ir
bilen oýananymdan derrew geýindim, ýantorbamy alyp, bökjekläp basgançakdan aşak indim. Ak
öňlükli Hajy kalfa çaklaňja howzuň başynda nargiläni(Nargile ― kalýan kysmy çilim çekilýän gural.) arassalap duran
ekeni. Maňa gözi düşenden ýüz ýyl bäri tanaýan ýaly:
— Salam, Feride hanym. Näme, beýle ir oýanypsyň-la? Men-ä sen ýol argynlygyndan soň,
günortana çenli ýatarsyň öýdüpdim — diýdi.
— Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Eýsem, öz borjuny ýerine ýetirmäge hyjuwly mygallym
günortana çenli ýatyp bilermi? — diýip, şadyýan jogap berdim. Hajy kalfa nargilesini unudyp, ellerini
bykynyna urdy-da.
— Be, muňa seretseňizläň! — diýip, gülmäge durdy.
— Entek özi agzyndan süýt ysy gitmedik çaga halyna mekdepde çaga okatjakmyş! Ministrlikde
işe bellenemde gaýdyp garagolluk etmejegime özüme äht edipdim. Emma Hajy kalfa meniň bilen
çaga bilen gürleşýän äheňde gürleşip başlady welin, men ýene-de özümi çaga duýdum, ýantorbamy
top ýaly zyňypgapmaga durdum. Bolşum Hajy kalfany heýjana getirdi, ol ellerini çarpyp:
— Eýsem, men ýalan sözleýänmi? Entek seniň özüň çaga ahyryn — diýip güldi. Bir
myhmanhana hyzmatçysy bilen beýle alçak gürleşmegim, belki, dogry däldir, şonda-da hezil edip
güldüm, soň biz ol-bu barada arkaýyn gürleşmäge başladyk. Goja ertirlik edinmän, mekdebe
gitmegime kes-kelläm garşy boldy.
— Eýsem, bu dogrumydyr?.. Agşama çenli bu bezzat çagalara gümra bolup, aç gezmek akyla
sygjak zatmy?! Düşünýärmiň, hojanym? Häzir peýnir bilen süýt getirip bereýin. Üstesine-de, bu gün
ilkinji iş günüň. Howlugyp oturma... — diýdi-de, ol meni howzuň gyrasynda zor bilen oturtdy. Bu
wagt myhmanhananyň howlusynda hiç kim ýokdy. Hajy kalfa garşydaky dükanlaryň birinde söwda
edýän kişä:
— Molla, biziň mugallymymyza Stambul kökesi bilen süýt getirip ber — diýdi-de, maňa tarap
öwrülip sözüni dowam etdi:
— Mollamyzyň süýdüni diýsene! Siziň Stambul süýdüňiz onuň ýanynda nargilämdäki suwdan
enaýy däldir! Hajy kalfanyň sözlerine ynansaň, Molla gyşynatomsuna sygryny armyt bilen
bakýarmyş, şonuň üçinem onuň süýdünden armyt ysy gelip durmuş. Bu syry açandan soň, goja
ermeni maňa göz gypyp:
— Ýöne Mollanyň özünden-de armyt ysy gelip duran ýaly — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Howzuň gyrasynda ertirlik edinýänçäm, Hajy kalfa nargilesine gümra boldy, meni şäherde edilýän
tükeniksiz gep-gürrüňler bilen tanyşdyrdy. Eý, Hudaý, bu adamyň bilýän zatlaryny diýsene! Ol,
aýratyn hem, bu ýerde mugallymlaryň ýaşaýyşlaryny, kimiň näçe köýneginiň barlygyna çenli
bilýärdi... Ertirligimi iýip bolamdan soň, ol:
— Indi çaltrak gop. Men seni ugradaýyn. Ýogsam ýitermiň-nädermiň... — diýdi. Agyryly
aýagyny keýtikledip, Hajy kalfa öňden ýöredi-de, meni merkezi ruşdiýäniň ýaşyl agaç derwezesiniň
öňüne eltdi. Ol bolmadyk bolsa, men, dogrudanam, bu egrem-bugram köçelerde azaşjak ekenim.
