Latin

Saýrak Guşy - 16

Total number of words is 3767
Total number of unique words is 2191
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kalfanyň öýüne pyýada birnäçe minutda baryp bolýardy. Has gowy tarapy-da, ony kireýine ähli goşgolamy bilen birlikde berdiler.
Düýn wagtymyzy keýpiçag geçirdik. Öýümizi tertibe salyp,syryp-süpürip, goşlary ýerli-ýerinde
goýuşdyrmakçydyk. Ýöne diýenimiz bolmady. Gülmekden, kowalaşmakdan, oýnamakdan başga zada elimiz degmese nä! Ylaýta-da, Munise biçäre gözüniň görýänine ynananokdy. Özüni köşge giren
däldirin öýtmedi. Ýöne bizi Mazlum weli (Mehmet çopanyň peşgeş beren owlajygyna şeýle at dakypdyk) örän gorkuzdy. Garagolja owlak aşhananyň açyk gapysyndan baga tarap atylyp çykdy-da,
bagdan hem minaranyň diwary ýaly uçut, çuň jara tarap gaçyp gitdi. Ýene biraz ädäýse, jara dik
başaşak gaçjak ekeni. Gowy ýeri, bu jandaryň aýaklary adamyňkydan çalasyn hem ýüwrük. Emma
ony tutýançak, baý, tolgundyg-a.
Hawa, öýümizden göwnümiz hoş. Munise içki howlynyň mawy kafel düşegiň üstünde taýyp
hezil edýär, diwarda çekilen gülleri eli bilen sypalaýar. Ýöne, ynha, agşam iňrik garalyp başlaýar
welin, ýüregimiz gysyp ugraýar. Goňşularymyza elleri düwünçekli kakalary, doganlary gelýär. Bize
bolsa şol wagt gelip-gidýän ýok. Hemişe-de şeýle bolar.
Bu ýeriň bahary şeýle gözel — daş-töwerek ýaşyl mahmala bürenýär. Bagymyzda dürli güller
ösüp otyr. Äpişgämiň erňeginde çyrmaşyk dyrmaşyp dur. Bagymyzyň ýanyndaky jar bolsa zümerretden guralan şarlawuga meňzeýär. Paşyrdap oturan gök otlugyň içinde gülälekler çym gyzyl bolup
otyrdy. Boş wagtymy şu bagda geçirýärdim. Munise ikimiz gizlenpeçek oýnaýardyk, ýüpden bökýärdik, ýadanymyzda bolsa, surat çekmäge başlaýardym. Munise owlajygy bilen gök otuň üstüne süýnýärdi. Ýene-de žiwopise höwes döredi. Ynha, birnäçe gün bäri suwluboýagda Munisäniň suratyny
çekýärin. Eger bezzatjyk gymyldaman dursa, suraty bireýýäm çekip gutarardym. Emma suratçynyň
öňünde şo durşuna durmak onuň ýüregine düşýän bolarly. Başy meýdan güllerinden örülen gül desseli, ýalaňaç elleri owlajykly onuň sabyrtakady ýokdy. Käte Mazlum däliräp, inçejik uzyn aýajyklary
bilen bökjekläp, deprenip başlaýardy. Şonda Munise syçrap ýerinden turýardy-da:
— Abajygym, çynymy aýdýaryn, ýuwaşja oturjak-la welin, Mazlumedenok. Ol elimden sypyp,
gaçsamen näme edeýin? — diýýärdi.
Oýunlyga salyp, dodaklarymy çömmeldýärdim-de:
— Hiläňe düşünýän däldirin öýdýäňmi, mekirje gyz? Sen bilgeşleýin owlagyň içini gyjyklaýarsyň — diýýärdim.
Mekdepdäki işim hem gowy. Müdir Rejep ependiniň menden göwni hoş. Dogry, ol gülmäni
juda gowy görýänligim üçin käte gaharlanýardy. Ol bir gezek:
— Häzir bol. Seň üçinem «çipsy» getirerin — diýdi.
Ýene-de dodaklarymy çömmelden boldum-da:
— Nädeýin, Rejep ependi?.. Ýokarky dodagym juda kelte. Şonuň üçin hem agras wagtlarymam
gülýän ýaly bolup görünýärin — diýip jogap berdim.
Rejep ependi daşary ýurt dillerine hormat goýýar, hatda bir ýerden fransuz harplygyny tapyp,
ony bogunlara bölüp okaýan ekeni. Käte ol menden sözleriň manysyny sorap, galamy bilen okuw
kitabynyň gyrasyna ýazyp alýardy.
Şeýh Ýusuf ependi bilenem aram örän gowy. Sypaýy, gamgyn, näsag adamy sulhum alypdyr.
Ol gussaly, mährem sesi bilen maňa, gör, nähili ajaýyp zatlary gürrüň berýärdi. On gün mundan ozal
örän geň bir waka boldy. Mekdebimizde köne, gerekmejek zatlar goýulýan, ulanylmaýan zal bardy.
Ol ýere gündiz okuw jedwelini alaýyn diýip giripdim. Äpişgeleriň gapylary ýapykdy,şonuň üçin hem
garaňky düşen ýaly bolup görünýärdi. Töweregime garanjaklanymda, burçda tozan basyp giden organa(Organ — köplenç ybadathanalarda çalynýan, gurluşy boýunça pianino meňzeş saz guraly.) gözüm düşdi. Ýüregim şadyýan
urup başlady. Gaýga batdym. Çagalygymyň bagtyýar günleri gaýgy-gamly, dabaraly organ mukamlarynyň arasynda geçipdi. Guralyň ýanyna ýatdan çykarylan dost guburynyň başyna barlyşy ýaly,
tolguna-tolguna bardym. Bu ýere näme üçin gelenligimi hem, nirede duranlygymy hem unudypdym.
