Latin

Saýrak Guşy - 08

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 2086
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýat adamlar däl. Gije enekäňkide bol, men bolsam şu golaýda ýaşaýan ýoldaşymyň öýüne baraýyn»
diýdi.
Meniň gürrüňim onçakly ynandyryjy däldi. Şonuň üçin bu sada adamlar oňa idili ynanmadylar,
emma «hanymy» bir gije myhman almak olar üçin uly mertebedi, onsoň olar sorag berip ýürege-de
düşmediler.
Ertesi ir bilen eneke görgüliniň meniň üçin taýýarlan, hoşboý ysly atyr dökülen päkizeje düşegi
boşap galdy. Eger ol bir bolgusyz zady güman edenem bolsa, indi giçdi, guş uçup gidipdi.
***
Şol gije men çyrany söndürip, garaňka ýüzümi tutup, takyk meýilnama taýýarladym, onda
daşyna gyzyl bagjyk oralan diploma uly ähmiýet berildi. Şol güne çenli ol şkafda ýatyp, saralyp
gitmeli bolar diýip oýlanýardym, emma indi bar umydym, arzuw-islegim şol kagyzjyga bagly boldy
oturyberdi, aýtmaklaryna görä, bu diplom diýseň gowy kabul edilýär ekeni. Ine, şol diplom bilen men
Anadoly welaýatlarynyň birinde mugallymçylyk edip hem-de bütin ömrümi çagalaryň arasynda
şadyýan we bagtyýar geçirip biljekdim.
Stambuldan çykýançam, Eýýupsoltanda ýaşaýan, ejem pahyryň enekesi bolan garry çerkes
zenany Gülmisal kalfanyň öýünde gizlenmegi ýüregime düwdüm. Ejem durmuşa çykanda ony-da
eýýubly bir garry garawulbaşa berip, öýli-işikli edipdirler.
Ol ejemi gaty gowy görerdi, emma daýzalarym bilen arasy ýokdy. Enem aýatda dirikä, Gülmisal
käte öýümize gelip, maňa diňe Eýýupsoltanda satylýan dürli reňkli, her hili oýunjaklar getirerdi. Ýöne
enem ýogalandan soň, eneke bize gelmesini goýdy, daýzalarym bolsa ony şobada ýatdan çykardylar.
Sebäbini bilmedim welin, olaryň arasynda bir gep bolan bolara çemeli.
Gepiň keltesi, meniň üçin bütin Stambulda Gülmisal kalfanyň öýi ýaly ygtybarly ýer ýokdy.
Daýzam meniň ýazan hatymy aldygy aglamakdan başga çäre tapyp biljek däldi. Bu dagy hiç!
Ýöne nälet siňmiş ogly barada aýdylanda bolsa, ol nirededigimi biläýende-de gözüme görünmäge
wyždany çatmazmyka diýýärin.
Säher bilen Gülmisalyň öýüne bardym. Howlynyň gapysy açykdy, öý eýesi jaýyň sekisini
ýuwup ýören ekeni. Onuň hyna urlan saçlary ýaglygynyň aşagyndan çykyp durdy, ýalaňaç aýaklary
hammamda geýilýän şypbyklydy.
Men hiç zat diýmän gapynyň öňünde aýak çekdimde, ony synlamaga başladym. Ýüzüm çadyra
bilen örtülgi bolany üçin, Gülmisal meni tanamady.
Gülmisal kalfa mawumtyl gözlerini petredip:
— Hanym, size näme gerek? — diýip sorady. Bir-iki gezek ýuwdunyp duranymdan soň:
— Eý, enekäm, sen meni tanaňokmy? — diýdim.
Meniň sesime Gülmisal allaniçiksi bolup gitdi, yzayza tesip, birdenem:
— Eý, hökmi güýçli Allam!.. Eý, hökmi güýçli Allam! Hanym, ýüzüňi açawer! — diýip
gygyrdy.
Men eltorbajygymy howlynyň öl daşynyň üstünde goýup, ýüzümdäki perdäni galdyrdym.
Gülmisal gyryk sesi bilen:
— Güzidäm, Güzidäm gelipdir! Wah, meniň köşejigim — diýip gygyrdy-da, ylgap gelip,
ysgynsyz elleri bilen bagryna basdy. Onuň gözünden boýur-boýur ýaş akdy.
— Wah, balam! Wah, çagam! — diýip, ol horkuldap aglady.
Men onuň sebäbine düşünýärdim. Aýtmaklaryna görä, ulaldygymça, men ejem pahyra has
meňzeýän bolara çemeli.
Onuň köne joralarynyň biri:
— Men Feridäni aglaman diňläp bilmeýärin. Onuň sesi-de, ýüzi-de edil ýigrimi ýaşly
Güzidäniňki — diýerdi.
Gülmisalyň hapa bolýany, ine, şunuň üçindi. Şu duşuşyga çenli men hiç haçan zenan
maşgalanyň gözýaşynyň şeýle ýakymly bolýanlygyny oýuma-küýüme getiremokdym.
Ejem çala ýadyma düşýär. Onuň hakydamda galan keşbi, megerem, reňkleri solşan, sudury
ýitişen, tot-tozan siňen köne surat — bireýýäm ýatdan çykarylan otagda asylgy duran surat ýalydy.