***
Daşyndan hernäçe gözgyny görünse-de, tüýs ýürekden söýmek hyjuwy bilen gadam uran mekdebimde neneňsi betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolanym barada jikme-jik gürrüň bermelidirin.
Garawulhanada sakçy ýok ekeni. Bagyň içi bilen barşyma eli ýantorbaly, gözenek çyzmykly
örtük atynan aýala sataşdym. Onuň ýüzi iki gat çadra bilen bürelgidi. Ol çykalga tarap barýardy, ýöne
meni görüp aýak çekdi-de, ýüzüme dikanlap seretdi.
— Size näme gerek, hanym?
— Müdir hanymy göräýsem diýýän.
— Hä, şeý diýseňizläň? Müdir hanym-a men bolmaly.
— Şeýlemi, hanym ependi! Men siziň täze geografiýa we surat mugallymyňyz Feride, düýn
Stambuldan geldim. Müdir hanym ýüzüni açyp, meni boýdan-başa synlady-da, geň galyp:
— Bu ýerde bir ýalňyşlyk bar ýaly, gyzym. Hakykatdan-da, bizde geografiýa we surat mugallymynyň wezipesi boşdy, emma bir hepde mundan öň bize Gelibolydan bir mugallym iberipdirler.
Men aljyradym.
— Beýle bolup bilmez, hanym ependi! Meni Bilim ministrliginden iberdiler. Buýrugym ýantorbamda.
Müdir hanym geň galyp tekiz maňlaýynyň ortarasyna ýetip duran gaşlaryny gerdi.
— Eý, Taňrym, eý, Taňrym! Hany, buýrugyňyzy bir göreýin! — diýip seslendi.
Müdir hanym buýrugy telim gezek okap çykdy, goýlan senesine seretdi we:
— Beýle säwlikler mahal-mahal bolýan zat. Olar özleri-de aňşyrman, bir ýere iki adamy belläpdirler. Wah, Huriýe hanym, wah — diýip, başyny ýaýkady. — Kim ol, Huriýe hanym?
— Bu şol Gelibolyly mugallym... Ol şol ýerde oňuşman, bärik geçirmeklerini haýyş edipdir.
Mylaýym, pespäl aýal... Ol görgüliniňki ýene ugruna däl-dä.
— Eýsem, diňe oňky ugruna dälmi? Meniň ýagdaýym hem onuňkydan gowy däl.
— Hawa, munyňam dogry. Ýöne iň bärkisi ýagdaýy anyklaýançak, ol görgülini gynandyrmalyň. Men häzir bir iş bilen bilim bölümine barýan. Sizem gidäýiň. Göreliň, çäresi tapylmazmyka?
Bilim bölüminiň müdiri, ýognas, tagaşyksyz, äwmezek kişi gelip-gidýänler bilen gürleşende,
adatça, ukuly ýaly, gözlerini ýumup gürleşerdi. Onuň gürrüňi ýap-ýaňy ukudan oýadylan adamyňky
ýaly, üzlem-saplamdy, başly-baratdy. Ol bizi biparh diňländen soň, dişleriniň arasyndan syzdyryp,
ýuwaşja gürläp başlady:
— Men nädeýin?.. Olaryň diýeni bolupdyr. Stambula ýazmak gerek. Göreliň, näme jogap bererler. Onýança, gürrüňe bölümiň kätibi, äpet bir pyýada goşuldy, ol gursakça geýensoň, ýük çekýän
arabaça meňzeýärdi.
— Bu hanym ependiniň wezipä bellenýänliginiň senesi has giçki. Şonuň üçinem muňa esaslanyp, ony has kabul ederlikli, has kanuny hasap etmeli. Müdir ukynyň öň ýanynda bir zat oýlanýan
ýaly bolup içini gepletdi-de:
— Elbetde, munyň dogry, ýöne bizde, barybir, ozalky mugallymy işden aýyrmak barada buýruk
ýok... Ministrlikden sorap görmeli. On gün töwereklerinden hem jogap geler. Siz, müdir hanym, jogap
gelýänçä, gaýrat edip garaşyň.