Aýagym bilen aýakbasary assa basyp, barmaklarymy düwmelere degirdim. Organdan ýuwaşlyk bilen
çykan agras ses ýaraly ýüregiň töründen gelýän ýalydy. Wah, bu sesi diýsene!
Hiç zadyň pikirini etmän, oturgyjy organyň ýanyna süýşürdim, onda oturyp, ýuwaşlyk, örän
ýuwaşlyk bilen gowy görýän heňlerimiň birini çaldym. Organ ýaňlanýardy, men bolsam süýji uka
batan ýaly, kem-kemden bütin dünýäni unudýardym. Bilim alan mekdebimiziň ýarym garaňky dälizleri ýekän-ýekän göz öňümde peýda bolýardy. Şol dälizlerden saçlary kelte gyrkylan, gara öňlükli
joralarym topar-topar bolup geçişip durdy. Näçe wagtlap saz çalanymy, bu täsin düýşüň näçe wagta
çekenini bilemokdym. Birden ýeňsämde kimdir biri uludan dem aldy. Göwnüme bolmasa, agajyň
ýapraklarynyň arasyndan sergin şemal geçen ýaly boldy. Tisginip, yzyma öwrüldim. Garaňkyda Şeýh
Ýusuf ependiniň solgun ýüzi göründi. Ol boýnuny burup, döwük şkafa söýenip, saz çalşymy diňleýän
ekeni. Onuň bolup durşunyň özi çuňňur hasratdy.
Ol saklananlygymy görüp:
— Çal, balam, çal. Haýyş edýärin — diýdi.
Hiç hili jogap bermän, organyň üstüne egildim-de, tä gözümdäki ýaş kepeýänçä çaldym. Endam-janym soka salnan ýaly, ýadaw halda ýerimden galdym, demimi sojap-sojap aldym.
— Feride hanym, saza ukybyňyz-a güýçli eken. Gör, ýüregiňiziň duýgurlygyny! Haýranlar galýan!.. Çaga kalby gam-gussany neneň şeýle çuň duýup bilýärkä?..
Men biperwaýlyga salyp:
— Bular dinisenalar, ependim... Olaryň özi juda gamgyn-da. Gussa kalbymda däl-de, sazda-da
— diýip jogap berdim.
Ýusuf ependi maňa ynanmady, ol başyny ýaýkap:
— Özüme sungat ussady diýemok... Ýöne saz böleginiň artykmaçlygy seljerileninde, onuň haýsy ýeriniň saz düzüjä, niresiniň ýerine ýetirijä degişlidigini kesgitlemekde hiç haçan ýalňyşman.Aýdymçynyň sesinde bolşy ýaly, sazandanyň barmaklarynda-da özboluşly tolgunma bolýar... Ol duýgur
ýüregiň gussasyndan döreýär. Siz maňa käbir senalaryň notalaryny berip bilmersiňizmi? — diýdi.
— Men ýatdan çaldym, ependim. Onsoň notalaryny nireden bileýin?
— Aýby ýok... Ýene bir gün organda gaýrat edip çalyp berersiňiz,sadyk guluňyz bolsa razylygyňyz bilen ony depderine ýazyp alar. Sadyk guluňyz bir ruhanydan organy satyn aldy, ol indi aýatda
diri däl.Çünkisaz gurallaryna höwesek men, hanym ependi. Organy otagymyň bir burçunda goýdum.
Siziň çalan senalaryňyzy çalaýjakdym...
Şeýdip, gürleşip, zaldan çykdyk. Hoşlaşjak bolanymyzda Şeýh Ýusuf ependi:
— Göwnüçökgün wagtym ýazan sazlarym bar. Olary heniz hiç kim diňläp görenok. Olara hiç
kimiň düşünmejegini bilýärin. Enşalla, olary bir gün size çalyp bererin... Niçik görýäňiz, hanym? —
diýip wada berdi.
Bu waka Şeýh Ýusuf ependi bilen gatnaşygymyzy has-da pugtalandyrdy. Men saz düzüjiniň
çalyp berjek diýen sazlaryny öň eşitmändim, ýöne olaryň ajaýyp sazlardygyny çak edýärin. Göwnüme bolmasa, bu keselbent, duýgur adam adaty bir agaç bölegine elini degirse, ol şobada perýat edip
ugraýjak ýalydy. Telim gün mundan öň mugallymlarymyzyň biri oňa satyn almakçy bolýan uduny(Ud
— gündogar saz guraly.) görkezmäge getirdi. Şeýh Ýusuf ependi guralyň tarlaryna çala el degirdi welin, göwnüme bolmasa, ol inçe barmaklar uda däl-de, ýürek tarlaryma kakan ýaly boldy.
***
B..., 5-nji maý.
Düýn mugallymçylyk ahlagyna gelişmejek bir zat edäýdim öýdýän. Indem bularyň barynyň
üstüniň açylaryndan gorkýan.Eden işimiň telekdigine düşünýärin. Ýöne nädeýin? Ýüregimiň emrini
etdim-dä.
