Latin

Saýrak Guşy - 24

Total number of words is 3826
Total number of unique words is 2035
33.2 of words are in the 2000 most common words
48.4 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
asmandyr-da: «Ol şäheri hem, ol adamlary hem ýatlasym gelenok» diýipmiş. Daýy, Feridäniň öňünde
günälidigimi bilýän, gödeklik edipdirin. Ýöne, iň bolmanda, siz bir adyl boluň-a. Ol meni juda çalt
unudypdyr. Ýogsa-da meniň nalam kime derkar? Bolýa-da, gürrüňi uzaldyp oturmaly. Arabadan
düşüp, pyýada gideýin. Ýol erbet, çaýkap heläk etdi. Ýoluň ak bolsun!
— Bäh, bi emeldarlary, mydam zeýrenişip ýörler! Bu ýoly birnäçe ýyl mundan ozal özüm
çekdiripdim. Özümem potratçy hökmünde Güne bişipdim. Ýok, seni ýol çaýkap, ýol heläk edýän
däldir. Töhmet atmaňy bes et. Ýedi ýyl mundan ozal meni mutasarrifiň wezipesinden aýryp, gör,
nähili gowy iş edipdiler. Bar, oglum, seýil et. Ýöne kän eglenme. Gojalyk daýzaňy-da, meni-de
üýtgetdi: eger gijä galaýsaň, ol ynjalyksyzlanar, men bolsam açlygymdan akylymdan azaşaryn.
Kamran köpriniň ýanynda arabadan düşdi. On ýyl mundan ozal ol şunuň ýaly awgust gijesinde bu
köprüde çüýrän tagtalaryň üstünde oturyp, aýaklaryny suwa sallapdy. Ynha, ol üç hepde bäri
Tekirdagda myhmançylykda bolýardy, her gün agşamaralar şu ýere gelip, garaňkynyň ümüştamyşlygynda oý-pikire çümüp, bolýan ýerine dolanýardy. Bir gün Müjgän (adamsy wagtlaýynça
Anadola iş saparyna gideni üçin, ol çagalary bilen Tekirdaga gelipdi) Kamrana:
— Sen juda ýadaw görünýäň. Daşa giden bolara çemeliň? — diýdi. Kamran gamgyn
ýylgyrjaklap:
— Bildiň, Müjgän. Örän daşa... On ýyl mundan öňki geçmişime gitdim... — diýdi. Ol ýene-de
bir zatlar diýjek boldy, emma Müjgän, barybir, hiç zada düşünmeýändigini aňdyrjak bolup hyrçyny
dişledi.
— Şeý diýsene! — diýip, ol şobada çykanyna ýeňsesini öwürdi. Müjgän telim ýyldan bäri
Kamrana gaharlanyp ýördi, zenan kalbynyň emr edişi ýaly, hötjetlik bilen kejigýärdi. Kamranyň
ýanynda Feride barada bir gezek hem dil ýarmandy. Kamran bagyň içi bilen assa ýöräp gelýärdi. Iňrik
garalyp ugrapdy, ýöne Günüň şuglasy garşydaky dagy öçügsi ýagtyldyp durdy. Gije düşüp gelýärdi.
Asman ýapraklarynyň gyrasy solup ugran giçki benewşä meňzeýärdi. Ýaş ýigit agaçlaryň arasyndan
geçýän ýodada aýak çekdi-de, käte agaç tomzajyklarynyň ýylpyldysy görünýän ýaşylymtyl
garaňkylyga uzak wagtlap seredip durdy. Ol bir gezek şu ýodajykda Feridäni görüpdi. Onuň egninde
deňizçileriň geýýän keltejik köýnegi bardy, papagynyň astyndan saçlary burum-burum bolup çykyp
durdy. Bu Kamranyň şu günki ýaly ýadynda: ynha, Çalyguşy onuň öňünden ýöräp barýarka, ökjesiz
köwüşjiginiň burny bilen daşjagazlary depip goýberýär.
Wagt geçip durdy. Kamran öýdäkileriň biynjalyk bolup ugrandyklaryny bilýärdi, emma
howlukjak bolanokdy, bu ýodajykdan ýitiren bagtynyň yzyny gözleýän ýaly, bilgeşleýin ädimini
haýallatdy. Uzakda derwezäniň öňünde zenan sudury göründi. Ol Müjgändi. Her gije diýen ýaly
oguljygy bilen gezim edýärdi, çaganyň goltugyndan tutup, oňa ýöremäni öwredýärdi. Çykanyny
gören Müjgän oňa elini salgady:
— Kamran, näme mytdyllap gelýäň-le? Bu wagta çenli sen nirede bolduň?
— Aý, hiç, Müjgän... Howa gowy bolansoň... Bu gün Müjgäniň ýanynda çagasy ýokdy, şonuň
üçin hem onuň bolşy düýpden başgaçady. Onuň hemişeki perwaýsyz ýüzi juda howsalaly görünýärdi.