Men ýene-de gözenek çyzmykly çarşaf bürelen müdir hanymyň yzyna düşüp, egrem-bugram
köçejikler bilen ruşdiýeden(Ruşdiýe — Türkiýede soltanlyk döwründäki orta mekdebiň ilkinji dört synpy) ýöräp ugradym. Wah,
myhmanhana bir özümi atsadym!
Huriýe hanym kyrk bäş ýaşlaryndaky kelte boýly, garaýagyz, gyňyr häsiýetli aýal ekeni. Ol bu
zatlary eşiden badyna ýüzi öňküsinden hem boz-ýaz boldy, gözleri petredi, boýnunyň iki tarapyndaky
gan damarlary çişdi we çagalaryň baýramçylyklarda çalýan dilli tüýdükleri ýaly zaryn-zaryn ses çykardy.
— Eý, Taňrym, bu näme boldugy bolýar, dostlar!..
— Şeý diýdi-de, ol özünden gidip, gürpüldäp gaýtdy.
Mugallymlaryň oturýan otagynda uly gopgun turdy. Gözi äýnekli garryja mugallym zenan
galmagala ylgaşyp gelen gyzlary zordan saklap, olary gapynyň ýanyndan kowdy.
Aýallar Huriýe hanymy diwana geçirip, ýüzüne suw serpdiler, çekgelerine sirke çaldylar, güpbüsiniň iliklerini ýazdyryp, döşüni owkaladylar.
Men aljyraňňy ýagdaýa düşüp, goltugym ýantorbaly, näderimi bilmän, burçda çugutdyryp durdum.
Gapynyň öňündäki gyzlary kowuşdyran garry mugallym äýneginiň üstaşyr maňa hemleli garady.
— Gyzym, seniň ynsapsyzlygyňa haýranlar galýan. Üstesine, gülmäň näme?!
Ol mamlady. Nebsim agyrsa-da, saklanyp bilmän ýylgyrypdym. Ýöne Huriýe hanymyň üstünden däl-de, öz emelsizligime gülýänligimi kempir nireden bilsin?
Emma adamkärçiliksiz adam ýeke men däldim. Gara gözleri içiňden geçip barýan uzynak ýaş
mugallym hem sessiz gülýärdi. Ol ýanyma geldi-de, gulagyma:
— Işden habary ýok adam bu zenanyň äri öýlenip, üstüne güni getirendir öýder. Bu çaşmakbeýleki däl-de, duran bir hile — diýip pyşyrdady.
Huriýe hanym gözüni açdy. Onuň burnundan, ýaňaklaryndan durman suw damýardy. Ol aşgazanynda bomba ýarylan ýaly, batly synçgyryp goýberdi we nadaralyk etmäge başlady:
— Wah, dostlar, başyma ne işler düşdi! Bu ýaşdan soň beýle-beýle zatlar bolmalymy diýsene!
«Dil bela» diýip, dogry aýdypdyrlar. Ýene bir ýoknasyz iş etdim oturyberdim, gerekmejek
ýerden sypaýyçylyk eden boldum:
— Ýagdaýyňyz birneme ýeňilleşdi öýdýän, Hudaýa şükür — diýdim. Diýdimem welin, diýenime puşmanam etdim. Huriýe hanym şeýlebir dergazap boldy welin, ony söz bilen beýan eder ýaly
däl. Onuň diýmedik zady galmady, göýä, men onuň janyna kast edip, üstesine, halyny hem soraýarmyşym. Heý, beýle-de bir bihaýalyk, beýle-de biedeplik bolarmy? — diýip, ol pürküp bilen zadyny
pürküp otyr. Utanjyma bir burça gysylyp, gözlerimi ýumup oturdym. Mugallymlar Huriýe hanymy
hiç köşeşdirip bilmediler. Huriýe hanymyň gykylygy gitdigiçe artyp, agzyndan çykýan sözleri diňe
bir merkezi ruşdiýede däl, eýsem, köçede-de adam ogly eşider ýaly däldi. Onuň aýtmagyna görä,
niräniň çöpüdigim ýüzümden bellimiş. Onuň çöregini elinden almak üçin ministrlikde, gör, näçe kişi
bilen... bolupmyşym.