Her mugallym hepdede bir gezek gije nobatçylyk etmek üçin mekdepde galýar. Düýn meniň
nobatymdy. Agşam gyzlar synp otaglarynda sapaklaryna taýýarlanyp otyrka, Şehnaze hanym bilen
mekdebe aýlanyp çykdyk. Birsynp otagynda gaz çyrasynyň onçakly ýiti ýanmaýandygyny görüp,
içerik girdik. Muawin hanymyň başarmaýan işi ýokdy. Ol oturgyjy diwaryň ýanyna süýşürdi-de, çyrany barlap başlady. Şol wagt otaga tam süpüriji garry girdi. Ol yzky partada oturýan Jemile atly
gyzyň ýanyna bardy-da, oňa bir hat uzatdy.
Birden Şehnaze hanym: — Dur, Äşe! Onyň nämedir? — diýip gygyrdy.
— Hiç zat... Gapy sakçysynyň ýanynda Jemile hanyma bir hat goýupdyrlar.
— Hany, ony bäri ber. Okuwçy gyzlara gelýän hatlary ilki özümiň okamalydygymy size näçe
gezek aýtdym! Paňkelle!
Ine,şu ýerde garaşylmadyk bir waka boldy.Jemile şobada ýerinden syçrap turdy-da, tam süpürijiniň elindäki haty kakyp aldy. Şehnaze hanym parahat durşuna:
— Hany,Jemile, ýanyma gel... — diýip buýurdy.
Jemile gymyldamadam.
—Ýanyma gel diýdim. Näme üçin diýleni edeňok,Jemile?
Horja, keselbent Şehnaze hanymyň sesi şeýlebir azmlydy welin, oňa titräp gidipdirin. Synpa
agyr ümsümlik aralaşdy. Hatda siňegiň uçuşy hem eşidilip durdy.
Jemile başyny aşak salyp, ýuwaşjadan ýanymyza geldi.
Ol on alty ýaşly görmegeý gyzdy. Onuň hemişe joralaryndan gaça durýandygyny, bagyň çola
gyralarynda içini gepledip gezýändigini görýärdim. Jemile sapak wagty hem aljyraňňy, tukatdy.
Gyzy ýakyndan synlap, onuň bir derdiniň bardygyna düşündim. Onuň ýüzünde gan-pet ýokdy,
dodaklary solgundy. Ol birsyhly gözlerini gyrpyldadýardy, onuň gabaklary çekýärdi.
— Jemile, haty bäri ber!
Şehnaze hanym gahardyr çydamsyzlyk bilen aýaklaryny tarpyldatdy.
— Ýeri, indi näme garaşýarsyň?
— Näme üçin, hanym ependi, näme üçin?
Bu «näme üçin», bujagaz gysgajyk jümlede ünjüli garşylyk ýaňlanýardy.
Şehnaze hanym çalasynlyk bilen elini uzatdy-da, gyzyň barmaklaryny ýazyp, haty garbap aldy.
— Hany, indi ýeriňe geç! Şehnaze hanym hatyň salgysyna göz gezdirdi, onuň gaşlary ýazylyp
gitdi. Emma ol şobada özüni dürsedi. Synpda ýene-de dym-dyrslyk höküm sürdi, ýöne gyzlaryň tolgunýanlygy hem göründi.
Şehnaze hanym:
—Hat Jemiläniň Siriýadaky doganyndan gelipdir. Ýöne ol başda diýenimi etmänsoň, haty ertirden öň bermerin — diýdi.
Okuwçy gyzlar ýene-de kitabyna egildi. Bosagada bildirmän yzyma gaňryldym. Yzky partalarda oturýan birnäçe gyz döwre gurap, nämedir bir zat barada pyşyrdaşýardylar. Jemile kellesini parta
goýup otyrdy, eginleri çalaja titreýärdi.
Dälizde Şehnaze hanyma:
— Siz gyza örän gaty daradyňyz. Ol nädip ertire çenli çydap otursyn? Onuň häzirki ýagdaýynyň
nähili ezýetli, nähili agyrdygyny kim bilýär? — diýdim.
—Gyzym, azaragalmaň.Jemilehatyhiçhaçanokamajakdygyna düşündi — diýip, Şehnaze hanym
jogap berdi.
—O nähili beýle, Şehnaze hanym? Eýsem,siz oňa haty bermekçi dälmi? Ol hat onuň doganyndan ahyryn!
— Bermen, gyzym!
— Näme üçin?
— Sebäbi ol doganyndan däl. — Şehnaze hanym sesini peseldip,sözüni dowam etdirdi. — Jemile örän barly ýeriň gyzy. Şu ýyl ol ýaş leýtenanta aşyk bolupdyr. Ýöne gyzyň kakasy olaryň durmuş
gurmagyna kes-kelläm garşy. Gyz öýlerinde-de, mekdepde-de göz astynda. Leýtenanty Bandyrma
geçirdiler. Biz kem-kemden gyzy bejerjek bolýarys. Emma leýtenant birsyhly onuň ýarasyny gozgap
dur. Eýýäm üçünji haty elime düşýär.
Şehnaze hanymyň iş otagyna girdik. Ol çalasynlyk bilen haty mynçgady, pejiň agzyny açybam
kagyz tokgasyny onuň içine zyňyp goýberdi.