— Saňa näme bolýar? — diýip, Kamran geňirgendi. Bir zatlar diýjek bolsa-da, gelin sesini
çykarmady. Olar derwezäniň öňünde asylgy çyranyň gögümtil yşygyna ýagtylyp duran howla
girdiler. Müjgän bir ädim yza tesip, elini haýada tarap uzatdy-da:
— Seret, kim gelipdir... — diýdi. Kamran yzyna gaňrylanda golaýynda Feridäniň ýylgyryp
duranlygyny gördi. Göreçleri mawumtyl öwsüp, dodaklary gülümsireýärdi, ýöne ýüzi argyn
görünýärdi. Hawa, Kamranyň öňünde duran Feridedi. Ol hemişe gözlerini ýumanda, Feridäni şeýle
göz öňüne getirýärdi. Ol garaşylmadyk ýagdaýa allaniçigsi boldy, ajaýyp düýşden jyda düşmekden
gorkýan dek, gözlerini ýumdy, soňam aljyraňňy halda daýanara bir zat gözleýän ýaly, daş-töweregine
ýaltaklap seretdi. Olar içinde harasat gopduryp, biri-birlerine sessizüýnsüz seredişip durdular.
Dodaklary güljek bolýardy, gözlerine bolsa düwme-düwme ýaş aýlandy. Müjgän häzirki pursadyň
agyrdygyny duýan ýaly, Feridäniň elinden tutup, ony Kamranyň ýanyna eltdide, degişmä salyp:
— Iki aýal doganyň çagalaryna dogan diýseňem bolar. Feridäniň erkek dogany bolmany üçin,
seni onuň dogany saýsaňam bolar, Kamran, şonuň üçin uýaňa «Hoş geldiň!» bir diý — diýdi. Kamran
öňe süýşdi, Feridäniň saçlaryna dodaklaryny degrip, ýuwaşja, çawuş çakýan ýaly:
— Feride hanym, sizi ýene görýänligime şatdygymy beýan etmäge söz tapýan däldirin — diýdi.
Bu sözler Feridä tekge berdi.
— Sag boluň, Kamran beý, menem örän şat... Çalyguşynyň öňküleri ýaly päkize, mylaýym
sesinde az-maz nala duýuldy. Çat açan billur hem şeýle ses çykarýar.
— Haçan geldiňiz?
— Şu gün günortanlar. Stambula on gün mundan ozal gelipdim, ol ýerde hiç biriňiziň
ýokdugyny eşitdim. Daýzalarymy, ähli garyndaşlarymy göresim gelýärdi. Siziň hem käbiriňiziň meni
göresiňiz gelendir diýip pikir etdim. Onsoňam syýahat etmäge öwrenişen adam üçin Tekirdaga gelip
gitmek nämemiş? Şeýle dälmi, Kamran? Müjgän ýene gürrüňe goşuldy:
— Ýagşy, ýöne, hanym beý, bu resmilik nämä gerek? Siziň uýa-dogan saýylýanlygyňyzy
aýtdym ahyryn. Şonuň üçinem Feride sen Kamrana agabeý diýseň, dogry bolardy. Olaryň ikisi hem
uýaldy. Feride ýaýdanjyrap:
— Dogrudan-da, Kamran, adyňy şeý diýip tutmak bolar-a? — diýdi. Kamranyň jogabyna
garaşyp, ol, kimdir birini görmekçi bolýan ýaly, garaňkylyga tarap dikanlap seretdi.
— Goý, isleýşiň ýaly bolsun, Feride — diýip, Kamran sussupeslik bilen jogap berdi.
— Goý, ýüregiň nämäni küýsese, şonuň ýaly hem bolsun... Ahyrsoňy parahat gürleşip
ugradylar. Feride öz syýahaty barada sanlyja söz bilen gürrüň berdi:
— Stambulda bir işim bardy. Soň bolsa, aýdyşym ýaly, sizi göresim geldi. Lukman maňa iki
aýlap dynç almaga rugsat berdi. Siziň hemmäňiziň sag-salamatdygyňyzy görüp, köp şat boldum!
Ýöne, ynha, seniň derdiň welin, Kamran... Men ony Stambuldakam eşidip, örän gynandym.
Ýanýoldaşdan beýle ir jyda düşmek agyr düşýändir. Ýöne seniň ogluň bar-a. Allam Nejdete enesine
berilmedik ömri bersin! Görmegeý ogluň bar, Kamran! Ony gören badyma haladym! Biz bada-bat
ysnyşdyk, ol tä agşama çenli gujagymdan düşmedi. Men çagalar bilen derrew ysnyşýaryn. Feride
kem-kemden özüni dürsedi. Onuň sözlerine, hereketlerine arkaýynlyk, şadyýanlyk aralaşdy,
ozalkylary ýaly, bälçik çaganyň häsiýetlerini ýada saldy. Kamran onuň sesine diň salyp, gülümsireýän
dodaklaryna, ýarym garaňkylykda ýyldyraýan owadan gözlerine seredip, heziller etdi. Ol indi hiç zat
barada pikir etmedi, kemteresinden Feridäniň başga bir adamyň aýalydygyny, bir aýdan — bir ýarym
aýdan bu bagtyň düýş ýaly bolup gitjekdigini hem unutdy. Ol özüniň gaýdyp gelenini içerdäkileriň
bilmegini islemeýärdi. Emma gynansa-da, muny eýýäm aňypdylar. Muny Nermin uly ili bilen
gygyryp, hemmelere jar edipdi. Soňra ol derwezäniň ýanyna ylgap baryp, Feridäni bagryna basypdy.
— Seni ýatdan çykarmanlygyma doganjygym Kamran hem şaýatdyr. Feride jan, gyzyl köýnekli
uýamyz hakynda Kamran ikimizden köp ýatlan ýokdur. Şeýle dälmi, Kamran?