Gözüm garaňkyrap gitdi. Äňim gagşady, maňlaýyma sowuk der indi. Iň erbedi-de, beýleki aýallaryň Huriýe hanymy mamla hasap edýän ýaly bolmagydy.
Birdenkä biri stoly batly ýumruklady. Bulgurlar we aýna suwgaplar jyňňyrdaşyp gitdi. Bir minut mundan ozal meniň bilen bile gülen gara gözli ýaş mugallym birden şire öwrüldi! Ol gaharly
gygyryp:
— Müdir hanym! Hany, siziň ýolbaşçylygyňyz? Bu aýalyň bir mugallymyň namysyny depelemegine nädip ýol berýäňiz? Biz nirede durus? Eger siz oňa ýene bir söz diýmäge ejaza berseňiz, men
ony däl, sizi kazyýetde entemeli ederin! Bu aýal özüniň nirede durandygyny ýadyndan çykarýar —
diýip, gara gözli mugallym tarpyldatdy we aýallaryň üstüne gygyrdy, gaharly gürlese-de, onuň sesi
täsin ýaňlandy.
— Berekella, ýoldaşlar, berekella! Diýseň gowy zat! Özi-de mekdepde! Kärdeşiňiziň masgaralanyşyny gülüp diňleýärsiňiz-dä?! Otaga suw sepilen ýaly boldy, emma Huriýe hanym özüniň ýeke
galýanlygyny aňyp, ýene nadaralyga ýüz urdy we ýene çaşjak boldy. Ýöne, bagtymyza, sapaga girmäge jaň kakylaýdy. Mugallymlar depderlerini, kitapçalaryny, el işi üçin ulanylýan sebetlerini alyp
dagap başladylar.
— Gyzym, saňa iş otagynda garaşýan — diýip, müdir hanym hem otagdan çykyp gitdi. Bir
minutdan biz meni goran gyz bilen ikiçäk galdyk. Oňa minnetdarlyk bildirmegi ýerlikli saýdym:
— Wah, wah, sizem men zerarly görgi baryny gördüňiz. Ol gyz «zeleli ýok» diýjek bolýan ýaly,
eginlerini gysyp ýylgyrdy.
— Men muny bilgeşleýin etdim. Eger şeýle heleýleriň üstüne gygyryp, az-kem gorkuzaýmasaň,
olar seniň depäňe çykar. Şonda siz nädersiňiz? Okuwdan soň didarlaşarys. Şeýle dälmi? Müdir hany-
myň iş otagynyň gapysyna barsam hem, eýýäm ol ýere giresim gelenokdy. Ýene şol gürrüňi gozgamak ýürekbulanç bolup göründi. Keýpim bozuldy. Ýantorbam aýdyp-diýerden agyr geldi. Hiç kimiň
gözüne ilmejek bolup, mekdepden çykdym-da, myhmanhana gaýtdym.
***
Hajy kalfa meni gören badyna ellerini gynanç bilen silkip, zeýrenmäge başlady:
— Wah, hojanym, wah! Seňki ýene ugruna bolmandyr!..
Ol eýýäm ähli zatdan habarly ekeni. Onuň eşidip ýetişişine akylyň çatanokdy.
— Gyzym, häzir bol-da, işiňi jäht tut — diýip, ol duýdurdy. Olar seniň bilen gende oýun edäýmesinler! Eger ministrlikde tanşyň bar bolsa, gel, derrew hat ýazaly.
Ol ýerde özümi ministre hödürlän garry şahyrdan başga hiç kimi tanamaýanlygymy aýtdym.
Şahyryň adyny eşiden dessine Hajy kalfa çaga ýaly begendi.
— Eý, Hudaý! Ol meniň medetkärim ahyryn. Ol birwagtlar bu ýerde idadiýe() mekdebiniň müdiri bolup işläpdi! Ol adam däl-de, perişdedir. Ýaz, gyzym, ýaz. Eger meni sylaýan bolsaň, oňa menden salam aýt. «Seniň guluň Hajy kalfa mübärek elleriňden öpýär...» diýip ýaz.