***
Ýarygijedi. Nobatçy mugallymlaryň otagynda otyrdym, gözüme uky gelenokdy. Ahyrsoňy ýüregi bire bagladym. Nobatçy hyzmatkäri bir bahana bilen bir ýere ýollap, Şehnaze hanymyň iş otagyna tarap ugradym. Otag boşdy, tutusyz äpişgelerden Aýyň öçügsi şöhlesi düşüp durdy. Ogry ýaly
galpyldap, pejiň gapysyny açdym-da, düýrlenen, ýyrtylan hatlaryň üýşmeginden biçäre Jemilä iberilen haty tapdym.
Nobatçy bolýan gijelerim, hemmeleriň süýji ukuda ýatan wagty dälizlerde, ses-üýnsüz garaňky
otaglarda gezmelemäni gowy görýärdim. Düşekde üsti açylan gyzyň üstüni ýapýardym, ukuda ýatyrka-da üsgülewükden ezýet çekýän nähoş gyzyň ýorganyny düzedýärdim, onuň lap-lap gyzýan maňlaýyny ýuwaşja elläp görýärdim. Mele saçy ýassygyň üstüne ýaýlyp ýatan gyza seredip hem «Onuň
ýarym açyk inçe dodaklary, haýsy şatlyk, haýsy umyt bilen gülümsireýärkä?» diýip, öz-özümden
soraýardym. Göwnüme bolmasa, ukuda ýatan gyzlaryň bu garaňky,sessiz ýatakhanasyny agyr bir
düýş dumany gaplap alan ýalydy. Şol dumany dagatmazlyk hem-de biçäreleri iru-giç elden giderjek
bu düýşlerinden oýarmazlyk üçin daraklygyma basyp ýöreýärdim, şonda ýüregim ýuwaşja tarsyldaýardy.
Şol gije Jemiläniň ýatan ýerine baranymda, görgüliniň ýap-ýaňyja uka gidendigini aňdym. Onuň
kirpiklerindäki gözýaşlar kepäp hem ýetişmändir, onuň üstüne adaja egilip:
— Eýjejik bagtyýar gyz, ir bilen öňlügiň jübüsinde söýgüliňden gelen haty görüp, nähili begenjekdigiňi bilemok. Senmüdimi ýitirilen bu kagyzjygy haýsy sahawatly perişde getirip gitdikä diýip,
öz ýanyňdan geňirgenersiň, Jemile! Ol perişde däl! Ol, bary-ýogy, edeni ugruna bolmaýan bir betbagt
biçäredir! Ol ýigrenýän kişisinden gelýän hatlary elmydama ýakmaly, öz ýüreginiň bir bölejigi bilen
birlikde ýakmaly bolýan zenandyr!
***
B..., 20-nji maý.
Düýn mekdepde okuwlar tamamlandy. Üç günden soňam synaglar başlanýar. B.-niň ähli zenanlar mekdepleri maý baýramçylygy mynasybetli şäherden pyýada bir sagatlyk aralykda akyp ýatan
derýajygyň boýunda gezelenç guradylar.
Şowhunly dabaralary halamok, şonuň üçin hem hiç ýaňa gitmän, wagtymy bagda geçirmegi
ýüregime düwdüm. Emma köçelerden aýdym aýdyşyp barýan okuwçylary gören Munise dommarylyp başlady. Ony köşeşdirmäge durdum. Birden derweze kakyldy. Olar kärdeşim Wasfiýe bilen soňky
synpda okaýan gyzlar ekeni. Müdir Wasfiýäni meni hökman gezelenç edilýän ýere getirmeli diýip
ýollan ekeni. Ýaş zenan Rejep ependiniň gaharynyň gelýändigini gürrüň berdi. «Hudaý bar, ýörite
onuň üçin owlak kaklamagy, halwa taýýarlamagy buýurdym ahyryn. Heý, beýle-de bir edepsizlik
bolarmy?! Bolmaz, ezizlerim, bolmaz!» diýip, ol gaharlanýarmyş.
Okuwçylarym barada aýdanyňda bolsa, olary ýokary synpyň gyzlary iberipdir, özlerine-de:
«Eger ýüpek gurçugy gelmese, bizem gezelenji taşlarys» diýip sargapdyrlar.
Ýüpek gurçugy — bu täze adymdy. Indi Çalyguşy ýok. Indi ýüpek gurçugy peýda boldy. Ýokary synplaryň okuwçylary şeý diýip, ýüzüme aýtmaga-da çekinenoklar.
Dogrymy aýtsam, bu lakam meni kemsidip, mugallymlyk mertebämi peseldýärdi. Ol mekdepden daşary ýaýramadyk bolsa, zeýrenjek hemdäl welin, düýn haýsydyr bir kofehananyň duşundan
geçip barýarkam, aýdyşlaryna görä, ýüpek söwdasyny edýän örän barjamly, giň jalbarly, mintanly(Mintan — ýeňli penjek.) gödeňsi kişi:
— Sekiz tut agajym bar. Goý, olaryň sekizisi hem şol Ýüpek gurçugynyň gurbany bolsun!—
diýip, uly ili bilen gygyryp dur.
Utanjyma ýer ýarylmady, men girmedim. Gaýdyp ol köçä aýagym sekmen. Kyn güne düşdüm:
eger kejirligime tutup, boýun towlasam, olar: «Hötjetlik edýär!» diýşip üstümden güljek. Örtügimi
atynyp, gyzlaryň yzyna düşdüm.