Şol güne çenli bu keşp mende ne hasrat, ne-de şatlyk döretdi. Ýöne görgüli, garry Gülmisal kalfa
«Güzidäm!» diýip gygyranda, men düşnüksiz bir hala düşdüm: birden ejemiň keşbi göz öňüme gelip,
ýüregim gyýlyp gitdi, şondan soň: «Eje, eje jan!» diýip, ulilim bilen aglamaga durdum.
Betbagt çerkes aýaly öz derdini unudyp, meni köşeşdirmäge durdy.
Aglap durşuma:
— Gülmisal, aýtsana, men ejeme gaty meňzeýänmi? — diýip soradym.
— Gyzym, gaty meňzeýäň! Saňa gözüm düşenden, tas däliräpdim. Göwnüme, sen maňa Güzide
bolup göründiň. Allam ömrüňi uzak etsin!
Birsalymdan Gülmisal ýarym-ýaş bolup, äpişgesine daş düşelen howlujyga çykýan otagda edil
çaga ýaly meniň geýimlerimi çykaryşdyrdy.
Onuň äpişgelerine ýuka mata tutulan kiçijik otagynda ilkinji sagatlaryň şatlygyny hiç haçan
ýadymdan çykarmaryn. Gülmisal geýimlerimi çykardy-da, üstüne mata örtülen ýatalga geçirip
ýatyrdy, kellämi dyzyna goýup ýüz-gözümi, saçlarymy sypalap, ejem hakda gürrüň bermäge başlady.
Gülmisal maňa gök başatgyja dolanan bäbegi — ejemi ilkinji gezek eline alan minutyndan başlap, tä
aýra düşmeli bolan gününe çenli bolup geçen ähli zady ýekän-ýekän gürrüň berdi.
Soň menem gürrüň bermeli boldum, başyma düşen ähli hasratymy Gülmisala aýtdym. Ol ilki
gürrüňimi çaga ertekisini diňleýän ýaly, gülümsiräp diňledi, diňe käte bir: «Wah, çagam!» diýip,
uludan dem alýardy. Ýöne öten gije başymdan geçen wakalara we gaçyşyma ýetenimde, şeýle hem
indi hiç haçan köşge gaýdyp barmajagymy aýdanymda, Gülmisal örän tolgundy.
— Feride, sen çagalyk edipsiň... Kamran beý ýazgarylmaly adam, ýöne ol toba edip, gaýdyp
beýle işlere baş goşmazdy...
Öz nägileligimiň ýerliklidigini oňa nähili düşündirsemkäm? Men ahyrsoňy:
— Gülmisal kalfa, mähriban Gülmisal enem, sen meni pälimden dändirjek bolma, gury sözüňi
zaýalarsyň. Seniň öýüňde birki gün bolsam, soň ýat illere gidip, öz elim bilen eklenerin — diýdim.
Garry çerkesiň owalary ýaşdan doldy. Ol ellerimi sypalap, olary yzly-yzyna ogşady,
ýaňagymdan gysyp:
— Heý, men bu ellere dözerinmi? — diýdi. Men garry Gülmisaly dyzyma alyp, yralap ugradym,
ýygyrt basan ýaňaklaryny sypap başladym...
— Entek bu ellere uly howp abananok. Olar näme eder? Diňe bezzatlyk eden çagalaryň
gulajygyny çeker.
Men Anadolydaky geljekki durmuşymy, o ýerde nädip mugallymçylyk etjegim baradaky
söhbetimi şeýlebir şadyýan, şeýlebir gyzykly beýan etdim welin, göçgünliligim Gülmisal kalfa hem
geçdi. Ol diwardaky tagçadan ýaşyl bukjajyga salnan kiçijik Gurhany çykaryp, özüniň meni hiç kime
bermejegine, eger-de biri gözläp gelse, hiç zat tapman boş gitjekdigine kasam içdi.
Şol gün biz Gülmisal ikimiz tä giç agşama çenli öý işlerine gümra bolduk. Öňler men hemişe
taýýar aşyň eýesidim. Kemteresinden, ýumurtga hem bişirinip görmändim. Indi hemme zat
üýtgemelidi. Eýsem, men hyzmatkär ýa aşpez saklap bilerinmi? Häzir ýanymda Gülmisal barka,
ondan öý işlerini, nahar bişirmegi, gap-çanak, kir ýuwmagy, boýun almak aýybam bolsa, jorap
çatmagy öwrenmelidim.
Köwşümi, jorabymy çykaryp, şobada işe girişdim. Gülmisal kalfanyň galmagalyna bakman,
guýudan birnäçe setil suw çekdim we otagyň tagtadüşeklerini ýuwdum, dogrusy, suwa basdyryp
çykdym. Soňra Gülmisal ikimiz guýynyň başynda oturyp, gök önümleri arassaladyk.
«Gök arassalamak» dilde aňsat eken. Asla ol örän inçe iş eken. Ýeralmany arassalaýşyma gözi
düşen Gülmisal:
— Gyzym, sen gabygy bilen olaryň ýarysyny aýyrýaň — diýip gygyrdy. Onuň ýüzüne
geňirgenip seretdim.
— Dogry aýdýaň, kalfa. Aýdanyň gowy boldy. Bolmasa, ömrümiň ahyryna çenli der döküp
satyn alan ýeralmamyň ýaryny reýgan etjek ekenim. Kisämden Gülmisal kalfadan öwrenen zatlarymy
ýazmakçy bolýan kiçijik depderçämi çykardym. Garry çerkes aýalyna sorag baryny ýagdyryp
ugradym:
— Eneke, ýeralmanyň birini näçe kuruşa berýärler?