***
Hajy kalfa görgüli şikesli aýagyny süýräp, telim ýola ýokaryk, meniň ýanyma çykyp: «Jenap
prokuror çekinmän bilim bölüminiň müdiriniň suwuna deger ýaly etmeli. Muňa onuň haky bar». Ýada «Ýerli häkimiýetiň inženeri Stambula gidýär. Ministrlige girip çykmaga wada berdi» diýen ýaly
habarlar getiripdi.
Bu ýer nähili geň ýer! Bolan zatlar barada sanlyja sagadyň içinde bilmeýän adam galmady.
Myhmanhananyň ýanyndaky kofehanada bar edilýän gürrüň şu hakda boldy.
— Näme boldy, Hajy kalfa? Bu ýerde hemmeler bir-birini tanaýarmy? — diýip haýran galdym.
— Hawa-da, eliň aýasy ýaly, sähelçe ýer-dä! — diýip, goja ýeňsesini gaşady.
— Bu saňa gymmatly, mübärek Stambul däldir! Bu ol ýerde bolan bolsa, hiç kim hiç zat eşitmezdi. Bu ýerde bolsa gybatdan başga zat ýok... Sen muny bilip goýmalysyň. Saňa berjek maslahatym: asylly bol, adamkärçilikli bol, dükanlarda, bazarda ýüzüňi açyp aýlanyp ýörme. Şeýle! (eý, toba,
ol bu «şeýle» sözüni nähili geň äheňde aýtdy diýsene!) Enşalla, işiň ugruna bolar. Bu ýerde bir mugallym bardy. Ady Arifa mugallymdy. Oňa kazyýetiň başlygy öýlendi. Indi onuň eli uzadan ýerine
ýetýär. Taňrym bagtyňy açyk etsin. Sen ony owadandyr öýdýärmiň? Eger-eger! Ol ýönekeý asylly,
pespäl maşgalady. Adamyň iň gymmatly zady onuň namysydyr.
Hajy kalfanyň maňa bolan ynamy we mylakatlylygy günsaýyn artdy. Ol her gün öýlerinden
dürli ownuk-uşak zatlary; çaý içilýän gaplar üçin örülen örtük, nagyşly süpürgiç, ýüzi suratly agaç
ýelpewajy getirýärdi we otagymy bezeýärdi.
Mahal-mahal biz gürleşip otyrkak aşakdan:
— Hajy kalfa, sen ýene haýsy dowzaha ýitirim bolduň? — diýen güňleç ses eşidildi.
Ol Hajy kalfanyň hojaýyny — myhmanhananyň eýesidi. Şeýle ýagdaýlarda goja hemişe aýdym
aýdýan ýaly eşidiler-eşidilmez terzde ýuwaşja:
— Ah, seniň bir! Hajy kalfa nämäňe gerek boldy? — diýýärdi-de, soňam sesini gataldyp:
— Barýan, barýan, bärde işim çykdy — diýip jogap berýärdi.
***
Hajy kalfadan daşary meniň myhmanhanada ýene bir hemşerim bardy: ol Monastir şäherinden
B...-a gelen otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky bir aýaldy.
Häzir onuň bilen dostlugymyzyň nähili başlanandygyny gürrüň bereýin. Gelen günümiň agşamy otagymda goşlarymy tertibe salýardym. Birden gapy ýuwaşja jygyldap gitdi. Yzyma gaňrylanymda gapynyň öňünde sary çitden tikilen ýansyz uzyn köýnek, ýaşyl ýüpek eşige tikilen başgaply
aýalyň duranlygyny gördüm.
Otaga girenden soň, ol zenan saglygymy sorady:
— Gyzym, sag-gurgunmysyňyz? Hoş geldiňiz! Onuň gyzyl reňk çalnan horja ýüzi deşigine hek
çalnan, suwagy gaçan diwara meňzeýärdi. Wesmeli gaşlary we çüýreşip giden gap-gara dişleri ony
ölä meňzedýärdi. Az-kem aljyraňňy halda:
— Sag boluň, hanym ependi — diýdim.
— Hany, walida(Walida — ene.) hanym nirededir?
— Haýsy walida hanym, ependi?
— Mugallym hanym-da. Siz onuň gyzy dälmi? Saklanyp bilmän gülüp başladym.
— Men mugallym hanymyň gyzy däl, ependi. Meniň özüm mugallym.