***
Derýanyň kenary giden çopantelpekli çemenzarlyk ýalydy. Kiçi synplaryň okuwçylary ak köýneklidi. Elhepus, bu ýerde zenan mekdepleriniň köpdügini! Ýaşyl baglaryň arasy bilen geçýän egrembugram ýodajyklardan okuwçy gyzlar aýdym aýdyşyp, yzyny üzmän geçip durdy. Erkek mugallymlar
derýajygyň beýleki kenaryndaky gyrymsylyga üýşüpdi. Ýanymyzda diňe Rejep ependi galypdy. Ol
egni mawy lybasly, eli ullakan gara saýawanly aýlanyp ýörşüne gygyryp, gapdalymyzda daşdan ojak
ýasaýan aşpezlere tabşyryk berýärdi.Mugallymlardyr uly gyzlar örtüklerini taşlap, kelleýalaňaç oýnamak isleýärdi. Olar eslisalym höre-köşe edip,Rejep ependini erkek mugallymlaryň ýanyna ugratdylar.
Bu gün, näme üçindir, märekä goşulyşyp bilemokdym. Gyzlaryň gaýgy-aladasyz şatlygy, begenji, birhili, ýüregimi gysdyrýardy, oýa batyrýardy.
Gapdalymyzda başlangyç synplarda okaýan gyzjagazlar saza goşup, aýdym aýdýardy. Birneme
aňyrrakda ýaş gyzlar itekleşip, gygyryşyp top ýa-da garakçylar oýnuny oýnaýardylar. Ondanam aňyrda okuwçy gyzlar başly-barat üýşüşip, goşgy okaýan, belki, nutuk sözleýän joralaryna el çarpyşýardylar. Munise märekäniň içinde gözden ýitdi, eýsem, ol garagol ýanymda tukatlanar oturar öýdýäňizmi? Golaýda, jaryň gyrasynda kaştan agaçlary ösüp otyrdy, ol ýerde ýaş mugallymlardyr ýokary synp
okuwçylary hiňňildik gurupdyr. Agaçlaryň gür ýapraklarynyň arasynda dürli reňkli köýnekler gaýmalaşýardy, ähli ýerde çasly sesler, gülki eşidilýärdi. Hiç kime görünmän derýajyga indim, uly gaýanyň kölegesine baryp oturdym. Kenarda daşlaryň arasynda inçejik sary güljagazlar ösüp otyrdy. Olary
ýolup, aýagymyň golaýyndan çaýkanyp akýan suwa taşlaýardym. Oý-pikirim alysdady.
Birden arka tarapdan biri inçejik sesi bilen:
— Tapdym... Ýüpek gurçugy bärde ekeni!.. — diýip gygyrdy.
Asyl, hiňňildikde uçurmak üçin meni gözläp ýören ekenler. Gyzlar meni zor bilen diýen ýaly
kaştan agaçlarynyň ýanyna eltdiler. «Uçup biljek däl, ýadadym, uçup bilemok!» diýip boýun gaçyrdym. Eýsem, olara gep düşündirip bolýarmy! Ne kärdeşlerim, ne okuwçy gyzlar — hiç kimiň hiç zat
eşidesi gelenokdy. Gara gözleri içiňden geçip barýan şol Mürüwwet hanym her edip, hesip edip, meniň bilen uçmaga höwes bildirdi. Biz tagta mündük. Emma meňki bolmady: ellerim titräp, dyzlarym
epilip ugrady. Hiňňildige bat berjek bolup, Mürüwwet biçäre azara galdy. Ahyrsoňy:
— Bary biderek, Ýüpek gurçugy! Sen, hakykatdanam, hiňňildikden gorkýan ekeniň! Esgi ýaly
agardyň. Ýöne ýykylaýmaweri... — diýip, ol hem uçmasyny goýdy.
Günorta nahar wagty Rejep ependi ýanymyzda boldy. Keýpsizligim onuň hem nazaryndan sypmady. Ol:
— Eý, bezzat, güleňok-la? Gülme diýsem-ä, hezil edip gülýäň. Indi neçüýn tukat? — diýip,
birsyhly gygyryp ýördi.
Ol nahardan soň hem rahatlyk bermedi, meniň üçin ýörite mekdepden semawar getirtdi, ol çaýy
hut öz eli bilen demlemekçi eken.
Birden mugallymlaryň biri uzakdan maňa gygyrdy. Onuň ýanyna bardym. Mugallym:
— Biz hyzmatkäri iberip, Şeýh Ýusup ependä tambur(Tambur — alty tarly saz guraly) getirtdik.Çetiräk
çekilip, Şeýh Ýusuf ependä tambur çaldyralyň. Ýöne bir ýol bilen bu lakgydan dynjak bol—diýdi.
Dogrudan hem, beýle pursady sypdyrmaly däldi. Şeýh Ýusuf ependiniň sazy meni barha özüne
maýyl edýärdi. Mugallym biçäre esli wagt nähoşlap mekdebe gelmändi... Birnäçe gün mundan ozal
biz saz düzüjiniň düşekden galandygyny eşitdik. Ynha, bu gün bolsa ol hemmeler bilen bile bahar
baýramyna gatnaşmagy ýüregine düwüpdir.
Aýal mugallymlarymyz bir bahana tapyp, Şeýh Ýusuf ependini erkekleriň arasyndan çagyryp
getiripdir. On adam dagy bolduk-da, hiç kime görünmejek bolup, derýanyň gyrasyndaky darajyk adadan gitdik.
Şeýh Ýusuf ependi sagdyn görünýärdi, şähdaçykdy, şadyýandy, özüne ýadan bolaýmasyn diýýänlere:
—Bu ýol bakylyga gitse-de ýadamaryn.Bu gün özümi sagat hem güýçli duýýaryn — diýip bälçireýärdi.