II
Şol agşamky şamlyk baýramçylyk şagalaňyna öwrüldi. Eziz beý saçak başynda çaga ýaly
bälçireýärdi.
— Wah, Çalyguşy, sen meni düýpden keçmaňlaý etdiň goýaýdyň: Her gezek sesiň ýadyma
düşeninde, aglaberesim geldi. Gör, men seni nähili gowy görýän ekenim! Çalyguşy dogduk öýüne
birnäçe ýyldan soň gaýdyp gelipdi, hemmeler ony görmek umydyny üzüpdi ýogsa. Ol, göýä, söýgüdir
bagtyýarlykdan doly şol ýyllaryň şatlykdyr mähirini öz ganatlary bilen alyp gelene meňzeýärdi.
Hemmeler şadyýandy, her kim tolgunýardy, ol açyk penjirelerden girip, çyralaryň töweregine perwaz
urýan kebelejiklerdir teneçirleriň ganatlaryny kakyşlaryny ýada salýardy. Diňe agşamlyk naharynyň
ahyrynda adaty bir zat barada gürrüň berip oturan Besime daýza birden aglaberdi. Ol:
— Üns bermäň. Feridäniň ejesi Güzide ýadyma düşdi-de aglaýdym — diýdi. Feride Kamranyň
ogly Nejdeti dyzyna alyp, oňa üzüm iýdirýärdi. Ol soňra başyny aşak salyp, ýüzüni çaganyň saryja
saçlarynyň arasynda gizledi. Wessalam. Bir minutdan soň, onuň ozalky şadyýanlygy gaýdyp geldi.
Besime hanym adamsy bilen Trabzonda ýaşaýan Nejmiýe barada gürrüň açdy.
— Biçäräniň başyna bir bela inipdir... Geçen ýyl ol gyzjagazyny ýitiripdir... Pahyrjyk
täjihorazdan heläk bolupdyr... Feride uludan demini alyp:
— Daýza, men muny bilýän, gaty agyr kesel. Meniň gyzym hem täjihorazdan ýogaldy.
— Diýmek, seniň çagaň hem barmydy? — diýip, Äşe daýza ör-gökden geldi.
— Biziň mundan habarymyz hem ýok... Feride gamgyn halda başyny atyp:
— Wah, siz ony gören bolsadyňyz? Şeýlebir gowuja gyzdy! Owadanjady! Derdinden
gutulmady-da — diýdi.
— Feride, ol näçe ýaşyndady? — diýip, ýene Äşe daýza gyzyklandy. Feride dodaklaryny
büzüşdirip:
— On üç ýaşyny doldurypdy. Men oňa çarşab tikip, gaýynene bolaryn öýdüp ýördüm. Saçagyň
başynda oturanlar gyzyl gyran gülüşdiler.
— Wah, Çalyguşy, sen ömürboýy bälçiräp, ömürboýy hokga çykarjak ýörjek-dä! — diýip, Eziz
beý seslendi. On üç ýaşly gyz hakyndaky hekaýat hemmeleriň gülküsini tutdurdy. Feridäniň bolsa
gözleri ýene ýaşdan doldy, ol Nejdeti öňküsinden hem beter bagryna basdyda, Munise barada gürrüň
bermäge başlady, onuň sesi gitdigiçe naýynjar, gitdigiçe gamly çykdy. Şol agşam olar gijä çenli
oturdylar. Eziz beý tolgunýardy:
— Feride, gyzym, ýoldan aryp gelensiň, git-de ýat — diýdi. Feride muňa gülüp jogap berdi,
gujagynda bireýýäm uka giden Nejdeti bagryna berk basdy.
— Daýy jan, zyýany ýok. Siziň ýanyňyzda has gowy dynç alýaryn. Ýekelik halys ýüregime
düşdi. Feridäniň ýyldyrap duran mawy gözleri, ýokarky kiçijik dodagy ýylgyrýardy. Ol dynman
gürleýärdi. Ol ýene-de öňki Çalyguşylygyna dolanyp gelipdi. Gürrüňiniň diňlenýändigini,
jemalyndan doýup bilmeýändiklerini görüp, ol sözleri terslin-oňlyn ýoýuşdyrdy, dodaklaryny näzkereşme bilen gyşardyp, dilini çykaryp, söýülýändigini, näme etse, geçiljekdigini bilýän çaga ýaly,
owurtlaryny çişirip, dynman gürledi. Onuň goja daýysy Eziz begenjinden ýaňa serhoş bolup, köne
endiklerinden saklanybilmedi-de, köne degişmesine tutdy. Feride kiçijikkä, Eziz daýysy onuň
alkymjygyndan tutup, zor bilen dodaklaryndan ogşardy-da: «Ah, garagolja Çalyguşy, sen meniň
üljämden ogurlapsyň? Hany, olary gaýdyp ber!» diýerdi. Ol oturanlaryň gülküsi astynda Feridäniň
alkymyndan alyp, onuň gazaply garşylygyna garamazdan, şol hereketini gaýtalady. Soňra ýegeniniň
ýüzüne dikanlap seredip:
— Çalyguşy, etjek alajyň ýok. Özüň günäkär. Öýli-işikli zenan bolsaňam, göwnüň henizem şol
oglanlygyňdaky ýaly. Hatda ýüzjagazyň hem çaganyňky ýaly. Kim muňa ýaşajyk gelin diýer? —
diýdi. Kamranyň ýüzi boz-ýaz boldy. Şol pursatda ol Feridäniň başga birine degişlidigini ilkinji gezek
duýdy.