Ol aýal özüni lampa aşak goýberdi-de, ellerini dyzyna urdy.
— Hä, siz mugallym diýseňizläň! Men entek barmak boýly ýaş mugallymy görmändim. Ýaşy
bir çene baran epeý adam görjekdim.
— Hanym ependi, indi şeýle mugallymlar hem bar.
— Hawa, bolýan zat... Hawa, bolýan ýagdaý... Bu dünýäde bolmaýan zat ýok! Biz garşydaky
otagda bolýas. Çagalary ýatyrdym-da, siziň bilen salamlaşaýaýyn diýip sowuldym. Gündizine çagalar
bilen başyň çaşyp gidýär, eý, Allam! Ýöne agşam çagalar uklaýar welin, ýüregim gysyp ugraýar.
«Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýipdirler. Eýsem, şeýle dälmi, uýajygym?.. Oýlanýaryn, oýlanýaryn, çilim çekýärin... Şeýdip, gijämi geçirýärin. Uýam, sizi maňa Hudaý beripdir. Siz bilen az-kem ýaňraşsam, derdim ýeňläýjek ýaly.
Bu aýal maňa ilki «gyzym» diýip ýüzlendi. Ýöne mugallymdygymy bileninden soň bolsa,
«uýam» diýip başlady.
Myhmana oturgyç teklip etdim:
— Oturyň!
Özüm ýatalganyň üstünde ýerleşip, aýaklarymy hallanladyp başladym.
Monastirli aýal:
— Uýam, men oturgyçda oturmagy öwrenmändirin — diýdi-de, ýerde, aýaklarymyň ýanynda
çökdi, onuň dyzlary eňegine ýetiberýärdi.
Soňra entarisiniň jübüsinden demir gutyny çykaryp, ýogyn çilim dolamaga başlady, olaryň birini maňa uzatdy.
— Sag boluň, men çilim çekemok, hanym ependi.
Ol aýal:
— Menem öň çekemokdym, gaýgy-hasrat çekdirýär — diýdi.
Onsoň onuň gidişi gidiş bolupdyr. Ahyrsoňy garyndaşlarynyň biri Stambula gidip gelensoň,
onuň adamsynyň B. diýen şäherde gulluk edýändigini we eýýäm öýlenendigini aýdypdyr. Ýöne, nätjek, şeýle zadam bolaýýar. Dinimizde dört aýala çenli almak bolýar. Meniň görgüli goňşym aglapdyr,
hasrata batypdyr, soň üç çagasyny alyp, B. şäherine barypdyr. Emma bu onuň adamsyna ýaramandyr.
Ol diňe bir özelenip, zarynlap ýeten aýalyny däl, eýsem, jigeriniň garasy çagajyklaryny-da görmek
islemändir we onuň derrew Monastire dolanmagyny talap edipdir. Aýaly pahyr onuň aýagynyň astynda it kimin togalanyp: «Biz näçe ýyl är-aýal bolup ýaşaşdyk. Maňa beýle sütem etme» diýip, zaryn-zaryn ýalbarsa-da, adamsy onuň bu ýerde galmagyna kes-kelläm razy bolmandyr.
Bu uzyn hekaýaty diňlänimden soň, özümi saklap bilmän:
— Näme üçin özüňizi söýmeýän adamyň öňünde mertebäňizi peseldýärsiňiz, ezizim? — diýdim. Monastirli zenan nadanlygyma ýanýan ýaly ýylgyrdy. Ol:
— Ah, dogan jan, ol gözümi açyp gören ilkinji adamym ahyryn — diýip, uludan demini aldy.
— Näçe ýyllap bir ýassyga baş goýduk, şondan soň ärden aýrylmak aňsat zatmy näme?! — Ol
soň sesi ni titredip: «Enesiz oňular, ýarsyz oňulmaz» diýen goşgy setirlerini getirdi.
Gaharlananymy hem duýman galdym:
—Aýal maşgala özüni aldan adamy nädip söýüp bilýä? Men muňa düşünip bilemok! Goňşym
gara dişlerini syrtardyp, diňe ýylgyryp oňdy.