Toparymyzdan biri erkekler bir çete çekilip, arak içýärler, Şeýh Ýusuf ependä hem birnäçe bada
içirdiler — diýip pyşyrdady. Ähtimal, Şeýhiň keýpliligi hem aragyň täsirinden bolsa gerek.
On bäş minut çemesi geçensoň, ýykylan suw harazynyň ýanyna geldik. Bu ýere Şarlawuk diýýän ekenler. Derýajygyň daş kenarlary birden daralyp, çuň derä öwrülýärdi, ol ýere bolsa Gün şöhlesi
setanda-seýranda düşýärdi. Şonuň üçin suwuň astynda daň ýaňy agaran ýaly bolup görünýärdi.
Bu ýerde sesimizi hiç kimiň eşitmejekdigine ynamlydyk. Şeýh Ýusuf ependini gür hoz agajynyň
aşagynda oturtdylar, eline-de tambury berdiler.
Birneme aňyrrakda, töwereginden köpürjikläp suw akýan gerişde oturdym. Emma joralarym
ýene ynjalyk bermediler. Olar:
— Ýok, ýok, bärik gel — diýşip gygyryşdy. — Hökman biziň ýanymyza gel!
Saz düzüjiniň garşysynda oturtdylar. Tambur ýaňlanyp ugrady. Bu saz bütin ömrüme gulagymdan gitmez. Mugallymlar otuň içinde ýaplanyşyp ýatyrdy. Hatda iň doňýürek diýjekleriň hem dodaklary müňküldäp, gözüne ýaş aýlandy. Mele saçlaryny egnime döken Wasfiýäniň gulagyna:
— Şeýhiň saz çalşyny ilkinji gezek mekdepde eşidipdim. Ol duranja bir lezzetdi. Ýöne häzirkiden pesdi — diýdim.
Wasfiýäniň gussaly nazary köp manyly ýylgyrma bilen ýagtylyp gitdi. Ol:
— Hawa-da, munuňam sebäbi: Ýusuf ependi hiç haçan şu günki ýaly bagtyýar, şol bir wagtyň
özündede şu günki ýaly betbagt bolmandy — diýdi.
— Näme üçin? — diýip geňirgendim.
Wasfiýe gözlerime dikanlap seretdi, soňam kellesini ýene egnimde goýdy-da:
— Gepleme. Gel, diňläli — diýdi.
Bu gün Şeýh Ýusuf ependi diňe gadymy aýdymlary aýdyp, köne sazlary çalýardy.Olary öň eşitmändim.Her aýdymdan soň, ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy: «Bolany... Eýsem, ol indi aýtmazmyka? — diýip, içimi gepledýärdim. Emma aýdym yzly-yzyna ýaňlanýardy. Saz düzüjiniň gözleri süzülip, duluklarynyň reňki solukdy, derjigip durdy. Bu süzük gözlerden nazarymy aýryp bilemokdym. Birden onuň solgun ýaňaklaryndan gözýaşyň syrygýanlygyny gördüm. Ýüregim para-para
boldy: eýsem, näsag adamy beýle ýadatmak günä dälmidir? Mundan artyk çydap durup bilmedim,
şonuň üçin indiki aýdymdan soňky arakesmede:
— Belki, siz az-owlak dynç alarsyňyz? Ünjüli görünýärsiňiz... Size näme bolýar? — diýip soradym. Şeýh Ýusuf ependi hiç hili jogap bermedi, diňe özüniň ýarym-ýaş bolup duran päkize çaga
gözleri bilen maňa tarap seretdi-de, gulagyny tambura diräp, täze nagma çalmaga başlady:
Synam ýara, tükeniksiz derdim bar,
Köp gürlesem, ýürek dilim-dilim, ýar.
Ot ölçerip, aýtdyrma sen aýdymy,
Örtenmekden maňa bu gün dünýä dar.
Ýusuf ependi aýdymy tamamlanynda kellesi diýen etmän, tambura tarap gyşardy. Oturanlar
aljyraňňylyga düşdi.
— Muňa biz günäkär. Ony beýle ýadatmaly däldik — diýdim.
Ýaglygymy öllemek üçin daşdan-daşa böküp, derýa tarap ylgadym. Bu ýeňiljek beýhuşlykdy,
hatda başaýlanmak diýse-de boljakdy. Öl ýaglygymy alyp Şeýh Ýusuf ependiniň ýanyna baranymda,
ol eýýäm gözüni açan eken.
— Ependim, bizi gaty gorkuzdyňyz — diýdim. Saz düzüji ysgynsyz ýylgyrdy-da:
— Aýyby ýok... käte şeýle bolaýýar — diýip jogap berdi.
Göwnüme bolmasa, kärdeşlerimiň bolşy geňdi. Olar maňa tarap köp manyly seredişip, bir zatlar
pyşyrdaşdy.
Toparymyz yzyna gelen ýolumyz bilen gaýtdy.Wasfiýe ikimiz iliň soňundan ýöredik.
— Şeýh Ýusuf ependä bir zad-a bolýar. Göwnüme bolmasa, ol gizlin örtenýän ýaly — diýdim.
Wasfiýe ýene maňa tarap köp manyly seredip:
— Feride, açyk gürrüň edýärmiň? Gaty görme welin, muňa ynanyp biljek däl. Eýsem, hiç zat
oslaňokmy? — diýip sorady.
Joramyň ýüzüne geň galmak bilen seretdim.