III
Iki gün geçipdi. Kamran Feridäni hiç görmeýärdi. On ýyl mundan ozal Feride Tekirdagda öz
boýdaş gyzlarynyň birentegi bilen jora bolupdy. Indi olar öýli-işikli bolup gidipdi. Joralary oňa
ynjalyk berenokdy, birsyhly myhman gelip, uzynly günläp gaýdanokdylar, soňam ony ýanlary bilen
äkidip, tanyşlarynyňka ýa-da seýilbagyna gezelenje çykarýardylar. Çykanynyň içinden ýanypbişýänine Müjgän heşelle kakýardy. Ol gözleri gülüp dursa-da, gynanan kişi bolýardy.
— Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Olar Feridäni öz gününe goýanok. Ýogsam-da Çalyguşy,
ozalynda dynç almaly, hasratlaryny unutmaly... Şu wagtyň içinde Kamran Feridäni diňe iki gezek:
bir-ä agşam nahary wagtynda, birem köçede egni çarşably myhmançylykdan gaýdyp gelýärkä
görüpdi. Üçünji günüň säheri aralaşypdy. Kamran hemişekilerinden ir, daň agarmanka oýandy.
Köşkdäkiler ýatyrdylar: Kamran penjiräni açanda Feridäniň bagda gezim edip ýörenligini gördi.
Feride penjiräniň açylýan gapysynyň jygyldysyny eşidip, başyny galdyrdy-da, dogup gelýän Günüň
şöhlesine gözlerini gyrpyldadyp seretdi, eliniň aýasy bilen maňlaýyny kölegeletdi:
— Kamran beý, turduňyzmy? Siziň endikleriňiz üýtgäp gidipdir oguşýan! Öňler sizi oýarjak
bolsaň, bir penje daş alyp penjirä zyňmalydy, gyşyna bolsa gar taşlamalydy. Sizem birneme anadolyly
bolup gidipsiňiz. Anadolyda şu wagtlar oýanaýsam, meni utandyrýardylar; «Ýalta gyz, gün
dogýança-da ýatmak bolarmy?» diýýärdiler. Häzir Feride ozalky şadyýan, galjaň Çalyguşydy. Onuň
sesi şildiräp akýan, ýürege serginden tämiz howa çaýýan suwuň sesini ýada salýardy. Kamran
çekinjeňlik bilen:
— Feride, menem baga çykaýsam bolarmyka? — diýip sorady. Eliniň aýasy bilen Günden
goranyp durşuna Feride, öňküleri ýaly, sesindäki ýaňsylamany bildirmejek bolup:
— Eger säheriň çygy lälijek teniňize zeper ýetirer öýdüp gorkmasaňyz, erbed-ä bolmazdy. Men
size Anadolylaryň hezzetini ederdim — diýdi. Feride Kamrany ýaýbaň şahaly hoz agajynyň ýanyna
alyp baryp, agşamdan unudylyp galan bir kürsüde oturtdy.
— Indi, Kamran beý, maňa birazajyk garaşyň.
— Biz resmiligi taşlaly diýşipdig-ä?
— Biraz tagapyl ediň, öz-özünden bolar gider: Men birden beýle biedeplige ýürek edip biljek
däl. Kamran gülümsiredi.
— Ýöne bu biedepligiň aňrybaşy bolýar ahyryn, Feride. Muny saňa gadagan edýärin. «Siz,
Kamran beý...» diýip eşidenimde, üstümden gülünýän ýaly görýärin. Feride-de gülümsiredi-de:
— Bü-ýä dogry, siz mamla... Sen mamla. Indi bolsa, süýt gyzdyryp bermäge rugsat et.
— Feride, haýyş edýän, azara galma.
— Nähak hötjetlik etme. Anadolyly zenanyň iň eý görýän merhemeti oňa hyzmat etmäge, islän
zadyny etdirmäge ygtyýar bermekdä.
— Şeýle diýdi-de, Feride degişme äheňinde, ýöne sözüni gussaly dowam etdirdi:
— Çünki erkek adamyň göwnünden turmaga, onuň öwgüsine eýe bolmagy diňe ýekeje
mümkinçiligimiz bar — olam hojalyk işlerini göwnejaý alyp barmak. Feride gitdi. Onuň ýap-ýaňyja
ukudan oýanyp, eli mis küýzeli, bagda gury çybyklary çöpläp ýören bagban bilen edýän gürrüňi
eşidilýärdi. Ahyrsoňy, ol bir bulgur bugaryp duran süýt alyp geldi.
— Kamran, bu meniň saňa hödür etmekçi bolan süýdüm-ä däl. Ýene üç günden — bu gün haýsy
gün-ä? Hawa, penşenbe güni säher ir bilen seni myhmançylyga çagyrýan. Men seni şol goýundan
saglyp alnan süýtden doýraryn, görersiň welin, ol jadyly, müşk ysly süýtdä. Muny nädip edýänligimi
gizlin saklaýaryn. Onuň nädilip edilýänligi bilen gyzyklanmaýarmyň? Eý, toba, bu nä biedeplik.
Beýle bolsa, gel, bu syry saňa açaýyn. Goýny üç günläp armyt bilen bakýan... Sen üşeýäň öýdýän.