— Uýam, siz entek çaga bolýaňyz. Söýgi diýen zada uçramansyňyz. Onuň ejir-ezýetini bilsediňiz. Alla sizi şondan gorawersin!
— Ynha, bir tanyş gyzym toýa iki gün galanda durmuşa çykjak ýigidiniň başga birine göwün
berenligini bilip, adaglylyk ýüzügini şol bimessep adamyň ýüzüne urup, alys ýere gidipdir.
— Soň ol puşman edendir, uýam. Oňa nebsimjanym agyrýar. Ýüregi hasratdan ýaňa para-para
bolandyr görgüliň. Eýsem, sen söweş meýdanynda baş goýan adamlar barada eşitmänmidiň? Olaryň
birnäçesi ok degenden soňam hiç zat duýman, ylgamasyny dowam edýär, gaçyp gutularys öýdýär.
Ýara täzekä agyranok, emma sowaýar welin... Ol gyz entejik horlanyp ejir çeker, ynanaý maňa!..
Oturan ýerimden böküp düşdüm-de, dälirän ýaly bolup, otagda iki ýana urundym. Gaharym
depäme çykdy. Ýagyş penjiräni kakýardy, köçeden itleriň uwwuldysy eşidildi.
Monastirli goňşym uludan dem aldy-da, sözüni dowam etdi:
— Men ýat ile düşdüm. Ganatym gyrlyp, elimiň ysgyny gaçdy. Eger Monastirde bolan bolsam,
göz açyp-ýumasy salymda adamymy ol näletsiňmiş tulanyň elinden gaňryp alardym. Geň galyp, gözlerimi petretdim.
— Siz näme ederdiňiz?
— Günim o ýerde adamymy jadylapdyr, bendäniň dilini-agzyny baglapdyr. Emma Monastiriň
jadylary has ökdedir. Onsoňam bu gymmat düşmezdi. Bary-ýogy üç mejidiýe(Mejidiýe — kümüş pul
birligi.) sarp etsem, olar şol pursatda adamymy gaýtaryp bererler.
Onsoň meniň goňşym rumeliýaly(Rumeliýa — Osman imperiýasynyň Ýewropa böleginiň ady.) jadylar barada jikmejik gürrüň berip başlady.
— Bizde Arif Hoja diýen bir alban bar. Ol doga okap, doňzuň gulagyny hem dürbä öwürýär
oturyberýär. Aldanan aýal şol geň dürbini gözüne tutup, bir gezek adamsyna seredýär welin, ol adam
nähili bozuk bolsa-da, şol pursatda dogry ýola düşýär duruberýär. Sebäbi ähli zenan oňa doňuz bolup
görünýärmiş. Arif Hoja başga-da bir zat edip bilýär: ol bir bölejik sabyna iňňe dürtüp goýberýär,
onsoň ol şol iňňäni jadylap ýere gömýär. Sabyn ýerde eräp gidýär, seniň duşmanyň hem eräp, gurap,
iňňä öwrülermiş.
Jadygöýler hakda hekaýatlary gürrüň berýän wagtam görgüli demir gutyny elinden goýmady,
çilim ýasanyp, zol çilim çekýärdi.
Gury, pak sözler! Aýratyn hem sowadygyça agyrýan ýara hakda erteki! Ýok, boljak zat däl!
Eýsem, meniň ol ýezidi küýsäp, ýüregim awaýarmy näme? Eýsem, ony ýatlaýanmy bir?
Ilki-ilkiler goňşymyň ýüzüne galyňdan çalan gülgüne reňki, onuň pitiniň tutawajyna meňzeş
wesmeli gaşlary, sürme çalnan gözleriniň töweregindäki gorkunç gara halkajyklary halamazdym. Ýöne bularyň barynyň täleýi keç aýalyň adamsyny yzyna dolajak bolup edýän hilesidigine, gözgyny
işdigine göz ýetiremsoň, ýüregim awap gitdi.
Ol bolsa şol gürrüň berip otyrdy:
— Ärimiň gözüne gowy görünjek bolup, çagalaryň agzyndan kesip, reňk, wesme, sürme satyn
alýaryn, täze gelen gelin ýaly, bezenip çykýaryn. Emma hiç zadyň haýry ýok. Ony dogalapdyrlar
diýýän-ä...