— Bilýän zadym ýokdur. Bilsem, näme üçin gizläýin?
Wasfiýäniň ynanasy gelenokdy.
— Bütin B...-niň edýän gürrüňini nähili bilmeýärmişiň?
Bu gülkimi getirdi. Egnimi gysdym.
— Sen uly ilden aýra ýaşaýanyma belet ahyryn. Iliň gürrüňi bilen ne işim bar.
Wasfiýe elimden ýapyşdy.
— Feride, Şeýh Ýusuf ependi size aşyk bolupdyr ahyryn!
Garaşylmadyk gürrüňe elim bilen ýüzümi tutanymy hem duýman galypdyryn. Derýanyň boýundaky şatlyk-şagalaňlyk gyzyşypdy. Gyzlar gülüşýärdiler, gygyryşýardylar. Hiç kime bildirmän,
ilden saýlandym, iki bagyň içi bilen geçýän darajyk ýoda düşüp, öýe geldim.
***
B..., 25-nji iýul.
Göwnüme bolmasa, tomus gutarmajak ýalydy. Howa juda yssydy. Şäherde ýekeje gök ýaprak
hem ýokdy. Gün hemme zady ýakyp çürüşdiripdi. Zümerret öwüsýän baýyrlar saralyp-solup ýatyrdy.
Tomsuň gözüňi deşip barýan yssysyndan olar jansyz, manysyz görünýärdi. Oňa ägirt uly kül depesi
diýäýmelidi. Ýürekgysgynçlykdy. Ýüregim gysyp, ölüp barýardym. Şäher boşap galypdy. Okuwçy
gyzlaryň hersi bir ýaňa dagapdy. Mugallymlarymyzyň birentegi hem tomus aýlary B...-den çykyp
gidipdi. Nezihe bilen Wasfiýe käte maňa Stambuldan hat iberýärdiler. Olar bu ýyl Stambulyň has-da
gözeldigini, Bosfordan, Prins adalaryndan lezzet alýandyklaryny, aňrujy ýagdaý bolsa, şol ýerde
galmak isleýändiklerini ýazýarlar.
Dogrymy aýtsam, meniň hem bu ýerde galasym gelenokdy. Şeýh Ýusuf ependili waka juda
gynandyrypdy. Ile görünmäge utanýardym. Täze okuw ýyly başlandygy başga bir ýere geçirmeklerini
haýyş etmekçi. Iň alys ýerlere gitmäge-de taýyn. Goý, ol ýerde kynrak bolsun, goý, köp işläp, ýadamaly bolaýyn. Bu zatlaryň bary hiç. Diňe ýeke galsam bolýar.
***
B..., 5-nji awgust.
Okuwçylarymyň durmuş toýuny, ynha, ikinji gezek görýärin. Bu Zeýnilerdäkiden başgaçady,
şonda Zöhräni Mehmede beripdik. Bu gije Jemile kirpiklerindäki gözýaşy kepemänligi zerarly ýatyp
bilenokdy. Bu gije şu sagadyň özünde Jemiläniň owadan kellesi söwer leýtenantynyň döşündedi.
Ýaşlar söýgüsini goramakda şeýlebir erjel durdular welin, ata-enesi toýa razylyk bermäge mejbur
boldular. Jemiläni hem, edil Zöhräni edişim ýaly, özüm bezedim. Esli wagtdan bäri agşamlara, gezelençlere gatnaşmakdan kes-kelläm boýun gaçyrýardym, emma Jemile öýümize gelip, ellerimi ogşady,
ýalbardy. Geň zat, ol şol gije elinden alnan haty öňlüginiň jübüsine salanyň hut mendigimi aňdymy-
ka? Bilmedim... Ýöne gyzyň ata-enesini ahyrsoňy yran güni onuň şatlykly habary buşlan ilkinji adamy mendim. Näme diýseňem, ol muny aňdymyka öýdýärin. Hawa, Jemiläni özüm bezäp, duwagynyda başyna atdym. Bu ýerde ýaş gyzlaryň saçyna kümüş sapak goşup örmek däbi bar eken, adatça, ony
gelinler dakynýar. Aýtmaklaryna görä, olar bagt getirýärmiş.Aýgytly garşylygyma bakman, Jemiläniň ejesi saçymyň bir tarapyna hem şeýle sapagyň bölejigini dakdy. Nädeýin, kaýyl bolmaly boldum.
Leýtenanty göresim gelýärdi. Ýaşlaryň bagtyýarlyklaryna diňe göremde ynanyp biljekdim. Emma bu
arzuwyma ýetmek miýesser etmedi. Toýdan wagtyndan ir gaýtmaly boldum. Şol agşam aýallar, hemişekileri ýaly, bildirmän meni synlaýardylar, bir-birleri bilen pyşyrdaşýardylar. «Ýüpek gurçugy»
olaryň dilinden düşenokdy.
Ýerli häkimligiň başlygynyň aýaly, durşuna altyn şaýlara, göwhere doňup duran dolmuş zenan
maňa içgin-içgin seredýärdi,soňra bolsa menem eşider ýaly gaty sesi bilen:
— Bu Ýüpek gurçugy, hakykatdan hem, işiňi görübiljeklerden... Ol adamyň ýanyp-bişmesi ýöne ýere däl ekeni... — diýdi.