Howa birneme çigregrägem. Ýa-da sen Besime daýzamyň maňa käýinmegini isleýärmiň? Ol: «Däli
gyz, oglumy üşedipdir?» diýip hüňürdär. Dur, men bir sowukdyr çyga öwrenişip giden adam. Ine, al
şarfymy. Feride boýnundaky gyzyl ýüň şarfyny sypyrdy-da, Kamranyň egnine atdy, Kamran bolsa
säher çygyndan azap çekýän ýaly, ýuwaşja titredi. Ol başga bir agşamy ýatlady, göz öňüne getirdi.
Bu on ýyl mundan ozal bolup geçipdi. Kiçijik okuwçy gyz keltejik köýnekli, gara öňlüklidi... Olar
bagda uly daşyň öňünde durdular. Gyz gök paltosyny çykardy. Çaga barmajyklary benewşe syýa
batypdyr. Şonda gyzjagaz «Seni kesellerden goramak indi meniň borjumdyr» diýipdi.
— Kamran, sen garry adam ýaly-la? Süýdüňi döküp, dyzlaryňy ýakarsyň... Näme üçin sen beýle
çuň pikire çümdüň?
— Hiç. Bir zat ýadyma düşdi-de...
— Meniň hem ýadyma bir zat düşdi. Seniň egniňdäki ýaglygy görüp, saňa «Kamran hanym»
diýip degenim şu günki ýaly ýadymda — diýip, Feride Kamrana pikirini aýtmaga päsgel berjek
bolýan ýaly, sözüni böldi.
***
Feride garşysyndaky aşhana oturgyjyna geçdi. Onuň egninde tutuk reňkli Bursa ýüpeginden
biçilip tikilen, zenan göwresini ýapyp duran ýeňil, ýaýraň gasynly giň köýnegi bardy. Ol tirseklerini
dyzynda goýup, eňegini aýasyna diredi, şeýdibem barmaklary bilen ýaňaklaryny ýapyp, gürrüňe
başlady. Kamran onuň çym akdan nurana ýüzüni ilkinji gezek ýakyn aralykda gördi. Onuň göwnüne
Feride birneme horlanyp, duluklary içine giden ýalydy. Şu zerarly Feridäniň gözleri has-da uly,
çekgelerindäki çalaja göze ilýän kölege olary garaldyp görkezýän ýalydy. Bäş ýyl mundan öň
Feridäniň gözleri ýanar durardy, häzir bolsa olar oda çirkizilen gülleri ýada salýardy. Gözleri,
öňküleri ýaly, gülümsiräp, öňküleri ýaly ýazyksyz, batyrgaý bakyp durdy. Emma Kamran olaryň
çuňňurlygyny, düýbüni öňküleri ýaly şekilde görüp bilmeýän ýalydy. Feride anadolyly gyzlar ýaly,
saçlaryny öňünden açyp, yzyndan bolsa ýogyn iki örüm edip goýberipdi, saç syk örüleni üçin
maňlaýynyň hem çekgesiniň hamlaryny dartyp, gaşlarynyň burçlaryny çalaja galdyryp durdy. Şu
zerarly onuň dury, näzik hamynyň astyndaky inçejik gögümtil damarlar has-da aýdyň görünýärdi.
Kamran Feridäniň diýýänlerine onçakly düşünmeýärdi, ol diňe onuň sesine diň salyp, ondan lezzet
alýardy. Ol Feridäniň ýüzüniň maşgala durmuşy gülala-güllük bolan ýaş gelinleriň ýüzlerine düýpden
meňzemeýänligine üns berdi. Onuň ýüzüniň reňki ýolunman solmaly bolan güllerde, söýülmän garran
gyzlarda duş gelýän gyzzyrmaly al reňki ýada salýardy. Säher şuglasy bu ýüzi şeýlebir näzik, şeýlebir
manyly görkezýärdi. Ýaş ýigit jadylanan ýaly bolup otyrdy. Onuň aglaberesi geldi. Kamran jebrijepalaryň gyz keşbini beýle gözel görke getirip biljegi barada hiç haçan pikir etmändi.
Feridäniň dodaklary birsyhly gülüp durdy. Dury ses ýene-de çala çat açan billur ýaly, gamgyn
ýaňlandy. Feridäniň ýaşlygy ýadyna düşüpdi. Kamran ýürek edip, onuň soňky ýyllarda nähili
ýaşandygyny sorady. Feride agras görnüşe girip, başyny ýaýkady.
— Kamran, ýadyma düşenok. On bäş ýaşaýançam bolup geçen zatlaryň bary, ilkinji gezek
Tekirdaga düşüşim — hemmesi ýadymda-da, galan zatlar, duman ýaly gaýmalaşyp, hiç zat huşumda
däl. Feridäniň gözleri-de duman büräne meňzedi. Ol kellesini bir ýana burdy-da, uzaklara bir ýere
seretdi.