— Ýeralmanyň gabyklaryny näçe santimetr galyňlykda artmaly?
—Tagtadüşegi ýuwmak üçin näçe setil suw gerek?
Soraglaryma jogap bermegiň deregine Gülmisal gözüni ýaşardyp, hezil edip güldi. Sowatsyz
çerkes zenanyna okatmagyň täze usullaryny nädip öwretsemkäm!
Öý işleri meni gitdikçe gyzyklandyrdy. Agşamdan bäri duýýan agyrylarymyň kiparlap
barýanlygyna begendim.
Gazany oda goýup, biz aşhanadaky arassa boýranyň üstüne geçdik.
— Wah, gadyrly Gülmisal, meniň gitjek ýerimiň nähili gowudygyny bir bilsediler! Arabystan
çala ýadyma düşýär. Elbetde, Anadoly ondan ençeme esse gözeldir. Aýtmaklaryna görä, anadolylylar
bize meňzemeýärmişler. Ýoksul bolsalar-da, göwünleri açykmyş, onda-da, gör, nähili açykmyş!..
Olaryň hiç biri edilen etmiş üçin diňe bir garyndaş ýetim çagany däl, eýsem, duşmanlaryny hem
günertlemäge milt etmeýärlermiş. Ol ýerde kiçijik mekdebim bolar. Ony boýdan-başa güllere bezärin.
Mekdepde köp-köp çaga bolar. Olara adymy «gyz dogan» diýip tutduraryn. Ýoksul çagalara öz elim
bilen gara öňlük tikip bererin. Sen «haýsy eliň bilen?» diýip sorarsyň. Gülen bolma. Men tikinem
öwrenerin. Gülmisal kä güldi, käte bolsa içini çekip, gaşlaryny bürüşdirdi.
— Feride, balam, sen ters ýola düşýäň — diýip, ol birden zeýrendi.
— Kimiň ters ýola düşýänini entek görübiris...
Öý işlerini tamamlap, daýzama hemleli hat ýazdym. Ynha, ondan bir parça.
«... Daýza, men seniň bilen aç-açan gürleşmekçi. Kamran maňa hiç haçan gaty-gaýrym söz
diýmedi. Ol ugursyz, ynsapsyz, biderek adam, hemişe-de gedem, biperwaý, lälik hem gopbam,
doňýürek, ejem ogly saýýan. Onuň sypatlaryny ýene-de sanaýynmy? Ony hiç haçan sulhum
almaýardy. Men ony söýmeýärdim we oňa hiç haçan hiç hili mähir bolmandy. Sen beýle bolsa, meniň
oňa durmuşa çykmaga nähili razylyk berenligimi sorarsyň? Ýöne Çalyguşynyň samsyjak guşdugyny
uly il bilýär ahyryn. Ine, menem şeýle samsyklyk edipdirin, ýöne wagtynda akylyma aýlandym.
Ogluňyz barada beýle erbet pikir edýän gyzyň bagtyýar maşgalaňyza nähili elhenç betbagtlyk
getirip biljekdigine hemmäňiziň düşünmegiňiz gerek. Ynha, şu gün ahyrsoňy sizden aýrylyşyp, ähli
gatnaşyklary kesip, şol betbagtlygyň öňüni aldym we şeýtmek bilen, telim ýyllap siziň öýüňizde
gören ýagşylyklaryma azda-kände ýagşylyk bilen jogap berendirin öýdýärin.
Bu sözlerden soň, siz, hatda adymy tutmakdan çekinersiňiz diýip umyt edýärin. Siz ýene bir
zady bilip goýuň: bu agza alynmasyz sözleri utanman, çekinmän ýazýan gadyrbilmez, bitertip gyz,
eger yzarlap tapaýsalar, geýim ýuwýan aýal kimin ýaka tutuşmaga-da taýýardyr. Şonuň üçin, iň
gowusy, ähli zady, hatda biri-birimiziň adymyzy hem ýatdan çykaralyň. Çalyguşyny, ejesi ýaly, öldi
hasap ediň. Isleseňiz, bir-iki katra gözýaş döken boluň, nätseňiz özüňiz bilýärsiňiz. Ýöne maňa hiç
haçan kömek berjek bolmaň. Ony ýigrenç bilen ret ederin. Men ýigrimi ýaşadym. Indi men özbaşdak
adam. Ýüregimiň küýseýşi ýaly ýaşajak...»
Bu bihaýa hat ýadyma düşende hemişe utanmaly, hemişe aglamaly bolaryn. Ýöne hat hökman
ýazylmalydy, şeýdilmelidi. Bolmasa, daýzamyň özümi gözlemegine, hatda yzarlamagyna hem päsgel
berip biljek däldim. Goý, ol gaharlansyn, gatyrgansyn, ýöne nähak ezýet çekmesin.
***
Ertesi haty aragatnaşyk bölümine elin tabşyryp, bilim ministrligine ugradym. Meniň egnimde
garry Gülmisalyň giň örtügi, ýüzümde galyň çadrasy bardy. Men şeýle geýinmäge mejbur bolupdym:
birinjiden-ä, köçede tanalaryn öýdüp gorkýardym, ikinjidenem, Bilim ministrliginde ýüzüni açyp
gezýän mugallymlary onçakly ygtybarly hasap etmeýärlermiş diýip eşitdim.