Mundan artyk çydamak mümkin däldi. Jemiläniň ejesinden ötünç diläp, ýaramaýanlygymy, galmaga ýagdaýymyň ýoklugyny aýtdym. Durmuşa çykýan gyz kärdeşlerimiň arasynda durdy. Garry
aýal elini şol tarapa uzatdy:
— Mugallymlar Jemilä maslahatdyr nesihat berýär, senem, hanym, oňa bir zatlar diýäýmeli
ekeniň.
Gülümsiräp, bujagaz haýyşy ýerine ýetirmäge boýun boldum, gyzy bir gyra çekip:
— Jemile, ejeň menden mugallymyň hökmünde saňa maslahat bermegimi haýyş edýär. Iň gowy
nesihaty öz ýüregiň beripdir. Saňa diňe bir zady maslahat bermekçi... Balam, entek seniň durmuşa
çykjak ýigidiň gelip ýetişmänkä, biri köçede saňa nätanyş aýal garaşýar, ol seniň bilen gizlin bir zat
barada gürleşmek isleýär diýäýse, sen oňa ynanmagyn, şeýle aýaldan gaçgyn, başyňy leýtenantyň
gujurly gursagynda gizlegin... — diýdim. Sözümi Jemiläniň nähili görendigini bir Hudaý bilsin! Ol
mamla. Hatda häzir birinden eşiden ýaly bu sözlerimiň manysy nämekä diýip, öz-özümden soraýaryn.
***
B..., 27-nji awgust.
Şu gün agşam kiçijik bagjagazymyzda şatlyk-şagalaň boldy. Munise ikimiz Hajy kalfanyň maşgalasyny agşamlyk nahara çagyrdyk. Degşip, şäherden birnäçe gyzyl kagyz çyralaryny satyn alyp
gelmegi haýyş etdim. Biz olary badam agajynyň stoluň üstünde eglip duran şahalaryndan asyşdyrdyk.
Bu bezege gözi düşen Hajy kalfa: — Wah, bu agşamlyk däl-de, Onunjy iýul(Türkiýede konstitusion monarhiýanyň
jar edilen güni (köne hasap bilen).) baýramyla! — diýip hezil etdi. Ýylgyrdym-da:
— Bu günki agşam meniň Onunjy iýulym-da — diýdim. Hawa, bu agşam azat bolmagymyň
baýramydy. Göni bir ýyl mundan ozal Çalyguşy kapasadan halas boldy. Bir ýyl — munuň özi üç ýüz
altmyş bäş gün. Baý, onuň köpdügini! Agşamlygyň başynda örän şähdaçykdym, birsyhly gülüp ýaňraýardym. Şeýlebir hokga çykarýardym welin, samatýaly hanym gülüp-gülüp, ýarylara gelýärdi. Haýkanuşyň pökgüje ýüzişatlykdan ýaňa ýagtylyp, çyralaryň reňkini ýada salýardy. Hajy kalfa eli bilen
dyzyna urup, jak-jak gülýärdi.
— Gyzym, içiňde bir şeýtanjyg-a ýokdur-da hernä? Bagda gijäň bir wagtyna çenli gülşüp oturdyk. Hoşlaşjak bolanymyzda Haýkanuş bilen Miratyň hersine bir gyzyl çyra peşgeş berdim, şeýdibem
myhmanlary ugratdym. Munise uzynly gününi ylgap geçirensoň, gürleşip otyrkak hem irkilip otyrdy.
Ony ýatmaga ugradyp, bagda ýeke özüm galdym. Gije örän täsindi. Goňşy jaýlarda çyralar öçdi.Asmandaky ýyldyzlaryň astynda dagyň gara, elhenç örküçleri göze ilýärdi.Bagyň sowuk gözenegine
elimimaňlaýyma diräp durdum. Daş-töwerek dym-dyrslykdy. Diňe aşakda jaryň düýbünde şeýle yssyda-da guramaýan derýajyk çalaja ses edip akyp ýatyrdy. Ýyldyzly asmanyň bir bölejiginiň keşbi
derýajygyň suwuna düşüp durdy. Kagyz çyralaryň şemleri ýanyp gutaryp barýardy. Olar bilen birlikde ýüregimdäki şatlygyň hem öçüp-sönüp barýandygyny duýýardym. Kalbym çuň, umytsyz bir garaňkylyga siňip barýardy. Geçen ýylyň röwşen hem-de garaňky günlerini hakydamda aýladym. Eý,
toba! Gör, ol haçan bolupdyr-a! Gaty ir döwürde-le! Entek gujur-gaýratym ýetik... Bedenim sowukdyr jebri-jepalara, beýleki kynçylyklara emgenmän döz gelýär. Belki, ýene-de kyrk, hatda elli ýyl
ýaşaryn. Belki, şonda-da bu hasratly ýeňşiň hasratly ýyllygyny baýram etmeli bolaryn. Eý, Taňrym,
durmuşyň beýle uzakdygyny! Bu ýoluň beýle tükeniksizdigini!
Belki, şonda Munise-de bolmaz. Saçlarym çalarar. Umytly bolaryn, çydaryn. Nähili gowulyk!
Muňa razydym. Ýöne näme üçin? Nämä garaşmaly men? Tutuş bir ýyl özümi alybilmedim, agladym.
Ýöne gözýaşlarym hiç haçan şu günki ýaly ajy däldi. Şonda diňe gözüm aglapdy, bu gün bolsa ýüregim aglaýardy.
***
B..., 1-nji oktýabr.
Ynha, bir hepde bäri okuw dowam edýär. Mugallymlarymyzyň bary diýen ýaly, hatda her edip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 17
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.