***
Her niçik hem bolsa, Feride öz ömrüniň soňky ýyllary barada gürrüň açmaly boldy. Ol Hajy
kalfa, Zeýnileriň muhtary, geň häsiýetli Rejep ependi barada gürrüň berdi. Onuň ýüzi gülüp dursa-
da, gözlerinde, hereketlerinde düşnüksiz bir argynlyk duýuldy, şonda ýaraly ýüregiň iňňildisi ýaly,
çat açan billuryň açyk-aýan bildirip duran sesine meňzeýän sözlerinde has ýiti duýulýardy. Feride
derýanyň kenary hakdaky gürrüňine geleninde, Kamran oslanylmadyk halda gaşlaryny çytdy-da:
«Belki, ol ýer Feridäniň deprek çalýan magşugynyň dyzyna kellesini goýup onuň ýüzüne sereden ýeri
— şaglawugyň ýanyndaky ýerdir» diýip içini gepletdi. Çalyguşy ýene-de öz durmuşynyň käbir
bolgusyz sahypalary barada gürrüň berdi, soňam tötänden diýen ýaly:
— Kamran, sen entek Haýrullah beýiň suratyny hem gören dälsiň — diýip, sözüniň üstüni
ýetirdi. Ol boýnundaky suratly altyn gülýakasyny sypyrdyda, ony çykanyna uzatdy. Ýaş ýigit duw ak
bolup, suraty eline aldy. Feride surata onuň bilen bile seretmek üçin boýnuny uzatdy.
— Kamran, oňa seret. Gör, nähili görmegeý? Gör, nähili mähirli! Şeýle dälmi? Ýaş ýigit
Feridäniň ýüzüne bakdy. Feride bolsa şekili delmuryp, mylaýymlyk bilen synlady, şeýdip, Kamranyň
seredýänini hem aňmady. Megerem, bu Kamranyň durmuşyndaky iň ajy, iň ejirli, iň gazaply pursat
bolan bolsa gerek! Diýmek, Feridäniň päk, näzik, nepis gözelligi gödek keşpli äpet çal saç goja şam
bolan bora çemeli! Kamranyň hyýalyna elhenç zatlar gelip geçdi. Ol Feridäniň bu gojanyň elinde
çabalanyşyny, onuň süzük gözlerinden utançdan ýaňa çym gyzyl bolan ýüzüne boýur-boýur ýaş
akýandygyny, ýazyksyz çaga dodaklarynyň medet dileýän ýaly kemşerýänligini göz öňüne getirdi.
Çalyguşy Kamranyň ýüzüne seredenokdy, ýöne onuň edip oturan pikirlerini welin aňýardy, ol birden
tisgindide, suratly gülýakany boýnundan asyp:
— Kamran, indi bolsa bagyşla, men gideýin... Bu gün bize myhman gelmelimikä diýýärin —
diýdi...
IV
Çalyguşynyň dogduk öýüne gelenine ýaňy on gün geçipdi. Ýöne Eziz beý her agşam:
— Görýäňizmi, çagalar?.. Öýüňiz täze keşbe gelen ýaly bolaýandyr. Bu gezek Çalyguşy
garlawaç ýaly, ganatlary bilen bahar alyp geldi... Ýöne haýp, ýene bir gün geçdi-dä! — diýip
gaýtalaýardy. Feride gülýärdi:
— Daýy jan, bu gorkunç däl. Birnäçe ýyldan ýene-de rugsat diläp, gezmäge gelerin. Hapa
bolmaň. Onsoňam öňümizde ýene telim gün bar ahyryn. Näme üçin biz şatlygymyza wagtyndan öň
awy goşmalymyşyk? Çalyguşy ozalky Çalyguşa öwrüldi. Ol tupandan soň ýaldyrap çykýan Günüň
nuruna açylan bägül ýaly açyldy. Ol ýene jaýda ýaşaýan çagalara baş bolup, olar bilen oýnap başlady.
Müjgäniň üç ýaşly gyzy bilen Nejdetden başlap, tä on sekiz ýaşyna giden Nermine çenli hemmeler
Çalyguşa gysmyljyrap, ertirden agşama çenli onuň yzyndan galmadylar, şeýlelik bilen, olar jaýy uly
şatlyk, uly şowhun, gülki bilen doldurdylar.
Käte olar şeýlebir çenden çykýardylar welin, ulular olara haý-küş etmeli bolýardy. Çalyguşynyň
galdawlygy hemmeleri heýjana getirýärdi. Sebäbi, her näme diýseňem, olar ozal Kamran ikisi
adaglydy, şonuň üçinem hemmeler soňky bäş ýylyň içinde bitişip başlan köne ýaralaryň birden
açylmagyndan heder edýärdi. Ýöne Feridäniň barha möwç alýan şatlygy, ony uzakdan synlamakdan
başga zat islemeýän Kamranyň bolsa ýumşaksy hem-de aladasyz bagtyýarlygy olary birneme
köşeşdirdi. Diňe daýzalary ätiýajy elden bermeýärdi, olar ýaş juwanlaryň arasynda «aga» bilen «uýa»
diýen köne gatnaşyklary dikeltmek üçin ellerinde baryny edýärdi. Näsag çaganyň ýatan otagynda
gaty gürlenilmeýşi ýaly, olaryň barlygynda hem gussaly geçmişi ýatlamaýardylar. Käte Eziz beý
Feridä oslanylmadyk sowallary berýärdi:
— Bizde myhmançylykda köpräk bolup bilmeýärmiň? Emma Feride jogap deregine
öňkülerinden hem beter suslanýardy.
— Daýy, bu mümkin däl. Çalyguşy hem başga bir öýüň enesi, onuň-da ýoluna göz dikýänler
bar — diýip jogap berdi.
***
Kamran myhmany körpeje Nejdetden gabanýardy. Olary bir-birinden aýyrmak üçin çaganyň
Çalyguşynyň elinde uklajak wagtyna çenli garaşmalydy. Bir gezek Kamran şeýle ýagdaýyň şaýady
boldy. Feride gamgyn halda çaga:
— Hany, Nejdet, aýt... Ýene bir gezek daýza, daýza, daýza — diýip aýt — diýdi.