Ministrlige barýarkam, batyrgaý we şadyýandym. Göwnüme bolmasa, meseläm aňsatja
çözüläýjek ýalydy, işgärleriň biri meni ministriň ýanyna elter, ol hem diplomymy gören dessine:
«Bolubilýär, gyzym! Biz edil sen ýaly gyza garaşýardyk» diýer we şobada meni Anadolynyň iň bagbakjaly ýerine iberer öýdýärdim. Emma ministrligiň bosagasyndan ätlänimden keýpim gaçyp, meni
tolgunmadyr gorky gurşap aldy.
Egrem-bugram dälizler, birinji gatdan başlap, jaýyň üçegine çenli uzalyp gidýän üznüksiz
basgançaklar we dumly-duşdaky märeke. Ähli soraglar bogazyma tegek bolup, diňe aljyraňňy
ýagdaýda töweregime garanjaklaýardym.
Beýik gapynyň sag tarapynda «Ministrligiň diwanhanasy» diýen ýazga gözüm düşdi. Elbetde,
ministriň iş otagy şol ýerde bolmalydy. Gapynyň öňünde, deşiklerinden ýaýjyklary çykyp duran köne
kürsüde köýneginiň ýeňi altyn jähekli bezemen gullukçy otyrdy. Onuň gopbamsy keşbi gelipgidýänlere bu ministriň hut özüdir diýdirýärdi.
Emaý basyp, onuň ýanyna ýaýdanybrak bardym-da:
— Men ministri görmekçi — diýdim.
Işgär barmaklaryna tüýkürip, uzyn goňras murtunyň ujuny towlap goýberdi, onsoň şalaryňky
ýaly gedem nazar bilen meni birlaý synlady-da:
— Onsoň ministr saňa nämä gerek boldy? — diýip sorady.
— Mugallym bolasym gelýär... — diýdim. Gullukçy murtunyň uçlarynyň nähili bolandygyny
görjek bolup, dodaklaryny gyşartdy:
— Beýle işler bilen ministri biynjalyk edilmeýär. Bar, işgärler bölüminde iş kagyzlaryňy hasaba
goý — diýdi. «Işgärler bölüminde iş kagyzlary hasaba goýmagyň» nämedigini soradym, emma
gullukçy jogap bermelidirem öýtmedi-de, gedemlik bilen ýüzüni sowdy. Oňa çadyranyň aşagyndan
dilimi görkezdim-de: «Eger hyzmatkäri şu bolsa, hojaýyny dagy näteňetkä?» diýip içimi gepletdim.
Basgançagyň gözenekli ugrunda on töweregi setil durdy. Olaryň üstünde bagymyzdaky hiňňildikleriň
üstüne atylan tagtalara meňzeş uzyn agaç ýatyrdy. Bu ýerde, şeýdilip, täsin bir oturgyç ýasan ekenler.
Oturgyjyň üstünde birtopar erkekdir aýal otyrdy. Mawy gözli gartaşan bir aýal ünsümi çekdi, onuň
başyna gara ýüň örtük atylgydy, ol hem alkymynyň aşagynda iňňebagjyk bilen berkidilgidi. Onuň
ýanyna bardym-da, öz kyn ýagdaýymy gürrüň berip başladym. Ol nebsagyryjylyk bilen ýüzüme
seretdi-de:
— Bu işde tejribesizligiňiz görnüp dur. Näme, ministrlikde tanşyňyz ýokmudy? — diýdi.
— Ýok... Belki, bolsa-da bardyr, ýöne men bilemok. Ýogsa-da o nämä gerek? Edýän gürrüňine
görä, mawy gözli bu mugallym tejribeli aýal bolara çemeli.
— Gyzym, muňa siz gijräk düşünersiňiz — diýip gülümsiredi.
— Ýörüň, sizi başlangyç bilim bölümine elteýin. Soň bolsa siz jenap baş müdiri görjek boluň.
Başlangyç bilim bölüminiň müdiri gara sakgally, gür gaşly, kellesi uly, garaýagyz adam ekeni: ýüzi
bolsa durşy bilen mamadişändi. Iş otagyna girenimde ol öz hat ýazýan stolunyň öňünde duran iki
sany ýaş gelin bilen gürleşip oturan eken. Olaryň biri ellerini titredip ýantorbasyndan ýygyrt-ýygyrt
bolan kagyzlary çykaryp, ýekän-ýekän stoluň üstünde goýuşdyrdy. Müdir kagyzlary eline alyp, olary
göwünli-göwünsiz öwrüşdirdi, gollarydyr we möhürleri içgin synlady-da:
— Baryň, diwanhanada adyňyzy bellesinler — diýdi.
Aýallar hoşal bolup baş atyşyp, yza tesdiler.
— Hanym, size näme gerek?
Bu sowal maňa berlipdi. Sakyna-sakyna arzymy aýtmaga başladym. Müdir birden sözümi böldi:
— Mugallymçylyk edesiňiz gelýä-dä, şeýle dälmi? — diýip, ol hemleli sorady.
— Towakgahatyňyz barmy? Öňküden hem beter aljyradym.
— Ýagny siz şahadatnamaňyz barmy diýjek bolýaňyzmy?