Indi gapynyň jygyldysyny eşitdigim, yzyma gaňrylmasam hem şummaňlaý goňşymyň gelendigini bilýärdim.
— Sen işlimiň, doganjygym? Bir minutlyk girmäge rugsat edäý.
Ýekelikden ýaňa ýüregim gyýylyp duransoň, bu ses meni heýjana getirýärdi. Men syýagalamymy bir ýana goýup, ýellenen barmaklarymy ýazyşdyrýardym we goňşymyň öz söýgüsi hakyndaky
ýürekgysgynç, boýdan-başa ýat tutan hekaýatymy öňkim ýaly lezzet bilen diňlemäge oturýardym.
***
Meniň äpişgämden beýik dag görnüp durdy. Ilki-ilkiler ol maňa owadan görünse-de, soň-soňlar
ýüregime düşüp ugrady. Eger adam bu dumanly gerişlerde gezim etmejek, şemala saçlaryny oýnatmajak, geýimleriniň etegini galgatmajak bolsa, eger-de ol bu kert gaýalarda bökjekläp, şatlanmajak
bolsa, onda bu zatlaryň bary nämä gerek?
Wah, meniň öýden gaçyp gidip, telim sagatlap düzlerde entän günlerim kaýda galdy?
Meniň bagyň gözeneklerine kakyp, agaçlaryň gür şahalaryny daşlap, guşlary gorkuzan döwürlerim nirede? Anadola düşjek bolup jan etmäm hem, esasan, şol öňküsi ýaly, garagolluk etmek üçindi
ahyryn.
Çagalykdan surat çekmäni halaýaryn. Surat çekmek, göwnüme bolmasa, meniň iň ýokary baha
alýan ýeke-täk sapagymdy. Diwarlara gara ýa dürli galam bilen surat çekenim, heýkelleriň mermer
daşlaryny agardyp çykanym üçin, baý, maňa näçe käýýäp, näçe çäre görüpdiler-ä! Stambuldan gaýdanymda, surat çekmek üçin ýanym bilen bir petde kagyzdyr reňkli galam alyp gaýdypdym. Ynha,
indi ýeke halyma ýazmakdan irsem, surat çekip başlaýardym, bu pişe maňa teselli berýärdi. Hatda
biri gara galam bilen, beýlekisi akwarel bilen Hajy kalfanyň iki suratyny çekmäge synanyşypdym.
Suratlaryň näderejede asyl nusgasyna meňzeşligini anyk bilmesem-de, Hajy kalfa gözüniň ýada burnunyň aýratynlyklaryndan bolmasa-da, taýpy kellesinden, uzyn murtundan, ak öňlüginden özüni tanady we meniň ussatlygyma haýran galdy.
Goja ýaltanman, bazardaky dükanlaryň baryna aýlanyp çykdy, arzanja atlaz, mahmal, ýüpek,
dürli monjuklar satyn alyp, gyzyna suratlary üçin çarçuwa tikmegi tabşyrdy.
Ýüregimiň gysýanlygyny aňyp, Hajy kalfa meni öýüne myhmançylyga çagyrdy. Aýalynyň
aýawlylygynyň arkasyndan Hajy kalfa gowy jaý salnypdyr we eliniň boş wagty öýdäkileriň kömegi
bilen ony ýaşyl reňk bile reňkläpdir.
Ol jaý çuň jaryň golaýynda ýerleşýärdi. Eger-de çyrmaşyklar bilen örtülen bagyň agaç haýatyna
ýapyşyp aşak jaryň düýbüne seretseň, derrew başyň aýlanyp ugraýardy.
Bu bagda Hajy kalfanyň maşgalasynyň arasynda bolan günlerim bagtly döwürdi.
Newrik hanym Samatýede(Stambulyň bir etraby) önüp-ösüpdir.Adamsy ýaly ol irimçik, sada, alçak
hem mähirli aýaldy.
Ol meni ilkinji gezek görenden:
— Gyzym, sizden meniň üçin eziz Stambulyň ysy gelýär! — diýdi-de, saklanybilmän meni
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 10
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.