Oglanjyk boýun bolmady, sary saçlyja başyny ýaýkap:
— Eje, eje, eje... — diýdi. Kamran:
— Feride, oňa azar berme, goý, «eje» diýse diýsin. Nämesi erbet? Belki, çaganyň şeýle diýesi
gelýändir — diýip, ýaýdanjyrap aýtdy. Feride hiç zat diýmedi, ol eglip, Nejdetiň saçjagazlaryny esli
salymlap sypalady.
V
Bir gezek ir bilen Kamran penjiräniň ýuwaşja kakylmagyna oýandy. Ol munuň kimdigini badabat aňdy... Beýdip diňe Feride ukudan oýaryp biljekdi. Çalyguşy ony ýene-de ullakan hoz daragtynyň
ýanyna irki ertirlige çagyrýardy. Stoluň üstünde eýýäm onuň wada beren armyt ysly süýdi bark urup
durdy, gapdalynda kiçijik çörekler bilen mürepbä meňzeş gyzyl reňkli bir mejimejik bardy. Feride
şol mürepbeden çörege çalyp, Kamrana uzatdy:
— Bular öz elimiň hünäri. Çörekleriň adyny-ha bilemok welin, mürepbä-hä gülbeşeker
diýýärler. Feride ýene-de pessejik aşhana oturgyjyny aldy-da, Kamranyň aýaklarynyň öňünde çökdi.
— Indi bolsa, Kamran, aýdyp otur. Gülbeşeker saňa ýaraýarmy?
— Ýaraýar — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy.
— Sen gülbeşekeri gowy görýärmiň?
— Gowy görýän.
— Ýok, Kamran, beýle däl... «Men gülbeşekeri gowy görýärin» diýip aýt.
— Men gülbeşekeri gowy görýärin — diýip, Kamran gaýtalady, ýöne bu geň hokganyň
manysyna düşünmän güldi. Feridäniň ýaňaklary nar ýaly gyzardy, gözleri uçganaklap, utanjyna
kirpikleri titir-titir etdi. Ol Kamrana tarap eglip, tolgunma bilen:
— Kamran, hany, ýene bir gezek: «Men gülbeşekeri gowy görýän» diýip aýt — diýip haýyş
etdi. Ýaş ýigit onuň tirpildeýän dodaklaryna keýp edip seretdi; dodaklar isleýän zady berilmedik
çaganyňky ýaly, çalaja gyşaryp gitdi.
— Men gülbeşekeri örän gowy görýän. Örän gowy görýän... Seniň isleýşiň ýaly, gowy görýän...
Feride begenip, ellerini çarpdy. Onuň dodaklary gülüp, gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy. Ol
bolgusyz bir zada lapykeç bolan ýat adamy utandyrjak bolýan ýaly, öz-özüne igendi:
— Bu nä samsyklyg-a, el hünäriňi öwendikleri üçin beýle begenmek nähili samsyklyg-a! Feride
gözýaşyny syldy, emma ýaş şol syrykdy durdy, syrykdy durdy. Birden ol güňleç gygyrdy-da, eli bilen
ýüzüni tutup, aglap, öýe tarap ylgap gitdi.
***
Birnäçe günden soň, agşamaralar Kamran bilen Eziz beý öýlerine gaýdyp gelýärdi. Çagajyklaryň
bolsa olary gördükleri sowgat — miwe, süýji, şokolad — hantamaçylygynda derwezäniň öňünde
hatara durup garaşmak edähetleri bardy. Kamran olara sowgat paýlap durşuna, birden aýaklarynyň
astyna bir penje daşyň şagyrdap düşenligini duýup galdy. Ol iň soňky çaganyň sowgadyny berdide,
töweregine garanjaklady. Görse, ýanynda Çalyguşy dur. Ol ullakan kaştan agajynyň golaýynda
durdy, eli bilen bir yşarat edýärdi.
— Munuň manysy siziň üçin düşnükli bolsa gerek, Kamran beý? Sebäbi bulardan başga menem
bar ahyryn... Her gezek çykanyna degjek ýa-da oňa temmi berjek bolanynda, Feride hemişe oňa «siz»
diýip ýüzlenýärdi.
— Siz meni wagtyndan öň hasapdan öçürene meňzeýärsiňiz — diýip, ol ýylgyryp sözüni
dowam etdi.
— Hany, meniň paýym? Näme, öňki etmişleriňiz ýatdan çykaýandyr öýdýäňizmi, ependim?
Siz ýa meniň dymýanymyň hakyny berersiňiz, ýa-da şu gün agşam nahar başynda çynaryň ýanynda
bolan wakany gürrüň bererin. Feride Kamrana diliniň uçjagazyny görkezip, gülmäge başlady, ol on
ýyl mundan öň şu derwezäniň öňünde hem şeýdipdi. Kamran paltosynyň jübüsinden bir guty çykardy.
Ol:
— Näme, entek hasaplaşmanmydym, Feride? — diýip sorady.
— Gör, munuň jüpüne düşäýşini! Dek şu gün içi romly şokolad süýjülerini satyn aldym. Olary
ýeke özüm iýmekçidim. Emma syryňy paş etjek diýip dursalar, ne alaç bar mende... Feridäniň ýüzüne
çaga şatlygy çaýylyp gitdi.