Müdir dodaklaryny gyşardyp, ýigrenç bilen gülümsiredi-de, burçda oturan hortaň bir kişä baş
atdy.
— Ýagdaýy görýärsiňiz ahyryn? Adam nädip däliremesin? Bular towakgahaty bilen diplomyň
tapawudyny hem bilenoklar! Onsoň ýene mugallymçylyk wezipesini dileýärler. Soňam hondan bärsi
bolşup, aýlygy az, iberilen ýer daş... diýip hüňürdäp ugraýarlar...
Jaýyň petigi yranyp giden ýaly boldy. Näme diýjegimi bilmän, daşyma garanjakladym.
— Indi nämä garaşýarsyňyz? — diýip, müdir öňküsinden-de gaharly sorady.
— Baryň. Bilmeýän bolsaňyz, bilýänden soraň... Haýyşnama ýazmaly.
Aljyraňlylykda bir ýere ýykylaýmäbilsedim diýip içimi gepledip, çykalga tarap ugradym.
Onýança hortaň adam gürrüňe goşuldy.
— Baý, ependi hezretleri, rugsat berseňiz, men bir zat aýdaýyn. Hanym, men size ak ýürekden
bir nesihat bereýin...
Eý, Alla, ol ýene, gör, nämeleri samrady? Hamala, meniň ýaly zenanlar mugallymçylyga dälde, sungata jan etmelimişler, onsoňam ol meniň mugallym bolup biljegime diýseň şübhelenýärmiş,
sebäbi «beý ependiniň aýdyşy ýaly», men «towakgahaty bilen diplomyň tapawudyny hem
bilmeýärmişim», ýöne beýleki tarapdan, men yhlas etsem, gowy tikinçi bolaýmagym ahmalmyş,
şeýdibem, özüme ölmezödi gazanyp biljekmişim.
***
Basgançakdan aşak düşüp gelýärkäm, gözüm garaňkyrap gitdi. Onýança, biri goltugymdan
ýapyşdy, oslagsyz bu ýagdaýa tas gygyrypdym.
— Ýeri, gyzym, halyň niçik? Ol mawy gözli şol garry mugallym aýal ekeni. Aglamajak bolup,
dişimi berk gysdym. Gahardyr gazap demligimi daraldýardy. Oňa bölüm müdiri bilen bolan gürrüňi
aýtdym, ol mylaýym ýylgyryp:
— Ministrlikde tanşyň ýokmy diýip, men şonuň üçin soradym-da. Ýöne hapa bolma. Belki,
çäresi tapylar. Ýör, seni bir tanşymyň ýanyna elteýin, ol bölüm müdiri bolup işleýär, özem gowy
adam, Taňrym oňa uzak ömür bersin! — diýdi.
Biz ýene-de basgançakdan ýokary galdyk. Ahyrsoňy garry mugallyma meni uly diwanhanadan
arasy tuty bilen bölünen çaklaňja otaga alyp bardy.
Megerem, bu gün meniňki ugruna bolmady. Bu ýerde gören zatlarym umyt baglar ýaly däldi.
Örän geň — ýarysy gara, ýarysy çal — sakgally jenap öňünde gaýyş kimin galpyldap duran garry
hyzmatkär aýalyň üstüne düwläp, aýaklaryny tarpyldadýardy, ellerini kelemenledýärdi. Onuň haly
meniň bir minut ozal düşen ýagdaýyma meňzeşdi.
Ol jenap öňünde duran bulgury alyp, içindäki kofäni, ýuwundy ýaly äpişgeden serpip goýberdide, hyzmatkär zenany itekläp gapydan çykardy. Men täze tanşymyň ýeňinden çekip:
— Gowusy, gidäýeli — diýdim.
Emma eýýäm giçdi. Müdir bizi görüpdi.
— Salam, Naime mugallyma!
Gazaba münen adamyň beýle çalt ýumşaýşyna ömrümde ilkinji gezek duşýardym.
Emeldarlaryň gylygynyň geňligini diýsene.
Mawy gözli mugallym zenan men hakda oňa gysgajyk gürrüň berdi. Bölüm müdir mähirli
ýylgyryp:
— Gaty gowy, gyzym, gaty gowy. Geç, otur — diýdi.
Bu guzy kimin ümsüm adamyň ýap-ýaňyja köçä kofe serpip goýberendigine, garry hyzmatkäri
gapydan çykaryp kowandygyna, tut agajy ýaly edip, onuň çiginlerinden silkeländigine ynanar dagy
eder ýaly däl.
— Hany, gyzym, ýüzüňi aç, göreýin. O-how! Sen entek juda ýaş-la? Näçe ýaşyňda?
— Ýigrimimi dolduryp gelýän.
— Geň göräýmeli. Aý, ol hiç-le... Emma sen welaýata gidip bilmersiň. O ýeri örän howply.
— Näme üçin, ependim?
— Näme üçini bormy? Sebäbi belli.
Müdir ependi ýüzüme ümläp, Naime hanyma birhili yşaratlar edip gülümsiredi, emma men
onuň üçin sebäbiniň düşnüklidigine akyl ýetirip bilmedim. Ahyrsoňy, ol mawy gözli mugallyma göz
gypyp:
— Artyk gürläp oturybiljek däl. Naime hanym, aýal maşgala hökmünde muny sen has gowy
düşündirersiň — diýdi. Soňra ol sakgalyny selkildedip, öz-özi bilen gürleşýän ýaly:
— Wah, ol ýerde nähili wagşyýana, nähili erbet adamlaryň ýaşaýandygyny bir bilsediň! —
diýdi.
— Ependim, men ol erbet adamlaryň kimdigini bilmeýärin, emma siz maňa beýle adamlaryň
ýok ýerini tapmaga kömek ediň-dä — diýip, sadalyga saldym.
Müdir ependi dyzyny şapbatlady-da, öňküsinden hem batly güldi.
— Bäh, bu ne beýle ajap!
Men adamy ilkinji görenimden ony sylamalymy, sylamaly dälmi — oýlanyp başlaýaryn. Ilkinji
täsiriň soň tersine bolup çykýanlygy hiç hakydama gelenok. Bu adam ilkibaşdan göwnümden turup
ugrady. Üstesine, onuň sakgaly-da geňdi: saga öwrülse, ýaş ýigit, sola dönse, ýaş ýigit sumat bolýarda, ýerine şadyýan aksakgal goja peýda bolýar.
— Gyzym, sen mugallymçylyk institutyny şu ýyl gutardyňmy? — diýip, ol menden sorady.
— Ýok, beý ependi, mugallymçylyk institutynda okamadym. Mende «Dames de Sion (Ýewreýleri
katolik dine uýdurmak üçin Alduýs we Teodor Ratisbon tarapyndan 1843-nji ýylda döredilen zenanlar dini guramaçy. Gurama ähli milletler üçin
ýetimler öýlerini we zenanlar mekdeplerini hem döredipdir. Bu gurama katolik dini guramalaryň biri bolup, onuň hataryna dindarlar bilen bir hatarda
ýönekeý adamlaram giripdir.)» mekdebiniň diplomy bar.
— O nähili mekdep bolýar? Men baryny jikme-jik gürrüň berip, müdire uzatdym. Görnüşi ýaly,
ol fransuz dilini bilmeýärdi, emma ol syr bildirmän, resminamamy dürli tarapyndan içgin-içgin
synlady.
— Gaty gowy, gaty gowy!
Naime hanym:
— Eziz beý ependi, siz adamlara ýagşylyk etmäni gowy görýärsiňiz. Bu gyzy hem boş
gaýtarmaň! — diýip haýyş etdi.
Müdir ependi gaşlaryny seňriginiň üstüne eltip, sakgalyny timarlap:
— Gaty gowy, kemi ýok! — diýip seslendi.
— Ýöne bu ýeriň emeldarlary, ähtimal, bu mekdebiň diplomyndan bihabar bolsalar gerek?
Soňra ol, kellesine bir pikir gelen ýaly, eliniň aýasy bilen stoly urdy-da:
— Gyzym, näme üçin sen Stambulyň orta mekdepleriniň birinde fransuz dili mugallymynyň
wezipesini dilemeli dälmişiň. Muny nätmelidigini saňa öwredeýin. Sen gös-göni Stambulyň magaryf
müdirligine git... — diýdi.
— Ependim, bu mümkin däl — diýip, müdiriň sözüni böldüm.
— Men Stambulda galyp biljek däl. Men hökman welaýatlaryň birine gitmeli.
Ol ör-gökden geldi:
— Senem bir zat diýýäň-ow! — diýip, müdir ependi geň galdy. — Anadola meýletin gitjek
bolýan mugallymy ilkinji gezek görýärin. Stambuldan ugratjak bolup, olara näçe ýalbarmaly
bolýandygymyzy sen bir bilsediň! Naime mugallym, muňa sen näme diýersiň?
Müdir ependi meniň haýyşyma ynamsyz garady. Ol sorag baryny ýagdyryp ugrady, maşgalam
barada sorady. Indi ony yryp bilmen öýdüp gorkup başladym.
Ahyrsoňy, müdir ýerinden turman:
— Şahap ependi! — diýip gygyrdy.
Diwanhananyň gapysynda keselbent sypat arryk, keltejik ýaş ýigit peýda boldy.
— Şahap ependi, maňa gulak as... Sen bu gyzy öz diwanhanaňa äkit. Onuň Anadola mugallym
bolup gidesi gelýär. Sen haýyşnama ýaz-da, ony maňa alyp gel.
Işim bir ýüzli boldy diýip hasap edip ugradym. Müdiriň boýnuna böküp, onuň sakgalynyň çal
tarapyny ogşaberesim geldi.
Şahap ependi meni diwanhana eltip, üsti bulam-bujar stoluň başynda oturtdy-da, müdiriň
tabşyran haýyşnamasyny ýazmak üçin maňa sowal üstüne sowal berip başlady. Onuň eşigi
horoşajady. Ýüzi çekinjeň, hatda ýöwsel görünýärdi. Ol sowal bermek üçin maňa gözlerini göterip
seredende, onuň kirpiklerem titräp gidýärdi.
Äpişgäniň öňünde iki sany gartaşan kätip käte biz tarapa äňedip, nämelerdir bir zatlar barada
gürleşip durdular. Birden olaryň biri:
— Şahap, köşegim, sen bu gün gaty ýadadyň. Gel, ol haýyşnamany biz ýazyp beräýeli — diýdi.
Gürrüňe goşulman durup bilmedim. Keýpim birneme gowulanypdy. Şonuň üçinem ekezlenip:
— Bu edaranyň işgärleriniň öz dostlary barada beýle aşa alada edäýişlerini — diýdim.