— Bu ne ajap! — diýip, ol şadyýan seslendi.
— Ýöne bir şert bilen, Çalyguşy: süýjini agzyňa özüm tutduryp berjek.
— Nädip?
— Ap-aňsat. Men muny on ýyl mundan öň şeýtjekdim. Kamran süýjini aldy-da, Feridäniň
dodaklaryna ýetirdi. Feride bir pursatlykça ikirjiňläp durdy-da, süýjini dodaklary bilen çekip aldy.
Kamran ondan özelenip haýyş etse-de, ikinji süýjini hem şu terzde iýmäge Çalyguşy razy bolmady.
Feride:
— Hany, bäri ber. Şamlyk naharyndan soň, ony Nejdet ikimiz iýeris — diýdi.
— Feride, ýör şol aýmança çenli gideliň. Deňze syn ederis. Ol örän gözel! Hem gürleşeris, hem
deňziň owadanlygyna syn ederis.
— Bolýar. Ýöne gutyny öýe eltip gaýtmaly. Bir minut garaş. Kamran ilkinji gezek Feridäniň
tenine el degirmäge ýürek etdi, ol onuň elinden ýapyşdy.
— Ýok, Feride, men ynanamok. «Bir minut garaş...» diýersiň-de, soňam gelmersiň.
Geläýeniňde-de, haçan we nähili geljegiňi kim bilýär... Biler bolsaň, eýýäm saňa ynamym gaçyp
ugrady. Feride jogap bermedi başyny aşak salyp, Kamranyň gapdaly bilen ýöräberdi. Şol agşam
Kamran keýpsiz, lapykeçdi. Ol mundan artyk saklanybilmän birsyhly zeýrenip, üzlem-saplam, başlybarat gürleýärdi. Deňze garaňkylyk aralaşypdy, uzakdan süri-süri bolup guşlar uçuşyp gelýärdi.
Kamran:
— Seret, Feride, bahym senem olar ýaly uçup gidersiň, şeýle dälmi? — diýip seslendi. Feride
dymýardy.
— Sen bir zady aýt: eýsem, sen daýzalaryň, çykanlaryň, uýalaryň, ähli dostlaryň bilen,
çagalygyň geçen ýerleri bilen gynanman — zat etmän aýrylyşjak gidiberjekmi? Feride ýene jogap
gaýtarmady.
— Eýsem, sen öz öýüňde hoşbagt bolup, başgalara-da bagt eçilýärkäň, sensiz ýetim galjak öýe
ýüregiň awamazmy? Feride jogap bermedi, hatda diňlejek hem bolmady. Ol galamynyň ujy bilen
gutynyň ýüzüne bir zatlar ýazyşdyryp, çyzyşdyrýardy. Kamran:
— Jogap bermek isläňokmy? — diýip sorady. Onuň sesinde gatyrganma duýuldy. Çalyguşy
çykanynyň ýüzüne pikirli seretdi-de:
— Bagyşla, Kamran, başga zadyň pikirini edip, seniň näme diýeniňi hem eşitmändirin.
Birwagtlar eşiden, soňam unudan köne bir aýdymym ýada düşdi... Bilmedim, ol aýdym näme üçin
hut şu wagt ýadyma düşýärkä? Ýene-de unudaýmaýyn diýip, ýazyp aldym, ine, onuň sözleri. Okaryn
diýseň, okaý. Bagyşla, üşedim, öýe gideýin — diýdi. Kamran Feridäniň bulaşyk haty bilen ýazylan
dört setiri okap çykdy: Gepletme sen meni, haýyşym, eý, ýar! Kalbymda öçmejek alawlar ýanýar!
Şatlyk-gaýgym sensiň, birehim agýar! Kalbymda öçmejek alawlar ýanýar!
VI
Bu wakanyň üstünden dört gün geçipdi. Feride Kamrandan gaça durup başlady. Ol onuň ähli
mekirliklerine, özi bilen ýeke galjak bolup gurýan sapalagyna düşünip, ondan sypýardy, kesekileriň
ýanynda çykany bilen gürleşeninde, ol onuň ýüzüne seredenokdy, gözüni sowýardy. Dördünji gün
diýlende, agşamaralar öýdäkileriň bary çagalary alyp, myhmançylyga gitdiler. Olar agşam azanynda
gaýdyp gelmelidiler. Daşarda gyňyr şemal tozan baryny sürüp barýardy, töwerekdäki baýyrlaryň
üstünde köwsarlap, zaryn-zaryn şuwlaýardy. Kamranyň öýde oturmaga takady galmandy, ol gezim
etmäge çykypdy. Agaçlar şapyrdaşyp, göze görünmeýän ýagşyň derdinden yranyşyp-yranyşyp
gidýärdiler. Çäge tüweleýleri alyslara uzalyp ýatan ýoly kesip geçip durdy. Kamranyň ýüz-gözi
tozandan dolýardy, ol her bäş minutdan aýak çekip, şemala ýeňsesini öwrüp durmaly bolýardy.
Ýalazy baýyrjygyň üstünde Kamranyň birnäçe daş harsaňlaryna gözi düşdi. Gapdalda inçejik
pessaýja agaç ýalaňaç şahalaryny şemala yrap otyrdy. Kamran ýoldan sowlup, gaýanyň ýanyna
bardy-da, onuň ygyşak tarapynda dyzyny epdi. Töwerekde iňlär siňek ýokdy, edil çölüstanlyk ýalydy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 25
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.