Ähtimal, beýle diýmelem däldim, çünki Şahap ependi çym-gyzyl bolup, ýüzüni saldy. Belki,
aýtmasyz zat diýendirin. Äpişgäniň öňünde duran kätipler kikir-kikir gülüşdiler. Olaryň diýýänlerini
eşidemokdym, ýöne: «Mugallym hanym juda terbiýeli, juda ýiti bolmaly» diýen sözleri gulagyma
ildi. O jenaplar näme diýjek bolýarka? Olar näme pikir etdilerkä?
Haýyşnamanyň garalamasy telim gezek müdiriň eline düşüp, telim gezek köp sanly gyzyl
bellikler bilen çyzym-çyzym edilip yzyna, diwanhana gaýdyp bardy. Ahyrsoňy, ol arassa edilip
göçürildi.
Müdir:
— Onda häzirlikçe sen boş gyzym. Alla ýaryň bolsun. Saňa elimden gelen kömegimi bererin
— diýdi.
Mundan artyk sorap durmaga ýaýdandym, çünki müdiriň iş otagynda haýyş bilen gelen beýleki
adamlar bardy. Gapydan çykamda, bu kagyz bilen nirä baryp, näme diýmelidigimi bilmän, ýaýdanyp
durdum. Naime mugallymy görerin umydy bilen töweregime garanjakladym, Şahap ependä gözüm
düşdi. Keltejik kätip basgançagyň ýanynda kimdir birine garaşyp durdy. Gözi gözüme düşenden, ol
uýalyp ýüzüni aşak saldy. Göwnüme, ol maňa bir zat aýtjak bolýardy-da, aýtmaga çekinýärdi. Men
onuň ýanynda aýak çekdim.
— Bagyşlaň, munsuz hem size uly iş boldum, ependim. Indi siz maňa bu kagyzlary nirä eltip
bermelidigini hem aýdaýsaňyz?
Şahap ependi başyny ýerden galdyrman, uly bir rehim-şepagat isleýän ýaly, ysgynsyz,
sandyrawyk sesi bilen şeýle diýdi:
— Arzany resmi ýerlerden geçirmek kyn iş, hemşire(Hemşire ― uýa, bajy) hanym. Eger rugsat
berseňiz, onuň bilen, goý, siziň sadyk guluňyz meşgul bolsun. Özüňiz biynjalyk bolmaň. Diňe käte
bir diwanhana gelip gitseňiz bolar.
— Men haçan geleýin? — diýip soradym.
— Iki-üç günden geläýiň.
Meseläniň uzaga çekýänligini aňyp, gaýga batdym.
Bu «iki-üç» gün tutuş bir aýa çekdi. Eger Şahap ependi ymykly ugruna çykmadyk bolsa, ol
entegem, Hudaý bilsin, näçe wagta çekjekdi. Goý, meniň bilen ylalaşmasalar ylalaşmasynlar, ýöne
erkek kişileriň arasynda-da örän ak ýürekli, eserdeň adamlaryň bardygyny aýdaýyn. Bu ýigidiň eden
ýagşylygyny nädip unudaýyn? Gapyda peýda bolan badyma, Şahap ependi maňa tarap okdurylýardy.
Ol basgançaklaryň arasyndaky ýerde garaşyp durardy. Onuň kagyzlarymy alyp, ministrlikde iki
tarapa ylgaýşyny görüp, utanjyma ýere girip bilmedim, onuň ýagşylygyny nädip ýerine saljagymy
bilemokdym.
Bir gezek kätibiň bokurdagyna ýaglyk saralgydygyny gördüm. Ol meniň bilen gürleşende
güňleç üsgürip, sesi gyryk çykdy.
— Siz ýoňladyňyzmy? — diýip soradym.
— Eýsem, beýle halda işe çykmasaňyz bolmaýarmy?
— Şu gün haýyşnamanyň jogabyny almaga geljekdigiňizi bilýärdim.
Biygtyýar ýylgyrdym: bu şo sebäplimikä? Şahap ependi gyryk sesi bilen sözüni dowam etdi:
— Elbetde, başga işler hem bar... Täze mekdebiň açylanyndan habarlysyňyz-la?..
— Belki, maňa-da hoş habar aýdarsyňyz?!
— Bilmedim. Kagyzlaryňyz baş müdirdedir. Ol gelseňiz, öz ýanyna barmagyňyzy sorady...
Baş müdir gara äýnek dakynýardy, bu bolsa onuň onsuzam çytyk ýüzüni beter tutuk
görkezýärdi.
Onuň öňünde bir petde kagyz ýatyrdy. Olary ýekeýekeden alyp, gol çekýärdi-de, ýere taşlap
goýberýärdi. Çal murtly kätip bolsa namaz okaýan ýaly eglipgalyp olary ýygnaýardy. Men
ýaýdanjaňlyk bilen:
— Ependim, siz maňa gelsin diýipsiňiz... — diýdim.
Müdir maňa garaman, gödeklik bilen:
— Sabyr et, hanym, görmeýäňizmi näme?! — diýdi.
Çal murtly kätip gaşlaryny bürüşdirip, garaýşy bilen garaşmalydygymy düşündirjek boldy. Bir
säwlik goýberenime düşündim-de, yza çekilip, tutynyň ýanynda aýak çekdim.
Kagyzlary birýüzli edensoň, baş müdir äýnegini aýyrdy-da, onuň aýnalaryny ýaglygy bilen
süpürip, ahyrsoňy dil açdy:
— Haýyşnamaňyz ret edildi. Äriňiziň iş döwri otuz ýyla-da ýetenok...
— Adamymyňmy, ependim? Belki, ýalňyşlyk gidendir — diýip geňirgendim.
— Eýsem, siz Haýriýe hanym dälmi?
— Ýok. Men Feride, ependim...
— O nähili Feride? Hä-ä, ýadyma düşdi... Gynansam-da, siziň arzaňyz hem ret edildi.
Mekdebiňiz ministrlik tarapyndan synalyp görülmändir. Beýle diplom bilen biz size wezipe berip
biljek däl...
— Be, şeý diýseňizläň... Onda men nätmeli?
Bu bimany jümle agzymdan biygtyýar sypsa nätjek! Baş müdir äýnegini ýene-de burnunyň
üstüne süýşürip, içýakgyç gürledi:
— Onçaklysynyň, gaýrat ediň-de, özüňiz aladasyny görüň. Onsuz hem işimiz özümize ýetik.
Munuň daşyndan siziň hem gamyňyzy iýjek bolsak, onda dat günümize!
Bu meniň ömrümiň iň hasratly pursatlary boldy. Dogrudanam, indi nätsemkäm?
Ýagşymy, ýamanmy, ençeme ýyl yhlas bilen okadym. Goý, ýaş ekenim-dä, ýöne men uzak
ülkelere, ýat ýerlere gitmäge razy ahyryn, emma meni kowýarlar. Nätsemkäm? Ýa-da daýzamyň
öýüne gaýdyp baraýsammykam? Ýok, beýdenimden ölenim gowy.
Ähli umydymy ýitirip, ýene-de jadyly sakgally müdiriň ýanyna ylgadym.
Möňňürmejek bolup dişlerimi berk gysdym-da:
— Beý ependi, meniň diplomym derege ýaranok diýýärler... Indi nätsemkäm?
Dogrudanam, bar umydymy ýitireňkirläp barýardym. Eserdeň müdir ependi meniň ýagdaýyma
özümden hem beter gynandy.
— Gyzym, saňa nähili kömek etsemkäm? Aýtdym ahyryn... Eýsem, seniň hatlaryňy okar
durarlarmy? Adam adamdan bizar bolsa nätjek.
Onuň zeýrenji halys lapymy keç etdi.
— Beý ependi, özüme hökman bir iş tapaýmaly. Hiç kimiň gidesi gelmeýän iň alysdaky obasyna
hem höwes bilen gideýin...
— Tagapyl et, gyzym, hany ýene-de bir synanyşyp göreli! — diýip, müdir, göýä, bir zat ýadyna
düşen ýaly seslendi. Burçda, äpişgäniň öňünde bir uzynak jenap bize arkasyny öwrüp, gazet okap
durdy. Maňa diňe onuň çalaryp ugran saçy we sakgalynyň bir çeti görünýärdi.
— Beý ependi, bir pursatlyk mümkinmidir? — diýip, müdir oňa ýüzlendi.
Eli gazetli jenap bize öwrüldi-de, assa basyp ýanymyza geldi. Müdir eli bilen meni görkezip:
— Beý ependi, siz ýagşylyk etmäni gowy görýärsiňiz... Bu gyzjagaz fransuz mekdebini
tamamlapdyr. Daş keşbinden, söz urşundan asylly maşgaladan bolmaly. Diňe Taňrynyň hiç hili derde
ulaşmaýandygy hem mälimdir. Bu gyz iş gözlemäge mejbur bolupdyr. Iň alysdaky oba gitmäge-de
razy. Ýöne siz biziň... tanaýarsyňyz ahyryn. Ol «ýok» diýipdir, wessalam, söz tamam. Eger siz jenap
ministre bir hoşamaý söz aýdyp beräýseňiz, hemmesi düzeljek gidiberjek, gadyrdan beý ependi...
Müdir ependi jenabyň durmuş kynçylyklaryndan ýaňa wagtyndan öň ýegşeren gerdenini
sypalaşdyrdy. Nätanşyň geýimi, tutuş keşbi onuň şu çaka çenli gören adamlarymyň hilinden
däldiginden habar berýärdi. Müdiriň gürrüňini diňläp durşuna, biraz eglip, gowy eşitmek üçin elini
gulagynyň arkasynda tutdy. Ahyrsoňy, mylaýym gyzylymtyl gözlerini maňa öwürdide, sandyrawuk
sesi bilen fransuzça gürläp başlady. Ol meniň haýsy okuw jaýyny tamamlanlygymy, nähili
okanlygymy, indi durmuşda näme bilen meşgullanjak bolýanymy soraşdyrdy. Jogaplarymdan onuň
göwni hoş bolan borly.
Biz gürleşip durkak, müdir ependi şadyýan ýylgyryp:
— Berekella, fransuzça bilbil ýaly saýraýar. Türk gyzy munuň üçin öwgä, hatda serpaýa
mynasyb-a! — diýdi.
Gülmisal kalfa hemişe «Eger bir aýyň on bäş güni garaňky bolsa, galan on bäş güni nurludyr»
diýmegi gowy görerdi. Şol nätanyş bilen gürrüňdeş bolanymda (soň maňa onuň belli şahyrdygyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 09
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.